16:14 Faraon -12: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI IKINJI BAP Mirasdüşer Aa welaýatynda bolan mahaly juda ýadansoň, özüniň hormatyna guralýan ähli dabaralary bes etmegi hem-de syýahat edýärkä halkyň garşy almaga çykmaly däldigini ýerlere ýetirmegi buýurdy. Onuň daşynda hozanak bolýanlar muňa geň galdylar, hatda hüňürdäp nägileligem bildirdiler. Ýöne buýruk ýerine ýetirildi we Ramsesiň durmuşy ýene birneme imisala boldy. Onuň iň halaýan işi bolan esgerler bilen tälim geçmäge-de, öz pikirini sapaga düzmäge-de indi wagty galýardy. Şa ogly köşgüň iň aňry çetinde täk özi oturyşyna, kakasynyň hökümini nä derejede ýerine ýetirendigi barada pikirlenýärdi. Ol Aa welaýatyny, onuň meýdanlaryny, şäherlerini öz gözi bilen gördi, ilaty, emeldarlary bilen tanyşdy. Welaýatyň gündogar bölegini özi barlap, onuň çäge basmasyna sezewar bolandygyna göz ýetirdi; tünt hem-de ähli zada biparh garaýan zähmetkeş ilatyň diňe özüne buýrulan zady edýändigini, ony-da göwünsiz edýändigini gördi; iň ahyrynda-da, hakyky, jan-dilden wepaly adamlary diňe wekilleri ýa-ha faraon bilen garyndaş, ýa-da harby gatlaga degişli bolup, Beýik Ramsesiň baýdagynyň astynda söweşen esgerleriň agtyklary bolan – saýry toparyň adamlarynyň arasyndan tapyp biljekdigi halkdaky netijä geldi. Her näme bolsa-da, şol adamlar neberä ýürekden berlip, onuň gullugynda hakyky yhlas bilen durmaga taýýardylar. Hawa, olar hökümdary uly şowhun bilen garşy alyp-alman, özleriniň öküzleridir doňuzlaryna tarap eňýän garamaýak ilat ýaly däl. Emma esasy mesele çözülenokdy. Ramses patyşalyk girdejiniň azalmagynyň sebäbini anyklamak-ha beýlede dursun, hatda belanyň körüginiň nirededigini, ýagdaýy nädip düzeltmelidigini aýdyňlaşdyrmagy-da oňaranokdy. Ol diňe hudaý Setiň hudaý Osiris bilen rowaýaty çaknyşygynyň betbagtçylykdan halas bolar ýaly, hiç zady düşündirmeýändigini, hiç hili ýol salgy bermeýändigini aňýardy. Aslynda mirasdüşer geljekki faraon hökmünde, Müsüriň öňki hökümdarlary ýaly uly girdejilere eýe bolmak islänsoň, özi-de tagta geçende, kakasy ýaly garyp, belki-de, ondanam garyp boljakdygy hakdaky pikirden oda-köze düşýärdi, „Hiç wagtda beýle bolmaz!“ diýip, ýumruklaryny gaharly düwýärdi. Ol patyşalyk girdejisini artdyrmak üçin eline gylyç alyp, hut hudaý Setiň üstüne olkdurylmaga, Setiň özüniň dogany Osirisi edişi ýaly, rehimsizlik bilen bölek-bölek edip taşlamaga taýýardy. Emma ýowuz hudaýyň hem-de onuň ymgyr leşgerleriniň deregine Ramsesiň alnynda boşluk, dym-dyrslek, nämälimlik ýatyrdy. Şu pikirler ezýet berýän hökümdar günleriň birinde ýokary žres Mefrese: - Pähim-paýhasly, giň düşünjeli, keramatly ata, maňa aýt: döwletiň girdejisi ne sebäpden azalýar hem-de ony nädip artdyrmaly? – diýip ýüzlendi. Ýokary žres ellerini asmana göterdi. - Saňa, hormata mynasyp jenap, şeýle pikiri gönderen ýagşyzada minnetdardyrys...-diýip batly aýtdy. – Seniň beýik faraonlaryň ýolundan ýöremegiňi, tutuş Müsürde ybadathanalary galdyrmagyňy, bentlerdir nowhanalar arkaly hasylly ýerleri artdyrmagyňy hudaýlardan dileg edýärin! Juda tolgunan garrynyň gözlerinde ýaş bardy. - Ozaly bilen özüňden soraýan zadyma jogap ber – diýip, şa ogly onuň sözüni kesdi. – Heý-de, gazna haňlap ýatyrka, nowhanalardyr ybadathanalar gurmak ýadyňa düşermi? Müsüre uly betbagtçylyk aralaşdy: onuň hökümdarlaryna garyplyk howp salýar. Bu – aslyna ýetmeli hem-de öňüni almaly ilkinji zat. Galany öz-özünden bolar gider. - Sen muny, hökümdar, diňe ybadathanalarda, altarlaryň eteginde bilersiň. Seniň asylly bilesigelijiligiň diňe şol ýerde kanagatlandyrylyp bilner – diýip, ýokary žres jogap gaýtardy. Ramses sabyrsyz hereket etdi. - Ybadathanalaryň aladasy siziň hormatlyňyzyň tutuş ýurt, hatda faraonlaryň gaznasy baradaky bähbitleriniň öňüne gabat bolýar!..- diýip, ol gygyryp gepledi.–Meniň özüm žresleriň elinde terbiýe aldym, ybadathanalaryň saýasynda terbiýelendim, siziň Setiň ýaman niýetlidigini, Osirisiň ölümini hem-de ýaňadan direlişini beýan edýän syrly dessurlaryňyzy gördüm. Ýöne maňa mundan ne peýda? Kakam menden: „Döwletiň boşap ýatan gaznasyny nädip doldurmaly?“ diýip sorasa, hiç zat aýdyp biljek däl. Diňe häzire çenli edişi ýaly, yzyny üzmezden, köpräk doga okamagy maslahat beräýmesem... - Şa ogly, sen diniň uly syrlaryndan bihabardygyň sebäpli hudaýa dil ýetirýärsiň. Olary bilenligiňde, özüňi horlaýan köp sowallara seniň özüň jogap bererdiň. Eger sen meniň gören zatlarymy gören bolsaň, Müsür üçin iň esasy zerurlygyň ybadathanalar galdyrmakdygyna, onuň gullukçylarynyň gadyryny bilmekdigine ynanardyň Ramses: „Adam garrasa, oglan ýaly bolýar“ diýip oýlandy-da, gürrüňi bes etdi. Ýokary žres Mefres hemişe-de juda hudaýhondy weli, ýöne soňky wagtlar bu babatda özüni has-da geň alyp barýar. Ramses: „Men žresleriň çaga dessurlaryna gatnaşmak üçin, özümi olaryň ellerine berenligimde, ýagşy-da bir iş etdigim bolardy. Mefres täsinlige garaşýan bolara çemeli: altaryň öňünde tutuş bir sagatlap gollaryny galdyryp durýar – megerem, meni-de şeýtmäge mejbur ederdi“ diýip oýlandy. Farmuti aýynda şa ogly Hak welaýatyna gitmek üçin Otoý bilen hoşlaşdy. Ol örän oňat kabul edendikleri üçin häkimdir ýokary derejeli adamlara minnetdarlyk bildirse-de, kakasynyň tabşyrygyny bitirip bimändigine düşünensoň, kalby gussalydy. Hökümdar Otoýyň dogan-garyndaşlarynyň, golaý adamlarynyň ugratmagynda Niliň beýleki kenaryna aşdy. Ony hormata mynasyp häkim Ranuser welmožalar we žresler bilen garşylady. Ramses Hak topragyna gadam goýandan, žresler welaýatyň hemaýatkäri hudaý Atumyň heýkelini ýokary galdyrdylar, emeldarlar ýüzin düşüp ýatdylar, häkimiň özi bolsa faraonyň hökümdary hökmünde oraga başlap bermegini haýyş edip, oňa altyn orak getirip berdi. Arpa ýygymy başlanmalydy. Ramses oragy alyp, birnäçe baş ordy, soňra olary çägi goraýan hudaýyň heýkeliniň öňünde beýleki hoşboý ysly otlar bilen bilelikde otlady. Häkimdir tanymal welmožalaram şeýtdiler. Iň soňundanam daýhanlar işe girişdiler. Olar diňe sümmülleri ýygnap, halta oklaýardylar. Sypal meýdanda galýardy. Juda ýüregedüşgünç bolup görnen bu dessur ýerine ýetirilenden soňra, hökümdar iki tigirli ýeňil araba mündi; öňden esgerleriň uly bolmadyk topary, olaryň yzyndanam žresler ýörediler; iki tanymal welmoža hökümdaryň atlarynyň uýanyndan tutup alyp barýardylar. Hökümdaryň yzyndan, beýleki bir arabada häkim Ranuser ugrady. Welmožalardyr birgiden köşk adamlary-da onuň yzyna düşdüler. Ramses öňünden tabşyransoň, halk ony garşylamaga çykmady, ýöne meýdanda işläp ýören daýhanlar olary görenlerinden özlerini ýere goýberýärdiler. Şeýdip Niliň gollaryndan we nowhanalardan geçirilen ýüzýän köprüleriň birnäçesinden ötüp, olar gijara welaýatyň paýtagty On şäherine geldiler. Dabaraly meýlisler, hökümdara hormat goýmalar, emeldarlar bilen tanyşdyrmalar birnäçe güne çekdi. Ahyry Ramses dabaralaryň bes edilmegini, häkimdenem özüni welaýatyň baýlyklary bilen tanyşdyrmagyny talap etdi. Ertesi gün başlanan gözden geçirme birnäçe hepde dowam etdi. Her gün hökümdaryň ýaşaýan köşgüniň öňpündäki meýdança öz önümlerini görkezmek üçin, ýolbaşçylarynyň baş bolmagynda dürli hünärmentleriň toparlary ýygnanýardy. Ýarag ýasaýan ussalar gylyçlary, naýzalary, aýpaltalary; saz gurallaryny ýasaýan ussalar tüýdükleri, surnaýlary, deprekleri, arfalary bilen geldiler. Olaryň yzyndan birgiden neçjarlar peýda bolup, kürsüleri, ýumşak ýatyş sekileri, suratlar bilen bezelen, dürli reňkdäki agaçlar, sadap, piliň gyýagy bilen owadanlanan kejebelerdir söweş arabalaryny süýreşip geldiler. Soňra demirden ýasalan aşhana gap-gaçlarydyr enjamlaryny: kesewileri, tutguçlary, iki gulakly küýzeleri, gapakly ýalpak ojaklary getirdiler. Zergärler ýütgeşik owadan ýüzükleri, altyn bilen kümüş eredilip ýasalan el we aýak bilezikleri, zynjyrlary bilen öwündiler; olaryň ählisi nagyşlanan, gymmatbaha daşlar tutulan ýa-da syrçalanan nepis önümlerdi. Ýörüşi toýun gaplaryň ýüzden gowrak görnüşini getiren küýzegärler jemledi. Olaryň arasynda her hili ululykdaky, şekildäki, dürli reňkli suratlar çekilen, haýwanlaryň we guşlaryň kelleleri bilen bezelen güldanlar, çanaklar, küýzeler, kürüşgeler bardy. Her bir topar özüniň iň gowy önümlerini mirasdüşere sowgat getirdi. Uly zaly dolduran şol zatlaryň ýekesi-de beýlekisine meňzänokdy. Gyzykly, emma ýadadyjy dabara tamamlanandan soň, häkim Ramsesden: - Ýeri, nähili, razy bolduňmy? – diýip sorady. Ol birbada jogap gaýtarmady. - Men juda owadan zatlary diňe buthanalarda ýa-da kakamyň köşgünde görüpdim. Ýöne olary diňe jübüsi galyň adamlaryň satyn alyp bilýändigi sebäpli, şol owadan zatlardan döwlete girdeji girip-girmeýändigini bilemok. Häkimi hem-ä ýaş hökümdaryň sungat eserlerine parhsyzlygy geň galdyrdy, hem-de onuň döwletiň girdejisi barada şeýle alada etmegi iňkise goýdy. Emma Ramsesiň göwnüni awlamak isläp, ony şondan soňra patyşalyk fabriklerine, ussahanalaryna aýlap ugrady. Ikisi degirmene baryp, gullaryň birnäçe degirmen daşy, soky arkaly bugdaýy una öwrüşlerine syn etdiler; goşun üçin çörek hem-de guradylan çörek bişirilýän ýere aýlandylar; ätiýaç üçin balykdyr et taýýarlanýan kärhanalarda boldular; sandal bejerilýän gön-aýakgap fabriklerine, ussahanalara aýlandylar; gap-gaç we ýarag üçin bürünç eredilýän jaýda, kerpiç zawodlarynda, köwüşdir tikin ussahanalarynfda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu kärhanalar şäheriň gündogar böleginde ýerleşýärdi. Ramses ilki olara bilesigelijilik bilen syn etse-de, basym gözüniň ody alnan, çöp ýaly, keselbent ýüzli, arkalary degenek taýakdan galan ýara yzly işçileriň keşbinden ýadady. Ol On şäheriniň daş-töweregini synlamagy makul bilip, ussahanalarda mümkin boldugyça az wagt geçirmäge çalyşdy. Uzakda, gündogarda geçen ýyl harby tälim geçirilen çöllük görünýärdi. Ol özüniň uly ýygny nyzam bilen giden, skarbeýleriň sataşandygy sebäpli daş zyňyjy ulaglary çöllüge sowulmaga meljbur bolan uly ýoly gördi; belki, ol nowhana gazan daýhanyň özüni asan agajyny-da görendir. Holha, şol belentlikden Tutmos bilen gül-pürçük bolup ýatan Goşen topragyna syn edipdi, žreslere sögünipdi. Şol ýerde baýyrlaryň arasynda ýüreginde söýgi oduny tutaşdyran Sarra duş gelipdi. Ähli zat, gör, nähili üýtgäpdir!..Ramses Herihoryň kömegi arkaly goşun birikmesini hem-de hökümdarlygy alaly bäri žresleri ýigrenmesini bes edipdi. Ol indi magşugy Sarra parhsyzdy, emma onuň ömür bermeli çagasy weli barha, barha gyzyklandyrýardy. Şa ogly: „Hiç hili habar ýok, Sarra ol ýerde nähili ýaşaýarka?“ diýip oýlandy. Ol uzaga – gündogar belentligine seredip, geçen günleri ýatlaýarka, Ramsesiň daşynda aýlanýanlaryň öňbaşçysy Ranuser hökümdar haýsydyr bir hyýanat etmäni görendir-de, özüne nähili temmi bermelidigi barada oýlanýandyr öýtdi. „Ol nämäni görüp biler? Finikiýaly söwdagärlere öndürilen kerpijiň ýarysynyň satylanynymy? Ýa-da ammarda onlarça müň kerpijiň ýetmeýäninimi? Belki-de, haýsydyr bir myrryh eredilmeler barada ony-muny pyşyrdandyr?“ diýip, örän hormatly häkim bimaza boldy. Hawa, Ranuser juda biynjalykdy. Birdenem şa ogly daşynda pyrlanýanlara tarap öwrülip, öz aýratyn adamlarynyň arasynda hemişe bolmaga borçly Tutmosy ýanyna çagyrdy. Ol şobada düňküldisini ýazman geldi. Mirasdüşer onuň bilen bir gyra çekildi. Ramses oňa çöllügi görkezip: - Hol daglary görýärmiň? – diýip sorady. - Biz ol ýerde öten ýyl bolupdyk – diýip, bezemen ýigit uludan dem alyp ýatlady. - Sarra ýadyma düşdi... - Men näzir hudaýlara ýallaklaýyn! Ýogsam men-ä ilkibada sen hökümdar bolup, öz wepaly hyzmatkärleriňi unudansyň öýdüpdim!..-diýip şatlykly seslendi. Ramses oňa seredip, eginlerini ýygyrdy. Soňra: - Maňa getirilen sowgatlardan iň owadan güldanlaryň, gap-gaçlaryň birnäçesini, iň esasy hem, goşar bileziklerini, zynjyrlary saýla-da, hemmesini Sarra äkit...-diýdi. - Baky ýaşa, Ramses! Sen hoşgöwün jenap! – diýip, bezemen ýigit ýuwaşlyk bilen aýtdy. - Şa ogly sözüni dowam etdi: - Meniň ýüregimiň oňa bolan mähir-muhabbetden doludygyny Sarra ýetir. Onuň öz saglygyna esewan etmegini, çaga barada oýlanmagyny isleýändigimi aýt. Çaganyň dünýä inmeli wagty gelip, özümem kakamyň tabşyrygyny bitirsem, ony ýanyma aljakdygymy, meniň öýümde ýaşajakdygyny aýt. Men zürýadymyň ejesiniň ýalňyzlykda başyny sallap gezip ýörmegine ýol berip bilmen...Git-de, meniň aýdanlarymy oňa ýetirip, hoş habarlar bilen dolanyp gel! - Tutmos öz hökümdarynyň alnynda ýüzin düşüp ýatdy. Soňra derrew ýola düşdi. Töwerekdäkiler iki ýigidiň näme gürrüň edendiginden, elbetde, bihabardy, ýöne hökümdaryň Tutmosa mähirli garaýşyny görüp, ýaş welmoža gözleri gitdi. Örän hormatly Ranuser indi has howsalaly pikiriň toruna düşdi. Ol: „Men öz janyma kast edip, ömrümiň gül açýan çagy öýi eýesiz goýmaly bolaýmasam ýagşydyr. Men betbagt hasap soraljakdygy barada pikirlenmän, neçüýn faraonyň emlägine el urupdyryn?“ diýip ökünçli oýlanýardy. Onuň meňzi saralyp, aýaklary sandyraýardy. Ýöne ýatlama tolkuny gurşap alan Ramses onuň howsalasyny duýanokdy. ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP Meýlisler, şady-horramlyklar indi On şäherinde başlanypdy. Häkim Ranuser ýerzeminden iň gowy çakyrlary çykardy, goňşy welaýatlardan iň zyba tansçy gyzlar, meşhur sazandalar, ussat gözbagçylar geldiler. Ramsesiň günüň dowamynda boş wagty ýokdy. Irden harby tälim geçmeli, ýokary derejeli adamlary kabul etmeli, soňra günorta nahary, tomaşalar, aw, iň soňundanam myhman şamlygy. Ýöne Hakyň häkiminiň; „Welaýaty dolandyrmagyň meseleleri hökümdaryň halys ýüregine düşendir“ diýip, ýaňybir özüni ynandyrypdy weli, Ramses ony ýanyna çagyryp: - Seniň welaýatyň Müsürde iň baý welaýatlaryň birimi? – diýip sorady. - Hawa...Ýöne biz birnäçe agyr ýyllary başdan geçirmeli bolduk – diýip, Ranuser jogap gaýtardy. Onuň ýüregi gaýtadan doňup, aýaklary sandyrap başlady. Ramses gürrüňi dowam etdirdi: - Ine, şu hem meni geň galdyrýar. Sebäbi onuň hormatlysynyň girdejisi ýyldan ýyla azalyp gidip otyr. Sen maňa sebäbini düşündirip biljek dälmi? Häkim şa oglunyň alnynda ýere çenli epilip tagzym etdi. Soňra: - Hökümdar, duşmanlarymyň seniň ýüregiňde maňa ynamsyzlyk döredendiklerini görýän. Şeýle bolansoň, näme aýtsamam, seni ynandyrmak maňa kyn düşer. Şonuň üçin hem, maňa köp geplemezlige ygtyýar et. Gowusy bäri iň gowy mürzeler resminamalar bilen gelsinler. Seniň özüň olary elläp hem-de barlap bilersiň...- diýdi. Şeýle garaşylmadyk jogap mirasdüşeri birneme geň galdyrsa-da, teklibi kabul etdi, hatda oňa begendem. Ol: „Mürzeleriň hasabaty maňa welaýatyň dolandyrylyşyny düşündirer“ diýip oýlandy. Ertesi gün Hak welaýatynyň beýik mürzesi öz kömekçilerini yzyna tirkäp geldi. Olaryň ellerinde iki tarapyna-da hat ýazylan papirusyň külterlenen topbagy bardy. Olary ýere ýazanlarynda ini üç sere, uzynlygy bolsa altmyş ädim lenta emele geldi. Ramses diňe ýeke welaýatyň bir ýyllyk işine degişli maglumatlar beýan edilen şeýle uly resminamany ilkinji gezek görýärdi. Beýik mürze ýerde aýagyny ýygnap oturdy-da, ýazgyny okap ugrady: - „Meri-Amon-Ramsesiň patyşalyk edýän otuz üçünji ýylynda Hiliň joşmasy gijikdi. Daýhanlar bu betbagtçylyk Hak welaýatynda ýaşaýan gelmişekleriň doga-jadysyndan boldy diýip, dini başga iudeýleriň, hettleriň we finikiýalylaryň öýlerini weýran edip ugradylar. Birnäçe adamyň ganyna galyndy. Hormata mynasyp häkimiň emir etmegi bilen, günäkärler kazyýete tabşyryldy: ýigrimi bäş daýhan, iki suratkeş we bäş senetçi daş döwülýän ýerlere ugradyldy, bir balykçy bolsa boglup öldürildi“ Hökümdar: - Bu näme resminama boldugy? – diýip sorady. - Onuň hormatlysynyň dabanyna oklamak üçin düzülen kazyýet hasabaty. - Ony bir gyrada goý-da, gaznanyň girdejileri barada oka. Beýik mürzäniň kömekçileri gyra taşlanan resminamany tokgalap, oňa başgasyny berdiler. Beýik mürze gaýtadan okap ugrady: - „ Tot aýynyň bäşinji güni patyşanyň ammarlaryna alty ýüz gap bugdaý tabşyrylyp, baş gözegçi bu barada dilhaty berdi. Tot aýynyň ýedinji güni beýik gaznaçy geçen ýylky hasyldan ýüz kyrk sekiz gap bugdaýyň azalandygyny bilip, ony barlady. Barlag mahaly iki işçi bir gap galla ogurlap, ony kerpiçleriň arasynda gizläp goýupdyrlar. Munuň üsti açylyp, ikisi-de kaztyýete tabşyryldy we onuň hormatlysynyň emlägine el urandyklary üçin daş döwülýän ýerlere ýollandy...“ - Ýeri, onsoň ýüz kyrk sekiz gap näme? – diýip, mirasdüşer sorady. Mürze: - Olary syçanlar iýipdir – diýip, jogap gaýtardy-da, yzyny okap ugrady. – „Tot aýynyň sekizinji güni ýigrimi sygyr we segsen dört goýun öldürilmäge iberildi. Mal saraýyň gözegçisi degişli dilhatyny almak bilen, olary „Gyrga“ - goşunlaryň birleşen uly ýygynyna bermegi buýurdy. Şeýlelikde, hökümdar her günde näçe arpanyň, bugdaýyň, noýbanyň we loytosyň çigidiniň ammarlara eltilendigini, näçesiniň degirmenlere tabşyrylandygyny, näçesiniň ogurlanandygyny hem-de näçe işçiniň munuň üçin daş döwülýän ýerlere ýollanandygyny bildi. Hasabat şeýle bir ýüregedüşgünç, bulam-bujardy weli, naopi aýynyň ortasynda hökümdar oňa okamagy bes etmegi buýurdy. Ramses: - Hany, maňa aýt, beýik mürze, sen okaýan zatlaryňdan nämä düşündiň? – diýip sorady. - Patyşa gerek ähli zada! – Ol okan zatlaryny indi ýatdan gaýtalap ugrady. – „Tot aýynyň bäşinji güni patyşanyň ammarlaryna...“ - Besdir!– diýip, Ramses gaharly gygyrdy we beýik mürzä, kömekçilerine öz ýanyndan gitmegi buýurdy. Olar ýüzin düşüp ýatdylar, soňra papiruslaryny ýygnap, ýene özlerini ýere goýberdiler-de, gapynyň aňyrsynda gizlenmäge gyssandylar. Mirasdüşer ýanyna häkim Ranuseri çagyrdy. Mürzeler hökümdaryň maglumatlardan hiç zada düşünmeýändigini, hatda özlerini diňlemändigini habar berip ýetişensoň, ellerini gursagyna goýup gelen häkim parahatdy. - Hormata mynasyp häkim, maňa aýt: şu hasabatlary saňa-da okap berýärlermi? - Her gün. - Sen onsoň nämedir bir zada düşünýäňmi? - Bagyşla, hökümdar, men onsuz welaýaty dolandyryp bilmen-ä. - Ramses biynjalyk boldy. Belki, ol, hakykatdanam, tüntdür? Eger şeýle bolsa, ol nire, hökümdarlyk nire? Ol birsalym dymyp durandan soň, Ranusere oturgyjy görkezdi. - Otur...Otur-da, maňa welaýaty dolandyryşyň barada gürrüň ber. Onuň reňki agaryp, gözleri hanasyndan çykara geldi. Ramses muny görüp, häkimi köşeşdirmäge gyssandy: - Men seniň akyllydygyňa ynanmaýandyr öýtme. Tersine, men welaýaty senden gowy dolandyrjak adamy göz öňüne getirip bilemok. Ýöne heniz ýaş hem-de bilesigelijidigim sebäpli, meniň welaýaty dolandyrmak sungatynyň nämeden ybaratdygyny bilesim gelýär. Şonuň üçin hem, tejribäňi meniň bilen paýlaşmagyňy, onuň nähili edilýändigini maňa düşündirmegiňi haýyş edýän. Häkim ýeňillik bilen dem alyp, gürrüň berip ugrady: - Sen meniň borjumyň nähili agyrdygyny bileriň ýaly, her günüň nähili geçýändigini beýan edeýin. Irden ýuwnup-ardynyp, hudaý Atumyň ýoluna gurban berýän, soňra gaznaçyny çagyryp, „Onuň hormatlysy üçin salgytlat yzygiderli gelip durýarmy?“ diýip gyzyklanýan. Eger: „Hawa“ diýse, men ony öwýan; eger: „Pylany, pylany tölemedi“ diýse, başyna gidenleri tutmak barada buýruk berýän. Soňra men gallanyň näçe gelip gowşandygyny bilmek üçin, patyşanyň ammarlarynyň gözegçilerini çagyrýan. Eger köp bolsa, olary öwýän, eger az bolsa, günäkärleri saýgylamagy buýurýan. Soňra beýik mürze gelip, goşun, emeldarlar, işgärler üçin patyşanyň emläginden nämäni näçe almalydygyny dykgatyma ýetirýär. Men aýdylýan zady dilhaty boýunça goýbermegi buýurýan. Eger ol berlen zady az sarp etse, men ony öwýän, eger köp sarp etse, garşysyna derňew işini başladýan. Günortandan soňra meniň ýanyma finikiýaly söwdagärler gelýärler. Men olara galla satyp, puluny faraonyň gaznasyna geçirýän. Soňra doga okaýan hem-de kazyýet hökümlerini tassyklaýan. Agşam tertip-düzgüne gözegçilik edijiler maňa bolup geçen hadysalary habar berýärler. Ine, üç gün mundan ozal meniň welaýatymyň adamlary goňşy Ka welaýatynyň çägine aralaşyp, hudaý Sobeniň heýkeline zeper ýetiripdirler. Onuň bize hemaýatkärlik etmeýändigi üçin, men muňa ýüregimden begensem-de, ilki günäkärleriň hemmesini taýak bilen ýençmegi, soňra käbirini-hä bogup öldürmegi, agramly bölegini-de daş döwülýän ýerlere ýollamagy buýurdym. Tertip-düzgün berk bolansoň, meniň welaýatymda imisalalyk, gowy gylyk-häsiýetlilik höküm sürýär, salgytlaram her gün üýşüp gelip dur... Mirasdüşer: - Şeýle-de bolsa, faraonyň girdejisi sizde-de azalypdyr – diýip belledi. Ranuser uludan dem aldy. - Aýdýanyň dogry, jenap. Žresler: „Bizde gelmişekleriň juda köp peýda bolýandygy üçin, hudaýlaryň Müsüre gahary gelýär“ diýýärler. Ýöne men hudaýlaryňam Finikiýanyň altynyny, gymmat bahaly daşlaryny dandamaýanyny görýän. Şol wagt zala nobatçy serkerde girip, hökümdary we häkimi kilisede ybadat etmage çagyrmaga žres Mentesufisiň gelendigini habar berdi. Olaryň ikisi-de razydygyny aýtdylar. Häkim Ranuser özüni şeýle bir dindar edip görkezdi weli, Ramses muňa geň galman durup bilmedi. Ranuser tagzym edip çykyp gidenden soň, hökümdar žrese ýüzlendi: - Seniň, keramatly pygamber, meniň ýanymda ýokary hormatly Herihoryň orunbasarydygyň sebäpli, maňa özümi juda biynjalyk edýän bir zady düşündir. - Başararmykam? – diýip, žres jogap gaýtardy. - Başararsyň. Sebäbi sen pähim-paýhaslylykda özüni tanadan adam. Ýöne meniň aýtjak zadym barada ýagşy pikirlen. Sen faraonyň meni näme üçin bäri iberenini bilýärmiň? - Welaýatyň dolandyrylyşy hem-de baýlyklaryna çemeleşilişi bilen tanyşmak üçin. - Men şuny hem edýän. Ýöne häkimlerden sorasamam, ýurdy, adamlary synlasamam, mürzeleriň hasabatlaryny diňlesemem, asla hiç zada düşünemok. Bu bolsa hem-ä geň galdyrýar, hem-de ezýet berýär. Men söweşijiler bilen iş salyşanymda, ähli zat düşnükli – olaryň näçe esgeriniň, atynyň, söweş hem-de ýük arabasynyň bardygyny; serkerdelerden kimiň ajy suwa meýillidigini ýa-da gulluga telli-pelli garaýandygyny, kimiň öz borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändigini bilýän. Men, şeýle-de, uruşda nähili hereket etmelidigini bilýän. Eger duşmanyň goşun birikmesi düz ýerde duran bolsa, ony dyza çökermek üçin, men iki goşun birikmesini almaly. Eger duşman goranyş ýagdaýynda duran bolsa, men onuň garşysyna üçden az bolmadyk goşun birikmäm bilen hereket etmeli. Eger duşmanyň tejribesi ýetmän, başly-barat märekäni söweşe girizen bolsa, men onuň garşysyna öz esgerlerimiň bäş ýüz sanysyny çykararyn weli, garşydaşymyň küli göge sowrular. Eger onuňam, meniňem müň sany aýpalta göterijilerimiz bar bolsa, ýüz sany sapan bilen daş atyjy kömege ýetişse, men duşman leşgerini derbi-dagyn edip bilerin. Harby işde, keramatly ata, ähli zat edil elimiň aýasynda ýaly, islendik sowala-da anyk jogap taýyn. Ýöne welaýatlary dolandyrmak barada aýdylanda, hiç zada düşünmeýänim beýlede dursun, kellämiň içi şeýle bir bulam-bujar bolansoň, kämahal bäri nämüçin gelenimi-de unudýan. Bu näme boldugy? Häkimler meni aldaýarlarmy ýa-da men şeýle çöňňemi – muny maňa ak ýürekden düşündir. Keramatly pygamber pikirlendi. - Olar seni aldamaga ýürek edip bilerlermikä – özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik etmämsoň, men muny bilemok. Ýöne, göwnüme bolmasa, olaryň özleri hiç zada düşünmeýändikleri sebäpli, saňa hiç zat düşündirmeýän ýaly. Häkimlerdir mürzeler edil goşundaky onbaşy ýalydyr: hersi diňe özüniň on esgerini bilip, ol hakda ýokary serkerdelere maglumat berýändir. Olaryň hersi özüniň kiçijik goşunyna öňbaşçylyk edýändir; serkerdebaşy tarapyndan düzülýän umumy meýilnamany bolsa bilýän däldir. Welaýatlaryň häkimleri, mürzeler öz ýerlerinde bolup geçýän ähli zady ýazga geçirip, maglumatlary faraonyň dabanyna oklaýandyrlar. Diňe ýokary mejlis şol maglumatlardan paýhaslylyk balyny alýandyr. - Menem, ine, şol baly isleýän-dä! Ony maňa näme üçin berenoklar? Mentesufis başyny ýaýkady. - Döwletiň pähim-paýhasy žres syrlaryna degişli bolup, oňa diňe özüni hudaýlara bagyşlan adam akyl ýetirip bilýär. Ýöne seni žresler terbiýelänem bolsa, ybadathanalardan gaça durýaň... - O nähili beýle? Diýmek, men žres bolmasam, siz ony maňa öwretjek däl-dä? - Käbir zatlar bardyr, sen ony tagtyň mirasdüşeri hökmünde edil häzirem bilip bilersiň. Käbir zatlar bardyr, sen diňe faraon bolanyňda onuň aňyrsyna ýetrsiň. Ýöne käbirini weli, žresden gaýry biljek bolmaz. - Her bir faraon şol bir wagtyň özünde ýokary žresdirem – diýip, mirasdüşer opnuň sözüni kesdi. - Ýok, her biri däldir. Aslynda-ha, ýokary žresleriň arasynda-da tapawut bolýar. Mirasdüşer gaharly seslendi: - Diýmek, siz-ä menden döwleti dolandyrnak sungatyny gizleýäňiz, menem kakamyň tabşyrygyny bitirip bilmeýan. Şeýlemi? - Sen, elbetde, özüňe gerek zady bilip bilersiň, sebäbi saňa pes žres derejesi berlen. Ýöne bu zatlar ybadathanalarda perdäniň aňyrsynda gizlenen. Degişli dessury berjaý etmezden, ony galdyrmaga hiç kim ýürek edip bilmez – diýip, žres arkaýyn jogap gaýtardy. - Men galdyraryn!... - Hudaýlar Müsüri şeýle betbagtçylykdan gorap saklasyn! – diýip, žres gollaryny göterip gygyrdy. – Kim degişli dessury berjaý etmezden perdä golaýlaşsa, hudaýlaryň onuň merkini berýändigini sen, näme, eşitmänmidiň? Ybadathanada haýsydyr bir gula ýa-da ölüm jezasyna höküm edilen jenaýatkäre öz ýanyňda şeýtmegi buýur – onuň duran ýerinde öljekdigine göz ýetirersiň! - Sebäbi ony siz öldürersiňiz! - Eger-de dini äsgermeýän halymyza altara golaýlaşsak, biziň her birimiz edil şol ýaly bolup öleris. Hudaýyň alnynda faraon-da, žres-de, gul-da deňdir. Ramses: - Ýeri, onsoň men näme etmeli? – diýip sorady. - Özüňi doga-dileg hem-de agyz beklemek arkaly päkizeläp, jogaby ybadathanadan gözlemeli. Müsür ýaşap gelýäni bäri hiç bir hökümdar döwlet paýhaslylygyna başga ýol bilen eýe bolan däldir – diýip, žres jogap gaýtardy. Şa ogly: - Men bu barada pikirlenerin. Ýöne men örän hormatly Mefresiňem, keramatly pygamber, seniňem, edil kakam bilen edişiňiz ýaly, meni-de hudaýlaryň gullugynda durmaga mejbur etmek isleýändigiňizi görmän duramok – diýdi. - Asla beýle däl. Eger sen faraon bolup, goşuna ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenseň, kilisede ybadat etmäge ýyl içinde bary-ýogy birnäçe gezek gatnaşarsyň, galan ýagdaýlarda ornuňy ýokary žresler tutarlar. Emma eger sen ybadathanalaryň syrlaryna aralaşmak isleýän bolsaň, onda hudaýlara hormat goýmaly bolarsyň. Sebäbi olar pähim-paýhasyň gözbaşydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |