23:56 Eýran zenanlaryny äsgermezlik etmek - ajam taryhyna bigänelikdir | |
EÝRAN ZENANLARYNY ÄSGERMEZLIK ETMEK – AJAM TARYHYNA BIGÄNELIKDIR
Taryhy makalalar
Eýran Yslam rewolýusiýasynyň esasy aktýorlary bolan aýal-gyzlar häzir eýran režimine abanýan iň uly howp hasaplanýar. Eýranda başlan hadysalar dünýäniň üns merkezinden düşenok. Režimiň aýal-gyzlaryň üstündäki basyşçy syýasatyna garşy köçä dökülen aýal-gyzlar talaplaryny ýokary perdeden gopduryp bilýärler. Aýal-gyzlaryň eýran taryhynda iňlis kolonializmine we şa režimine garşy ilkinjileriň hatarynda aýaga galandygyny görmezlige salyp, häzirki bolýan wakalary äsgermezlik etmegiň özi Eýranyň ýakyn taryhyna bigäneleriň edäýjek işidir. Elbetde, bu protest demonstrasiýalaryň ahyrky netijede režimi agdaryp biljegi nägümana, emma köp zady üýtgetjekdigi äşgär. Eýranda Mahsa Amininiň ölümi zerarly başlan çykyşlar dowam edip durka, ýene bir zenanyň ömür tanapy üzüldi. 20 ýaşly Hedis Nejefi Kaim hassahanasyna ýerleşdirilenden soň jan berdi/ / Fotosurat: AA. • Dinastiýalar döwründe zenan Elam siwilizasiýasyndan bäri möhüm geosyýasy orun eýeleýän Eýran geografiýasy köp sanly möhüm medeniýetiň ojagy bolup hyzmat etdi. B.e.öň VII asyrda düýbi tutulan Medler Beýik Pers imperiýasynyň düýbüni tutdular. B.e.öň V asyrda düýbi tutulan Pers imperiýasy şol bir wagtyň özünde pars medeniýetiniňem kemala gelmegine taýsyz goşantlary goşdy. Persler bütin Kiçi Aziýany (Anadolyny) eýeleýşi ýaly, ownuk grek döwlerine çenli çäklerini giňeltdiler. Häzir Günbataryň taryhynda we edebi eserlerinde aýry-aýry tiranlar ýaly sypatlandyrylsalar-da, Pers imperiýasynyň iki beýik imperatory Keýhysrow we Dariý adamzat taryhynda deňi-taýyna seýrek gabat gelinýän ajaýyplykda döwlet düzgünini kemala getirmegi başardylar. Şeýlekin derejedäki beýik imperiýanyň soňuny bolsa taryhyň iň uly hökümdarlarynyň biri hasaplanýan Aleksandr Makedonskiý getirdi. Parslaryňky ýaly beýik medeniýeti diňe militaristik strategiýalar arkaly taryhdan sylyp-süpürip aýyrmak onçakly mümkin däldi. Şonsuzam Aleksandr Makedonskiniň ölüminden soň bu döwlet dürli atlar bilen gaýtadan guruldy, emma olar bu gezek Rim imperiýasy ýaly läheňiň garşysynda durmaga mejbur boldular. Barybir Rim hem pars medeniýetini taryhdan öçürmegi başarmady we miladydan soň III asyrda Sasany imperiýasy gurlup, parslar Rim agalygyny ýykdylar. Sasanylar döwründe parslar Zaaratuştranyň dinine mäkäm uýdular we özboluşly güýçli identiçnosty kemala getrimegi başardylar. Yslamyň döreýşinden soň Hezreti Omar (r.a) Kadisiýe we Nihawend ýeňişleri bilen Eýran geografiýasynda güýçli yslamlaşma prosesini başlatdy. Eýranlylar yslamy çalt kabul etdiler, emma araplaryň “mewali syýasaty” (gaýry milletlere gyýa göz bilen garalmagy) düýpli nägilelikleri döretdi. Munuň netijesinde parslaryň goldawyny alan abbasy gozgalaňy emewileriň ýykylmagyna sebäp boldy. Eýranlylar bir ýandan musulman bolsa, beýleki bir ýandan yslam dünýäsinde ylym-bilimiň başyny çekiji arkadaglyga beýgelipdi. Araplar syýasat, türkler harby işler bilen meşgullansa, parslar ylym-bilimde, sungatda, medeniýetde yslamyň altyn asyrynyň başyny başlapdy. Abbasylardan soň seljuklaryň we teýmirileriň döwründe-de pasrlaryň şu funksiýast üýtgemändi. Ýokary medeni derejesi bilen Eýran geografiýasy özüni basyp alan her bir döwleti wagtyň geçmegi bilen “basyp alýardy”. • Eýrandaky türk häkimiýeti we sefewiler 1925-nji ýylda Gajar türkmen dinastiýasy häkimiýetden çetleşdirilýänçä Eýrany türkler dolandyryp geldi. Köp sanly türkmen hökümdary we dinastiýasy Eýranda dürli-dürli döwletleri gurup, eýran syýasatyny ýola goýupdy. Şol döwletleriň içinde iň köp tanalýany-da sefewiler bolsa gerek. Sefewiler ilkibaşda syýasy gurama hökmünde däl-de, tarykat görnüşinde gurlupdy. Şyh Safyýuddin Erdebilliniň guran tarykatynyň düýp missiýasy mongollary yslamlaşdyrmakdy. Mongollar sefewileriň türki halkdan bolandygy üçin olara hoşniýetli garaýardylar we missiýalaryny ýerine ýetirmek üçin ýeňillikleri döredýärdiler. Mongollaryň beren şeýle ýeňilligi sefewiýe tarykatynyň uç-bujaksyz geografiýada san-sajaksyz mürit toplamagyny üpjün etdi. Teýmirleň döwürnde-de şeýle ýeňillikler artdyrylypdyr, bu bolsa sefewiýe tarykatynyň güýjüne güýç goşupdyr. Sünni döwletdigine garamazdan Akgoýly türkmen döwleti sefewiý tarykatynyň syýasy manýowr gazanmagyny üpjün eden döwlet boldy. Tarykatyň täsirinden peýdalanmak islän Uzyn Hasan özüne harby güýç bermegiň öwezine sefewiýe tarykatynyň ýolbaşçysy Şyh Jüneýide erkin propoganda ýöretmäge ýol berdi. Netijede tarykat harby işlere girişdi, hem-de birnäçe boşlaň ugurlarda wagyz-nesihat işlerini geçirmäge mümkinçilik tapdy. Şyh Jüneýit şol bir wagtyň özünde Uzyn Hasanyň uýasyna öýlendi, onuň bu nikasyndan Şeýh haýdar dünýä indi. Tarykatyň indi syýasy taýdanam ýolbaşçysy bardy, şol bir wagtyň özünde ol dini funksiýalary-da boýnuna alyp biljek güýçli şyhdy. Tarykat kän wagt geçmänkä sany on müňlere ýetjek atly we pyýada tümenleri gurup, sebitiň mhüm güýçleriniň birine öwrüldi. Şol döwürde aýal-gyzlara gyýa göz bilen garalmaýardy we olar haremhanalara gabalyp goýulmaýardy. • Gajarlaryň ýykylyşy we zenan 1896-njy ýylyň 1-nji maýynda Eýranyň döwrebaplaşmagyny çaltlandyranlaryň biri Nasreddin şanyň janyna kast edilip, Mürze Ryza Kirmany atly fanatik tarapyndan öldürilmegi progressiwleriň arasynda aljyraňňylyk döretdi. Nasreddin şa Ulamalaryň üýtgeşmeleri girizmek pikirlerini durmuşa geçirmek maksady bilen guran “Feramason” atly gizlin guramasy az wagtyň içinde Tährana çenli ýaýrady. Tähranyň häkimini we baş weziri agdarmagy başaran gozgalaňçylar ahyrsoňy 1906-njy ýylda Eýranyň konstitusion monarhiýa dolandyryşyna geçmegini üpjün etdi. Ýüzlerçe ýyllap Eýrany dolandyryp gelen türkmen dinastiýasy gajarlar ilkinji gezek häkimiýetlerini mejlisde paýlaşmaga mejbur bolupdylar. Eýranly türk taryhçysy Ahmet Kesrewi şol wagtky syýasy atmosferany şeýle sözler bilen suratlandyrýar: Muzafferuddin şa “Halk Muzafferuddin şany ynanjaň we gowşak hasaplap, ähli erbetlikleriň başynda Eminud-Döwläniň durandygyny pikir edýärdi. Şol döwürde Eýranda işler iki toparyň gözegçiligi astyndady: Birinjisi hiç hili söz aýtmaýan köşküň we şanyň töwereginde jemlenenler, beýlekisi halky aýaga galdyryp bilmäge ukyply ruhanylardy. Eminud-Döwläniň her iki toparda-da duşmanary bardy. Ol töweregindäki ulamalara pul dykyp, ýanyndakylaryň göwnüni awlap işini dowam etdirýärdi. Şeýle bir döwür geldi welin, hazyna taňkyrap galypdy we ol ýanyndakylara pul paýlap bilmez ýaly ýagdaýa düşüpdi. Ine, oňa aşa aşa duşmançylyk edýänlerem indi ondan pul ýonup bilmeýänler we onuň aldawaçlaryna ynanmaýanlardy. (Ahmet Kesrewi, “Tarih-i Meşrute-i İran”). 1921-nji ýyla gelinende bolsa, eýýäm Eýranda güýçli parlament we gowşap halys güýçden gaçan gajar dinastiýasy bardy. Gajar şasy Ahmet han bolsa bolup geçýän haotik şertleri görmezlige salyp, ara salym bermän Ýewropa syýahat edýärdi. Ýogsam bolmasa onuň Ýewropa söýgüsi ýarym iňlis koloniýasy hasaplanýan Eýran üçin problema döredýärdi, çünki eýran jemgyýetçiligi gajar dinastiýasyny Britaniýanyň gurjagy hökmünde görýärdi. Goranmak ministri bolup işlän Ryza han (Pehlewi) ýurdundaky oppozisiýany-da tarapyna çekip, Ahmet Akwam hökümetiniň häkimiýetden agdarylmagyna sebäp boldy. Ryza han üznüksiz diýen ýaly daşary ýurtda gezip ýören şanyň ýanyna maşgalasyna degişli lagly-jowahyrlary-da äkitmegini tankyt edip, ýurtda giň gerimli hereketleriň başlamagyna sebäp boldy. Ýurtdaky sosialistler Ryza hanyň öz dinastiýasyny gurmagyň kül-külüne düşendigini aňşyran wagtynda, daşary ýurtdaky şa Ahmet hana Mürze hasan Pirniýanyň premýer-ministr wezipesine bellenmegini talap etdi. Ýöne Ryza han bireýýäm jylawy eline alypdy we ministrliklere şaha sala salmazdan öz adamlaryny belläp başlapdy. Eýran sosialistleriniň güýçli garşylygy Ryza hanyň Ryza hanyň 55 ýyl dowam etjek hanedanlyk pikirini biraz soňa goýmagyna sebäp boldy. Pirniýa premýer-ministr wezipesine bellendi, emma onuň ABŞ-dan karz pul almagy ýurduň bulaşmagyna getirdi. Ýurt şonsuzam Russiýanyň we Angliýanyň golastyndaka, ABŞ-nyňam ýurda gol salar ýaly edilmegi eýranlylaryň göwnüne ýaramady. Ryza han şeýle üýtgeşmelerden soň premýer-ministriň ýerine oturmagy başardy. Bu gezek oppozisiýanyň gajar şasy Ahmet hanyň üsütnden gaýtadan öňüni baglamazlygy üçin şany wezipeden boşadyp, ogluny naýyp edip belledi. Ýurtdaky türk soltanlygyny ýykmagy niýetine düwen Ryza han jemgyýetçilikde “Eýran respublikasy” pikiriniň ara alyp jedelleşilmegini gazandy, emma onyň düýp maksady türk dinastiýasyny ýykyp, öz dinastiýasyny gurmakdy. Ahyrynda 1925-nji ýylda Ryza han gajar dinastiýasynyň elindäki ähli güýjüň “Mejlis-i Müessesana” geçýändigini yglan etdi. Ondan öň şany Ýewropanyň gurjagy bolmakda aýyplaýan Ryza han Seýit Zyýaeddin Tabataba bilen guran harby birikmesi rus giňelmesiniň garşysynda doly iňlis goldawyna arkalanýan strukturady. Mundan beýläk Şa Ryza Pehlewi ady bilen Eýrany dolandyrmaga başlan täze şa ýurtdaky Turan mirasyny ýykyp, ýerine Ariýan gegemoniýasyna arkalanýan täze ideologiýa gurmaga başlady. Syýasatyň aýlanyp duran täsin oýnuny diýsene... Ryza Pehlewini häkimiýetden çetleşdirenem ýene daşarky güýçler boldy. Gajar dinastiýasyny daşary ýurtlaryň gurjagy bolmakda aýyplan Ryza şa halkara goldawyny ýitirenden soň ýurtda durup bilmän, Günorat Afrika gaçdy we 1944-nji ýylyň 26-njy iýulynda şol ýerde öldi. Ryza şanyň ogly Muhammet Ryza Pehlewiniň häkimiýetiniň başky ýyllary aňyrsy gajar dinastiýasyna birikýän premýer-ministr Musaddykyň saýasynda galdy. Eýranyň öňki premýer-ministri Muhammet Musaddyk 1949-njy ýylyň 4-nji fewralynda Tähran uniwersitetinde janyna kast edilip, ýaralanan Muhammet Ryza şa Londona özüni atyp, ilki Tudehi, yzyndanam Musaddyky wezipeden çetleşdirmek üçin Angliýa arkalandy. Gajarlar döwründe aýal-gyzlaryň günbatara açylmagy köşk aýallarynyň durmuşynda başlan zenan sowatlylygynyň başyny başlan ýeke-täk başlangyç bolupdy. Geçiş döwründe iňlis kolonializminiň garşysynda aýal-gyzlaryň pozisiýasy syýasy mehanizmiň üstünde ýiti täsirini döredipdi. • Pehlewileriň çagşamagy we aýal-gyzlar 1949-njy ýylyň 4-nji fewralynda Tähran uniwersitetinde Muhammet Ryza şanyň duran ýerinde eşidilen ok sesleri okuw jaýynyň zallarynda ber-başagaýlygyň döremegine sebäp boldy. Naser Hüseýin Mir Fahraeýi atly ýaş ýigit Ryzany bäş gezek atdy, şa ýüzünden ýaralandy. Şanyň janpenalarynyň garşylyklaýyn atan oky bilen Naser Hüseýin şol ýerde öldürilenem bolsa, onuň üst-başy barlananda “Ferýady-Millet”, “Perçomi-İslam” gazetlerine degişli iki žurnalistiň karty tapyldy. Muhammet Ryza bu synanşykdan soň döwlet dolandyryş edaralaryny doly öz eline alyp, ýurduň iň uly syýasy partiýasy “Tudehi” teraktyň arkasynda duran güýç bolmakda aýyplap ýapdyrdy we syýasy wekillerini tussag etdirdi. Yzysüre şol ýylyň özünde Angliýa giden Ryza şa iňlislerden Eýranyň Konstitusiýasyny täzeden taýýarlamak üçin rugsat sorady we razylyk alandan soň ýurduna dolanyp, patyşalyk düzgünini täzeden tertibe saldy. Ýaragly Güýçleri-de öz tarapyna çeken Muhammet Ryza ýurtda gözegçiligi mazaly eline almagy ýola goýan üýtgeşmeleri girizip başlady. Şuňa görä hem Ryza mejlisi ýatyryp we gönüden-göni öz bellän agzalaryndan ybarat senat düzüp bilýärdi. Şanyň golastynda gurlan Senatyň birinji amala aşyran işi: şaha “Kebir” adyny berip, döwlet dolandyryşyndaky ornuny hasam güýçlendirmek boldy. Şanyň öňüni alyp bolmajak derejedäki bu beýgelişiniň öňüne bolsa, gajar dinastiýasynyň päk ýürekli iň soňky wekili bolan premýer-ministr Muhammet Musaddyk tarapyndan taýak oklandy. Musaddyk şanyň ýurdy misli Günbatara peşgeş berýän ýaly alyp barýan işlerine “Milli front” atly ýaranlyk gurup, garşy çykdy. Eýran nebitini millileşdiren Musaddyk Angliýa garşy alyp baran göreşi bilen diňe Eýranyň däl, tutuş halkara jemgyýetçiliginiň gahrymanyna öwrüldi. Şa Ryza bolsa şol günlerde syýasy haýu-höweslerine çakdanaşa ýeňilen ýagdaýdady. Ol iňlis flotiliýasynyň Eýranyň deňiz ýollaryny pgaban wagtynda ýurdundan gaçyp, Musaddyka garşy oppozision işini aç-açan dowam etdirmäge çenli synanşyp görüpdi. A Musaddyk bolsa şanyň daşary ýurda gitmäge bolan meýlini şu sözler bilen gijikdirýärdi: Şular ýaly wagtda eýran halkynyň dünýäniň iň uly döwletleriniň birine garşy göreş ýagdaýyndadygyny we bu resmi saparyň täsiriniň ýaramaz boljakdygyny, şahyn-şanyň borjundan nägile bolandygy üçin daşary ýurda gitmek isleýär diýen ýaly lapykeçlik döretjekdigini... Şa mundan soň Angliýanyň, ABŞ-nyň, Ysraýylyň taýýarlan “Aýaks” döwlet agdarlyşygy dildüwşüginiň soňky zynjyry bolup hunta goşuldy. Şa Muhammet Ryza ýakyn durýandygy bilen tanalýan general Fazlullah zahediniň ýolbaşçylyk edýän huntasy 1953-nji ýylyň 16-njy awgustynda herekete geçdi. Döwlet agdarlyşygynyň birinji synanşygy halkyň Musaddykyň tarapynda durmagy bilen basylyp ýatyryldy. Premýer-ministr Musaddyk bolsa ber-başagaý haldaky eýran syýasatyndan peýdalanyp, özüni goldamaga gelen arasyndaky syýasy garşydaşlaryny ýolundan arassalamagy makul bildi. Aýratynam “Tudeh”-lilerden dynmagyň amatly wagtydygyny oýlan Musaddyk özüne garşy döwlet agdarlyşygyna synanyşan goşuny bu egzek “Tudehe” garşy garnizonyndan çykardy. Goşun bolsa durky-düýrmegi bilen general Fazlullah Zahedä, zahedi bolsa Ryza Pehlewa tabyndy. Netijede döwlet agdarlyşygy öz öňünde goýan maksadyna ýetdi we Musaddyk 19-njy awgustda wezipesinden taýdyryldy. Şa mundan beýläk ýeke-täk adam bolup galyp, ýurduny göwnüniň isleýşi ýaly dolandyryp biljekdi. • Bolçulyk ýyllary Şa häkimiýeti doly ele alandan soň Günbatar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Sowet Soýuzyna garşy ýöredýän syýasaty saýasynda ABŞ-dyr Angliýa bilen ysnyşdy. Şanyň iň uly syýasy üstünligi 1973-nji ýyldaky nebit krizisi arkaly amala aşdy. Nebitiň bahasy birdenkä iki esse gymmatlady welin, Eýran ykdysady taýdan Basra aýlagynyň iň güýçli ykdysady güýjüne öwrüldi. Şa eline düşen puluň ep-esli bölegini ylym-bilime harç etdi. Bary-ýogy 12 ýylyň içinde 15 sany ýokary okuw jaýyny we 200-e golaý täze ylmy institutlary açdyrdy. 1974-nji ýylda “Time” žurnaly şanyň hormatyna “Nebit imperatory” rubrikasyny çykardy. Hemme işler ylla düýşdäki ýaly şwouna bolýardy. Eýran daşary ýurtlardan aňsatlyk bilen kredit alýardy, ýurt bolçulykda ýaşaýardy. 500 müňe golaý ýewropalynyň ýaşaýan Eýrany göýä Günbataryň Ýakyn Gündogara çykýan porty ýalydy. Häzir “Uly şeýtan” diýilýän ABŞ-nyňam şol wagt Eýranda 52 müň raýaty ýaşaýardy. • Ak hereket Daşary ýurtlardan alynýan kreditleriň, ýalňyş maýa goýumlarynyň, korrupsiýanyň we halkyň daban azabynyň bisowut ýolbaşçylaryň elinde ýele sowrulmagy Eýranda ykdysady deňagramlylygy bulaşdyryp başlady. Ysraýyl ýaly ýurtlar bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar, “SAVAK” kontrrazwedka gullugynyň rehim-şepagatsyz operasiýalary şanyň bilen halk bilen arasyny daşlaşdyrýan üýtgeşmelerdi. Munuň bilen baglanyşyklylykda “Ak rewolýusiýa” atly reformalar tapgyry halk köpçüliginiň arasyndaky ynjalyksyzlygy mazaly artdyrdy. “Ak rewolýusiýa” garşy arasynda Homeýniniňem bolan sekiz müň adamlyk ulamalar topary gazaply protest deklarasiýasyny ýaýratdy. Şa bu deklarasiýa üçin gazap atyna mündi we ulamalara hetdini tanatmak üçin hut özi Kuma geldi. Şanyň Kum şäherine gelmegi we ol ýerde eden çykyşy ulamalaryň arasyndaky ynjalyksyzlygy hasam artdyrdy. Homeýni şol gahar-gazabyň agitatorydy, ol heniz deklarasiýanyň üstünde dawalar dowam edip durka, Nowruz baýramçylygyny bellemegiň günädigi hakda fetwa çykardy. Nowruz Eýranyň yslamdan öňki döwürne degişli baýramçylykdy we milliligiň alamaty hasaplanýardy. A Homeýni bolsa bu fetwa arkaly eýranlylaryň yslamdan başga milli ýüzüniň ýokdygyny yglan edýärdi. Şanyň Homeýnä garşy bildirýän şahsy gahar-gazaby garry mollany bir wagtyň özünde köpçülikleýin ýygnanşyklaryň sesine öwürdi. Homeýniniň tussag edilmeginiň yzysüre on müňlerçe molla köçelere döküldi we şaha yza ädim ätdirmegi başardy. Dini ulamany başyna bela edenden daşary ýurda çykaranyny gowy görena Homeýnini Türkiýä sürgüne iberdi. Munuň özi onuň häkimiýetini soňlandyryp biljek iň uly ýalňyşlyklaryň biri boldy. Homeýni ilki Türkiýä, yzyndanam Yraga gitdi. Yrak hökümeti bu şaýy ruhanysynyň güýjünden howatyr etdi we ony ýurtdan çykardy. Homeýniniň soňky duralgasy Fransiýa boldy. Şa gijem bolsa, garşydaşlarynyň daşary ýurtda has güýçli hereket edýändigine düşündi. Ol “SAVAK”-dan olary yzarlamagy we mümkin bolan wagtynda öldürmegi buýurdy. Kimiň edendigi belli däl aýratyn agyr jenaýatlara we şanyň basyşçy režimine garşy iň uly garşylyk eýranly enelerden geldi. Sany ýüz müňlere ýeten aýal-gyzlaryň köçä çykmagy režimiň soňuny ýakynlaşdyryp, Yslam Rewolýusiýasyny berk binýada oturtdy. • Rewolýusiýadan soňky eýran zenany Eýran Yslam Rewolýusiýasyndan soň täze režim bir ýandan özüni goldan sosialistleri pürreläp başlasa, bir ýandanam rewolýusiýanyň baş gahrymanlary bolan aýal-gyzlary basyş astyna aldy. Şundan soň makalamyzyň dowamynda Büşra Anbarjynyň “Türkiýä göç eden eýranly aýalyň gözünden: Eýran aýal-gyzlarynyň hak-hukuklaryna garaýyş” ("Türkiye'ye Göç Eden İranlı Kadın Gözünden: İran Kadın Haklarına Bakış") atly ylmy işinde eýranly aýal-gyzlaryň dilinden ýazylan mysallara ýüzleneliň. Ylmy işde aýal-gyzlaryň atlary görkezilmändir. • "Türkiýä gelenimden soň islän egin-eşigimi geýip biljekdigimi bildim" Elbetde, Türkiýä okamak üçin geldim. Eýrandaky bilimiň Türkiýä garanda kanagatlanarly däl hasapladym. Ýöne bärde-de okap bilmedim. Işlemeli boldum, emma işläp ýörkäm öwrenen zatlarym üçin özüme aýratyn ýer açdym. Bärde ýaşamak hezil. Adama goýulýan gadyryň Türkiýede has gowy bolmagy-da maňa ýiti täsir etdi. Eýranda aýal-gyzlara gadyr goýulmaýar diýen ýaly. Hak-hukugymyň we azatlygymyň öz elimde däldigi özümi örän bigadyr adam ýaly duýmagyma iterýärdi. Türkiýä gelenimden soň islän egin-eşigimi geýip biljekdigimi bildim. Özüme bolan hormatymy-da dikeldtim. Eýranda şeýle ýaşajagymy bilemokdym, ýöne türkiýä juda öwrenişdim, ilkibaşda kyn düşenem bolsa, häzir gelendigim üçin ökünemok. Hernä, gelen ekenim. (Ady agzalan eserde. Sah.: 54). • "Ejem bize hemişe meniň gören görgülerimi çagalarym bir görmesin diýerdi" Eýrandaky basyşlardan ýadap gaçdyk. Ejem bize hemişe meniň gören görgülerimi çagalarym bir görmesin diýerdi. Has gowy geljek üçin türkiýä göç etmeli bolsa gideliň diýipdi. Gowu-da boldy aslynda, enşalla, şu ýyl ýokary okuw jaýyny okap gutarýaryn. Öz saýlan hünärimde işejekdigim maňa ýeterlik. Diňe şeýle azatlyk üçinem öz ýurduňdan çykyp gaýdanyňa degýän sebäp (A.a.e sah.:.54). • "Bärde hiç kime hasap berme aladaň ýok" Ilki bilen-ä okamaga gelendigimi aýdaýyn. Ýöne aslynda azatlyk üçin hem diýip bileris. Bärde aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň arkasynda durulýar we hiç kime hasap berme aladaň ýok. Hem ýurdumyz bilen serhetdeş. Şulam meniň üçin türkiýäni saýlamagyma sebäp boldy. (A.a.e sah.:.56). • "Aýal-gyzlar Eýranda ikinji synpda ýer alýar" Eýranda döwlet dolandyryşynda şerigat düzgüneleri ýöreýär. Aslynda, rewolýusiýa bilen birlikde ýurtda örän köp zat üýtgedi, ýöne bularyň içinde biziň üçin iň derwaýysy aýal-gyzlara bolan garaýşyň üýtegmegi boldy. Aýal-gyzlar Eýranda ikinji synpda ýer alýar. Aýal-gyzlar erkek bilen deň derejede tutulmaýar. Iň bärkije mysaly: Eýranda aýal-gyzlar stadionlara salynanok. Birnäçe ýyl mundan öň erkek eşigini geýip stadiona girmäge synanyşan ýaş uýamyzyň gzydygy bilnip, jezalandyrylanda, ol suduň zalynda özüni ýakyp, janyna kast etdi. Döwlet yslamyýete göra aýal-gyzlaryň stadionda işi ýok diýýär. Aslynda yslamyýet ýurdy dolandyrmak üçin şerigata ady astynda ulanylýar. Mundan başga-da birnäçe mysallary berip bileris. Mysal üçin, Eýranyň edara-kärhanalarynda aýal-gyzlaryň wezipeli işlere bellenmegi gadagan. Öňüňizde görer göze görünmeýän göz-görtele böwet bar. (A.a.e sah.:.56). • "Hakyky yslama düşünýän bolsalar, zenany başlaryna täç ederdiler" Men nesibeli ekenim. Kakamdan görmesemem, ärimden gadyr gördüm. Ogullaryma-da aýal gadyr goýmagy ündedim. Emma Eýranda hemmeler meniň ýaly nesibeli däl. Sözde yslamy düzgünlere görä dolandyrylýar. Hakyky yslama düşünýän bolsalar, zenany başlaryna täç ederdiler. Çagalygyma dahylly ýadyma düşýän ýeke zat bar, olam – gara reňk. Aýal diýlende göz öňüme gara bürenjekler, agzynda dili barka geplemegi gadagan edilen adamlar gelýär. Gynançly gerek? Dünýä ýeke gezek gelýäň, ýaşaýan durmuşyňa seret. Ýeke özüň bazara-da gidip bileňok. (A.a.e sah.:.56). Şu we şuňa meňzeş müňlerçe mysaly ýazmak mümkin. Eýran rewolýusiýasynyň esasy aktýorlary bolan aýal-gyzlar häzir eýran režimine abanýan iň uly howp hasaplanýar. Gajarlar döwründe diňe haremhananyň görki, Musaddyk döwründe iňlis kolonializmine garşy aýaga galnyşygyň simwoly, Pehlewi döwründe üsti açylman galan agyr jenaýatlara we basyşa garşy öňe çykan topary emele getiren aýal-gyzlar yslam Rewolýusiýasyndan soňam görmezlige salyndy. Yslam rewolýusiýasyndaky roly göz öňüne tutulanda, eýranly aýal-gyzlara garşy gönükdirilen şeýle çemeleşmäniň iru-giç ýeňiljekdigini aýtsak, onçakly çişirdigimiz bolmasa gerek. Mehmet MAZLUM ÇELIK. 26.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |