08:32 Faraon -17: romanyň dowamy | |
ÝEDINJI BAP Ramses ertesi gün ukudan giç oýandy, suwa özi düşdi hem-de ýanyna Tutmosy çagyrmaklaryny emir etdi. Gözilginç geýnen, hoşboý ysly ýag çalnan bezemen ýigit derhal geldi. Ol mirasdüşeriň keýpi nähili bolsa, ýüzini-de şoňa görä etmek üçin, oňa içgin syn etdi. Emma Ramsesiň ýüzünde diňe ýadawlyk görünýärdi. Ol Tutmosdan: - Diýmek, sen meniň oglumyň bolandygyny anyk bilýäň-dä? – diýip sorady. - Men ol habary keramatly Mefresden eşitdim. - O-how! Pygamberler meniň maşgala durmuşym bilen haçandan bäri gyzyklanyp ýörler? - Seniň ynama giren günüňden bäri, hökümdar. Mirasdüşer: - Şeýlemi? – diýdi-de, pikire batdy. Ol düýn Aştoret ybadathanasynda bolup geçen ahwalaty ýadyna salyp, ony Hatop ybadathanasyndaky şoňa meňzeş ahwalat bilen deňeşdirdi. Mirasdüşer: "Bärde-de, aňyrda-da meniň adymy tutup gygyrdylar. Ýöne ol ýerde, ybadathanada hüjreler juda dar bolup, diwarlary galyňdy. Bärde bolsa meniň adymy tutup çagyran adam sütünleriň aňyrsynda gizlenip, pyşyrdap gepläp bilerdi. Şol hem Kamady. Mundanam başga, bärde garaňky bolan bolsa, meniň hüjräm ýagtydy“ diýip oýlanýardy. Ol birden Tutmosa ýüzlenip: - Ol haçan doglupdyr? –diýip sorady. - Seniň asylzada ogluňmy? Mundan on gün ozal öýdýän... Ejesiniň-de, çaganyň-da ýagdaýy gowy.Çaga dogrulýan mahaly seniň örän hormatly ejeň hem-de hormata mynasyp Herihoryň tebibi Menesiň hut özi şol ýerde bolupdyr... - Şeýle, şeýle... – diýip, şazada pikirlenmegini dowam etdi: „Maňa kimdir biri galtaşdy...şol gezegem, şu gezegem...Olaryň arasynda tapawut barmy? Bar ýaly. Bolmanda, meniň ol ýerde hiç hili täsinlige garaşmadygym, bärde bolsa oňa taýýarlanandygym...Ýöne bärde aňyrdakylaryň kellesine gelmedik zady etdiler: maňa edil ekiztaýym ýaly meňzeş birini görkezdiler... Žresleriň akyllydygyny diýsene! Heýkelmi ýa-da janly adammy – maňa şeýle şowly öýkünmegi başaranyň kimdigini bilesim-ä gelýär.Hawa, bular akylly adamlar! Ýöne biziň žreslerimizmi ýa-da finikiýalylarmy – haýsynyň hakyky ýalançydygyny saýgaryp bilemok...“ Ol: - Bilýäňmi näme, Tutmos, olary bäri getirmeli. Men öz oglumy görmeli...Ahyrsoňy hiç kim maňa garanda özüni hormata has mynasyp saýyp bilmez. - Näme, Sarra bilen ogly edil häziriň özünde bäri gelmelimi? - Eger saglyk ýagdaýlary gowy bolsa, näçe çalt gelseler, şonça gowy. Köşgüň çäginde olara laýyk gelýän goşmaça gurluşyklar kän. Basym yssy başlajak, şonuň üçin hem, ikisine ýaşamak üçin ýaşyl agaçlaryň arasyndan ümsüm, salkyn ýer saýlaň...Goý, gelsinler, men öz oglumy hemme kişä görkezerin!.. Onuň ýene-de oýa batmagy Tutmosy birahatlandyrdy Ramses: „Hawa, olar akylly! Žresleriň halky barypýatan bihaýalyk bilen aldaýandyklaryny bilýärdim, Biçäre keramatly Apis! Ýöriş mahalynda, daýhanlar alnynda ýüzin düşüp ýatyrkalar, ony, gör, näçe gezek urýarlar...Emma: „Olar seni hem aldamagyň kül-külüne düşüpdirler“ diýseler, men muňa asla ynanmazdym... Hudaýlaryň sesi, göze görünmeýäneller, depesinden eredilen şepbik guýlan adam – bular entek ertekiniň: „Bir bar eken, bir ýok eken“ diýen başky jümlesi bolup, soňra ýerdir ilatyň azalyşy barada, emeldarlardyr finikiýalylar barada Pentueriň ertekileri başlanypdyr. Olar bu zatlaryň ählisini meniň söweşmek islegimiň öňüni böwetlemek üçin edipdirler“. Şa ogly birden: - Tutmos! – diýdi. - Seniň alnyňda ýüzin düşýärin... - Deňiz ýakasyndaky şäherlerden goşunlaryň birleşen uly ýygynyny assa-ýuwaşdan bäri jemläp ugramaly. Men goşunlary gözden geçirip, olary wepalylygy üçin sylaglamak isleýän Biynjalyk bolan Tutmos: - A biz, tanymal topar, näme, saňa wepaly dälmi? – diýip sorady. - Tanymal topar bilen harbylar – bu ikisi bir zat ahyry. - Ýeri, onsoň häkimler, emeldarlar nähili? Ramses: - Bilýäňmi näme, Tutmos, hatda emeldarlaram, finikiýaly diýjeksiň, hatda şolaram maňa wepaly. Emma bizde dönüklerem ýeterlik ahyry- diýip jogap gaýtardy. - Ähli keramatlylaryň hatyrasyna, ýuwaş – diýip, Tutmos pyşyrdady-da, goňşy otaga gorkuly seretdi. - Eý-how! – diýip mirasdüşer güldi. – Sen ne beýle seresaply bolduň? Diýmek, biziň içimizde dönükleriň bardygy saňa-da gizlin däl-dä? - Seniň kim barada aýdýanyňy bilýän, şa ogly. Sen öňden... nemaniň garşysynadyň. - Kimiň garşysynadym? - Kimiň garşysynadyň? Men ony aňýardym... ýöne Herihor bilen ýaraşanyňdan, ybadathanada bolanyňdan soňra... - Ýeri, men ybadathanada bolanymda näme? Ähli ýerde bolşy ýaly, şol ýerde-de iň gowy ýerleriň, iň işjanly daýhanlaryň, iň gymmatly hazynalaryň faraona degişli däldigine göz ýetirdim. Tutmos: - Ýuwaş, ýuwaş! – diýip pyşyrdady. - Men hemişe sesimi çykarman, hemişe ýüzümi güldürip gezýän ahyry. Ýöne öz ýanyňda bir içimi boşatmaga ygtyýar ber-ä. Aslynda-ha kakama paýlanmazdan degişli bolan Müsürde özümiň - onuň mirasdüşeriniň hem-de hökümdarynyň haýsydyr bir tirli knýazjykdan ýüz talant karz almaga mejbur bolandygymy hatda ýokary mejlisde mälim etmäge hakym bar. Eýsem, bu biabraýçylyk dälmidir! Tutmos bu howply gürrüňy mümkin boldugyça basymrak jemlemäge çalşyp: - Ýöne bu hakda sen nämüçin hut şu gün aýdýaň? – diýip pyşyrdady. Ramses: - Nämüçin? – diýip gaýtalady-da, dymdy. Ony ýene pikir gurşap aldy. „Men entek diňe faraonyň mirasdüşeri bolamsoň, onuň ähli syrlaryna aralaşdyrmanam bilerler, şonuň üçin hem, žresler meni, goý, aldasynlar. Ýöne olaryň meniň örän hormatly kakamy-da aldamaýandyklaryny kim maňa subut edip biler? Ol otuz ýyldan gowrak wagt bäri žreslere hetdenaşa ynanyp gelýär, olaryň täsinlikleriniň alnynda baş egýär, sahylyk bilen hudaýýoly berýär...Bu zatlary nämüçin edýär? Öz baýlygynyň, hökmürowanklygynyň şöhratparaz aldawçylaryň eline geçmegi üçin edýär!Hiç kim oňa nämäniň nämediginiaýan edip, gözüni açmandyr! Sebäbi faraon, men ýaly, gije Finikiýanyň ybadathanasyna gidip bilmeýär, onuň öz ýanyna-da baryp biljek adam ýok. Žresleriň, Hiramyň aýdyşy ýaly, faraony tagtdan agdarmaga dyrjaşmaýandyklaryna kim meni ynandyryp biler?..Finikiýalylaryň özlerine bähbitli mahalynda hakykaty aýdýandyklaryny kakam maňaduýdurypdy ahyry.Olar bolsa, gürrüňsiz, özleriniň Müsürden kowulmazlyklarynyň hem-de assiriýalylaryň penjesine düşmezlikleriniň aladasyny edýärler. Assiriýa diýleni gazaply ýolbarslaryň sürüsi. Olar nireden geçseler-de, şol ýerde edil ýangyndan soň bolşy ýaly, diňe harabaçylyk bilen jesetler galýarlar“. Birden Ramses başyny göterip, diň saldy. Uzakdan fleýtalardyr tüýdükleriň sesi geldi. Ol Tutmosdan: - Bu näme boldugy? – diýip sorady. Köşk adamy: - Bizde uly täzelik bar: aziýalylar uzakdaky Babyldan tanymal zyýaratçyny kabul edýärler – diýip, ýylgyryp jogap gaýtardy. - Babyldan? Kim-aý ol? - Adyna Sargon diýýärler. - Sargon?.. Ha-ha-ha – Mirasdüşer hezil edip güldi. – Pişesi nämemişin? - Assar patyşanyň köşgünde sözi geçginli, ýokary derejeli adammyşyn Ol öz ýany bilen on sany pil, çölüň ýyndam atlarynyň bir sürüsini, gullardyr hyzmatkärleriň birnäçesini alyp gelipdir. - Ýeri, onsoň ol bäri nämüçin gelenmişin? - Tutuş Aziýa hormat goýýan täsin hudaý aýal Aştorete tagzym etmek üçin gelipdir. - Ha-ha-ha! - Assiriýaly ilçiniň geljekdigi barada Hiramyň habarly edendigi ýadyna düşüp, şa ogly hezil edip güldi. – Sargon...Ha-ha-ha!..Assar patyşanyň garyndaşy Sargon şeýle bir hudaýhon adama öwrülip, Bubastdaky hudaý aýal Aştorete tagzym etmek üçin uzak, surnukdyryjy ýola rowana bolanmyşyn. Ol has güýçli hudaýlary, has alym žresleri Ninewiýada-da tapardy ahyry! Ha-ha-ha! Tutmos mirasdüşere geň galyp seretdi. - Saňa näme boldy, Ramses? - Ynha, saňa täsinlik! Şeýle zat hakda hiç bir ybadathanada okajak gümanyň ýokdur. Özüň pikir edip gör, Tutmos...Sen ozal telim gezek jübiňi çöwren ogryny nädip tutmak barada pikir edip oturansyň, ol bolsa töwerekde müňlerçe şaýat bardygyna garamazdan, seniň gözüň alnynda ýene sandygyňa elini sokýandyr. Ha-ha-ha! Sargon dindar zyýaratçymyşyn! - Men-ä hiç zada düşünýän däldirin – diýip, Tutmos aljyraňňy madyrdady. - Saňa düşünmek geregem däl. Diňe Sargonyň bäri hudaý aýal Aştoretiň hormatyna dini dessurlary berjaý etmek üçin gelmändigini ýadyňda sakla. Tutmos çala eşidilýän ses bilen: - Bu gürrüňleriň howpludygyndan gorkýan – diýdi. - Şonuň üçin hem, ony hiç kimiň ýanynda agzama. - Meniň agzamajakdygymdan arkaýyn bolaý, ýöne ony özüň agzyňdan sypdyraýmasaň ýagşy, şa ogly! Seniň birden ýyldyrym ýaly ýalpyldap gitmäň bar-a. Ramses elini onuň egnine goýdy. - Alada etme, siz – tanymal topar bilen goşun, diňe maňa wepalylygyňyzy saklasaňyz bolýar. Ine, onsoň siz üýtgeşik wakalaryň şaýady bolarsyňyz...Siz üçin agyr döwürleriňem soňy geler!.. Tutmos elini gursagyna ýetirip: - Seniň ýekeje sözüň boýunça biziň ölüme gitjekdigimizi bilginiň – diýip jogap gaýtardy. Ol adaty bolmadyk çynlakaý keşbe girensoň, mirasdüşer bu lälik, bezemen ýigidiň akylyna, gylyjyna bil baglap boljakbatyr kişidigine (aslynda-ha muny ozalam aňýardy) akyl ýetirdi. Şondan soňra mirasdüşer gaýdyp Tutmos bilen şeýle geň gürrüňleri etmese-de, onuň wepaly dosty hem-de hyzmatkäri Sargonyň gelmeginiň žresler tarapyndan özbaşdak çözülýän haýsydyr bir ähmiýetli döwlet işi bilen baglanyşyklydygyna düşünýärdi. Aslynda-ha, Müsüriň tutuş tanymal topary – häkimler, emeldarlar we serkerdeler – soňky wagtlar howply ahwalatlaryň süýşüp gelýändigi barada pyşyrdaşýardylar. Finikiýalylar syry gizlin saklajakdyklaryna ant içdirip, olara Assiriýa bilen baglanyşaljak haýsydyr bir şertnama, şonuň netijesinde-de, Finikiýanyň-a heläk bolup. Müsüriň-de masgara haladüşüp, günleriň birindehem, Assiriýa paç töleýän ýurda öwrüljekdigi barada gürrüň beripdiler. Saýry toparyň adamlarynyň arasynda güýçli tolgunma başlandy, ýöne ony hiç kim ýüzüne çykaranokdy. Tersine, mirasdüşeriň hem-de Aşaky Müsüriň häkimleriniň köşgünde şady-horramlyk ýatanokdy. Göýä yssynyň düşmegi bilen, hemme kişi aklyndan azaşan ýalydy. Oýunsyz, meýlissiz, dabaraly ýörişsiz ýekeje gündiz-de; çyra bezegsiz, şadyýan gykylyksyz ýekeje gije-de geçmeýärdi. Diňe bir Bubastda däl, eýsem, beýleki şäherlerde-de çyra, içi çakyrly küýze göterip, saz çalyp, köçelerde ýöriş etmek ýoň boldy.Adamlar öýlere atylyp girýardiler, ukuly öý eýelerini meýlise çagyrýardylar. Müsürlilerem göwün açmaga teşne halk bolansoň, gelenlere goşulýardylar. Ramses Hator ybadathanasynda bolan mahalynda haýsydyr bir howsala salýan gorky gurşan finikiýalylar uzynly güni doga okap geçirýärdiler we kim bolanda-da karz pul bermäge ätiýaç edýärdiler. Emma Hiram mirasdüşer bilen gürleşenden soň, dindarlykdyr seresaplylyk finikiýalylary terk etdi: olar şeýle bir sahylyk edip ugradylar weli, hoşuňa gelsin! Aşaky Müsürde henize çenli şeýle bol altynyň, harytlaryň, iň esasy-da, karz boýunça şeýle ujypsyz göterimiň bolandygy hatda ýaşulularyňam ýadyna düşenokdy. Müsür jemgyýetiniň ýokary synpynda höküm sürýänbu jalataýlykžresleriň ýowuz toparynyň nazaryndan sypanokdy. Ýöne olar bu zatlaryň aňyrsynda nämäniň gizlenip ýatandygyny aňanokdylar. Herihora ýerli ýagdaýy yzygiderli mälim edip durýan keramatly Mentesufis Hator ybadathanasynda dindaryň durmuşy irizen mirasdüşeriň tä aňyny ýitirýänçä şady-horramlyk edýändigi, tanymal toparyňam ondan kem galmaýandygy barada habar bermegini dowam edýärdi. Hormata mynasyp harby hökümet agzasy şol habarlara jogabam gaýtaranokdy. Bu onuň şa oglunyň şowhunly içhä-içligini adaty, hatda peýdaly ýagdaý hasaplaýandygyny görkezýärdi. Töweregindäkileriň özüne şeýle garamagy Ramsese doly erkimlik berýärdi. Tas her gije diýen ýaly, köşk adamlary zyrrajym boldugy, ol assyrynlyk bilen köşkden çykýardy. Ol serekerdäniň gara reňkli kellegaply ýapynjasyna çolanyp, boş köçelerden ylgap geçip, şäheriň aňrysynaky Aştoret ybadathanasynyň baglaryna ýetýärdi. Ramse şol ýerde Kamanyň kiçi köşgüniň garşysyndaky daşdan oturgyja çenli ýöräp, agaçlaryň aňyrsynda bukulyp, lowlap ýanýan çyralara seredýärdi, žres gyzyň bendiwany bolan ýigitleriň aýdymyny diňleýärdi, gyz hakda arzuw edýärdi. Aý orak görnüşine gelipdi; ol agşamsaýyn giç dogýardy. Gijeler garaňkydy, ýöne Ramses öňküsi ýaly şol ilkinji gijedäki Aýyň ýagty şuglasyny görýärdi, grek ýigidiniň hyjuwly aýdymyny eşidýärdi . Ol Kamanyň ýanyna barmak üçin, aram-aram oturgyçdan turýardy, ýöne utanç goýberenokdy. Ramses ybadathana hudaýýolyny sahylyk bilen eçilýän islendik zyýaratçynyň baryp bilýän ýeri bolan žres gyzyň öýünde peýda bolmagyň tagtyň mirasdüşerine gelişmeýändigini aňýardy, esasy zat hem, daşyny serhoş bendiwanlar gallan Kamanyň keşbiniň şol Aýly gijedäki täsin arzuw-hyýallary süpürip aýraryndan gorkýardy. Dagon tarapyndan hökümdaryň gaharyny ýatyrmak üçin iberilen Kama şol gezek ýanyna gelende, ol Ramsese göwnaçyk, ýöne kelläňi ýitireniňe degmeýän gyz bolup görnüpdi. Ýöne ol, harby serkerde hem-de hökümdar, sergin gije meýmiredip, başga bir erkek kişiniň göçgünli ykrar etmesini diňläp, ömründe ilkinji gezek zenanyň öýünde otyrka, onda hyjuw, gussa hem-de gabanjaňlyk goşulyşan nähilidir bir nämälim duýgy oýanypdy. Eger ol Kama ýeňil eýelik edip bilenliginde, gyz ony juda basym irizerdi, belki-de, asla ünsüni çekmezdi. Ýöne gyzy ýatyş otagynyň işiginde garawullap duran ajal, yşka ulaşan aýdymçy, ahyrynda-da, şeýle ýokary derejäni eýeleýän adam üçin göre-bile öz- özüňi biabraý ediji ýagdaý - bularyň ählisi Ramsese täzelik bolansoň, maýyl edijidi. Ynha, ol on günüň dowamynda tas her gije diýen ýaly, ýüzüni ýapyp, Aştoret ybadathanasynyň bagyna gelýär. Bir gezek agşam Ramses meýlisde çakyry agdygrak içip, endige görä, assyrynlyk bilen howludan çykdy. Ol şu gün Kamanyň öýüne girmegi berk ýüregine düwdi. Gyzyň bendiwanlary aýdymy, goý, penjiräniň aňyrsynda aýtsynalar! Ol şäheriň içinden çalt ýöredi, ýöne ybadathana degişli baglara ýetende, ýene-de utanç duýgusy gaplap aldy-da, ädimini ýuwaşatdy. Ramses: „Faraonyň mirasdüşeriniň on drahm karz alara ýeri bolmadyk garyp mürze ýaly, aýallaryň yzyndan ylgamagy, heý, görlüp-eşidilen zatmydyr? Olaryň hemmesi meniň ýanyma gelerdiler – bl hem geläýmeli!“ diýip oýlandy. Ol yzyna dolanmakçy boldy. Ýöne kellesine: “Ol beýdip bilmez ahyry.Öldürerler!“ diýen pikir geldi. Şaogly ýaýdanjaňlyk bilen saklandy. „Kim onuň ganyna galmaly?..Hiç zada ynanmaýan Hirammy? Mukaddes zatlara agyz towlaýan Dagonmy?..Ýöne bärde beýleki finikiýalylaryňam sany-sajagy ýok, munuň üstesine, ýüz müňlerçe zyýaratçylar – dine berlen, nadan adamlaram bar. Eger Kama meniň ýanyma geläýse, şol samsyklaryň gözüne dine şek ýetirýän bolup görner...“ Ol hatda özüne a howp abanaýmagynyň mümkindigi barada pikirem ätmän, žres gyzyň öýüne tarap ugrady. Mirasdüşer gylyjyny gynyndan çykarmazdan, diňe garaýşy bilen tutuş dünýäni öz dabanyna agdarmaýarmy! Ramses nire, howp nire!.. Agaçlaryň arasyndan çykan mirasdüşer žresiň öýünde şatlyk-şowhundygyny, onuň hemişekisinden has ýagtydygyny gördi. Otaglarda, eýwanlarda myhman köpdi, kiçi köşgüň daşynda-da märeke hümerdi. Mirasdüşer: „Bular kimkä?“ diýip geň galdy. Ýüşmeleň üýtgeşikdi. Öýüň golaýynda üsti altyn çaýylan. çym-gyzyl reňkli tuty tutulan kejebeli äpet pil durdy. Onuň golaýynda boýny, aýagy ýogyn, guýruklary düwlen, kelleleri haýsydyr bir demip başgap bilen bezelen ondan gowrak at bardy; olar kişňeýärdiler, toýnaklary bilen ýer gazaýardylar. Ynjalyksyz, ýarym ýabany haýwanlaryň arasynda onlarça adam hysyrdanýardy. Ramsesiň heniz görmedik adamlary hüžžük saçlydy, gaba sakgallydy, ýokarsy çürelip gidýän gulakly telpeklidi. Olaryň kimsi mawutdan tikilen uzyn, topugyna ýetip duran geýimlidi; kimsigysga kürteçkelidi,giň balaklydy; kimsi gonçly ädiklidi. Ýöne olaryň ählisi gylyç, ýaý, naýza bilen ýaraglanandy. Şol güýçli, tagaşyksyz, edepsizlik bilen gaty gülýän, üstünden goýun ýagynyň ysy aňkaýan, özara bogaza agram berip, nätanyş dilde gürleşýän adamlary görenden, Ramsesiň aňyrsy bäri geldi. Ýolbars dok hem bolsa, duşmanyny görenden bökmäge taýýarlanyşy ýaly, olardan ýamanlyk görmese-de, mirasdüşerde gelmişeklere güýçli ýigrenç döredi. Olaryň dili, olaryň eşigi, olardan gelýän ýakymsyz ys, hatda olaryň atlary-da Ramsesiň gaharyny getirdi. Gany gaýnap duran mirasdüşer gelmişekleriň üstüne okdurylyp, özlerini-de, atlaryny-da kerçäp taşlamak üçin gylyjyny gynyndan çykardy. Emma birden aýňaldy. „Meni Set jadylady“ diýip içini gepletdi. Onuň golaýyndan çepesli, ýanbaşy sargyly ýalaňaç adam geçdi. Ol şol pursatda müsürlidigi üçin mirasdüşeriň gözüne yssy, hatda mähriban bolup göründi. Ramses barmagyndan bahasy birnäçe drahm bolan altyn ýüzük çykaryp, ony gula uzatdy. Ol: - Bu adamlar kim bolmaly? – diýip sorady. Müsürliniň gözlerinde ýigrenç ody uçganaklady. Ol: - Assiriýalylar – diýip, pyşyrdap aýtdy. - Assiriýalylar? Olar bärde näme işleýärler? - Olaryň jenaby, Sargon žres Kamanyň iň golaý adamlarynyň göwnüni tapjak bolýar, duranlaram ony goraýarlar...Olaryň towguna tok diýýän ýok. - Bolýar, gidiber! Ýalaňaç adam Ramsese eglip tagzym etdi-de, megerem, aşhana bolsa gerek, ylgap gitdi. Ramses geň keşplere seredip, özüne düşnüksiz dile gulak salyp durşuna: „Diýmek, bular assuiriýalylar-da!..Olar ýa-ha biziň bilen dostlaşmak, ýa-da bize aňňalak gapdyrmak üçin eýýäm Niliň kenarynda; olaryň welmožasy Sargon bolsa Kamanyň göwnüni tapmagyň ugrunda“ diýip oýlandy. Ol öýe tarap yzyna öwrüldi. Mirasdüşeriň arzuwa ulaşan keýpi bu täze, özüni gurşap alan duýgynyň täsirinden ýitip gitdi. Müsüriň köne duşmany bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duş gelip, hoşgöwün, ýumşak häsiýetli adam bolan Ramses olary juda ýigrenýändigini duýdy. Mirasdüşer Hator ybadathanasyny terk edip, Hiram bilen gürrüňdeşlikden soňra Aziýa bilen uruşmak barada pikirlenip başlanda, ol entek diňe oýlanmady. Müsür-ä adamlara, faraon-da pula mätäçdi, olary olja almakda urşuň iň ýeňil usuldygy hem-de mirasdüşeriň şöhrat gazanmak üçin jan çekmesini kanagatlandyrýandydy üçin, ol urşuň meýilnamasy bilen höweslenip ýördi. Emma häzirki pursatda ony hazyna-da, gullar-da, şöhrat-da gyzyklandyranokdy – onuň kalbynda ýigrenjiň çäksiz hökümli sesi dil açypdy.Faraonlar assiriýalylar bilen juda uzak wagtlap urşupdy, iki tarapdanam köp gan dökülipdi, birek-birege ýigrenç çuňňur kök urupdy, ine, onsoň mirasdüşer diňe assiriýaly esgerleri görende gylyjyna el ýetiripdi. Göýä wepat bolan esgerleriň ruhlary, çeken jebir-jepalary, görkezen gahrymançylyklary patyşanyň perzendiniň kalbynda ornaşyp, ar almaga çagyrýan ýalydy. Ramses köşge dolanyp gelende, ýanyna Tutmosy çagyrmagy emir etdi. Ol serhoşdy. Ramses gahardan ýarylaýjak bolup durşuna: - Meniň häzir näme görenimi bilýämiň“ – diýip sorady. Ol: - Žresleriň kimdir birini bolaýmasa...-diýip pyşyrdady. - Assiriýalylary!Eý, Hudaýlar-eý! Men olaryň barypýatan nejis halkdygyny görenimden aňdym! Olar haýwana meňzeş. Başdan-aýaga goýnuň derisinden tikilen eşikde bolansoň, üstlerinden ajymtyk ýag ysy gelýär...Olaryň sakgallaryny, saçlaryny diýsene! Dilleri-de şeýle bir ýakymsyz!.. Ramses otagda ynjalyksyz gezmeläp ugrady. - Men öz ýanymdan bolgusyz mürzeleri, ikiýüzli häkimleri äsgermän, mekir hem-de şöhratparaz žresleri ýigrenip ýördüm...Jöhitleri-de sulhum alanokdy, finikiýalylardan bolsa howatyrlanýardym...Emma diňe häzir, assiriýalylary görüp, men ýigrenjiň nämedigine akyl ýetirdim. Itiň öz ýoluny kesip geçen pişigiň üstüne nämüçin topulýandygyna men indi düşünýän. - Sen, hökümdar, jöhitler bilen finikiýalylara eýýäm öwrenişdiň, assiriýalylary bolsa ilkinji gezek görýäň. Ramses edil özi özüne diýýän ýaly gepledi: - Finikiýalylar kim? Finikiýaly, filistimli, şasuwly, liwiýaly, hatda efiop – bular biziň maşgalamyzyň agzalary diýen ýaly. Paç tölemeseler – gaharlanýarys, töleselerem – günäsini ötýäris...Assiriýalylar bolsa bize bütinleý ýat, duşman. Men olaryň jesetlerinden doly meýdany görmesem, olaryň çapylan elleriniň sanyny ýüz müňe ýetirmesem, asla ynjalmaryn... Tutmos Ramsesi şeýle ýagdaýda hiç wagtda görmändi. SEKIZINJI BAP Aradan birnäçe gün geçenden soň, mirasdüşer öz aýratyn hormatlaýan ýigidini Kamanyň ýanyna çakylyk bilen ýollady. Ol gerrew tutusy berk ýapylan kejebede geldi. Olar ikiçäk gürleşdiler. Ramses: - Men bir gezek agşam seniň öýüň ýanynda boldum – diýdi. - Eý, Aştoret! – diýip, žres gyz gygyrdy. – Men şeýle ýokary merhemete nädip minnetdarlyk bildirmeli? Onsoňam sen, hormata mynasyp jenap, nämüçin öz gyrnagyňy çagyrmak islemediň? - Ol ýerde haýsydyr bir haýwanlar bardy. Assiriýalylardy öýdýän. - Diýmek, sen, jenap, özüňi öten agşam bimaza edipsiň-dä? Biziň hökümdarymyz özümden birnäçe ädim daşlykda açyk asmanyň astynda durar diýip pikir etmäge hiç wagtda milt edip bilmezdim. Mirasdüşer gyzardy. Onuň öz penjiresiniň eteginde telim gijäni geçirendigini biläýse, gyz, gör, nähili geň galardy! Ýöne aşak goýberilen kirpiklerini, ýylgyryşyny göreniňde-hä, ol muny bilýän ýaly... Ramses gürrüňini dowam etdirdi: - Sen asyl assiriýalylary kabul edýän ekeniň-ow, Kama? - Ol tanymal welmoža, patyşanyň garyndaşy, Sargon; özi-de bize bäş talant sadaka berdi! – diýip, Kama janygyp gepledi. - Indi bolsa sen onuň üçin gurban bolmaga taýýar, şeýlemi? – diýip, mirasdüşer ýaňsyly sorady. – Onuň şeýle sahydygy sebäpli, Finikiýa hudaýlary seni ölüme höküm etmeýärlermi? - Aýdýanyň näme, jenap? – diýip, ol ellerini serip sorady. – Adam-garasyz çöl içinde duşup, hatda özüm göwünjeň bolaýanymda hem, hiç bir aziýalynyň maňa galtaşmajakdygyny sen, näme, bileňokmy? Olar hudaýlardan gorkýarlar ahyry... - Üsti aňkap duran...ýok, dindar aziýaly seniň ýanyňa nämüçin gelýär? - Ol Babyldaky Aştoret ybadathanasyna gitmäge meni yrjak bolýar. - Senem gidermenmi? Kama ýüzüne ýukajyk nikap çekdi-de: - Eger sen, jenap, ygtyýar etseň...- diýip jogap gaýtardy. Mirasdüşer sesini ýçykarman, onuň elinden tutdy. Onuň dodagy titreýärdi. - Maňa galtaşma, jenap – diýip gyz tolgunyp pyşyrdady. – Sen meniň hökümdarym, sen meniň hem-de bu ýurtdaky ähli finikiýalylaryň arkadaýanjy. Ýöne rehim-şepagatly bol... Mirasdüşer onuň elini goýberip, otagda gezmeleýşine: -Howa şu gün-ä yssy, şeýle dälmi? Aýtmaklaryna görä, mehir aýynda asmandan sowuk akja per ýagýan ýurtlar barmyşyn; ol otda suwa öwrülýänmişin.Kama, sen şeýle perden maňa-da birneme ýollamaklaryny öz hudaýlaryňdan haýyş etsene! Men näme aýdyp durun-a...olar akja per bilen tutuş Müsüri büränlerinde-de, meniň ýüregimi sowadyp biljekmi näme...- diýdi. Kama: - Sebäbi sen - hudaý Amon, adam keşbindäki Gün. Sen nirä ýüzüňi öwürseň, şol ýerde tümlük syrylýar, seniň gözleriň şuglasyndan güller gögerýär– diýip jogap gaýtardy. Ramses onuň ýanyna gaýtadan bardy. Gyz: - Rehim-şepagatly bol ahyry! Sen - hoşgöwün hudaýsyň, öz žres gyzyň göwnüne degmek saňa ýaraşmaz!– diýip pyşyrdady. Ol ýene yza süýşdi we göýä öz egninden haýsydyr bir agyr zady düşürmekçi bolýan ýaly hereket etdi. Kama oňa gabak astyndan seredip durşuna, bildirer-bildirmez ýylgyrýardy. Dymyşlyk uzaga çekdi. Ahyry gyz: - Sen meni ýanyňa çagyrmagy emir edipsiň, hökümdar. Men bärde hem-de seniň öz islegiňi mälim ederiňe garaşýan. - Hä, hawa – diýip, mirasdüşer özüne geldi. - Men siziň ybadathanaňyzda özüme juda meňzeş ýigit görüpdim – onuň kimdigini bilesim gelýär. Kama barmagyny dodagyna ýetirdi. Soňra: - Mukaddes syr – diýip pyşyrdady. - Bir zat – syr, beýlekisi – gadagan edilen. Bolmanda onuň adamdygyny ýa-da ruhdygyny bilmäge bir ygtyýar et. - Ruh. - Seniň penjiräň eteginde aýdym aýdanam şol ruhmy? Kama ýylgyrdy. Mirasdüşer: - Men siziň ybadathanaňyzyň syrlaryna aralaşmak islämok – diýdi. Žres gyz: - Sen, jenap, Hirama ant içensiň – diýip ýatlatdy. - Bolýar! Bolýar! – diýip, mirasdüşer onuň sözüni gaharly kesdi. –Men ant içendigim üçin öz gören täsinligim barada Hiramyň ýanynda-da, başga biriniň ýanynda-da dil açjak däl...Diňe senden soradygym bolar...Diýmek şeýle, Kama, maňa juda meňzeş bolan şol ruha ýa-da adama aýt: ol basymrak Müsürden owarrasyny tapsyn-da, gaýdyp hiç kime görünmesin. Hiç bir döwletde tagtyň iki mirasdüşeri bolup bilýän däldir. Birdenem oňuň kellesinde bir pikir duýdansyz peýda boldy. Ol Kama içgin seredip: - Seniň milletdeşleriň maňa juda meňzeş ýigidi nämüçin özüme görkezendiklerini bilmek gyzykly. Bu, näme, özlerinde meniň söbükbasarymyň bardygyny olaryň maňa duýdurdygymyka? Dogrudanam, olaryň hereketi meni geň galdyrýar - diýdi. Kama onuň aýagyna ýykyldy. - Ah, jenap! Sen gursagyňda biziň iň ýokary dogamyzy göterýärsiň, şonuň üçin hem finikiýalylar özüňe zeper ýetirmäge ukyplydyr diýen pikiri golaýyňa getirmeli dälsiň. Hany, özüň pikir edip gör: eger howp abansa ýa-da öz duşmanlaryň gözüne çöp atmak isleseň – eýsem, saňa şeýle adam gerek bolmazmy? Mirasdüşer egnini ýygyrdy-da, oýlandy. Ol: „Hawa, eger men kimdir biriniň goramagyna mätäç bolaýsam...Ýöne finikiýalylar, dogrudanam, meniň bir özüm olaryň hötdesinden gelip bilmerin öýdýärmikäler? Eger şeýle bolsa, olar özlerine ýaramaz arkadaýanç saýlapdyrlar!“ diýip oýlandy. Kama pyşyrdap gepledi: -Jenap, Beýik Ramsesiň duşmanlaryny aldamak üçin, oňa örän meňzeş adamlaryň ikisini saklandyklaryny sen, näme, bileňokmy? Patyşanyň şol kölegeleri-hä ölüp gidipdirler, onuň özi bolsa aman galyp, ýaşamagyny dowam edipdir. - Besdir – diýip, mirasdüşer ony saklady. - Aziýa halklarynyň meniň hoşgöwündigimi bilmekleri üçin, men, Kama, Aştoretiň hormatyna-ha tomaşa bäş talant, onuň ybadathanasyna-da gymmatbaha kubok sadaka berýärin. Sen olary şu günüň özünde alarsyň. Ol žres gyzy baş atmak bilen ugratdy. Gyz cykyp gidenden soň, ony täze pikirler gurşap aldy: „Finikiýalylar, dogrudanam, mekir. Eger şol maňa juda meňzeş ýigit, hakykatdanam, adam bolsa, tüýs ýerine düşäýmegem ähtimal. Men aram-aram Müsürde henize çenli görlüp-eşidilmedik täsinlikleri görkezerdim. Faraon Memfisde ýaşaýar, şol bir wagtyň özünde-de Fiwyda, Tanisde peýda bolýar...Faraon öz goşuny bilen Babyla tarap süýşüp barýar,assiriýalylar ol ýerde öz esasy güýçlerini jemleýärler, ýöne edil şol wagt faraon başga goşuny bilen Ninewiýany eýeleýär...Assiriýalylar nämäniň nämedigine düşünmän, agyzlaryny açyp galarlar...“ Onuň kalbynda kuwwatly aziýalylara ýene uly ýigrenç oýandy. Mirasdüşer golaýda bolan söweşden soňra assisiriýalylaryň çapylan ellerinden hyryn-dykyn sebetlerden, çar ýanda çaşyp ýatan jesetlerinden doly jeň meýdanyna aýlanyp ýören ajaýyp ýeňişli söweş arabasyny eýýämden göz öňüne getirýärdi. Indi uruş onuň üçin edil çörek ýaly zerurlyga öwrülipdi, sebäbi olmirasdüşere diňe bir Müsüri baýatmaga, gaznany doldurmaga hem-de ebedilik şan-şöhrata eýe bolmaga däl, eýsem, şu wagta çenli beýle bolmadyk, häzir bolsa güýçli oýanan Assiriýany ýer bilen ýegsan etmek teşneligini-de gandyrjakdy. Ol bulaşyk sakgally şol söweşijileri görýänçä, olar barada pikir etmändi. Häzir bolsa olar mirasdüşere päsgel berýärdiler. Olar barka ýer juda darlyk edýär, şonuň üçin hem, hökman biri gidäýmeli: ýa-ha özi, ýa-da olar. Ol munda Hiram bilen Kamanyň elleriniň bardygy-ýokdugy barada kelle agyrdanokdy. Mirasdüşer ötegçi guşlaryň pahon aýynda demirgazyga uçup gitmelidigini duýşy ýaly, bir zady: Assirtiýa bilen uruşmalydygyny duýýardy. Urşa teşnelik şa ogluny halys gurşap alansoň, ol az gepleýärdi, seýrek ýylgyrýardy, meýlislerde köplenç pikire gark bolup oturýardy; wagtynyň agramly bölegini goşunlarydyr saýry toparyň adamlary bilen geçirýärdi. Hökümdaryň ýarag göterýänlere mähirli garaýandygyny gören barly öýlerden çykan ýaşlar-da, hatda uly ýaşly adamlar-da goşunlaryň birleşen uly ýygynlaryna girip ugradylar. Bu ýagdaý keramatly Mentesufisiň ünsüni özüne çekensoň, ol Herihora şeýle mazmundaky hat ýollady: „Assiriýalylaryň Bubasta gelen wagtyndan bäri mirasdüşer juda howsalaly, onuň köşgi-de örän uruş meýilli görünýär. Olar öňküleri ýaly şerap içýärler, oýun çöpi oýnaýarlar , ýöne hemmesi ýuka eşiklerini, ýasama saçlaryny çykaryp, howanyň juda yssydygyna garamazdan, esger çepesi, kaftany bilen gezýärler. Men bu urşa meýillilik hormata mynasyp Sargona ýaramaz öýdüp howatyrlanýan“. Herihor bu hata: „Assiriýalylar bäri gelen mahalynda biziň hülli-hülli saklanan begzadalarymyzyň harby işe ýykgyn edip ugramaklarynyň aýby ýok: olar bizi munuň üçin artyk sylarlar. Ähtimal, hudaýlar tarapyndan aklyna aýlandyrylan hormata mynasyp hökümdar şeýle söweşjeň halkyň wekilleri bizde myhmançylykdaka ýarag şaňňyrdatmagyň peýdalydygyna düşünen bolsa gerek. Biziň ýaşlarymyzyň edermen ruhunyň Sargony oýlanmaga hem-de gepleşiklerde has ýumşak bolmaga mejbur etjekdigine men ynanýan“ diýip jogap gaýtardy. Müsür ýaşap gelýäni bäri ilkinji gezek ýaş mirasdüşer eserdeň žreslere aňňalak gapdyrýardy. Dogry, munda Assiriýa bilen žresleriň arasyndaky şertnamanyň syryny oňa aýan eden finikiýalylaryň eli bardy. Ýöne žresler ony güman edenokdylar. Munuň üstesine, miradüşeriň häsiýetiniň durnuksyzlygy onuň ýokary derejeli žresleriň toparynyň öňünde niýet-islegini gizleýän örän oňat perdedi. Onuň geçen ýyl Sarranyň ümsüm mülküniň hatyrasyna Pi-Bailosda harby hereketleri ýeňillik bilen taşlap gidendigini, dindaryň durmuşyndan el çekip, içhä-içlige ýüz urandygyny, soňky wagtda bolsa meýlislerden daşlaşyp, işiň başyny tutandygyny bilmeýän ýokdy. Şonuň üçin hem, üýtgäp duran ýigidiň etmekçi bolýan haýsydyr bir işiniň, haýsydyr bir maksadynyň bardygyna, şolary amala aşyrmak üçin onuň hiç zatdan gaýtmajakdygyna, Tutmosy hasaba almasaň, asla ynanjak adam ýokdy. Bu gezek onuň durnuksyzlygynyň täze subutnamasyna uzak garaşmaly bolmady. Yssa garamazdan, Sarra özüniň tutuş köşgi, ogly bilen Bubasta geldi. Ol birneme çekilipdir, çaga hem ýa-ha ýeňiljek nähoşlapdyr, ýa-da ýol söküpdir – ýöne ikisi-de örän gowy görünýärdi. Mirasdüşer muňa juda begendi. Ol Sarra köşgüň bagynyň iň gözel ýerinden kiçi köşk berdi hem-de uzynly güni oglunyň sallançagynyň ýanynda geçirdi. Meýlisler, harby hereketler, gussaly pikirler – bularyň ählisi ýatdan çykdy. Saýry toparyň ýaşlary indi mirasdüşersiz içmeli hem-de şatlanmaly bolýardylar; olar gylyçlaryny aýryp, ýene-de sypanjyraýan ýigitlere öwrüldiler. Daşky eşigiň çalşyrylmagy has-da zerurdy, sebäbi şa ogly olary öz zürýadyny görkezmek üçin Sarranyň kiçi köşgüne alyp barýardy. Ol özüniň beýlekilerden ileri tutýan ýigidine ýüzlenip: - Sen munuň nähili täsinje çagadygyna seret, Tutmos! Hakyky bägüliň gülýapragydyr! Ine, şujagaz körpejeden wagty gelende hakyky adam ýetişer. Wagty gelende bu gyzyletene körpeje ylgar, geplär, hatda žresleriň mekdebinde danalygy öwrener. Sen onuň eljagazyna syn kyl, Tutmos! Men muňa uly ýygynberenimde hem-de yzymdan aýpalta göterip gaýtmagy emir edenimde, beýlekilere gürrüň bereriň ýaly, sen bu kinniwanja elleri ýadyňda sakla!..Bu meniň oglum, eziz oglum - diýýärdi. Öz jenabyndan şeýle sözleri eşiden onuň köşk adamlarynyň hiç hili nebere hukugy bolmasa hem, barybir geljekki faraonyň ilkinji perzendi bolan bu çagajygyň enekesi bolup bilmejekdigi üçin gynanandyklary geň däldir. Ýöne finikiýalylaryň bähbidine däldigi sebäpli, bu asuda durmuş uzaga çekmedi. Günleriň birinde birgiden täjiri, gullary hem-de özüniň sadaka berýän müsürlilerini yzyna tirkäp, köşge Hiram geldi. Ol mirasdüşere ýüzlenip: - Biziň hoşgöwün jenabymyz! Seniň ýüregiň bize – aziýalylara hem mähir-muhabbetden doludygynyň subutnamasy hökmünde sen hudaý aýal Aştoretiň hormatyna tomaşa ýeri üçin bäş talant sadaka berdiň. Seniň islegiň ýerine ýetirildi – biz tomaşa ýerini taýýar etdik. Indi bolsa seniň oňa gatnaşyp, ak pata bermegiňi haýyş etmäge geldik – diýdi. Ak saçly tirli knýaz bu sözleri aýdyp, dyz epdi we oňa altyndan mejimede şirkiň aýratyn ýeriniň altyn açaryny gowşurdy. Ramses çakylygy höwes bilen kabul etdi , keramatly žresler Mefres bilen Mentesufis bolsa hökümdaryň hudaý aýal Aştoretiň hormatyna guraljak dabara gatnaşmagyna garşy bolmadylar. Örän hormatly Mefres Mentesufisiň ýanynda: - Birinjiden, Aştoret – biziň Isidamyz ýa-da haldeý Iştary ýaly hudaý. Ikinjidenem, eger biz aziýalylara öz topragymyzda ybadathana gurmaga ygtyýar beren bolsak, diýmek, bolmanda käýarym olaryň hudaýlaryna üns bermek lazym – diýdi. Hormata mynasyp Mentesufis gülüp durşuna: - Assiriýalylar bilen şertnama baglanyşanymyzdan soň, biz finikiýalylara mylakatly bolmaga hatda borçly – diýip, onuň aýdanynyň üstüni ýetirdi. Hökümdaryň häkimlerdir tanymal serkerdeler bilen ugran şirki Aştoret ybadathanasynyň bagynda gurlupdy. Ol iki adam boýy beýiklikdäki germew bilen gurşalan tegelek meýdandy. Germewiň uzaboýuna aýratyn ýerlerdir oturgyçlar amfiteatr bolup beýgelip gidýärdi. Onuň üçegi ýokdy. Ýöne aýratyn ýerleriň depesinde kebelejikleriň ganaty görnüşindäki dürli reňkli polotno dartylyp çekilip, hyzmatkärler hoşboý ysly suw pürküşlerine, onuň sergin üçin oňa sazlaşykly bat berýärdiler. Hökümdar özüne niýetlenen aýratyn ýerde peýda bolan mahaly şirke ýygnanan aziýalylardyr müsürliler howany batly sesler bilen doldurdylar. Tomaşa sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçy gyzlaryň ýörişi bilen başlandy. Ramses töweregine nazar aýlady. Onuň sag ýanynda Hiramyň we tanymal finikiýalylaryň aýratyn ýeri, sol ýanynda-da finikiýaly žresleriň aýratyn ýeri bardy; olaryň arasynda iň öňdäki orunlaryň birine geçen Kama-da bolup, gyz gymmatbaha eşigi hem-de gözelligi bilen erkekleri özüne bendi eýläp otyrdy. Onuň egninde dürli reňkdäki nagyş bilen bezelen ýukajyk hiton, elleridir aýaklarynda altyn bilezik, kellesinde bolsa gymmatbaha daşlardan inçelik bilen ýasalan lotos gülli sargy bardy. Kama öz hemralary bilen bilelikde şa ogluna tagzym etdi-de, bir gapdala öwrülip, sakgalydyr saçy birnäçe inçe örümli, göwresini haýbatly tutup oturan haýsydyr bir gelmişek bilen içgin gürrüňleşip ugrady. Sirke göni oglunyň sallançagynyň ýanyndan turup gaýdan Ramsesiň keýpi kökdi. Emma Kamanyň ýat erkek bilen gürleşýänini görüp, onuň gaş-gabagy sallandy. Ol Tutmosdan: - Sen žres gyzyň mylakatly gürleşýäniniň kimdigini bilýän-ä dälsiň? – diýip sorady. - Tanymal babylly zyýaratçy, örän hormatly Sargon, ana, şol-da. Şa ogly: - Weý, ol garry ahyry – diýdi. - Ol, elbetde, ikimiziň ýaşymyzy bile alanyňda-da, bizden uly. Ýöne görmegeý kişi. - Heý-de, şeýle wagşy görmegeý bolup bilermi? - diýip, hökümdar gaharly gepledi. – Men onuň üstünden goýun ýagynyň ysynyň aňkap durandygyna ynanýan. Mirasdüşer-ä gahardan ýarylaýjak bolansoň, Tutmos–da öz jenabyna ýaramadyk adamy öwmäge ýürek edip bilendiginden gorkansoň, olaryň ikisi-de dymdy. Meýdançada bir tomaşa beýlekisi bilen çalyşýardy: gimnastikaçylar, ýylanlary boýun egdirijiler, tansçylar, hokgabazlar hem-de masgarabazlar tomaşaçylaryň uly şowhuny astynda çykyş edýardiler. Hökümdar ýüzüni egşitdi. Onuň kalbynda az salymlyk ýatan güýçli duýgy - assiriýalylary ýigrenmek we Kamany gabanmakduýgusy gaýtadan oýandy. Ol Kama seredip oturyşyna: „Bu gyz garry, üstesine-de, eýlenen derä meňzeş hamly, kiçijik gara gözleri oýnaklap, bir ýerde durmaýan, sakgaly-da geçiniňki ýaly adam bilen nädip näz-kereşme edip bilýärkä?“ diýip oýlandy. Hökümdar sahna diňe bir gezek ünsli seretdi. Orta birnäçe ýalaňaç haldeý çykdy. Olaryň ulusy ýiti ujuny ýokary edip, ýere üç sany naýza kakdy-da, elleriniň hereketi arkaly duranlaryň iň kiçisini uklatdy; beýlekileriň biri kellesini, ikinjisi arkasyny, üçnjisi aýagyny tutup, ony göterdiler. Ukladylan adam hereketsiz ýatyrdy. Ýaşuly ellerini onuň depesinde ýene birnäçe gezek aýlady-da, aýaklaryny saklap duran naýzany sogurdy. Aradan birneme wagt geçenden soň, arkasyndaky naýzany, iň soňundanam kellesini saklap durany hem aýyrdy. Ine, onsoň gündiziň günortanymüňlerçe tomaşaçynyň gözüniň alnynda ukladylan haldeý ýerden birnäçe tirsek boýy ýokarda hiç hili diregsiz halda howada keseligine doňup ýatyrdy. Ahyry garry ony itekläp ýere düşürdi we ukudan açdy. Tomaşaçylar aňk-taňk boldular; olaryň huç biri gygyrmaga-da, çapak çalmaga-da milt edip bilmedi, diňe aýratyn ýerde oturanlaryň käbiri meýdança gül desselerini okladylar. Ramsesiňem akly haýran bolupdy. Ol Hirama tarap öwrüldi-de, garry knýazyň gulagyna: - Ýeri, nähili? Siz Aştoret ybadathanasynda şeýle täsinlik görkezip bilermisiňiz? – diýip pyşyrdady. Hiram: - Men öz žreslerimiziň ähli syrlaryny bilemok, ýöne haldeýleriň juda ýeser halkdygyny bilýän...-diýip, çekinjeňlik bilen jogap gaýtardy. - Ýöne şol ýigidiň asmanda doňup ýatandygyny hemmämiz gördük ahyry. - Eger siziň jady bilen gözüňiz baglanmadyk bolsa...- diýip, Hiram nägilelik bilen jogap gaýtardy we ýüzüni çytdy. Welmožalaryň oturan aýratyn ýerlerine ter gül, sowuk çakyr, süýji nygmat getirildi. Az wagtlyk arakesmeden soňra tomaşanyň has gyzykly bölegi – öküz bilen söweş başlandy. Surnaýyň, depregiň we fleýtanyň duýdurmasy boýunça meýdança kellesi, gözi bir bölek kendir mata bilen ýapylan äpet öküzi getirdiler. Onuň yzyndan naýza bilen ýaraglanan birnäçe ýalaňaç adam çykdy; olaryň diňe biriniň elinde kelte gylyç bardy. Hyzmatkärler çar tarapa ylgaşdylar, naýzaly adamlaryň biri bolsa öküziň kellesinden kendir matany sypyrdy. Janawer sähel salym äm-säm bolup durdy-da, birdenem özüne naýza sünjüp öjükdirýän adamlaryň üstüne okduryldy. Söweş uzaga çekmedi. Adamlar öküzi horlaýardylar, tüýi syh-syh bolan, endamyndan gan syrygýan janawerem agzyndan ak köpük saçyp, öz duşmanlaryny kowalaýardy; ýöne oalryň yzyndan kowup ýetere güýji galmandy. Ol ahyry tomaşaçylaryň gülküsi astynda ýere ýazyldy. Hesret çekýän mirasdüşer meýdança däl-de, finikiýaly žresleriň oturan aýratyn ýerine seredýärdi. Kama indi Sargona golaý oturyşyna, onuň bilen içgin gürrüň edýärdi. Assiriýaly ony gözi bilen iýäýjek bolýardy, gyz bolsa, bir görseň-ä, juda ýakyn eglip, saçyny wagşynyň buýra saçy bilen garyşdyryp, utanjaň ýylgyrma bilen onuň gulagyna nämedir bir zat pyşyrdaýardy, bir görseňem, ýanyndakyny ýasama gahar bilen iteklän bolýardy. Ramsesiň ýüregi gursagyny böwsüp çykaýjak bolýardy. Ilkinji gezek zenan onuň ýanynda başga bir erkek kişini ileri tutýardy. Onuň üsresine-de, ýaşy durugşan adamy, assiriýalyny! Tomaşaçylaryň arasynda basyk galmagal eşidildi. Meýdança çykan gylyçlyadam özüniň çep elini gursagyna daňmagy buýurdy; galanlary öz naýzalaryny gözden geçirýärdiler. Hyzmatkärler ikinji öküzi alyp geldiler. Naýzalylaryň biri onuň gözündäki kendir matany aýyrdy. Öküz yzyna öwrüldi-de, hamala, öz garşydaşlaryny sanaýan ýaly, töweregine göz aýlady. Oňa naýza sünjüp ugranlaryndan hem, germewiň düýbüne çekilip, özüne tyl üpjün etdi. Soňra kellesini aşak goýberip, özüne hüjüm edýänleriň hereketini gabak astyndan sypdyrman durdy. Ilki elleri naýzaly adamlar onuň gapdalyndan assyrynlyk bilen geçdiler. Ýöne öküziň gymyldaman durandygyny görüp batyrlandylar-da, onuň öňünden eýläk-beýläk ylgaşyp başladylar. Aralyk barha golaýlaýardy. Öküz kelesini has-da aşak goýberişine, ýere oturdylan ýaly bolup durdy. Märekäniň arasynda gülki ýaňlandy. Birdenem olaryň şatlygy aýylganç sesler bilen çalyşdy. Öküz amatly pursady gidermän, tagaşyksyzlyk bilen öňe eňdi we seresaplygy elden beren adamy şahy bilen tutdy-da, ýokary zyňdy. Ol ýere gütläp düşdi-de, süňkleri döwüldi. Öküz bolsa meýdançanyň beýleki çetindäki germewe okdurylyp baryp, şol ýerde ediljek hüjüme garaşdy. Elleri naýzaly adamlar ony ýene gurşap aldylar-da, öjükdirip başladylar. Şol wagt hyklap ýatan ýaralyny äkitmek üçin sirkiň hyzmatkärlerimeýdança ylgaşyp çykdylar. Naýzalaryň ýygy-ýygydan sünjülýändigine garamazdan, öküz gymyldaman durdy. Ýöne üç hyzmatkär ysgyn-mydarsyz adamygöterdilerem weli, öküz olara tarap tüweleýiň çaltlygy bilen okduryldy-da, hersini bir ýana pyzyp, aýaklary bilen rehimsiz depeläp ugrady. Oturanlaryň haýýady göçdi: aýallar aglaşýardylar, erkekler sögünişip, elýeterdäki ähli zady öküze zyňýardylar. Meýdança taýaklar, pyçaklar, hatda oturgyçlaryň tagtalary gaýyp düşýärdiler. Eli gylyçly adam guduzlan ýaly bolan haýwana tarap eňdi, ýöne alňyraňňylyga düşen beýlekiler oňa kömege ýetişmediler; öküz ony agdaryp goýberdi-de, galanlarynyň söbügine mündi. Sirkde henizeçenli bolmadyk ahwalat bolup geçdi: meýdançada bäş adam çaşyp ýatyrdy, galanlary emelsiz goranyşyna, gazaba münen öküzden gaçyp sypdylar, märeke bolsa gahar-gazapdan hem-de gorkudan bagyrýardy. Birdenem töwerek dym-dyrslyk boldy. Tomaşaçylar ýerlerinden turup, öňe egildiler; Hiramyň ýüzi ak tam bolup, gollaryny gerdi. Ýokary derejeli tanymal adamlaryň oturan ýerinden iki kişi atylyp çykdy. Olaryň biri eli gynyndan çykarylan gylyçly şa ogly Ramsesdi, beýlekisi hem kelte saply paltaly Sargondy. Öküz kellesini ýere çenli egip, guýrugyny ýokary galdyryşyna, tozan buludyny turzup, meýdançanyň töweregi bilen aýlanýardy. Ol göni şa ogluna tarap gaýtdy, emma göýä patyşanyň perzendiniň beýikliginiň alnynda yza tesýän ýaly bolup, Ramsesiň deňinden geçdi-de, Sargona topuldy. Ýöne... göz açyp-ýumasy salymda ýere ýazyldy. Çeýe, berk bedenli assiriýaly onuň iki gözüniň arasyna palta bilen bary-ýogy ýekeje urgy etdi. Tomaşaçylar haýran galmadan ýaňa bolmajasy boldular: Sargona-da, onuň pidasyna-da gül ýagýardy. Ramses bolsa hiç zada düşünmeýän hem-de gaharly halda eli ýalaňaç gylyçly durşuna, Kamanyň öz goňşularyndan gül sogrup alyp, assiriýala zyňyşyna seredýärdi. Sargon haýran galan tomaşaçylaryň öwgüli sözlerini biperwaý kabul etdi. Ol öküziň ölendigine göz ýetirmek üçin ony aýagy bilen çalaja yralady. Soňra mirasdüşere tarap birnäçe ädim ätdi-de, öz dilinde nämedir bir zat diýip, tanymal welmoža mahsus mertebelilik bilen tagzym etdi. Ramsesiň gözüniň alnynda ganly duman ýüzýärdi. Ol häzir gylyjy ýeňijiniň gursagyna uly höwes bilen sünjerdi! Emma ol özüne erk etmegi başardy, az salymlyk pikirlenmeden soňra boýnundan altyn zynjyry aýryp, Sargona berdi. Assiriýaly ýene bir gezek tagzym etdi, zynjyry ogşap, öz boýnuna geýdirdi. Ýüzi gyzaran Ramses bolsa çykalga ýöneldi we märekäniň köşeşmeýän şowhunly sesi bilen ugradylyp, aňrybaş derejede kemsidilmeduýgusy bilen, sirki terk etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |