14:46 Ezizowyñ emri bilen -4: Ýatlap geçmeli iki pursat /dowamy | |
...Ine-de, biz Köneürgençde, raýon komsomol komitetiniň şol mahalhy birinji sekretary Gurbanmyrat Saryýewiň öýünde. Onuň özi işe atlanyp, «ine, size, komsomol laureatlaryna, döredijilik ussahanasy» diýip, ikimizi, çaý-suwumyzy tabşyryp, goýup giden giň myhman otagynda bagrymyzy ýomut halylaryna oýkap ýatyrys. Öňümizde-de bir petde ak kagyz bilen iki sany galam.
Edebi makalalar
Dek düýn, Tagta raýonynyň merkezinde Beýik Watançylyk urşuna gidip, gelmedikleriň şanyna bina edilen ýadygärligiň dabaraly hem matamly açylyşy bolupdy. Biz bu tolgundyryjy wakyga barada «Edebiýat we sungata» gysgajyk habar iberip, onuň ahyrynda-da: «Habarçylarymyzyň bu dabara hakyndaky şahyrana reportažyny gazetiň indiki saňynda okarsyňyz» diýen jümläni ýazdyk. (Redaksiýa biziň ýazanymyza ur-tut ynanaýman, «gazetiň ÝAKYN sanlarynyň birinde okarsyňyz» diýip, düzedip beren eken, ýöne biz muny soň bildik). Häzir bolsa, ine, öz elimiz bilen ýazyp iberen şol jümlämiziň astyndan çykmalydy. Wagt diýseň – gaty az. – Ta-ak, nämeden başlaýas? – herimiziň elimizde bir galam, ömrümizde ilkinji gezek hem soňky gezek bileleşip goşgy ýazjak bolşumyz. Ýok, ýalňyşýan. Öňem bir sapar Pöwrizede ýazyjylaryň döredijilik öýünde şeýle synag edip görüpdik. Ruslaryň bir gowy aýdymy bardy, içinde «Nikolaý, dawaý zakurim!» diýen sözler gaýtalanýardy. Bizem, «gel, edil şular ýaly ähende bir aýdym ýazaly, özünem gitar üçin, şindi gitarda aýdylýan bir türkmen aýdymam ýok, näme üçin?» diýip, şunça arrygymyzy gynasagam, ondan zat çykmandy. Ol gezekkimiziň netijesi B.Kerbabaýewiň bir seminarda çakdan aşa hem nahak öwen (bu biziň pikirimizdi) Çary Ýalkanow atly ýaş şahyryň ýaňyja çapdan çykan kitabyna ýazylan «kül-peýekun ediji» resenziýa bilen gutarypdy. Bu gezek nähili bolarka? – Nämeden başlaýas ho-ow? – Hiç bir gürrüňsiz – Şöhratnamadan! Bölümiň adyna-da «Şöhratnama» diýýäs. – Dawaý, başla onda! – Ýok, sen başla! – Sen – ýaşuly. – Bolýa... onda şeýleräk: Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!.. Gidenlere – şöhrat! Gelene – şöhrat! Gurbannazaryň ýüzi-gözi agraslaşyp, birhili dünýäni unudan ýaly bolýar-da, birdenem başyny galdyryp, goşulyp ugraýar: – Emma ýüregmizi ezip dur bir zat... Dymýas. Men Gurbannazaryň diýjek bolýan zadyny aňşyryp ugraýan: Ýat! Ýat! Ýat! – diýjek bolýarmyň. Tüýs ýeri! – Sag bol, dilimdenjik aldyň... – Ýöne neme... «Pamýat» sözüni «hakyda» diýip almasak, bu ýerde onuň şol beýleki manysy zyýan edäýmese... – Hiç zat etmez. Kapiýalarymyz berk ahyry! Başga manysynyň ýada düşerine maý berip ýetişmez. Işden gelende, Saryýew bilen-de barlap göräýeris! – Dawaý onda – diýdik! Şeýdip, ýuwaşlyk bilen reportaža garyşyp, öňe gidip ugraýarys. Onuň ýüzi bir düýrügýär, bir ýazylýar, ol ýüzin ýatan ýerinden pikire batyp, eňegini goşa ýumrugyna oýkaýar. Birdenem bir tapyndyň üstünden baryp, dikelýär, ganatlanýar, iki setiri birden zowladyp goýberýär: – Dur, dur... Häzir: ...Ýyllar geçer hatar-hatar boluplar, Gökden durna geçer, geçer bulutlar! Özünem basgançak bilen ýazmaly – uçup-geçip barýan şekilli. ...Reportažyň ikinji bölümine «Bir minutlyk dymyşlyk» diýip at goýmaly edýäris. Bir minut dymyşlyk edilýär yglan, Bary-ýogy ýeke minut... Bir minut... Men: – Şu ýerde diňe adamlar däl, ähli zatlar dymyp, doňup galmaly. Bu – Ähliumumy Dymyşlyk, düşünýämiň? Baglaram, guşlaram, ýerem, asmanam, umuman... Gurbannazar gözüni süzüp, ol dymyşlygy bozmakdan heder edýän ýaly, juda pessaý pyşyrdap diýen ýaly sözleýär: – Doňup galdy bu awara şemalam... Menem pessaýdan-pessaý: – Wot-wot... Başyny sallaýa söwüt, derek... näme, näme... tut. Soň ýene «minut» diýip, gaýdyp geleris. Gurbannazar: – Hol aňyrda başyn egdi goja tut... – Molode-es... – Bolýamy? – Näme bolman, – gül!.. – Onda indi dur... häzir... ine: Uzakda ikatýok goýdy hasabyn... Ol bu setiri diýseň owazly okaýar, a men hiç bir zada düşünemok: – Ikatýok nirden geld-äý bu ýere?.. Ikatýok ýok-da?.. Şonda ol meniň ýüzüme şeýle bir naýynjar, şol bir wagtyň özünde-de: «E-e-eý, kelle... neuželi saňa şuny düşündirmeli» diýýän ýaly utandyryjy terzde dymyp dikanlaýar welin, geň galsaň, galybermeli-dä, men şol bada hemmesine düşünýän oturyberýän: – A ol ruslarda ahyry... Ikatýok ruslarda ýaşyňy sanaýar diýlip yrym edilýär-ä... Bir hili bolaýmasa? – Biz diňe Tagtany ýa Türkmenistany alamyzog-a, häzir eýýäm biziň çygrymyz tutuş adamzat, dünýä masştabyna çenli giňäp gidýär. şoň üçinem – dopustimo... Ol bir zada gaty gynanan ýaly bolup, soňra ýene ýuwaş-ýuwaşdan öňki kaddyna gelýär: – Onda indi yzyny tap... maly-da!.. Yzam tapyldy, reportažam erbet çykmady, redaksiýada-da öwüp, gowy gonararam goýdular (elbetde, ozaly bilen, operatiwligi-de göz öňünde tutulandyr-da)... Meniň bolsa şu mozaikanyň şu ýerindäki şujagaz jäç – şol NAÝYNJAR nazar – henizem ýüregimi azajyk gyýyp dur. Mozaiki portret... Ol muny ýasaýana bagly bolsa-da, portreti düzýän dürli bölejikler, ýagny jäçleriň özi awtordan bidin, azat ýaşaýar. Bir geň-taň mysal getireýin. 1961-nji ýylyň tomsunda Wengriýanyň paýtagty Budapeşti ikä bölüp geçýän Dunaýyň mawy gujagyndaky dünýä belli Margit atly ajaýyp adada men bir surat aldym. Ýönekeýje surat: adadan akyp geçýän durnagöz suwly çaýyň içi altyn balyjaklardan mygyllydy. Oňa bakyp doýup bolanokdy. Gel, ýadygärlik alyp gideýin şu görnüşi diýägede, köneje «Zenitimi» şyrkyldadyp goýberdim. Soň Aşgabada gelip, suratlary çykarybam, aňk-taňk boldum. Sebäp şonda, Margit adasyna ugramazymyzyň ön ýanynda biziň wenger komsomollary bilen dostlukly duşuşygymyz bolupdy. Ol ýaşlaryň arasynda-da biçak şadyýan, garamyk gözli, diýseň bir owadan gyz bardy. Özem şu ada bilen tas atdaşdy – Margaritady. Men, elbetde, onuňam suratyny alypdym. Esasy ýeri – Margit adasyna gyssanyp, men Margaritany düşüren fotokadrymy towlap geçirmegi unudypdyryn. Ine saňa gerek bolsa... Gyzyn bir göz-ä özüniňki, bir gözem – owasyna laýyk gelen altyn balyjak! Kadr – kadryň üstüne, ýagny Margit Margaritanyň üstüne düşüpdir-de, şeýle bir ajaýyp, şeýle bir geňsi zat bolupdyr – ähli getiren suratlarymyň içinde maňa şondan gymmatlysy ýok: bir gözi – garamyk, bir gözi – balyk!.. Hawa, bu surat Gurbannazaryň «portreti» bilen bagly ýene bir epizody gürrüň bermekçi bolan pursatym, biygtyýar ýadyma düşdi. Uzagrak bolmagy-da ähtimal, ýöne herhal, çekmekçi bolýan şekilimiziň dolurak bolary üçin, men ol epizody-da aýdyp geçmekçi. ...Müň dokuz ýüz altmyş ýedinji ýylda ýaş şahyrlaryň Moldawiýa ÇÇP-inde geçirilen birinji Bütin-soýuz festiwaly tamam bolup, Gurbannazar ikimiz gaýdyşyn şaýymyzy tutupdyk. Keýpimiz ýokdy: biziň birimize samolýota bilet diňe Moskwa çenli tapylypdy. Ondan aňryny paýtagta baramyzsoň, özümiz oňarmalydyk. Kişinýowyň myhmanhanasynda herimiz bir krowatda uludan demimizi alşyp ýatyrys. Samolýod-a birigün, ikimiziň aramyzda galanja pulam – bäş manat. Umuman, bir ýere ugranymyzda, biz onuň bilen şindi Aşgabatdan çykmankak pulumyzy goşardyk. Soňam baran ýerimizde gezip ýörkägem ol puly jübimizden çykaryp sanamaga gorkardyk – näçe galanyny bilseň, gün-günden keýpiň gaçyp, Gurbannazar aýtmyşlaýyn «sussypessimist» bolýarsyň! Gurbanýaazar bir krowaty jygyldadyp, beýlesine öwrülýär, menem – ikinjini. Gepleriň barysam bireýýäm geplenip gutaryldy. Onda-da kämahal bir ses ýaňlanýar: – Öňräkden sanaýmaly ekenik, içigar! Ine-de birden – Gurbannazaryň «Eý, hudaý jan!» diýýän pursatlary – gapymyz kakylyp, otagymyza telegramma getirdiler. Onda-da ne telegramma – Berdi Kerbabaýewden!.. «Ezizow, Agabaýew. Kişinýowdan Moskwa gelip, türkmen edebiýatynyň günlerine gatnaşmaly»! Aý, ýer sarsdyryp, böküp, tans-a etmedik welin, şonuň bäri ýany bolduk. – Hany ýör, gidip ol bäşligem kül edeli! ...Giç agşam Moskwa gelip, telegrammada salgy berlişi ýaly «Rossiýa» myhmanhanasynda taýýar edilen otagda ýerleşdik. Gaýtarylan biletimiziň pulundan başga bir köpügimiz ýok, ýöne ýürejigimiz suwly – indi arkamyzda Berdi Myradowiç Kerbabaýew bar! – Hany, jaň edip görsene! – Sen edäýsene, ýaşulular soweti! Gorkmasan-aý... – Men oňa näme diýeýin? – «Geldik» diý. – Wah, ony diýerin-le... Onsoň? – Aý, «ikimize ýüz manat berseň, bolýa» diýäý. Bolaram şol. Şony diýmede gep bar-da! Aksakalyňdan karz pul dilemek üçin atyň kellesi ýaly ýürek, düýäň dabany ýaly ýüz gerek... Gorky damarymyzy burup diýen ýaly, telefony aýlaýarys. Salam-helikden soň: – Sag-aman gelen bolsaňyz, bolupdyr. Dynjyňyzy alyň. Ir bilen söhbetleşeris. Ikimizem uludan dem alanymyzy duýman galýarys: – Bolmad-ow, içigar... – Bolar... bolar. Ertesi irden jaň urýarys: – Gelmesin-ä geldik welin, Berdi aga... ýagdaýymyz nemeräk... ýaňky-y... beýle boljagyny bilmämizsoň... Ol... – Bärik geliň hany. Guk... guk... guk... Otagyna girip görüşýäris, gabagymyzy galdyrybilmänräk otyrys. Sakgalyny syryp, murtuny timarlan Berdi agadan eýýäm atyr ysy kükäp dur. – Men Woronkow bilen tilpunlaşdym. Siziň heriňize ýüz manat bolarmy? Gaýdyşyn bildiňiz-ä alyp goýandyrlar. Biz guş bolup uçmaga taýýardyk: elbetde! – Soýuza baryň, Woronkowyň öz ýanyna. – Bolar, Berdi aga. Sag boluň, Berdi aga! – Biz gapa ýönelip ugradyk. – Hany säginiň entek... Ynha şu zamçany alyp gidiň. Onuň gapysyny bir gyzyl saçly zenan saklap oturandyr. Gowşursaňyz, işiňizi çalt bitiýr... Ýarym sagada galman, Soýuzyň agzynda gögerdik. Bu gapy ozal girip-çykyp ýören ýerimiz bolmansoň, medeniýetlisirän bolup, bazar toruna salyp gaýdan zamçamyzy (ol ep-esli bardy – kiçiräk haýwan kädi ýaly) aşakda, geýim çykarylýanda goýup, ýokary galdyk. Ömrümizde birinji ýola SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretarynyň gapysyny çekine-çekine açyp, girdik-de, ýokary medeniýetlilik bilen: – Bagyşlaň, Konstantin Wasilewiç Woronkow öz jaýyndamyka? – diýip soradyk. Gapyda oturan gyzyl saçly aýal başynam galdyrmady: – Ol häzir ýok. Şeýdip, her iki-üç çilim tüssä dönüp, asmana göterilenden soň, bu sowaly ýene iki sapar gaýtalamaly bolduk. – Gelenok. Birdenem Gurbannazar maňlaýyna ýumrugyny degrip: – Sam-m-myk!! – diýdi. – Gawunymyz ýatdan çykypdyr-a, Berdi agaň «propuskasy»! Zamçany getirägede, ýaňky aýalyň öňünde goýduk: – Şu size Berdi Kerbabaýewden başlap, biziň iň ýaş ýazyjylarymyzyň adyndan türkmeniň güneşli salamy! – Şular ýaly bulam-bujarrak bir zatlar diýdik. Ýöne-möne propuskanyň çenimi bu zamçalar! – Waý, allam, mun-eý! – Zamçanyň burkuna humar bolan ýaňky gyzyl saç, biziň içimize-daşymyza geçip, Woronkowly näme işimiziň baryny birin-birin bilişdirdi-de, onuň kabinetine waz ýasaýdy. Kabinetden çykyp-çykmanka-da: – Siz näçe adam? – diýdi. Menem şunça garaşdyranyna gaharymy nirä dökjegimi bilmän «üç!» diýip goýberdim! – Baryň-da, çaltrajyk ýazyň arzaňyzy! Ine men şonda Gurbannazaryň gözleriniň şeýle bolşuny ilkinji sapar gördüm: biri – özüniňki, birem – başga biriniňki ýaly! Biri balyk, biri garamyk şadyýan Margaritanyň gözlerem ilkinji gezek şonda ýadyma düşdi. – Sen, ýaşulular soweti, muny näme üçin beý diýdiň-ä? Hany, biz üçmi näme? – Onuň bir gözünde gorky otyrdy. – Ýaz, jenap, işiň bolmasyn, arzaňy ýaz. Diktowat edýän: «SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary ýol. Woronkow K.W. -ha...» Ruçkamyz ýekedi. Gurbannazar bolansoň, men ýazmaga oturdym. Onuň gözleriniň şol ELEK-ÇELEK bolup durşudy – aňsat deňleşdiritmeýän el terezisiniň taýlary ýaly. Menem bilgeşleýin dymamsoň, oňa diňe «Be-e-eh!» diýip, yz-yzyna elindäki çilimini sormak galýady.. Ahyrym men Goşjan Seýitmedow pahyryň hatyna öýkünip, ýagny harplary tersine gyşardyp, üçünji arzany ýazyp ugradym. Şol wagtlar edebiýat institutynda okaýan student Atajan Taganowyň adyndan. – Bäh-h! – diýip, Gurbannazaryn mawy gözleri şolbada ýerine geldi duruberdi. – Sam-myk! Bäh-h!! Ýapyrylyp ýazyp oturyşyma, ol şeý diýdi-de, ýumrugy bilen ýuwaşja ýagyrnyma patladyp goýberdi. Menem hil bir öňdengörüji kişi bolup: – Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar! – diýip, ýerimden dikeldim. Edil Bastiliýany basyp alan halk gahrymanlarynyň biri bolup! Begowaýa köçesindäki Edebiýat fondunyň jaýyna ugradyk. Ol ýol boýy birhili ala ýaz bolup, hezil edip güldi bardy: – «Ajy» doýurmak däl, ýaşulular soweti! Lýumpen-studenti doýurmak! Nirden kelläne gelýär diýsene... Gorkma, bilinäýeňde-de, Kerbabaýewem bagyşlar, Ýazyjylar soýuzam! Atajanam geljekki klassyklaryň biri ahyry! Senem! Menem! Üç klassyga üç ýüz manady dözmedikden Soýuz bormy! Hawa, student Atajanyňam-a şonda şol puly sanap alanynda gözi üýtgese, üýtgedi welin, Gurbannazaryň şol günki gözleri hiç ýadymdan çykanok. ...Ozal aýdyşym ýaly, 1972-nji ýylda G.Ezizowyň Moskwada goşgular ýygyndysy aýratyn kitap bolup çykypdy. Kitaby belli sowet şahyry Wladimir Sybin terjime edipdi. Asyl muny bu şahyrdan özüm haýyş edip, ony özüm yrypdym. Ýöne meşhur şahyr bilen meşhur terjimeçi aýry-aýry zatdyr diýilýäni çyn bolup çykdy. Sybinin oňat şahyrdygyna garamazdan, onuň Gurbannazardan eden terjimeleri şowsuz boldy. Terjime barada Lenin baýragynyň laureaty, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany meşhur täjik şahyry Mürze Tursun-zada «Literaturnaýa gazetada» çap edilen «Sakçylaryň jogapkärçiligi» atly makalasynda: «Terjimeçi tapynaýmagyň ýöne bir şowlulyk däldigine men düşünýärin. Aýratyn hem, L.Şiraly, A.Arypow, G.Ezizow ýaly şahyrlar hakynda gürrüň edileninde, şeýle. Bolmanynda, biziň bu şahyrlardan köp zatlara garaşýandygymyz, okyjylaryň bulary umyt baglap okaýandyklary, tankytçylaryň bular barada her dürli pikir ýöredýändikleri üçin-de bu şeýledir» diýip, G.Ezizowyň goşgularyny originalda okap görmändigiňe, olary diňe W.Sybiniň terjimeleri arkaly bilýändigine, ol terjimede bolsa Sybiniň öz aýrybaşgalygynyň yz goýandygyna nebsi agyrýar. G.Ezizowyň Moskwada çykan kitabynyň ady «Dwa derewa», ýagny «Iki agaçdy». Men käte Gurbannazara degýärdim: – Galan zady gül ýaly-la! Ýöne ynha, ady bolmandyr. Kitabyň adyna «Dwa derewa» diýmän, «Dwa dupla», ýagny «Iki töňňe» diýmeli eken. Bir töňňä-hä – harsal terjimeçi, beýleki töňňe-de – şol terjimä razylyk beren awtor, ýagny, özleňňiz, ýaşuly! Gurbannazar hem «Ol terjimeçini tapyp beren özüň dälmi näme?» diýäýmeli bolsa-da, bu degişmä, göwni bir ýaly, degişme bilen jogap bererdi: – Wah, ady bilenem oňuşsa boljak-la. Çert s nim! Ýöne kitabyň awtoryny welin, ýa «Gurbannazar Sybin» ýa-da «Wladimir Ezizow» diýip bermeli ekenler. Şonda hiç hili gürrüň bolmazdy. ...Bir gün Pöwrizede ýazyjylaryň döredijilik öýünde bolýarkak, Gurbannazaryň aýagyndan haýsydyr bir möjejik çakdy. Çaksa, çakypdyr-da, möjejikdir, aýrylar gider-dä... Aý, ýok, beýle däl eken, aýak gitdigiçe çişdi, simledi, garaz, gaty kän wagt azar berdi. Şonda-da, bir bahana tapylyp, Pöwrize ýolundaky jülgede Orazguly Annaýew, Atamyrat Atabaýew ýene birnäçe şahyr bolup bir oturyşyk etdik. Biziň hemmämiziň keýpimiz kökdi, Gurbannazara bolsa aýagy diýseň azar berýärdi. Şonda oglanlaryn biriniň ondan «aýagyňa näme boldy?» diýip sorany ýadymda. Gurbannazar hem injiginiň topukdan ýokarysyny iki eli bilen berk gysyp oturyşyna: – Düşüniň, merhemetli ýoldaşlar, Moskwada G.Ezizi bir üýtgeşik şahyr Sybin çakdy, a Pöwrize-de bolsa – üýtgeşik bir ÇYBYN! – diýdi welin, adam bary berdi pakyrda. Olam iki elini aýagyndan aýranynam duýman, buduna şapladyp hemme bilen deň gülüp ugrady. Ol HEM GÜLÝÄN, HEM AGLAÝAN ýalydy. Şol minut Gurbannazaryň ýüzünde janyňy alyp barýan fiziki agyrynyň alamaty bilen ruhuňy ganatlandyrýan dost göwünleriniň şatlygy garym-gatym bolup, şahyry tanar ýaly etmändi. ...Dynç günleriniň birinde köne jygyllykdaky kioskdan bir petde gazet äkelip, Eziz aganyň dalbarynda okap otyrdyk. Gurbannazar elindäki «Ýaş kommunisti» bir ýana atdy-da: – Häzir ýaş şahyrlaň içinden şeýle bir «üçlük» gelýär... daže – «dörtlük»... Geljekde görersiň, poeziýada hersiniň öz orny bolar. – Kimler-aýt olar? Okap ýören adamlaň. Olar hökman öz goşandyny getir. – Atlaryny aýdyp bolmaýamy? – Atabaýew Atamyrat, Annaýew Orazguly, Gurbanmyradow Kakabaý... Rejebow Nobatguly. Men Kerime-de aýtdym şu pikirimi. Men ol döwürde, ozaly bilen, Gowşut Şamyýewiň arkasyny tutýardym. Bir-iki ýyllykda biz bu meselede mazaly jedelleşipdigem. Gowşut indi adygyp ýördi, Gurbannazar welin onuň adyny tutmady. Onsoň tutdy meniňem ýeňse damarym! Indi hökman munuň kejine gaýdyp, menem bir ters zat diýmelidim, ýogsam arym köýüp barýan ýalydy. Tapdym: – Kakabaý Gurbanmyrat iki kitap satyn alsa, şonuň birini hökman Gurbannazara eltip berýä diýýäler. Ol-a şoň üçin, şeýlemi... Ýaňkyň maňa gözüni ALARDYP seredeni birinji hem iň soňky gezekmidimikä diýýän. Ol: – Dur-rak... – diýdi-de, ýerinden turup ümsümje öýe girip gitdi. Men elbetde, bu sözleri degişip, ony «byjyklap» aýdypdym. Kakabaý Gurbanmyradowyň Gurbannazara bolan garaýyşy hakynda aýdylanynda bolsa, ýalňyşmasam, ol bu şahyry nähilidir bir üýtgeşik näziklik hem «ümsüm söýgi bilen» biziň köpümizden artyk söýýärdi. Täze bir şahyrana gowy kitap çyksa, Kakabaý muny buşlamak üçin şäheriň merkezinden Gurbannazarlara nädip baranyny özi-de duýmaýarmydyka diýýärin. Hawa, ýene bir salymdan Gurbannazar yzyna gaýdyp geldi. Ýöne biz şol gün şo temadan dolanyp gürrüň etmedik. Ştrihler, ştrihler!.. Özüň üçin adamyň keşbiki doly janlandyrmakçy bolsaň, ştrihleri köpräk ýatlap, köpräk göz öňüne getiräýmelimikä diýýän. Sebäbi her bir şahs näderejede maksada okgunly, «demir erkli» görünse-de, näçe «bitewi», «aslytutuş» bolsa-da, ol özüni uzagu-gysga ömründe halatlara, pursatlara müň bir üleş edip bölýär, bu ýagty dünýeden töweregindäki adamlara paýlanyp ötýär. Stol başynda döredýän eseri bilen, sözi bilen, gözi bilen, agysy bilen, gülküsi bilen... hemem keşbi bilen. Şol üleşleri, ştrihleri her bir adamyň özüçe kabul edip, özüçe ýadynda saklaýandygy-da tebigy zat. Häzir Gurbannazar barada dürli adamlaryň dürli ştrihleri ýatlabiljekligi däl, eýsem meniň ýatlap oturanlarymy-da öz aňyna, şol pursatdaky duýgusyna, umumy ahwalatyna, hakydasynyň durulygyna laýyk başga-başga zeýilli düşündirip biljegi-de gümansyzdyr. Ştrihler, ştrihler!.. Büýem hemmesi däl. Siziň diňe bir-biriňize jebisdir jaýdar gelýän taraplaryňyzy, gyranlaryňyzy alyp, deň gelmese-de deň gelmedik ýerleriňizi ýonup, gyryp, saz getirip, «baky hem diri» gahrymanlaryň ýasalan eýýamy bolmanmydy eýsem? Onda-da biziň neslimiziň gözüniň alnynda! Munuň üçin ilki bilen teoriýa işlenilip düzülýärdi, soňam bolsa şol teoriýa boýunça janly ştrihler bir-birine ýelimlenýärdi. Ýagny, «ştrih» diýmekligiň asyl manysy, ondaky bar bolan aýratynlyk alamatlary ýülmenilip püçege çykarylýardy. Ştrihleriň ýiten ýerinde obrazyň-da gaýyp bolýandygy baradaky hakykat unudylýardy... Ine bu bolsa ştrihiň «aýratynlygyny» aşa ÇIŞIRENIŇDE, ony neneň-niçik tersa derejelere ýetirip boljakdygynyň bir mysaly. Filasofiýa ylymlarynyň doktory, professor, SSSR Kinematografiýaçylar soýuzynyň «Azat dahan» atly teoretik klubunyň başlygy Walentin Tolstyh 1989-njy ýylyň 22-nji maýynda «Prawda» gazetiniň habarçysy Galina Sidelnikowa beren interwýusynda şeýle diýýär: «Kantyň ýeserlik bilen belleýşi ýaly, şahyra mahsus bolan aýratynlyk – hiç bir häsiýet edinmän, iki ýana agyp dönýän, göwne gelen zadynyň hasyl bolaryny isleýän hem-de (ile zyýansyz) ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaýan kişi bolmagydyr, hiç kesi ýigrenmän, adamlary bilgeşlin özüne ýagy etmekdir, göwnüne degmek islemän, öz dostlaryny ýaňsylamakdyr. Şu aýratynlygyň köki onuň kä halatda dogabitdi «dälişge» akylyndadyr, şeýle akyl onuň praktiki pikir ýörediş ukybyna häkimlik edýändir. Eger siz şu häsiýetnamany makul bilýän bolsaňyz, çeper ussadyň zanny boýunça häkimiýete gapma-garşy närsedigi bilen ylalaşsaňyz gerek». «Azat dahanly» bu professora ynansaň, men Gurbannazar Ezizowy düýpgöter gaýry ştrihleri toslap ýasamaly ýa-da onuň şahyr däldigini, şahyrçylygyň gädiginden hem garamandygyny boýun almaly. Onda näme onuň aramyzdan gidenine on bäş ýyl bolup ýörse-de topar-topar ýaşlar, täze-täze nesiller şahyryň goşgularyny ýat tutuşyp ýör, toý bolsun, oturyşyk bolsun, köp gürrüňçilikde onuň setirlerini eşitmek bolýar? Şahyryň aýdymlary radioda, telewideniýede, sahnada ýaňlanýar? Neşir edilen kitaby towus göterilýär? ŞAHYR Gurbannazar Ezizowyň ähli häsiýeti ýaňky sanalanlaryň tersine ahwetin!.. Men onuň hiç mahal iki ýana agyp-dönenini görmändim. Ol göwün islän zatlarynyň hemmesiniň hökman biterini etjek bolubam ölüp-öçüp ýörmezdi. Oňa eden ynamyňam daşa baglanan ýalydy. Oňa kişiň göwnüne degmek, ony ýaňsylamak bolsa ýatdy, ol herne adamlary özüne ýagy däl-de, dost etmegiň küýündedi... Ol Lenin, Sowet häkimiýeti hakda döreden eserlerini bolsa, kiçi dilden bärden däl-de, çuňňur ýürekden ýazypdy. Şonuň üçinem çyn zehiniň özi gitse-de, halk içinde döreden eserleri ýaşamagyny dowam edýer. Polýaklar Frederik Şopeniň jesedini uruşdan soň daşary ýurtdan göçürip getirip, ýüregini beton sütüniň içinde doňduryp goýupdyrlar. Ol sütüni maňa Warşawanyň gadym böleginde, «Staro mýastoda» görkezdiler... Alekseý Maksimowiç Gorkiý öleninde bolsa, onuň niçeme ajaýyp eserleri ýaradan beýnisini bedrä salyp, Beýni institutyna tabşyrýarlar (ýazyjynyň sekretary P.P.Krýuçkow bu barada birin-birin ýazýar). Halkyň bu zatlar bilen kän bir işi ýok. Halkyň içinde çeper ussadyň eseri ýaşaýar. Ýöne... Ýöne, bolsa-da, halkyň içinde, soňraky nesilleriň arasynda şol ussadyň asyl keşbine, iň bolmanynda, portretine dahylly käbir ştrihler azajyk-da, janlansa, onuň goýup giden eserleri sen tarapa has-da ýakynlaşan ýaly bolýar, has-da «özüňkä» dönen ýaly bolýar. Ştrihler, ştrihler... Şonuň üçinem siziň ýene-de ýekeje biriňizi meniň pursat-salym ýatlap geçesim gelýär. Seýitnyýaz Ataýew Gurbannazar ikimize duşanynda, häli-şindi: – Wah, siziň ýaşyňyz mende bolsady... Oňaraňzok– diýerdi. – Ynha, Garagum kanaly!.. Gidiň şoňa, iki-üç ýyljyk işläp geläýiň. Özünem Gündelik ýörediň... Galamyňyz diýseň işleýär. Soň size munuň ýaly zatlar şeýle bir gerek bor... ýene, giçdigine düşünersiňiz. Soň Gurbannazar käbir anketalara «durmuşy öwrenmek diýip, men özümi öwrenmeklige düşünýän» diýen ýaly jogaplaram, ýaňsyly setirlerem ýazdy: Maňa öwran-öwran Diýdiler: «Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git. Şäherde ýüz gyşy Geçirmä derek Gidip bu durmuşy Öwrenmek gerek!» Ýöne ýyllar geçdigiçe, Seýitnyýazyň diýeni çyn boldy. Babadaýhanlaryň işe çykyşyn, Göz öňme getirip bilýänem weli, Ýene ýürek kapasadan dyzap dur: Bu zatlary özüm baryp görmeli. Adamlaň ýüzüni çawlap geçende Sähranyň uzakdan getiren ýeli, Hem-a öz ýüzümi çawlary ýaly Hem diýarym üçin – özüm görmeli! Pagtaçynyň işi ýeňil diýseler, Ynanaýmak, okuň azaby uly. Duýmak üçin şol azabyň özüni Diňe, diňe, diňe – özüm görmeli! Hawa, durmuşy görmeli, öwrenmeli!.. Şu şygardan ugur alyp, günleriň bir güni Gurbannazarlarda otyrkak Halyl üçümiz «durmuşyň jümmüşine» gitmegi maslahat bildik. Soňam howludan çykdyk-da, birek-birege hemişekije aýdýan sözlerimizi aýtmaga – «kürt kürti degirmende görsün»! diýmäge raslanyp, hoşlaşmakçy bolduk. Gurbannazar bolsa, birden bir zat ýadyna düşen ýaly, «Ýok, bärik geliň!» diýip bizi gapylarynyň gabadyndaky bagda gül ekip, gazon etmek üçin gazylyp goýlan tes-tegelek çukuryň gyrasyna eltdi-de: – Hany onda, tüýküreliň-dä! – diýdi. Halyl bilen biri-birimiziň ýüzümize seredişdik: – O nämäň tüýküligi? – Ýaňky sözümiz çyn bolsa, üç dost bolup, bir çukura tüýkürişmel-ä?! «Tüf-de», «tüf»!.. Sözümiziň «demirdendigine» birimizem ikirjiňlenemzokdyk. Dogry-da, walla! «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory bolanym üçin, gyzyklyrak marşruty saýlamagy men boýun aldym. Şol döwürde dabarasy dag aşýan Ojak gaz känine galamymy dürtdüm. Ol ýerde täze şäher bina edilýärdi, adyna hem ýa «Pyragy», ýa-da «Seýidi» dakyljakmyş diýýärdiler. Aslynda-ha, ýüzümizi şol ýana tutmak üçin bize şujagaz «myşyň» özem ýeterlikdi. Bloknotdan, galamdan şaýymyzy tutduk-da, eňdik! Gowy ýadyma düşenok welin, biziň bu marşrutymyzyň bir bölegi («Hazarasp» – «müň atly» diýen ýeriň ady ýadymda galypdyr) Özbegistanyň içinden geçýärdi. Biz o ýoly kä otlyly, käte-de çem gelen maşyn bilen sökýärdik. Pyýada geçmeli ýerlerimizem ýa-da bilgeşlin «geliň, şu arany pyýada geçeliň» diýip gidýän ýerlerimizem bardy. ...Şol gün hem biz doganlyk Özbegistanyň topragyndan pyýada barýardyk. Käte bir oba ýa-da iki-üç öýli baglyk öňümizden çykýardy. Şeýle bir ýadamasak-da, iňňän suwsapdyk. Halyl aýtdy: – Men bu ýurda beletdirin. Ýaşlyk döwrümde-de özbek oglanlary bilen kän tirkeşendirin. Olaryň häsiýeti – suw diläne aýran berer, aýran diläne – ýag! Hany, gaýrat ediň, ýigitler, hanha bir öý göründi! Öýüň gapysyndaky äpet deregiň kölegesinde garryja mama gap-çanak ýuwup oturan eken. – Halyl, çal diläli-le, çal! – Gül ederis, gül! Salamdan soň, ýolbeledimiz Halyl (biz oňa «tazymyz» diýip degşerdik – «Her ýurduň towşanyny öz tazysy bilen awlarlar»!) garryja mama ýüzlenip: – Apa, çalyňyz barmy? – diýdi. Garry gulagyny keýertdi, Halyl ýene gaýtalady. Ahyrym, öý eýesi garryja aýal: – Çol bazarga gitgen. Mana kelip alady, keçiň siz – diýdi. Gurbannazar ikimiz içimizi tutup, yzymyza gaçdyk. Gurbannazar ýere ýazyldym-ýazyldym bolup gülýärdi. Menem iki elim bilen garnymy tutup: – Waý, içim!.. Gyryldy! – diýip gygyrýardym. Ho-ol bir haýukdan soň Halyl pahyram, otuň içi bilen çybşylldap, ýüzüni aşak salyp, yzymyzdan ýetdi. – Baý, munuň özbekçä ökdedigini! – Gapur Gulam bol-a! – Özbek dilinden doktorlyk goraýmal-a bi! Halylam indi içini tutup, bizden kem galanokdy. «Çal» diýilse, ol pahyr garry mama, adamsyna düşünse nätjek! Halyl hem, ýol boýy «Çal! Wah, häzir bir çal!» diýip, gulagyňy kamata getiremizsoň, «aýran» diýmänem unudypdyr. Munça «kilometrlik uzyn» gülkini, onda-da Gurbannazaryň gülküsini, dogrusy, şindi görmändim. «Bir ýurda gülki keseli ýolugyp, adamlar ondan açylybilmän, jan berip ugrapdyrlar» diýip, birmahal bir ýerde okapdym. Şol ýadyma düşüberdi. Ol-şindem şol tozanly ýoluň gyrasyndaky otlukda iki bükülip, ýumrugy bilen ýere gazyk kakýan şekilli bolup, meniň göz öňümde gülküden açylybilmän dur... ...Gurbannazaryň ýüzi ine birden näçe ýüz boldy! Gyzyl almany göterip barýan NURANA, ŞADYÝAN ýüz... Köneürgençde, dostumyzyň öýünde setir yzyna setir gözläp, bir ýygrylyp, bir ýazylýan YLHAMLY ýüz... Moskwada, ýurduň paýtagtynda ýakyn dostunyň eli bilen eden «mukaddes ýalanyny» görüp, başda ör-gökden gelip, ÄM-SÄM BOLAN ýüz... Ten awusy bilen sözüň süýjüsini garyp, «AGLAP» – ÝYLGYRYP DURAN ýüz... ALARYLYP BAKAN ýüz... Galyberse, GÜLKÜDEN ÝAŇA GÖZÝAŞA ÝUWLAN ýüz... Dogrudanam, bu nämekä – barelefmi, gorelef? ÝA mozaika diýdikmi? Belkem-de, bir ägirt witraždyr?! Mozaika peçde bişirilen reňbe-reň keramika tikelerinden has gaýym hem ymykly ýasalýar. Witraž bolsa, Küýzeçi aýtmyşlaýyn, akly-gyzylly çüýşe bölejiklerinden taslanan iňňän näzik zat bolýar. Ahmallyk etdiň – kül uşak! Göz aýla dört ýana – gül depe-düzüň! Seretseň asmana, görünýär ýüzüň! Ol bir özbaşyna gözetmez umman, Göge daş oklasaň, döwüljek asman! Hawa, şahyryň näzikden-näzik witraža meňzeş portreti barada onuň öz sözlerini üýtgedibräk, şeýle diýse bolardy: Ol bir özbaşyna gözetmez umman, Ýalan söz oklasaň, döwüljek, aman! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |