17:16 Faraon -24: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMINJI BAP Aradan ýarym sagat geçenden soň düşlegiň o:tlary görnüp ugrady we basym şa oglunyň goşuny ol ýerde peýda boldy. Çar ýanda surnaýlar duýduryş berip ugradylar, ýaraglaryna ýapyşan esgerler ala-goh bolşup hatara düzülme bilen boldular. Serkerdeler mirasdüşeriň aýagyna ýykyldylar we ýeňşiň yzysüre edilişi ýaly, ellerinde göterip, ýygynlara aýlap başladylar. "Baky ýaşa, ýeňiji! Hudaýlar seni aman saklaýar!“ diýen seslerden jülgeler sarsyp gidýärdi. Daşy çyralar bilen gurşalan žres Mentesufis gelip ýetdi. Ony gören mirasdüşer serkerdeleriň ellerinden sypyp, žrese tarap ylgady. - Keramatly ata, biz liwiý serkerdesi Thennany tutduk! - Bolgusyz olja – diýip, žres yzgytsyz jogap gaýtardy. – Baş harby serkerde onuň üçin goşuny taşlap gitmeli däl...Aýratynam, islendik salymda täze duşmanyň dökülip bilmegi mümkinkä... Ramses gyjalatyň ýerliklidigini duýdy, ýöne hut şeýle bolansoň, gany depesine urdy. Ol ýumruklaryny düwdi, gözleriniň agy köpeldi. Onuň ýeňsesinde duran Pentuer: - Ejeň adyndan ýalbarýan, hökümdar, sesiňi çykarma – diýip pyşyrdady. Öz maslahatçysynyň garaşylmadyk sözleri mirasdüşeri şeýle bir geň galdyrdy weli, göz açyp-ýumasy salymda gahary ýatdy-da, özüne gelip, ýalňyşyny boýun almagyň paýhaslylykdygyna düşündi. - Dogry aýdýaň, keramatly ata. Goşun-a serkerdäni, serkerde-de goşuny hiç wagtda taşlamaly däl. Ýöne sen, keramatly ata, harby geňeşiň wekili hökmünde meniň ornumy tutarsyň diýip pikir etdim. Onuň arkaýyn beren jogabyMentesufisi ýumşatdy, şeýle bolansoň, žres şa oglunyň geçen ýylky harby hereketde edil şeýdip goşuny taşlap gidip, faraonyň gazabyna giriftar bolandygyny oňa ýatladyp durmady. Birden Patrokl göründi. Gykylyklap gelýän grek serkerdesi ýene serhoşdy. Ol hol aňyrdan gelşine şa ogluna ýüzlenip: - Keramatly Mentesufisiň ne iş gaýrandygyndan habarlymyň, mirasdüşer? Sen duşmanyň ýanyndan gidip, onuň hormatlysy faraonyň goşunyna dolanyp gelseler, ähli liwiý esgerlerine rehim eýlejekdigiňi mälim edipdiň. Olaryň köpüsi meniň ýanyma gaçyp geldiler; men hut şolaryň kömegi arkaly duşmanyň çep ganatynyň ýoguna ýandym...Hormata mynasyp Mentesufis bolsa olaryň hemmesini gyrmagybuýrupdyr...Müňe golaý ýesir heläk bolupdyr, olaryň ählisi günäsi ötülmeli dünki esgerlerimizdi. Şa oglunyň gahardan terzi üýtgedi, ýöne ýene Pentuer: - Gepleme! Ýalbarýan, gepleme! – diýip pyşyrdady. Emma Patroklyň maslahatçysy bolmansoň, gygyrmagyny dowam edýärdi: - Indi biz diňe bir ýatlaryň däl, eýsem, özümiziňkileriň arasynda-da ynamdan doly gaçan bolsak gerek. Özlerine dönükleriň öňbaşçylyk edýändigini bilip, biziň goşunlarymyz dyr-pytrak bolaýmasa ýagşydyr! - Häý, pula satylan ýigrenji diýsäni! Sen onuň hormatlysynyň goşunlary, ynanylan adamlary barada beýle sözleri diýmäge neneň het edip bilýäň? Dünýe döräli bäri şeýle masgaralaýjy sözleri hiç kim eşiden däldir! Seret, birden kemsidilendigi üçin hudaýlar saňa temmi beräýmesinler! Patrokl gödek hahahaýlady. - Grekleriň arasynda ýatamsoň, maňa tümlügiň hudaýlary gorkuly däl, gijäni uklaman geçirenimde bolsa, gündizki hudaýlardanam goranmagy başarýan. - Bar, öz grekleriň ýanyna git-de, ukyňy al, arakhor! Birden sen sebäpli gök gürrüldisi biziň depämizden inäýmesin– diýip, Mentesufis sesini gataltdy. - Arkaýyn bol, husyt, ol seniň syrylan maňlaýyňa inmez – başga bir zatdyr öýdüp pikir eder – diýip, serhoş grek jogap gaýtardy. Ýöne mirasdüşeriň özüni goldamaýandygyny görüp, düşlegine dolandy. Ramses žresden: - Keramatly ata, men ýesir alnan söweşijileriň günäsiniň ötüljekdigini wada bersemem, seniň olary ýok etmek barada buýruk bereniň dogrumy? – diýip sorady. Mentesufis: - Sen düşlegde ýokduň, şonuň üçin bu babatda jogapkärçilik seniň gerdeniňe düşenok. Men bolsa dönük esgerleri gyrmalydygyny höküm edýän özümiziň harby kanunlarymyzy ýerine ýetirýän. Patyşanyň gullugynda durup, soňra duşmana gol beren esgerleriň gyssagly ýoguna ýanylmalydyr. Kanun şeýle. - Eger men bärde bolan bolsam näme? - Baş harby serkerde hem-de faraonyň ogly hökmünde sen meniň boýun egmeli kanunlarymyň käbiriniň hereketini togtadyp bilersiň. - Sen, näme, meniň gelerime garaşyp bilmediňmi? - Kanun ýesir alnanlary gyssagly gyrmagy höküm edýär. Men onuň talabyny ýerine ýetirdim. Şa ogly juda tolgunansoň, gürrüňiň arasyny kesip, öz çadyryna ýöneldi. Şol ýerde özüni kürsä goýberip, Tutmosa: - Şeýlelikde, men eýýäm bärde žresleriň guly. Olar ýesirleri öldürýärler, meniň serkerdelerime haýbat atýarlar, hatda meniň borçlaryma-da agyz towlaýarlar...Mentesufisiň şol biçäreleri jezalandyrmagyna siz nädip ýol berdiňiz? - Ol harby wagtyň kanunlaryna hem-de Herihoryň täze görkezmelerine salgylandy. - Ýarym gün bolmadygam bolsam, bärde baş serkerde özüm ahyry. - Dogry, ýöne sen goşunlara ýolbaşçylyk etmegi men bilen Patrokla tabşyrýandygyňy mälim edipdiň. Keramatly Mentesufis bäri gelende bolsa, uly hökmünde hukugy oňa bermeli bolduk. Mirasdüşer Tehennanyň ele salynmagynyň özüne gymmat düşendigi barada oýlandy; şol bir wagtyň özünde hem, serkerdä öz goşunyny taşlamagy gadagan edýän kanunyň ähmiýetine göz ýetirdi. Ol günälidigini özüne boýun almalydy, bu bolsa mirasdüşeriň öz-özüni söýüjiligini ynjatdy hem-de žreslere bolan ýigrenjini has-da artdyrdy. - Şeýlelikde, men heniz faraon – goý, meniň keramatly kakam baky ýaşasyn! – bolmankam, eýýäm olara ýesir düşdüm! Diýmek, edil häzirden çolaşykdan sypmaga çalyşmaly, esasy zat bolsa – diliňi dişiň aňyrsynda saklamaly...Pentuer dogry aýdýar: dymmaly, hemişe dymmaly, öz gaharyňyedil gymmatbaha zat ýaly edip,ýüregiňde gizlemeli...Ol ýetjek derejesine ýetende bolsa... Haçanda bolsa bir wagt men siziň gözüňize görkezerin, pygamberler!.. - Sen, hökümdar, çaknyşygyň netijesini soraňok-la? – diýip, Tutmos Ramsese ýüzlendi. - Hä, hawa, diňleýän. - Ýesir düşenler iki müňden geçýär, öldürilenler üç müňden gowrak, gaçyp sypanlar bolsa bary-ýogy bir-iki ýüz adam. - Liwiýanyň goşuny şeýle uly ekenmi? – diýip, şa ogly geň galyp sorady. - Alty-ýedi müň bardyr. - Ynanar ýaly däl! Dogrudanam, şeýle çaknyşykda tutuş goşun heläk bolupdyrmy? - Hawa, ynanar ýaly däl, ýöne bu, hakykatdanam, şeýle. Uruş gaty aýylganç boldy ahyry. Sen olary çar ýandan gabadyň. Galanyny söweşijiler, onsoňam...Mentesufis etdiler. Müsüriň duşmanlarynyň şeýle ýeňlişi barada iň bir meşhur faraonlaryň ýadygärlikleriniň hiç birinde maglumat ýok. - Hany, ýataly, Tutmos. Men ýadaw – diýip, buýsançdan başynyň aýlanyp ugrandygyny duýan şa ogly onuň sözüni kesdi. Ol özüni ýere düşelen haýwanyň derisiniň üstüne goýberdi. Ýöne öte ýadawdygyna garamazdan, uzak wagtlap uklap bilmedi. „Men beýle ýeňşi nädip gazanyp bildimkäm? Ynanar ýaly däl!“ diýip oýlandy. Onuň urşa başlamalydygyna buýruk bereli bäri bary-ýogy on dört sagat geçipdir! Ýaňy on dört sagat! Heý, boljak zatmydyr bi?.. Ol şeýle urşy ýeňipdir! Ýöne onuň özüne weli gylyç parlatmak miýesser etmedi. Onuň diňe goýy sary duman, şol ýerden özüne adama mahsusbolmadyk çirkin sesleriň gelip durandygy ýadynda. Şol hiç zat aňşyrmaýan garaňkylyk häzirem onuň gözüniň öňünde dur, elhenç gopgun gulagynda ýaňlanýar, ýakyp-ýandyryp barýan jöwzany-da duýýar...Ýogsam bolmanda uruş eýýäm gutardy ahyry... Soňra onuň gözüniň alnynda ýene çöl janlandy: adamlar çägä çümüşlerine öňe kynlyk bilen süýşýärler...Mirasdüşeriňem, ýesirleri öňe salyp gelýänleriňem münüp gelýän atlary goşundaky iň gowy atlar bolsa hem, pyşdyllap barýarlar. Depäňi deşip barýan yssyny diýsene! Adam, dogrudanam, şeýle jokrama yssa döz gelip bilýärmikä?.. Soňra tifona uçradylar...Ol Günüň öňüni gabalap, ýakyp, çakyp, bogup alyp barýar...Pentuerden öçügsi uçgun çykýar!..Olaryň depesinde daş-töweregi lerzana getirip, gök gümmürdedi – mirasdüşer şeýle elhenç gümmürdini ömründe ilkinji gezek eşidýärdi. Soňra çöldäki asuda gije...Ylgap barýan mahluk...Hek depedäki sfinksiň garalyp görünýän keşbi... Ramses: „Şunça zady görmek, şunça zady başdan geçirmek...Özi-de haýsydyr bir on dört sagadyň içinde!“ diýip oýlandy. Onuň kellesinde ýene bir – iň soňky pikir peýda boldy: „Şeýle köp zady başdan geçirýän adam uzak ýaşap bilmez!“. Mirasdüşeriň bedenini sowuk galpyldy gurşap alyp, sähel salymdan uklap galdy. Ertesi gün Ramses ukudan giç oýandy. Onuň gözleri sorkuldaýardy, süňkleri döwlüp barýardy, üsgülewük ezýet berýärdi. Ýöne pikiri aýdyňdy, ýüreginde hiç hili gorky-ürki ýokdy. Çadyryň agzynda Tutmos durdy. Ramses: - Eýgilikmi? – diýip sorady. - Aňtawçylar Liwiýanyň serhedinden geň zatlary habar berýärler. Biziň jülgämize uly mähelle golaýlap gelýärmişin. Ýöne ol goşun däl-de, ýaragsyz aýal-ebtat, çaga-ýuga bolmaly. Olaryň öňüne düşüp gelýänem Mussawasa bilen tanymal liwiýlermişin. - Bu näme boldugyka? - Parahatçylyk soramak isleýän bolaýmasalar. - Ilkinji çaknyşygyň yz ýanyndanmy? – diýip, şa ogly geň galdy. - Ýöne ol nähili çaknyşykdy! Munuň üstesine, gorky olaryň gözüne biziň goşunymyzy has köp edip görkezendir. Olar özlerini gowşak duýup, biziň hüjüm ederimizden howatyrlanýarlar. Ramses az salym pikirlendi. Soňra: - Bu harby mekirlikmi ýa-da dälmi, görübereris. Ýeri, onsoň biziňkiler nähili? – diýip sorady. - Janlary sag, garynlary dok, şadyýan. Ýöne... - Hä, „ýönäň“ näme? Tutmos: - Gije Patrokl ölüpdir – diýip pyşyrdady. Şa ogly düşeginden atylyp turşuna: - Ölüpdir? Nämeden? – diýip gygyrdy. - „Ajy suwy köp içenmişin“ diýýänlerem, „Hudaýlar jeza beripdir“ diýýänlerem bar. Ýüzi gögeripdir, agzy köpükläpdir. - Atribdäki bendiniňki ýalymy? Onuň ady Bakurady, ýadyňa düşýärmi? Ol giň jaýa atylyp girip, häkimiň üstünden arz edipdi. Elbetde, „ajy suwy gereginden artyk içensoň“, şol gije ölüpdi. Şeýle dälmi näme? Tutmos baş atdy. - Biz gaty ägä bolmaly, meniň jenabym – diýip pyşyrdady. - Şeýle bolmaga çalşarys. Men Patroklyň ölümine geň galybam durjak däl: munda näme üýtgeşik zat barmyşyn? Hudaýlara, ...hatda žreslere dil ýetiren haýsydyr bir arakhor ölenmişin-dä... Tutmos onuň ýaňsyly sözleriniň aňyrsynda haýbatyň ýatandygyny duýdy. Şa ogly edil it ýaly wepaly Patrokly juda gowy görýärdi. Ol köp öýke-kinäni undup biljekdi, emma öz harby serkerdesiniň ölümini bagyşlap biljek däldi. Günortanyň öň ýany şa oglunyň düşlegine Müsürden täze güýç – Fiwiniň goşunlarynyň birleşen uly ýygyny geldi. Mundanam başga, birnäçe müň adam ýüzlerçe eşek bilen iýmitiň, çadyrlaryň uly ätiýaçlygyny getirdiler. Şol bir wagtyň özünde Liwiýa tarapdan aňtawçylar ylgaşyp gelip, jülgä ýönelen ýaragsyz mähelläniň barha köpelýändigini habar berdiler. Mirasdüşeriň buýrugy boýunça birnäçe atlylar topary duşman goşunynyň gizlenip-gizlenmeýändigini bilmek üçin daş-töweregi elek-soky etdiler. Hatda žreslerem göterilýän Amon ybadathanajygyny alyp, iň beýik baýryň depesine çykdylar-da, hudaýlar daş-töweregi doly görkezer ýaly, şol ýerde ybadat etdiler. Olar düşlege dolanyp gelip, ýaragsyz liwiýleriň köpsanly mähellesiniň golaýlap gelýändigini, ýöne töwerekde üç mil aralykda goşunyň görünmeýändigini habar berdiler. Şa ogly bu habara hezil edip güldi. - Meniň gözüm gowy görýär, ýöne şeýle aralykdan esgerlerimenem görüp bilmezdim – diýdi. Žresler öz aralarynda maslahatlaşyp, eger bihabar adamlaryň arasynda syry açmajakdygyny wada berse, şol aralykdan özüniňem görüp biljekdigini şa ogluna mälim etdiler. Ramses ant içdi. Žresler Amonyň ybadathanajygyny baýyrlaryň birinde oturdyp, doga okap ugradylar. Şa ogly ýuwnup-ardynyp, sandalyny geýip, altyn zynjyr we kadilo gabyny hudaýýoly berenden soň, ony dar, örän garaňky gapyrjagyň içine salyp, diwara seretmegi emir etdiler. Munuň yz ýanyndan dogaaýdymy ýaňlandy we gapyrjagyň içki diwarynda ýagty saçýan halkajyk peýda boldy. Basym ýagtylyk öçügsilenip, Ramses çägesow düzlügi, gaýalary, olaryň arasynda-da aziýalylaryň gorag ýerlerini gördi. Žresler aýdymy has-da joşgunly aýdyp ugradylar. Diwardaky şekil üýtgedi. Çölüň başga bir bölegi, onda bolsa garynja ýaly kiçijik adamlar peýda boldy. Olar kinniwanja bolsa hem, hereketleri, eşikleri, hatda ýüzleri şeýle bir aýdyň görünýärdi weli, Ramses adamjyklary arkaýyn suratlandyryp biljekdi. Bu ýagdaýa akly haýran bolan mirasdüşer gözlerini süpürip, hereket edýän şekile elini çalaja degrip gördi...Ol ahyry ýüzüni sowdy, şekilem ýitirim bolup, gapyrjagyň içi ýene garaňkyrady. Olar kiçijik ybadathanadan çykanlarynda, uly žres: - Ýeri, nähili, şa ogly, sen müsürli hudaýlaryň gudratyna indi ynanýarmyň? – diýip sorady. - Dogrudanam, siz şeýle bir beýik danalar weli, tutuş dünýä „lepbeý“ diýip, hudaýýoly getiribermeli. Eger geljekde-de nämeleriň boljak-geçjekdigi size şeýdip aýan bolsa, öňüňizde hiç zat durup bilmez. Žresleriň biri bu sözlere jogap hökmünde ybadathanajyga girip, doga okap başlady. Sähel salymdanam ol ýerden: - Ramses, döwletiň ykbaly ýagşy ölçerilip-döküldi. Sen asmanda dolan Aýyň görünmeginiň öňüsyrasynda Müsüriň hökümdary bolarsyň – diýen ses eşidildi. Ýüregi ýarylara gelen şa ogly: - Eý, hudaýlar! Meniň kakam, dogrudanam, hassamy? – diýip gygyrdy. Ol çägä ýüzin ýykyldy. Ybadat etmegini tamamlan žresleriň biri: - Ýene nämedir bir zat bilesiň gelýärmi? – diýip sorady. - Amon ata, meniň islegim hasyl bolarmy? Sähel salymdan ybadathanajykdan: - Eger sen Gündogar bilen urşa başlamasaň, hudaýlara gurban berseň, onuň hyzmatkärlerini hormatlasaň, saňa uzak ömür hem-de şan-şahrata beslenen patyşalyk garaşýar – diýen jogap eşidildi. Gündiziň günortany bolup geçen geň-taňlykdan soň, şa ogly öz çadyryna aljyraňňy halda dolandy. Ol: „Žreslere garşy durup biljek güýç ýok“ diýip gorkuly oýlandy. Çadyrda Pentuer oturan eken. Ramses: - Sen maňa aýt, maslahatçym: siz, žresler, adamyň ýüregine aralaşyp, onuň gizlin isleglerini-de aňmagy başarýarsyňyzmy? – duýip sorady. Pentuer „ýok“ diýen manyda başyny ýaýkady. Soňra: - Adam gaýanyň içinde näme gizlenendigini biler, ýöne ýat ýürege aralaşyp oňarmaz. Oňa hatda hudaýlaram aralaşyp bilýän däldir. Adamyň oý-pikirlerini diňe ajal açýandyr-diýip jogap gaýtardy. Ramses ýeňillik bilen dem aldy, ýöne howsaladan doly halas bolup bilmedi. Agşam harby geňeşi geçirmeli bolanda, mirasdüşer oňa Mentesufis bilen Pentueri çagyrdy. Başga zerur işleriň bardygyndan bolsa gerek, Patroklyň duýdansyz ölümi barada hiç kim dil ýarmady. Liwiýaly ilçiler gelip, Müsüre tabyn boljakdyklaryny, mundan beýläk parahatçylykly gatnaşjakdyklaryny aýdyp, Mussawasanyň adyndan onuň ogly Tehenna rehim eýlemegini soradylar. Ilçileriň biri: - Akmak adamlar Müsüriň gowşakdygyna, onuň faraonynyň bolsa diňe hökümdaryň kölegesidigine biziň halkymyzy ynandyrdylar. Ýöne biz düýn seniň eliň nähili güýçlüdigine göz ýetirdik. Şonuň üçin hem, adamlarymyzy-ha gutulgysyz ölüme, emlägimizi-de ýok edilmäge uçradanymyzdan, size tabyn bolup, paç tölemegi has akyllylyk hasap edýäris – diýdi. Harby geňeş bu sözleri diňläp, liwiýlere çadyrdan çykmagy emir etdi; şa ogly Ramsesiň göni keramatly Mentesufisiň pikirini soramagy harby serkerdeleri geň galdyrdy. Hormata mynasyp pygamber: - Eger bu mesele düýn ýüze çykanlygynda, men Mussawasanyň haýyşyny ret edip, Liwiýanyň öz içinde urşup, garakçylaryň höwürtgesini dargatmak baradaky teklibi orta atardym. Ýöne şu gün men Memfisden juda zerur habar alamsoň, öz sesimi ýeňlenlere merhemet edilmegine berjek – diýdi. Ramses tolgunma bilen: - Meniň keramatly kakam hassamy? –diýip sorady. - Hawa. Emma biz liwiýli meseläni birýüzli edýänçäk, sen, hökümdar, bu hakda pikir etmeli dälsiň. Mirasdüşer başyny gussaly aşak goýberdi. Mentesufis aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Men ýene bir borjy bitirmeli...Düýn, örän hormatly şa ogly, Tehenna ýaly bolgusyz olja üçin baş harby serkerdäniň goşuny taşlap gitmeli däldigini duýdurypdym. Şu gün bolsa men özümiň ýalňyşandygyma göz ýetirdim. Egersen,hökümdar, Tehennany gola salmanlygyňda, biz Mussawasa bilen beýle çalt parahatçylyk gazanyp bilmezdik...Seniň akyllylygyň, baş harby serkerde, urşuň kanunlaryndanam ýokary bolup çykdy. Mentesufisiň puşmany Ramsesi haýran galdyrdy. Şa ogly: „Bu ne beýle dil açdy?Meniň keramatly kakamyň syrkawdygyny bilýän diňe bir Amon däl bolmaga çemeli“ diýip oýlandy. Ine, onsoň mirasdüşeriň kalbyndakyžreslere bolan ýigrenç, olaryň görkezýän geň-taňlyklaryna ynanmzalyk ýaly köne duýgular gaýtadan oýandylar. „Diýmek, meniň basym faraon boljakdygymy ybadathanajykda okalan dogadan soň hudaýlar öňünden aýtmandyrlar-da, eýsem, Memfisden habar gelip, žresler meniň telpegimiters geýdiripdirler-dä? Eger olar bir zatda ýalan sözlän bolsalar, diwarda görkezen çöldäki şekilleriniň hem ýalan däldigine kim güwä geçip biler?“ Mirasdüşer sesini çykarman oturansoň, ol faraonyň başynyň ýassyga ýetendigi üçin keýpsizdir öýden harby serkerdeler Mentesufisiň sözlerinden soňra geplemäge het edip bilmediler. Iiwiýlerden mümkin boldugyça köp paç almak, olara müsür goşunyny ýollap, urşy bes etmek biragyzdan kararedildi we harby geňeş öz işini tamamlady. Indi faraonyň amanadyny tabşyrmagyň öňüsyrasyndadygy hemmä mälimdi. Öz hökümdaryny mynasyp derejede jaýlamaly Müsüre doly abadançylyk, asudalyk zerurdy. Harby geňeş geçen çadyrdan çykan Ramses Mentesufisden: - Gije merdana Patroklyň çyragy öçüpdir. Onuň jesedini hormatlamagy siz, keramatly kişiler, makul bilýärsiňizmi? – diýip sorady. Žres: - Ol wagşydy, aňrybaş günäli adamdy. Ýöne Müsür üçin şeýle uly işleri bitirendigi sebäpli, merhumyň o dünýäsiniň aladasyny etmek laýykatly bolar. Seniň rugsat bermegiň bilen, mumyýa edilmegi hem-de patyşalyk mazarçylygynda hemişelik bolar ýaly Fiwä alnyp gidilmegi üçin, biz edil şu günüň özünde onuň jesedini Memfise ugradarys – diýip jogap gaýtardy. Ramses höwesli ylalaşsa hem, müňkürligi artdy. Ol: „Düýn Mentesufis maňa edil ýalta okuwça käýelişi ýaly käýäpdi, ýöne hudaýlara şükür, taýak bilen urmandy. Bu gün bolsa ol edil gulak asyjy ogluň kakasy bilen gürleşişi ýaly gürleşýär. Bu meniň çadyryma hökmürowanlygyň hem-de ar alynjak sagadyň golaýlaşyp gelýändiginiň alamaty-ha däldir-dä hernä?“ diýip oýlandy. Dörän ýagdaý barada şeýle pikir edýän şa oglunyň özüne bolan buýsanjy-da, žreslere bolan gahary-da has artdy. Onuň ýüregindäki şol gahar çägede gizlenişine, seresapsyz ädilen aýagy çakyp ýaralaýan içýan ýaly sessizdigi üçin has-da howpludy. ÝIGRIMI BIRINJI BAP Aman dileýän liwiýli mähelläniň eýýäm jülgäniň çetinden girendigini garawullar gije habar berdiler. Hakykatdanam, çölüň depesinde olaryň o:tlarynyň şuglasy görünýärdi. Günüň dogmagy bilen, tüýdükler ýaňlanyp, doly ýaraglanan tutuş müsür goşuny jülgäniň iň giň ýerinde ýerleşdi. Liwiýleri has-da gorkuzmak islän mirasdüşeriň buýrugyna laýyklykda, esgerleriň hatarlarynyň arasyna-ha hammallary, atlylaryň arasyna-da eşek üstünde oturyp mal-gara sürüjileri ýaýratdylar. Ine, onsoň müsürliler çölüň çägesi ýaly bolup görnensoň, liwiýler depesinde gyrgy aýlanýan kepderi deýgalpyldaýardylar. Irden sagat dokuzda şa oglunyň çadyryna altyn çaýylan söweş arabasy gelip ýetdi. Düýeguşuň ýelekleri bilen bezelen atlar baş bermän, öňe dyzap duransoň, olaryň her birini iki atbakar saklamaly boldy. Ramses çadyrdan çykdy, araba münüp, jylawy öz eline aldy. Onuň ýanynda arabakeşiň ýerini bolsa žres – maslahatçy Pentuer eýeledi. Golaý adamlarynyň biri Ramsesiň depesinde äpet ýaşyl saýawany açdy; arabanyň yzyndan hem-de iki tarapyndan bolsa altyn çaýylan harby enjamly grek serkerdeleri gelýärdiler. Mirasdüşeriň daşynda hozanak bolýanlardan belli bir aralykda liwiý serkerdesi Mussawasanyň ogly Tehennany gallan uly bolmadyk goşun dabaraly gadam urýardy. Müsürlilerden uzak bolmadyk aralykda, jülgä girilýän ýerde ýeňijilerden aman diläp, liwiýleriň gussaly mähellesi durdy. Ramses öz nökerleri bilen duşmanyň ilçileri kabul edilmeli belentlige çykan mahalynda, goşun ony şeýle bir şowhunly garşylady weli, mekir Mussawasa has-da gussa batyp, liwiýli ýaşululara: - Şeýdip diňe öz serkerdesini juda gowy görýän esgerler gygyrýandyr – diýip pyşyrdady. Liwiý knýazlaryndan talaňçylykda ýaka tanadan, häzir bolsa öte biynjalyk biri: - Sen biz faraonyň merhemetine ynananymyzdan, öz atlarymyzyň ýüwrükligine ynansak, akylly hereket etdigimiz boljakdygy barada oýlanaňokmy? Ol-ha penjesi bilen ýuwaşja sypalasa hem, dyrnagy hamy goparjak zabun ýolbarsa, biz bolsa enesini emmeden mahrum edilen guzujyklara meňzeýäris – diýdi. Mussawasa: - Nähili isleseň, şonuň ýaly hereket et – seniň alnyňda uç-gyraksyz çöl ýaýylyp ýatyr. Meni bolsa halk öz günämizi ýuwmaga iberdi. Iň esasy zat bolsa – meniň oglum Tehenna olaryň elinde, eger özünden ötünç soramasam, faraonyň mirasdüşeri gaharyny menden çykarar – diýip jogap gaýtardy. Liwiýleriň mähellesine iki aziýaly atlaryny öňürdikledip çapyp gelip, hökümdaryň olaryň kaýyllygyny beýan etmeklerine garaşýandygyny habar berdi. Mussawasa uludan dem alyp, hökümdaryň duran baýryna tarap ýöneldi. Ol hiç wagtda şeýle agyr aralygy geçmeli bolmandy! Puşman edýän kişiniň gödek kendir matadan tikilen sal-sal geýimi onuň arkasyny, kül sepilen kellesini ýakyp-ýandyryp barýan Günden ýaramaz goraýardy; daş owuntyklary ýalaňaç aýaklaryna çümýärdi, ýüreginde bolsa özüniň hem-de ýeňlen halkynyň hasrat- jebri bardy. Onuň geçen aralygy uzak bolmasa hem, häli-şindi dynç almak üçin saklanýardy, şa ogluna niýetlenen sowgatlary,tylla ýüzükleri ýa-dagymmatbaha daşlary alyp gelýän ýalaňaç gullar olary ogurlaýan bolaýmasyn diýen pikir bilen yzyna seredýärdi. Durmuşyň oýunlaryny göre-göre gelýän Mussawasa adamlaryň özgeleriň betbagtçylygyndan höwes bilen peýdalanýandyklaryny bilýärdi. Täleýi ters gelen mekir wagşy: „Şu gün – ertir başyna faraonyň täjini geýmeli şa ogluna boýun synmak bijesiniň meniň paýyma düşendigi üçin hudaýlara hoşaldyryn! Müsüriň hökümdarlary hoşgöwün bolýarlar. Olar, aýratynam, ýeňiş gazananlarynda şeýle. Eger maňa hökümdaryň ýüregini gozgamak başartsa, ol hem-ä Liwiýada meniň hökmürowanlygymy berkider, hem-desalgydy köp ýygnamaga mümkinçilikberer. Tagtyň mirasdüşeriniň hut özüniň Tehennany gola salmagy, gör, nähili bagt! Ol meniň ogluma zeper ýetirmek beýlede dursun, gaýtam üstüne hormat-sylag ýagdyrar“ diýip oýlanyşyna, özüni köşeşdirýärdi. Hawa, ol şeýle pikir edýärdi hem-de häli-şindi yzyna garanjaklaýardy: gul ýalaňajam bolsa, ogurlan daşyny agzynda gizlemegi ýa-da ýuwutmagy mümkin ahyry! Tagtyň mirasdüşeriniň arabasyna otuz ädime golaýgalanda Mussawasanyň ýany bilen gelýän tanymal liwiýler özlerini ýere goýberip, tä şa oglunyň kömekçisi ýokary galmagy emir edýänçä çägede ýatdylar. Birneme ýöräp, ýene özlerini ýere goýberdiler. Soňra ýene şeýtdiler. Her gezegem Ramses olaryň turmaklaryny buýurmaly boldy. Şol wagtda şa oglunyň arabasynda duran Pentuer öz jenabyna: - Olar seniň ýüzüňden zabunlygy-da, şatlygy-da duýmasynlar. Öz duşmanlaryny ýigrenýän, ýeňil ýeňişlere begenmeýän hudaý Amon ýaly parahat bol! – diýip pyşyrdady. Ahyry toba edýän liwiýler elhenç güýçden nirä gaçyp gutuljaklaryny bilmeýän ördeklere seredýän gippopotam ýaly, altyn çaýylan arabadan özlerine seredýän mirasdüşeriň alnynda peýda boldular. Ramses: - Bu senmidiň, bu senmidiň, liwiýleriň dana serdary Mussawasa? – diýip seslendi. Ol: - Bu – men, seniň guluň – diýip, jogap gaýtardy-da, ýene ýerde ýüzin ýatdy. Oňa dikelmek emir edildi. Şa ogly: - Sen şeýle agyr günä – hudaýlaryň ýerine el götermäge neneň het edip bildiň? Seni, näme, öňki akyl-paýhasyň terk etdimi? – diýip sorady. Mekir liwiýli: - Hökümdar, öýke faraonyň kowlan esgerleriniň akylyny çaşyransoň, olar öz heläkçiligine tarap ýönelip, meni-de, meniň milletdeşlerimi-de ýany bilen äkitdiler.Eger baky ýaşaýan faraonyň goşunynyň başynda seniň keşbiňdäki Amonyň hut özi durmanlygynda, bu urşuň näçe wagta çekjekdigi bir hudaýlara mälimdir. Sengaraşylmadyk mahaly garaşylmaýan ýere edil çölüň ýeli ýaly bolup uçup geldiň-de, öküziň gamşy bölek-bölek edip taşlaýşy ýaly, nämäniň nämedigini seljermegi başarmaýan duşmanyňy kül-peýekun etdiň. Şondan soňra biziň taýpalarymyz hatda elhenç liwiý goşunlarynyň-da diňe seniň eliň ugrukdyran mahalynda nämedir bir zada degjekdigine düşündiler – diýip jogap gaýtardy. Mirasdüşer: - Akylly sözleri aýdýarsyň, Mussawasa. Keramatly faraonyň goşunynyň üstüňe bararyna garaşman, özüň onuň öňünden çykmak bilen bolsa, has-da gowy etdiň. Ýöne siziň kaýyllygyňyz ýürekdenmi ýa-da kiçi dilden bärdemi – meniň, ine, şuny bilesim gelýär – diýdi. - „Müsüriň beýik hökümdary, ýüzüňi aç! Seniň adyň Liwiýada beýik bolar ýaly, sen edil dokuz halkda bolşuň deý, biziňem Günümiz bolar ýaly, biz seniň ýanyňa paç töleýänler bolup geldik. Ýöne öz tabynlygyňdakylara boýun egdirilen hem-de öz döwletiňe birleşdirilen halka adalatly bolmagy emir et. Goý, seniň ýolbaşçylaryň saňa bizi, biziň çagalarymyzy ýigrenji edip görkezjek ýalan maglumatlary ýetirýän ýaramaz niýet bilen däl-de, eýsem, dogruçyl, adalatly dolandyrsynlar. Abadançylyk getirýän faraonyň mirasdüşeri, olaryň bizi öz emriň boýunça dolandyrmaklaryny, biziň erkinligimizi, emlägimizi, dilimizi hem-de ata-babalarymyzdan galan däp-dessurlarymyzy kemsitmezligi buýur. Goý, seniň kanunlaryň tabynlygyňdaky halklaryň hemmesi üçin deň bolsun. Goý, emeldarlar birine geçirimli bolup, beýlekilere öte ýowuz bolmasynlar. Goý, olaryň hökümleri hemme üçin deň bolsun. Goý, olar seniň hajatlaryň hem-de seniň bähbidiň üçin niýetlenen pajy ýygnasynlar – senden gizlinlikde, başga, seniň hazynahanaňa barman, tersine, seniň gullaryňy we seniň gullaryň gullaryny baýatjak pajy almasynlar. Olaryň bize hem-de biziňçagalarymyza zyýan ýetirmezden dolandyrmaklaryny emir et, sebäbi sen ömürboýy biziň hudaýymyzsyň we hökümdarymyzsyň! Öz nuruny hemmä deň paýlaýan, güýç hem ömür berýän Günden nusga al! Biz senden merhemet etmegiňi soraýarys, biz – liwiý raýatlary, beýik we çäksiz güýçli faraonyň mirasdüşeri, seniň alnyňda ýüzin düşüp, maňlaýymyzy ýere degrip ýatýarys“ – 22 diýip, jogap gaýtaryp, Liwiýanyň mekir hökmürowany Mussawasa ýene ýerde ýüzin düşüp ýatdy. Bu paýhasly sözler gulagyna hoş ýakan tagtyň mirasdüşeriniň süýtden doýup, baýtallaryň bakylýan çemenligine tarap eňýän ýaş aýgyr ýaly, gözleri uçganaklady, burnunyň deşikleri giňeldi. Şa ogly: - Mussawasa, ýeriňden gal-da, meniň özüňe diýjek sözlerimi diňle! Seniňem, seniň halkyňam ykbaly meniň elimde däl-de, eýsem, asmanyň zeminiň depesinden bakyşy ýaly, ähli zadyň depesinde howalanyp duran merhemetli faraona bagly. Şol sebäpli-de, seniň, liwiý ýaşulularynyň bärden Memfise ugramaklaryny, şol ýerde hökümdaryň hem-de şu dünýäniň hudaýynyň alnynda ýüzin düşüp ýatyp, meniň bärde eşden paýhasly sözlerimi gaýtalamagyňy saňa maslahat berýärin. Men onuň soňunyň nähili gutarjagyny bilemok. Ýöne hudaýlaryň toba edýänden, doga okaýandan öz ýüzlerini hiç wagtda sowmaýandygy üçin, siz gowy garşy alnarsyňyz diýip tama edýärin. Indi bolsa men gudraty çäksiz hökümdaryň ýüregini gozgap biljekdigine ýa-da bilmejekdigine baha berer ýaly, onuň hormatlysy faraona niýetlenen sowgatlary görkeziň – diýdi. Şol wagtda şa oglunyň arabasynda duran Pentuer Mentesufisiň özüne yşarat edýändigini gördi. Ol aşak düşüp, keramatly kişiniň ýanyna bardy. Mentesufis: - Men şeýle ýeňşiň biziň ýaş jenabymyzyň başyny aýlaýmagyndan gorkýaryn. Eýdip-beýdip dabaranyň arasyny kessek nädýär? Sen nähili pikir edýäň? – diýip pyşyrdady. Pentuer: - Ýok, dabaranyň arasyny kesme. Mirasdüşeriň ýüzünde şatlyk alamatynyň bolmajakdygyna bolsa, men söz berýän – diýip jogap gaýtardy. - Eýle bolsa, öz bilýäniňi et. Hudaýlar saňa ýokary geňeşiň agzasyna mynasyp danalyk eçilipdirler. Tüýdüklerdir deprekler ýaňlandy we dabaraly ýöriş başlandy. Öňden tanymal liwiýleriň goragy astynda ýalaňaç gullar sowgatlary – hudaýlaryň altyndyr kümüşden heýkellerini, hoşboý ysly atyrlardan doly gapyrjaklary, ýalpyldawuk reňkler bilen bezelen gaplary, matalary, enjamlary, lagyldan, ýakutdan, zümerretden doly altyn çanaklary göterip barýardylar. Olaryň arasynda kimdir biri gymmatbaha daşy gizlemez ýa-da ýuwutmaz ýaly, kelleleri-hä syrylandy, agyzlary-da daňylandy. Ramses ellerini söweş arabasynyň iki gyrasyna diräp durşuna, beýik baýyrdan liwiýlere hem-de öz goşunyna edil sary kelleli bürgüdiň menek-menek käkiliklere seredişi ýaly seredýärdi. Onuň keşbi juda buýsançlydy, bu ýeňijiniň deňine baryp biljek başga bir gujurly serkerdäniň ýokdugyny hemme kişi aňýardy. Ýöne birden şa oglunyň ýanyp duran gözleriniň nury öçdi, ýakymsyz geň galmadan terzi üýtgäp gitdi. Sebäbi onuň ýeňsesinde duran Pentuer: - Gulagyňy maňa tut, jenap. Seniň Bubasty terk edeliň bäri, şäherde geň ahwalatlar bolup geçdi: seniň aýalyň, finikiý zenany Kama grek Likon bilen gaçdy – diýip pyşyrdady. - Likon bilen? - Yranman dur, hökümdar, sen dabara edýän günüňde gussalydygyňy öz müňläp gullaryňa bildirmeli dälsiň. Şa oglunyň aýagynyň deňinden miweli, çörekli sebetleri, çakyrly, ýagly uly küýzeleri göterişip, ýeňlen liwiýler geçip barýardylar. Sowgatlara göwünleri göterilen esgerleriň hatarlarynyň arasyna şatlykly pyşyrdyýaýrady. Ýöne Pentueriň gürrüňi gurşap alan Ramsesiň gözüne hiç zat görnenokdy. Pygamber: - Hudaýlar biwepa finikiý zenanynyň temmisini berdiler...-diýip pyşyrdady. Ramses: - Ony tutdularmy? – diýip sorady. - Ele saldylar. Emma ony gündogar çöllükdäki ýörite ýere ugratmaly boldy...Pis açypdyr... Ramses: - Eý, hudaýlar! Ol kesel maňa-da howp salýan-a däldir-dä hernä? – diýip pyşyrdady. - Arkaýyn bol, jenap, eger ol saňa ýokuşan bolsa, öz işini eýýäm edip ýetişerdi. Şa oglunyň süňňüne galpyldy aralaşdy. Adamy beýik ýerden çuňňur hasratyň düýbüne zyňyp goýbermek hudaýlar üçin witjik eken-ow! - Ýeri, onsoň haramzada Likon näme? - Ol näme diýseň bärden gaýdýan jenaýatkär. Ýer ýüzi beýle jenaýatkäri kän ýaradan däldir. - Men ony tanaýan. Biz bir almany iki bölen ýaly meňzeş. Indi liwiýleriň dürli haýwanlary alyp gelýän topary golaýlaşypdy. Onuň başyny çölde ilkinji tutulanlaryň biri bolan agymtyl tüýli, bir örküçli düýe çekýärdi. Onuň yzyndan iki sany kerk, at sürüsi we gözenege salnan, eldekileşdirilen ýolbars gelýärdi. Olardan soňra köşk hanymlaryna niýetlenen, içine dürli reňkli guşlar, maýmynlar we güjüjekler gabalan birgiden gözenekler peýda boldy. Hataryňsoňundan esgerlere huruş bolmaly öküzlerdir goýunlaryň uly sürüsini kowup gelýärdiler. Mirasdüşer bu haýwanat bagyna diňe gözüniň gytagyny aýlady-da, žresden: - Likony tutdularmy? – diýip sorady. Pentuer: - Men indi saňa, bagtygara hökümdar, iň ýaramaz habary aýtmakçy. Ýöne Müsüriň duşmanlarynyň ýüzüňde gussa görmeli däldigini ýadyňda sakla...-diýip pyşyrdady. Mirasdüşer tisginip gitdi. - Seniň beýleki aýalyň, jöhit zenany Sarra... - Näme, ol hem ökje göterdimi? - Zyndanda ýogaldy. - Eý, hudaýlar! Ony zyndana taşlamaga kim het edip bildi? - Onuň özi seniň ogluňy öldürendigini boýun aldy... - Nä-me? Şa oglunyň aýagynyň deňinde batly sesler ýaňlandy: gam-gussa çümen Tehennanyň baş bolmagynda, çaknyşyk mahalynda ýesir alnan söweşijiler boýunlaryny sallaşyp barýardylar. Şol pursatda ezýetden ýaňa ýüregi gursagyna sygman duran Ramses Tehennany ýanyna çagyryp: - Kakaň Mussawasanyň ýanyna bar. Goý, ol seni elläp görüp, diridigiňe ynansyn - diýdi. Bu sözler akly haýran bolan ähli liwiýleriň we Müsüriň goşunynyň ähli esgerleriniň şowhunly sesleri bilen garşy alyndy. Emma şa ogly ony eşidenokdy. Ol žresden: - Diýmek, meniň oglum ölüpdir-dä? Sarra öz çagasynyň ganyna galandygyny boýun alyp, näme, däliredimikä? - Körpejäni haramzada Likon öldüripdir... Ramses: - Eý, hudaýlar, maňa güýç ýollaň! - diýiň iňledi. - Hökümdar, ýeňişli serkerdä laýykatly bolşy ýaly, özüňi ele al! - Heý-de, şeýle hasraty ýeňip bolarmy? Ah, siz doňýürek hudaýlar! - Hawa, çagany Likon öldüripdir. Ganhor gije baransoň, Sarra ony sensiň öýdüpdir. Soňra bolsa seni halas etmek üçin günäni öz üstüne alypdyr. Ramses: - Men bolsa ony öz öýümden kowupdym! Men bolsa ony şol albassynyň öýdeniçeri edipdim!..-diýip pyşyrdady. Dabaranyň iň soňunda wepat bolan liwiýleriň kesilen ellerinden doldurylan sebetleri göterip gelýän müsür esgerleri peýda boldular. Olary gören şa ogly ellerini ýüzüne tutup aglady. Harby ýolbaşçylar şobada öz harby serkerdesiniň söweş arabasynyň daşyny gallap, ony köşeşdirip ugradylar; žres Mentesufis bolsa şundan beýläk müsürli söweşijileriň hiç wagtda jeň meýdanynda heläk bolan duşmanlaryň ellerini kesmzliklerini teklip etdi. Müsüriň tagtynyň mirasdüşeriniň ilkinji ýeňşiniň dabarasy şeýle duýdansyz ahwalat bilen tamamlandy, ýöne onuň gözýaş dökmegi liwiýlere ýeňenindenem artyktäsir etdi. Ine, onsoň o:t başynda bile ornaşan liwiý hem-de müsür esgerleriniň döwüm çöregi deň paýlaşyp, bir käseden çakyp içmekleri hiç kimi geň galdyrmady. Ýyldan ýyllara uzap gidip biljek duşmançylyk, ýigrenç öz ornuny parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň çuňňur duýgusyna berdi. Ramses Mussawasa, Tehenna, tanymal liwiýlere sowgatlary bilen gyssagly Memfise ugramagy buýrup, olara gözegçilik etmek üçin däl-de, eýsem, olaryň özlerini we getiren sowgatlaryny goramak üçin ýaragly topar berdi. Özi bolsa çadyryna gidip, birnäçe sagatlap daşarda görünmedi. Olgam-gussa iň ýegre dostunyň ýerini eýelän adam hökmünde, hatda Tutmosy-da kabul etmedi. Iňrik garalyp ugranda onuň ýanyna Kalippniň ýolbaşçylygynda grek serkerdeleriniň wekilleri geldiler. Mirasdüşer olaryň näme isleýändiklerini soranda, Kalipp: - Biz, jenap, seniň ýanyňa öz serdarymyz, seniň hyzmatkäriň Patroklyň jesediniň Müsüriň žreslerine berilmän, grek däbi boýunça ýakylmagyny haýyş etmek üçin geldik – diýip jogap gaýtardy. Şa ogly muňa geň galdy: - Žresleriň Patroklyň jesedinden mumyýa edip, ony faraonyň mazarçylygynyň içinde goýmak isleýändikleri size, megerem, mälim bolsa gerek. Eýsem, adam bu dünýäde uly hormata mynasyp bolup bilermi? Grekler ýaýdanjaňlyk bilen dymdylar. Ahyry gujurlanan Kalipp: - Biziň jenabymyz, seniň alnyňda ýüregimizi açmaga bize ygtyýar et. Adamyň ýakylanyndan mumyýa öwrülenliginiň ýagşydygyny biz gowy bilýäris. Sebäbi ýakylan adamyň ruhy şobada bakylyk ýurduna göçýär, balzamlanan adamyň ruhy bolsa bu dünýäde müň ýyl ýaşap, onuň gözelliklerinden lezzet alyp bilýär. Emma eý, serdar, – goý, bu seniň gulagyňa dil ýetirmek bolup eşidilmesin!– müsürli žresler Patrokly ýigrenýärdiler. Şeýle bolansoň, žresleriň serkerdäniň ruhuny ýerde jebir-jepa sezewar etmek üçin, mumyýany bilgeşlin saklamajakdyklaryna bize kim kepil geçip biler? Eger ar alynjakdygyny güman edibem, öz ildeşimiziň hem öňbaşçymyzyň ruhuny mundanhalas etmesek, biziň bahamyz nähili bolar? – diýip jogap gaýtardy. Ramsesiň geň galmasy has-da artdy. Ol: - Göwnüňize jaý bolan zady ediň – diýdi. - Eger olar bize jesedi bermeseler näme? - Siz diňe o:t taýýarlaň, galan zady men öz üstüme alýan. Grekler gitdiler. Ramses Mentesufisiň yzyndan adam ýollady. ÝIGRIMI IKINJI BAP Mirasdüşere gytaklap sereden žres onuň ýagşy sykylandygyny, ýüzüniň ganynyň gaçandygyny, okara atan gözleriniň öňküsi ýaly uçganaklamaýandygyny öz ýanyndan belledi. Grekleriň näme isleýändigini eşidip, Mentesufis Patroklyň jesedini bermäge derrew razy boldy. Žres: - Grekler dogry edýärler. Biz Patrokl ölenden soňra onuň kölegesine ezýet berip bilerdik. Ýöne haýsydyr bir müsür ýa-da haldeý žresi şeýle jenaýaty etmäge ukyplydyr öýdüp çaklamak akmaklykdyr. Eger olar öz däp-dessurlarynyň goragyastynda Patrokl ölümden soň bagtly bolar diýip pikir edýän bolsalar, goý, ildeşiniň jesedini alsynlar - diýdi. Şa ogly derrew serkerdäni degişli buýruk bilen ýollady, Mentesufisi bolsa öz ýanynda alyp galdy. Onuň žrese nämedir bir zat aýtmakçy bolýandygy görnüp durdy, ýöne aýgyt edip bilenokdy. Uzak dymyşlykdan soň, ol birden žresden: - Keramatly pygamber, meniň aýallarymyň biri Sarranyň-a ölendigi, oglumyň-da öldürilendigi, megerem, saňa mälim bolsa gerek? – diýip sorady. Mentesufis: - Bu ahwalat biziň Bubasty terk eden gijämiz bolup geçdi – diýip jogap gaýtardy. Şa ogly ýerinden tarsa turdy. - Eý, Amon! Bu iş bireýýäm bolupdyr, siz bolsa maňa hiç zat aýtmansyňyz! Hatda özümiň öz perzendimiň ganyna galmakda şübhe edilendigimdenem habarym ýok – diýip gygyrdy. - Jenap, baş harby serkerdäniň çaknyşygyň öň ýanynda atasy hem, çagasy hem – hiç kimi bolmaýar; diňe goşuny bilen duşmany bolýar. Eýsem, biz juda möhüm pursatda seni şeýle habar bilen bimaza edip bilermidik? - Munyň-a dogry – diýip, Ramses pikirlenip jogap gaýtardy. – Eger häzir bizi duýdansyz gürpbasdy edäýseler, özümiň goranyşy dürs alyp barmagy başarjagymy bilemok...Asla haçandyr bir wagt özümi gaýtadan ele almagy başarjagymy-da bilemok...Şeýle bir kinniwanja, şeýle bir eýjejik çagady!..Men ýowuz darap kemsidenem bolsam, özüni meniň üçin pida eýlän aýaly diýsene!..Şeýle betbagtçylygyň bolup biljekdigi, ynsan ýüreginiň ony çekip biljekdigi barada men hiç wagtda pikir etymändim. - Wagt ähli ýaralary bitirýändir...Wagt hem-de doga – diýip žres pyşyrdady. Şa ogly başyny ýaýkady. Soňra çadyra şeýle bir ümsümlik aralaşdy weli, hatda gumsagatlardaky syrygyp duran çägäniň sesi eşidilýärdi. Mirasdüşer ahyry dil açdy: - Keramatly ata, sen maňa aýt: merhumy ýakmak bilen mumyýa öwürmegiň arasynda nähili tapawut bar? Men bu barada odur-budur eşidenem bolsam, grekleriň şeýle uly ähmiýet berýän meselesine düşünemok. - Biz oňa greklerdenem uly ähmiýet berýäris. Muňa biziň günbatar çöllügiň tutuş gyrasyny tutup ýatan merhumlar şäherimizem şaýatlyk edýändir; gadymy patyşalygyň faraonlarynyň mazarçylygy bolan piramidalar, biziň eýýamymyzyň patyşalary üçin gaýalarda çapylyp ýasalan äpet mazarlarşaýatlyk edýändir. Merhumlary ýerlemek, olaryň o dünýädäki ýaşaýyş jaýlarynyň aladasyny etmek – adamlar üçin iň beýik iş. Sebäbi biz beden gabygynyň içinde elli, ýüz ýyl ýaşaýan bolsak, biziň kölegelerimiz tä doly arassalanýança – müňlerçeýyllap ýaşamaklaryny dowam edýärler. Biziň dirileri däl-de, merhumlary çakdanaşa hormatlaýandygymyz üçin, asiriý wagşylary üstümizden gülýärler. Emma ölümiň hem-de gubyryň syry bize mälim bolşy ýaly, olara hem mälim bolanlygynda, wagşylar merhumlara parhsyzdyklaryna ökünerdiler. Ramses tisginip gitdi. Ol: - Sen meni gorkuzýaň. Ýurduny täzelänleriň arasynda maňa golaý iki adamyň bolup, olaryň Müsüriň dessuryna laýyklykda jaýlanylmandyklaryny sen, näme, unutdyňmy? – diýdi. - Sen ýalňyşýaň. Edil häzir olardan mumyýa edýärler. Sarra-da, ogluň-da özlerine uzak syýahatda gerek boljak ähli zatlary alarlar... Ramsesiň ýüzi ýagtyldy. - Dogrudanam? - Men muňa kepil bolýan. Hawa, senem, jenap, bu dünýädäki ýaşaýyşdan halys bizar bolup, ýanlaryna baran mahalyň, olaryň bagtlydyklaryny göreriň ýaly, zerur zatlaryň hemmesi ediler. Žresiň sözleri Ramsesi juda tolgundyrdy. - Diýmek, sen, keramatly ata, meniň haçandyr bir wagt öz oglumy ýene-de görjekdigime hem-de şol aýala: „Sarra, men saňa ezýet-hä berendirin...“ diýip biljekdigime ynanýaň-da? - Men muňa edil häzir seni görüp durşum ýaly ynanýan... - Eýle bolsa aýdyber...gürrüň beriber! – diýip, şa ogly batly seslendi. – Adam tä gubyra hut özüniň bir bölegini goýberýänça, ol barada pikir etmeýär. Bu betbagtçylyk bolsa edil bu jahanda faraondan başga menden güýçli bolmaz diýip oýlanan mahalymda depämden indi. Mentesufis gürrüňe başlady: - Sen, jenap, ýogalan adamyň ýakylmagy bilen onuň mumyýa öwrülmeginiň arasynda näme tapawut bardygyny soradyň. Ol tapawut edil eşigiň ýok edilmegi bilen onuň ammarda saklanylmagy ýaly. Eşik abat bolsa, has beteri-de, ýekeje bolsa, ol telim gezek derde ýarap biler; onsoň ony otlamak telbelik bolar. Ramses: - Men nuňa düşünemok. Siz ony hatda ýokary mekdepde-de öwredeňzok – diýdi. - Ýöne biz ony faraonyň mirasdüşerine aýdyp bileris. Ynsanyň bedenden, hudaýyň uçgunyndan hem-de bedeni hudaýyň uçguny bilen birleşdirýän kňlegeden ýa-da Kadan ybaratdygy saňa mälimdir. Adam amanadyny tabşyranda onuň kölegesi bilen uçgun bedenden bölünip aýrylýar. Eger adam günäsiz ýaşanlygynda, ondaky hudaýyň uçguny kölege bilen bilelikde baky ömür üçin derrew hudaýlaryň ýanyna giderdi. Emma her bir adam bu dünýäde günä iş edýär, özüni hapalaýar, şonuň üçin hem, onuň kölegesi bolan Ka tämizlenmeli; bu kämahal müňlerçe ýyllaryň dowamynda bolup geçýär. Olbiziň dünýämizde adamlaryň arasyndagöze görünmezden, haýyr işleri etmek arkaly arassalanýar. Ýöne jenaýatkärleriň kölegesi weli o dünýäde-de gabahat işleri gaýryp, özlerini-de, özlerindäki jemlenen hudaýyň uçgunyny-da heläk edýärler. Kölegäniň, ýagny Kanyň adama juda meňzeşdigini, emma edil örän ýukajyk dumandan dokalan ýalydygyny ýatda saklamaly. Bu seniň üçin syr däl bolsa gerek. Kölegäniň kellesi, elleri, göwresi bar; ol ýöräp, gepläp, närseleri oklap ýa-da gapyp, adam ýaly geýnip bilýär; ol hatda, aýratynam, öleninden soňky ilkinji ýüz ýyllaryň dowamynda aram-aram nämedir bir zat bilen naharlanyp durmaly. Soňra onuň üçin tagamlaryň şekili-de ýeterlik. Emma kölege öz esasy güýjüni özünden soň ýerde galýan bedenden susup alýar. Eger biz bedeni gubyra oklasak, ol çalt harap bolýar-da, kölege mejbury jesetdir çüýrüntgiden iýmitlenmeli bolýar. Eger biz bedeni ýaksak, kölegäniň iýmitlenmegi üçin diňe kül galýar; biz bedeni müň ýyllyk mumlasak weli, Ka hemişe sagdyndyr, güýçlüdir, öz tämizlenme wagtyny-da asuda, hatda ýakymly geçirýändir... - Geň galaýmaly – diýip, şa ogly pyşyrdady. - Özleriniň müň ýyllyk barlaglary arkaly žresler o dünýä hakdaky birgiden wajyp zatlaryň änigine-şänigine ýetýärler. Görlüp oturylsa, ölen adamyň bedeninde iç goşlary galsa, adam iýmiti näçe talap edýän bolsa, onuň kölegesi Ka hem şonça talap edýän eken; iýmit ýetmedik mahaly kölege diri adamlara topulyp, olaryň ganyny sorýar. Biziň edişimiz deýin, jesetden iç goşlary çykarsaň weli, kölege iýmitsiz oňup bilýär diýen ýaly: onuň mumlanmadyk, ýiti ysly otlar bilen doldurylan öz bedeni özüne millionlap ýyla ýetýär. Eger merhumyň gubyryna perwaýsyz garalsa, kölegäniň içi gysyp, hiç bir hajatsyz ýeriň ýüzünde aýlanyp ýörýänligi-de doly anyklanan. Eger adamyň ölenden soňky jaýyna egin-eşik, gap-gaç, gowy gören abzallarydyr gurallary goýulsa; diwarlary toý-meýlisi, awy, ybadat etmäni, urşy, umuman, merhumyň gatnaşan ahwalatlary şekillendirilen suratlar bilen örtülse, şeýle hem, golaý adamlarynyň, hyzmatkärleriniň, atlarynyň, itleriniň şekilleri ýerleşdirilse, kölege hajatsyz ýagty jahana çykmaýar. Sebäbi küýseýän zadyny merhumlaryň öýünden tapýar. Mundanam başga, kölegeleriň köpüsi hatda toba gelmek ýoluny geçenem bolsa, baky bagtyň ýurduna girip bilmeýärler. Sebäbi olar degişli dogalary hem-de hudaýlar bilen özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmeýärler. Biz munuň öňünden aladasyny edip, mumyýany degişli parasatly sözler ýazylan papirusa dolaýarys hem-de gubyrda „Merhumlaryň kitabyny“ goýýarys. Bir söz bilen aýdylanda, biziň merhumy jaýlamak däbimiz kölegä güýç berýär, ony özünioňaýsyz duýmakdan, ýagty jahany küýsäp hasrata çümmekden gorap saklaýar, hudaýlar bilen söhbetdeş bolmaga kömek edýär hem-de heniz diri gezip ýörenleri kölegeleriň ýetirip biläýjek her hili zyýanyndan goraýar. Biz merhumlaryň aladasyny edenimizde, hut şuny nazarda tutýarys; şu sebäpli hem, olara içinde amayly ýaşaýyş jaýlary bolan köşkleri bina edýäris. Şa ogly nämedir bir zat barada pikire batdy. Birsalymdan: - Siziň şeýdip zerur bolan ähli zatlar bilen üpjünläp, biçäre, ejiz kölegelere uly hemaýat edýändigiňize men düşündim. Ýöne...kölegeleriň, hakykatdanam, bardygyna meni kim ynandyryp biler? Suwsuz çöllügiň bardygyny men bilýän, sebäbi ony görýän, sebäbi onuň çägesine çümdüm, jöwzasyny başdan ötürdim. Suwy doňup, edil daş ýaly gataýan, bugy bolsa ak ýelege öwrülýän ýurtlaryň bardygyny-da bilýän – maňa bu barada gepi ynamly, olary gözi bilen gören adamlar gürrüň beripdiler...Ýöne mundan giden adamlaryň ýekejesi-de merhumlaryň patyşalygyndan yzyna dolanyp gelenok weli, hiç klimiň görmedik kölegesi, olaryň o dünýädäki ýaşaýşy barada siz nireden bilýärsiňiz? – diýdi. Žres: - Sen ýalňyşýaň, şa ogly. Kölegeler çendan adamlaryň ýanyna gelýärler, hatda olara öz syrlaryny aýan eýleýän wagtlary-da bolupdyr. Fiwyda on ýyl ýaşabam, ýagyş garasyny, ýüz ýyl ýaşabam, kölege garasyny görmezligiň mümkin. Ýöne kim Fiwyda ýüzlerçe ýyl ýa-da ýeriň ýüzünde müň ýyl ömür sürenliginde, ýagşy-da, kölegäni-de telim gezek görerdi – diýip jogap gaýtardy. Şa ogly: - Emma müň ýyl ýaşajak barmydyr? – diýip sorady. - Žresleriň keramatly topary ýaşady, ýaşaýar, ýaşaram! Otuz müň ýyl ozal Niliň kenarlarynda mesgen tutan şolardy; şonça wagtyň dowamynda asmany, zemini barlag eden şolardy; danalygy döredenem, ähli meýdanlaryň, bentleriň, kanallaryň, piramidalaryň, ybadathanalaryň çyzgylaryny çyzyp, edilmeli işleri kesgitlänem şolardy... - Aýdýanyň dogry – diýip, Ramses onuň sözüni kesdi. – Dogrudanam, žresleriň topary dana, kuwwatly. Emma kölegeler hany? Olary kim görenmişin? Olar bilen kim gürleşenmişin? Mentesufis sözüni dowam etdirdi: - Kölegäniň her bir janly adamda bardygyny bilip goýgun, jenap. Çakdanaşa uly güýji, ýiti garaýyşy bilen tapawutlanýan adamlaryň bolşy ýaly, üýtgeşik ukyba – heniz diri mahaly kölegesini özünden çykarmak ukybyna eýe bolan adamlaram bar. Biziň keramatly kitaplarymyz bu baradaky ygtybarly hekaýatlardan doly. Pygamberiň bir däl-de, birnäçesi ölüme meňzeş uka batyp bilýän eken. Ine, şol wagtda onuň kölegesi bedeninden aýrylyp, göz açyp-ýumasy salymda Tirde, Ninewiýada, Babylda peýda bolupdyr; zerur zatlaryň hemmesini görüpdir, hiç kime görünmän, bizi gyzyklandyrýan mejlislere gatnaşypdyr, pygamber oýananda bolsa oňa ähli zady gürrüň beripdir. Zannyýaman jadygöýleriň birnäçesi uklaýşyna, ýigrenýän adamsynyň öýüne öz kölegesini ýollap, tutuş maşgalany gorkuzypdyr. Jadygöýüň kölegesi yzarlaýan adamyň onuň gursagyna naýza ýa-da gylyç sünjenpursatlary bolupdyr.Ine, onsoň yzarlanýan adamyň öýünde-hä gan yzy, jadygöýüň bedeninde-de edil kölegä sünjülen tyg yzynyňky ýaly ýara peýda bolupdyr. Şa ogly ýaňsyly ýylgyryşyna: - Men ol kölegelere belet – diýip, burnuna salyp aýtdy. - Men diňe adamlaryň däl, eýsem, haýwanlaryňam, ösümlikleriňem, daşlaryňam, jaýlaryňam, gap-gaçlaryňam kölegesiniň bolýandygyny aýtmakçy. Ýöne geň zat: jansyz närsäniň kölegesi jansyz däl-de, janly. Ol hereket edýär, bir ýerden başga ýere geçýär, hatda pikirlenýär hem-de dürli alamatlaryň, köplenç nämedir bir zady tyrkyldatmagyň üsti bilen öz pikirini aýdýar. Adam ölende onuň kölegesi ýaşamagyny dowam edýär, ol kämahal adamlaryň ýanyna-da gelýär. Biziň kitaplarymyzda şeýle ahwalatlaryň ýüzlerçesi ýazylan. Kölegeleriň birleri iýmit sorapdyrlar, beýlekileri öýe aýlanypdyrlar, bagda işläpdirler ýa-da öz itleridir pişikleriniň kölegeleri bilen dagda aw awlapdyrlar; kölegeleriň käbiri adamlary gorkuzypdyrlar, olaryň emläginiýok edipdirler, ganyny içipdirler, hatda dirileriň başyny-gözüni aýlap, azgynçylygam etdiripdirler...Ýöne çagalary barada aladalanýan enäniň, duşmanyň gürpbasdy etmekçidigini duýduryp, özleri wepat bolan söweşijileriň, bize zerur syrlary açyp beren žresleriň mährem ruhlary-da bolupdyr...Baryp-ha on sekizinji neberäniň zamanynda, faraon Heopsyň (özüne piramida galdyran halkyna zulum edendigi üçin häzirem jezasyny çekip ýör) Nubiniň altyn känlerinde peýda bolup, şol ýerde işleýän bendileriň kösenip ýörüşlerine dözmän, olara suwuň täze gözbaşyny görkezipdir. Şa ogly: - Sen täsin zatlary gürrüň berýärsiň, keramatly ata. Maňa-da käbir zatlary aýtmaga ygtyýar et. Bir gezek Bubastda maňa gije öz kölegämi görkezdiler. Ol maňa edil bir almany iki bölen deý meňzeşdi, hatda geýnişi-de meniňki ýalydy. Ýöne basym onuň kölege däl-de, diri adamdygyny, soňra meniň oglumyň ganyna galjak Likon diýen biridigini bildim...Ol öz jenaýatyny finikiý gyzy Kamany yzarlamakdan başlady. Men onuň tutulmagy üçin sylag belledim...Emma biziň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaramyz ony ele salmak-ha beýlede dursun, gaýtam Kamany ogurlamagyna, bigünä çagany öldürmegine ýol beripdir...Men Kamany tutandyklaryny bärde eşitdim, şol deýýus barada bolsa habar-hatyr ýok. Ol talan gymmatbaha şaý-sepleriniň hasabyna erkinlikde jany sag, keýpi kök halda ýaşap ýören bolsa gerek. Belki-de, täze jenaýatlara taýýarlanýandyr - diýdi. Mentesufis: - Şol ganhory köp adam gözleýär, ol bu gün bolmasa, ertir ele düşer. Tagtyň mirasdüşerini gam-gussa giriftar edendigi üçin Müsür onuň temmisini berer. Maňa ynan, jenap, edilen jenaýat nähili bolsa, beriljek jeza-da şonuň ýaly bolar, şol sebäpli hem, onuň ähli günäsini öňünden geçip bilersiň – diýip jogap gaýtardy. - Men onuň elimde bolmagyny isleýän. Durmuşda beýle „kölege“ – howply zat.23 Gürrüňiň beýle hörpde tamamlanmagy gatybir ýarap barmadyk keramatly Mentesufis şa ogly bilen hoşlaşdy. Onuň yz ýanyndan çadyra Tutmos girip, grekleriň öz harby serkerdesi üçin ot ýakandyklaryny, birnäçe liwiý aýallarynyň merhumyň agysyny aglamaga razy bolandyklaryny habar berdi. Ramses: - Biz oňa gatnaşarys...Sen meniň oglumyň ganyna galynandygyny eşidipmidiň? Şeýle enaýyja çagady! Ony göteren mahalym gülüp, maňa eljagazyny uzadardy. Adamyň öz ýüreginde şeýle nejisligi göterip bilýändigine haýran galaýmaly. Eger şol myrryh Likon meniň kastyma düşenliginde men oňa düşünerdim, hatda bagyşlardymam...Emma çaga el götermek...- diýdi. Tutmos: - Men Sarranyň özüni pida edendigini saňa aýdypmydym? – diýip sorady. - Hawa. Ol aýallarymyň içinde iň wepalysy eken, men bolsa gadryny bilmän, şeýle bihaýa hereketleri etdim...- Şa ogly stoly ýumruklap, gaharly seslendi. – Haramzada Likonyň henize çenli ele salynman ýörülmegi, heý, boljak zatmydyr? Finikiýler ony tutjakdyklaryna ant içip, awy ýalapdylar...Men tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň başlygyna sylag wada berdim...Ýok, gürrüňsiz, munuň aňyrsynda nämedir bir zat bar... Tutmos Ramsesiň golaýyna baryp, onuň gulagyna pyşyrdady: - Meniň ýanyma Hiramyň ýollan adamy geldi. Ol žresleriň yzarlamagyndan howatyrlanyp, eýlede-beýlede gizlenip ýörmüşin, basym Müsüri terk etjekmişin. Ine, şonuň aýtmagyna görä, Hiram Bubastyň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edarasynyň başlygyndan ... Likonyň tutulandygyny bilipdir. Ýöne bu ... gizlin bolmaly. Tutmos şa oglunyň ýüzüne gorkuly seretdi. Ramses gazaplanjak ýaly etse-de, derrew özüni ele aldy. - Tutulypdyrmy? – diýip gaýtalady. – Ýeri, onsoň ony gizlin saklamak nämä gerekmişin? - Edaranyň başlygy ýokary geňeşiň buýrugy boýunça ony keramatly Mefrese bermeli bolupdyr. - Hä, mundan çykdy diýsene! Şeýle! Şeýle! – diýip, Ramses birnäçe gezek gaýtalady. – Diýmek, örän hormatly Mefrese, ýokary geňeşe maňa meňzeş adam gerek! Meniň çagamy, Sarrany dabaraly jaýlamakçy bolýarlar. Olaryň jesetlerini-hä mumlajaklar, ganhory-da howpsuz ýerde gizleýärler. Şeýle! Keramatly Mentesufis – beýik dana. Ol şu gün maňa o dünýäniň ähli syrlaryny aýan etdi, merhum jaýlananda nähili däp-dessury berjaý etmelidigini düşündirdi. Emma Likonyň tutulandygy, ganhory Mefresiň gizleýändigi hakda weli agzyndan söz gaçyraýsa nädersiň! Görýän weli, keramatlyatalar o dünýäniň beýik syrlaryna garanda,tagtyň mirasdüşeriniň „ownuk syrlaryna“ has artyk hormat goýýan ýaly. Şeýle! Tutmos: - Hökümdar, meniň çaklaýşyma görä, bu seni geň galdyrmaly däl. Žresleriň özlerini halamaýandygyňy aňýandygy sebäpli, ägäligi elden bermeýändigini sen bilýäň ahyry - diýdi. Soňra ýuwdunyp gepledi. - Ylaýta-da... - Näme „ylaýta-da“? - Onuň hormatlysy syrkaw...haly harap... - Şeýlemidi asyl? Kakamyň başy ýassyga ýetipdir, men bolsa goşuna baş bolup, çölüň çägesini garawullamalymyşym! Seniň maňa bu barada aýdanyň gowy boldy. Hawa, žresler maňa beýle alada bilen garaýan bolsa, diýmek, faraonyň aňyrsy golaýlan bolmaly...Maňa Mefresiň Likony gizläninden başga ähli zat barada gürrüň berýärler, ahli zady görkezýärler... Tutmos, meniň goşuna bil baglap biljekdigime sen häzirem ynanýarmyň? - Emir etseň, ölüme-de gideris! - Tanymal adamlara-da kepil geçýärmiň? - Edil goşuna kepil geçişim ýaly. - Ýagşy, indi biz Patroklyň öňündäki iň soňky parzymyzy bitirip bileris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |