14:43 Ezizowyñ emri bilen -4: Ýatlap geçmeli iki pursat | |
ÝATLAP GEÇMELI IKI PURSAT
Edebi makalalar
Hälki umumylaşdyran bolup, köpçülikleýin sahna öwrüp oturan «edebiýat oturyşyklarymyzdaky» ýaňlanan gödek hem gömelteý bellikleriň, gyjytlaryň aglabasy meniň özümiňki: ýel bolmasa, ýer porsar! «Arpa suwunyň» başynda Gurbannazaryň: «Seniň bilen bir wagona däl, bir eşelona düşmekden hudaý jan saklasyn!» diýip seslenmeginiň sebäbini hem indi siziň özüňiz aňmaly: sebäpsiz çöp başy gymyldamaz! DOWAM ETMELI PURSATLAR Hawa, ol ýyllarda biz birek-biregiň ýazýan zadyna, öz bolşumyza başgaça bir zeýilli, aýdaly, sypaýysyradyp baha bermelidiris hem öýtmezdik. Ol ýaşlykdy... hem kämillikden nyşandy. Umuman, men biziň şol mahalky başdan geçirýän ahwalatymyzy, «jedellerde ýaralanyp-ýaralap» gözleýän ahlak-durmuşy ýörelgämizi Gurbannazar hälki getiren mysallarymdan daşgary özüniň «Dileg» atly goşgusyndaky iki setirde aňry ýany bilen, juda çuňňur «doňduryp» goýupdyr hasap edýärin: Gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke, Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter! Gurbannazar «Şahyryň poeziýa hakynda oýlanmasy» atly makalasynda bu hakda has açygrak hem aýdypdy: «Biz, ýaşlar, indi ýaşymyzyň şeýle bir etapyna ýetipdiris welin, ol ýerden öwginiň, mylakatly sözleriň bize peýda getirmejegini örän oňat görýäris. Boş mahabatlar özüni sylaýan adam üçin gereksizdir, zyýanlydyr». Bu aýdylýan sözler onuň üçinem, hiç birimiz üçinem ýöne bir howaýy owadan sözler däldi, hakykatdanam, biz ikiýüzlülik diýlen zady bilmezdik, «bize ýeke ýüzem» ýeterlikdi. Tirkeşip, iýenimiz aýra gitmän ýörendigine garamazdan, ol meselem, metbugatda men baradaky pikirini hiç bir «ýumşajyk perdä» dolajak bolman, göni ýazýardy: «...Ýaş şahyryň (Agabaýewiň – A.A.) bir topar goşgularyny okap, olaryň harsal ýaýylanyna düşünýärsiň. A.Agabaýewde reňk az, öwüşgin görünmeýär. Köp halatlarda işledýän rifmalary («kapiýalary» bolmaly – A.A.) owazsyz hem nätakyk.» («EwS», 3.10.66ý.). Käte bolsa ol geleňsizligimiz üçin Halyl ikimizi bilelikde köteklärdi: «Goý, Annaberdem, Halylam maňa dogry düşünsinler: men halypaň sellesini geýip, olara öwüt-ündew berjek bolamok. Şonuň üçinem düýnki ýazmalyňy bu gün ýazmarsyň, düýnki düýnküligine galýar, bu günki-bu günküligine diýen sözlerimi diňe dostlukly söhbet diýip kabul etsinler» («EwS», 14.06.67ý ). Biz özara alşan hatlarymyzda-ha asylam gönümeldik. Döredijilige gezek gelende-de, birek-biregiň häsiýeti hakynda aýdylanynda-da, Gurbannazar menden öýkelän, göwün eden ýerlerinem goşun gullugynda ýörkä ýüz görmän ýazypdy. Men häzirlikçe şol hatlaryň ikisinden iki sanjak parçany mysal getiräýeýin. Birinji hatdan: «Dogrymy aýtsam, hatyň üçin gaty begendim. Ony şu ýazyşyňdan başga tonda ýazan bolsaň, men näme jogap berjegimi biljek däldim. Bir-birimize düşünmegimiz oňat zat. Aslynda düşünişjek bolmagymyzyň özi nämä degmeýär! Ýogsa şonuň ýaly sebäp bilen tekepbirlikden arada düwün galmagy mümkindi». Ikinji hatdan: «Şu wagta çenli senden jogap almanymdan soň, hat aragatnaşygy bolar öýdüp pikirem edemokdym. Sen Moskwa gidensiňem öýtmändim. Men seniň ýene bir zat üçin kakynyň tutup ýörmükän diýip pikir etdim?». Görşüňiz ýaly, uçdantutma ähli zatda birek-birege ýöne bir göwni üçin, formal taýdan «hä» berlip gezilip ýörülmändir. Düşünmesizliklerem bolupdyr, nägileligem. Döredijilik planda hemmesi «ýag ýaly» bolandyr öýdýäňizmi? Bu ýerde-de närazylyk az bolmandy, ylalaşmazlyk hem bolupdy. Meselem, men onuň «Oswensim owazlary» atly poemama beren bahasy bilen razylaşamokdym (men ol hat-resenziýany soňra mysal getirerin)... Men bu zatlaryň baryny näme diýip aýdyp otyryn? Islesem, men muny bassyr-bussur edip bilmezmidim eýsem?! Gep häzir dine Gurbannazarda ýa mende dälmikä diýýän. Gep-edebiýata gadam basýan-u, geljekde gadam basjak ýaş ösdürimimiziň bir zady bilerinde. Eli galamly adamlaryň häsiýetleri, endikleri hil-hil bolup biler. Aslynda bu şahsyýetler hemişe şeýle-de bolar: näzigem, ynjygam, gyzmajam, gaharjaňam, sypaýam, hatda... ýöwselem. Halyl, Italmaz, Gurbannazar, şu setirleriň awtory ýaly deň-duş bolsaň-a, basdaşlygam bolup biler. Ýöne, her nämeler bolanda-da, bu ýerde esasy zat – seniň päliň, niýetiň päkliginde. Birek-biregiň öňünde wyždanyň saplygynda. Ýüregiň aklygynda. Etmişiň ýoklugynda. Şunuň umumy milli edebi prosess üçin ýa-da, goý, onuň belli bir etapy üçin juda uly, asla bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň barlygynda! Ine, iň esasy zat – şu. Ine, şuny biziň hiç birimiziň unutmaga hakymyz ýokdur. ÝOLDAN SOWULMA ÝOLDAN SOWULMA G.Ezizowyň goşgulary barada şol «edebi oturyşyklarda» biziň ençeme nätakyk ýa nädogry zatlary aýdanlygymyz hak. Diňe Gurbannazaryň goşgulary hakynda hem däl – umuman, birek-biregiň. Sebäbi bu tebigy ýagdaý... Eger-de biz biri-birimiziň her bir diňlenen ýa okalan eserine obektiw hem gutarnykly bahany bermegi başarýan bolsadyk (esasanam, onuň tutuş döredijiligine ýa edebiýatdaky ornuna), onda bu beýik ukybymyz bilen ählimiz geniý bolardyk. Belkem, ol nesliň poeziýasy hiç bir edebi tankyda zar hem bolmazdy. Gurbannazar welin, şeýle ýazýar: «Türkmen sowet poeziýasynyň H.Kulyýew, A.Agabaýew, I.Nuryýew, G.Şamyýew we başga-da bir topar ýaşlary özüniň özboluşlylygy bilen, ýagny ähli üstünligidir KEMÇILIGI bilen (kursiw meniňki A.A.) okalýan şahyrlara öwrüldiler. Bu şahyrlaryň goşgulary barada dürli ýyllarda ownukly-irili makalalar çykan-da bolsa, olaryň umuman, türkmen poeziýasyna alyp gelen «ýükleri», öwüşginleri barada agyz doldurylyp zat aýdylmady». Gurbannazar bu ýerde, elbetde, özi hakda agzasa bolmaz – «öküz eýesine öýken ýok». Men bolsam, ozaly bilen, hut şu maksat bilen, ýagny Gurbannazaryň özüni şu ýerde agzamak üçin, onuň şol pikirini gazet sahypasyndan göçürip alýaryn. Gurbannazar Ezizow altmyşynjy ýyllarda edebiýatymyza gelen ýaş türkmen şahyrlar nesliniň hakykatdan hem, baýdak göterijisidi. Özbeklerde onlarça kitaplaryň awtorlary Abdylla Aripow bilen Erkin Wahidow, täjiklerde Loik Şeraly bilen Gülruhsor Safiýewa, Azerbaýjanda Fikret Goja bilen Jabir Nowruz, ermenilerde Aramais Saakýan bilen Eduard Dawtýan, gruzinlerde Giwi Alhazaşwili bilen Wano Çhikwadze, gazaklarda Oljas Süleýmanow bilen Tümenbaý Moldagaliýew, ukrainlerde Boris Oleýnik bilen Iwan Draç, estonlarda Mats Traat, litwalylarda Ýustinas Marsinkýawiçus, gyrgyzlarda Maýramkan Abylkasymowa, ruslarda Aňdreý Woznesenskiý, Robert Roždestwenskiý, Ýewgeniý Ýewtuşenko we ençeme gaýrylar, bäş-on ýaş tapawudynyň bardygyna garamazdan, şol döwürde, ýagny G.Ezizow dagy bilen bir döwürde, adygyp ugran «altmyşynjylardy». Mysal hökmünde, men şol şahyrlaryň diňe biriniň, goý, iň meşhurynyň soňky ykbalyndan, ýagny Ýewgeniý Ýewtuşenkonyň «neşirmentçilik» terjimehalyndan käbir sandyr faktlary keýpine aýdyp geçesim gelýär. 1989-njy ýylyň başlaryna deňiç bu şahyryň rus dilinde – 21, SSSR halklarynyň dilinde – 20, daşary ýurt dillerinde – 240, jemläp alanyňda – 281 sany kitaby çap bolan! Ol SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty. Ispaniýanyň inçe senetler akademiýasynyň, Amerikan akademiýasynyň çleni, daşary ýurtlaryň dört uniwersitetiniň dört gezek professory, dünýäniň 92 ýurdunda bolan, çykyş eden... Şunuň biden men iki pursaty nygtap geçmekçi bolýaryn. Ýewtuşenkonyň Ýewtuşenko bolmagynda irki, ýagny onuň başlangyç döwründäki tankydyň roluny ýadyňyza salyň. Ýok, ol hökman öwgüli tankyt däldi, tersine, aglaba: – «döwgülidi». Ýöne bu tankyt şeýle «çylşyrymly» şahyryň bardygyny okyja jar edip, oňa oňuň ünsüni baglapdy. Galyberse, şol döwürde onuň kitaplarynyň WLKSM MK-nyň ýörite kararlary bilen ýüz ugruna, binobat çykarylyşyny («Molodaýa gwardiýada»), «Prawda» gazetiniň redaksiýasynyň onuň eline «ýörite şahyrana habarçynyň» şahadatnamasyny gowşuryp, şol döwürde ählihalk hyjuwynyň (şahyra iň möhüm zat!) joş uran ýurdy, ekzotikalar mekany rewolýusion Kuba iberişini ýatlaň! Meniň, elbetde, bu ýerde hiç bir gönümel parallel geçirmek niýetim ýok. Türkmen diliniň ummanynda gaýnap-joşan öz sesli Gurbannazar Ezizowyň, birinjiden-ä, ömri gaty gysga geldi, galyberse-de, käbir zatlarda ol, belkem-de, bu şahyrdan Lýuri gaýdyp, munça adamly okyjylar auditoriýasyny düýşünde-de gören däldir... Ýöne bu – on esse, elli esse, ýüz esse däldir ahyry: üç ýüz kitap nire! – türkmen şahyrynyň dirikä ýüzi düşenje üç kitaby nire! Özünem hil-hil kitaplar: biriniňk-ä ýassyk ýaly, beýlekisiniňkem – çelpek. Ýazanlaryna-da hatda öz respublikamyzyň Döwlet baýragy miýesser etmegi üçin, ozaly bilen-ä, awtoryň merhum bolmagy, galyberse-de, onuň diri galan dostlarynyň ýörite hem uly tagallasy gerek boldy! Näme diýsek-de, durgunlyk döwri diýilýän döwür günäniň ulusyny ozaly bilen, biziň ruhy durmuşymyzda etdi. Muňa, iň bärkisi, G.Ezizowam, N.Halmämmedowam mysal, Halyl Kuludyr Italmaz Nury, Ýuriý Rýabininem, Abdylla Myradowam... Olar kän zady içine salmaly boldular: Men özümi aýamadym hiç ýerde, Özümi bagş etdim özgeler üçin, Dogry, käte azar berýär ýüregim, Olam başga zatdan bolmagy mümkin... Elbetde, bu ýerde ýene-de bir zady – türkmeniň dogabitdi häsiýetini, oňa mahsus bolan aşa asyllylygy-da nygtap geçmelimikä diýýän. Biz «döşümize kakyp gygyrmadan» geçen (umumanam, bu – erbet gylyk), öz-özümizi, dogrusy, adam şekilli gorap-da bilemizokdyk, aşa çekinjeňligi bir ýana taşlap, batyrgaýlyk bilen ündäp-de... Meselem, Andreý Woznesenskiý şol döwürde berk käýýelýän galamdaşlarynyň biri Bella Ahmadullina açyk ýüzlenip, şeýle setirleri çap edýärdi (goşgy öňe myçyp barýan simwoliki maşyndan reportaž şekilli ýazylan – ruluň başynda B.Ahmadullina): Çto nam wperedi prednaçertano? Nas malo. Nas možet byt çetwero. My mçimsýa – a ty božestwo! I wse-taki nes bolşinstwo. Ýollar bizi indi elterkä hanjak? Biz azlyk-la. Bolubilsek dört sanjak.* Myçp barýas – sen-ä aňrybaş melek! Ýok, dünýäde köplük – biz bolsak gerek. Umuman, çekinjeňlik duýgusy gowy zat, ol bize at-baba mahsus. Ýöne «Aglamadyk oglana emjek ýok» – ýaş zehiniň öz döreden zadyny gorap, ony ynamly hem ynandyryjy ündäp bilmegine-de erbet zat diýip bolmaz. __________ * Şahyryň özi, B.Ahmadullina, Ýewg.Ýewtuşenko hem-de Bulat Okudžawa ýa-da R.Roždestweňskiý göz öňünde tutulýan bolmaly. ELGARAZ ...Hawa, biziň birek-birege, ýüz görmän, göwnümize gelenini «alnykessir» patladyp aýdýanlygymyzyň baş sebäbi, indi pikir edip görýän welin, özümize, diýseň, göwnümiziň ýetenligi üçin bolmaly. Biz arkaýyndyk, adam oglundan çekinmezdik, gorkmazdyk. «Ejizlik alamaty» bize ýatdy. Men bu ýerde diňe bir Gurbannazary däl, eýsem şol döwürde iýenimiz aýra gitmedik Antonam (Annaly Berdiýew), Edigem (Eduard Sklýar), Halyl Kulynam, Orazmyrat Gurdam, Ahmet Gurbannepesem, Italmaz Nurynam, Baýramjan Gurbanmuhammedem, Ylýas Hommadam, Öwezmyrat Babanam, Abdylla Myradam, Ýazmyrat Belliýewem, Öwlüýäguly Möwlamam, ýene ençemelerem göz öňünde tutýaryn. Şol oglanlary, şol ýyllaryň söhbetlerini göz öňüne getirip, bir zada haýran galýaryn: ol hem tireparazlyk... Bu nogsana goluny, gözüni bagladan, meger, ýek-tük deň-duşumyz şol wagtam bolsa, bolandyr. Ýöne biz aramyzda olar ýalylaryň bardygyny duýmazdyk. Gökdepeli Gurbannazar Ezizow şu setirleri darganataly söwer dosty Halyl Kulyýewe ýüz tutup ýazypdy: Hany geçen günleň gyzgyn jedeli, Geçen günleň gyzgyn hyjuwy hany, Neçün beýle boldy? Aýan edeli, Eýýämden öçäýmek ir dälmi, Halyl? A bu setirleri bolsa darganataly Halyl Kulyýew gökdepeli söwer dosty Gurbannazar Ezizowa ýüreginden bagyş edipdi: Ýok, ikimiz doganam däldik, Ýöne ikimiziň birdi uýamyz, Men – Halyldym. Senem Gurbannazardyň, Bir almany ikä bölen ýalydyk. Birdi namysymyz, Birdi haýamyz! Şu ýerde: «hem poeziýamyz!» diýip goşasym gelip dur-da! «Ýöne Halyl muny diýmeýär. Sebäbi, durmuşda, dostlukda nämeleriň bir bolsa-da, döredijilik «gümrükhanasynda» ähli zatlaryň aýry bolýar. Haýsy ile baryp, haýsy ilden gelýän hem bolsaň. Ýogsam, aýry-aýry ŞAHYRLAR döremeýär... Halyl neresse agyr kesele uçrap, ýorgan-düşekli ýatyrka, özüniň gaýdyp galmajagyna gözi ýetip, Gurbadnazar bilen bir öwlüýäde, özünem, şonuň gapdalynda jaýlanmagyny haýyş etdi. Ol şeýle-de edildi – olaryň ikisem bir ýerde, Aşgabadyň ýaşyl baýyrlarynyň eteginde baýra meňzäp ýatyr. Darganataly Halyl bilen gökdepeli Gurbannazar... Ýeri, şindiki edebiýatçylarymyzyň arasynda birden-birden möwjeýän tarapgöýlük gürrüňlerini şeýle päkizeligiň haýsy bir ýerine sokarsyň?! Meniň nazarymça, şu zeýilli azgyn gürrüňler, mazaly üns berip ýörseň, hemişe haýsydyr bir körzehin nalajedeýin edebiýatyň keramatly gapysyny ädikli aýagy bilen depip girmekçi bolanynda, haňlap duran syrtyny ýapmak üçin toslanyp tapylýar. Käbir seri göçmeräk ýaşlarymyz bolsa, muňa ur-tut goşulyp, özünden uly nesil göwnüne alar öýtmän, biakyllyk edýär. Goý, olar meniň bu gönümel sözümi gaty görmesinler. – Men muny toslap aýdamok. TANYŞLYK TANYŞLYK Öz goşgym ýadyma düşýär: Wagondamy, köçedemi, çöldemi Ýa wals bilen şowhun atýan bagdamy, Birdenkä «Tanyş boluň!» diýilip, Görkezerler size täze adamy. Ömürboýy galtaşmadyk ellerňiz Ine birden gujaklaşar tapyşyp, – Şondan şeýläk nätanyşlaň sanyny Kemelder seň ýene-de bir tanyşyň. Günler geçer... Tanyşlaryň ýollary Aýlanyp-aýlanyp, ýene sataşar, Täze tanşym täze şöhlejik bolup, Kalbym nurlandyryp, maňa gatyşar. Meni baýlaşdyrar, meni beýgelder Önde duran açylmadyk şol älem. Şeýdip, bile ýöräp durmuş ýolundan, Ol maňa, men oňa bererin tälim! Gurbannazar dostumyzy soňky ýoluna äkidenimizde Kerim Gurbannepesowyň Ýazyjylar soýuzynyň şol döwürdäki başlygy Rahym Esenowa: – Öwlüýäde, ýas mitinginde hökman Annaberdem gürlemelidir, olaryň ikisi bile okandyr – diýeni şu günki ýaly ýadymda. Aslynda welin, biziň herimiz bir başga mekdebi gutarypdyk, (Gurbannazar 29-njyny, men 20-njini) Ezizow bilen meni kursdaşym şahyr we alym, student Gurbannazaryň bolsa mugallymlarynyň biri Halyl Kulyýew tanyş edipdi. ...Halyl-a ine, «eli täzeje diplomly» mugallym, göni 110 manat aýlyk alýar, menem «Komsomoles Turkmenistana» gazetiniň köneje ştatdan daşary, indem «täzeje» «ştatdan içeri» habarçysy – 98 manat! Iki sallah bolup, bir toýa şaýlandyk – ýa 1961-nji, ýa 1962-nji ýylmyka diýýärin... Dükan baryny söküp, çemelije sowgat gözledik. Onam tapdyk, ýöne laýyk togsan köpügimiz ýetmedi. Nätmeli? – Meň bir studentim bar. Şonda bir manadam bolsa hökman berer, soňkuja köpüginem aýamaz! – diýip, Halyl aýagyny depdi durdy. Opera we balet teatrynyň agzyndaky elektrik sagada göz aýlap: – Ine häzir soňky sagat gutarýar, basaly uniwersitete! – diýdi. Basdyk. Mugallym Halyl esli salymdan ýanyna uzynakdan hortaň bir ýigidi alt çykdy. Ýakynlabereninde-de, keltejik barmagyny dikgertdi: hemmesi gül ýaly! Sowgady gola salamyzsoň, oňa pul goşandyny eden ýaňky studentem ýanymyza alyp, toýa üç bolup bardyk. Ýaş çatynjalara köp-köp hoş arzuwlar edip, bulgur göterdik (Ýalňyşmasam, aramyzdan ir giden žurnalist, edebiýaty öwreniji Saparmyrat Gurbanowyň toýudy). Gaýdyşyn, toý şerabyndan dadan ýaňky mawy gözli kirpikmen student «janlanyberdi». Bir bagyň aşagynda oturyp, çilim otlananymyzda, student halypasyna bakyp: «Bir goşgy okan bereýinmi, ýoldaş mugallym?!» diýdi. Soňam, onuň rugsadyna-da garaşman: – Adyna... «Basgançak» diýýä – diýdi-de, göwnüme bolmasa, ählimiziň mugallymymyz Hojaberdi Hanowa kakdyryp, şuny okady: Oýna güýmäp agtyk-çowluklaryňy, Ýa bejerip köne pensnäňi sen, Al-da otur ahyr pensiýaňy sen, Seniň ýaşyň söýýär howlukmazlygy! Bo-ow, bu ýerde nämedir bir delje zat bardy! Özünem maňa ýakyn zat. Goşgy uzakdy, ýöne men eýýäm datjagymy dadypdym. Hem-de onuň hut özümiň kyn görýän formamda şeýle aňsatlyk bilen erkin ýazylanyna haýran galypdym. Berekella! Ýöne men bu çala tanyş ýigide, elbetde, bulary ýaňzydyp oturmadym. Onuň bilen kakdyrybyrak söhbet açdym: – Maýakowskiý ýörite bir ullakan çelege girip, sesini «terbiýeleýän» eken. Aýal doganyna-da: «hany diňle, nädýär.?» diýýän eken. Sen-ä sesiňi şeýdip, çelekde «ýasan» dälsiň-dä? – Men zat terbiýeläp-ýasamok, ýaşuly! Sebäbi meniň özüm durşuna terbiýe! Ol dogumlylyk bilen pert-pert şeýle diýdi-de, soňam bir hilije myllaryp, böwrüme ýumşaklyk bilen symsyklap goýberdi. Şodur-da-şudur. Onuň bilen näzeýilli kada-kanuna eýerilenini bilemok, alyşdyk ötägitdik. Näme üçindir, gün sypdyrman diýen ýaly, «tötänden» duşuşyp ugradyk. Ol döwürde bolsa biziň iň uzak menzilimiz (Gurbannazarlar bilen biz goňşurak, biz tarapdan ölçemeli) Birinji park, ýagny WLKSM-iň XX ýyllygy adyndaky merkezi seýil bagy ýa-da Halyllaryň täzelikde alan öýi bolardy. Halyl şindi oňly bag-bakjasy bolmasa-da, «Gündogar bulwary» diýlip atlandyrylan ýerde – 6-njy mikroraýondady. Halyl Kulyýew Gurbannazardan dört ýaş, mendenem iki ýaş uludy. Ol mekdebi gutaransoň, obada bir-iki ýyl mugallymçylyk edip hem ýetişipdi. Şonuň üçinem ýaşy ulurak hem bolsa, uniwersitete okuwa biz bilen, ýagňy şu günki tanymal alymlar hem edebiýatçylar, žurnalistler Durdymuhammet Nuralyýew, Sapar Güjükow, Nazar Gullaýew, Nazar Aýnazarow, Atamyrat Çopanow, Kakajan Ataýew, Allaguly Nursähedow, Nury Atdaýew, Emirguly Işangulyýew, Kakajan Babaýew, Öwlüýäguly Möwlamow, Kerimberdi Rahmanberdiýew, Kakabaý Ylýasow (Daşhowuzdan), Şamuhammet Halmuhammedow dagy bilen bir ýylda girip, eýýäm şol mahallar bizi bir-ä, süýjedip-süýjedip, çilim çekişi bilen, birem, ýognasdan mylaýym «mahmal» sesidir ajaýyp goşgulary bilen haýran galdyrypdy. Jeýhun kenarynda, Şyharykda önüp-ösen bujagaz çepiksije oba oglanynyň edebiýaty, dili inçeden syzyp-duýup, özüniň «köňle gelenini şagladyp» inderişi mugallymlarymyz Mäti Kösäýewiň-de, Gumman Saryýewiň-de, Öde Abdyllaýewiň-de, Abdylla Myradowyň-da, Hanguly Taňryberdiýewiň-de ünsüni bada-bat özüne çekipdi. Mugallymymyz şahyr Ruhy Alyýew bolsa, soň-soňlar öz ýazan goşgularynam Halyla redaktirletmegi özüne kiçilik bilmezdi (Biz, elbetde, muny soň-soňlar eşidip galdyk). Ýaňy okuwa giren Halylyň bizi jadylan goşgularynyň biri şeýle başlanýardy: Taryplap bir gyzyň gözel görküni, «On dördi gijäniň Aýy» diýdiler. «Göwnün göge galar, alar erkiňi, Gaşy Göroglynyň ýaýy» diýdiler... Şahyryň aramyzdan gidenden soňra çykan «Güneş» atly kitabynda, gynansagam, bu goşgy redaktirlenipdir öýdýän. Deglen diňe ýaňky setirlerem däl, eýsem, goşgynyň ahyrky bendindäki «Şahyr Halyl atly ýary bar eken» diýen sözlerem, meniň-ä, onuň agzyndan eşidenim ýadyma düşenok. Halyl Kulyýewiň studenti, şahyr hem alym Gurbandurdy Geldiýew öz mugallymynyň, kärdeşiniň edebi hem ylmy mirasyny toplamakda, ony tertibe salmakda, «Güneşi» çapa taýýarlap, neşir etmekde, hatda H.Kulyewiň döredijiligini ol ýogalandan soňra Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürletmekde öz şägirtlik borjuny aňry ýany bilen bitirip, uly iş etdi. Ýöne men juda kiçi göwün hem agras bu şahyryň «Şahyr Halyl atly ýary bar eken» sözleri ýazandygyna hiç ynanyp bilemok. Gurbannazar üçümiziň aramyzda Halyl ilki öýlenipdi. Aýaly Meretgülüň aýagy agyr wagty onuň darajyk eýwanlaryndaky düşegiň üstünde: «Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna, goý, ol bahar deýin şadyýan bolsun!» diýip, goşgy bilen gürläp oturany şu günki ýaly ýadymda. Belki, «taryplap bir gyzyň gözel görküni» diýip başlanýan bu goşgusynam Halyl özüniň geljekki ömür ýoldaşy Meretgüle bagyşlandyr. Muňa men «pylan zat» diýip biljek däl, megerem, ol şeýledir. Emma men şahyryň kilçiklik edip, şular ýaly goşguda öz adyny şeýdip agzaryny hiç göz öňüne getirip bilemok. Men Halyllaryň öýüni, içerisini ýatlap, başga bir zady aýtmakçy bolýaryn. Biri-biriniň öýüne kän barşyp-gelşen bu iki şahyryň, «ruhy doganyň», Gurbannazar bilen Halylyň ýaňky agzan seýilgäh ýerlerimiz barada goşgy döredişleriniň şaýady boldum. «Duýdansyz» halda Gurbannazar-a «Soldatyň ýadygärligine», Halyl hem «Gündogar buluwary» atly goşgularyny döretdi duruberdi. Näme üçin «duýdansyz»? Hut şu ýerde aýdara, öwrenere zat barmyka diýýän. Geliň, pursat-salym şuňa nazar aýlap geçeliň. Biz, ýaňky aýdyşym ýaly, Birinji parkda-da, Altynjy mikroraýonda-da kän görnerdik. Gijäniň ýarlaram şol jelegaýlarda ýa tansdan çykyp, ýa Halyllardan örüp, skameýkalaryň birinde bitäýmämiz bardy. Baga barsak, Gurbannazar her sapar diýen ýaly «şundan gideliň-le» diýip, parkdaky ör boýuna galyp duran soldatyň ýadygärliginiň alleýasyna sowardy-da, şol heýkeliň beton aýagyny sypap geçerdi (ýakynda baryp görsem, ol ýadygärligi, şoňa meňzeş ýene sportsmeniň ýadygärligini, näme üçindir gürüm-jürüm edipdirler). Gündogar bulwarynda gezmelän çaglarymyz bolsa, Halyl häli-şindi: – Tüweleme, Aşgabat ösýär-aý! Ýene üç-dört ýyldan bu ýerlerem gara baglyk bolar!.. «Gündogar bulwary» diýip, adynam iňňän jaý tapypdyrlar» – diýerdi. Menem «Hä-hym» beren bolup, bu aýdylýan zatlar erte-birigün goşgy bolup dörär diýip gümanam edemokdym. Ýöne käte ara düşýän pauzany doldurmak üçin, şeýle diýäýýälermikän diýýärdim. Sebäbi meniň şol mahalky aňlyşyma, goşgy boljak bolsa, hökman ýerden, ýagny «bujagaz» zatlardan aýagyny üzüp, asmanda pelpelleýän hil bir pelsepeli belent zat, uly-kiçiniň beýnisine «bir uranda» äpet sarsgyn salyp, şol beýnide täsin bir obraz bolup galaýmaly üýtgeşik bir güýçdür, ahwalatdyr, onuň-da kelläňe gelerine hiç mahal ýalandan-çyndan howlamaly däldir, onuň özi seniň köňlüňe, ruhuňa, ylhamyňa gudrat bolup gonaýmalydyr öýderdim. Iň bolmanynda, şol mahallar goşgusy «Izwestiýa» gazetinde, edil Fidel Kastronyň suratynyň astynda ýerleşdirilen Paýzy Orazowyň kalbyna inişi ýaly: Aň gazygna daňyp duýgy sygryny, Ýazýar Paýzy öz bu beýik şygryny! Juwanlykdaky hakydamyň üstünden tas otuz ýyly geçirip, men bu pahyryň setirlerini (esasan hem – ikinji setirini) ýoýýan bolmagym-da ahmaldyr. Okyjy geçirer-dä... Hawa, şol zeýilli belent pikir-hyýallara uýup ýörşüme, men ol döwürde öz goşgularymdan, ine, şu kysmylaryny hakyky, ölmez-ýitmez eser saýardym. Goşgynyň ady «Tohum», Bir depderimde saklanyp galypdyr: Bärden baryp baky tümdük şalygna, Başa-baş söweşi edýärsiň yglan!.. Şonuň üçin seni ýere atamda, Zeminiň endamy gidýändir dyglap! Özüň bir zadam däl – dyrnak ýalyjak, Ýöne welin boýun saňa bu älem! Şojagaz göwräniň Kuýaşy dolap, Zemin tümlügine berýän sen tälim! Sen ýarylyp, dogurýarsyň kökleri, Ýarylyp sen, dogurýarsyň şahyry, Sümme tokaý hem-de ynsan daragty Hemme senden ösüş alýar ahyry! Hany indi yzarlaly sözmüzi: Toprak hem Tebigat. Şahyr hem Durmuş... Seniň gije. säher gozganmagyňdan Meger, gelip çykýar bu beýik Gurluş! Hawa, dostlar külli ynsanyň kökün Ene ýeriň gujagyndan gözleýän, Kalbyň abat ösüp, galsaň asmana, Men seň düýbüň... Tohumjykdan yzlaýan! Ýeri, iki ýaşyňdakaň obadan şähere göçüp, asfaltda biten munça ömrüň içinde tohum sepip, ýa tohum sepeniň ýanyndan ýöräp görüpmidiň diýsene! Bu goşgymyň öňde-soňda hiç ýerde çap bolman, ahyry şu ýerde «görkezme esbaplyga» ýaranyna şükür! Halyldyr Gurbannazar welin, «şun-a şeýdip ýazmal-ow!» diýip, artyk gürrüň ýa telper pelsepelere kowalaşman, «göwne geleni taraşlap şagladybererdiler», şeýdibem, özleriniň şahyrdyklaryny görkezerdiler. Görkezibem ýörler... Men elbetde, munuň şeýle bolandygyna indi göz ýetirýärin. G.Ezizowyň «Soldatyň ýadygärligine», H.Kulyýewiň hem «Gündogar bulwary» atly duýgudyr manydan gyrmalanyp duran şol ajaýyp goşgularyny sitirläp oturman, özüm üçin şundan şindiki çykarýan netijämi ýaňzydaýyn. Şygryýet, meniň biraz gijä galyp düşünişime görä, ozaly bilen, ruhy terjimehal. Haýsy bir zadyňky bolsun, parhy ýok, bulwaryňmy, ýadygärligiň, Assatur aganyňmy, Italiýada wepat bolan goç ýigidiň... Şahyr galtaşdymy, janu-jansyz her bir zatda ine, şu jady-ruhy terjimehal «açylýar». Özünem ussat şahyrymyz Mämmet Seýidowyň aýdyşy ýaly, «şol ruhy terjimehaly maňa açyp berjek ylham haçan gelip başyma gonarka» diýip oturman, günde hem ähli ýerde işlemeli: öýde, ýolda, parkda, bulwarda! ...Metbugatyň tassyk etmegine görä, häzir dünýäde dokuz million tonna deňsiz-taýsyz çal madda, ýagny adam beýnisi barmyş. Ýöne şunça beýni, şeýle «kollektiw» gudrat Zeminiň geçmişine, geljegine nazar ýetirip bilse-de, ynsany Aýa eltip getirmegi ýa-da lazer bilen bäbenegi ýaryp bejermegi başarsa-da, bu maddanyň sap özi hakyky bir rubagyny ýa gazaly dörederden ejiz gelýär. Men bu hakykata Gurbannazardyr Halyl bilen tirkeşip, has doly göz ýetirdim. Iň beýik aň hem, eger-de oňa ynsan duýgusyndan, ýüreginden emr ýetmese, çyn goşgyny ýasap bilmeýär. Ýöne, elbetde, pikirsiz, aňsyz goşgynyň hem oňat goşgy bolmajagykdygy düşnüklidir. G.Ezizow: ...Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň, Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň, Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörüşiň seniň, Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşiň seniň. Diýdim şonda öz-özüme: «Eý, ýok zatlaň pikrin eden, Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?! H.Kulyýew: ...Aşyk ýigdiň haly niçik diýseler, Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly. Ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar, Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly. Ýeri, şu bentlerde aň agdykmy, duýgy? Muny aýyl-saýyl edip, kim aýdyp biler?! ALGYT «...Beýniden zowwam kagyza geçen pikir şahyrçylygy aňlatmaýar. Ony ýürekden geçirmeli. Biz köplenç Ýer Şary, Mars, Asman, Adamzat hakda ýazýarys. Biz öz ejizligimizi uly zatlara ýüzlenip, gizlemek isleýäris». «Men Rehmet Seýidowyň peýzaž lirikasyny gowy görýärin. «Akylly» goşgulardan soň söýgüli şahyrymyň reňkden, owazdan, iň esasy zadam duýgudan doly goşgularyny hezil edinip okaýaryn. Siziň ýadyňyza «Ikatýok» düşýärmi? Täsin, arassa goşgy. Onda duýgy manydan güýçli, many duýgudan. Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan güýçli goşgular gerek». (G. Ezizow, «Seminaryň bosagasynda oýlanma», «EwS», 23.12.67ý.). Beýik nemes şahyry W.Gýotäniň aýdan şeýle ajaýyp sözleri bar: «Belent akylyň-paýhasyň gaşynda men başymy egýärin, belent ýüregiň öňünde welin, dyzymy epýärin». Lew Tolstoýyň sözleri bolsa gös-göni şu pähimiň dowamy ýaly bolup eşidilýär: «Aňrybaş oňat adam – öz aklyna sygynyp, özgäniň duýgusy bilen ýaşaýan adam. Adamyň iň erbet hilisi bolsa – kesekiniň akylyna daýanyp, täk öz duýgusyna gümra adam». Bu ägirtleriň pähimi-sözi maňa şahyr G.Ezizowyň-da, şahyr H.Kulyýewiň-de elmydama il-günüň duýgusy bilen ýaşap, «ýürekleriniň öňünde dyz epmeli» ýa gadymça aýtsaň, «eteginde namaz okabermeli» päkize, hoş pälli-pikirli adamlar bolandygyny ýatladyp dur. Gurbannazar aýrylanynda, onuň Gökdepede oturýan daýysy Aga ýaşuly: «Ynan, Annaberdi, bireýýämki ýyllarda ahun-molla ýogalanda-da, men munça halkyň üýşen ýerini görmändim, il-güne özüni aldyrybilen eken neresse...» diýdi. Halyl Kulyýew ýogalanynda bolsa, bu ajy habary eşiden adamlar respublikamyzyň dürli çetinden ýörite uçup geldiler... Elbetde, bu şahyrlary-da halamadyk, sulhy almadyk, görübilmedik adamlaram bolsa bolandyr. «Ýigit başy dumanly» diýen pähimi meniň käte «Ýigit başy DUŞMANLY» diýip, üýtgediberesim gelýär. Gysgajyk ömürleri ýyldyrym ýaly çakyp giden bu iki şahyryň oýy-küýi, ruhy, hatda iň sadaja, ýönekeýje hereketlerem hemişe adam baryny birek-birege ýakynlaşdyrmaga, ysnyşdyrmaga hut tebigatyň özi tarapyndan gönükdirilen bir soňsuz Meýildi. Muny olaryň özem şeýle bir aňşyryp durmazdy. Bu beýiklik bize indi-indi şeýle açyk-aýan görünýär... ŞAHYRYŇ HATY ŞAHYRYŇ HATY Ol maňa elmydam düşüner dogry, Kemçiligim bilen dogramaz meni. Ýalnyşsam, darar-da goýbär dogumly, Men bolsa ony. G.Ezizow Otuz ýyl çemesi mundan ozal maňa Polşa halk respublikasyna ilkinji sapar baryp görmek miýesser etdi. Bizi Oswensime, faşistleriň Auşwis diýip at goýan öňki konslageriniň ýerleşýän şäherjigine äkitdiler. Memoriala aýlap görkezdiler. Depe saçymyz üýşüp gitdi. Uruş hakda şunça eşiden, okan hem bolsak, dünýäde beýle wagşylyk bolandyr diýip, güman etmändik. Dünýäniň dört künjünden sürlüp getirilen dört million adam krematoriý pejiniň turbasyndan gara tüsse bolup, asmana ýaýylypdyr... Warşawa gaýdyp gelýärkäk, görenim içime sygman, men otlynyň üstünde ur-tut Gurbannazara hat ýazdym. Salam hatynda şu gören zatlarym barada men hökman bir zatlar ýazaýmasam, durup bilmejegimi, özünem, «ol zadyň» eýýäm meni lerzana salyp, ilkinji setirleriniň hem gulagyma gelýändigini aýtdym... Ine gadym depderçede galan şol ilkinji setirler: Hawa, men uruşda bolup göremok, Ýöne Oswensimde bolup gördüm men, Meni Oswensime eltenlerinde Urşa ýigrimi ýyl dolanan eken... Soň, elbetde, Aşgabada gelip ýazan «Oswensim owazlary» atly poemam düýbünden başga setirlerden başlandy. Ýöne gep munda däl – poemanyň ýagny, «Oswensim – Warşawa» otlusynda meni joşa getiren şol «bir zadyň» öňde-soňda tamam bolan pursaty, ony Aşgabatdan uzakda hem bolsa, «ýylysy bilen» Gurbannazara ýetirmegimde. Ol şo mahal Özbegistanda goşun gullugyny geçip ýördi. Bu meniň ilkinji poemamdy, oňa göwnüm ýetýärdi, ony gowy görýärdim, Aşgabatdaky kärdeşlerime tutuşlygyna ýatdan okap berýärdim. Diňlänler hem erbet diýenokdy. Ýöne meniň ozaly bilen Gurbannazaryň pikirini bilesim gelýärdi, men ondan giňişräk jogap ýazmagyny haýyş edipdim. Ahyrym, jogap geldi. Ýöne... meniň garaşýan sözlerimiň ondan birem ýokdy. Men, dogrusy, häzirem dostumyň şol kesgitlemeleriniň diňe belli bir bölegi bilen ylalaşýaryn. Hiç bir ýüz görmän, sypaýyçylyk edilmän, ýöne dostlarça janygylyp ýazylan bu hat-resenziýany bolsa şu ýerde bolşy-bolşy ýaly (içindäki rus sözleriniň garnuwy bilen) dolulygyna getirmegimiň ýeke-täk sebäbi bar: bir ýandan, biziň döredijilik meselesine gezek gelende uçdantutma ähli zatda birek-birege «hä» diýip gezmändigimizi ýene bir ýola nygtap geçmek, ikinji, esasy tarapdanam – okyja şahyryň öz kärdeşi, galamdaşy hakdaky hemişeki uly aladasyny, hemişeki hoşniýetli arzuwlaryny eşitdirmek. ŞAHYRYŇ HATY «Salam Annaberdi! Öňünden gaçyp aýdýan. Ähli bellikler – meniň subýektiw belliklerim bolar. Ylalaşmazlygyň mümkin. Zyýany ýok. Her halda men poemadan galan täsirler bilen haýal etmän şu haty ýazýan. Poema özüniň temasynyň giňligi, ululygy bilen edil häzirki ýagdaýyndan has kämilligi arzuw etdirýär. Men onuň oňat taraplary hakynda ýazyp oturjak däl. Ýogsa «Peç ýakýanlaň aýdymy» barada men diňe öz minnetdarlygymy beýan edip bilerdim. Formasy juda jaý tapylypdyr. Şeýle bellikler başga-da käbir bölümlere, aýry-aýry küpletlere, setirlere degişli. Meniň maksadym: poemanyň kemçilikleri hakda kelam agyz söz aýtmak. Annaberdi, poemaň bilen baglanyşykly ilkinji goýberen ýalňyşyň – ony redaksiýa hödür etmäge howluganlygyň. Birneme «solit» eden (duza ýatyran – A.A.) bolsaň, oňat bolardy. Sebäbi poema entek hem forma, hem mazmun tarapdan seniň mümkinçiligiňden ep-esli pes derejede ýazylypdyr. Ilki bilen, eseriň kompozisiýasy hakynda. Poemadaky bar bolan häzirki 9 bölüm, A.Woznesenskiniň dili bilen aýtsak. «9 otstupleniý iz poemy»... Sen entek öz ähli bölümleriň bilen esasy gürrüňe başlamaga ýaňy poçwa (esas – A.A.) döretdiň. Sen entek Oswensim hakynda maňa ullakan bir zat aýtmaga ýetişeňok. «Epizod» bölüminiň juda uzaldylmagy, ondaky amerikan gepleşiginiň köp gaýtalanmagy, durmuşynyň effektleri – hemmesi ýadadýar, emma poemanyň esasy liniýasyna (ýordumyna, ugruna – A.A.) az täsir edýär. «Ýan» bölüminiň bu poemaň pikirini ösdürmekde hiç hili rol oýnamaýandygynam aýtmak gerek. Sen lageriň içinde bolup geçýän užaslary (eýmençlikleri – A.A.) sanamak üçin juda kän setir harç edýäň. Gahrymanyň kä ýerde pessimist: «geçmiş maslyk, geljek maslyk». Onuň bir ündeýän pikiri: jijim, şu zatlary ýadyňdan çykarma! Bu – täze däl. Sen bolsa esasy ünsüňi užaslara, maslyklara, olaryň parkyldap ýarylyşyna bölmän, öz gahrymanyňa – güýçli hem optimist, fiziki hem ruhy taýdan güýçli we synmadyk Adama gönükdirmeli ekeniň. A poemada wakalar seniň gahrymanyňy basyrýar. Netijede, seniň gahrymanyň täk bir hekaýaçy bolup galýar. Kä setirlerinde lenç edilen çagyryşlar gaýtalanýar. Men oňardygymça, şeýle setirleriň aşagyny çyzypdym. Saçlaryň monology gutarylmadyk parçalar ýaly. Poemanyň mazmuny hakda pikirimi jemläp aýtjagym, ony täzeden oňat gözden geçirmeli. Täze bölümler girizmeli. Ol bölümler gönüden-göni seniň Gahrymanyňy göreşiji hökmünde beýgeltmeli. Sebäbi: ýene bir gezek gaýtalaýan – okyjyny wakalar däl-de, seniň gahrymanyň gyzyklandyrýar. Formaň, çeperçilik serişdeleriň hakynda. Esasy gürrüň seniň rifmalaryň (kapiýalaryň – A.A.) hakynda bolar. Olaryň köpüsiniň işlikdigine gynanýarsyň. Işlikler bolsa çeperçiligi ep-esli gowşadýar. Köp ýerde täze rifma kowalaşyp, owazlylygy ýadyňdan çykarýaň (bellikler setirleriň gabadynda edilendir). Sözleri gysgaltmak düýbünden ýerliksiz. Sende şu gylyk öňem bardy. Ol poemada has ýiti duýulýar. Eger wagtym bolan bolsa, hasam çintgärdim, hasam yrsarardym. Umuman, poema hakynda pikirim şeýle. Oňarsaň, ýene bir gezek daşyna geç. Bolýar onda, hoş. Men tizden-tiz hat ýazaryn. Gurb. Eziz., 23.III.65ý.» «Ýene bir gezek daşyňa geçmegi», elbetde, men «oňarmadym». Öz pikirimde galdym. Gurbanaazar şindi aramyzdaka poema respublikan metbugatda, merkezi gazet-žurnallarda-da oňat baha aldy. Poema barada türkmen edebiýatçylarymyzyň ýazanlaryny aýdyp oturmanyňda-da, moskwaly şahyrlar Sergeý Baruzdin, Wladimir Sybin, Oleg Dmitriýew, tankytçylar Feliks Owçarenko, Wl.Gusew, gruzin şahyry hem tankytçysy Žansug Çarkwiani, azerbaýjan şahyry Jebir Nowruz, moldawan şahyry Grigore Wiýeru, bolgar tankytçysy Toma Tomow we gaýry edebiýatçylar hoş söz aýdyp seslendiler. «Oswensim owazlaryna» Moskwada çykýan «Smena» žurnalynyň baýragy berildi. Indi men şu ýerde başky baplarda özümiň «edebiýat oturyşyklarynda» aýdaýanlarymy ýatlatsam, okyjylaryň käbiri şondakylary şu hatdakylar bilen deneşdirip, «bu ikisi şu boluşlaryna neneň-nädip oňuşdylarka, bular biri-birini püçege çykaryşyp ýören ekenler-ä, ýene-de dost bolupmyşlaram diýýärler» diýip, betgüman bolmagy mümkin. Onuňam baş sebäbi – häzirki ýaş-u-ýaş däl edebiýatçylarymyzyň gaty köpüsine ine şu zeýilli ahwalatyň bolmagynyň mümkindigini däl, eýsem, onuň özüni sylaýan, özüne göwni ýetýän iki edebiýatçynyň, umuman, edebiýatçylaryň arasynda, kadaly, tebigy zatdygyny düşündirmekligiň, şuňa şolary ynandyrmaklygyň çaksyz kynlygynda!.. Eseri tankyt etmek – bir zat, şahsyýete daramak – başga! Döredijilik jedeli – bir zat, şahsy jetleşik, harçaňlaşyk – başga! Biz şuňa düşünmesek, edebiýatymyzyň güni hemişe-de kyn bolar. Gurbannazaryň şu hatynyň ahyryndaky «HASAM YRSARARDYM» diýen ýekeje sözi onuň hem öz şahsyýetini, hem ýüzlenip ýazýan adamynyň şahsyýetini göz-görtele belende göterip, hatyň awtorynyň «içki» medeniýetinden habar berip dur ahyry! Galyberse, bir tutanyňy tutup, aýagyňy depip durman, wagtyň geçmegi bilen öz garaýşyň özgerişine diň salmak, oňa ten bermek hem ýokary medeniýetiň alamatydyr. Gurbannazar dört-boş ýyl şondan soň şu poemany agzap, şu sözleri hem şol önki sözleri ýazyşy ýaly ak ýürekden ýazypdy: «Altmyşynjy ýyllar graždanlyk lirikamyzyň ösüşi hut şu şahyryň (A.Agabaýewiň – A.A.) goşgularynda, Soýuzymyza meşhur bolan «Gara ýaň» poemasynda öz beýanyny tapdy». («EwS», 14-nji mart, 1971ý.) Ýa-da başga bir mysal.. Ol özüniň Annaly Berdiýewe iberen hatlarynyň birinde şeýle diýýär: «Annaly eger öňki iberen 4 sany goşgymy... çykarmak hyýalyňyzda bar bolsa, şeýle: örän haýyş edýän – «Üýtgeşiklik ýok» hemem Lermontow hakdaky goşgyny ýyrtyp-ýyrtyp, owram-owram edip ýak we külüni çarhy-pelegiň öwrümine goşulmaz ýaly bir ýerde gizle. Olar maňa juda ýaranok we nähili pikir bilen size iberenime düşünip bilemok». ŞTRIHLER . . . . . . . . . . . . . . . . . . ŞTRIHLER . . . . . . . . . . . . . . . . . . . ŞTRIHLER ŞTRIHLER . . . . . . . . . . . . . . . . . . ŞTRIHLER . . . . . . . . . . . . . . . . . . . ŞTRIHLER Sungat terminleri... Witražyň, mozaikanyň, barelýefiň, gorelefiň nämedigini ilkinji bolup maňa düşündiren Öweznyýaz Saparow bolupdy. Bu ýigide deň-duş şahyr-ýazyjylarymyzyň hemmesi diýen ýaly beletdi, oňa öz adyny tutmaň, «Küýzeçi» ýa-da «Öwez küýzeçi» diýip ýüz tutardylar, onuň Aşgabatdaky oglan okadýan küýzegärçilik ussahanasyna häli-şindi toparlanyşyp barar durardylar... – Barelefe – «diwara ýelmeşen heýkel» diýseňem boljak. Barelef bolanynda, tekizligiň ýüzüne ýarmaşdyrylan skulptura şekiliniň, meselem, adam ýüzüniň birýan çekgesi, dulugy we ş.m. ýarysyndan az galyňlykda güberdilýär, a gorelef bolanynda – diýip Küýzeçi janygýardy – Ýarysyndan köpüsi çykarylýar. Düşdi-i? Gurbannazar Ezizowyň portreti... Şahyryň gadym grekleriňkä çalymdaş ýüzi häzir şol şagalaňly altmyşynjy ýyllaryň «janly tekizliginiň ýüzünde», heýkeltaraşlaryň dili bilen aýtsak, meniň göz öňümde barelef görnüşinde janlanýarmyka, gorelef? Öňli-soňly bir portreti «boldum» etmek üçin, hudožnikler özüniň şol gahrymanyny, gör-bak, ilki näçe ýerde daşyndan synlap görýärmişler, söhbetdeş bolýarmyşlar, «içine girýärmişler». Gurbannazar näzeýilli keşpde ýadymda galdyka? ...Onuň çekge saçyny käte gulagynyň ýokary çetinden öňüne tarap daramasy bardy: ynha saňa Ryleýew, Kýuhelbeker, Dombrowskiý... Bu, elbetde, ýaşlyk ýelginidi juwanlyk romantikasydy. ...Bir ýola rus bazarynyň çünkünde duran «Bukinist» magazininden üç bolup çykyp (häzir ol magaziniň ýerini «Gülüstan» söwda merkezi eýeledi), Halyl ikimiz-ä köçäniň beýle ýüzüne, şindiki telegraf tarapa geçip ýetişdik, Gurbannazaram swetoforyň beýlesinde galdy. Garaşdyk. Men çilim otlanmakçy boldum. Birden Halyl böwrüme dürtdi: – Seret... Seretsene! Elindäki gazetiň gatyny açyp, ýeňse saçyny güýz şemalyna ykjadyp, bir hilije keýerilip, boýnuny bir ýana gyşardyp, ýakasy açyk gökje köýnekli Gurbannazar köçeden geçip gelýärdi. Gözi gazetiň tekstindedi. Şonda Halyl bir jümlede giden bir dünýäni ýaratdy oturyberdi: – Seretsene, edil Geýne dagyň ýaşlygy-da! Kimdir Geýnäniň ýaşlygyny gören? Halylmy? Menmi? Ýöne şonda-da ikimiziňem göz öňümize haýsydyr bir XIX asyryň başlaryndaky köprüden, Dýusseldorf şäheriniň içinden ötýän Reýniň üstünden çekilen köprüden ýakasyny şemala tutup barýan mawy gözli şol genial nemes ýigidi gelen bolmaly. Halylyň şol buýsanjaň jümlesiniň üstüne ýeke bir söz goşup bilseň-dä! «Bukinistin» agzyndaky şol görnüş şindem göz öňümden gidenok! ...Käte-de ol sarymtyk plaşynyň ýakasyny galdyragada, öňe düşerdi welin, edil Parižiň ýa Rimiň köçesinden barýan tanymal aýdymçyň ýa «kinoýyldyzyň» bardyr, telekameraňy tutuber! Ýöne bularyň hiçisem däl. Onuň hakykata ýakyn portreti, bölek-bölek reňklije jäçden sünälenen, Küýzeçi düşündirmişleýin, mozaika şekilli göz öňüne gelýär. ...Ine ol Daşkendiň myhmanhanasynda meniň önümde sähelçe salym başyny sallap otyr. Elinde şeýle bir äpet gyzyl almasy bar – edil futbol topunyň bäri ýany! Oky bize ýaňy myhmançylykda, çykyş eden sowhozymyzda sowgat berdiler. Ýel boýy almany elden-ele geçirip, aňk bolup geldik: Adam ata-da How enä uçmahdan şeýle gudraty tapyp beribilen däldir! – Men-ä eltjek şuny! – Gurbannazar başyny galdyrýar, onuň ýüzi ýagtylanýar, gezi-gaşy nurlanan ýaly bolýar hem-de... dili peltekläp ugraýar. – Sen onuň çykyş edişini ýeke gezek gören bolsadyň... Onda bilerdiň. – Aý, küdümiň teýine gitsin-leý, Gurbannazar... Ýataly-la, giç boldy. – Men gitdim! Trenerinden haýyş edäýerin... Nataşa Kuçinskaýa dünýä belli gimkastikaçy juwan gyz, şan-şöhratynyň äleme dolan çagy biz bilen Daşkendiň bir myhmanhanasynda ýaşaýardy. Keýpi çag Gurbannazar köp pikirlenip, elindäki alma doganlyk Özbegistanyň ajaýyp paýtagtynda synasy sazlaşykly şol gimnast zenandan başga mynasyp bir adam hem tapmady. Rast şeýlemi, diýmek, gowşuraýmaly! Ol bir salymdan Aý gören gul ýaly, ýylgyrjaklap gaýdyp geldi. – Boldy!.. Ýöne zordan, kimdigimizi aýdyp, gapysyny açdyraýdym-aý onuň. Gaty strogy... Aldy! Hökman gowşuraryn diýdi... Janym hezil edinäýdi. Gül ýaly! Meşhur gimnastikaçynyň öz gapysyny açdyrmak hakynda hiç hili gürrüňem edilenokdy, onuň hatda trenerini-de çendenaşa janköýerlerden gorap saklaýardylar. Gurbannazaram zordan şol treneriniňkä düşüpdir... Ýadymda, stol çyrasynyň yşygyna Gurbannazaryň ýüzi şol pursat dünýä ýaryşynda öňe çykan pursatyndaky Nataşa Kuçinskaýanyň ýüzündenem BAGTANA ýagtylýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |