16:19 Faraon -22: romanyň dowamy | |
ON ALTYNJY BAP Münejjimleriň maslahaty boýunça, baş serkerde goşunlaryň dolandyrylýan merkezi bilen Bubastdan atir aýynyň ýedisi güni ugramalydy. Şol gün "şowly günleriň seresi“) hudaýlar-a asmanda, adamlar-da ýerde Ranyň duşmanlardan üstün çykmagyny dabaraly belleýärdiler; şol günde ýagty jahana gelen adam adatça hormat-sylagyň eýesi bolup, gojalyk ýaşyna ýetip ýogalýardy. Şol gün, şeýle-de, agyraýak aýallardyr mata söwdasyny edýän adamlar üçin amatly, syçanlardyr gurbagalar üçin amatsyz hasap edilýärdi. Baş serkerde bolan Ramses işe joşgunly başlady. Her bir gelýän goşunlaryň birleşen uly ýygynyny onuň özi garşy alýardy, ýaragyny, esger geýimini, ýükli arabalaryny barlaýardy. Ol goşuna täze gelenleri gutlap, duşmanlaryň heläk bolmagy, faraonyň şan-şöhratynyň arşa göterilmegi üçin, olary harby sungaty yhlasly öwrenmäge çagyrýardy. Ramses harby maslahatlaryň hemmesine ýolbaşçylyk edýärdi, her bir jansyzyň sorag edilmesine gatnaşýardy, Müsürgoşunynyň öňe süýşmesini we duşmanyň ýerleşişini kartada özi bellik edýärdi. Baş serkerde bir ýerden başga bir ýere juda çalt geçensoň, oňa ähli ýerde garaşýardylar. Ýöne ol hemişe edil gyrgy ýaly duýdansyz peýda bolýardy. Ony irden Bubastyň günorta tarapynda azyk-owkatlary barlap ýörkä görendirler; bir sagatdan soňra haýsydyr bir ýygynda bir ýüz elli adamyň ýetmeýändigini bilip, ol eýýäm demirgazyk tarapda ýörendir; giçlik bolsa öňdäki goragyň yzyndan ýetip, goşunlaryň Niliň gollaryndan geçirilişine gatnaşýandyr hem-de iki ýüz elli sany harby arabany gözden geçirýändir. Ramsesiň hereketleri Herihoryň kömekçisi, harby işi gowy bilýän Mentesufisi haýran galdyrdy. Ol Sem bilen Mefrese ýüzlenip: - Keramatly doganlar, mirasdüşeriň gaharjaňdygy, hilegärligi aýan bolaly bäriony halamaýandygym size mälimdir. Ýöne – goý, maňa Osiris şaýat bolsun! – bu ýigit dogabitdi serkerde! Size heniz görlüp-eşidilmedik zat aýdaýyn: biz öz güýçlerimizi serhetde garaşylýanyndan üç-dört gün öň jemläris. Liwiýalylar biziň peýkamlarymyzyň şuwwuldygysyny entek eşitmedigem bolsa, urşy eýýäm utdurdylar! – diýdi. Mentesufis: - Beýle faraon biziň üçin has-da howply – diýip, garry hötjetligi bilen söz oklady. Atir aýynyň altysy güni agşam şa ogly Ramses suwa düşdi, ertir Gün dogmazyndan iki sagat öň özleriniň hüjüme geçjekdiklerini merkeze mälim etdi. Soňra ukusyny almakçydygyny aýtdy. Ýöne ony etmek aýtmakdan kyn bolup çykdy. Esgerler tutuş şäherde aýlanyşyp ýördüler, köşgüň golaýynda bolsa ýygynlar goş ýazdyryp, söweşijiler dynç almak barada asla pikir etmän, iýip-içýärdiler, aýdym aýdýardylar. Ramses iň çetdäki otaga gitdi, ýöne ony şol ýerde-de gününe goýmadylar: haýsydyr bir serkerde haýsydyr bir az ähmiýetli maglumat ýa-da ýygnyň serkerdesi tarapyndan ýerinde berip boljak buýruk üçin geldi; hiç hili täze zat aýtmadyk jansyzy südenekledip getirdiler; tanymal jenaplar bäşlek-üçlek adamdan ybarat bolgusyz toparlary bilen gelip, meýletinçiler hökmünde öz hyzmatlaryny teklip etdiler; goşuna gerek zerur zatlaryň täze tapgyryna sargyt almak isleýän finikiýaly täjirler hem-de getirilýän zatlary ellerindengorkuzyp alýan harby serkerdeleriň üstünden şikaýat edip, üpjün edijiler geldiler. Şa ogluna çaknyşygyň öň ýanynda täleýnama düzmegi, peýkamlardyr daş zyňyjy gurallaryň garşysyna güýçli dogalary teklip edip gelen gurrandazlar,münejjimler, jadygöýler hem ýeterlik boldy. Şol adamlaryň hemmesi mirasdüşeriň otagyna habar etmezden okdurylyp girýärdiler, sebäbi olaryň her biri urşuň ykbalynyň öz elindedigine, şeýle bolansoň munuň baş serkerdäniň ýanyna erkin girmäge ygtyýar berýändigine berk ynanýardy. Mirasdüşer öz ýanyna gelýänleriň ählisini sabyrlylyk bilen diňleýärdi. Emma münejjimden soňra aýallaryň biri ýanyna atylyp girip: „Sen menden sowaşan bolmaly, sebäbi ýanyma hoşlaşmaga gelmediň“ diýipnägileligini mälim edende, köp wagt geçmänkä-de, penjiräniň aňyrsynda beýleki aýallar towuş edip ugranda, sabyr käsesi dolan Ramses ýanyna Tutmosy çagyrdy. - Bärde bol-da, başaryp bilseň, meniň öýümdäki aýallary köşeşdir. Men bolsa bagyň bir çetinde gizleneýin, ýogsam gijäni ukusyz geçirip, irden ezilen towga meňzärin – diýdi. - Ýeri, onsoň zerurlyk bolanda biz seni nireden gözlemeli? Mirasdüşer güldi. - Hiç ýerden. Surnaýyň turmalydygyny mälim edýän sesi ýaňlandygy özüm tapylaryn. Şa ogly şeýle diýip, başgaply ýapynjasyny egnine aldy-da, baga tarap ylgady. Ýöne adatça ýörişe ugralmagynyň öňüsyrasynda bolşy ýaly, köşgüň ähli ýerinde tertip bozulansoň, bagda-da esgerler, ýaşajyk aşpezlerdir beýleki hyzmatkärler aýlanyşyp ýördüler. Muny gören Ramses bagyň iň bir çola bölegine ýöneldi. Ol ýerde depesine üzüm dyrmaşan dalbary tapyp, özüni oturgyja lezzetli goýberdi. - Meni bärde žreslerem, heleýlerem tapmasa gerek – diýip hüňürdedi. Göz açyp-ýumasy salymda-da öli ýaly uka gitdi. ...Kama indi birnäçe gün bäri özüni ýaramaz duýýardy. Onuň sähel zada gyjynyp durmagynyň üstesine indi geň bitaplyk-da, bogunlarda agyry-da peýda bolupdy. Mundan başga-da, onuň ýüzünde, aýratynam, maňlaýynda, gaşlarynyň eteginde gijilewük başlanypdy. Syrkawlygyň bu kiçijik alamatlary juda howsala salansoň, ol özüni öldürjekleri barada indi pikirem etmän, hyzmatkär zenanlara: „Islän zadyňyz bilen gümra boluň, ýöne maňa azar bermäň“ diýip emir edip, uzynly gün aýnanyň öňünden aýrylanokdy. Ol indi Ramses barada-da, ýigrenji Sarra barada-da oýlanman, öz ýüzündäki keseki göz bilen garalanda görünmejekmeneklere içgin syn edýärdi. Kama howsala düşüşine, öz ýanyndan: „Menekler...Hawa, menekler...Iki, üç...Eý, Aştoret! Sen öz žres gyzyňy beýle jeza dözmersiň ahyry! Öleniň gowy... Aý, ýok-la, men nämeler samrap otyryn? Maňlaýymy barmaklarym bilen ellänimde tegmiller has gyzaraýýandyr. Megerem, ýa-ha meni haýsydyr bir möjejik dişlän bolmaly, ýa-da özüm ýüzüme köne ýag çalan bolmaly; ýuwunsam, ertire çenli menegiň ady-sory galmaz...“ diýip pyşyrdaýardy. Ýöne olar ertesi günem aýrylmady. Kama hyzmatkär zenanlaryň birini ýanyna çagyrdy. Has garaňky ýere geçip, tolgunyp gürledi: - Maňa seret...Ünsli seret...Sen meniň ýüzümde haýsydyr bir menekleri görýämiň?..Ýöne golaý gelme!.. Hyzmatkär: - Men-ä hiç zat göremok – diýip jogap gaýtardy. Gahary gelip ugran Kama: - Çep gözümiň aşagynda-da...Gaşlarymyň aşagynda-da görnenokmy? –diýip sorady. - Öz owadan ýüzüňi ýagta öwürmäge merhemet et, hanym! Bu teklip Kama guduz açdyrdy: - Owarraňy tap, häý, pormy guramyş diýse! Dagy-duwara gözüme görnäýme! Hyzmatkär atylyp çykdy. Onuň hanymy bolsa özüne serenjam berýän ýerine baryp, haýsydyr bir gapyrjagy açdy-da, çotgajyk bilen ýüzüne gyzyl reňk çaldy. Giçlik bogunlarynyň agyrysy hem-de ynjalyksyzlyk ezýet berip ugransoň, Kama tebibi çagyrmagy emir etdi. Onuň gelendigini habar berenlerinde bolsa, ol özüne gaýtadan syn etdi-de, aýnany dälilik tutgaýy bilen ýere zyňyp doýberip, „Maňa tebip gerek däl“ diýip heňkirip başlady. Altynjy atir güni ol uzynly gün hiç zat iýmedi, hiç kimi-de görmek islemedi. Göz baglanyp ugran çagy otaga eli çyraly hyzmatkär girdi. Kama özüni ýumşak sekä goýberip, kellesini ýapynja bilen basyrdy. Hyzmatkäre basymrak çykmagy buýrup, çyradan uzakda duran kürsä geçdi; birnäçe sagatlap irkiljirän halda saň-gaty bolup oturdy. Ol: „Hiç hili tegmil ýok. Bolaýanda hem, olar tegmil däl-de, başga zatdyr...Heýwere keseli däldir!..“ diýip oýlanýardy. Kama birden özüni ýere goýberip, ýüzin düşüp ýatdy-da: - Eý, hudaýlar!..Meniň beýle güne düşmegim bolup biljek zat däl-ä!..Meni halas ediň!..Men öz mukaddes ybadathanamyza dolanyp baraýyn... Öz günäme ömürboýy toba edip gezeýin...- diýip gygyrdy. Soňra ýene köşeşdi. „Hiç hili tegmil ýok...Men birnäçe gün bäri derimi sürtüp ýöremsoň, käbir ýerleri gyzaraýandyr.. Ýeri, ol nireden bolsun! Žresiň, tagtyň mirasdüşeriniň aýalynyň heýwere bilen kesellemegi, heý, görlüp-eşidilen zatmydyr? Eý, hudaýlar! Dünýe döräli bäri beýle zat hiç wagtda bolmandy...Ol kesel diňe balykçylara, sürgün edilenlere hem-de gedaý jöhitlere degýär ahyry...Ah, sen nejis jöhit heleý! Goý, hudaýlar heýwere keseli bilen oňa jeza bersinler!“. Şol pursatda onuň ikinji gatda ýerleşýän otagynyň penjiresinde kimdir biriniň kölegesi görnüp gitdi. Soňra çybşyldy eşidildi-de, otaga ... şa ogly Ramses böküp girdi. Kama doňup galdy. Ýöne birden kellesini tutdy, gorkudan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ol: - Likon! Likon, sen bärdemi? Sen heläk bolarsyň! Seni gözleýärler – diýip madyrdady. - Bilýän – diýip, grek ýigrençli gülki bilen jogap gaýtardy. – Finikiýleriň hemmesi, faraonyň tertip-düzgüne gözegçilik edýän adamlarynyň hemmesi meni yzarlap ýörler. Ýöne barybir men, ine, seniň ýanyňda. Ýap-ýaňyja bolsa seniň jenabyňkyda boldum. - Sen ... mirasdüşeriňkide bolduňmy? - Hawa, onuň ýatylýan otagynda. Eger-de ýaramaz ruhlar ony nirädir bir ýere alyp gitmänliginde, Ramsesiň gursagynda gylyç goýup gaýdardym...Megerem, seniň oýnaşyň başga bir aýalyň ýanyna giden bolsa gerek... Kama: - Saňa bärde näme gerek? Gaç! – diýip pyşyrdady. - Diňe sen bilen! Köçede araba garaşýar. Biz onuň bilen Nile tiz ýeteris. Ol ýerde bolsa meniň ýük daşaýan gämim bar. - Sen aklyňdan azaşypsyň! Tutuş şäher, ähli ýollar esgerlerden doly ahyry. - Şeýle bolansoň maňa köşge aralaşmak başartdy-da. Ähli gymmatbaha zatlaryňy ýygna. Men häzir yzyňdan gelerin... - Sen nirä barýaň? - Seniň jenabyňy gözlejek. Men oňa özümden ýatlama galdyrman gitjek däl. - Sen däliräpsiň! Gahardan ýüzi agaran grek: - Sem bol! Sen ony gorajak bolma – diýip gygyrdy. Kama ýumruklaryny düwüp, oýlandy. Onuň gözlerinde eýmenç ot uçganaklaýardy. Ol: - Eger sen ony tapmasaň näme? – diýip sorady. - Onda uklap ýatan esgerleriň birnäçesini öldürerin, köşgi otlaryn... Aý, dogrusy, anyk näme etjekdigimi özümem bilemok... Ýöne ýatlama-ha galdyraryn...Onsuz gitmerin! Finikiý gyzynyň ullakan gözlerinde şeýle bir gahar-gazap bardy weli, Likon oňa geň galyp seredişine: - Saňa näme boldy? – diýip sorady. - Hiç zat. Bilýäňmi näme, sen hiç wagtda mirasdüşere häzirkiň ýäly şeýle meňzeş bolmandyň. Seniň häzir edip biljek iň gowy zadyň... Ol gregiň gulagyna egildi-de, nämedir bir zat pyşyrdady. Grek ony geň galmak bilen diňledi. - Aýal, seniň agzyň bilen gaharjaň ruhlar gepleýär...Goý, onuň özüne şübhe döresin - diýdi. Kama gülüp jogap gaýtardy: - Gylyçdan şol gowy ahyry, dogry dälmi? - Beýle zat hiç wagtda meniň kelläme gelmändi...Belki, olaryň ikisinem..? - Ýok, beýlekisi, goý, ýaşasyn. Bu meniň ondan ar aldygym bolsun. Likon: - Seniň ýüregiň rehim-şepagatsyzdygyny! Ýöne bu maňa ýaraýar. Biz olar bilen patyşalarça haklaşarys – diýip pyşyrdady. Ol penjirä okduryldy-da, gözden ýitdi. Kama özüni unudyp, dykgatly diň salýardy. Likonyň gideninden çärýek sagadam geçmänkä, injir tokaýlygy tarapdan çirkin aýal sesi eşidildi. Ol birnäçe gezek gaýtalandy-da, kesildi. Garaşylýan şatlygyň deregine Kamany gorky gurşap aldy. Ol dyzyna çökdi-de, dälişge gözlerini bagyň garaňkylygyna aýlady. Aşakda kimdir biriniň aýak sesi eşidilip, penjirede ýene egni gara ýapynjaly Likon peýda boldy. Ol üzlem-saplam dem alýardy, elleri sandyrap durdy. Grek basyk ses bilen: - Hany gymmatbaha zatlar? – diýip sorady. Kama: - Maňa azar bermesene – diýip jogap gaýtardy. Grek onuň bokurdagyndan tutdy. - Betbagt, sen, näme, Gün dogup ýetişmänkä zyndana taşlanjakdygyňy, aradan birnäçe gün geçenden soňra-da boglup öldüriljekdigiňi bileňokmy? – diýip pyşyrdady. - Men syrkaw... - Gymmatbaha zatlar nirede diýip soraýan? - Ýatyş sekiniň aşagynda. Likon otaga towsup girdi. Çyrany alyp, ýatyş sekiniň eteginden agyr gapyrjagy çykardy. Ýapynjasyny Kamanyň egnine atdy-da, elinden çekdi. - Ylgadyk! Şonuň...seniň jenabyň ýanyňa gelýän gapysy nirede? - Maňa azar bermesene... - Şeýlemi? Men seni bärde goýar öýdüp pikir edýämiň? Sen häzir duýgurlygyny ýitiren it ýaly bolsaňam, maňa gerek...Sen men bilen gidäýmeli! Goý, seniň jenabyň özündenem zor kimdir biriniň bardygyny bilsin. Ol hudaýdan žres gyzy ogurlady, men bolsa onuň magşugyny elinden gaňryp alaryn... - Ýöne men saňa özümiň syrkawdygymy aýdýan-a. Grek bilinden gylyjy sogrup alaga-da, onuň bokurdagyna goýdy. Kama tisginip gitdi-de: - Gidýän, gidýän – diýdi. Ikisi gizlin gapy arkaly kiçi köşkden çykdylar. Köşk tarapdan oduň başynda oturan esgerleriň sesleri olara eşidilýärdi. Agaçlaryň arasynda çyralaryň o:tlary ýalpyldaýardy. Golaýdan häli-şindi mirasdüşeriň nökerlerinden kimdir biri ylgap geçýärdi. Ikisini derwezäniň agzynda garawul saklady. - Kim gelýär? Likon: - Fiwy – diýip jogap gaýtardy. Olar köçä päsgelçiliksiz çykdylar we kese ýerli adamlar ýaşaýan mähelläniň geçelgelerindegizlendiler. Daň agarmagyna iki sagat galanda şäherde surnaýlaryň we deprekleriň sesi ýaňlanyp başlady. Tutmos entek süýji ukudady. Şa ogly onuň üstündäki ýapynjasyny aýryp, şadyýan gülki bilen: - Hany, tur, „hüşgär“ harby serkerde! Ýygynlar eýýäm ýola düşdüler! – diýip gygyrdy. Tutmos sekiniň erňeginde oturdy-da, ukuly gözlerini owkalap başlady. - Hä, bi senmidiň, hökümdar? Ýeri, nähili ýatdyň? – diýip, pallap oturyşyna sorady. Ramses: - Hiç wagtda şeýle hezil edip ýatmandym – diýip jogap gaýtardy. - Men-ä ukymy doly alamok. Ikisi-de suwa düşdüler, kaftanlaryny, ýarym sowutlaryny geýip, atbakarlary ellerinden sypjak bolup urunýan atlara atlandylar. Basym mirasdüşer az sanly nökerleri bilen ýuwaş ýöräp barýan hatarlaryň deňinden ötüp, şäherden çykdy. Nil güýçli akansoň, şa ogly goşunlarkanallardyr saý ýerlerden geçirilýän mahalynda şol ýerde bolmak isledi. Gün doganda araba eýýäm şäherden daşlaşypdy. Gaýgydan çykan Bubastyň hormata mynasyp häkimi öz hyzmatkärlerine ýüzlenip: - Men häzir ýatmakçy. Kim meni şamlyk naharyna çenli bimaza etse, bela duçar bolar. Hatda mukaddes Gün hem her gün dynç alýar, men bolsa atiriň ilkinji gününden bäri düşege geçip göremok – diýdi. Ýöne ol agzyny ýygnap-ýygnamanka, tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň serkerdesi gelip, özüni aýratyn zerur iş boýunça kabul etmegini sorady. „Siziň hemmäňizi ýer ýuwdaýady-da“ diýip häkim sögündi. Ýöne serkerdä girmäge rugsat etdi. - Näme, garaşyp bolanokmy? Nil entek joşanok ahyry... – diýip, nägile äheňde seslendi. Serkerde: - Uly betbagtçylyk boldy. Tagtyň mirasdüşeriniň ogly öldürildi – diýdi. Häkim: - Nä-me? Haýsy? – diýip gygyrdy. - Jöhit aýal Sarranyň ogly. - Kim öldüripdir? Haçan? - Öten agşam. - Beýle gabahat işi kim edip bilerkä? Serkerde gollaryny gerdi. Häkim: - Men senden ony kimiň öldürendigini soraýan! – diýip, gaharla garanda gorkuly sorady. - Meniň jenabym, gaýrat ediň-de, derňewi özüňiz geçiriň. Sebäbi meniň agzym gulagymyň eşidenini gaýtalamak islänok. Ýüregi ýarylara gelen häkim Sarranyň hyzmatkärlerini çagyrmagy emir edip, ýokary žres Mefresiň yzyndan adam ýollady. Mentesufis harby hökümet agzasynyň wekili hökmünde şa ogly bilen ýörişe ugrapdy. Çakylyga geň galan Mefres özüne uzak garaşdyrmady. Häkim oňa çaganyň öldürilendigini hem-de tertip-dügüne gözegçilik edýän edaranyň serkerdesiniň şaýatlaryň görkezmelerini gaýtalamaga ýürek edip bilmeýändigini aýtdy. Ýokary žres: - Şaýatlar barmy? – diýip sorady. - Seniň buýrugyňa garaşýarlar, keramatly ata. Sarranyň derwezebanyny getirdiler. Häkim: - Öz hanymyň çagasynyň öldürilendiginden habaryň barmy? – diýip sorady. Ol özüni ýere goýberdi. - Hawa. Diwara urlup öldürilen çaganyň jesedini gördüm hem-de gykylyklap baga eňen öz hanymymyzy sakladym. - Ol haçan bolup geçdi? - Öten agşam, gijäniň ýaryndan soňra. Şa oglunyň biziň hanymymyzyň ýanyna gelenininiň yzysüre. Mefres: - Näme? Diýmek, şa ogly agşam siziň hanymyňyzyň ýanynda bolupdyr-da? – diýip sorady. Ýanynda duran häkimiň gulagyna: „Geň galaýmaly“ diýip pyşyrdady. Ikinji şaýat Sarranyň aşpezi, üçünjisi hyzmatkäri boldy. Olaryň ikisi-de şa oglunyň gijäniň ýaryndan soň öz hanymlarynyň otagyna galandygyny tassykladylar. Şa ogly ol ýerde uzak eglenmän, baga dazlap çykypdyr, yzybilen bolsa aýylganç gygyryşyna, Sarra ylgap çykypdyr. Häkim: - Ýöne şa ogly uzyn gije köşkdäki ýatyş otagyndan çykmandyr ahyry! – diýdi. Serkerde başyny ýaýkady hem-de köşk hyzmatkärlerinden birnäçe adamyň daşky jaýda garaşýandyklaryny habar berdi. Olary çagyrdylar. Mefresiň beren sowallaryndan mirasdüşeriň köşkde ýatmandygy aýdyň boldy. Ol öz ýatyş otagyndan gijäniň ýaryndan ozal çykyp, baga gidipdir. Ilkinji oýarylmada-da dolanyp gelipdir. Şaýatlary alyp gitdiler. Ol ýerde diňe ýokary derejeli iki adam galdy. Birdenem häkim hykgyldap, özüni ýere goýberdi-de, agyr syrkawdygyny,derňewi alyp barandan şirin janyndan jyda düşmäge taýýardygyny Mefrese mälim etdi. Ýokary žresiň ýüzüniň gany gaçypdy, ynjalyksyzdy. Ol häkimiň aýdanyny oňlamady, işi derňemegiň zerurdygyny aýtdy we özi bilen Sarranyň ýaşaýan ýerine gitmegi faraonyň adyndan emir etdi. Mirasdüşeriň bagyna çenli aralyk uzak bolmansoň, olar basym jenaýatyň bolup geçen ýerinde peýda boldular. Ýokary derejeli iki kişi otaga çykanlarynda, göýä çagany emdirýän ýaly bolup, Sarranyň sallançagyň öňünde dyzyna çöküp oturandygyny gördüler. Diwarda-da, ýerde-de gan tegmilleri görünýärdi. Süňňünden ysgyn-deramat giden häkim oturmaga mejbur boldy. Mefres parahatdy. Ol Sarranyň ýanyna baryp, egnine elini goýdy-da: - Hanym, biz bäri onuň hormatlysynyň adyndan geldik...-diýdi. Sarra laňňa ýerinden galyp, aýylganç ses bilen: - Nälet siňmişler! Siz Ysraýylyň patyşasyny isleýärdiňizmi? Ynha, ol – siziň patyşaňyz! Wah, men bagtygara siziň haýynlarça maslahatlaryňyza näme üçin gulak gabartdymkam? – diýip gygyrdy. Ol entirekledi, iňňildäp, özüni sallançaga goýberdi. - Meniň oguljygym...Meniň körpeje Setim...Sen nähili eýjejikdiň, nähili akyllyjadyň...Maňa eljagazlaryňy uzadyp ugrapdyň...- Ol birden nalyşly gygyrdy. – Ýahwe, ony maňa gaýtar, sen hemme zady başarýaň-a!..Müsüriň hudaýlary, Osiris...Gor...Isida...Seniň özüňem ene ahyry! Meniň dilegimi asmanda hiç kimiň eşitmezligi mümkin däl...Şeýle bir bäbejikdi ol...Syrtlan näme, şonuňam oňa rehimi inerdi. Ýokary žres oňa ýerinden galmaga kömek etdi. Tertip-düzgüne gözegçilik edijiler, hyzmatkärler otagy doldurdylar. Ýokary žres: - Sarra, Müsüriň hökümdarynyň - onuň hormatlysy faraonyň adyndan ogluň ganyna kimiň galandygyny aýtmagy saňa teklip edýärin hem-de buýurýaryn – diýdi. Sarra aklyndan azaşan ýaly bolup, elini maňlaýynda ýöredişine, boşluga seredip durdy. Häkim oňa suw garylan çakyr berdi, aýallaryň biri bolsa sirke pürkdi. Mefres: - Sarra, ganhoruň adyny aýtmagy saňa onuň hormatlysynyň adyndan buýurýaryn – diýip gaýtalady. Duranlar gapa götinlediler. Häkim gorkudan gulaklaryny ýapdy. Sarra Mefresiň ýüzüne çiňerilip seredip, gyryk ses bilen: - Sen ony kimiň öldürendigini soraýarmyň? Men siz žresleriň kimdigiňizi bilýän-ä! Siziň utanç-haýaňyzyň nähilidigini bilýän-ä! – diýdi. - Aýt ahyry, kim ol? – diýip, Mefres janygyp sorady. - Men! – diýip, Sarra adama mahsus bolmadyk ses bilen gygyrdy. – Siziň ony jöhit edendigiňiz üçin, çagamy özüm öldürdim! Ýokary žres: - Ýalan! – diýip pyşyrdady. - Men! Men! – diýip Sarra gaýtalady. Soňra duranlara ýüzlenip, gursagyny ýumruklap gygyrdy. - Ony meniň öldürendigimi biliň! Men! Men! Men! Onuň özüni açyk-aýdyň günäläp durandygyny eşidip, häkim Sarra ýüregi awap seretdi; aýallar aglaşdylar, derwezeban gözüniň ýaşyny syldy.Diňe keramatly Mefres dodagyny gaharly gysdy. Ol tertip-düzgüne gözegçilik edijilere ýüzlenip, batly hem-de hökmürowan ses bilen: - Patyşanyň hyzmatkärleri! Bu aýaly alyň-da, kazyýetiň jaýyna alyp gidiň! – diýdi. Sallançaga tarap okdurylan Sarra: - Oglumam meniň bilen bile gider! – diýip gygyrdy. Häkim: - Elbetde, ol hem seniň bilen gider, görgüli aýal – diýip, elleri bilen ýüzüni ýapdy. Ýokary derejeli adamlaryň ikisi-de otagdan çykdylar. Tertip-düzgüne gözegçilik ediji serkerde kejebäni getirmegi buýurdy we Sarrany uly hormat bilen aşak alyp gitdi. Biçäre sallançakdan gana boýalan düwünçegi alyp, garşylyk görkezmezden kejebä mündi. Hyzmatkärleriň hemmesi onuň yzy bilen kazyýetiň jaýyna tarap ugradylar. Mefresdir häkim bagyň içi bilen yzlaryna dolanyp gelýärkäler, häkim tolgunma bilen: - Meniň aýala ýüregim awaýar – diýdi. Ýokary žres: - Bu onuň ýalan sözländigi üçin adalatly jeza bolar – diýip jogap gaýtardy. - Sen şeýle pikir edýämiň? - Hakyky ganhoruň kimdigini hudaýlaryň aýan etjekdigine hem-de temmi berjekdiginemen ynanýan. Bagyň haýatynyň gapysynyň agzynda Kamanyň öýüni dolandyryjy olaryň ýoluny kesdi. Ol: - Finikiý gyzy ýok – ol öten agşam ökje göteripdir – diýip gygyrdy. - Ýene bir betbagtçylyk – diýip häkim hüňürdedi. Mefres: - Biynjalyk bolma, ol şa oglunyň yzyndan gidendir – diýip jogap gaýtardy. Hormata mynasyp Mefresiň Ramsesi ýigrenýändigini aňyp, häkimiň ýüregi doňup galdy. Sebäbi Ramsesiň öz ogluny öldürendigi subut ediläýse, mirasdüşer hiç wagtda kakasynyň tagtyna çykyp bilmeýärdi; ine, onsoň žresleriň agyr boýuntyrygy Müsüri has-da berk bogjakdy. Hator ybadathanasyndan bolan iki tebibiň çaganyň jesedine seredip, ganhorlugy diňe erkek kişiniň edip bijekdigini ynamly aýdandyklaryny giçlik häkime ýetirenlerinde, ol has-da gussa batdy. Olar: „Kimdir biri sag eli bilen körpejäniň aýagyndan tutup, onuň kellesini diwara urupdyr. Şeýle bolansoň, Sarra çaganyň iki aýagyny eli bilen gujaklap bilmeýär, munuň üstesine, olarda erkek barmaklarynyň yzy bar“ diýipdirler. Bu netijeden soň ýokary žresler Mefres bilen Sem zyndana, Sarranyň ýanyna ugradylar. Şol ýerde Mefres ondan çaganyň ganyna galmandygyny boýun almagyny, ganhoruň daş keşbini suratlandyrmagyny Müsüriň hem-de çet ýurtlaryň ahli hudaýlarynyň adyndan towakga etdi. Mefres ondan: - Biz-ä seniň sözleriňe ynanarys, senem şobada boşadylarsyň – diýdi. Ýöne Sarra beýle merhemete begenmegiň deregine gazaba mündi. Ol: - Şagallar! Size, näme, iki pida azlyk edýärmi? Size ýene täzelerigerekmi?..Şol işi men etdim...men...bagtygara!..Çaganyň ganyna galar ýaly, kim şeýle deýýus bolup biljekmişin! Wah, meniň hiç kime päsgel bermedik körpejäm!.. - Kesir aýal, sen özüňe nämäniň wehim salýandygyny beri biýärmiň? Seni ilki öz çagaň jesedini üç günläp eliňde saklap durmaga mejbur ederler, soňra bolsa on bäş ýyllap zyndanda oturmaly ederler. - Bary-ýogy üç günmi? – diýip Sarra sorady. – Men onuň bilren...öz kiçijik Setim bilen ömürboýy aýrylyşmazlyga taýýar...Men onuň bilen diňe bir zyndana däl, eýsem, gabra-da bile giderin. Meniň jenabymam ikimizi bile jaýlamaga emir eder... Žresler köçä çykanlarynda, takwa Sem: - Maňa öz çagasyna el göteren ganhor eneleri görmek, aýyplamak miýesser edipdi, ýöne şuňa meňzeşe heniz duş gelemok – diýdi. - Sebäbi ol öz perzendini öldürenok – diýip, Mefres gaharly jogap gaýtardy. - Ýeri, onda kim? - Hyzmatkär zenan Sarranyň öýüne kürsäp uran hem-de göz açyp-ýumasy salymda gizlenen kimi gören bolsa – şol. Kim ýörişe ugranda altary masgaralan finikiý žresi Kamany ýanyna alan bolsa – şol. – Mefres sözüni gussaly salykatlylyk bilen jemledi. – Iň soňunda hem, kim öz oglunyň jöhitdigini bilip, Sarrany öýden kowup, ony gyrnaga öwren bolsa – şol. - Seniň aýylganç zatlary aýdýarsyň– diýip, Sem gorkuly pyşyrdady. - Jenaýat has-da aýylganç. Emma samsyk aýalyň keçjallyk etmegine garamazdan, onuň üsti açylar. Keramatly kişi welilik bilen aýdan sözleriniň şeýle basym hasyl boljakdygyny şol wagt nireden bilsin. Bu şeýle ýagdaýda bolup geçdi. Öz goşuny bilen Bubastdan ugran şa ogly entek köşkden çykyp ýetişmänkä, tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysyna çaganyň öldürilendigi, Kamanyň gaçandygy, şeýle-de, Sarranyň hyzmatkärleriniň gije onuň öýüne giren şa ogluny görendikleri baradaky habary ýetirdiler. Ol üşükli adam bolansoň, jenaýaty kimiň edendigini aňdy we derňewi ýerinde alyp barmagyň deregine, bolup geçen ahwalaty Hirama duýduryp, günäkärleri yzarlamaga şäheriň daşyna daz ýasady. Mefres Sarrany mejbir edip, hakykaty bilmäge dyrjaşýarka, ýerli tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň iň bir iş başarjaň jansyzlary, şeýle hem, Hiramyň öňbaşçylygynda finikiýleriň hemmesi grek Likonyň we žres Kamanyň yzyndan eňdiler. Şa oglunyň ýörişe ugranyndan üçünli gijede tertip-düzgüne ýolbaşçylyk edýän edaranyň ýolbaşçysy Bubasta dolanyp geldi. Ol özi bilen kendir mata bilen ýapylan äpet kapasa getirdi. Onuň içinde haýsydyr bir aýal yzyny üzmezden gygyrýardy. Ýoldan aryp gelendigine garamazdan, edaranyň ýolbaşçysy ýatmady-da, öz ýanyna derňewi alyp barýan serkerdäni çagyryp, onuň maglumatyny ünsli diňledi. Daň agaranda iki ýokary žres, Sem bilen Mefres, şeýle-de, Bubastyň häkimi tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň başlygynyň ýanyna gelmelidigi barada örän edep-hormatly çakylyk aldylar. Olar özlerine uzak garaşdyrmadylar. Edaranyň ýolbaşçysy eglip tagzym etdi, ganhorluk hakda özlerine mälim zatlaryň hemmesini gürrüň bermeklerini sorady. Bu sözleri eşiden häkimiň ýüzi agardy we hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Ýokary žres Sem-de şeýle diýdi, diňe Sarranyň günäli däl ýaly bolup görünýändigini üstüne goşdy. Gezek keramatly Mefrese ýetende, ol: - Sen eşitdiňmi-eşitmediňmi, bilemok, jenaýat edilen gije mirasdüşeriň aýallaryndan Kama atly biri gaçyp gidipdir – diýdi. Edaranyň ýolbaşçysy geň galan keşbe girdi. Mefres gürrüňini dowam etdirdi: - Tagtyň mirasdüşeriniň köşkde ýatmandygyny, onuň Sarranyň öýüne barandygyny saňa habar berdilermi-bermedilermi, ony-da bilemok. Edaranyň ýolbaşçysy has-da geň galan keşbe girdi. - Seniň Bubastda birnäçe günläp bolmadygyň örän gynandyrýar - diýip, ýokary žres sözüni tamamlady. Edaranyň ýolbaşçysy Mefrese eglip tagzym etdi we häkime ýüzlendi: - Hormata mynasyp, merhemet edip, şa oglunyň şol gije nähili eşikde bolandygyny aýdyp bilmermisiň? - Onuň egninde ak köýnek, altyn öwüşginli seçek tutulan goýy gyzyl reňkli öňlük bardy. Şol agşam onuň bilen soňky gezek gürleşenleriň biri bolamsoň, bu meniň gowy ýadymda – diýip, häkim jogap gaýtardy. Edaranyň ýolbaşçysy ellerini çarpdy. Diwanhana Sarranyň derwezebany girdi. Ol gelenden: - Mirasdüşer gije öz hanymyň öýüne girende, sen ony görüpmidiň? – diýip sorady. - Men şa ogluna – goý, ol baky ýaşasyn! – haýatyň gapysyny açyp berdim. - Onuň nähili eşikde bolandygy ýadyňdamy? - Şa oglunyň egninde sary, gara çyzmykly hiton, edil şeýle çepes hem-de gök, gyzyl çyzmykly, ala-mula öňlük bardy. Žresleriň we häkimiň ýüzlerinde geň galmagyň alamaty peýda boldy. Sarranyň iki hyzmatkärini gezekleşdirip getirdiler. Olar şa oglunyň nähili eşikde bolandygyny edil özüniňki ýaly gaýtalanlarynda, häkimiň gözlerinde şatlyk uçganaklady, keramatly Mefresiň bolsa ynjalygy gaçdy. Hormata mynasyp häkim: - Şa oglunyň egninde ak köýnek hem-de altyn öwüşginli seçek tutulan goýy gyzyl reňkli öňlük bolandygyna men ant içip biljek – diýdi. Edaranyň ýolbaşçysy sözüni dowam etdirdi: - Indi bolsa, belent hormatlylar, meniň bilen zyndana gitmäge merhemet ediň. Biz ol ýerde ýene bir şaýat göreris. Olaryň dördüsi aşak, giňiş ýere düşdüler. Penjiräniň ýanynda kendir bilen basyrylan kapasa durdy. Tertip-dügüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy kendiri taýak bilen alyp taşlady we duranlar burçda ýatan aýaly gördüler. Häkim: - Bu hanym Kama ahyry! – diýip gygyrdy. Ol, hakykatdanam, syrkaw, keşbi örän özgeren Kamady. Ýokary derejeli tanymal adamlary görüp ýerinden galanda, depesine ýagty düşüp, duranlar onuň mis ýaly gyrmyzy menekler örten ýüzüni gördüler. Onuň gözleri edil däliniňki ýalydy. Ol üýtgän ses bilen: - Bu Aştoretiň işi däl! Ýakymsyz aziýalylar maňa zäherlenen ýapynja okladylar, men şondan şeýle boldum...Waý, men biçäre! – diýip gygyrdy. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy: - Kama, seniň berbagtçylygyňa biziň tanymal ýokary žreslerimiz Sem bilen Mefresiň ýürekleri awaýar. Eger sen hakykaty aýtsaň, olar seniň üçin doga okarlar; belki, gudraty güýçli Osiris entek giç dälkä betbagtçylygy senden sowar – diýdi. Syrkaw aýal dyzyna çökdi we ýüzüni gözenege berip, ýalbaryp ugrady: - Meniň halyma rehim ediň! Men finikiý hudaýlaryndan ýüz dönderdim, ömrümiň ahyryna çenli özümi Müsüriň beýik hudaýlaryna bagyşlaryn...Ýöne menden bela-beteri kowuň... Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy soragyny dowam etdirdi: - Jogap ber, ýöne dogryňy aýt. Şeýtseň, hudaýlar senden merhemetini gysganmazlar: jöhit Sarranyň çagasyny kim öldürdi? - Dönük Likon, grek...Ol biziň ybadathanamyzda aýdymçydy, özi-de meni söýýändigini aýdardy...Indi bolsa gymmarbaha zatlarymy alyp, meni taşlady, deýýus. - Likon çagany näme üçin öldürdi? - Ol şa ogluny öldürmekçidi, ýöne ony köşkde tapmansoň, Sarranyň öýüne ylgap, şol ýerde-de... - Jenaýatkär goralýan öýe nädip giripdir? - Eýsem, sen, jenap, Likonyň mirasdüşeriň edil özüdigini bileňokmy? Ikisi göýä bir palma agajynyň iki ýapragy ýaly meňzeş ahyry! - Likon şol gije nähili eşikdedi? - Onuň egninde gara, sary çyzmykly hiton, edil şeýle çepes hem-de gök, gyzyl çyzmykly öňlük bardy...Maňa ezýet bermegiňizi bes ediň-ä...Siz maňa saglygymy gaýtaryp beriň...Rehimiňiz insin...Men siziň hudaýlaryňyza wepaly bolaryn... Siz,näme eýýäm gidýäňizmi? Duruň ahyry! Ah, siz doňürekler! Ýokary žres Sem oňa ýüzlenip: - Biçäre aýal, men seniň ýanyňa gaty güýçli tebip ibererin, belki...-diýdi. Halys bolan Kama: - Goý, Aştoret siziň işiňizi oňuna etsin! Ýok, goý, öz gudraty güýçli, rehim-şepagatly hudaýlaryňyz siziň işiňizi oňuna etsin! – diýip pyşyrdady. Ýokary derejeli adamalar zyndandan çykyp, diwanhana dolanyp geldiler. Ýokary žres Mefresiň gözlerini galdyrman durandygyny gören häkim ondan: - Biziň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaramyzyň ýolbaşçysynyň erjelligi bilen edilen açyş seni begendirenok öýdýän? – diýip sorady. - Maňa şatlanara esas ýok – diýip, Mefres sypaýyçylyksyz jogap gaýtardy. – Iş aňsatlaşmagyň deregine gaýtam bulaşýar. Sebäbi Sarra-ha çagany özüniň öldürendigini tassyklaýar, finikiý zenany-da edil kimdir biri öwreden ýaly jogap berýär. - Gürrüňe edaranyň ýolbaşçysy goşuldy: - Diýmek, sen, keramatly ata, muňa ynanaňok-da? - Men birini beýlekisinden asla tapawutlandyryp bolmaýan iki adama hiç wagtda duş gelmedim. Ylaýta-da, Bubastda biziň mirasdüşerimize – goý, ol baky ýaşasyn! – bir almany iki bölen ýaly meňzeş adamyň bolandygyny eşidemok. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy: - Ol adam Aştoret ybadathanasynda gulluk edipdir. Ony tirli knýaz Hiram bilýän eken, hökümdar bolsa öz gözleri bilen görüpdir. Mirasdüşer golaýda gymmatbaha baýrak wada berip, ony tutmagy emir etdi – diýdi. Mefres: - Eý-how! – diýip gygyrdy. – Görýän weli, örän hormatly öňbaşçy, sen döwletiň ähli ýokary syrlaryndan habarly ýaly-la! Ýöne ony tä öz gözüm bilen görýänçäm, şol Likon diýilýänine ynanmazlyga maňa rugsat et. Gaharly Mefres diwanhanany terk etdi. Keramatly Sem-de egnini ýygryp, onuň yzyna eýerdi. Dälizde aýak sesleri ýitensoň, häkim tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysynyň ýüzüne içgin seretdi-de: - Ýeri, sen muňa näme diýjek? – diýip sorady. Ol: - Dogrudanam, keramatly pygamberler häzir hatda hiç wagtda özlerinedegişli bolmadyk işlere-de goşulýarlar – diýip jogap gaýtardy. Häkim: - Biz onsoň bu zatlaryň hemmesini çekip-çydap ýörmelimi? – diýip pyşyrdady. - Belli bir wagta çenli – diýip, söhbetdeşi uludan dem aldy. – Sebäbi men adamlaryň ýüregini okamagy başarýan: žresleriň eden-etdiligi biziň emeldarlarymyzyň, harbylarymyzyň, saýry toparlarymyzyň gaharyny getirýär. Her zadyň çägi bolmaly. Häkim onuň elini gysyp: - Sen paýhasly sözlediň. Seni haçandyr bir wagt faraonyň hut özüniň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edarasynyň ýokary ýolbaşçysy hökmünde görjekdigimi haýsydyr bir içki ses pyşyrdap aýdýar – diýdi. ...Aradan ýene birnäçe gün geçdi. Parashitler şol wagtyň içinde mirasdüşeriň oglunyň bedenjigini mumladylar, Sarra bolsa özüne ýyl kesiljekdigine ynanyşyna, kazyýetiň işe başlaryna garaşyp, henizem zyndanda otyrdy. Kama-da zyndandady. Heýwere keseli degensoň, ony kapasada saklaýardylar. Dogry, onuň ýanyna ady agza-dile düşen tebip gelip, doga okapdy hem-de ähli derdi dep edýän suwy içmage beripdi. Ýöne muňa garamazdan, Kamany ysytma sypdyranokdy, gaşlarynyň eteginde, ýaňaklarynda gyzyl tegmiller aýyl-saýyl bolup ugrapdylar. Basym ony gündogar çöllüge – adamlardan uzakda ýerleşýän heýwere kesellileriň saklanýan ýerine ugratmak barada häkimiň diwanhanasyndan görkezme geldi. Bir gün agşam Ptaha ybadathanasyna tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy gelip, ýokary žresler bilen gürleşmek isleýändigini aýtdy. Onuň ýanynda iki jansyz hem-de başdan-aýagyna halta oralan bir adam bardy. Oňa sähel salymdan: „Ýokary žresler saňa hudaý aýalyň heýkeliniňöňündäki kiçijik ybadathanada garaşýarlar“ diýildi. Ýolbaşçy jansyzlary ybadathananyň derwezeleriniň ýanynda galdyryp, haltadaky adamy egnine aldy. Iki žresiň ýoldaş bolmagynda ony kiçijik ybadathana eltdi. Ol ýerde dabaraly ybadathana geýimli, döşleri kümüşden tapawutlandyryjy nyşanly Mefres bilen Sem otyrdy. Ýolbaşçy olaryň alnynda ýüzin düşüp ýatdy-da: - Siziň emriňize laýyklykda, keramatly atalar, men siziň ýanyňyza jenaýatkär Likony getirdim. Onuň ýüzüni görmek isleýäňizmi? – diýdi. Olar razyçylyk berdiler. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy ýerinden galyp, tutulandan haltany aýyrdy. Žresleriň ikisi-de haýran galmakdan ýaňa gygyranlaryny duýman galdylar. Grek, dogrudanam, tagtyň mirasdüşerine şeýle bir meňzeşdi weli, onuň Ramses däldigine ynanmazçylyk etjek gümanaň ýokdy. Žres Sem el-aýagy daňlan grekden: - Diýmek, sen Aştoret butparaz ybadathanasynda aýdym aýdan Likon-da? – diýip sorady. Likon ýigrenç bilen it ýylgyryşyny etdi. - Mirasdüşeriň çagasyny öldürenem senmi? – diýip, Mefres öz gezeginde sorady. Gahardan ýaňa ýüzi gögeren grek daňlan ýüpi gyrmaga dyrjaşdy. - Hawa, şol güjügi men öldürdim. Sebäbi onyň kakasyny – möjegi tapypbilmedim...Goý, ony asmanyň ody ýakyp-ýandyrsyn! – diýip gygyrdy. - Häý, ganhor diýse, onuň seniň öňüňde näme günäsi bar? – diýip, Sem gazaply sorady. - Näme günäsi bar? Ol menden Kamany ogurlady, ony bejerip bolmaýan kesele uçratdy. Men erkindim, gaçmak, halas bolmak üçin serişde ýeterlikdi. Ýöne men ar almagy ýüregime düwdüm...Häzir bolsa, ynha, men siziň öňüňizde durun...Onuň bagtyna siziň hudaýlaryňyz meniň ýigrenjimden güýçli eken. Siz indi meni öldürip bilersiňiz...Özi-de näçe çalt bolsa, şonça gowy. Ýokary žres Sem: - Bu aýylganç jenaýatkär – diýdi. Mefres sesini çykarman, gregiň uçganaklap duran gaharly gözlerine seredýärdi. Ýigidiň batyrlygyna haýran galan ýokary žresiň bir zadyň pikirini edýändigi görnüp durdy. Mefres birden tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysyna ýüzlenip: - Sen gidip bilersiň, hormatlymyz. Bu adam indi bize degişli – diýdi. Gahary gelen edara ýolbaşçysy: - Bu adam maňa degişli. Ony tutan men, şa oglunyň baýragynam özüm alaryn – diýip garşy boldy. Mefres ýerinden turdy. Gizlenen altyn medaly çykaryp: - Özüm agza bolup durýan ýokary geňeşiň adyndan bu adamy bize bermegi saňa buýurýaryn. Beýle adamyň bolmagynyň döwletiň ýokary syrydygyny, ony bärde goýanyňy unutsaň, özüň üçin müň esse gowy boljakdygyny ýadyňda sakla – diýdi. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy ýene ýüzin ýatdy. Soňra ýerinden galyp, aýak üstünde zordan durşuna, ol ýerden gaýtdy. Ol: „Zyýany ýok, biziň jenabymyz - tagtyň mirasdüşeri faraon bolanda, munuň üçin siziň merkiňizi berer. Menem size öz paýymy goşaryn – ine, görersiňiz!“ diýip içini gepledýärdi. Derwezäniň öňünde duran jansyzlar: - Tussag edilen hany? – diýip soradylar. Ol: - Tussag edileni hudaýlaryň elleri ebşitläp tutdy-da, öz oljasy hökmünde aňyrsyna geçirdi – diýip jogap gaýtardy. Jansyzlaryň ulusy: - Ýeri, onsoň biziň baýraklarymyz näme?- diýip ýaýdanyp sorady. - Biziň baýraklarymyzy hem hudaýlaryň elleri ebşitläp tutdy-da, öz oljasy hökmünde aňrysyna geçirdi...Bu bendiniň diňe düýşüňize girendigine özüňizi ynandyryň. Şeýtseňiz, özüňiz üçin has peýdaly hem-de howpsuz bolar. Jansyzlar seslerini çykarman, başlaryny aşak goýberdiler. Emma olar özlerini şeýle gowy gazançdan mahrum eden žreslerden ar aljakdyklaryna ýüreklerinde ant içdiler. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy gidenden soň, Mefres birnäçe žresi çagyryp, olaryň hersiniň gulagyna nämedir bir zat pyşyrdady. Žresler gregiň daşyny gallap, ýaşalýan mukaddes ýerden alyp gitdiler. Likon garşylyk görkezmedi. Sem: - Meniň pikirimçe, ol ganhor hökmünde kazyýete berilmeli – diýdi. - Asla bermeli däl – diýip, Mefres aýgytly jogap gaýtardy. - Onda örän uly jenaýata meýil bar: ol tagtyň mirasdüşerine meňzeş. - Ýeri, onsoň sen oňa näme etmekçi? - Men ony ýokary geňeş üçin saklaryn. Tagtyň mirasdüşeri butparazlaryň ybadathanasyna gatnaýan hem-de olardan aýallary ogurlaýan ýerde, ýurda – uruş, žresleriň erk-ygtyýaryna hem – pitne howp salýan ýerde Likon gerek bolup biler. Ertesi günortan ýokary žres Sem, häkim we tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy Sarranyň ýanyna zyndana geldiler. Biçäre birnäçe gün nahar iýmänsoň, şeýle bir gowşakdy weli, tanymal adamlar gelen mahaly hatda oturgyçdan galmady. Ony beýlekilerden gowy tanaýan häkim: - Sarra, biz seniň ýanyňa gowy habar bilen geldik – diýdi. Ol biperwaýlyk bilen gepledi: - Gowy habar bilen? Meniň balam öldi – ine, iň soňky habar! Gursagym-a süýtden, ýüregim-de ýowuz hasratdan doly. Häkim sözüni dowam etdi: - Sarra – sen erkin. Çagany öldüren sen däl. Onuň gatap galan keşbine jan girdi. Oturgyçdan atylyp turdy-da: - Men öldürdim ony! Men! Bir özüm! – diýip aýylganç gygyrdy. - Sarra, maňa gulak goý: seniň ogluňy finikiý zenany Kamanyň oýnaşy, Likon diýen adam öldüripdir. Ol häkimiň elinden tutup, pyşyrdady: - Näme? Sen mäme diýdiň?Ah, şol finikiý zenany! Men onuň biziň aşymyza awy gatjakdygyny aňypdym-a! Ýöne grek...Men hiç hili gregi tanamok. Meniň oguljygymyň gregiň öňünde näme günäsi barka? Häkim: - Men ony bilemok. Likon indi ýagty jahanda ýok. Ýöne diňle, Sarra: ol adam şa ogly Ramsese bir almany iki bölen ýaly meňzeş bolansoň, seniň otagyňa giripdir; senem oňa öz jenabyňdyr öýdüp, biziň hökümdarymyzy däl-de, özüňi günälemegi makulbilipsiň – diýdi. - Ol asyl Ramses däl ekenmi? – diýip, Sarra kellesini tutup, gygyrdy. – Men, bagtygara, ýat adama öz balamy sallançakdan çykarmaga ýol beripdirinmi?..Eden işimi gör-ä meniň!..Ha-ha-ha... Ol gülmegini dowam etdi. Ýöne gülki gitdigiçe ýuwaşaýardy. Birdenem onuň aýaklaryndan ysgyn gitdi; ellerini birnäçe gezek ýokary galdyrdy-da, güpürdäp gaýtdy. Amanadyny şeýdip – gülüp tabşyrdy. Ýöne aýalyň ýüzünde agyr hasratyň alamaty galyp, ony hatda ölüm-de öçürip bilmedi. ON ÝEDINJI BAP Jülgeler kesip geçýän ulgamlar, beýikligi birnäçe ýüz metre ýetýän ýalaňaç hek belentlikleri Müsüriň ýüz milden gowrak aralyga uzap gidýän günbatar serhedi bolup durýardy. Ol Niliň uzaboýuna ýaýylyp gidip, kämahal ondan tutuş kilometr daşlaşýardy. Eger kimdir biri gerişleriň birine çykaga-da, ýüzüni demirgazyga tarap öwräýse, onuň juda özboluşly görnüşe: sagda – Nil kesip geçýän uzap ýatan insiz çemenlige, çepde bolsa – ak ýa-da goňur-gyzyl menekler tegmil-tegmil eden sary düzlüge gözi düşerdi. Birmeňzeş görnüş, çägeligiň ýüregedüşgünç solgun reňki, yssy, aýratynam, aňyrsy görünmeýän giňişlik – Müsürden günbatara ýaýylyp ýatan Liwiýa çöllüginiň esasy aýratynlygy, ine, şudy. Emma golaýdan seretseň, çöllük şeýle bir birmeňzeş bolup görünmeýärdi. Onuň çägeleri tekiz däl-de, eýsem, öz däli-porhanlygynda doňup galan deňziň ýokary göterilen beýik gomlaryny ýatladýan birgiden beýik alaňlary emele getirýärdi. Kimiň şol deňiz bilen bir, iki, ýa-da, tutuş gün günbatara gitmäge gaýraty çatsa, bütinleý başga bir görnüşi: gözýetimde baýyrlary, kämahal bolsa iň bir täsin keşpdäki gaýalary, kert ýerleri görerdi. Aýak astyndaky çäge şeýle bir çuň bolman başlap, ondan ummandaky materik ýaly bolup, hek jynslary çykyp ugraýardy. Bu, hakykatdanam, çäge deňziniň arasyndaky tutuş ýurtdy. Hek baýyrlarynyň golaýynda jülgeler, olaryň düýbünde bolsa – derýalaryň we çeşmeleriň hanalary görünýärdi. Aňyrda – düzlük, onuň ortasynda bolsa – hekli kenarly we çuň çukanak düýpli köl. Ýöne şol jülgelerdip baýyrlarda-ha ot-çöp, kölde-de ýekeje damja suw ýokdy, derýalaryň hanalary takyrap galypdy. Ol tozap ýatan ýer bolup, diňe bir her hili ösümlik heläk bolman, hatda ýeriň hasylly gatlagynyň-da ýa-ha tozan işini görüpdi, ýa-da daşa dönüp gatap galypdy. Ol ýerde juda täsin ýagdaý bolup geçipdi: tebigat ölüp, ondan diňe ahyrsoňy yssynyň täsirinden dargap, gyzgyn ýel arkaly ol ýerden beýleki ýere göçürilip-gondurylyp ýörlen gaňňyl bilen jeset galypdy. Şol ölen we jaýlanylmadyk materigiň aňyrsyndan ýene çäge deňzi ýaýylyp gidip, onuň ortasynda ol ýa-da beýleki ýerde çendan bir gatly jaýyň beýikligine ýetýän zommak konuslar görünýärdi. Şeýle konusyň depesi ýapraklaryň tot-tozan baglan, gutarnykly solup bilmänsoň, ne-hä janly, ne-de jansyz halda oturan goňur topbajygy bilen gutarýardy. Geň konus şol ýerde suwuň entek guramandygyny, ýöne yssydan ýeriň aşagynda gizlenendigini we topragyň çyglylygyny garaz telli-pelli saklaýandygyny aňladýardy. Şol ýere tamarindiň tohumy gaçyp, juda kynlyk bilen ösümlik ýetişipdir. Emma çölüň hökümdary bolan tifon ony görüpdir-de, assa-ýuwaşdan çäge bilen gömüp ugrapdyr. Ösümlik näçe ýokary galdygyça, ony bogýan çäge konus-da şonça ýokary galýar. Çölde azaşan tamarind dalda isläp, elini asmana bihuda uzadýan gark bolup barýan adama meňzeýärdi. Ýene-de uç-gyraksyz sary deňiz özüniň çäge tolkunlary we ösümlikleriň gözgyny galyndylary bilen akyp ýatyr. Ynha-da, siziň alnyňyzda göýä derweze ýaly çuň jaýrykly gaýa görnüşli diwar...Bu näme boldugy? Siz öz gözüňize ynanaňzokmy? Şol derwezeleriň biriniň aňyrsyndan ýaşyl jülge açylýar: palmalar, kölüň gök suwy. Hatda bakylýan goýunlaram, şahly mallardyr atlaram, olaryň arasynda hysyrdaşyp ýören adamlaram görünýär; hol uzakda, gaýalaryň eňňidinde bolsa tutuş şäherjigiemele getirýän öýler biri-birine gysmyljyraşyp otyrlar; ýokarda ybadathanalaryň diwarlary agaryp görünýär. Ol çäge ummanynyň arasyndaky oazisdi, adady. Faraonlaryň zamanynda şeýle oazisleriň onlarçasy bolupdyr. Olar çöl adajyklarynyň zynjyryny düzüp, Müsüriň serhediniň boýy bilen uzap gidipdirler. Şol oazisler Nilden on, on bäş, ýigrimi mil aralykda ýerleşip, her biri onlarça inedördül kilometr giňişligi eýeläpdir. Arap şahyrlaryjennetiň bosagasy hökmünde wasp etseler-de, şol oazisler hiç wagtda şonuň ýaly bolmandy. Olaryň kölleri batgalygyň uly bölegi bolup, ýerasty çeşmelerden ýakymsyz ysly, ýaramaz duzly suw zygdyrylyp akýardy; olaryň ösümliginiň Müsüriň pajarly ösümligi bilen deňleşjek gümany ýokdy. Ýöne barybir çöl içindäki şol çola ýerler göze hoş ýakýan az-owlak ýaşyl ot-çöpi, hurma agaçlary, birneme çygly, sergin howasy bilen ýolagçylara täsinlik bolup görünýärdi. Çöl deňziniň arasyndaky şeýle adajyklaryň ilatynyň mesgen tutuşy birmeňzeş däldi: ýüzlerçe adamdan müňlerçe adama çenlidi. Ol ýerde ara çöp oklamakda ýaka tanadan liwiý, müsür, efiop hilegärleri ýa-da olaryň nesilleri ýaşaýardylar; sebäbi adajyga ýitirere zady bolmadyk daş döwülýän ýere sürgün edilenler, tertip-düzgüne gözegçilik edýänler tarapyndan yzarlanýan jenaýatkärler, zora daýanylyp, mugtuna işledilýän endişeli daýhanlar ýa-da howp-hatarly durmuşda gezip ýöreninden öte agyr zähmeti makul bilen işgärler gaçyp barypdylar. Şol gaçgaklaryň uly bölegi ýolda wepat bolupdy. Käbirine bolsa söz bilen beýan edip bolmajak jebir-jepadan soňra oazise aşmak başardypdy. Gaçgaklar gözgyny, emma islendik wagtda Müsüre talaňçylyk üçin çozmaga taýýar, erkin durmuşda ýaşaýardylar. Çöllük bilen Ortaýer deňziniň arasynda müsürliler tarapyndan liwiýler diýlip atlandyrylýan dürli taýpalar mesgen tutan hasylly topragyň şeýle bir giň bolmasa-da, uzyn zolagy ýaýylyp ýatyrdy. Olaryň bir bölegi daýhançylyk, beýleki bölegi bolsa balykçylyk ýa-da deňizde ýüzmek bilen meşgullanýardylar. Emma şol taýpalaryň her biriniň arasyndan hemişe uruşmaga ýa-da asuda işläp ýörenleri talamaga meýilli kellekeserleriň toparlary çykýardylar. Şol wagşy talaňçylar ýa-ha gedaýlykdan ölýärdiler, ýa-da harby ýörişlerde heläk bolýardylar. Ýöne toparlar öz döwründe ýerli liwiýlere garanda has-da wagşy,talaňçy hökmünde tanalan sardinleriň (şardana) we sisiliýleriň (şekelaşa) akymy bilen yzygiderli dolup durýardylar. Liwiýa Aşaky Müsüriň günbatar serhedi bilen galtaşansoň, wagşylar köplenç faraonyň ýerlerini talap, şonuň üçin agyr jeza sezewar bolýardylar. Şeýle-de bolsa, liwiýler bilen urşuň hiç hili netije bermeýändigine göz ýetiren faraonlar, has takygy, žresler syýasaty üýtgedýärler. Olar ýerli liwiý maşgalalaryna Aşaky Müsüriň kenarýaka batgalyklarynda mesgen tutmaga ygtyýar edýärler;talaňçylardyr ara çöp oklaýjylary-da goşuna ýygnamak bilen, köplenç synasagat, garadangaýtmaz esgerlere eýe bolýarlar. Şeýlelikde, döwlet özüniň günbatar serhedinde asudalygy, imisalalygy üpjün edýär. Ýekelikde garakçylyk edýän liwiýleriň merkini bermek üçin bolsa tertip-düzgüne gözegçilik edýän edara, meýdan goragy we Niliň Kanop golunyň uzaboýna goýlan Müsüriň birnäçe sazlanan ýygynlary ýeterlik bolýar. Liwiýa bir ýüz segsen ýyla golaý wagt şeýle ýagdaýda bolýar. Liwiýalylar bilen iň soňky uruş baryp-ha Ramses III-niň zamanynda bolup geçýär. Ol jeň meýdanynda wepat bolan duşmanlaryň çapylan ellerinden dag döredip, Müsüre on üç müň sany gul getirýär. Şondan soňra Liwiýa tarapdan çozuş edilmeginden hiç kim gorkmaýar; diňe Ramses XII-niň patyşalygynyň paýawlap ugran döwründe žresleriň düşnüksiz syýasaty şol ýerlerde gaýtadan uruş oduny tutaşdyrdy. Onuň tutaşmagyna aşakdaky ýagdaý sebäp bolupdy. Faraonyň garşy bolandygy sebäpli, Aziýanyň ýerini paýlaşmak hakda Assiriýa bilen şertnama baglanyşmak harby hökümet agzasy we ýokary žres Herihora başartmady. Emma Beroesiň duýdurmasyny ýadynda saklap we assiriýler bilen uzak wagtlap parahatçylygy saklamak isläp, gündogar hem-de demirgazyk Aziýa döwletleri bilen alyp baryljak urşa Müsüriň päsgel bermejekdigine Herihir Sargony ynandyrdy. Emma göwnüne patyşa Assaryň ygtyýarly ilçisi wadalara-da, kasama-da gatybir ynanyp barmaýan ýaly bolup görnensoň, Herihor Müsüriň parahatçylyk söýüji ýurtdugyny oňa aýdyň subut etmek kararyna geldi we şu maksat bilen, esasan, liwiýlerden ybarat bolan hakyna tutulan ýigrimi müň esgeri gyssagly boşatmagy emir etdi. Hemişe faraona wepalylygyny saklan, hiç hili günäsiz esgerlere özleriniň dargadylmagy tas ölüm jezasyna deň urgy boldy. Müsüriň zähmete, mätäçlige däl-de, erkin durmuşa endik eden şonça adama asla mesgen berip bilmejek Liwiýa bilen çaknyşmak howpy döredi. Emma iş döwletiň uly bähbitlerine dahylly bolansoň, beýle „ownuk zatlar“ Herihory-da, žresleri-de biynjalyk etmedi. Liwiýli hakyna tutulan esgerleriň boşadylmagy, dogrudanam, örän bähbitli boldy. Birinjiden, Sargon we onuň maslahatçylary Müsür bilen on ýyllyk şertnama gol çekdiler we ony kasam bilen berkitdiler. Haldeý žresleriniň çaklamalary boýunça şol ýyllaryň dowamynda Müsüriň mukaddes topragynyň depesine gara günler abanjakdy. Ikinjiden, ýigrimi müň esgeriň dargadylmagy faraonyň takyrap ýatan gaznasyna örän zerur bolan tygşytlanan dört müň talant getirdi. Üçünjiden, günbatar serhetde Liwiýa bilen boljak uruş tagtyň mirasdüşeriniň gahrymançylyga meýilli joşgunyna ýol açyp biljekdi hem-deAziýa işlerinden,gündogar serhetden onuň uzak wagtlap ünsüni sowjakdy. Herihor weýokary geňeş duşmanyň tylynda söweş alyp barmakdan ýaňa halys ysgyndan gaçan liwiýler aman dileýänçä birnäçe ýyl geçjekdigini örän delilli çak edýärdiler. Bu pikir ýagşy ölçerilip-dökülipdi. Ýöne onuň aňyrsynda duranlar ýalňyşlyk goýberipdiler: olar şa ogly Ramsesde genial harby serkerdäniň ruhunyň ýaşaýandygyny göz öňünde tutmandylar. Dargadylan liwiý ýygynlary ýol ugrunda talaňçylyk etselerem, Herihorhiç ýerde saklanmazlygy buýransoň, ata watanlaryna juda çalt aşdylar. Olaryň öňbaşçylary Liwiýanyň topragyna aýak basanlaryndan, öz ildeşlerine her hili toslamalary gürrüň berip başladylar. Hem kineli, hem gaharly şol adamlar Müsüriň häzir mundan dokuz ýüz ýyl ozal, giksoslaryň döwründe bolşy ýaly gowşakdygyny, faraonyň gaznasynyň düýbi görnüp ýatansoň, hudaýa deň hökümdaryň islese-islemese öz goşunynyň iň gowy bölegini (öz aýtmaklaryna görä, ýeke-täk ýaramly bölegi bolmagy-da mümkin) düzýän liwiýleri datrgatmaly bolandygyny pyşyrdap gürrüň berýärdiler. Olar eger gündogar serhetdäki goşawuja sygjak, hiç zadyň alnyndan bolmadyk esgerlerini hasaba almasaň, Müsüriň asla goşunynyň ýokdugyna diňleýjileri ynandyrýardylar. Onuň hormatlysy bilen žresleriň arasynda-da oňşuksyzlyk bar. Işgärleriň hak-heşdegini wagtynda tölänoklar, daýhanlary agyr salgytlar bilen bogýarlar, şol sebäpli-de halk kömek wada berilse, aýaga galmaga taýýar. Bu hem hemmesi däl: bir wagtlar erkin hökümdarlar bolan häkimler häzir hökümetiň halys gowşandygyny görüp, aram-aram özleriniň öňki hukuklaryny ýatlaýarlar, faraony-da, žresleriň ýokary geňeşini-de agdarmaga çalyşýarlar!.. Bu habarlar edil guş sürüsi ýaly bolup, Liwiýanyň kenar ýakalaryna uçup bardylar, ähli ýerde-de ynanylyp kabul edildiler. Talaňçylardyr wagşylar Müsüre dökülmäge hemişe-de taýýardylar, häzir – faraonyň öňki serkerdeleri, söweşijileri şol ýurdy talamagyň hiç hili kynçylygynyň ýokdugyna özlerini ynandyransoň-a, ýaman niýet has-da möwç aldy. Gurply, pähim-paýhasly liwiýler-de kowlan söweşijileriň sözlerine güp ynandylar, sebäbi Müsüriň barly adamlarynyň garyp düşüp barýandygy, faraonyň öz hökmürowanlygyny doly peýdalanmaýandygy, mätäçlikden halys bez bolan daýhanlardypr işgärleriň gozgalaň turuzýandyklary olara öňräkden bäri mälimdi. Ine, şeýdip tutuş Liwiýada birahatlyk başlandy. Müsürden kowlan esgerlerdir serkerdeleri hoş habaryň jarçylary hökmünde garşylaýardylar. Ýurduň gedaýdygy, gelenleri ekläp-saklar ýaly iýmit ätiýaçlygynyň ýokdugy sebäpli, şeýle-de, gelmişeklerden basymrak dynylmagy üçin, derrew Müsür bilen uruşmak kararyna gelindi. Hawa, mekir, akylly liwiý knýazy Mussawasa-da umumy akyma goşulduy oturyberdi. Ýöne ony muňa gelmişekler däl-de, haýsydyr bir sylag-hormatly, ýokary derejeli adamlar (Müsüriň ýokary geňeşiniň jansyzlary bolmagy-da ähtimal) yrdylar. Ýa-ha Müsürdäki ýagdaýdan närazy, ýa-da faraondan we žreslerden kineli şol welmožalar Liwiýa deňiz tarapdan gelipdiler. Garamaýak ilatdan gizlenip hem-de kowlan esgerler bilen gürleşmekden gaça durup, olar häzir Müsüre çozmagyň tüýs wagtydygyny juda gizlinlikde ellerindäki subutnamalar bilen Mussawasany ynandyrypdylar. Olar: „Sen ol ýerden özüň, öz adamlaryň, agtyk-çowluklaryň üçin tükeniksiz hazyna hem-de ammar taparsyň“ diýip, Mussawasany bal kölüne batyrypdylar. Mekir serkerde, dogumly adam bolan Mussawasa gurlan duzaga düşenini duýman galdy. Golastynda müňläp batyr esger bolan Mussawasa derrew Müsüriň garşysyna uruş yglan etdi we birinji goşun birikmesini öz ogly, ýigrimi ýaşly Tehennanyň ýolbaşçylygynda gündogara ýollady. Garry wagşy urşuň nämedigini birinden sorap bilmeli däldi; ol kim ýeňiş gazanmak isleýän bolsa, şonuň ilkinji bolup urgy etmelidigini gaty gowy bilýärdi. Taýýarlyk juda gysgajyk boldy. Faraonyň öňki esgerleri ýaragsyz geldiler; ýöne olar öz etmeli işlerini bilýärdiler. Aslynda-ha şol zamanlarda ýarag meselesi kyn däldi. Sapan üçin birnäçe gaýyş ýa-da inçe ýüp, ujy ýiteldilen syryk ýa-da naýza, palta ýa-da ujy tommarçakly agyr taýak, bir gapdalyňda-ha içi daşdan doldurylan halta, beýleki gapdalyňda–da hurmalar. Wessalam! Şeýlelikde, Mussawasa öz ogly Tehennä faraonyň öňki hakyna tutulan iki müň sany esgerini we dört müňe golaý liwiý ýoksullaryny berip, Müsüre gyssagly aralaşmagy, öňünden çykan zatlary talamagy hem-de hakyky goşun üçin ätiýaçlyk taýýarlamagy buýurdy. Özi bolsa uly güýçlerui jemläp, ýitirere hiç zady bolmadyk adamlaryň hemmesini öz baýdagynyň astyna çagyryp, ähli oazislere çapar ýollady. Köp wagtdan bäri çölde şeýle başagaýlyk bolmandy. Her bir oazisden hiç zady bolmansoň, ýeňiýolukdan başgaça atlandyryp bolmajak, dünýäden doýgun adamlar topar tutuşyp gelýärdiler. Bir aý ozal faraonyň serkerdeleri bolan öz maslahatçylarynyň delillerine daýanýan Mussawasa Müsüriň haýsydyr bir uly goşunynyň üstünden barmazyndan ozal öz oglunyň Teremetisden, Senti-Nofera çenli birnäçe şäherjiklerdir obalary talap ýetişjekdigine berk ynanýardy. Mundan başga-da, liwiýleriň süýşüp ugrajakdygy baradaky ilkinji „myş-myşlar“ ýaýrandan, diňe bir aýna ýasaýan uly kärhananyň işgärleri ol ýerden çar tarapa ökje götermän, eýsem, Soda kölüniň kenaryndaky Sahet-Hemau galasyny eýeleýän goşunlaryňam yza çekilendigini oňa habar beripdiler. Bu liwiýler üçin juda gowy habardy, sebäbi aýna ýasaýan kärhana faraonyň gaznasyna uly girdeji getirýärdi. Emma Mussawasa-da edil žresleriň ýokary geňeşi ýaly ýalňyşypdy: ol Ramsesiň genial harby serkerdedigini bilenokdy. Ine, onsoň hiç kimiň garaşmaýan zady bolup geçdi: Liwiýanyň ilkinji goşun birikmesi entek Soda kölüniň töweregine baryp ýetişmänkä, Müsüriň tagtynyň mirasdüşeriniň iki esse köp goşuny eýýäm şol ýerdedi. Ätiýaçly bolmandyklary üçin liwiýlere gyjalat berip boljak däldi. Tehenna bilen onuň goşunlary dolandyrýan merkezi saýlap-seçip, gowy jansyzlardan topar döredipdi. Aňtawçylar Melkatda, Nawkratisde, Saide, Menufda birnäçe gezek bolupdylar, Niliň Kanap we Bolbitin gollaryna ýüzüp geçýärler, ýöne hereketi daşgyny togtadyp biljek goşunlara hiç ýerde duş gelmeýärler, tersine, howsala aralaşansoň, ähli ýerde serhetýaka welaýatlardan gaçyp barýan oturymly ilatygörýärler. Şol sebäpli olaryň öz harby serkerdesine iň bir göwün göteriji habarlary getirendikleri düşnüklidir. Şol wagtda şa ogly Ramsesiň suw, iýmit bilen üpjünlenengoşuny bolsa daşgynagaramazdan, jem bolanyndan sekiz gün geçenden soňra çöllügiň serhedine ýetipdi we Soda kölleriniň daglarynda gizlenipdi. Eger Tehenna bir gudrat bilen bürgüt bolup asmana göteriläge-de, öz goşunlarynyň düşlegleriniň depesinden seredenliginde, ol ýeriň ähli jülgelerimde Müsüriň goşunlarynyň gizlenendigini we hä diýmän goşun birikmesiniň gabaljakdygyny görüp haýýaty göçerdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |