12:27 Ezizowyñ emri bilen -6: Eziz aga hakda söz | |
EZIZ AGA HAKDA SÖZ
Edebi makalalar
Gurbannazar gidensoň, Eziz aganyň howlusy çolaryp galdy. Elbetde, şahyryň dostlary bu ýere soňam häli-şindi geler-gider durardy. (Seýregiräk bolsa-da, häzir hem barýarlar). Ýöne howlynyň baş eýesini, onuň täji-görküni welin, indi gaýtaryp getirip biljek gudrat ýokdy. Baran wagtyňyz köplenç dalbardaky gadym sekide bir gysym bolup, çugutdyryp oturan Eziz aganyň ýagdaýyny görüp, men her gezek onuň ahwalyny beýan edibiljek sözleri tapamokdym. Ine, ahyrym, men ýakynda, şeýle sözleriň üstünden bardym: «Sary ýylan sokmadyk akja tenim galkyp çişer, Ýalňyz oguljygym görünmez, bagrym ýakar, Gury-gury çaýlara şerap saldym, Gara donly derwişlere wezir berdim, Aç görsem, doýurdym. Ýalaňaç görsem, don atdym, Depe kibi et ýygdym, Köl kibi gymyz sapdym, Hajat bilen taňrydan bir ogully boldum...» «Ýalňyz oguljygym görünmez, bagrym ýakar». Hawa, «Gorkut atadan»... Mauthauzeniň güzabyna çydan Azyz aga başyna düşen beýle derde, bu ýalňyzlyga uzak döz gelibilmedi... Ony oglunyň gapdalynda jaýladyk... Azyz aganyň, Gurbannazaryň ýaşan howlusy galdy. Bu howludyr onuň eýesi barada Öwezmyrat Babaýew şeýle ýazypdy: «Uzak ýerlerden adyny eşidip, öýlerine gelenler üçinem olaryň gapysy mydama açykdyr. Eziz aga ýaly, ol hem (Gurbannazar – A.A.) juda myhmanparazdy. Eger-eger, ýüreginde kir-kimir bolmazdy. Aýdyň asman ýaly açykdy. Jomartlykda-da ol hiç kimden pes oturmaz. Deň-duşy üçin baryny gaýgyrmazdy». ...Eger siz bu gün şu howla gelseňiz, siziň öňüňizden bir egnine ýetginjekligini, bir egnine-de ýigitligini göterip, onbäş ýaşlyja... Gurbannazar Ezizow bökjekläp çykar. Hawa, hawa, – Gurbannazar Ezizow! Uly şahyryň ogly. Dünýä inenini kakasynyň görmän giden perzendi... Gurbannazar... Ezizow!.. Iýul-awgust, 1989ý. POSTSKRIPTUM ...Hawa, bir mahal Kerim Gurbannepesow Gurbannazardyr Halyl üçimiz barada ýazanynda, «Tagan aýagy uç bolar» diýen halk pähiminiň diňe birinji ýarpysyny agzap goýupdy. Onuň yzy, ýagny, ikinji ýarpysy: «...biri döwülse, puç bolar»... Aýaklaryň biri däl, birden ikisi syndy... Üstesine halypamyz Kerim şahyryň özi-de aramyzdan gitdi... Indi men, ýeke galyp, nätmeli? Dogrymdan geleýin, käbir adamlar men hakda: «onuň tirkeşen dost-ýarlaryndan birisem galmady öýdýän» diýenlerinde, olar hakykatdan şeýle bir daş hem düşüp baraýanok. Şükür, galany-da bar, ýöne köpüsi, şeýle boldy, gitdi... Ine şol gidenler: Tankytçylardan Abdylla Myradow, Hanguly Taňryberdiýew, Saýlaw Myradow, şahyrlardan Halyl Kulyýew, Ýuriý Rýabinin, Italmaz Nuryýew, Öwezmyrat Babaýew, kompozitorlardan Nury Halmämmedow, žurnalistlerden Eduard Sklýar, hudožňiklerden Stanislaw Babikow, Mämmet Mämmedow, Öweznyýaz Saparow, sahna ussatlaryndan Oraz Hajymyradow, Annaberdi Atdanow. Men bularyň bary bilen bir howadan dem alyp, mertebelerine melul bolup kemal tapypdym. Gideniň yzy bilen gidip bolmaýar. Ýöne gideniň yzyny ýitirip hem aýatda gezip bolmaýar. Meniň üçin şu zehinli ogullaryň şu topragymyza basyp giden yzlary herne mukaddesdir. Ýöne başga bir tarapdan, men bu mähriban ýigitleriň, ýoldaşlarymyň hemmesini-de aramyzda bar ýaly duýýaryn. Häli-şindi olaryň kitabyny elime alýaryn, radioda, telewideniýede, sahnada ýaňlanýan aýdym-sazlaryny diňleýärin, dürli albomlarda, kitaplarda duş gelýän kartinalaryny synlaýaryn. Umuman, köplenç olaryň bize goýup giden eserleriniň arasynda, şol eserlerine siňdirip giden duýgularynyň, paýhaslarynyň, begençleriniň, gynançlarynyň, gylyklarynyň, keşpleriniň, şahslarynyň arasynda ýaşaýaryn. Garaz, hemmeleriň bolşy ýaly, olar bilen aýatda bolmasa-da, oýda-küýde duşuşyp durýaryn. Şonuň üçin hem göwün bu gün esasy bir zada suwsaýar. Ol hem bu adamlary ýakyndan tanan, bu adamlar bilen tirkeşen, duz-emek bolşan kärdeşleriniň şular hakdaky «janly» sözi-söhbeti. Men bu ýerde diňe bir özüm däl-de, ozaly bilen, häzirki hem geljekki ýaş ösdürimleri göz öňünde tutýaryn. Şol çeper zehinleriň 60-njy, 70-nji ýyllardaky milli medeniýetimizi ösdürmekde, ykrar etmekde hersiniň öz goşandy, öz orny bar. Şonuň üçinem olar, olaryň bitiren işi, galyberse, ýoýulmadyk janly keşbi, obrazy HEMMELERE gerek. Biz hem bu işe, bolmanynda, öz sözümiz bilen, şindi kütelişmedik öz gözümiz bilen, öz hakydamyz bilen ýardam berip biljek ahyry. Geliň, şeýdeliň. Geliň, özümiziň «ýörite çagyryLmagymyza» garaşman, eýsem, elimizden geleni bilen döwletli işlere il-güni çagyran ýaly, bolalyň. Geliň, şeýdeliň. Şeýdeliň!.. ÜÇ ATLY, ÜÇ AWÇY, BIREM SERDAR... (Şahyryň iki-üç goşgusyna syn.) Biz soňky pillämiz güýjümiz jemläp, Jepa çekip, ör boýmuza galypdyk. Ahmyr bilen: «Bu durmuşy ýene bir kerpiç beýgeldýäsek!» – diýip ölüpdik. G.Ezizow. Gurbannazar ikimizi SSSR Ýazyjylar soýuzyna kabul edenlerinde, näme sebäpdendigini bilemok, ara dört gün salyp kabul etdiler. Ony-ha TSSR Ýazyjylar soýuzynda 1966-njy ýylyn, 6-njy maýynda bolan ýygnakda, meni hem 10-njy maýdakyda guramanyň hataryna aldylar. Gurbannazar Ezizow SSSR Ýazyjylar soýuzynyň hatarynda durmaga mynasyp şahyr diýip, kabul ediş komissiýasyna resmi teklipnama ýazanlar Beki Seýtäkow, Kakaly Berdiýew, Nury Baýramow üçüsidi. TSSR Ýazyjylar soýuzynda boljak ýygnaga gatnaşmaly, ýaş şahyryň döredijilik ykbalyny (guramaçylyk planda) gutarnykly kesgitlemeli, gerek bolsa, oňa sorag-sowal berip, «goruna» göz ýetirmeli ýazyjylar hem Berdi Kerbabaýew (başlyk), Towşan Esenowa, Beki Seýtäkow, Guseýin Muhtarow, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Allaberdi Haýydow we ýene birnäçe ýaşuly ýazyjydy. Gurbannazaryň şol ýygnaga ugramazynyň öň ýany birhili howul tapjak ýaly bolup, şeýle diýeni ýadymda: – Täjikleň soýuzynyň başlygy Mürze Tursunzada soýuza kabul edilýän ýaşlardan, öňi bilen: «Gündogar klassyklarynyň gazal-goşgusyndan näçe setiri ýatdan bilýäň?» diýip soraýamyş. Bilýäniň on müň setirden az bolsa, yzyňa gaýtarýamyş diýip eşitdim... Öz ýazan zatlarymyň-a baryny ýatdan okap beribiljek, ýöne klassyklardan on müň setiri biläýjek bolsaň... Hernä, biziň ýaşulularymyz beýle zabun däldir-dä... Ol şeý diýip, biziňem ýüregimizi ýardy! On müň setir nireden bolsun!.. Biziň bar bilýänimiz... aý, aýdyp oturmaýyn. Bu gyssagarada-da indi Maýakowskiý bolaýmasaň, näme ýat tutubilersiň öýdýäň! Mekdep mugallymymyz I.I.Bologow Wladimir Wladimirowiç Maýakowskiý oglanlykdan, iki-üç sahypany okan badyna, kitabyň gatyny ýapyp, ony ýatdan aýdar oturar eken diýýärdi... Hany bizde olar ýaly «dogabitdi» zehin?!.. Ukyp?.. Hawa, bolsa-da ýaşulularymyzyň, dogrudanam, «beýle zabun däldigine» Gurbannazaram, üç-dört gün yz ýany özümem göz ýetirdim. Ýöne – haýp! Soýuza girýän ýaşlarymyzyň her biri on müň bolmasa-da, klassyklardan, azyndan, müň setiri bir ýatdan biläýse... gör, neneň gowy boljak! Biz hem şol töweregi bilseg-ä – bar onda! Gurbannazar o diýen köp bolmasa-da, özüde geregini ýat bilýärmidikä diýýän. Iň esasy zat – ol ägirtleriň döredijiligini magat bilmegiň düýp manysyna, onuň bahasyna ýetip bolmajak peýdasyna, şonsuz şahyryň uly şahyr bolup bilmeýändigine gaty gowy göz ýetirýärdi, ony öz döredijiliginiň-de ilkinji şerti saýýardy: Bu dünýede iň eşretli sütemdir MILLION SETIR OKAP, bir setir goýmak... ...Geliň, onuň bize goýup giden setirleriniň hiç bolmanda, ujypsyzja bölegine pursat-salym ser salyp geçeliň. Has dogrusy, şahyryň iki-üç goşgusyny tutaryk edinip, umuman, şygyr senedi bilen bagly käbir zatlar barada pikir ýöretmege synanyşyp göreliň... Altmyşynjy ýyllarda «Literaturnaýa gazetada» guralan poeziýa baradaky çekişmeleriň birine gatnaşan, goşgusyny (prozany-da) rusça ýazýan tatar şahyry Rüstem Kutuýyň makalasynyň: «Megerem, poeziýa – adam ogly ömründe ilki sapar nämedir bir zada haýran galan pursatynda başlandyr» diýen jümlesi häli-häzire çenli ýadymda. Poeziýany öz bagty saýan («Belki, bolan däldir otuzda bagtym, Bagtym diýäýmesem Poeziýama») Gurbannazar bolsa: Özüňi bagtly saý bir ajap pursat Sen begenip bilseň adaty zada – diýýär. Şahyryň goşgularynyň ählisine diýen ýaly «itergi berip» badalga bolan zatlaryň – «adaty zatlardygyny» nazara alsaň, G.Ezizowyň diňe bir pikiriçe däl, eýsem bitiren işiçe, tutuş döredijiligiçe, – Onuň Alyhezretleri Poeziýa hem hut şu ýerden başlanyp, adaty zatlarda «gizlenýär». Ýöne onuň şu ýerdedigini «açmak», aňmak, duýmak üçin, seniň kim bolanyň parhy ýok, esasy bir şert zerur: «seniň özüň BEGENIP bilseň»... şol adaty zada... Şeýle. Sebäbi men G.Ezizowyň tas ähli döredijiligini gözden geçirip, onuň içinden käýinilip ýa gargynyp, gahar-gazaba münlüp ýa näletlenip ýazylan ýekeje-de goşgyny tapmadym diýen ýaly. Şu aýdýanlarymyň sap özüni, hatda durmuşdaky nogsanlar barada ýazylan goşgulardan hem tapaýmak aňsat däl. Ýöne şuny aňmak üçin ýene-de özüň KIŞIŇ bitiren işine BEGENIP bilmeli! Ynha, meselem, garny doýup, mesirgän bir çişlikçi hakdaky şygry alyp göreliň. Bu azgyn indi maňňaldaky günüň güni jazyrdap, sarkyp duran toklynyň dogramçasyndan berç bolupdyr-da, asmandan uçup geçýän serçeleri ýaýlap, şolary çişe düzüp iýýär. Özünem bu hamy galyň gödek pyýada-da medeniýet, intellekt diýen zatdan nam-nyşan ýok borly: Äpet kelledäki kiçi beýnini Zor bilen işledýär, batýar-da dere, Atylan daşdanam biraz kiçiräk Serçeler patylap gaçýarlar ýere. Alty adam heder edýär nobatda Onuň haýýar hem nadara sesinden... Başga biri ýazanda, beýle urdumşalygy görüp, janagyrylyk bilen käýinäýjek ýaly, iliň doýan ýerinde BEGENMEJEK bu zalyma gaty-gaýrym sözlerden «ýadygärlik» dikäýjek ýaly. Ýöne bu goşguda, onuň äheňi birden dartgynlyk alaýanda-da, gönümel, gödeňsi sözleri tapmarsyň: Hany, eý, nobata şindi durmadyk, Hany, eý, ýedinji, ýedinji gerçek? Hany, gerek bolsa, oňa «Bes!» diýjek Ýa-da gerek bolsa, tumşugna berjek?! Hawa, goşgy düýpgöter başga tardan tutýan, adamlarda ýigrenji ýa gargynjy däl-de, graždanlyk duýgusyny oýarmaga gönükdirilen, şol bir wagtyň özünde hem bu çişlikçi tetellileriň «bognunyň gowşakdygyny» ýaňzydýan äheňe geçýär-de, kiçijik drama bilen jemlenýär: Sagatlykdanmy ýa basmarlan müýnden Akýar maňlaýyndan burçak-burçak der, Gorky bilen garap agyr märekä, Heder edýär ol ýedinji gerçekden... Şunlukda, ýene awtoryň-da, biziň-de kalbymyza «alynjak ar» baradaky BEGENÇ DUÝGUSY aralaş- ýar. Ol biziň içimize «girjek-girjek bolup, işikde, bosagada» dur... Kim diýýäňizmi? Soň aýdaryn... Şeýle-dä: tükel ýa begenilip, ýa «begenjek-begenjek bolnup» ýazylan goşgular. Ezizowyň goşgulary. Elbetde, Gurbannazarda gynanylybam, gyýlybam, köýlübem ýazylan ownukly-irili eserler kän. Eýsem, gynanmak BEGENMEGIŇ arka ýüzi dälmi näme? Bu duýgular çyn bolanda – olaryň ikisem şol bir ýerde, ynsan ýüreginde, emele gelýär ahyry («ýürekden söýýärin», «ýürekden ýigrenýärin» diýmeýäsmi näme?). Ýöne Şahyrdaky ýürek iki esse ýa, Gurbannazaryň öz aýdyşy ýaly, ON esse, hatda MÜŇ esse güýçli bolmaly: Ýyllar şuwlap geçende, baglar başyn egende, Sen juwanmyň, danamy ýa bolmasa gür sakgal, Bir ýürege on ýürek sygdyrmasaň eger-de, On ýüregiň ýer tapmaz bir ýürekli gursakda, Sen oňarsaň, bir ýürek deger müňüne derek. Gurbannazaryň goşgularynyň köpüsiniň şeýle ägirt ýürekde dogup, şeýle ägirt ýüregiň emri bilen ýazylandygyna men birjik-de şübhelenemok. Ýöne bu ýüregiň şeýle owadanlygynda, gözelliginde herne Haýyr-Sahawata, Söýgä, Halala maýyldygyndan, şolara ýugrulandygyndan daşgary ýene bir täsin ajaýyplykdan-da uly gatanç bar. Bu gatanç G.Ezizowyň elinden çykan eserleriň «urug tagmasy» ýaly bir zat bolup, olara özboluşly röwüş hem jadylyk alamatyny berýär. Bu ajaýyplyk – Romantika. Bu ajaýyplyk – Romantizm. Romantika bolsa men – her bir, hatda iň kiçijik zatda-da, uly ideallara bolan belent ymtylyş diýip düşünýärin. Aýdaly, ýaňky «prozalaç», baryp ýatan durmuşy kartinada – azgyn çişlikçili hadysada, wakada, bir göräýmäge romantika nirden ýer bolsun?! Emma beýle däl. Romantikanyň şahyryň öz kalbynda, ýüreginde ýaşany çyn bolsa, ol onuň nazarynyň, galamynyň galtaşan ýerinden-de bol-elin çykyp dur. Üns beren bolsaňyz, çişlikçiniň «haýýar hem nadara sesinden heder edip», nobata duran adamlaryň sany – laýyk altydyr. Başdan olaryn sany ýöne ýere şunça edilip aldandyr öýdýäňizmi? Ýok, beýle däl. ...Meniň «soň aýdaryn» diýýänimiň ýeri şu. Ertekilerde garyp daýhanyň ýa tersine, patyşanyň ýedi ogly bolup, altysy heläkçilige uçranynda, ÝEDINJINIŇ olaryň dadyna ýetip, ýa aryny alyp berip, hökman ýeňýändigini çagalar-da bilýär. Elbetde, biz goşgyny «okap barýarkak» bu barada pikir etmesegem, edýän däldiris. Ýöne «ýedinjilik» duýgusy (edil «üçünjilik» duýgusynyň,-da bolşy ýaly!) biziň her birimizde çagalykdan otyr ahyry. Ol, rusça aýtsak, aňasty, aňdüýbi ýagdaýda («podsoznatelno») hemişe «herekete girmäge» taýýar bolup dur. Şonuň üçinem, mydama adyllyk küýseginde ýören halymyza, biz bu içi «ýedinjili» goşgynyň erkimizi-durkumyzy özüne bent edişini, jadylaýşyny duýman galýarys. Başgaça aýdanyňda, biz şol pursat şahyryň (has aňyrsyna seretseň – halkyň) romantikasyna gark bolýarys. Romantika ýugrulan şygyrlar romantik ýürekli, filosofik dünýägaraýyşly Gurbannazarda näçe diýseň bar... Meşhur rus hem sowet hudožnigi Wiktor Mihaýlowiç Wasnesowyň (1936-njy ýylda ýogalypdyr). «Pälwanlar» (ýa-da «Batyrlar» – rusça ady: «Bogatyri», käte «Tri bogatyrýa» hem diýýärler) atly kartinasy siziň ýadyňyzdadyr. Gadym rowaýatlardan çykan galkanly-gürzüli üç pälwan elini gözüne kölgeledip, belent baýryň üstünden alyslara garap dur: eý, siz, rus topragyna gözüni dikýän ýagylar, nirdesiňiz? Gaýratyňyz bolsa, çykyň ala meýdana!.. Kartinany bir gezek gören, ony hiç ýatdan çykarmaýar. Režissýor Edmond Keosoýanyň goladüşmez ar alyjy üçlük hakdaky – iki sany ýigdekçe bilen bir dogumly ýaş gyzyň graždanlyk urşy ýyllarynda başdan geçiren täze (bular barada bir film ondan öňem alnypdyr) wakygalary hakdaky ajaýyp kinolentasynyň ilkinji kadrlary-da könleriň ýadynda bolsa gerek: Ekrany dolduryp duran äpet şapakdan «çykan» üç atly – üç sany adalat esgeri bize, tomaşaçylara tarap barha ýakynlaşyp gelýär. Göwnüňi galkyndyryjy, romantiki saz ýaňlanýar. Umuman, tomaşaçyda ekran serişdeleri bilen şu pursatda oýarylmaly duýgy şeýle belende galdyrylyp hem-de şeýle çuň oýarylyp, bu ajaýyp kadrlar-da hakydanda hemişelik orun alýar – özgeleri biljek däl, meniňk-ä şeýle boldy... A poeziýada? Poeziýada hakydaňa hemişelik ornaýan şeýle romantik üçlük, şeýle romantik eser barmy? Meniň oňa «hawa, bar» diýip jogap beresim gelýär. Agşamara ýüzün tutup şemala, Ýapynjasyn galgadyşyp, üç atly, Bir ýaýdan goýberlen üç peýkam bolup, Daga tarap atyldylar haýbatly. Obalaryň, mazarlaryň, ýaýlalaň Halyn sorap, aňry geçip barýarlar, Ýok, üç atly ýöne-möne baranok, Olar ganat baglap, uçup barýarlar... . Hawa, bu Gurbannazar Ezizowyň «üç atlysy», şahyryň çeper söz bilen döreden juda beýik obrazy... Ýokarky iki, üçlükden bu üçlügiň nämesi kemmiş? Goşgyny soňuna çenli (on kuplet!) üns berip okanlardan biri maňa şeýle sowal beräýse, men aýdardym: «Ozaly bilen, bu ajaýyp eserleriň üçüsem kalpda deň derejede ajaýyp duýgyny oýarmagy başarýar. Emma bularyň biri bilen beýlekisini deňeşdirip gürrüň etmek nädogry bolar». Näme üçin? Öňi bilen-ä, meniň öz aňlaýşymça, bu ýerde E.Keosoýan hem, G.Ezizow hem, ikisem – W.Wasnesowyň dünýä sungatynyň altyn hazynasyna giren şol kartinasyndan, galyberse, Gurbannazara degşirip, ýokarda öňem agzap geçişimiz ýaly, halk ertekilerinden döredijilikli täsirlenen bolmaly (Wasnesowyň özi hakda gürrüň ýok – onuň eseri rus halk rowaýatlaryna gönüden-göni illýustrasiýa). Ikinjiden, bu üç awtoryň hersi bir žanryň kada-kanunyna gulluk edip (žiwopis, kino, poeziýa), hersi bir žanryň çeperçilik serişdelerini, «öz dilini» ulanan. Ol serişdeler nädereje ussatlyk bilen işledilip bilnipdir – ine, bu barada welin pikir ýöretmek diýseň gyzyklydyr. G.Ezizowyň meşhur sowet söz ussatlary dagly şahyrlar Resul Gamzatowa, Kaýsyn Kulyýewe, Alym Köşekowa bagyşlap dereden bu «Üç atlysy» reňku-detallaryň, simwollaryň, eseriň umumy «howasyny» ýaradýan daşky atributlaryň sünnälenip ýerine ýetirilişi babatda, mukdar-u hiliň deňagramlylygy babatda, meniň hut öz pikirimçe, hiç bir jähetden ýaňky iki sany meşhur eserden pes oturmaýar. Atlylaryň ýeňsesini däl-de «ýüzüni şemala tutmagynyň», dagdan aşaklygyna däl-de, «daga tarap haýbatly atylmaklarynyň» sebäbi düşnüklidir (ýüze urýan şemal bu ýerde «janly» durmuşyň simwoly bolsa, ýeňsede däl-de, öňde duran dag indiki alynmaly belentliklerdir, ýeňilip geçilmeli kötelliklerdir – poeziýada aňsat ýol ýok!) Bentdäki «ÝAPYNJASYN GALGADYŞYP ÜÇ ATLY» diýen setiriň – atlylaryň «ýöne-möne barman», «ganat baglap, uçup barýandygyny» nygtap, muny, bu «uçuşy» okyjynyň göz öňüne has aýdyň getirmek hyzmat edýändigem düşnüklidir. Eýsem, atlylaryň ýola «AGŞAMARA» düşmesi nämedenkä? Ýogsam, «SÄHER BILEN ýüzün tutup şemala» diýilse, has gowy, has göwnüňi göteriji bolaýjak ýaly... Munuň jogabynyň goşgynyň diňe bäşinji bendinden tapýarsyň. Bu ýerde: «Zemin sarsýar bedewleriň gurbuňdan (bu obraz, megerem, ýaňky şahyrlaryň at-owazasynyň dünýä dolandygyny aýdýar), Atyň naly ýarym aýa meňzeýär» diýen setirler bar. Gündizine, şindi asmanda Aý ýokka atyň nalyny ýarym aýa meňzetmegiň geregiçe täsiri bolarmydy? Elbetde, ýok. Häzir bolsa, AGŞAMARA ýola düşen atlylar esli ýol geçensoň, belki, iňrik-de garalansoň, bu obraz seniň gözýetimiňi, dünýäňi has-da giňeldýän ýaly bolýar: goşgyny yhlas bilen okap oturan adam, şu bende ýeteninde, eýýäm ol üç atlyň üstünden dogan ýarym Aýyň özüni-de, islese, güman edip, islese-de «görüp» bilýär... Gepiň gerdişine görä aýtsam, Aýly-nally obraz Gurbannazara juda ýaran borly. Ol bu goşgusynda: «Atyň naly ýarym aýa meňzeýär» diýse, «Gijeki duşuşyk» atly başga bir şygrynda: Ýarygijäň aýy – edil tylla nal, Al-da, atyň toýnagyna kakyber! – diýip, bu obrazy «tersine öwrüp» oýnap görýär. «AGŞAMARA» barasynda ýene aýdylmaly bolsa, onuň, elbetde, Maýakowskiniň: «Poeziýa – nämälimliklere rowana bolmakdyr» – diýip belleýşi ýaly, KÄMILLIK, GARAŇKYLYK manysynyň-da bolmagy gaty ähtimaldyr. Belki-de, şahyr gürrüňi edilýän atlylaryň ýaşy durugyşan adamlardygyny ýaňzytjak bolandyr? Umuman, G.Ezizowyň «Üç atly» goşgusşy başdan-aýak setirme-setir analiz etmek edebiýaty öwrenýänler, tankytçylar üçin gyzykly bolsun gerek. Munda, Gurbannazaryň aglaba goşgularynda bolşy ýaly, öňi bilen, çeper detallaryň bolçulygyny görýärsiň... Ine, meselem, atlylaryň bilindäki hanjarlar «şapagyň nuruna nur goşýar»... Tersine bolmaly dälmi näme? Asmany-zemini dolduryp duran şapak nire, iki garyş hanjar! Ýok, tersine däl, Sebäbi? Sebäbi: Atalardan galan kesgir hanjary Ýöne ýere göterenok gerçekler: ÝAMANLYGY DOGRAM-DOGRAM ETJEKLER, ÝAGŞYLYGA ÝÜREKDE ÝER BERJEKLER! Ýagny, Şeri syndyrýan Haýryň nury kiçi bolsun, uly bolsun, parhy ýok, – elmydama tutuş dünýä çaýylýar. Ine şahyryň nygtap aýdýany!... Goşgudaky «ak telpegini bulaýan», «elhepus!» bilen kapyýalaşdyrylyp getirilen «Elbrus» barada-da: «Dodak bassaň» («diliňi ýa agzyňy degirseň», «içseň» däl – DODAK bassaň!) «damaryňda ganyňy dyňzadýan» (söweşe ugralanda öpdürip galýan magşuklar – dag zenanlary ýadyňa düşýär!) daglylaryň şeraby (ata-babalardan humy bilen agtyk-çowluklara pent şekilli bolup geçýän şeraby!) barada-da, «Perişte sypat goja» (kim ol taryhmy?) «ýollaryň piri» gyrat (geçip barýan müddet, ömür manysyndamy?) we gaýry çeper detallar barada-da näçe gürrüň etseň, edip oturmaly. Sebäp bularyň-da hemmesiniň ROMANTIKI manysy bar diýsem, öte geçdigim bolmaz... ...Men Gurbannazarlara baranymda, onuň gadymja tamdyrasyny tyrňyldadyp oturanyna az duş gelmändim. Şolar ýaly pursat ol ýerindenem turman, elinem uzatman, çalyp oturan sazynam bozman, ýöne: «gel, geç... häzir» diýip dutaryna ümläýärdi. Mahal-mahal bolsa, hiňlenerdi. Galapynam – Orazgeldi Ylýasowa öýkünip, – «Daglara». Şu golýazmany başda okan şahyr, Gurbannazaryň ýegre dostlarynyň biri Orazmyrat Gurdow maňa: «G.Ezizow hem türkmen sazy» diýen özbaşyna bir şahany-da ýazaýmaly ekeniň» diýip, ýöne ýerden maslahat bermändi, Gurbannazaryň aýdym-saz bilen şeýle diýerçeräk arasy bardy. Arman, hatda şuny ýazarça-da men-de ýok ol «sazşynas ukyby»... Onsoň bir gün Gurbannazar Alty Garlyýew kinostudiýasynda surata düşürilýän filmleriň birine aýdym ýazmaly diýip, režissýordan tabşyryk alanynda, «Daglar» diýen goşgusyny döretdi. Rejep Rejebow oňa saz ýazdy, ýöne aýdym filme «sygmady». Soň biz kompozitor ikimiz «filmde bolmasa, durmuşda aýdylsyn» diýip, tekstiň kä ýerine kakyş-kukuş etdik. Gurbannazar muny görmän gitdi. Şol goşguda şeýle setirler bar: ...Men-men diýip, daga köňül bagladym, Seni görüp, kiçiligme agladym... R.Gamzatow, K.Kulyýew, A.Köşekow ýaly ägirtlere ýaşlykda ýüzlenip ýazan şu «Üç atly» goşgusyny hem Gurbannazar şeýle sözler bilen jemläpdir: ...Ýöne entek tabşyrylan gyraty Siz deý çapyp bilmeýänme AGLARYN... «Aglamak» sözi Gurbannazar Ezizowda nämäni aňladýar? Gözünden ýaş döküp möňňürmegimi? Bir belent zada halys ýürekden ähli düýrmegiň bilen ymtylmagymy? Ahmyrymy?... Bu barada-da her bir tankytçy özüçe gyzykly pikir ýöredip bilerdi... (Galyberse, «tabşyrylan gyrat» POEZIÝA dälmi näme!) ...Ýogsa-da «Üç atlydaky» (onda-da iň ilkinji bendindäki!) iň esasy ýagny, «demi tutuş goşga ýetýän» merkezi obraz hakda aýtmany unudaýmaýyn. Ine ol: BIR ÝAÝDAN GOÝBERILEN ÜÇ PEÝKAM BOLUP... Gezek-gezegine atylan däl, üçüsem bir saparda ýaýa salnan üç peýkamy göz öňüne getirip, şu detala bir üns berip görüň!... UÇLARY DAG GOÇUNYŇ ŞAHLARY ÝALY TOWLANYP, IKI ÝANA GAÝTARYLAN IÇI ÜÇ PEÝKAMLY ÝAÝ, EÝSEM, – GADYM GREK LIRASYNYŇ EKIZ TAÝY DÄLMI NÄME! Men bu ajaýyp hem täsin obraza: Ýagty dünýä goýan birje setirin Beren sütemini hiç kimse bilmez – diýip ýazan Gurbannazaryň aňsatlykmy, kynlyk bilen ýetenini biljek däl. Ýöne onuň azaby gowşupdyr, bu obraz – «görünýär»! Ine, men şoňa Şat. Men bu ajaýyp obrazy G.Ezizowyň «Üç atly» goşgusynyň, hatda tutuş lirikasynyň AWTORLYK GERBI saýýaryn. «Uçlary dag goçunyň şahlary ýaly towlanyp...» Lira... Lirika... Romantika... Bir ýola Gurbannazardyr Nury Halmämmedow üçümiz Bäherdeniň dagyna awa gitdik ene topragyň ROMANTIKASY bilen ýüzbe-ýüz bolmaga!.. TSSR-iň Lenin komsomoly baýragynyň, Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň, Sowet Soýuzynyň Döwlet baýragynyň eýesi-üýtgeşik zehinli- ajaýyp kompozitorymyz, tapylgysyz dostumyz, ýoldaşymyz Nury Halmämmedow ýetimdi, çagalar öýünde önüp-ösüpdi. Ýakyn garyndaşlaryndan diňe agalaryndan biri, Bäherdende oturýan Baýly aga bardy Aw gürrüňini tapan Nurydy, towakgamyza pisint edip, bizden awçy ýasajak bolan hem – Baýly aga. Baýly aga pahyr (ol ýogaldy) biziň ok-ýarag esbabymyzy, tüňçe-tabak, duz-çaý goşumyzy, ulag şaýymyzy taýýar edip, Aşgabada çakylyk iberdi. Bizem bir gije onuňkyda ýatyp, ertesi daňyň düýbi agarmanka, jemi dört bolup, ýola düşdük. Baýly aga bizi bir çaýyň başynda düşürip, «Gün gyzyberse, ho-ol belentde köneje çatma bardyr, kölgeleseňiz...» diýdi-de, getirenje ýük maşynyna münüp, yzyna gaýdyberdi. Bizem, daň saz berdi welin, hil bir awçy bolup, bilimize hatar guşanyp, azyk torbamyzy egnimizden asyp, tüpeňlerimiziň tozanyny üfleşdirdik-de, «kürt kürti degirmende görsün» etdik: herimiz bir derä pytradyk. Birbada töweregimde kä ýerden bir gümpüldi ýaňlandy. Menem näler gümpüldetjek welin, käkilik diýlen jandar tüýs ala daşyň arasyna diýlip ýaradylaýan bolsa nätjek: ony gözüň görüp, aýyl-saýyl edip biljek gümanyň ýok! Birden edil aýagyň astyndan «jak-jaklap», hürre göterilip ötägidýär... Soň görüp galanyňdan ne peýda!.. Ýogsam, soňabaka yzyndan atybam gördüm-le... ...Bir görsem, iňrik garalyp ýör. Torbamyňam içinde it uwlaýar – boşan suw çüýşesi bilen «Derbi» çiliminden başga zat ýok! Yzymy gözledim. Çaýy tapdym. Çatmany tapdym. Awçy ülpetlerimden welin, derek ýok. Garaşdym. Gizläp giden ýerinden Nurynyň çaklaňja magnitofonyny çykaryp, «soňky perdeden» goýberdim. Diňe dutaryň owazy! Lemmer-lemmer bolup, höwürtgesi çaşyrylan bürgüde dönüp, bu dagdan o daga aýlanýar... (Nury şo döwürde hemişe «ýany halk mukamly» gezerdi) Gelýän ýok. Birden howla düşüp, asmana patyr-patyr ok atdym. Dym-dyrslyk. Şahyr hem kompozitor awçylaryň atlaryny ömrümde birinji gezek ähli güýjüm bilen gygyryp tutdum. Giden ugurlaryny syryp, «yz çaldym» – derek ýok. ...Ahyrym, men olaryň hersini bir harsaňyň teýinden tapdym. Ikijigem, dilleşen ýaly, gün gyzybereninde, äpet daşyň kölgesine giripdirler-de, tüpeňlerini mäkäm gujaklapjyk, urupdyrlar ukyny-öten agşamky oturyşygyň hasabyna! Düýşünde birgiden şir-peleňi atdylarmyka diýsem, ikisem, öýde ýatyrmykam diýip, gujaklaryndaky tüpeňleri görüp, ör-gökden geldiler! Bulak başynda ot ýakyp, çaý gaýnadypdyk. Käkilik datsaň-da! Üç torbanyň üçüsem bir-biriniň üstünde palçyk ýaly bulaşyp ýatyrdy. Şonda-da, awçylaryň gadym edähedine ilki bilen Gurbannazar başlady-da: – Atybilýädim-laý, walla. Onda-da bir okda – üçüsini! Ymyzganyp barýarkam, edil alkymyma gondular. Dözmedim-dä. Dözer ýalam däl! Bir görsem, Nuram munuňka eýerip, çyna berimsiz rusçalap otyr: – Ýa tože, bratsy, w wozduh strelýal!.. Beýle bolsa, men näme dymyp otyryn? Gel, menem wagladaýyn-la diýdim – fantaziýam bolmanda, kompozitoryňkyça-ha bardyr-da: – Heh... Men nä, käkilik gözländir öýdýäňizmi? Ýalňyşýaňyz. Men ilkibaşda, töweregime üns etmän, ýol aldym. Gaty uzaga gitdim. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýenleri-dä: men GOÇ gördüm! Hawa, dag goçuny! Ana, men şony yzladym. Getirenime görä, bir derekli zat getirip, siz jenaplary begendireýin diýdim. – Požaleý nas, biz saňa entek ýalançy diýemzog-a... – Dogrudyr. Men-ä ynanýan... aýdyber, dost jan... Göz-görtele ýaňsylanýanymy aňsamam, atylan ok daşdan gaýtmaz etdim: – Hakyky dag goçy-da... Men näme! Çyn awçylara eýgerdýärmi ol!... Ýogsam, atybam galdym – sowa geçdi, içigar... – Tüpeňiňdendir ol... Baýly agaň özi gowy adamam welin, tüpeňleriniň ugry ýok-da! – ...Ýanynda-da iki sanjak owlagy bar... – Znaçit, olaram üç ekeni-dä... biz ýaly. – Owlaklary ejesinden ýeser-how! – A sen onuň ejeleridigini näbilýäň? A belki... kakalarydyr? Men-ä onsoň bes edäýdim... ...Gurbannazaryň «Aldawçy awçylar» atly ajaýyp goşgusyny haçan ýazandygyny aýdyp biljek däl: Humar bolup dagyň agyr ysyndan, Bir-birine oňat sözler diýýärler... Bu awçylar biz bolsagam bilmedim. «Awçylar dem alyşda» atly meşhur kartinadaky, biri beýlekiden keýpi kök şol gyşaryşyp ýatan ýeser pyýadalar bolsalaram... Olaryňam sany üçmüdikä diýýän: Iki maral urýar bir okda biri, Beýleki bir okda – durna sürüsin, Üçünji şeýle bir çypdyrýar welin, Ol ikisi diýýär: hak ynsap bersin! Hawa, şeýle bir mylaýym, şeýle bir ýakymly, durşy bilen ýumora ýugrulan psihologik goşgy: ...Häsin ýetirse-de biri-biriniň, Olar bir-birine ynananoklar... Şygyr bir täsin, owadan ýüregi aýan edýän şeýle setirler bilen tamamlanýar: Başga adamlar-ä bilemok welin, Men-ä şeýle awçylary söýýärin! Hawa, bu setirlerem ajaýyp setir welin, bolsa-da, seni bu şygyrda ozalbaşda jadylaýan zat bu ýüregiň romantikasy: Awçylaryň «dili bilen orulan» ýaňky «süri-süri» aw hakynda awtor birden şeýle diýýär: ...Emma şol hal iki maral uzakda Ýaňja bolan balalaryn ýalaýar, Bir okdan ölmedik durnalar sürsi Gök Ýefratyň kenarynda ýaýraýar... Edebiýat teoriýaçylarynyň dili bilen aýtsak, goşgynyň kulminasiýasyny başga setir-bentlerden gözläp ýörmeli däl – ol ine şu ýerde, şu küpletde. Marallaryň awçylaryň okundan ölmän, sag-aman otlap gezip ýörenem ýeterlik ýaly welin, şahyryň hoş niýeti, pikiri has aňry, bu janawerleriň tohumyna-dowamyna deňiç ýaýlyp, uçup «Ýefratyň kenaryna» ýeten şelepli durnalaryň üsti bilen tutuş dünýä aýlanan ýaly bolýar. Zemin ýüzünde – derýalarda-daglarda, çölüstanu – gara baglarda janly jandaryň ganyna galynmaýa, olaryň sonarlap, uçup, ýüzüp, gezip ýörmesi idilliýamy? Hawa. Şeýle täsin dünýä bir eletmez idealmy? Elbetde. Men «romantika – duýgynyň, emosiýanyň baýlygynda belent ideallara bolan ymtylyşdyr» diýip nädogry düşünýän bolaýmaýyn, estetikadan öz gömükligimi ile paş edýän bolaýmaýyn diýip, ýörite «Uly rusça – türkmençe sözlüge» seredip gördüm. Gynansagam, bu sözlükde «Romantizm – arzuwçyllyk, arzuw edijilik» diýlip, kelteräk aýdylan eken. Goý, arzuwçyllyk bolsun – şeýle hoş arzuwa, belent hyýala ýetesi zat barmy näme! Gurbannazar bize gaýry zatlardan daşgary belent arzuwçyllygy-da goýan adam ahyry! ...«Gyzlaryma» atly goşgyny ýazan Gurbannazaryň öz şahsy durmuşynda hem bir uly arzuwy bardy. Ol dört gyzdan soň ogla garaşyp, ogul arzuwyny edýärdi. Ogul bolsa, onuň adyna «Serdar» dakmak niýeti bardy (Serdar kakasy ýogalanynyň aý ýarym yz ýany dünýä indi, onuň adyna «Gurbannazar» dakylmaly boldy). Beýle diýsem, Gurbannazar gyzlaryna mähir-mylakatsyz ýa göwnüçökgün bakandyr öýütmäň: gyzjagazlaryny onuňky ýaly apalaýan, gowy görýän kaka az-azdy. Gurbannazar körpe gyzy Ogulabat hakda käte şeýle diýerdi: «Şu Olakga bir zady gizlese – çilim bolsun, galam bolsun, – özünden başga ýeke adamam, hatda SRU-nyň işgärleri geläýe-de, tapmaýar ony şu öýden... Baý, munuň ýeserjedigini!»... Dört gyzym, dert nury didäm, Gulak goýuň közlerime: Dört ogul deý, dert iner deý Kuwwat beriň dyzlaryma... Hawa, bu setirler onuň gyzlaryna bagyşlan goşgularynyň birinden alyndy. Şahyryň galamdaşy Аmаnmyrat Вugаýеwiň aýtmagyna görä, «Gyzlaryma» atly bu şygyr şahyryň iň soňky okan şygry eken. Ezizowy şol komandirowka gidişlikde 1975-nji ýylyň 28-nji sentýabr güni Krasnowodsk raýonynyň Gyzylsuw obasyndaky sekizinji mekdebiň okuwçylary, mugallymlary el çarpyp, gaýta-gaýta goşgy okamaly edipdirler. Ol hem hemişeki okaýan goşgularyny boldum edip, çykyşynyň ahyrynda şu goşgusyny okapdyr: Ýigit kimin, bir är kimin Iliň-günüň hoşy boluň, Adyňyz-abraýyňyz bilen Bir hataryň başy boluň. Oguldan ýanyp ýörenler Çeke-çeke ahy-zary, Diýsin, sizi ýüze sylyp: «Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!» Bu ýagdaýlary men şahyryň «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» atly goşgusyny agzamak üçin aýdyp otyryn. «Hüwdiniň» ilkinji beňdi maňa G.Ezizowyň romantizminiň aňrybaş nusgalarynyň, belentlikleriniň biri bolup görünýär: Eýýäm güneş batypdyr, Aý-da agyl atypdyr, Garagolja Serdarym Süýji uka batypdyr... Erkek adamyň hiç mahal-da aýagynyň başam barmagyna sallançagyň bagyny orap, el işiniň arasy bilen bäbek huwwalap oturanyny gören ýokdur. Ýöne şeýle-de bolsa, bu hüwdüden Gurbannazaryň «öz sesi» eşidilýär. Bu onuň şahyr ýüreginden çykan hüwdüsi, folklor žanrynyň formasyna «gizlenilip» beýan edilen iň arzyly sözleri. Şahyryň şu bentde ulanan («beren sütemlerin hiç kimse bilmez»!) çeper tärlerine nazar aýlap göreliň. Ezizow turuwbaşdan öz «garagolja Serdaryna» älem soltanynyň özboluşly alamatlaryny berip, ony şeýle bir romantiki belentlige göterýär welin, bary-ýogy oýnam setirde (on bir sözde!) zeminiň täji ynsan ba- lasynyň juda nepis, iňňän şahyrana portretiniň gizlenip ýatandygyny okyjylaryň birentegi birbada aňşyryp-da ýetişmeýärlermikä diýýärin. Ynha mysal. Näme üçin: «GARAGOLJA Serdarym»? Sebäbi. Ol uzakly gün, içerini bazar eýläp, bir ýerde durmandyr-emedekläpmi, «ýörjen-ýörjen» bolupmy, ASMANDAKY GÜNEŞ ÝALY hemmäniň kalbyna mähir, ýüzüne nur saçyp, süýşüp-aýlanyp ýörüpdir. Indi ýatypdyr. Onuň bolupjyk ýatyşyna-da bir serediň – «Aý-da agyl atypdyr!» Asmanda Aý agyllanynda, nähili bolýanyny biz bilýäris ahyry... Eýsem, bu ýerdäki «agyl atmak» gepiň ýa «kapyýanyň gerdişine» getirilen sözlermidir? Aý agyllanynda, onuň daşyna gadym ýagşyzadalaryň, pygamberleriň roýunyň daşyndaky ýaly kümüşsöw nimf – keramatly halka aýlanýar: külli Ýewropanyň (Aziýanyňam!) buýsanjy bolan ikonalary ýada salaýyň! Ine şu rimfiň (agylyň) içindäki asmanyň Aýyna meňzeş nurana roý hem – sallançakda «süýji uka batan» Serdarjygyň roýy – ýüzi-dä!.. Ol sende, ünsli okyjyda, hut şeýle assosiasiýany döretmeli. Meniň ene ýüreginiň şahyranalygyna hiç bir sözüm ýok. Ýöne şindi agy-garany seljermän ýatan, ulalandaky bitirjek işleri mydama ýagşa ýorulýan ynsan balasynyň şu zeýilli inçeden ajaýyp, çuňmanyly «kosmiki» portreti diňe çyn ussadyň, uly ŞAHYRYŇ galamynyň emri bilen döräp bilýär. Uly şahyryň gözi köp zatlary biri-birine baglap-badaşdyryp görmegi başarýar, şol zatlaryň aňyrsyndan fotoplýonkadaky keşp ýaly bolup emele gelýän, ine-gana ýüze çykýan şahyrana şekili ilden ozal aňşyryp ýetişýär. Bendi ýene-de bir ýola, logiki yzygiderlik nukdaýyndan-da okap göräýeliň: Eýýäm güneş batypdyr... Aý-da agyl atypdyr... Garagolja Serdarym... Süýji uka batypdyr... Hemmesi ýerbe-ýerdir... Şahyr bu eseri ýazanynda, çakym, Ynsan Balasy, Onuň Özi Kysmylaryň, ýagny Adamlaryň arasyndaky orny, borjy baradaky düşünjesini, oý-pikirini çuň ýürekden syzdyryp, özüne, poeziýasyna mydama güýç-medet berip, ilerletjek, öňe äkitjek mizemez çelgini, simwoliki serdary, belent idealy gören ýaly bolupdyr: Epilýançä, bil balam, Bir dilegim, bil balam, Maňa köp zat gerek däl, Köpüň ogly bol, balam, ...Derdiňi men götärin, Sen göter il derdini... Hawa, köplük, il, ýagny, halk – şahyryň arzuw eden Serdarynyň-da serdary. Şeýle ogul, şeýle ömür, durmuş bolsa – romantik şahyr Gurbannazar Ezizowyň i d e a l y. Ine şu sebäpdenem biz bujagaz ýazgylarymyzyň başynda aramyzdan ir giden şahyryň: Biz soňky pellämiz güýjümiz jemläp, Jepa çekip, ör boýmuza galypdyk, Ahmyr bilen; «Bu durmuşy ýene bir kerpiç beýgeldäýsek!» – diýip ölüpdik... diýen setirlerini epigraf aldyk. Sebäp durmuşy belent arzuwsyz, ajaýyp ideallara bolan ymtylyşsyz ROMANTIKASYZ beýgeldip bolmaýandygyny hemmämiz bilýäris. ...Seniň hatda pesent durmuşyňy-da beýgelidýän Gurbannazar ýaly çyn romantiklerdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |