15:13 Faraon -16: romanyň dowamy | |
BÄŞINJI BAP Ertesi gün irden Tutmos serkerdeleriň hem-de köşk adamlarynyň birnäçesini alyp. Tir şäherinden bolan knýazyň öýüne bardy we ony hökümdaryň ýanyna çagyrdy. Hiram köşkde günortan peýda boldy. Ony baýdan sadaka alýan sekiz sany müsürli garamaýak ýönekeý kejebe bilen göterip geldiler. Hiramyň daşyny tanymal finikiýaly söwdagärler hem-de her gün onuň öýüniň töweregine üýşýän märeke gurşapdy. Ramses gojanyň haýbatly keşbini görüp, geň galdy; onuň akylly adamdygyny gözleri aýdyp durdy. Hiramyň egninde ak ýapynja bardy, kellesini altyn halka bezeýärdi. Ol hökümdara mertebe bilen baş egdi-de, ellerini onuň depesinde ýaýyp, gysgajyk doga okady. Duranlar guda tolgundylar. Hökümdar özüne kürsi hödürläp, köşk adamlaryna-da çykmagy buýranda, Hiram dil ýardy: - Düýn, jenap, seniň hyzmatkäriň Dagon saňa ýüz talant gerekdigini maňa ýetirdi. Men derrew öz çaparlarymy Sabni-Heteme, Setroýa, Buta hem-de Finikiýanyň gämileri durýan beýleki şäherlere ýollap, ähli harytlaryň düşürilmegini talap etdim. Sen birnäçe günden şol köp bolmadyk puly alarsyň diýip pikir edýän. - Köp bolmadyk! – diýip, Ramses bilen onuň sözüni ýaňsyly kesdi. - Eger ýüz talanta köp bolmadyk pul diýip bilýän bolsaň, sen bagtly adam, knýaz! Hiram başyny ýaýkady. Az salymdan: - Seniň ataň, baky ýaşaýan Ramses-sa-Ptah meni öz dostlugyna mynasyp gördi; men, şeýle-de, seniň keramatly kakaňy – goý, ol baky ýaşasyn!- bilýän, hatda ýanyna goýberseler, ony golaýdan görmek isleýän...-diýdi. - Muňa şübhelenmäge seni näme mejbur edýär? - diýip, şa ogly ýene onuň sözüni kesdi. - Onuň keramatlysynyň ýanyna birlerini goýberip, beýlekileri goýbermeýän adamlar bar. Ýöne olar barada aýtmagyň geregi ýok. Sen, şa ogly, muňa günäkär däl, şonuň üçin hem, seniň ataň-a köne dosty, kakaňy-da bilýän adam hökmünde saňa ýürek edip, bir sowal bermekçi. - Diňleýän. - Tagtyň mirasdüşeriniň, faraonyň hökümdarynyň öz döwletine ýüz müň talantdan-da köp berilmelikä, ýüz talanty karz almaga mejbur bolmagyna nähili düşünmeli? - Kim bermelimişin? – diýip, Ramses batly ses bilen sorady. - O nähili kim? Aziýa halklarynyň pajy näme? Finikiýa size bäş müň bermeli, eger garaşylmadyk hiç zat bolup geçmese, ony gaýtarjakdygyna men kepil geçýän. Ýöne olardanam başga, ysraýyllylar üç müň, filistimlilerdir moawitlileriň hersi iki müň, hettler otuz müň bermeli. Men olaryň hemmesini ýatlap biljek däl, ýöne umumylykda ýüz üçden ýüz bäş müň talanta çenlidigini weli magat bilýän. Ramses dodagyny dişledi. Onuň ýüzüniň hereketi netijesiz gahardan habar berýärdi. Mirasdüşer gözüni aşak goýberip, dymdy. Hiram hökümdara syn edip durşuna, birden: - Diýmek, bu dogry-da? Diýmek bu dogry-da? Wah, bagty ýatan Finikiýa! Wah, bagty ýatan, Müsür! – diýip, demi demine ýetmän gepledi. - Sen ne beýle oda-köze düşüberdiň, hormata mynasyp? Men seniň sanawaçly agyňa düşünemok – diýip, mirasdüşer gaşyny çytyp sorady. - Şa ogly, sen meniň sowalyma jogap bermeýän bolsaň, diýmek, näme barada aýdýanymy bilýän bolmaly. Hiram hamala gitmekçi bolýan ýaly, ýerinden turdy. - Şeýle-de bolsa, men beren wadamy yzyna alman. Sen, meniň jenabym, ýüz talanty alarsyň. Ol baş egdi. Ýöne mirasdüşer ony oturmaga mejbur etdi. Göwni galma duýulýan äheňde: - Sen menden nämedir bir zady gizleýäň, knýaz. Men Finikiýa ýa-da Müsüre nähili betbagtçylygyň abanýandygyny bilmek isleýän – diýdi. Hiram: - Dogrudanam, faraonyň mirasdüşeri ony bilenokmy? – diýip ýaýdanjaň sorady. - Bir aýdan gowrak wagt ybadathanada bolamsoň, men hiç zat bilemok. - Edil şol ýerde ähli zady bilseň bolardy. - Maňa sen aýdarsyň! Men özüm bilen oýun etmäge hiç kime ýol bermerin! – diýip, hökümdar stoly ýumruklap gygyrdy. - Eger sen, şa ogly, dymjakdygyň hakda ant içseň, tagtyň mirasdüşerini habardar etmediklerine ynanyp bilmesem-de, men gürrüň bereýin... - Sen, näme, maňa ynanaňokmy? – diýip, Ramses geň galdy. - Beýle işde men hatda faraondanam ant içmegi talap ederdim – diýip, Hiram kesgitli jogap gaýtardy. - Bolýar. Men seniň aýan etjek zadyňy hiç kime aýtmajakdygym barada öz gylyjymdan hem-de goşun ýygynlarymyň tugundan ant içýän. - Ýeterlik. - Men seni diňleýän. - Häzir Finikiýada näme bolup geçýändigi saňa mälimmi, şa ogly? Hökümdar: - Men hatda şony-da bilemok – diýip, gaharly jogap gaýtardy. Hiram pyşyrdap gepledi: - Biziň gämilerimiz ilkinji duýduryş berlenden ähli ilaty hem-de onuň emlägini deňziň aňyrsyna bir ýere, günbatara äkitmek üçin, jahanyň çar künjeginden ýurdumyz ýüzüp gelýärler... - Nämüçin? – diýip, hökümdar geň galdy. - Sebäbi Assiriýa bize eýe bolmak isleýär. Ramses hezil edip güldi. Soňra: - Sen akylyňdan azaşypsyň, hormatly garry! Assiriýa Finikiýany basyp aljakmyşyn! Ýeri, onsoň biz muňa näme diýeris? Biz – Müsür? – diýip gygyrdy. - Müsür eýýäm razyçylyk beripdir. Şa oglunyň gany depesine urdy. Ýöne ol özüne erk edip, arkaýyn gepledi: - Seniň yssydan pikirleriň bulaşýar, garry. Sen faraondan hem-de...menden ygtyýarsyz şeýle razyçylygyň berilmejekdigini unudýaň. - Bu sebäpli iş bökdäsi ýok, häzirki şertnamahy žresler baglaşypdyrlar. - Haýsy žresler? Kim bilen? - Patyşa Assaryň ygtyýarlysy, haldeýli ýokary žres Beroes bilen. Müsür tarapyndan kimiň gol çekendigini anyk aýdyp biljek däl, ýöne örän hormatly Herihor, keramatly ata Mefres hem-de pygamber Pentuer bolaýsa gerek. Mirasdüşeriň ýüzi agardy. - Finikiýaly, sen döwletiň iň ýokary derejeli adamlaryny dönüklikde aýyplaýandygyňy bilýärmiň? - Sen ýalňyşýaň, şa ogly, bu asla dönüklik däl. Müsüriň baýry ýokary žresiniň hem-de faraonyň hökümet agzasynyň goňşy ýurtlar bilen gepleşikler geçirmäge hukugy bar. Onsoňam bu zatlaryň hemmesiniň faraondan ygtyýarsyz edilýändigini sen näbilýäň? Şeýle şertnamanyň döwlete dönüklik etmek däl-de, eýsem, diňe tagtyňmirasdüşerini äsgermezlik etmekdigine Ramses öz ýanyndan boýun almaga mejbur boldy. Žresler oňa – bir ýyldan faraon bolup biljek adama, ine, nähili garaýan eken! Ine, ne sebäpden Pentuer-ä urşy ýazgarypdyr, Mefres-de ony goldapdyr! - Şertnama haçan baglaşylypdyr? Nirede? - Megerem, gije Mefrisiň golaýyndaky Seta ybadathanasynda bolaýsa gerek. Haçandygyny men anyk aýdyp biljek däl, ýöne meniň göwnüme bolmasa, Memfisden giden günüň ýaly bolup dur – diýip, Hiram jogap gaýtardy. Ramses: „Häý, haramzadalar. Olar meniň hökümdarlyk derejämi, ine, şeýle sylaýarlar! Diýmek, olar meni hatda döwletiň ýagdaýyny beýan edenlerinde hem aldapdyrlar-da? Haýsydyr bir açykgöwünli hudaý entekHator ybadathanasynda şübhe döredipdi ahyry!“ diýip oýlandy. Içki dünýäsindäki sähel salymlyk göreşden soň, ol daşyndan: - Beýle bolmagy mümkin däl, sen subutnama getirýänçäň, men seniň gürrüňiňe ynanmaryn – diýdi. - Subutnama bolar. Hudaý aýal Aştoretiň ybadathanasyna zyýarat edýän bahanasy bilen, patyşa Assaryň dosty, beýik assiriýaly hökümdar Sargon bu gün-ertir Bubasta gelmeli. Sargon siziň alyhezretiňize hem-de onuň keramatlysyna sowgat getirer, soňra bolsa siz şertnama baglaşarsyňyz. Has takygy – žresleriň finikiýalylaryň, belki-de, siziň hem tepbediňizi okamak kararyna gelen zadyny möhür bilen berkidersiňiz. Mirasdüşer: - Hiç wagtda!..Ýeri, onsoň Müsür şeýdeni üçin nähili sylag almalymyşyn? – diýip gygyrdy. - Ine, hakyky patyşanyň sözleri: „Müsür nähili sylag almalymyşyn?“. Eger bähbitli bolsa, döwlet üçin islendik şertnama gowudyr. Meni hut Müsüriň bähbitsiz şertnama baglanyşjak bolmasy geň galdyrýar. Sebäbi Assiriýa Finikiýadan başga-da, tas tutuş Aziýany basyp alar, size bolsa, hamala, dözümsizlik edýän ýaly, ysraýyllylary, filistimlileri hem-de Sinaý ýarym adalaryny goýar. Şeýle ýagdaýda Müsüre degişli bolan ähli pajyň-a gürüm-jürüm boljakdygy, faraonyň-da şol bir ýüz bäş müň talanta hiç wagtda gözüniň düşmejekdigi öz-özünden belli. Mirasdüşer başyny ýaýkady. - Sen müsürli žresleri tanaňok. Olaryň hiç biri hiç wagtda şeýle şertnama bilen ylalaşmaz. - Nämüçin? „Çöldäki altyndan ammardaky arpa ýagşy“ diýen finikiý pähimi bar. Müsüriň özüni juda ejiz duýup, Assiriýa bilen söweşeninden, Sinaý bilen Palestinany mugtuna almagy bolup biljek zat. Ine, meni näme geň galdyrýar...Häzir Müsüri ýeňenden, Assiriýany ýeňmek aňsat ahyry! Onuň demirgazyk-gündogarda haýsydyr bir kynçylyklary bar, onsoňam goşuny hem-ä az, hem-de aýak üstünde zordan dur. Eger Müsür Assiriýa hüjüm edenliginde, onuň külüni göge sowrup, Ninewiýa bilen Babylyň aňyrsy-bärsi görünmeýän baýlygyna eýe bolardy, şeýle-de, Aziýada öz hökmürowanlygyny hemişelik berkiderdi. - Ine, görýämiň, diýmek, şeýle şertnama bolup biljek zat däl. - Ol maňa diňe bir ýagdaýda...eger žresler...Müsürde faraonyň hökümdarlygyny syndyrmagy ýüreklerine düwen mahalynda düşnükli bolardy. Gepiň gerdişine, olar muňa baryp-ha seniň ataň döwründen bäri synanyşyp gelýärler. - Agzyňdan näme çykýanyny seniň gulagyň eşidenok – diýip, hökümdar onuň sözüni kesdi. Ýöne onuň ýüregine howsala aralaşdy. - Belki, men ýalňyşýandyryn – diýip, Hiram onuň göni gözlerine seredip durşuna jogap gaýtardy. - Ýöne bilýäňmi näme... Ol öz kürsüsini şa ogluna tarap süýşürip, ýuwaşja gepledi. - Eger faraon Assiriýa uruş yglan edip, üstün çykanlygynda, onuň uly, özüne wepaly goşuny, tölenilmedik ýüz müň pajy, Ninewiýa bilen Babyldan iki ýüz müňe golaý talanty, iň soňunda-da, basylyp alnan ýurtlardan her ýylda gelip gowuşjak ýüz müňe golaý talanty bolardy. Şeýle uly baýlyk oňa hem-ä žreslere girewine goýlan mülkleri satyn almaga, hem-de olaryň döwlet işine goşulmaklaryna hemişelik böwet goýmaga mümkinçilik beredi. Ramsesiň gözleri ýaldyrady. Hiram sözüni dowam etdirdi: - Häzirki wagtda bolsa goşun Herihora, ýagny žreslere bagly, ine, onsoň hakyna tutulanlary hasap etmeseň, faraona arka diräre zat ýok. Munuň üstesine, faraonyň gaznasy boş, onuň mülküniň köp bölegi-de ybadathanalara degişli. Faraon bolmanda köşgi saklamak üçin, her ýylda täze bergi etmeli bolýar. Finikiýalylaryň indi sizde bolmajakdygy sebäpli hem, siz žreslerden karz almaly bolarsyňyz. Şeýlelikde, ýene on ýyldan faraon – goý, ol baky ýaşasyn!- özüniň iň soňky mülkünden mahrum bolar. Ýeri, soňra näme? Ramsesiň maňlaýyna der indi. - Görşüň ýaly, hormata mynasyp hökümdar, žresler Assiriýa bilen masgaraçylykly şertnamany diňe bir ýagdaýda – faraonyň güýç-kuwwatyny kemsitmek hem-de ondan mahrum etmek islegi bilen kabul edip bilýärler, hatda şeýtmäge mejbur bolýarlar. Ýogsa-da Müsür gowşak bolansoň, her edip, hesip edip, parahatçylygy saklamaga mejbur bolýar diýip çaklamak mümkin. Ramses ýerinden atylyp galdy. - Lal bol! Iň wepaly hyzmatkärleriň ýurdy şeýle kemsitmeklerini men dönüklik hasaplaryn! Heý-de, Müsüriň Aziýany Assiriýa bermegi bilen ylalaşyp bolarmy? Sebäbi bir ýyl geçenden soňra, şeýle şertnama gol çekmek bilen, güýçsüzligini boýun alyp, onuň özi boýuntyrykly gezmeli ahyry! Şa ogly ynjalyksyz halda öňe-yza ýöräp ugrady. Hiram oňa birhili – ne-hä ýüregi awap, ne-de gynanyp seredýärdi. Ramses birden durdy-da: - Bu zatlaryň hemmesi ýalan! Haýsydyr bir hilegär işsiz-pişesiz agzyna gelenini sarnapdyr-da, senem oňa güp ynanypsyň, Hiram. Eger şeýle şertnama bar bolanlygynda, ol juda gizlin saklanardy. Seniň gürrüňiňe gulak gabartsaň-a, adyny agzan üç žresiň biri diňe bir faraona däl, eýsem, dildüwşüjileriň özüne-de dönüklik eden bolýar – diýdi. – diýdi. - Ýöne olary diňlän dördünji kimdir biri-de bolup biler ahyry. - Onsoň syry saňa satdymy? - Seniň entek altynyň güýç-kuwwatyny bilmeýändigiň meni geň galdyrýar. - Ýöne sen aňrybaş baýlaryň biri bolsaňam, altyn babatda biziň žreslerimiz bilen deňleşip bilmersiň. - Ýöne menem artykmaç drahmdan ýüz öwremok. Beýlekiler nämüçin talantlaryny eýläk-beýläk zyňmalymyşyn? - Olar – hudaýlaryň hyzmatkärleri. Şeýle bolansoň, hudaýlaryň temmi bermeginden gorkardylar – diýip, hökümdar ganygyzgynlyk bilen garşy çykdy. Finikiýaly ýaňsyly ýylgyrdy. - Men dürli halklarda köp ybadathanalary, ybadathanalarda-da birgiden ululy-kiçili, agaçdan, daşdan, hatda altyndan butlary gördüm. Ýöne men hiç ýerde hudaýlara duşmadym. - Hudaýa dil ýetiriji! – diýip Ramses gygyrdy. – Meniň özüm gudrat gördüm, onuň elini duýdum, sesini eşitdim. - Ol nirede bolupdy? - Hator ybadathanasynda, ybadathananyň işiginiň öňünde, öz hüjrämde. - Gündizmi? - Gije. - Sen gije hudaýlaryň seslerini eşidip, olaryň ellerini duýduňmy? – diýip, finikiýaly her bir söze agram salyp sorady. – Gije köp zat görnüp biler. Ýeri, onsoň ol nähili bolup geçdi? - Kimdir biri meniň kelläme, egnime, aýaklaryma galtaşdy...ant içýän... - Boldy – diýip, Hiram ýylgyryp, onuň sözüni kesdi. – Biderek ýere ant içmegiň geregi ýok. Ol özüniň içiňden geçip barýan akylly gözleri bilen Ramsese içgin syn edişine, ýigidiň kalbynda şübhäniň oýanýandygyny gördi. - Men saňa,ine, näme aýtmakçy, hökümdar: sen tejribesiz, hile-pirimleriň tory gurşan adam. Men seniň ataň dostudym, şonuň üçin hem, saňa bir zatdakömek edeýin. Göwnüň islän güni Aştoret ybadathanasyna bar, ýöne...maňa syr saklajakdygyňa söz ber...Bir özüň bar. Sen biz bilen haýsy hudaýlaryň gürleşýändigini hem-de bize galtaşýandygyny görersiň. - Bararyn – diýip, Ramses pikirli jogap gaýtardy.- - Haýsy gün barjakdygyňy, hökümdar, maňa irden duýdur. Men saňa ybadathananyň agşamky şertli sözüniaýdaýyn, ýogsam seni goýbermezler.Ýöne meni-de, özüňi-de paş etmegin – diýip, finikiýaly mähirli ýylgyryp, aýdanynyň üstüni ýetirdi. – Hudaýlar öz syrlaryny aýan edenleri kämahal bagyşlasalaram, adamlar hiç wagtda bagyşlaýan däldir... Ol baş egdi we ellerini galdyryp, gözlerini-de ýokary dikip, pyşyrdap doga okady. Ramses: - Heý, ikiýüzli diýse! Sen ynanmaýan hudaýlaryňa doga okaýarmyň? – diýip gygyrdy. Hiram doga okamasyny gutardy. - Hawa, men Müsüriň, Assiriýanyň, hatda Finikiýanyň hem hudaýlaryna ynanmaýaryn, ýöne ybadathanalarda mesgen tutmadyk, ady-da mälim bolmadyk ýeke-täk hudaýa weli ynanýaryn – diýdi. - Biziň žreslerimizem ýeke-täk hudaýa ynanýarlar. - Haldeýlerem şeýle. Emma barybir eýlekilerem, beýlekilerem biziň garşymyza dil düwşüpdirler... Dünýäde hakykat ýok, şa ogly. Hiram gidenden soň, mirasdüşer, hamala, keramatly papiruslary okaýandan bolup, iň çetki otagda beklendi. Ýaň-ýaňyja eşden sözleriniň täsirinden tas göz açyp-ýumasy salymda onuň hyjuwly hyýalynda täze hyýal döredi. Ol bar zatdan ozal finikiýalylar bilen žresleriň arasynda hiç zatdan gaýdylmajak göreşiň barýandygyna düşündi. Näme üçin? Elbetde, täsir etmek hem-de baýlyk üçin. Eger Müsürde finikiýalylar bolmasa, faraonyň ähli mülküniň, welaýatlaryň hem-de tutuş aýratyn hukukly gatlagyň ybadathanalaryň eýeçiligine geçjekdigini Hiram dogry aýtdy. Ramses žresleri hiç wagtda halamandy, Müsüriň uly böleginiň şolara degişlidigini, olaryň şäherleriniň iň baý şäherlerdigini, meýdanlarynyň iň gowy bejerilen meýdanlardygyny, olaryň adamlarynyň bol-telkilikde ýaşaýandygyny bireýýämden bäri bilýärdi, göre-göre gelýärdi. Ol, şeýle-de, ybadathanalara degişli baýlygyň ýarysynyň faraony yzy üzülmeýän aladalardan halas etjekdigine, güýç-kuwwatyny berkitjekdigine düşünýärdi. Şa ogly muny bilensoň, telim gezek gany-gyzgynlyk bilen dile alyndy. Ýöne Herihoruň ýardamy arkaly hökümdar bolansoň we Menfi goşup birikmesine ýolbaşçylygy alansoň, ol žresler bilen ýaraşypdy hem-de özüniň olara bolan ýigrenjine basalak berindi. Häzir ähli zat gaýtadan oýanypdy. Diýmek, žresler oňa özleriniň Assiriýa bilen gepleşikleri barada aýtmak-ha beýlede dursun, hatda haýsydyr bir Sargonyň geljekdiginem duýdurmandyrlar... Bu meseläniň ybadathanalardyr döwletiň uly syry bolmagy hem ähtimal. Ýöne olar Aziýanyň dürli halklary tarapyndan tölenilmedik pajyň mukdaryny mirasdüşerden nämüçin gizledilerkä? Ýüz müň talant! Bu faraonyň ýagdaýyny derrew düzlejek pul ahyry! Olar hatda Tirden bolan knýazyň, şu şäheriň Maslahatynyň agzalarynyň biriniň bilýän zadyny mirasdüşerden nämüçin gizleýärler? Tagtyň mirasdüşeriniň we hökümdaryň gözüni ýat adamlar açýarlar – gör, nähili masgaraçylyk! Ýöne has ýaramazy: Pentuer bilen Meffes Müsüriň uruşdan gaça durmalydygyny oňa her hili ýol bilen subut etdiler. Eýýäm Hator ybadathanasynda bu oňa şübheli görnüpdi: sebäbi uruş döwleti ýüzlerçe müň gullar bilen üpjün edip, ýurduň umumy hal-ýagdaýyny ýokary göterip biljek. Müsüriň özüne tölenilmedik pajy ýygnap, täze salgytlary salmagy üçin, ol häzir mirasdüşere has-da zerur bolup görünýärdi. Pamses ellerini kellesine diräp, oýa çümdi: “Biz ýüz müň talant paç ýygnamaly... Hiram Babyl bilen Ninewiýanyň talanylmagynyň iki ýüz müňe golaý getirjekdigini çaklaýar... Jemi şol bir wagtda üç ýüz müň. Beýle mukdardaky pul bilen iň uzaga çeken urşuň çykdajylarynam ýapsa bolar, girdeji hökmünde bolsaýüzlerçe müň gullar hem-de täze basylyp alnan ýurtlardan her ýylda gelmeli ýüz müň galýar. Şondan soňra bolsa, biz žresler bilen hasaplaşardyk!” Pikirini jemlän Ramses galpyldady. Emma kellesine: “Eger Müsür Assiriýa bilen boljak uruşda ýeňip bilmese näme?” diýen pikir geldi. Bu ikirjiňlemeden tutuş gany depesine urdy. “O nähili ýeňip biljek dälmişin? Heý-de, goşunyň başynda ýalňyz özi hettleriň harby arabalaryna okdurylyp, olaryň merkini beren Beýik Ramsesiň nesli bolan Ramses durar-da, Müsür Assiriýany mynjyradyp bilmezmi?” Ramses ýeňilmeginiň, beýik hökümdarlardan ýeňşi gaňryp almaga güýjüniň ýetmezliginiň mümkindiginden başga ähli zady göz öňüne getirip biljekdi. Ol özüniň garadangaýtmaz batyrdygyny duýýardy we duşman diňe onuň çapyp gelýän atyny görenden ökje götermese geň görjekdi. Sebäbi ony-ha galkan bilen goramak, duşmanlaryna-da gök gürrüldisi bilen zarba urmak üçin, harby arabada faraonyň ýanynda hudaýlar bolarlar. “Ýogsa-da, Hiram maňa hudaýlar barada näme aýdypdy? Ol maňa Aştoret ybadathanasynda näme görkezjekkä? Görmäge gözümiz sag bolsun!” diýip, şa ogly oýlandy. ALTYNJY BAP Hiram wadasynda tapyldy. Hökümdaryň Bubastdaky köşgüne her gün gullaryň topary, bugdaý, arpa, kakadylan et, mata, çakyr ýükli eşekleriň uzyn hatary gelýärdi. Finikiýaly täjirler Hiramyň gullukçylarynyň gözegçiliginde altyndyr gymmat bahaly daşlary getirýärdi. Şeýdibem, hökümdar bäş günüň dowamynda wada berlen ýüz talanty aldy. Hiram özüne köp bolmadyk göterim – ýylda her dört talantdan bir talant almalydy. Ol girewem talap etmedi-de, hökümdaryň kazyýetde tassyklanan dilhaty bilen çäklendi. Köşgüň zerurlyklary sahylyk bilen üpjün edildi: hökümdaryň üç oýnaşy täze egin-eşik, hoşboý ysly ýaglar hem-de hamy dürli reňkdäki birnäçe gyrnak; hyzmatkärler – bol iýmitdir çakyr; patyşanyň işgärleri – tölenilmedik haky; esgerler – artdyrylan iýmit önümlerini aldylar. Bularyň üstesine, Hiramyň buýrugy boýunça finikiýalylar tarapyndan Tutmosdyr beýleki asylzada ýaşlara köp mukdarda karz pul berilmegi köşgi haýrana goýdy. Habu welaýatynyň häkimi, ýokary derejeli emeldarlar hem boş çykmady: olara-da jomartlyk bilen sowgatlar berildi. Yssynyň barha güýjeýändigine garamazdan, meýlis yzyna meýlisdi, şady-horramlyk yzyna şady-horramlykdy. Adamlaryň erniniň bir ýere gelmäýändigini görüp, hökümdar eden işinden hoşal boldy. Ony diňe bir zat – Mefresdir beýleki žresleriň özlerini alyp baryşlary bimaza edýärdi. Mirasdüşer Hator ybadathanasynda edilen öwüt-ündewiň tersine, Hiramdan şonça puly karz alandygy üçin şol ýokary derejeli adamlar özüne teýene ederler öýdüp çaklaýardy. Ýöne hormatly atalardan ses-üýn çyknokdy, olar hatda köşgüň golaýynda-da görünmediler. Ol bir gezek Tutmosdan: - Bu name boldugy? Žresler bize hiç hili gyjyt berenok-la? Biz häzirki ýaly şeýle bol-telki ýaşamaga özümize hiç wagtda ýol bermändik ahyry! Daň atandan Gün batynça saz ýaňlanýar, biz bolsa ir bilen içhä-içlige başlap, ýa-ha aýallaryň gujagynda, ýa-da başujymyz küýzeli uklap galýarys…-diýdi. - Olar bize ne sebäpden teýene etmelimişin? – diýip, Tutmos gaharly jogap gaýtardy. – Biz Aştorept ybadathanasy ýerleşýän şäherde ahyry. Bu ýerde iň ýakymly ybadat – şady-horramlyk, iň islegli hudaýýoly hem – söýgi! Onsoňam žresler şeýle uzak mahrumçylykdan hem-de postdan soň seniň göwün açmalydygyňa düşünýärler. - Olar bu barada saňa aýtdylarmy? – diýip, şa ogly howsalaly sorady. - Telim gezek. Dek düýn agşamam keramatly Mefres sen ýaly ýaş ýigidi ybadat edeninden ýa-da döwleti dolandyrmagyň aladasynda bolanyndan, şatlyk-şagalaňyň özüne has artyk çekýändigini meniň ýanymda gülüp aýtdy. Ramses pikire batdy. Diýmek, onuň bu gün-ertir ata bolmalydygyna garamazdan, žresler ony ýeňilkelle oglanjyk hasaplaýar-da? Şeýle bolany gowy! Mirasdüşer olar bilen özüçe gepleşende, baý, oslagsyz sowgat bolar-a! Dogry, Hator ybadathanasyny terk edeli bäri Habu welaýatynyň ýagdaýy bilen ýekeje günem gyzyklanmandygy üçin şa ogly özi özüne igendi. Žresleriň ol, hakykatdanam, Pentueriň düşündirişinden kanagatlanandyr ýa-da döwlet işleri bilen meşgullanmak ony eýýäm irtizendir diýip piker etmegi hem mümkin. Ol: - Şeýle bolany gowy!..Şeýle bolany gowy!..-diýip gaýtalady. Özüni gurşap alan adamlaryň arasyndaky yzygiderli hile-pirimlere üns berip ýa-da olara şeýle hile-pirimlerde şübhelenip, Ramses öz pikirini gizlin saklamagy ir öwrenipdi. Özüniň Hiram bilen näme barada gürrüň edendigini hem-de kellesinde nähili hyýalyň peýda bolandygyny žresleriň aňmaýandygyna ol ynanýardy. Olar özleriniň hökmürowandygyna akyl-huşuny aldyransoň, şa oglunyň gaýgy-gamsyz şatlanýandygyna hoşaldylar hem-de bu ýagdaý döwletiň jylawyny ellerinde saklamaga ýardam berer diýip tama edýärdiler. Ramses: “Hudaýlar žresleriň aklyny şeýle bir bulaşdyrypdyr weli, olar Hiramyň ne sebäpden elini beýle açandygyny aňşaranoklar. Ýa-da hilegärtirlä olaryň müňkürligini uklatmak başardaýdymyka? Şeýle bolany gowy!..Şeýle bolany gowy!..” diýip oýlanýardy. Ramses žresleriň özüniň ukybyna baha bermekde aldanandyklary hakda oýlanyşyna, geň duýga ulaşdy. Ol žresleri mundan bu ýana-da ýalňyş pikirde saklamak kararyna gelip, soňuny saýmazdan şady-horramlyk etdi. Hakykatdanam, žresler, hemmeden ozaly hem, Mefres Ramses bilen Hiram babatda ýalňyşypdylar. Hilegär tirli-hä özüni tagtyň mirasdüşeri bilen gatnaşýandygyna buýsanýan edip görkezýärdi, beýlekisi-de gaýgy-gamsyz ýigidiň keşbini ondan kem bolmadyk ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Mirasdüşeriň finikiýalylary Müsürden kowmak barada çynlakaý oýlanýandygyna, Ramsesiň-de, onuň köşgündäki adamlaryň-da olardan karz puly soňra yzyna gaýtarmazlyk üçin alandyklaryna Mefres şübhelenmeýärdi. Şol wagtda Aştoret ybadathanasynda, onuň uly meýbdany tutýan baglarynda, howlularynda zyýaratçylar jygylda-mygyldy. Elhenç yssa garamazdan, her gün, tas her sagatda, uzak Aziýadan beýik hudaý aýalyň huzuryna zyýaratçylaryň täze topary gelýärdi. Olar ýadaw, derlän, üçt-başlaryny tozan örten halda, saz çalyp, tans edip, wejera aýdymlary aýdyp gelýän geň zyýaratçylardy.Olar uzynly gün çakyr içýärdiler, gijäni bolsa hudaý aýal Aştoretiň hormatyna iň bir başyna giden azgynçylyk bilen geçirýärdiler. Zyýaratçylary uzakdan tanabam, aňybam bolýardy: olaryň ellerinde ter gülleriň ullakan çemeni, düwünçeklerde bolsa ýylyň dowamynda ölen pişikleriň maslyklary bardy. Olary Bubastyň daş-töwereginde ýaşaýan parashitlere balzamirlemäge ýa-da gäp ýasamaga berýärdiler, iş bitenden soňra hem, keramatly hasap edilýän zat hökmünde öýlerine alyp gidýärdiler. Mesor aýynyň başynda knýaz Hiram özüniň agşam finikiýalylaryň Aştoret ybadathanasyna gitmeginiň mümkindigini Ramsese ýetirdi. Iňrik garalan çagy hökümdar biline kelte gylyç daňdy, egnine kellegaply ýapynja geýdi. Soňra hyzmatkärleriň hiç birine duýdurman, assyrynlyk bilen Hiramyň öýüne ugrady. Garry welmoža oňa garaşýan eken. Ol ýylgyryp durşuna: - Ýeri, siziň alyhezretiňiz, Finikiýanyň altarlarynda-ha ýowuzlyk gomparyp oturýan, gullugynda-da azgynlyk durýan ybadathanasyna girmäge gorkaňzokmy? – diýip sorady. - Gorkýanmy? – diýip, Ramses oňa tas ýigrenç bilen diýen ýaly seredip, eşiden sözüni gaýtalady. – Aştoret-hä Baal däl, menem siziň hudaýyňyzyň dym-gyzyl garnyna oklanýan körpeje däl. - Senem şol gürrüňe ynanýaňmy, hökümdar? Ramses egnini ýygyrdy. - Siziň hudaýýoluňyz barada maňa gepi ynamly adam gürrüň berdi. Bir gezek harasatda siziň ondan gowrak gämiňiz heläk bolupdyr. Tir şäherinden bolan žresler derrew hudaýýoly beripdirler. Oňa köp adam ýygnanypdyr. Baal ybadathanasynyň öňünde belent ýerde bürünçden ýasalan, öküz kelleli äpet but gomparyp oturanmyşyn. Onuň garny çym-gyzyl diýýär. Ine, onsoň siziň žresleriňiziň buýrugy boýunça finikiýalylaryň samsyk eneleri öz enaýyja körpelerini ýowuz hudaýyň aýagynyň etegine getiripdirler… - Diňe oglanjyklary – diýip, Hiram takyklady. - Hawa, diňe oglanjyklary – diýip Ramses gaýtalady. – Žresler her bir oglanjyga hoşboý ysly suwlary sepipdirler, güller bilen bezäpdirler, şondan soň but bürünç elleri bilen tutaga-da, ejesinden delalat isläp gygyrýan körpejäni ýuwdup goýberipdir. Her gezegem hudaýyň agzyndan ýalyn çykypdyr… Hiram ýuwaşja güldi: - Senem muňa ynanýaňmy? - Men gaýtalap aýdýan: muny hiç wagtda agzyndan ýalan söz çykmaýan adam aýtdy. - Ol saňa gören zadyny gylyny gyşartman gürrüň beripdir. Ýöne aýallaryň hiç biriniň aglamandygy ony geň galdyrmandyrmy? - Dogrudanam, islemndik bolgusyz zat üçin gözýaş dökmäge taýýar aýallaryň şeýle parhsyzlygy ony haýran galdyrypdyr. Ýöne bu diňe siziň halkyňyza mahsus bolan rehim-şepagatsyzlygy tassyk edýär. Garry finikiýaly başyny ýaýkady. - Bu öňräk bolan zatmy? – diýip sorady. - Birnäçe ýyl ozal. Hiram sözlerine dyngy berip gepledi: - Şeýle diýsene…Eger sen merhemet edip, haçandyr bir wagt Tire barsaň,men saňa şol dabarany görkezerin. - Men oňa seretmek islämok. - Soňra bolsa ikimiz ybadathananyň beýleki howlusyna gideris. Sen şol ýerde ajaýyp mekdebi, onda okaýan şadyýan, sagdyn çagalary görersiň. Olar birnäçe ýyl ozal “oda ýakylan” körpelerdir. - O nähili beýle? Olar, name, ölmeýärlermi? – diýip Ramses gygyrdy. - Olar sag-aman ulalýarlar, batyr deňizçiler bolup ýetişýärler. - Diýmek, siz halky aldaýaňyz-da? – diýip, mirasdüşer hezil edip güldi. - Biz hiç kimi aldamaýarys – diýip, Hiram çynlakaý jogap gaýtardy. – Özüne düşnüksiz bolan däp-dessuryň manysyna akyl ýetirjek bolmazdan, her kim özüni özi aldaýar. Bizde şeýle bir däp bar: güni agyr aýlanýan eneler garny dok, eşigi bitin bolar ýaly, öz ogullaryny döwlete gurban berýärler. Şol çagalary,hakykatdanam, içinde çym-gyzyl peç bolan Baalyň heýkeli ýuwudýar. Ýöne bu däp çagalaryň, hakykatdanam, ýakylýandygyny däl-de, eýsem, diňe olaryň oduň içine düşmek bilen, öz ejeleri üçin ölendigini hem-de doly ybadathananyň ygtyýaryna geçendigini aňladýar. Aslynda olar pejiň içine dä-de, enekeleriň eline düşýärler. Çagalary şolarbirnäçe ýyllap terbiýeleýärler. Soňra olary Baalyň žresleriniň mekdebi kabul edýär.Terbiýelenýän çagalaryň has ukyplylary žres ýa-da emeldar bolup ýetişýärler, sehin-başarnygy olardan pesräkler bolsa deňizçilige ulaşýarlar. Olaryň arasynda uly baýlyga eýe bolýanlary köp. Men indi sen çagasyndan aýra düşýän tirli eneleriň aglamaýandyklaryna geň galmarsyň hem-de biziň kanunlarymyzda öz çagalarynyň ganyna galýan ata-eneler üçin temminiň nämüçin göz öňünde tutulmandygyna düşünersiň diýip pikir edýän. Şeýle ýagdaý Müsürde ýüze çykýar. Ramses: - Haramzadalar hemme ýerde tapylýar – diýdi. - Ýöne bizde çagalarynyň ganyna galýan ýok. Sebäbi biziň enelerimiz ekläp-saklap bilmeýän bolsa, döwletdir ybadathanalar olary öz hossarlygyna alýarlar. Ramses oýa batdy. Birdenem Hiramy gujaklady-da, tolgunma bilen: - Siz özüňiz hakda şeýle aýylganç ertekileri gürrüň berýänlerden has gowy. Men örän şat – diýip batly aýtdy. Hiram: - Bizde-de ýaramazlyklar az däl, ýöne sen bizi çagyrsaň, biziň hemmämiz seniň wepaly hyzmatkäriň bolarys, jenap – diýdi. Şa ogly onyň gözlerine çiňerilip seredişine: - Şeýle bolarmyka? – diýip sorady. Garry elini ýüregine ýetirdi. - Müsüriň tagtynyň mirasdüşeri hem-de geljekki faraon, eger sen haçandyr bir wagt biziň umumy duşmanymyzyň garşysyna söweşe başlasaň. finikiýalylaryň ählisiniň edil bir adam ýaly bolup, saňa kömege gyssanjakdygyna men ant içýän. Ine, muny bolsa, biziň şu günki gürrüňimizden ýadygärlik hökmünde al! Ol köýneginiň eteginden ýüzi syrly alamatlar bilen doldurylan altyn medalon çykaryp, pyşyrdap doga okady. Soňra ony Ramsesiň boýnundan asdy. - Sen şu doga bilen tutuş jahany aýlanyp bilersiň. Özüňem nirede finikiýala duş gelseň, zerur bolsa, ol maslahat, altyn, hatda gylyç bilen dadyňa ýetişer...Häzir bolsa ikimiziň gitmeli wagtymyz boldy – diýdi. Gün batanyndan bäri er-esli wagt geçipdi. Aý aýdyň gijedi. Süňňi söken gündizki yssynyň ýerine gözi gapyp, demi tutýan çal tozandan saplanan sergin howa gelipdi. Päkize gök asmanda eýlede-beýlede ýyldyzlar Aýyň şuglasyna ýaýrap şöhle saçýardylar. Köçelerde aýak çekilipdi. Ýöne ähli jaýlaryň üçeklerinde keýp edýän adamlar otyrdylar. Şäher aýdym-sazdan, gülküden hem-de bulgurlaryň jyňňyrdysyndan püre-pür bir ullakan toý mekanyna meňzeýärdi. Şa ogly bilen finikiýaly köçäniň ýagty az düşýän tarapy bilen şäheriň daşyna haýdaşlap barýardylar. Ýöne muňa garamazdan, tekiz üçeklerde meýlis gurup oturanlar olary aram-aram görýärdiler-de, ýokardan gül oklap: - Eý, siz, gijeki sergezdanlar! Eger siz gijelik hoş ýakýan kümsükler bolmasaňyz, biziň ýanymyza geliň. Bärde ajaýyp çakyr, şadyýan aýallar bar! – diýşip gygyryşýardylar. Öz ýoly bilen gyssanmaç barýan iki adam bu gadyrly mürähete jogap gaýtaranokdylar. Ahyry olar şäheriň jaýlary-ha az, açaglary-da köp bölegine ýetdiler. Ol ýerdäki agaçlar çygly deňiz şemalyndan ganansoň, Müsüriň günorta welaýatlaryndaka garanda has beýikdiler, köp şahalydylar. Hiram: - Indi daş däl – diýdi. Başyny galdyran Ramses gür ýaşyl agaçlaryň depesinde howalanyp oturan pöwrize reňkli dörtburç diňi hem-de onuň ýokarsynda birneme pesräk ak reňkli başga diňi gördi. Ol Aştoret ybadathanasydy. Ikisi basym baglygyň jümmüşine aralaşdylar. Ol ýerden tutuş ymarat edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Ymarat birnäçe bölekden durýardy. Birinji bölek boýy-da, ini-de dört ädim bolan dörtburç eýwandan ybaratdy. Eýwan birnäçe metr beýiklikdäki daş binýatda garalyp durdy. Gündogar tarapda çykyt bolup, oňa sagdan hem-de çepden inli basgançaklar eltýärdi. Beýleki taraplaryň hersinde uzaboýuna on sany diňjagaz; olaryň iki gapy arasynyň hersinde-de bäş sany penjire bardy. Birinji eýwanyň ortasynda diýen ýaly ikinji, ol hem dörtburç, her tarapy iki ýüz ädim bolan eýwan howalanyp görünýärdi. Oňa diňe bir basgançak eltip, burçlarynda diňler asmana galyp durdy. Bu bölek goýy gyzyl reňklidi. Ikinji bölegiň tekiz üçeginde beýikligi birnäçe metr bolan, altyn öwüşginli ýene bir dörtburç eýwan ýerleşip, onda biri-biriniň üstünde pöwrize we ak reňkli iki diň bardy. Göýä ýere äpet gara kub goýlup, onuň üstündenem birneme kiçiräk – goýy gyzyl, onuň üstünden – altyn, ýokarda - pöwrize, iň ýokardanam – kümüş reňkli kublar goýlan ýalydy. Şol kublaryň hersine diňe gündogar tarapdan ýa-ha gapdaldan goşa, ýa-da girelgeden ýeke basgançaklar bilen baryp bolýardy. Basgançaklaryň we gapylaryň ýanynda ullakan Müsür sfinksleridir adam kelleli ganatly Assiriýa öküzleri bile otyrdylar. Hökümdar ymarata hezil edip seretdi. Ol Aý şuglasynyň eteginde, gaba ösümlikleriň gujagynda örän owadan görünýärdi. Ybadathana haldeý usulynda salnansoň, Müsür ybadathanalaryndan bölekleriniň ulgamy hem-de dik diwarlary bilen tapawutlanýardy. Müsürlileriň gurýan uly jaýlarynyň diwarlary adatça ýokarlygyna kese bolýardy. Bagda her ýerde öýjagazlardyr kiçi köşkler görünýärdi, ähli ýerde ot ýanýardy, aýdym, saz ýaňlanýardy. Kämahal agaçlaryň arasyndan aşyk-magşuklaryň kölegeleri görnüp gidýärdi. Gelenleriň ýanynda garry žres peýda boldy. Ol Hiram bilen kelam agyz sözleşdi, mirasdüşere baş egdi. Soňra: - Meniň yzyma düşmäge merhemet et, jenap – diýdi. Hiram: - Goý, seni hudaýlar penasynda aman saklasyn, hökümdar! – diýip, onuň bilen hoşlaşdy. Ramses žresiň yzyna düşdi. Ybadathananyň birnäçe ädim gapdalynda, bagyň edil jümmzüşinde daş oturgyç durdy; ondan ýüz ädim daşlykda-da çaklaň kiçi köşk bolup, ol ýerden aýdym eşidilýärdi. Şa ogly: - Ol ýerde doga okaýarlarmy? – diýip sorady. - Ýok – diýip, žres mese-mälim sulhy almazlyk bilen jogap gaýtardy. – Biziň žres gyzymyz, Aştoretiň altarynyň öňündäki ody saklaýan Kama hormat goýýanlar ýygnanypdyr. - Ýeri, onsoň ol bu gün kimi kabul edýär? - Hiç kimi! Hiç wagtda! – diýip, ony ugradýan žres sowaldan bizar bolan äheňde jogap gaýtardy. – Eger oduň žres gyzy päkizelik antynyň yzynda durup bilmese, öläýmeli – wessalam! Mirasdüşer: - Ýowuz kanun – diýdi. Žres: - Jenap, şu oturgyçda garaşmaga merhemet et – diýip sowuk gepledi. – Bürünç bölegine üç urgy edilendigini eşideniňde ybadathana gir, eýwana gal-da, goýy gyzyl reňkli ymarata bar. - Bir özümmi? - Hawa. Şa ogly zeýtun agajynyň etegindäki oturgyçda ornaşdy-da, kiçi köşkden çykýan zenan gülküsine diň saldy. „Kama...Owadan at!..Ähtimal, özi-de ýaş hem owadan bolsa gerek. Bu akmak finikiýalylar bolsa ony ölüm bilen gorkuzýarlar. Belki, olar şeýtmek arkaly öz ýurduny bolmanda on-on bäş sany el degmedik gyz bilen üpjün etmek isleýändirler?“ Ol öz ýanyndan ýaňsyly ýylgyrdy. Ýöne onuň kalbyna gussa aralaşypdy. Näme üçindir söýgüsi mazaryň agzy bolan şol nätanyş zenana ýüregi awaýardy. Mirasdüşer: „Şol žres gyz Kamanyň deregine Tutmos bolanlygynda... Hudaý aýalyň öňündäki oduň ýekejesini-de ýakmaga ýetişmän ölüp giderdi“ diýip oýlandy. Şol pursatda kiçi köşkden fleýtanyň owazy eşidildi. Aýal sesleri haýsydyr bir gussaly mukama goşuldy. Olar göýä çaga üwreýän ýaly, „A-a-a! A-a-a!“ diýip owazly aýdýardylar. Fleýtantyň sesi ýatdy, aýallar sem boldular. Birdenem owadan erkek sesi ýaňlanyp ugrady. Ol grekçe aýdym aýdýardy: - „Seniň eşigiň bosagada öwşün atdygy, ýyldyzlar öçer, bilbiller sesini keser, edil Gün dogmazyndan ozal öçügsi säher salam berýän Zeminýaly,meniň ýüregime-de ümsümlik aralaşar...“ Aýallar: - A-a-a! A-a-a! A-a-a! – diýip, ýuwaş ses bilen fleýtanyň owazyna goşuldylar. - „ Haçanda sen doga okap, ybadathana ýöneleniňde, benewşeler seni hoşboý ys saçýan bulut bolup gurşaýarlar, kebelejikler seniň dahanyň daşynda gaýmalaşýarlar, palmalar seniň gözelligiň alnynda baş egýärler...“ - A-a-a! A-a-a! A-a-a! - „Seni görmedik mahalym seniň ýüzüň ýakymly ynjysyzlygynyýadyma salmak üçin asmana bakýaryn. Ýöne biderek şeýdenim galýar: asmanda seniň mylaýymlygyň ýok, onuň jöwzasy bolsa – meniň ýüregimi ýakyp kül eden ýalna garanyňda sowukdyr...“ - A-a-a! A-a-a! A-a-a! - „Men bir gezek seniň nazaryň düşende ak, goýy gyzyl hem-de altyn geýinýän bägülleriň arasynda aýak çekdim. Onuň her bir gülýapragy maňa seniň aýaklaryň ýanynda geçirilen sagady, her bir gül – aýy ýatlatdy. Çyg damjasy-da çölüň ýowuz ýeli içýän meniň gözýaşymdyr. Duýdursaň bes, men seni alaryn-da, öz mähriban watanyma äkiderin. Deňiz bizi yzarlaýjylara bermez, mirt17jülgeleri biziňsöýgümizi adamlaryň gözlerinden gizlär, aşyk-magşuklara mähriban hudaýlaram biziň bagtymyzy gorap saklar“ - A-a-a! A-a-a! A-a-a!.. Ranmses gözlerini ýumup, arzuw etdi. Ol aşak goýberilen kirpikleriň arasyndan indi bagy görenokdy-da, eýsem, diňe gara kölegeler ýüzýän we näbelli adamyň näbelli aýala bagyşlap aýdýan aýdymy ýaýran Aý şuglasynyň deňzini görýärdi. Aýdym ony eşiden badyna şeýle bir bendi eýläp, kalbyna şeýle bir çuň aralaşdy weli, mirasdüşer biygtyýar: „Bu aýdymy aýdýan-da, hatda bu söýgi aýdymy-da meniň özümbolaýmaýyn?“ diýip özüne ýüzlendi. Şol pursatda onuň derejesi hem, hökmürowanlyk hem, derwaýys döwlet meseleleri hem - bularyň ählisi mirasdüşere Aýly gije hem-de yşka düşen ýüregiň sesi bilen deňeşdirilende bolgusyz bir zat bolup göründi. Eger häzir ikiden birini: faraonyň hökmürowanlygyny hem-de özüni gurşap alan keýpi saýlap almaly bolanlygynda, ol tutuş dünýäni, özüni, hatda wagty ýuwdup, diňe aýdymyň ganatynda bakylyga uçup barýan gussany goýan arzuwly bihuşlygy makul bilerdi. Ol birden aýňaldy. Aýdym sem bolan eken. Kiçi köşkde otlar öçüpdir, onuň düşegi ak diwarlarynda boş penjireler ýiti garalyp görünýärdi. Bärde hiç wagtda hiç kim ýaşan bolmaly däl diýip pikir etse boljakdy. Hatda bag boşapdy, onda ses-üýn galypdy, hatda pessaý şemal ýapraklary şygyrdatmasyny bes edipdi. Bir!..Iki!..Üç!..Ybadathanadan bürünç bölege edilen üç güýçli urgynyň sesi eşidildi. Nirä, nämüçin gitmelidigini gowy bilmese hem, şa ogly: „Ähä, gitmeli wagt boldy“ diýip oýlandy. Ol göýä ýanyna çagyrýan ýaly bolup, kümüşsow diňi agaçlaryň depesinde howalanyp duran ybadathana tarap ýöneldi. Kalbyny geň duýgular eýelän mirasdüşer bimar haldady. Ol agaçlaryň arasynda janyna jaý tapanokdy, basymrak şol diňiň depesine ýykasy, uludan dem almak bilen, gursagyny howadan dolduryp, çäksiz giňişligi hezil edip synlasy gelýärdi. Ýöne häzir mesor aýydygy, çöldäki harby hereketlerden bäri eýýäm bir ýyl geçendigi ýadyna düşdi-de, ýene şol ýerde bolmak islegi oýandy. Eh! Özüniň jüp at goşulan ýeňil söweş arabasyna münerdi-de, öňe –yssy bolmadyk, agaçlary gözýetimiň öňüni tutmaýan ýere çapyp giderdi... Ol ybadathananyň basgançagynyň öňünde özüne geldi we eýwana çykdy. Göýä adamlaryň hemmesi gyrlyp tükenen ýaly ünsümlikdi, haňlap ýatyrdy.Diňe nirededir bir ýerde çüwdürimiň suwy şildireýärdi. Ol özüniň kellegaply ýapynjasyny, gylyjyny basgançaga oklady, göýä Aý bilen hoşlaşýan ýaly, baga ýene birgezek nazar aýlady-da, ybadathana girdi. Onuň ýokarsynda ýene üç bölek abanyp durdy. Bürünç gapylar açykdy, girelgäniň iki tarapynda-da adam kelleli öküzleriň ganatly şekilleri durdy; olaryň ýüzlerinde gopbamsy arkaýynlyk bardy. Ramses olaryň inçejik örülen sakgallaryna seredip durşuna: „Bular assiriýaly patyşalar“ diýip oýlandy. Ybadathananyň içi edil tüm gijelik ýaly garaňkydy. Aý şuglasynyň insiz penjireleriň arasyndan düşýän ak zolagy töweregi has-da garaňky görkezýärdi. Onuň töründe, hudaý aýal Aştoretiň heýkeliniň öňünde iki sany çyra ýanýardy. Ýokardan haýsydyr bir täsin ýagtylygyňň düşmegi bilen, tutuş heýkel gowy görünýärdi. Ramses oňa syn etdi. Ol äpet ölçegdäki düýeguş ganatly aýaldy. Uzyn, epinli egin-eşigi egninden syrylan, kellesi zommak şyrdakly aýal sag elinde goşa kepderi saklap otyrdy. Onuň owadan ýüzi, aşak goýberilen gözleri näzikligi, päkizeligi bilen Ramsesi haýran etdi. Ol öç almagyň hem-de halys başyna giden bihaýalygyň arka tutujysy ahyry. Finikiýa oňa öz syrlarynyň ýene birini açdy. Ol: „Geň halk. Bularyň zalym hudaýlary-ha adamlary ýalmap-ýuwutmaýarlar, azgynçylyklaryna-da el degmedik žres gyzlar bilen ýüzi çaganyňky ýaly hudaýlar arka durýarlar“ diýip oýlandy. Mirasdüşer birden nämedir aýagyndan bir zadyň edil ýylan ýaly zymdyrylyp gidendigini duýdy. Ol yza serpildi-de, Aý şuglasynyň zolagynda saklandy. Edil şol wagtda diýen ýaly hem: - Ramses! Ramses! – diýen pyşyrdyny eşitdi. Onuň erkegiň ýa-da aýalyň sesidigini, nireden çykýandygyny aňşyrar ýaly däldi. Edil ýeriň aşagyndan çykýan ýaly bolup, ýene: - Ramses! Ramses! – diýen pyşyrdy eşidildi. Şa ogly ýagty düşmeýän ýere baryp, aşak eglişine, diň saldy. Birdenem onuň kellesine iki näzijek el goýlan ýaly boldy. Mirasdüşer ony tutmak üçin laňňa dikeldi.Ýöne ýanynda hiç kim ýokdy. Kellesini galdyranda dodagynda lotosyň gülüni duýdy, oňa elini uzadanda-da, kimdir biri egnine galtaşdy. - Ramses! Ramses! – diýen ses indi altar tarapdan eşidilýärdi. Şa ogly yzyna öwrülip, doňup galdy: ondan birnäçe ädimlikde ýagtylygyň zoplagynda edil bir almany iki bölen ýaly özüne meňzeş nazarkerde ýigit durdy. Ýüzi, gözi, eňegindäki, ýaňagyndaky ýaşlyk tüýi, durşy, hereketi, egin-eşigi...agynjak şol!.. Ramsese ol hatda faraonda-da bolmadyk ullakan aýnanyň öňünde duran ýaly bolup göründi. Ýöne özüniň ekiz taýy ýaly ýigidiň ýöne bir keşp däl-de, eýsem, janly adamdygyna göz ýetirdi.Edil şol pursatda kimdir biri onuň ýaňagyndan öpdi. Ol çalt yzyna öwrüldi, ýöne eýýäm hiç kim ýokdy, Ramsese juda meňzeş ýigit gürüm-jürüm bolupdy. - Bärde kim bar? Men bilmek isleýän! – diýip Ramses gaharly gygyrdy. - Bu men – Kama...- diýip, näzik ses jogap gaýtardy. Ine, onsoň Aý şuglasynyň ýagtysyna ýanbaşyna altyn sapak bilen tikilen sargy aýlan ýalaňaç zenan peýda boldy. Ramses onuň ýanyna ylgap bardy-da, elinden tutdy. Ol boşanjak bolmady. - Sen Kamamy?..Ýok, sebäbi sen...Bir zamanda Dagon seni meniň ýanyma ýollapdy, şeýle dälmi? Ýöne sen şol wagt özüňi Laska diýip atlandyrypdyň. - Meniň adym, hakykatdanam, Laska – diýip, ol sadalyk bilen jogap gaýtardy. - Maňa eli bilen galtaşan senmi? - Men. - Nädip? Ol: - Ynha, şeýdip – diýip jogap gaýtardy-da, onuň boýnuna gol salyp, öpdi. Ramses ony gujagyna gysdy, ýöne gyz kiçijik zenana mahsus bolmadyk güýç bilen sypdy. - Diýmek, sen žres gyz Kama-da? Diýmek, ýaňy şol grek seni wasp edipdir-dä? Ol kim? – diýip, şa ogly onuň ellerini hyjuw bilen gysyp sorady. Kama ýigrenç bilen çala kibtini gysdy. - Ol ybadathanada gulluk edýär – diýdi. Ramsesiň gözlerinden uçgun syçrady, burnunyň deşigi giňeldi, kellesi güwledi. Bu zenan birnäçe aý ozal hiç hili täsir galdyrmadyk bolsa, häzir ol islendik paýhassyzlyga taýyndy. Ol grek ýigidine göriplik etdi, şol bir wagtyň öşzünde-de, eger söýgüli jenanyna öwrüläýse, gyzyň ölmelidigi baradaky pikirden öte agyr gussa duýdy. Ol: - Seniň eýjejikdigiňi! Nirede ýaşaýaň?..Hä, hawa, bilýän – şol kiçi köşkde...Seniň ýanyňa baryp bolarmy?..Eger sen aýdymçylary kabul edýän bolsaň, meni hem kabul edäýmeli... Senuň keramatly ody gorap saklaýan žresdigiň çynmy? - Hawa. - Siziň kanunyňyzyň şeýle ýowuz bolup, saňa söýüşmäge ygtyýar edenokmy? Aý, ýok-la, hälki bir gorkuzmadyr-la... Sen meniň üçin kadadan çykmaly bolarsyň. Ol: - Eger şeýdäýsem, meni tutuş Finikiýa näletlär, hudaýlaram temmimi berer – diýip, gülüp jogap gaýtardy. Ramses ony ýene özüne çekdi, ýöne gyz ýene sypdy. - Ägä bol, şa ogly – diýip, ol utançsyzlyk bilen gepledi. – Finikiýa kuwwatlydyr, onuň hudaýlary-da... - Meniň seniň Finikiýaň, hudaýlaryň bilen ne işim? – diýip, Ramses gyzyň sözüni kesdi. – Eger seniň saçyň ýeke tary gaçaýsa, men Finikiýany edil awuly jandar ýaly edip basyp mynjyradaryn. Heýkel tarapdan; - Kama1 Kama! – diýen ses eşidildi. Ol gorkdy. - Ynha, görýämiň, meni çagyrýarlar...Hatda seniň masgaraçylykly sözleriňi-de eşiden bolmaklary ähtimal. - Olar meniň gaharymy eşitmeseler bolar! - Hudaýlaryň gahary has aýylgançdyr... Ol sypdy-da, ybadathananyň garaňkylygynda gizlendi. Onuň yzyndan eňen Ramses birden syçrap düşdi. Olar bilen altaryň aralygynda tutuş ybadathanany çym-gyzyl ýalyn tutdy-da, edrenç keşpler: äpet ýarganatlar, adam ýüzli jandarlar, kölegeler çyrpynyşyp ugradylar. Ýalyn ymaratyň tutuş ini bilen oňa tarap süýşüp gelýärdi. Heniz görülmedik ahwalata aljyran Ramses yza serpildi. Birdenem onuň ýüzüne sergin şemal çaldy. Ol töweregine äňetdi – eýýäm ybadathananyň daşynda eken. Edil şol pursatda bürünç gapylar onuň yzyndan şakyrdaşyp ýapyldylar. Mirasdüşer gözlerini owkalap, daş-töwerege seretdi. Aý berine girmäge golaýlaýardy. Ramses sütüniň ýanyndan öz gylyjyny we ýapynjasyny tapdy. Olary galdyryp, basgançakdan edil serhoş ýaly bolup düşdi. Ol gijäniň gylla ýarynda köşge dolanyp gelende, Tutmos hökümdaryň reňki öçen ýüzüni, ümezläp duran gözlerini görüp: - Sen nirede bolduň, mirasdüşer? Goý, seni hudaýlar penasynda saklasyn? Tutuş köşk biynjalyk bolup, ýatmak üçin düşege giren adam ýok – diýip, howsalaly sorady. - Şähere aýlandym. Şeýle ajaýyp gije... - Hoş habar aýdaýyn: Sarra saňa saňa ogul dogurdy – diýip, Tutmos göýä özünden öňürdilerinden gorkýan ýaly, gyssanmaç habar berdi. - Dogrudanam?..Men köşkden çykan mahalymda golaý adamlarymyň hiç biriniň özüm barada biynjalyk bolmazlygyny isleýän. - Bir özüňmi? - Eger men islän ýerime bir özüm gidip bilmesem, bu döwletde iň bir betbagt gul bolardym – diýip, hökümdar gödek jogap gaýtardy. Ol gylyç bilen ýapynjany Tutmosa berip, bir özi ýatyş otagyna girdi. Eger ol oglunyň bolandygy baradaky habary düýn eşidenliginde, şatlygygyndan giň dünýä sygmazdy. Häzir bolsa ol bu habary parhsyz garşy aldy. Mirasdüşer şu agşamyň – öz ömründe başyndan geçiren iň bir geň agşamynyň ýatlamasynyň gujagyndady. Onuň gözüniň alnynda Aý entegem şugla saçýardy. Gulagynda grek ýigidiniň aýdymy ýaňlanýardy. Eý-how, hudaý aýal Aştoretiň ybadathanasy! Ol daňa çenli kirpikli gözüni çalmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |