11:32 Faraon -2: romanyň dowamy | |
IKINJI BAP Sarpasy belent Herihor derrew ýelpewaç göterip gelýän kömekçisine Ennananyň ýerine gorag toparyna ýolbaşçylygy kabul edip almagy tabşyrdy. Soňra daş zyňyjy ulaglary uly ýoldan sowup jülgä öwürmegi we grek esgerleriniň olara kyn ýerden geçmäge kömek etmelidigini buýurdy. Nökerleriň arasyndaky serkerdeleriň söweş arabalary we kejebelerii iň soňundan ýola düşmelidi. Herihor buýruk berýän mahaly onuň eli ýelpewaçly kömekçisi mürze Pentueriň ýanyna baryp: - Indi dagy-duwara uly ýoldan geçmejekdigimiz belli boldy!.. -diýdi. - O nämüçin? – diýip, ýaş žres garşy çykdy. – Ýöne häzir, iki sany keramatly tomzak biziň ýolumyzy kesip geçensoň, ony dowam etdirmek mümkin däl. Betbagtçylyk ýüze çykmagy mümkin. - Weý, ol tomzaksyzam bolup geçdi ahyry! Şa ogly Ramsesiň harby hökümet agzasyna gaharlanandygyny özüň gördüň-ä. Biziň jenabymyz bolsa beýle zatlary unudýanlardan däl... - Şa ogly biziň jenabymyza gaharlanmady-da, eýsem, biziň jenabymyz oňa kimiň kimdigini ýatlatdy. Özi-de dogry etdi. Ýogsam ýaş mirasdüşer eýýämden özüniň ikinji Menes boljakdygyna ynanyp ýör. - Hut Beýik Ramsesiň özi boljakdygynamy?.. – diýip, kömekçi eşidenini anyklamakçy bolup sorady. - Beýik Ramses hudaýlara tabyn boldy, şonuň üçin hem, ybadathanalaryň hemmesinde onuň şanyna öwgüli sözler bar. Müsüriň ilkinji patyşasy bolan Menes bolsa köne düzgünleriň soňuna suw çaýkady. Ol öz adynyň unudylmandygy üçin diňe žresleriň ata geçirimliligine minnetdar bolmalydyr... Ýöne, şeýle-de bolsa, özüm-ä ir eýýamda ýaşap öten Menesiň mumyýasynyň galandygyna ýekeje mis debeni-de14 orta goýup jedel etmezdim. Bireýýäm dargap gidendir... Kömekçi: - Gadyrly Pentuer, sen akylly adam bolaňsoň, özümiziň on jenabymyz barmy ýa-da on bir jenabymyz barmy – munuň bize barybirdigine düşünýänsiň...- diýdi. - Emma özüniň her ýyl žresler üçin – bir dag ýaly altyn, ýa-da hem-ä žresler hem-de faraonlar üçin – iki dag ýaly altyn çykarmalydygy halka barybir däl – diýip, gözleri gazaply garaýan Pentuer oňa garşy boldy. Kömekçi: - Seniň kelläňde howply pikirler bar – diýip pyşyrdap aýtdy. - A seniň özüň faraondyr nomarhlaryň zynatly köşklerine telim gezek aklyň haýran bolup bakaňokmy? - Ýuwaş...ýuwaş!...Biz bu barada soňra gürrüň ederis...häzir däl... Çägelikdigine bakmazdan, jüp öküz goşulan daş zyňyjy ulaglar çöllük jülgeden uly ýola garanda çalt tigirlenip barýardylar. Olaryň öňdäkisiniň ýanyndan harby hökümet agzasynyň özüni gorag toparyna ýolbaşçylyk etmekden näme üçin boşadandygy baradaky pikir bimaza edýän Ennana barýardy. Ol haýsydyr bir has ýokary ýere belleniljek däldir-dä hernä? Ine, onsoň kalbyny hoşroý duýgy gurşap, belki hem, özüni biynjalyk edýän gorkyny basmak isläp, ol eline syryk aldy-da, duşýan çuň çägelik ýerlerden daş zyňyjy ulaglary geçirmeklerini talap edip, ala-goh bolup grekleri gyssap ugrady. Ýöne olar Ennana onçakly üns berenokdylar. Hatar eýýäm ýarym sagat bäri ýalazy kert gaýaly egrem-bugram jülge bilen süýşüp barýardy. Birden alynky topar saklandy. Şol ýerde jülge başga bir jülge bilen kesişip, onuň düýbünden örän inli nowhana geçýärdi. Duýdansyz ýüze çykan päsgelçiligi harby hökümet agzasyna habar bermek üçin ýollanan çapar nowhanany gyssagly gömmek baradaky buýruk bilen dolanyp geldi. Ýüzlerçe grek söweşijileri elleri külüňdir pilli işe başladylar. Olaryň bir bölegi daş harsaňlary döwse, beýleki bölegi daşlary aşak oklap, çäge bilen gömýärdi. Edil şol wagt jülgäniň jümmüşinden bir adam çykdy; onuň elinde çüňk şekilli ýiti ýüzli, leglegiň boýnuna meňzeş kätmen bardy. Ol müsürli ýaşuly daýhandy. Özi-de çuw-ýalaňaçdy. Söweşijileriň işine birsalym akly haýran bolup seredip durdy. Birdenem eli külüňli olaryň üstüne okduryldy. - Edýäniňiz näme, hudaýsyzlar diýse? Bu nowhana ahyry!.. Bäri gelip ýetişen Ennana: - A sen onuň keramatlysynyň esgerlerini kemsitmäge neneň het edip bilýäň? – diýip oňa herreldi. Daýhan: - Seniň özüň-ä müsürli ýaly, üstesine-de ýolbaşça meňzeýäň. Men saňa şuny aýdaýyn: bu nowhana hökümi zor jenaba degişli. Ol juda hormatly memfisli nomarhyň depesinde ýelpewaç göterýän adamyň mürzesiniň dolandyryjysy bolup gulluk edýär. Birden betbagtçyklyga giriftar bolaýmaň - diýdi. - Hany, işiňiz bilen boluň! – diýip, Ennana daýhana bilesigelijilik bilen seredişýän grek esgerlerine azgyryldy. Olar daýhanyň diline düşünenokdylar-da, hereketi haýran galdyrypdy. - Bular gömmeklerini dowam edýärler! – diýip, daýhan barha güýjeýän gahar-gazap bilen gygyrdy. – Bela duçar bolarsyňyz siz, itler! Ol özüne erk edip bilmän, esgerleriň biriniň üstüne kätmenli topuldy. Grek kätmeni daýhanyň elinden gaňryp alaga-da, onuň agzyna batly ýelmedi. Soňra ýene aşak çäge oklap ugrady. Özüne el galdyrylanyna geň galyp, agzynyň ganyny sarkdyryp oturan daýhan ýalbaryp ugrady: - Hoşgöwün jenap! Men bu nowhanany on ýyllap, gijäni gündiz edip, baýramçylygyň-beýlekiniň nämedigini bilmän, özüm, öz ellerim bilen gazdym! Eger men suwy käle eltip bilsem, biziň jenabymyz nowhananyň boýundan ýer bölüp berjekdigini, hasylyň bäşden bir bölegini aljakdygymy hem-de erkinlige çykarjakdygyny wada berdi...Eşidýäňizmi?.. Maňa hem-de üç çagama erkinlik!..Eý,hudaýlar!..- Ol ellerini göterdi we ýene Ennana ýüzlendi: - Bular, deňziň aňyrsyndan gelen sakgallak peläketler, it nesli, finikiýalylaryň, jöhitleriň doganlary maňa düşünenoklar! Ýöne sen, jenap, meni diňle...Men on ýyllap – beýlekiler bazara gidip, toý-meýlisde tans edip göwün açýarkalar, ýas dessurlaryny berjaý kylýarkalar – şu ýere, şu çola jülgä gatnadym. Ejemiň mazaryna gitmegimi goýdum – meniň şol gazyp ýörşümdi, gazyp ýörşümdi...Merhumlary ýatdan çykardym, bolmanda ölmezimden ýekeje gün ozal balalaryma erkinligi, bir bölejik ýeri gazansam...Eý, hudaýlar, maňa şaýat bolaweriň: men bärde näçe gezek gijä üstümi basdyrdym! Men bärde näçe gezek syrtlanlaryň iniňi tikenekledýän çakyr sesini eşitdim, näçe gezek möjekleriň sowuk gök gözlerini gördüm! Ýöne men olardan gaçmadym: her bir ýodajykda her hili elhençlikler ädimimi sanap ýörkä, erkinlik bolsa aýaklarymdan aslyşýarka, men biçäre nirä gaçaýyn?..Bir gezek şu gaýanyň aňyrsyndan ähli haýwanyň faraony bolan äpet ýolbars çykyp, maňa tarap ýöneldi. Kätmen elimden gaçdy. Men onuň alnynda dyza çöküp, „Jenap! Meniň halyma rehim etmezmiň? Men bir biçäre gul ahyry!“ diýip ýalbaryp ugradym. Ýyrtyjy diýjeksiň, ýöne ýolbarsyň maňa rehimi indi. Möjekler deňimden aýlanyp geçdiler. Hatda ýarganatlaram meni gaýgyrdylar. Sen bolsa müsürli... Daýhan Herihoryň golaýlap gelýän kejebesini we nökerlerini görüp, sesini kesdi. Ýelpewajy we egninden üstaşyr oklanan babyryň derisini gören daýhan onuň agramly adamdygyny aňdy. „Žres bolaýmagam ähtimal“ diýip oýlandy. Ol ylgap baryp, tagzym edip, Ýere çenli ýapyryldy. Harby hökümet agzasy: - Saňa näme gerek garry? – diýip sorady. Daýhan: - „Günüň çyragy, meni diňle! – diýip, umytly seslendi. - Goý, seniň köşgüňde iňňildi eşidilmesin, betbagtçylyk saňa golaýlaşmasyn! Goý, hemişe seniň edeniň oňuna bolsun, Niliň üstünden geçeniňde seni akym alyp gitmesin!..“ Harby hökümet agzasy: - Men senden näme isleýäniňi soraýan – diýdi. Daýhan sözüni dowam etdirdi: - „Hoşgöwün jenap! Gedemligi bilmeýän, ýalany ýeňýän, haýyr işleriň sakasynda duran, öňbaşçy...Gedaýyň atasy, dul aýalyň ýassykdaşy, mekansyz enäniň öýi. Ýurtda kanunyň arşa göterilişi ýaly, maňa seniň adyňy-da arşa götermäge ejaza ber. Meniň agzymdan çykýan sözleri diňlemegi özüňe kiçilik bilme...Meni diňle-de, adalatlylyk et, eý, asyllylaryň asyllysy...“15 Ennana: - Ol bu nowhanany gömmezligi haýyş edýär – diýip düşündirdi. Harby hökümet agzasy egnini ýygyrdy we paýapyl edilýän nowhana tarap ugrady. Göwnüçökgün haldaky daýhan onuň aýaklaryny gujaklady. Harby hökümet agzasy ýylan çakan ýaly bolup, yza serpildi-de: - Munuň gümüni çekseňizläň! – diýip gygyrdy. Mürze Pentuer yzyna öwrüldi; onuň terzi bozulypdy. Ennana bolsa daýhanyň üstüne topuldy-da, ýeňsesinden baryp, biçäräni bogup ugrady. Ýöne ony harby hökümet agzasynyň aýagyndan aýryp bilmänsoň, esgerleri kömege çagyrmaly boldy. Herihor-a sähel salymdan nowhananyň beýleki tarapyna geçdi, esgerler-de daýhanyň aýagyny ýerden üzüp diýen ýaly, hataryň iň aňry çetine südenekledip äkitdiler we birnäçe ýumruk çaldylar. Hemişe ýanlarynda çybyk göterip ýören serkerdelerem ony ýagşy saýgylap, jülgäniň gädigine taşladylar. Ýenjilen, gana boýalan, iň esasy hem, gorkan biçäre çägä bulaşyp, birsalym sesini çykarman oturdy. Soňra gözlerini süpürdi-de, zöwwe ýerinden galyp, töweregi agyly ses bilen ýaňlandyryp, uly ýola ylgady: - Meni ýuwutsana,Ýer!..Ýagty jahany gören günüme, „Adam doguldy“ diýlen gijä nälet bolsun! Adalatyň ýapynjasynda gullar üçin gyýkyndy-da ýokdur. Eli diňe işlemek, gözi diňe aglamak, arkasy diňe ýenjilmek üçin ýaradylan mahluga hudaýlaram seredýän däldir. Eý, ajal! Ol ýerde hem – Osirisiň meýdanynda16 hem ýaňadan gul bolup dogulmaz ýaly, meniň bedenimi jesede öwür... ÜÇÜNJI BAP Tutmos bilen tirkeşip barýan şa ogly Ramses kert ýere zordan çykdy. Ol gahar-gazapdan ýaňa süňňüni saklap bilenokdy. Bezemen ýigidiň ýasama saçy bir gapdala gyşarypdy, ýasama sakgaly gaçansoň, ony eline alyp barýardy. Ol ýadawdy, eger gat-gat çalnan al-gyrmyzy reňk bolmanlygynda, ýüzi ak ýuha bolup görünerdi. Ahyry mirasdüşer baýryň depesinde aýak çekdi. Jülgeden esgerleriň goh-galmagaly we ýöräp barýan daş zyňyjy ulaglaryň şakyrdysy eşidilýärdi. Olaryň alnynda henizem Günüň şuglasyna gark bolup oturan Goşen topragy ýaýylyp ýatyrdy. Ol Ýer däl-de, eýsem, arzuw-hyýalyň zümerretden, kümüşden, lagyldan, dürden we topazdan göl salyp dokan manzaryna – altynsow buluda meňzeýärdi. Tagtyň mirasdüşeri elini öňe uzadyp, Tutmosa ýüzlendi: - Seret, hol ýerde-hä meniň topragym, bärde-de meniň goşunym...Aňyrdaky howalanyp oturan ymaratlar – žresleriň köşkleri, bärde-de žres meniň goşunyma ýolbaşçylyk edýär...Heý, şu zatlara çydap bolarmy? Tutmos töwerege gorkuly nazar aýlap: - Hemişe şeýle bolupdy – diýdi. - Ýalan! Men bu ýurduň taryhyny sizden gowy bilýän. Ýurduň harby ýolbaşçylary-da, ýokary hökümdarlary-da hemişe diňe faraonlar, juda bolmanda, olaryň iň gujurlylary bolupdyr. Şol hökümdarlaryň güni sadaka bermek, doga okamak bilen däl-de, döwleti dolandyrmak bilen geçipdir. - Ýöne eger patyşanyň erk-islegi şeýle bolsa...-diýip, Tutmos gürrüňi ýuwmarlajak boldy. - Meniň kakamyň erk-islegi asla nomarhlaryň öz ýerlerini näz-minnet bilen dolandyrmagynda, Efiopiýanyň häkiminiňem tas Iki ýurduň-da17 hökümdaryna deň saýylmagynda däldir. Şeýle-de, müsür goşunynyň iki sany tomzakdan gaçmagynda däldir, sebäbi biziň harby hökümet agzamyz – žres. - Ol at-owazaly harby serkerde ahyry... – diýip, ýüregi ýarylara gelen Tutmos pyşyrdady. - Ondanam bir harby serkerde bolarmy-aý! Müsür esgerlerine gözi kakylyşandan ökje göterýän bir bölek liwiýaly galtamany ýeňdi diýmeseň, başga bitiren goşy barmy näme? Biziň goňşularymyzyň özlerini alyp baryşlaryny bir gör-ä: jöhitler paç tölemeklerini gowşadyp, ony barha azaldyp ugradylar; mekir finikiýalylar her ýyl biziň harby gämilerimiziň ýygynyndan birnäçe gämini alyp gidýärler; hettleriň garşysyna gündogarda ymgyr goşun saklamaly bolýarys; Babyldyr Ninewiýada bolsa hereket tutaşyp, tutuş Mesopotamiýada goldaw tapýar. Ynha-da, ýurdy žresleriň dolandyrmagynyň netijesi: meniň garry atamyň ýylda ýüz müň talant18 girdejisi, bir ýüz altmyş müň adamly goşuny bolan bolsa, kakamyňky bary-ýogy elli müň talant hem-de bir ýüz ýigrimi müň adamly goşun. Özi-de diňe ady goşun! Eger grek goşun birikmesi ony itiň goýun sürüsini goraýşy ýaly goramanlygynda, müsür esgerlerine bireýýäm žresler ýolbaşçylyk ederdiler, faraon bolsa diňe ejiz nomarh bolup galardy. - Sen muny nireden bilýäň? Sende beýle pikirler nireden peýda boldy? – duýip, Tutmos geň galyp sorady. - Sebäbi meniň özüm žresler neslinden. Muny maňa entek tagtyň mirasdüşeri dälkäm şolar öwredipdiler. Wah, kakam ýogalyp ( goý, ol baky ýaşasyn! ), ýerine faraon bolaýsam, etjegimi bilýän-le: aýagyma geýen bürünç sandalymyň ökjesini olaryň boýnuna goýaryn! Ýöne ilki olaryň hemişe agzy-burny bilen doly, Beýik Ramses zamanynda has-da çişen hazynalaryny ellerinden gaňryp alaryn. Olaryň hazynasy häzir şeýlebir baý weli, hatda faraonyň gaznasynyň-da onuň bilen deňleşip biljek gümany ýok. - Dat biziň günümize! – diýip, Tutmos uludan dem aldy. – Seniň şeýle bir pikirleriň bar weli, eger eşidip, düşünip bilenliginde, hol baýyr onuň agyrlygyna tap getirip bilmän aşak çökerdi. A seniň güýjüň hany? Kömekçileriň hany? Esgerleriň hany?.. Kuwwatly toparyň öňbaşçylygynda tutuş halk seniň garşyňa galkar. Seniň tarapyňda kim durjakmyşyn? Şa ogly pikire çümdi. Ahyry: - Meni goşun goldar – diýdi. - Onuň agramly bölegi žresleriň yzyna eýerer. - Grekleriň goşun birikmesi. - Ol Nildäki bir çelek suw ahyry. - Emeldarlar. - Olaryň ýarysy žres gatlagyndan çykan. Ramses gussaly baş ýaýkady-da, dymdy. Olar ýalazy daşlyk ýapgytdan käle indiler. Birdenem sähel öňden barýan Tutmos: - Bu meniň gözüme görünýän-ä däldir-dä hernä? Seret, Ramses, bu gaýalaryň arasynda ikinji Müsür gizlenip oturan eken-ä! – diýip gygyrdy. Mirasdüşer: - Aý, salgyt tölemeýän haýsydyr bir žresiň mülküdir-dä – diýip, gussaly jogap gaýtardy. Olaryň aýagynyň astynda, hol aşakda bereketli toprakly jülge ýatyrdy. Ol çarşak şekilli bolup, dişleri gaýalarda ýitip gidýärdi. Olaryň biriniň ýakasynda işçileriň birnäçe külbeleri, ýa-ha hojaýynyň, ýa-da dolandyryjynyň owadan öýjagazy bardy. Ol ýerde palmalar, üzüm, zeýtun, injir, serwi agaçlary, hatda ýaşajyk baobablar ösüp otyrdy. Agaçlaryň ortasyndan suw akyp ýatyrdy, biri-birinden birnäçe ädim daşlykdaky daglaryň eňňitlerinde bolsa çaklaň böwetler goýlupdyr. Ikisi bişen miweleri ýaldyr-ýaldyr, buldur-buldur üzümçilige inenlerinde kimdir birini çagyrýan, has dogrusy, gussaly hiňlenýän aýal sesini eşitdiler: - Sen nirede, meniň towujagym? Seslen! Sen nirede, meniň mähribanym? Sen nämüçin menden gaçdyň? Eýsem, men saňa arassa suw beremokmy, saýlama däneler bilen öz elimden iýmlämokmy – hatda muňa gullaryň-da gözi gidýär-ä! Sen nirede? Seslen ahyry! Ägä bol, gije duýdansyz üstüňi basar-da, hemmäniň seňi alada edýän ýerine – öýe eltýän ýoly tapmarsyň. Ýa-da çölden çypar gyrgy geler-de, seniň ýürejigiňi parçalar. Meniň häzir seni çagyryşym ýaly, senem şonda meni çagyrarsyň, ýöne giç bolar...Ses ber, ýogsam men gaharlanaryn-da, giderin, onsoň öýe özüň pyýadalap aşmaly bolarsyň... Hiňlenme barha golaýlaýardy. Aýdymçy gyz bilen ötegçileriň arasynda birnäçe ädim galanda, Tutmos agaçlaryň arasyndan jyklap: - Näzenine seret, Ramses! – diýdi. Şa ogly gyza seretmegiň deregine ýodajyga ylgap çykdy. Ol, hakykatdanam, ýüzünde ähli zady ýerbe-ýer, piliň gyýagynyň reňkindäki bedenli görmegeý gyzdy. Onuň boglan uzyn gara saçy ýeňiljek ýaglygynyň aşagyndan çogup çykyp durdy. Gyzyň egninde ýeňiljek, sallanyp duran ýumşak epinli ak hiton19 bolup, onuň bir tarapyny eli bilen saklaýardy; aňyrsy görnüp duran matanyň astynda gyzyň göwsi göýä goşa alma ýaly bolup, özüni güjeňleýärdi. Ramses: - Sen kim, gyz? – diýip sorady. Onuň çytylyp duran maňlaýyndaky gahar-gazabyň döreden ýygyrtlary aýrylypdy, gözleri ýanyp durdy. Gorkup ädimini togtadan gyz: - Waý, Ýahwe20! Kaka! – diýip gygyrdy. Ol birsalymdan köşeşdi we mähirli gözlerine mylaýym gussa aralaşdy. - Sen bäri nädip düşdüň? – diýip, ol sähel endireýän ses bilen Ramsesden sorady. – Göräýmäge özüň-ä esger ýaly. Esgerlere bolsa bärik gelmek bolmaýar. - O nämüçin bolmaýarmyşyn? - Sebäbi bu ýer beýik jenap Sezofrisiňki. - Eý-how! – diýip Ramses güldi. - Gülen bolma, ýogsam häzir reňkiň çuw-ak bolar. Jenap Sezofris Memfisiň sarpasy belent nomarhynyň ýelpewajyny göterýän jenap Haýresiň mürzesi bolup hyzmat edýär. Meniň kakam ony gören mahaly alnynda dyza çöküp, tagzym etdi. Ramses gülküsini kesmän durşuna: - Eý-how! – diýip gaýtalady. Gyz gaşlaryny çytyp: - Seniň özüňi alyp barşyň gödek! Eger ýüzüňde mähir bolmanlygynda, men seni ýa-ha hakyna tutulan greksiň, ýa-da garakçysyň öýderdim – diýdi. - Ol entek garakçy däl, ýöne iru-giç owal-ahyrda Ýer göteren garakçylaryň iň tanymaly bolaýsa gerek – diýip, Tutmos ýasama saçyny düzläp durşuna gürrüňe goşuldy. Ýüregi ýerine gelen gyz: - Sen-ä tansçy bolaýsaň gerek? Hä-ä! Seni Pi-Bailosyň bazarynda görendigimi magat bilýän. Ýylanlary owsunlan sen dälmidiň näme? – diýdi. Ýigitleriň keýpi göterildi. Ramses: - Ýeri, onsoň seniň özüň kim? – diýip sorady-da, onuň elinden tutmakçy boldy. Ýöne gyz onuň elini iterip goýberdi. - Sen neneň het edip bilýäň? Men – Sarra, bu mülküň dolandyryjysy Gedeonyň gyzy. Ramsesiň ýüzüne kölege indi. - Jöhitmiň? - Bolanda näme? Bolanda näme? – diýip Tutmos batly gepledi. – Sen jöhit gyzlar müsür gyzlaryça ýokdur öýdýämiň? Olar asylly hem özlerine berk – ine, şu häsiýetem jöhit gyzlarynyň söýgüsini aýratyn mähirli edýär. - Siz asyl butparazmy? – diýip, Sarra buýsançly gepledi. – Eger ýadan bolsaňyz, dynç alyp bilersiňiz; üzüm ýolup iýiň-de, soňra ýoluňyz bilen boluň. Biziň işgärlerimiz beýle myhmanlara begenýän däldir. Ol gitmek üçin yzyna öwrüldi, ýöne Ramses ony saklady. - Dur. Sen maňa ýaradyň, şonuň üçin hem, öz ýanymdan gitmegiňi islämok. - Seni al-arwah eýelän däldir-dä hernä? Bu jülgede meniň bilen şeýle gepleşmäge ýekeje adamam ýürek edip bilmezdi – diýip Sarra gaharlandy. - Bilýäňmi näme, bu ýigit Ptahanyň žreslerden ybarat uly ýygynynyň serkerdesi. Özi hem nomarh Habunyň depesinde ýelpewaç göterýäniň depesinde ýelpewaç göterýän jenabyň mürzesiniň mürzesi bolup gulluk edýär. - Men onuň serkerdedigini aňýan – diýip, Sarra Ramsese pikirli seredip durşuna jogap gaýtardy. Soňra barmagyny dodagyna goýup, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - A, belki-de, bu has uly jenapdyr? - Men kim bolanymda hem, seniň gözelligiň meniň tanymallygymdan rüstem gelýär – diýip Ramses batly gepledi. – Ýöne sen bir zady aýt: siziň... siziň doňuz iýýäniňiz çynmy? Sarra oňa öýkeli seretdi. Tutmos: - Seniň jöhit gyzlaryna belet däldigiň belli boldy. Jöhit doňzuň etini iýenden ölenini gowy görer. Emma welin, men-ä şonuň etini şeýle bir ýamandyram öýdemok - diýdi. - A siz pişik öldürýäňizmi? – diýip, Ramses Sarranyň elinden tutup we göni gözüne seredip durşuna soramagyny dowam etdirdi. - Bu hem toslama, özi-de gabahat toslama – diýip Tutmos seslendi. – Sen biderek zatlary samahyllap durman, olary menden sorasaňam bolardy. Meniň üç sany jöhit zenan oýnaşym bolupdy. - Sen ozal dogry gepläp durduň weli, häzir-ä jypdyrýaň – diýip Sarra gaharly aýtdy. Soňra buýsanç bilen sözüniň üstüni ýetirdi: - Jöhit zenanlary hiç kimiň oýnaşy bolmaz! - Hatda memfisli nomarhyň depesinde ýelpewaç göterýän jenabyň mürzesiniňem oýnaşy bolmazmy? - diýip, Tutmos ýaňsyly sorady. - Hatda şonuňkam... - Hatda ýelpewaç göterýän jenabyňam oýnaşy bolmazmy? - Hatda şonuňkam... Onuň elleri aşak sallandy. Gyz kä ol, kä beýleki ýigide aljyraňňy nazar aýlady. Onuň dodaklary titreýärdi, gözleri ýaşa dolupdy. - Siz kim? – diýip, ol gorkuly sorady. – Siz teşneligini, açlygyny gandyrmak isleýän ýolagçylar ýaly dagdan inip, bäri geldiňiz. Meniň bilen bolsa ketde jenaplar ýaly gürleşýäňiz. Siz kim?.. - Ol Ramsese tarap öwrüldi. – Seniň gylyjyň zümerret bilen bezelen, boýnuňdaky ýaly gymmatbaha zynjyr hatda biziň jenabymyz, merhemetli Sezofrisiň hazynahanasynda-da ýok... Ramses onuň ellerini gysyp we gözlerine mähirli garap: - Sen gowusy maňa aýt: men saňa ýaraýanmy? – diýip, erjellik bilen sorady. - Sen edil Jebraýyl perişde ýaly nurana ýigit, ýöne kimdigiňi bilmeýändigim sebäpli senden gorkýan... Birdenem dag tarapdan surnaýyň sesi ýaňlandy. - Seni çagyrýarlar! – diýip Tutmos dillendi. - Eger men siziň Sezofrisiňiz ýaly ketde jenap bolsam näme? - Sen, hakykatdanam, şonuň ýaly bolup bilersiň!.. – diýip Sarra pyşyrdady. - Eger men Memfis nomarhynyň depesinde ýelpewaç göterýän bolsam näme? - Sen şeýle tanymal hem bolup bilersiň... Dagyň nirededir bir ýerinde ikinji surnaý ýaňlandy. - Ugraly, Ramses – diýip, Tutmos birahatlanyp ugrady. - Eger men...tagtyň mirasdüşeri bolsam, maňa durmuşa çykarmydyň? – diýip şa ogly sorady. Sappa: - Eý, Ýahwe! – diýip gygyryp, dyza çökdi. - Surnaýlaryň howsalaly sesi indi çar ýandan eşidilýärdi. Sabyr käsesi dolan Tutmos: - Ylgadyk! – diýip gygyrdy. – Sen, näme, düşelgä howsala aralaşandygyny eşideňokmy? Mirasdüşer boýnundaky zynjyry çalt sogrup alyp, ony Sarranyň boýnuna geýdirdi-de: - Muny kakaňa ber. Men seni satyn alýaryn. Hoş!.. – diýdi. Ol gyzyň lebinden hyjuwly öpdi. Gyz onuň aýaklaryny gujaklady. Şa ogly onuň elinden sypyp, birnäçe ädim ylgady, soňra ýene yzyna dolanyp gelip, hamala, surnaýlaryň bisabyr sesini eşitmeýän ýaly, gyzyň owadan ýüzüni, gara saçyny yzly-yzyna ogşady. Tutmos şa oglunyň elinden tutup: - Faraonyň adyndan towakga edýän, meniň yzymdan galma! – diýip gygyrdy. Ikisi surnaý sesiniň eşidilýan ýerine eňdiler. Ramses aram-aram serhoş ýaly entirekläp gidýärdi-de, yzyna seredýärdi. Ýigitler ahyry garşydaky eňňide dyrmaşyp başladylar. "Näme diýip, näme aýdarsyň, ine, şu hem žresler bilen ýaka tutuşmak isleýär!“ diýip, Tutmos içini gepletdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||