16:28 Faraon -23: romanyň dowamy | |
ON SEKIZINJI BAP Aşaky Müsüriň goşuny Bubastdan çykanyndan, mirasdüşeriň ýany bilen giden pygamber Mentesufis her günde birnäçe gezek gyssagly maglumatlary hem alyp, hem ugradyp başlady. Ol harby hökümet agzasy Herihor bilen hat alşyp, goşunlaryň öňe süýşüşini, mirasdüşeriň hereketlerini aç-açan haýran galmak bilen beýan edip, Memfise maglumat ýollap durýardy. Herihor bolsa öz görkezmelerinde mirasdüşere doly erkinligiň berilmelidigini, Ramses ilkinji çaknyşykda ýeňläýende-de, ýokary geňeşiň munuň üçin şeýle bir gynanmajakdygyny ýaňzydýardy. Ol: "Uly bolmadyk harby şowsuzlyk şa ogly Ramses üçin seresaplylyk hem-de boýun egijilik sapagy bolar. Sebäbi ol eýýäm häzirden, hiç zat etmezden, özüni içinden ýalyn geüen serkerdelere deň saýan bolup ýör“ diýip ýazdy. Mentesufis mirasdüşer ýeňiler öýdüp çaklamagyň kyndygyny aýdyp jogap gaýtaranda bolsa, Herihor ýeňşe gereginden artyk ähmiýet bermegiň zerur däldigini oňa duýdurdy. Ol: „Uruşparaz hem-de göçgünli tagt mirasdüşeriniň günbatar serhetde birnäçe aýyň dowamynda güýmeneni bilen, döwlet hiç hili zyýan çekmez. Onuň özi-hä harby sungatda tejribe toplar, utanç-haýany ýitiren esgerleri-de özlerine laýyk pişe taparlar“ diýip ýazdy. Mentesufis, şeýle-de, has zerur hasaplaýan adamy – žres Mefres bilen hat alyşýardy. Mirasdüşer bilen arasyna tow düşen Mefres häzir Sarranyň oglunyň ganyna galynanyndan peýdalanyp, bu jenaýatda göni Ramsesigünäkärleýärdi – ol, hamala, Kamanyň täsiri bilen edilenmişin. Bu gabahat işde Ramsesiň günäkär däldigi aýan bolanda, muňa has-da gahary gelen žres öz hudaýlarynyň duşmany we ýigrenji finikiýleriň ýarany hökmünde şa oglunyň ähli zada ukyplydygyny gaýtalap ýörmekden ýadanokdy. Sarranyň oglunyň öldürilmegine dahylly iş juda ula ýazyp, şübhe edilýänleriň sany bäri-bärde durmansoň, Memfisdäki ýokary geňeş bu babatda Mentesufisiň pikirini sorady. Mentesufisem gije-gündiz şa ogluny yzarlap ýören adam hökmünde onuň ganhorluk edip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şol hatlar göýä ýyrtyjy guşlaryň sürüsi ýaly bolup, öz aňtawçylaryny duşmanyň goş ýazdyran ýerine ibermek, garşydaşyny yzarlamak, harby serkerdeler bilen maslahat geçirmek, esgerleri ruhlandyrmak bilen gümra bolup ýören Ramsesiň depesinde aýlanyp ýördüler. Aýyň on dördi güni mirasdüşeriň tutuş goşuny Teremetis şäheriniň gündogarynda ýygnandy. Ramsesi juda begendirip, ol ýere grek ýygyny bilen Patrokl geldi. Onuň ýanynda Herihor tarapyndan ikinji synçy hökmünde ýollanan Pentuer-de bardy. Elbetde, golaýynda žresleriň bolmagy (atlandyrylandan başga-da, ýene birnäçesi bardy) Ramsese şeýle bir ýarap baranokdy. Ýöne mirasdüşer olara üns bermezligi makul bildi we hatda harby maslahatlar geçirilýän mahalynda olaryň pikirini-de soramady. Ahyrsoňy gatnaşyk ganymatlaşdy. Mentesufis Herihoryň görkezmesi esasynda, öz islegini şa oglunyň boýnuna dakjak bolmady, Pentuer bolsa ýaralylara tebipçilik kömegini bermek bilen meşgullandy. Harby oýun başlandy. Ramses ilki bilen liwiýleriň ägirt uly güýç bilen süýşüp ugrandyklary we ilaty rehimsiz talajakdygy, gyrjakdygy barada öz jansyzlary arkaly serhet ýakasyndaky obalaryň köpüsine „myş“ ýaýratdy. Ýüregi ýarylara gelip, gündogara göç eden ilat Müsüriň ýygynlarynyň üstünden bardy. Mirasdüşer olaryň erkeklerini-hä goşunyň yzyndan ýükleri alyp gaýtmaga mejbur etdi, aýallarydyr çagalaryny-da ýurduň jümmüşine ugratdy. Soňra baş serkerde sanyny hem-de ýerleşişini biler ýaly, öz jansyzlaryny golaýlap gelýän liwiýleriň öňünden ýollady. Jansyzlar basym yzyna dolanyp geldiler. Olar liwiýleriň ýerleşişi hakda dürs maglumat berdiler, ýöne adam sanyny weli göz-görtele çişirip aýtdylar. Şeýle-de, ýene bir ýalňyş zady tutanýerlilik bilen nygtadylar: hamala, liwiý goşunlaryna baş bolup, ogly Tehennany ýanyna alan Mussawasanyň hut özi gelýärmişin! Ilkinji söweşde şeýle tejribeli garşydaş bilen çaknyşjakdygyna begenmekden ýaňa ýaş harby serkerdäniň hatda ýüzi gyzaryp gitdi. Çaknyşygyň howpy juda ulaldylansoň, Ramses hüşgärligi has artdyrdy. Ähli artykmaçlyk müsürlileriň tarapynda bolar ýaly, ol mekirlige ýüz urdy.Mirasdüşer öz ynamdar adamlaryna gaçgaklar hökmünde duşmanyň düşelgesine aralaşyp, Mussawasadan onuň esasy güýjüni – Müsürden kowlan liwiý esgerlerini sowmagy buýurdy. Ramses jansyzlaryna: - Boýun egmezekler üçin meniň paltamyň taýýardygyny, şeýle-de, bizi tarapymyzda boljaklara geçirimlilik etjekdigimi olara ýetiriň. Eger olar öňümizdäki söweşde ýaraglaryny taşlap, Mussawasany terk etseler, men esgerleri onuň hormatlysynyň goşunyna gaýdyp alaryn hem-de gullukdan gitmeli bolan günleriniňem hak-heşdegini doly tölemegi buýraryn – diýdi. Patrokldyr beýleki harby serkerdeler bu pikiri dogry tapdylar, žresler bolsa seslerini çykarmadylar. Mentesufis Herihora gyssagly habar ýollady we bir günden soňra jogabyny aldy. Soda kölleriniň daş-töweregi günorta-gündogardan we demirgazyk-günbatardan uzap gaýdýan iki sany dag ulgamy bilen bitişen, onlarça kilometr uzynlykdaky jülgeden ybaratdy. Şol jülgäniň ini hiç ýerde on kilometrden geçenokdy, ýöne has gysby dereli ýerlerem bardy. Tutuş jülgäniň uzaboýuna biri-biriniň yzyndan ona golaý ajy, duzly suwly örän batgalyk köller uzap gidýärdi. Ol ýerde gözgyny gyrymsy agaçlar hem-de hiç bir jandar agyz urmaýan, hemişe çäge gömýän otlar ösüp otyrdylar. Jülgäniň iki tarapynda ýa-ha ýüzi gaýdan hek gaýalar somalyşyp durdy, ýa-da içinde gömlüp galmak mümkin bolan, uç-gyraksyz çägesyrgyny ýaýylyp ýatyrdy.Sary hem-de ak reňk bilen reňklenen tutuş ýer, yssysy, dym-dyrslygy-da üstesine, özüniň doňup galan keşbi bilen kejebäňi daraldýardy. Bu ýerde ýekeje guş-da öz aýdymy bilen howany dolduranokdy; eger nirededir bir ýerde şakyrdy eşidilse-de, ol togalanyp gaýdýan daşlaryň sesidi. Jülgäniň ortasynda biri-birinden birnäçe kilometr aralykda iki sany gurluşyk howalanyp otyrdy. Gündogardaky – galady, günbatardaky bolsa – ýangyjy liwiý söwdagärleri tarapyndan getirilýän aýna ýasaýan kärhanady. Iki ýer hem uruş başlanjak howsalasy bilen, ilat tarapyndan terk edilipdi. Tehennanyň goşun birikmesi Mussawasäniň goşunynyň Müsüre geçmegini üpjün etmeli bu iki ýeri eýelemelidi we berkitmelidi. Eger şol agşam kimdir biri liwiýlere Soda köllerinde palmadyr bugdaýyň ýetişendigini aýdaýsa, ynanardylar, emma öz ýollaryny Müsüriň goşunynyň kesendigini aýdaýsa weli, eger-eger ynanmazdylar. Žreslere suwy hiç neneň bolmadyk birnäçe guýyny açmak we gazmak başardan az wagtlyk düşlegden soňra, Müsüriň goşuny jülgäniň boýy bilen uzap ýatan demirgazyk belentligi eýeläp ugrady. Mirasdüşeriň etmekçi bolýan hereketi ýönekeýdi: ol liwiýleri watanyndan arasyny üzüp, aljyraňňylyga düşen toparyň açlyk hem-de yssy tepbedini okajak ýere – günorta, çöllüge kowmak isleýärdi. Ol şu maksat bilen goşuny üç birikmä bölüp, jülgäniň demirgazyk tarapynda hatara düzdi. Liwiýa tarapa has öňe saýlanyp duran sag ganata hüjüm etjekleriň ýoluny kesip, olary Glawka yza çekildirmek barada buýruk alan Patrokl ýolbaşçylyk edýärdi; liwiýleriň öňe hereketine böwet bolmalyMüsüre golaý çep ganata Mentesufis jogap berýärdi; aýna ýasalýan kärhananyň daş-töweregindäki merkezi goşun birikmesine ýolbaşçylygy-da ýanynda Pentuer bolan mirasdüşer öz üstüne alypdy. Atir aýynyň on bäşi güni irden sagat ýedi töweregi onlarça liwiý atlylary jülgeden leňkildäp geçdiler-de, aýna ýasalýan kärhananyň ýanynda birsalym dynç alyp, daş-töwerege aýlandylar; şübhe döredýän hiç zat görmänsoňlar, atlarynyň başyny yzyna öwürdiler. Irden sagat onda, Gün ýakyp-ýandyryp, adamlardan ganly der çykýan ýaly bolup görnende, Pentuer mirasdüşere ýüzlenip: - Liwiýler eýýäm jülgä girip, Patroklyň goşunynyň deňinden ötüp başladylar. Olar bir sagatdan bärde bolarlar – diýdi. - Sen ony nireden bilýäň? – diýip, şa ogly geň galyp sorady. - Žreslere ähli zat mälimdir – diýip, Pentuer ýylgyryp jogap gaýtardy. Soňra seresaplyk bilen gaýalaryň birine dyrmaşdy-da, haltadan haýsydyr bir öwşün atýan närsäni çykardy. Ony keramatly Mentesufisiň goşunynyň tarapyna tutaga-da, nähilidir bir yşarat etdi. Soňra aşak syryldy-da, Ramsese: - Ynha, indi ondan Mentesufisem habarly – diýdi. Şa ogly haýran galmakdan ýaňa özüne gelip bilenokdy. Ol: - Meniň gözüm seniňkiden gowudyr, gulagymam pes däldir öýdüp pikir edýän, ýöne hiç zat göremogam. eşidemogam. Sen duşmany uzakdan nädip görüp, Mentesufis bilen nädip gürleşýäň? – diýip sorady. Pentuer mirasdüşere uzakdaky, depesinde bir düýp tern agajy somalyp oturan haýsydyr bir baýra seretmegi teklip etdi. Ramses şol nokada seretdi-de, derrew gözlerini sowdy: agajyň düýbünde nämedir bir zat ýalpyldaýardy. Ol: - Beýle-de bir ýalpyldy bolar oguşýan, gözüň gapyljak! – diýdi. Pentuer: - Ol – serkerde Patroklyň ýanyndaky žres. Bize duýduryş berýär. Görşüň ýaly, hormatly hökümdar, bizem uruşda derde ýaraýandyrys – diýip jogap gaýtardy. Ramses geplemedi. Jülgäniň jümmüşinden olara ilki çala, soňra aýyl-saýyl nähilidir bir güwwüldi eşidildi. Müsürli esgerler gysmyljyraşyp, gaýanyň ýokarsyna çykyp, ýaraglaryny gözden geçirip, pyşyrdaşyp ugradylar. Emma serkerdeleriň gysgajyk buýrugy olary köşeşdirdi. Gaýalaryň depesine ýene agyr ümsümlik aralaşdy. Birdenem uzakda bir ýerde ýaňlanýan güwwüldi güýçlenip wagyrda geçdi; birgiden sesleriň umumy ýaňlanmasynda aýdymy, fleýtalaryň owazyny, arabalaryň jygyldysyny, atlaryň kişňemesini hem-de serkerdeleriň buýruklaryny tapawutlandyryp bolýardy. Ramsesiň ýüregi çalt gürsüldäp ugrady. Bilesigelijiligiň jylawyny çekmek mundan artyk başartmansoň, ol öňe çykyp duran gaýa dyrmaşyp başlady. Ol ýerden jülgäniň belli bir bölegi görünýärdi. Aşakda sary tozanyň burugsysy gurşap alan liwiý goşun birikmesi ýuwaşja süýşüp barýardy. Ol edil hamy gyzyl, gök we ak meneklerden doly ýylan ýaly bolup, birnäçe wýorsta uzaýardy. Öňden birnäçe atlylar barýardylar; olaryň biri ak eşikli, epeý pyýada bolup, atyň üstünde, hamala diýersiň, oturgyçda ýaly, iki aýagyny-da çep tarapa sallap otyrdy. Atlylaryň yzyndan sary köýnekli sapançylar, soňra äpet saýawanyň eteginde, kejebede haýsydyr bir welmoža barýardylar. Olaryň yzyndan gök, gyzyl eşikli naýza zyňyjylar, soňra ujy tommarçakly taýak bilen ýaraglanan tas ýalaňaç diýen ýaly ymgyr märeke, ýene sapançylardyr naýza zyňyjylar, ýene sapançylar, iň soňundanam gyzyl eşikli, çalgydyr palta bilen ýaraglanan adamlar gadam urýardylar. Olar takmyn dört hatardy. Ýöne serkerdeleriň haýbatly duýduryşyna garamazdan, tertip yzygiderli bozulýardy we biri-biriniň yzyna eýerip gelýän dörtlükler bir ýere üýşýärdiler. Liwiý ýylany kärhananyň we kölleriň garşysyna, jülgäniň iň giň bölegine goh-galmagal, aýdym bilen assa-ýuwaş süýrenip çykdy. Şol ýerde hatar has-da bulaşdy. Bärde düşleniljekdigi aýdylansoň, öňden gelýänler-ä aýak çekdiler, yzdakylar-da basymrak ýetip, ýadaw bedene dynç bermek üçin ädimlerini çaltlandyrdylar. Olaryň käbiri hatardan ylgap çykdylar-da, ýaraglaryny ýere taşlap, özlerini köle okladylar ýa-da onuň ysly suwuny el bilen susup aldylar; beýlekileri çägä çöküp, haltalaryndan hurma çykardylar ýa-da toýun mytaradan sirke garylan suw içdiler. Düşelgäniň dik depesinde birnäçe gyrgy aýlanyp başlady. Olary gören Ramsesi çakdanaşa gussa we gorky gurşap aldy. Onuň gözüniň öňi kebelekläp, başy aýlanyp ugrady. Ol başga bir ýere düşüp, bärde bolup geçmeli zatlaryň hiç birini görmezlik üçin, edil häziriň özünde tagtdan boýun towlamaga taýýardy. Mirasdüşer typyp gaýtdy we telbe adamyň garaýşy bilen aşak seretdi. Şol wagt onuň ýanyna Pentuer gelip, egninden batly yralady. - Özüňe gel, hökümdar, Patrokl buýruga garaşýar – diýdi. Ramses: - Patrokl? – diýip gaýtalap, yzyna öwrüldi. Onuň alnynda gany gaçan, ýöne parahat Penrtuer durdy. Birneme aňyrda sandyraýan eli serkerde jürlewükli Tutmos durdy, onuňam meňzi solgundy. Baýryň aňyrsyndan ýüzlerinde çuňňur howsala görünýän esgerler seredişýärdiler. Pentuer: - Ramses, goşunlar buýruga garaşýarlar – diýip gaýtalady. Şa ogly özüne zor salyp, žresiň ýüzüne aýgytly seretdi-de, boguk ses bilen: - Başlalyň – diýdi. Pentuer özüniň ajaýyp tumaryny ýokary galdyrdy-da, onuň bilen howada birnäçe alamaty aňlatdy.Tutmos jürlewügi ýuwaşja çaldy. Şeýle ses uzakdaky jülgelerde sagda, solda gaýtalanyp, müsürli sapançylar gaýalara dyrmaşyp başladylar. Günortandy. Ramses ýuwaş-ýuwaşdan özüne gelip, töweregine ünsli syn etdi. Ol özüniň goşuny dolandyrýan merkezini, garry serkerdeleriň baştutanlygyndaky naýzazyňyjylaryň, aýpalta göterijileriň birikmesini, iň soňunda-da ýuwaşlyk bilen gaýalara dyrmaşyp barýan sapançylary gördi...Mirasdüşer şol adamlaryň ýakyp-ýandyryp barýan yssyda diňe bir ölmek däl, eýsem, uruşmagam islemeýändiklerine ynanýardy. Birdenem baýyrlaryň biriniň üstünde edil ýolbarsyň arryldysy ýaly güýçli ses ýaňlandy: - Onuň hormatlysy faraonyň esgerleri, liwiý itlerini derbi-dagyn ediň! Hudaýlar siziň bilendir! Oňa jogap hökmünde şobada Müsüriň goşunynyň dowamly söweş nazymy hem-de liwiýleriň gulagy gapyp barýan gopguny eşidildi. Gizlenmek zerurlygy bolmadyk mirasdüşer baýra çykdy. Ol ýerden söweş boljak ýer oňat görünýärdi. Müsür sapançylary edil ýeriň aşagyndan çykan ýaly, uzyn zynjyr bolup uzap gidýärdi; olardan ýüzlerçe ädim aňyrda bolsa liwiý ordalary tozanyň burugsysyna gark bolup, jygylda-mygyldy. Surnaýlaryň sesi, sykylyk hem-de esgerleri tertibe çagyrýan duşman serkerdeleriniň gargyşly sözleri eşidilip ugrady. Dynç alyp oturanlar ýerlerinden atylyp turdular, suw içýänler ýaraglaryny alyp, özleriniňkä tarap eňdiler; tertipsiz märeke garma-gürmeligiň, gykylygyň arasynda hatara düzülip başlady. Şol wagtda müsürli sapançylar edil türgenleşikde bolşy ýaly, saýhallylyk, arkaýynlyk bilen yzly-yzyna birnäçe daş atdylar. Öňbaşçylar öz birikmelerine duşmanyň toparlaryny görkezenlerinden soň, esgerler birnäçe wagtlap gurşundyr daşy edil doly ýaly ýagdyrdylar. Her bir atylmadan soňra, köplenç ol ýerde haýsydyr bir esgeri galdyryp, toparlaryň dargaýandygyny Ramses görüp durdy. Liwiýlere ahyry hatara düzülmek we hüjüm edilýän çäkden yza çekilmek başartdy; olaryň sapançylary öňe çykyp, müsürlilere edil şeýle saýhallylyk, arkaýynlyk bilen jogap gaýtaryp ugradylar. Aram-aram olaryň hatarynda gülki,gaharly gykylyk eşidilip, ol liwiýleriň urgularyndan müsürli sapançylaryň kimdir biriniň ýykylandygyny aňladýardy. Basym daşlar şa oglunyň hem-de onuň nökerleriniň depesinde şuwwuldap başladylar. Ussatlyk bilen atylan daş onuň nökerleriniň biriniň egnine şikes ýetirdi, beýleki biriniň demir başgabyny gaçyrdy, üçünjisi bolsa mirasdüşeriň aýagynyň ýanynda gaýa urlup döwüldi we gyýçaklary syçrap, ýüzüni gaýnag suw ýaly çawlady. Liwiýler nämedir bir zat gygyryşyp (duşmanyň serkerdesini näletlän bolmaklary ähtimal), gaty gülüşdiler. Gorky, ýüregi awama we içinden-bagryndan geçen agyr hasrat Ramsesi göz açyp-ýumasy salymda terk etdiler. Ol indi jebir-jepa, ölüm howp salýan adamlary görenokdy; onuň öňünde gyryp ýok etmeli ýa-da zyýansyzlandyrmaly wagşy haýwanlar durdy. Mirasdüşer buýruga garaşýan naýza zyňyjylary hüjüme alyp gitmek üçin biygtyýar gylyjyna el ýetirdi, ýöne ony ýigrenç duýgusy saklady. Ýok, ol özüni ýoksullaryň gany bilen hapalamaz!..Ýeri, onda esgerler nämä gerekmişin? Şol wagtda çaknyşyk dowam edýärdi. Batyr liwiý sapançylary gykylyklaşyp, hatda aýdym aýdyşyp, öňe süýşüp ugradylar. Iki tarapdanam atylýan daşlar edil arylar ýaly wyzzyldaşýardylar, howada sataşyp, biri-birine şarkyldaşyp degýärdiler. Her salymda kä o taýda, kä beýleki taýda söweşijilerden kimdir biri ýa-ha yzyna gidýärdi, ýa-da amanadyny tabşyrýardy. Emma bu ýagdaý beýlekileri saklanokdy; olar baş bermeýän dyzmaçlyga we aşa göçgünlilige geçen gahar bilen uruşýardylar. Birdenem uzakda, sag ganatda surnaýlaryň sesleri, şeýle-de, başga bir dowamly ses eşidildi. Ol irden eýýäm keýpini köklemäge ýetişen merdana Patroklyň sesidi; serkerde duşmanyň alynky birikmesine dyzaýardy. Şa ogly: - Hüjüme! – diýip buýruk berdi. Buýruk şobada alnyp göterildi: surnaýlaryň biri...beýlekisi...onunjysy ýaňlandy we göz açyp-ýumasy salymda ähli jülgelerden müsürli ýüzbaşylar süýşenekläp çykyp ugradylar. Baýyrlara pytran sapançylar tijendiler. Şeýle-de, şol wagtda müsürli naýza zyňyjylardyr aýpalta göterijiler howlukmazdan, ýöne tertip-düzgüne doly eýerip, jülgede liwiýleriň garşysyna hatara düzüldiler. Mirasdüşer: - Merkezi güýçlendirmeli! – diýip buýruk berdi. Surnaý buýrugy gaýtalady. Ilkinji hataryň yzyndan ýene ikisi durdy. Müsürliler doly ýaly ýagýan daşdyr peýkamyň astynda bu hereketi tamamlamanka, liwiýler olaryň göreldesine eýerip, esasy goşun birikmesiniň garşysyna sekiz hatar düzdüler. Mirasdüşer: - Ätiýaçlykdakyny tijendirmeli! – diýip buýurdy. Soňra öz kömekçileriniň birine ýüzlendi: - Çep ganat taýýarmy? Jülgä gowy syn etmek üçin sapançylaryň uruşýan tarapyna ylgan kömekçi birden tüwdürilip gitdi. Ýöne ýykylyp barýarka eli bilen yşarat edip ýetişdi. Onuň deregine başga bir serkerde öňe okduryldy we basym mirasdüşeriň ýolbaşçylyk edýän goşun birikmesiniň iki ganatynyň-da söweşe doly taýýar ýagdaýdadygy hakdaky habar bilen dolanyp geldi. Patroklyň birikmesi tarapda goh-galmagal güýjedi. Birdenem baýyrlaryň depesinde gara tüssäniň goýy burugsysy göterildi. Ramsesiň ýanyna bir serkerde ylgap gelip, grek ýygynlarynyň liwiýleriň düşelgesini otlandyklary barada Pentueriň habaryny ýetirdi. Mirasdüşer: - Merkezi böwüsmeli! – diýip emir etdi. Surnaýlar biri-biriniň yzyndan hüjüme geçmelidigini aňladýanduýduryşy berip ugradylar. Olaryň sesi ýatandan, merkezi hatarda buýruk, deprekleriň sazlaşykly düňňürdisi, pyýada goşunyň kadaly tapyrdysy eşidilip başlandy. - Bir...iki!..Bir...iki!.. Buýruk hem sag, hem sol ganatlarda gaýtalandy. Ýene deprekler gümmürdediler, ganatlardaky hatarlar öňe hereket edip ugradylar. - Bir...iki!.. Bir...iki!.. Liwiý sapanýçylary müsür goşunlaryny daş bilen gömüşlerine, götinläp başladylar. Haýsydyr bir esger ýykylaýanda-da, hatarlar tertibi bozman, kadaly ýöremeklerini dowam edýärdiler. Müsürlileriň ymgyr goşunynyň süýşüp gelýändiginii alamaty bolup, tozanyň sary burugsysy barha goýalýardy. Sapançylar indi daş zyňyp bilenokdylar; şeýle bir ümsümlik aralaşyp, ýaraly esgerleriň iňňildisi, nalyşy açyk eşidilýärdi. Şa ogly özüniň goşunlary dolandyrýan merkesine ýüzlenip: - Olar hatda türgenleşikde-de şeýdip seýrek aýak düzendirler – diýdi. durdy. - Bu gün olar taýakdan gorkanoklar – diýip, garry serkerde hüňürdedi. Müsürlileriň hüjüm edýän goşunlary bilen liwiýleriň arasy salymsaýyn gysgalyp barýardy, emma wagşylar gymyldaman durdular; olaryň çäginiň aňyrsynda bolsa uzyn kölege peýda boldy. Güýçli hüjüm howp salýan merkeze goşmaça goşunyň kömege gelen bolmagy ähtimaldy. Mirasdüşer baýyrdan ylgap düşdi-de, ata atlandy. Jülgelerden çykan müsürlileriň iň soňky ätiýaçlykdaky ýygyny hatara düzülip, buýruga garaşdylar. Pyýada goşunyň yzynda pes boýly, ýöne çydamly atlarda oturan ýüzlerçe aziýaly peýda boldy. Hüjüme geçenleriň yzyndan eňen şa ogly ýüztöweregi ädim geçenden soňra, öňünden täze baýyr çykdy. Ondan jeň meýdanynyň aňyrsy-bärisi eliň aýasynda ýaly görünjekdi. Nökerler, aziýaly atlylar, ätiýaçdaky ýygyn onuň yzy bilen gyssandylar. Ramses Mentesyufis peýda bolmaly çep ganata sabyrsyzlyk bilen baksa hem, ol gara berenokdy. Liwiýleriň şol bir ýerde gymyldaman duruşlarydy. Ýagdaý salymsaýyn howply häsiýete eýe bolýardy. Ramsesiň goşun birikmesi iň kuwwatlysydy, ýöne onuň garşysyna liwiýleriň tas tutuş goşuny çykarylypdy. Iki tarapyňam adam sany deňdi. Mirasdüşer özüniň ýeňjekdigine şübhelenmeýärdi, emma ony şeýle güýçli garşydaşyň uly ýitgä sezewar edip biljekdigi baradaky pikir birahatlandyrýardy. Aslynda-ha her bir çaknyşygyň öz garaşylmadyk oýunlary bolýar. Hüjüme ýollanan güýçlere indi serkerdäniň täsiri ýokdy. Şa oglunyň ygtyýarynda diňe ätiýaçlykdaky ýygyn hem-de bir bölek atly goşun bardy. Eger-de müsürlileriň goşunyndan haýsydyr biri derbi-dagyn edilse ýa-da duşmana goşmaça goşun kömege gelip ýetişse... Ramses elini maňlaýyna ýetirdi. Ol şol pursatda baş harby serkerdäniň ahli jogapkärçiligini duýdy. Mirasdüşer hemme zady orta goýmak bilen, eýýäm oýun çöplerini oklap, olaryň nähili ýatjakdygyna garaşýan oýunça meňzeýärdi. Müsürliler liwiý goşunlaryndan onlarça ädim daşlykdady. Buýruk...surnaý sesi...depregiň gümmürdisi ýygjamlanyp başlady. Ine, onsoň hatarlaram ylgaşlap ugradylar. - Bir...iki...üç! Bir...iki...üç! Ýöne duşman tarapdanam surnaýlar ýaňlanyp, öňe tarap iki hatar naýza zyňyldy, deprekler gümmürdedi. Ylgaşlap...Tozanyň täze burugsysy gňterilip, ýeke-täk dumana öwrüldi. Adamlaryň gaharly arlamasy, naýzalaryň şuwwuldysy, şobada umumy yzanda-çuwanlygyň içinde ýitip gidýän aýylganç iňňildiler... Çydar ýaly däl goh-galmagaldan birnäçe salym geçenden soň, mirasdüşer çep ganatda tozan buludynyň assa-ýuwaş yza egrelýändigini gördi. Ol: - Çep ganaty güýçlendirmeli! – diýip buýruk berdi. Ätiýaçlykdakynyň ýarysy görkezilen ugra eňdiler we sary bulutda gözden gaýyp boldular. Emma çep ganat eýýäm gönelipdi we şol bir wagtyň özünde sag ganat ýuwaşjadan öňe süýşüp ugday. Has uly ähmiýeti bolan merkez bolsa duran ýerinden gozgananokdy. Mirasdüşer: - Merkezi güýçlendirmeli! – diýip buýruk berdi. Ätiýaçlykdakynyň ikinji bölegi öňe süýşüp, tozanyň sary burugsysynda gizlendi. Ses birsalym güýçlense-de, öňe hereket görnenokdy. Mirasdüşeriň golaý adamlarynyň arasyndaky garry serkerde oňa ýüzlenip: - Haramzadalar gowy uruşýarlar! Mentesufis gelse-hä, tüýs jüpüne düşjek eken! – diýdi. Şa ogly aziýaly atly goşunyň serkerdesini ýanyna çagyryp: - Beýläk, saga seret. Ol ýerde boşluk bolmaly. Biziň esgerlerimizi basgylamaz ýaly, şol ýere seresaplyk bilen böwsüp gir-de, duşman itleriniň merkezi hatarynyň ganatlaryna urgy et – diýdi. Aziýaly: - Olar şol bir ýerde juda uzak wagtlap durlar weli, megerem, zynjyrda bolsa gerek – diýip jogap gaýtardy. Ol şa oglunyň ýanynda öz atlylaryndan ýigrimi adamy goýup, „Sen baky ýa:şadyň, biziň serdarymyz!“ diýip gygyryşyna, buýrugy ýerine ýetirmäge beýlekiler bilen aty gorgunyna sürüp gitdi. Yssy çekip-çydar ýaly däldi. Şa ogly tozanyň diwarynyň arasyndan geçmäge jan edip, gözüne, gulagyna zor salýardy. Garaşýardy...Garaşýardy...Birdenem şatlykdan gygyranyny duýman galdy: ortaky bulut yrandy-da, öňe süýşüp ugrady...Soňra ýene saklandy...Ýene hereket edip başlady...Ýok, gaýdyp saklanmady, ýuwaşjadan öňe gidip barýar, gidip barýar... Daş-töwerek şeýle bir wagyrdydy weli, onuň gahar-gazabymy, ýeňşimi ýa-da ýeňlişimi – nämäni aňladýandygyna düşünjek gümanaň ýokdy. Birdenem liwiýleriň sag ganaty birhili geň egrelip we yza çekilip başlady. Onuň yzynda tozanyň täze buludy peýda boldy. Şol wagt atyny çapdyryp gelen Pentuer: - Patrokl liwiýleriň tylyna aralaşdy – diýip habar berdi. Sag ganatda bulam-bujarlyk güýçlenip, merkeze golaýlap ugrady. Liwiýleriň yza çekilip başlandygy, başagaýlygyň hatda esasy hatary hem gurşap alandygy görünýärdi. Baş harby serkerdäniň goşunlary dolandyrýan merkezi sary buludyň ýerini üýtgetmesine galagopluk bilen seredýärdi. Basym başly-baratlylyk çep ganaty-da gurşap aldy. Şol ýerde liwiýleriň arasynda eýýäm gaçha-gaçlyk başlanypdy. Garry serkerde: - Eger bu ýeňşiň alamaty bolmasa, goý, men ertir dogjak Güni görmäýin – diýip gygyrdy. Iň beýik baýryň depesinden çaknyşygyň gidişine syn edýän žresleriň ýollan çapary at säpjedip gelip, çep ganatda Mentesufisiň birikmesiniň görnendigini, indi liwiýleriň üç tarapdan gabalandygyny habar berdi. Çapar zordan demini dürsäp: - Eger çäge päsgel bermänliginde, olaryň hemmesi eýýäm gorkan lan ýaly gaçyp giderdiler – diýdi. Pentuer: - Ýeňiş! Baky ýaşa, biziň serdarymyz! – diýip gygyrdy. Sagat ýaňy üçdi. Aziýaly atlylar ala-goh bolşup şa oglunyň hormatyna asmana peýkam atýardylar, aýdym aýdýardylar. Goşunlary dolandyrýan merkeziň serkerdeleri gyssanmaçlyk bilen mirasdüşeriň aýagyna tarap ylgadylar, ony eýerden düşürişlerine, ýokary göterip: - Ynha, kuwwatly serkerde! Sen Müsüriň duşmanynyň merkini berdiň! Seniň sag eliňem, sol eliňem yzynda Amon durka, kim garşyňa çykyp biljekmisin! – diýip gygyryşýardylar. Şol wagtda müsürliler tarapyndan yzarlanýan liwiýler yza çekile-çekile, günortadaky çäge baýyrlaryna çykdylar. Indi eýýäm demsaýyn tozan bulutlaryndan atlylar çykyp, Ramsese tarap eňýärdiler. Olaryň hersi bir habar bilen gelýärdi: - Mentesufis duşmanyň tylyna aralaşdy! - Iki sany hersi ýüz adamdan ybarat goşun boýun egdi! - Patrokl olaryň tylyna girdi! - Liwiýlerden goýun, ýolbars hem-de gyrgy şekillendirilen üç tyg gola salyndy! Goşunlary dolandyrýan merkeziň töweregine çaparlar barha köp ýygnanýardy. Olaryň üst-başy gandy, tozandy. Şa ogly tolgunmakdan ýaňa kä gülýärdi, kä aglaýardy. Ol öz golaý adamlaryna ýüzlenip: - Hudaýlar maňa merhemet etdiler. Biz ýeňileris öýdüpdim...Gylyjyny gynyndan çykarmaýan, hiç zat görmeýän, ýöne ähli zady gerdeninde götermeli serkerdäniň täleýi, gör, nähili gynançly – diýdi. Çar ýandan: - Baky ýaşa, ýeňişli serkerde! – diýen sesler ýaňlandy. Şa ogly: - Ýeňiş bolaýşyny. Men-ä hatda munuň nähili bolup geçendigini hem bilemok...- diýip güldi. Onuň golaý adamlaryndan kimdir biri: - Urşy ýeňen-de özi, munuň nähili beýle bolandygyna geň galýan-da özi – diýdi. - Özümiň urşuň nämedigini bilmeýändigimi aýdýan size. Pentuer: - Köşeş, hökümdar, sen goşuny ýerli-ýerinde şeýle bir paýhasly goýduň weli, duşman hökman ýeňiläýmelidi. Nähili ýagdaýda? Bu eýýäm birleşen uly ýygynlaryň işidi – diýdi. Şa ogly: - Men hatda gylyja el ýetirmedim-ä! Ýekeje liwiý-de görmedim! – diýip nägile gepledi. Günorta dag eteklerinde entegem tozan tüweleýläp, möwç urup durdy. Ýöne jülgede weli ol ýatyşyp ugrapdy. Ol ýerde, beýleki ýerde ýokary göterilennaýzaly müsürli esgerleriň kowçumy edil tüssejigiň arasynda ýaly bolup görünýärdi. Mirasdüşer atynyň başyny şol tarapa öwrüp, ýap-ýaňyja merkezi hatarlaryň çaknyşygy bolup geçen jeň meýdanyna tutdurdy. Ol çuňňur çukur bary gazylan, ýüzlerçe ädimlik giň meýdandy. Häzir şol çukurlaryň içi ýaralanan, wepat bolan esgerlerden doludy. Şa oglunyň gelen tarapynda ilki müsürliler, soňra liwiýler (olar köpdi), onsoň ýene müsürliler bilen liwiýler, olardan aňry hem liwiýleriň özleri diýen ýaly uzyn zynjyr bolup, bulaşyp ýatyrdylar. Jesetler ýanaşyk, käbir ýerde üç-dört sany bolup ýa-da biri beýlekisiniň üstünde ýatyrdylar. Çägede gan tegmilleri garalyp görünýärdi. Ýaralar aýylgançdy: biriniň iki eli-de kesilipdir, beýlekisiniň kellesi ortasyndan göwresine çenli çapylypdyr, üçünjisiniň iç goşy daşynda...Olaryň käbiri hä diýmän ýagty jahan bilen hoşlaşmaly halda aýaklaryny kakyşyp ýatyrdylar, biçäreleriň çägeden doly agyzlaryndan gargyş ýa-da özlerini basymrak aparmagy diläp, ajala ýüzlenilýän sözler çykýardy. Ýaralylaryň käbiri özüne ysgynsyz ses bilen salam berse hem, mirasdüşer ýatanlaryň tarapyna seretmän, olaryň deňinden çalt geçip gitdi. Ol birneme aňyrda ýesir alnanlaryň ilkinji toparyna sataşdy; olar mirasdüşeriň alnynda ýüzin düşüp ýatyşlaryna, aman dilediler. Ol golaý adamlaryna ýüzlenip: - Tabyndygyny mälim eýlän ýeňlen garşydaşlarymyza merhemet ediljekdigini wada beriň – diýip buýurdy. Birnäçe adam çar tarapa at goýdular. Basym surnaýyň owazy, onuň yzy bilen hem batly ses eşidildi: - Mirasdüşeriň – baş harby serkerdäniň emri boýunça ýaralylary, ýesir düşenleri öldürmeli däl! Muňa jogap hökmünde ýesirleriň garym-gatym sesleri ýaňlandy. Aňry tarapda-da hoş owazly ses ýaňlandy: - Baş harby serkerdäniň emri boýunça ýaralylary, ýesir düşenleri öldürmeli däl! Şol wagtda günortadaky baýyrlarda söweş ýatypdy we liwiýleriň has iri iki birikmesi grek ýygynlarynyň öňünde ýaragyny goýupdy. Merdana Patrokl, öz aýdyşy ýaly, yssydan ýa-da beýlekileriň çak edişi ýaly, ajy içgiden ýaňa eýeriň üstünde zordan otyrdy. Ol ýaşaryp duran gözlerini süpürdi-de, ýesir düşen söweşijilere ýüzlenip, heňkirip ugrady: - Faraonyň goşunlaryna günäli ellerini göteren, gotur itler! Gurçuklar gemirsin sizi! Häziriň özünde serkerdäňiziň – goý, heýwere keseli onuň burnunyň deşigini gemrip, iriňli garagyny akdyrsyn! – nirä ýitirim bolandygyny aýtmasaňyz, siz edil dindar müsürliniň dyrnagynyň düýbündäki bit ýaly mynjyradylarsyňyz. Şol pursatda mirasdüşer gelip ýetdi. Patrokl oňa hormat bilen salam berip, sözüni dowam etdirdi: - Edil häziriň özünde şol zäherli jandaryň, şol ýabany doňzuň derse oklanan tezeginiň nirededigini bilmesem, siziň hamyňyzdan bilguşak kesmegi buýraryn hem-de hemmäňizi gazykda oturdaryn. Liwiýleriň biri ýuwaşlyk bilen çölüň jümmüşine aralaşyp barýan bölek atlyny görkezip: - Hol-ha biziň serkerdämiz! – diýip gygyrdy. Mirasdüşer: - Bu näme boldugy? – diýip sorady. - Ýigrenji Mussawasa gaçyp gutuljak bolýar! – diýip, jogap gaýtaran Patrokl tas atdan agypdy. Ramsesiň gany depesine urdy. - Ol asyl Mussawasamy? Gaçyp gutuljak bolýarmy? Hany, kimiň gowy aty bar bolsa, meniň yzyma düşsün! Patrokl: - Tüýs bolaýdy, bu garakçy, bu goýun sürüji indi zörledip başlasa gerek – diýip hahahýlady. Pentuer şa oglunyň ýoluny kesdi. - Siziň alyhezretiňize gaçany kowmak bolmaýar. - O nämüçin? – diýip, mirasdüşer gaharly sorady. – Uruş gidýän mahalynda men gylyjymy ýeke gezegem gynyndan çykarmadym, indi liwiý serkerdesini-de elimden sypdyrmalymy?.. Meniň naýzadyr aýpaltanyň etegine ýollan esgerlerim muňa näme diýer? - Goşun başsyz galmaly däldir. - Ýöne bärde Patrokl, Tutmos, galyberse-de, Mentesufis bar-a. Duşmanlarymy aňtamajak bolsam, mendenem bir serkerde bolarmy? Olar bizden bary-ýogy birnäçe ädim uzaklykda ahyry, atlary-da aýak üstünde zordan durandyr. Aziýaly atlylar: - Onçakly köp wagt geçmänkä, biz olar bilen bile bärde bolarys. Ara daş däl-ä – diýdiler. Mirasdüşer: - Patrokl! Tutmos! Goşuny size tabşyrýan. Özüňizem duynç alyň, men hä diýmän dolanaryn – diýdi. Soňra aty debsiläp, çägede çümüp, gorgunyna sürdi.Ýigrimi sany atly bilen Pentuer olaryň yzyna düşdüler. Şa ogly oňa ýüzlenip: - Ýeri, sen näme üçin bize goşuldyň, pygamber? Gowusy git-de, ukyňy al. Sen bu gün möhüm işleri bitirdiň – diýdi. Pentuer: - Belki, meniň entek saňa nepim degjek ýerim bolar – diýip jogap gaýtardy. - Ýöne häzir ga:l. Men emir edýän. - Ýokary geňeş maňa senden ýekeje ädimem galmaly däldigini tabşyrdy. Mirasdüşeriň aňyrsy bäri geldi. Ol: - Eger biz gürpbasdy edilsek näme? – diýip sorady. - Etjek alajym ýok, men ol ýerde-de seniň ýanyňda bolmaly bolaryn, hökümdar – diýip, žres jogap gaýtardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |