23:05 Faraon -4: romanyň dowamy | |
ALTYNJY BAP Faraonyň Memfisdäki köşgüne iki sany bäş gatly diňiň ýa-da pilonlaryň arasyndaky derwezelerden girilýärdi. Sary gumdaşdan bina edilen bu gurluşlaryň daşky diwarlary aşakdan başlap, tä iň ýokarsyna çenli heýkel şekiller bilen bezelendi. Derwezäniň depesinde çarçuwada döwletiň tugrasy ýa-da nyşany: içinden iki sany ýylan çykyp duran ganatly şar şekillendirilendi. Aşakda faraonlaryň ýoluna sadaka berýän hudaýlary haýbatly keşpde otyrdylar. Gapdalky sütünlerde bäş hatardan ybarat bolan hudaýlaryň heýkelleri çapylyp ýasalyp, olaryň eteginde ieroglif ýazgylar bardy. Her bir pilonyň diwarynda Beýik Ramsesiň heýkel şekili easy orny eýeleýärdi. Onuň bir eli aýpaltalydy, beýleki eli bilen bolsa edil gök ot dessejigi ýaly edilip daňlan adamlaryň saçlaryndan tutup durdy. Patyşanyň süýr depesinde iki hatar hudaýlar ýa-ha otyrdylar, ýa-da dik durdular; olardan ýokarda hudaýýoly berjek zatlary bilen bilelikde birnäçe şekil bardy; pilionlaryň iň ýokarsynda bolsa ganatly ýylanlaryň şekilleri skarabeýleriň şekilleri bilen gezekleşýärdi. Şol bäş gatly, ýokarlygyna çürelip gidýän diwarly pilonlar, olary birleşdirýän üç gatly derwezeler, berk simmetriýä tukat ham-hyýal, dindarlyk ýowuzlyk bilen utgaşýan heýkel şekiller kejebäňi daraldýardy. Köşge girmek kyn, çykmak asla mümkin däl, ol ýerde ýaşamagam agyr ýaly bolup görünýärdi. Sütünlerini galereýalar gurşap alan howla öňünde esgerlerdir köşk desmalçylary hümer bolup duran derwezelerden girilýärdi. Owadan bagjagaza meňzeýän howluda çeleklerde kinniwanja aloedir kinniwanja palmalary, pyrtykal agaçlardyr kedrleri ýetişdirýärdiler; olar boýuna laýyk, hatar oturdylypdyr. Howlynyň ortasynda çüwdürim bardy. Ýodajyklara dürli reňkli çägeler sepilipdir. Şol ýerde, galereýalaryň gümmeziniň eteginde döwletiň ýokary derejeli adamlarynyň käbiri otyrdylar, käbiri bolsa biri-biri bilen ýuwaşja gepleşip, eýläk-beýläk aýlanyp ýördüler. Beýik gapy howludan gümmezini üç gat beýiklikdäki, on iki sany sütün saklaýan zala eltýärdi. Zal uludy, emma uly sütünlerden ýaňa dar ýaly bolup görünýärdi. Ol diwarlardaky kiçijik penjireler we ýokardaky gönüburçly deşik arkaly ýagtylanýardy. Sergin zalda alagaraňkylyk höküm sürse-de, sary diwarlary, köphatarly bezelen sütünleri synlamak bolýardy: ýokarda – ýapraklar bilen güller, aşakda – hudaýlar, ondanam aşakda – olaryň heýkellerini göterip barýan ýa-da hudaýýoly aýdylan zatlary getirýän adamlar; onsoňam ahli ýerde suratlaryň arasynda ieroglifler. Olaryň hemmesi açyk, hatda juda açyk ýaşyl, gyzyl we gök reňkler bilen reňklenipdir. Dürli-dümen nagyşly daş düşelen zalda ak eşikli, aýaklary ýalaňaç žresler, şeýle hem, faraonyň ýanyna çagyrylan döwletiň ýokary derejeli adamlary, harby hökümet agzasy Herihor, serkerdeler Nitagor we Patrokl durdular. Hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Onuň hormatlysy Ramses XII adatça mejlis başlamazynyň öň ýanynda öz ybadathanasynda hudaýlara gurban bererdi. Ol gaty uzak dowam ederdi. Şol uzaga çekýän ümsüm ýerden häli-şindi haýsydyr bir žres ýa-da emeldar çykyp, hudaýa gulluk etmegiň barşy barada: „...Ybadathananyň gapysyndaky möhüri aýyrdy...Hudaýa täret gyldyrýar... Oňa buthana lybasyny geýindirýär...Gapyny ýapdy...“ diýip habar bererdi. Duranlaryň ýüzünde biynjalyk hem-de sustupeslik görünýärdi. Patroklyň bisabyrlygy mese-mälim görünse, Herihor sowukganlylygy elden berenokdy; Nitagor bolsa aram-aram özüniň gök gürleýän ýaly güýçli sesi bilen çuňňur dymyşlygy bozýardy. Her gezek garry söweşijiden gelşiksiz gaty ses çykanda köşkdäkiler edil gorkak goýunlar ýaly tisginişýärdiler hem-de göýä: „Ömürboýy wagşylar bilen söweşip ýören yzgytsyz, gödek adam-da, mundan näme tama etjek?“ diýmekçi bolýan ýaly, biri-birine seredişýärdiler. Uzaga çeken ümsümlikden jaň sesi we ýaraglaryň şakyrdysy eşidildi. Zala altyn başgaply, göwüslikli, ýalaňaç gylyçly iki hatar janpenalar, soňra iki hatar žresler, ahyrsoňunda-da tagtyrowanyň üstünde oturan faraon girdiler. Ol kadilo32 gabyndan göterilýän tüsse gurşap alan tagtyrowanda alkymyny çişirip otyrdy. Müsüriň hökümdary Ramses XII altmyş ýaşlaryndaky, görmegi gaçan ýüzli adamdy. Onuň egni ak ýapynjalydy, altyn ýylanly gyzyl-ak telpegi kellesine bezeg berýärdi, eli uzyn hasalydy. Dabaraly ýörüş peýda bolandan duranlaryň hemmesi özlerini aşak goýberip, ýüzin düşüp ýatdylar. Diňe Patrokl hakyky pes medeniýetli gelmişek hökmünde baş egmek bilen çäklendi, Nitagor bolsa bir dyzyna çöküp, derrewem dikeldi. Faraonyň tagtyrowany belent ýerde - owadan matadan edilen çadyryň aşagynda goýlan gara agaçdan ýasalan tagtyň öňünde saklandy. Faraon tagtyrowandan haýallyk bilen düşdi, duranlara gözüni aýlady we tagta geçip, nazaryny gök ganatly hem-de ýaşyl ýylanly elwan şar şekillendirilen surata dikdi. Faraonyň sag tarapyny-ha ýokary mürze, çep tarapyny-da eli hasaly kazy eýeledi. Olaryň ikisi hem äpet ýasama saçlydy. Ýokary kazynyň yşarat etmegi bilen, duranlaryň käbiri daş düşekde oturdylar, käbiri bolsa dyza çökdüler. Ýokary kazy faraona ýüzlendi: - Biziň jenabymyz hem-de gujur-gaýratly hökümdarymyz! Seniň hyzmatkäriň, Gündogar serhediň beýik goragçysy Nitagor saňa sylag-hormatyny bildirmek üçin geldi hem-de tabyn edilen halklardan içi altyndan doly makahit wazany, üç ýüz sany öküzi, ýüz sany aty, hoşboý ysly teşep agajyny paç getirdi. Nitagor: - Bular ujypsyz paç, meniň jenabym. Biz hakyky hazynany Ýewfratyň kenaryndan tapardyk. Ol ýeriň buýsançly, ýöne gowşak patyşalaryna Beýik Ramsesiň zamanyny ýatlatsak, kem-ä bolmazdy – diýdi. - Onuň sözleriniň nazarda tutuljakdygyny meniň hyzmatkärim Nitagora aýt. Indi bolsa ondan özüne Pi-Bailosyň eteginde çaknyşmak miýesser eden meniň oglumyň hem-de mirasdüşerimiň harby ukyplary barada nähili pikirdedigini sora – diýip, faraon mürzä ýüzlendi. Ýokary mürze: - Biziň hökümdarymyz, dokuz halkyň eýesi senden soraýar, Nitagor...-diýip söze başlady weli, duranlary haýran galdyryp, garry serkerde onuň sözüni gödeklik bilen kesdi: - Meniň jenabymyň näme diýenini özümem eşitdim...Ol maňa ýüzlenýän mahaly, ýokary mürze, sen däl-de, eýsem, diňe tagtyň mirasdüşeri onuň agzy bilen gepläp biler. Mürze batyr kişä geň galyp seretdi,ýöne faraon: - Meniň wepaly gulum Nitagor dogry aýdýar – diýdi. Harby hökümet agzasy ylalaşýan äheňde baş atdy. Ýokary kazy žreslere, emeldarlara we gwardiýalara baga geçip biljekdiklerini mälim etdi. Soňra mürze bilen bilelikde tagta baş egip, özi zaldan ilkinji bolup çykdy. Zalda diňe faraon, Herihor we iki serkerde galdy. - Maňa gulagyňy ger-de, arzymy diňle, hökümdar – diýip, Nitagor söze başlady. – Şu gün irden seniň tabşyrygyň boýunça meniň saçyma hoşboý ysly ýag çalmaga gelen hyzmat edýän žres seniň ýanyňa baranymda sandalymy çykarmalydygymy aýtdy. Ýöne seniň ýigrimi ýyl mundan ozal öz ýanyňa sandally gelmäge ygtyýar edendigiň diňe bir Ýokarky hem-de Aşaky Müsürde däl, hettlerde, şeýle hem, Liwiýada, Finikiýada, Punt ýurdunda hemme kişä mälim ahyry. Faraon: - Sen dogry aýdýarsyň. Görýän weli köşkde tertip-düzgün gowşap ugrapdyr...-diýdi. - Eý, patyşa, sen diňe, emir et, meniň baýry söweşijilerim tertip-düzgüni ýola goýarlar – diýip, Nitagor sözi garbap aldy. Harby hökümet agzasynyň ümlemesi bilen, birnäçe hyzmatkär peýda boldy; olaryň biri sandalb getirip, Nitagoryň aýagyna geýdirdi, beýlekiler tagtyň golaýynda harby hökümet agzasy we iki serkerde üçin üç sany gymmat bahaly oturgyç goýdular. Welmožalaryň üçüsi-de ornaşandan soň, faraon: - Sen maňa aýt, Nitagor, meniň oglum serkerde bolmaga ukyply diýip pikir edýärmiň?..Ýöne dogryňy aýt! - diýdi. - Amon Fiwanlydan hem-de damarynda patyşalyk gany akan öz ata-babalarymyň şan-şöhratyndan ant içýän, eger hudaýlar emir etse, siziň mirasdüşeriňiz Ramses beýik serkerde bolup ýetişer. Entek tas ýetginjek diýen ýaly bolsa hem, ol uly ussatlyk bilen öz goşunlaryny birleşdirdi, olaryň şaý-esbabyny tutup, ýörüşi ýeňilleşdirdi. Ýöne meni bar zatdan ozal begendiren zat , ýoluny kesenimde, onuň özüni ýitirmän, eýsem, goşuny söweşe çykarmagy boldy. Hawa, ol serkerde-de bolar, biziň agtyklarymyz Niliň kenarynda ýolukmaz ýaly, edil häzir küli göge sowrulmaly assiriýalylary-da dyza çökerer – diýip Nitagor jogap gaýtardy. Faraon: - Sen näme aýtjak, Herihor? – diýip sorady. - Assiriýalylar barada aýdylanda, men hormata mynasyp Nitagor olar barada wagtyndan ozal biynjalyk bolýar diýip pikir edýän. Biz entek geçen uruşlardan özümize gelemzok, şonuň üçin hem, täze urşa başlamazdan öň özümizi tutmaly. Tagtyň mirasdüşeri hakda aýdylanda bolsa, Nitagor dogry diýýär, ýigitde serkerdelik ukyby bar: ol tilki ýaly eserdeň, ýolbars ýaly garadangaýtmaz . Ýöne muňa seretmezden, ol düýn birgiden hata goýberdi... - Içimizde hata goýbermeýän barmy näme? – diýip, henize çenli ýuman agzyny açman duran Patrokl gürrüňe goşuldy. Harby hökümet agzasy sözüni dowam etdirdi: - Mirasdüşer baş goşun birikmesini başarjaňlyk bilen alyp bardy, ýöne goşunlary dolandyrýan merkeziň aladasyny etmedi. Şeýle bolansoň, biz Nitagor ýolumyzy kesip biljek derejede juda haýal, başly-barat hereket etdik. Nitagor: - Belki, siziň beýik hormatlyňyz, Ramses size bil baglandyr?- diýip sorady. Harby hökümet agzasy: - Bir-ä dolandyryşda, bir-de uruşda hiç kime bil baglanýan däldir. Iň bir kiçijik, hiç kimiň gözüne ilmeýän daşa büdremegiň ahmaldyr – diýip jogap gaýtardy. Patrokl: - Eger siz, siziň beýik hormatlyňyz, ýygyna haýsydyr bir skarabeýler sebäpli uly ýoldan sowulmagy buýurmanlygyyňyzda...- diýdi. - Siz, hormata mynasyp, özüňiz kese ýerli, diniňizem başga bolansoň, şeýle diýýärsiňiz. Biz, müsürliler bolsa, halkdyr esgerler skarabeýlere hopmat goýmagyny bes etdigi, olaryň ogullarynyň ureýlerden gorkmagyny bes etjekdigini bilýäris. Hudaýlary sylamazlykdan faraonyň garşysyna baş götermek başlaýandyr... - Ýeri, onda aýpaltanyň nämä geregi barmyşyn? –diýip, Nitagor onuň sözüni kesdi. – Kim kellesini egninde aman saklamak isleýän bolsa, ýokary serdary diňlemeli. Faraon Herihordan: - Sen mirasdüşer babatda nähili gutarnykly pikirde? – diýip sorady. - Günüň janly keşbi, hudaýlaryň ogly! Ramsesiň saçyna hoşboý ysly ýag çalmagy emir et, oňa uly zynjyr hem-de on talant ber, emma Menfi goşun birikmesine ýolbaşçy belleme. Şa ogly bu derejeden entek juda ýaş, juda ganygyzgyn, tejribesiz. Ony ýigrimi çaknyşykda efioplary hem-de liwiýalylary kül-peýekun eden Patrokl bilen deňeşdirip bolarmy? Ýa-da ýigrimi ýyllap yzygiderli gazanylan ýeňişlerden soň, diňe ady Gündogardaky hem-de Demirgazykdaky duşmanlarymyzy özlerini ýitirmäge mejbur edýän Nitagoryň deňinde goýup bolarmy? Faraon başyny eline goýberip, bisalym pikirlenip oturdy. Soňra: - Baryň, asudalyk hem-de meniň merhemetim bilen gidiň! Men danalyga, adalaytlylyga laýyklykda hereket ederin – diýdi. Ýokary derejeli adamlar çuňňur baş egdiler, Ramses XII bolsa daşynda hozanak bolýanlara-da garaşman, aňyrdaky rahat ýere geçdi. Ol ýerde diňe Iki serkerde galanda, Nitagor Patrokla ýüzlenip: - Görýän weli, žresler bärde özlerini edil öz öýlerinde ýaly alyp barýarlar...Herihorda kelle-hä bar! Bizi agzymyzy açmaga ýetişdirmän, alçy mündürip, towha gondurdy...Gör-de duruber, ol goşun birikmesini mirasdüşere bermez!..- diýdi. - Ol meni ýerde-gökde goýman öwensoň, men-ä jogap gaýtarmaga-da ýürek edip bilmedim – diýip, Patrokl özüni aklady. - Ol uzakdan görýär, ýöne hemme zady aýdyp oturanok. Eger mirasdüşeriň islegi kanagatlandyrylsa, ýany bilen ýörüşe aýdymçy gyzlary alyp gitjek her hili begzadalaryň goşun birikmesine aralaşjakdygyny, soňra ähli ýokary wezipeleri eýelejekdigini ol bilýär. Özünden ýokary dereje eýeläp, deňinden pitjiň atyp geçip gidýändikleri üçin ýaşuly serkerdeler-ä janlaryny ýakyp, işsiz-pişesiz oturarlar, geýinjeň ýaşlaryň-da şady-horramlyk edip ýörüşlerine iş bilen meşgullanmaga wagty bolmaz. Ine, onsoň goşun birikmesi hatda duşman bilen duşuşmaga-da ýetişmän dargap gider. Eý-how, Herihor – dana adam! - Hernä onuň danalygy bize ýaş mirasdüşeriň tejribesizliginden gymmat düşmäwersin! – diýip, grek onuň gulagyna pyşyrdady. Birnäçe sütünli, diwarlary nagyş bilen bezelen, her gapynyň agzynda žreslerdir köşk emeldarlary baş egişip duran rahat ýeriň anfiladasyndan33 geçip, faraon iş otagyna bardy. Ol iki gatly zal bolup, alebasterden edilen diwarlarynda altyndan we açyk reňkler bilen Ramses XII-niň patyşalyk edýän zamanynyň iň meşhur wakalary şekillendirilipdir: Mesopotamiýanyň ilaty tarapyndan paç getirilip dur; Buhteniň patyşasynyň ilçisi kabul edilýär; hudaý Bonsu Buhten ýurduna dabaraly ýörüş edýär. Şol zalda guş kelleli hudaý Goranyň malahitden edilen, altyn we gymmatbaha daşlar bilen bezelen heýkeli durdy. Onuň öňünde kesilen piramida şekilli altar, patyşa ýaragy, juda gowy bezelen kürsüler, oturgyçlar, şeýle hem, üstünde maýda-çüýde zatlar goýlan stoljuklar bardy. Faraon peýda bolandan žres ýallaklap ugrady, köşkdäkileriň biri bolsa mirasdüşeriň gelendigini habar berdi. Ol basym içeri girip, kakasyna baş egdi. Şa oglunyň nurana ýüzünde galagoply tolgunma bardy. Faraon: - Seniň agyr ýörüşden sag-aman dolanyp geleniňe men şat, oglum! – diýdi. - Goý, sen baky ýaşa hem-de seniň işleriň şöhraty iki dünýäni-de doldursyn! – diýip, şa ogly jogap gaýtardy. Faraon sözüni dowam etdirdi: - Ýap-ýaňy harby maslahatçylarym seniň yhlaslylygyň, ugurtapyjylygyň barada maňa gürrüň berdiler. Mirasdüşeriň terzi üýtgedi. Ol bir agaryp, bir-de gyzaryp durşuna, özüniň ullakan gözlerini kakasyndan sowman, ony diňleýärdi. - Seniň gahrymançylygyň sylagsyz galmaz. Sen on talant, uly zynjyr hem-de ...iki sany uly grek ýygynyny alyp, olar bilen türgenleşik geçersiň. Şa ogly doňup galdy; ýöne sähel salymdan özüni ele alyp, basyk ses bilen: - Menfi goşun birikmesi näme? – diýip sorady. - Biz ýene bir ýyldan hereketi gaýtalarys, eger sen goşuna ýolbaşçylyk etmekde hiç hili ýalňyşlyk goýbermeseň, goşun birikmesine eýe bolarsyň. - Munuň Herihoryň işidigini men bilýän!.. - diýip, gaharyna zordan basalyk berip duran mirasdüşer seslendi. Soňra töweregine göz aýlady-da, sözüni dowam etdi: - Men hiç wagtda seniň bilen ýüzbe-ýüz bolup bilemok, kaka...Hemişe aramyzda ýat adamlar bardyr... Faraon gaşlaryny sähel galdyrandan, daşynda hozanak bolýanlar edil kölege ýaly ýitip gitdiler. - Sen maňa näme aýtmakçy bolýaň? - Diňe ýekeje zat, kaka: Herihor – meniň duşmanym. Ol saňa arz edip, meni şeýle masgaralapdyr!... Şa ogly parahat duran ýaly bolup görünse-de, dodaklaryny çeýneýärdi, ýumruklaryny düwýärdi. - Herihor – meniň-hä wepaly hyzmatkärim, seniň-de dostuň. Sen şonuň arka durmagy bilen, tagtyň mirasdüşeri bolduň. Özüni goşundan kesmäge ýol beren ýaş serkerdä goşun birikmesini ol däl-de, men ynanamok. - Men onuň bilen birleşdim ahyry! – diýip, kakasynyň sözlerine susty basylan mirasdüşer jogap gaýtardy. – Iki sany tomzagyň deňinden aýlanyp geçmegi Herihor buýrupdy... - Sen,näme, žresiň dini äsgermezlik etmegini isleýämiň? Ramses endireýän ses bilen pyşyrdady: - Kaka, barýan tomzaklara zyýan bermezlik üçin, çekilýän nowhana harap edildi, adam ganyna galyndy. - Ol adam özüne el göteripdir. - Herihoryň günäsi bilen! - Seniň Pi-Bailosyň eteginde şeýle başarjaňlyk bilen başyny bogan uly ýygynyňda ýörüşiň agyrlygyna tap getirip bilmän, otuz adam-a ýogalypdyr, ýüzlerçesi-de nähoşlapdyr. Şa ogly başyny sallady. Faraon sözüni dowam etdi: - Ramses, seniň agzyň bilen nowhanalaryň saklanmagy, daýhanlaryň durmuşy barada alada edýän döwlet adamsy däl-de, eýsem, gaharly adam gepleýär. Gahar bolsa, gyrgynyň kepderi bilen oňuşmaýşy ýaly, adalatlylyk bilen oňuşýan däldir. - Kaka! Eger meniň deregime gahar gepleýän bolsa, diýmek, men Herihoryň hem-de žresleriň özüm babatda niýetleriniň ýamandygyny bilýändirin... - Seniň özüň ýokary žresiň agtygy. Žresler saňa köp zat öwretdiler... Sen olaryň syrlaryny beýleki şa ogullaryna garanda has köp bilýäň... - Men olaryň çensiz-çaksyz gopbamsylygyny hem-de hökmürowanlyga teşneligini gördüm. Olar özleriniň çaňyny kakjakdygymy bilensoň, eýýämden meniň duşmanyma öwrüldiler. Herihor hatda maňa goşun birikmesini-de bermek islemeýär, ol tutuş goşuna bir özi ýolbaşçylyk etmek isleýär. Agzyndan sypan seresapsyz sözler üçin mirasdüşeriň özi gorkdy. Ýöne hökümdar oňa arassa nazar bilen seredip, arkaýyn jogap gaýtardy: - Goşuny-da, döwleti-de men dolandyrýan. Ähli buýruklar, çözgütler menden çykýar. Men bu dünýäde Osirisiň terezisini alamatlandyrýan hem-de meniň hyzmatkärlerimiň – mirasdüşeriň, harby hökümet agzasynyň ýa-da halkyň bitirýän işlerini özüm çekýän. Trereziniň çeküw daşlarynyň hemmesi maňa mälim däldir öýdýän adam ätiýaçsyz adamdyr. - Ýöne, kaka, sen hereketleriň barşyny öz gözüň bilen gören bolsadyň... - Belki, men aýgytly pursatda agaçlaryň arasynda jöhit gyzyň yzyndan ylgap ýören serkerdäni görerdim. Ýöne men beýle samsyklyklar barada bilmek islämok... Şa ogly kakasynyň aýagyna ýykyldy. - Muny saňa Tutmos gürrüň berdimi? - Tutmosam edil sen ýaly oglanjyk. Ol eýýäm Menfi goşun birikmesiniň goşunlary dolandyrýan merkeziniň geljekki ýolbaşçysy hökmünde bergi edip ýör hem-de faraon özüniň çöldäki hokgalaryndan bihabardyr öýdýär. ÝEDINJI BAP Aradan birnäçe gün geçenden soň, şa ogly Ramses öz ejesiniň – şa aýaly Nikotrisiň ýanyna goýberildi. Ol faraonyň ikinji aýalydy, ýöne häzir Müsürde aýallaryň arasynda iň ýokary derejäni eýeleýärdi. Hudaýlar oňa şa oglunyň ejesi edip ýaradyp, ýalňyşmandyrlar. Ol uzyn boýly, örän daýaw hem-de kyrk ýaşy arka atandygyna garamazdan, entek zyba aýaldy. Onuň gözleri, ýüzi, tutuş görnüşi şeýle bir şanlydy weli, žres aýalyň ýönekeý eşiginde, ýany adamsyz bir özi barýarka-da, öňünden çykýanlar biygtyýar baş egenlerini duýman galýardylar. Şa aýaly ogluny syrçaly keramiki plitadan örülen iş otagynda kabul etdi. Ol palma agajynyň eteginde, gazma nagyş salnan kürsüde oryotyrdy. Aýagynyň ýanyndaky kinniwanja çarpaýanyň üstünde güjüjek ýatyrdy; beýleki tarapynda eli ýelpewaçly gara gyrnak dyzyna çöküp otyrdy. Faraonyň aýalynyň egni aňyrsy görnüp duran, altyn sapak bilen tikilen kiseýadan34 ýapynjalydy. Onuň ýasama saçynda gymmatbaha daşlardan lotos şekilindäki egme ýalpyldaýardy. Şa ogly tagzym eden mahaly güjüjek ony ysgady-da, ýene ýerine geçip ýatdy. Şa aýaly baş atyp: - Ramses, sen nämüçin meni görmek islediň? – diýip sorady. - Mundan iki gün ozal, eje jan... - Seniň işli bolandygyňy bilýän. Bu gün bolsa ikimiziň wagtymyz ýeterlik bolansoň, men seni diňläp biljek. - Sen men bilen şeýle äheňde gepläşýäň weli, eje jan, maňa çňl agşamynyň şemalynyň ysy gelen ýaly bolýar-da, men saňa öz haýyşymy aýtmaga ýürek ädip bilemok. - Saňa pul serur bolmaga çemli? - Ramses utançly baş atdy. - Köpmi? - On bäş talant... - Eý, hudaýlar-eý! – diýip, şa aýaly batly aýtdy. – Diňe mundan birnäçe gün ozal saňa gaznadan on talant tölendi ahyry!.. Bar, gyzjagaz, baga gezelenç et, sen, megerem, ýadan bolsaň gerek – diýip, şa aýaly gara gyrnaga ýüzlendi we ogly bilen ikiçäk galyp: - Seniň jöhit gyzyň şeýle talabedijimi? – diýip sorady. Ramses gyzardy, ýöne kellesini galdyrdy. - Beýle däl, eje jan. Men esgerlerdir serkerdelere sylag wada berdim-de, ... aýdanymyň yzynda durup bilemok! Şa aýaly ogluna teýeneli seretdi. - Ogly ejesi bilen maslahatlaşmazdan çözgüt kabul edýän bolsa, bu gowy däl. Edil seniň ýaşyňy ýadyma salyp, men saňa finikiýaly ýesir alnan gyzy bermekçidim. Ony maňa bukjasy hökmünde ýanyna on talant goşup, Tirden iberipdirler. Ýöne sen jöhit gyza göwün berdiň. - Sebäbi ol maňa ýarady. Şeýle näzenin diňe seniň öýdeniçerleriň arasynda däl, eýsem, faraonyň aýallarynyň arasynda-da ýok. - Ýöne ol jöhit ahyry! - Ýalbarýan, eje jan, öňden dörän bu ters pikiri goý!..Jöhitleriň doňuz iýýändigi, pişik öldürýändigi ýalan!.. Şa aýaly ýylgyrdy. Ol egnini ýygryp, jogap gaýtardy: - Sen edil aşaky žres mekdebiniň okuwçysy ýaly gürleýäň hem-de Beýik Ramsesiň: „Sary ýüzli halk örän köpdür, bizden baýdyr. Olaryň garşysyna göreşeliň, ýöne ol has-da güýçlenmez ýaly, ägälik bilen göreşeliň“ diýen sözlerini unudýaň. Şonuň üçin hem, men şol taýpadan bolan gyz tagtyň mirasdüşeriniň birinji oýnaşy bolmaga ýaramaýar diýip hasap edýän. - Beýik Ramsesiň sözleri haýsydyr bir ejiz kärendeçä degişli bolup bilermi, eýsem? Onsoňam bizde jöhit barmy näme?..Olaryň Müsüri terk edenleri bäri üç ýüz ýyl ötdi; häzir žresleriň dolandyrmagynda haýsydyr bir gülkünç döwleti döredýärler...- diýip, mirasdüşer sesini gataltdy. - Şa aýaly gaşlaryny birneme çytyp gepledi: - Görýän weli, seniň oýnaşyň wagt ýitirmeýän ýaly. Ägä bol, Ramses! Olaryň öňbaşçysy Musanyň ynamyndan dänen žres bolandygyny ýatda sakla. Jöhitleri biziň ybadathanalarymyzda henize bu güne çenli näletleýärler, sebäbi olar Müsürden özleriniň telim nesliniň çekjek zähmetine düşjeginden-de köp baýlygy alyp gidipdirler. Olar biziň diňe bir altynymyzy däl, eýsem, Biribara bolan ynamymyzy-da, häzir özleriniňki diýip yglan edýän kanunlarymyzy-da alyp gidipdirler. – Ol soňky sözleri agram salyp aýtdy: - Mundan başga-da, şol halkyň gyzlarynyň özge taýpanyň adamlarynyň düşekde ölümini dileýändiklerini bilip goý. Olar kämahal duşmanyň serkerdelerine yrylaýanda-da, ýa-ha soňra olarda jöhitleriň tarapyna geçmäge isleg döretmek, ýa-da öldürmek üçin şeýdýändirler... - Maňa ynan, eje jan, bu bolgusyz gep-gybatyň hemmesini žresler ýaýradýarlar. Sebäbi olar faraona özleri bilen çaknyşmaga kömek edip biljek başga ynanç-ygtykatly adamlary tagta golaýlaşdyrmak islemeýärler. Şa aýaly ýerinden turdy we gollaryny gowşuryp, ogluna haýran galmak bilen seretdi. - Diýmek, maňa ýetirişleri ýaly, sen žreslere duşman-da? Sen, olaryň söýgüli okuwçysy? – diýdi. - Eýsem näme, olaryň çalan taýaklarynyň yzry henizem meniň ýagyrnymda dur...- diýip, şa ogly jogap gaýtardy. - Ýöne seniň ataň, meniň kakam, häzir hudaýlar bilen ýaşaýan Amenhotep ýokary žres bolupdy hem-de ýurda uly täsir edipdi. - Özümiň hut hökümdarlaryň ogly hem-de agtygydygym üçin, men Herihoryň öňbaşçylygy bilen ylalaşyp bilemok... - Emma şol öňbaşçylygy oňa seniň ataň, keramatly Amenhotep gowşurypdy... - Men onuiň merkini bererin! - Ejesi egnini ýygyrdy. Soňra gussaly gepledi: - Gel-gel, sen goşun birikmesine ýolbaşçylyk etmek isläýämiň? Sen erkek kişi, harby ýolbaşçy däl-de, eýsem, hülli-hülli saklanan gyzjagaz ahyry ... Gahary gelen şa ogly özüne zordan erk edip durşuna, onuň sözüni kesdi: - Sen näme diýdiň? - Men öz oglumy tanamok...Men sende Müsüriň geljekki hökümdaryny göremok!..Öňüne sen düşen nebere destsiz gaýyk ýaly bolar...Sen žresleri köşkden daşlaşdyrsaň, ýanyňda kim galjakmyşyn?..Aşaky hem-de Ýokarky Müsürde kim seniň gözüň boljakmyşyn? Serhetden aňyrda?..Ýöne faraon Osirisiň ajap şuglasy düşýän ähli zady görmeli ahyry. - Žresler harby hökümet agzasy däl-de, meniň hyzmatkärim bolarlar. - Olar şeýle-de iň wepaly hyzmatkär-ä. Seniň kakaň olaryň doga-dilegleri arkaly otuz üç ýyl patyşalyk sürýär hem-de heläkçilige uçradyp biljrek uruşlardan gaça durýar. - Žresler üçin!.. - Žresler üçin, döwlet üçin! – diýip, ejesi onuň sözüni kesdi. – Sen biziň gaznamyzdan bir günde on talant alyp, ýene on bäş talant talap edýäň, eýsem, onuň nähili ýagdaýdadygyny bilýämiň?.. Gazna üçin hatda hudaýlaryňam gymmatbaha daşlaryny alyp, olary galp daşlar bilen çalyşýan žresleriň gaýratlylygy bolmanlygynda, patyşanyň emläginiň bireýýäm finikiýalylaryň elinde boljagyny bilýämiň?.. - Niliň daşgynynyň biziň meýdanlarymyzy gerk-gäbe edişi ýaly, ýekeje gezek şowly tamamlanan uruş-da biziň gaznamyzy baýadar. Şa aýaly güldi. - Aý, ýok, Ramses, sen heniz şeýle bir çaga weli, hatda seniň hudaýsyz sözleriňi hem günä saýyp ýörmeli däl. Haýyş edýän, öz grek ýygynyň bilen bol, jöhit gyzdanam basymrak dyn. Syýasaty bolsa...bize goý. - Men nämüçin Sarradan dynmalymyşym? - Sebäbi eger ondan ogul dünýä inäýse, onsuzam dert-aladasy ýetik döwletiň ýagdaýy has-da çylşyrymlaşar. Žreslere bolsa gaharlanyp bilersiň, diňe köpçülikde kemsitmeseň bolýar. Olar tagtyň mirasdüşerine köp zady bagyşlamaly bolýandygyna düşünýärler...Ylaýta-da, onuň häsiýeti kesir bolsa... Ýöne wagt neberäniň şanyna hem-de döwletiň bähbidine ähli zady köşeşdirer. Ramses pikire gitdi. Birdenem: - Diýmek, men gaznadan pul tama etmeli däl-dä? – diýip sorady. - Eger-eger! Men özüme Tirden ýollanan kyrk talanty bermänligimde, ýokary mürze eýýäm şy gün pul tölegini saklamaga mejbur bolardy. Şa ogly maňlaýyny takatsyzlyk bilen süpürip durşuna: - Ýeri, onsoň men goşun bilen nätmeli? – diýip sorady. - Jöhit gyzyň gümüni çek-de, žreslerden sora...Belki, olar saňa karz bererler. - Hiç wagtda! Gowusy fimnikiýalylardan alaryn. Şa aýaly başyny ýaýkady. - Sen – tagtyň mirasdüşeri. Halanyňy et... Ýöne duýdurýan: sen uly zady girew goýmaly bolarsyň; finikiýaly diýeniň bolsa, karz berdigi besdir, ýakaňdan elini aýyrmaz. Ol jöhitdenem hilegärdir. - Şeýle bergini ýapmak üçin meniň öz girdejimiň uly bolmadyk bölegi-de ýeter. - Görübereris...Men saňa ýürekden kömek etjek weli, ýöne ýagdaýym ýok...-diýip, şa aýaly ellerini gussaly gerip aýtdy. – Bildigiňden galma, ýöne finikiýalylaryň biziň mülkümize alakalaryň ammara aralaşyşy ýaly aralaşýandygyny ýadyňda sakla: olaryň biri deşikden girdigi, yzy bilen beýlekilerem dökülýändir... Ramses gitmäge howlukmady. Şa aýaly: - Sen maňa ýene nämedir bir zat aýtmakçy bolýarmyň? – diýip sorady. - Men diňe bilmek isleýän...Eje jan, seniň maňa dahylly haýsydyr bir etsem-goýsamyň bardygyny ýüregim duýýar. Nähili? Şa aýaly onuň ýaňagyny sypalady. - Häzir däl!..Entek juda ir!..Biziň ýurdumyzdaky her bir tanymal ýigit ýaly. senem häzir erkin. Şonuň lezzetini-de görüp gez! Ýöne, Ramses, seniňem öýlenmeli wagtyň geler; perzentleriň-ä patyşa ganly çagalar, uly ogluň-da seniň mirasdüşeriň bolar. Men, ine, şol wagt barada oýlanýan... - Ýeri, onsoň? - Häzir hiç hili anyk zat ýok. Ýöne her zat bolsa-da, syýasy danalyk maňa seniň aýalyň žresiň gyzy bolmalydygyny aýdýar... Şa ogly: - Belki, Herihoryň gyzydyr? – diýip güldi. - A nämüçin bolmaly dälmişin? Herihor hä diýmän Fiwyda ýokary žres bolar, onuň gyzy bolsa häzir bary-ýogy on dört ýaşynda. - Ýeri, onsoň ol meniň ýanymda jöhit gyzyň ýerini eýelemäge razymyka? – diýip, Ramses ýaňsyly sorady. - Adamalaryň seniň ýalňyşlygyňy unutmagynyň aladasyny etmeli. Ramses kellesini tutup: - Seniň aýagyňy öpýän hem-de gidýän, eje jan. Men bärde şeýlebir täsin zatlary eşitdim weli, Nil yzyna akaýmasyn ýa-da piramidalar Gündogar çöllüge tarap süýşäýmesin diýip howatyrlanýan – diýdi. Şa aýaly ogluna howsalaly seredip: - Dine dil ýetirme, çagam, bu ýurtda geň-taňlyk görülme kemi galýan däldir – diýip pyşyrdady. Mirasdüşer: - Patyşanyň köşgüniň diwarlarynyň öz hojaýynlaryny diňlemegi-hä däldir-dä? – diýip ýaňsyly ýylgyryp sorady. - Faraonlaryň bary-ýogy birnäçe aý patyşalyk sürüp ýogalanlary boldy, onsoň dokuz halky dolandyran neberelerem syndy. - Sebäbi şol faraonlar kadilo gabynyň hatyrasyna gylyjy unudypdyrlar – diýip, şa ogly jogap gaýtardy. Ol tagzym etdi-de, çykyp gitdi. Mirasdüşeriň ädimleri giň dälizde ýuwaşadygyça, enäniň ýüzi üýtgeýärdi. Haýbatly arkaýynlyk öz ornuny ezýetdir howsala berdi; okara gözlerde ýaş bulduraýardy. Ol hudaý aýalyň heýkeline alakjap bardy-da, dyza çöküp, burçlara hindiniň hoşboý ysly otlaryny sepip, doga okamaga başlady: - Eý, Isida35, Isida, Isida! Seniň adyňy üç gezek gaýtalaýan. Ýylanlary, näheňleri, düýeguşlary ýaradýan, eý, Isida, goý seniň adyň üç gezek arşa göterilsin!. Bugdaýlary ýelden, biziň ata-babalarymyzyň bedenlerini wagtyň weýran ediji işlerinden goraýan, eý, Isida! Rehim eýleýip, meniň oglumy gora, eý, Isida! Goý, seniň adyň bärde...aňyrda...ähli ýerde üç gezek gaýtalansyn!..Häzir-de, hemişe-de, asyrlaryň dowamynda-da, biziň hudaýlarymyzyň ybadathanalary Niliň suwuna seredip durýança! Şeýdip gözýaş döküp, doga okaýşyna şa aýaly maňlaýyny ere degirdi. Edil şol wagt hem onuň ýeňsesinden: - Dindaryň sesi hemişe eşidiler... – diýen pyşyrdy gulagyna ildi. Şa aýaly tarsa turdy-da, juda geň galmak bilen töweregine seretdi. Ýöne haşamly ymaratda hiç kim ýokdy; oňa diňe diwardan-a çekilen güller, altardan-da üýtgeşik arkaýyn oturan hudaý aýalyň heýkeli bakýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |