11:06 Faraon -19: romamyñ dowamy | |
ON BIRINJI BAP Sargon hökümdaryň kabul etmeginden soňra Memfisden faraonyň hatyna garaşyp, Bubastda ýaşamagyny dowam etdirdi. Şol wagtda serkerdelerdir tanymal toparyň arasynda gaýtadan geň "myş-myşlar“ ýaýrady. Žresleriň näme sebäpden şeýdendigi belli däl, olaryň diňe bir assiriýalylaryň tölenmän ýatan pajyny geçip, munuň üstesine, paç tölemekdenem hemişelik boşatman, eýsem, Assiriýanyň demirgazyk goňşusy bilen urşuny ýeňletmek üçin, uzak ýyla parahatçylykly şertnama-da baglanyşandyklary hakda finikiýalylar juda gizlinlik bilen gürrüň edýärdiler. Olar: "Wagşylara edilýän ýeňilliklerden habarly bolup, faraon-a halys haýallapdyr, şa ogly Ramses-de juda gaýgyly halda gezip ýör. Ýöne olaryň ikisi hem žreslere boýun bolmaga mejbur, sebäbi tanymal toparyň, goşunyň özlerine wepalydyklaryna ynananoklar“ diýýärdiler. Bu hemmeden beter Müsüriň saýry adamlaryny oda-köze düşürdi. Bergä batan müsürli tanymal adamlar öz aralarynda: "Näme, nebere indi bize ynananokmyka? Žresler her edip, hesip edip, Müsüri biabraýçylyga, ýykylyp-ýumrulmaga eltmek pikirine gelen bolmaga çemeli. Sebäbi eger Assiriýa nirededir bir uzak demirgazykda uruş alyp barýan bolsa, onda edil häziriň özünde onuň üstüne çozmaly-da, alynjak olja bilen hem-ä patyşanyň takyrap ýatan gaznasyny doldurmaly, hem-de saýry adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaly“ diýşip pyşyrdaşýardylar. Ýaşlardan kimdir biri mirasdüşerden: „Sen assiriýaly wagşylar barada nähili pikirde?“ diýip soramaga ýürek edip bildi. Mirasdüşer oňa jogap gaýtarmady, ýöne gözlerindäki uçgun hem-de gysylan dodaklary onuň duýgusyny mesaňa-mälim görkezipdi. Tanymal jenaplar ýene: „Neberäniň žresleriň toruna düşendigi, onuň tanymal adamlara ynanmaýandygy, Müsüre uly betbagtçylygyň howp salýandygy görnüp dur...“ diýşip pyşyrdaşýardylar. Bu gizlin gahar basym tas dildüwşük ýaly bolan ogryn ýygnanyşyklarda özüni äşgär etdi; olara köp jemende gatnaşsa-da, ýa-ha özlerine aşa ynamly, ýa-da gözi gapylan žresler köşk adamlarynyň pikirine gulak gabartmadylar. Bu duşmançylygyaňan Sargon bolsa oňa ähmiýet bermedi. Ol Ramsesiň özüni halamaýandygyyny bilýärdi, ýöne muny sirkde bolup geçen ahwalatdan, aýratynam, gabanjaňlykdan görýärdi. Ilçi hökmünde özüne el degrilmesizdigine ynamly Sargon ajy suwy köp içýärdi, wagtyny meýlislerde geçirýärdi hem-de tas her agşam diýen ýaly finikiýaly näzeniniň ýanyna gatnaýardy; žres gyz özüne ýaramsaklyk edýän, gymmatnaha sowgatlary döküp duran Sargony gün-günden has mähirli garşylaýardy. Ýokary toparlaryň keýpi, ine, şeýledi. Bir gezek gije Ramsesiň köşgüne Mentesufis gelip, özüniň gyssagly mirasdüşeri görmelidigini mälim etdi. Köşk adamlary şa oglunyň ýanynda bir aýalyň bardygy sebäpli, ony biynjalyk edip bilmejekdiklerini aýtdylar. Emma Mentesufis ýer depip duransoň, Ramsesi çagyrmaly boldular. Hökümdar nägileligini hatda ýüzüne-de çykarman, derrew daşarda peýda boldy. Ol žresden: - Eýgilikmi? Beýle bimahal çak janyňa jaý tapmansyň weli, bizde uruş başlaýan-a däldir-dä hernä? - diýip sorady. Mentesufis Ramsese içgin syn etdi-de, ýeňillik bilen dem aldy. Soňra: - Sen şu gün göz baglanyp ugraýanda hiç ýere giden dälsiň? – diýip sorady. - Bärden ýekeje ädimem çykamok. - Men muňa žresiň sözüni berip bilerinmi? Mirasdüşer geň galdy. - Eger meniň özüm söz berýän bolsam, seniň sözüň artykmaç bolmazmy? – diýip, ol buýsançly gepledi. – Ýeri, onsoň näme boldy? Olar aýratyn otaga geçdiler. Žres tolgunyp gepledi: - Hökümdar, bir sagat mundan ozal näme bolanyndan habaryň barmy? Ýaş oglanlar Sargonyň üstüne çozup, ony taýak bilen ýenjipdirler! - Haýsy oglanlar? Nirede? Mentesufis gözlerini mirasdüşeriň ýüzünden aýyrman durşuna: - Finikiýaly žres gyz Kamanyň kiçi köşgüniň ýanynda – diýdi. - Ýürekli oglanlar eken! Şeýle güýçli adamyň üstüne çozmak!..Ol, ähtimal, birnäçesiniň eýmejini ýetiren bolsa gerek! – diýip, Ramses haýran galdy. - Ýöne ilçä kast edilipdir! Onda-da Assiriýanyň hem-de Müsüriň şan-şöhraty bilen goralýan ilçä! Şa ogly hahahaýlap güldi. - Diýmek, patyşa Assar öz ilçisini hatda finikiýaly tansçy gyzlaryň ýanyna-da iberýän eken-dä!.. Mentesufis özüni ýitirdi. Ýöne birden maňlaýyna şapbyldatdy-da, özi hem hezil edip güldi. - Meniň aňmazakdygymy, syýasat diýilýän zatda çöňňedigimi görýärmiň, şa ogly! Gije özüni alyp barşy şübheli zenanyň öýüniň golaýynda köwejekläp ýöreniň şol wagt ilçi däl-de, eýsem, adaty adamlaryň biri bolýandygy kelläme-de gelmändir!..Ýöne nähili bolanda hem, gelşiksiz ýagdaý ýüze çykypdyr. Sargon bizden öýkelese gerek. - Wah, žres, žres! – diýip, şa ogly başyny ýaýkap, batly gepledi. – Sen has zerur zady unudýarsyň: Müsüre gorkmak-ha beýlede dursun, eýsem, Sargonyň, hatda Assaryň hut özüniň bize dostlugyna ýa-da bizi halamazlygyna nähilidir bir ähmiýet bermek hem laýykatly däl. Mentesufis haýbatly ýigidiň agzyndan çykan paýhasly sözlere aňk-taňkbolansoň, diňe baş atyşyna: - Şa ogly, hudaýlar saňa danalygy peşgeş beripdirler – goý, olaryň atlaryna şan bolsun!Men şol bozgaklary tapyp temmi bermegi emiretmekçidim, ýöne iň gowusy seniň maslahatyňa eýereýin, sebäbi sen danalaryň danasy. Indi bolsa Sargon hem-de şol bozgaklar bilen näme etmelidigini aýt – diýdi. Ramses: - Birinjiden-ä, muny ertire goýmaly. Hudaýlaryň bize ýollaýan düýşüniň köplenç gowy maslahatlary getirýändigini sen žres hökmünde biläýmeli – diýip jogap gaýtardy. - Eger ertire çenli-de kelläme hiç zat gelmese näme? - Ertir Sargonyň ýanyna özüm bararyn hem-de bu bolgusyz başdan geçirmäni onuň ýadyndan çykartjak bolaryn. Žres şa ogly bilen mähirli hoşlaşdy. Ol öýüne dolanyp barşyna: „Şa oglunyň bu gabahat işde günäsiniň ýokdugyna kelläm bilen jogap berýän. Onuň özi-de urmandyr, beýlekileri-de küşgürmändir. Hatda bu barada hiç zat bilmeýändigi-de görnüp dur. Jenaýat barada şeýle sowukganly, paýhasly pikir ýöredýän kişi bozgaklyga gatnaşyp bilmez. Rast, ýagdaý şeýle bolsa, derňewe başlabermeli, eger şol çöpürlek wagşy köşeşmese, ýakymsyz ýigitleri kazyýete tabşyrmaly. Ynha, saňa ilçiniň kemsidilmeginden başlanan dostlukly gatnaşyk hakdaky şertnama!“ diýip oýlanýardy. Ertesi gün Sargon tä günortana çenli keçeden galman ýatdy. Aslynda-ha beýle ýagdaý häli-şindi, ýagny her gezekki içhä-içlikden soňra bolup durdy. Onuň ýanynda pessejik ýumşak sekide dindar Izdubar otyrdy; ol gözlerini ýokary dikip, doga okaýardy. Welmoža uludan dem alşyna: - Izdubar, bolup geçen wakadan köşk adamlarynyň hiç biriniň habarly däldigine sen ynanýarmyň? – diýip sorady. - Weý, hiç kimiň görmedik zadyny kim bilsin? - Müsürliler näme? – diýip Sargon hyklady. - Müsürlilerden diňe Mentesufis, hökümdar hem-de şol haramzadalar bilýärler. Soňkular-a seniň ýumrugyňy uzak wagtlap ýatda saklasalar gerek. - Mümkin. Ýöne meniň göwnüme bolmasa, olaryň arasynda şa ogly-da bar ýalydy. Ol hem ýetdik paýyny alandyr: burny döwülmedik bolsa, şikes-ä ýetendir... - Mirasdüşeriň burny abat. Maňa ynan, ol bozgaklaryň arasynda bolmandyr. Sargon uludan dem aldy. - Eger şeýle bolsa, şa ogly urşuň sebäpkärlerini gazykda oturtmaly. Sebäbi ilçi diýeniň hormatly...hem-de el egrilmesiz adam bolýar ahyry... Žres: - Men saňa öz ýüregiňden gazaby kowmalydygyňy aýdýan. Onsoňam şikaýat ediji bolaýma, ýogsam şol haramzadalaryň işine kazyýetde seredip ugrarlar-da, patyşa Assaryň ilçisiniň finikiýalylar bilen gatnaşýandygyny, iň erbedi-de, gije täk özüniň olara myhmançylyga barýandygyny älem-jahan eşider. Iň esasy zat hem, seniň köne duşmanyň, örän uly wezipäni eýeläp oturan Lik-Baguş: „Hany, aýt bakaly, Sargon, sen haýsy finikiýalylar bilen tirkeşdiň, gijänuiň ýarynda olaryň ybadathanasynda näme barada gürrüň etdiň?“ diýip soraýsa, näme jogap gaýtararsyň? – diýdi. Sargon uludan dem almagyny dowam etdirdi. Ol dem almaga garanda, ýolbarsyň hyňranmasyna meňzeýärdi. Birdenem otaga assiriýaly söweşiji atylyp girdi. Ol dyz epip, maňlaýyny ýere degirdi. Soňra Sargona ýüzlenip: - Biziň hökümdarymyzyň gözüniň röwşeni! Işikde birnäçe ýokary wezipeli adamlar, welmožalar saklandy. Olaryň ýanynda faraonyň mirasdüşeri-de bar. Ol, megerem, saňa hormatyny bildirmek üçin bäri girmek isleýär - diýdi. Sargon görkezme berip ýetişmänkä, gapyda şa ogly peýda boldy. Ol uzyn boýly garawuly itip goýberdi-de, haýdaşlap Sargona tarap ýöneldi. Juda aljyran Sargon ýalaňaçlygyna başga otaga ökje göterjegini-de, keçäniň aşagyna sümüljegini-de bilmän, düşeginde gözlerini mölerdip ýatyrdy. Mirasdüşeriň edep saklaman, içeri kürsäp urmagyna haýran galan assiriýaly söweşijileriň birnäçesi gapynyň agzynda peýda boldy. Ýöne Izdubar „çykyň“ diýen manyda elini salgansoň, yzlaryna gitdiler. Mirasdüşeriň bir özüdi. Golaý adamlary howluda galypdy. Ramses: - Saňa salam bolsun, beýik patyşanyň ilçisi hem-de faraonyň myhmany! Men saňa nämedir bir zat gerek bolaýmasyn diýip geldim. Mundan başga-da, eger seniň wagtyň, islegiň bar bolsa, kakamyň teblesinden at alyp, kuwwatly Assaryň – goý, ol baky ýaşasyn! – ilçisine laýykatly bolşy ýaly, iň golaý adamlarymyzyň ýoldaş bolmagynda bile şähere aýlanmagy teklip etmekçi bolýan – diýdi. Ony düşekde diňläp ýatan Sargon sözleriň ýekejesine-de düşünenokdy. Ýöne Izdubar şa oglunyň aýdanlaryny terjime etdi weli, ol akly haýran bolmadan ýaňa kellesini ýere urşuna: „Assar bilen Ramses!“ , „Assar bilen Ramses!“ diýip bagyryberdi. Ol ahyry köşeşdi, juda tanymal myhmanyň alnynda şeýle göz-gülban halda ýatandygy üçin mirasdüşerden ötünç sorap başlady: - Meniň jenabym, seniň tagtyň eteginde ýatan ýigrenji gurçugyň bäri geleniňe begenjini şeýle geň ýagdaýda aýan edýändigine gaharlanmaweri! Men iki esse şatdyryn, sebäbi, birinjiden, maňa üýtgeşik hormat goýuldy; ikinjiden bolsa, men telper akylym bilen düýnki betbagtçylygyň sebäpkäri sensiň öýdüpşübhelendim.Hatda ýagyrnymda beýlekileriňkiden has gowy oýnan degenekli taýagy sen aýlap salýansyň öýtdüm. Hemişe bir tabyny saklaýan Izdubar bu sözleri şa ogluna gylyny gyrman terjime edende, ol hakyky patyşa ulumsylygy bilen: - Sen ýalňyşypsyň, Sargon. Eger-de öz ýalňyşyňa düşünmänligiňde, men derrew saňa elli taýak urmagy emir ederdim. Men ýaly adamlaryň gije, onda-da tutuş topar bolup bir adamyň daşyna geçmejegini bilip goý – diýip jogap gaýtardy. Keramatly Izdubar bu sözleri terjime edip ýetişmänkä, Sargon Ramsesiň ýanyna emedekläp bardy-da, onuň aýagyna ýykylyp: - Beýik jenap, beýik patyşa! Şeýle hökümdarynyň bardygy üçin Müsüre şan bolsun! – diýip gygyrdy. Mirasdüşer sözüni dowam etdi: - Şeýle-de, saňa hüjüm edenleriň arasynda meniň köşk adamlarymdan hiç kimiň bolmandygyna seni ynandyrýaryn. Men muny sen ýaly öte güýçli adamyň olaryň birnäçesiniň kelleçanagyny kül edip biljekdigi üçin aýdýaryn. Ýöne meniň oglanlarymyň hemmesiniň ýüz-gözleri abat. Sargon: - Dogry hem akylly gepleýär – diýip pyşyrdady. Mirasdüşer gaýtadan gürläp ugrady: - Ýöne bu gelşiksiz hereket meniň günäm bilen bolmadygam bolsa, barybir seni şeýle ýaramaz kabul eden şähere kinäňi ýumşatmagy öz borjum hasaplaýan. Seniň ýatylýan otagyňa gelmegim-de, meniň öýümiň gapysynyň saňa islendik wagtda açyk boljakdygy-da, ine, şu sebäpli. Mundan başga-da, menden şu kiçijik sowgady almagyňy haýyş edýän. Ramses oňa lagyl, ýakut bilen bezelen zynjyry uzatdy. Elghenç keşpli Sargonyň gözüne ýaş aýlandy. Ýöne bu mirasdüşeri tolgundyrsa-da, Izdubara täsir etmedi. Paýhasly patyşanyň ilçisi hökmünde Sargonyň gözýaşynyň, gaharynyň, şatlygynyň islendik pursatda peýda bolýandygyny žres bilýärdi. Basym mirasdüşer olar bilen hoşlaşdy. Ol gidip barşyna: „Assiriýalylar wagşy-da bolsa, edilýän ak göwünli hereketlere düşünýärmi, diýmek, şeýle bir ýaramaz adamlar-da däl“ diýip oýlandy. Sargon bolup geçen ahwalata juda göçensoň, çakyr getirmeklerini emir etdi we günortadan tä iňrik garalýança içdi oturdy. Gün batandan soň, žres Izdubar ilçiniň ýatyş otagyndan çykyp, şobada-da gara ýapynjaly iki adamy yzyna tirkäp, gizlin gapydan dolanyp geldi. Olar ýüzlerini ýapyp duran başgaby galdyranlarynda, Sargon biriniň-ä ýokary žres Mefresdigini, beýlekisiniň-de pygamber Mentesufisdigini tanady. Mefres: - Biz, hormata mynasyp ilci, seniň ýanyňa hoş habar bilen geldik – diýdi. Sargon: - Sizi-de şeýdip begendiresim gelýär – diýip jogap gaýtardy. - Hormata mynasyp keramatly kişiler, geçiň, oturyň. Meniň gözlerim gyzaryp duranam bolsa, edil sersag adam ýaly gürleşiberiň. Sebabi men serhoş-da bolsam, akylymy ýitirýän däldirin, gaýtam tersinedir. Men dogry aýdýan gerek, Izdubar? - Aýdyberiň – diýip, haldeý ony goldady. Mentesufis gürläp başlady: - Men şu gün örän hormatly hökümet agzasy Herihordan hat aldym. Hatda onuň hormatlysy faraonyň – goý, ol baky ýaşasyn! – özüniň Memfisiň etegindäki ajaýyp köşgünde siziň ilçiňize garaşýandygy, onuň hormatlysy – goý, ol baky ýaşasyn! – ýagşy niýete eýerip, siziň bilen şertnama baglanyşmakçydygy aýdylýar. Sargon entegem özüniň keçe düşeginde yranyp ýatyrdy, ýöne gözleri sag adamyňky ýalydy. Ol: - Men hormatly faraonyň ýanyna giderin – goý, ol baky ýaşasyn! – hem-de şertnama öz hökümdarymyň adyndan möhür goýaryn. Ýöneony daşa oýup ýazawersinler...sebäbi men siziň hatyňyza düşünemok. Onuň hormatlysynyň alnynda bir günläp garnymyň üstünde ýatmaly bolsa hem, ýataryn, ýöne şertnama gol çekişeris – diýdi. Soňra aýdanlaryny gödek gülki bilen jemledi. – Siziň ony nähili ýerine ýetirjekdigiňizi weli bilemok...Ha-ha-ha!.. Mentesufis: - Sen, beýik Assaryň hyzmatkäri, biziň hökümdarymyzyň ak göwünliligine hem-de ynamdarlygyna şübhelenmäge neneň het edip bilýäň?- diýip gaharlandy. Sargon derrew aýňaldy. - Men onuň hormatlysy faraon barada däl-de, mirasdüşer barada aýdýaryn– diýdi. - Mirasdüşer pähim-paýhasy ýetik ýaş oglan bolansoň, kakasynyň hem-de žresleriň ýokary geňeşiniň emrine gep-gürrüňsiz boýun egýär – diýip, Mefres gürrüňe goşuldy. Serhoş wagşy gaýtadan hahahaýlap güldi. - Siziň şa ogluňyz!..Eger men kiçi dilden bärde aýdýan bolsam, goý, el-aýagym gurasyn: özüm-ä Assiriýada şeýle mirasdüşeriň bolmagyny islärdim...Biziň assiriýaly şa oglumyz – alym, žres...Ol duşmanyň üstüne ugramazdan ozal ilki asmandaky ýyldyzlary sanar, soňra bolgusyz zatlara sereder...Siziňki bolsa ilki bilen goşunyndaky söweşijileri sanar, aňtawçylary iberip, duşmanyň niredegoş ýazdyrandygyny biler, soňrahem bürgüdiň goýnuň depesinden şaglap inişi ýaly, aýgytly urgy eder weli, hoşuňa gelsin! Ynha, saňa serkerde, ynha, saňa patyşa!..Ol žresleriň agzyna bakyp oturjaklardan däl – ol öz gylyjy bilen maslahatlaşar, size bolsa diňe onuň buýruklaryny ýerine ýetiräýmek galar...Şol sebäpli hem, men siziň bilen şertnama gol çekişsem-de, syrkaw patyşa bilen dana žresleriň arasynda tagtyň ýaş mirasdüşeriniň durandygyny, onuň hem ýolbarsdygyny, hem-de öküzdigini öz hökümdaryma ýetirerin. Onuň agzynda – bal, ýüreginde bolsa – gök gümmürdisi bilen ýyldyrym bar. - Beýtseň-ä ýalan sözledigiň bolar – diýip, Mentesufis garşy çykdy. – Sebäbi biziň şa oglumyz, ýaş oglanlaryň ählisine mahsus bolşy ýaly, özdiýenli hem-de birneme jalaý bolsa-da, danalara, ýurduň ýokary edaralaryna hormat goýmagy, olary diňlemegi başarýandyr. Sargon ýaňsyly ýylgyryp, başyny ýaýkady. - Wah, siz danalar, ylmyň düýbüni deşenler, gurrandazlar! Men alym däl-de,ýönekeý serkerde, möhür bolmasa, adymy daşa oýup ýazybam bilmezdim, ýöne hökümdaryň sakgalyndan ant içýän, öz akylymy siziň bilen paýlaşmazdym...Sebäbi jezwelleriň, papiruslaryň dünýäsinde ýaşaýandygyňyz sebäpli, biziň ýaşaýan hakyky dünýämiz siz üçin ýapyk. Men nadan, emma ys alyjylygym edil itiňki ýaly. Şeýle bolansoň itiň uzak aralykdan aýyny duýşy ýaly,menem gyzaryp duran burnum bilen hakyky serkerdäni duýýan. Siz şa ogluna maslahat bermekçi bolýaňyzmy? Ýöne ol göýä ýylanyň kepderini jadylaýşy ýaly, sizi eýýäm jadylap taşlady. Meni aldamak weli oňa başartmaz. Şa ogly maňa kakasy dek mähirli garasa hem, ýolbarsyň pili sulhunyň almaýşy ýaly, onuň meni-de, tutuş assiriýleri-de ýigrenýändigini galyň hamymyň arasyndan aňýan. Ha-ha-ha!..Siz oňa diňe goşun berip görüň, eger ýolda esgerleri heläk bolman, tersine, köpelse, aradan üç aý-da geçmänkä Ninewiýanyň eteginde peýda bolşuny görersiňiz. Mentesufis onuň sözüni kesdi: - Goý, seniň aýdýanyň dogry bolsun, goý, şa ogly Ninewiýa gitmek islesin – gidäýmänjik geçäýmezmikä! - Weý, ol faraon bolanda, kim onuň öňüne böwet bolup biljekmişin? - Biz! - Siz!..Sizmi?..Ha-ha-ha!..Siz, näme, bu ýaş oglan biziň şertnama baglanyşjak bolýandygymyzy aňýan däldir öýdýäňizmi? Men bolsa...men bolsa...ha-ha-ha...ähli zadyň oňa eýýäm mälimdigini ynanýan.Eger şeýle bolmasa, hamymy sypyrsynlar, gazykda oturtsynlar – men taýyn. Eger müsürli ýolbarsjygyň özlerini assiriý öküzinden gorajakdygyny bilmänliginde, finikiýalylar, heý, şeýle arkaýyn bolarmydy? Mentesufis bilen Mefres biri-biriniň ýüzüne ogryn seretdiler. Wagşynyň synçylygy, öz hasaba almaýan zatlaryny batyrgaýlyk bilen aýtmagy olary howatyrlandyrman durmady. Hakykatdanam, mirasdüşer olaryň niýetiniaňyp, etsem-goýsamlaryny bulaşdyrmak islese, munuň soňy nähili bolardy? Ikisini bir salymlyk agyr pikirden henize çenli ýuman agzyny açman duran Izdubar halas etdi. Ol: - Sargon, sen kesekiniň işine goşulýarsyň. Sen biziň hökümdarymyzyň erk-ygtyýaryna laýyklykda Müsür bilen şertnama baglanyşmaga borçly – bolany. Müsürli mirasdüşeriň nämäni bilýändigi ýa-da bilmeýändigi, näme etjekdigi – bu saňa degişli däl. Rast, žresleriň baky ýaşaýan ýokary geňeşi muny öz üstüne alýarmy, diýmek, şertnama ýerine ýetiriler. Geňeşiň öz maksadyna nädip ýetjekdiginiň bolsa bize dahylly ýeri ýok– diýdi. Izdubaryň sowuk äheňi Sargony köşeşdirdi. Ol başyny ýaýkady-da: - Beýle bolsa, oglanjyga ýüregiň awaýar. Ol garadangaýtmaz söweşiji hem-de hoşgöwün hökümdar – diýip madyrdady. ON IKINJI BAP Keramatly kişiler Mefres bilen Mentesufis başgaply ýapynjalaryna berk çolanyşlaryna, Sargonyň ýanyndan pikire çümüp dolanyp gelýärdiler. Mentesufis: - Kim bilýär, belki, arakhor Sargonyň biziň mirasdüşerimiz barada aýdanlary dogrudyr...-diýdi. Mefres: - Eger şeýle bolsa, Izdubaryň aýdanlary has-da dogrudyr – diýip, sowuk jogap gaýtardy. - Ýöne şa ogluna öňünden ters pikirli garamak gerek däl. Ilki onuň taryna kakyp görmeli. - Ony sen gowy oňararsyň. Ertesi gün iki žres mirasdüşeriň ýanyna bardylar we oňa syrly seredip, özleri bilen gürrüňdeş bolmagyny haýyş etdiler. Ramses: - Bärläpsiňiz-le? Hormatly Sargon ýene bir belanyň üstünden baraýan-a däldir-dä? – diýip sorady. Ýokary žres Mefres: - Gynansagam, bizi Gargon gyzyklandyranok. Seniň, hökümdar, dini başga finikiýler biler golaý gatnaşyk saklaýandygyň barada halk arasynda „myş-myş“ bar – diýip jogap gaýtardy. Bu sözler pygamberleriň öz ýanyna gelmeginiň maksadyny şobada şa ogluna aýan etdi-de, derrew gany depesine urdy. Ol munuň özi bilen žresler toparynyň arasyndaky çaknyşygyň başlangyjydygyna düşündi, ýöne mirasdüşere laýykatly bolşy ýaly, derrew özüni ele aldy. Mirasdüşer türkana adamyň keşbine girdi. Mefres: - Finikiýler howply halk bolup, biziň döwletimiziň köne duşmanydyr – diýip, aýdylanyň üstüni ýetirdi. Mirasdüşer ýylgyrdy-da: - Eger siz, keramatly atalar, maňa karzyna pul berip, ybadathanalarda-da owadan gyzlary saklanlygyňyzda, men sizden daşlaşmazdym. Men şu sebäpli islesem-islemesem finikiýler bilen dostlaşmaly bolýan – diýip jogap gaýtardy. - Seniň gijelerine şol finikiý žres gyzynyň ýanyna barýandygyňy aýdýarlar. - Ol tä akyllanyp, meniň ýanyma köşge geçýänçä, aram-aram barmaly bolýan. Ýöne siz aladalanmaň: gylyjym hemişe ýanymdadyr, kimdir biri ýolumda keserdigi... - Ýöne sen assiriý ilçisini hut şol gyz sebäpli ýigrenýäň ahyry! - Asla onuň üçin däl-de, eýsem, üstünden goýnuň ysynyň gelýändigi üçin...Ýogsa-da, bu gürrüňleriň näme zerurlygy bar? Keramatly atalar, size meniň aýallarymyň yzyna düşmek tabşyrylanok ahyry. Sargonam sizsiz oňar diýip pikir edýän. Şonuň üçin hem, size hakykatda näme gerek? Mefres şeýle bir utandy weli, hatda syrylan kellesi-de gyzardy. Ol: - Sen öz söýgi hupbatlaryňda biziň işimiziň bolmaly däldigini dogry aýdýaň, şa ogly...Ýöne...başga bir has ýaramaz zat bar: seniň mekir Hiramdan hiç hili kynçylyksyz, üstesine-de, girew goýmazdan ýüz talant karz alandygyňa halk geň galýar...- diýip jogap gaýtardy. Şa oglunyň dodaklary titredi, ýöne ol saklandy. - Meniň sözüme müsürli baý kişilere garanda Hiramyň has ynanmagy meniň günäm däl. Bermeli zady bermän gaçgaklap ýörenimden, atamdan galan ýaragdan ýüz öwürjekdigimi ol bilýär...Ol göterim barada-da alada etmeýän bolara çemeli, sebäbi meniň ýanymda bu hakda dil ýarmady. Finikiýleriň müsürlilerden sahydygyny, galdawdygyny men sizden gizlemek islämok, keramatly atalar. Müsürli baý maňa ýüz talant karz bermezden ozal gabak astyndan serederdi, uzak wagtlap yňňyl-çyňňyl ederdi, bir aýlap aldap yzyna düşürerdi, iňsoňunda-da köp zadygirew goýdurardy, uly göterimi aýdardy. Mirasdüşerleriň ýüregini gowy bilýän finikiýler bolsa bize puly kazysyz hem-de şaýatsyz berip goýberýärler. Ramsesiň asuda-ýaňsyly äheňi Mefresiň juda gaharyny getirensoň, birden dodaklaryny gysdy-da, dymdy. Mirasdüşere oslagsyz sowal bilen ýüzlenen Mentesufis onuň dadyna ýetişdi: - Şa ogly, eger biz demirgazyk Aziýany Finikiýa bilen bilelikde oňa bermek barada Assiriýa bilen şertnama baglanyşsak, sen muňa nähili garardyň? Ol bu sözleri aýtdy-da, mirasdüşeriň ýüzüne içgin seretdi. Ýöne Ramses özüni ýitirmedi: - Men: „Faraony şeýle şertnama gol çekmäge yrmagy diňe dönükler başarýandyr“ diýerdim. Žresleriň ikisi-de ynjalykdan gaçdy. Mefres goluny göterse, Mentesufis ýumruklaryny düwdi. - Eger şeýtmegi döwletiň howpsuzlygy talap etse näme? – diýip, Mentesufis gaýra tesmedi. - Size aslynda menden näme gerek? – diýip, şa ogly gaharlandy. – Siz meniň işime, meniň aýallar bilen gatnaşygyma goşulýarsyňyz, siz meniň töweregimi jansyzdan doldurýarsyňyz, siz maňa öwüt bermäge ýürek edýärsiňiz, bularyň üstesine, indi maňa içi güjükli sowallary bermäňiz näme? Men size, ine, näme diýmekçi: hatda zäherläp öldürmegi karar edeniňizde-de, men şeýle şertnama gol çekmezdim! Siziň bagtyňyza, bu maňa däl-de, faraona bagly. Onuň islegini bolsa, biziň hemmämiz bitiräýmeli! - Geljekki faraon hökmünde, eýsem, seniň özüň näme ederdiň, şa ogly? - Döwletiň abraýy hem-de bähbidi näme talap edýän bolsa, şony ederdim. Mentesufis: - Men muňa şübhelenemok. Ýöne sen döwletiň bähbidi diýlende nämä düşünýäň? Biz muňa görkezmani nireden gözlemeli? – diýdi. - Eýsem, ýokary geňeş näme üçin hereket edýär? –diýip, mirasdüşer indi ýalan gahar bilen gygyrdy. – Siz onuň danalardan ybaratdygyny aýdýarsyňyzahyry! Egerşeýle bolýan bolsa, goý, olar meniň Müsüri abraýdan düşürjek hem-de ony heläkçilige sezewar etjek hasaplaýan şertnamam üçin jogapkärçiligi öz üstüne alsynlar... Mentesufis: - Şa ogly, seniň jan-dilden gowy görülýän kakaň hut şeýle pikirden ugur alyp hereket etmändigini näbilýäň? – diýip sorady. - Siz nämüçin menden bu barada soraýarsyňyz? Bu neyrsarap sorag etmek boldugy? Meniň kalbymyň jümmüşine aralaşmaga kim size ygtyýar etdi? Ramses ýalandan şeýle bir gazaba münen boldy welin, žresler bütinleý arkaýynlandylar. Žres: - Sen hakyky müsürlä laýykatly gürleýärsiň, şa ogly. Şeýle şertnama bizi-de gynandyrardy, emma döwletiň howpsuzlyjynyň hatyrasyna kämahal ýagdaýlara tabyn bolmaly bolýar – diýdi. Ramses: - O nähili ýagdaýlarmyşyn? Biz, näme, uly çaknyşyklarda ýeňildikmi ýa-da biziň esgerlerimiz ýokmy? – diýip sorady. - Müsüriň bakylyk derýasynda ýüzýän gämisiniň kürekleýjileri hudaýlardyr, ony sürýän bolsa bar bolan ähli zatlaryň hudaýydyr – diýip, žres dabaraly äheňde jogap gaýtardy. – Olar häli-şindi ýa-ha gämini saklaýarlar, ýa-da biziň görmeýän-bilmeýän gurdaplarymyzdan aýlanyp geçmek üçin, ony yzyna öwürýärler. Şeýle ýagdaýlarda bizden diňe sabyrlylyk hem-de tabynlyk talap edilýär. Onuň üçin bize iru-giç garamaýak adamyň pikirlenip tapan zatlarynyň ählisinden zyýada sowgat garaşýar. Žresler ahyry şa ogly şertnamadan juda nägile bolsa hem, ony bozmajakdygyna, Müsüre ýakyn ýyllarda juda zerur bolan parahatçylygy üpjün etjekdigine doly umyt baglap, onuň bilen hoşlaşdylar. Olar gidenden soň, Ramses Tutmosy ýanyna çagyrdy. Töwerekde juda hormatlaýan dosty ikisinden başga adam bolmansoň, mirasdüşer uzak wagtlap saklan gaharyny erkine goýberdi. Ol oturylýan ýumşak sekä atylyp bardy-da, ýylan ýaly towlanyşyna, kellesini ýumruklap, aglady. Howsala düşen Tutmos onuň tutgaýynyň geçerine garaşyp durdy. Soňra şa ogluna çakyr goşulan suw berdi, töweregine köşeşdiriji hoşboý ys ýaýratdy, ýanynda oturyp, beýle göwnüçökgünligiň sebäbini sorady. Ramses sekiden galman oturyşyna, oňa ýanyndan ýer hödür etdi. Soňra: -Biziň žreslerimiziň uruşsyz, hatda hiç zat talap etmezden, assiriýalylar bilen haýsydyr bir masgaraçylykly şertnama baglanyşandyklaryna men şu gün göz ýetirdim. Biziň näçe ýitirýändigimizi sen göz öňüne getirýärmiň? – diýdi. - Assiriýanyň Finikiýany basyp almakçy bolýandygyny maňa Dagon aýtdy. Ýöne bu häzir finikiýleri şeýle bir biynjalyk edip baranok, sebäbi patyşa Assar demirgazyk-gündogar serhetlerde uruş alyp barýar. Ol ýerlerde az sanly, emma örän söweşjeň halklar ýaşansoň, bu urşuň haçan gutarjakdygy belli däl. Nähili bolanda-da, goranyşa taýýarlanar hem-de ýaranlaryny tapar ýaly, finikiýleriň birnäçe uruş-sögüşsiz, asuda ýyly bolar. Şa ogly elini gaharly salgady. - Ine, görýärmiň, hatda Finikiýa-da ýaragyny şaýlaýar, üstesine, öz ähli goňşularyny-da üpjünlemegi mümkin. Biz bolsa Aziýanyň özümize tölemedik, ýüz müň talantdan geçýän pajyndan mahrum bolýarys. Sen, heý, owal-ahyrda şeýle mukdardaky paç eşidipmidiň? Ýüz müň talant! Eý, Hudaýlar-eý! Bu pul faraonyň gaznasyny derrew doldurardy. Munuň üstesine, amatly pursatda Assiriýa hüjüm etsek, diňe Ninewiýada, diňe Assaryň köşgünde hakyky hazynalaryň üstünden barardyk...Özüň pikir edip gör, biz, gör, näçe ýesir alyp bilerdik! Ýarym million...Million...Berk bedenli million adam! Özleri-de şeýle bir wagşydyr weli, Müsürdäki gulçulyk, kanallardyr daş döwülýän ýerlerdäki iň agyr işler olar üçin witjik bolardy...Aradan birnäçe ýyl geçenden soň biziň topragymyzyň hasyllylygy artardy, biziň gedaý düşen halkymyz, döwletimiz öňki kuwwatlylygyna, baýlygyna eýe bolardy. Žresler nädýärler? Olar munuň deregine halka ýüzi pahna pisint çyzykdan doldurylan, hatda biziň hiç birimiz okabam bilmeýän birnäçe kümüş tagtalardyr toýun jedwelleri tutduryp, bu zatlaryň hemmesinden mahrum etmek isleýärler. Tutmos ýerinden turdy, tamda gulak bar bolaýmasyn diýen pikir bilen goňşyotaglara aýlandy. Soňra ýene Ramsesiň ýanynda ornaşdy-da: - Göwnüçökgün bolma, hökümdar. Maňa mälim bolşy ýaly, saýry toparlaryň hemmesi, häkimleriň hemmesi, tanymal söweşijileriň hemmesi şol şertnama barada nämedir bir zat eşidip, gaharly halda gezip ýörler. Agzyňy açdygyň – gutardy: biz şol şertnama çyzylan jedweller bilen Sargonyň, gerek bolsa hut Assaryň özüniň kellesini owradarys – diýip pyşyrdady. - Ýöne bu onuň hormatlysynyň garşysyna aýaga galyndygy bolýar ahyry – diýip, mirasdüşerem pyşyrdap jogap gaýtardy. Tutmosyň ýüzüne birden kölege indi. Ol: - Seniň ýüregiňi agyrdasym gelenok, ýöne ...hudaýa deň kakaň haly harap...-diýdi. - Ýalan! - Arman, bu şeýle! Emma sen muny bilýändigiňi ýüzüňe çykarma. Durmuşdan ýadan patyşa bizden gitmek isleýär, ýöne žresler ony saklaýarlar. Seni bolsaAssiriýa bilen şertnamany hiç hili päsgelçiliksiz baglanyşmak üçin, Memfise çagyranoklar. Gazaba münen Ramses: - Dönükler!..Dönükler!..-diýip pyşyrdady. - Sen kakaňdan – goý, ol baky ýaşasyn!- hökümdarlygy miras alanyňdan soňra şertnamany bozmak kyn düşmez. Şa ogly oýa çümdi. Soňra: - Ony bozanyňdan gol goýanyň aňsat – diýdi. - Bozmagam kyn düşesi ýok-la! – diýip, Tutmos kinaýaly ýylgyrdy. – Eýsem, Aziýada biziň üstümize çozmaga hemişe taýýar boýun egmezek taýpalar azmy?Eýsem, jan-dilden gowy görülýän Nitagor olaryň hüjümlerini serpikdirmek hem-de urşy öz ýerlerinde alyp barmak üçin goragda durmanmy? Sen, näme, Müsür uruş üçin adam-da, serişde-de tapmaz öýdüp pikir edýärmiň? Biziň hemmämiz gideris. Sebäbi her kim ondan bähbit görüp biljek, eýdip-beýdip öz geljegini üpjün edip biljek.Serişde bolsa ybadathanalarda tapylar. Ötlem-ötlem jaýa17 näme diýersiň? Şa ogly: - Kim olary şol ýerden aljakmyşyn? – diýip ikirjiňlenip sorady. - Arkaýyn bol, tanymal topara degişli bolan her bir häkim, her bir söweşiji, her bir adam muny eder. Diňe faraonyň buýrugy bolsa bolany! Pes derejeli žresler bolsa bize hazyna saklanýan gizlin ýerleriň ýoluny görkezerler. - Olar beýtmäge ýürek edip bilmezler. Hudaýlaryň jezasy... Tutmos elini biperwaýlyk bilen salgap goýberdi. - Hudaýlardan gorkar ýaly, biz daýhanmy ýa-da çopanmy? Jöhitler-de, finikiýler-de, grekler-de olaryň üstünden gülüp ýörler, hakyna tutulan, temmi berilmeýän islendik esger olary kemsitme kemini goýanok. Hudaýlar hakdaky ertekileri toslan žresleriň özleri-de olara ynananok ahyry. Ybadathanalarda ýeke-täk hudaýy ykrar edýändiklerini, her hili täsinlikleri görkezýän žresleriň assyrynlyk bilen olara agyz towlaýandyklaryny sen, näme, bilmän ýörmüň? Diňe daýhan öňküsi ýaly heýkelleriň alnynda ýüzin düşüp ýatýar. Ýöneindi işgärler Osirisiň, Goruň, Setiň gudraty güýçli hudaýlardygyna şübhelenýärler, mürzeler hudaýlary hasap-hesipde aldaýarlar, žresler bolsa olary öz baýlyklaryny goraýan zynjyr hem-de gulp hökmünde ulanýarlar. Müsüriň ybadathanalardan çykýan ähli zada ynanýan döwründen oba göçdi! Häzir bolsa biz-ä finikiý hudaýlaryny arşa göterýäris, finikiýler-de biziňkileri şeýdýärler; gezip ýörüs, asman inip, ýer çöwrüläýenok ahyry! Hökümdar Tutmosa içgin syn etdi. - Sen nire, beýle pikirler nire? Sähel wagt ozalam žresleriň ady agzalanda ýüzüňde reňk-pet galmaýardy-la?...-diýip sorady. - Sebäbi şol wagt bir özümdim. Häzir, tanymal toparlaryň hemmesiniň şeýle pikir edýänini bilip, men öňkimden batyrlandym... - Ýeri, onsoň Assiriýa bilen şertnama barada size kim aýtdy? - Dagon hem-de beýleki finikiýler. Olar hatda biziň goşunlarymyza serhetden aşmaga bahana bolar ýaly, wagty gelende aziýaly taýpalary garşymyza galdyrmagy-da teklip edýärler. Biz Ninewiýa tarap ýola düşenimizde bolsa,finikiýler hem-deolaryň ýaranlary bize goşularlar. Ine, onsoň seniň hatda Beýik Ramsesde bolmadyk ymgyr goşunyň bolar! Finikiýleriň bu aladasy şa ogluna ýaramady. Ýöne ol diňe: - Siziň gürrüňiňiz žresleriň gulagyna kakaýsa, soňunyň nähili gutarjakdygyny bilýäňizmi? Megerem, ýekejäňize-de ölümden sypmak başartmasa gerek – diýdi. - Olar hiç zat bilmezler! – diýip, Tutmos parhsyz jogap gaýtardy. – Žresler özlerini çakdanaşa güýçli saýýarlar, jansyzlara haky az töleýärler, tutuş Müsüriň-de ýigrenjine galdylar. Saýry topar, söweşijiler, mürzeler, işgärler, hatda pes derejeli žresler buthanalara çozmak, baýlyklary basyp almak hem-de olary tagtyň etegine getirmek üçin diňe çagyryşa garaşýarlar. Özleriniň aňyrsy-bärsi görünmeýän hazynasy bolmanlygynda, keramatly kişiler kimmişin – elbetde, hiçkim! Täsinlik görkezmegini-de bes eder olar, sebäbi onuň üçin hem altyn ýüzükler gerek. Şaogly gürrüňi başga tarapa sowdy. Soňra Tutmosy goýberip, pikire çümdi. Tanymal adamlaryň žreslere duşmançylygy, ýokarky toparlaryň söweşjeň ruhda bolmagy wagtlaýyn hyjuwlanma bolmanlygynda, ony juda begendirerdi. Ramses munuň aňyrsynda finikiýleriň gizlin hereketiniň ýatandygyny aňýardy; bu bolsa ony seresaply bolmaga mejbur edýärdi. Ol Müsüre dahylly işlerde finikiýler bilen dost bolanyňdan, žreslere bil baglamagyň gowudygyna düşünýärdi. Ýöne kakasynyň: „Eger jübülerine bir zat düşjegini bilse, finikiýler ýüregi açyk hem-de wepaly bolmaga ukyplydyrlar“ diýen sözleri onuň ýadyndady. Finikiýleriň Assiriýanyň penjesine düşmezlige jan edýändigi gürrüňsizdi, onsoň uruş başlanaýsa, olara ýaran hökmünde bil baglap boljakdy. Sebäbi müsürlileriň ýeňlişi bar zatdan ozal Finikiýa täsir etjekdi. Beýleki tarapdan, žresler hatda Assiriýa bilen şeýle masgaraçylykly şertnama baglanyşsalar-da, olar dönüklik etmek kararyna gelen bolmaly diýen pikiri Ramses aklyna sygdyryp bilenokdy. Ýok, olar dönük däl-de, ýaltalyk etine-ganyna siňip giden ýokary derejeli döwlet adamlary. Olara parahatçylyk amatly, sebäbi žresler imisala wagtda öz baýlyklaryny köpeldýärler, hökmürowanlygyny artdyrýarlar.Olar uruş islänoklar,sebäbi uruş faraonyň-a kuwwatyny güýçlendirjekdi, žresleri-de uly çykdajylara mejbur etjekdi. Ine, onsoň şa ogly özüniň heniz tejribesizdigine garamazdan, eserdeň bolmalydygyna, gyssanmaly däldigine, hiç kimi ýazgarmaly däldigine, emma hiç kime gereginden artyk ynanmaly-da däldigine akyl ýetiripdi. Ol wagty gelende hökman Assiriýa bilen ýaka tutuşmakçydy. Ýöne muny tanymal toparlardyr finikiýleriň isleýändigi üçin däl-de, eýsem, Assiriýanyň baýlygynyň hem-de assiriý gullarynyň Müsüre gerekdigi üçin şeýtmekçidi. Emma urşy gelejekde başlamak kararyna gelen mirasdüşer oýlanyşykly hereket etmek isleýärdi. Ol munuň üçin žres toparyny assa-ýyuwaşdan uruş hakdaky pikir bilen barlyşdyrmalydy hem-de diňe garşy bolnan mahalynda ony söweşijilerdir tanymal adamlaryň kömegi arkaly ýok etmelidi. Edil şol pursatda - keramatly kişiler Mefres bilen Mentesufisiň Sargonyň mirasdüşeriň žreslere tabyn bolmajakdygy, tersine, olary özüne „lepbeý“ diýmäge mejbur etjekdigi barada öňden görüjilik bilen aýdan sözleriniň üstünden gülen mahaly – Ramsesde žresleri tabyn etmegiň meýilnamasy taýýardy; ol munuň üçin nähili serişdeleri ulanmalydygyny bilýärdi.Söweşi haçan başlamalydygyny, ony nähili usullar bilen alyp barmalydygyny gelejek görkezmelidi. Ol: „Wagt – iň gowy maslahatçy“ diýip oýlandy. Şa ogly uzak ikirjiňlenmeden soňra näme etmelidigine düşünen we öz güýjüne ynanýan adam ýaly, özünden hoşaldy, arkaýyndy. Ol sähelçe wagt ozal dörän ynjalyksyzlykdan doly halas bolmak üçin Sarranyň ýanyna ugrady. Mirasdüşer ogly bilen oýnap, öz gam-gussasyny ýatdan çykarardy we yzyna keýpi kök halda dolanardy. Sarranyň kiçi köşgüne giren Ramses ony ýene gözi ýaşly ýagdaýda gördi. Ol: - Sarra, eger seniň gursagyňda tutuş Nil ýerleşenem bolsa, sen şony-da aglap gutarardyň! – diýip gygyrdy. Sarra: - Men indi aglaman – diýip jogap gaýtardy. Ýöne onuň didelerinden ýaş has köp akyp ugrady. - Ýeri, indi näme boldy? Megerem, haýsydyr bir bilgiç aýal seni finikiý zenanlary baradaky gürrüňler bilen gorkuzan bolsa gerek? - Men finikiý zenanlardan däl-de, finikiý erkeklerden gorkýan. Wah, jenap, sen olaryň nähili nejis adamdyklaryny bileňok... - Olar çagalary otlaýarlarmy? – diýip hökümdar güldi. - Seniň pikiriňçe, boljak zat däl. Şeýlemi? - Hawa. Ýalan-ýaşryk gürrüňler-ä! Men munuň ertekidigini Hiramdan eşitdim. Sarra sesine bat berip gepledi: - Hiram...Hiram – zannyýaman adam. Meniň kakamdan sora, jenap, ol saňa Hiramyň uzak ýurtlarda ýaşajyk gyzlary aldap tora düşürip, öz gämilerine getirişini, ýelkenleri goýberip, olara satmaga alyp gidişini gürrüň berer. Bizde Hiramyň ogurlan aksowult saçly gyzlarynyň biri bolupdy. Öz ýurdunyň zarynyçekip, biçärejanyna jaý tapmandy. Ol hatda ýurdunyň nirede ýerleşýändigini-de aýdyp bilenokdy. Şeýdibem ölüp gidipdi. Dagonam şonuň ýaly betpäl... Şa ogly: - Belki, şeýledir. Ýöne biziň munuň bilen ne işimiz bar? – diýip sorady. - Onda-da örän uly işimiz bar! Sen, ynha, jenap, häzir finikiýleriň maslahatyna gulak gabardýarsyň. Ýöne Finikiýanyň Müsür bilen Assiriýanyň arasyny bozup, uruş turuzjak bolýandygyny ysraýyllylar bilipdirler. Hatda iň baý finikiý täjirleriniň, süýthorlarynyň öz maksatlaryna ýetjekdikleri barada aýylganç kasam içendiklerini-de aýdýarlar. Şa ogly ýasama parhdsyzlyk bilen: - Olara uruş nämä gerekmişin? – diýip sorady. Sarra sesini gataldyp jogap gaýtardy: - Nämä gerek? Olar size-de assiriýlere-de ýarag, haryt, gizlin maglumatlar berip durarlar hem-de şolar üçin özlerine iki-üç esse tölenilmegini talap ederler. Bäri tarapdanam, aňry tarapdanam öldürlilen, ýaralanan adamlary talarlar. Siziň hem-de assiriýleriň esgerlerinden talanan emlägi, ýesirleri satyn alarlar. Eýsem, bular az zatmydyr? Müsür bilen Assiriýa ýurdunda ýel öwser, Finikiýa weli täze ammarlary gurup, olary talanan oljalardan doldurar. Şa ogly: - Sen beýle akylly zatlary nireden eşidip ýörsüň? – diýip, ýylgyryp sorady. - Kakamyň, dogan-garyndaşlarymyzyň, tanyşlarymyzyň kimdir biri diňleýän bolaýmasyn diýen gorky bilen töwereklerine ýaltaklaşyp, pyşyrdap aýdýan sözlerini men, näme, eşidýän däldir öýdýämiň? Onsoňam finikiýleriň näjüre adamdyklaryny özüm bilemokmy? Olar, jenap, alnyňda ýüzin düşüp ýatansoň, sen olaryň ikiýüzli garaýyşlaryny göreňok. Men bolsa olaryň husytlykdan ýaşyl, gahar-gazapdan sary reňke girýän gözlerini telim gezek synladym. Finikiýlerden seresap bolaweri, jenap, olaryň zäherli ýylanlardan tapawudy ýokdur... Ramses Sarra seretdi we biygtyýar onuň hakyky söýgüsini finikiý gyzynyň belli bir maksat bilen süýnüp-sarkmasy, onuň näzik joşgunyny Kamanyň mekir sowuklygy bilen deňeşdirdi. Ol: „Dogry! Finikiýler – zäherli jandarlar. Ýöne Beýik Ramses jeň meýdanynda ýolbarslary ulanan bolsa, men Müsüriň duşmanlarynyň garşysyna nämüçin ýylanlary ulanmaly dälmişim?“ diýip oýlandy. Emma Kamanyň mekirligi näçe mesaňa-mälim boldugyça, ol şonça-dagyzyň bendiwanydy. Gahrymanyň ýüregi kämahal howp-hatar küýseýär. Ol Sarra bilen hoşlaşdy. Birdenem näme üçindir Sargonyň gijeki hüjümde özüne müňkürlik edendigi ýadyna düşdi. Duýdansyz netije şa ogluny özüne getirdi: „Ilçi bilen urşy guran şol maňa juda meňzeş ýigit bolaýmasyn? Ony şeýtmäge taýýarlan kimkä? Finikiýlermi? Ýöne eger olar meniň adymy şeýle hapa iş bilen garalajak bolan bolsalar, onda Sarranyň aýdýany dogry: bular haramzada, men gaty seresaply gezmeli“. Ol ýene gahardangalpyldap, meseläni gyssagly çözmek isledi. Eýýäm göz baglanyp başlansoň, ol öýüne gitmedi-de, Kamanyň ýanyna ugrady. Özüni tanamaklarynyň mümkindigi ony şeýle bir biynjalyk edenokdy, birden howp abanaýsa hem, bilinde gylyç bardy. Žres gyzyň kiçi köşgünde çyra ýanýardy, ýöne daşky jaýda hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. Şa ogly: „Häzire çenli Kama meniň öz ýanyna gelerime garaşanda, hyzmarkärleri goýbererdi. Ol şu gün ýa-ha meniň geljekdigimi duýupdyr, ýa-da menden has bagtly aşygyny kabul edýär“ diýip oýlandy. Ol ikinji gata çykdy. Gyzyň ýatyş otagynyň agzynda aýak çekdi-de, tutyny çalt bir ýana syrdy. Otagda Kama bilen Hiram otyrdy; olar bir zat barada pyşyrdaşýardylar. Şa ogly gülüp gepledi: - O-how! Men bimahal çak gelen ýaly-la! Knýaz, siziň erkeklere hoşamaý garasa, başy ölümli boljak zenana ýallaklamaňyz näme? Hiram bilen žres gyz ýerlerinden atylyp galdylar. Finikiýaly tagzym edip durşuna: - Asyl haýsydyr bir hoşgöwün ruh özüň barada gürrüň gidýändigini saňa duýduran eken-ow! – diýdi. Mirasdüşer: - Siz maňa haýsydyr bir oslagsyz sowgat taýýarlaýaňyzmy? – diýip sorady. Kama oňa göz-gaşyny kakyp, utançsyz seredişine: - Kim bilýär, belki, şeýledir – diýip jogap gaýtardy. Emma şa ogly oňa üns bermän, sowuk gepledi: - Ýöne maňa oslagsyz sowgat taýýarlaýanlaryň özleri aýpaltanyň ýa-da dar agajynyň demine düşäýmesinler. Bu maňa niýetlenen oslagsyz sowgada garanda, olar üçin asla garaşylmadyk ahwalat bolardy. Kamanyň ýylgyryşy dodaklarynda doňup galdy, Hiramyň ýüzi agardy. Ol edep bilen: - Biz öz jenabymyzyň hem-de penakärimiziň gazabyna duçar bolar ýaly, beýle näme gabahat iş etdikkäk? – diýip sorady. Şa ogly oturdy-da, Hirama gazaply seretdi. - Men hakykaty bilmek isleýän. Men assiriýaly ilçä hüjümi kimiň gurandygyny hem-de edil sag elimiň çep elime meňzeş bolşy ýaly, maňa meňzeýän adamy bu işe kimiň ulaşdyrandygyny bilmek isleýän. Aljyran Hiram finikiý gyza ýüzlendi: - Kama, şol myrryhy özüňe juda golaýlaşdyrdyň weli, görýämiň soňy nähili gutardy! Onuň bizi ullakan betbagtçylygyň üstünden eltjekdigini men aýdypdym-a.Şeýle-de boldy...Özi-de uzak garaşdyrmady. Kama şa oglunyň aýagyna ýykyldy. - Men hemmesini gürrüň bereýin, ýöne finikiýlere öýkäni öz ýüregiňden kow! Meni öldür, meni zyndana taşla, ýöne olara gaharlanma! – diýip gygyrdy. - Sargona hüjüm eden kim? - Grek Likon...Ol biziň ybadathanamyzda aýdym aýdýar – diýip, žres gyz dyzyna galman oturyşyna jogap gaýtardy. - Hä! Şol seniň penjiräň eteginde aýdym aýdanmy? Maňa bir almany iki bölen ýaly meňzeş şolmy? Hiram başyny aşak goýberip, elini ýüregine goýdy. - Ol saňa meňzeş bolandygy üçin, biz juda köp pul töledik, jenap... Biz birden betbagtçylyk ýüze çykaýsa, şol bolgusyz kişiniň saňa peýdasy deger öýtdük... - Ýeri, onsoň peýdasy degdimi? – diýip, mirasdüşer Hiramyň sözüni kesdi. – Nirede ol? Men şol ajaýyp aýdymçyny...özümiň janly şekilimi görmek isleýän. Hiram gollaryny salgady. - Gaçypdyr haramzada...Ýöne siňege ýa-da ýer gurçugyna öwrüläýmese, biz ony taparys. Gyz ellerini şa oglunyň dyzyna goýdy-da: - Sen meni bagyşlaýaňmy, jenap? – diýip pyşyrdady. Mirasdüşer: - Zenana köp zat bagyşlanýandyr – diýip jogap gaýtardy. - Sizem menden ar almarsyňyzmy? – diýip, Kama indi Hiramdan gorkuly ses bilen sorady. Garry howlukman, saýhally gepledi: - Kim biziň jenabymyz Ramsesiň – goý, ol baky ýaşasyn! – merhemetine mynasyp bolan bolsa, Finikiýa onuň iň uly jenaýatyny-da bagyşlaýar. – Ol soňra mirasdüşere ýüzlenip, aýdanynyň üstüni ýetirdi. - Likon barada aýdylanda bolsa, jenap, ol ýa-ha öli, ýa-da diri halda siziň eliňizde bolar. Hiram tagzym etdi-de, žres gyz bilen şa ogluny galdyryp, otagdan çykdy. Ramsesiň gany gaýnady. Ol öz alnynda dyza çöküp oturan Kamanyň egninden gujaklap: - Sen hormata mynasyp Hiramyň näme diýenini eşitdiňmi? Finikiýa seniň iň uly jenaýatyňy-da bagyşlaýar! Ynha, maňa, hakykatdanam, wepaly adam! Eger ol şeýle diýen bolsa, seniň tykyramagyňa indi nähili bahana bolup biler? Kama onuň ellerinden ogşap durşuna: - Sen meni boýun egdirdiň...Men seniň gyrnagyň...Ýöne şu gün maňa azar berme. Hudaý Aştorete degişli bolan öýe hormat goý!- diýip pyşyrdady. Şa ogly: - Ýeri, onsoň sen meniň köşgüme geçýärmiň? – diýip sorady. - Eý, hudaýlar-eý! Sen näme diýdiň? Günüň çykyp, ýaşyp ugran mahalyndan bäri entek Aştoretiň žres zenanynyň nemeden gezegi...Ýöne nätjek!Jenap, Finikiýanyň öz ogullarynyň ýekejesi-de beýle zady owal-ahyrda görenem, eşidenem däldir, emma saňa söýgüsi, wepasy bimöçber bolansoň... Şa ogly gyzy gujaklap, sözüni kesdi: - Diýmek... Gyz: - Ýöne şu gün däl, bärde-de däl... – diýip haýyş etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |