14:06 Ezizowyñ emri bilen -2: Juwan gijelermiñ joş urjak wagty... | |
JUWAN GIJELERMIŇ JOŞ URJAK WAGTY
Edebi makalalar
BIL BAGLADYM GALAMYMA, SYÝAMA... Durna gözli çeşme suwy ýaly dup-dury parahat ýyllaryň astyndan gökli-gyzylly owunjak daşa meňzäp, «togarlanyp» gelýän mawy gözli akja köýnekli bu oglanjyk soň-soňlar ýigit çykan mahaly: Hamala çagalyk geçmejek ýaly, Çagalygyň kenarynda kän durdum. – diýip, bir sözünde – sag egnine; ýene bir sözünde, «Ýetginjek» atly goşgusynda-da: Öňküsine görä üýtgeşik dünýä, Nämüçindir, dünýäň öňküligi ýok, Ol özünden uly bolmak isleýär, Öz ýaşyndan uly bolup bolanok. – diýip hem, sol egnine, öwran-öwran «eňegini degrip», namazhon kişiniň gün içinde bäş mertebe perişdelere salam berşi ýaly, gysgajyk ömrüniň nowbahar çaglaryna salam berer. Birdenem «düýnüň özem garaşýan ýaşlygynyň», ýigitliginiň geçip barýandygyny duýup, ýyllaryň, pasyllaryň näme üçin salymynyň ýoklugyna düşünjek bolar, möhlete-müddete, aýa-güne, pursata-salyma garaýşy üýtgär. Ýaşalan her bir ýaşyň sarpasy artyp, ol bitiren işlerinden nägile bolar we düýrmegi bilen has uly, has çynlakaý maksada okdurylar: Indi bu ýaşlygam ötüşip barýar, Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni! ÇYKGYT Gepiň gerdişine görä aýtsak, garrap ýetişmän dünýeden giden şahyrlarymyzyň köpüsine garanyňda, Ömür, Ýaş hakdaky oýlanmalar, näme üçindir, Gurbannazar Ezizowda juda kän. Men Halyl Kulyýewiň örän inçelik hem nepislik, kalbypäklik hem adamkärçilik bilen: «Eý, ýaşlyk, her näçe söýsem-de seni, uzak ýaşap garry bolmak arzuwym!» diýşi ýaly, hatda şu dereje-de «gönümel» aýdylan ýerleri hasaba hem alamok. Ýogsam olar hem az däl. Ýöne bu şahyrda Ömür kategoriýasy «Durna», «Sary ýaprak», «Güýz», «Basgançak», «Ikatýok», «Degirmen», «Ýaşyl şemal», «Baýlyk» we şu zeýilli gaýry, birbada «gözüňe ilip, çolpyňa düşmeýän» onlarça, hatda ýüzlerçe «owunjak» obrazlar şekilinde, «Ergin görnüşde» onuň tutuş döredijiligine (tasdan her iki goşgusynyň birine deňiç!) ýaýrap-pytraýar, setirleriniň süňňünden eriş-argaç bolup geçýär hem-de şahyr köňlüniň, ruhunyň meýil-u-hereketini kesgitleýji, aýgyt ediji filosofik we durmuşy kategoriýa hökmünde ýüze çykýar. Men ylmy iş ýazamok. Şonuň üçinem, gepimi biraz owadanlap aýtsam, şahyryň şahsyýeti, onuň özi, döredijiliginden aňdyryşyça, ömür diýilýän zadyň soňsuz zat däldigini, galyberse, onuň juda gysga zatdygyny ozaldan syzyp, bu Barlyga (ol «Ömür» diýen düşünjäni elmydama şu söz bilen aňladýar) çala gödekligiň zarbyndan synmaga taýýar aňrybaş Näziklik, Nepislik hem Sazlaşyk bolup inen ýaly. Şonuň üçinem ondaky «möwrit», «wagt», «pasyl» baradaky oýlanmalar, pikir ýöretmeler ýöne bir hudožnigiň çeperçilik obekti, döredijiliginiň predmeti däl-de, şol sanda onuň özüniňem durky, tebigaty. G.Ezizow ynsan oglunyň her bir galtaşýan, oýunda-hyýalynda ýigrenýän ýa-da apalaýan zadynda, golaýlaşýan, daşlaşýan menzilinde, ýaradýan, döredýän «çöpünde», gaýry faktorlardan öňinçä Ömrüň ysyny, Ömrüň reňkini duýýar. Ýalňyşmasam (goşgularyndan duýluşyna görä), aňyrsy görnüp duran juda gysga ömrüň... Aşakdaky setirlerde ol bu ahwalatyň gutarnykly formulasyny beripdir hasap edýärin: Her ýaşyl ýapragy öper öterin, Her ýaşyl ýaprakdan syrym gizlärin. Geçen ýylyň gurap giden ýapragyn Şemal yzlap, bu dünýäden gözlärin. Eger ýol ugrunda duş gelsem oňa, Özün ogşap, Ogşap oň ýatan ýerin, «Sen gaçan bagyňda ýaprak döredi, Düşün, Durmuş dowam edýär» diýerin... Bu setirler – iňňän çuňňur setirler, munuň özi bir şahyrana taglymat... ELGARAZ –Ýaňy bir ömür-durmuş ýoluna düşüp, bize tarap ylgap gelýän ýaňky kirpikmen oglanjyk häzir çykyb-a, ne çagalykdan çykypdyr, giribem, ne ýetginjekligine giripdir. Ol elbetde, Görogly begiň «On bäşimde gyzlar girdi düýşüme» diýip, gönüsinden gelendigini, dogrusyny aýdandygyny bilýär, ýöne onda-da, bir hili-dä... Bir zat aýagyňdan ýapyşyp duran ýaly-da... «Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan. Kakasy geň galýar: – How, keýpiň ýok-la? – Meň ullakan adam bolasym gelýär. Näme üçin meni goýberenoklar?» ...Onuň kakasy – Azyz, mekdep mugallymy. Atasy – Hümmet, belli zergär. Ejesem – eje. Gülnabat. Zergär kowumy bu oglanjyk ulalandan soň öz çagalykdyr ýetginjekliginden her näçe nägile bolsa-da, öz durmuş ýoluny, ençeme deň-duşlaryndan tapawut edip, eýýäm şu çagalygyndan belerdip bilipdir. Ynha, Gurbannazar atasydyr kakasynyň, ussahanasyndan çykman, ýene ýeke ýyldan täsin bir gülýaka ýasar. Bu gülýaka onuň soň-soňlar öz ýazyşy ýaly, «ilki mekdep okuwçylarynyň Bütinsoýuz sergisine, soň bolsa Hindistanda guralan Bütindünýä sergisine gatnaşar». Ýaşajyk zergär şol «gülýakanyň ortaky gaşynyň aşagynda Leniniň suratyny ýerleşdirer». On bäş ýaşlyja bu oglan Wladimir Iliç Leniniň kim bolandygyny, beýik Wolganyň suwuny içip ulalan mugallym oglunyň halkyň ýagty geljegi ugrunda göreş edip, kynçylyklardan ötüp, bolşewikler partiýasyny, Kommunistik partiýany döredendigini häzirden gowy bilýär. Bu beýik partiýanyň dünýäniň «azat halklarynyň birinji guwanjyna» dönen partiýadygyna ol okap, öwrenip düşünýär... Hawa, parasatly Pyragynyň hyýal eden alys Hindistanyndaky Bütindünýä okuwçylar sergisinde türkmenistanly Gurbannazar Ezizowyň ady entek ýene bir ýyldan agzalar... Häzir welin, ine şu günki bahar hem ýagny on bäş ýaşyň bahary hem üýtgeşik bir täsin bahar ahyry! Galkyjaklap, guş bolup ganat baglap gelýän bu oglanjyga kakasy bu gün «how, keýpiň ýok-la!» diýäýmese gerek! Sebäbimi? Sebäbi onuň elinde häzir «Pioner» atly respublikan žurnalyň ýaňyja satuwa çykan täp-täzeje sany bar! Şo žurnalyň içinde näme bardygyny bilýäňizmi?! Žurnalyň gatynda, özünem başda, edil 3-nji sahypasynda, bu şägirt zergärjigiň öz eli bilen ýazan hem-de ilkinji gezek çaphana harplary bilen çap bolan ilkinji goşgusy bar! Ady hem – «Partiýam»! Ol häzir bu goşgyny ýol boýy gaýtalap-gaýtalap, ýatdan aýdyp gelýär. Çap edipmidirler, diýmek, bu goşgy Puşkiniňkiçe-de bolmasa, köpleriňkiden kem däldir. Häzir bu žurnaly ozaly bilen, ejeňe, kakaňa görkezmeli. Žurnaly olaryň ellerine bermeli-de, «Hany, yzarlaň!» diýip, goşgyny ýatdan okamaly. Ine şeýdip: Partiýam, sen azat halklaň Iň birinji guwanjysyň, Partiýam, sen rahat halklaň Sarsmaz arka daýanjysyň! Partiýam, seň baýdagyň Älem-jahanda parlaýar, Saýasynda ýaýnap onuň, Halkym kommunizme barýar! Meniň goşgym!.. Hawa, Gurbannazar Azyzowyň goşgusy! Ynanmasaňyz, ine alyň, açyn-da, okap görüň: goşgynyň aşagynda genial ýazgy bardyr – «Gurbannazar Azyzow, Kükürt zawodyndaky 10-njy mekdebiň 6-njy klas okuwçysy»! Hawa, şeýle, kaka! Hawa, eje, şeýle! Ýaňy poçtada uly adamlar başga-başga gazet-žurnallary alan bolýarlar. Alybersinler! Olara derek bu žurnaly indi tutuş respublikamyzyň mekdeplerinde ertirki gün ullakan boljak.adamlar okar!.. ÝÜZ UGRUNA MAGLUMAT Şol ýyl, ýagny 1955-nji ýylyň dowamynda «Pioner» žurnalynda meşhur şahyr-ýazyjylarymyzdan «Kim bilmeşek» atly tapmaçalar tapgyryny çap eden Berdi Kerbabaýewden başlap, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Ata Atajanow, Allaberdi Haýydow, Mämmet Seýidow, halk şahyry Ata Salyh dagy çykyş edipdir. Soň-soňlar ählisi SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni bolan şol ýyllaryň studentlerinden žurnalda Nury Baýramowyň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Öde Abdyllaýewiň, Öwezmyrat Babaýewiň, Ýylgaý Durdyýewiň, Öwlüýäguly Möwlamowyň, Ýagmyr Pirgulyýewiň, Goşjan Seýitmädowyň, Ökdem Eminowyň goşgulary, mekdep okuwçylaryndan hem Nazar Gullaýewiň, Kakabaý Ylýasowyň (Aşgabatda ýaşaýan Ylýasowyň, sebäbi, SSSR Ýazyjylar soýuzynda häzir iki Kakabaý Ylýasow bar, birisi Daşhowuzda ýaşaýar) hem-de Hojageldi Nurmyradowyň eserleri çap bolupdyr. Öz goşgyň çap bolan žurnalynda şu zeýilli meşhur hem başlangyç ýazyjy-şahyrlaryň atlaryny görmek kükürt zawodly ýaşajyk şahyry gör-bak, näzeýilli höweslendiren, galkyndyran bolmaly. Bu okumyş oglanjyk şol wagt özüni näme diýip bu meşhurlardan kem görmelimiş! Bu sadadan hemmä düşnükli, megerem, hemmä-de mahsus, ajaýyp ýaşlyk duýgusy barada Gurbannazar soň-soňraky ýyllar şeýle diýýär: Men Puşkini, Lermantowy okadym Ak-garany saýgarmaýan döwrümde, Ýat bekledim her jümläni, nokady. Özüm ýazdym şu genileň höwründe. Ýa-da: Juwanlyada kämillige höwrügip, Uçup gitdim başga-başga hyýala. Ýa-da: Ilkinji goşgulam edilende çap (Şu günki deý düşýär meniň ýadyma!) Gazeti maňlaýma, gözüme oýkap, «Beýik» sözün goşardym men adyma. Men özüme «beýik», «geniý» diýerdim. Menden başga şahyr ýokdy dünýäde, – Başda-goşgy Soň özümi söýerdim. ...Indi o duýgular düşenok ýada. Umuman, men Gurbannazaryň iň ilkinji goşgusynyň nirede, haýsy neşirde çap bolanyny bilemok. Megerem, «Mydam taýýardadyr». Ýokardaky «Partiýam» atly goşgusyny bolsa, onuň başlangyç, öwrenje çagynyň eserleriniň birine nazar salmak üçin mysal alaýdym. ÝOLDAN SOWULMA Ýany men iki-üç ýerde «Azyzow» diýip ýazanymda, ýalňyş gidendir öýtmäň. Azyz aganyň ogly Gurbannazaryň familiýasy has soňraky döwürlerde «Ezizow» boldy. Ol hem şahyryň öz göwün islegi, öz emri bilen şeýle boldy. Ýogsam, onuň kakasynyň adyny deň-duşlary tä ol ýaşuly dünýeden ötinçä «Azyz», «Azyz aga» diýip tutardylar. Gurbannazar bolsa, näme üçindir, student döwürlerinden başlap, öz goşgularynyň astyna «Ezizow» diýip gol goýup ugrady. Sebäpsiz çöp başy gymyldamaýar, munuňam hökman bir öz «emmasy» bolaýmaly. Hany çaklajak bolalyň... Gurbannazar bir gün maňa: «Men goşguda «dek» diýen sözi halamok, ony ulanmajak bolýan. Senem şeýdip gör. Sebäbi ol goşga gödek gelýär: «Aý dek!» – tamdan trotuara kerpiç gaçan ýaly!.. «Aý deý!» diýseň welin, edil näzik şemal öwsen ýaly, şeýle bir şahyrana!». Belkem, ol «Eziz» sözüni-de «Azyz» sözünden has näzik, has «ýumşak», sypaýy hem owazly, öz şahyr tebigatyna, zannyna ýakynrak saýyp şeýdendir? Kim bilýär, belkem-de, şeýledir. Ýöne ol şeýtse-de şeýdipdi welin, bu edeni üçin birbada görgi ýamanynam görmeli bolupdy. Hawa, hawa!.. Metbugatda çap bolan goşgynyň awtory-ha «Ezizow», ol goşgynyň galam hakyny almaga barýan pyýadanyň pasportynda ýalpyldadylyp ýazylan at hem – «Azyzow»! Ber habary! Şujagaz ýekeje harp tapawudy şahyryň nerwisini baý oýnandyr-a! Gurbannazaryň 1972-nji ýylda Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda çykarylan «Dwa derewa» atly kitabynyň galam hakyny aljak bolşy ýadyma düşýär. Biziň ikimiz hem ol döwürde TSSR Ýazyjylar soýuzynda edebi konsultant bolup işleýärdik. Ol meniň oturan otagyma geldi-de (meni şonda wagtlaýynça jogapkär sekretaryň ornunda oturdypdylar), gürrüňini hemişekilerindenem has daşrakdan aýlap degişdi: – Bir ägirt haýyş bar, ýaşuly jan!.. Bitirseň – özbaşyňa bäş manat baýrak. Tutuşlygyna, dim-dik duran gök bäşlik! Oraz Akmämmedowyň aýdyşy ýaly, sakgal syrybermeli täzeje bäşlik! Neneň? Gowusy, çaltrajyk kaýyl bolaý, başyňa gonan bagt guşuny uçurma! – Aýt-da, aýt! Näme, ...-yň goşgusy ýaly, ýöne süýndürip otyrsyň?! – Öýüňe gidip gelmeli! Hut häziriň özünde gitmeli-de, pasportyňy getirmeli. Gitdiň, geldiň – bäşlik aldyň! – Edil häzir-ä gyp-gyzyl onluk berseňem, oturan ýerimden butnajak däl. Ajygýan. Ýaltanýan! – Düşünäý-how, men millioner boldum! Seniň bir garnyň dagy nämejik! Ýöne häzir däl. Edil häzir ikimiz ilki birinden üç manat karz almaly! Menem degşip, onuň özünden kem galmadym: – Bu düzen krosswordyň-a biz düşünerden ajyz, ýoldaş G.Azyz! – Oh, moment! Bardyň üstünden! Häzirjik ähli zat düşnükli bolýar... Üçlügi alýas-da, öýňüze barýas! «Hä» diý... Men taksçyny gapyňyzda anekdot aýdyp güýmäýin. Mergen Hümmediň şu günküje getiren täze anekdotlaryndan. Senem onýança öýňüze girip, pasportyňy alyp çykýaň! Soňam gelip, seň adyňa dowerennost ýazýas-da, Lidiýa Georgiýewnanyň* merhemetli goly bilen peşeneli peçatyny patladýas! – Ol bilgeşleýin rus bilen türkmen sözlerini gatym-garym etdi. – Wes salam – erteki tamam! «Azyzowam» şol, «Ezizowam»! Soňam ol çyny bilen: – Aý, men-ä indi her görenime ýalbarybam halys bolupdyryn... Şu pasportymy çalşaýmasam boljak däl öýdýän – diýdi-de, poçta üsti bilen gelen ençeme ýüz manatlyk (müňe golaýmyka diýýän) habar hatyny öňüme atdy. Goňurja çekiň ýüzünde edil Moskwada çykan goňurja sahaply kitabynyň ýüzündäki ýaly «Ezizow» diýen ýazgy ýalpyldap durdy. – Al-da puluňy, alyp bilseň!.. Bardym-la! Bu pasportyň bilen munça puly berip biljek däl diýýä, sammyk! Ýogsam, öz poçtamyz-ow, seňem, meňem çagalarymyza çenli tanaýar-a, durak! Men onuň keýpini götermekçi boldum: – Oňaraýypdyr-da! Saňa şol puly berip goýberen bolsa, bu adamlaň depesine oturan ýerinden bäşlik ýagarmydy? Molodes, etmelisini bilipdir!.. Ýör! Poçtaly işi birýan ýüzli edip, täze kitaby «ýuwmaga» gitdik. Žurnalistleriň, ýaş şahyrlaryň üýşýänje bir pynhan ýerine. Gurbannazaryň bir goşgusynda ýazyşy ýaly, «arpa suwundan» (piwo). aldyk. Şol bada-da Daşymyza ikilän-üçlän tanyşlar üýşüp ugrady. Gurbannazar welin olara piwo yzyna piwo äberip, iki ýana gatnap dursa-da, şol «A» bilen «E» harpyna dahylly gürrüňini goýar ýerde goýanokdy. Şol günki poçta gatnanlary onuň mazaly degnasyna degen borly. Men bu gürrüňi tamamlatjak boldum: – Aý, ýaşulular soweti,* sen pasportyňam çalyşjak bolup ýörme-de, goşgulaň astyna ýöneje... «Azyzow» diý-de gol goýuber. Hemmesi öz-özünden düzelýär. Kakaň göwnüne-de jaý bolar. – Kakam göwün edenok-la... Bireýýäm öwrenişipdir. Ýene biri: – A sen, gowusy, köp pul alma! Az pul gelse, ýaňky poçta öz pasportyň bilen berýär diýýäsiň-ä.. bize bolýa şo! – diýip, sämäbräp ugran halyna degişjek boldy welin, ýoldaşy onuň sözüni kesdi: – Pekge! Az pul alsa, bize peýdamy şo? Hany, çerdagyňy işlet. Häzir onuň bar alany bäş manat bolaýan bolsa, şu piwäni kimiň çotuna içerdiň? Özünem, piwo-da hezzetiň hemmesi dälmikä diýýän, Moskwada kitaby çykan adam-dagy... – «Azyzow» ýazdyrsaň, – diýip men gürrüňi ýene öňki akabasyna sowdum-da, göwnüme bolmasa, şu ýerde. Gurbannazara garşy iň ähtibarly «kozurymy çykardym», – Hawa, «Azyzow» ýazdyrsaň, birinjiden-ä Ö.Abdyllaýew, A.Aborsniý hem A.Agabaýewden soň, Ýazyjylar soýuzynyň spisogynyň iň başynda bolarsyň. Ikinjidenem, iň esasy ýerem şu – bizi elipbiý tertibinde bölüp, bir ýerlere iberenlerinde, ikimizem birmeňzeş «harpdan başlap», hemişe bir wagona düşer ýöreris. Şujagaz arpa suwundan alyp, bir küpede gideris. Ýogsam, men-ä «A» harpym bilen hemişe – başda, senem «E» harpyň bilen – yzda. Senden soň bir Kämil Ýaşen bar diýäýmeseň. Ine, genial ýeri – şü! Onda duranlaryň biri duzlady: – Beýle bolsa, haýyşym bar: ýanyňyza, ýagny wagonyňyza Aýtmatowam alsaňyz-laň? Olam «A»-dan başlanýar. Kyn görmeseňiz, Lui Aragonam! Abaýam! Yzy alagüpürdi boldy: – Anna Ahmatowanam! – Margarita Aligerem! – Bella Ahmadullinanam! Dili gijäp, başy sämäp duran ýaş edebiýatçylara häzir diýseň, şular ýaly oýun gerekdi. Gurbannazar durarmy! Ol hem şol bada muňa goşulyp gitdi: – Iň esasam, Aristoteli ýatdan çykarmaly däl. Awisennany, Arhimedi, Aleksandr Makedonskini... ýagny – Al-Iskenderi hemem Antepi! Ýer bolsa, Rejep Allanazaram alalyň! Soňam kollektiw gülküler bir taraply bolansoň, eli bilen menden goranýan şekilli: – Ýog-eý, seniň bilen bir wagona däl, bir eşelona düşmekden hudaý jan saklasyn-eý! – diýdi. ...Ruslar: «Herki degişmede çynyň paýy bar» diýýär. Gurbannazar hem «bir eşelony» agzamak bilen, ýöne ýere şeýdip degişmändi. ýöne biz bu gürrüňe ýene bir öwrümde dolanyp gelsek gerek. Häzir bolsa... ELGARAZ ...Habary kimden al, adyna «beýik», «geniý» sözlerini goşýan ýaňky başlangyç şahyrdan. Hawa, ýaşajyk Azyzowyň elinde «turuwbaşdan» bir däl, ylhamly galamlaryň ikisi bardy diýsem, lap edip aýtdygym bolmaz. Zergär kowumy Gurbannazar ol galamlaryň biri bilen, ýagny depesinden çekiçjik bilen urulýan zergärin polat galamynyň ujy bilen, türkmeniň şaý-seplerine nagyş salýardy. Beýleki galamy bilen bolsa, ýagny syýa batyrylýan ýazuw galamy bilen, ak kagyzyň ýüzüne beýik Pyragynyň dilinde keşde çekýärdi. Şeýdip, ol şindi oglan çagynda öňünde gujak geren ajaýyp hem düýpsüz dünýäleriň ikisine-de – Sungat Älemine-de, Şygryýet Älemine-de Lenin keşpli gülýakadyr, «Partiýam» atly goşgusy bilen gadam urdy. Bu onuň öz meýli bilen şeýle boldy. Ezizowyň yhlasy, Ezizowyň emri bilen! Şonuň üçinem öz ajaýyp poeziýasynda «ýykylany galdyryp», «teşneleri teşnelikden gandyryp» kämil çykan şahyryň ömrüniň ahyrlarynda bu mukaddes temany hemmetaraplaýyn jemleýän şekilli, çuň ýürekden: Meniň bir guwanjym, uly bagtym bar, Men oňa çalyşman bu dünýäň baryn: Mizemez, ýeňilmez gyzyl baýdakly Leniniň sapynda gulluk edýärin! – diýmäge, belki, biziň (şol sanda partiýa biletini göterýänlerimiziň-de) köpimizden has-da artyk hukugy bardy. Ol, käbir tankytçylaryň aýdyşy ýaly, bu tema – «gelmändi». Şahyr bu temadan – başlapdy, «gämikläpdi». Ol resmi suratda partiýa biletini alyp ýetişmändi. Ol çyn kommunist bolup ýaşapdy. Eýsem, ilinden-gününden, onuň aladasyndan, Lenin partiýasyndan, taglymatyndan aýra ýaşap, bu mukaddes zatlardan özüni çetde tutanyň «gidenden soň gidenligi bildirermi»?! * * * Ine birden obaň garry-jahyly Söhbet gurar gazet, goşgy barada: «HOW, EZIZIŇ OGLY, GOŞGYŇ NÄHILI? ÝEŇILLIG-Ä ÝOKDY BIZIŇ OBADA»... Ady mazaly ile dolandan soňam Gurbannazar Ezizow goşgusy barada «ýeňillik etmeýäne» oba-şäherleriň adamlaryna sala salmagy özüne hiç bir kiçilik bilmezdi. Muny öz ýanyndan hemmelere-de hökmany zat bilerdi. «Göwni açygyň ýoly açyk» – eline goşgy alyp, onuň sözleri bilen aýtsak, «hoş habar göterip obalar söken» Gurbannazara onuň bu ýolunda – başda-da soňda-da gowy adamlar az duş gelmedi. ...Şindiki tanymal alymymyz, Magtymguly baýragynyň eýesi, şahyr Nazar Gullaýew bilen (entek olaryň ikisiniňem student döwründe) tanşyşyny, ýörite onuň «huzuryna barşyny» jikme-jik gürrüň bermegi Gurbannazar diýseň halaýar-da! Meniň-ä bu wakany eşide-eşide, gulagym kamata geldi. Ýöne, nädersiň, ynha ol ýene çemlenip dyzap otyr-da! – Bolýa-ho-ow, aýdyber! Nädýäň-aý! Eşidemde näme, bu oturanlar eşidenog-a şindi?! Bilmedim, biz bu wagt Halyl Kulymy Annaly Berdi, Öwezmyrat Babamy Goşjan Seýitmet, Eduard Sklýarmy Orazmyrat Gurt, Abdylla Myratmy Italmaz Nury, Ahmet Gurbannepesmi hudožnik Tokar Tugur, Ýuriý Rýabininmi kompozitor Nury Halmämmet, artist Hajy Annamämmetmi teatr tankytçysy Amangeldi Anna, mugallym Derýa Baýramgulymy poligrafçy Amangeldi Aman, – bularyň haýsy bolsa-da bolubermeli, ählisi-de häli-şindi bu öýe gelýän adam! – Azyz aganyň birmahallar Büzmeýinden göçülip gelnendäki howlusyna eken üzümleriniň dalbarynda, tirsegimizi ýassyga berip, tegelenişip ýatyrys. Ine-de Gurbannazar «diňläň onda!» diýip, raslanyp öz «hekaýatyna» başlaýar: – Bardym!.. Ol wagt Nazar uniwersitetimiziň MOPR köçesindäki umumy ýatak jaýynda ýaşaýardy... Ýog-ow! Ilki bir hepde dagy ýaýdanyp gezdim. Soňam göwnümiň ýetýänje goşgularymdan aldym-da, – Ol bu ýerde ýene rusça bilen türkmençäni gardy, «Byla, ni byla*!» diýip bardym. SÄKIN Şu ýerde şol döwürki Nazar Gullaýew hakynda iki agyz aýdyp geçmek gerek. Nazar studentdigine garamazdan, ol wagt diňe bir fakultetde däl, uniwersitetde, şäherde, ondan hem daşarda ýaş şahyr hem ýaş kompozitor hökmünde mazaly adygyp, birgiden ýaşlar onuň aýdymlaryny ürç edip aýdýardylar: Sen söýseň meni, Unutman seni, Wepa-a-a-ly ýarym! Student şöhratynyň şeýle belent çagynda onuň huzuryna ýörite baran ýaş şahyryň «sussuna» men-ä gowy düşünýän. Ýogsam, ýadyňyzda bolsa, mekdep okuwçylary N.Gullaýew bilen G.Azyzowyň ilkinji goşgulary bir ýylda şol bir žurnalda çap bolupdy («Pioner», 1955). Heran-haçan özünden ökdä hormat goýup, şondan öwrenmäge düzgün eden Gurbannazar üçin bu zeýilli «birmeňzeşligiň», «deň gelmeleriň» hiç mahal manysynyň bolmandygyny, onuň bäsdeşlige tagzym edip, basdaşly-ga pisint etmändigini şu ýerde nygtap geçesim gelýär. – ...Hawa. Bardym-da, çalajadan gapysyny kakdym. Öýde ekeni!.. Gapyny açdy-da, «geliň», «geçiň» diýdi... Geçdim! «Men-ä goşgy ýazýan, käbirini görkezmäge geldim» diýdim. Nazaram: «Goşgy ýazsaň, ajap iş edýäň. Hany onda, beýle bolsa, otur, gyssanma... Ynha şu çäýnekde ýahna çaý bar, güýmen... Goşgy okaljak bolsa, men häzirjik gelýän» diýip, polotenkasyny aldy-da, koridora çykdy. Esli salym ýuwnup, tämizlenip gelensoň, ýüz görülýän aýnanyň öňüne bardy-da, ösgün saçlaryny arkanlygyna gaňryp, ýalpyldadyp darady. Soňam egnindäki içerde geýýän köýnegini çalşyryp, şkapda ütüklije duran duw-ak köýnegini geýdi. Üstünden galstuk dakyndy. Ýene darandy. Bilemok welin, aza- jyk atyram sepindi öýdýän. Soň stoluň çäýnek-käsesini ýygnap, üstüne täze gazet düşedi. Radyýany ýapdy... Walla-how, häzir meniň elten goşgularym däl-de, onuň özi ýa-da onuň ýaşaýan komnaty synagdan geçjek bolýan ýalydy. E-e-e-eý, walla, bu adamyny! Gurbannazar esli salym bir özi gülüp, dowam edýär: – Ýalbarýan, şu minutlary sizem bir göz öňüne getirip göräýiň-dä!.. Haýyş edýän!.. Gurbannazar hyýalynda alysdaky şol otaga uçup gidýän ýaly bolýar. Ol täsin otag ýuwaş-ýuwaş biziňem gözümiziň öňünde ähli «keramaty» bilen janlanyp ugraýar. Gurbannazar başyny sallap, ikiýana ýaýkaýar: – Eý, hudaý jan, on-aý! Hiç ýadyndan çykar ýaly zat däl, how! Ol adam goşgyny, sazy dünýä inen ilkinji gününden beýläk bir keramat, mukaddeslik hasap eden bolmaly. Ýogsa beýle bolup bolmaýa... Gurbannazar bu barada öň näçe öwran gürrüň beren hem bolsa, muny her gezeginde ömründe ilkinji sapar aýdyp berýän ýaly, janygyp-janygyp gürleýärdi: – Hawa, onsoň ol gabadyma geçip oturdy-da: «Hä, ynha indi goşgyň bolsa, diňläli» diýdi. Göz öňüňize getiriň şuny: goşgy diňlemek üçin ilki ýörite ýuwunmak, geýimiňi çalşyryp, stoly arassalamak... Ol özüniň şol pursatdaky ýagdaýyny düşündirjek bolup, sakawlap, galkynjyrap, jaýdar sözleri tapyp bilmeýän adama meňzeýärdi. Soň-soňlar Gurbannazaryň goşgularynyň birinde men şeýle sözlere gabat geldim: Dabanymdan beýnime çen durlandym Dünýäň ýagyşdan soň durlanşy ýaly... Megerem, şahyr ol ikiçäk duşuşykda hem şuňa meňzeşräk bir ajap duýgyny başyndan geçiren bolmaly. Gurbannazaryň köp mahallap dilinden düşürmän gezen bu duşuşygynyň aslynda ýönekeý bir epizoddygyna men düşünýän. Ýöne, bolsa-da, muny ýaş şahyryň tutuş ömründe, aňynda-duýgusynda yz goýan möhüm hem-de iňňän ähmiýetli hadysa hasap edýärin. Sebäbimi? Düşündirjek bolup göreýin... Şygryýet älemi, ýagny poeziýa diýilýän zat (şahyryň öz sözi bilen aýtsaň, «güýçlüligiň birlik ölçegi») elbetde, goh-galmagally, soňsuz telefon jyňňyrdyly, burum-burum çilim tüsseli kabinetiň bir çetinde ýapyrylyp, gazetiň erte-birigünki sanyna «nobatçy» şygryň pöwhe setirlerini çygnyp kapiýalaşdyrmak däl. Bu ýagdaýy, şu zeýilli «redaksion tabşyryklary» Gurbannazaryň özem, her birimizem köp görüpdik. «Onuň alyhezretleri» Poeziýa-megerem, ozaly bilen, seniň päl-niýet päkliginiň, «aňryň arassalygynyň», degre-daşyňa, dünýäňe, şol sanda hem şu gudratly senediň özüne bolan açyk hem pynhan duýgularyň öz-özünden ýüze çykýan iň aýan, iň halal bir bagtana pursaty. Halyl Kulyýewiň janygyp ýazan şu sözlerem ýalňyşmasam, hut şu halata degişli: Goşgy diýlen zada Düşünmek mümkin. Emma kyn, Birbada düşündirmek kyn... Ýaňky Nazar Gullaýewli ahwalatda bu iki şahyryň, iki şahsyýetiň şygra sarpa goýşy – munuň özi bir goşgy ahyry! Garypja student otagyndaky duşuşyk şeýle bir göwnejaý, şeýle bir zanny saz gelipdir welin, ol romantik meýilli Gurbannazara nepislik bilen çekilip, külli jahana meşhur bolan gadymy pars miniatýurlaryndaky ýüpekmen näzik şekilleri ýatladypdyr diýip çaklamaga milt ediberesim gelýär. Zerli sapak bilen ýüpegiň ýüzüne salnan şol ga- dym şekilleriň ençemesinde başy selleli, bili guşakly şahyrlar alma-enarlaryň saýasynda oturan welaýat soltanyna ýa-da hut öz ýüreginiň şasyna iň «genial» şygyrlaryny okap berýär. Ýene bir toparynda – sitar, dutar, gyjak çalnyp, çöpboýun tylla küýzejiklerden meý süzülip, Gündogaryň derejeli-derejeli muşagyralary, püre-pür bada deýin, dahan gezip, joş berýär. Hawa, poeziýanyň hemişe şeýle belent, şeýle çyn sarpasyny, dabarasyny küýsäp ýaşan juwan Gurbannazaryň göwni, megerem, şol otagda ganat baglap, perwana dönüp şol kaşaň miniatýuralaryň daşynda öwran-öwran pyrlanandyr. Men N.Gullaýew bilen bäş ýyl gün sypdyrman uniwersitetiň bir fakultetinde, bir kursunda bile okanym üçin, onuň assadan sypaýy gep urşuna, howlukman, darykman, köne ýaşulularyň terzinde saýhally sözleýşine gaty belet. Nazar şonda ýaş şahyryň okan goşgularyny çuňňur derňew etmedik hem bolsa, olara has ýokary talap bilen darap, «çepbe çöwrüp» ýepbeklemedik hem bolsa (aslynda Nazarda şeýle häsiýet bara-da meňzänok), häsiýetine beletligim Nazaryňkydan kem bolmadyk Gurbannazaryň şonda-da şol pursat kiriş ýaly dartylyp, düýrmegi bilen hüşgär hem «garynsyz» gulaga, penasyz näzik bir ýürege dönendigine ynanýaryn... Düşün, okyjym: seniň bilen seniň goşgyň barada ýörite el-ýüz ýuwup, köýnek çalşyryp, stoly tämizläp, radiony sogrup, mahlasy, poeziýa mertebesiniň, «poeziýa medresesiniň» howasy döredilip, (özünem göz üçin däl – ak ýürekden) söhbet edilse – bir başga... «Arpa suwunyň» başynda bokurdaga bat berip, teýeneliräk sözler gözläp gürleselerem – bir başga! Dym-dyrsja otagda, onuň dym-dyrsja eýesiniň gaşynda, her sözi bir diwara degip, göýä şol diwarlary ýaryp, ornuňdan süýşürip, ähli student «esline ýetäýjek bolup, gijeler ýatman ýazylan setirler ýaňlanýar: Bu dünýä düşüniň! Onuň suwlarnyň Ýokardan aşaga akyp gelşine! Mekansyz, watansyz ördek-guwlaryň Keýpleri gelende, göge galşyna! Düşüniň bu dünýä, beýik alymlar! Milýon böleklere bölüň atomy! Böleklerden ýene bölek ýasaň siz, Bitewi bolsa bor dünýäň adamy! Biz beýik asyryň beýik wekili, Şatlyk bilen Hesret duzun dadanlar Ýüzlenýäris adamlara: bölüň siz Atomlary! Bölünmesin adamlar! Iňlär siňek uçsa eşidiljek otagda üsti-başy tämizlengi adamyň öňünde häzir seniň eger-eger, ýeke gowşak bendiňi ýa setiriňi «hataba bukjak» gümanyň ýok – her sözüň, ine, şu ýalaňaç stoluň üstüne ýa mis, ýa altyn apbasy bolup şaňňyrdap gaçyp dur. Sen häzir garşyňdaky oturan adam bilen däl, eýsem, öz ähli «etmişleriň» bilen, göwnüňden çykaran duýgy-pikiriň, sözüň, şu takygada tirpinen talwasyň bilen ýüzbe-ýüz! Häzir saňa şeýle adam, şeýle diňleýji ondan takal-teoriýa eşitmek üçin däl-de, ony pir-mährap bilip, onuň gaşynda öz kalp-köňlüňi «ýalaňaçlamak» hem-de öz zannyňa-zehiniňe şonuň gözi bilen ser salyp görmek üçin gerek. Seniň dem alşyň, säginişiň, «ýorgalaýşyň», sözleri agzyňda togarlaýşyň-togarlamaýşyň, olara ses bilen artykmaç röwüş berjek bolşuň-bolmaýşyň, häzir şularyň hemmesi, neresse bäbejigiň bedeni ýaly saňa-da aýan, oňa-da... Nazaryň şonda Gurbannazaryň goşgularyna näme baha bereninden men bihabar. Şahyr şol duşuşykly gürrüňi şunça gaýtalap gezen hem bolsa, bu barada ýagşydan-ýamandan ýeke saparam agzamandy. Ol her gezek bu duşuşygyň diňe «päkize ruhuna» dolanyp, şonuň özi bilen ganatlanýan, beýgelýän ýaly bolup, galkynar-galkynar gidibererdi. Ol şeýle bolmazça-da däldi. Sebäbi garypja student otaglarynda başlanan ajaýyp däp, «köňli ýumrujy» däl-de, «kalby bina ediji» şol belent hem asylly ruh, şeýdip, şondan soň «pajarlap gül açdy, aramyza hemişelik ornady» diýsem, men hakykatdan gaty daş düşerin. Dogry, şeýle «edebi aragatnaşyklar» az wagt dowam etmedi, olaryň hatda has talapkär ugra (ýöne hemişe hoşniýetli ugra) özgeren döwri hem boldy. Ýöne munuň hemmesi altmyşynjy ýyllaryň aýagynda, ýetmişinjileriň hem başynda galaýdy öýdýän. Gurbannazar muny, şol dostana belent atmosferany öz ýany bilen alyp gidene döndi... Gönüsinden geleýin – wagt geçdigiçe, bilmedim nämedendir, eli galamly adamlaryň köpüsiniň nili bozulmak bilen boldy. Bir zaman has pajarlan golsuz-u-golly arzalaryň möwriti sowlup, sili kepip ýetişmän- kä ýaňsylaşyk, harçaňlaşyk, «medeniýetli» öç alşyk uly bir ýoňa döndi duruberdi. Mahlasy, täbehet göterildi... Baýram Handyr Andalyp zamanyndan, beýik Pyragydan gözbaş alyp, söz-senet ussatlarymyza şan-howala beren, olaryň at-abraýyny il-ulus içinde hatda din hadymlarynyňkydan-da belende çykaran ajap-ajap Gündogar dessurlarymyzyň gel-gel, bu gün muşkatýor gylyçlaşygyna dönüp, soňky sapar şol student otaglarynda gara berdigi bolaýdymyka? Bilmedim... Garnymyz gaty doýaýdymyka? Bilmedim... Mesligimizi göterinip bilmän ýören-ä däldiris-dä? Bilmedim... Geliň, gowusy, ýene-de altmyşynjy ýyllara dolanalyň. Munuň üçin şu ýerde üç bolup tirkeşen, «jedelleşen» dostumyzyň biri Halyl Kulyýewiň Gurbannazaryň ýogalan ýyly (ýöne ol şindi aramyzdaka) ýazan «Dostlaryma degişme» atly bir goşgusy getirilse, iňňän göwnejaý boljak. Halyl bu goşguda şol student otaglarynyň ruhunyň soňky-soňky (1975 ýyl!) «garraşan», durugşan görnüşini, şekilini beräýen ýaly. Ýöne häzirlikçe bu gürrüňi şu ýerde goýup, bize tarap ylgap gelýän ýaňky Gurbanňazarjygyň ilkinji eserleriniň ýene birine ser salnyp geçilse, agzalan goşgada şondan soň dolanylsa, dogry boljak ýaly... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |