10:02 Faraon -21: romanyň dowamy | |
ON BÄŞINJI BAP Liwiýaly hakyna tutma esgerler baradaky elhenç "myş-myşlar“ Bubastyň ilatynyň arasynda-da ýaýrady. Žresleriň boşadan esgerleriniň öz ýurduna dolanyp gelip, ilki sadaka sorap gezendikleri, soňra bolsa ogrulyga ýüz urandyklary, iň soňundanam müsür obalaryny talap, otlap, ýaşýjylary-da öldürip başlandyklary baradaky gürrüňler agyzdan-agza geçýärdi. Birnäçe günüň dowamynda Merid kölüniň günortasynda ýerleşýän Henensu, Pi-Mat, Kaza şäherlerine-de hüjüm edilip, tozdurylypdy. Uit-Mehe oazisinden dolanyp gelýän söwdagärleriň we zyýaratçylaryň kerweni-de heläk bolupdy. Tutuş günbatar serhet howp astyndady, hatda Teremetisdenem ýaşaýjylar gaçyp ugradylar; sebäbi şol ýerlerde deňiz tarapdan liwiý garakçylary peýda bolup, olar, aýtmaklaryna görä, tutuş çöllük boýunça Müsüriň garşysyna mukaddes uruş yglan etmekçi bolýan rehimsizserkerde Mussawasatarapyndan ýollanýanmyşyn. Şonuň üçin hem, eger kämahal agşam şapagy uzak wagtlap batmasa, Bubastyň ýaşaýjylaryny howsala gurşap alardy. Şäherliler meýdançalara ýygnanardylar, tekiz üçeklere ýa-da agaçlara çykyp, uzakdan – Menufede ýa-da Sehemde ýangyn görünýändigini aýdyp gygyryşardylar. Olaryň arasynda göz baglanandygyna garamazdan, eýläk-beýläk ylgaşýan ýaşaýjylary ýa-da uzyn gara hatar bolup, Bubasta tarap aýak düzüp barýan liwiý garakçylaryny görýändigini aýdýanlaram bardy. Ilatyň arasyna dowul aralaşandygyna garamazdan, ýokardakylardan hiç hili görkezme gelmänsoň, welaýatlaryň häkimleri hereket edenokdylar. Ramses şäherdäki ynjalyksyzlygy bilýärdi, Bubastyň hojaýynlarynyň pahsyzlygyny görýärdi. Memfisden hiç hili görkezme almansoň, ol gazaba mündi. Emma döwlete howp salýan şol howsalaly ahwalatlar barada Mefresdir Mentesufis öz ýanynda dil ýarmansoň, şeýle gürrüňden daşrakda durmagy kem görmeýän ýaly bolansoň, mirasdüşeriň özi ne-hä olara ýüz tutdy, ne-de harby taýýarlyk geçmek bilen meşgullandy. Ol ahyrsoňunda Bubastyň eteginde duran goşunlara barmagyny bes etdi-de, oňa derek tanymal ýerden çykan ýaşlaryň hemmesini köşge ýygnap, žreslere gaharyny, döwletiň ykbaly üçin howsalasyny basyp, meýlis gurdy, şady-horram boldy. Ol bir gezek Tutmosa ýüzlenip: - Gör-de duruber, keramatly pygamberler halky şeýle bir güne salarlar weli, Mussawasa-ha Aşaky Müsüri basyp alar, bizemyzzanda-çuwan bolşup, Fiwä, belki hem, öz nobatynda efioplar kowmasa, Suna gaçmaly bolarys - diýdi. - Dogry aýdýaň, biziň hökümdarlarymyz özlerini dönükler ýaly alyp barýarlar – diýip, Tutmos jogap gaýtardy. Atir aýynyň ilkinji güni mirasdüşeriň köşgünde şadyýan meýlis bolup geçdi. Ol günortan başlap, eýýäm Gün batýança aýak üstünde durup bilýän galmady. Çen-çakda durulmansoň, myhmanlar, erkekler, aýallar çakyr dökülen, güller,gap-gaçlaryň döwükleri seçelenen gaty ýerde serrelişip ýatyrdylar. Ramses beýleki ýigitlere garanda ganymatdy. Ol ýatanokdy-da, iki tansçy gyzy dyzyna mündürip, kürsüde otyrdy. Gyzlaryň biri onuň agzyna çakyr tutsa, beýlekisi kellesine ýiti ysly zat çalýardy. Şol pursatda meýlis guralan ýerde onuň kömekçisi peýda boldy. Ol özüni bilmän ýatan göwreleriň birnäçesiniň üstünden ätledi-de, mirasdüşeriň ýanyna bardy. - Hökümdar, keramatlylar Mefres bilen Mentesufis seniň bilen gyssagly gürleşmek isleýärler – diýip pyşyrdady. Mirasdüşer tansçy gyzlary özünden itdi-de, ýüzi çym-gyzyl, köýnegine çakyr dökülen halda, ynamsyz ädim urup, öz ýerine – köşgüň ýokarky gatyna ýöneldi. Ony beýle ýagdaýda gören Mefres bilen Mentesufis biri-birine seredişdiler. Mirasdüşer özüni kürsä goýberdi-de: - Size näme gerek, keramatly atalar? – diýip sorady. - Sen şeýle halda bizi diňläp bilermikäň? – diýip, Mentesufis aljyraňňy halda jogap gaýtardy. - Hä! Siz meni serhoşdur öýdýäňiz-dä, şeýlemi? – diýip, şa ogly gygyrdy. – Gorkmaň! Häzir tutuş Müsür şeýle bir sähne bolupdyr ýa-da samsyklaşypdyr weli, serhoşlaryň kellesiniň işleýşi sersaglaryňkydan gowy bolsa gerek. Žresler ýüzlerini çytdylar. Ýöne şeýle-de bolsa, Mentesufis gürrüňi dowam etdi: - Patyşanyň we ýokary geňeşiň ýigrimi müň hakyna tutma esgeri boşatmagy karar edendigi saňa mälimmi?.. - Bar, hamala, mälimmişin-dä – diýip, şa ogly onuň sözüni kesdi. – Sebabi siz diňe bir şeýle akylly permana dahylly meniň maslahatymy soramak-ha beýlede dursun, hatda eýýäm dört uly ýygynyň pytradylandygyny, şol aç adamlaryň biziň şäherlerimize çozýandygyny barada meni habarly hem etmediňiz-ä. Mentesufis: - Sen onuň keramatlysy faraonyň hereketini günäkärleýän-ä dälsiň-dä? – diýip sorady. - Faraony dä-de, meniň kakamyň hem-de hökümdaryň hassalygyndan peýdalanyp, döwleti assiriýlerdir liwiýlere satmakçy bolýan dönükleri günäkärleýän! Žresler doňup galdylar. Olara şeýle sözleri henize çenli ýeke müsürli-de aýtmandy. Mefres: - Şa ogly, bize bäri ýene birnäçe wagtdan, aýňalan mahalyň dolanyp gelmäge rugsat et – diýdi. - Beýtmäge zerurlyk ýok. Özümiziň günbatar serhedimizde nämeleriň gopýandygyny men bilýän. Has dogrusy, men däl-de, aşpezlerim, atbakarlarym, köşgüň içini süpürijilerim bilýärler. Ýöne, örän hormatly atalar, siz öz etsem-goýsamlaryňyzy maňa, belki, häzir ynanarsyňyz? Mentesufis parahat görnüşde durşuna: - Liwiýalylar aýaga galypdyrlar. Olar Müsüriň üstüne çozmak hyýaly bilen, garakçylary toplap başlapdyrlar – diýdi. - Düşünýän. - Onuň keramatlydsynyň hem-de ýokary geňeşiň islegine görä, saňa, hökümdar, Aşaky Müsürde duran goşunlaryň başyny jemläp, gozgalaňçylaryň soňuna çykmak teklip edilýär. - Hany buýruk? Mentesufis goltugyndan birnäçe ýerine möhür urlan pergamenti çykaryp, ony mirasdüşere uzatdy. Mirasdüşer: - Diýmek, indi men hem-ä baş serkerde, hem-de şol welaýatyň ýokary hökümdary, şeýlemi? – diýip sorady. - Hakykatdanam, şeýle. - Sizi harby maslahata çagyrmaga ygtyýarymam barmy? Mefres: - Elbetde. Edil häzir bolsa-da... – diýip jogap gaýtardy. Şa ogly: - Oturyň! – diýip teklip etdi. Žresler tabyn boldular. - Liwiý ýygynlarynämüçin dargadyldy? Bu meniň etjek-goýjak işlerim üçin zerur. - Olaryň ýene ikisi dargadylar. Ýokary geňeş faraonyň gaznasyna her ýylda dört müň talantyň gowşurylmagy üçin, has gymmat düşýän esgerleriň ýigrimi müňüsinden dynmak isleýär. Ýosgsam köşgüň kyn ýagdaýda galjakdygy görnüp dur – diýip, Mentesufis jogap gaýtardy. Mirasdüşer: - Emma bu kynçylyk müsürli žresleriň içinde iň bir bolgusyzyna-da howp salanok – diýdi. - Žresleri bolgusyz diýip atlandyrmagyň laýykatly däldigini sen unudýaň. Olara ýetmezçiligiň howp salmaýandygy barada aýdylanda bolsa, bu žresleriň durmuşda artykmaç zatlardan saklanýandygynyň netijesidir. Şa ogly ýaňsyly ýylgyryp gepledi: - Eger şeýle bolsa, onda her gün ybadathana getirilýän çakyry, ähtimal, hudaýlar içýändir;aýallaryny altyndyr beýleki gymmatbaha şaý-sepler bilen bezeýän-de şol daş heýkellerdir... Ýöne men siziň durmuşda „artykmaç zatlardan saklanyşyňyz“ barada jikme-jik aýdyp oturmakçy däl. Žresleriň ýokary geňeşiniň ýigrimi müň esgeri kowup, Müsüriň derwezelerini açyp goýmagy faraonyň gaznasyny doldurmak üçin däl... - Onda nämüçin? - Patyşa Assara ýaranmak üçin. Faraonyň assiriýlere Finikiýany bermekden boýun towlandygy sebäpli, siz döwleti başga usul arkaly – hakyna tutma esgerleri dargadyp, biziň günbatar serhedimizde uruş tutaşdyrmak arkaly gowşatmak isleýärsiňiz. Mentesufis: - Hudaýlary şaýat bolmaga çagyrýan, sen, şa ogly, bizi haýran galdyrýaň! – diýip gygyrdy. - Müsüriň hut özünde, patyşanyň erk-ygtyýarynyňel-aýagynyň daňlyp, haýsydyr bir haldeý kezzabynyň döwletiň ykbalyna täsir edýändigini eşidäýseler, ötüp-geçen faraonlaryň ruhlary has-da haýran galardylar. El-aýagyny ýitiren Mentesufis: - Men öz gulaklaryma ynanamok! Şa ogly, sen haýsy haldeý barada aýdýaň? – diýip howsalaly sorady. Hökümdar žresleriň ýüzlerine bakyp güldi. - Men Beroes barada aýdýan. Eger sen, keramatly kişi, ol hakda eşitmedik bolsaň, örän hormatly Mefresden sora. Eger ol hem unudan bolsa, goý, Herihorbilen Pentuerden sorasyn. Ynha, ol – biziň ybadathanalarymyzyň beýik syry!Haýsydyr bir şübheli gelmişek ogry ýaly bolup, assyrynlyk bilen Müsüre aralaşýar-da, iň bir masgaraçylykly şertnamany – diňe ençeme söweşlerde ýeňlip, uly ýygynlaryň ählisi hem-de iki paýtagt elden giderlenden soňra gol çekip boljak şertnamany ýokary geňeşiň boýnuna dakýar. Bir adamyň, megerem, Assiriýanyň jansyzy bolsa gerek, eden işini görsene!Biziň danalarymyz bolsa oňa şeýle bir ynanypdyrlar weli, faraon olara Finikiýa haýynlyk etmegi gadagan edende, özlerini uly ýygynlary dargatmak hem-de günbatar serhetde uruştutaşdyrmak bilen sylaglaýarlar. – Ramses indi özüne erk edip bilmän, sözüni dowam etdi. -Heý, görlüp-eşidilen zatmydyr, goşunyň sanyny üç ýüz müň adama ýetirip, ony Ninewiýanyň üstüne sürmeli wagty dindar tentekler ýigrimi müň esgeri dargadyp, öz öýlerini otlaýarlar! Ýüzi duw-ak bolan Mefres onuň ýaňsysyny sesini çykarman diňleýärdi. Ol ahyry: - Seniň bu maglumatlary haýsy çeşmelerden susup alandygyňy men bilemok, hökümdar. Men onuň edil ýokary geňeşiň agzalarynyň ýürekleri ýaly arassa bolmagyny isleýän. Bar, hamala, seniň aýdýanlaryň dogrumyşyn, haýsydyr bir haldeý žresi Assiriýa bilen agyr şertnama gol çekmäge geňeşi yrmagy başaranmyşyn diýeli. Emma, hatda şeýle bolanlygynda hem, şol žresiň hudaýlaryň ýollan adamy bolmandygyny sen nireden bilýäň? Belki, hudaýlarMüsüriň depesine abanýanhowpy şonuň agzy bilen duýdurandyrlar? – diýdi. - Haldeýler haçandan bäri beýle siziň ynamyňyza eýe bolup ýör? - Haldeý žresleri müsürlileriň uly doganlarydyr – diýip, Mentesufis gürrüňe goşuldy. - Onda, belki, Assiriýanyň patyşasy-da faraonyň hökümdarydyr? - Dine dil ýetirme, şa ogly – diýip, Mefres ony talabedijilik bilen saklady. –Sen mukaddes syrlara aralaşmaga milt edýärsiň, ýöne munuň üçin senden ýokarda duran adamalaram agyr jeza çekipdirler. - Bolýar, men siziň syrlaryňyza degmäýin. Ýöne haldeýleriň haýsynyň – hudaýlaryň ýollan adamydygyny, haýsynyň bolsa – patyşa Assaryň içalysydygyny nireden bilmeli? - Täsinlikler bilen. Eger seniň emriň boýunça, şa ogly, şu otaglar ruhdan dolaga-da, göze görünmeýän güýçler seni ýokary galdyrsalar, biz: „Sen - bakylyk guraly“ diýip, seniň maslahatyňa gulak asardyk – diýip, Mefres jogap gaýtardy. Ramses egnini ýygyrdy. - Ruhlary menem gördüm. Olar ýaşajyk gyzyň elleri bilen hereket edýärdiler. Sirkde howada asyl-asyl bolup ýatan hokgabazy-da görmek miýesser etdi. Mentesufis: - Ýöne sen onuň dört sany kömekçisiniň dişlerinde saklap duran inçe ýüpjagazlaryny görmänsiň – diýdi. Mefresiň edýän doga-dilegi barada Tutmosyň aýdany ýadyna düşdü-de, şa ogly gaýtadan güldi. Soňra ýaňsyly ýylgyryşyna: - Patyşa Heopsyň zamanynda bir ýokary žres her edip, hesip edip, asmana göterilmek isläpdir. Özi hudaýlara mynajat edipdir, tabynlygyndakylara-da; „Ünsli serediň, göze görünmeýän güýçler meni ýokary galdyrýan bolaýmasynlar!“ diýip tabşyrypdyr. Keramatly kişiler, göz öňüne getirip görüň, şeýle bir ýokary bolman, bary-ýogy bir barmak hem bolsa, garaz, ýerden göteriýändigine şägirtleri žresi her gün ynandyrypdyrlar – diýip gürrüň berdi. Şa ogly Mefrese seretdi. - Weý, size näme boldy, keramatly ata? Hakykatdanam, özi baradaky hekaýaty diňlän žres kürsüde yranjyrap ugrapdy. Eger Mentesufis saklamanlygynda, ol aşak gaýtjakdy. Keramatly Mefres basym özüne geldi. Ol kürsüden galdy-da, Mentesufise ýüzlendi: - Öýe gaýdaýsak nädýär? - Menem şeýle pikirde. Bir oňaýsyzlygyň bolandygyny duýan mirasdüşer: - Ýeri, onsoň men näme etmeli? – diýip sorady. - Baş serkerdäniň borçlaryny ýerine ýetirmeli – diýip, Mentesufis sowuk jogap gaýtardy. Žresler oňa hormet bilen tagzym edip, çykyp gitdiler. Hökümdar ajy içginiň humaryndan doly aýňalypdy, ýöne ýüregi biynjalykdy. Ol iki sany ullakan ýalňyşlyk goýberendigine düşünýärdi: olaryň beýik syryndan habarlydygyny žreslere aýan edipdi hem-de rehimsizlik bilen Mefresiň üstünden gülüpdi. Ol bolup geçen serhoş gürrüňi žresleriň hakydasyndan süpürip aýyrmak üçin öz ömrüniň bir ýylyny bermäge taýýardy, ýöne indi giçdi. Mirasdüşer: „Etjek zadyň ýok, men özümi paş etdim hem-de ganym duşmanlary gazandym. Indi gynananyňdan ne peýda! Çaknyşyk meniň üçin peýdasyz pursatdan başlanýar...Ýöne barybir yza gaýtmaryn. Žresler bilen çaknyşan, güýçli ýaranlary bolmasa hem, olardan üstün çykan faraonlar köp bolupdyr“ diýip oýlanýardy. Emma öz ýagdaýynyň howpludygyny şeýle bir duýýardy weli, onsoň şol wagt dagy-duwara ajy suwy şeýle köp içmejekdigine kakasynyň mizemez kellesinden ant içdi. Ol Tutmosy çagyrmaklaryny emir etdi. Syrdaşy derrew geldi. Ol sersagdy. Mirasdüşer: - Bizde uruş, menem baş serkerde – diýip mälim etdi. Tutmos ýere çenli eglip, tagzym etdi. - Men dagy-duwara kekirdegime gelýänçä içmen. Näme üçin, bilýämiň? Tutmos: - Serkerde çakyrdan hem-de serhoş ediji hoşboý yslardan ägä bolmaly – diýip jogap gaýtardy. - Men muny unudyp, žreslere eýle-beýle zatlary lakgyldapdyryn. Tutmos: - Nä-me? – diýip gorkuly sorady. - Olary ýigrenýändigimi, gudratlarynyň üstünden gülýändigimi aýdypdyryn. - Aý, eýle bolsa, zeleli ýok. Men-ä olaryň adamlardan sylag-hormat tamasy ýokdur diýip pikir edýän. - Olaryň syýasy syrlaryny bilýändigimi-de agzymdan sypdyrypdyryn – diýip, mirasdüşer aýdanynyň üstüni ýetirdi. - Ine, şuny weli oňarmansyň! – diýip, Tutmos howsalaly seslendi. - Indi bu barada öküneniň peýdasy ýok. Gyssagly çaparlary iber: ertir irden harby serkerdeleriň hemmesi maslahata ýygnansynlar. Duýduryş oduny ýaksynlar; goý, Aşaky Müsüriň ähli goşunlary ertirden başlap, günbatar serhede tarap ýola düşsünler. Häkimiň ýanyna bar-da, egin-eşik taýýarlamalydygyny, şeýle-de, bu barada beýleki häkimlere habar ýetirmelidigini aýt. - Hil bilen baglanyşykly uly kynçylyklar-a dörär – diýip Tutmos belledi. - Goşunlaryň geçirilmegi üçin, ahli gaýyklary, gämileri Niliň gollarynda saklamaly. Şeýle-de, ätiýaçlyk ýygynlaryny taýýarlamak bilen meşgullanmagy hämmelerden talap etmeli. ...Şol wagt Mefres bilen Mentesufis Ptaha ybadathanasynyň ýanyndaky ýaşaýan ýerlerine dolanyp gelipdiler. Olar ikiçäk galanlarynda, ýokary žres gollaryny göterip: - Eý, ölmez-ýitmez hudaýlar Osiris, Isida, Gor, Müsüri heläkçilikden halas ediň! Dünýä döräli bäri hiç bir faraon şu başyna giden ýigdekçe ýaly, žresleri şeýle masgara eden däldir! Meniň faraon diýmäm näme, Müsüriň duşmanlarynyň hiç biri, hettleriň, finikiýleriň hiç biri žresleriň eldegrilmesizligini şeýle äsgermezlige ýürek edip bilen däldir! – diýip nalady. - Çakyr adamy aňyrsy görnüp duran edýär – diýip, Mentesufis çuň manyly gepledi. - Ýöne şol ýaş ýürekde ýylanlar hin ýasanypdyr. Ol žresleriň toparyny kemsidýär, gudratlary ýaňsylaýar, hudaýlara ynananok. Mentesifis pikirli gürledi: - Meni has haýran galdyrýan zat: biziň Beroes bilen bolan gürrüňimizi ol nireden bilýärkä? Şol gürrüňiň oňa doly mälimdigine men ant içmäge taýýar. - Aýylganç dönüklik – diýip, Mefres kellesini tutup jogap gaýtardy. - Geň galaýmaly...Siz dört adamdyňyz ahyry! - Asla dört däl. Beroes barada Isidanyň uly žres zenany, oňa Seta ybadathanasyna ýol görkezen iki žres hem-de ony derwezäniň agzynda garşylan žres bilýärdi...- Birdenem ýene bir zat Mefresiň ýadyna düşdi. – Dur-la! Şol žres çykman ýerasty gowakda oturypdy...Belki, gürrüňi diňlän şoldur?.. - Ol kimem bolsa, syry agzysary oglanjyga däl-de, haýsydyr bir has ähmiýetli adama satandyr. Ine, bu bolsa howply! Ptaha ybadathanasynyň ýokary žresi, keramatly Sem hüjräniň gapysyny kakdy. Ol içeri girişine: - Size rahatlyk dileýän! – diýdi. - Seniňem ýüregiň asuda bolsun! - Asudalyk kaýda, ikiňiz juda gaty gürleşip oturaňyzsoň, bir betbagtçylyk ýüze çykaýdymyka diýip, biynjalyk bolup geldim. Sizi ýigrenji liwiýler bilen boljak uruş gorkuzýan-a däldir-dä? - Sen şa ogly - tagtyň mirasdüşeri barada nähili pikirde? – diýip, Mentesufis ondan sorady. - Men ol urşa-ha begenýän, özüniň baş serkerde bellenilmeginden-de hoşal bolýan bolsa gerek diýip pikir edýän. Ol dogabitdi söweşiji. Men oňa sereden mahalym ýolbars Ramses ýadyma düşýär. Ol liwiý ordasynyň üstüne bir özi okdurylmaga taýýar, özi-de olaraikini islemez ýaly eder– diýip jogap gaýtardy. Mefres: - Ol ýetginjegiň biziň ybadathanalarymyzyň hemmesini ýok edip, Müsüri ýer ýüzünden süpürmegi mümkin – diýdi. Sem gursagyndan altyn dogany gyssagly aldy-da: - „Ýaramaz sözler, çöllüge ugraň! Gidiň-de, dindarlara zyýan ýetirmäň!“ diýip pyşyrdady. Soňra sesini gataldyp, teýeneli äheňde aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Sen nämüçin beýle diýýäň? - Hormata mynasyp Mefres hakykaty aýtdy – diýip, Mentesufis gürrüňe goşuldy. – Eger şu gün şol ýetginjegiň biziň ýanymyzda dini masgaralan wejera sözlerini adamzadyň agzy gaýtalanlygynda, seniň kelläňdir garnyň agyrardy. - Oýun etme, pygamber! – diýip, ýokary žres Sem gaharlandy. – Men suwuň ýanjakdygyna, ýeliň ýangyny öçürjekdigine ynanaryn, ýöne Ramsesiň dini masgaralajagyna ynanmaryn. - Ol serhoşsyrap içini boşatdy- diýip, Mefres melgunlyk bilen gürledi. - Goý, şeýle bolsun. Men şa oglunyň aýalbaz ýetginjekdigini inkär edemok. Ýöne onuň dini kemsitmegi... Mentesufis: - Bizem şeýle pikirdedik. Muňa juda ynamly bolamyzsoň, ol Hator ybdathanasyndan dolanyp gelende, hatda yzyna göz salmagy-da bes etdik – diýdi. - Sen munuň üçin tölemeli altyny gysgandyň. Bu bolsa, ine, nähili netijä getirdi – diýip, Mefres söz oklady. Sabyr käsesi dolan Sem: - Näme bolandygyny aýdyň ahyry! – diýip sorady. - Uzyn sözüň gysgasy şeýle: şa ogly, tagtyň mirasdüşeri hudaýlary kemsitdi. - Eý-how! - Faraonyň görkezmesini oňlanok. - Bolup bilmez! - Ýokary geňeşiň agzalaryny dönükler diýip atlandyrýar. - Aýdýan zadyň näme? - Ol, şeýle-de, Beroesiň gelendigini, hatda onuň Mefres, Herihor, Pentuer bilen Seta ybadathanasynda duşuşandygyny kimdir birinden eşidipdir. Ýokary žres Sem kellesini elleri bilen tutup, hüjderede eýläk-beýläk byzbydyklaýşyna: - Boljak zat däl bi! Boljak zat däl bi! Kimdir biri doga-jady bilen oglanyň başyny-gözüni aýlan bolmaly. Belki, ol mirasdüşeriň ybadathanadan ogurlan finikiý žresidir? – diýip özbaşyna gepleýärdi. Onuň şübhesi Mentesufisiň ýüregine jüňk bolansoň, Mefresiň ýüzüne seretdi. Ýöne ol gaharly halda öz pikirinde durdy: - Şolmy ýa-da dälmi, görübereris. Ozaly bilen derňew geçirip, Hator ybadathanasyndan dolanyp gelenden soňra şa oglunyň her gün näme edendigini jikme-jik anyklamaly. Şa ogly juda uly erkinlikden peýdalandy, juda köp dini başgalar hem-de Müsüriň duşmanlary bilen duşuşdy. Senem, hormata mynasyp, Sem, bize kömek edersiňiz... Ýokary žres Sem edil ertesi gün irden halky dabaraly ybadat etmek üçin, Ptaha ybadathanasyna çagyrmagy buýurdy. Žresler surnaýdyr fleýtalar arkaly halky çagyrar ýaly, jarçylary çatryklarda, meýdançalarda, hatda meýdanlarda hem goýdular. Diňleýjiler ýeterlik derejede ýygnanansoň, Müsür ýaragyna ýeňşiň peşgeş berilmegi barada; liwiýleriň ýeňilmegi, olaryň serdary Mussawasa asmandan heýwere keseliniň, batyllygyň, däliligiň ýollanylmagy barada Ptaha ybadathanasynda üç günüň dowamynda dabaraly ýöriş geçirillekdigi, doga-dileg ediljekdigi olara habar berildi. Ähli zat keramatly atalaryň isleýşiçe boldy. Ir ertirden giç agşama çenli ýönekeý halk ybadathananyň diwarlarynyň ýanynda hümer bolup durdy; saýry toparyň adamlary bilen baý şäherliler gapynyň agzynda jemlendiler; žresler, ýerli hem-de goňşy welaýatlardan gelen adamlar bolsa ybadathananyň Ptaha hudaýyň ýoluna aýdylan sadakany edil ybadathanaynň içinde berip, dogany-da şol ýerde okadylar. Üç günden bir gezek dabaraly ýöriş guralyp, perdäniň aňyrsynda gizlenen hudaýyň heýkelini altyn gaýyk bilen ybadathananyň daşyndan aýladylar. Adamlar özlerini ýere goýberip, eden günälerine gaty ses bilen ökünýärdiler, märekäniň içine siňen pygamberler bolsa degişli sowallary bermek arkaly, olara toba etmäge kömek berýärdiler. Ybadathananyň agzynda-da şeýle ýagdaý bolup geçýärdi. Ýöne saýry topardan bolan adamlardyr baý kişileriň hemmelere eşitdirip toba etmegi halamaýandyklary sebäpli, keramatly pygamberler günälileri bir tarapa alyp gidip, olara ýuwaşjadan öwüt-nesihat edýärdiler. Günortan doga okaşlyk aýratyn dabaraly häsiýete eýe boldy. Sebäbi şol wagt ýokary žresden pata almak, duşmanyň urgularyny gowşatmak ukybyna eýe bolan öz dogalarynyň güýjüni täzelemek üçin, günbatara ugradylýan žresler geldiler. Aram-aram ybadathanada gök gümmürdäp, pilonlaryň depesinde ýyldyryp ýalpyldap gidýärdi. Bu hudaýyň kimdir birleriniň doga-dileglerini kabul edendigini ýa-da žresler bilen gürrüňleşýändigini aňladýardy. Dabara tamamlanandan soňra üç ýokary žres: Sem, Mefres we Mentesufis gizlin gürrüň etmek üçin sataşdylar. Ýagdaý eýýäm düşnüklidi bolupdy. Ybadat etme ybadathana kyrk talanta golaý girdeji getiripdi; altmyş töweregi talant sowgatlara ýa-da saýry topardan we ýokary harby ugurlardan bolan dürli adamlaryň bergilerini üzmäge sarp edilipdi. Şeýle-de, şu aşakdaky maglumatlar ýygnalypdy: Şa ogly Ramses tagta geçdigi, Assiriýa bilen urşa başlajakdygy, munuň bolsa oňa gatnaşjaklara uly girdegji getirjekdigi barada esgerleriň arasynda „myş-myş“bar. Iň bir ýönekeý esger ýörişden bolmanda müň drahmdan az bolmadyk, belki-de, ondanam köp olja bilen dolanyp geljekmişin. Halk arasynda: "Faraon Ninewiýadan ýeňiş bilen dolanyp gelenden soň, her bir daýhana gul sowgat etjekmişin, Müsüri belli bir möhlete salgytdan boşatjakmyşyn“ diýen gep bar. Saýry toparyň adamlary bolsa: "Täze faraon ozaly bilen ybadathanalaryň hususyýetçiligine geçen mülkleri žreslerden alyp, bergileriň üzülmegi üçin bize gaýtaryp berse gerek“ diýip çaklaýarlar. Şeýle-de, onuň ýurdy žresleriň ýokary geşňeşi gatnaşmazdan, çäksiz häkimlilik bilen dolandyrjakdygyny aýdýarlar. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynda şa ogly Ramsesiň finikiýlerden haraý isläp, hudaý Aştorete ýüz tutandygyna hem-de oňa yhlasly tagzym edýändigine ynanýarlar. Her nähili bolanda-da, mirasdüşeriň bir gün guje hudaý Aştoretiň ybadathanasyna baryp, ol ýerde haýsydyr bir gudrat görendigi şübhesiz mälim. Galyberse-de, hamala, Ramsesiň sahylyk edip, ybadathana uly sowgat berendigi, onuň üçin şol ýerden öz ynamyny berkitmeli žres gyzy alandygy barada baý aziýalylaryň arasynda „myş-myşlar“ agyzdan-agza geçip ýör. Bu maglumatlaryň hemmesini Sem bilen onuň žresleri ýygnapdylar. Keramatly atalar Mefres bilen Mentesufis bolsa haldeý žresi we welisi Beroesi ýerasty gowaga žres Osohoryň eltendigi barada özlerine Memfisden gelip gowşan başga bir täzeligi oňa ýetirdiler. Ol golaýda gyzyny durmuşa çykaranda, oňa gymmatbaha şaý-sepleri sowgat beripdir, ýaş çatynjalara uly jaý satyn alypdyr. Osohor ozal jübüsiniň galyňlygy bilen belli bolmansoň, Beroesiň müsürli ybadathananyň ýokary derejeli adamlary bilen eden gürrüňini şol žres diňläp, soňra şertnamanyň syryny köp mukdarda pul alyp, finikiýlere satan bolmaly diýen şübhe döredýär. Ýokary žres Sem bu gürrüňi diňläp: - Eger keramatly Beroes, hakykatdanam, gudrat görkezýän bolsa, syry açanyň Osohordygyny ýa-da däldigini ilki şondan soraň – diýdi. - Gudrat görkezýän Beroesden eýýäm soraldy. Ýöne keramatly kişi bu barada dymmak isleýär. Ol diňe kimdir biri özleriniň gürrüňini diňläp, finikiýlere ýetirenem bolsa, Müsüriň-de, Haldeýanyň-da mundan zyýan çekmejekdigini, diýmek, günäkär tapylanda hem, onuň bilen mylakatly bolmalydygyny aýtdy – diýip, Mefres jogap gaýtardy. - Keramatly! Ol, hakykatdanam, keramatly! – diýip Sem pyşyrdady. - Ýeri, onsoň şa ogly – mirasdüşer, onuň döreden biynjyklygy barada pikiriň nähili? – diýip, Mefres Seme ýüzlendi. - Men Beroesiň diýenini aýtmakçy: mirasdüşer Müsüre zyýan ýetirmez, şonuň üçin hem, oňa geçirimli bolmaly... Özüniň ýokary göterilmek üçin edýän synanyşyklaryna dahylly gödek degişmesi üçin Ramsesi bagyşlap bilmeýän Mefres: - Ýöne ol hudaýlaryň üstünden gülýär, gudrata ynanmaýar, keseki ybadathanalara gatnaýar, halky bozgaklyga gižželeýär. Bular oýun zat däl!..-diýip hasratly aýtdy. Ýokary žres Sem Ramsesi gowy görýärdi. Ol hoşgöwünlilik bilen ýylgyryp, jogap gaýtardy: - Özüniň agyr zähmetini ýakymly bikärlige çalyşmak üçin, Müsürde haýsy daýhan gul saklamak islemez? Jahan ýüzünde salgyt tölemezligi arzuw etmeýän adam barmydyr? Sebäbi onuň gazna töleýän salgydyna özi, aýaly, çagalary egin-eşik alyp, durmuşyň lezzetini görüp ýaşap biljek ahyry. Mentesufis: - Bikärlik bilen jalaýlyk adamy sandan çykarýar – diýdi. Sem oňa jogap gaýtarman, sözüni dowam etdirdi: - Eýsem, uruş islemeýän, müň drahmy, belki-de, ondanam köp oljany arzuw etmeýän esger barmydyr? Sizden soramakçy bolýan ýene bir zadym, atalar: haýsy faraon, haýsy häkim, haýsy tanymal kişi bergisini höwesli gaýtarýar hem-de ybadathanalaryň baýlygyna görübilmezlik bilen seretmeýär? Mefres: - Bular günä pikirler – diýip hüňürdedi. - Galyberse-de, haýsy tagt mirasdüşeri žresleriň hökmürowanlygyny çäklendirmek islänok? Haýsy faraon patyşalyk sürüp ugramagynyň ilkinji ýyllarynda ýokary geňeşiň täsirinden boşamaga dyrjaşmady? Mefres: - Seniň sözleriň pähim-paýhasdan püre-pür... Ýöne bu zatlar bizi nirä alyp barýar? – diýip sorady. - Siziň ýokary geňeşiň öňünde mirasdüşeri günäkärlemek pikirini etmeli däldigiňize alyp barýar. Sebäbi daýhanlaryň salgyt tölenilmezligine begenjekdikleri, esgerleriň bolsa uruş isleýändikleri üçin şa ogluna günä ýüklejek kazyýet ýokdur. Tersine, gün sypdyrmazdan şa oglunyň yzyna düşmändigiňiz, ony çaga hokgalaryndan saklamandygyňyz üçin size gyjalat berip bilerler. Siz bolsa häzir oňa hiç zat bilen delillendirilmedik günälerden tutuş piramida galdyryp otyrsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda hemişe bolşy ýaly, adamyň günä işe meýilliligi ýaman däl-de, eýsem, biziň oňa günä işi duýdurmaýandygymyz ýaman. Eger bilgeler gije-gündiz esewan edip durmanlygynda, biziň keramatly atamyz Nil ähli kanallaryny bireýýäm gyrmança basdyrardy. Mefres: - Sen, hormata mynasyp, şa oglunyň biz bilen gürleşende agzyny salajyn goýbermegine näme diýersiň? Onuň gudratyň üstünden ýürekbulanç gülküsini sen, näme, dogrudanam, bagyşlamakçymy? Ol meniň dindarlygymy gödek kemsitdi ahyry – diýip sorady. - Kim serhoş kişi bilen gürleşýän bolsa, onuň özi özüni kemsidýändir. Içgili adam bilen döwletiň wajyp işleri barada gürrüň etmäge siziň hatda hukugyňyzam ýok ahyry. Şa ogly serhoş ýagdaýda otyrka, goşunyň baş serkerdesi edilip bellenilendiginioňa ýetirip, siz ýalňyşlyk goýberipsiňiz. Harby serkerdäniň akyly hemişe dury bolmaly. Mefres: - Seniň danalygyň öňünde baş egýärin, ýöne barybir mirasdüşeriň üstünden arz etjekdigimi aýtmakçy – diýdi. Sem: - Men bolsa arz edilmegine garşy. Mirasdüşeriň özüni alyp barşy barada geňeşe habar bermeli, ýöne arza görnüşinde däl-de, maglumat görnüşinde – diýip, tutanýerlilik bilen aýtdy. - Menem şeýle pikirde – diýip, Mentesufis oňa goşuldy. Iki žres öz garşysyna bolansoň, Mefres hyýalyndan el çekdi. Emma ol özüniň kemsidilmesini unudarly däldi. Gaharyny ýüreginde gizlän garry pähim-paýhasly, hudaýhon, ýöne içinde kitüw saklaýan adamdy. Ol özüniň žreslik derejesi kemsidilenden eliniň çapylmagyna höwes bilen razy boljakdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |