21:16 Faraon -3: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BAP Mirasdüşer bilen dosty dag eteginiň gaýalyk gerişlerinden çärýek sagat ylgadylar. Surnaýlaryň has howsalaly çykýan sesi barha aýyl-saýyl eşidilýärdi. Olar ahyry daş-töwerek eliň aýasynda ýaly görünýän ýere düşdüler. Çepde uly ýol uzap, onuň aňyrsynda mirasdüşeriň uly ýygyny duran Pi-Bailos şäheri we gündogardan hüjüm edýän garşydaşyň depesinde köwsarlap turan tozanyň äpet buludy aýdyň görünýärdi. Sag tarapda grekleriň uly ýygynynyň daş zyňyjy ulagy süýräp äkiden çuň jülgesi garalyp görünýärdi. Bu jülge uly ýoldan uzak bolmadyk aralykda çölüň jümmüşinden çykan başga bir has inli jülge bilen birikýärdi. Ine, şol ýerde-de nähilidir bir geň ýagdaý bolup geçýärdi. Grekler jülgeleriň birikýän ýeriniň golaýynda daş zyňyjy ulaglary bilen hereketsiz durdy. Jülgeleriň edil birikýän ýerinde bolsa, uly ýol bilen mirasdüşeriň goşunlary dolandyrýan merkeziniň arasynda göýä dört sany gazyk görnüşli kakylan agaç haýat ýaly bolup, ýalpyldaýan naýzalaryny gaharly somlaşyp, haýsydyr bir başga goşunlaryň dört sany jebis hatary durdy. Ýoluň eňaşakdygyna bakmazdan, mirasdüşer daşyny serkerdeler gallan harby hökümet agzasynyň duran ýerine – öz hataryna tarap ylgady. Ol: - Bärde näme bolup geçýär? Öňe gitmegiň deregine surnaý çalmaňyz näme? – diýip gaharly gygyrdy. Herihor: - Biziň aramyz kesildi – diýip mälim etdi. - Kim?..Kim ony kesen?.. - Biziň hatarymyz...Çöllükden çykan Nitagoryň üç sany uly ýygyny tarapyndan kesildi. - Diýmek, ol ýerde, ýoluň golaýynda duşman dur-da? - Hawa, ýeňilmez Hitagoryň hut özi. Mirasdüşer akylyndan azaşana döndi. Onuň agzy gyşardy, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Gylyjy gynyndan çykardy-da, greklere tarap ylgady. Gyryljyk ses bilen: - Biziň ýolumyzy kesmäge het edenleriň üstüne, meniň yzym bilen! – diýip gygyrdy. Patrokl hem gylyjyny syryp: - Sen baky ýaşagaý, faraonyň mirasdüşeri! – diýip gygyrdy. Soňra öz esgerlerine ýüzlendi: - Öňe, Ahillesiň nesilleri!..Müsürli çopanlara bizi saklamaga hiç kimiň güýjüniň ýetmejekdigini görkezeliň! Surnaýlar hüjüme çagyrdylar. Dört sany gysga, ýöne göni hem-de kiriş ýaly berk grek hatary öňe ýöredi; tozan buludy ýokary göterildi we Ramsesiň hormatyna sesler ýaňlandy. Sähel salymdan grekler müsürli uly ýygyn bilen ýüzbe-ýüz boldular we ýaýdanjaňlyk bilen ädimlerini gowşatdylar. Eli gylyçly mirasdüşer öňe okdurylyp: - Meniň yzym bilen! – diýip buýruk berdi. Grekler naýzalaryny öňe tutdular. Duşmanyň hatarlarynda nähilidir bir hereket başlandy, nägilelik peýda boldy we olaryňam naýzalary hüjüm edýänlere gönükdirildi. Duşman tarapdan: - Siz kim, sähneler? – diýen ýogyn ses eşidildi. Patrokl: - Tagtyň mirasdüşeri! – dibýip jogap gaýtardy. Bir pursatlyk ähli zat sem boldy. Şol güýçli ses: - Hany, ýol beriň! – diýip gaýtadan ýaňlandy. Gündogar goşunlaryň uly ýygynlary göýä derwezäniň agyr gapysy ýaly bolup, yza çekilip, grek toparyny goýberdiler. Gyzyl çaýylan demir başgaply, harby enjamly ak saçly harby serkerde mirasdüşere golaýlady we tagzym edip: - Sen ýeňdiň, tagtyň mirasdüşeri! Kyn ýagdaýdan diňe beýik serkerde şeýdip çykyp bilýändir – diýdi. Şa ogly: - Bi senmi, Nitagor? Merdanalaryň merdanasy!..- diýip gygyrdy. Şol wagt ikisiniň gürrüňini eşiden harby hökümet agzasy olaryň ýanyna golaýlady. Ol: - Eger-de siziň edil patyşanyň ogly ýaly tertipsiz harby ýolbaşçyňyz bolanlygynda, biziň hereketlerimiz nähili gutarardyka? – diýip awuly sorady. Nitagor: - Ýaş söweşijini gününe goý!..Onuň faraonlaryň nesline mahsus bolşy ýaly, ýolbars penjesini görkezmegi saňa, näme, azlyk edýärmi? – diýip jogap gaýtardy. Gürrüňiň haýsy ugra agyp ugrandygyny eşidip duran Tutmos ara goşulyp, Nitagordan: - Seniň esasy güýjüň biziň goşunymyzyň öňündekä bärde nädip peýda bolduň, hormata laýyk, harby ýolbaşçy? – diýip sorady. - Mirasdüşer öz goşunyny Pi-Bailosyň eteginde jemleýärkä, Memfisiň goşunlary dolandyrýan merkeziniň yzda süýrenip barýandygyndan habarlydym. Ine, onsoň degişmek üçin size, begzadalara hile guraýyn diýdim...Ýöne meniň bagtyma, bärde mirasdüşer peýda bolup, niýetimi bozup goýberdi. Hemişe şeýle hereket et, Ramses – elbetde, hakyky duşmanyň garşysyna. - A eger ol, şu günki ýaly, özüniňkiden iki esse artyk güýje sezewar bolaýsa näme? - diýip Herihor sorady. - Gorky-ürkini bilmeýän akyl güýçden rüstem gelýändir. Pil adamdan elli esse güýçlüdir, ýöne ol ýa-ha şoňa tabyn bolýandyr, ýa-da şonuň elinden heläk bolýandyr – diýip, garry serkerde jogap gaýtardy. Herihor geplemedi. Harby hereketleriň tamamlanandygy yglan edildi. Tagtyň mirasdüşeri harby hökümet agzasynyň we harby ýolbaşçylaryň ugratmagynda Pi-Bailosda duran goşuna tarap ugrady. Ol şol ýerde Nitagoryň köne söweşijileri bilen salamlaşdy we gündogara gitmegi emir edip, üstünlik arzuwlap, özüniň uly ýygynlary bilen hoşlaşdy. Daşyny nökerler gurşan Ramses baýramçylyk eşigini geýen, elleri ýaşyl şahaly Goşen topragynyň ilatynyň şowhunly garşy almagynda yzyna – Memfise ugrady. Basym uly ýol çöllüge sowuldy we märeke göz-görtele azalyp başlady; olar mirasdüşeriň goşunlary dolandyrýan merkeziniň skarabeýler sebäpli jülgä sowlan ýerine ýetenlerinde bolsa, uly ýolda hiç kim galmandy. Ramses Tutmosa ümläp, tanyş baýry görkezdi-de: - Şol ýere, Sarralara gidersiň...-diýdi. - Düşünýän. - Onuň kakasyna Memfisiň etegindäki mülki sowgat berýändigimi aýdarsyň. - Düşünýän. Gyz birigün seniňki bolar. Şu kelam agyz gürrüňden soňra, Tutmos nökerleriň aňyrsynda aýak düzýän uly ýygynlara dolanyp bardy we basym ýitirim boldy. Uly ýoluň ýigrimi ädime golaý beýleki tarapynda, daş zyňyjy ulaglaryň irden sowlan ýerinde – jülgäniň garşysynda diýen ýaly uly bolmadyk, garran tamarint agajy ösüp otyrdy. Şa oglunyň nökerleriniň öňünden baýan goragçylar şol ýerde duýdansyz aýak çekdiler. - Ýene-de haýsydyr bir skarabeýlermi? – diýip, mirasdüşer harby hökümet agzasyndan ýaňsyly sorady. - Görübereris – diýip, Herihor sowuk jogap gaýtardy. Ýöne ol hem, beýleki hem asla garaşylmaýan zadyň üstünden gelipdiler: gurap ugran agaçda ýalaňaç adam asylgy durdy. Aňk-taňk bolan mirasdüşer: - Bu näme boldugy? – diýip sorady. Ylgaşyp gelen kömekçiler özüni asan adamyň esgerler nowhanasyny gömen garry daýhandygyny tanadylar. - Oňa geregi-de şol! – diýip, serkerdeleriň üýşmeginde duran Ennana gyzmaçlyk etdi. – Siz ynanýaňyzmy, bu bolgusyz gul harby hökümet agzasynyň aýagyndan tutmaga ýürek edip bildi!.. Muny eşiden Ramses atdan düşüp, agaja golaýlady. Asylan daýhanyň kellesi öňe uzap durdy; onuň agzy giň açylandy, elleriniň aýasy üýşen söweşijilere gönükdirilendi, gözlerinde gorky bardy. Ol nämedir bir zat aýtmakçy bolup, sesi tabyn bolmadyk ýalydy. - Biçäre! – diýip, mirasdüşer gynançly seslendi. Ol nökerleriniň ýanyna dolanyp baryp, daýhanyň gürrüňini aýdyp bermegi emir etdi. Şondan soňra uzak wagtlap ýuman agzyny açman gitdi. Öz janyna kast eden adamyň keşbi Ramsesiň gözüniň öňünden aýrylmady. Şol ýekirilen gul bilen adalatsyzlyk edendikleri, onda-da hatda özüni – faraonyň ogluny we mirasdüşerini oýlandyran öte adalatsyzlyk edendikleri baradaky pikir onuň kalbyna ezýet berýärdi. Yssa çydar ýaly däldi. Tozan agzy-burny dolduryp, adamlardyr haýwanlaryň gözlerini awuşadyp-alyp barýardy. Birsalym demi dürsemeli etdiler. Nitagor şol wagt harby hökümet agzasy bilen gürrüňi tamamlap barýardy. Garry serkerde: - Meniň goşun öňbaşçylarym aýagynyň astyna däl-de, öňe seredýärler. Duşmanlaryň henize çenli meni ýeke gezegem gürpbasdy edip bilmezligi, belki, şondandyr – diýdi. - Muny maňa ýatladanyňyz gowy bolaýdy, hormatlymyz. Men bergilerimi bermegi tas unudaýan ekenim – diýip, bir zat güpbe ýadyna düşen Herihor golaýdaky esgerlerdip serkerdeleri ýygnamagy buýurdy. Olaryň başy jem bolanda harby hökümet agzasy: - Indi bolsa bäri Ennanany çagyryň! - diýip görkezme berdi. Doga baryny dakynan söweşiji hut şol sözlere garaşyp duran ýaly, juda çalt geldi. Onuň ýüzünde boýun egijiligi gizlärden ejiz gelýän şatlyk bardy. Ennanany gören Herihor ýygnananlara ýüzlendi: - Patyşanyň emri bilen, harby hereketler tamam bolandan soňra ýokary harby ýolbaşçylyk ýene maňa geçýär. Duranlar baş egdiler. - Men şol ýolbaşçylygy bar zatdan ozal her kimi bitiren işine görä sylaglamak üçin haýyrlanmaly... Serkerdeler biri-birine seredişdiler. Harby hökümet agzasy sözüni dowam etdirdi: - Ennana, seniň hemişe iň bir janypkeş serkerde bolandygyňy men bilýän. - Seniň agzyň bilen hakykat gepleýär. Palmanyň özüne jan berýän çyga garaşyşy ýaly, menem ýolbaşçylarymyň görkezmelerine garaşýan. Olary almasam hem, men özümi çölde azaşan ýalňyz ýolagçy ýaly duýýan – diýip Ennana jogap gaýtardy. Nitagoryň bedenleri tyg yzyndan persala serkerdeleri Ennananyň dogumly jogabyna haýran galyp, „Iň ýokary sylagy, ine, kim aljak!“ diýip içlini gepledýärdiler. Harby hökümet agzasy ýene gürläp ugrady: - Ennana, sen diňe bir janypkeş däl, eýsem, dindar; diňe bir dindar däl, eýsem, suwuň üstündäki ibis21 ýaly görgür. Hudaýlar saňa gymmat bahaly häsiýetleri: ýylanyň seresaplylygyny hem-de gyrgynyň gözüni joşupdyrlar... - Senuiň agzyňdan arassa hakykat zygdyrylyp akýar – diýip, Ennana gepe goşuldy. – Eger meniň ýiti gözüm bolmanlygynda, men iki sany keramatly skarabeýi görmezdim... - Hawa – diýip, harby hökümet agzasy onuň sözüni kesdi. – Biziň hatarymyzy keramatyň kemsidilmeginden halas etmezdiň. Dindar müsürlä mahsus bolan şu edermenlik üçin saňa...- Ol barmagyndaky altyn ýüzügi çykardy. – ...saňa, ynha, ýüzüne hudaý aýal Mutuň22 ady ýazylan şu ýüzügi sowgat berýärin. Eger sen şuňa mynasyp bolsaň, Ýer ýüzündäki göçüp-gonup ýörmäň tamamlanýança, onuň mähri, hemaýaty saňa ýoldaş bolar. Harby hökümet agzasy – baş serkerdebaşy Ennana ýüzügi gowşurdy. Üýşüp duranlar faraonyň hormatyna howany batly sesden doldurdylar we ýaraglaryny şakyrdatdylar. Harby hökümet agzasynyň gymyldamaýandygy sebäpli, Ennana-da hojaýynyň elinden bir bölek et alyp, guýrugyny bulaýlap, ýene emlärine garaşýan wepaly it ýaly, onuň gözüne seredip durşuna, ýerinden butnanokdy. Harby hökümet agzasy gaýtadan gürläp başlady: - Indi bolsa, boýun al, Ennana, goşun jülgeden kynlyk bilen süýşüp barýarka, tagtyň mirasdüşeriniň nirä gürüm-jürüm bolandygyny sen maňa nämüçin habar bermediň? Sen bizi oňaýsyz ýagdaýa saldyň, sebäbi howsala düşüp, duşmanyň golaýynda surnaý çalmaga mejbur bolduk... Nämäniň nämedigine düşünmedik Ennana: - Hudaýlar şaýatdyr, men hormatly mirasdüşer barada hiç zat bilemokdym – diýip jogap gaýtardy. Herihor başyny ýaýkady. - Şeýle ýiti göz peşgeş berlen, ýüz ädimden çägedäki keramatly skarabeýleri gören kişiniň tagtyň mirasdüşeri ýaly uly adamy görmezligi bolup biljek zat däl. - Dogrymy aýdýan, men ony görmedim! - Ennana gursagyna ýumruklap, ony ynandyrjak boldy. – Onsoňam şa ogluna gözegçilik etmek barada maňa hiç kim buýruk bermese näme! - Eýsem, men seni gorag toparyna ýolbaşçylyk etmekden boşatmadymmy? Ýa-da saňa başga bir tabşyryk berdimmi? – diýip, hökümet agzasy sorady. – Sen zerur ahwalatlara gözegçilik etmek tabşyrylan adam ýaly bütinleý erkindiň. Sen onsoň şol wezipä hötde gelip bildiňmi? Harby wagtda şeýle günä üçin saňa ölüm jezasyny bererdiler. Biçäre serkerdäniň reňk-peti galmady. - Ýöne seni ata duýgusy bilen sulhum alýar, Ennana – diýip Herihor sözüni dowam etdi. – Şeýle-de, keramatly Günüň alamaty bolan skarabeýleri görmek bilen, goşuna uly kömek edendigiňi ýatda saklap, saňa harby hökümet agzasy hökmünde däl-de, eýsem, hoşgöwün žres hökmünde ýönekeýje temmi bermekçi: sen bary-ýogy elli taýak alarsyň. - Siziň beýik hormatlyňyz... - Ennana, sen bagtly bolmagy başardyň, indi gaýratly bolmagy-da başaryp, şu kiçijik duýduryşy onuň keramatlysynyň goşunynyň serkerdesine mahsus mertlik bilen kabul et. Sarpasy belent Herihor sözüni tamamlap-tamamlamanka, uly serkerdeler Ennanany ýoluň gyrasynda, amatly ýerde ýatyrdylar. Biri onuň boýnuna, beýlekisi aýagyna münüp, galan ikisi-de çeýe gamyş taýak bilen ýalaňaç bedenini saýgylap ugradylar. Garasdangaýtmaz söweşijiden ses-üýn çykmady, tersine, esger aýdymyna hiňlendi we beden jezasy tamamlanandan soňra hatda özi aýak üstüne galmaga-da synanyşdy. Emma aýaklary oňa boýun bolmady. Çägä ýüzin ýykylan söweşijini iki tigirli araba bilen Memfise alyp gitmeli boldy; ol arabada ýatyşyna esgerlere ýylgyryp seredýärdi, günorta Müsürde şemalyň garamaýak serkerdäniň durmuşyndaky bagt ýaly şeýle bir çalt üýtgemeýändigi barada oýlanýardy. Az salymlyk dynç alyşdan soňra mirasdüşeriň daşynda hozanak bolýanlar ýola düşdüler; sarpasy belent Herihor ata mündi we esasy serkerde Nitagor bilen egin deňläp barşyna Aziýa ýagdaýlary, esasanam, Assiriýadaky ýüze çykan ýagdaý barada ýuwaşjadan gürrüň etdi. Şol wagt harby hökümet agzasynyň iki hyzmatkäriniň – ýelpewaç göterýän kömekçi bilen mürze Pentueriň – arasynda hem gürrüň başlanypdy. Kömekçi: - Sen Ennana bilen bolup geçen ahwalat barada nähili pikir edýäň? – diýip sorady. - A sen özüni asan daýhan barada nähili pikir edýäň? – diýip, mürze sowala sowal bilen jogap gaýtardy. - Meniň pikirimçe şu gün-hä – onuň üçin iň bagtly gün, boýnuna aýlanan ýüp hem - onuň durmuşynda duş gelen iň ýumşak ýüp bolmaly. Mundanam başga, Ennana indi mirasdüşere ünsli gözegçilik edip gezermikä diýýän. - Ýalňyşýaň. Mundan beýläk ululygy öküz ýaly bolsa-da, Ennana hiç wagtda skarabeýi görmez. Daýhan barada aýdylanda bolsa, onuň mukaddes müsür topragynda oňly gün görmändigi mesaňa-mälim... - Sen daýhanlary tanamaýandygyň sebäpli şeýle diýýäň... - Olary men bilmän, kim bilsin? – diýip, mürze çytylyp jogap gaýtardy. – Men olaryň arasynda kemala geldim. Kakamyň kanallary arassalandygyny, ekendigini, orandygyny, iň esasy zat hem, salgytdan gözüniň açylmandygyny men, näme, görmedimmi? Eý-how, Müsürde daýhanyň täleýiniň nähilidigini men däl-de, sen bileňok... - Ýöne men kese ýerliniň täleýiniň nähilidigini bilýän. Meniň garry atam ýa-da garry atamyň atasy giksoslaryň23 biri bolupdyr. Ol diňe şu topraga bagry badaşansoň, bärde galypdyr. Ýeri, onsoň? Onuň emlägini elinden gaňryp alandyklaryny az görüp, hatda henize bu güne çenli meniň gelip çykyşymy bagyşlanoklar!.. Özümiň ýokary derejäni eýeleýändigime garamazdan, kämahal asly müsürlileriň gepini çekmeli bolýandygymy sen bilýäň ahyry. Meniň saryýagyz keşbime gözi kaklyşandan, „Butparaz!“, „Gelmişek!“ diýip, burnuna salyp hüňürdeýän müsürli erkek kişä meniň näme üçin rehmim insin?.. - Ol hakyky gul ahyry – diýip mürze söz goşdy. – Öýerilýän, aýrylyşdyrylýan, ýenjilýän, satylýan, kämahal bolsa jany jähenneme iberilýän gul; goşmaça emlejekdigine söz berip, ony hemişe işläp gezmäge mejbur edýärler; gul o dünýäde-de gul bolup gezer. Kömekçi egnini ýygyrdy. - Sen akylly-da bolsaň, geň adam!.. Pesmi ýa-da ýokarymy – nähili wezipäni eýelesegem, biziň her birimiziň işlemelidigimizi sen, näme, göreňokmy? Özüňiň faraon däldigiň, mazaryňa piramida galdyrylmajakdygy, eýsem, seni gamlandyranokmy?..Dünýäniň gurluşynyň şeýledigi üçin sen bu barada pikir edeňok. Her kim öz borjuny bitirýär: öküz Ýer sürýär, eşek jahankeşdeleri aýlaýar, men harby hökümet agzasynyň ýelpewajyny göterýän, sen onuň deregine ýatda saklaýaň, pikir edýäň, daýhan bolsa meýdany sürüp-bejerýär hem-de salgyt töleýär. Haýsydyr bir öküziň Apis bolup doglanynyň, hemme kişiniň oňa hormat goýmagynyň ýa-da kimdir biriniň faraon ýa-da nomarh bolup doglanynyň bize näme dahyly bar?.. Pentuer: - Şol daýhanyň on ýyllyk zähmetini ogurlapdyrlar – diýip pyşyrdady. - Seniň zähmetiňi, näme, harby hökümet agzasy ogurlanokmy?..Döwleti sarpasy belent Herihoryň däl-de, eýsem, seniň dolandyrýandygyňy, heý, bilýän bärmy?..- diýip kömekçi sorady. - Ýalňyşýaň, ol, hakykatdanam, döwleti dolandyrýar. Onuň - erk-ygtyýary, meniň bolsa - diňe bilimim bar. Onsoňam ne-hä meni, ne-de seni şol daýhan ýaly edip ýenjenoklar. - Ennanay ýençdiler ahyry, onuň güni biziňem başymyza gelip biler. Kime näme ýazylan bolsa, ýagdaýyňa erkek bolup kanagat etmeli. Ylaýta-da, saňa mälim bolşy ýaly, ýene müň ýa-da million ýyldan faraonlaryň, gullaryň ruhlary bilen, hatda hudaýlar bilen bilelikde ady bolmadyk ýaşaýşyň gudratly ata-babalaryna siňip gitmek üçin, biziň ruhumyz bolan, ölmez-ýitmez Ka24 tämizlenip, her gezek has ýokary derejä çykýar ahyry. - Sen edil žres ýaly gürleýäň – diýip, Pentuer agyryly jogap gaýtardy. - Dogrusy, hiç bir zat meniň piňime-de däl bolmaly welin, tersine, ýüregim agyrýar. Sebäbi men millionlarça adamyň çekýän jebir-jepasyny duýýaryn. - Saňa kim emir edýär? - Meniň gözüm bilen ýüregim. Ol edil ses eşidildigi dymmagy başarman, ýaň bolup jogap gaýtarýan daglaryň arasyndaky jülge ýaly. - Men bolsa, Pentuer, saňa şeýle howply zatlar barada nähak pikirlenýäniňi aýdaýyn. Gündogar daglarynyň uçut ýerlerinde gezip ýörseň, hökman temmiňi alarsyň: güwläp gaýdanyňy duýman galarsyň; Günbatar çöllükde ygyp ýörseňem, soňy gowulyk bilen gutarmaz: aç ýolbarslara şam bolarsyň ýa-da guduz açan hamsin25 turar... Şol wagt merdana Ennana iki tigirli arabada ýatyrdy. Ulagyň silkmeginden agyry has güýçlense-de, ol mertligini görkezmek isläp, özüne iýer-içer ýaly zat bermeklerini talap etdi. Sarymsak sürtelen gurak kökäni iýip, uly küýzeden turşumtyk buzany içip, pudak bilen ýara gonýan siňekleri kowmagy arabakeşden haýyş etdi. Jygyldawuk arabada haltalardyr gapyrjaklaryň üstünde ýüzin düşüp ýatan biçäre Ennana derejesi pes serkerdäniň agyr täleýi baradaky aýdymy gaýgyly äheňde aýdyp ugrady: „Mürze bolanyňdan serkerde bolanyň gowy“ diýip, sen nireden oýlap tapdyň? Sen gel-de, meniň bedenimdäki çapyk yzlaryny, sypjyryklary gör, men bolsa saňa serkerdäniň asla höwes etmeli däl durmuşy hakda gürrüň bereýin. Meni söweşijileriň ýaşaýan ýerine alanlarynda heniz agzy sary oglanjykdym. Her gün irden ertirlik naharynyň deregine meniň garnyma ýumruk hödür ederdiler, hatda gözüm garaňkyrap giderdi; günorta naharynyň deregine seňrigime ýumruk çalardylar, hatda ýüzüm çişerdi; agşam bolsa kelläň durşuna gan bolup, çat açmagyň bäri ýanyndadyr. Ýör, men saňa özümiň Siriýa nähili ýörüş edendigimi gürrüň bereýin. Iýjek-içjegimi ýanym bilen alyp gitmeli bolamsoň, men ýük urlan eşek ýaly bolup barýardym. Meniň boýnum eşegiňki ýalydy - egilenokdy, ýagyrnym sorkuldap agyrýardy. Yslanan suwdan julk bolamsoň, duşmanyň alnynda hepbige düşen guş ýaly naýynjardym. Men Müsüre dolanyp geldim, ýöne bu ýerde gurçuk gemren agaç ýaly boldum. Meni her bir bolgusyz zat üçin Ýerde ýatyryp, nire çem gelse urýarlar; onsoň bedeniňde abat ýer galmaýar.Ynha, şol sebäpli hassa hem aýak üstünde durup bilmämsoň, meni iki tigirli arabada äkitmeli bolýar; häzir bolsa hyzmatkär meniň ýapynjamy ogurlar-da, gürüm-jürüm bolar. Şonuň üçin hem, mürze, sen serkerdäniň bagty baradaky pikiriňi üýtgedip bilersiň“26 Merdana Ennana şeýle aýdym aýdýardy. Onuň gussaly aýdymy müsür patyşalygyndan artyk ýaşady. BÄŞINJI BAP Tagtyň mirasdüşeri Memfise golaýlan mahaly Gün günbatara agypdy, san-sajaksyz kanallardan we uzakdaky deňizden çygly sergin şemal göterilýärdi. Ýol ýene hasylly toprakdan geçýärdi; çöllük-hä gyzaryp başlap, daglaryň süýr depesi-de lowlap ýanyp ugranam bolsa, adamlar meýdanlarda, jeňňellerde işlemeklerini dowam edýärdiler. Ramses saklanyp, atynyň başyny öwürdi. Ony derrew nökerler gallady, ýokary harby serkerdeler gelip ýetdi, uly ýygyn hem sazlaşykly ädim bilen, bölek-bölek peýda bolup ugrady. Ýaşyp barýan Günüň goýy gyrmyzy şöhlesi düşýän mirasdüşer hudaýyň heýkeline meňzeýärdi. Esgerler oňa buýsanç we söýgi, serkerdeler bolsa haýran galmak bilen seredýärdiler. Ramses elini galdyrdy. Duranlar seslerini kesdiler. Ol: - Hormata mynasyp harby ýolbaşçylar, edermen serkerdeler, gulak asyjy söweşijiler – diýip söze başlady. – Şu gün hudaýlar meni siziň ýaly gahrymanlara öňbaşçy bolmak bagtyna eýe etdiler. Meniň belent mertebeli ýüregim şatlykdan doly. Ýöne harby ýolbaşçylar, serkerdeler, söweşijiler, men siziň hemişe meniň şatlygymy paýlaşyp gezmegiňizi isleýän. Ine, şonuň üçin hem, Gündogara giden hem-de biziň bilen Gündogar serhetden dolanyp gelýän esgerleriň hersine bir drahm27 bermegi emir edýärin. Mundanam başga, ýene şu gün meniň ýolbaşçylygymda bize jülgeden çykalga açan grek esgerleriniň hersine bir drahm, pähimli Nitagoryň biziň ýolumyzy kesmekçi bolan uly ýygynynyň esgerleriniň-de hersine bir drahm bermeli. Uly ýygynyň depesinde gök gümmürdän ýaly boldy. Esgerler: - Ýaşasyn, şa ogly!..Ýaşasyn, faraonyň mirasdüşeri!..Goý, ol baky ýaşasyn!..- diýip gygyrýardylar. Grekleriň sesi has-da batly çykýardy. Mirasdüşer sözüni dowam etdi: - Meniň goşunymyň derejesi pes serkerdelerini hem-de pähimli Nitagoryň goşunyny bäş talant, sarpasy belent harby hökümet agzasyny, baş harby serkerdeleri bolsa on talant bilen sylaglaýaryn... Herihor: - Men esgerleriň peýdasyna öz paýmdan geçýärin – diýdi. Serkerdelerdir esgerler: - Ýaşasyn mirasdüşer!..Ýaşasyn harby hökümet agzasy!..- diýip gygyrdylar Ramses goşunlar bilen hoşlaşyp, atyny depgiläp, Memfise tarap rowana bolanda, sarpasy belent Herihoram şadyýan sesleriň astynda kejebä münüp, aýak düzýän hatarlaryň yzyndan ýetmek barada buýruk berende, gyp-gyzyl Gün eýýäm Günbatar çöllügiň çägelerine galtaşypdy. Has öňe gidip, aýry-aýry sesler şaglawugyň sesine meňzeýän bir umumy wagyrda öwrülensoň, harby hökümet agzasy kejebeden kellesini çykaryp, mürze Pentyere ýüzlendi: - Hemmesini bek bellediňmi? - Hemmesini, hormata mynasybymyz. - Seniň hakydaň - taryh ýazylýan granit ýalydyr, seniň danalygyň bolsa – ähli ýeri böreň-böreň suw edýän hem-de tohumlandyrýan Nil ýalydyr. Munuň üstesine, hudaýlar saňa iň ajaýyp gylygy – boýnyýogyn bolmazlygy peşgeş beripdirler... Mürze hiç hili jogap gaýtarmady. - Sen tagtyň mirasdüşeriniň - goý, ol baky ýaşasyn! - akylyna, edýän hereketine başga birine garanda has dogry baha berersiň. Harby hökümet agzasy birsalym dymdy. Beýle köp geplemek onuň häsiýetine mahsus däldi. - Şeýlelikde, Penruer, sen hem-ä maňa aýt, hem-de ýaz: tagtyň mirasdüşeriniň ymgyr goşunyň öňünde öz islegini aýdyp durmagy uslypmydyr?..Diňe faraon ýa-da dönük ýa-da...hiç ýerine agram salmazdan, ýeňiljek ýagdaýda şöhratly gahrymançylygyň eýesi bolýan hem-de agzyndan utançsyz sözler çykýan kellesi şemallap duran ýigit şeýle hereket edip biler. Iňrik garalyp ugrady we basym Zemine ýyldyzly gije abandy. Aşaky Müsüriň san-sajaksyz kanallarynyň üstünde goýalyp ugran kümüşsow dumany pessaý şemalyň çöllügiň iň çetine alyp gitmegi bilen, ýadaw esgerler-de, teşnelikden sülleren ösümlikler-de hezil etdilrer. - Pentuer, sen pikirlen-de, maňa ýene bir zady aýt - diýip, harby hökümet agzasy sözüni dowam etdi. – Mirasdüşer goşunyň öňünde beren şeýle oýlanyşyksyz wadasynyň yzynda durmak üçin, ýigrimi talanty nireden aljakka? Onsoňam ol puly nireden alanda-da, şeýle wagtda, Nitagoryň Gündogardan dolanyp gelýän ýygynlaryna hak töläre faraonyň özüniň gurbaty çatmajak halyna, mirasdüşeriň goşuna pul paýlamagy maňa, megerem, saňa-da şeýledir, howply bolup görünýär. Men seniň pikiriňi soramok, sebäbi meniň iň bir pynhan pikirlerimiň saňa mälim bolşy ýaly, seniňki-de mäňä mälim; soňra žresleriň mejlisinde gürrüň berer ýaly, senden diňe gören zadyňy bek bellemegiňi haýyş edýärin. Pentuer: - Ol ýakyn wagtda geçiriljekmi? – diýip sorady. - Entek sebäp ýok. Men ilki gahar-gazaba münen öküzçäni ata-enaniň eli bilen ýüpe baglajak bolaýyn. Ýigide ýüregiň awaýar – juda ukyply, gündogar tüweleýi ýaly güýçli. Ýöne tüweleý Müsüriň duşmanlaryny Ýeriň ýüzünden süpürmegiň deregine onuň bugdaýyny ýatyryp, palmalaryny köki bilen goparyp zyňyp başlasa... Harby hökümet agzasy dymdy. Onuň nökerleri Memfise alyp barýan bagýodanyň garalyp duran agaçlarynyň arasynda ýitirim boldular. Şol wagt Ranses faraonyň köşgüne gelip ýetdi. Köşk şäheriň çetinde, baýyrda, seýilgähleriň arasynda otyrdy. Ol ýerde del agaçlar bolan günorta baobablar, demirgazyk kedrler, sosnalar, dublar ösüp otyrdy. Garaňky bagýoda ýokary, üç gat ymaratyň beýikligindäki derwezelere alyp barýardy. Derwezeleriň her tarapynda ini kyrk ädim we beýikligi bäş gat ymarata deň, gysgaldylan piramida şekilli, gumdaşdan gurlan diň kysym kuwwatly desga howalanyp görünýärdi. Bu haýran galdyrýan diňler gije äpet çadyrlar ýaly bolup görünýärdi. Olaryň her gatynda bir inedördül penjire bardy. Üçegi tekizdi. Şol diňiň biriniň depesinden köşk sakçysy aşak – Ýere seredýärdi, beýlekisinden bolsa – nobatçy žres ýyldyzlara bakýardy. Şol diňleriň pilonlar28 diýlip atlandyrylýan sagyndan we çepinden daş germew, has takygy, insiz penjireli, tekiz üçekli uzyn bir gatly gurluşlar uzap girip, olaryň depesinde sakçylar aýlanyp ýördüler. Esasy derwezeleriň iki tarapynda-da ikinji gatyň deňine ýetýän iki sany heýkel howalanyp durdy; heýkelleriň eteginde-de sakçylar aýlanyp ýördüler. Mirasdüşer ýany birnäçe nökerli derwezeleriň ýanyna gelen mahaly, garaňkydygyna garamazdan, sakçy ony tanady. Derrew pilon yň aňyrsyndan ak ýubkaly, gara ýapynjaly, börüge meňzeş ýasama saçly köşk emeldary ylgap çykdy. Mirasdüşer: - Köşge girerden giçmi? – diýip sorady. - Hawa, siziň alyhezretiňiz – diýip, ol jogap gaýtardy. – Patyşa hudaýlary ýatyrmak üçin geýindirýär. - Ol soňra näme etmekçi? - Harby hökümet agzasy Herihory kabul etmäge razylyk berdi. - Ýeri, ondan soňra? - Ol ondan soňra uly zalda tansa sereder, soňra-da suwa düşüp, agşam dogasyny okar. - Maňa garaşanokmy? - Ertir, harby mejlisden soň. - Şa aýallar näme bilen gümra? - Baýry şa aýaly-ha merhum oglunyň otagynda doga okaýar, asylzada ejeňizem özüne Tiriň aýallarynyň adyndan sowgat getiren finikiýaly ilçini kabul etmäge razylyk berdi. - Gyzlaram barmy? - Birnäçesi bar; hersinde-de, bomanda, on talantlyk şaý-sep. Şa ogly eli bilen seýilgähiň aşaky bölegini görkezip: - Ol ýerde eli çyra berkidilen taýakly aýlanyp ýören kim? –diýip sorady. - Olar siziň alyhezretiňiziň doganyny agaçdan düşürmekçi bolýarlar. Ol günortandan bäri şol ýerde otyr. - Düşmegem islänokmy? - Indi düşer – onuň yzyndan baýry şa aýalyň masgarabazy geldi hem-de parashitleriň29 içýän ýerine – aşhana äkitmegi wada berdi. - A su günki hereketler barada bärde gep-gürrüň ýaýradymy? - Goşunlary dolandyrýan merkeziň goşun birikmesinden arasynyň kesilendigini harby maslahatda aýtdylar. - Ýene näme?.. Emeldar ýaýdanjaňlyk bilen dymdy. - Eşiden zadyňy aýt. - Seniň bu ýagdaý üçin gazaba münüp, bir esgere-hä elli taýak urmagy, ýolbeledi-de asmagy emir edendigiňi hem aýtdylar. Mirasdüşeriň kömekçileriniň biri: - Beýle-de bir ýalançylyk bolar oguşýan!..- diýip seslendi. Emeldar batyrgaý jogap gaýtardy: - Esgerlerem: „Bu zatlaryň hemmesi jypdyrma bolaýsa gerek“ diýýärler. Mirasdüşer atynyň başyny öwrüp, seýlgähiň aşaky bölegine - öz ýaşaýan ýeri bolan kiçi köşge tarap ugrady. Ol, aslynda, bir gatly agaç jaýdy. Özi-de altygyraň şekilli bolup, ymaratyň tutuş daşyndan aýlanýan we agaç sütünlerde saklanýan uly ölçegdäki iki sany – aşaky we ýokarky eýwanlardan ybaratdy. Jaýyň içinde ýag çyralar ýanyp duransoň, diwarlaryň edil tornagyş ýaly nepis, oýulyp nagyş çekilen agaçdan ýasalandygy we dürli reňkli matalar bilen ýelden goraglýdygy görnüp durdy.Tekiz, balýustrada30 aýlanan üçekde birnäçe çadyr gurnalypdyr. Mirasdüşer öýe girdi. Ýarym-ýalaňaç hyzmatkärler ony şatlykly garşy aldylar; birleri agaja berkidilen çyra bilen ýoluny ýagtyltdylar, beýlekiler onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdylar. Ol bu ýerde tot-tozan siňen eşigini çykardy; daş legene suwa düşenden soň, ak togany31 egnine atyp, boýnuna çenli iligini ildirdi we bilini bagjyk bilen daňdy. Birinji gatda saçak başyna geçdi. Oňa bugdaý kökesini, bir gysym hurma we bir kürüşge ýeňil buza berdiler. Ol soňra ýokarky eýwana galyp, ýolbarsyň derisi düşelen uly bolmadyk içki eýwanda gyşaryp, hyzmatkärlere dargamagy hem-de Tutmos geldigi, ony ýokary, öz ýanyna ibermegi ibermegi emir etdi. Gijäniň ýaryna golaý jaýyň öňünde kejebe saklanyp, ondan mirasdüşeriň kömekçisi Tutmos düşdi. Ol ýadawlykdan pallap, agyr ädimler bilen eýwana galdy. Mirasdüşer düşeginden atylyp turdy. - Bu senmi? Ýeri, näme habar? – diýip sorady. - Beh, sen entegem ýataňokmy-aý? – diýip Tutmos geň galdy. – Eý, hudaýlar-eý, şunça ezýetli böküp-silkmeden soňra!.. Men-ä bolmanda daň saz berýänçä gözümiň awusyny alaryn öýdüpdim... - Sarranyň ýagdaýy nähili? - Birigün ýa-ha ol şu ýerde bolar, ýa-da sen olaryň Niliň aňyrky kenaryndaky mülküne barmaly bolarsyň. - Diňe birigünmi? - Diňe?.. Sen, gowusy, ukyňy al, Ramses. Seniň ýüregiňde gara gan juda köp ýygnanypdyr. Şol sebäpli -de, sen howsalaly ýagdaýda. - Kakasyndan ne habar? - Adyna Gedeon diýýärler, ak ýürekli, akylly adam eken. Seniň gyzyny almakçy bolýandygyňy aýtdym weli, özüni Ýere taşlap, saçyny ütüp ugrady. Men, elbetde, gyzyň kakasy gaýgy-hasratyny beýan edip, içini dökýänçä garaşdym – odur-budur iýdim, çakyr içdim. Soňra ikimiz gepleşige girişdik. Gedeon gözlerini ýaşa dolduryp, ilki gyzy kimdir birine oýnaş bolandan, ony görde görse gowy boljakdygyna ant içdi. Men oňa Memfisiň eteginden, Niliň kenaryndan ýylda iki talant girdeji getirjek mülk aljakdygyny, özüniňem salgytdan boşadyljakdygyny aýtdym. Ol muňa razy bolmady. Men oňa her ýylda altyndan hem-de kümüşden ýene bir talant wada berdim. Ol uludan dem alyp, gyzynyň Pi-Bailosda üç ýyl okandygyny mälim etdi. Men ýene bir talant artdyrdym. Emma Gedeon şol bir köşeşmezek äheňde jenap Sezofrisiňkide dolandyryjynyň örän gowy wezipesini ýitirýändiginden nalap ugrady. Men oňa wezipesini taşlamaly bolmajakdygyny düşündirip, seniň mal howlyňdan ýene on sany sagylýan sygyr goşdum. Onuň ýüzi birneme açyldy. Gedeon ketde bir jenabyň, Memfis nomarhynyň depesinde ýelpewaç göterýän Haýres diýen biriniň Sarrany eýýäm göz astyna alandygyny pyşyrdap, juda gizlin aýtdy. Men oňa ýene öküzçe, uzyn bolmadyk altyn zynjyr hem-de gymmatly bilezik wada berdim. Şeýlelikde, Sarra üçin mülk, her ýylda nagt iki talant, on sany sygyr, öküzçe, zynjyp, altyn bilezik bermeli bolýaň. Bular onuň kakasyna, hormatly Gedeona. Gyzyň özüne bolsa –islän zadyňy... - Ýeri onsoň, Sarra özüni nähili alyp bardy? –diýip mirasdüşer sorady. - Kakasy bilen gepleşýärkäk, ol bagda gezelenç edip ýördi. Gepleşigi tamamlap, olaryň taýýarlan gowy jöhit çakyryny jyňkydanymyzdan soňra, onuň kakasyna näme diýendigini bilýärmiň?.. Eger saňa bermese, özüni gaýadan oklajakdygyny aýtdy. Indi sen arkaýyn ýatyp bilersiň – diýip, Tutmos gürrüňini tamamlady. - Ýatyp boljagyna ynamym ýok – diýip, mirasdüşer jogap gaýtardy. Ol balýustrada ýaplanyp durşuna, seýilgähiň çola bölegine seredýärdi. – Bilýämiň, biz ýolda özüni asan daýhanyň üstünden barypdyk!.. - O-how! Ol skarabeýlerdenem ýaman! – diýip, Tutmos ýüzüni çytdy. - Biçäre gaýgy-hasratdan özüne el göteripdir: esgerler onuň çölde on ýyllap gazan nowhanasyny gömüpdirler. - Her näme-de bolda, ol eýýäm berk ukuda ýatyr...Biziňem düşege girmeli wagtymyz boldy... - Heý-de, şeýle bihaýalyk bolarmy – diýip, mirasdüşer sözüni dowam etdi. – Onuň çagalaryny tapmaly, satyn almaly hem-de ýer ülüşini kärendesine bermeli. - Ýöne muny gaty gizlinlik bilen etmeli – diýip Tutmos belledi. – Ýogsam daýhanlaryň hemmesi özlerini asyp ugrarlar-da, bize – olaryň hojaýynlaryna finikiýalylaryň ýekejesi-de ynanyp, mis debeni hem karz bermez. - - Hany, oýnuňy bes etsene! Eger şol biçäräniň ýüzüni göräýenligiňde senem ýatmazdyň... Birdenem aşakdan, seýilgähiň jümmüşinden onçakly gaty bolmadyk, ýöne aýyl-saýyl ses eşidildi: - Goý, ynsanyň dilinde-hä ady, keramatly ybadathanalarda-da şekili bolmadyk, ýeke-täk hem-de gudrat-keremi çäksiz hudaý seniň işiňi oňuna etsin, Ramses! Haýran galan ýigitler germejiň aňyrsyndan eýläk-beýläk seretdiler. - Sen kim? –diýip, mirasdüşer gaty ses bilen sorady. - Men – ezilýän Müsür halky – diýip, ses ýuwaş we arkaýyn ýaňlandy. Soňra ümsümlik aralaşdy. Golaýda adamyň bardygyny ne-hä iň bir ýeňiljek hereket, ne-de şahalaryň şygyrdysy aňlatdy. Mirasdüşeriň buýrugy boýunça hyzmatkärler elleri ujuna çyra berkidilen taýakly ylgaşyp çykdylar, itleri goýberdiler, agaçlary birin-birin barlap çykdylar Ýöne hiç kimi tapmadylar. Howsala düşen mirasdüşer Tutmosdan: - Ol kim bolup bilerkä? Şol daýhanyň ruhy bolaýmasyn? – diýip sorady. - Ruh? – diýip, kömekçisi onuň sözüni gaýtalady. - Ybadathanalarda, mazarlarda telim gezek garawul dursamam, men-ä heniz ruhlaryň geplänini eşidemok. Men ikimiz bilen dostlarymyzdan kimdir biri gürleşendir diýip çak etmäge taýýar. - Onuň gizlenmesi nämedenkä? - Aý, saňa barybir dälmi näme? Biziň her birimiziň onlarça, ýüzlerçe-de bolawersin, göze ilmeýän duşmanlarymyz bar. Bolmanda göze ilmeýän bir dostuň tapylandygy üçin sen hudaýlara minnetdarlyk bildir! - Ýok, men bu agşam ýatyp bilmen...- diýip, biynjalyk şa ogly pyşyrdady. - Aý, goýsan-aý, walla. Eýwanda elewräp ýörmän, maňa gulak as-da, düşege geç. Biýäňmi näme, uky – örän zerur zat bolup, sugun ýaly eňip barýanyň yzyndan kowalamak oňa mahsus däldir. Uky rahatlygy söýýändir, sen ýumşajyk düşege geçeniňde, ol golaýyňda oturar-da, adamlaryň diňe bir gözüne däl, eýsem, hakydasyna-da perde bolýan giň ýapynjasyny üstüňe örter... Tutmos şu sözleri aýdyşyna, Ramsesi ýumşak agaç sekä eltip, kellesiniň aşagynda piliň gyýagyndan ýasalan ýarym Aý şekilli närsäni goýdy-da, ýatyrdy. Soňra ol çadyryň polotnodan tutusyny goýberdi, mirasdüşeriň golaýynda Ýerde ýazylan düşege geçdi we basym olaryň ikisi-de süýji uka gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |