01:46 Faraon -20: romanyň dowamy | |
ON ÜÇÜNJI BAP Finikiýleriň özüne žres gyzy peşgeş berýändigini Hiramdan eşiden mirasdüşer onuň basymrak öýüne gelmegini isledi. Elbetde, ol muny şol gyzsyz ýaşap bilmeýändigi üçin däl-de, eýsem, onuň täze güýmenje hökmünde özüne çekýändigi üçin şeýdýärdi. Ýöne Kama zyýaratçylaryň dökülmegi azalýança, iň esasy bolsa, olaryň iň tanymallary Bubastdan gidýänçä garaşmagyny Ramsesden özelenip haýyş edip, göçüp gelmäge gyssananokdy. Sebabi munuň ybadathananyň girdejisini azaltmagy mümkinmişin, žres gyzyň özi üçin hem howplumyşyn. Ol: - Biziň danalarymyz hem-de ýokary derejeli adamlarymyz meniň dönükligimi bagyşlarlar, emma garamaýak halk hudaýlary menden ar almaga çagyrarlar. Hudaýlaryň eliniň uzyn bolýandygyny sen bilýäň-ä, jenap- diýip Ramsese düşündirdi. Mirasdüşer: - Olar meniň ýatyş sekimiň aşagyna girmäge synanyşsalar, ellerinden jyda düşseler gerek – diýip jogap gaýtardy. Ýöne ol aýak diräp durmady, sebäbi başga zada üns bermeli bolupdy. Assiriýanyň ilçileri Sargon bilen Izdubar şertnama gol çekmek üçin Memfise gidipdiler. Edil şol wagtda hem, faraon Ramsesden öz gören-eşidenleri barada hasabat sorady. Şa ogly Memfisi terk eden pursatyndan başlap, ähli bolup geçen zatlary , ýagny ussahanalaryň, meýdanlaryň gözden geçirilendigini, işgärler, häkimler, emeldarlar bilen gürrüňdeş bolnandygyny jikme-jik beýan etmegi mürzelere buýurdy. Hasabaty alyp gitmegi bolsa Tutmosa tabşyrdy. Mirasdüşer oňa: - Sen faraonyň alnynda meniň ýüregim hem-de agzym bolarsyň. Eger örän hormatly Herihor sendenMüsüriň ýagdaýynyň peselmeginiň, gaznasynyň boşap galmagynyň sebäpleri barada meniň näme pikirdedigimi soraýsa, hökümet agzasyna öz kömekçisi Pentuere ýüz tutmalydygyny, onuň meniň garaýyşlarymy edil Hator ybadathanasynda edişi ýaly, üýtgeşik usul bilen beýan etjekdigini aýt. Eger Herihor Assiriýa bilen baglaşylýan şertnama barada nähili pikirdedigim bilengyzyklansa, meniň borjumyň biziň hökümdarymyzyň emrini ýerine ýetirmekdigini aýt – diýdi. Tutmos düşünýän diýen manyda baş atdy. Mirasdüşer sözüni dowam etdirdi: - Sen kakam – goý, ol baky ýaşasyn! – bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, ilki ikiňizi hiç kimiň diňlemeýändigine göz ýetir, soňra onuň aýagyna ýykyl-da, şeýle diý: „Biziň jenabymyz, seniň ömür, hökmürowanlyk beren ogluň hem-de hyzmatkäriň, beýle hormat-derejä nämynasyp Ramses şulary aýdýar. Müsüriň garyp düşmeginiň sebäbi çöllük eýelänsoň, hasylly ýeriň azalmagynda hem-de ilatyň agyr zähmetden, gedaýlykdan ölüp kemelmeginde. Ýöne, biziň jenabymyz, seniň žresleriň gazna ýetirýän zyýanynyň gyrgyndyr çöllükden birjigem az däldigini-de bilip goý. Sebäbi olaryň diňe bir ybadathanalary ähli bergileri üzüp boljak altyndyr gymmatbaha zatlardan hyryn-dykyn bolman, eýsem, ähli gowy mülkler-de, iň bir zähmetsöýer daýhanlardyr işgärler-de keramatly atalara, pygamberlere degişli; olaryň ýerleri-de hudaý-faraonyňkydan has uly. Welaýatlara aýlanan mahalynda gözleri-hä balygyňky ýaly açyk, gulaklary-da eserdeň eşegiňki ýaly eşitgir bolan seniň ogluň hem-de hyzmatkäriň Ramses aýdýany, ine, şeýle“. Ramses sözüne dyngy berdi. Tutmos onuň aýdanlaryny içinden gaýtalady. Ýene mirasdüşer gürläp ugrady: - Faraon assiriýler barada meniň pikirimi sorasa, onuň alnynda ýüzin düş-de, şeýle jogap gaýtar: „ Seniň hyzmatkäriň Ramses assiriýler uzyn boýly, güýçli söweşijiler, ýaraglary-da ajaýyp, ýöne olara ýaramaz tälim berlendigi görnüp dur diýip pikir etmäge çekinenok. Sargonyň ýany bilen, megerem, Assiriýanyň ýaý atyjylardan, aýpalta göteruijilerden, naýza göterijilerden ybarat iň güýçli goşunlary gaýdan bolsa gerek, emma bir hatara düzülip, gyradeň aýak goşýan ýekeje altylygam görünmedi. Şeýle-de, olaryň gylyçlary telli-pelli daňlan, naýzany nädogry tutýarlar, aýpaltany tutuşlary-da agaç ussasynyň ýa-da gassabyň palta tutuşy ýaly. Eşikleri agyr, gödek sandallarynyň aýaklaryny gysýandygy görnüp dur; galkanlary berk hem bolsa, ondan peýda az bolsa gerek, sebäbisöweşijileriň hereketleri tagaşyksyz“. Tutmos: - Sen dogry aýdýarsyň, bu meniňem nazarymdan sypmady. Öz serkerdelerimiziň: „Eger Assiriýanyň goşuny bärde görşümiz ýaly bolsa, olar Liwiýanyň wagşy ordasyna garanyňda ýaramaz garşylyk görkezerler“ diýenini hem eşitdim - diýdi. Ramses gürrüňini dowam etdirdi: - Müsüriň tutuş tanymal toparynyň, tutuş esgerleriniň diňe bir pikirden – Assiriýanyň Finikiýany basyp almagynyň mümkindiginden gaharlanýandyklaryny-da bize ömür peşgeş berýän jenabymyza aýt. Sebabi Finikiýa – Müsüriň duralgasy, finikiýlerem – biziň deňiz ýygynymyzda iň gowy ýüzüjiler. Hawa, demirgazykda hem-de gündogarda uruş alyp barýandygy, özüniň-de tutuş günbatar Aziýanyň ýigrenjine galandygy sebäpli, Assiriýanyň häzir gowşakdygyny meniň finikiýlerden eşidendigimi-de (onuň keramatlysy muny menden gowy bilýän bolsa gerek) oňa ýetir. Eger biz haýal-ýagallyga salman, edil häzir onuň üstüne goşun çeksek, yzymyza uly baýlyk hem-de daýhanlarymyzyň işini ýeňilleşdirjek birgiden gul bilen dolanardyk. Emma iň soňundan pähim-paýhaslylykda hiç kimiň meniň kakamça ýokdugyny, şonuň üçin hem, ol näme buýursa, meniň şoňa görä hereket etjekdigimi aýdarsyň. Ýöne, goý, ol Finikiýany Assara bermesin, ýogsam biz heläk bolarys. Finikiýa – biziň hazynamyzyň bürünç gapysy ahyry, heý-de, ogra öz gapysyny berjek adam bolarmy? Tutmos paopi aýynda Memfise ugrady. Nil mese-mälim köpelip ugrady we aziýaly zyýaratçylaryň Aştoret ybadathanasyna dökülmesi azaldy. Ýerli ilat üzümi, zygyry hem-de pagtany çaltrak ýygnamak üçin, gözüniň awusyny meýdanda alýardy. Bubastdaümsümlikdi, Aştoret yndathanasyny gurşap alan bagykda-da tas hiç kim ýolk diýen ýalydy. Şol wagt döwlet işlerinden we göwün açmalardan boşan mirasdüşer Kamanyň ykbaly bilen meşgullandy. Şa ogly Hiramyň üsti bilen hereket edip, ýigrimi altyn talanty, çyn ussanyň elinden çykan, malahitden ýasalan hudaý aýalyň heýkeljigini, elli sygry we ýüz elli mera bugdaýy Aştoret ybadathanasyna sadaka berdi. Ol şeýle uly sadaka bolansoň, hatda ybadathananyň ýokary žresi alnynda ýüzin düşüp, merhemetine minnetdarlyk bildirmek üçin nirasdüşeriň ýanyna geldi. Ýokary žres: "Hudaý Aştorete hormat goýýan halklar muny hiç wagtda unutmaz“ diýdi. Ybadathana bilen hasaplaşan mirasdüşer Bubastyň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edarasynyň ýolbaşçysyny ýanyna çagyryp, onuň bilen bir sagada golaý gürrüň etdi. Aradan birnäçe wagt ötenden soňra-da, tutuş şäher adaty bolmadyk ahwalatdan aňk-taňk boldy. Aştoret ybadathanasynyň žresi Kama ogurlanyp, nirädir bir ýere alnyp gidilipdir! Heniz görlüp-eşidilmedik bu ahwalat şeýle bolup geçipdir: Ybadathananyň ýokary žresi Kamany Menzale kölüniň ýakasynda oturan goňşy Sabni-Hetem şäherine, şol ýerdäki uly bolmadyk Aştoret ybadathanasy üçin niýetlenen sadakany eltip gaýtmak üçin ugradypdyr. Žres gyz gündiziň petiş yssysyndan, şeýle-de, ýerli ilatyň bilesigelijiliginden hem-de hormat-sylagyň her hili aňladylmagyndan çekinip, agşam gaýykly ýola düşüpdir. Daňa golaý, dört kürekçi ymyzganan mahaly, kölüň kenaryndaky hyşşalykdan içinde greklerdir hettler bolan birnäçe uly gaýyk çykypdyr; olar Kamanyň gaýygynyň daşyna aýlanyp, žres gyzy ogurlapdyrlar. Hüjüm şeýle bir duýdansyz bolupdyr weli, finikiý kürekçileri garşylyk görkezmäge-de ýetişmändirler. Agzy ýapylan bolsa gerek, žres gyz hatda gygyrmandyram. Dine şek ýetiren grekler bilen hettler soňra deňze çykmak maksady bilen, hyşşalykda gizlenipdirler. Kowgudan sypmak üçin hem, Aştoret ybadathanasyna degişli bolan gaýygy agdarypdyrlar. Bubastda başagaýlyk başlandy. Ýerli ilatyň gürrüňi diňe şol barada boldy. Hatda edilen jenaýatda günäkär adamlaryň kimdigini-de atlandyrýardyrlar. Kimler eger Kama ybadathanany terk etmäge hem-de özi bilen Ninewiýa gitmäge razy bolsa, oňa öýlenmäge söz beren assiriýaly Sargona müňkürlik etse, kimler Aştoret ybadathanasynda aýdym aýdýan, öňräkden bäriKamanyň bendiwany bolup ýören Likona şübhelenýärdi. Ol grek ykmandalaryny hakyna tutup biljek derejede pulludy. Žres gyzy ogurlamakdan diňe barypýatan hudaýsyz gorkjak däldi. Elbetde, Aştoret ybadathanasynda derrew baý hem-de dindar prihožanlaryň18geňeşi çagyryldy. Geňeş bar zatdan ozal Kamany žres zenanyňborçlaryndan boşatmagy we ondan päklik antyny bozan žres gyza abanýan lagnaty aýyrmagy karar etdi. Ol dini we akylly çözgütdi: eger kimdir biri žres gyzy güýç bilen ogurlan bolsa, oňa jeza berere esas ýok ahyry! Aradan birnäçe gün geçenden soň, Aştoret ybadathanasyna ýygnanan dindarlara surnaýlaryň sesiniň astynda Kamanyň ölendigi mälim edildi; mundan beýläk kim şoňa meňzeş zenan görse, ondan ar almak-ha beýlede dursun, hatda gyjalat-da bermeli däl. Sebäbi žres gyz ybadathanany öz islegine görä terk etmändir, ony wagty gelende temmi beriljek gara ýürekli adamlar ogurlapdyrlar! Edil şol gün hormata mynasyp Hiram Ramsesiň ýanyna gelip, oňa ýüzi žres möhürlerinden, tanymal finikiýleriň goýan gollaryndan doly pergament ýerleşdirilen altyn gutujygy gowşurdy. Ol Aştoretiň ýokary kazyýetiniň eger žreslik derejesinden dänse, Kamany içen antyndan boşadýan we ondan asmanyň näletini aýyrýan çözgüdidi. Gün batandan soň, şa ogly eli şol resminamaly öz bagyndaky özbaşdak kiçi köşge ugrady. Gizlin gapyny açdy-da, ikinji gatdaky çaklaňja otaga galdy. Ol gazma nagyşly, hoşboý ysly ýag ýanýan çyranyň ýagtysyna Kamany gördi. Mirasdüşer oňa altyn gapyrjagy uzatdy-da: - Ahyrsoňy! Ynha, seniň islän zadyň! – diýip şatlykly seslendi. Finikiý gyzy howsalalydy, gözleri uçganaklap durdy. Ol gutujygy kakyp aldy-da, eýlesine-beýlesine seredip, ýere zyňyp goýberdi. - Sen, näme, bu, hakykatdanam, altyndyr öýdýärmiň? Munyň altyn däl-de, iki tarapyna-da altyn çaýylan demirdigine kelläm bilen jogap berip bilerin! – diýdi. Geň galan şa ogly: - Sen meni nähili garşylaýaň? – diýip sorady. - Men öz watandaşlarymy gaty gowy tanaýan. Olar diňe bir galp altyny däl, eýsem, lagly-da, ýakut daşyny-da ýasamaga juda ezber... - Kama! – diýip, mirasdüşer onuň sözüni kesdi. – Ýöne bu gutujykda seniň erkinligiň bar ahyry! - Men seniň erkinligiňi başyma ýapaýynmy! Meniň içim gysýar...Men gorkýan...Bu ýerde eýýäm dört gün bäri edil zyndanda ýaly otyryn... - Näme, ýetmeýän zadyň barmy? - Maňa ýagtylyk...howa...gülki...aýdym...adamlar ýetenok. Eý, ar alyjy hudaý, sen neçüýn maňa beýle agyr jeza berýäň? Ramses ony akly haýran bolup diňleýärdi. Bu yzgytsyz, gyjynyp duran gyz, dogrudanam, ybadathanada görlen, grek ýigidiniň joşgunly aýdymy ýüzüni ýelpän şol gyzmy? Şa ogly: - Sen ertir baga seýle çykyp bilersiň. Ikimiz Memfise, Fiwä gidenimizde bolsa. sen şeýle bir şatlanyp, göwün açarsyň... Maňa seret – eýsem, men seni söýemokmy? Eýsem, maňa degişli bolmak zenan üçin beýik hormat dälmidir? – diýdi. - Hawa, şeýle. Ýöne menden ozalam sende dördüsi bar ahyry – diýip, Kama keçjallyk bilen jogap gaýtardy. - Emma men seni olardan artyk söýýän! - Eger olardan artyk söýýäniň çyn bolsa, meni ilkinji saýyp, şol... jöhit Sarranyň eýelän köşgünde ýerleşdirerdiň, oňa däl-de, maňa hormatly garawul bererdiň. Ol ýerde, Aştoretiň heýkeliniň öňünde men ilkinjidim...Hudaý aýala tagzym edýänler onuň alnynda dyza çöküp, maňa seredýärdiler...Bärde nähili? Jöhit heleýiň öýüniň öňünde esgerler depreklerini düňňürdedýärler, emeldarlar gollaryny gowşuryp, baş egýärler... - Meniň ilkinji perzendimiň öňünde – diýip, Ramses onuň sözüni gaharly kesdi. – Ol bolsa jöhit däl! - Jöhit! – diýip Kama gygyrdy. Ramses ýerinden atylyp turdy. Ýöne birden özüni ele aldy-da: Sen akylyňdan azaşypsyň! Meniň oglumyň jöhit bolup bilmejekdigini sen, näme, bileňokmy? – diýdi. - Men bolsa saňa onuň jöhitdigini aýdýan! – diýip, Kama stoly ýumruklap gygyrdy. – Edil babasy, ejesiniň doganlary ýaly jöhit ol, ady-da Ishak... - Agzyň aýdýanyny gulagyň eşidýärmi seniň? Näme, meniň özüňi kowup goýbermegimi isleýärmiň? - Ýalan sözleýän bolsam, kowaý. Ýöne eger men hakykaty aýdan bolsam, onda şol jöhidi haram ogly bilen kow-da, köşgi maňa ber. Men seniň öýüňde ilkinji bolmak isleýän, men şoňa mynasyp. Ol seniň agzyňa ýaglyk gysdyrýar... Seniň üstüňden gülýär...Men bolsam seniň üçin öz hudaýymdan ýüz öwürdim. Onuň menden ar almagy mümkin-ä!.. - Aýdanyňy subut etseň, köşk seniňki bolar. ..Aý, ýok-la, ynanar ýaly gürrüň däl-ä bi.Sarra beýle jenaýata ýüz urmaz... Meniň ilkinji zürýadym! - Ishak şol... Ishak – diýip Kama gygyrdy. - Onuň ýanyna bar, özüň göz ýetirersiň! Özüni ýitiren Ramses Sarranyň ýaşaýan kiçi köşgüne tarap eňdi. Gahar erkini alan mirasdüşer gije aýdyňam bolsa, uzak wagtlap oňa barýan ýola düşüp bilmedi. Ahyry sowuk howa özüne getirensoň, ol Sarranyň öýüne bardy. Gije bir çene baran hem bolsa, ol ýerde entek ýatmandylar. Oglunyň arlygyny Sarranyň özi ýuwýardy, onuň hyzmatkäri bolsa üsti naz-nygmatly saçagyň başynda wagtyny hoş geçirýärdi. Tolgunmadan ýaňa reňki öçen Ramses işikde peýda bolanda, Sarra gygyranyny duýman galsa hem, derrew özüni ele aldy. Ol öl ellerini süpürdi-de, mirasdüşere tagzym edip: - Saňa salam bolsun, meniň jenabym! – diýdi. Ramses: - Sarra, seniň ogluň ady näme? – ddiýip sorady. Aýalyň ýüregi ýarylara gelip, kellesini tutdy. - Senuiň ogluň ady näme? – diýip, mirasdüşer sowalyny gaýtalady. Sarra: - Onuň adynyň Setidigini bilýäň ahyry, jenap – diýip, çala eşidilýän ses bilen jogap gaýtardy. - Meniň gözüme seret! - Waý, Ýahwe! - Ähä! Diýmek, ýalan sözleýäň-dä! Ony özüm aýdaýyn: meniň oglumyň, Müsüriň tagtynyň mirasdüşeriniň oglunyň ady – Ishak! Özi hem – jöhit! Nejis jöhit! Sarra: - Jenap! Jenap! Rehim et! - diýip gygyryp, özüni onuň aýagyna oklady. Ramsesiň ýüzi açylanokdy.Ýöne ol sesini gataltman gepledi: - Maňa öýüme jöhit gyzyň aýagyny sekdirmeli däldigimi duýdurypdylar...Tutuş mülki jöhitleriň eýeländigini görenimde aňrym bärik gelipdi. Ýöne men saňa ynanýandygym üçin milletdeşleriňi sulhumyň almaýandygyny duýdurmazlyga çalşypdym. Sen bolsa öz jöhitleriň bilen bilelikde meniň oglumy ogurlapsyň. Sarra Ramsesiň aýagynyň ýanynda aglap ýatyşyna: - Onuň jöhit bolmalydygyny žresler emir etdiler – diýip madyrdady. - Žresler? Atlary bolmazmy olaryň? - Örän hormatly Herihor bilen Mefres. Olar seniň ogluň Ysraýylyň ilkinji patyşasy bolmalydygy üçin şeýtmelidigini aýtdylar. - Žresler... Mefres... – diýip, şa ogly gaýtalady. –Ysraýylyň patyşasy? Ony öz atyjylarymyň öňbaşçysy ýa-da öz mürzäm etjekdigimi men saňa aýdypdym ahyry.Aýdypdym! Sen bolsa, bedibagt, iudeýiň patyşasynyň derejesi şol ýokary wezipelerden zyýatdyr öýdüpsiň! Mefres, Herihor - bu ýokary derejeli adamlaryň pirimlerini ahyrsoňy açandygym üçin hudaýlara minnetdardyryn. Olaryň meniň ogluma nähili ykbal taýýarlaýandyklaryndan men indi habarly. Ol dodagyny dişläp, az salym nämedir bir zadyň pikirini etdi, soňra gaty ses bilen: - Eý, hyzmatkärler, esgerler! – diýip gygyrdy. Otag göz açyp-ýumasy salymda adamdan doldy. Ilki Sarranyň öýdeniçerleri içeri aglaşyp girdiler; soňra mürze, öýüň dolandyryjysy, gullar, iň soňundanam birnäçe esgerdir serkerde peýda boldular. Sarra: - Ölüm! – diýip aýylganç gygyrdy. Soňra sallançaga tarap okduryldy-da, ogluny garbap aldy; burça gysmyljyrap durşuna: - Meni öldüriň, ýöne balamy bermen! – diýip gygyrdy. Ramses ýaňsyly gülümjiredi. Serkerdä ýüzlenip: - Ýüzbaşy, bu aýaly, çagany al-da, meniň gullarymyň ýaşaýan jaýyna elt. Bu jöhit mundan beýläk hanym bolmaz. Ol öz ýerini eýelejek aýalyň hyzmatkäri bolar – diýdi. Soňra öýi dolandyryja tabşyryk berdi. – Sen bolsa ony ertir irden häzir bäri gelmeli hanymyň aýagyny ýuwmaga ugratmagy unutma. Eger ol tabyn bolmak islemese, taýak bilen temmisini ber! Bu aýaly gullaryň ýanyna äkitmeli! Serkerde bilen öýi dolandyryjy Sarra golaý barsalar hem, oňa galtaşmaga ýürek edip bilmän, aýak çekdiler. Emma şeýtmek zerur bolmady. Sarra çyrlaýan çagajygy ýaglyga dolady-da: - Awraamyň, Ishakyň, Iakowyň hudaýy, bize rehim eýle...- diýiňp pyşyrdaýşyna, otagdan çykdy. Ol gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, şa oglunyň alnynda tagzym etdi. Ramses daşky otagdan onuň: - Awraamyň, Ishakyň, Iakowyň hudaýlary...-diýýän näzik sesini eşitdi. Daş-töwerege ümsümlik aralaşanda, hökümdar serkerdä we öýi dolandyryja ýüzlenip: - Eliňize çyra alyň-da, injir agaçlarynyň arasynda oturan öýe tarap ugraň – diýdi. Dolandyryjy: - Düşünýän – diýip jogap gaýtardy. - Şol ýerde ýaşaýan aýaly gyssagly bäri alyp geliň. - Ýerine ýetirerin. - Şol aýal mundan beýläk hem-ä siziň hanymyňyz, hem-de her gün irden onuň aýagyny ýuwmaly, depesinden suw akytmaly, öňünde aýna tutup durmaly jöhit Sarranyň hanymy bolar. Bu meniň islegim hem-de buýrugym. - Ýerine ýetiriler. - Täze hyzmatkär sadykmy ýa-da dälmi - ertir irden meni habarly edersiň. Hökümdar görkezmeleri berenden soň, köşgüne dolanyp geldi. Ýöne daňa çenli kirpikli gözüni çalmady. Onuň kalbynda ar almagyň ody lowlap durdy. Ol sesini gataltmazdan, özüni aldamaga ýürek edip bilen Sarranyň, bagtygara jöhit aýalyň merkini berdi. Mirasdüşeriň bu temmisi diňe gaşlarynyň hereketi arkaly adamy belentlikden gulçulygyň batgalygyna zyňyp goýberýän patyşanyňky ýaly temmidi. Emma Sarra diňe žreslerň ýaragydy, mirasdüşer bolsa ýaragy döwäge-de, ony peýdalanlary bagyşlardan öte adalatlydy. Žresleriň elýetmezdigi diňe onuň gazabyna ýag damdyrypdy. Şa ogly goltugy çagaly Sarrany gijäniň gylla ýarynda hyzmatkärleriň ýaşaýan ýerine kowup bilse hem, Herihory – hökmürowanlygyndan, Mefresi bolsa – ýokary žreslik derejesinden mahrum edip bilenokdy. Sarra-ha edil mynjyradylan gurçuk ýaly bolup, onuň aýagyna ýykylypdy, mirasdüşeriň ilkinji perzendini elinden alan Herihor bilen Mefres bolsa, edil piramidalar deý, Müsüriň (gör, nähili masgaraçylyk!) hem-de onuň özüniň – geljekki faraonyň ýokarsyna galdylar! Žreslerden ynjan gezeklerişu ýylyň içinde birin-birin, gör, näçe gezek ýadyna düşdi. Ony mekdepde şeýle bir saýgylaýardylar weli, arkasynda çybyk yzy pakgarar durardy ýa-da şeýle bir aç saklardylar weli, garny oňurgasyna ýelmeşen ýaly bolardy. Geçen harby hereketlerde Herihor ilki-hä onuň tutuş etsem-goýsamyny püçege çykardy, soňra-da ähli günäni onuň üstüne atyp, goşun birikmesine ýolbaşçy bolmakdan mahrum etdi. Öýe Sarrany getirendigi üçin gep bilen faraonyň ýüregini çişirenem Herihordy. Mirasdüşere häzirki abraý-hormatly ýagdaýy hem diňe ol boýun synyp,birnäçe aýy meýletin sürgünde geçirenden soňra gaýtaryp beripdi. Goşun birikmesini alyp, hökümdar bolandan soňra, Ramses žresleriň hossarlygyndan boşaýmaly ýalydy weli, ýok, olar mirasdüşeri hut häzir artdyrylan güýç bilen yzarlaýarlar. Žresleriň ony hökümdar etmekleriniň aňyrsynda nähili pikir ýatyr? Ony faraondan daşlaşdyrmak we Assiriýa bilen masgaraçylykly şertnama baglanyşmak üçin şeýdipdirler! Ol döwletiň ýagdaýy barada maglumatlary almak islände, žresler derrew toba edýän günäkär hökmünde buthana gitmäge mejbur etdiler; şol ýerde gorkuzdylar, ýalan-ýaşryk täsinlikler bilen başyny-gözüni aýladylar, bütinleý nädogry maglumatlary berip aldadylar. Soňra onuň şahsy durmuşyna, aýallar, finikiý gyzlary bilen gatnaşygyna burunlaryny sokup başladylar, edýän bergilerini göz astyna aldylar, iň soňunda-da halkyň öňünde kemsitmek, biabraý etmek üçin, onuň ilkinji çagasyny jöhitlere berdiler. Daýhanmy, gulmy ýa-da sürgündäki adammy, tapawudy ýok, islendik müsürliniň: „Men senden gowudyryn, sebäbi jöhit oglum ýok“ diýmäge hakly. Kemsidilmäniň agyr jebrini çekýän Ramses edil häzir aryny ýerine salyp bilmejekdigine düşünýärdi. Onsoň ol bu meseläni soňa goýmagy makul bildi. Ol žres mekdebinde özüne erk etmegi öwrenen bolsa, köşkde kemsidilmä döz gelmegi, ikiýüzlülik etmegi öwrenipdi. Bu indi žresler bilen çaknyşykda onuň ýaragy hem-de galkany bolar...Mirasdüşer olary aldawa salar, amatly pursat gelende-de, şeýle bir urgy eder weli, ýere gütläp düşüp, gaýdyp aýak üstüne galmazlar! Howa ýagtylyp ugrady. Mirasdüşer süýji uka gitdi. Ol ukudan oýananda gözüne ilen ilkinji adam Sarranyň öý dolandyryjysy boldy. Ramses ondan: - Jöhit özüni nähili alyp barýar? – diýip sorady. Dolandyryjy: - Biziň jenabymyz, ol seniň emir edişiň ýaly, hanymyň aýagyny ýuwdy – diýip jogap gaýtardy. - Bir aýdylany iki gaýtalatmady dälmi? - Ol sessiz-üýnsüz hyzmat etdi. Ýöne hereketiniň çakgan däldiginden nägile bolansoň, täze hanym onuň ýüzüne depdi. Ramses entirekläp gitdi. - Onsoň Sarra nätdi? – diýip gygyrdy. - Ýere ýazyldy. Täze hanym: „Gümüňi çek!“ diýip emir edende, ýuwaşjadan aglap çykyp gitdi. Şa ogly otagda eýläk-beýläk gezmeläp ugrady. - Ol gijäni nähili geçirdi? - Täze hanymmy? - Ýok. Men Sarra barada soraýan. - Seniň buýruşyň ýaly, Sarra çagasy bilen hyzmatkärleriň bolýan öýüne eltildi. Aýallaryň rehimi inip, oňa täze boýra düşediler, ýöne Sarra çagasyny gujagyna alyp oturyşyna, gijäni uklaman geçirdi. - Çaganyň ýagdaýy nähili? – diýip mirasdüşer sorady. - Çaga sag-salamat. Irden Sarra täze hanyma hyzmat etmäge gidende, beýleki aýallar çagany ýyly suwa düşürdiler, emýän çagaly çopanyň aýaly bolsa ony emdirdi. Ramses: - Sygyr öz gölesini naharlamagyň deregine gamçy astynda azal süýrese, gowy däl. Şol jöhit uly günä edenem bolsa, men onuň bigünä çagasynyň ejir çekmegini islämok - diýdi. Sarra indiden beýläk hanymyň aýagyny-da ýuwmaz, oňa ýumruk ýassygy-da bolmaz. Oňa hyzmatkärler üçin öýüň aýratyn otagyny ber, odur-budur goş-golam bilen üpjünle hem-de golaýda çaga dogran aýal ýaly naharlamaklaryny buýur. Goý, ol çagany arkaýyn ulaltsyn! – diýdi. Öýi dolandyryjy: - Goý, sen baky ýa:şadyň, biziň hökümdarymyz! – diýip jogap gaýtardy-da, hökümdaryň emrini ýerine ýetirmäge eňdi. Hyzmatkärleriň hemmesi Sarrany söýýärdi. Şeýle-de, olaryň hemmesi sähel salymda rehim-şepagatsyz, haýýar Kamany ýigrenip ýetişipdi. ON DÖRDÜNJI BAP Finikiý gyzy beýlesine geçiren Ramsesiň bagty garaldy. Ol ozal Sarranyň ýaşan kiçi köşgüne Kamany görmäge ilkinji gezek baranda minnetdarlyk sözlerini eşiderin öýdüpdi, ýöne eden tamasy çykmady. Kama ony ýüzünden gar ýagdyryp garşylady. Ol: - Bu näme boldugy? Entek bir günem geçenok weli, sen bolgusyzjöhide ýene merhemet edýärmiň?- diýip heňkirdi. Şa ogly: - Ýöne ol henizem hyzmatkärleriň öýünde ýaşaýar ahyry – diýip jogap gaýtardy. - Meniň öýi dolandyryjym onuň indi meniň aýagymy ýuwmajakdygymy aýtdy... Miradsdüşer ýüzüni egşitdi. - Görýän weli, sen entegem nägile ýaly-la? Kama göçgünli gepledi: - Tä ony akylyna aýlandyrýançam, tä aýagymyň ýanynda çök düşüp, maňa hyzmat edişine, haçandyr bir wagtda seniň ilkinji aýalyň hem-de şu öýüň bikesi bolandygyny ýadyndan çykarýança, tä hyzmatkärlerim maňa-ha gorky, ynanmazçylyk, oňa-da ýürekleri awamak bilen seretmeklerini bes edýänçäler, men köşeşmen. Ramsesiň ýanynda finikiý gyzyň gadyr-gymmaty gaçypugrapdy. Ol: - Kama, meniň aýtjak sözümi diňle. Eger meniň hyzmatkärim güjügini naharlaýan ganjygy depse, men onuň gümüni çekerdim...Sen bolsa aýagyň bilen aýalyň hem-de enäniň ýüzüne depipsiň. Müsürde enäniň ady mukaddes bolup, hoşgöwün müsürli jahan ýüzünde bar zatdan ozal hudaýlara, faraona, enä hormat goýýandyr – diýdi. - Wah, meniň şum ykbalym! – diýip, Kama özüni ýatyş sekä goýberişine, batly ses bilen aýtdy. – Öz hudaýymy terk edendigim üçin, gör, nähili ar alynýar! Mundan bary-ýogy bir hepde ozal meniň aýagymyň astyna gül oklaýardylar, öňümde hoşboý ysly ot ýakýardylar, indi bolsa... Şa ogly otagdan sessiz-üýnsüz çykyp gitdi-de, birnäçe günden soňra dolanyp geldi. Ýöne Kama hemişekisi ýaly keýpsiz halda otyrdy. Ol ýene eňräp başlady: - Ýalbarýan jenap, azajygam bolsa, meniň aladamy et! Sebäbi hyzmatkärler indi maňa gulak asanoklar, esgerler gyňralyp seredýärler. Ýagdaý şeýle bolansoň, men aşhanada kimdir biriniň naharyma awy sepmeginden gorkýan. Şa ogly: - Men harby tälim bilen gümra bolamsoň, seniň ýanyňa gelip bilmedim – diýip jogap gaýtardy. - Ýalan! – diýip, Kama gaharly jogap gaýtardy. – Düýn sen meniň eýwanymyň eteginde bolduň, soňra hyzmatkärler üçin gurlan öýe – şol jöhidiň ýaşaýan ýerine gitdiň. Sen muny meniň görmegim üçin bilgeşlin şeýtdi!ň. - Besdir! – diýip, mirasdüşer onuň sözüni kesdi. – Men seniň eýwanyň eteginde-de, hyzmatkärler üçin gurlan öýde-de bolamok. Gözüňe men bolup görnenemöz aşygyň, haramzada grekdir. Diýmek, ol Müsürden çykyp gitmek-hä beýlede dursun, hatda meniň bagymda kaňkap ýörmäge hem ýürek edýär-dä!. Finikiý gyzy onuň sözlerini gorky bilen diňledi. - Eý, Aştoret, halas eýläweri!.. Eý, ýer, meni gujagyňda gizläweri Eger Likon dolanyp gelen bolsa, munuň soňy uly betbagtçylyk bilen gutarar!..-diýip gygyrdy. Onuň dat-perýady halys ýüregine düşen şa ogly güldi. Gidip barşyna: - Biynjalyk-da bolma, bu gün-ertir öz Likonyňy ele salnan şagal ýaly edip, ýanyňa getirseler, geň-de galma. Meniň sabyr käsäm doldy – diýdi. Köşge dolanyp gelen Ramses Hiram bilen tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysyny ýanyna çagyrdy. Ol keşbi özüne meňzeş Likonyň köşgüň töwereginde söw-söw syryp ýörendigini aýdyp, ony tutmagy emir etdi. Hiram eger finikiýler tertip-düzgüne gözegçilik edijiler bilen bilelikde hereket etseler, Likonyň sypmajakdygyna ant içdi. Emma beýleki çagyrylan kellesini ýaýkady. Ramses ondan: - Näme, ikirjiňlenýäňmi? – diýip sorady. - Hawa, jenap. Altary terk eden žres gyz öldürilmäge mynasypdyr diýen pikire gulluk edýän dindar aziýalylaryň sany Bubastda juda köp. Eger şol grek Kamany öldürmegiň ugruna çykan bolsa, olar oňa kömek ederler, gizlärler, gaçmagyny ýeňilleşdirerler. - Ýeri, sen näme aýtmakçy, knýaz? – diýip, mirasdüşer Hirama ýüzlendi. - Hormata mynasyp ýolbaşçy akylly jogap gaýtardy. Ramses sesini gataltdy: - Ýöne ony antdan özüňiz boşatdyňyz ahyry! - Men finikiýler üçin kepil geçip biljek.Olar Kama degmezler-de, gregiň yzyna düşerler. Ýöne hudaý aýal Aştorete beýleki sežde edýänleri nätmeli – gep, ine, şunda! Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy: - Men entek şol aýala hiç hili howp abananok diýip pikir edýärin. Eger ol batyrlyk edip bilse, biz onuň kömegi arkaly gregi aldawa salyp, bärde – köşkleriňhaýsy-da bolsa birinde gapjap bilerdik – diýdi. Mirasdüşer: - Onuň ýanyna baryp, öz pikiriňi aýt. Eger sen şol haramzadany tutsaň, men saňa on talanty sylag hökmünde bererin – diýdi. Mirasdüşer olar bilen hoşlaşandan soň, Hiram ýanyndaka: - Ýolbaşçy, hatyň iki usul bilen ýazylýandygyny öwrenendigiňi hem-de žresleriň juda akylly bolýandygynyň saňa mälimdigini men bilýän. Sen islän mahalyň diwarlaryň arasyndan eşidip, garaňkyda görüp bilýäň. Şonuň üçin hem, guýudan suw alýan daýhanyňam, sandal satýan senetçiniňem, hyzmatkärleriniň goragy astynda özüni enäniň göwresindäki çagadan-da howpsuz duýýan ketde jenabyňam näme pikir edýändiginden habarlysyň. Emeldar: - Seniň aýdýanyň dogry. Hudaýlar, hakykatdanam, maňa üşüklik peşgeş beripdirler – diýip jogap gaýtardy. Hiram sözüni dowam etdirdi: - Öz adatdan daşary ukyplylygyň netijesinde, daş keşbiniň tagtyň mirasdüşeriniňkä, biziň jenabymyzyňka meňzeşdigi bilen hemme kişiniň başyny-gözüni aýlamaga ýürek edip bilýän şol myrryhyň tutulmagy üçin Aştoret ybadathanasynyň özüňe ýigrimi talant tölejekdigini, sen, megerem, eýýäm aňan bolsaň gerek. Mundan başga-da, eger şol meňzeşlik baradaky gürrüň Müsüre ýaýramasa, ybadathana öňkiniň üstüne ýene on talant goýar.Sebäbi haýsydyr bir ýönekeý adamyň daş keşbiniň örän hormatlanylýan ýerden çykana meňzemegi laýykatly däl ahyry. Goý, seniň Likon barada eşidenleriň hem-de şol hudaýsyzy gözläp etjek ähli hereketlerimiz öz aramyzda galsyn. - Düşünýän. Şeýle jenaýatkäri kazyýete bermezimizden ozal ölmegi-de bolup biljek zat – diýip, emeldar jogap gaýtardy. Hiram onuň elini gysyp: - Sen maňa düşündiň. Seniň finikiýlerden talap etjek islendik zadyň bitiriler – diýdi. Olar uly haýwany awlamakçy bolýan hem-de kimiň naýzasynyň baryp sünjülendiginiň zerurdygyny däl-de, diňe awuň sypmazlygynyň zerurdygyny bilýän ýoldaşlar hökmünde hoşlaşdylar. Aradan birnäçe gün geçenden soň, Ramses ýene Kamanyň ýanyna bardy. Ol aklyndan azaşmak derejesine ýetiberen eken: öz köşgüniň iň kiçijik otagynda gizlenipdir, wagtly-wagtynda iýip-içmändir, daranmandyr; hyzmatkärlere iň bir ters görkezmeleri berip, olaryň aňkasyny aşyrypdyr; bir görseň-ä, köşkdäkileriň hemmesiniň ýygnanmagyny emir edipdir, bir görseňem, hemmesini ýanyndan kowupdyr; gije garawullary ýanyna çagyrypdyr, şobada hem: „Menihorlamakçy bolýarlar!“ diýip gygyryşyna, olardan üçege gaçypdyr. Bu zatlar Ramsesiň ýüregindäki oňa bolan söýgini öldürdi – diňe howsala duýgusy galdy. Baran mahaly Kamanyň öýüni dolandyryjy onuň bu geň-taňlyklaryny gürrüň berende, mirasdüşer kellesini tutup, aljyraňňylyk bilen: - Men bu zenany hudaýyndan alyp, ýaman iş edipdirin. Onuň ynjyklygynydiňe hudaý çekip-çydap bilýän eken – diýip pyşyrdady. Ýöne ol barybir Kamanyň ýanyna girdi. Ýagşy sykylan, saçy hüžžerip duran, süňňüni saklap bilmän sandyrapaýan zenan: - Wah, meniň şum täleýim! Meniň daşym doly duşman. Hyzmatkärlerim zäherlemek, dellek heleý dogalamak isleýärler. Esgerlerem meniň gursagyma naýza ýa-da gylyç sünçmek üçin pursat peýleýärler. Aşhanada-da jadylanan däri-derman taýýarlaýarlar. Bularyň hemmesi meniň ölümimi isleýärler! – diýip gygyrdy. - Kama! – diýip, şa ogly ony saklady. - Meniň adymy beýdip tutma, bu maňa betbagtlyk getirýär – diýip, ol gorkuly pyşyrdady. - Beýle pikir nireden peýda bolup ýör? - Nireden? Gündiz köşgüň diwarlarynyň ýanynda ýat adamlaryň aýlanyşyp ýörendiklerini, men hyzmatkäri çagyryp ýetişmänkämem gizlenip ýetişýändiklerini men, näme, görýän däldir öýdýärmiň? Gije bolsa diwaryň aňyrsynda pyşyrdaşýandyklaryny men, näme, eşidýän däldir öýdýämiň? - Göwnüňedir. - Nälet! Nälet! – diýip, ol gözýaşa boglup gygyrdy. – Siziň hemmäňiz buzatlar meniň göwnümedir öýdýäňiz. Bäri gelenime üç gün geçende, kimdir biriniň jenaýatkär eli meniň ýatyş otagyma ýapynja oklapdyr-da, ony ýarym günegnime alyp gezdim. Soňra onuň özümiňki däldigi kelläme geldi. Şeýle ýapynja mende hiç wagtda bolmandy. - Hany şol ýapynja? – diýip, mirasdüşer indi howsalaly sorady. - Men ony otladym. Ýöne ilki öz hyzmatkärime görkezdim. - Bar, ol başga biriniňkimişin, ýöne saňa hiç zat bolmandyr-a! - Häzirlikçe hiç zat bolanok. Eger men şol esgini ýene birnäçe gün öýde saklanlygymda, ýa-ha zäherlenerdim, ýa-da bejerip bolmaýan kesele uçrardym. Aziýalylaryň nämä ukyplydyklaryny men gaty gowy bilýän. Halys ýadan, gaharly Ramses özelenip ýalbarmagyna garaman, onuň ýanyndan gitmäge gyssandy. Ol hyzmatkär zenandan soranda, kimiň oklandygy näbelli şol ýapynjanyň özleriniňki däldigini tassyklady. Mirasdüşer köşkde we köşgüň daş-töwereginde garawullaryň sanyny iki esse artdyrmagy emir edip, yzyna keýpsiz halda dolandy. Ol: „Bir ejiz zenan şeýle başagaýlyk döredip biler öýdüp hiç wagtda pikir etmändim. Ýap-ýaňyja tutulan dört syrtlanyň azary bu finikiý gyzynyňkydan az bolardy“ diýip oýlandy. Öýde Memfisden ýaňyrak dolanyp gelensoň, suwa düşmäge we eşiklerini çalşyrmaga zordan ýetişen Tutmos otyrdy. Ramses beýlekilerden ileri tutulýan ýigidiň ýüzünden onuň ýaramaz habar getirendigini aňyp: - Ýeri, sen maňa näme aýtjak? Sen onuň keramatlysyny gördüňmi? – diýip sorady. Tutmos ellerini döşünde gowşuryp baş egişine, jogap gaýtardy: - Men Müsüriň nur saçýan hudaýyny gördüm. Ol Maňa: "Men Müsüriň agyr arabasyny otuz dört ýyl çekemsoň, juda ýadap, merhumlar ýurdunda ýaşaýan beýik ata-babalarymyň ýanyna gitmek isleýän. Men basym bu topragy terk ederin-de, tagta Ramses geçip, döwleti öz ýüreginiň emrine görä dolandyrar“ diýdi. - Meniň keramatly kakam şeýle diýdimi? - Bu onuň sözleri, men olary gylyny gyrman gaýtalaýan. Seniň Müsüri öz isleýşiňçe dolandyrjakdygyň üçin, saňa geljege hiç hili görkezme galdyrmaýandygyny hökümdar maňa birnäçe gezek aýtdy – diýip, Tutmos jogap gaýtardy. - Ah, meniň keramatly kakam! Onuň keseli, dogrudanam, şeýle howplumyka? Ol meniň öz ýanyna dolanyp barmagyma nämüçin ygtyýaredenokka? – diýip, şa ogly gynanç bilen sorady. - Seniň bärde gerek bolmagyň mümkin. Şonuň üçin hem şu ýerde gezmeli. - Ýeri, onsoň Assiriýa bilen şertnamadan näme habar? – diýip mirasdüşer sorady. - Ol biziň tarapymyzdan päsgelçilik bolmazdan, Assiriýa gündogarda hem-de demirgazykda uruş alyp barsyn diýen pikir bilen baglanyşylan. Finikiýa baradaky mesele bolsa tä sen tagta çykýançaň açyklygyna galýar. - Eý, minnetdarlyga mynasyp! Eý, keramatly hökümdar! Sen meni nähili elhenç mirasdan halas edipsiň! Tutmos gürrüňini dowam etdirdi: - Hawa, Finikiýa hakdaky mesele açyk galýar. Ýöne şonuň bilen birlikde, faraon özüniň Assiriýa demirgazyk halklar bilen söweşmäge päsgel bermeýändigini subut etmek isläp, biziň goşunymyzdan ýigrimi müň hakyna tutma esgeri azaltmagy emir edipdir. - Näme diýdiň? – diýip, mirasdüşer geň galyp sorady. Tutmos kellesini gynançly ýaýkady. - Gynansagam, bu şeýle. Eýýäm liwiýleriň döpt sany uly ýygynyny goýbermäge ýetişipdirler. - Heý, beýle-de bir paýhassyzlyk bolarmy? – diýip, mirasdüşer ellerini döwere getirip, gygyrdy. – Biz nämüçin özümizi beýle gowşadýarys?..Ýeri, onsoň şonça adam nirä gitmelimişin? - Olar Liwiýa çöllügine gidipdirler. Soňra ýa-ha liwiýleriň üstüne çozupbaşlap,alada bolarlar, ýa-da olar bilen bilelikde biziň günbatar ýerlerimize aralaşarlar. - Men bu barada hiç zat bilemokdym. Olaryň edip ýören zady näme? Haçan şeýdipdirler? Bize-hä hiç hili habar gelip ýetmedi. - Boşadylan hakyna tutma esgerler Memfisden göni çöllüge gidipdirler, ýöne Herihor kim bolanlygynda hem, onuň ýanynda bu barada dil ýarmagy gadagan edipdir. - Diýmek, ony Mefres bilen Mentesufisem bilenok-da, şeýlemi? - Olar bilýärler. - Olar bilýärler, men weli hiç zat bilemok! Mirasdüşer birden köşeşdi. Ýöne ýigrençden meňzi üýtgäpdi. Ol syrdaşynyň ellerinden tutdy-da, olary berk gysyşyna: - Meni diňle! Öz kakamyň hem-de öz ejemiň eldegrilmez kellesinden ant içýän...Beýik Ramsesiň ruhundan ant içýän...Bar bolan ähli hudaýlardan ant içýän: men ýurdy dolandyryp başlanymda, žresler ýa-ha meniň alnymda baş egerler, ýa-da men olary mynjyradaryn! – diýip pyşyrdady. Tutmos ony gorky bilen diňleýärdi. - Ýa-ha men, ýa-da olar! Müsürde iki hudaý bolup bilmez! – diýip, şa ogly sözüni jemledi. - Hemişe-de diňe biri – faraon bolupdy – diýip, syrdaşy şa oglunyň aýdanynyň üstüni ýetirdi. - Sen nähili, maňa wepaly bolup galarmyň? - Menem, tutuş tanymal adamlaram, goşunlaram – saňa ant içýän. - Bolýar. Goý, hakyna tutma uly ýygynlar boşadylsyn, goý, şertnama gol çekilsin, goý, menden ýarganat ýaly bolup gizlensinler, aldasynlar. Ýöne wagty geler... Häzir bolsa, Tutmos, dynç al, ýol ýadawlygyny aýyr. Agşam bolsa meniň ýanyma meýlise gel. Bu adamlar daşyma şeýle bir topr gurýarlar weli, men şady-horramlykdan başga hiç zat edip bilemok... Aý, bolýar, şatlanarys. Ýöne men haçandyr bir wagt Müsürde hökümdaryň kimdigini olara görkezerin! Şol gündenem meýlis başlandy. Mirasdüşer, hamala diýersiň, öz goşunlaryndan utanýan ýaly, olar bilen türgenleşik geçmedi. Köşk tanymal adamlardyr serkerdelerden, köşk hokgabazlarydyr aýdymçylaryndan jygylda-mygyldy: gijelerine serhoş jalataýlyk höküm sürýärdi, ajy suwdan kelleleri göçen ýigitleriň gykylygy, aýallaryň çakyr gülküleri arfalaryň owazyny basýardy. Ramses Kamany şeýle meýlisleriň birine çagyrdy, ýöne ol boýun towlady. Mirasdüşer öýkeledi. Muny gören Tutmos ondan: - Sarranyň seniň merhemetiňden mahrum bolandygy çynmy? – diýip sorady. Mirasdüşer: - Maňa şol jöhidi ýatlatma. Onuň meniň oglumy nädendigi saňa mälimmi? – diýip jogap gaýtardy. - Mälim. Ýöne meniň göwnüme ol günäkär däl ýaly. Seniň örän hormatly ejeň, şa aýaly Nikotrisanyň hem-de hökümet agzasy Herihoryň seniň ogluňy Ysraýylyň patyşasy etmek isleýändiklerini men Memfisde eşitdim. - Weý, Ysraýylyň patyşasy ýok ahyry. Diňe ruhanylary bilen kazylary bar-a. - Hawa, ýok. Emma olar bolmagyny isleýärler – žresleriň hökmürowanlygy hemme kişiniň ýüregine düşüpdir. Mirasdüşer elini ýigrenç bilen salgap goýberdi. - Şol patyşajyklaryň islendiginden, aýratynam, bitmedik ýowşanyň düýbündäki dogmadyk towşandan – Ysraýylyň aslynda ýok patyşasyndan faraonyň arabakeşi has ähmiýetlidir – diýdi. Tutmos: - Her näme bolsa hem, bu ýerde Sarranyň günäsi şeýle bir uly däl – diýdi. - Bek bellegin: men haçandyr bir wagt žresler bilen hem üzülişerin. - Edil häzirki ýagdaýda olar hem gatybir günäkär däl. Örän hormatly Herihor seniň neberäň şan-şöhratyny hem-de güýç-kuwwatyny arşa götermek isläp, şeýle hereket edipdir. Özi-de şa aýaly Nikotrisanyň ygtyýar bermegi bilen şeýdipdir. - Ýeri, onsoň Mefres näme üçin meniň durmuşyma sokjarylýar? Onuň etmeli işi meniň neslimiň ykbalynyň aladasy bilen bolmak däl-de, eýsem, mukaddes ýerleri goramak dälmi näme? - Mefres gojalypdyr, oglan ýaly bolup ugrapdyr. Häzir faraonyň köşgündäkileriň hemmesi onuň geň-taň hereketlerini ýaňsylap gülýärler. Bu keramatly kişi tas her gün duşuşyp dursak hem, özüm-ä şol geň-taňlyklar barada hiç zat bilemok. - Geň. Ol beýle näme edýärmişin? - Ol her gün ybadathananyň gizlin ýerinde dabaraly ybadat edip, öz žreslerine-de: „ Ünsli syn ediň: doga okaýan mahalym hudaýlar meni ýokary göterýän bolaýmasyn“ diýýärmişin. Ramses hahaýlap güldi. - Beýle zat bärde, Bubastda hemmäniň gözüniň alnynda bolup geçýär, men bolsa bihabar. - Žres syry ahyry ol... - Memfisde ähli adamyň dilinden düşmän ýören „syr“! Ha-ha-ha. Men sirkde howa göterilen haldeý hokgabazyny görüpdim. - Ony menem gördüm, ýöne ol hokgady. Mefres bolsa öz takwalygynyň ganatynda ýokarda gaýmak isleýär. Şa ogly: - Görlüp-eşidilmedik masgarabazlyk. Beýleki žresler muňa nähili garaýarlar? – diýdi. - Biziň mukaddes papiruslarymyzda ir eýýämlarda bizde ýerden ýokary galyp bilmek ukybyna eýe bolan pygamberleriň ýaşandygyny beýan edýän ýerler bar. Şonuň üçin hem, Mefresiň synanyşyklary žresleri geň galdyranok. Müsürde, bilşiň ýaly, tabynlykdakylaryň öz öňbaşçylaryna islendik zatda ynanýandyklary sebäpli, keramatly kişileriň käbiri-hä Mefresiň doga okaýan mahaly, hakykatdanam, ýerden az-maz ýokary galýandygyny tassyklaýarlar. Ramses gülüp gepledi: - Ha-ha-ha. Bu „ beýik syr“ tutuş köşge güýmenje bolupdyr, biz bolsak edil daýhanlar ýa-da daş döwüjiler ýaly, hatda gözümiziň alnynda bolup geçýän geň-taňlyklary duýman, agzymyzy açyşyp ýörüs. Müsüriň tagtynyň mirasdüşeriniň ähmiýetsiz adamdygyny görüň-ä! Tutmos ikinji gezek haýyş edenden soňra, köşeşen Ramses Sarrany çagasy bilen hyzmatkärlere niýetlenen öýden çykaryp, Kamanyň ilkinji günlerde ýaşan kiçi köşgüne geçirmek barada görkezme berdi. Mirasdüşeriň hyzmatkäri öz jenabynyň bu görkezmesine juda begendi; ähli hyzmatkärler, gullar, hatda mürzeler Sarrany ýaşamaly täze ýerine çenli saz hem-de şowhunly sesler bilen ugratdylar. Kama galmagaly eşidip, „Näme boldy?“ diýip sorady. Sarra mirasdüşeriňmerhemetiniň gaýtarylyp berlendigini, hyzmatkärleriň bolýan öýünden ýene köşge göçendigini eşidende, žres zenanyň ýakasyndan köz oklanan ýaly boldy. Ol gazaba münüp, ýanyna Ramsesi çagyrmaklaryny buýurdy. Mirasdüşer geldi. Kama özüne bütinleý erk etmän, heňkirip ugrady: - Seniň meni beýle kemsitmäň näme? Bu nätdigiň boldy? Sen meniň köşgüňde ilkinji aýal boljakdygyma söz beripdiň, ýöne Aý asmanyň heniz ýarysyny-da geçip ýetişmänkä, beren wadaňdan dändiň. Belki, sen Aştoret diňe žres zenanlardan ar alýandyr, faraonyň ogullaryny bolsa aýaýandyr öýdüp pikir edýänsiň, şeýlemi? - Öz Aştoretiňe aýt, goý, ol hiç wagtda patyşanyň ogullaryna haýbat atmasyn, ýogsam ol hem hyzmatkärleriň ýaşaýan öýüne baryp düşer – diýip, Ramses arkaýyn jogap gaýtardy. - Düşünýän! – diýip Kama gygyrdy. – Sen meni şol ýere, belki-de, zyndana iberip, özüň bolsa gijäni jöhit heleýiň ýanynda geçirjeksiň. Men seniň üçin hudaýlardan ýüz öwrüp, olaryň näletine galdym; sahel salymam gorky-ürküsiz oturyp bilemok; öz ýaşlygymy, ömrümi, hatda ýüregimi harladym...- ine-de, alan aklygym! Şa ogly Kamanyň özi üçin köp zady pida edendigini içinden boýun aldy. Onda ökünç oýandy. Ol: - Men Sarranyň ýanynda bolamok, bolmanam. Sen biderek ýere oda-köze düşýäň. Betbagt aýal öz çagasyny ine-gana naharlasyn diýip, amatly ýere geçirtdim – diýdi. Finikiý gyzy galpyldap başlady. Ol düwlen ýumruklaryny ýokary galdyrdy, saçy syh-syh boldy, gözlerinde ýigrenç ody uçganaklady. - Hä, maňa berýän jogabyň şeýlemi?..Jöhit heleý-ä köşkden kowanyň üçin betbatmyşyn-da, menem özümi hudaýlar keramatly ýerden kowsalaram, günümden hoşal bolmalymy, şeýlemi? Ýeri, onsoň meniň ýüregim näme? Eýsem, gözýaşa gark bolan, gorkudan galpyldap oturan žres zenanyň ýüregi, näme, şol jöhit tohumyndan, şol çagadan artyk dälmi? Wah, güm bolup gitsedi şol! Meniň edýän gargyşlarymyň hiç biri ýerde galman, ony galyndyrmaýady-da, belki! Ramses onyuň agzyny ýapyp: - Gapyl! – diýip gygyrdy. Ol gorkudan yza serpildi. Ýöne hor-hory ýatmady: - Wah, maňa öz gaýgy-hasratym barada hem dil ýarmagam bolanok-da!.. Egersen öz çagaň hakda beýle alada edýän bolsaň, nämüçin meni ybadathanadan ogurladyň, nämüçin meniň köşkde ilkinji aýal boljakdygyma söz berdiň?..- Ol gaýtadan möwç aldy. – Müsür meniň düşen günümden habarly bolup, seni ähtiýalan diýip atlandyraýmasyn, ägä bol! Mirasdüşer başyny ýaýkap, ýaňsyly gülümjiredi. Soňra ahyry oturgyçda ornaşyp: - Maňa aýallardan seresap bolmagy duýduran mugallymym müň keren mamla eken. Siz açlykdan gultunýan adamyň gözüne ýagşy bişen şetdaly ýaly bolup görünýärsiňiz. Ýöne diňe daşyňyzdan şeýle...Sebäbi şol datly miwä agyz uran akmagyň dat gününe! Dişlärem weli, içindäki arynyň öýjüginiň üsti açylar-da, „wyzda-wyz“ bolşup, onuň diňe agzyny däl, ýüreginem ýaralarlar – diýdi. - Ýene-de gyjalat!..Sen meni hatda şundanam dyndaryp bileňok ahyry!..Men bolsa seniň üçin žres mertebesini-de, öz päkligimi-de pida etdim! Mirasdüşer ýene ýaňsyly ýylgyryşyna, başyny ýaýkady oturdy. Ol ahyrsoňy: - Men daýhanlaryň ukynyň öň ýanynda aýdyp berýän ertekileri hasyl bolýandyr öýdüp, hiç wagtda pikir etmändim. Ýöne onuň düýbünde hakykatyň ýatýan ekendigine indi göz ýetirdim. Diňle, men ony gürrüň bereýin. Belki, Kama, sen aklyňa aýlanarsyň hem-de meniň özüňe bolan garaýşymy belli-küllü ýitirmersiň – diýdi. - Men, näme, haýsydyr bir ertrkini diňleýänçimi? Ozal seniň ertekileriňi diňlemek kemi galan däldir...Ine-de, olaryň soňy – elimi ýalap galdym. - Ýöne eger sen manysyna düşünmek isleseň, häzir aýdyp berjek ertekim gürrüňsiz öz peýdaňa bolar. - Onda jöhit çagalary barada-da nämedir bir zatlar aýdylýarmy? - Ertekide žresler hakda-da bar, ýöne ünsli diňle! „Bu waka bärde, Bubastda bolup geçipdir. Günleriň birinde Satni diýen puly weşeň-weşeň knýaz Ptaha ybadathanasynyň öňündäki meýdançada juda owadan gyz görýär. Ozal beýle näzenin gözüne ilmänsoň, onuň kimdigi bilen gyzyklanýar. Ol Bubasrtyň ýokary žresiniň gyzy bolup çykýar. Baý kişi: „Eger men bilen ýekeje sagady bile geçirmäge razy bolsaň, saňa on sany tylla ýüzük sowgat bereýin“ diýen teklip bilen, onuň ýanyna atbakaryny ýollaýar. Atbakar näzenin Tbubuiniň ýanyna baryp, oňa knýaz Satniniň sözleriniýetirýär. Näzenin onygowy terbiýelenen gyza laýykatly bolşy ýaly, güler ýüz bilen garşylaýar. - Men – haýsydyr bir daýhan gyzy däl-de, eýsem, ýokary žresiň gyzy, özümem heniz el degmedik gyz. Eger knýaz meniň bilen tanyşmak isleýän bolsa, goý, ähli zat taýýar edilip goýuljak öýe gelsin! Şeýtsek, ikimiziň tanyşlygymyz gybatkeş goňşy-golamlaryň diline düşmez – diýip jogap gaýtarýar. Ine, onsoň knýaz Satni Tbubuiniň ýaşaýan ýerine ugrapdyr we jaýyň ýokarky gatyna, ümsüm ýere çykypdyr. Onuň diwarlaryna goýy gök reňkli hem-de öçügsi ýaşyl reňkli syrçaly dörtburç daşlar tutulan eken. Otagyň içinde gymmatbaha mata çekilen birnäçe ýumşak seki, üstünde altyndan ýasalan uly göwrümli bulgurlar goýlan birnäçe tegelek stoljuk barmyşyn. Tbubui bulgurlaryň birini çakyrdan püre-pürläp, knýaza uzadýar-da: - Haýyş edýän, şuny iç! – diýýär. - Meniň bäri çakyr içmäge gelmändigimi sen bilýäň ahyry! Her niçijgem bolsa, ikisi naz-nygmatly saçagyň başyna geçýärler. Tbubuiniň egninde syk matadan dokalan, boýnuna çenli ildirilen köýnek barmyşyn. Knýaz ony öpmekçi bolan mahaly gyz arkan gaýşyp: - Bu öý seniňki bolar. Ýöne meniň päkize gyzdygymy unutma.Eger meniň özüňe tabyn bolmagymy isleýän bolsaň, maňa wepaly boljakdygyňa ant iç hem-de emlägiňi maňa bagyşla- diýýär. Knýaz: - Onda maňa mürzäni bäri çagyrmaga ygtyýar ber! – diýýär. Mürze gelýär. Satni oňa gyz ikisinin nikadan geçendigini, şeýle-de, sowgat berlendigini tassyklaýan resminamalary düzmegi emir edýär. Soňky resminama boýunça baý kişiniň ähli puly, mak-mülki, peýdalanylýan ýeri Tbubuýa geçýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, aşakda çagalarynyň garaşýandygyny hyzmatkärler knýaza habar berýärler. Tbubui derrew otagdan çykýar we yzyna aňyrsy görnüp duran köýnekli dolanyp gelýär. Satni ýene ony gujaklamak isleýär, ýöne ol arkan gaýşyp: - Bu öý seniňki bolar. Ýöne men haýsydyr bir sölite aýal däl-de, päkize gyzdyryn. Eger sen meniň özüňe degişli bolmagymy isleýän bolsaň, soňra meniň çagalaryma gün bermän ýörmez ýaly, goý, perzentleriň seniň emlägiňden ýüz öwürsinler - diýýär. Satni çagalaryny oturan ýerine çagyrýar hem-de olaryň emläkden boýun towlaýandyklary barada resminama gol çekmeklerini emir edýär. Olar öz gollaryny goýýarlar. Ol Tbubuýa ýene golaýlaşmakçy bolýar weli, gyz ony öz ýanyna goýbermeýär. - Bu öý seniňki bolar. Ýöne men haýsydyr bir başyna giden aýal däl-de, el degmedik gyzdyryn. Eger meni söýýändigiň çyn bolsa, meniň çagalarymdan emlägiňi dawa edip almaz ýaly, üç perzendiňi öldürmegi emir et – diýýär. Kama sabyrsyzlyk bilen: - Beýle-de bir ýüregedüşgünç hekaýat bolar ekeni! – diýip, onuň sözüni kesdi. - Häzir gutarýar. Satniniň näme diýendigini bilýärmiň, Kama? „- Eger sen muny talap edýän bolsaň, goý, zalymlyk edilsin! Tbubuýa bu sözi iki gezek gaýtalamagyň geregi ýok eken. Ol derrew çagalary kakasynyň gözüniň alnynda çapmagy buýurýar we olaryň beden böleklerini penjireden itlerdir pişiklere oklaýar. Diňe şondan soňra Satni hylwatýere girýärwe gyzyň gara agaçdan ýasalyp, piliň gyýagy bilen bezelen ýatyş sekisindeözüne salnan düşege geçýär“.19 - Erkekleriň wadasyna ynanman, Tbubui gowy edipdir - diýip, finikiý gyzy ynjalyksyz gygyrdy. - Ýöne Satni ondanam gowy edipdir: ...ol ukudan oýanypdyr. Aýylganç jenaýat düýşde bolup geçen eken!..Senem, Kama, erkegi söýgi serhoşlugyndan oýandyrmagyň iň dogry serişdesiniň – onuň ogluna gargyş etmekdigini belläp goýgun! Kama: - Arkaýyn bolaý, meniň jenabym! Öz gaýgy-hasratym barada-da, seniň ogluň barada-da men dagy-duwara ýuman agzymy açman – diýip, gussaly jogap gaýtardy. - Men bolsa seni mähir-muhabbetim bilen bagtly ederin – diýip, Ramses gürrüňini jemledi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |