17:43 Faraon -25: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP Indi birnäçe aý bäri Aşaky Müsüriň häkiminiň ýüküni gerdeninde göterip ýören şa ogly Ramsesiň hormatly kakasynyň saglygy barha ýaramazlaşýardy. Bakylygyň hökümdarynyň, ýüreklerde şatlyk oýaryjynyň, Müsüriň hem-de depesinde Gün nur saçýan ähli ýurtlaryň eýesiniň iňrigi garalyp ugrapdy; ol basym Niliň çep kenarynda, Fiwy şäheriniň garşysynda ýerleşen ýerzeminlerde özünden öňki öten-geçen, aňrybaş hormata eýe bolan adamlaryň ýanyndan orun almalydy. Öz tabynlygyndakylara ömür berýän hem-de öz ýüreginiň islegine görä, aýallaryny ärleriniň ellerinde almaga hukugy bolan hudaýa deň hökümdar entek sandan galan garry däldi. Ýöne otuz ýyldan gowrak patyşalyk sürmek şeýle bir ýadadypdy weli, her bir faraonyň juda bagtly bolup, halklaryň depesinde şady-horramlykda müdimi patyşalyk edýän, hiç kimiň hiç wagtda yzyna dolanyp gelmek islemeýän ýerinde – Gün dogmaýan ýurtda dynç almagy, ýaşlygy, gözelligi gaýtaryp getirmegi onuň özi isleýärdi. Mundan ýarym ýyl ozal göze görnüp duran tutuş dünýäniň howpsuzlygyny, abadançylygyny üpjün eden takwa faraon ýurduň hökümdarynyň ähli borçlaryny bitiripdi. Horazlar daň atandygyny buşlandan, žresler hökümdary täze dogýan Günüň hormatyna gimn bilen oýardylar. Faraon düşekden turdy, altyn çaýylan, gül suwly ullakan legende täret gyldy. Soňra ýaramaz ruhlary kowýan dogalarpyşyrdalyp okalyp, onuň ähli zady ýerbe-ýer bedenine hoşboý ysly ýaglar çalyndy. Tämizlenen, töweregine ýakymly yslar burugsadylan faraon kiçijik ybadathana ýöneldi. Onuň gapysyndan toýun möhri aýryp, bir özi içeri girdi. Ol ýerde piliň gyýagyndan ýasalan düşekde hudaý Osirisiň täsin heýkeli ýatyrdy. Bu heýkel adaty däldi: her gije haçandyr bir zamanda zalym hudaý Set tarapyndan çapylan elleri, aýaklary, kellesi gopýrady-da, irden bolsa, faraonyň doga-dikeginden soňra, olar öz-özünden öňki ýerine barýardy. Osirisiň synasynyň ýerbe-ýerdigine göz ýetiren hökümdar ony düşekden galdyrdy, suwa düşürdi, gymmatbaha eşik geýdirdi; soňra malahitden ýasalan tagtda oturdyp, alnynda hoşboý ys ýaýratdy. Bu däbiň adatdan daşary ähmiýeti bardy – Osiriň owadan gurluşly bedeni ýerbe-ýer bolmasa, ol diňe bir Müsüre däl, eýsem, tutuş dünýä ullakan betbagtçylygyň abanyp gelýändigini aňladýardy. Jan giren Osirisi geýindirenden soňra, faraon ondan çykýan gowulyk tutuş ýurda ýaýrar ýaly, ybadathanajygyň gapysyny açyp goýýardy. Ybadathanajygy diňe bir adamlaryň ýaramaz isleginden däl, eýsem, ýeňilkelleligindenem gorar ýaly, žresleri faraonyň özi belleýärdi. Sebäbi birnäçe gezek seresaplygy elden berip, keramatly ýere juda golaý baran adamlary göze görünmeýän batly urgy serreldip goýberipdi, kämahal bolsa janyny jähenneme iberipdi. Ybadat etmek tamamlanandan soň, faraon dogany aýdym edip okaýan žresleriň ugratmagynda nahar iýilýän uly zala geçdi. Ol ýerde hökümdara niýetlenen stol, kürsi we ozal öten on iki neberäni şekillendirýän on iki sany heýkeliň öňünde goýlan başga on iki sany stoljuk durdy. Faraon stoluň başyna geçenden, elleri içi etli, süýji nygmatly kümüş okaraly, çakyrly küýzeli ýaş gyzlardyr ýetginjekler zala kürsäp girdiler. Patyşanyň aşhanasyna gözegçilik edýän žres ilkinji gapdaky tagamdan, ilkinji küýzedäki çakyrdan dadyp gördi. Soňra hyzmatkärler dyzlaryna çöküşlerine, olary faraona geçirdiler; beýleki gaplardyr küýzeler bolsa onuň ata-babalarynyň heýkelleriniň öňünde goýuldy. Faraon iýip-içip bolandan soň, zaldan çykyp gitdi; ata-babalara niýetlenen nahar patyşanyň çagalaryna we žreslere berildi. Faraon edil öňki ýaly uly, gelenler kabul edilýän zala ugrady. Şol ýerde ony döwletiň iň ýokary derejeli adamlary, maşgala agzalary ýüzin düşüp ýatyp garşy aldylar; soňra harby hökümet agzasy Herihor, ýokary gaznaçy, ýokary kazy we tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň başlygy oňa ýurduň ýagdaýy barada maglumat berdiler. Maglumatyň arasy dini sazdyr tans bilen kesilip, tans edýän näzeninler tagta otagalary, çemenleri oklaýardylar. Ondan soňra faraon golaýda ýerleşýän iş otagyna baryp, ýumşak ýatyş sekide az salym dynç aldy. Hudaýlaryň alnynda çakyr içmek däbini berjaý etdi, hoşboý ys tütetdi we žreslere gören düýşüni aýdyp berdi. Olary ýoran danalar faraonyň çözgüdine garaşýan işler boýunça beýik permanlar düzdüler. Ýöne çendan düýş görülmese ýa-da olaryň ýorgudy hökümdaryň göwnünden turmasa, ol mähirli ýylgyryp, „Eýle hereket ediň“, „Beýle hereketediň“ diýip görkezme beredi. Şol görkezme kanun bolup, odur-budur zatlar bolaýmasa, ony üýtgetmäge hiç kim ýürek edip bilenokdy. Günortadan soň tagtyrowanda göterilip gelnen onuň hormatlysy howluda özüne wepaly saýlama goşunyň öňünde peýda boldy. Hökümdar eýwana çykyp, jahanyň çar tarapyna ýüzlenip, olara özüniň patasyny ýollady. Şol wagtda pilonlarda baýdaklar ýokary göterildiler, tüýdükleriň güýçli sesi ýaňlandy. Şäherdemi ýa-da meýdançadamy, müsürlimi ýa-da wagşymy, tapawudy ýok, taňrynyň ýollan merhemetinden özüne-de paý ýeter ýaly, hasyr-husur ýüzin düşüp ýatýardy. Şeýle pursatda adamy-da, haýwany-da ýençmek bolanokdy; eger ölüm jezasyna höküm edilen jenaýatkär hökümiň faraon eýwana çykan mahalynda okalandygyny subut edip bilse, onuň jezasy ýeňledilýärdi. Sebäbi asmanyň hem zeminiň hökümdarynyň öňünden – güýç, yzyndan – merhemet dabaraly ýörüş bilen barýardylar. Günüň astyndaky bar bolan ähli zadyň hökümdary halky begendirip, aşak düşenden soň, dynç almak üçin öz bagyna – palmalardyr sikomorlaryň gür tokaýlygyna ýöneldi. Şol ýerde aýallaryndan mähir-muhabbet paç aldy, öz öýüniň çagalarynyň oýunlaryna seretdi. Olaryň arasynda kimdir biri görmegeýligi ýa-da çalasynlygy bilen ünsüni özüne çekäýse, ony ýanyna çagyryp: - Sen kim, körpe? – diýip soraýardy. - Men - şa ogly Binotris, faraonyň ogly. - Seniň ejeň ady näme? - Meniň ejem – hanym Ameses, faraonyň aýaly. - Ýeri, onsoň sen näme başarýaň? - Men ona çenli sanap hem-de „Goý, biziň atamyz we hudaýymyz, keramatly faraon Ramses baky ýaşasyn!“ diýip ýazyp bilýän. Bakylygyň hökümdary mähirli ýylgyrýardy, özüniň näzik, damarlary görnüp duran diýen ýaly elini dogumly oglanjygyň buýra saçyna çala degirýärdi. Faraonyň ýüzünden syrly ýylgyryşyň aýrylmaýandygyna garamazdan, çaga şol pursatdan başlap, hakykatdanam, şa ogly hasaplanýardy. Onuň keramatly eli kimdir birine bary-ýogy ýekeje gezek galtaşdygy bes, ol soňra ömründe gam-gussanyň nämedigini bilmeli däldi, beýlekilerden belentde bolmalydy. Hökümdar garbanmak üçin başga bir nahar iýilýän ýere baryp, heýkelleri diwarlaryň uzaboýuna duran, Müsüriň ähli welaýatlarynyň hudaýlary bilen tagamdaş boldy. Hudaýlaryň iýmedik zatlary žreslere galdy. Faraon giçlik tagtyň mirasdüşeriniň ejesi, hanym Nikotrisi kabul etdi, dini tanslara, dürli görnüşli çykyşlara seretdi. Soňra ýene ýuwnup-arasssalanmaga ugrady we täsin hudaýyň eşigini çykaryp, düşegine geçirmek üçin, Osirisiň ybadathanajygyna ugrady. Ol muny tamamlap, ybadathanajygyň gapysyny möhür bilen bekledi. Žresleriň üýşüp, dabaraly ýola salmagynda ýatylýan otaga ugrady. Žresler uklaýan mahaly hudaýlaryň arasyna barýan faraony şöhratlandyryp, onuň kalbyna aram berýän dogalary ýuwaş ses bilen Gün ýaşýança okap oturdylar. Olar şol dogalar arkaly döwletiň häzirki wagtdaky meseleleriniň çözülmegini, Müsüriň serhetleriniň, hiç bir ogry aralaşyp, şöhratly hökümdarlaryň müdimilik rahatlygyny bozup bilmez ýaly, patyşalaryň mazarlarynyň goralyp saklanmagyny dileýärdiler. Emma uzynly gün aýak üstünde bolup, halys ýadan žresleriň dogalary barmaly ýerine hemişe ýetip duranokdy: döwletiň kynçylyklary köpelmegini besedenokdy, mukaddes mazarlary-da talaýardylar, özi-de diňe bir gymmatbaha şaý-sepler däl, hatda faraonlaryň mumyýalary hem alnyp gidilýärdi. Bu ýagdaý ýurtda gelmişekleriň, butparazlaryň köpdügi bilen baglanyşyklydy: halk olardan Müsüriň hudaýlaryny, keramatly ýerlerini äsgermezçilik etmegi öwrenipdi. Hökümdarlaryň hökümdarynyň ukusyny diňe bir gezek – gijäniň gylla ýarynda bozýardylar. Müneçjimler faraony ukudan oýaryp, Aýyň nähiligörnüşde durandygyny, gözýetimiň ýokarsynda haýsy saýýarlaryň şöhle saçýandygyny, haýsy toplum ýyldyzyň ýerkemerden geçýändigini, umuman, asmanda adaty bolmadyk nämedir bir zadyň duýulýandygyny ýa-da duýulmaýandygyny habar berýärdiler. Kämahal asmanda bulutlar peýda bolýardylar, ýyldyzlar adatdakydan köp gaçýardylar ýa-da ýeriň üstünden o:tly şarlar wazlap geçýärdiler. Hökümdar müneçjimleriň hasabatlaryny diňleýärdi, haýsydyr bir adaty bolmadyk hadysa ýüze çykan mahalynda dünýä hiç zadyň howp salmaýandygyny aýdyp, olary köşeşdirýärdi. Görülýän zatlaryň hemmesi faraonyň buýrugy boýunça jetwele geçirilip, her aýda Sfinks ybadathanasynyň žreslerine – Müsüriň aňrybaş dana adamlaryna ugradylýardy. Alym kişiler şol ýazgylaryň esasynda dürli netijeleri çykarýardylar, emma iň wajyplaryny öz pikirdeşlerine – Babyldaky haldeý žreslerine bolaýmasa, hiç kime aýan etmeýärdiler. Gijäniň gylla ýaryndan soň faraon, eger zerur hasaplasa, ilkinji horazlar gygyrýança gözüniň awusyny alyp bilýärdi. Ömür, parahatçylyk, saglyk beriji, zemindir asmanyň, göze görünýändir görünmeýän dünýäniň ýadawsyz aladasyny ediji hoşgöwün hudaý mundanýarym ýyl ozal, ine, şeýle takwa hem-de çakdanaşa agyr durmuşda ýaşaýardy. Ýöne soňky ýarym ýylda weli bu dünýäde synasy özüne ýük bolup, bu dünýäniň işleri onuň müdimilik ýaşaýan kalbyna ezýet berýärdi. Onuň hiç zat iýmeýän günleri, asla kirpikli gözlerini çalmaýan gijeleri bolýardy. Kämahala kabul edişlik mahalynda mähirli ýüzünde ejir peýda bolýardy, şeýle-de, ol ýygy-ýygydan huşuny ýitirip ugrapdy. Ynjalyksyzlanyp başlan şa aýaly Nikotrisa, hormata mynasyp harby hökümet agzasy Herihor we žresler hökümdardan: „Bir ýeriň agyrýarmy?“ diýip, telim gezek sorapdylar. Emma hökümdar egnini ýygryp dymýardy, özüniň agyr wezipesini ýerine ýetirmegini dowam edýärdi. Ine, onsoň köşk tebipleri özüne bildirmezden, oňa güýçli berkidiji däri-dermanlary berip ugradylar. Faraonyň naharydyr çakyryna atyň, öküziň, soňra ýolbarsyň, kerkiň, piliň külüni goşýardylar. Emma olaryň hiç hili täsiri bolmady; faraonyň çaşmasy ýygjamlanyp ugransoň, hökümet agzalary onuň ýanyna hasabat bilen gelmeklerini bes etdiler. Günleriň birinde hormata mynasyp Herihor, şa aýaly Nikotrisa we žresler hökümdaryň alnynda ýüzin düşüp ýatyşlaryna, özüniň keramatly bedenini barlamaga ygtyýar bermegini ondan özelenip haýyş etdiler. Hökümdar razylyk berdi. Tebipler ony barladylar, eýlesine-beýlesine kakdylar, ýöne juda ýadandygyndan başga hiç hili howply alamat görmediler. Ahyry tebipleriň iň paýhaslysy: - Sen aslynda näme duýýaň? – diýip sorady. Faraon ýylgyrdy. - Men özümiň şöhle saçýan kakamyň ýanyna barmaga wagt bolandygyny duýýan – diýip jogap gaýtardy. Herihor gyssanmaçlyk bilen gürrüňe goşuldy: - Ýok, siziň hormatlyňyz beýdip bilmez. Eger şeýtse, halkynyň işi gaýdar. Hökümdar: - Men size oglum Ramsesi galdyrýan. Ol zerur mahaly hem ýolbarsdyr, hem bürgütdir. Dogrudanam, siz oňa gulak goýsaňyz, ol Müsüre dünýe döräli bäri görlüp-eşidilmedik ykbal taýýarlar – diýdi. Hökümdaryň bu sözleri keramatly Herihor, beýleki žresler üçin duýdansyz öwsen sowuk ýel boldy. Tagtyň mirasdüşeriniň zerur mahaly hem ýolbars, hem bürgütdigini, oňa „lepbeý“ diýmeli boljakdygyny duranlar bilýärdiler; ýöne olar tagtda ýene uzak ýyllap, ynha, şu ýüregi edil meýdanlara ýagyş, adamlara ýakymly sowujak şemal getirýändemirgazyk şemaly ýaly mähir-muhabbetden doly hoşgöwün hökümdaryň oturmagyny isleýärdiler. Şonuň üçin hem, olaryň hemmesi edil bir adam ýaly bolup hykgyldaýyşlaryna, özlerini ýere goýberdiler we tä faraon bejergi aljakdygyna razylyk berýänçä, garynlarynyň üstünde ýatdylar. Tebipler ony baga çykaryp, uzynly gün hoşboý ysly hwoýa agaçlarynyň saýasynda sakladylar; hökümdara ýagly çorba, kerçelen et iýdirmegi, süýt hem-de ýyl aşan çakyr içirmegi tabşyrdylar. Şol iýmitler noş bolup, ilkibada faraona gurbat berenem bolsa, basym gowşaklyk täzeden güýjäp ugrady. Onuň hötdesinden gelmek üçin, keramatly Apisiň nesilleri bolan göleleriň täzeje ganyny içmäge hökümdary mejbur etdiler. Emma gandanam peýda bolmansoň, delalat isläp, zalym hudaý Setiň ybadathanasynyň ýokary žresine ýüz tutmaly boldular. Çytyk ýüzli žres onuň hormatlysynyň ýatylýan otagyna girdi, hassany gözden geçirdi-de: - Faraona bigünä çagalaryň ganyny bermeli. Her gün bir kubok – diýdi. Şol ýerde duran žreslerdir welmožalar bu bu sözleri eşidip, doňup galdylar. Soňra žresleriň, ýokary wezipeleri eýeleýän jenaplaryň perzentleriniň heniz kiçijikkä päkizeligini ýitirýändigi sebäpli, munuň üçin daýhan çagalary pida edilse laýyk boljakdygyny aýdyp, öz aralarynda pyşyrdaşdylar. - Olaryň kimiň çagasy boljakdygynyň maňa tapawudy ýok. Diňe faraon her gün täzeje gan içse bolýar – diýip, rehim-şepagatsyz žres gepledi. Sekide gözleri ýumuk ýatan hökümdar şol aýylganç sözleri-de, köşk adamlarynyň howsalalay pyşyrdysyny-da eşidipdi. Tebiplerden kimdir biri Herihordan: „Çemeli çagalary gözläp başlamalymy?“ diýip soran mahalynda, faraon özüne geldi. Ol akylly gözlerini duranlara birlaý aýlady. Soňra: - Näheň öz körpejelerini iýmeýär, şagaldyr syrtlan ňz güjükleri üçin janyndan geçýär. Gel-gel, indi men Müsüriň çagalarynyň – öz çagalarymyň ganyny içmeli boldummy? Kimdir biri maňa şeýle elhenç dermany hödürlemäge ýürek edip biler öýdüp, hiç wagtda pikir etmändim – diýdi. Rehimsiz hudaýyň žresi derrew özüni ýere goýberip, henize çenli çagalaryň ganyny Müsürde hiç kimiň içmändigine, ýöne dowzahyň güýçleriniň şeýle usul arkaly hassa adama saglygyny gaýtaryp berýändigine ynandyrjak bolup, özüni aklady. Şeýle serişdäni Assiriýadyr Finikiýada hem ulanýarmyşynlar. Faraon: - Müsür hökümdarlarynyň köşgünde şeýle nejis zatlary dile almaga utanaňokmy? Finikiýleriň, assiriýleriň nadan halkdygyny sen, näme, bileňokmy? Biziň bolsa iň bir tünt daýhanymyzam bigünä dökülen ganyň kimdir birine peýda getirip biljekdigine asla ynanmaz – diýip, onuň ýüzüni aldy. Köşk adamlary utançdan gyzaran ýüzlerini elleri bilen ýapdylar, Setiň ýokary žresi bolsa ses-üýnsüz gürüm-jürüm boldy. Ine, onsoň Herihor hökümdaryň iňrigi garalyp ugran ömrüni halas etmek üçin iň soňky ýapyşalga ýüz urdy. Ol Fiwynyň ybadathanalarynyňbirinden Babylyň dana žresi, gudrat görkezmekde deňi-taýy bolmadyk haldeý Beroesiň gizlinlik bilen gelýändigini faraona ýetirip: - Keramatly hökümdar, ol seniň üçin şeýle möhüm zatda maslahat bermäge hukugy bolmadyk keseki adam, Ýöne şeýle hem bolsa, oňa özüňe seretmäge ygtyýar et. Onuň seniň derdiňe derman tapjakdygyny hem-de seniň keramat-keremliligiňi bihaýa sözler arkaly kemsitmejekdigine men ynanýan – diýdi. Faraon bu gezegem wepaly hyzmatkäriniň sözlerine yryldy we aradan iki gün geçenden soňra, haýsydyr bir gizlin ýollar arkaly çagyrylan Beroes Memfise geldi. Dana haldeý faraony içgin gözden geçirjegem bolmady. Ol töweregindäkilere ýüzlenip: - Müsürden doga-dilegi hudaýyň tagtyna baryp ýetýän adam tapmaly. Ol dogany faraon üçin çyn ýürekden okasa, hökümdar sagalyp, uzak ömür sürer – diýdi. Bu sözleri eşiden faraon özüni gallan žreslere seretdi. Soňra: - Bärde keramatly kişiler köp. Olardan kimdir biri meniň aladamy etse, aýaga galyp gitsemem gidibererin...-diýdi. Ol çalaja ýylgyrdy. Beroes: - Biz bir ýönekeý adam bolamyzsoň, ýüregimiz hemişe hudaýyň dergähine tarap göterilip bilmeýär. Ýöne men seniň hormatlyňa çyn ýürekden doga okaýan, dogasy-da barmaly ýerine ýetýän bir adamy tapmagyň ýalňyşsyz ýoluny salgy bereýin – diýdi. - Eýle bolsa, ony tap. Goý, ol ömrümiň soňky müddetinde meniň dostum bolsun. Hökümdaryň razyçylygyny alan haldeý özüne bir gapyly, ýaşalmaýan otag bermeklerini talap etdi. Edil şol günüň özünde, Günüň batmagyna bir sagat galanda faraony şol ýere alyp barmaklaryny emir etdi. Bellenilen wagtda dört sany ýokary žres faraona zygyrdan tikilen täze eşik geýdirdiler, ýaramaz ruhlary kowýan güýçli dogalary okadylar. Soňra öz jenabyny kedr agajyndan ýasalan ýönekeý tagtyrowanda oturdyp, diňe ýekeje kiçijik stol goýlan boş otaga alyp bardylar. Beroes eýýäm şol ýerdedi; ol ýüzüni gündogara tutup, doga okaýardy. Žresler çykdylar. Haldeý agyr gapyny içinden ýapdy, egnine-hä goýy gyzyl boýunsa oklady, faraonyň öňündäki stoljyga-da öwsüp duran gara şar goýdy. Ol çep eline Babyl poladyndan ýasalan ýiti hanjar, sag elinde hem ýüzi syrly nagyşlardan doly hasa aldy. Şol hasa bilen howada özüniň we faraonyň daşyndan halka aýlady. Soňra jahanyň çar tarapyna nobatma-nobat ýüzlenip, pyşyrdap başlady: - Amorul, Taneha, Latisten, Rabur, Adonaý...Meniň halyma ýüregiň awasyn, meni tämizle, eý, asman atamyz, merhemetlimiz hem-de rehim-şepagatlymyz...Öz nämynasyp guluňa razylygyňy ýolla hem-de menarkaýynlykda seniň mukaddes işleriň barada oýlanyp, ölçerip-döker ýaly, ketjal, pitneçi ruhlardan gora! Ol saklandy-da, faraondan: - Meri-Amon-Ramses, Amonyň ýokary žresi, sen bu gara şarda uçgun görýämiň? – diýip sorady. - Men gülüň depesinde aýlanýan ara meňzeş ak uçguny görýän. - Meri-Amon-Ramses, şol uçgunjykdan gözüňi aýyrma, iki tarapyňda näme bolsa bolubersin, saga-da, sola-da seretme – Ol ýene pyşyrdady: - Baralanensis, Baldahiensis – güýçli knýazlar Geniýanyň, Lahiadaeniň, dowzah şalygynyň hökümdarlarynyň adyndan, sizi çagyrýaryn, maňa berlen ýokary hökmürowanlyk bilen talap edýärin, jadylaýaryn hem-de emir edýärin. Bu sözleri eşiden faraon ýigrençden ýaňa tisginip gitdi. Haldeý: - Meri-Amon-Ramses, sen näme görýäň? – diýip sorady. - Şaryň aňyrsyndan haýsydyr bir edrenç kelle seredýär...Sary saçy syh-syh bolup dur...Ýüzi ýaşylymtyl reňkde...Gözleriniň göreji aşak goýberilensoň, diňe agy görünýär...Agzy göýä gygyrmak isleýän ýaly, giňden açylan... - Bu – gorky. Beroes şaryň depesine hanjaryň ýüzüni gezedi. Birden faraon düýrmegi bilen ýygryldy. - Besdir! Sen nämüçin maňa ezýet berýäň? Ýadan beden – dynç almak, ruh – müdimilik ýagtylygyň ýurduna uçup gitmek isleýär. Siz bolsa bolsa diňe bir ölmäge goýman, eýsem, täze sütem oýlap tapýarsyňyz...Ýok, men islämok! – diýip gygyrdy. - Ýeri, indi näme görýäň? - Jaýyň ýokarsyndan iki sany möý aýagy sallanýan ýaly...Elhenç, edil palma ýaly ýogyn, durşy bilen tüý, ujy gaňyrçaga meňzeş...Depämde-de aýylganç möý sallanyp, meni gämi ýüpleri bilen saraýan ýaly bolup dur... Beroes hanjary ýokary öwürdi. - Meri-Amon-Ramses! – diýip ýene gaýtalady. – Diňe uçguna seret, eýläk-beýläk ünsüňi sowma...- diýip ýene gaýtalap, soňra pyşyrdap gepledi: - Men, ynha, siziň barlygyňyzda alamaty janlandyrýaryn...Men, hudaýyň kömegi arkaly gudrata eýe bolan, garadan gaýtmaz öňden görüji, sizi doga-jady bilen çagyrýaryn...Aýe, Saraýe, Aýe, Saraýe, Aýa, Saraýe...gudraty çäksiz, müdimilik ýaşaýan hudaýyň ady bilen! Faraonyň ýüzi ýylgyrdy. Ol: - Göwnüme men Müsüri görýän ýaly...Hawa, hut şeýle...Tutuş Müsür...Nil...Çöllük...Bärde Memfis, aňyrda Fiwy... Ol, hakykatdanam, Müsüri görüpdi. Ýöne tutuş Müsüriň ölçegi onuň köşgüniň bagyny kesýän bagýodadan uly däldi. Täsin surat geň häsiýete eýedi:faraon haýsydyr bir nokada içgin syn etdigi, şol nokat syn edilýän ýeriň tas tebigy ölçegine çenli ulalýardy. Gün zemini özüniň altynsow-gyzgylt reňkine gark edip, eýýäm ýaşyp ugrapdy. Gündizki guşlar uklamak üçin otursalar, gijeki guşlar öz gaçybatalgalarynda ukudan oýanypdylar. Çölde syrtlanlardyr şagallar pallaşýardylar, melullyk basmarlaýan ýolbars bolsa oljasynyň yzyndan kowmak üçin özüniň mähnet göwresini ýazýardy. Niliň balykçysy tory gyssanmaçlyk bilen çekýärdi, uly söwda gämileri kenara gelip daýandylar. Uzynly gün suw susup geçiren ýadaw daýhan bedräni „durnadan“ aýyrýardy, beýlekisi mytdyldap, azaly bilen öýüne dolanyp barýardy. Şäherde o:tlar ýakyldy, žresler ybadathanalara agşamky ybadata ýygnandylar. Ýollarda tozan çöküpdi, arabalaryň tigirleriniň jygyldysy galypdy. Pilonlaryň diňlerinden halky doga okamaga çagyrýan gamgyn sesler ýaňlanýardy. Az wagt geçenden soňra faraon geň ahwalata agzyny açyp seretdi: zeminiňdepesi pelpelleýän kümüşpisint guşlardan doludy; olar ybadathanalardan, köşklerden, köçelerden, ussahanalardan, Nildäki gämilerden, obalardaky külbelerden, hatda magdan alynýan ýerlerden uçup çykýardylar. Ilki olaryň her biri peýkam bolup ýokary göterilýärdi, ýöne öz ýoluny kesen başga bir kümüşreňk ganatly guşa pete-pet gelip, ony güýjünde baryny edip urýardy-da, ikisi hem aşak jansyz gaçýardylar. Olar adamlaryň baky we yzzatly hudaýyň tagtyna ýetmäge biri-birine päsgel berýän gapma-garşy dogalarydy. Faraon diň saldy. Ilki oňa diňe ganatlaryň şowurdysy eşidildi, ýöne basym sözleri aýyl-saýyl edip başlady. Ol saglygyny gaýtaryp bermegi dileg edýän hassanyň, şol bir wagtda-da, onuň düşekde uzagrak ýatmagyny dileg edýän tebibiň seslerini eşitdi; hojaýyn Amondan öz ammaryny, bugdaýyny goramagy haýyş edýärdi, ogry bolsa başga biriniň sygryny alyp gidip, haltasyny başga biriniň bugdaýy bilen doldurmaga hudaýyň özüne päsgel bermezligini diläp, ellerini asmana uzadýardy. Olaryň doga-dilegleri biri-biri bilen edil sapandan atylan daş ýaly bolup çakyşýardylar. Çölde galan ýolagçy ýüzin düşüp ýatyşyna, özüne suw damjasyny getirer ýaly, demirgazyk şemalyny dileýärdi; deňizde ýüzüji ýene bir hepdeläp şemal gündogardan öwser ýaly, maňlaýyny gapaga urýardy. Daýhan – batganyň basymrak guramagyny, gedaý balykçy – batganyň hiç wagtda guramazlygyny dileg edýärdiler. Olaryňam doga-dilegleri biri-birine degip kül-uşak bolansoň, Amonyň gulagyna baryp ýetmeýärdiler. Gandal geýdirilen sürgündäki adamlaryň suwa öllenen pahna bilen äpet gaýalary döwýän ýerinde ses has-da batly çykýardy. Ol ýerde gündiz işleýän bendiler-ä gözüň awusyny alar ýaly, basymrak Günüň ýaşmagyny dileýärdiler, gözegçiler oýaryp, gije işleýän bendiler-de Günüň hiç wagtda ýaşmazlygyny diläp, gursaklaryna urýardylar. Ýonulan daşlary satyn alýan söwdagärler-ä daş döwülýän ýere köpräk adamyň sürgün edilmegini dileýärdilrer, azyk bilen üpjün edijiler-de garynlarynyň üstünde ýatyşlaryna, ammarçylaryň jübüsi ýagşy galňar ýaly, sürgündäki adamlara gyrgyn degmegini dileg edýärdiler. Magdan çykarmak bilen gümra adamlaryňam doga-dilegi asmana ýetenokdy. Faraon günbatar serhetde söweşe taýýarlanýan iki goşuny gördi. Olaryň ikisi-de çäge ýassanyp ýatyşlaryna, duşmanyň ýoguna ýanmakda Amondan medet dileýärdiler. Liwiýler müsürlileriň biabraý bolmaklaryny, bir çetinden gyrylmaklaryny isleýärdiler, müsürliler liwiýlere elhenç gargyşlary ýollaýardylar. Olaryň doga-dilegleri zeminiň depesinde biri-biri bilen gyrgy sürüsi ýaly bolup çaknyşýardylar-da, güwläp aşak gaýdýardylar. Amon hatda olary görenokdam. Faraon ýadaw nazaryny nirä aýlasa, ähli ýerde şol bir zatdy. Daýhanlar özlerine dynç berilmegini, salgydyň azaldylmagyny dileseler, mürzeler salgydyň köpelmegini, işiňem hiç wagtda gutarmazlygyny dileýärdiler. Žresler Ramses XII-niň ömrüni uzaltmagy hem-de özlerine pul bilen baglanyşykly işlerde päsgel berýän finikiýleriň ýoguna ýanmagy Amondan dileýärdiler; häkimler finikiýleri aman saklamaga, žresleriň eden-etdiligini gowşadar ýaly, Ramses XIII-niň işini oňuna etmäge hudaýy çagyrýardylar. Aç ýolbarslar, şagallar we syrtlanlar täzeje ganyň teşnesidiler; sugunlar, dag keýikleri we towşanlar özleriniň gözgyny ömürlerini bolmanda ýekeje gün uzaltmagyň aladasy bilen, gaçybatalgalaryny terk edýärdiler. Emma aç ýyrtyjylar doýar ýaly, şu gije olaryň arasyndan birnäçesiniň heläk bolmalydygyny durmuş ejiz haýwanlara görkeze-görkeze gelýärdi. Şeýlelikde, tutuş dünýäde duşmançylyk höküm sürýärdi. Her kim beýlekileriň gorkýan zadyny isleýärdi. Her kim golaýyndaka zeper ýetirip biljekdiginiň pikirinem etmän, diňe öz bähbidini arap doga okaýardy. Şol sebäpli hem, olaryň doga-dilegleri kümüşpisint guşlara meňzäp, asmana göterilselerem, barmaly ýerine ýetenokdy. Ine, onsoň özüne ýerden ýekeje doga-dileg baryp ýetmeýän beýik we yzzatly Amon ellerini dyzyna goýup, öz ýaradan barlygyny synlap, pikire çümüp otyrdy; jahan ýüzüni bolsa başyna giden eden-etdilikler, aýylganç ahwalatlar eýeläpdi. Ynha, birden faraon: - Hany, garagol, derrew öýe gel! Doga okamaly wagt boldy – diýen aýal sesini eşitdi. - Häzir! Häzir! – diýip, çaga sesi jogap gaýtardy. Sesleriň gelýän ýerine sereden hökümdar mürzäniň mal saraýyndaky pukara külbesini gördi. Onuň eýesi ýaşyp barýan Günüň şuglasyna gündiz başlan ýazuw işini tamamlap barýardy, aýaly çörek bişirmek üçin bugdaý dänelerini daş bilen owradýardy; öýüň öňünde bolsa alty ýaşly oglanjyk nämedir bir zada gülüp, owlajyk ýaly ylgap, towsup ýördi. Megerem ony ikindiniň hoşboý ysly sergin howasy melul eden bolsa gerek. Ejesi: - Oguljygym, aý, oguljygym! Hany, basym gel, doga okaly – diýip, öňki diýenini gaýtalady. Oglanjyk: - Häzir! Häzir! – diýip, şadyýan oýnamagyny dowam etdirişine jigap gaýtardy. Ahyry Günüň çölüň çägeligine batyp ugrandygyny gören aýal daşyny bir gyra süýşürdi-de, howla çykyp, taýçanak ýaly bimaza çagany tutdy. Ol ilki sypjak bolup urundy, ýöne ejesiniň goýbermejekdigine göz ýetirensoň, tabyn boldy. Aýal oglanjygy südenekledip kepbä eltdi-de, birden gaçyp gitmez ýaly, saklap durşuna, ýerde oturtdy. - Urunma-da, aýaklaryňy ýygnap, göni otur. Elleriňi-de gowşuryp, ýokary göter. Wah, sen ýaramaz oglanjyk! - diýdi. Oglanjyk doga okamakdan sypyp bilmejekdigini bilýärdi, şonuň üçin hem, basymrak ýene howla çykar ýaly, ýüzüni, ellerini hormat bilen asmana tutdy; inçeden ýiti ses bilen, arasyny bölüp, çalt-çaltdan doga okap başlady. - Mähriban hudaý Amon! Şu gün seniň kakamy betbagtçylykdan gorao saklandygyň, ejeme bolsa çörek bişirer ýaly un berendigiň üçin, saňa minnetdarlyk bildirýärin...Ýene näme üçin? asmany we ýeri ýaradandygyň, bize çörek getirýän Nili oňa ýollandygyň üçin. Ýene näme üçin? Hä, hawa, bilýän! Howluda şeýle gowudygy, gülleriň ösüp oturandygy, guşjagazlaryň aýdym aýdýandygy, palmalaryň süýji hurmalary getirýändigi üçin saňa ýene-de minnetdarlyk bildirýärin...Onsoňam bize peşgeş beren beýleki zatlaryň üçin...Goý, hemmeler seni edil men ýaly söýsünler hem-de mendenem gowyedip öwsünler. Sebäbi menentek kiçijik bolamsoň, maňa akylly geplemegi öwredenoklar. Dogany aýdyp boldum... Öz ýazgysynyň üstüne eglip oturan mürze: - Pis oglanjyk! Erbet oglanjyk! Seniň hudaý Amony telli-pelli şöhratlandyrmaň näme? – diýip hüňürdedi. Ýöne faraon oňa üns bermedi. Ol jadyly şarda başga bir zat gördi. Garagolluk edýän oglanjygyň doga-dilegi torgaý bolup asmana göterilişine, ganatlaryny galgadyp, barha ýokary – tä ellerini dyzlaryna goýup, öz ýaradan barlygyny synlap, pikire çümüp oturan Amonyň tagtyna çenli galdy. Doga okaýan çaganyň: „Onsoňam bize peşgeş beren beýleki zatlaryň üçin...Goý, hemmeler seni men ýaly söýsünler...“ diýen inçejik sesi pikir derýasyna gark bolup oturan hudaýyň gulagyna degenden, ýalpa gözlerini açdy we ondan jahan ýüzüne bagt nury ýaýyldy. Asman-zemin arasyny dym-dyrslyk gurşap aldy. Her hili jebir-jepalar, her hili gorky-ürküler, her hili öýke-kineler süpürilen ýaly boldy. Sykylyklap barýan peýkam howada doňup galdy; sugunyň ökjesine münen ýolbars gymyldamaz boldy; ýokary göterilen serdesse gul biçäräniň arkasyna inmedi. Hassa – çekýän ezýetini, çölde azaşan – teşneligini, bendi – zynjyryny unutdy. Gaý köşeşip, gämini ýuwutmaga taýýarlanýan deňiz tolkuny saklandy. Tutuş jahan ýüzünde şeýle bir parahatçylyk, imisalalyk höküm sürdi weli, gözýetimde gizlenen Gün ýaňadan asmana göterilip, özüniň şöhle saçýan ýüzüni görkezdi. Aýňalan faraon öz öňünde kiçijik stoly, onuň üstünde duran gara şary we golaýynda haldeý Beroesi gördi. Žres: - Meri-Amon-Ramses! Sen dogasy biribaryň tagtyna baryp ýetýän adamy tapdyňmy? – diýip sorady. Faraon: - Hawa – diýip jogap gaýtardy. - Kim ol? Knýazmy, söweşijimi ýa-da pygambermi? - Ol alty ýaşly oglanjyk. Özi-de Amondan hiç zat soramady, diňe ähli zat üçin minnetdarlyk bildirdi. - Sen onuň nirede ýaşaýandygyny-da bilýämiň? - Bilýän. Ýöne men onuň dogasynyň güýjünden peýdalanmakçy däl. Dünýä diýleni, Beroes, äpet girdap bolup, adamlar onda çägäniň zerresi ýaly aýlanýrlar; olary aýlaýanam betbagtçylyk. Çagajyk bolsa öz doga-dilegi arkaly adamlara maňa başartmaýan zady – sähel salymlyk ähli zady unutmagy hem-de rahatlygy berýär...Ähli zady unutmagy hem-de rahatlygy...Düşünýämiň, haldeý? Beros geplemedi. ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP Atir aýynyň ýigrimi biri güni, Gün dogan çagy Ürgün kölleriň kenaryndaky düşlege üç sany uly ýygnyň Liwiýa ugradylmalydygy we olaryň şäherlerde goşun bölümleri bolmalydygy barada Memfisden buýruk geldi. Müsüriň galan goşuny mirasdüşer bilen bilelikde öýe dolanyp barmalydy. Goşun bu görkezmäni şatlykly sesler bilen garşy aldy. Çöl indi olaryň ýüregine düşüp ugrapdy. Müsürden, tabyn edilen Liwiýadan daşalandygyna garamazdan, azyk ýetenokdy, howul-hara gazylan guýularda suw azalypdy, Gün ýakyp-ýandyrýardy, pos reňk çäge bolsa öýkeni, göziharaplaýardy. Esgerler ganly içgeçme, gabaklaryň howply çişmesi bilen keselläp ugrapdylar. Ramses düşlegdäki söweşijileriň sanynyň azaldylýandygy mälim etdi. Ol esgerlere adamlar bilen gödek bolmazly hem-de hiç wagtda ýeke gezmezligi tabşyryp, ýerli müsürlilerden ybarat bolan üç ýygny Liwiýa ugratdy. Uly bolmadyk goşuny galada we aýna öndürýän kärhanada galdyryp, esasy bölegini bolsa Memfise ýollady. Irden sagat dokuzda, howanyň eýýäm gyzyp ugrandygyna garamazdan, iki goşunam eýýäm ýoldady: olaryň biri – demirgazyga, beýlekisi – günorta barýardy. Şol wagt mirasdüşeriň ýanyna keramatly Mentesufis gelip: - Sen Memfise näçe çalt aşsaň, şonça gowy. Orta ýola ýeteniňizde atlary çalşarlar – diýdi. Ramses: - Diýmek, kakamyň ýagdaýy öwerlikli däl-dä? – diýip sorady. Žres baş atdy. Şa ogly harby serkerdeler bilen maslahatlaşmazdan, eýýäm berlen görkezmeleri üýtgetmezligi haýyş edip, ýolbaşçylygy Mentesufise tabşyrdy. Özi bolsa ýanyna Pentueri, Tutmosy hem-de ýigrimi sany iň gowy aziýaly atlylary alyp, Memfis sary ýola düşdi. Olar bäş sagatda orta ýolaýetdiler. Şol ýerde Mentesufisiň aýdyşy ýaly, täze atlar garaşyp duran eken. Goragçy hökmünde ýany bilen gaýdan söweşijileri çalyşdylar we Ramses az salymlyk dynç alyşdan soňra, özüniň iki hemrasy, täze gorag topary bilen ýene aňry ugrady. - Ah, meniň şum täleýim! – diýip, bezemen Tutmos sojap gepledi. – Meniň bäş günläp suw garasyny görmän ýörenim, bägül ýagynyň ysynyň nähilidigini unudanym azmydy – bir günde ýene iki tizleşdirilen ýörüş etmeli! Barmaly ýerimize baranymyzda, mysalamy gören tansçy näzeninleriň ýekejesiniňem maňa seredesiniň gelmejekdigine ynanýan. Şa ogly: - Seniň bizden nämäň artyk? – diýip sorady. - Artyk däl-de, kem. Men siz ýaly güýçli däl ahyry – diýip, Tutmos uludan dem aldy. – Sen edil giksos ýaly, at münüp ýörmäge endik eden, Pentuerem köz ýaly gyzdyrylan gylyjyň üstünde-de atly aýlanyp ýörmäge taýýar. Men bolsa şeýle gowşak... Iňrik garalyp ugranda beýik baýra çykan ýolagçylaryň gözleri ajaýyp görnüşe düşdi: olaryň alnynda Müsüriň ýaşylymtyl jülgesi uzap ýatyrdy, onuň gujagynda bolsa piramidalaryň üçburçluklary göýä gyp-gyzyl o:tlaryň hatary ýaly, ýalkym atýardylar. Piramidalaryň birneme sag tarapynda Memfisiň gögümtil tüssä dulanan pilonlarynyň depeleri-de edil oduň içinde ýaly öwşün atyp durdular. - Basymrak! Basymrak! – diýip Ramses gyssady. Aradan birneme wagt geçenden soň, olary ýene pos reňkli çöl gurşap aldy, tä ähli zat tutuk alagaraňkylykda ýitip gidýänçä piramidalaryň ulgamy-da ýene öwşün atdy. Ýolagçylar agşam derýanyň çep kenarynyň ýakasyndan baýyrlyk bilen uzap gidýän giň merhumlar ýurduna baryp ýetdiler. Şol ýerde gadymy patyşalygyň zamanynda müsürlileri bakylyga ugradypdyrlar. Elbetde, olaryň hemmesine bir göz bilen garamandyrlar: patyşalary – äpet piramidalarda, knýazlardyr welmožalary – mazarlarda, garamaýak adamlary – kepbelerde jaýlapdyrlar. Ol ýerdäki millionlarçamumyýalaryň arasynda adamlaryňky bilen birlikde, itleriň, pişikleriň guşlaryň – bir söz bilen aýdylanda, diri mahalyndaynsan üçin gadyrly bolan ähli haýwanlaryň mumyýalary-da bardy. Beýik Ramsesiň döwründe patyşalaryň we welmožalaryň gonamçylygy Fiwä göçürilipdi, piramidalar bilen goňşulykda bolsa diňe golaý-goltumdaky daýhanlary, işgärleri jaýlap ugrapdylar. Daş-töwerek pytraňňy mazarlardan doludy. Şa ogly bilen nökerleri edil kölege ýaly bolupgaýmalaşýan birnäçe adamyň üstünden bardylar. Gorag toparynyň ýolbaşçysy: - Siz kim? – diýip sorady. - Biz – faraonyň garamaýak hyzmatkärleri, öz merhumlarymyzyň ýanyndan dolanyp gelýäris. Olara birneme bägül, buza, çörek eltdik. - Siz eýle-beýle zatlar tamakin bolup, başga adamlaryň gubyrlaryna sereden bolaýmaň? - Eý, hudaýlar! – diýip, olaryň içinde biri gygyrdy. – Eýsem, biz şeýdip dini masgaralaýamaga ukyplymydyrys? Meýhanalarda ölen adamlardan alnan şaý-sepleriň hasabyna keýp çekmek üçin, merhumlary diňe azgyn fiwylylar bimaza edýärler ahyry. Goý, olaryň elleri gurasyn! Şa ogly: - Ýeri, onsoň hol ýerde, demirgazykdaky o:tlar näme boldugy? – diýip sorady. - Biziň mirasdüşerimiziň ýeňiji goşun bilen ertir dolanyp gelýändigi mälim däl bolsa, diýmek, jenap, sen uzakdan gelýän bolmaly...Beýik söweşiji! Bary-ýogy ýekeje çaknyşyk arkaly ýigrenji liwiýleriň tepbedini okady. Olar Memfisiň ýaşaýjylary, mirasdüşeri dabaraly garşylamaga çykdylar... Otuz müň adam...Baý. ses ýaňlanar-a!.. - Düşnükli – diýip, şa ogly Pentuere pyşyrdady. – Meni dabaraly garşylanmakdan mahrum etmek üçin, Mentesufis ir ugradypdyr. Ýagşy! Goý, belli bir çaka çenli göwnündäkini etsin! Atlar ýadapdylar, dem-dynç almalydy. Ramses derýadan ötmek üçin gaýyklar barada gepleşmäge birnäçe atly iberdi, özi bolsa gorag toparynyňbeýleki böleginiň daşyny gallamagynda, piramidalar bilen sfinksiň arasyndaky palmalaryň eteginde saklandy. Piramidalar çensiz uly gonamçylygyň demirgazyk çetini tutýardy. Takmynan, intedördül kilometri tutýan meýdanda köpsanly kiçi mazarlar bolup, üç sany piramida – Heopsyň, Hefreniň we Mikeriniň ajaýyp görnüşli piramidalary, şeýle-de, sfinks olaryň depesinde howalanýardy. Şol ägirt uly desgalar biri-birinden bary-ýogy birnäçe ädim daşlykdady. Üç piramida demiragzyk-gündogardan günorta-günbatara bir hatarda durdy, ondan gündogarda, Niliň golaýynda bolsa aýagynyň astynda ýerasty Gora ybadathanasy ýerleşen sfinks ýatyrdy. Piramidalar, aýratynam, ynsan zähmetinden dörän Heopsyň piramidasy özüniň ölçegi bilen akly haýran edýärdi. Ol inedördül düýpli, her tarapy tas üç ýüz elli ädimlik (iki ýüz ýigrimi ýedi metr), beýikligi otuz bäş hatardan (bir ýüz otuz ýedi metr) ybarat, ýiti burçly daşdan depe. Piramida on morga golaý golaý ýer tutýardy, onuň dört sany üçburç gyraňlary bolsa şol ýeri on ýedi morg örtüp biljekdi. Onuň gurluşygyna şeýle bir köp daş gidipdi weli, ondan adamyň boýundan beýik, galyňlygy ýarym metr, uzynlygy-da iki müň bäş ýüz metr diwar galdyryp bolardy. Mirasdüşeriň golaý adamlary guran agaçlaryň aşagynda goş ýazdyrdylar. Esgerleriň bir bölegi-hä suwuň gözlegine çykdylar, beýleki bolegi-de guradylan çörekleri çykardylar. Tutmos özüni ýere goýberip, ukyny urdy. Ramses bilen Pentuer özara gürrüň edişlerine, eýläk-beýläk aýlandylar. Aý aýdyň agşam bolansoň, bir tarapdan-a piramidalaryň äpet gabaralaryny, beýleki tarapdan hem – olaryň ýanynda kiçijik bolup görünýän sfinksiň şekilini görse bolýardy. Mirasdüşer: - Men bärde eýýäm dördünji gezek. Her sapar hem ýüregimi haýran galmak bilen gussa eýeleýär. Men ýokary mekdebiň okuwçysykam, haçandyr bir wagt tagta çykanymda Heopsyň piramidasyndan-da has gözel piramida galdyraryn diýip pikir ederdim. Beýik faraonyň öz mazarynyň gurluşygy gidýän mahalynda işçiler üçin diňe gök önüme bir müň alty ýüz talant24 sarp edendigi ýadyma düşende weli, meniň häzir öz islegimiň üstünden gülesim gelýär. Ýeri, men şonça puly, adamy nireden alardym? – diýdi. - Heopsa gözüň gitmesin, jenap! Beýleki faraonlar özlerinden soňkulara döreden gowy zatlaryny: kölleri, kanallary, ýollary, ybadathanalary, mekdepleri galdyrdylar – diýip, žres jogap gaýtardy. - Weý, heý-de, olary piramidalar bilen deňeşdirip bolarmy? - Elbetde, bolmaz. Her bir piramidanyň örän uly jenaýatdygy meniň gözüme-de, tutuş halkyň gözüne-de dürtülip dur. Olaryň iň äpedi hem - Heopsyň piramidasy... - Sen öte çişirip aýdýaň – diýip, şa ogly onuň gürrüňini kesdi. - Asla ulaldamok! Faraon özüniň mähnet mazaryny otuz ýylda gurýar; ýüz müň adam şonça wagtlap ýyl içinde üç aý bil bükýär. Ýeri, onsoň edilen şeýle agyr işden näme peýda görülýär? Ol kimiň garnyny doýurýar, kimi geýindirýar, kimiň derdine derman bolýar? Peýda görmek beýlede dursun, gaýtam her ýylda şol işde on müňden ýigrimi müňe çenli adam ölýär. Başgaça aýdylanda, Heopsyň mazary ýarym million adamyň ömrüni ýuwudýar. Dökülen gany, gözýaşy, çekilen jebir-jepany kim sanar? Şonuň üçin hem, jenap, müsürli daýhanyň günbatara – gözýetimiňýokarsynda gyzaryp ýa-da garalyp görünýän üçburç sudurly piramidalara gorky bilen seredýändigine geň galmagyn. Sebäbi olar adamlaryň çeken jebir-jepasynyň hem-de netijesiz zähmetiniň güwäsi ahyry. Tä ynsan şöhratparazlygyna şaýatlyk edýän şu piramidalar kül-uşak bolýança, hemişe şeýdip gitjek oturjakdygyna haýran galaýmaly! Ýöne olaryň haçan ýer bilen ýegsan boljakdygyny kim biler? Olar öz görnüşleri bilen bizi üç müň ýyl bäri gorkuzyp otyrlar, ýöne diwarlary weli öňküsi ýaly ýylmanak, äpet ýazgylary entegem okap bolýar. Mirasdüşer: - Şol gije çölde sen başgaça gepläpdiň – diýdi. - Men şol wagt olary öz öňümde görmändim. Indi görüp durun weli, ezýet berlen daýhanlaryň aglaşýan ruhlary meniň daşymy gallap, „Bizi nähili horlanlaryny gördüňmi? Biziňem süňklerimiz agyrydan ýaňa döwüljek bolupdy, biziňem ýüreklerimiz dynçlyk küýsäpdi“ diýşip pyşyrdaşýarlar. Žresiň beýle möwjemesi Ramsesi ynjytdy. Ol birsalym dymyp durdy. Soňra: - Meniň keramatly kakam muny maňa başgaça düşündiripdi. Ikimiz mundan bäş ýyl ozal bärde bolanymyzda, ol şeýle hekaýat aýdyp beripdi: „Faraon Tutmos Birinjiniň zamanynda tölenilmeli pajyň mukdaryny ylalaşmak üçin efiop ilçileri gelipdirler. Olar yzgytsyz halk hökmünde tanalypdyr. Efioplar uruşda bir gezek ýeňilmegiň entek hiç zat aňlatmaýandygyny, sebäbi indiki gezek ykbalyň özlerine gülüp bakyp biljekdigini aýdyp, birnäçe aýlap paç üçin çekeleşipdirler. Dana patyşa olary parahatçylykly ýol bilen aklyna aýlandyrmak isläp, özümiziň ýollarymyzy, kanallarymyzy görkezipdir. Ýöne bu olara täsir etmändir, efioplar: „Biziň ýurdumyzda suw bol, şonuň üçin hem, görenlerimiz biz üçin üýtgeşik bir zat däl“ diýipdirler. Olara ybadathanalaryň hazynalaryny görkezipdirler. Ýöne bu olara täsir etmändir, efioplar: „Biziň topragymyzda gizlenen altyndyr gymmatbaha daşlar tutuş Müsüriňkiden köp“ diýipdirler. Patyşa olaryň öňünde goşunlaryň gözden geçirilişini gurapdyr. Ýöne bu olara täsir etmändir, efioplar: „Biziň esgerlerimiz faraonyň esgerlerinden has köp“ diýipdirler. Ine, onsoň faraon olary bäri, biziň duran ýerimize getirip, piramidalary görkezipdir. Efiop ilçileri olaryň daşyndan aýlanypdyrlar, ýazgylaryokapdyrlar,ertesi günem özlerinden talap edilýän paja boýun bolup, resminama bilen tassyklapdyrlar“. - Men ilki bu hekaýatyň manysyny aňmandym – diýip, Ramses gürrüňini dowam etdirdi. – Onsoň keramatly kakam ony düşündiripdi. Ol: „Oglum, bu piramidalar – Müsüriň adaty bolmadyk kuwwatlylygynyň müdimilik şaýady. Eger haýsydyr bir adam özüne piramida galdyrmak islese, ol üýşmejik daşy üst-üstüne goýardy, birnäçe sagat geçenden soňra hem, özünden: „Bu maňa nämä gerek?“ diýip sorap, işini bes ederdi. On, ýüz, müň adam daşlary birneme köpräk ýygnardylar, tertipsiz dökerdiler, aradan birnäçe gün ötenden soňra bolsa, olar hem işlerini taşlardylar. Buişiň olara nämä geregi bar? Emma Müsür faraony, Müsür döwleti daş ýygnamak islese weli, ýüzlerçe müň adamy kowýar hem-de tä işiň soňuna ýetilýänçä, onlarça ýyllap gurýar. Sebäbi iş piramidalaryň gerek – gerekmejekdiginde däl-de, eýsem, faraonyň erk-isleginde, onuň bir aýdan sözüniň iki gezek gaýtaladylmaýandygynda“ diýipdi. Hawa, Pentuer, piramida – Heopsyň mazary däl-de, eýsem, Heopsyň erk-islegi. Şeýle erk-isleg jahan ýüzünde hiç bir patyşada bolmadyk „lepbeý“ diýýänleriň ymgyr gidenini bir ýere üýşürýär hem-de diňe hudaýlarda bolup biljek maksatlylyk, tutanýerlilik bilen amala aşyrylýar. Heniz mekdepde okaýarkam adamyň erk-isleginiň Günüň astynda ýaýylyp ýatan dünýäde uly güýçdügini, onda-da iň uly güýçdügini öwredipdiler. Emma adamyň erk-islegi diňe ýekeje daşy göterip bilýär! Diýmek, hiç bir maksatsyz, diňe göwnüniň isdleýändigi üçin, daşlary dag ýaly edip galdyran faraonyň erk-islegi gör nähili uly eken! Pentuer birden ondan: - Senem, jenap, öz güýçlüdigiňi şeýdip subut edermidiň? – diýip sorady. - Ýok – diýip, şa ogly kesgitli jogap gaýtardy. - Öz güýjüni bir gezek görkezenden soň, faraonlar merhemetli bolup bilerler...Elbetde, kimdir biri olaryň emrine garşy boljak bolmasa... Žres: „Bu ýigit bary-ýogy ýigrimi üç ýaşynda“ diýip gorkuly oýlandy. Olar derýa tarap öwrüldiler. Birsalym ikisindenem ses-üýn çykmady. Žres: - Ýat, jenap, ukyňy al! Biz uzak ýol geçdik – diýdi. Mirasdüşer: - Men nädip ýataýyn? Bir görseň-ä, meni, seniň aýdyşyň ýaly,piramidalaryň gurluşygynda heläk bolan (hamala diýersiň, şol piramidalar bolmanlygynda olar baky ýaşajak ýaly!) ýüzlerçe daýhan gurşap alýar; bir görseň-de, belki, edil häp-häzir çyragy öçüp gutaryp barýan keramatly kakam hakda oýlanýan...Daýhanlar ezýet çekýärmişin! Daýhanlar gan dökýärmişin!..Seniň Günüň howruna gyzan daşlary çekýän daýhanlaryňa garanda özüniň gymmatbaha düşeginde urnupýatan kakamyň az ezýet çekýändigine kim meni ynandyrar? Daýhanlar! Hemişe daýhanlar! Seniň üçin, keramatly ata, kimi bit gemirýän bolsa, diňe şol rehim edilmegine mynasyp. Faraonlaryň giden bir tapgyry gabra girdi, birleri agyr keselden ýogaldylar, beýlekileri öldürildiler...Emma sen olary ýatlaňok. Sen diňe özleri ýaly daýhanlary dünýä indermekden, Niliň hapa suwuny susmakdan ýa-da öz sygrynyň agzyna gysym arpa itermekden başga oňarýan goşy bolmadyk daýhanlar barada oýlanýarsyň...A meniň kakam näme? A men näme? Eýsem, meniň aýalymyň, oglumyň janlaryna kast etmedilermi? Eýsem, çölde tifonyň meniň halyma rehimi inipmidi? Eýsem, uzak ýöremekden meniň süýegim sorkuldap, süňklerim agyranokmy? Eýsem,liwiý sapançylarynyň atan daşlary meniň depämde sykylyklamanmydy? Ýa-da seniň daýhanlaryňa garanda maňa mähirli boljakdyklary barada meniň keseldir ajal bilen şertnamam barmy? Holha, beýlä seret...Aziýalylar dünýäni piňinä alman, arkaýyn uklap ýatyrlar. Men bolsa, olaryň hökümdary, dünkä ýüregim agyrýar, ertirki güne howsalaly garaşýan. Ýüz ýaşly daýhandan sorap gör: ol özüniň tutuş ömründe meniň hökümdar hem-de baş harby serkerde bolan birnäçe aýyň içinde başymdan geçiren gaýgy-hasratym ýaly gaýgy-hasrata sezewar boldumyka?.. Olaryň öňünde dura-bara geň kölege aýyl-saýyl göze ilip ugrady. Ol uzynlygy elli ädim, beýikligi üç gat ymarat bolup, gapdalynda bäş gatly diňe meňzeş täsin şekilli nämedir bir zat howalanyp otyrdy. - Ine-de, sfinks – diýip, öňki gürrüňiniň döreden ynjalyksyzlygyndan çykyp bilmän gelýän şa ogly gygyrdy. – Žresleriň söýgüli zadyna bak! Men muny gündizmi ýa-da gijemi, näçe gezek görsemem, hemişe: „Bu näme boldugy? Kime gerek zat?“ diýen sowal horlardy. Men piramidanyň nämedigine düşünýän. Kuwwatly faraon piramidalary gurmak bilen, öz güýjüni görkezmek isläpdir; belki-de, hiç bir duşman ýa-da ogry bimaza edip bilmejek ýerde – o dünýäde özüne müdimi ömri üpjün etmek isläpdir. Emma sfinkse näme diýersiň? Elbetde, ullakan akylly kelle hem-de ýolbarsyň dyrnagy žresleriň keramatly toparynyň alamaty...Ikiýüzli, biziň öz ýanynda çekirtgejikden enaýy däldigimize begenýän ýaly bolup görünýän ýigrenji but.Ne adam, ne haýwan, ne-de daş...Ýeri, onda ol näme? Näme niýet bilen edilen? Ýylgyryşyny diýsene...Piramidalaryň mizemezligine geň galyp bakýaň – ýylgyrýar, merhumlar bilen gürleşmäge barýaň – ol hem ýylgyrýar. Müsüriň meýdanlary al-ýaşyl öwüsýärmi, tifon çar tarapa o:t çabradýan ýyndam atlaryny ýollaýarmy, bendi biçäre çölde aman galmak üçin urunýarmy, Beýik Ramses ýeňlen halklara ezýet berýärmi...- onda hemmä niýetlenen mähirsiz ýylgyryş bar. Onuň alnyndan on dokuz nebere edil kölege ýaly bolup geçip gidipdir, ol bolsa ýylgyrýar...Hatda Nil gurap galsa hem, Müsür çägeleriň aşagynda ýok bolup gitse hem, ol ýylgyrardy. Eýsem, bu aýylganç, özi-de mylaýym ynsan ýüzli bolansoň, has hem aýylganç bir zat dälmidir? Hawa, ol gaýgy-hasratdan püre-pür ötegçi dünýä hiç wagtda rehim-şepagat bilen bakmandy. Pentuer: - Hökümdar, hudaýlaryň ýüzlerini ýa-da mumyýalary ýadyňa sal. Ölmez-ýitmez edilip ýaradylanlaryň hemmesi ötegçi zatlara şeýdip arkaýynlyk bilen seredýärler. Hatda baky ýurda giden adamam şeýledir – diýdi. - Hudaýlar kämahal biziň dileglerimize gulak gabardýarlar, oňa bolsa hiç zat täsir edenok – diýip, şa ogly özbaşyna gepleýän ýaly bolup aýtdy. – Ol rehim-şepagatyň nämedigini bilenok...Hemmäniň üstünden gülýär, her kimde gorky döredýär. Men hatdaöz täleýimiň geljekde nähili boljakdygyny ýa-da döwletiň kuwwatlylygyny ýaňadan nädip dikeltmelidiginiň maslahatyny onuň agzynyň gizläp saklaýandygynybilsem hem, olar barada soramaga ýürek edip bilmezdim. Men, megerem, rehimsiz arkaýynlyk bilen aýdyljak nämedir bir gorkunç zady eşiderdim. Žresleriň döreden „nusgalyk“ zady, ine, nähili! Ol adamdan elhenç, sebäbi onuň kellesi adamyňky; ol gaýadan elhenç, sebäbi onda düşnüksiz durmuş gizlenip ýatyr. Birdenem nireden çykýandygy belli bolmadyk nalyşly ses eşidildi. - Sfinks aýdym aýdýan-a däldir-dä? – diýip, şa ogly geň galyp sorady. - Bu sesler onuň ýerasty ybadathanasyndan çykýar. Ýöne olaryň beýle bimahal çak doga okamalary nämekä? – diýip, žres jogap gaýtardy. - Sen gowusy eger hiç kim eşitmeýän bolsa, olaryň asla nämüçin doga okaýandyklaryny sorasana. Pentuer-ä aýdym sesi eşidilýän ýere ýöneldi, şa ogly bolsa daşyň üstünde ornaşdy-da, ellerini arkasyna tutup, kellesini gaýşardyp, sfinksiň aýylganç ýüzüne syn etmäge oturdy. Garaňkylyk ony doňup durmadan oýaryp, jan berensoň, Ramses syrly keşbi aýyl-saýyl görýärdi. Şa ogly şol ýüze näçe içgin syn etdigiçe, özüniň öňden ters pikirli bolandygyny, sfinksi halamazlygynyň nädogry ekendigini has güýçli duýdy. Sfinksiň ýüzünde ýowuzlyk ýokdy – ol ykbala kaýyllygy aňladýardy; onuň ýylgyryşy-da ýaňsyla garanda, gussaly ýaly bolup görünýärdi. Ol ynsanyň ejizliginiň, ýaşaýşynyň hemişelik däldiginiň üstünden gülmek-hä beýlede dursun, asla olary görmeýän ýalydy. Onuň röwşen, ýokary dikilen gözleri Niliň aňyrsyna, adamyň nazaryndan gizlenen ýurtlara seredýärdi. Ol assiriý monarhiýasynyň howp döredýän güýçlenmesini ýa-da finikiýleriň ýüregedüşgünç gaýda-gaýmalaşygyny nazaryndan sypdyrman durmuka? Gresiýanyň dörejegini ýa-da Iordanyň kenarlaryna süýşüp gelýän ahwalatlary öňden duýdumyka?..Bu zatlary biljek kimdir? Ramses bir zady – sfinksiň adatdan daşary jandara laýykatly asuda ýylgyrma bilen seredýändigini, oýlanýandygyny hem-de ýola garap, nämedir bir zada garaşýandygyny ynamly aýdyp biljekdi. Şol nämedir bir zat gözýetimde peýda boldugy, sfinks ýerinden galaga-da, ony garşy almaga ugrajak ýalydy. Gelmeli zat nämekä? Haçan gelmelikä?Onuň syry-da, çözgüdi-de Müdimiligiň ýüzünde aýdyň görnüp durdy. Ýöne ol duýdansyz bolup geçmeli, sebäbi sfinks gözlerini birjigem ýumanok, şo-ol ýola seredip dur, ýola seredip dur... Şol wagt Pentuer žresleriň gamgyn aýdymy eşidilýän penjiräni tapdy: Birinji hor: „Her ýylyň başynda, irden asmanyň aýtymyndaSotisiň25doguşy deýin, senemmisli Isida26 gal ýeriňden, nurana ýüzli!“. Ikinji hor:„Hudaý Amon-Ra27meniň hem sag elimdi, hem sol elimdi. Ol tutuş dünýäniň üstünden agalyk etmegi maňa tabşyrdy hem-de öz duşmanlarymy dyza çökermäge hemaýat etdi“. Birinji hor:„Sen entek balajadyň, örülen saçlyjadyň28,emma seniň emriň bolmasa, Müsürde çöp başy gymyldanokdy, gurulýan ymaratyň ýekeje daşy-da sensiz goýlanokdy“. Ikinji hor:“Men seniň ýanyňa geldim, eý, hudaýlaryň hökümdary, beýik hudaý, Günüň jenaby. Günüň dogup, meniňoňa meňzeş bioljakdygymy Tum29wada berýär, meniň Osirisiň tagtyny alyp, onuň bilen müdimilik ömür sürjegimi bolsa Nil wada berýär“. Birinji hor: „Sen, iki dünýäniň hökümdary, Ra-Meri-Amon-Ramses, hudaýlaryň hormat goýýan dünýäsine dolanyp geldiň. Saňa müdimilik patyşalygy wada berýän. Patyşalar seniň ýanyňa gelip, saňa tagzym ederler“. Ikinji hor: „Eý, sen, Osiris-Ramses! Hudaý aýal Nutuň dünýä indereni, asmanyň baky ýaşaýan ogly. Goý, eneň seni asmanyň syry bilen dolasyn, goý,seniň hudaý bolmagyňy emir etsin! Sen, sen, eý, Osiris-Ramses!“30. Pentuer:„Diýmek, keramatly hökümdar eýýäm ýogalypdyr-da“ diýip oýlandy. Ol penjireden aýryldy-da, arzuw-hyýala gark bolup oturan mirasdüşeriň ýanyna geldi. Žres onuň alnynda ýüzin düşüp ýatdy-da: - Saňa salam bolsun, faraon, dünýäniň hökümdary! – diýip, batly ses bilen aýtdy. Şa ogly ýerinden laňňa galyp: - Sen näme diýýäň? – diýip gygyrdy. - Goý, ýeke-täk hem-de gudraty çäksiz hudaý saňa – danalyk, seniň halkyňa bolsa – güýç bilen bagt ýollasyn! - Hany, gal ýeriňden, Pentuer! Diýmek...diýmek men... Ramses birden žresiň egninden ebşitläp tutaga-da, ony sfinkse öwürdi. - Oňa seret! Äpet jandaryň ne ýüzünde, ne-de tutuş sypatynda üýtgeşiklik bardy. Bir faraon bakylygyň işiginden ätledi, beýlekisi Gün ýaly bolup dogdy, hudaýyň ýa-da elhenç haýwanyň tutuk ýüzi bolsa ozal nähili bolan bolsa, şonlugyna-da galdy. Dodaklarynda – Zemin ýüzündäki hökmürowanlygy hem-de şan-şöhratyýaňsylaýan mylaýym gülümjireme, seredişinde – gelmeli, ýöne haçan gelmelidigi belli bolmadyk nämedir bir zada garaşma. Ýollanan adamlaryň ikisi-de ötülmeli ýerden dolanyp geldiler we gaýyklaryň basym taýýar boljakdygyny habar berdiler. Pentuer palmalara tarap ýönelişine: - Turuň! Oýanyň! –diýip gygyrdy. Ukusyna sak aziýalylar derrew atylyp galyp, atlaryny eýerläp başladylar. Tutmos-da, pallap ýerinden turdy. - Bäý-bä, sowukdygyny! Uky diýilýäni şeýle gowy zat. Az-owlak ymyzganyp, gözümiň awusyny aldym seli, indi diňe Ürgün köller bolmasa bolýar, jahanyň aýak ujuna-da gitmäge taýýar. Eý-how! Men çakyryň tagamyny bireýýäm unutdym, göwnüme bolmasa, ellerimi-de şagalyň penjesi ýaly, tüý tutup barýan ýaly. Köşge çenli bolsa ýene azyndan iki sagat ýöremeli. Daýhanlaryňky hezil: işýakmazlar arkaýyn ýatyp-yurýarlar, öz bedeniniň arassalygy barada asla alada edenoklar, tä aýallary arpagaýnadylan suwyöňünde goýýança, işlemäge-de gitjek gümany ýok. Men bolsa, uly jenap halyma, göýä jenaýatçy ýaly bolup, çölde ýanym bir ýuwdum suwsuz kaňkap ýörmeli – diýip hüňürdedi. Atlar taýýar edildi. Ramses öz bedewine atlandy. Şol wagt onuň ýanyna Pentuer gelip, hökümdaryň atynyň uýanyndan tutdy-da, özi pyýadalap, alyp gaýtdy. Muňa geň galan Tutmos: - Bu näme boldugy? – diýip sorady. Ýöne şobada nämäniň-nämedigine düşündi-de, ylgap baryp, Ramsesiň atynyň uýanynyň beýleki tarapyndan tutdy. Adamlaryň hemmesi žresiň özüni alyp barşyna geň galyp, ýöne nähilidir juda ähmiýetli bir zadyň bolup geçendigini aňyp, seslerini çykarman barýardylar. Ahyry çölüň çetine çykyldy we ýolagçylaryň öňünde meýdanlaryň arasyndaky ýol agaryp göründi. Ramses: - Atlanmaly! Gyssanmaly! – diýip buýurdy. Pentuer: - Onuň hormatlysy atlanmagy emir etdi! – diýip gygyrdy. Hemmeler doňup galdylar. Tutmos bolsa ellerini gylyjyna ýetirip: - Biziň gudraty çäksiz, merhemetli hökümdarymyz, faraon Ramses, goý, baky ýaşasyn! – diýip gygyrdy. Aziýalylar ýaraglaryny şakyrdadyşyp: - Goý, baky ýaşasyn! – diýip alyp göterdiler. Hökümdar: - Sag boluň, meniň wepaly esgerlerim! – diýip jogap gaýtardy. Sähel salymdan atlylar eýýäm öňe – derýä tarap eňip barýardylar. Ikinji kitabyň soňy. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |