00:04 Faraon -5: romanyň dowamy | |
SEKIZINJI BAP Özüniň kiçi köşgüne endişeli dolanyp gelen mirasdüşer Tutmosy ýanyna çagyrdy. - Sen maňa nädip pul tapmalydygyny öwretmeli boljak. - Ä-hä! – diýip, bezemen ýigit güldi. – Iň ýokary žres mekdeplerinde öwredilmeýän zat bolan ýiti paýhaslylyk, ine, nirede! Men ol ýerde öwüt-ündewçi-hä bolup bilerdim! Şa ogly: - Ol ýerde karz almagy öwretmeýärler – diýip belledi. - Eger men öz agzymyň hudaýlara şek ýetirmeginden gorkmanlygymda, käbir žresleriň wagty bisarpa tutýandygyny aýdardym. Keramatly-da bolsa, ederini bilmez adamlar!.. Et iýenoklar, ýa-ha bir aýal bilen oňup ýörler ýa-da aýallardan bütinleý gaçýarlar, kimden karz pul almalydygyny-da bilenoklar... Bu sungatyň nämedigini menden öwrenýändigiň üçin, men bagtly, Ramses! Sen pulsuzlygyň nähili ezýet berýändigine düşündiň. Pula mätäçlik çekýän adam işdäsini ýitirýär, uklap ýatyrka hopugyp oýanýar, aýallara: "Bular nämä gerekkä?“ diýip soraýan ýaly, agzyny öweldip bakýar. Salkyn ybadathanada onuň ýüzi lap-lap gyzýar, jokrama yssyda bolsa çölde ysytma tutýar. Ol edil telbe ýaly, bir nokada seredip oturyşyna, özüne aýdylýan sözleri eşitmeýär. Hoşboý ysly ýag çalynmadyk ýasama saçy gyşaryp durandyr... Ony diňe bir küýze güýçli çakyr köşeşdirip biler. Ýöne ol hem uzak dowam etmez, biçäre özüne geldigi, aýagynyň astyndaky Ýer agzyny hatap deý açýan ýaly bolup görner... Puluň ýokdugy sebäpli göwnüçökgün haldadygyňy seniň gyssanmaç, aljyraňňy hereketiň aýdyp dur. Ýöne basym sen başga duýgyny başdan geçirersiň – gursagyňdan ullakan sfinks36 gaçan ýaly bolar. Soňra sen öz öňki aladalaryňy, häzirki karz berijileriňi ýakymly unudarsyň. Soňra bolsa... Ah, bagtly Ramses! Saňa entek oslagsyz ahwalatlar garaşýar!.. Sebäbi möhleti ýetip, karz berijiler, hamala, özleriniň hormat goýýandyklaryny bildirýänden bolup, bäri gelip ugrarlar weli, sen ýa-ha itler söbügine münen suguna, ýa-da derýadan suw susup alanda, näheňiň gabarçyk-gabarçyk arkasyna gözi düşen müsürli gyza meňzärsiň... - Aýdýan zatlaryň örän gyzykly – diýip, Ramses gülüp durşuna, ony saklady. – Ýöne ondan maňa ýeke drahm-da peýda ýok-da... - Soňuny aýdyp oturma – diýip, Tutmos onuň sözüni kesdi. – Men edil häziriň özünde pul bilen iş salyşýan edaranyň hojaýyny, finikiýaly Dagonyň ýanyna ugraýan; ol hatda pul bermäýende-de, sen şu agşam köşeşersiň. Tutmos köşkden ylgap çykdy-da, uly bolmadyk kejebä mündi we daşyny gallan hyzmatkärlerdir özüne meňzeş guşkelle ýigitleriň topary bilen seýilgähiň bagýodalarynda gözden ýitdi. Gün batmazynyň öňüsyrasynda mirasdüşeriň öýüne Memfisde pul bilen iş salyşýan edaranyň tanymal ýolbaşçysy, finikiýaly Dagon geldi. Ol entek süňňi sagat, saryýagyz, arrykdan gelen kamatly adamdy. Onuň egninde gök reňkli hiton37, üstünde-de ýuka matadan ak ýapynja bardy. Bu altyn halka saklaýan uzyn saçly, gaba sakgally adam ýasama saçly we ýasama sakgaljykly müsürli sypanjaň erkek kişileriň ýanynda haýbatly görünýärdi. Mirasdüşeriň dynç alýan ýeri ýokary gatlakdan çykan ýaşlardan jygylda-mygyldy. Olaryň bir bölegi suwa düşýärdi, hoşboý ysly ýaglardan çalynýardy, beýleki bölegi narddyr sadranç oýnaýardy, üçünji bölegi bolsa tansçy gyzlar bilen eýwanda çadyryň astynda çakyr içýärdi. Mirasdüşer ne çakyr içýärdi, ne oýun oýnaýardy, ne-de zenanlar bilen suwjaryşýardy; ol finikiýala garaşyp, eýwanyň uzaboýuna eýläk-beýläk gezmeleýärdi. Onuň iki eşegiň üstünde goýlan kejebesine gözi kaklyşandan, şa ogly aşaky boş otaga düşdi. Az salymdan gapynyň agzynda Dagon peýda boldy. Ol işikde dyzyna çöküp: - Saňa salam bolsun, Müsüriň täze Güni! Goý, seniň ömrüň müdimilik bolsun, goý, seniň at-owazaň Finikiýa gämileriniň barýan ýerine – iň uzakdaky kenarlara ýetsin! – diýip seslendi. Ol şa oglunyň emir etmegi boýunça ýerinden galdy we ellerini ikibaka salgaýşyna, gürläp ugrady: - Asylly Tutmos meniň külbämiň (meniň öýüm, mirasdüşer, seniň köşgüň bilen deňeşdirilende külbe ahyry!) öňünde kejebeden düşende, onuň ýüz-gözünden nur ýagyp duransoň, men derrew aýalyma: "Famar, asylly Tutmos bäri özi üçin däl-de, eýsem, Liwan deňiz ýakasyndaky çägelerden näçe ýokarda durýan bolsa, özünden şonça ýokarda duran kimdir biri üçin gelen bolmaly...“ diýdim. Aýalym: "Meniň jenabym, aňrybaş asylly Tutmosyň özi üçin gelmändigini sen nireden bilýäň?“ diýip sorady. Men: "Ol bäri ýany pully gelip bilmez, sebäbi onuň puly ýok; ol bäri pul üçin hem gelen däldir, sebäbi mende pul ýok...“ diýip jogap gaýtardym. Soňra ikimizem asylly Tutmosa baş egdik. Ol seniň, hormata mynasyp jenabymyz, öz guluňdan on bäş talant almakçy bolýandygyny aýdanda, men aýalymdan: "Famar, meniň ýüregimiň duýgurlygyny neneň gördüň?“ diýip soradym. Ol nähili jogap gaýtarandyr öýdýäň?"Dagon, sen şeýle bir akylly welin, köşgüň mirasdüşeriniň maslahatçysy bolaýmaly adam“ diýdi. Ol, hatda ejesidir faraonyň ýanynda-da köplenç özüne buýurmagy başarmaýan Ramses, häzir gahary gelip dursa hem, süýthory diňleýärdi! Finikiýaly sözüni dowam etdirdi: - Ine, onsoň biz ýagşy ölçerip-döküp, meniň hyzmatymyň, jenabymyz, size gerekdigine düşündik; biziň öýümize şeýle bir şatlyk ýaýrady weli, men hyzmatkäre on küýze buza bermegi buýurdym, Meniň ýassykdaşym Famar bolsa özüne täze gulakhalka alyp bermegimi talap etdi. Meniň begenjimi söz bilen beýan eder ýaly bolmansoň, eşekleri sürüp gelýän adama tä bäri gelýänçäm olary urmagy gadagan etdim. Meniň nämynasyp dabanym seniň işigiňe degende, men barmagymdan altyn ýüzügimi çykaryp (sarpasy belent Herihoryň Ennana sowgat bereninden hem uly), şol gymmatbaha ýüzügi elimi ýuwmaga suw getiren seniň öýdeniçeriňe sowgat berdim. Ýogsa-da, senden soramaga rugsat et: meniň elime suw akydylan kümüş küýze bäri nireden düşdi? - Ony maňa Gaberiň ogly Azariýa iki talanta satdy. - Jöhitmi? Sen, jenabym, jöhitler bilen gatnaşýarmyň? Ýeri, onsoň muňa hudaýlar nähili garar? Mirasdüşer: - Azariýa-da sen ýaly söwdagär ahyry– diýdi. Bu sözleri eşiden Dagon elleri bilen kellesini tutup, tüýkürinişine, waňkyryp ugrady: - Eý, Baal, Tammuz38!.. Eý, Baalit39! Eý, Aştoret40!..Jöhit, Gaberiň ogly Azariýa men ýaly söwdagärmişin!..Eý, meniň aýaklarym, siz meni nämüçin bäri getirdiňiz?..Eý, meniň ýüregim, sen beýle ezýete, masgaraçylyga nädip çydaýaň?..Eý, hormata mynasyp jenabymyz, eger men galp altyn ýasasam, meni suwasalma ýenç, elimi kes, ýöne jöhit söwdagär bolup biler diýme. Jöhit söwdagär bolýança Tir harabaçylyga öwrüler, çägeler Sidany41 alyp giderler. Olar seniň semiz geçileriňi sagyp ýa-da müsürliniň gamçysynyň astynda toýun bilen sypaly garyp bilerler, ýöne söwda...eger-eger! Tüf! Tüf!.. Gullaryň hapa jemendesi diýsäni!.. Ogrular diýsäni!..Talaňçylar diýsäni!.. Gahary depesine çykan mirasdüşer atyljak-atyljakdady, ýöne henize çenli hiç kimiň alnynda saklanmaga endik etmändigi üçin özi özüne geň galyp, köşeşdi. - Ýeri, onsoň sen, hormatly Dagon, maňa on bäş talant karz berýämiiň? – diýip, ol ahyry finikiýalynyň sözleriniň arasyny kesdi - Eý, Aştoret! On bäş talant diýeniň juda kän zat; ýagşy pikirlenmek üçin, men jaýlaşykly oturmaly. - Oturmaly bolsa, geç-de, otur. Kürsüde ornaşan finikiýaly sanap başlady: - Talanta ýigrimi sany altyn zynjyr ýa-da altmyş sany sagylýan sygyr, ýa-da gara iş üçin on sany gul, ýa-da fleýta çalyp bilýän, ýa-da surat ýekip bilýän, ýa-da hassany bejerip bilýän bir gul almak bolýar. Talant diýeni giden bir baýlykdyr!.. Şa oglunyň gözleri jöwherlenip gitdi. Ol: - Eger sende on bäş talant ýok bolsa...- diýip, süýthoryň sözüni kesdi. Ýüregi agzyna gelen finikiýaly kürsüden ýere atylyp düşdi. - Eger sen höküm etseň, bu şäherde kim pul tapmaz, Günüň ogly?..Dogry, meniň özüm-ä bir biçäre gedaý, ýygnap-ýygşyran tutuş altynym, gymmatbaha zatlarym, kärendesine alanlarym, şa ogly, seniň ýekeje garaýşyňa-da degenok. Ýöne söwdagärlere aýlanyp, özümi kimiň iberendigini aýtdygym bes, ertiriň özünde Ýeriň aşagyndan gazylyp tapylar weli, on bäş talant taýýar bolar. Eger sen, şa ogly, gurap giden injir agajynyň öňünde durup, oňa: „Pul ber!“ diýseň, şol hem bererdi... – Finikiýaly sözlerini naýynjar äheňde jemledi. - Ýöne sen maňa beýle seretme, Goruň42 ogly, ýogsam neniň ýüregim doňup, aklym bulaşjak bolýar. - Hany, otur, otur – diýip, şa ogly ýylgyryp durşuna aýtdy. Dagon ýerinden galdy-da, kürsüde oýjarylyp oturdy. Ol: - Saňa on bäş talant näçe möhlete gerek? – diýip sorady. - Bir ýyldan gaýtararyn diýip pikir edýän... - Gel, gowusy karzy üç ýyllyk edeli. Karz alnan on bäş talanty her günde gurply öýleriň şadyýan oglanlaryny, zyba zenanlary kabul etmeli bolýan ýaş şa ogly däl-de, eýsem, diňe patyşa bir ýyldan yzyna gaýtaryp biler, Wah, bu aýallarmy!..Soramaga rugsat et, seniň Gedeonyň gyzy Sarrany alanyň çynmydyr? - Seniň göterimiň näçe bolar?- diýip, Ramses onuň sowalyna sowal bilen jogap gaýtardy. - Seniň keramatly agzyň aýdanyna-da degmeýän ujypsyzja göterim-le. On bäş talant üçin sen maňa ýylda bäş talant berersiň; üç ýylyň dowamynda şeýdip özüm alyp dursam, bildirmezem ol... - Diýmek, sen maňa şu gün on bäş talant berip, üç ýyldan otuz edip alýaň-da? - Göterimiň mukdarynyň karzyň mukdaryna deň bolmagyna Müsüriň kanuny ygtyýar berýär – diýip, finikiýaly utançly jogap gaýtardy. - Bu juda köp dälmi? - Juda köp dälmi?..- diýip, Dagon onuň aýdanyny gaýtalap gygyrdy. – Her bir uly jenabyň uly köşgi, uly baýlygy bolup, ol diňe uly göterim töleýär. Tagtyň mirasdüşerinden az alsam, maňa utanç bolar-a! Onsoňam men az almaga ýürek etsem, seniň özüň meni taýaklap ýençmäge, bärden gümümi çekdirmäge emir etmegiň ahmal ahyry... - Sen puly haçan getirýäň? - Getirmeli?..Eý, hudaýlar-eý! Bu bir adamyň güýji ýeterden agyr ahwetin. Men gowusyny edeýin: şeýle bolgusyz işlere bulaşyp ýörmeziň ýaly, özüm seniň deregiňe hemmesi bilen hasaplaşaýyn. - Sen kime näçe bermelidigimi biýämiň näme? - Bilýän öýdýän – diýip, finikiýaly pisint etmän jogap gaýtardy. – Sen bäş talanty Gündogar goşunyna ibermekçi bolýaň – muny biziň Hetemdäki hem-de Migdoldaky edaralarymyzyň işgärleri bitirer. Üç talant hormata mynasyp Nitagora, üçüsi-de hormata mynasyp Petrokla – muny hem ýerinde oňarsa bolar. Sarradyr kakasy Gedeona bolsa şol murdar Azariýanyň üsti bilen töleg geçirip biljek...Şeýtsek, gaýtam gowy-da bolar, ýogsam hasap-hesipde olaryň saňa aňňalak gapdyrmagy mümkin. Ramses gozgalaň tapyp, otagda eýläk-beýläk gezmeläp ugrady. - Diýmek, men saňa otuz talanta dilhaty bermeli-dä? - Haýsy dilhaty ol, nämäniň dilhaty ol?..Men dilhaty başyma ýapaýynmy?..Şanyň ogly maňa nomarhlardaky öz mülklerini: Takensi, Seti, Neha-Menti, Neha-Pehuny, Sebt-Heti hem-de Habuny üç ýyla kärendesine berýär – wessalam, gürrüň tamam.. - Kärendesine? – diýip, şa ogly gaýtadan sorady. – Aý, ýok-la, men-ä muny makul bilemok. - Weý, men öz pulumy, özümiň otuz talantymy nädip alaýyn onda? - Garaş. Men şol ýerleriň näçe girdeji getirýändigini mülkleri dolandyryjydan anyklaýyn. - Siziň alyhezretleriňize özüni azara goýmak nämä gerek!.. Dolandyryjynyňam bilýän zady bolarmy! Ak göwünli finikiýala ynan: ol hiç zat bilenok! Her wagt birmeňzeş bolmaýar ahyry, hasyl nähili bolsa, girdeji-de şonuň ýaly. Eger men bu işde ýitgi çeksem, onuň öwezini dolandyryjynyň doljak gümany barmy näme?.. - Bilýäňmi näme, Dagon, göwnüme bolmasa, bu mülkler ýylda on talanta garanda has köp girdeji getirýän ýaly.. - Patyşanyň ogly maňa ynananokmy? Bolýar! Eger makul bilseň, men Setedäki mülki aýryp biljek Ýeri, nähili? Sen entegem men özüňden artyk soraýandyr öýdüp pikir edýämiň?..Bolýar, Sebt-Heti hem geçeýin. Ýöne bu ýerde dolandyryjynyň näme dahyly barmyşyn? Gel-gel, saňa akyl öwretjegem şol boldumy indi? Eý, Aştoret! Eger haýsydyr bir dolandyryjy, gol astyndaky gul meniň merhemetli hökümdaryma nämedir bir zady düşündirip bilse, men ukudanam, işdädenem kesilerin. Bärde diňe mürze gerek, ol-ha şanyň oglunyň pylan, pylan nomlardaky ýerlerini maňa üç ýyl kärendesine berýändigini ýazýar, on alty sany şaýat-da meniň siziň alyhezretiňiz tarapyndan şeýle hormata mynasyp bolandygymy tassyklaýar – bolany. Öz jenabynyň menden karz pul alandygyny gullukçylara bilmek nämä gerek?. Bu gürrüň mirasdüşeriň halys ýüregine düşdi. Ol elini salgap goýberdi-de: - Ertir puly getir, mürzäni, şaýatlary hem ýanyň bile alyp gel. Men munuň bilen meşgullanjak däl -diýdi. - Ynha, bular dana sözler! – diýip finikiýaly gygyrdy. – Goý, seniň ömrüň müdimilik bolsun! DOKUZYNJY BAP Niliň çep kenarynda, Memfisiň demirgazykdaky şäher bilen utgaşýan şäherçeleriniň biriniň çetinde mülk bolup, mirasdüşer ony Gedeonyň gyzy Sarra ýaşamak üçin beripdi. Ol ýaşaýyş jaýynyň üçeginden eliň aýasynda ýaly görünýän, inedördül şekilli diýen ýaly, takmynan, otuz bäş morg43 ýer ülüşidi. Mülküň baýryň eňňidindäki peýdalanylýan ýeri dört hatara bölünendi. Hemişe Niliň suwy gelip duran aşakdaky iki uly ülüş meýdanlara, melleklere niýetlenendi. Yzygiderli suw gelip durmaýan ücünji hatarda palma, injir hem-de beýleki miweli agaçlar ösüp otyrdy. Dördünji, iň ýokarky ülüşde zeýtun, üzüm, pyntyk we kaştan agaçlary oturdylypdyr. Ine, şolaryň arasynda ýaşaýyş jaýy bardy. Jaý agaçdandy, iki gatlydy, adatça bolşy ýaly, eýwanlydy, polotnodan çadyrlydy. Aşakda Ramsesiň gara guly, ýokarda bolsa öz garyndaşy we öýdeniçeri Tafet bilen Sarra ýaşaýardy. Jaýyň daşyna çig kerpiçden haýat aýlanandy; haýatyň aňyrsynda, belli bir daşlykda mallar, işgärler we gözegçiler üçin goşmaça gurluşyk bardy. Sarranyň otaglary uly däldi, ýöne owadan bezelendi. Ýere haly düşelendi, gapylardyr penjirelere ala-mula tutular tutulandy. Ol ýerde oýulyp nagyş çekilen ýatyş sekiler, haşamlanan oturgyçlar, egin-eşik üçin sandyklar, üstünde güldanlar goýlan bir ýa-da üç aýakly stollar, çakyr guýar ýaly gelşikli küýzeler, atyrly çüýşejikler ýerleşdirilen gutujyklar, altyn we kümüş kuboklardyr badalar, faýansdan ýasalan wazalardyr pyýalalar, kümüş çyralar bardy. Gündelik ýaşaýşyň her bir, hatda ownuk härsesine çenli (agaç goş, gap-çanak) oýulyp çekilen nagyşlar, dürli suratlar, her bir köýnek – keşde, seçek bilen bezelendi. Ynha, on gündür, Sarra bu ýaraşykly ýerde adamlardan gorkup hem-de utanyp ýaşansoň, ony hatda işgärlerem görenokdy. Ol penjireleriniň tutusy goýberilen otagda ýa-ha tikin tikip, uly bolmadyk enjamda tara dokaýardy, ýa-da janly güllerden Ramses üçin otaga örýärdi. Sarra kämahal eýwana çykyp, kürekleýjileri şadyýan aýdym aýdýan gaýyklardan hyň berýän Nile seretmekden lezzet alardy ýa-da beýleki kenarda dymma we tutuk halda howalanyp oturan patyşanyň köşgüniň çal pilonlaryna howsalaly bakardy. Ol: - Sen aşakda näme edýäň, daýza? Gel, bärde otur! – diýip, Tafeti ýanyna çagyrdy. - Bagban miwe getirdi, şäherdenem çörek, çakyr, awlanan guş iberipdirler; kabul etmeli boldy. - Bärde oturyp, meniň bilen gürrüňdeş bolsana, ýogsa men-ä gorkýan. - Wah, sen akmajyk gyzjagaz – diýip, Tafet gülüp jogap gaýtardy. – Menem ilki-ilkiler burnumy daşary görkezmäge gorkardym. Ýöne haýatdan aňry seretdimem weli, ähli zat gül ýaly boldy duruberdi. Ulusy-kiçisi öňümde dyza çökýärkä, men kimden çekinmelimişim? Seniň alnyňda-ha kellesiniň üstünde-de durawersinler!.. Beýdip oturman, baga çyk, ol ýer edil jennet ýaly. Bugdaýy orulýan meýdana seret...Owadan bezelen gaýyga mün; gaýykçylar tukatlykdan gurap barýarlar, olar saňa seretmek, Nile aýlamak isleýärler. - Men gorkýan diýdim-ä. - Kimden? - Özümem bilemok. Işe gümra bolup otyrkam-a, göwnüme, men öz jülgämizde, öýümizde gezip, hä diýmän kakam geläýjek ýaly... Ýöne şemal tutyny giňden açyp goýberende weli, men ýokardan ägirt uly, serhetsiz ýurdy görýän. Ine, onsoň meniň özümi nähili duýýandygymy bilýämiň? Hamala, depämden gyrgy şaglap inäge-de, gaýdyp hiç wagt aşak düşülmejek ýere – gaýa, öz höwürtgesine äkidýän ýaly... - Wah, şa oglunyň nähili legen iberendigini sen bir bilsediň! Mis legen! Üç aýakly tagany, demir tutgujy diýsene!..Şu gün bolsa men iki kürk towuk basyrdym, basym biziň jüýjejiklerimiz bolar... Gün batyp, özüni hiç kim görüp bilmejek mahaly Sarra batyrlanardy: eýwana çykyp, derýa sereder durardy. Uzakda garalyp ýatan suwa al-gyrmyzy zolak taşlaýan çyralar ýagtylandyrýan gaýyk peýda bolanda, Sarra ellerini biçäre ýüregi tutulan guş ýaly urunýan gursagyna gysardy. Ol Ramsesiň öz ýanyna ýüzüp gelýändigini bilerdi hem-de kalbynda nämeleriň gopýandygyna özi düşünmezdi: ýa-ha bu mähriban jülgesinde sataşylan görmegeý ýigit bilen duşuşmagynyň öň ýanyndaky şatlykdy, ýa-da alnynda susty basylýan beýik hojaýyny we hökümdary ýene-de görjekdiginiň gorkusydy. Bir gezek, şenbäniň öňüsyrasy, ol ýaşap ugraly bäri kakasy ilkinji gezek mülke geldi. Sarra gözüne ýaş aýlap, oňa özüni oklady; yzyny üzmezden ogşaýşyna, kakasynyň aýagyny özi ýuwdy, kellesine hoşboý ysly suw pürkdi, Gedeon gartaşan, hyrsyz ýüzli adamdy.Ol topugyna ýetip duran, etegi her jüre nagyşlanan uzyn köýnek, onuň üstündenem ýapynjanyň bir görnüşi bolan, gursagyna hem-de arkasyna düşüp duran ýeňsiz sary kaftan geýipdir. Kellesinde ýokarsy çürelip gidýän kiçiräk telpek bardy. Sarra: - Geläýdiň-ä sen!.. Geläýdiň-ä!..- diýip ýüzlenişine, onuň elini, ýüzüni, saçyny gaýtadan ogşap ugrady. - Bärdedigime özümem geň galýan – diýip, Gedeon gussaly jogap gaýtardy. – Men ogry ýaly bolup, bagyň içi bilen bukdaklap geldim; Memfisden bäri, göwnüme, ýolda duş gelýänleriň ählisi barmak çommaldyp, her bir deňimden ötýän jöhidem yzymdan tüýkürýän ýaly boldy durdy. Sarra: - Wiý, kaka, meni mirasdüşere özüň berdiň ahyry! – diýdi. - Berdiň... Ýeri, men bermän nädeýin?.. Aslynda-ha, barmak çommaldanam, tüýkürenem ýokdur-da, özüm şeýledir öýdüp pikir edendirin. Meni bilýän müsürliler näçe tanymal boldugyça, şonça-da aşak eglip tagzym edýärler. Seniň bärde bolan wagtyň biziň jenabymyz Sezofris: „Seniň öýüň giňeldilse-hä kem bolmazdy“ diýdi; jenap Haýres maňa bir çelek gowy çakyr eçildi; biziň hormata mynasyp nomarhymyz bolsa seniň saglygyňdan habar tutmak, şeýle-de, öz ýanyna dolandyryjy bolup geçmäge razyçylygymy soramak üçin, meniň ýanyma ynamdar hyzmatkärini ýollapdyr. Sarra: - Ýeri, onsoň jöhitler näme? - diýip sorady. - Näme jöhitler? Olar meniň öz erkime razyçylyk bermändigimi bilýärler ahyry. Onsoňam...olaryň her biri özüne edil şeýle zorluk edilmegini islemän duranam däldir-le. Goý, nämäniň nämedigini hudaý çözsün. Sen, gowusy, nähili ýaşaýandygyň barada gürrüň ber. - Oňa jennetde-de şundan gowy bolasy ýok – diýip, Tafet gürrüňe goşuldy. –Miwemi, çakyrmy, çörekmi, etmi – göwni näme islese, uzynly gün getirip durlar. Biziň legenimizi diýsene!.. Sap misden! Aşhana gap-gaçlaryny bir görsediň!.. Sarra onuň sözüni kesdi: - Mundan üç gün ozal meniň ýanyma finikiýaly Dagon geldi. Men ony kabul etmek islemedim, ýöne ol ýer depdi durdy... - Ol maňa tylla ýüzük sowgat berdi – diýip, Tafet ýene gürrüňe goşuldy. Sarra sözüni dowam etdirdi: - Ol meniň jenabymyň ýerini kärendesine alýandygyny aýdyp, maňa iki sany aýaga dakylýan bilezik, dür bilen bezelen gulakhalka hem-de içinde Punt ýurdundan getirilen hoşboý ysly atyrlar bolan gutujyk sowgat berdi. - Ol ne sebäpden beýle tarhandökerlik etdikä? - Hiç sebäpdenem däl. Diňe meniň özüne gowy garamagymy, onsoňam ýeri gelende meniň jenabymyň ýanynda: "Dagon seniň iň bir wepaly hyzmatkäriňdir“ diýmegimi haýyş etdi. - Basym seniň bilezikdir gulakhalkadan agzy-burny bilen doly sandygyň bolar – diýip, Gedeon ýylgyryp durşuna aýtdy. Birsalym dymandan soňra aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. – Eh, gymmatbaha şaý-sepleri köpräk ýygna, günleriň birinde niredesiň öz topragymyz diýip ökje götereli! Bärde biziň gam-gussadan gözümiz açylman geçer. Günüň ýaman bolsa, gaýgy-hasratdyr, günüň gowy bolsa, has-da gaýgy-hasratdyr. - Ýeri, onsoň meniň jenabym näme diýer? – diýip, Sarra gussaly sorady. Kakasy başyny ýaýkady. - Bir ýyl hem geçip-geçmän, jenabyň seni taşlar, özi-de şeýtmäge oňa köp adam kömek eder. Eger sen müsürli gyz bolanlygyňda, ol seni öz öýüne alardy. Ýöne jöhit gyzy... - Taşlaýarmyka? – diýip, Sarra uludan dem alyp sorady. - Boljak zat hakda gam çekmegiň nämä geregi bar? Ähli zat hudaýyň elindedir! Men bäri şenbäni seniň bilen bileje geçirmäge geldim... - Tüýs bolaýdy, mende täzeje balyk, et, köke, koşer44 çakyry bar – diýip, Tafet gyssanmaç gürrüňe goşuldy. – Wiý, ýogsa-da, men Memfisde ýedi şahlyja şemdan hem-de mumdan edilen şem satyn aldym...Biziň agşamlyk naharymyz hut jenap Haýresiňkidenem gowy bolar. Gedeon gyzy bilen eýwana çykdy. Ol gyzyndan: - Tafet maňa seniň öýden çykman oturýandygyňy aýtdy. Nämüçin? – diýip sorady. - Bolmanda baga çyk ahyry. Sarra tisginip gitdi. - Men gorkýan – diýip pyşyrdady. - Weý, sen öz bagyňda nämeden gorkýaň?..Sen bärsiniň eýesi ahyry, hanym...uly hanym... - Bir gezek gündiz baga çykanymda, meni haýsydyr bir adamlar görüp, öz aralarynda: „Serediň-eý, ynha, tagtyň mirasdüşeriniň jöhit gyzy! Niliň joşmasy şu sebäpden gijä galýar“ diýdiler. Gedeon: - Olar akmak ahyry. Niliň joşmasynyň tutuş hepdeläp gijä galmasy, näme, ilkinji gezekmi?..Aý, bolýar-da, entek gijelerine çykyberersiň-dä – diýdi. - Ýok! Ýok! – diýip, Sarra gaýtadan tisginişine, gygyrdy. – Men başga bir gezek gije kiçiräk zeýtun tokaýyna gitdim. Birdenem gapdaldaky ýodada edil kölege ýaly, iki aýal peýda boldy... Meniň ýüregim ýarylara gelip, ökje götermekçi boldum... Şonda kiçisi, orta boýlusy elimden tutup, „Gaçma, biz saňa syn etmekçi bolýarys“ diýdi. Beýlekisi, ulusy, uzyn boýlusy birnäçe ädimden saklandy-da, meniň ýüzüme şeýle bir seretdi...Ah, kaka, men häzir daşa öwrülerin öýtdüm. Beýlede bir aýal bolar oguşýan!..Beýlede bir garaýyş bolar oguşýan!.. Gedeon: - Ol kim bolup biler? – diýip sorady. - Olaryň ulusy žrese meňzeýärdi. - Onsoň olar saňa hiç zat diýmedilermi? - Hiç zat. Diňe olar ugrap, agaçlaryň aňyrsynda gözden ýitenlerinde, ulusy aýtdy öýdýän, „Dogrudanam, ol näzenin gyz eken...“ diýen sözleri eşidip galdym. Gedeon pikire batdy. Birhaýukdan: - Belki, olar köşgüň haýsydyr bir tanymal aýallarydyr? – diýdi. Gün batyp ugrady. Niliň iki kenary-da, dogrudanam, gijä galýan daşgyn hakda hoş habara sabyrsyzlyk bilen garaşýan märekeden hyň berýärdi. Indi iki gün bäri deňizden ýel öwsüp, derýa gögerip ýatyrdy. Eýýäm Gün Ýaldyrak ýyldyzynyň deňinden ötüpdi, ýöne Memfisdäki žres guýusynyň suwy ýeke sere-de ýokary galanokdy. Adamlar howsalalydy, has beteri-de, habar bermeklerine görä, Ýokary Müsürde daşgynyň barşy adaty bolup, hatda suwuň örän bol boljakdygyny duýdurýarmyşyn. Gussaly halda hoş habara garaşyp duran endişeli daýhanlar biri-birinden: - Ony Memfisiň golaýynda näme egleýärkä? – diýip soraýardylar. Asmanda ýyldyzlar peýda bolup ugranda, Tafet aşhanada stola ak ýapynja örtdi, ýedi sany ýakylan şemli çyrany goýdy, üç stuly süýşürip, häzir şenbe agşamlygyny getirjekdigini aýtdy. Gedeon kellesine gap geýdi, stoluň üstünde ellerini galdyryp, ýokary seredişine, doga-dileg edip ugrady: - Ybraýymyň, Yshakyň hem-de Ýakubyň hudaýy, biziň halkymyzy Müsür topragyndan çykaran sensiň, gullara we Iudanyň ogullary bilen baky birleşigi baglaşan ýurtdan kowulanlara watan beren sensiň...Hudaý Ýahwe, hudaý Adenon, duşmanyň topragynda ýetişen miweden günäsiz halda iýmäge bize ygtyýar ber; bizi özümizi gurşan gaýgy-hasratyň, gorkynyň içinden kowup çykar we bizi seniň şanyňa terk eden ýerimize – Iordanyň kenarlaryna dolap elt!... Birdenem haýatyň aňyrsyndan: - Hormata mynasyp Tutmos, patyşanyň hem-de tagtyň mirasdüşeriniň wepaly hyzmatkäri...- diýen ses eşidildi. - Goý, olar baky ýaşasyn! – diýip, bagdan birnäçe ses jogap gaýtardy. Ilkinji ses sözüni dowam etdi: - Asylzada jenap Liwanyň eýjejik bägüline salam ýollaýar. Ol sesini goýandan, arfanyň we fleýtanyň owazy ýaňlanyp ugrady. - Saz! – diýip, Tafet elini çarpyp durşuna gygyrdy. – Biz şenbäni saz bilen garşylarys!.. Ilki biynjalyk bolan Sarra bilen kakasy ýylgyryşyp, stoluň başyna geçdiler. Gedeon: - Goý, çalsynlar, olaryň sazy biziň işdämizi bozasy ýok – diýdi. Fleýta bilen arfada birnäçe giriş sazlaryny çaldylar, olaryň yzysüre belent erkek sesi ýaňlanyp ugrady: "Sen gyzlaryň içinde iň zybasy bolup, keşbiň Niliň suwuna düşer. Seniň saçyň garganyň ganatyndanam garadyr, gözüň öz owlajygyny küýseýän sugunyň gözündenem enaýydyr. Seniň synaň edil palmanyň sütüni ýalydyr, lotosyň bolsa seniň gözelligiňe gözi gidýändir. Seniň göwsüň – üzümiň salkymy bolup, onuň şiresinden patyşalar lezzet alýandyr...“ Ýene-de fleýtadyr arfa ýaňlanýar. Soňra ýene aýdym: "Baga seýil-seýrana çyk... Seniň hyzmatkärleriň bada we dürli içgili küýzeleri getirsinler. Çyk, şu gijäni hem-de ondan soňra geljek säheri baýram edeli. Söýgüliň seniň golaýyňda, öz saýasynda, datly miwe eçilýän injiriň saýasynda gyşarar; sen onuň teşneligini gandyrarsyň hem-de onuň ähli isleglerine boýun bolarsyň...“ Ýene-de fleýtadyr arfa ýaňlanýar. Soňra ýene belent erkek sesi: "Men ümsüm häsiýetlidirin, görýän zadymy hiç wagtda aýdýan däldirin hem-de öz miwelerimiň süýjüligini boş samahylly bilen zäherleýän däldirin“. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |