00:14 Faraon -6: romanyň dowamy | |
ONUNJY BAP Birdenem bäriligine eňip gelýän märekäniň goh-galmagaly, tapyrdysy aýdymy basdy. Kimdir biri: - Butparazlar!.. Müsüriň duşmanlary!.. Daş-töweregiňiz gaýgy-hasrat içinde, siz bolsa aýdym aýdýaňyz, özüniň doga-jadysy bilen Niliň akymyny togtadan jöhit gyzy arşa göterýäňiz... - diýip gygyrdy. - Gara bagtymyz! Siz tagtyň mirasdüşeriniň topragyny kemsidýäňiz!.. Sizi-de, siziň çagalaryňyzy-da ajal aparar!.. - diýip, başga bir ses ony alyp göterdi. - Biz gideris, ýöne öz öýke - kinämizi beýan eder ýaly, goý, jöhit gyz bäri çyksyn.. Tafet: - Gaçalyň! – diýip gygyrdy. Gedeon: - Nirä? – diýip sorady. Sarra: - Hiç wagtda! – diýip, zarply jogap gaýtardy. Onuň görmegeý ýüzi gahardan ýaňa gyp-gyzyldy. – Eýsem, men bu adamlar öňünde ýüzin düşüp ýatýan tagtyň mirasdüşerine degişli dälmidirin? Kakasy we öýdeniçeri özüne gelýänçä, tutuş ak eşikli Sarra eýwana ylgap çykdy-da, haýatyň aňyrsynda biynjalyk bolup duran märekä gygyrdy: - Ynha. men!..Siz menden näme isleýäňiz?.. Goh-galmagal sähel salym ýatdy-da, ýene gazaply sesler eşidildi: - Nälet boldun saňa, gelmişek! Seniň günäň Niliň suwuny saklaýar. Howada çen-çak bilen zyňylan birnäçe daş şuwwuldady. Olaryň biri Sarranyň maňlaýyna degdi. Ol kellesini tutup: - Waý, kaka! – diýip gygyrdy. Gedeon onuň elinden tutup, içeri saldy. Garaňkyda haýatdan aşyp gelýän, ak çepesli, öňlükli ýalaňaç adamlar görünýärdi. Aşakda Tafet üýtgän ses bilen bagyrýardy, palta bilen ýaraglanan negr gul bolsa jaýyň gapysyny saklap durşuna, "Kim bäri girmäge milt etse, kellesini mynjyradaryn!“ diýip haýbat atýardy. Haýatyň üstünde oturan adamlar: - Bize daş beriň! Bu nubiýaly itiň janyny jähenneme ýollamaly! – diýip märekä gygyrýardylar. Ýöne birden märekäniň sesine suw sepilen ýaly boldy. Bagyň jümmüşinden syrylan kelleli, egnine babyryň hamyny geýen adam çykdy. Duranlar: - Pygamber!..Keramatly ata!..- diýip pyşyrdaşdylar. Haýatyň üstünde oturanlar aşak towsuşyp başladylar. Žresiň saýhally sesi eşidildi: - Müsüriň halky, guduz açyp, mirasdüşere degişli zada el galdyrmaga sen neneň het edip bilýäň? - Ol ýerde Niliň suwuny saklaýan azgyn jöhit gyz ýaşaýar...Bagtymyza boran ýagdy!.. Aşaky Müsüriň depesinden gedaýlyk bile açlyk abanyp dur! - Gowşak ynamyň ýa-da gowşak paýhasyň adamlary! – diýip, žres sözüni dowam etdirdi. - Bir aýalyň hudaýlaryň emriniň öňüne böwet bolmagy, heý, owalda-ahyrda eşidilen zatmydyr? Her ýylyň tot46 aýynda Niliň suwy böreňläp başlaýar-da, onuň joşguny hoýak47 aýyna çenli artýar. Biziň ýurdumyzda hemişe köp gelmişek ýaşapdy, olaryň arasynda kämahal ýesir alnan žresler, knýazlar hem gezipdi ahwetin, ýöne ýagdaý haçandyr bir wagt, heý, başgaça bolupmydy? Olar gulçulykda agyr zähmetden halys bolup, gahar-gazap bilen, bize aýylganç gargyşlary edendirler, Günüň her säherde Müsüriň depesinde dogmazlygy, Niliň ýylyň başynda daşmazlygy üçin öz şirin janyndan geçjegi-de az bolan däldir. Ýeri, onsoň şol doga-dileglerden näme peýda boldy? Ýa-ha olara asmanda gulak gabartmadylar, ýa-da ýatlaryň hudaýlary biziňkiden ejiz geldiler. Bizi betbagtçylyga sezewar etmek iň güýçli duşmanlarymyza başartmandy, ol gel-gel bizde mes ýaşaýan aýala başardarmy?.. Märekeden: - Keramatly ata dogry aýdýar!..Pygamberiň dana sözleri! – diýen sesler eşidildi. - Ýöne barybir Musa, olaryň öňbaşçysy, Müsüre tümlügi, ýokançly gyrgynçylygy ýollapdyr ahyry – diýip, haýsydyr bir ýalňyz ses garşy çykdy. Žres: - Muny kim aýdan bolsa, goý, öňe çyksyn! Eger ol Müsür halkynyň duşmany däl bolsa, goý, öňe çyksyn! – diýdi. Märeke göýä uzakdaky tokaý agaçlarynyň arasyndan gelýän el ýaly güwwüldese-de, öňe hiç kim çykmady. Žres sözüni dowam etdirdi: - Men ýüregimden aýdýaryn: siziň araňyzda, goýun sürüsine aralaşan syrtlan ýaly bolup, ýaramaz adamlar enteşip ýörler. Olar siziň agyňyzy aglanoklar-da, eýsem, tagtyň mirasdüşeriniň öýüni weýran edip, faraonyň garşysyna baş göterer ýaly, sizi gabahat işe iteklemekçi bolýarlar. Eger nejis islegi amala aşyp, siziň köpiňiziň gursagyňyz gana boýalanlygynda, ol adamlar häzir meniň ýanyma gelip bilmän bukulyp duruşlary ýaly, naýzadanam bukulardylar. Märeke baş egip durşuna: - Pygamberi diňläň!..Saňa şöhret bolsun, hudaýyň bendesi!.. - diýip gygyrýardy. - Akylyňa aýlanaweri, Müsüriň halky...Žresiň sözüne ynanandygyň, faraona hem-de mirasdüşere tabyndygyň, hudaýyň hyzmatkärine hormat goýýandygyň üçin seniň günäň bagyşlanar. Asudalyk bilen öýli-öýüňize dagaň. Belki, siz baýyrdan aşak inmäge ýetişmänkäňiz, Nil çyrpynyp ugrar... - Goý, seniň aýdýanyň hasyl bolsun! - Dargaň!..Siziň ynamyňyz, dindarlygyňyz näçe berk bolsa, gudrat-keremiň alamatyny şonça-da çalt görersiňiz. - Gideliň!..Gideliň!..Minnetdarlygymyzy kabul eýle, pygamber, pygamberleriň ogly!.. Märeke dargaşyp ugrady. Adamlaryň käbiri žresiň eşigini ogşaýardy. Birdenem kimdir biri: - Gudrat!..Gudraty görüň-eý!..-diýip, ulili bilen gygyrdy. - Memfisiň diňinde ot ýakdylar...Niliň suwy köpelýär!..Otlaryň sanynyň artyşyna serediň-ä!..Dogrudanam, biziň bilen beýik keramatly gepleşipdir...Goý, seniň ömrüň baky bolsun!.. Duranlaryň hemmesi žrese tarap öwrüldiler. Emma ol eýýäm ýokdy – garaňkyda ýitirim bolupdy. Ýap-ýaňyja hem ynjalyksyz halda bolan märekäni göz açyp-ýumasy salymda öte haýran galmak we minnetdarlyk gurşap alyp, ol özüniň gahar-gazabyny-da, gudrat görkezen žresi-de ýatdan çykarypdy. Ony biçak uly şatlyk eýeläpdi. Adamlaryň hemmesi derýanyň kenaryna eňdiler. Ol ýerde eýýäm birgiden ot ýanyp durdy we ýygnanan halkyň batly aýdymy ýaňlanýardy: „Saňa salam bolsun, Müsüre jan bermek üçin, Zeminde imisala peýda bolýan, eý, Nil, keramatly derýa! Eý, tümlügi kowýan, çemenleri suwarýan, dilsiz-agyzsyz haýwanlara ot-iým getirýän, syrly hudaý! Eý, asmandan akyp gaýdýan we topragy gandyrýan ýol, eý, külbelere şatlyk getirýän çöregiň hemaýatkäri! Eý, balyklaryň hökümdary!..Sen biziň meýdanlarymyza ineniňde, ýekeje guş-da olaryň hasylyna degýän däldir. Sen bugdaýy ýaradyjy, arpanyň enesi!..Sen birgiden betbagt adamlaryň ellerine dynç we ybadathanalara baky mizemezligi berýärsiň“.48 Edil şol wagt mirasdüşeriň taýaklara berkidilen çyralar ýagtylandyrýan gaýygy aňyrky kenardan bäri ýüzüp gelýärdi; ony aýdymdyr şatlykly sesler bilen garşyladylar. Mundan sähel wagt ozal şa oglunyň mülküne aralaşmakçy bolan adamlaryň bir bölegi-hä onuň alnynda ýüzin düşüp ýatyrdylar, bir bölegi-de hökümdaryň oglunyň münüp gelen gaýygynyň gyralaryny, kürekleri ogşamak üçin suwa eňipdiler. Göçgünli, şadyýan Ramses Tutmosyň hemra bolmagynda çyralaryň ýagtysy astynda Sarranyň öýüne girdi. Ony görüp, Gedeon Tafete ýuwaşlyk bilen: - Men öz gyzym üçin juda birahatlanýan, ýöne onuň jenaby bilen sataşasym gelenok. Oňa göz-gulak bol – diýdi. Ol haýatdan aşdy-da, garaňkyda bagyň deňinden ötdi, soňra meýdanlaryň içi bilen Memfise tarap tutdurdy. Mülküň howlusynda Tutmosyň batly sesi ýaňlandy: - Salam, näzenin Sarra! Meniň saňa ýollan sazandalarymyň, aýdymçymyň minnetdarlygy hökmünde bizi gowy garşy alarsyň diýip tama edýän. Işikde negre we öýdeniçere daýanyp, kellesi daňlan Sarra peýda boldy. Aňk-taňk bolan Ramses: - Bu näme boldugy? – diýip sorady. - Elhençlik! Elhençlik! – diýip Tafet gygyrdy. – Seniň öýüňe butparazlar çozdy. Olaryň biriniň zyňan daşy Sarra degdi. - Haýsy butparazlar? - Neme...Müsürliler-dä! Ramses oňa başdan-aýak ýigrenç bilen syn etdi, ýöne nämäniň-nämedigine düşünenden gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ol negriň egninden ebşitläp tutdy-da: - Sarrany uran kim?..Daş zyňan kim?..- diýip gygyrdy. Gul: - Şolar...kenardaky...- diýip jogap gaýtardy. Şa ogly: - Eý gorag! Derhal mülkdäki adamlaryň hemmesini ýaraglandyrmaly-da, orramsylaryň yzyndan ýetmeli! - diýip gazaply gygyrdy. Negr paltasyny gaýtadan çykardy, goragçylar işgärleri külbelerden çagyryp başladylar, Ramsesiň nökerlerinden bolan esgerlerem gylyçlaryna ýapyşdylar. Sarra şa oglunyň boýnundan aslyşdy-da: - Hudaýyň hatyrasyna aýt, sen näme etmekçi bolýaň? – diýip pyşyrdap sorady. - Men seniň aryňy almakçy. Maňa degişli zada daş zyňanyň ony maňa zyňdygydyr! Reňki öçen Tutmos başyny ýaýkady. - Meni diňle, jenap. Sen jenaýat edeniň kimdigini gije märekäniň içinden nädip biljek? - Aý, maňa barybir...Garamaýak halk etdimi, garamaýak halk-da jogap bermeli bolar... - Kazylaryň ýekesi-de beýle diýmez. Seniň özüňem ýokary kazy bolmaly ahyry – diýip, Tutmos şa ogluny akylyna aýlamakçy boldy. Ramses pikirlendi. Dosty sözüni dowam etdi: - Biziň hökümdarymyzyň, faraonyň ertir näme diýjegi barada oýlan. Onsoňam gije tas patyşanyň köşgüniň diwarynyň golaýynda tagtyň mirasdüşerine öz halkynyň hüjüm edendigini eşitseler, Müsüriň gündogardaky hem-de günbatardaky duşmanlary şatlykdan heşelle kakmazmy? Şa ogly aýagyny tapyrdadyp durşuna: - Wah, eger kakam maňa goşunyň bolmanda ýarysyny bersedi! Ine, onsoň nirede bolsa bolubersin, biziň duşmanlarymyzyň dili hemişelik damagyna giderdi! – diýip hüňürdedi. - Galyberse-de...özüni asan daýhany ýadyňa sal...Sen şol wagt bigünä adamyň heläk bolanyna gynanypdyň, häzir bolsa...Indi, näme, özüň bigünä bendeleriň ganyna galmak isleýärmiň?.. - Boldy! – diýip, mirasdüşer ony saklady. – Meniň gaharym suwdan püre-pür gap ýaly bolup, ol kimiň üstüne dökülse, bagtynyň ýatdygydyr...Ýör, öýe gireli... Gorkan Tutmos yza çekildi. Mirasdüşer Sarranyň elinden tutdy we onuň bilen ikinji gata çykdy. Ony üstünde doly iýilmedik agşamlyk nahary duran stoluň başyna geçirdi. Soňra çyra getirip, onuň kellesindäki sargyny aýyrdy. - Aý, ýara düşmändir-de, ýöne gögeräýen eken! – diýip seslendi. Ol Sarra uzak wagtlap içgin seretdi. - Seniň bir ýeriň gögerer diýip, hiç wagtda pikir etmändim. Ol ýüzi şeýle üýtgedäýýän eken-ow! – diýdi. Sarra oňa ullakan, juda howsalaly gözlerini dikip: - Men indi saňa ýaramokmy? – diýip ýuwaşja sorady. - Weý,ýaraman näme!..Onsoňam hemişe gögerip durmaz-da, aýrylar ol. Ol Tutmosy hem-de negri ýanyna çagyryp, bärde näme bolup geçendigini gürrüň bermegi emir etdi. Sarra: - Ol bizi gorady – eli paltaly gapynyň agzynda durdy – diýdi. Şa ogly oňa içgin syn edip: - Dogrudanam, şeýtdiňmi? – diýip sorady. - Heý-de, men seniň öýüňe, jenap, keseki adamlaryň urduryp girmegine ýol bererinmi? Ramses onuň buýra saçyny sypalady. - Bu hakyky är kişiniň hereketi. Men saňa erkinlik sowgat berýän. Ertir töleg alarsyň-da, özüňkilere gowşup bilersiň. Negr entirekläp gitdi. Ol agy ýalpyldap duran gözlerini süpürdü; soňra dyzyna çökdi, maňlaýyny ýere degrip: - Meni öz ýanyňdan kowma, jenap! – diýdi. - Bolýar – diýip, mirasdüşer jogap gaýtardy. – Meniň ýanymda gal...ýöne indi erkin söweşiji hökmünde. – Ol Tutmosa seredip, aýdanynyň üstüni ýetirdi. – Maňa, ine, nähili adamlar gerek! Ol kitap saklanýan jaýa gözegçilik edýän kişi ýaly owadan gepläp bilenok, ýöne mydama söweşmäge taýýar... Ol edilen hüjüm barada ýene jikme-jik sorap ugrady. Haçanda negr oňa žresiň duýdansyz peýda bolandygy, täsinlik görkezendigi barada gürrüň berende, şa ogly kellesini tutup: - Men Müsürde iň bir şormaňlaý adam!..Men basym žreslerden hatda düşegimde-de sypyp bilmerin!..Ol nireden gelipdir? Kim bolmaly? – diýdi. Negr sowallara jogap berip bilmedi, ýöne žresiň Sarrany gorandygyny, hüjüme müsürlileriň däl-de, eýsem, žresiň Müsüriň duşmanlary diýip atlandyran, soňra märekäniň öňüne çykarjak bolup biderek ýere jan çeken adamlarynyň ýolbaşçylyk edendigini aýtdy. - Täsinlik!..Täsinlik!..- diýip, şa ogly özüni agaç sekä goýberişine, pikirli gaýtalady. – Meniň gara gulum garadan gaýtmaz söweşiji hem-de örän paýhasly adam ýaly hereket edýär...Žres jöhit zenanyň maňa degişlidigi üçin ony goraýar...Bu nähili geň žres? Faraonyň itiniň alnynda dyza çökýän müsür halky Müsüriň haýsydyr bir duşmanlarynyň ýolbaşçylygynda tagtyň mirasdüşeriniň öýüne çozýar...Ähli zadyň anygyna meniň özüm ýetmeli... ON BIRINJI BAP Tot aýy tamamlanyp, gezegi paopi49 aýyna berdi. Niliň ýaşyl suwy ak, soňra-da gyzyl reňke boýalyp, şol joşup gidip otyrdy. Memfisdäki patyşanyň suw ölçeýjisi tas iki adam boýy beýiklikde dolupdy, Nil bolsa her günde iki sere galýardy. Iň pes ýerlerde suw böreňläp ýatyrdy, has ýokary ýerlerdenem zygyry, üzümi, pagtany gyssanmaç ýygyp, ber-başagaýdylar. Irden gurap ýatan ýerde agşama çenli eýýäm tokunlar çyrpynýardy. Göýä derýanyň düýbünde eýmenç, göze görünmeýän girdap möwç urýan ýalydy. Hamala diýersiň, azal bilen edýän ýaly, äpet tolkunlary ýokary galdyrýardy, çylgamlary köpürjik bilen basýardy, suwuň üstüni az pursatlyk düzleýärdi-de, derrewem ýene olardan düýpsüz guýguç ýasaýardy. Ýene äpet tolkunlary ýokary galdyrýardy, soňra düzleýärdi, suwuň we köpürjigiň täze daglaryny ýasaýardy, kowup getirýärdi, tekizleýärdi, Ýeriň täze giňişliklerini ýalmap-ýuwduşyna, joşýan derýany şol ýokary galdyryp otyrdy, ýokary galdyryp otyrdy. Derýa haýsydyr bir päsgekçiligiň çür depesine ýetip, onuň üstünden agýardy-da, ýap-ýaňyja Günüň ýiti şöhlesi ýakyp-ýandyran otluk ýerde ýalpyldaýan köli emele getirip, aşak zymdyrylyp barýardy. Suw özüniň iň köp derejesiniň ýaňy üçden birine galanam bolsa, ol eýýäm tutuş kenary basypdy. Her sagatdan baýyrlykdaky täze-täze mülkjagazlar adalara öwrülýärdiler; olary biri-birinden daşlaşdyrýan insiz akym ýuwaş-ýuwaşdan giňäp, ýaşaýyş jaýynyň arasyny goňşularyndan gutarnykly kesýärdi. Işe pyýada ugran adamlar köplenç öýlerine gaýykly dolanýardylar. Gaýyklardyr sallar barha köpelýärdi. Olaryň birinde tor bilen balyk tutýardylar, beýlekilerinde ýa-ha hasyly harman jaýyna, ýa-da molaşýan, mäleşýän mallary mal kümä daşaýardylar, üçünjisinde Niliň joşýandygyny şadyýan gülki, batly sesler bilen mälim etmek üçin goňşularyna myhmançylyga barýardylar. Çendan ördek sürüsi ýaly bolup, bir ýerde üýşüp duran gaýyklar Ýokarky Müsürden kenar ýakasyndaky daş döwülýän ýerlerde çapylan äpet daş harsaňlar aşak alyp gelýän inli sallaryň öňünde çar tarapa pytraýardylar. Howany golaýlap gelýän suwuň güwwüldisi, howsala düşen guşlaryň sesi hem-de adamlaryň şadyýan aýdymy doldurypdy. Nil joşýar – çörek bol bolar! Tutuş bir aýlap mirasdüşeriň öýüne hüjüm edilmeginiň derňewi alnyp barylýardy. Her gün irden içinde emeldarlar we tertip-düzgüne gözegçilik edijiler oturan gaýyk haýsydyr bir mülke ýüzüp barýardy. Adamlaryň işini goýdurýardylar, sorag edilmäni adalatsyz alyp barýardylar, taýak bilen ýençýärdilrer; onsoň agşam Memfise bir däl-de, eýsem, birinde emeldarlardyr tertip-düzgüne gözegçilik edijiler, beýlekisinde hem tussag edilenler bolan iki gaýyk dolanardy. Şeýlelikde, bu işe üç ýüzden gowrak adam dahylly edilip, olaryň ýarysynyň hiç zatdan habary ýokdy, ýarysyna bolsa zyndana oklanmak ýa-da daş döwülýan ýerlere birnäçe ýyl sürgün edilmek howpy abanýardy. Ýöne bidüzgünçiligiň sebäpkärlerini-de, adamlary dargamaga yran žresi-de bilmek başartmady. Şa ogly Ramsesiň häsiýetinde öte gapma-garşy alamatlar utgaşýardy. Ol ýolbars ýaly okgunlydy, öküz ýaly keçjaldy, ýöne şonuň bilen birlikde, aýdyň pähim-paýhasa, çuňňur adalatlylyk duýgusyna eýedi. Emeldarlaryň alyp barýan derňewiniň hiç hili netije bermeýändigini görensoň, şa ogly günleriň birinde gaýykly Memfise ýola düşüp, özüni zyndana goýbermeklerini emir etdi. Baýyrda gurlup, daşyna beýik diwar aýlanan zyndan birnäçe daş, kerpiç we agaç gurluşlardan ybaratdy. Ýöne olaryň köpüsi ýa-ha derewezelerdi, ýa-da gözegçileriň ýaşaýan jaýlarydy. Bendiler bolsa ýeriň astynda, hek daşynda çapylyp ýasalan gowaklarda saklanýardylar. Zyndanyň howlusyna giren mirasdüşer haýsydyr bir bendini ýuwup tämizleýän we naharlaýan birnäçe aýaly gördi. Ýerde gaňňyla dönen ýalaňaç adam otyrdy; onuň elleridir aýaklary gandalyň ornuny tutýan inedördül tagtanyň dört deşiginden geçirilipdir. Mirasdüşer gözegçiden: - Bu biçäre öňräkden bäri şeýdip ezýet çekýärmi? – diýip sorady. - Iki aý bäri. - Ol ýene näçe oturmaly? - Bir aý. - Onuň näme günäsi bar? - Salgyt ýygnaýan emeldary kemsidipdir. Yzyna öwrülen şa ogly aýallardyr çagalardan ybarat başga bir topary gördi. Olaryň arasynda bir goja bardy. - Bularam tutulanlarmy? - Ýok, hökümdar. Bular bogulyp öldürilmäge höküm edilen jenaýatkäriň maşgalasy. Olar höküm ýerine ýetirilenden soňra onuň jesedini almak üçin garaşýarlar. Honha, ony jeza bermäge alyp barýarlar...- Soňra gözegçi üýşüp duranlara öwrülip: - Birneme sabyr ediň, gadyrdanlar, jesedi häzir size bererler – diýdi. - Köp sag bol, hormatly jenap – diýip, garry (megerem, jenaýatkäriň kakasy bolsa gerek) jogap gaýtardy. – Biziň öýden düýn agşam çykyşymyz, meýdanymyzdaky zygyra el degrilmän galdy, derýanyň suwy-da artyp gidip otyr!.. Şa oglunyň terzi üýtgäp, aýak çekdi. Ol: - Günä geçmegiň maňa degişlidigi saňa mälimmi? – diýip gözegçä ýüzlendi. - Hawa, tagtyň mirasdüşeri – diýip, gözegçi baş egip jogap gaýtardy-da, sözüni dowam etdi. – Kanun esasynda, seniň bäri gelmegiň hormatyna, Günüň ogly, diniň ýa-da döwletiň garşysyna jenaýat edip ýyl kesilenlere, eger olar özlerini gowy alyp baran bolsa, jezany ýeňledip bolýar. Şol adamlaryň sanawy bir aýyň dowamynda siziň aýagyňyzyň ýanyna oklanar. - Ýaňkynyň, bogulyp öldürilmäge höküm edileniň meniň günä geçişligimden peýdalanmaga hukugy barmy? Gözegçi diňe baş egdi we gollaryny gerdi. Olar aňry ýörediler. Birnäçe howludan geçdiler. Agaç gözenekleriň aňyrsynda, takyr ýerde zyndana basylan jenaýatkärler gyrmyldaşýardylar. Jaýlaryň birinden aýylganç ses gelýärdi: ol ýerde günäsini boýun aldyrmak üçin kimdir birini ýençýärdiler. Gören zatlaryna bimaza bolan mirasdüşer: - Meniň öýüme çozmakda aýyplanýan adamlary maňa görkeziň! – diýip höküm etdi. - Olaryň sany üç ýüzden geçýär. - Olaryň arasyndan has günäkär hasap edýänleriňizi saýlap alyň-da, meniň gatnaşmagymda sorag ediň. Ýöne olar meni tanamasynlar. Tagtyň mirasdüşerini sülçiniň sorag edýän jaýyna alyp bardylar. Şa ogly oňa adaty ornuny eýelemegi emir edip, özi bolsa sütünleriň aňyrsyna geçdi. Basym günäkärlenýänler – süňkleri çykyşyp duran, dälişge garaýyşly, saç-sakgallary ösgün adamlar ýeke-ýekeden peýda bolup ugradylar. - Tutmos, hormata mynasyp mirasdüşeriň öýüne nädip çozandygyňyzy gürrüň ber – diýip, sülçi olaryň birine ýüzlendi. - Edil Osirisiň kazyýetinde ýaly, hakykaty gürrüň bereýin. Bu düýn Niliň suwy galyp ugranda bolupdy. Aýalym: „Ýör, garry, depejige çykaly, ol ýerde Memfisde beriljek duýduryşy derrew göreris“ diýdi. Biz depejige ugradyk. Birdenem ýassykdaşymyň ýanynda haýsydyr bir esger peýda boldy-da, „Ýör, bile baga gideli, ol ýerde üzüm ýa-da başga bir süýji zat iýeris“ diýdi. Aýalym nädendir öýdýäň? Onuň yzyna düşdi gidiberdi. Meniň muňa öte gaharym gelip, olary haýatyň üstaşyry yzarladym. Ikisi mirasdüşeriň öýüne daş zyňdylarmy ýa-da zyňmadylarmy – men anyk aýdyp biljek däl, sebäbi gije agaçlaryň aňyrsynda hiç zat görnenokdy. - Sen aýalyňy nämüçin esger bilen goýberdiň? – diýip sülçi sorady. - Weý, men goýbermän, dagy näme edeýin? Özüňiz pikir edip görüň, siziň merhemetliňiz: men-ä ýönekeý bir daýhan, ol bolsa – söweşiji, onuň hormatlysynyň esgeri. - Sen onsoň özüňiz bilen gürleşen žresi gördüňmi? - Ol žres däldi – diýip, daýhan ynamly jogap gaýtardy. – Ol hudaý Hnumyň50 özüdi, sebäbi injir agajynyň aňyrsyndan çykypdy, kellesi-de edil goýnuňky ýalydy. - Onuň kellesiniň goýnuňky ýalydygyny özüň gördüňmi? - Ötünç soraýan, özüm gördümmi ýa-da adamlar şeýle gürrüň etdilermi – gowy ýadyma düşenok. Men aýalymy juda alada edemsoň, kelläm sämäp dupdy. - Özüň daş zyňdyňmy? - Weý, men ne sebäpden daş zyňmalymyşym, ömrüň hem ölümiň hökümdary? Eger meniň zyňan daşym ýassykdaşyma degäýenliginde, onuň iňirdisinden maňa bir hepdeläp gün bolmazdy; eger daş esgere degäýenliginde, ol içime şeýlebir hütülederdi weli, dilim sallanyp daşyna çykardy. Sebäbi men bir ýönekeý daýhan, ol bolsa – biziň ölmez-ýitmez jenabymyzyň söweşijisi. Mirasdüşer sütüniň aňyrsyndan yşarat etdi. Tutmosy alyp gitdiler we onuň ýerine Anupu diýen başga birini getirdiler. Ol orta boýly daýhandy. Arkasynda täze taýak yzlary görnüp durdy. Sülçi ondan: - Hany aýt, Anupu, mirasdüşeriň jaýyna nähili hüjüm edildi? – diýip sorady. - Günüň gözi, danalygyň gaby! Meniň çozuşa gatnaşmandygymy sen örän gowy bilýänsiň. Meniň ýanyma goňşym gelip, „Niliň suwy köpelýär. Ýör, depä gideli, Anupu“ diýdi. Menem: „Dogrudanam, köpelýärmikä?“ diýip soradym. Ol hem: „Sen eşekdenem samsyk, sebäbi eşek depede sazy eşiderdi, sen bolsa eşideňok“ diýip jogap gaýtardy. Menem ondan kem galmadym: „Meniň samsyklygym sowatsyzlygymdan; ýöne sen meni bagyşla weli, saz bir zat, suwuň göterilmesi başga bir zart“ diýdim. Ol hem kem galmady, „Eger suw göterilmänliginde, adamlar nämä şatlanyp, nämä oýnap, aýdym aýtsynlar?“ diýdi. Uzyn sözüň gysgasy, ikimiz depä tarap ugradyk. Ol ýerde bolsa eýýäm sazandalary kowupdyrlar-da, baga daş zyňýardylar. - Kim zyňýardy? - Men-ä ünsem bermändirin. Olar daýhana däl-de, merhumlary mumlaýan hapysa parashitlere meňzeýärdi - Žresi gördüňmi? - Siziň merhemetliňiziň rugsady bilen, ol žres däl-de, mirsdüşeriň öýüni gorap saklaýan ruhdy. Goý, ol baky ýaşasyn!.. - Näme üçin ruh? - Sebäbi ol aram-aram gözden gaýyp bolýardy. - Belki, märeke onuň öňüni gabalandyr? - Elbetde, adamlar-da käte onuň öňüne gabat bolýardylar, ýöne onuň özi hem bir görseň-ä ýokardady, bir görseňem aşakdady... - Belki, ol depä çykyp, ondan aşak düşendir? - Münüp-düşen bolmagy hem ahmal. Belki-de, onuň özi ulalyp-kiçelendir. Ol ýöne-möne adam däldi, beýik täsinlik döredijidi. Onuň: „Häzir Niliň suwy köpelip ugrar“ diýeni hem şoldy weli, Niliň suwy edil şol pursatda ýokarlanyp başlady. - Sen daş zyňdyňmy, Anupu? - Heý-de, men mirasdüşeriň bagyna daş zyňmaga ýürek edip bilerinmi?..Men bir ýönekeý daýhan ahyry, şeýle masgaraçylyk üçin elim tirsegime çenli guramazmydy? Şa ogly soragy bes etmegi buýurdy. Günälenýäni äkitdiler. Ol: - Has günäli hasaplanýanam şu adamlarmy? – diýip sülçüden sorady. - Hakykatdanam, şeýle, hökümdar – diýip, sülçi jogap gaýtardy. - Eger şeýle bolsa, edil şu günüň özünde olaryň hemmesini boşatmaly. Keramatly Niliň süýşüp gelýändigini görmek isländigi ýa-da saz diňländigi üçin adamlary zyndana gabap bolmaz ahyry. - Seniň agzyň bilen aňrybaş danalyk gürleýär, patyşanyň ogly. Maňa has günäkärleri tapmak buýruldy, menem olaryň arasyndan birnäçesini saýlap-seçdim. Olary boşadyp goýbermek meniň ygtyýarymdaky zat däl. - Näme üçin? - Hormata mynasybymyz, şu sandyga seret. Ol bu işiň delilnamalary düzülen papirusdan hyryn-dykyn. Memfisiň kazysy her gün onuň barşy baradaky habarnamalary alyp, faraona ýetirip durýar. Eger günäkärlenýänler boşadylyp goýberilse, birgiden alym mürzeleriň hem-de beýik adamlaryň zähmeti nämä öwrüler? Şa ogly: - Olar günäsiz ahyry! – diýip gygyrdy. - Ýöne çozulandygy hak. Çozuldymy - diýmek, jenaýat bar. Jenaýat bar ýerinde bolsa, jenaýatkärlerem bolaýmaly. Onsoňam kim häkimiýetiň eline düşüp, ady delilnama ýazylan bolsa, hiç hili netijesiz gidip bilýän däldir. Adam garbanyşhanada içýär hem-de onuň bahasyny töleýär; ol bazarda nämedir bir zat satýar hem-de satyn alýar; meýdanda ekýär hem-de orýar; mazarlara baryp, öten-geçenlerden pata alýar. Ýeri, onsoň kimdir biri kazyýete gelip hem, maksadyna ýetmän, orta ýolda saklanyp, öýüne öwrülip baran ýolagçy ýaly, hiç zatsyz yzyna dolansa nähili bolar? - Sen paýhasly gepleýäň – diýip, mirasdüşer jogap gaýtardy. - Ýöne sen maňa bir zady aýt: onuň hormatlysy faraonyň-da bu adamlary boşatmaga hukugy ýokmy? Sülçi gol gowşuryp, baş egdi. - Hudaýlara deňimiziň ygtyýar özündedir: ol günäkärlenýänleri, hatda höküm edilenleri-de boşadyp, iş boýunça ähli delilnamalary ýitirim edip biler. Emma garamaýak adam tarapyndan beýdilse weli, mukaddeslige şek ýetirildigi hasap bolar. Şa ogly sülçi bilen hoşlaşdy, gözegçä öz hasabyna günäkärlenýänleriň hemmesini gowy naharlamagy tabşyrdy. Soňra ol tolgunýan halda suwy köpelip gidip oturan derýanyň beýleki kenaryna geçip, köpüň bagtyna boran ýagdyrjak bu işiň ýatyrylmagyny faraondan haýyş etmek üçin köşge ugrady. Emma bu gün patyşa birnäçe dini dessurlary ýerine ýetirmelidi, hökümet agzalary bilen mejlis geçirmelidi. Şol sebäpli mirasdüşer onuň bilen duşuşyp bilmedi. Onsoň şa ogly harby hökümet agzasyndan soňra köşkde örän uly täsirini ýetirip bilýän garry mürzä ýüz tutdy. Garry emeldar, Memfisiň ybadathanalarynyň biriniň žresi şa ogluny sypaýyçylyk bilen, ýöne sowuk garşylady. Ony diňläp: - Seniň şeýle iş bilen biziň jenabymyzy bimaza etmekçi bolýandygyň meni geň galdyrýar. Seniň munyň ekin meýdanyna çozan çekirtgäni gyrmazlygy haýyş etmek ýaly bir zat bolýar - diýdi. - Ýöne olar günäsiz adamlar ahyry... - Ikimiz, siziň alyhezretiňiz, muny bilmeris, sebäbi olaryň günälidigini ýa-da günäli däldigini kanun bilen kazyýet çözýär. Maňa bir zat gürrüňsiz aýan: adamlaryň özgäniň bagyna süsdürilip girmegine, has beteri-de, tagtyň mirasdüşeriniň hususy zadyna el galdyrmagyna döwlet çydap bilmez. - Elbetde, seniňki dogry, ýöne dünäkärler hany? – diýip, şa ogly sorady. - Günäkärleriň ýok ýerinde, juda bolmanda, temmi berilýänler bolmaly. Beýle işi etmeli däldigini adamlara jenaýat däl-de, eýsem, onuň yzyndan berilýän temmi öwredýär. Mirasdüşer onuň sözüni kesdi: - Görýän weli, sen meniň onuň hormatlysyndan etjek haýyşymy oňlamaýan ýaly. - Seniň agzyň bilen danalyk gürleýär, tagtyň mirasdüşeri – diýip, mürze jogap gaýtardy. – Men öz jenabyma häkimiýetiň abraýyny dökjek maslahaty hiç wagtda bermerin... Şa ogly yzyna ysgyn-mydarsyz, bolýan zatlara akly haýran halda dolanyp geldi. Ol ýüzlerçe adamyň adalatsyzlyga sezewar bolýandygyna düşündi, ýumrulan äpet heýkeliň ýa-da ybadathananyň sütüniniň aşagynda galan adamy halas edip bolmaýşy ýaly, olary-da halas edip bolmajakdygyny gördi. „Bu mähnet zady galdyrardan meniň elim ejiz“ diýip, ol gussaly duýgy bilen pikir etdi. Ol özüniň erk-ygtyýaryna garanda ähmiýeti juda uly başga bir güýjüň – döwletiň bähbidiniň bardygyny ilkinji gezek duýdy; oňa hatda demi daş ýarýan faraonam boýun egýär, diýmek, mirasdüşer-de „lepbeý“ diýmeli. Gün ýaşdy. Ramses hyzmatkärlere hiç kimi kabul etmezligi buýurdy; onuň ýalňyz özi kiçi köşgüň eýwanynda eýläk-beýläk aýlanyşyna, „Bu nä ýagdaý boldugy!.. Ol ýerde Nitagoryň ýeňilmezek uly ýygyny maňa ýol beripdi, bärde bolsa haýsydyr bir türme gözegçis, kazyýet sülçüsi hem-de ýokary mürze ýoluma böwet bolýar...Olar kim? Meniň kakamyň – goý, onuň ömri baky bolsun! – islendik pursatda guluň derejesine çenli peseldäge-de, daş döwülýän ýere ýollap biljek bolgusyz hyzmatkärleri. Ýöne kakam ne sebäpden bigünä adamlary boşadyp bilmeýärkä?..Ýa-da döwletiň islegi şeýlemikä?..Eýsem, döwlet nämekä?..Ol näme iýip-içýärkä, nirede ýatýarka; onuň hemmäni gorkuzýan eli, gylyjy niredekä?“ diýip oýlanýardy. Ol agaclaryň arasyndan baga seretdi we nazary garawulyň çyralary ýanýan ýerde - baýryň depesindäki iki äpet pilonda eglendi. Onuň kellesine garawulyň hiç wagtda ýatmaýandygy, pilonlaryň bolsa hiç wagtda iýip-içmeýändigi, ýöne olaryň hemişe bardygy hakdaky pikir geldi. Gadymy, mizemez, özlerini bina eden hökümdar Beýik Ramses ýaly berk pilonlar! Şu hem-de şulara meňzeş ýüzlerçe daýançlary goparmalymy? Müsüriň howpsuzlygyny goraýan şol garawuly hem-de şoňa meňzeş müňlerçe eserdeň garawullary aldamalymy? Beýik Ramsesden, ýigrimi neberäniň ykrar etmegi bilen keramatlandyrylan, ondanam has güýçli hökmürowanlardan galan kanuny bozmalymy? Ramsesiň gözüniň alnynda entek düşnüksiz, ýöne äpet keşp – döwlet peýda bolup ugrady. Özi-de Fiwydaky Amonyň ybadathanasyndanam has şanly, Heopsyň piramidasyndanam has uly, sfinksdenem has gadymy, granitdenem has berk. Şol juda giň, emma göze görünmeýän ymaratda adamlar-a gaýanyň jaýrygyndaky garynjalar, faraon-da diwara ýekeje daş goýmaga zordan ýetişip, derrew gitmek bilen bolýan göçüp-gonup ýören binagär ýaly. Ýöne diwarlar nesilden-nesle beýgelip gidip barýar, ymarat hem sarsman durmagyny dowam edýär. Nazary tümlükde Niliň ýokarsynda, faraonyň köşgüniň pilonlarynyň we ümür örtülse-de, howalanyp görünýän Memfisiň ybadathanalarynyň keşbiniň arasynda aýlanyp ýören ol - şanyň ogly, özüni heniz häzirkisi ýaly ejiz duýmandy. Birdenem şahalary eýwana ýetip duran agaçlaryň aňyrsyndan: - Men seniň gussaňa düşünýän hem-de islegiň hasyl bolmagy üçin doga-dileg edýän. Kazyýet günälenýän daýhanlary boşatmaz, ýöne seniň mülküňi dolandyryjy hüjüm edilendigi baradaky şikaýatyny dowam etdirmese, olaryň işi ýatyrylyp, sag-aman külbelerine dolanyp bararlar – diýen ses eşidildi. - Şikaýat eden meniň dolandyryjymmy? – diýip, şa ogly geň galyjylyk bilen sorady. - Hawa. Ol seniň adyňdan şikaýat etdi. Ýöne eger ol kazyýete barmasa, diýmek, jebir çeken bolmaz; rast, jebir çeken ýokmy – jenaýatam ýok. Agaçlaryň düýbünde nämedir bir zat şygyrdady. - Dur! Sen kim? – diýip Ramses gygyrdy. Hiç kim jogap gaýtarmady. Ýöne göwnüne ikinji gatda ýanyp duran çyranyň ýagtysynyň zolagynda syrylan kelle we babyryň derisi görnüp giden ýaly boldy. -Žres!.. – diýip mirasdüşer pyşyrdady. – Ol nämüçin gizlenýärkä? Ýöne adalatly kazyýetiň işine päsgel berjek öz maslahaty üçin žresiň agyr görgi görüp biljekdigine şobada akyl ýetirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |