09:04 Eýranda türk tarykatynyñ döwletleşmegi: Sefewiler | |
EÝRANDA TÜRK TARYKATYNYÑ DÖWLETLEŞMEGI: SEFEWILER
Taryhy makalalar
Persler Sefewiler ilki syýasy gurama däl-de, tarykat hökmünde guruldy. Şeýh Safiýuddin Erdebilliniñ guran bu tarykatynyñ düýp maksady mongollary yslamlaşdyrmakdy. Elam siwilizasiýasyndan bäri geosyýasy ähmiýetini saklaýan Eýranyñ geografik giñişligi birnäçe belli medeniýetleriñ watany boldy. Miladydan öñ VII asyrda medler Beýik Pers imperiýasynyñ düýbüni tutdy. Miladydan öñ V asyrda gurlan Pers imperiýasy şol bir wagtyñ özünde pars medeniýetiniñem kemala gelmegine uly goşant goşdy. Persler bütin Anadolyny eýeleýşi ýaly, territoriýasyny ownuk grek döwletleriniñ çäklerine çenli giñeltdi. Häzir Günbatar taryhynda we edebi çeşmelerinde tiran deýin sypatlandyrylsalar-da, Pers imperiýasynyñ iki beýik imperatory we Dariý adamzat taryhynda deñesine az ýetip boljak derejede kuwwatly döwlet gurmagy başardy. Keýhysrow Bu beýik imperiýanyñ soñuny bolsa taryhyñ iñ beýik hökümdarlaryndan hasaplanýan Aleksandr Makedonskiý getirdi. Parslaryñky ýaly beýik medeniýeti diñe militaristik strategiýalar arkaly taryhyñ çañly sahypalaryna garmak mümkin däldi. Barybir Aleksandr Makedonskiniñ ölüminden soñ bu döwlet başga-başga atlar bilen gaýtadan guruldy, emma bu gezek Rim imperiýasy ýaly uly döwletiñ garşysynda ýaşamaga mejbur boldular. Rimliler-de pars medeniýetini taryhdan öçürip bilmedi. Miladydan soñ III asyrda Sasanylar imperiýasy gurlup, rim agalygy parslar tarapyndan ýykyldy. Sasanylar döwründe persler otparazlyk dinine uýdular we pugta milli binýat tutunmagy başardylar. Yslamyñ dogluşyndan soñ Hezreti Omaryñ (r.a) Kadisiýe, Nihawend söweşlerinde gazanan ýeñişleri Eýranyñ territoriýasynda güýcli yslamlaşma döwrüniñ başyny başlady. Eýranlylar bir ýandan musulman boldular, bir ýandanam yslam dünýäsinde ylymyñ we medeniýetiñ hak hossaryna öwrüldiler. Araplar syýasat, türkler harby ugur bilen gyzyklanan bolsa, parslar ylymda, sungatda we medeniýetde yslamyñ altyn asyryny başlatdylar. Abbasylardan soñ seljuklylar we timuridler döwründe-de parslaryñ bu funksiýasy üýtgemedi. Ýokary medeniýetleşen derejesi bilen eýran geografiýasy özüni basyp alan döwleti ahyr bir gün özi basyp alýardy. Aleksandr Makedonskiý • Eýrandaky türk häkimiýeti we sefewiler 1925-nji ýylda Gajarlar dinastiýasy häkimiýetden çetleşdirilýänçä Eýrany türk(men)ler dolandyrdy. Birnäçe türk hökümdary we dinastiýasy Eýranda köp sanly döwletleri gurup, eýran syýasatyny şekillendiripdi. Şol döwletleriñ içinde gürrüñsiz, iñ köp ünsi çekeni-de Sefewilerdi. Sefewiler ilki syýasy gurama däl-de, tarykat hökmünde öñe çykdy. Şeýh Safiýuddin Erdebilliniñ guran bu tarykatynyñ düýp maksady mongollary yslamlaşdyrmakdy. Mongollar sefewileriñ türkdügi sebäpli olara hoşniýetli çemeleşip, missiýalaryny ýerine ýetirmek üçin artykmaçlyklar berýärdiler. Mongollaryñ beren bu artykmaçlygy sefewiýe tarykatynyñ ümmülmez geografiýada san-sajaksyz mürit (sopy) toplamaga şert döretdi. Teýmirleñ döwründe bu artykmaçlyklar has-da giñeldildi we sefewiýe tarykatynyñ güýjüne güýç goşdy. Sünni döwletdigine garamazdan, Akgoýunly döwleti sefewiýe tarykatynyñ syýasy manýowr edinmegini üpjün edip bilen döwlet boldy. Tarykatyñ täsirinden peýdalanmak islän Uzyn Hasan özüne esger bermegiñ hasabyna sefewiýe tarykatynyñ ýolbaşçysy Şeýh Jüneýide erkin wagyz etmäge ýol berdi. Netijede tarykat harby meselelere aralaşmak bilen bir hatarda birnäçe başyboş ulgamda propaganda işlerini geçirmäge mümkinçilik gazandy. Şeýh Jüneýit şol bir wagtyñ özünde Uzyn Hasanyñ uýasyna öýlendi we onuñ uýasyndan Şeýh Haýdar atly ogly dünýä indi. Tarykatyñ mundan beýläk syýasy taýdanam aristokrat nebereden öñbaşçysy hem-de dini funksiýalary öz boýnuna alyp biljek güýçli şeýhi bardy. Tarykat gysga wagtyñ dowamynda sanlary onlarça müñe ýeten atly we pyýada goşun bölümlerini toplap, sebitiñ iñ esasy güýçleriniñ birine öwrüldi. Gajarlar dinastiýasy • Şa Ysmaýylyñ döwri we döwletiñ esaslandyrylyşy Tarykat Şeýh Ysmaýylyñ döwründe güýjüniñ kanoniki sepgidine ýetdi, çünki akgoýunlylar şol wagt öz içinde uly gapma-garşylykly uruşlary başdan geçirýärdi. Tarykat şol gowgaly döwürde adamlaryñ sygynan howpsuz gaçybatalgasyna öwrüldi. Şa Ysmaýyl haýal etmän herekete geçilmese, sebitiñ tutuşlygyna osmanly boýunturugynyñ astyna girjekdigine göz ýetirip, 1500-nji ýylda müritlerinden we ýagdaýdan biynjalyk türkmen tire-taýpalaryndan güýçli goşun toplady. Şa goşunyny jemländen soñ ilkinji nobatda özüne we maşgalasyna uly ezýetler çekdiren Şirwanyñ häkimi Ferruh Ýesaryñ üstüne çozup, uly ýeñiş gazandy. Yzyndan ugruny Azerbaýjana gönükdirdi we şäherleri ýekän-ýekän basyp almagy başardy. Akgoýunlylary Azerbaýjandan dolulygyna syryp-süpürip aýyrmagy başaran Şa Ysmaýyl şaýy türkleriñ "gyzyl almasy" bolan Töwrizi eýelemek üçin taýýarlyk işlerine başlady. Agyr geçen söweşiñ yzyndan 1501-nji ýylda Töwriz eýelendi, Heşt-Beheşt tagtynyñ täze hökümdary sefewileriñ tarykat ýolbaşcysy Şeýh Ysmaýyl boldy. Döwletini şaýy konsepsiýalarynyñ üstünde guran Şeýh Ysmaýyl iki ýylyñ içinde häkimiýetini Azerbaýjandan Yraga çenli giñeltdi. Elbetde, territoriýasy sünni dünýäniñ lideri Osmanly bilen goñşudy we çaknyşyk gutulgysyz bolup görünýärdi. 1514-nji ýyla cenli dargynlylyk soñky derejesine çykdy. Ýowuz Soltan Selim Şa Ysmaýylyñ artýan howpuna garşy şu hatyny ugradypdyr: "Men ki, Osmanlylaryñ hökümdary, gazylaryñ serdary, gahrymanlaryñ ependisi, külli iman duşmanlaryny ýykyp-mynjyradan, asyrymyzyñ pyrgunlaryna, zalymlaryna howp ýagdyran, gopbamsy we zalym patyşalary öñünde baş egdiren Soltan Myrat han ogly Fatih Soltan Mämmet ogly Soltan Baýezit ogly Soltan Selim handyryn! Sen zalymlykda Eýranyñ ganojak hökümdary Zahhaga we Afrasýaba meñzeýän sefewileriñ şöhratly emir Ysmaýylysyñ. Saña şeýle ýüzlenýän ki, Allatagala "Biz ýer-gögi oýunjaga öwürmek üçin ýaratmadyk" diýipdir. Adamlara tewdi edilen işler sebäpsiz däldir. Bularda ynsan ruhunyñ aralaşyp bilmejek syrlary bar. Bilýänsiñem, añlaýansyñam, ylahy hökümlerden ýüz öwrenleriñ, Allatagalanyñ dinini ýykmaga dyrjaşýanlaryñ hereketlerine külli musulmanlaryñ we adalatsöýüji hökümdarlaryñ gudratlary nisbetinde garşysyna göreşmegi parzdyr. Sen barada aýdanda bolsa, eý, emir Ysmaýyl, sen ki, erbet ýoldasyñ, yslam ynançlarynyñ saffetini bozduñ. Yslama bihormatlyk etmekde öñüñe adam geçirmediñ. Sen musulmanlara garşy diýdimzorlugyñ we sütemkärligiñ gapysyny açdyñ. Musulmanlaryñ ýurtlaryna çozduñ, mähir-şepagaty we utanç-haýany bir ýana zyñyp, zulum etdiñ, günäsiz musulmanlary ynjytdyñ. Ikiýüzlilik perdesi astynda her tarapa bulagaýlygyñ we pitne-pesadyñ tohumyny ekdiñ. Adamlaryñ damagyny çalmakdan çekinmediñ. Hem olaryñ iñ fazylatlylaryny, iñ hormata mynasyplaryny ezdiñ. Gara nebsiñe we zannyñdaky bozuklyklara uýup, dini-yslamyñ emirlerini üýtgetmäge dyrjaşdyñ. Haramlara halal diýip, nije musulmany ifsat etdiñ. Mesjitleri ýykdyñ, kümmetleri we mazarlary ýakdyñ. Alymlary we pygamber ependimiziñ (s.a.w) neslinden gelen mübärek seýitleri öldürdiñ. Kurany-Kerimi hajathana çukurlaryna atdyñ. Hezreti Ebu Bekire we Hezreti Omara sögünip, hapa-paýyş sözler aýtdyñ. Şu sanap geçenlerim seniñ ýaramaz gylyklaryñ bary-ýogy birnäçesidir. Dillere düşen şunuñ ýaly hereketleriñ sebäpli, alymlaryñ kesgitli delillere esaslanyp seniñ kapyrdygyña, dinden çykyp mürtet bolandygyña, aýratynam seniñ we saña tabyn bolanlaryñ öldürilmeginiñ wajypdygyna, mal-mülküñiziñ talanmagynyñ we aýal-ebtat, çaga-çugalaryñyzyñ ýesir edilmeginiñ mubahdygyna fatwa berdiler. Şeýle ýagdaýyñ garşysynda men, Allanyñ emirlerini berjaý etmek, zulum görenlere ýardam etmek üçin şagalañlarda geýýän ýüpekli patyşalyk eşiklerimi çykardym. Sowudymy geýip, gylyjymy guşandym. Atyma münüp, Sapar aýynyñ başynda Anadoly tarapyna geçdim, saña tarap gelýäris. Kabul edilen karar esasynda seniñ bilen söweşe girýärin. Allanyñ ýardamy bilen zulum gollaryny kesip taşlarys. Seni geçen ýerleriñde tutaşdyran ýangynlaryñ astynda bogarys. Maksadym - Alla ýol berse, seniñ şalygyñy ýok edip, ejizleriñ üstünden zulmuñy we pitne-pesadyñy aýyrmak. Saña şu haty ýollamagymyñ sebäbi-de, seni hakyky ynanja çagyrmakdyr. Pygamberiñ düşünjesine we ynanjyna laýyk şekilde hereket edip, uruş başlamazdan öñ saña Kuranyñ sözlerine uýmagyñy gylyçdan öñ teklip edýäris. Wagtyñ barka gowulyk bilen hakyky mezhebe gujak aç, tüýs ýürekden toba-ystygfar et, dogry ýola gel, gözüñi aç Dogry ýoly tap, netijede özüñe dolanyp gelmegi, hatalaryñdan el çekmegi, ünsli we batyrgaý ädimler bilen ýagşylyga tarap ýöremegi ündeýäris. Hemmämiziñ aýry doga-dilegi bar. Ynsan añy altyn-kümüş jöwherine meñzeş. Sap we sap däl topragyñ arasynda bulaşyp durýar. Bu ýaramazlygy aradan aýyrmak üçin iñ täsirli ýol wyždanyñ çuñluklaryna inmek, bagyşlaýjy we goraýjy Allanyñ bagyşlamagyny hakyky puşeýmanlyk bilen islemekdir. Şu halda biz senden derhal ýurduña dolanmagy, bikanun ýagdaýda bize tabyn ýurtlardan zor bilen goparyp alan, owal atalarymyzyñ aýak basan osmanly topraklaryny yzyna gaýtaryp bermegiñi-de saña ündeýäris. Eger howpsuz ýagdaýda asuda ýaşamagy isleýän bolsañ, aýdanlarymy wagt ýitirmän etmeli borsuñ. Emma başyña injection bela-beterlere garamazdan, eger häzirem güýçlügiñe ynanyp samsyklaç ýigitlik satmaga dowam etseñ, zulumlaryñ bilen gara-ört eden ýerleriñi nura gowuşdyrmak we seniñ eliñden almak üçin az wagtdan soñ dereleriñi çadyrlarymyzyñ gaplap alandygyny we esgerlerimiziñ ýerleriñizi basyp alandygyny görersiñ. Ine, şol wagt gahrymançylyk mugjyzasy bolup, Allanyñ goşunlarymyz hakyndaky eradasy amala aşar. Mundan soñy salamatlyk ýolunda öñe gidenlere salam bolsun". Soñunyñ nähili gutarandygy hemmäñize mälim... Şa Ysmaýyl • Sefewileriñ soñy Osmanly döwleti sefewileriñ Anadoludaky güýjüni ýok edenem bolsa, hanedanlyk XVIII asyryñ ortalaryna çenli ömrüni dowam etdirdi. Russiýanyñ Eýran hinterlandynda artýan gegemoniýasy we barha köpelýän içerki gozgalañlar bu hanedanlygyñ soñuny getirdi. Täze şalar geleñsiz we syýasatdan baş çykaryp bilenokdylar. Mysal üçin, rus ilçisi Artemiý Wolynskiý Şa Hüseýini şeýle suratlandyrýar: "Kyrk ýaşdan geçen Şa Hüseýin orta boýly bolup, gol-aýaklary kelte. Şonuñ üçin ol aýak üstünde kän durup bilenok. Mylaýym adam bolan şa biraz utanjañ. Ýany elmydama janpenaly gezýän şa ruhanylara uly hormat goýýar we köplenç şolaryñ ýanynda bolýar. Keýp çekmegi aşa gowy görýän şa döwlet işleri bilen meşgullanman, wagtynyñ köpüsini haremhanada geçirýär... Eýrana her tarapdan duşmanlar hüjüm edýär, emma şa öz tabynlygyndakylara-da agalyk edip bilenok. Gozgalañyñ bolmadyk ýeri ýok diýen ýaly. Hyrady owganlar basyp alypdyr. Özbekler Maşada hüjüm edipdir we paýtagty owganlaryñ basyp almagyndan gorkulýar... Eýranyñ harby güýji bolsa diýseñ gowşak, esgerleriniñ sany-da ýol diýiljek derejede az. Meniñ synlamalaryma görä, şa diñe 30 müñe golaý esger toplap biler." (Okan Ýeşilot "Şanyñ ýurdunda Pýotr I-niñ Eýrandaky ilçisi Artemiý Wolynskiniñ Kawkaz boýunça beren habarnamasy"). Ahyrynda Eýranda gurlan iñ uly türk(men) dinastiýasynyñ soñuny 1722-nji ýylda Gilzaý puştunlarynyñ kethudasy Mirweýis han getirdi. Mirweýis han sefewi goşunyny ýeñenden soñ Yspyhany basyp alypdyr we şondan soñky türk(men) hanedanlygy gurulýança sefewi hanedanlygynyñ taryh sahnasyndan çekilmegine sebäp bolupdy. Mehmed Mazlum ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |