23:00 Eýran... Režim, rewolýusiýa we aýal | |
EÝRAN... REŽIM, REWOLÝUSIÝA WE AÝAL
Publisistika
Režim bu gezek jemgyýetçilik we ideologik taýdan ýara alman çykyp bilmez... Tähranda 13-nji sentýabrda "ahlak polisiýasy" tarapyndan tussag astyna alynandan soñ reanimasiýa düşen Mahsa Amininiñ 16-njy sentýabrda aradan çykmagy ýurtda gahar-gazaba ýol açdy / Fotosurat: AFP Häzir bolup geçýän wakalar ne geçen bäş ýyldaky ýaly zerur protestlere, ne-de 2009-njy ýyldaky "Ýaşyl hereket" gozgalañyndaky ýaly syýasy tolgunşyga meñzeýär. Eger Eýranyñ Reşt şäherinde ýaşy gartaşan aýal bürenjegini çykaryp köçä çykmaga milt edip bilýän we "Režimiñ başyna ölüm!" diýip gygyrýan bolsa, bu protestler medeni-jemgyýetçilik öwrülşiginiñ gelip ýetendigini añladýar. Bu protestler döredilen wagtyndan bärki eýran režiminiñ tebigatyny we dini liderden soñky geçiş döwrüne gönükdirilen taýýarlyklary gönüden-göni täsiri astyna almagy taýdanam iñ howplusydyr. Ýaş kürt gyzy Mahsa Amininiñ ölümi fundamental ideologik ganatyñ eýran halkynyñ pehlewi režimine garşy rewolýusiýasyny ogurlap, ony yslam ramkasyndaky ideologik režime öwreninden bäri eýran jemgyýetinde açylan ýaralary täzeden ganatdy. Eýranyñ häzirki režimi dini basyş alyp barýar, munuñ özi basyşlaryñ iñ howplusy we zorluklysydyr. Ol iñ köp haky iýlen we azatlygy "dula bakdyrylan" aýal-gyzlara gödek daraýar. Milli diskriminasiýa syýasaty sebäpli kürtçe adyndan mahrum edilen Mahsa Amini dawasyndaky iñ howply zadam iki hili tragediýanyñ mysalyny görkezýänligidir. Birinjisi, esasanam režimiñ täzeden başlangyç döwrüne, ýagny 80-nji ýyllara döndürmäge dyrjaşýan eýranly köp aýal-gyzyñ ýagdaýyny görkezmegi. Ibrahim Reisi prezident bolan gününden bäri ilkinji gurluşyny täzeden gazanan häzirki režimiñ tebigatyna laýyk dini lider saýlanmagy üçin taýýarlyk görülýär. Bulam eýranly aýallary Muhammet Hateminiñ, Hasan Ruhaniniñ, hatda Mahmud Ahmedinejadyñ döwründe gazanan käbir ýeñillikli hukuklaryny ýitirmek howpuny abandyrýar. Şeýle-de, Eýrany döwrüñ zerurlyklary bilen magnawy identifikasiýasyny integrasiýalaşdyryp bilen zamanabap we kognitiw mümkinçilikleriñ bolan ýurdunda ideologik güýjüni gaýtadan dikeltmek üçin göreşýän režim Owgan Talibanyna meñzeş modeli täzeden durmuşa geçirmäge dyrjaşýar. Ikinji tragediýa bolsa, Mahsanyñ ýa-da beýleki ady bilen Žinanyñ kürtlerdir araplar ýaly ikinji düzümlerine garşy milletçilikli we dini diskriminasiýa syýasatyny ýöredýän merkezi ýurtda kürt bolmagy. Bular özlerini ikinji derejeli raýatlar hökmünde-de görenoklar. Olar uly halklardan bolan bir zenanyñ eýe hak-hukuklaryna-da eýe däl. Emma režimi sarsgyna salan zat gynalmalara uçrap aradan çykan Žina Amininiñ tragediýasynyñ döwlet derejesindäki tragediýa öwrülmegidi. Munuñ özi Eýranyñ köp şäherinde tokaý ýangyny ýaly tutaşyp, bürenjek atynma mejburylygyna garşy halk gozgalañyny gorjalady. Bu ýagdaý režimiñ ideologik parametrleriniñ birine gönüden-göni howp abandyrýandygy üçinem howply bolup durýar. Başa dolanyp geler bolsak, ilkinji günden bäri prostestleriñ köpüsiniñ käbir syýasy sloganlary öñe tutýandygy we öz ugurlary bilen çäklenýän öñki zerur protestlerden tapawutlylykda syýasy-jemgyýetçilik kwalifikasiýasyny gazandy. Režimk halky penjesine gysyp alma müddetinde milli ýa-da sebitleýin faktory ulanýardy. Emma bu protestler eýranlylaryñ owalky ähli sebitleýin, dini we etniki ýakynlyklaryny aşyp, öñki režimi agdarma şygary astynda birleşen wagtynda eýran rewolýusiýasyny guran ilkinji protestlerine iñ ýakyny bolup biler. Munuñ özi häzirki režimiñ protestleri gözegçilik astynda saklamagyny kynlaşdyrar we bulary basyp ýatyrmak üçin çäklendirilmedik güýje ýüz urmaga mejbur bolar. Galyberse-de, bu bolup geçýän wakalar režimiñ içerki gurluşyny täzeden düzýän we rewolýusion režimiñ üçünji tapgyryny başlamaga taýýarlanýan wagtynda partlady. Režim sosial-ideologik mantygyny, syýasy ýönelmelerini ret edýän dürli gatlaklardan emele gelen köpçülige sözüni ýöredýän we gözegçiligi diñe diýdimzorluk arkaly üpjün edip bilýän ideologik-harby azlyga öwrüldi. Esaslandyryjy dini lideriñ döwründen soñ doglan täze nesil bar we bu nesil häzirki dini lideriñ döwründe gönüden-göni režime garşy çykýandygyny aýdýar. Bu nesliñ üçünji dini lider bilen añsat oñşup gidibermegi mümkin däl. Hususanam täze lider mirasdüşerlik (nesilden-nesle) arkaly başa geçäýse dagy soñunynyñ näme bilen gutarjagynyñ bellisi ýok. Şu sebäpli režimiñ başýapynja gozgalañyny basyp ýatyraýmagy ähtimalam bolsa, ulanjak gara güýji we tutha-tutlugy gutulgysyz ýagdaýda täze tolgunşyklaryñ döremegine getirer. Emma režim bu gezek jemgyýetçilik we ideologik taýdan ýara alman çykyp bilmez. Mustafa FAHS. 24.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |