12:33 Ezizowyñ emri bilen -7: Söhbet dowam edýär | |
SÖHBET DOWAM EDÝÄR
Edebi makalalar
Egindeşleriň dialogy 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bir maşynyň içinde heläk bolan: Gurbannazar Ezizow Garadamagyň öwlüýäsinde; Ýuriý Rýabinin – Aşgabadyň şäher gonamçylygynda; Wasiliý Şabanow – Moskwanyň Wagankow mazarystanynda... Ýöne bularyň üçüsem, bu şahyrlar bilen egindeş, ruhdaş Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Öwezmyrat Babaýew dagam bu gün biri-biri bilen öz şahyrana söhbetlerini dowam edýän ýaly. Bularyň pikir-duýgusy, goşgularynyň temasy, äheňi, hatda kämahal mazmuny, bir nesliň wekilleri hökmünde, biri beýlekisiniňki bilen ýörmeşip gidýär. Olar käte biri-biriniň gürrüňini dowam edýär, bile oýa batýar, käteler bolsa jedelleşýär hem... Mahal-mahal men, nirä çyksam-da, bu galamdaşlarymy ýatlanymda, alyslardan bularyň sesini, goşgularynyň setirlerini eşiden ýaly bolýaryn. Häzir ine, Gurbannazar bilen Halylyň sesi gelýär. Diňläliň... ■ ...SÄHRA ÇYKYP DIŇLÄLIŇ: G. EZIZOW: – Aç gujagyňy, sähram, Goýnuň çaglydyr, Meniň ähli baham Saňa baglydyr. Sen maňa pata ber, Perzendiň deýin, Seniň durşuna der Ýüzün öpeýin... Sähram!.. Synmaz örküm, Syryň aç maňa. Ýer ber. Menem köküm Uraýyn saňa! («Sähram») H.KULYÝEW: – Dünýä inerime garaşyp ilki, Intizar bakandyr ýoluma, belki, Oglumyň ak ýoly, gyzymyň görki, Atamyň namysy, ary sähralar. Merde buýsanç, ejizlere müýnsüň sen, Söýmedige, bilmedige kynsyň sen, Aýdym aýtsam, ses ýeterden giňsiň sen... ■ ...OBA BARYP DIŇLÄLIŇ: G. EZIZOW: – Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara, Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym. Gussa bilen bakyp söwüt, çynara, Saýasynda goşawuçlap suw içdim... H.KULYÝEW: – Görünenok toz-topraga bulaşyp, Oýnap ýören bir mahalky çagalar. Gelin-gyzlar geçip barýar gülüşip... – Asyl gudrat eken biziň obalar! G.EZIZOW: – ...Çagalygmyň gulpaklyja gyzlary Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm. Hany nirde o ýyllaryň yzlary, Şol yzlary yzlap geldim, eý, obam! H.KULYÝEW: – Bir mahalky gyzlar bolupdyr ene, Pensiýa çykypdyr öňki eneler... G.EZIZOW: – ...Sen ýylda gidýärsiň dogduk diýara, Onuň sada görmeginden doýanok, Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň, Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok... H.KULYÝEW: – Obam! Sende çagalygym göründi. Obam! Sende gülüp duran göz görýän. Hany maňa özüň jogap ber indi: Ýa senmikäň, ýa menmikäm özgerýän? («Oba») G.EZIZOW: – ...Şeýdip. herne geçmişiňe gatnaýan, Sen şol geçmişiňden daşlaşmak bile... («Ene gaýdyp geldim dogduk diýara») ■ ...KITAPHANA GIRIP DIŇLÄLIŇ: G.EZIZOW: – Ol goşgular likbezlerde ýaňlandy, Söýdi bu ýurdumyň garrysyn-ýaşyn, Ine, ýüregimde bir şygyr ýatyr, Basmaçynyň oky dilipdir döşün. Olar döwrün agyr-agyr ýollaryn, Beýik ykballaryn saýlap aldylar, Olar kombrig bolup hem kombat bolup, Rewolýusiýaň goragyna galdylar! («Otuzynjy ýyllaryň goşgularyna») H.KULYÝEW: ...Söweşlerde gülle bilen ýazyldy Bu beýik aýdymyň ilkinji bendi, Soňra bolsa sähralarda ýaňlanyp, Baharlar bark urýan gülzara döndi. Bu aýdymy okoplarda aýtdylar, Gyşyna – gar, bägül boldy ýazyna, Esger gelenden soň öz aýdymyny Aýdyp berdi ogulyna-gyzyna... («Atalardan ýadygär») ■ ...NIKA TOÝLARYNDA OÝLANYP DIŇLÄLIŇ: G. EZIZOW: – Öwgülerden humar bolup gijeler, «Alyň!» – diýip, kişiň gapysyn kakdym, Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile Söýmedik gyzlarmyň döşüne dakdym. Men ony boş gijelere paýladym, Men ony Boş gürrüňlere paýladym. Ine bu guk uly döwletden galan Köpüklermi ahmyr bilen sanadym... («Ýaşlyk») H.KULYÝEW: – Ýaşlyk bir pasyl diýp gam çekme dostum. Saýlap söýgün gözelleriň seresin, Joşgunly söýginiň ýetir sen waspyn, Aýdym bilen päk ýürekler eresin... («Ýaşlyk bir pasyl diýp...») ■ ÝUBILEÝ TOÝLARYNA ŞAÝLANYP, DIŇLÄLIŇ G.EZIZOW: – Meniň öz ýaşyma uly baham ýok, Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar. Ele palta alyp, köpri ýasamok, Boluşyna görä Poeziýam bar. («Otuz ýaşda ýazylan goşgy») H.KULYÝEW: – Ýüreklerde ylham, Maňlaýlarda der, Kalbymyzda gözel-gözel niýetler... ...Hany sizem bir zat diýiň ýigitler, Otuz bäş ýaşymyň dolan gününde... («Dostlar bolup bir saçaga üýşdük biz») ■ ...DÖREDIJILIK HAKDA AGZAP DIŇLÄLIŇ G.EZIZOW: – Hany geçen günleň gyzgyn jedeli, Geçen günleň gyzgyn hyjuwy hany? Neçün beýle boldy, aýan edeli, Eýýämden öçäýmek ir dälmi, Halyl? Suwsuz degirmendir jedelsiz şahyr. Böwrüň diňläp, şahyr bolaýmaklyk kyn, Biz gijeler goşgy ýazardyk ahyr, Erte bir söz üste sögüşmek üçin... («Jedeller») H.KULYÝEW: – Ýok, entekler ir, gadyrdan, Bu pelsepä baş goşmak. Şahyr üçin ölümdenem Ýowuz ahyr köşeşmek! («Iki şahyr») * * * H.KULYEW: – Säher hakda, çörek hakda, ýar hakda Müňläp şahyr müňläp goşgy goşdular, Täze pikir peýda bolsa gursakda, Dörediň, oglanlar, täze goşgular! («Gowy zatlar hakda gowy goşgular») G.EZIZOW: – Egri ýollar şahyr üçin hatarly, Ýöne, dogrudanam, ägä bol, şahyr, Käte dogry pikriň artyklygyndan Nädogry goşgy hem döräýýär ahyr! («Erbet goşgular») ■ ...GEÇEN GÜNLERIMIZE MEŇZÄP DIŇLÄLIŇ: G. EZIZOW: ...Sökdüm ýakyn-yrak ençeme ýoly, Ahyr şol gözele gözlerim düşdi. Ol bolsa hiç zada düşmeýän ýaly, Öz pikiri bilen duşumdan geçdi... Geçip gitdi şowurdadyp köýnegin, Gözi gara, köýnegi-de gök eken, Şu gözeldi meniň ähli gözlegim, Ýöne gözel meni gözlänok eken... («Gözlegim») H.KULYÝEW: – Käte, näme... Şowsuzlygam bolup dur. Aýdaly, söýsem-de, söýmändir bir gyz... Durmuşyň ajysyn ýuwudyp sessiz, Böwrüm diňläp, hasrat çekmedim hergiz... («Günleriň birinde») ■ GONAMÇYLYKDA DYMYP DIŇLÄLIŇ H.KULYÝEW: – Ýalňyz güňüň sora – ýalňyzlygyňdan, Gamgyn günüň gora – gamgynlygyňdan. Güneşden, ýeňişden, aýdymdan sora, Olar saňa habar ýetirer menden... («Hat») G.EZIZOW: – Men ýetmän ölmerin seniň ýanyna, Bararyn ajalyň syrtmagyn kertil, Senden neçe menzil daşlaşan bolsam, Şonça-da seň bilen ýaşaryn artyk... ...ÜLKÄMIZIŇ GIŇIŞLIKLERINE ÇYKYP DIŇLÄLIŇ G.EZIZOW: – Gyrasynda maşyn, otly ýollarnyň Ak bagtymyz – ak pagtanyň käni bar, Bir ýerlere barýan adam ellerniň Bulanşynda «Armaň!» – diýen many bar. («Şahyr bilen ulus-iliň arasy») H.KULYÝEW: ...Atyzlarda bolsa mawy kerwenler Göýä algyr laçyn guş dek pelpelläp, Asly babadaýhan işe türgenler Bir ýanyndan gidip barýar saýhallap... («Güýz») | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |