16:04 Faraon -11: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMINJI BAP
Taryhy proza
Agşam sagat dokuz töweregi Phut eli çyraly negriň ýoldaş bolmagynda, "Gäminiň golaýynda“ diýlip atlandyrylýan myhmanhanadan çykdy. Şondan ýarym sagat ozal Asarhaddon öz ynamdar adamyna: "Birden harranly “Ýaşyl ýyldyzyň astynda“ öýünden gizlin çykyp, nirädir bir ýere gidäýmesin. Ony eserdeňlik bilen yzarla“ diýip buýrup, Grobnis köçesine ugradypdy. Hojaýynyň beýleki jansyzy belli bir aralykdan Phuty sypdyrman barýardy; ol insiz köçejiklerde diwara gysmyljyraýardy, has giň köçelerde bolsa serhoşsyraýardy. Köçeler eýýäm boşapdy, hammallardyr tabşyrylýan zatlary eýesine gowşurýanlar ýatyrdylar. Çyra diňe işi gutarmaga gyssanýan senetçileriň ýaşaýan jaýlarynda hem-de tekiz üçeklerde ornaşyp, meýlis guraýan baý adamlaryň ýanynda ýanýardy. Çar ýandan arfadyr fleýtanyň owazy, aýdym, gülki, ýekedabanyň urgusy, agaç ussasynyň byçgysynyň zarňyldysy eşidilýärdi. Kämahal serhoş gykylyk ýa-da kömege çagyrýan ses ýaňlanýardy. Phut bilen negriň ýöräp barýan köçeleriniň köp bölegi dardy, egrem-bugramdy, akanak-çukanakdy. Olar barmaly ýerine golaýlaşdygyça, jaýlaryň boýy barha peselip gidýärdi; baglar, has takygy, palmalar, injir agaçlary, göýä gaçyp gitmekçi bolýan ýaly, germewden sallanyp oturan naýynjar akasiýalar köp duşýardy. Grobnis köçesinde görnüş derrew üýtgeýärdi. Daş jaýlaryň deregine giň ýeri eýeleýän miweli baglar, olaryň arasynda-da owadan aýratyn gurlan jaýlar peýda bolup ugrady. Negr derwezeleriň biriniň öňünde aýak çekip, çyrany öçürdi. - Ynha, şu "Ýaşyl ýyldyzyň astynda“– diýip, ol Phuta baş egdi-de, öýüne ugrady. Harranly derwezäni kakdy. Basym derwezeban peýda boldy. Ol gelen adama ünsli seredip: - Annael, Sahiel – diýip madyrdady. - Amabiel, Abalidot – diýip, Phut jogap gaýtardy. Derwezeban: - Saňa salam bolsun – diýip gepledi-de, derwezäniň gapysyny açdy. Bagyň içi bilen ýigrimi ädim geçip, Phut aýratyn jaýyň gujagynda peýda boldy. Ony şol tanyş žres zenan garşy aldy. Jaýyň töründe gara saç-sakgally haýsydyr bir adam durdy. Nätanyş harranla şeýle bir meňzeş bolansoň, ol özüniň haýran galmasyny gizläp bilmedi. Žres zenan ýylgyryp: - Ol seni yzarlap ýörenleriň sen bolup gözlerini baglar– diýdi. Ýüz-gözüne reňk çalnyp Phuta meňzedilen adam kellesine bägülden otaga geýip, žres zenanyň ýoldaş bolmagynda ikinji gata cykdy. Sähel salymdan ol ýerden fleýtanyň sesi, bulgurlaryň jyňňyrdysy eşidilip başlandy. Phutyň özüni bolsa iki aşaky žres bagda ýerleşýän hammama alyp gitdiler. Olar geleni ýuwup-arassaladylar, saçyna hoşboý ysly ýag çaldylar, ak eşik geýdirdiler. Olaryň üçüsi hem hammamdan ýene bagýoda çykyp, baglaryň içi bilen boşluk meýdana çenli ýörediler. Žresleriň biri Phuta ýüzlenip: - Aňry tarapda – gadymy mazarlar, bu tarapda – şäher, ynha, bärde hem – ybadathana ýerleşýär. Islän ýeriňe git. Danalyk-ha saňa ýol görkezer, keramatly sözler-de seni howp-hatardan gorap saklar – diýdi. Žresler baga dolandy. Phutyň bir özi galdy. Aýsyz gije şeýle bir garaňky däldi. Uzakda dumana dulanan Nil ýalpyldap görünýärdi. Al-asmanda Uly Ýedigeniň ýedi ýyldyzy ýylp-ýylp edýärdi. Syýahatçtynyň depesinde Üçýyldyz, garalyp duran pilonlaryň depesinde hem Ýaldyrak ýyldyzy lowurdap durdy. Phut: „Biziň ýyldyzlarymyz has ýagty nur saçýar“ diýip oýlandy. Ol nätanyş dilde doga okap, ybadathana tarap ýöneldi. Ol birneme ýöränden, bagyň aýmançasynyň aňyrsyndan bir adam ogryn seretdi-de, onuň yzyna düşüp ugday. Ýöne edil şol wagt töweregi goýy duman gaplady-da, indi meýdanda ybadathananyň depesinden başga zadyň görünjek günamany ýokdy. Harranly ýene bierneme ýöräp, beýik daş diwaryň üstünden bardy we asmana seredip, günbatar tarapa ýöneldi. Onuň depesinde agşam uçýan guşlar, äret ýarganatlar gaýmalaşýardy. Duman öňküdenem goýalansoň, harranly diwary ýitirmezlik üçin, ony elläp ýöremeli boldy. Phut şeýdip ep-esli ýöräp, ahyry birnäçe bürünç çüý kakylan gapa ýetdi. Ol çüýleri çer burçdan aşak sanap ugrady - birini berk basyp, beýlekileri towlady. Ol iň soňky çüýi ellände, gapy ýuwaşja açyldy. Harranly birnäçe ädim ädip, juda garaňky, insiz tagçada peýda boldy. Ol aýagynyň ujuny usullyk bilen ýere basanda, sowuk howa gelýän, guýynyň gyrasy ýaly zada degdi. Phut bu ýerde, asla bu ýurtda ilkinji gezek bolýandygyna garamazdan, aýaklaryny doly basyp, gorky-ürki etmän, aşak typyp gitdi. Guýy çuň däl eken. Phut ýapgyt düşekli insiz dälizde peýda bolup, hamala diýersiň, ýoly öňden bilýän ýaly, aşak ynamly inip ugrady. Däliziň gutarýan ýerinde gapy bardy. Gelen adam agaç tyrkyldatgyjy sermenekläp tapdy-da, üç gezek kakdy. Jogap hökmünde nireden gelýändigi näbelli ses ýaňlandy: - Gije keramatly ýeriň rahatlygyny bozýaň weli, seniň bäri gelmäge hakyň barmy? - „Men ne erkegi, ne aýaly, ne çagany – hiç birini kemsitmedim. Ellerim gana boýalmady. Men haram iýmiti iýmedim. Özgäniň emlägine eýe bolmadym. Ýalan sözlemedim hem-de beýik syry açmadym...“ - diýip, harranly arkaýyn jogap gaýtardy.60 Birneme wagt geçenden soň ses: - Sen garaşylýan adammy ýa-da özüňi şol hökmünde görkezýämiň? – diýip sorady. - Men Gündogardan, doganlaryň adyndan gelmeli adam. Ýöne ikinji at hem meniňkidir. Demirgazyk şäherde, meniň ýat adamlara aýdyşym ýaly, öýüm, ýerim bar – diýip, Phut jogap gaýtardy. Gapy açyldy we harranly goýy gyzyl perdäniň öňündäki stoljukda ýanyp duran çyra arkaly ýagtylandyrylýan giň gowaga girdi. Perdä altyn çaýylan sapak bilen, gursagy iki sany ýylanly ganatly şar keşdelenipdir. Bir gapdalda ak eşikli žres durdy. Žres Phuta elini uzadyp: - Bäri gelen adam, hany aýt, perdedäki alamatyň nämäni aňladýandygy saňa mälimmi? – diýip sorady. Ol: - Şar – biziň ýaşaýan dünýämiziň keşbi, ganatlar bolsa bu dünýäniň edil bürgüt ýaly, giňişlikde ganat ýaýýandygyny görkezýär – diýip jogap gaýtardy. - Ýylanlar näme? - Iki ýylan beýik syry açan adamyň iki gezek – hem beden, hem-de ruhy taýdan ölýändigini dana ýatladýar. Az salymlyk dymyşlykdan soň žres: - Eger sen, hakykatdanam, ýerde-de, asmanda-da bilmeýän syry galmadyk Beroes (žres baş egdi), beýik pygamber Hali (ol ýene ýaş egdi) bolsaň, öz hyzmatkäriňe soramaga merhemet et: ýyldyzlar içinde täsini haýsy?- diýip sorady. - Asmany on iki ýylyň dowamynda aýlanyp çykýan Hor-sek täsindir, sebäbi onuň töwereginde dört sany kiçi ýyldyz bolýar. Ýöne asmany otuz ýylda aýlanyp çykýan Hor-ka has-da täsindir, sebäbi onda diňe bir özüne tabyn ýyldyzlar bolman, eýsem, hiç wagtda ýitmeýän uly halka-da bardyr. Muny eşiden müsürli žres haldeýiň61 alnynda ýüzin ýatdy. Soňra žres oňa goýy gyzyl reňkli boýunsa, ýuka matadan örtgi berdi, hoşboý ysly zatlaryň nirede durandygyny görkezip, aşak eglip tagzym etdi-de, ýerasty gowakdan çykyp gitdi. Haldeýiň bir özi galdy. Ol boýunsany sag egninden oklady, ýüzüni örtgi bilen ýapdy. Soňra altyn çemçejigi alyp, oňa hoşboý ysly zady guýdy-da, perdäniň öňündäki lampadada ýakdy. Ol haýsydyr bir sözleri pyşyrdap, üç gezek şeýle bir aýlandy weli, hoşboý ysly zatdan çykýan tüsse ony üç gat halka bolup gurşady. Sähel salymdanam boş duran ýerasty gowak geň hereketlerden doldy. Onuň depesi ýokary galyp, diwarlary giňelýän ýalydy. Altaryň golaýyndaky goýy gyzyl reňkli perde göýä göze görünmeýän eller ýaýkalaýan ýaly, yrgyldap başlady. Howa, hamala diýersiň, göze ilmeýän guşlaryň sürüsi uçup geçen deý, ýöne pasyrdy bolup durdy. Haldeý gursagyny açyp, ýüzüni syrly belgiler örten altyn medalony çykardy. Tutuş ýerasty gowak sarsyp gitdi, keramatly perde duýdansyz gozgandy, garaňkylykda otjagazlar ýandy. Tersokan gollaryny göterip, doga okap ugrady: „Mylaýym, merhemetli, asman atamyz, meniň kalbymy arassala... Öz nämynasyp guluňa pata ber we indiden bu ýana seniň ägirt güýçlüdigiňe şaýat bolar ýaly, gudraty çäksiz elleriňi boýun egmezekleriň kalbyna uzat... Siziň bar bolmagyňyzda, ynha, galtaşýan nyşanym. Ynha, men – hudaýyň delalatyna daýanýan, men – öňden görüji we gorky-ürkiniň nämedigini bilmeýän...Men – güýçli – sizi çagyrýaryn we doga edýärin...Aýeniň, Saraýýeniň, Aýeniň, Saraýýeniň hormatyna – diýen edijiler, meniň ýanyma geliň...“ Edil şol pursatda çar ýandan sesler eşidilip başlandy, çyranyň golaýyndan ilki guş, soňra haýsydyr bir sary reňkdäki egin-eşik, soňra guýrukly adam, iň soňundanam başy jygaly horaz uçup geçdiler. Horaz altaryň öşňündäki stoljuga mündi. Haldeý dogany dowam etdirdi: „Gudraty çäksiz we baky hudaý Amorulyň, Tanehanyň, Raburyň, Latisteniň hormatyna...“ Ýene uzakdan sesler eşidilip başlandy. „Hakyky we baky ýaşaýan Eloiniň, Arehimiň, Raburyň hormatyna size doga edýärin we çagyrýaryn...Güni aňladýan ýyldyzyň ady bilen, şu nyşanyň, gudraty çäksiz hudaýyň şöhraty we gazaply ady bilen...“62 Birdenem töwerege dym-dyrslyk aralaşdy. Altaryň öňünde başy jygaly, eli hasaly, ýolbarsyň üstünde oturan göze görünme peýda boldy. - Beroes!..Beroes!..Sen meni näme üçin çagyrýaň? – diýip, göze görünme boguk ses bilen sorady. Haldeý: - Men şu ybadathanada doganlarymyň özümi açyk ýürek bilen kabul etmeklerini, meniň babylly doganlarymdan getiren sözlerime gulak gabartmaklaryny isleýän – diýip, jogap gaýtardy. Göze görünme: - Goý, seniň aýdanyň bolsun! – diýdi-de, gaýyp boldy. Haldeý kellesini arkan atyp, gollaryny göterip, edil heýkel ýaly doňup galdy. Ol adaty adama mahsus bolmadyk şeýle görnüşde ýarym sagatdan gowrak durdy. Şol wagt ýerasty gowagyň diwarynyň bir bölegi süýşdi-de, içeri üç sany müsürli žres girdi. Arkasyny göze görünmeýän direge berip, howada gaýýan ýaly bolup görünýän haldeýi gören žresler biri-birine geň galyp seretdiler. Olaryň ulusy: - Ozal bizde şeýle zatlar bolardy, ýöne häzir beýtmegi hiç kim oňarmaýar – diýdi. Olar haldeýiň daşyndan aýlandylar, doňup galan bedenini çalaja elläp gördüler, edil merhumyňky ýaly saralan, reňk-pet galmadyk ýüzüne howsalalay seretdiler. Žresleriň kiçisi: - Öldümikä? – diýip sorady. Bu söz aýdylandan haldeýiň arkan atylan göwresi dikelip ugrady. Onuň ýüzünde çala bildirýän gülgün reňk peýda boldy, galyp duran elleri aşak indi. Haldeý uludan dem aldy, göýä ukudan oýanan ýaly bolup, ellerini gözlerine ýetirdi. Soňra gowaga girenlere seredip, gürläp ugrady: - Sen – Mefres, Memfisdäki Ptaha ybadathanasynyň ýokary žresi – diýip, ol gelenleriň ulusyna ýüzlendi. – Sen – Herihor, Fiwydaky Amon ybadathanasynyň ýokary žresi, şol döwletde faraondan soňra iň güýçli adam. – Gezek olaryň kiçisine ýetdi. – Sen – Pentuer, Amon ybadathanasynda ikinji pygamber hem-de Herihoryň maslahatçysy... - Senem, şübhesiz, geljekdigiň bize bir ýyl ozal habar berlen beýik žres, Babyl danasy Beroes bolmaly – diýip, Mefres jogap gaýtardy. - Sen hakykaty aýdýaň – diýip, haldeý onuň sözüni tassyklady. Olar duranlary gezekl-gezegine gujaklady. Žresler onuň alnynda baş egdiler. Beroes: - Men size özümiziň pähim-paýhaslylygy aňladýan umumy watanymyzdan beýik habar getirdim. Ony diňläň-de, bolmalysy ýaly hereket ediň - diýdi. Pentuer Herihoryň ümlemegi bilen, gowagyň törüne ýönelip, ulular üçin ýeňil agaçdan ýasalan üç kürsi, özi üçin hem pessejik oturgyç getirdi. Soňra çyranyň golaýynda ornaşyp, gursagyndan gizlenen uly bolmadyk taýajygy, mum bilen örtülen ýasyja tagtany çykardy. Beýlekilerem kürsä geçenden soňra, haldeý gürrüňe başlady: - Babyl žresleriniň ýokary kärdeşligi, Mefres, saňa ýüzlenýar. Žresleriň Müsürdäki keramatly topary tapdan düşüp ugrady. Olaryň köpüsi hars urup pul toplaýarlar, aýallar bilen gatnaşýarlar, durmuşlaryny şady-horramlykda geçirýärler. Siz pähim-paýhasa pitjiň atýarsyňyz. Siz göze görünmeýän dünýä-hä beýlede dursun, hatda öz kalbyňyza-da höküm edip bileňzok. Siziň käbiriňiz beýik ynamy ýitirdi, şeýle bolansoň, geljek siziň gözüňizden gizlenen. Ýöne iň erbedi, köp žresler özleriniň ruhy taýdan gowşakdygyny duýup, ters ýola düşdüler: olar nadanlary ýeser hokgabazlyk bilen aldaýarlar. Ýokary kärdeşlik şeýle diýýär: eger siz hakykatyň ýoluna düşmek isleýän bolsaňyz, Babylyň beýik altaryndan getirilen uçgunyň kömegi arkaly Niliň depesinde hakykat çyrasyny ýakmak üçin, Beroes birnäçe ýyl siziň ýanyňyzda bolar. - Seniň aýdýan zadyň hemmesi dogry. Ösüp gelýän nesil siziň danalygyňyza akyl ýetirer ýaly, biziň ýanymyzda binäçe ýyllap gal – diýip, Mefres gynançly ses bilen aýtdy. - Indi bolsa, Herihor, ýokary kärdeşligiň özüňe aýdan sözlerini diňle! Herihor baş egdi. - Siziň žresleriňiz beýik syrlara pisint etmän, Müsür üçin erbet ýyllaryň golaýlap gelýändigini görenoklar. Size içki betbagtçylyk howp salýar, diňe gowy hereket bilen pähim-paýhas onuň öňüni alyp biler. Emma başga bir zat has-da ýaramaz: eger siz golaý on ýylda Assiriýa bilen uruşsaňyz, onuň goşunlary siziň goşunlaryňyzy kül-peýekun eder. Olar Niliň kenarynda peýda bolarlar-da, bu ýerde asyrlaryň dowamynda gelýän zatlaryň ählisiniň ýoguna ýanarlar. Ýyldyzlaryň şeýle howply ýerleşmesi Müsüriň depesinde ilkinji gezek XV neberäniň asyrynda bolupdy. Edil şol wagtda giksoslar siziň ýurduňyzy boýun egdirip, talama kemini goýmandy. Beýle ýagdaý üçünji gezek ýene bäş ýüz ýa-da ýedi ýüz ýyldan gaýtalanar. Size Assiriýadyr Haldeýiň gündogarynda ýaşaýan parsua halkyndan howp abanar. Žresler ony ýürekleri ýarylara gelip diňleýärdiler. Herihoryň ýüzüniň reňki öçüpdi. Pentuer elindäki ýasyja tagtany gaçyrypdy. Mefres gursagyndaky tumary berk gysymlap, guran dodaklary bilen pyşyrdap doga okaýardy. Haldeý gürrüňini dowam etdirdi: - Assiriýadan ägä boluň, sebäbi häzir onuň edeni ugruna. Ol juda ýowuz halkdyr!..Der dökmegi ýigrenip, uruş bilen ýaşaýandyr. Assiriýalylar dyza çökeren duşmanlaryny ýa-ha gazykda oturdýarlar, ýa-da hamyny soýýarlar. Olar boýun egdiren şäherlerini weýran edýärler, ilatyny bolsa gula öwrüp sürüp gidýärler. Assiriýalylar ýabany haýwanlary awlamak bilen dynç dynç almagy halansoň, ýa-ha ýesirlere ýaý atyp, ýa-da olaryň gözlerini köwläp, göwün hoşlaýarlar. Olar ybadathanalary ýykyp-ýumurýarlar, meýlislerinde mukaddes gap-gaçlary ulanýarlar, dana žresleri-de öz masgarabazlary edýärler. Olar ýaşaýan jaýlarynyň diwarlaryny diri adamlaryň sypyrylan hamy bilen bezeýärler, meýlis saçaklarynda-da duşmanlarynyň gana boýalan kellelerini goýýarlar. Haldeý dymandan örän hormatly Mefres gepläp ugrady: - Beýik pygamber! Sen biziň ýüregimizde gorky döretdiň, ýöne halas bolmagyň ýoluny gökezeňok. Ykbayň bizden wagtlaýyn ýüz sowmagy mümkin, aslynda-ha, sen muny jan ýandyryp aýdaňsoň, mümkin däl-de, şeýle hem bolar, ýöne ondan nädip halas bolmaly? Nilde hiç bir gaýyga aman galmak başartmaýan howply ýerler bar, emma gämi sürüjileriň pähim-paýhasy şol howply girdaplardanam aýlanyp geçýär. Halkyň betbagtçylygy diýeniňem şeýledir. Halk – gaýyk, wagt bolsa – aram-aram çyrpynýan girdaplar gaharyny getirýän derýa. Ýöne balykçynyň çagşan gaýyjagyna betbagtçylykdan sypmak başardýan bolsa, betbagtçylyga giriftar bolan ymgyr adamly halk nämüçin ondan başyny gutaryp biljek dälmişin? Beroes: - Seniň aýdýanyň akylly sözler, emma men olaryň ählisine jogap gaýtaryp biljek däl – diýdi. Herihor: - Eýsem, bolup geçmeli zatlaryň hemmesi saňa aýan dälmi näme? – diýip sorady. - Sen menden bilýän, ýöne aýdyp bilmeýän zatlarymy sorama. Siziň üçin iň zerur zat golaýdaky on ýylda Assiriýa bilen parahatçylygy saklamak – muňa siziň güýjüňiz ýeter. Assiriýa entek sizden gorkýar; ol siziň ýurduňyz üçin amatsyz bolan ykballaryň gabat gelmesinden bihabar bolansoň, deňziň demirgazyk hem-de gündogar kenarlarynda oturýan goňşulary bilen uruşmak isleýär. Siz häzir olar bilen parahatçylykly şertnama baglaşyp bilerdiňiz... - Nahili şertlerde? – diýip Herihor sorady. - Örän bähbitli şertlerde. Assiriýa size tä Akko şäherine çenli-hä Ysraýylyň ýerini, Elat şäherine çenli-de Edom ýurduny berer. Şeýlelikde, siziň serhediňiz uruş-sögüşsiz demirgazyga hem – on günlük ýol, gündogara hem – on günlük ýol giňeler. - Ýeri, onsoň Finikiýa näme? – diýip Herihor sorady. - Maýyl edijiden ägä boluň! – diýip Beroes zarply aýtdy. – Eger häzir faraon elini Finikiýa uzadaýsa, bir aýdan soňra demirgazykdyr gündogara hyýallanan Assiriýa goşunlary günorta sowular-da, bir ýyl hem geçmankä, olaryň atlary Nile suwa düşerler. - Ýöne Müsür Finikiýa täsirini ýetirmekden boýun gaçyryp bilmez-ä! – diýip, Herihor ganygyzgynlyk bilen onuň sözüni kesdi. - Eger ol boýun gaçyramasa, bela uçrar.Ynha, ýokary kärdeşligiň sözleri: „On ýyllap käkilik ýaly ýere gysmyljyrap ýatmasa, rehimsiz ykbalyň gyrgysynyň ony yzarlap ýörendigini Müsüre ýetir. Biz, haldeýleriň olaryň hökmürowanlygynyň agyr ýüküni gerdenimizde göterýändigimiz sebäpli, assiriýalylary müsürlilerdenem beter ýigrenýändigimizi ýetir. Şeýle-de bolsa, biz Müsüre şol ganhor halk bilen parahatçylygy saklamagy maslahat berýäris. On ýyl – az möhlet däl, şondan soňra siz diňe bir öňki ýagdaýyňyzy gazanman, eýsem, bizi-de halas edersiňiz“. - Dogry! – diýip Mefres ylalaşdy. - Özüňiz pikir edip görüň! – diýip, haldeý sözüni dowam etdirdi. – Eger Assiriýa siziň bilen urşup başlasa, ol dawa-jenjeli halamaýan Babyly-da yzyna düşürer. Bu bolsa siziň baýlygyňyzyň işini görer, pähim-paýhaslylygyň ösüşini togtadar. Hatda siz boýun egdirilmänligiňizde-de, siziň ýurduňyz uzak ýyllaryň dowamynda tozap ýatmaga sezewar ediler; ol diňe bir köp adam ýitirmän, eýsem, hasylly topragy-da ýitirer, sebäbi siziň alada-yhlasyňyz bolmasa, ony bir ýylda çäge basar. Herihor gürrüňe goşuldy: - Biz muňa düşünýändigimiz sebäpli Assiriýa bilen ýaka tutuşmak islämzok. Ýöne Finikiýa... - Assiriýaly garakçylaryň finikiýaly ogryny sykaja salandygy bilen biziň ne işimiz bar? Mundan diňe biziň hem-de siziň täjirleriňiz utuş gazanýarlar. Emma siz öz hökümetiňizde finikiýalynyň bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda olara kenarlaryňyzda ornaşmaga ejaza ediň. Olaryň iň baý adamlarynyň, iň mekirleriniň assiriýalylardan gaçyp gitjekdiklerine men ynanýan. - Eger Assiriýa Finikiýada hojaýynçylyk edip ugrasa, biziň gämi ýygynymyzyň ýagdaýy nähili bolar? - Aslynda ol siziňki däl-de, Finikiýanyň gämi ýygyny – diýip, haldeý jogap gaýtardy. – Tir hem-de Sidon gämileri siziň ygtyýaryňyzda bolmadyk mahalynda, siz özüňiziňkini gurup başlarsyňyz, müsürlilere deňizde ýüzmek sungatyny öwredersiňiz. Eger-de siz akylyňyzy, işjeňligiňizi görkezseňiz, tutuş günbatarda finikiýalylaryň elinden söwdany gaňryp almagy başararsyňyz. Herihor elini galgadyp goýberdi. Beroes: - Men buýrulan zady ýetirdim. Sizem zerur hasaplaýanyňyzy ediberiň. Ýöne golaýdaky on ýylyň özüňiz üçin amatsyzdygyny ýatda saklaň...- diýdi. - Pentuer gürrüňe goşuldy: - Keramatly kişi, sen geljekde Müsüre howp salýan içki betbagtçylyk barada aýtdyň. Onuň nädip ýüze çykjakdygyny öz hyzmatkäriňe aýan edip bilmezmiň? - Ony siz menden – ýat adamdan gowy bilmeli. Şonuň üçin hem, ol barada menden soramaň. Siziň hüşgärligiňiz-ä keseliň üçtüni açyp berer, tejribäňiz-de ony bejermegiň ýollaryny görkezer. - Halk güýçlüleriň, baýlaryň agyr zulumy astynda ýaşaýar – diýip Pentuer pyşyrdady. - Dindarlyk gowşady – diýip, Mefres gürrüňe goşuldy. - Basybalyjy urşy küýseýän adamlar köp. Ýöne hiç kim bilen söweşip bilmejekdigimiz maňa öňräkden bäri mälim. Ýene on ýyldan soň mümkin bolaýmasa – diýip, Herihor aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. - Ýeri, onsoň siz Assiriýa bilen ylalaşyk baglaşýaňyzmy? – diýip haldeý sorady. - Meniň ýüregimdäkini duýýan Amon şeýle ylalaşygyň meniň aňrymy bäri getirýändigini bilýär. Mundan sähel wagt ozal ýigrenji assiriýalylar bize paç töleýärdiler! Ýöne sen, keramatly ata, hem-de ýokary kärdeşlik täleýimiziň ters geljekdigini aýdýan bolsaňyz, biz ylalaşyk baglaşmaga mejbur bolýarys – diýip, Herihor jogap gaýtardy. - Hawa, mejbur bolýarys – diýip, Mefres onuň häsini ýetirdi. - Eger şeýle bolsa, öz gelen netijäňiz hakda Babyl kärdeşligine habar ýetiriň; olar patyşa Assaryň size öz ilçisini ýollamagyny gurarlar. Maňa ynanyň, bu ylalaşyk siziň üçin juda zerur: siz uruşsyz öz eýelik edýän ýerleriňiziň çägini giňeldýärsiňiz! Biziň žres kärdeşligimiz bu barada-da pikir etdi. Mefres: - Size her hili ýagşy zatlar: baýlyk, hökmürowanlyk hem-de beýik danalyk nesip etsin! – diýdi. - Halkyň agyr ýagdaýyny ýeňletmek zerur – diýip, Pentuer gürrüňe goşuldy. - Halkyň...žresleri! – diýip, Herihor özbaşyna ýaly gepledi. – Bar zatdan ozal urşa teşne adamlary agyzzyryklamaly. Dogry, faraon meniň tarapymda, göwnüme, men mirasdüşere-de belli bir derejede täsirimi ýetiren ýaly – goý, olar baky ýaşasyn! Emma Nitagora uruş balyga suwuň zerur bolşy ýaly gerek...Hakyna tutulan goşunlaryň ýolbaşçylary-da biziň aramyzda diňe uruş mahalynda agramly bolýarlar...Saýry toparyň adamlary-da uruş özlerine finikiýaly süýthorlara bergisini bermäge hem-de baýlyk toplamaga mümkinçilik berer diýip pikir edýärler... Pentuer: - Hakykatda bolsa, daýhanlar gaty kyn sähmetiň agyr ýüküniň astynda maýrylýarlar, jemgyýetçilik işlerinde işleýänlerem dolandyryjylaryň rehimsizliginiň garşysyna baş göterýärler – diýdi. - Bularyň ählisi – öz aladamyz! – diýip, pikirine gümra Herihor seslendi – Sen, Pentuer, daýhanlardyr işçiler, sen bolsa, Mefres, žresler barada oýlanyň. Ikiňiziň eliňizden näme geljekdigini bilemok. Ýöne öz oglum Müsüri urşa iteklese, oňa rehim etmejekdigime ant içýän. Haldeý: - Ine, şeýle hereket et. Emma kim isleýän bolsa, goý, uruşsyn. Ýöne özleriniň Assiriýa bilen çaknyşyp biljek ýerlerinde däl...-diýdi. Ýygnanyşyk tamamlandy. Haldeý boýunsany egnine oklap, örtügini ýüzüne goýberdi. Mefres bilen Herihor onuň iki gapdalynda, Nitagor bolsa yzda durdy. Olaryň ýüzleri altara tarapdy. Beroes gollaryny gowşuryp, nämedir bir zat pyşyrdap ugrandan, ýerasty gowakda ýene hereket başlandy; uzakdan gopgun eşidildi. Ol ýerde duranlar geň galyp gulak gerýärdiler. Tersokan gaty ses bilen: - „Baralanensis, Baldahiýensis, Paumahiýe, biziň ylalaşygymyza şaýat bolandygyňyz we bize arka durandygyňyz üçin size towakga edýärin...“ -diýdi. Birden lüleleriň sesi şeýle bir aýdyň eşidildi weli, Mefres derrew özüni ýere goýberdi, aňk-taňk bolan Herihor töweregine garanjaklady, Pentuer biolsa dyza çöküp, sandyraýşyna, gulaklaryny ýapdy. Altardaky goýy gyzyl reňkli perde gymyldap, göýä ol ýerden adam çykmakçy bolýan ýaly, epinleri düýrülip-ýazylýardy. - „Siz asmanyň we dowzahyň güýçleri, şaýat boluň! – diýip, haldeý üýtgän sesi bilen towakga edýärdi. – Kasamynyň yzynda durup bilmedige we ylalaşygyň syryny paş edene nälet bolsun!..“ - Nälet bolsun! – diýip, kimdir biri gaýtalady. - „Hem heläk bolsun!“ - Hem heläk bolsun! - „Bärdäki göze görünýän we aňyrdaky göze görünmeýän durmuşda. Sesinden ýer titreýän, deňiz kenarlaryndan yza çekilýän, ýanyňp duran ot öçýan we tebigatda ähli zat böleklere ýerleşýän Iegowanyň dile alynmaýan ady bilen“. Ýerasty gowakda hakyky gök gürrüldän ýaly boldy. Lüleleriň sesleri uzakdan eşidilýän gürrüldi bilen gatyşyp gitdi. Altardaky perde aşak gaçdy-da, ýerden süýrenip uçdy; onuň aňyrsyndanam üznüksiz yldyrymlaryň arasyndan haýsydyr bir täsin zatlar, ýarym adamlar, ýarym ösümliklerdir haýwanlar göründi; soňra olaryň hemmesi garym-gatym bolup, düýrlendiler. Birdenem dym-dyrslyk boldy we Beroes ýuwaşlyk bilen üç žresiň depesine göterilip ugrady. Irden sagat sekizde harranly Phut „Gäminiň golaýynda“ diýlip atlandyrylýan Finikiýa myhmanhanasyna dolanyp geldi. Onuň haltalary we sandygy eýýäm tapylan eken. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Asarhaddonyň ynamly adamy-da peýda boldy; hojaýyn ony ýerzemine alyp baryp: - Ýeri, nähili? – diýip sorady. - Men uzyn gije Seta ybadathanasynyň ýerleşýän meýdanynda durdum. Agşam sagat dokuz töweregi „Ýaşyl ýyldyzyň astynda“ jaýyndan bäş mülk aralykda ýerleşýän bagdan üç sany žres çykdy. Olaryň gara saçly, sakgally biri meýdançanyň üsti bilen Seta ybadathanasyna ugrady. Men onuň yzyndan ylgadym, ýöne duman çökensoň, gözden ýitirdim. Onuň jaýa dolanyp barandygyny ýa-da barmandygyny men bilemok – diýip, hyzmatkär jogap gaýtardy. Myhmanhananyň hojaýyny ýollan adamsynyň gürrüňini diňläp, maňlaýyna urdy-da: - Eger harranly žres ýaly geýnip, ybadathana gatnaýan bolsa, diýmek, ol žresdir; ösgün saklgaldyr saç-da onuň haldeýli žresdiginiň alamaty bolaýsa gerek. Onuň bärdäki žresler bilen gizlin duşuşmagy şübhe döredýär. Men öz daşyma geçilmez ýaly, bu barada tertip-düzgüne gözegçilik edýänlere hiç zat aýtmaryn, ýöne sidonly sözi geçginli adamlardan kimdir birine habar ýetirerin. Mundan hut özüm üçin bolmasa-da, özümiziňkiler üçin bähbit görse bolar. Basym ikinji ýollanan adam-da dolanyp geldi. Asarhaddon onuň bilen hem ýerzemine düşdi. - Men uzyn gije „Ýaşyl ýyldyzyň astynda“ jaýynyň garşysynda durdum. Harranly şol ýerde boldy. Özi-de içgiden keýpini ýagşy kökläp, şeýle bir gygyrdy weli, hatda tertip-düzgüne gözegçilik ediji derwezebana duýduryşam berdi... Hojaýyn: - Bu nähili beýle?.. Harranly uzyn gije şol jaýda boldumy? Senem ony gördüňmi?.. – diýip, haýran galyp sorady. - Diňe men däl, tertip-düzgüne gözegçilik ediji-de gördi... Asarhaddon birinji hyzmatkäri çagyrdy. Onsoň olaryň hersine öz gürrüňini gaýtalamagy buýurdy. Olar gören zatlaryny jikme-jik beýan etdiler. Iki hyzmatkäriň gürrüňine görä, harranly Phut sähel salymlygam hiç ýere gitmän, uzyn gije „Ýaşyl ýyldyzyň astynda“ jaýynda şady-horramlyk edipdir; şol bir wagtyň özünde-de, giçlik Seta ybadathanasyna gidip, yzyna dolanmandyr. - Ä-hä! – diýip, finikiýaly özbaşyna madyrdady. – Bu ýerde uly aldawçylyk ýatyr...Bu hettiň şol bir wagtda iki ýerde bolmagy başarýandygyny Finikiýa jemgyýetiniň ýaşulusyna habar bereýin. Onsoňam onuň meniň myhmanhanamdan owarrasyny tapmagyny talap edeýin. Ýigrenenim ikiýüzli adamlar: olaryň biri-hä özüniňki, beýlekisini-de bardy-geldi ulanmaly bolaýsa diýip ätiýaçlykda saklaýar. Beýle adam ýa barypýatan kezzapdyr, ýa jadygöýdir, ýa-da dildüwşüjidir. Asarhaddon birindenem, beýlekisindenem, üçünjisindenem gorkýandygy üçin, öz myhmanhanasyny bezeýän ähli hudaýlaryň alnynda çokunmaga we jadygöýligiň garşysyna doga okamaga gyssandy. Ondan soňra bolup geçen ahwalat barada Finikiýa jemgyýetine habar bermek üçin, niredesiň şäher diýip eňdi. Ol bu işi bitirip öýüne gelenden soňra, tertip-düzgüne gözegçilik edijini ýanyna çagyryp, Phutyň ähli alamatlary boýunça howply adamdygyny aýtdy. Harranlydan bolsa özüne hiç hili girdeji getirmeýändigi, diňe myhmanhana şübhe döredýändigi üçin, bu ýerden gitmeginin talap etdi. Phut edil şu gün agşam Fiwä tarap ýola düşjekdigini aýdyp, hojaýyn bilen höwesli ylalaşdy. Myhmanhananyň hojaýyny: „Belki, saňa dagy-duwara şol ýerden dolanmak nesip etmäýedi! Belki, sen daş döwülýän ýerde çüýräýediň ýa-da näheňiň dişine düşäýediň!“ diýip içini gepletdi. ÝIGRIMI BIRINJI BAP Tagtyň mirasdüşeriniň sapary ýylyň gowy mahalynda – famenot63 aýynda başlandy. Suw öz adaty derejesiniň ýarysyna çenli çekilip, ýeriň täze-täze giňişliklerini açyp gidip otyrdy. Fiwy tarapdan deňze üsti bugdaýly köpsanly sallar ýüzüp gelýärdiler. Aşaky Müsürde ýorunja we kassiýa64 orýardylar. Pyrtykal, nar agaçlary güle bürenipdiler. Meýdanda lýupin65, zygyr, arpa, kösükli ösümlikler, noýba, hyýar we beýleki gök önümleri ýygýardylar. Žresler, ýokary derejeli döwlet adamlary, onuň hormatlysy faraonyň ýörite goşuny hem-de halk tarapyndan ýola salnan şa ogly – hökümdar Ramses irden sagat dokuzda bol gyzyl çaýylan ýelkenli uly gämä aýak basdy. Gäminiň gapagynyň eteginde, zynatly çadyrlar gurlan ýerde ýigrimi sany kürekleýji esger otyrdy. Gäminiň bogaldagynyň eteginde, burnunda we yz tarapynda onuň enjamlaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler öz orunlaryny eýeläpdiler. Olar birleri ýelkenlere esewan bolýardylar, beýlekileri desti dolandyrýardylar, ýene birleri kürekleýjilere ýolbaşçylyk edýärdiler. Ramses ýokary žres, örän hormatly Mefresi hem-de keramatly ata Mentesufisi öz ýanyna çagyrdy. Ikisi oňa ýola ýoldaş bolmalydy, soňra-da işlere gönükdirmelidi. Şeýle-de, şa ogluna öz welaýatynyň çägine çenli ýoldaş bolýan memfisli monarham çagyryldy. Öňde häkimiň gämisinden belli bir aralykda Memfis bilen goňşuçylykdaky Aa welaýatynyň häkimi asylzada Otoýanyň gämisi, yzda bolsa – içinde köşk adamlary, žresler, serkerdeler we emeldarlar bolan san-sajaksyz gaýyklar ýüzüp barýardylar. Azyk-owkatly, hyzmatkärli gämiler olardan ozal ýola düşüpdi. Nil Memfise çenli iki sany dag ulgamynyň arasyndan akýardy. Soňra daglar gündogara we günbatara sowulýardy, derýa bolsa birnäçe gola bölünip, olaryň suwy giň düzülük bilen deňze zogdurylyp gidýärdi. Gämi duralgadan ýola düşen mahaly, şa ogly ýokary žres bilen gürrüňdeş bolmak isledi. Ýöne şol wagt märeke şeýle bir goh turuzdy weli, mirasdüşer çadyrdan çykyp, olara görünmeli boldy. Emma goh peselmedi-de, tersine, has güýçlendi; kenarlara üýşen ýarymýalaňaç ýa-da baýramçylyk eşigini geýen şäherlilerden ýaňa göge alma oklasaň, ýere düşjek däldi. Olaryň köpüsiniň kellesinde otaga hem-de tas ählisiniň diýen ýaly ellerinde ýaşyl şaha bardy. Aýdym eşidilýärdi, deprekdir fleýtanyň sesi ýaňlanýardy. Kenarlaryň uzaboýuna örän köp goýlan „durnalar“ bu gün hereketsizdi. Oňa derek Nilde çaklaňja gaýyklar çarp urýardylar, kürekleýjiler mirasdüşeriň gämisiniň öňüne gül oklaýardylar. Olaryň käbiri bolsa özlerini suwa zyňyp, gäminiň yzyndan ýüzýärdiler. „Olar meni edil faraon ýaly garşy alýarlar“ diýip Ramses oýlandy we birgiden bezemen gämileri, gaýyklary görüp, ýüregini buýsanç eýeledi; ol elini salgap goýberdigi bes, şol gämilerdir gaýyklaryň, öz işlerini taşlap, diňe mirasdüşeriň nurana ýüzüni görmek üçin, derýada höküm sürýän ber-başagaýlykda zeper ýetmeginden, hatda basgylanyp ölmeginden çekinmän gelen müňlerçe adamyň ýekejesi-de ýerinden butnap bilmez. Märekäniň sähel salymlygam köşeşmeýän şowhunly sesi Ramsesi has-da begendirdi. Şol sesler onuň kalbyny şatlykdan doldurýardy, başyny lezzetli aýlaýardy, öz-özüni söýüjiligine gop berýärdi. Şa oglunyň göwnüne, eger tagta sekiden bökäýse, märekäniň uly şatlygy ony hatda suwa galtaşmanka tutup, edil guş ýaly ýokary göterjek ýalydy. Gämi çep kenara golaýlaşanda, käbir adamlaryň sypaty märekede aýyl-saýyl bolup ugrady. Birdenem Ramses özi üçin garaşylmadyk bir zat gördi. Birinji hatarda adamlar aýdym aýdýardylar, çapak çalýardylar, emma aňyrda degenekli taýaklar ýokary galyp, görünmeýän ýagyrnylara inýärdiler. Bu ýagdaýa geň galan häkim memfisli häkimden: - Bu näme boldugy, hormata mynasyp?..Ol ýerde degenekli taýaklar işleýän ýaly-la? – diýip sorady. Häkim elini gözüne ýetirdi. Onuň diňe ýüzi däl, hatda boýny hem gyzardy. - Bagyşla, beýik hormatly jenap, meniň gözümiň görşüniň ugry ýok... Ramses: - Ol ýerde adamlary ýençýärler!..Hawa, ýençýärler – diýip, iki gezek gaýtalady. Häkim: - Megerem...megerem, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler ogrularyň toparyny ele salan bolsa gerek – diýip jogap gaýtardy. Jogapdan gatybir kanagatlanmadyk mirasdüşer gäminiň yz tarapyna, gaýygy birden derýanyň ortasyna öwren hünärmenleriň ýanyna bardy we şol ýerden Memfis tarapa syn etdi. Niliň ýokarlygyna kenarlar tas boş diýen ýalydy, gaýyklaram gürüm-jürüm bolupdy. Suw susýan „durnalar“ göýä hiç zat bolmadyk ýaly, işläp durdular. Hökümdar ýaş hünärmenden: - Näme, baýramçylyk gutardymy? – diýip sorady. - Hawa, adamlar işlemäge gitdiler. - Şeýle çalt dargadylarmy? Seresapsyz ýigit: - Olar ýitirilen wagtyň öwezini dolmaly ahyry – diýip jogap gaýtardy. Mirasdüşeriň aňyrsy bärik geldi. Ol ýigidiň ýüzüne gözlerini alardyp seretdi, ýöne özüni çalt ele alyp, çadyryna dolanyp bardy. Märekäniň şowhunly gykylygy indi ony begendirenokdy. Ol gaşlaryny çytyp, dymýardy. Buýsanç lowurdysy öçen, kemsidilen şa oglunda indi märekä ýigrenç bardy: ol şatlykdan öz gündelik işine, hapa suw susýan „durnalara“, gör, nähili çalt geçýän eken! Nil gollara bölünip başlady. Aa welaýatynyň nomarhynyň gämisi günbatara sowlup, aradan bir sagat geçenden soňra kenara gelip daýandy. Ol ýerde märeke Memfisiň etegindäkidenem kändi. Ähli ýerde ýaşyl otlar oralan ýeňiş arkalary hem-de baýdakly sütünler durdy. Kese ýerli adamlaryň ýüzleri, eşikleri barha köp göze ilýärdi. Ramses kenara aýak basandan, onuň ýanyna owadan matadan edilen çadyry göterip žresler geldiler we hormata mynasyp Otoý hökümdara ýüzlenip: - Ajaýyp faraonyň hökümdary, saňa Aa welaýatynyň topragynda salam bolsun! Biziň üçin asman çygyna deň bolan öz merhemetliligiň hatyrasyna, biziň hemaýatkärimiz hudaý Ptaha gurban bermäge ygtyýar et hem-de ybadathanalary, halky, mal-garasy, çöregi we bar bolan ähli gaýry zady bilen bilelikde şu nomy öz hemaýatyňa we hökümdarlygyňa al – diýdi. Soňra häkim ony endamlaryna hoşboý ysly ýag , ýüzlerine al-elwan reňk çalnan, altyn çaýylan sapak bilen tikilen köýnek geýen bezemen birnäçe ýigit bilen tanyşdyrdy. Olar ýerli saýry adamlaryň maşgalalaryndan çykanlardy, köpüsi hem nomarhyň golaý ýa-da daşgyn garyndaşlarydy. Ramses olara has ünsli bilen syn etdi. Ahyry hem: - Ä-hä! Bulara nämedir bir zat ýetmeýan ýaly bolup göründi weli...Asyl ýasama saçlary ýok eken-ä...- diýip gygyrdy. - Hormata mynasyp, şa ogly, siziň özüňiz ýasama saç geýmeýändigiňiz sebäpli, biziň ýaşlarymyzam ol bezegden ýüz öwürdiler – diýip, häkim jogap gaýtardy. Şondan soň ýaşlaryň biri hökümdaryň arkasynda ýelpewaçly, beýlekisi galkanly, üçünjisi naýzaly durdular we ýörüş başlandy. Mirasdüşeriň depesinde owadan matadan edilen çadyr bardy. Öňden – hoşboý ys tüsseleýän kadiloly žres hem-de şa oglunyň aýagy degmeli ýodajyga bägül oklaýan birnäçe gyz barýardy.Ýoluň uzaboýuna elleri şahaly duran baýramçylyk eşigindäki märeke howany gykylykdyr aýdym bilen doldurypdy; adamlaryň arasynda faraonyň bellän hökümdarynyň alnynda ýüzin düşüp ýatanlaram bardy. Emma şeýle ala-goh bolup şatlansalar-da, adamlaryň ýüzleriniň tukatdygy, endişelidigi Ramsesiň nazaryndan sypmady. Ol, şeýle hem, märekäniň toparlara bölünendigini, olara haýsydyr bir adamlaryň aýdanyny etdirýändigini aňdy; hatda şatlanmagy-da oňarmaýan märekä ýene-de özünde sowuk ýigrenç duýdy. Ýörüş assa-ýuwaşdan Aa bilen Memfis welaýatlarynyň arasyndaky çägi aňladýan mermer sütüne golaýlaşdy. Sütüniň üç tarapynda welaýatyň ýer meýdanynyň, ilatynyň we şäherleriniň sanyny görkezýän ýazgylar edilipdir. Onuň dördünji tarapynda egnine çenli örtgä çolanan, kellesi adaty ýukajyk ýeňil sümmenli, eli hasaly hudaý Ptahanyň heýkeli durdy. Žresleriň biri hoşboý ysly zat burugsaýan altyn çemçäni şa ogluna uzatdy. Mirasdüşer pyşyrdap doga okap, kadilony ýokary galdyrdy we birnäçe gezek aşak egildi. Märekäniň, žresleriň gykylygy has-da batly çykyp ugrady. Saýry topardan çykan ýaşlaryň ýüzlerinde bolsa kinaýaly ýylgyryş görünýärdi. Herihor bilen ýaraşan pursatyndan başlap, hudaýlardyr žreslere uly hormat goýýan mirasdüşer bildirer-bildirmez çytylsa hem, derrew agras keşbe girdi; olaryň käbiri hatda mirasdüşeriň alnynda ýüzin düşüp ýatdylar. Şa ogly: „Dogrudanam, asylly ýerden çykanlar garamaýaklardan gowy!..Olar meniň hormatyma gygyryşan bolýan, aslynda weli basymrak dagaşyp, öz guýularyna, iş gurallaryna dolanyp barmak isleýän ýeňiýoluk ilat ýaly däl, edýän zatlaryny ýürek bilen edýärler“ diýip oýlandy. Indi Ramses özi bilen garamaýak halkyň arasyndaky tapawudy bir wagtdaka garanda artyk duýýardy we diňe saýry toparyň özüni şol bir duýgy baglanyşdyrýan synpdygyna düşünýärdi. Islän wagty hyzmatynda durmak, buýruklaryny kemsiz ýerine ýetirmek üçin, ýanyp duran gözleri bilen onuň her bir hereketini garbap alýan şol syrdym ýigitlerdir näzenin gyzlar ýitirim bolanlygynda, hawa, ýitirim bolanlygynda, ol bu äňyrsy-bärsi görünmeýän märekäniň arasynda özüni çölde galanyndanam beter ýalňyz duýardy. Sekiz sany negr kejebeleri, düýeguşuň ýelegi bilen bezelen owadam matadan edilen çadyry getirdiler. Hökümdar welaýatyň paýtagty Seheme ugrady we şol ýerdäki hökümet köşgünde düşledi. Memfisden birnäçe mil daşlykda ýerleşýän bu welaýatda bir aýa golaý wagt boldy. Şonça wagt gelýän adamlaryň kabul edilmegi, her hili dabaraly gutlaglar, emeldarlaryň oýunlary, şeýle hem, meýlisler bilen geçdi. Meýlisler her hili görnüşde guralýardy: biri köşkde bolup, oňa diňe saýry toparyň adamlary gatnaşýardy; beýlekisi içki howluda bolup, ol ýerde öküzleri tutuşlygyna gowurýardylar, ýüzlerçe çörek iýýärdiler, ýüzlerçe küýze buza içýärdiler. Ol ýerde hökümdaryň gullukçylarynyň hem-de pes wezipeli emeldarlarynyň hyzmatynda durýardylar. Häkimleriň sahylygy, gije-gündiz hökümdaryň daşyny gallap, geplemek beýlede dursun, atýan her bir ümüne düşünýän, häh diýildigi mäh bolmaga taýýar ýerli tanymal adamlaryň wepalylygy Ramsesi haýran galdyrdy. Ahyry göwün açmadan halys ýadan mirasdüşer onuň keramatlysy faraonyň emriniň esasynda welaýatyň hojalygynyň ýagdaýy bilen tanyşmalydygyny Otoýa mälim etdi. Onuň islegi derhal bitirildi. Häkim oňa diňe iki adam göterjek kejebä münmegi we köpsanly nökerleriň ugratmagynda hudaý Hatoryň ybadathanasyna ugramagy teklip etdi. Şol ýerde nökerler gapynyň daşynda galdylar, häkim bolsa özi bilen bile pilonlaryň biriniň diňine galmagy Ramsesden haýyş etdi. Alty gatly diňiň depesinden welaýatyň tas ähli ýeri diýen ýaly aýyl-saýyl görünýärdi. Ol ýerde žresler asmana syn edýärdiler we dürli reňkdäki baýdaklar arkaly Memfisiň, Atribiň, Onuň goňşy ybadathanalary bilen habarlaşýardylar. Otoý şol ýerden hökümdara faraonyň meýdanlarynyň, üzümçiliginiň nirede ýerleşýändigini, häzir haýsy nowhananyň arassalanýandygyny, haýsy bendiň bejerilýändigini, bürünç eredilýän pejiň, faraonyň ammarynyň, töweregini lotosdyr papirus tutan batgalygyň nirededigini, haýsy meýdany çägäniň basandygyny...görkezdi. Ramses gözel görnüşe haýran galdy we göwnüniň göterilendigi üçin Otoýa minnetdarlyk bildirdi. Emma yzyna, köşge dolanyp gelip, kakasynyň maslahaty boýunça özünde galan täsirleri ýazyp ugranda. Aa welaýatynyň ýagdaýy baradaky maglumatyň ýüze tutarlyk zat däldigine göz ýetirdi. Aradan birnäçe gün geçenden soň, ol welaýatyň dolandyrylyşyna dahylly düşündirişi Otoýdan gaýtadan talap etdi. Hormata mynasyp häkim ähli emeldarlara ýygnanmagy we köşgüň alnyndaky beýik ýerde duran mirasdüşeriň öňünden geçmegi buýurdy. Ramsesiň öňünden uly we kiçi gaznaçylar, hasylyň, çakyryň, mallaryň, matanyň hasabatyny ýöredýän mürzeler, daş örüjileriň, ýer gazyjylaryň ýolbaşçylary, gury ýer we suw bilgeleri, her hili kesele em tapýan tebipler, işçi ýygynynyň gözegçileri, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler, kätipler, kazylar, zyndanlaryň gözegçileri, hatda parashitlerdir jellatlar geçdiler. Olardan soň hormata mynasyp häkim şa ogly Ramsesiň özüniň şahsy köşk gullukçylarynyň tutuş düzümini onuň eline tutdurdy. Şa ogly Aa welaýatynda we Sehem şäherinde arabakeşiň, ýaý atyjynyň, galkan, naýza, aýpalta göterijileriň, onlarça hammalyň, birnäçe aşpeziň, sakynyň, dellegiň hem-de ony çuňňur hormatlaýan, wepaly beýleki gullukçylaryň öz hyzmatynda durýandyklaryny bilip, muňa juda geň galdy; sebäbi ol henize çenli olar barada hiç zat bilenokdy. Hökümdar bu içgysgynç, biderek gözden geçirmeden ýadap, ruhdan düşdi. Ol özüniň hiç zada düşünmeýändigi, diýmek, döwleti dolandyrmaga ukypsyzdygy baradaky pikirden haýykdy. Ýöne muny hatda özüne boýun almaga-da utandy. Eger onuň Müsüri dolandyrmaga ýagdaýy ýok bolsa, muny hem adamlar bilse – oňa näme galýar? Diňe ölüm! Özi üçin tagtdan daşgary bagtyň ýokdugyny, hökmürowanlyk bolmasa, ýaşap bilmejekdigini Ramses duýýardy. Emma köşk durmuşynyň ber-başagaýlygynda mümkin boldugyndan birnäçe gün dynç alandan soň, ol ýene Otoýy ýanyna çagyryp: - Hormata mynasyp häkim, men senden öz welaýatyňy nähili dolandyrýandygyň barada habarly etmegi sorapdym. Sen maňa ýurdy, emeldarlary görkezdiň, ýöne men entek hiç zada düşünemok. Tersine, men özümi biziň ybadathanalarymyzyyň ýerasty jaýlaryndaky töwereginde birnäçe ýol görse hem, onuň daşyna çykmak üçin haýsy ýola düşmelidigini bilmeýän adam ýaly duýýan – diýdi. Häkimiň ýüzi sallandy. - Eýsem, men näme etmeli? Sen menden näme isleýäň hökümdar? Diňe ýekeje söz aýt, men saňa öz erk-ygtyýarymy, baýlygymy, hatda kellämi-de bereýin! – diýip batly aýtdy. Hökümdaryň öz ynandyrmasyny mylaýymlyk bilen diňleýänini görüp hem, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Sen gezelenç edýän mahalyň welaýatyň ilatyny gördüň. Belki, sen özüňi garşylamaga adamlaryň hemmesiniň çykmandygyny aýtjak bolýansyň? Dogry. Ýöne men ýalňyşymy düzederin: tutuş ilatyň çykmalydygyny buýraryn. Olar erkek, aýal, garry, çaga – ählisini hasaplanyňda iki ýüz müňe golaý. Sen pilonyň depesinden biziň topragymyzy synlamak islediň. Emma eger isleýän bolsaň, Sehemiň her bir meýdanyny, her bir obasyny, her bir köçesini golaýdanam synlap bileris. Galyberse hem, men saňa emeldarlary görkezdim. Dogry, olaryň arasynda iň bir pes derejelileri ýokdy, ýöne buýur – olar ertiriň özünde dikilgazyk bolarlar hem-de seniň alnyňda ýüzin düşüp ýatarlar. Men başga näme etmeli? Diliň geplesin, hökümdar! - Men seniň wepalydygyňa ynanýan. Ýöne maňa iki zady düşündir: birinjisi, onuň hormatlysy faraonyň girdejisi näme üçin azaldy; ikinjisi, welaýatyň dolandyrmak bilen, seniň özüň näme edýäň? – diýip, şa ogly sorady. Otoý aljyrady. Hökümdar pikirini düşündirmäge gyssandy: - Men muny heniz ýaşdygym hem-de dolandyrmagy ýaňy öwrenýändigim sebäpli bilmek isleýän. - Ýöne seniň danalygyň ýüz ýaşly garryny oturtjak – diýip häkim mydyrdady. Ramses öz pikirini dowam etdirdi: - Ine, ne sebäpden maňa köpi gören adamlaryň maslahatlary, görkezmeleri gerek. Sen meniň halypam bol. - Men saňa hemme zady görkezeýinem, gürrüňem bereýin. Ýöne ilki bärden sypmaga hem-de goh-galmagalsyz ýer tapmaga maý ber. Hakykatdanam, hökümdaryň ýerleşen köşgüniň içki, daşky howlularynda märeke edil bazarda ýaly hyryn-dykyndy. Olar iýip-içýardiler, aýdym aýdýardylar ýa-da ylgamakda, göreşmekde bäsleşýärdiler – bularyň hemmesi öz gulluk edçän hökümdarlarynyň şanynady. Günortan sagat üçüň ýarynda häkim teblehanadan iki sany at getirmegi emir etdi we Ramses bilen şäheriň daşyna çykdy. Köşk adamlary şol ýerde galyp, meýlisi dowam etdirdiler. Howa sergindi, zemini ýaşyl otlardyr al-elwan güller örtüpdi. Atlylaryň depesinde guşlar owaz eýleýärdiler. Töwerek ýakymly ysdan püre-pürdi. - Bu ýeriň ýakymlydygyny! – diýip, Ramses şatlykly seslendi. – Men tutuş aýyň içinde ilkinji gezek pikirimi bir ýere jemläp biljek. Ýogsam-a kellämde söweş arabalarynyň hatary ýerleşip, gije-gündiz türgenleşik geçýän ýaly bolup başlapdy. - Dünýäniň hökümdarlarynyň ykbaly şeýle bolýar – diýip, häkim jogap gaýtardy. Atlylar baýyrda sägindiler. Olaryň aýaklarynyň astynda ýaşyl otluga bürenen giň çemenlik ýaýylyp ýatyrdy. Demirgazykda we günortada şäherjikleriň diwarlary agaryp görünýärdi. Çemenligiň aňyrsynda tä gözýetime çenli günbatar çöllügiň gyzylymtyl çägesi uzalyp gidip, ondan aram-aram göýä gyzgyn peçden çykýan ýaly bolup, gyzgyn ýeliň demi gelýärdi. Çemenlikde öý haýwanlarynyň: şahly, şahsyz öküzleriň, goýunlaryň, geçileriň, eşekleriň, antilopalaryň, hatda kerkleriň sansyz-sajakzyz sürüleri bakylýardy. Nirä seretseň, suw ösümlikleri örten, ýabany gazlar, ördekler, kepderiler, leglekler, ibisler66, gotanlar jygylda-mygyl batgalyklaryň ýaşyl menekleri görünýärdi. - Seret, hökümdar! – diýip, häkim gürläp başlady. – Ynha, biziň ýurdumyz Kenäniň67 – Müsüriň keşbi. Osirisiň giden çöllügiň arasynda bu bölek ýeri sulhy alypdyr. Oňa peýdaly köp ösümlik, haýwan beripdir. Soňra hoşgöwün hudaý adam sypatyna girip, ýurduň ilkinji faraony bolupdyr. Ol sandan galyp ugrandygyny duýanda, ruhy bedenini terk edip, ogluna, soňra agtygyna ornaşypdyr...Şeýlelikde, Osiris özüniň döreden baýlygyny – Müsüriň baýlygyny peýdalanyp, faraonyň keşbinde ýüzlerçe ýyllardan bäri ýaşap ýör. Biziň hudaýymyz hem-de jenabymyz mäkäm agaja meňzäp şaha ýaýratdy. Onuň berk şahalary – Müsür patyşalary, çybyklary – žreslerdir häkimler, ýapraklary bolsa – saýry toparlar. Göze görünýän hudaý ýerdäki tagtynda oturyp, ýurtdan özüne degişli pajy alýar. Göze görünmeýän hudaý bolsa ybadathanalarda berilýän gurbanlary kabul edýär hem-de žresleriň agzy bilen öz erk-islegini aýdýar. Şa ogly: - Aýdýanyň dogry. Bu barada mukaddes kitaplarda-da ýazylan – diýdi. Häkim sözüni dowam etdirdi: - Osiris – faraonyň özi ýerdäki hojalyk işleri bilen meşgullanyp bilmänsoň, emlägine gözegçilik etmegi bize – öz tohumyndan bolan häkimlere ynanypdyr. - Bu hem dogry – diýip, Ramses alyp göterdi. – Kämahal nurly hudaý hatda häkime öwrüläge-de, täze nesliň başyny başlaýar. Memfis, Elefantin, Fiwy, Keops nesilleri şeýdip döräpdir. - Bularyň hemmesi örän adalatly, hökümdar. Indi bolsa men seniň soraýan zatlaryňa jogap bereýin. Men bärde, welaýatda näme edýän?..Men Osiris-faraonyň emlägini hem-de özümiň ondaky paýymy goraýan. Dürli haýwanlar bolan bu sürülere seret: olaryň biri süýt, beýlekisi et, üçünjisi deridir ýüň berýändir. Müsüriň ilaty-da şeýle: biri çörek, beýlekisi çakyr, mata, gap-gaç bilen üpjün edýär, üçünjisi jaý gurýar. Meniň işim olaryň her birinden degişli bolan zady alyp, faraonyň dabanyna eltip goýmak. Meniň munça sürä gözegçilik edere ýagdaýym ýok. Şonuň üçin hem, özüme wepaly itleri hem-de çopanlary saýlap aldym: biri haýwanlary sagýar, gyrkýar, derisini alýar; beýlekisi olar ogrulara şam bolmaz ýaly, ýa-da ýyrtyjylar parçalamaz ýaly, sürüleri goraýar. Welaýat babatynda-da şeýle: meniň ähli salgytlary ýygnap, adamlary ýaramazlykdan gorap saklap bilmejekdigim belli; munuň üçin meniň tabynlygymda emeldarlar bar, olar dogry hasaplaýan zatlaryny edip, maňa-da öz hereketleri barada hasabat berýärler. - Bularyň hemmesi dogry – diýip, Ramses onuň sözüni kesdi. – Men muny bilýänem, düşünýänem. Ýöne şeýle yhlasly goralýandygyna garamazdan, onuň hormatlysynyň girdejisiniň näme üçin azalýandygy geň galdyrýar. - Hudaý Setiň nurly Osirisiň ganybir dogany bolsa hem, ony ýigrenýändigini, onuň bilen söweşýändigini, haýyr işleriň öňüne böwet bolýandygyny ýadyňa sal. Ol adamlara, mallara gyrgyn keselini ýollaýar; Niliň suwuny juda az ýa-da juda daşgynly edýär; ýylyň yssy mahaly Müsüre çäge bulutlary ýollaýar. Ýyl gowy gelende-hä Nil çöllüge baryp ýetýär, ýaramaz gelende-de çöllük Nile golaýlaşýar, ine, onsoň patyşalyk girdeji biygtyýar azalýar.- Häkim çemenligi görkezip, gürrüňini dowam etdirdi. – Seret, sürüler şeýle köpdür, ýöne men ýaş mahalym olar mundanam köpdi. Beýle bolmagyna kim günäkär? Elbetde, garşy durara adamyň güýji ýetmeýän Setden başga hiç kim günäkär däl! Bu ýaýylyp ýatan çemenlik bir zamanda şeýle bir giňdi weli, biziň duran ýerimizden häzir hemme kişide howsala döredýän çöllügiň görünjek gümany ýokdy. Hudaýlaryň çaknyşýan ýerinde adamyň elinden näme geljekmişin? Set Osirisden rüstem gelse, ýeri, adamlar neýlesin? Otoý dymdy. Şa ogly başyny aşak sallady. Ol mekdepde okaýarka Osirisiň haýyr-yhsanlylygy we Setiň ýaramaz niýetlidigi barada köp eşidipdi; heniz çagaka näme sebäpden häzire çenli olaryň ikinjisiniň hötdesinden gelinmeýändigine geň galypdy. Ol şol wagt: "Ulalaýsam, elim naýzaly Setiň gözlegine çykaryn. Ikimiz günleriň birinde güýç synanyşarys!“ diýip oýlanardy. Ynha, häzir bolsa, ol aňyrsy-bärsi görünmeýän çäge giňişligine, Müsüriň girdejisini azaldýan ýaman niýetli hudaýyň patyşalygyna seredýärdi. Ýöne onuň bilen çaknyşmak barada pikir edenokdy. Çöllük bilen nähili göreşjekmişiň? Ýa-ha diňe onuň daşyndan aýlanyp geçmeli, ýa-da onuň içinde ölüp galmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |