14:28 Ezizowyñ emri bilen -3: Kyssa köçesinde sergezdan menem... | |
KYSSA KÖÇESINDE SERGEZDAN MENEM...
Edebi makalalar
Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň birje hekaýa ýazyp, ony-da W.I.Lenine bagyşlandygyndan okyjy habarly bolsa gerek. Ol hekaýa metbugatda çap bolupdy. Özünem, ýalňyşmasam, ol şahyryň ilkinji hem iň soňky hekaýasydy. G.Ezizowyň hem ýazan bir hekaýasy bar eken. Şunuň şeýledigini özümem şu iş üçin derkar materiallaryň ugrunda kitaphana baryp, «Mydam taýýar» gazetiniň 1961-nji ýylyň 29-njy martynda çykan sanyny açanymdan soň bildim. Dogrusy, geňem galdym. Näçe tirkeşen hem bolsak, Gurbannazaryň «hekaýa ýazdym» diýip kelam-agyz agzanyny bilemok. Belki-de, onuň bu eserine öz göwni ýeten däldir, onuň çaltrak unudylanyny isländir... SÄKIN Şuny şeýledir diýip çak edýänimiň sebäbi – şu ýerde başga bir ýagdaý ýadyma düşýär. Bir gezek ir mahalky ýazylan goşgular barada söhbet edenimizde, men Gurbannazara «atdanlykda» alaga-da, üstünden on-ýigrimi ýyl öten ilkinji öwrenje goşgularymyň birini okap beräýmenmi! Bary-ýogam ýekeje bir bent-le welin, bardym bir «sowulmaz» hezilligiň üstünden! Hany, ilki şol bendi bir getireýin şu ýerde (Ýöne, okyjym, senem ony Gurbannazaryň edişini edäýmersiň-dä!): Ine ol: Eger bir kagyza ýazsam ençe at, Sen olary bozup bilýäň bada-bat, Emma ýüregime ýazlan bir ady Bozup bilmez dünýädäki hiç bir zat! Iň gyzykly ýeri, bu goşgynyň adynyň «Pozguç» bolup, onuň dyrnak ýaljak pozguja bagyşlananlygy! Şindi-şindi ýatlanymda, öz böwregimem böküp ugraýar welin, Gurbannazaryň şondaky bolşuny göräýseňizdi! Ol güle-güle, iki epilip, näme üçindir, öňündäki keçäni ýumruklaýardy, arasynda dem alyn ýetişdigem: «hany, dost, ýene bir okasana şony!» diýýärdi. Menem, göwnümbir ýaly, gaýtalaýardym. Ol soň-soňlaram, keýpi tutdugy, meni günüme goýman, zol-zol «Hany, dawaý, «Pozgujy» wazlatsana!» diýip ýalbarardy. Okadygymam, hiç bir söz diýmän, ýene gülkä ýatybererdi. Onuňam sebäbini bilýän-le, ol şeýle «belent derejeli», şeýle «kössüz» samsyklyga meniň neneň-nädip ýetip bilendigime haýranlar galýardy: ony güldürýän şudy! Dogrusy, şol «rekordyma» häli-häzire çenli özümem haýran. Akyllylygyň, üşükliligiň rekordynyň bolşy ýaly (aýdaly, «Näme?», «Nirede?», «Haçan?» atly teleoýnuň ýeňijileri!) samsyklygyňam öz bir rekordynyň bar bolmagy ähtimal. Şeýle bolsa, bu babatda men şol goşgymda köpleri tozana garan bolmaly, eýsem öňýeten samsyk eser akylly adamlary güldürip bilermi! Bu ýagdaý bir ýylam däl, iki-üç ýyl-dagy şeýle bolaýdy öýdýän: men okardym, ol gülerdi. Dogrusy, bir ol hem däl, meniňem her gezek hynçgylawygym tutar giderdi... ...Ine, onsoň Gurbannazaram hut şol sebäpli, ýagny aramyzda ýoň bolan şu gülküli epizod sebäpli, öz ilkinji öwrenje eserleriniň çaltrak unudylaryny isläp, olary maňa okamakdan ýa-da olaryň çap edilenerini salgy bermekden, asyl-ha, adyny tutmakdan çekindimikä diýýän. Bilemok... Ýöne welin, bu hekaýa Gurbannazaryň irki eserleriniň biri bolsa-da, awtor ony meniň «dilimden-gözümden» gizläp saklasa-da (herhal, men şeýle boldumyka diýýärin), bu ýerde güler ýaly, ýaňsylar ýaly hiç bir zat ýok. Tersine, bu ýerde çynlakaý gürrüň edere zat kän. Bu hekaýa şahyr Gurbannazar Ezizowyň-da proza žanryndaky ilkinji hem soňky synanyşygy bolsun gerek. Has takygy, «Jadyly kepje» atly bu hekaýa onuň şu žanrda ýazyp, amala aşyran, metbugatda çap bolan ilki-soňky: synanyşygy. Sebäp, umuman alanyňda, şahyryň bu žanrda wysal bolmadyk etsem-petsem gürrüňi soň-soňlar hem bolupdy, «kyssa köçesinde» onuň küýi kän aýlanypdy. Mahal-mahal bu arzuw (powest ýazmak arzuwy!) Gurbannazaryň dünýäsini şeýle bir gurşap alýardy welin, ol durubilmän, özüniň «beýik proza programmasyny» gürrüň berip ugrardy. (Öwlüýäguly Möwlamow bolsa, Gurbannazar şol powestiň hatda 20-30 kagyzyny ýazan bolmaly diýip tassyklaýar). Ynha-how, göz öňüne getirip gör: ilki faşistleriň bir pleninden gaçyp-gutulmak, soňra üç aý töweregi sümme tokaýda bir özüň sermenekläp, bu «ýaşyl tümlükden» çykdym-çykdym diýeniňde, ýene bir plene düşmek! Onda-da ne plen: medisina baraklarynda wagşyýana tejribeler geçirilip, adam biçilýän Mauthauzen konslagerine düşmek!.. Ine, şeýdibem, dört ýyldan soň sag-aman diri galyp, niredesiň alys Köpetdagyň eteginde galan obam diýip, gaýdyp gelmek! Ynan, Annaberdi, şuny şeýle bir ýazasym gelýär... Ýöne, hatda golaýyna barmaga gorkýan!.. Özem ol esger gelşine, göni oba giribermeýär. ýok. Ol dogduk depesine gözi düşe- ninden, ilki bir beýik baýyrda gyşaryp, süp-süýji hem ap-ajy bir çilim otlanýar! Obasyny synlap-synlap, set müň pikiri başdan geçirýär. Sebäbi häzir onuň ýagdaýy ýöne-möne däl. Onuňky gaty agyr – Mauthauzenden gelýär. Göz öňüme gelýä-le, şol baýyr... çilim... Ine, powestiň ilkinji sahypalary şundan başlamaly. Saglyk bolsa, men ony iru-giç ýazaryn... Ýöne Gurbannazar powest ýazmady. Poweste derek G.Ezizowyň «aýakda gabarçak, maňlaýynda der, dört ýyl geçenden soň dolandy esger» diýip başlanýan bary-ýogy ýigrimi dört setirden ybarat şygry döredi: ...Obanyň gaşyna geldi, oturdy, Çilimini müşdügine ötürdi. Howlukman otlady, howlukman sordy, Häzir oňa çilim – Lukmandan zordy... Goşguda beýan edilýän duýgular Gurbannazaryň gürrüň beren, ýöne ýazylmadyk powestiniň ilkinji sahypalaryndaky duýgularyna gaty meňzeşdi: ...Aňyrda ak tamlar, ak öýler üste Galýardy ýylan deý goýy ak tüsse. Ýylyň bahar pasly, gün öýle wagty Ýigdi uçurýardy duşuşyk bagty... Goşgy şeýle setirler bilen tamamlanýar: Obasyna bakyp ýatyrdy häli, Bagtyny azajyk uzaldýan ýaly... Eýesiniň «içini ýyrtyp» bir bada bir goşga geçen bu tema şahyry soňam günüme goýmady, her dem bir ýerden çykdy durdy: ...Ýigit şonda sözledi Daňdana çenli. Dört ýyllap ýow gününde Başdan geçenni. Sözledi ol teninden Akan ganyndan, Gaýdanyny ölümiň Bäri ýanyndan.,.. Ahyrym, Gurbannazar Ezizow özüniň bu arzuwyny goşguda egsip bolmajagyny gözi ýetip, uly proza eserini ýazmaklyga-da takady ýetmän... dramaturg boldy. Ozal beren uzur gürrüňlerini «Nesiller poemasy» atly pesasyna siňdirdi... Bu-da şahyryň täze žanrda eden ilkinji hem iň soňky synanyşygy boldy. Spektakla şindiki A.Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda awtoryň başy dikkä girişilip (ol «baraýyn-baraýyn» diýip, repetisiýalaryň birine-de baryp ýetişmedi), ol ýogalanynyň yzysüre-de premerasy boldy. Spektakly zehinli režissýorymyz, Gurbannazaryň dostlarynyň biri Baýram Seýdyllaýew sahnalaşdyrdy. Hawa, bu tema şular ýaly bir ýaýbaňrak, dartgynlyrak žanrda kagyza geçiriläýmese, Gurbannazaryň ýatyp-turup ynjalyk tapmajagyny hemmämiz hem görüp durduk. Sebäbi obasynyň gaşynda «çilimini müşdügine ötürip», «bagtyny azajyk uzaldýan» şol esger... şahyryň öz kakasydy. Başyndan soňsuz külpetleri geçiren razwedkaçylar wzwodunyň komandiri Azyz Hümmet ogludy... Ol görlen güzaplary, çekilen ezýetleri, geçilen kötel ýollary, eliňde galam bolup, heý-de, ile ýetirmän, aýtman, ýazman bolarmy? Sen bu gürrüňi, häli-şindi gije-gündiz eşidýärsiň! Sen bu Ejiriň içerde gezip, ýatyp-turup ýören janly görnüşini günde görýärsiň! Ol şol alyslardan awusyny ýetirip duran ajy günleriň yzasy bilen bir gysym bolupdyr! Ol seniň boýuň-syratyň, saýrak diliň, ylhamly hünäriň guwanjy-buýsanjy bilen ägirt pälwana dönüpdir!.. Sen, onuň geçen ýoluna aýak basdygyň, ol menziller seniň özüň bolup, syýaň bolup, harpyň bolup, akyp, ak kagyza ýarmaşjak barjak!.. Bu esgeriň geçen ýoly barada, ogullyk borjuny ýerine salan Gurbannazaryň bir özi del, eýsem biziň köpümiz bilen Azyz aganyň gaşynda oturyşan, onuň oglunyň ençeme goşgusyny rus diline terjime eden, uruş ýyllary gumda goýun bakyp, türkmençäni suwara çykan şahyr hem žurnalist dostumyz Eduard Ýewgenýewiç Sklýar hem ýazypdy. Ýazan-pozan zatlaryna kän bir esewan edip ýörmeýän, şonuň üçin hem hiç bir şahsy arhiwi bolmadyk E.Sklýaryň bu şahyrana eseri bir-iki ýyllykda, gel-gel, meniň köne papkalarymyň biriňden çykdy. Görüp otursam, biz bu goşgyny «Komsomoles Turkmenistana» gazetinde (men ol döwürde şu redaksiýada redaktoryň orunbasary bolup işleýärdim) çap etmek üçin blankaly kagyza göçürdip, çetine ýygylmaly şriftini, kwadrat ölçegini belläp, taýýarlan ekenik. Ýöne ol haýsydyr bir sebäplere görä çaphana gitmän galypdyr. Meň E.Sklýaryň Azyz Hümmet ogluna bagyşlan bu çaklaňja eserini terjime etdim, ol «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1987-nji ýylyň 11-nji sanynda çap edildi. Şonda köp adamlar muny oňlap, maňa jaň etdiler... Men Eduard Sklýaryň şol goşgusyndan birje parçany şu ýerde-de getirmegi makul bildim. Bujagaz parça öz atasynyň ogly bolan şahyryň durmuşyna, döredijiligine, ruhuna düşünmek üçin artykmaçlyk etmezmikä diýdim: ...Bary-ýogy üç-dört sözdi aýdanyň: – Mugallym men... Türkmenistan... Gökdepe! – Ha-ha-ha-ha... Haýwan! – jenap Baueriň Wagty ýokdy häzir gürrüňe-gepe... ...Gije çekeninde ýere perdesin, Alyp gaçdyň sen jenabyň kartasyn. Segsen alty günläp sümme tokaýda Aýlandyň ganymyň alny-ardyndan... Onsoň halys bolup, soňky demiňde Çykdyň bir gün Çehoslowak ýurdundan! Kyrk dördünji ýylyň iýulydy şol, Begenipdiň sen bu ýoly tapanňa. Ýöne garawully, eýelidi ýol, Düşüpdiň sen ýene ýezit gapanna. Özge aýlar, özge ýyllar bir ýana, – Baky ýatda galdy şol gün, şol sene, (Onuň her sagady bir ýyla deň-ä!) Seni eltipdiler... Mauthauzene... ELGARAZ Biz G.Ezizowyň goşgularyndan mysal getirip, şahyr hyýalyndaky kyssanyň poeziýa geçişine, ýüzleýräk hem bolsa, ser salyp gördük. Indi bolsa şahyr galamynyň prozany taraşlap oturan mahalynda, özi bihabar ýerinden «Poeziýa geçişi» hakda iki agyz aýdasym gelýär. Munuň üçin bolsa onuň hälki agzan «Jadyly kepje» atly ýalňyz hekaýajygyny «depip», «agdaryp» görmeli... «Habyp aganyň birtopar çarşenbäni başyndan geçiren çaklaňja kepjesi günüň şöhlesine aýna ýaly ýalpyldaýardy». Hawa, hekaýa ine, şu jümleden başlanýar. Bu ýerde men okyjynyň «aýna ýaly ýalpyldaýardy» diýen sözlere üns bermegini isleýän. Soňra awtor: «kepje her gezek aşak inip, ýokaryk galanda, günüň nury düşüp, OL ALTYN ÝALY LOWURDAÝARDY» diýip, ýene şol ahwalaty nygtaýar we öz körpe okyjylarynyň nazaryny ýuwaş-ýuwaşdan bir ýagty nokada gönükdirip, imrindirip goýýar. Ýaşulynyň agtygy Körpejik baglarynyň astyny depip-ýumşatmak üçin, ýaňky Habyp aganyň kepjesini dileýär. Ýaşuly Körpejige ozal bu kepjäniň jadylydygyny, munuň bilen düýbi ýumşadylan baglaryň üýtgeşik miwe getirip, onuň «edil gant ýaly bolýandygyny» aýdypdyr. «Körpejik «ÝALPYLDAP DURAN kepjäni omurdyna atyp» gidýär. (Ýene ýalpyldy!). Ol «näzijek elleriniň aýasyny pakgardyp» ýer depeninde, dostlary daşyna üýşýär. Körpejigiň elindäki piliň gürrüňi edilýär: – Baý, onuň ÝALPYLDAÝŞYNY! – Bo-how, ÝALPYLDAMAJAK gümany barmy? Bu jadyly pil ahyry! Işläp ýadan Körpejige kakasy kömege gelýär. Kepje işledigiçe «ÝALPYLDAÝARDY»... Hekaýadaky bu ýalpyldy indi seniň gözüňi deşip gelýär we ahyr soňunda-da ol awtoryň emri bilen belent hem mukaddes bir zat bilen badaşdyrylýar: «Onuň (kepjäniň – A.A.) AÝNA ÝALY ARASSA ÝÜZI körpejigiň maňlaýyndaky DER DAMJASY ÝALY durudy»... Meniň pikirim, ine şu-bir obraz. Özünem baryp ýatan şahyrana obraz. Hut şeýle obrazlar hekaýada ýene bar – sebäbi mundan gitjek ýeriň ýok: kyssany şahyr ýazýar! Körpejik başda atasynyň ýanyna geleninde, diýen wagtyndan gijä galyp gelýär. Sebäbi: «Ejem bazara gitdi, men jigime seretdim». Körpejik kepjäni-de ertesi getirmeli wagtyndan giç äkelýär. Sebäbi: «Durdam, Geregem, Aşyram jadyly piliňi bize-de beräý diýdiler. Bizem agaçlarymyzyň düýbüni depäýeli diýdiler». Ýeri, sýužet ýordumyna gönüden-göni dahyly bolmadyk bu «gijä galmalaryň» nämä geregi bolduka? Awtoryň şahyrdygyny unutmalyň. Habyp aga agtygyna käýemäň ýerine iki gezeginde-de oňa berekella berýär. «Berekella, oglum. Ejeňe kömek eden bolsaň, oňat edipsiň». «Berekella oglum. Eger kepje işledilse, onuň jadysy hiç gaçmaz». Diýmek, iki gezegiň ikisinde-de Körpejik haýyr iş bitirip eglenýär. Bu ýerde Haýyryň obrazy görnüp gidýär. Üstüňden basmaýan, agram salmaýan, «bardyryn» diýip gygyrmaýan, – inçeden şahyrana obrazy! Ýene bir pursat. Körpe atasyndan soraýar: «Meniň elimiň gabarçaklary aýrylarmy? – Aýrylar. – Haçan aýrylar? – Düýbüni depen baglaryň ullakan-ullakan miwe berer. Senem ony iýersiň. Ine şonda seniň eliňdäki ähli gabarçaklar aýrylar.» Hawa, men şujagaz açyk dialogyň aňyrsynda «gizlenip ýatan» duýgy-pikiri-de täre, şahyrana obraza ýanamakçy. Bu ýerde-de poeziýadan «ergin» bir alamat bar diýmekçi. ...Üç kagyzlyjak hekaýanyň üç sany şahyrana ganaty bar! Adaty proza ýordumynda, bu hekaýanyň dowamynda okyjy muny duýmasa-da, duýmaz. Sebäbi, ol materialy öwreniji ýa derňeýji däl. Emma bu ganatlar onuň juwan kalbyna «göze ilmeýän mähir ekip», ony biraz belende galdyrar. Sebäbi hekaýany şahyr ýazypdyr. Şeýle oýa batanymdan, bir täsin paradoksyň üstünden baranymy duýman galýaryn: hudožnigiň tebigatynda şahyrana pikirleniş, şahyrana duýgy, elinde – şahyrana serişde näçe bol bolsa, onuň ýüregi, aňy şuňa näçe jomart bolsa, ol göwrümli kyssa eserini dünýä indermekde şonça-da köp görgi görmeli, güzaba, girdaba düşüp, şonça-da ýaýdanmaly. Käte hatda ejizlik duýup, bu tutan işini başyndan aýlap urmaly. Özgän-ä biljek däl welin, özüm-ä şeýle. Haýsydyr bir gahrymanyň edýän-bitirýän işlerini, barýan-goýýan ýerlerini birin-birin ýazyp oturmaga-da bir kanagat edip bolar oguşýar! Sabyr, Takat, Tagapyl – ol prozaçynyň baýlygy hem ýaragy. Duran ýeriňde bir gerimde, ýyldyrym çakan ýaly duýgy, pikir belentliklerine syçrap-siňmek – ol şahyryň ykbaly. Elbetde, Puşkinem bar, Lermontowam. Gaýrylar hem az däl. Ol ussatlaryň prozasyna dil ýetirmek meniň kelläme-de gelenok. Ýöne bu şahyrlaryň kyssalarynyň-da, özüniň-de dünýä ýüzünde-de, her kimiň öz öýünde-de, ozaly bilen olaryň «kakasy» bilen, ýagny ajaýyp poeziýasy bilen tanalýandygyny unutmak bolmaz. Gurbannazar gündeliginiň bir ýerinde: «Poeziýa – gözellik hakdaky ylym» diýip belläpdir. A meniň bolsa: «Poeziýa – prozanyňam, dramaturgiýanyňam, (bu barada-ha Belinskiý «poeziýanyň iň ýokary görnüşi» diýip aýdara hem zat goýmandyr), hatda hakyky edebi tankydyňam – «düşegi» diýesim gelýär. Ýeri, bolýar. Pelsepe otarmany bes edip, Halyl Kulyýewiň şol wada edilen degişme goşgusyna dolanalyň. Ony doly getiräýeliň: Hemmelerem öz dostuna guwanýar, Öz dostuna sarpa goýup ýör hemme. Meniň iki sany söwer dostum bar, Birisi geplemsek, birisi dymma. Lakgylykda ýakasyny tanadýar, Ele alsa al şeraply bulguryn, Beýlekisi bolsa onuň ýaly däl, Haçan gerseň, dymyp otyr ýylgyryp, Birine ýüzlenýän; «Ah-ow, bes indi, Ýüreklere düşdüň ertirden bäri». Beýlekä diýýärin: «Gezek seniňki, . Senem bir zatlar diý, iliňki ýaly!» Az salymlyk dynjyn alýar geplemsek, Onsoň ýene öňki tutum başlanýar, Birinde – kanagat. Birinde – gudrat, Biri gürrüň berýär. Birisi dymýar. Rastym diýsem, iň dogrusy – şulaňky! Otur diýseň, oturarlar hepdeläp, Ynha meň ýagdaýym birneme agyr, Ne-hä dymyp bilýän, Ne-de bir gepläp...* («Güneş», sah. 110-111) Durşy bilen asyllylyga, durşy bilen agraslyga ýugrulan Halyl neresse bu ýerde «ne-hä dymyp bilýän, ne-de bir gepläp» bilýän hut öz gylygyny-da, ýumşakdan «ýüpek» häsiýetli «Gurbannazaryň «haçan görseň ýylgyryp, dymyp oturmak» endigini-de ak ýürekden syzdyryp, bolşy-bolşy ýaly mesaňa-mälim edipdir. Ýöne ol üçünji kimkä? Halyl bu degişmäni kimlere bagyşlandygy barada hiç hili bellik etmändir. ALGYT Kerim Gurbannepesowyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1967-nji ýylyň 27-nji dekabr sanynda çykan «Kämillige tarap» makalasyndan: «Ýazyjylaryň gurultaýynda-da, ýaşlaryň seminarlarynda-da, seksiýa maslahatlarynda-da, özara gürrüňlerimizdE-de Gurbannazar Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň,* Annaberdi Agabaýewiň atlaryny biz näme üçin örän ýygy-ýygydan tutýas? Munuň sebäbi düşnüklidir: bularyň üçüsem (kursiw meniňki – A.A.) – biri-birine, beýlekilere-de meňzemeýän zehinli ýaşlardyr. Bu üçüsiniň dili boýunça-da, öz goşgularyna täze temalary, obrazlary girizişleri boýunça-da başga bir şahyr bilen gatyşdyryp bilmersiň. Şonuň üçinem ýaş poeziýa hakynda gürrüň Edilende, ilki bilen, şol üçüsiniň ady Tutulýar». Gurbannazar Ezizowyň goşun gullugyndan maňa ýazan hatyndan: «Mende soňky wagtlar gaty ýakymly ynam döräpdi. Men oňa sizden aýrylanymdan soň düşünip galdym: gazetler «Üçlük»** hakynda bir topar gürrüň etdiler. Meni gürrüň gyzyklandyranok-da, şol Üçlügiň biri-biri bilen ekstaza goşulyp bilýänligi begendirýär. Biz ähli ýagdaýlarda biri-birimiziň dilini tapýardyk ahyry! A biziň jedellerimiz hakda eýýäm edebiýat dünýäsinde anekdotlar döräp başlapdy. Häzir seredip otursam, şol gyzgyn jedelleriň her birinden soň biz biri-birimize has ýakynlaşýan ekenik»... Hakykatda şeýle bolan bolsa, men şu ýerde, öňde biriniňki ýaly «Dü-ýe!!» diýäýmezden burun, goşgudaky «lakgylykda ýakasyny tanadany» birhowa umumylaşdyrybrak, simwoliki manyda tekrarlaýsam, meni tananýanlar-da bu setirleriň awtoryny edil häzir başgaça sözletdirjek bolup durmazlarmydyka diýýärin. Elbetde, «düýä müneňsoň» ýapyrylyp ýöresi işem ýokdur – bu üçünji häsiýetiň meniňki bolaýmagam gaty ähtimal. «Ýören aýaga ýörme oralar» diýipdirler – üç bolup köp ýörüpdik. Ýöne, şeýle diýlip düşüniläýeninde-de, men şol ýyllaryň «student otaglarynyň» «Gullaýewiň däbindäki» däl, biraz «täzeçilliräk» edebi söhbetlerimizi okyjy doly göz öňüne getireri ýaly, bu ýerde Öwezmyrat Babaýewi-de, Abdylla Myradowy-da, Mämmet Seýidowy-da, Saýlaw Myradowy-da, Italmaz Nuryýewi-de (ählisiniň gulaklary göründen ýaňa!), başlary dik gezip ýören Orazmyrat Gurdowy-da, Ylýas Hommadowy-da, Baýramjan Gurbanmuhammedowy-da, Öwlüýäguly Möwlamowy-da, Annaly Berdiýewi-de, Hojanepes Meläýewi-de öz gapdalymdan aýramok. Bu gerçekler hem, tüweleme, «az salymlyk dynjyn alýan» şol «geplemsegi» kyn pursatda, ýagny onuň bir özi eňegine tutup «işlemeli» bolýan çagynda, ýeke goýmagy özlerine uslyp bilmezdi- ler, oňa dostlarça, ärlerçe gol uzadardylar. «Gyzgyn» pursatlarda, baý, hamrakdyg-a! Gyzmaç söhbetdeşligi, ýiti jedelleri halaýan, soň-soňlar bu barada «jedelde söweşsek, almarys ýara, diňe goşgymyzyň ýarasy biter» diýip ýürejigini döken Gurbannazaryň tüýe göwnünden turup, ol geplemsegiň «ýeňiliberenini» gördülermi, ýanky agzalanlarynyň hemmesi ur-tut «doganlarça» kömege ýetişerdiler!.. Gep başy hem «eşek ýassygy» bolup, sessiz-üýnsiz oturan biri barka, ony üýşüp-üýşüp «ýepbeklemäniň» nähili hezildigine sizem düşünýänsiňiz-ä! Ýogyny ýonup iý... horam bolsa! Ýöne... Hiç bir mahal, hiç bir jähetden dynnym ýaly içigaralyk edip ýa-da «buz üstünde tozan arap» däl! Ol tetellä biziň oturylyşyklarymyzda orun ýokdy. Muny hiç kim inkär edip bilmese gerek! Hawa, şeýledi... Hemişe bolmasa-da, köplenç halat-da şu, öz tutan deliliňden zor, güýçli delil ýokdur öýdüp, eňerdik... Ýa size mysal gerekmi? Baş üstüne!.. Ynha mawy gözli «dymma» pyýada ýerinden turýar (ýa dyzyna galýar). Goşgynyň adyna «Internasional» diýýär! – diýip, ol jar çekýär-de, nazaryny nirädir uzaklara gönükdirýär hem-de her sözüni beýniňe çüý kakan ýaly kakyp, goşgusyny okap ugraýar: Öwüsýär zamanaň ýaşyl ýelleri... Aňry geçibilse, geçsin-dä... Bu setiriň «ýere gaçaryna» mähetdel, şol bada gapdalyndan sesler ýaňlanýar: «Ýaşylam» bir ýel bormy, inibatyr? – «Wihri wraždebnyýe weýut nad nami»... Rusça bolýar munyň! A şahyr dowam edýär. Goşgynyň ahyrky bentlerine çenli ýetýär: Biri aýdym aýtdy enesi hakda Biri Marsa ýetip, Aýdanam çykdy... Ýöne oturanlar kem galaýanok belli: – E-e-eý, tersine aýtmaň näme? «Aýdanam çykdy»... Mars Aýdan aňyrda ahyry! Aý – Ýere iň ýakyn planeta! «Aýa ýetip, Marsdanam çykdy» bolmaly... Näme kelläni moroçit edýäň? Şahyr ýylgyrýar-da, «Lenin» atly goşgusyny okap ugraýar: Leniniň ullakan kellesi deýin Oňat niýet bilen aýlanyp dur Şar... Gapdaldan: – Täzelik däl, geň galdyrmaýaň!.. Woznesenskiden çilnen, «Lonžýumo» poemasyndan. Ine, diňle: «A rýadom ležit w oblakah alebastrowyh Planeta – kak Lenin mudra i lobasta!» «Atlar ýataklarda horguryp durlar» – diýip, Gurbannazar täze goşgy okaýar we onuň soňky bendine ýetýär. Geň görmeli, oturanlaryň ýekeje-de belligi ýok. Ine-de soňky bent: – Topragym! Ykbalym – bir oňat zada, Kök urupdyr saňa juwan ýüregim, Seniň bilen men mukaddes nikaly, Seniň bilen, meniň agras Watanym! Heý-de, bellik bolmazmy! Dökülýärler: – Bendi täzeden göçür! Bulaşyk. Diliňi oňar! – O nähili «agras Watanym» bolýar-ow? – Rusçaň äheňem bar. Türkmen öz Watanyna hiç mahal «seniň bilen men mukaddes nikaly» diýmeýär. Bu-rus aýdymyna öýkünme: Kak newestu my rodinu lýubim, Berežem, kak laskowuýu mat! Gurbannazar başyny, bir görseň, makullaýan ýaly egip, bir görseňem, «aýdyberiň, aýdyberiň. Men özüm gowy bilýän nämäň nämedigini» diýýän ýaly, ikiýana ýaýkap ýylgyryp, sessiz diňläp otyr, Diňläp bolubam, ýene täze goşgy okaýar: – Sag bol, durmuş, Sag bol, bereniň üçin. Şükür, saçagymda kemenok çörek. Ýöne adam Çörek bilen adam däl, Oňa başga-da kän, Kän zatlar gerek! Ýene-de sesler göçýär: – Orsça! Orsça munyň... «Ne hlebom ýedinym žiw çelowek»! Bu sözler Iisusyň, Isa pygamberiň daga çykyp aňdan wesetiniň biri! – Isa pygamberden gaýdýan bolsa, o näme üçin hökman «orsça bolýarmyş»? – Belki, awtor şunuň Isanyňkydygyny bilip, bilgeşleýin şeýle ýazýandyr?! Ýogsa-da, seniň «şükür» diýmäň näm-ow? «Şükür, saçagymda kemenok çörek»... Kime şükür diýjek bolýaň? Hudaýamy? Ýa magazinçä? – diýip, üçünji biri hem şahyra hudaýhonlyk ýöňkemäň bäri ýanyndan gaýdýar. Ol döwürde şeýle günäniň jezasyny bolsa, siz oňat bilýänsiňiz. Gije sagadyň näçä barany bilen bu wagt oturanlaryň hiç biriniň işi ýok. Goňşy otagda Gurbannazaryň çagalary, ene-atasy bireýýäm süýji uka gidipdir. Bu zatlar hem oturanlaryň azaryna däl. Bu ýerde gezek-gezegine goşgy okalyp, sesler asmana göçýär. Köplenjem Gurbannazar okaýar. Şonuň üçin taýagam köp halatda onuň bir özüne degýär. Oglanlar muny, çakym, hem-ä ony hemmesi gowy göreni üçin şeýdýär, hemem onuň okaýan şygyrlarynda, dogrudanam, Ýewtuşenkoly, Woznesenskili, Roždestwenskili, Ahmadullinaly, Okudjawaly «galkynan» döwrüň «demine düşmeklik», ýagny belli bir derejede olara «öýkünjeňlik», galyberse, bir eşidäýmäge «gulagyňy sypjyrdyp» gidýän tagaşyksyz setirler, jümleler bolany üçin. Ine ol ýene okap ugraýar: Neneň oňat! Şol ýagyşlar ýagyp dur!.. Ses: – «Neneň oňat» diýlenog-ow türkmende! «Oňatdygyny» diýilýär. Dogry-da, walla! Başga goşgy ýaňlanýar: ...Halas boluň, esgilerden, doklukdan, Şum adamdan, köçeleriň itinden... Şol bada-da setirler ýene «oka tutulýar»: – Köçeleriň it-ä düşnükli welin, «esgileriň» näm-aý? Köpbilmişiň biri düşündiriş berýär: – Näm-aý şoňa düşünmän? «Esgiler» – daşary ýurt geýim-gejimidir-dä! Stilýagalaryň jort atyşyp geýýäni! – Beýle bolsa, ol setir: «Halas boluň, del soýkadan, doklukdan» bolmaly-da! – diýip, ýüzüniň ugruna düzedip redaktirläp oturanlaram bar. Gurbannazar «Ýogalýar eneler, ýogalýar, arman» diýip başlanýan goşgusyny okaýar: Watan üçin baş goýýarlar ogullar, Bärde enelermiz galýarlar ýetim... Sesler: – O nähili, «enelermiz galýarlar ýetim»? Ene-de bir ýetim galar oguşýa, çaga ýetim galar-da! Dogry-da, walla! – Ýene Woznesenskiden kakypdyr-laý... Ine: Materi siroteýut Deti ih pokidaýut, Ty moý rebenok, mama, broşennyý moý berenok! Şahyr «Göwnüm» goşgusyny okaýar... SÄKIN Şu goşgynyň ady tutulsa, men Gurbannazaryň başga bir degişme setirlerini hiç ýatlaman durup bilemok. Ol şol ýyl ýazyjylaryň Ýaltadaky Çehow adyndaky döredijilik öýüne seminara gidipdi. Şol ýerdenem Ýazyjylar soýuzymyzyň apparatyndaky işdeş ýoldaşlaryna goşgy bilen bir degişme hat iberipdi. Hatda «Hany galam gaşlym, ol Annaberdi» diýen ýaly sözlerden başga-da (bu ýerdäki ýumory diňe meniň gaşyma beletler aňýar), «Kolýaň boýy ýaly uzyn çüýşäniň dykysyn aýyr-da, ur diýýär göwnüm» diýen setirler bardy. Ol wagt Wengriýanyň uzyn çüýşeli ýeňiljek «gury» çakyrlary satylardy. Ýöne esasy ýeri bu däldi-de, Kolýany – şindiki «Aşgabat» žurnalynyň işgäri galamdaşymyz Nikolaý Nikitiç Zolotarýowy köp adamlaryň tanaýanlygyndady. Arada men onuň boýuny ýörite öz dilinden eşideýin diýip soradym. Nikolaý: «Şol hat ýazylan döwürden bäri näme üçindir iki santimetr gysgalypdyryn. Häzir indi – bir metr togsan dokuz» diýdi. Gurbannazaryň käte oýun edip oklaýan meňzetmeleridir kapiýalaram bir eşideniň hakydasynda hemişelik galýardy. Sebäbi hatda şolar hem juda ýokary ussatlygyň, kämilligiň alamatydy Ol bir gün Moskwadan gelip, maňa şeýle diýdi. Myhmanhanada öňki ministr Geldi Hojagulyýew bilen bir otagda ýaşadym. Ol her gün ir bilen turup, ýuwnup bolýas welin, maňa bir gök elliligi uzadyp: «Gurbannazarjan, bar şu etaždaky bufetden garbanmaga bir zat getirsene!» diýýär. Bir gün gitdim, üç gün – günde-de ellilik! Düýnkiň gaýtargysyndan beräý diýsemem, ýene ellilik berýär. Menem aldym-da, iki setir goşgy goşaýdym: Otagdaş ýoldaşym GELDI HOJAGULGY, Bir özi eklejek ELLI HOJALYGY! ...Hawa, darajyk otagda «Göwnüm» diýen goşgy ýaňlanýar: – Aglaly bile, güleli, Myrat tapsyn maksat tutan, Biz näm bolsak, şo bolaly, Bolsa bolýa eziz Watan! Eýsem, bu goşgynysam setirlerine häzir ujyz sypma ýok: – Dobronrawow! Pahmutowanyň aýdymy: Žila by strana rodnaýa I netu drugih zabot! Bir çilim otlanylandan soň, köp-köp agşamlarda hyruç bilen okalan «Ballada» atly goşgynyň setirleri eşidilýär: Söýdüm asmanyny, iliňi seniň, Italiýa, Italiýa, Italiýam meniň! Ses: – Agynjak Swetlow: «Grenada, Grenada, Grenada moýa!» Täze goşgy başlanýar: Aty debisläp çapma Säher duman içinde... Ýene ses: – Ýamşik, ne goni loşadeý... Liriki setirler ýaňlanýar: Söýgi setirinden çemenlik bogup, Ýazýaryn. Men diňe şoň bilen diri... Ses: – Orsça! Maýakowskiý: «Ýa – poet. I etim interesen!» Elbetde, aýdylýan bellikleriň köpüsi ýapa degýän-de bolsa, olaryň arasynda ýöne bir «asylyp galmak» üçin oklanýanlary-da az däl. Hormatly okyjym! Gel, indi şu ýerde men bir syry saňa aýan edeýin. Dürli günlerde, hatda dürli ýyllarda, dürli adamlaryň üýşmeginde bolan bu «şygyr okaşyklary» men ýokarda bilgeşlin bir agşama jemläp ýygdym. Şol «agşamlaryň» temperaturasy asyl «gradusyna» ýetsin diýdim. Ýöne şuny şeýdip göz öňünde janlandyrjak bolup otyrkam-da, başga bir şahyryň başga bir edebi agşamlardaky bolşy ýadyma düşdi. Onuň hem biziň bu gürrüňimize belli bir çäkde dahyly bolmagy mümkin diýip pikir edýärin. Meniň ýadyma salanym – beýik Maýakowskiý bilen ençeme ýyl tirkeşen tanymal sowet ýazyjysy Lew Kassiliň öz ýatlamalar kitabynda bu şahyryň edebi agşamlaryndaky häli-şindi gopan goh-galmagallary birin-birin beýan edişi. Sowet poeziýasyna özüniň üýtgeşik bir del dünýäsi bilen aralaşan Maýakowskä şeýle agşamlarda diňleýjiler diýseň gödek daraýan ekenler. Atly-owazaly bu şahyry diňlemäge barýan şol jemendäň aglabasy professionallar (dilçiler, edebiýatçylar) däl-de, kanselýar kagyzlaryna ýa-da aluw-satuwa gümra, galyberse zawod-fabrik işçileri, garaz, başly-barat märeke borly... «Märeke» diýilýäni – okyjylar auditoriýasy, halk köpçüligi bilen deňäp bolmaýar. Esasy gürrüňini edýän şahyrymyz Gurbannazar Ezizow-da «märekäni», ýagny rusça aýtsak «tolpany» juda düşnüksiz hem wehimli hasap edýär, onuň bu pikirine, gepiň gerdişine aýtsam, özüm hem goşulýaryn. Ol şeýle ýazýar: Hemme kişi bagtly güni aglanok. Adam diýen gülenogam hesretden. Eý, märeke, hiç düşünip bilemok: Mähirlimiň? Gaharlymyň? Näme sen? Hawa, biziň günlerimizde, meger, intellektual märeke-de bolsa, bardyr. Ýokarky setirleriň şoňa degişli bolmagy-da mümkin. Ýöne biz häzir işçi klublarynda Maýakowskiniň daşyny gallan, oňa gyjyt bilen daran ýigriminji ýyllaryň märekesinden ünsümizi sowmalyň. Beýik şahyr şondaky şol agşamlarda özüne «içi güjükli» sowallary oklaýan dili şerebeli köpbilmeşleriň birindenem gep alyp galmaýar. Olary özlerinden beter duzlaýar (Maýakowskiniň duşuşyklarda aýdan sözleriniň käbiri birmahal aforizme döndi!). Käbir adamlary bolsa («märekäniň» bir ülüşini) duşuşykdan kowmaga hem çekinmeýär. Moskwanyň politehniki muzeýiniň zaly... (Ýadymda, bu zalda Gurbannazar ikimiz hem bir gezek çykyş edipdik. Adatça, bu ýerdäki edebi agşamlar Maýakowskiniň goşgy okaýşyny görkezýän dokumental kinokadrlar bilen açylýar). L.Kassil şu ýerde geçirilen edebi agşamlaryň birinde Maýakowskiniň diýenlerini şeýle ýatlaýar. Maýakowskiý: – Eý, siz, üçünji hatarda oturan kişi! Altyn dişleriňizi beýle eýmenç ýalpyldatmagyňyzy bes ediň! Eý, bärki! Siz bolsa eliňizdäki gazeti häziriň özünde ýok ediň! Ýogsa-da şu zaldan gümüňizi çekiň! Bu ýeri okalga däl, bu ýerde okalanok, bu ýerde maňa gulak asylýar! Nä-äme? Men size ýaramokmy? Onda ynha üç manat – satyn alan bilediňiziň bahasy! Sizi egleýän ýok, ugraň şundan!.. Sizem, eý, beýledäki! Hany, ýapylyň! Näme gursagyňyzyň gylyny güjeňläp otyrsyňyz? Siz adam däl, – boş şkap!.. G.Ezizowyň bize goşgy okanynda beýle-beýle sözleri diline almak kellesine-de gelmezdi. (Ýogsam, onuň öler jany ýatlama kitaplaryny, oçerklerini okamakdy, Maýakowskiniň bu bolşundan ol habarlydy). Ýöne goşgy okaýan mahaly gümür-ýamyr edilse, hümürdi çyksa ýa bir zat şakyrdadylsa, mawy gözlerini ejizledip, gaty ýokuş görerdi. ...Ýene bir syryň aýany. Has dogrusy, öňki sözümiň üstüne ýetne. Men ýaňy ýokarda Gurbannazara aýdylýan sözleri, şol edebiýat oturyşyklaryna dartgynlyk bermek maksady bilen, bilgeşleýin dialog formasyna saldym. Hakykatda biz öz belliklerimizi, näçe bisabyr, «gyzmaç» bolsak-da, diňe goşgy doly okalyp bolansoň aýdýardy. Gurbannazaryň goşgusyna, özüne aýdylýan bellikler üçin, kämahallar hatda olaryň gödegräkleri üçin-de ýa gatyrgananyny, ýa bir diýleni «içine salyp», kimdir birine kine-kitüw saklanyny men ýekeje gezek hem görmändim. Onuň edähedi: ýylgyryp diňlär, bir salym dymar, ylalaşmasa, «seniňki dogry, aýdyber» diýip, kinaýalyja seslener. Soňam: «Aý, onda ýene biri! Şunam bir diňläň!» diýer-de, täze goşga geçer. Goşgy bolsa onda kän. Öňem bir ýazgyda aýdyşym ýaly, ony haçan ýazyp ýetişýänini bilýän ýok... Meniň pikirimçe şeýle halatlarda Gurbannazar, özüniň ýazyşyna laýyk, iki pikire gulluk eden bolmaly. Bir tarapdan: ...Ýöne adam diýen ýalňyşýar käte, Olar perişde däl ýalnyşmaz ýaly. Özünem, bu pikir – onuň özüne-de, «üstüne zyňýanlara-da» deň derejede degişlidir. Ikinji hakykaty bolsa, ol mizemez prinsipe öwüripdi. Bu onuň hem öz durmuş ýörelgesini, hem-de dostlaryna bolan ak ýürekli gatnaşygyny kesgitleýärdi: Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan Gelmäweriň leşger çekip, dökülip, Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän Göni göze bakýan sagdyn gödeklik! Muny şahyryň has gysby hem zabun aýdan ýeri-de bar, bu sözler indi nakyla çalym edýär: Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy! ...Hawa, häzir bolsa häliden bäri gaýtalanyp huşa gelip, zol «dile düşmäge» dilenip duran ýene bir pursat – şahyr hem žurnalist dostumyz, aramyzdan ir giden Eduard Ýewgenewiç Sklýar bilen bagly. Ol pahyr şu zeýilli «edebiýat oturyşyklaryndan» soň köplenç «Molodsy, rebýata!» diýip hoş bolardy. Bir günem Gurbannazarlardan gaýdyşynymyz ol türkmençeläp, maňa şeý diýdi: – Annaberdi, Dmitriý Kedrin diýen sowet şahyrynyň «Meýhana» atly bir gowy goşgusy bar. Eger görmedik bolsaň (ol «görüpmidiň şony?» diýmedi, sebäbi bihabar bolsam, söhbetdeşiniň utanmalydygyny aňýardy, bu ýokary medeniýetliligiň iň bärkije alamatydy), men saňa ony bereýin, häzir meniňkä degeli. Lenam ýatan däldir, maňa garaşýandyr... Sen şol goşgyny al-da, terjime et. Men Edigiň (ýaşynyň bizden uludygyna garamazdan, biziň ählimiz onuň adyny «Edik» diýip tutardyk) beren şol goşgusyny, tutuş kitabyny lezzet alyp okadym. Soňra hem onuň maslahatyna eýerip, «Meýhanany» terjime edip, «Ýaş kommunist» gazetinde çap etdim. Sebäbi, Kedriniň bu «Meýhanasynyň» biziň, ýaş şahyrlaryň, şol ýyllardaky «çaýhanasyna» gönüden-göni dahyly bardy. 1945-nji ýylda 38 ýaşynda öz öýüniň gapysynda bir pälazanyň gamasyndan heläk bolan Dmitriý Borisowiç Kedrin bu ajaýyp goşgusyna beýik Saadynyň: «Kisesinde müşki-anbary bolan müşki-anbarym bar diýip jar çekmez. Onuň barlygyny burky habar biýr» diýen dana sözlerini epigraf edip alypdyr. Ine şol goşgy: Şahyrlaryň edähedi jem bolşup, Bir-birini çykarmakdyr püçege, Muhammet Omara barmak çommaldyp, Ters mündürip otyr ony eşege. Ters öwürip o pahyryň imanyny, Art aýakdan ala tozan sowurýar «Sen ahyry, haram ogry, «Diwanmyň» On bäşinji setirini ogurlan! Seniň ýaly haramynyň ýolundan Aýak sekjek telbe tapylmaz ylla!» Gojalar baş atýar ýatan ýerinden, Juwanlar gop berýär: «Aý, berekella!» Omar bolsa daş işikden jöwjerip, Jyzýar: «Näletkerde, tök haramzada, Hudaý seni ýalkamasyn eý görüp, Ýüzleriň düşmesin sypaýy zada! Gorsuz ýören gorra, ajy garyn sen, Seň gazal ýazara hakyň ýok, walla!» Gojalar baş atýar ýatan ýerindei, Juwanlar gop berýär: «Bo-oý, berekella!» Diňe ýalňyz biri meý süzüp ümsüm, Diýdi: «Ýat edeliň hakyň adyny. Ýeri, nätjek munça ajyny pürküp!» ...Ol şygyr ýyldyzy ýagty Saadydy. Döwür döndi. Ýanky iki diwana Dönüp gitdi haşal basan meýdana. Saady bolsa döndi kümüş surnaýa, Saada gulak goýdy gadym meýhana! Hoşbaý güller deýin burk urup sözler, Süýjedi bal bilen miwe deý ylla, Törden baş atmady çal saç gojalar, Juwanlar diýmedi bir «berekella!» Ýürekler ereýip, sözi meýmiräp, Doldy guş owazly ýaýla, gujaga... Şahyrlaryň edähedi şeýleräk Bir-birini çykarmaklyk Püçege! Kedrinde goşgynyň başynda hem ahyrynda (bir söz üýtgedilip) gaýtalanýan goşa setir has-da zabun aýdylypdyr, meniň ony biraz sypaýylyşdyran bolaýmagym-da ähtimal: U poetow ýest takoý obyçaý – W krug soýdýas, OPLÝOWYWAT DRUG-DRUGA... («Şahyrlaryň aý berip üýşüp, bir-biriniň ýüzüne tüýkürişmek edähedi bardyr»). Elbetde, bu «oplewywat» sözüne göni manysynda düşünseň, şeýle. Ýöne «püçege çykarmak» hem ondan enaýy zat däl. Hawa, Kedrin aýtmyşlaýyn, şahyrlaryň edähedi näçe zabun hem bolsa, ýene bir ýola nygtaýaryn, «bir-biregi püçege çykarmak» niýeti biziň «çaýhanamyzyň» duzuny dadanyň hiç birinde hiç bir mahal bolmandy. Ol niýetli adamlaryň jedeli-söhbeti «samanhana» çenli bolup, biziň bilen uzak gidip bilmeýärdi. ...Ynha Gurbannazar ýaňyja soňuna nokat goýan «Meniň neslim» atly täze poemasyny okaýar: Yzda goýup «Algebrany», Puşkini, Yzda goýup ýygylmadyk çemeni, Gitdi şäherleriň gözüniň nury, Ýüzüniň tuwagy – ýigdekçeleri... Munuň original kapiýasyny ýa oýlanyş usulynyň tämizligini, milliligini aýdýan ýok. Gaýry-gaýry sesler ýaňlanýar: – Uruşda ölen rus şahyry Semýon Gudzenkoda şuňa meňzeş setirler bar. Ol ilk-ä: «My byli wysoki, rusowolosy» diýýär, soňam urşa gitdik «ne dolýubiw, ne dokuriw posledneý papirosy» diýýär. Meňzeş gerek? Gaça dur-ow, gaça dur! Şahyr hemişekisi ýaly ýylgyrýar-da, dowam edýär. Gürrüň indi asman Kuýaşy hakynda barýar: ...Ol Aziýaň dar hem süýri gözünde Ýewropanyň mawy gözün ogşaýar... Şahyrana abstraksiýanyň ýeten derejesi hakynda, täsin obrazlylygyň tapylyşy barada gürrüň ýok. «Gara gömlen ölmez, una gömlen öler» edilip, ýene-de sop-sowuk şemallar öwüsýär: – Kiplingiň äheňi: «Zapad ýest Zapad, Wostok ýest Wostok». – Tersine, Oljas Süleýmanowyň «Zemin, ynsana tagzym kyl» poemasyndaka ýakyn: «Net Zapada! Net, Wostoka net!» Gaça dur-ow, ýoldaş, dogry-da, weli!... Setirler bolsa dowam edýär: Oýanýar ukudan agyr adamzat, Ýaşaýyş ýene-de bat alýar ýerde... Seslerem dowam edýär: – O nähili «agyr adamzat»? «Oýanýar agyr ukudan adamzat» bolmaly bor-da... Äý, walla! Ýene: Döwür! Sen ýel bolup äkit we äkit Olaň romantiki ýelkenlerini! Seslerem ýene: – «Äkit we äkit». Şonnanam bir gep bormy, inibatyr? Munyňy: «Nesi i neri» diýip rusça ýazmaly ekeniň, biz-ä beýdip gürlämzok! Gurbannazaryň häli-häzirlerem mekdep, student, umuman, köpçülik agşamlarynda ürç edilip sahnadan okalýan «Rewolýusiýa» atly meşhur goşgusam, wagtynda şol oturyşyklaryň iňňän ownuk gözli eleginden geçirilipdi. Şahyr: Gerbi orak-çekiçdi, Deňlik isleýä, Bu gün köçä çykypdy Re-wo-lýu-siýa! diýip başlanynda, onuň Jon Ridiňki ýaly erkana gerimine, içki buýsanjyna üns berýän ýokdy-da, esasan, «ýalňyş tapýan» bardy: – Ýalan aýdýaň! Ýalňyş... Rewolýusiýa köçä çykanynda, şindi işçi-daýhan häkimiýetem, Onuň «orak-çekiçli gerbem» ýokdy. Tersinden başlaýaň! Hiç bir sypaýyçylyksyz sözler... Dünýä edebiýatynda gaýtalanmadyk zadyň az-azdygy, Gomerden başlap şu güne çenli ýazyjylaryň galamynyň astynda bary-ýogy ýüzden gowrak temanyň «oýnalyp» gelinýändigi bilen, rewolýusiýanyň köçä çykmagynyň orak-çekijiň köçä çykmagy bilen barabardygy bilen kelle döwüp oturan ýok. Bu ýerde «ýalňyş gidäýmesin», «düzüwden düzüwi bolsun» diýip, aladalanýanlar bolsa, näçe diýseň bar. Bu ýerde oturanlaryň asyl sypatyny Kerim Gurbannepesowyň başga bir adamlara bagyşlap ýazan setirleri bilen has doly suratlandyrmak mümkin: ...Öwlüýä dek mukaddes saklapdy olar Ynsap, Salam, Edep, JEDEL hormatyn. Mukaddes Salamyň hatyrasyna Biri-birisiniň gözüne bakyp, Mukaddes Ynsabyň hatyrasyna Käte bir-biregiň göwnüni ýykyp, Mukaddes Jedeliň hatyrasyňa Goç dek süsüşmegi başaryp olar, Mukaddes Edebiň hatyrasyna Erte säher ýene duşuşypdylar... «Edep» sözüniňem soňuna arap grammatikasyndaky köplük goşulmasyny goşsaň – «EDEBIÝAT» bolýar-da! Bu oturan adamlara degişli edilip aýdylanynda bolsa, – POEZIÝA! Ýagny, «poeziýanyň hatyrasyna», Men Gurbannazar öz goşgularyny görkezmek üçin, «ýeňillik etmeýän» oba-şäherlere çykan mahaly, onuň başynyň turuwbaşdan ýerli-ýerden sypalman, eýsem niçeme «dowzahyň» içinden geçmeli bolandygyny ýatlatmak üçin, ýokarda şeýle «oturyşyklardan» mysal getirdim. Özünem diňe bir «užuny». Olar ýaly oturyşyklar «hudaý gün berse» bolupdy diýäýsem-de, ýalňyşman. Şonda Gurbannazara çendenaşa öýkünjeň, diliň prozalaç, rusça pikirlenip ýazýaň diýenler-de az bolmandy. Bularyň barysyny dymyp göterip oturmak üçin äpet ýürek bilen giň göwrüm gerekdi. ALGYT Men şu ýerde Gurbannazar Ezizowyň dürli ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan makalalaryndan iki sany algyt getirmegiň ýeri geldi hasap edýärin. Sebäbi, men adamlary häzire çenli «bir tarapyna» gürletdim. Beýleki tarapam okyjy eşidip, bilip galsa, dogry bolar. «Beýik şahyrlaram, talantlaram başda öýkünmeden başlandyrlar. Meňzeşlik diýlende, bada bir pikiri beýleki bir şahyryň gaýtalamasy diýlip düşünilýär. Meniň pikirimçe, bu nädogry. Ýer Şarynyň her tarapynda ýaşaýan iki adam bir pikiri gozgap biler. Ýöne şol pikir şahyrana işlenmese, isleseň-islemeseň, meňzeşlik gelip çykýar». (G. Ezizow, «Seminaryň bosagasynda oýlanma», «EwS»,* 23.12.67ý.) «...Kim şu eserlerde düşnüksizlik, formalistik meýiller bar diýip biler? Eýýämden tankytçylaryň haýsy tarapa seredýändiklerine düşünýärin. Eger men tarapa seredýän bolsalar, bir zat: düşnüksizligim üçin ilki bilen özüm günäkär. Ýöne gep formalistik meýilleriň mende güýçlüdigi üçin däl-de, şahyrçylyk ussatlygymyň kämil däldiginde». (G. Ezizow, «Ene-de poeziýa barada», «E we S», 14.06.67ý.) Meniň «äpet ýürek bilen giň göwrüm» diýýänim ine, şu. Gurbannazarda bularyň ikisem bardy. ...Şahyryň ýanýoldaşy Halnabat Ezizowanyň (Gurbannazar onuň adyny «Hally» diýip tutýardy hem-de degişip: «Görýärmiň, Magtymgulynyňka – Meňli, meňkem – Hally. Olam şahyr. Menem! Olam zergär. Menem» diýip, onuň öz sözüni ulanyp aýtsak, «güpleýärdi».) «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap bolan iňňän dogruçyl hem sadaja ýazgylarynda belläp geçişi ýaly, Gurbannazar bir ýazan zadyny, dogrudanam, täzeden işläp, depderden depdere göçürip ýörmegi kän bir halamadyk borly. Meniň düşünişime, bu häsiýet onuň döredijiliginde iki zadyň gürrüňini etmäge sebäp boldy. Ol şeýtmek bilen, bir ýandan-a, bizi özüniň köp halatdaky geň-u-del pikirleniş usulyna boýun etdi (Okyjy oňa käbir edebiýatçylardan-da öňräk uýgunlaşdymyka diýýärin). Ikinji tarapdan bolsa – onuň birgiden goşgularyndaky säwlikler, «dil normalaryny» bozmalar onuň bir özüniňki bolup, durşy-durşuna galdy. Birnäçäniň erk islegine dogry gelmese-de, bu onuň öz içki dünýäsini, şahyrana tebigatyny, onuň aýratynlyklaryny, «ýylylygyna» bize alyp galdy. Stilistik nätakyklar her zamanda-da bolan ekeni. Şol ýalňyşlyklar bolmasa, çyn ýazyjynyň içi gysarmyş diýibem bir gürrüň bar. Beýik Puşkin şuňa meňzeş ýagdaý hakynda şeýle ýazypdyr: Kak ust rumýanyh bez ulybki, Bez grammatiçeskoý oşibki Ýa russkoý reçi ne lýublýu... («Grammatik ýalňyşsyz rus dilini men ýylgyryş alamatsyz al lebleri söýmeýşim deý, halamok») Kassiliň Maýakowskiý baradaky ýatlamalaryndan ýene bir jotdaja parça. Bessarabiýanyň Kotowskiý adyndaky kommunasynda şahyry diňlän adamlardan soraýarlar: – Şu goşgular size düşnüklimi? – Nokadyna deňiç düşnükli. – Nämüçin beýle? – Näbileli... Onuň öz sesini diňleýäň welin, ähli «at düşnükli bolaýýar. Özüň okaňda-da, zol büdräp dursuň. Gurbannazaryň hem öz goşgusyny özüniň bir üýtgeşik okaýşy bardy diýsem, ony diňlen adamlar sözümi makullasa gerek. Kitabyny okanyňda nazaryňy sägindirýän ençeme säwlikleri bu goşgulary şahyryň özi okanynda, «gulagyň bilen tutup aňjak» gümanyň ýokdy. Onuň belentden owadan sesi bardy. DILLER IÇINDE... «ONYŇ ORSÇA BOLÝAR, INIBATYR!» ...Bu sözler, dogrudanam, kän sapar ýaňlanan sözlerdi. Gurbannazaryň rus dili bilen arasy nähilidikä? Onuň bu dili nä derejede bilip, oňa nä derejede uýgunlaşandygy barada (şahyryň rus edebiýatyny, şol sanda klassyky şahyrlaryny, dünýä şygryýet mirasyny oňat özleşdirendigi hakynda-ha hemmäniň pikiri birmeňzeş) dürli gürrüň edýärler. Kärdeşlerimiziň bir topary: «Oglanlyk ýyllary oba içinde – Gökdepede (Söwütlide), Büzmeýinde, Kükürt zawodynda, Tejende geçip, uly şäherleri görmedik ösdürim rus dilini näbilsin-aý! Soň-soňraky wagtda Aşgabadyň 29-njy mekdebinde, student ýyllary uniwersitetde öwreneni öwrenenidir-dä» diýýärler. Ýene bir toparam: «Onda näme onuň goşgularynda häli-şindi rus şahyrlarynyň, rus aýdymlarynyň äheňine duş gelýärsiň? Näme üçin onuň döredijiliginden käte ilki rusça düzülip, soň terjime edilene meňzeş jümleler çykýar?» diýip, sowal berýär. Öwezmyrat Babaýew pahyr bolsa, Gurbannazar bilen mazaly öwrenişensoň, keýpiniň kökräk wagty onuň ýüzüne: – Sen, inibatyr, kitap şahyry. Özünem şu genial kesgitlemäni ilki bolup tapan Ö.Babadyr! Şeýle gerek, ýalan aýdamok gerek? Ber eli! – diýip, gülüp-ýaýnap, keýpden çykyp, oňa elini uzadardy. Gurbannazaram köplenç gözüni gyrp-gyrp edip, «Seniň aýdanyň, agasy!» diýerdi-de, onuň äpet aýasynyň ýüzünden öz aýasyny bir hili ýumşajykdan gyýtak sürüp goýbererdi. Ýadyma düşýär, şular ýaly bir oturyşykda Gurbannazar dostuna «bäş bermegiň» ýerine onuň serilgi duran aýasyna öňündäki duz tabakdan aldy-da, bir çümmük duz ataýdy. – Wäýt munyň näm-ow, men muny başyma ýapaýynmy? – Diliňe ýap, agasy!.. Hasam duzluja bolar ýaly! Eý, merhemetli ýoldaşlar, indi bu adama kän golaýlaşaýmaň, – duzlar! Dili duranja şerebedir! Bu, elbetde, türkmençe edilen söhbet, a biz Gurbannazaryň rus dilinden baş çykaryşy barada agzamakçydyk. Käbir gruzinler ýa-da Pribaltikada ýaşaýan ýerli milletleriň wekili bolýar. Olar rus dilinde diýseň gödek aksentli sözleýär. Ýöne şol adamlaryň rus sözleriniň dürli öwüşginlerini ulanyp, her jümläni şeýle bir gaýym hem dürs düzüp gepleýişlerine üns berseň welin, haýran galyp oturmalydyr. Şu kysmy adamlardan öz içimizde meniň tanaýanym merhum tankytçymyz, obadan on klasy gutaryp Aşgabada okuwa geleninde, rusça gepini düşündirip bilmeýän, soňam ony köki damary bilen eline alan Abdylla Myradowdy. Gurbannazar hem şeýle gruzinleri, pribaltlary, türkmenleri ýatladýardy. Meniň bu diýýänime müňkürlik etjek az däldir. Sebäp rusça gezek geleninde şahyr, göwnüme bolmasa, hemişekilerindenem beter sakawlap ugraýardy, aksenti hakda-ha gürrüňem ýok. Şonuň üçinem beýik Maýakowskiniň «umman derýa» diýip atlandyran, özüniň ganan fakt çeşmesine, ili ýakan fakt çeşmesine ýüzleneliň. ...Moskwadaky Edebiýatçylaryň merkezi öýünde otyrdyk. Paýtagtly galamdaşlarymyzyň biri bize özüniň üýtgeşik çiliminden hödür etdi. Gurbannazar oňa sag bolsun aýdyp, öz çekýän «Onal» çilimini çykardy-da, şeý diýdi: – Ýa kurýu tolko «Opal». Potomu çto ýa OPALNYÝ poet... «Opalnyý» sözüniň «ýekirilýän», «azar berilýän», «güzap çekýän» «ýanan» diýen ýalyrak manysy bar. ÇYKGYT Ol döwür N.S.Hruşewyň hakykatdan-da, käbir döredijilik işgärlerini, şol sanda, Woznesenskiý ýaly şahyrlary, ýekirýän döwrüdi. Şeýle şahyrlaryň, hudožnikleriň köpüsi bolsa, diňe bir «Nowyý mir» däl, eýsem B.Polewoýyň redaktorlyk edýän «Ýunost» žurnalynyň daşyna-da ýygnanypdy. «Ýunost» žurnaly ýaş talantlary bu urdumşalykdan azda-kände goramak üçin, olaryň ýygnagyny geçirýärdi, ol ýygnaklara ýerlerden, respublikalardan zehinlidir öýden, «gysylýandyr» öýden adamlary redaksiýanyň hasabyna Moskwa çagyrýardy. Aşgabada Boris Polewoýyň goly bilen şeýle çakylyklaryň ikisi gelipdi. Biri Abdylla Myradowa, beýlekisem. – Gurbannazar Ezizowa. Olar bu çakylyk telegrammalaryny maňa görkezipdiler, iş ýerlerine ýa-da Ýazyjylar soýuzyna eltmäge bolsa, gorkupdylar. Soňam «harjymyz ýok» bahanasy bilen ol ýygnaga gitmän galypdylar. ...Hawa, Gurbannazaryň öz çilimi bilen «kapiýalaşdyryp» aýdan şol sözi diňe meniň hakydamda däl, eýsem, şol moskwaly çilim hödürlän ýaş şahyr, her näçe gopbam hem bolsa (biz onuň şeýledigini stola geçeninden aňypdyk), onuň-da ýadynda galdymyka diýýärin. Sebäbi muny Gurbannazar hem degşip, hem-de turuwbaşdan özüni ýokarrak tutmakçy bolan şol kärdeşimizden kem galmazlyk üçin şeýle diýipdi. ...Men Gurbannazaryň Soýuzymyzyň dürli çetinden öz adyna gelýän salamhatylara jogap ýazyşyny görüp, haýran galýardym. Ol bolsa bu jogaplaryny hökman ilki bilen maňa görkezýärdi. Men türkmen mekdebini hem-de uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamladym. Rus dilini ýörite okap-öwrenen ýerim ýok. Ýöne men rus dilinde çykýan «Komsomoles Turkmenistana» gazetinde ençeme ýyllap edebi işgär, bölüm müdiri, redaktoryň orunbasary, soňra hem redaktor, «Literaturnaýa gazetanyň» Türkmenistan boýunça habarçysy bolup işledim. Şonuň üçin Gurbannazaram menden «üýtgeşik» düzedişe tamakindi. Men Gurbannazaryň jogaplaryny şol durşuna diýen ýaly makullanymda, ol birbada gaty görjek ýaly bolup: – Sen-how, näçe wagtlap rus adamlarynyň ýazan makalalaryny redaktirlediň, düzetdiň, meňkä näme degeňok? Ýaltanma-da, işläp geçäýsene! – diýerdi. Jogaplarda bolsa «işlemäge» zat ýokdy diýen ýaly. Käbir goşulmalar, esasan hem sözleri biri-birine badaşdyrýan ahyrky harplar, «aýaguçlar» (okonçaniýa) diýäýmeseň, Gurbannazaryň ýazýan hatlarynyň stilinden XIX asyr rus intelligentleriniň, edebiýatçylarynyň, hudožnikleriniň ýazyşan namalarynyň ysy gelýärdi. ...Gurbannazar bir gün, hemişekisi ýaly, degişme äheňinde: «Men, ýaşulular soweti, ýagny G.Ezizow, öten agşam bir genial açyş etdim, öz mähriban dilimize täze bir sowet-internasional sözüni goşdum» diýdi. «Hany, aýt!» diýsem, ol sözi şol bada wazladyp goýberdi: – Sussypessimizm! Dogrudanam, oýun üçin tapylan bu täze sözde hem owaz, hem mazmun taýdan üýtgeşik bir täze, del täsir duýulýardy. – Bu – şahyryň rus-internasional sözleriniň manysyna ýöne bir oňat düşünmeginden däl, eýsem, ol sözleriň binýadyny «eýläk-beýläk» ýaýkap, «çeýnäp», «çekeläp» hut öz serişdesi, guraly edinäýesi gelýänliginden habar berýärdi. ...1972-nji ýylyň maýynda Moskwada gabat gelşip, ol ýerdenem Çeper edebiýat propagandasynyň bütinsoýuz býurosynyň işgäri Larisa Anatolýewna Žarowanyň mürehädi bilen Tambow oblastynda geçirilýän edebiýat günlerine gitdik. Ikimizden başga Moskwadan ugran toparymyzda M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň studenti, ukrain şahyrasy Ganna Çubaç, iwanowaly şahyr Wladimir Žukow hem-de «iki kontinentiň bir ogly», ýagny amerikaly negr artist bilen Moskwaly rus hudožnik aýalynyň perzendi Jems Lloýdowiç Paterson bardy. ÇYKGYT Jemsiň kakasy Lloýd ýigriminji ýyllarda Pol Robson dagy bilen ýaş Sowet respublikasyna gelýär we onuň adamlarynyň, azat, erkana durmuşyny görüp, bu ýerde hemişelik galmagy karar edýär, rus gyzyna öýlenýär. Lloýd Paterson Bütinsoýuz radiosynyň daşary ýurtlar üçin taýýarlaýan gepleşiklerinde diktorlyk edýär. Ol uruş ýyllary işe barýarka, Moskwanyň üstüne inderilen fugas bombalarynyň birinden heläk bolýar... Kiçijik Jemsi bolsa, şindi aýak bitmänkä bütin ýurdumyz tanaýar. Sebäbi, meşhur «Sirk» filminde tanymal zenan artist Lýubow Orlowanyň gujagyndaky negr bäbejigi şindiki rus sowet şahyry Jems Paterson bolmaly. ...Hawa, biz oblastyň «Gigant» sowhozynda çykyş etdik. «Gigant» diýseň, gigant – örän gurply, hiç bir zatdan kemi ýok ägirt hojalyk eken. Jems gözi bilen görenine ynanman, direktora sowal berdi: – Beýle-de bir zat boljak eken-ow: dogrudanam, siziň hiç bir kemiňiz ýokmy? – Ýok. – Göniňizden gelseňiz-läň, size edil häzir näme ýetenok? Beýle üpjün hojalyk bolasy ýog-a? – Bize häzir ýetmeýän zatmy? Wah, bar-la! Ýekeje maý ýagyşy ýetenok. Bugdaý meýdanlarymyzyň haly teň... Ýöne ol bize bagly däl-dä! Öýlän myhmanlar üçin taýýarlanan naz-nygmatyň başynda Jems direktoryň halki sözüni ýatlap, bada göterdi: – Men şuny asmana ýüzlenip içýärin: merhemetli umman, Tambow topragyna birje maý ýagşyny inder! Gözüň bilen görmeseň, muňa ynanaýmak kyn: boşadylan bulgurlar şindi ýerde goýlup ýetişmänkä, edil jadyly ertekilerdäki ýaly, şol pursatyň özünde daşarda ýyldyrym çakyp, gök gürledi-de, şeýle bir çagba indi welin, hoşuňa gelsin! Sowhoz direktoryndan başlap, hyzmatda duran ofisiantlara çenli hemme aňk-taňk boldy!.. Ýöne sowhozdan gaýdyşyn ýolda awtobusda oturan Gurbannazaryň birden ýerinden turup, şu mynasybetli okan iki sany degişme setiri-de hemmäni ondan kem haýran etmedi: Dožd ýawil nam ne sluçaýno Patterson, Wed u samogo boga poluçil swoý pasport on! Bu Gurbannazaryň özüniň rusça oýlap tapan setirleridi. Şol awtobus bilen ertesi ýene bir raýona çykyş etmäge ugradyk. Ýoldaky ýene bir kiçijik waka meniň hiç ýadymdan çykanok. Tambowly şahyr-ýazyjylaryň içinde Maýýa Rumýansewa atly iňňän zehinli bir şahyr gelin bardy. Ol oblast ýazyjylar guramasynyň hem ýolbaşçysydy, özem görmegeýdi. Ýogaldy pahyr... Gurbannazar bilen Maýýa awtobusyň ortarasynda, meniň öňümdäki oturgyçda otyrdy. Rus giňişliginiň howasy diýseň ýakymlydy, göwnüňi göterýärdi. Awtobusyň açyk penjiresinden öwüsýän maý şemaly, ýap-ýaşyl bolup, gözüň ýadaýança ýazylyp gidýän alyslar beýniňi tüňçe ýaly şygladýardy. Ýolumyzdan kä ýerde üsti ekin-tikinsiz, daşkömrüň külkesi ýaly, pytrap ýatan şar-gara toprakly sürlen meýdanlar çykýardy. Biziň mele çägä, mele topraga öwrenişen gözümize bu «gara köýük» ýerler gaty geň görünýärdi. Şular ýaly bir meýdanyň çetinde traktora tirkelýän, ýöne haýsydyr bir ýeri synyp, sandan çykan (taşlanan borly), üsti-başy gyzyl pos bolup giden bir gödeksi azal ýatyrdy. Halkalaýyn salnan tozanly ýol bilen biz bu kartanyň daşyndan örän uly aýlaw edip geçmeli bolduk. Şonda Gurbannazar yzyna gaňrylyp: – Hol azaly görýämiň? Häzir Mämmet Seýit bolan bolsa, näme diýerdi? – diýip soran boldy-da, şol bada hem onuň tüýs özi boldy: Haýsy näkes seni taşlady munda, Eý, döwletli, bereketli azalym! Şeýle diýip, ol «azalym» bilen «gazalymy» kapiýalaşdyryp, ýene iki setiri suňşurdy welin, ýadyma düşenok. – A Berdinazar? Berdinazar näme diýerdi? «Günbatardan gara tüsse göterlip, uruş paýhynlanda urus ilini...» Ýene ýadyma düşenok... Ýöne Gurbannazaryň, biz bu azalyň daşyndan aýlanýançak, ýaňky setirleri beýnisinde mazaly bişirip, onsoň maňa sowal berendigi düşnüklidi. Onuň aňy, beýnisi, ýüregi hiç mahal «boş durmazdy», hemişe işdedi... Awtobusda barýan şahyr ýigitleriň, olaryň ählisi tarapyndan aýratyn üns berilýän iki şahyr gelniň, diýseň keýpi çag. Biri aýdyma tutdugy, beýlekiler ony şol bada alyp göterýär... Gurbannazar welin şol bir dymyp oturyşyna otyr. Onuň häzir nämäniň küýüne-pikirine batyp oturanyny «bir hudaý bilýär». Belkem-de, içinden ýene ýaňky ýaly parodiýa goşýandyr ýa-da hyýalynda Hallysyna hat ýazýandyr... – Eý, bu näme üçin Ezizow bizde agzyna suw alan ýaly dymyp otyr? Neuželi, ol ýeke rus aýdymynam bilenok? Özem, serediň, şeýle perizadyň ýanynda otyr! – diýip, kimdir biri oňa degmekçi bolýar. Gurbannazar zanňaram ýerinden turup bu degişgen pyýadanyň jogabyny nagt edýär: – Tersine! Men bir genial aýdym bilýän! Ony siziň hijiňiz bilýän dälsiňiz! – Aýt-da! – Aýt!!. – Aýdýan! Ýöne üns berip diňläň! – Ol gapdalynda oturan Maýýanyň elini eline alýar-da, kelçik opera aýdymçylaryňky ýaly gaýşaryp, gözlerini süzüp, nätanyş bir ses bilen garagol zowladýar: – Lublu-u wesnu-u-u... no w naçale – Ma-aýu! Hemmeler çapak çalýar. Men aňk bolýaryn. Men bu aýdymy şäherde önüp ösemsoň, baryp-ha oglan wagtym eşidipdim. Ol şeýle aýdylýardy: Lýublýu grozu w naçale maýa, A w oktýabre proşaý, lýubow! Gör-bak, munuň biläýýänini! (Ol meger muny-da «boş oturmazlyk üçin» ýol boýy beýnide bişirendir). Maşynyň ruluny towlap oturan şofýora çenli, awtobusdakylaryň ählisi Gurbannazara tarap öwrülip, el çarpyp dur. Kimdir birem (ýaňky Gurbannazara degen şahyr): – Ýa otnynýe, towarişi, ženşin ne «lýublýu»! Ýa ih po-kurbanowski «lublu» – tak bolşego možno dostiç! – diýip, onuň aksentine kakdyrýar. Bu «şäher» setiriniň obada önüp-ösen Gurbannazaryň kellesine geläýşini diýsene! Onda-da ne gelmek: setirleriň birinjisini ol oturan ýerinden «awtobusly ýagdaýa laýyk» şeýle bir inçeden ýeser işläpdir welin, oňa men däl, menden ozal rus adamy, rus şahyry Maýýa Rumýansewa telpek goýdy: – Men haýsy şahyryň ýanynda oturmalydygymy bilipdirin, ýoldaşlar! Brawo, Kurban, sag bol! ...Gurbannazaryň hatda maňa ýazýan hatlarynda-da birden-bire rusça geçip gidibermesi bardy, muny onuň özi-de kän bir duýup baranokmydyka diýýärin. Sebäbi ol sözler kontekstiň süňňünde iňňän jaý «oturýardy». Birje mysal: «...No s nim nikak ne smog slitsýa woýedino. Poçemu? Po-moýemu, on wo wsem slyşit tolko swoýu muzyku. Hut şu ýagdaý hem meni skowywat etdi» (harby gullukdan ýazylan hat). ...Gurbannazar bir gün öýlerine baranymda, meni göreninden, elindäki depderi ýapdy: – Ömrümde ilkinji gezek rus dilinde goşgy ýazyp gördüm, ýaşulular soweti! – Ol depderi bir ýana aýyrdy. Ýöne näme... gynansak-da, saňa ony görme ýok. Dogrudanam, maňa ony görmek miýesser etmedi. Megerem, ol görkezmäge utandy. Ine indi şahyryň rus dili bilen arasynyň nähili bolandygyny özüňiz biläýmeseňiz... ÝATLAP GEÇMELI IKI PURSAT Hälki umumylaşdyran bolup, köpçülikleýin sahna öwrüp oturan «edebiýat oturyşyklarymyzdaky» ýaňlanan gödek hem gömelteý bellikleriň, gyjytlaryň aglabasy meniň özümiňki: ýel bolmasa, ýer porsar! «Arpa suwunyň» başynda Gurbannazaryň: «Seniň bilen bir wagona däl, bir eşelona düşmekden hudaý jan saklasyn!» diýip seslenmeginiň sebäbini hem indi siziň özüňiz aňmaly: sebäpsiz çöp başy gymyldamaz! __________ * Bu ykbalyň oýnuna seret: H.Kulyýewiň şu goşgusy «Edebiýat we sungat» gazetiniň G.Ezizow bilei Ýu.Rýabininiň nekrology berilen 5-nji oktýabrda çykan sanynda ilkinji sapar çap boldy. Gurbannazar ony, awtoryň öz dilinden diňläýen bolmasa, metbugatda okamaga ýetişmän gitdi. ** Gurbannazar hakynda-ha ine men ýazyp otyryn. Halyl Kulyýewiň ömri, döredijiligi barada hem tutumly, gyzykly işiň ýazylmagynyň men tarapdary. Onuň şahsyýeti-de, poeziýasy-da muňa mynasyp. H.Kulyýewiň okuwçysy hem şahyr, hem alym Gurbandurdy Geldiýewiň jaýdar belläp geçişi ýaly, «...Halyl Kulyýewiň poeziýasy halyly üzüme juda meňzeşdir, owadandyr, şirin, ymsyndyryjydyr». *** Ýokarda agzalan üç şahyr göz öňünde tutulýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |