11:19 Faraon -8: romanyň dowamy | |
ON DÖRDÜNJI BAP Hoýak aýynda Niliň suwy iň ýokary derejä ýetdi-de, bildirer-bildirmez azalyp başlady. Baglarda tamarindleriň miwelerini, hurma, zeýtun ýygýardylar. Agaçlar ikinji gezek güllediler. Şol wagtda onuň hormatlysy Ramses XII özüniň Memfisiň etegindäki güneşli köşgüni terk etdi we daşynda hozanak bolýan birgiden adamy ýanyna alyp, onlarça bezelen gämi bilen Fiwä tarap ýola düşdi. Ol hem-ä suwy bol edendigi üçin şol ýeriň hudaýlaryna minnetdarlyk bildirmekçidi, hem-de özüniň baky ýaşaýan ata-babalarynyň mazarlarynda sadaka bermekçidi. Gudraty güýçli hökümdar ogly hem-de mirasdüşeri bilen juda mähirli hoşlaşdy. Emma özüniň ýok mahaly döwlet işlerini wagtlaýyn dolandyrmagy weli Herihora tabşyrdy. Şa ogly Ramses monarhyň özüne ynanmaýandygynyň bu mese-mälim subutnamasyny şeýle bir ýüregine aldy weli, üç günläp kiçi köşgünden çykmazdan, hiç zat iýip-içmän, şol aglady oturdy. Soňra ol syrynmagynam bes edip, Herihor bilen duşuşmazlyk hem-de öz betbagtçylygynyň günäkäri saýýan ejesiniň içini ýakmak üçin Sarranyň ýanyna göçüp bardy. Ertesi gün onuň ýanyna – şol ýaraşykly ýere Tutmos geldi. Onuň süýräp getiren üç gaýygynyň ikisinde-hä sazandalardyr tansçy zenanlar, birinde-de nygmatlar bardy. Ýöne şa ogly sazandalary, tansçy zenanlary yzyna ugratdy, Tutmogyň elinden tutup, onuň bilen baga ýöneldi. - Meni jöhit gyzdan sowmak üçin, seni bäri ejem – goý, ol baky ýaşasyn! – ugradan bolsa gerek? – diýip, ol öz kömekçisinden sorady. – Eger şeýle bolsa, Herihor diňe bir haýsydyr bir welaýatyň häkimi däl, eýsem, faraonyň ogly bolaýanlygynda-da, meniň isleýän zadyma päsgel berip bilmejekdigini oňa ýetir. Men munuň nämäni aňladýandygyna düşünmän duramok... Meniň elimden bu gün-ä Sarrany, ertir-de ygtyýarymy aljakdyrlar weli, niýetleri başa barmaz - bularyň eýlekisindenem, beýlekisindenem el çekmejekdigimi bilip goýsunlar. Mirasdüşer gaharlydy. Tutmos egnini ýygryp, birsalym sesini çykarman durdy. Soňra: - Harasadyň guşy çöllüge gaýdyryp äkidişi ýaly, gahar-da adamy adalatsyzlygyň gaýasyna zyňyp goýberýändir. Eýsem, tagtyň mirasdüşeriniň öz ömrüni özge ýurtly, özge ynanç-ygtykatly aýal bilen baglandygy sebäpli žresleriň bildirýän nägileligine, eýsem, geň galyp bolarmy? Sarra – seniň ýalňyzyň, ine, şu ýagdaý olara has-da ýaranok. Eger seniň, saýry toparyň ýigitleriniňki ýaly, birnäçe, özleri-de her jüre aýallaryň bolanlygynda, hiç kim jöhit gyza üns bermezdi. Onsoňam olar gyza nähili ýamanlyk edenmişin? Hiç hili. Tersine, haýsydyr bir žres ony seniň soňra merhemet edip, zyndandan boşadanlaryňdan - gahar-gazaba münen kellekeserlerden gorapdyr. - Ýeri onsoň meniň ejem näme? – diýip, mirasdüşer onuň sözüni kesdi. Tutmos güldi. - Seniň örän hormatly ejeň ogluny özüniň ýüregi hem-de gözi ýaly söýýär ahyry. Ýöne, dogrymy aýtsam, Sarra oňa-da ýaranok. Şa aýalynyň bir gezek maňa näme diýenini bilýämiň? Men Sarrany seniň eliňden almalymyşym!..Tapýan degişmesini gör-ä onuň! Menem degişmä degişme bilen jogap gaýtardym: „Ramses ýüregine düşüp ugran aw itleriniň sürüsini hem-de iki sany siriýa atyny maňa sowgat beripdi. Megerem, ol maňa haçandyr bir wagt öz oýnaşyny-da berer, menem ony almaly bolaryn; özi hem onuň gapdalyna ol-bu zatlary-da goşsa gerek“ diýdim. - Seniň bu pikiriň amala aşman geçer. Men indi Sarrany taşlaman - kakamyň hut şol sebäpli meni welaýatyň häkimi edip bellemändigi üçin şeýderin. Tutmos başyny ýaýkady. - Sen juda ýalňyşýaň, şeýlebir ýalňyşýaň weli, kesäňden özüm elheder edýän – diýip, onuň aýdanlaryna garşy boldy. - Faraonyň rehimsizliginiň Müsürde islendik sagdyn pikirli adama mälim bolan sebäbini sen, näme, dogrudanam, bileňokmy? - Hiç zat bilemok. - Bu has-da ýaman – diýip, Tutmos ynjalyksyzlyk bilen aýtdy. – Esgerleriň, aýtarynam, grekleriň şol harby hereketden bäri ähli meýhanalarda seniň saglygyňa bada göterýändikleri, eýsem, saňa mälim dälmi? - Olar şonuň üçin hem pul aldylar-da. - Hawa, ýöne onuň hormatlysyndan – goý, ol baky ýaşasyn! - soňra seniň tagta çykyp, uly urşa başlajakdygyň, şonuň netijesinde-de Müsürde özgerişleriň bolup geçjekdigi barada bogaz ýyrtmaklary üçin alanoklar. O nämäniň özgerişleri?.. Onsoňam faraon heniz aýatdaka kim mirasdüşeriň etsem-petsemleri barada dil ýarmaga ýürek edip bilýär? Mirasdüşer ýüzüni gamaşdyrdy. - Bu – bir; indi bolsa men saňa başga bir zat aýdaýyn – diýip, Tutmos sözüni dowam etdirdi. – Gahar-gazap diýeniň syrtlan ýaly, hiç wagtda ýeke gezýän däldir. Daýhanlaryň öz öýüňe hüjüm edenleri zyndandan boşadandygyň barada aýdym aýdýandyklaryndan sen habarly; ýene has ýaramaz ýeri, sen tagta çykanyňda ýönekeý halkdan salgydy aýyrjakdygyňy aýdýarlar. Ýöne her gezek, daýhanlaryň arasynda ezilme, salgyt barada gürrüň başlasa, onuň soňunyň gozgalaňa utgaşyp gidýändigi belli ahyry. Ine, onsoň, ýa-ha gowşan döwlete keseden duşman dökülendir, ýa-da Müsür özünde näçe nomarh bolsa, şonça bölege-de dargandyr...Onsoňam özüň pikir edip gör, Müsürde kimdir biriniň adynyň faraonyň adyndan köp agzalmagy, kimdir biriniň halk bilen biziň hökümdarymyzyň arasynda durmagy gelşiklimidir? Eger sen maňa ygtyýar etseň, žresleriň muňa nähili garaýandygyny aýdaýyn. - Aýt hany. - Amon ybadathanasynyň pilonlaryndan asman ýyldyzlarynyň hereketine syn edip oturan bir öte paýhasly žres şeýle tymsal aýdypdyr: „ Faraon Gündür, tagtyň mirasdüşeri bolsa Aýdyr. Aý şöhle saçýan hudaýdan daşrakda bolsa, gündiz-de ýagtydyr, gije-de ýagtydyr. Aý Güne has golaý baranda bolsa, öz nuruny ýitirip, gijeler garaňkyrap durýandyr. Bardy-geldi Aý Günüň öňüne düşäýse, onda tutulma bolar-da, tutuş dünýäde başagaýlyk başlanar“. - Gel-gel, şu samrama onuň hormatlysynyň gulagyna ýetýärmi? – diýip, Ramses onuň gürrüňini kesdi. – Bagtym ýatdy! Faraonyň ogly bolup dogulanymdan, dogulman geçsem bolmaýarmy! - Ýerdäki hudaý bolan faraon hemme zatdan habarly. Emma ol esgerleriň serhoş gykylyklaryna ýa-da daýhanlaryň zeýrençlerine üns bererden has beýik. Ol her bir müsürliniň özi üçin serden geçjekdigini bilýär; sen-ä ilkinji bolup şerýdersiň. - Elbetde – diýip, şa ogly gussaly jogap gaýtardy. Soňra birden janlanyp, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. – Ýöne men bu zatlaryň ählisinde diňe žresleriň täze pirimlerini görýärin. Diýmek, men bigünä adamlary zyndandan boşadyp ýa-da öz kärendeçime daýhanlardan bikanun salgytlary zor bilen almaga ýol bermän, biziň hökümdarymyzyň beýikliginiň öňüni tutýaryn-da? Hormata mynasyp Herihoryň goşuny dolandyrmagy, harby serkerdeleri bellemegi, kese ýerli knýazlar bilen gepleşikler geçirmegi, kakamy-da gününi doga okap geçirmäge mejbur etmegi bolsa... Tutmos gulaklaryny ýapyp, aýaklaryny tapyrdatdy. - Bes et!..Bes et!..Seniň her bir sözüň – dine dil ýetirmek. Döwleti diňe faraon dolandyrýar, Ýeriň ýüzünde bolup geçýän ähli zat hem onuň emri bilen amala aşyrylýar. Herihor - faraonyň guly, ol hökümdar näme emir etse, şony hem bitirýär. Muňa seniň özüň haçandyr bir wagt göz ýetirersiň (goý, meniň sözlerime hiç kim ýaman manyda düşünmesin!). Şa oglunyň ýüzi tukatlykdan juda agralansoň, Tutmos dosty bilen hoşlaşmaga gyssandy. „Öwh! Meniň häsiýetimiň Ramsesiňki ýaly däldigine şükür – diýip ol oýlandy. – Ykbaly şeýle arşa göterendigine garamazdan ol örän betbagt adam...Memfisiň iň owadan aýallaryna eýe bolup biljek halyna, ejesiniň janyny ýakmak üçin diňe birine wepaly bolup ýör! Ýöne ol aslynda şa aýalyň däl-de, tagtyň mirasdüşeriniň, munuň üstesine, şeýle nazarkerde ýigidiň özlerine üns bermeýändiginden saralyp-solup ýören birgiden gyzlardyr aýallaryň janyny ýakýar. Ol diňe bir iň gowy çakyrlary içmän, eýsem, olara suwa-da düşüp biljek, emma ýönekeý esger buzasyny içip, ýüzüne sarymdak sürtülen gury kökäni iýip ýörşüne näme diýip, näme aýdarsyň? Onuň daýhan tagamyny beýle halamagy kimden geçen? Düşünýän däldirin! Ýa-da şa aýaly Nikotrisa naharlanyp oturan gula ýerliksiz haýran galyp seredäýdimikä?.. Ol ertirden agşama çenli ýatan çöpi galdyrman gezip biljek. Saýry jenaplaryň islendigi, olaryň aýallary, gyzlary Ramsesi edil çaga ýaly edip, çemçeden naharlamaga taýýar. Ol bolsa diňe bir iýjek zadyna el uzatman, eýsem, barly öýleriň ýaşlaryny juda gynandyryp, özi suwa düşýär, özi geýinýär. Onuň dellegi bolsa işsizlikden ýaňa uzynly gün hepbik bilen guş tutup, zehinini guma gömüp ýör. Eh, Ramses, Ramses! – diýip, bezemen ýigit uludan dem aldy. – Şeýle gylykly şa ogly bolar-da, heý, nysak ösermi?..Ýyldan-ýyla şol bir öňlükleri geýip ýörüs, ýasama saç-a diňe köşk welmožalary sebäpli saklanýar. Ramses ondan bütinleý ýüz öwürdi. Beýle ýagdaý asylzada barly toparyň mertebesini peseldýär. Bu zatlaryň hemmesine çakyr...ýok, neme...nälet siňen syýasat günäkär...Tirde ýa-da Ninewiýada näme barada pikir edýändikleri dogrusynda kelle agyrtmaly däldigim, goşunlara tölenmeli hak barada aladalanmaly däldigim, Müsüriň ilatynyň näçe artandygynyň ýa-da kemelendiginiň hem-de olardan nähili salgyrtlary ýygnap boljakdygynyň hasabyny çykarmaly däldigim üçin, men, gör, nähili bagtly! Özüňe: „Meniň daýhanlarym maňa näçe gerekdigi hem-de näçe sarp edýändigim üçin däl-de, eýsem, Niliň daşgyny näçe mümkinçilik berýän bolsa, şonça hem töleýärler. Sebäbi biziň ekleýjimiz bolan Nil meniň karz alanlarymdan özümiň olara näçe bermelidigimi soramaýar ahyry“ diýmäge, baý, gaýrat gerekdir-ä...“ Altyn öwüşginli çakyrdan keýpini köklän öte inçe duýguly Tutmos, ine, şeýle oýa berlipdi. Gaýyk Memfise ýetýänçä agralan kellesi burup ýykan ýigidi gullar kejebä çenli ellerinde göterip gitmeli boldular. Onuň ökje göterene meňzäp gitmeginden söň, tagtyň mirasdüşeri çuňňur pikire batdy. Ony howsalaly duýgy gurşap aldy. Žres mekdebiniň okuwçysy we ýokary gatlagyň wekili bolan şa ogly bu dünýä akyl ýetirip boljakdygyny inkär edýän adamdy. Ol žresleriň käbiriniň ruhlary çagyryp bilmek ukybyna eýe bolmak tamasy bilen, özlerini jyns gatnaşygyndan saklap, posty52 berjaý edýän mahaly, beýlekileriň muny boş toslama, kezzapçylyk hasaplaýandyklaryny bilýärdi. Mirasdüşer alnynda tutuş Müsür ýüzin düşüp ýatýan keramatly Apisa iým berýän we çaknyşdyrmak üçin ýanyna sygyr getirýän iň pes žresleriň ony taýak bilen saýgylaýyşlaryny telim gezek görüpdi. Ol, şeýle-de, kakasy Ramses XII-niň halk üçin baky ýaşaýan hudaýdygyny we dünýäniň gudraty güýçli hökümdarydygyny, hakykatda bolsa, beýlekiler ýaly adamdygyny, ýöne öz ýaşyndakylara garanda köp nähoşlaýandygyny, hereketiniň-de žresler bilen berk baglanyşyklydygyny bilýärdi. Hawa, şa ogly bu zatlaryň ähmiýetini bilýärdi hem-de köpüsini öz ýanyndan ýaňsa alýardy, çendan dile-de getirýärdi. Emma onuň erkin pikirliligi inkär edip bolmaýan hakykatyň alnynda baş egýärdi: hiç kim faraonyň ady bilen oýun etmeli däl!.. Şa ogly öz ýurdunyň taryhyny bilýärdi we Müsürde tanymal, güýçli adamlara köp zadyň bagyşlanýandygy ýadyndady. Tanymal jenap nowhanany gömüp, gizlinlik bilen adamyň janyna kast edip, assyrynlyk bilen hudaýlaryň üstünden gülüp, kese ýerli ilçilerden sowgat alyp bilýär...Emma žresleriň syrlarynyň üstüni açmaga we faraona dönüklik etmäge asla ýol berilmeýär.Bularyň ol ýa-da beýlekisini eden adam atsyz-sorsuz ýitirim bolýardy (kämahal derrew däl-de, daşyny örän kňp dostlarydyr hyzmätkärleri gallasa hem, tutuş bir ýyldan soňra şeýle bolýardy). Onuň nirä gidendigini, näme bolandygyny soramaga hiç kim ýürek edip bilenokdy. Esgerlerdip daýhanlaryň öz adyny arşa götermek, haýsydyr bir etsem-petsemler, bolup geçmeli özgerişler, uruşlar baradaky gürrüňlreri agyz-agza geçirmek bilen, özüne zyýan edýändiklerine Ramses soňky wagtlar akyl ýetiripdi. Onuň göwnüne, gedaýlardyr gozgalaňçylaryň atsyz üýşmegi özüni diňe aşak gaçyp, bölek-bölek bolmaly ýere – örän beýik ýadygärligiň depesine güýç bilen galdyrýan ýalydy. Haçandyr bir wagt soňra, uzak ömür süren kakasynyň ýerine faraon bolanda, ol hukuga-da, serişdelere-de eýe bolup, Müsürde hiç kimiň hatda pikir etmäge hem gaýraty çatmaýan işleri amala aşyrar. Häzir bolsa, döwletiň binýadyna kast edýän gozgalaňçy saýylmaz ýaly, ol, dogrudanam, ägä bolmaly Müsürde ykrar edilen ýeke-täk hökümdar bar, ol hem – faraon. Ol ýurdy dolandyrýar, ol isleglerini beýan edýär, ol hemmeler üçin pikir edýär; ine, onsoň kim onuň gudraty güýçlüdigine şübhelense ýa-da öz etsem-petsemleri, meýilleri, hatda haýsydyr bir özgertmeleriň mümkinçiligi barada dil ýardygy – işiniň gaýtdygy. Ähli meýilnamalar diňe bir ýerde – zalda döreýärdi. Faraon öz golaý maslahatçylaryny diňleýärdi we pikirlerini aýdýardy. Islendik özgertme diňe şol ýerden pata alýardy. Ol ýerde döwlet danalygynyň tutuş Müsüre ýagty salýan ýeke-täk görnüp duran çyrasy ýanýardy. Ýöne bu barada hem diliňi dişiň aňyrsynda saklanyň gowudy. Bu pikirler tagtyň mirasdüşeri Sarranyň bagynda, kaştan agajynyň astynda daş oturgyçda oturyp, daş-töweregiň manzaryna syn edýärkä, onuň kellesinde tüweleý çaltlygynda aýlanýardylar. Niliň peselip ugran suwy edil durnaň gözi ýaly durudy. Ýöne tutuş ýurt entek daş-töweregini mellekler ýa-da beýik, ýaýraň gür agaçlar gallan öýler görünýän adajyklardan doly uly aýlaga meňzeýärdi. Şol adajyklaryň töwereginde bedreli durnalar somalyşyp durdular; buduň üstündäki daňylary we çepesleri garagäz ýalaňaç, mis reňk bedenli adamlar Nilden suwy susup alyp, gitdigiçe ýokary – biri beýlekisiniň üstünde ýerleşýän howdanlara geçirýärdiler. Bu ýer Ramsesiň ünsüni has-da özünde egledi. Ol ýapgydynda üç durna işläp duran eňaşak baýyrdy – biri derýadan suwy susup alyp, ony iň aşaky howdana guýýardy, beýlekisi ony aşakdan birnäçe tirsek ýokarda ýerleşen ortaka göterýärdi, üçünjisi bolsa suwy ortakydan iň ýokardaky howdana geçirýärdi. Ol ýerde bolsa aşakdaky ýaly ýalaňaç adamlar suwy susup alyp, ýa-ha mellekleri suwarýardylar ýa-da el bilen daýandyryjylaryň kömegi arkaly agaçlara pürkýärdiler. Durnalaryň bir görseň-ä aşak, bir görseň-de ýokary galýan hereketi, berdeleriň galgamasy, el bilen daýandyryjylaryň akdyrýan suw akymy şeýlebir sazlaşyklydy weli, olary dolandyrýan adamlary enjam hökmünde kabul etse boljakdy. Hiç kim goňşusy bilen gepleşenokdy, diňe daň atandan tä Gün batynça, aýba-aý sazlaşykly eglip-galyp durdy – çagalykdan başlap, ajal alyp gidýänçä şeýledi. Şa ogly işläp duran daýhanlara seredip: „Ine, şu adampisint mahluklaram meni öz gury hyýallaryny ýerine ýetirýän etmek isleýärler. Ýeri, olar döwletde nähili özgerişligi talap edip bilsin?..Şeýtjegem hol aşakdaky howdana suw susup alyp, ýokary geçen hem-de joýalara bedreden suw bermegiň deregine, agaçlara daýandyryjydan suw pürküp duranmy?“ Ony şol adamlara bolan gahar-gazap gurşap aldy: hut şolaryň samsyk samahyllamasy sebäpli ol hökümdar bellenmedi. Ol birden agaçlaryň ýuwaş şygyrdysyny eşitdi. Yz ýanyndanam kimdir biriniň näzik eli egnine goýuldy. Şa ogly kellesini öwürmezden: - Näme boldy, Sarra? – diýip sorady. - Sen gam çekýäň, meniň jenabym. Sen meniň bilen ýaşamak üçin bäri geçjekdigiňi aýdanyňda, arzuw edilýän ýeri ahyry tapan Musa-da meniň ýaly begenen däldir. Ýöne, ynha, ikimiz bir gije-gündiz bileje weli, men seniň ýüzüde ýylgyryş göremok. Sen hatda meniň bilen gepleşeňogam, ýüz-gözüňi egşidip ýörsüň, gije hem sypaň-sermeň etmän, uludan dem alyp ýatyrsyň. - Men juda gussaly... - Ony meniň bilen paýlaş. Gussa diýleni bize saklamaga berlen hazyna ýalydyr. Ony bir özüň goraglasaň, gözüňe uky geljek gümany ýokdur, diňe beýleki bir goragçyny tapanyňda ýeňleýändir. Ramses ony gujaklap, öz ýanynda oturtdy. Ýylgyryp: - Daýhanlar daşgyna çenli meýdandan hasyl ýygnap ýetişmese, oňa aýaly kömek edýär. Ol sygyrlary sagýar, äriniň yzyndan nahar getirýär, işden gelende ýuwundyrýar. Ynha, şular hem aýalyň erkegiň aladasyny ýeňledip biljekdigi baradaky düşünjäniň döremegine sebäp bolupdyr – diýdi. - Sen, näme, muňa ynanaňokmy, jenap? - Tagtyň mirasdüşeriniň aladasy, ol hatda meniň ejem ýaly şeýle akylly, hökmürowan bolsa hem, aýal ýeňlederden agyrdyr...-diýip, Ramses jogap gaýtardy. - Eý, hudaý! Olaryň ne aladadygyny maňa-da aýt ahyry – diýip, Sarra Ramsesiň egnine gysmyljyrap, el çekmedi. – Bizde aýdylýan rowaýata görä, Adam ata How enäniň hatyrasyna jenneti terk edipdir; ýogsam ol, megerem, iň ajaýyp patyşalygyň iň beýik patyşasy bolupdyr ahyry. Şa ogly pikire batdy. Soňra: - Biziň danalarymyzam aýalyň hatyrasyna ýokary hormat-derejeden boýun towlan erkekleriň sanardan kändigini öwredýärler. Ýöne faraon gyzyny baý şaý-sepi bilen äre çykaryp, uly wezipäni sowgat beren haýsydyr bir harby serkerde bolaýmasa, kimdir biriniň aýal sebäp bolup, ýokary galandygy-ha eşidilenok. Ýok, erkege beýik bolmaga ýa-da bolmanda oňa torlardan sypmaga ýardam bermäge aýalyň güýji ýetmez. - Belki, bu hiç kimiň meniň seni söýşüm ýaly söýmeýändigindendir, meniň jenabym – diýip Sarra pyşyrdady. - Men beýle söýginiň seýrek duşýandygyny bilýän...Sen hiç wagtda sowgat talap etmediň, hatda faraonyň oýnaşlarynyň ýatyş otaglaryndanam wezipe gözlemäge utanmaýan adamlara penakärlik etmediň. Sen guzujyk ýaly mylaýym, Niliň depesindäki gije ýaly ümsüm. Seniň posalaryň – Punt53 ýurdunyň hoşboý ysy ýaly, gujagyň bolsa zähmet çekip ýadan adamyň düýşi deý süýji. Seni öwmäge söz tapmak maňa kyn düşýär. Sen – agzy hemişe erkegiň howsalasyny ýetirýän, sögüsi-de gymmat düşýän aýallaryň arasynda ajaýyby. Emma sen her niçik kämil-de bolsaň, meniň aladamy nädip ýeňletjekmişiň? Eýsem, sen onuň hormatlysy Gündogara uly ýörüş gurap, meni serkerdebaşy belletdirip ýa-da maňa bolmanda öz gazananym Menfi goşun birikmesini berdirip ýa-da meni Aşaky Müsüriň hökümdary etdirip biljekmi? Eýsem, sen patyşanyň tabynlygyndakylaryň hemmesinde oňa iň wepaly bolan men ýaly pikir etmegi, duýmagy döredip biljekmi? Sarra ellerini dyzyna goýup, gussaly pyşyrdady: - Dogrudanam, men muny başarjak däl...Men hiç zat başaramok!.. - Ýok, sen köp zat başararsyň!..Meni şatlandyrmagy başararsyň – dioýip, Ramses ýylgyryp jogap gaýtardy. – Men seniň tans etmegi, saz guralyny çalmagy öwreneniňi bilýän. Hany, žres zenanlaryňky ýaly ody goraýan uzyn köýnegiňi çykar-da, ýuka kiseýany geý...finikiýaly tansçy gyzyňky ýaly... Onsoňam şonuň deý tans et, meni sypalap söý... Sarra onuň elinden tutdy-da, ýanyp duran gözlerini dikip: - Sen, näme, başyna gidenler bilen gatnaşyk saklaýaňmy? Göniňden gel...Goý, men özümiň betbagtlygym barada eşideýin...Soňra bolsa meni kakamyň ýanyna – biziň çölüň içindäki jülgämize, şor maňlaýymdan saňa sataşan ýerime goýber – diýdi. Şa ogly onuň saçyny oýnap oyturyşyna: - Ýeri, boldy, köşeş. Toý-meýlislerde bolmasa hem, patyşalyk dabaralarynda ýa-da ybadathanalarda doga okalýan mahalynda maňa tansçy gyzlary görmek miýesser edýär. Ýöne olaryň hemmesi jem bolanda-da, seniň bir özüňe degjekmi...Onsoňam olaryň arasynda kim seniň bilen deňleşip biljekmişin? Sen edil piliň gyýagyndan ýasalan Isidanyň heýkeli ýaly ahyry, olaryň bolsa hersiniň bir ýetmezi bar. Birleri öte semiz, beýlekileriniň aýaklary çöp ýaly ýa-da elleri betgelşik; başga biriniň saçyny geýip ýörenlerem bar. Sen ýaly şeýle näzenini ýok! Eger sen müsürli gyz bolaýanlygyňda, ybadathanalaryň hemmesi seni horuň ýolbaşçysy etmek islärdi. Meniň aýdýan zadym näme – eger sen häzir Memfisde ýuka köýnekli peýda bolup, diňe dabaraly ýörüşlere gatnaşmaga razyçylyk berseňem, žresler seniň bilen ýaraşardylar. - Bize, Iudeýanyň gyzlaryna göze ilginç eşik geýmek bolmaýar - Tans etmegem, aýdym aýtmagam bolanokmy? Onda sen bulary nämüçin öwrendiň? - Biziň aýallarymyz hem-de gyzlarymyz erkekleriň ýüreginde hyjuw oýarmak üçin däl-de, hudaýyň şanyna diňe biri-biri bilen tans edýärler. Aýdymy bolsa biz...Garaş, meniň jenabym, men häzir saňa aýdym aýdyp bereýin... Ol oturgyçdan turup, öýe ugrady. Basym hem yzyna dolanyp geldi. Onuň yzyndan ýaşajyk, gorkuly gara gözli gyz arfa göterip gelýärdi. - Bu gyz kim? – diýip şa ogly sorady. – Dur, men beýle garaýyşy ozal nirededir bir ýerde görüpdim...Hä, hawa, men bärde soňky gezek bolanymda agaçlaryň aňyrsyndn kimdir biriniň gorkuly gözleri bakypdy. - Bu Esfir, meniň garyndaşym hem-de öýdeniçerim. Ol meniň ýantymda bir aý bäri ýaşaýar, ýöne senden gorkusyna, jenabym, hemişe gaçgaklap ýör. Haçandyr bir wagt onuň saňa agaçlaryň aňyrsyndan sereden bolmagy ahmaldyr. - Gidip bilersiň, balam – diýip, şa ogly çekinjeňlikden ýaňa doňup galan gyza ýüzlendi. Ol agaçlaryň aňyrsynda gözden ýitende: - Bu hem jöhitmi? Maňa goýnuň näheňe seredişi ýaly seredýän seniň mülküň garawuly kim bolmaly? – diýip sorady. - Samuil, Ýezdranyň ogly. Ol hem garyndaşym. Men ony, jenabym, seniň erkinlige goýberen negriň deregine aldym. Hyzmatkärleri saýlap almaga maňa özüň ygtyýar etmediňmi näme? - Hä, hawa, elbetde... Işgärleriň üstünden garaýan gözegçi kim? Onuňam hamynyň reňki sary, özi-de şeýlebir ümsüm görünýär weli, asla müsürlä meňzänok. Ol hem jöhitmi? - Ol Ýezekeiil, Ruwimiň ogly, kakamyň garyndaşy. Ol, näme, saňa ýaranokmy, meniň jenabym?..Bularyň hemmesi saňa wepaly hyzmatkärlerdir – diýip, Sarra jogap gaýtardy. - Ol maňa ýaraýarmy? Gözegçi bärde maňa ýaramaly däl-de, eýsem, seniň emlägiňi goramaly – diýip, şa ogly barmaklary bilen oturgyjy tyrkyldadyp oturyşyna jogap gaýtardy. – Aslynda-ha, meniň bu adamlar bilen asla işim ýok...Hany, aýdyma başlasana, Sarra! Sarra onuň aýagynyň ýanyna ota çökdi, arfany sazlady-da, aýdyma başlady: „Hiç hili howsalasy bolman, agşam düşegine girende: „Ynha, bu günem gaýgy-gamsyz geçdi“ diýip biljek adam barmydyr? Gabra girip barýarka: „Ömrüm Iordanyň depesindäki ümsüm gije ýaly hiç hili aladasyz, ezýetsiz geçdi“ diýip biljek adam barmydyr? Her gün öz çöregini gözýaşy bilen suwarýan, öýi-de zeýrençden püre-pür adamlar bolsa, gör, nähili köp! Adam dünýä aglap gelýär, Zemini nalyş bilen hem terk edýär. Ol durmuşyň çetinden dabanyndan depesine çenli gorky bilen ätleýär, dabanyndan depesine çenli gaýgy-gussa bilen hem mazara girýär; onuň nirede galmak isleýändigini hiç kim soramaýar. Durmuşyň gaýgy-gussasyny çekmedik adam barmydyr? Belki, ol ejesini ajal aparan çagadyr? Ýa-da açlyk guradansoň, ene gursagyna gysmyljyrap, oňa agyz ýetirmäge ýetişmedik körpejedir? Ertirki güne howp-hatarsyz garaýan, özüne ynamly adam barmydyr? Ol ýagşyň öz ygtyýarynda däldigini hem-de çekirtgä özüniň ýol görkezmeýändigini bilip, meýdanda işläp ýören adam-ha däldir-dä? Ýeliň nireden ösjekdigini bilmän, ähli baýlygyny ýeliň erkine beren söwdagär-hä däldir-dä? Ähli zady yzyna gaýtarmazdan ýuwudýan, agzyny açyp ýatan girdaba ynanýan ömür-hä däldir-dä? Kalby biynjalyk bolmaýan adam barmydyr? Ol ýeňil aýak suguny yzarlap barşyna, öz ýolunda çenenip atjak peýkamy oýunjak ýaly täsir etjek ýolbarsa sataşan awçy-ha däldir-dä? Azap hem güzap bilen ädimme-ädim şöhrata tarap barşyna, gana suwsanlaryň yiti naýzalarynyň tokaýyna hem-de bürünç gylyçlara sataşan esger-hä däldir-dä? Ýa-da ol porfiranyň eteginden agyr harby enjamlary göterýän, kuwwatly goňşularynyň goşunlaryny eserdeň göz bilen gizlin yzarlaýan, gulagy bilen bolsa, öz çadyrynda dönüklik başyna ýetmez ýaly, her bir şygyrdyny dypdyrman oturan beýik patyşamy? Adamyň ýüregi ähli ýerde, hemişe gaýgy-hasratdan doludyr. Oňa çölde – ýolbars bilen içýan, gowaklarda – aždarha, gülleriň arasynda – zäherli ýylan howp salýandyr. Günüň ýagtysyna husyt goňşusy onuň ýerini elinden almagyň pikirini etse, gije hilegär ogry onuň ammarynyň gulpuny barlap görýändir. Ol çagalykda ejizdir, juwan çagda suwuň düýbündäki jandar ýaly, daşyny howp-hatarlar gurşandyr, garrylykda güýçsüzier. Şonuň üçin, meni ýaradan, eý, hudaý, adamyň görgi görýän ýüregi saňa ýüzlenýär. Ony bukusy, tory aňryýany bilen ýetik bolan bu dünýä ýollan sensiň. Oňa ölmek gorkusyny salan sensiň. Diňe ýeke-täk, özüňe eltýän ýoldan gaýry rahatlyga eltýän ýollaryň ählisini beklän sensiň. Ýöräp bilmänsoň, ýykylmaz ýaly, ejesiniň köýneginiň etegine ýapyşýan çaga deý, biçäre adam-da seniň rehimdarlygyňa bil baglap, rahatlyga eýe bolýar...“ Sarra sesini kesdi. Şa ogly birsalym pikire çümüp oturdy. Soňra: - Siz, jöhitler, tukat halk. Eger Müsürde siziň aýdymyňyzyň öwredişi ýaly ynansadylar, Niliň kenarlarynda gülki doňup galardy, baýlar ybadathanalaryň astynda gizlenerdiler, halk bolsa işlemegiň deregine gowaklara siňip, şol ýerde hudaýlardan rehimdarlyga biderek garaşar oturardylar. Biziň durmuşymyz başgaça. Biz hemme zady gazanyp bilýäris, ýöne her kim diňe özüne ymyt baglamaly. Biziň hudaýlarymyz gorkaklara kömek etmeýärler. Olar Ýere diňe adamyň başarnygyndan artyk edermenlik görkezen gahrymanyň güýji doly tükenende inýärler. Duşmanyň iki ýarym müň sany, hersinde-de üç söweşiji oturan söweş arabalarynyň jümmüşine okdurylan Beýik Ramses bilen hem şeýle bolupdy. Oňa diňe ölmez-ýitmez ata Amon kömege gelende, duşman kül-peýekun edilipdi. Ol eger uruşmagyň deregine siziň hudaýyňyzdan kömege garaşyp duranlygynda, Niliň kenarlarynda müsürli-hä bireýýäm diňe bedreli hem toýunly, ýigrenji hettler-de papirusly hem degenekli taýakly gezerdiler! Şonuň üçin hem, Sarra, meniň gussamy seniň aýdymyň däl-de, seniň gözelligiň kowýar. Eger men özümi jöhit danalary ýaly alyp barsam, asmandan goraga garaşsam, agzymdan çakyr çogup, aýallar meniň öýüme gelýän ýoly unudardylar. Iň esasy bolsa – biri iki gula daýanmazdan otagdan geçip bilmeýän, beýlekisi-de agaçlarda böküp ýören öweý doganlarym ýaly, faraonyň mirasdüşeri bolmazdym!.. ON BÄŞINJI BAP Ertesi gün irden Ramses özüniň negrini tabşyryk bilen Memfise ugratdy, günortanam içinde beýik demir bagaply we ýalpyldaýan harby enjamly grekler oturan ullakan gaýyk Sarraanyň mülküniň ýanyna gelip daýandy. Galkandyr gysga naýza bilen ýaraglanan on alty sany adam buýruk boýunça kenarda düşüp, iki hatara düzüldiler. Gelenler Sarranyň öýüne tarap ýönelmekçi bolanlarynda, şa oglunyň ýollan ikinji adamy olary saklady; ol esgerlere kenarda galmagy buýrup, mirasdüşeriň ýanyna diňe olaryň ýolbaşçysy Patrokly çagyrdy. Buýruga tabyn çaklaň goşun göýä ýalpyldawuk demir tutulan iki hatar sütün ýaly bolup, gymyldy-hereketsiz durdy. Iberilen adamyň yzyna diňe ýelek dakylan demir başgaply, goýy gyzyl tunikaly54, gursagy saçynyň deregine ýumak ýaly düýrülip ýatan ýylan şekillendirilen aýal kellesi bilen bezelen altyn çaýylan sowutly Patrokl düşüp barýardy. Mirasdüşer şöhratly harby serkerdäni bagyň derwezesiniň agzynda garşylady. Ol hemişe bolşy ýaly ýylgyrmady, hatda Patroklyň epilip baş egmesine jogap gaýtarmady, tersine, oňa sowuk seredip: - Faraon, biziň hökümdarymyz, meni ikinji gezek olara ýolbaşçy belleýänçä esgerler bilen türgenleşik geçmejekdigimi meniň greklerden ybarat ýygynymyň hormata mynasyp esgerlerine ýetir. Olar serhoş ýagdaýda meýhanalarda men barada gygyryşandyklary üçin bu hormatdan mahrum boldular; men şol sözleri özümi kemstme hasaplaýan. Şeýle-de, seniň ünsüňi grekleriň ýygynynyň ýolberilmesiz bibaşlygyna çekýän. Seniň esgerleriň jemgyýetçilik ýerlerinde syýasat, haýsydyr bir bolup geçmeli uruş barada samahyllaýarmyşyn – bu, eýsem, döwlete dönüklik etmege meňzänokmy? Beýle işler dogrusynda diňe faraon hem-de döwlet mejlisiniň agzalary gürrüň edip biler. Biz bolsa – hökümdarymyzyň esgerleri hem-de hyzmatkärleri, nähili wezipäni eýelesegem, merhemetli hökümdarymyzyň buýruklaryny diňe sessiz bitirmäge borçly. Hormata mynasybymyz, şuny meniň ýygynlaryma ýetirmegiňi soraýaryn hem-de saňa sag-salamatlyk arzuw edýärin! - Seniň buýrugyň ýerine ýetiriler – diýip, grek jogap gaýtardy we ýaragyny şaňňyrdadyp, öz gaýygyna tarap ýöneldi. Ol esgerleriň garbanalgahanalarda edýän gürrüňlerinden habarly bolansoň, goşun gowy görýän mirasdüşere dahylly ýakymsyz bir zadyň bolup geçendigine derrew düşündi. Şonuň üçin hem, ol kenarda duran çaklaň goşunyň ýanyna barandan, ýüz-gözüni egşidip, ellerini gaharly galgadyp gygyrdy: - Edermen grek esgerleri! Häý, gotur itler diýse, belki, sizi heýwere keseli gemrip gutaraýady-da!..Eger şu pursatdan başlap, greklerden kimdir biri maýhanada tagtyň mirasdüşeriniň adyny tutaýsa, men onuň kellesinde küýze döwüp, owranan kelle süňklerini hem bokurdagyna sünjäge-de, ýygyndanam gümüni çekerin! Özüňiz-ä müsürli daýhanlaryň doňuzlaryny bakarsyňyz, siziň başgabyňyzda bolsa towuklar ýumurtga basyrarlar. Dilini dişiniň aňyrsynda saklap bilmeýän beýnisiz esgere şeýle täleý garaşýandyr. Indi bolsa – çepe dönýäňiz-de, gaýyga tarap ugraýaňyz, häý, gyrgyn degip, tepbedi okalmyşlar! Onuň hormatlysynyň esgeri bar zatdan ozal – goý, olar baky ýaşasyn! - faraonyň hem-de asylzada harby hökümet agzasynyň saglygyna içmelidir. - Goý, olar baky ýaşasyn! – diýip esgerler gaýtaladylar. Olaryň hemmesi gaýyga ýüzlerini sallaşyp mündüler. Emma Memfise golaýlanlarynda Patrokl maňlaýynyň ýygyrdyny ýazdy-da, diňlän çagyň aýratyn ýeňil hereket edilýän, kürekler suwa aýratyn dogumly urulýan aýdymy aýtmagy buýurdy. Ol harby adamlary juda söýensoň, düşegine gurjak salyp, tutuş gijäni garawul durýan esgerler bilen geçirýän žresiň gyzy hakdaky aýdymdy. Agşamara Sarranyň mülküniň ýanynda başga bir gaýyk gelip saklandy. Ondan kenara Ramsesiň mülkleriniň baş dolandyryjysy düşdi. Şa ogly, belki, talap edijilikden, belki-de, onuň jöhit oýnaşynyň jaýyna barmagyny islemezlikden, garaz, bu welmožany-da bagyň howlusynda garşylady. Mirasdüşer: - Men seni görmekçidim hem-de meniň daýhanlarymyň arasynda salgydyň aşakladyljakdygy ýa-da haýsydyr bir şoňa meňzeş bolgusyz gürrüňiň ýaýrandygyny aýtmakçydym...Meniň olary salgytdan boşatmajakdygymy daýhanlaryň bilmegi gerek. Eger duýdurylandygyna garamazdan, kimdir biri bu barada samrap ýörmegini goýmasa, taýak bilen temmi berler – diýdi. - Belki, olara jerime salmalydyr...deben ýa-da drahm, näme isleýärsiň? – diýip, baş dolandyryjy öz pikirini aýtdy. Şa ogly birsalym pikirlenenden soňra: - Bolar. Goý, jerime tölesinler – diýip jogap gaýtardy. - Merhemetliniň buýrugyny berk ýatda saklarlary ýaly, iň keçjallaryna taýak bilen temmi bersek nädýär? - Bolar. Goý, keçjallaryna taýak bilen temmi bersinler. - Rugsat etmegiňiz bilen habar berýän – diýip, baş dolandyryjy henizem eplenip durşuna pyşyrdady. – Haýsydyr bir näbelli kişi tarapyndan meçew berlen daýhanlaryň, hakykatdanam, salgytlaryň aşakladyljakdygy barada gürrüň eden wagty bolupdy. Ýöne indi birnäçe günüň içidir, bu gürrüň birden kesildi. - Eger beýle bolsa, olara temmi bermeseňem boljak – diýip, Ramses karara geldi. - Ertir sesi çykmaz ýaly, şu gün gözüniň ody alynsa gowy bolmazmy? – diýip, baş dolandyryjy teklip etdi. - Taýaklary gysganaňzokmy? - Beýle ýagşy işe taýak hemişe tapdyrar-la. - Her näme-de bolsa, gatybir gözüni çykarmaly däl. Meniň daýhanlara ýersiz-ýere azar berýändigim baradaky habaryň faraona ýetmegini islämok. Bulagaýlygyň ysy gelip duran gürrüňler üçin urmaly, jerime salmaly, emma sebäp ýok bolsa, özüňi rehim-şepagatly görkezmeli. - Düşünýän – diýip, baş dolandyryjy şa oglunyň gözüne seredip durşuna jogap gaýtardy. – Goý, isledigiçe bokurdak ýyrtsynlar, ýöne ýaşyrynlykda etmeli däl gürrüňi etmesinler. Patrokl hem-de baş dolandyryjy bilen bolup geçen bu gürrüň ýyldyrym çaltlygynda tutuş Müsüre ýaýrady. Baş dolandyryjy gidenden soň, Ramses pallady we çar ýana tukat nazar aýlap durşuna: „Men elimden gelenini etdim. Indi, eger saklanyp bilsem, başga hiç zat etjek däl...“ diýip oýlandy. Şol pursatda gullukçynyň tarapyndan onuň gulagyna ýuwaş iňňildi we yzygiderli urgular eşidildi. Yzyna öwrülen Ramses gözegçi Ýezekiiliň, Ruwimiň oglunyň: - Ýuwaş bol!..Jyňkyň çykmasyn!..Nejis haýwan!..- diýip, işgäri degenekli taýak bilen saýgylap duranyny gördi. Işgär biçäre agysyny basmak üçin, agzyny eli bilen gysyp durdy. Ramses tas gullukçynyň ýanyna babyr ýaly bolup atylyp barypdy, ýöne akylyna aýlandy. Ol: „Meniň edip biljek zadym ýok. Mülk-ä Sarranyňky, jöhit-de onuň garyndaşy...“ diýip oýlandy. Jeza tamamlandy. Ol dişlerini gysyp, agaçlaryň arasynda ýitirim boldy. „Diýmek, tabyn jöhitler, ine, şeýle hojaýynlyk edýär-dä? Diýmek, ine, şeýle-dä? Meniň ýüzüme-hä gorkan it ýaly bolup seredýär, işgärleri-de ýençýär. Olaryň hemmesi şeýlemikä?“ Ine, onsoň Ramsesiň kalbynda ilkinji gezek: „Belki, Sarra hem mähirli bolan bolup, göze çöp atýandyr?“ diýen şübhe gymyldady. Sarranyň ruhy dünýäsinde, dogrudanam, käbir özgerişler bolup geçipdi. Jülgede sataşylan ilkinji pursatda Ramses oňa ýarapdy. Ýöne nazarkerde ýigidiň faraonyň ogludygyny we tagtyň mirasdüşeridigini bilende weli gynanypdy, derrew diňşirgenipdi. Sarranyň şa oglunyň öýüne göçüp barmalydygy barada Tutmos Gedeon bilen razylaşan mahaly ol uzak wagtlap özüne gelip bilmändi. Ol hiç bir hazyna üçin Ramsesden dänmezdi, ýöne gyz edil şol pursatda ony söýýärdi diýip tassyklap boljakdygy gümanady. Söýgi özüniň iň gowy güllerini ösdürip ýetişdirer ýaly, erkinligi we wagty talap edýär; oňa weli ne wagt berdiler, ne-de erkinlik. Gyzyň Ramses bilen sataşanynyň edil ertesi güni razyçylygyny-da alman diýen ýaly, onuň Memfisiň etegindäki mülküne göçürdiler. Aradan birnäçe gün ötenden soňra-da, ol şa oglunyň oýnaşyna öwrüldi; haýran galmakdan, gorkmakdan ýaňa ol özi bilen nämeleriň bolup geçýändugine hem düşünenokdy. Heniz täze durmuşa öwrenip ýetişmänkä, töwerekdäki ýaşaýjylaryň özüne bolan ýaman niýetli garaýyşlary, soňra haýsydyr bir tanymal aýallaryň gelmegi, iň soňunda-da mülke hüjüm edilmegi ony juda tolgundyrypdy, gorkuzypdy. Ramsesiň öz arkasyny almagy, hüjüm edenleriň yzyndan kowmakçy bolmagy ony has-da gorkuzypdy. Ol özüniň şeýle hökmürowan, ganygyzgyn, özgäniň ganyny döküp, öldürip biljek adamyň eline düşendigine akyl ýetiripdi... Sarra lapykeç haldady; göwnüne aklyndan azaşaýjak ýalydy. Ol şa oglunyň hyzmatkärlere gazap bilen ýaraga ýapyşmagy buýrandygyny eşidipdi. Emma bir ähmiýetsiz, ýüzugra aýdylyp goýberilen sözjagaz iny aklyna aýlapdy, duýgularyny täze ugra gönükdiripdi. Ramses ol ýaralanandyr öýdüp, kellesinden sargyny sogrup aýrypdy we gögerendigini görüp: - Bu ýöne bir gögerme-le! Emma onuň ýüzi üýtgedäýenini! – diýip gygyrypdy. Sarra şol pursatda agyryny-da, gorkyny-da unudypdy. Ony täze birahatlyk gurşap alypdy. Onuň ýüzüni üýtgeden gögerme şa ogluny haýran galdyrypdy. Diňe haýran galdyrypdy!.. Gögerme birnäçe günden soňra aýryldy, ýöne Sarranyň kalbynda şol wagta deňiç nätanyş bolan duýgy döredi-de, gün geldigiçe güýjemek bilen boldy: ol Ramsesi hem gabanyp hem-de özüni taşlamagyndan gorkup ugrady. Oňa ýene bir ünji ezýet berýärdi: Sarra onuň alnynda özüni öýdeniçer, gyrnak duýýardy. Ol, elbetde, mirasdüşeriň edil kölege ýaly gulak asyjysydy, iň bir ynamly öýdeniçeridi, iň bir wepaly gyrnagydy, şonlugyna-da galasy gelýärdi. Emma şol bir wagtda onuň, juda bolmasa, söýgä berlen mahalynda özi bilen jenap, hökümdar ýaly bolmazlygyny isleýärdi. Sebäbi Ramses Sarra däl-de, Sarra Ramsese degişli ahyryn. Ol nämüçin Sarrany sähelçejigem bolsa söýýändigini görkezenok-da, her bir sözi, her bir hereketi arkaly aralarynda haýsydyr bir kert gaýanyň bölýändigini duýdurýar? Haýsy?..Eýsem, ol şa ogluny gujagyna gysmanmydy? Eýsem, şa ogly onuň dodagyndan, gursagyndan öpmänmidi? Bir gezek Ramses onuň ýanyna yzyna it düşürip geldi. Ol bary-ýogy birnäçe sagat boldy, ýöne it Sarranyň ýerinden – mirasdüşeriň aýagynyň ýanyndan asla turmady; ol öz ýerinde oturmakçy bolanda bolsa, it hyrlap başlady. Şa ogly gülüp, barmaklaryny onuň saçyna çümdirişi ýaly edip, hapysa itiň tüýüne çümdürdi; it hem onuň gözüne edil Sarra ýaly, ýöne ondan batyrgaý seretdi. Itiň şa oglunyň söýgüsiniň bölegine eýe bolandygy hem-de onuň jenaby bilen şeýle utançsyz ysnyşakdadygy (özi-ha beýtmäge hiç wagtda ýürek edip bilmezdi) üçin, Sarra köşeşip bilenokdy, akylly haýwany ýigrenýärdi. Mirasdüşeriň eli itiň kellesindekä, ol, heý-de, şol tarapa parhsyz seredip biljekmi? Şa ogly golaýda ýene tans edýän gyzlary ýatlady. Sarranyň ýüregine ot düşdi: „Ol şol ýalaňaç bihaýa aýallaryň özüni sypaň-sermeň etmegine nädip ýol berdikä?..Eý, Ýahwe, sen muny asmandan görüp otursaňam, neçüýn başyna gidenlere ýyldyrym bilen zarba urmadyň?..“ Dogry, Ramses onuň özüne aýallaryň hemmesinden gymmatdygyny aýtdy. Ýöne onuň sözleri Sarrany köşeşdirmedi. Ol gaýdyp öz söýgüsinden gaýry hiç zat barada pikirlenmezlik kararyna geldi. Ertir näme bolsa, şol bolsun. Ol Ramsesiň aýagynyň ýanynda ýatyşyna, adama sallançakdan tabyda çenli hemra bolýan ezýetlerdir gam-gussalar barada aýdym aýdanda, öz içini döküpdi, hudaýa özüniň soňky umydyny beýan edipdi. Indi Ramses ýanyndaka, ol bagtly bolup biljekdi. Emma Sarra üçin hesretli günler hut şu ýerde başlandy. Onuň bilen bir üçegiň aşagynda ýaşaýan şa ogly Sarra bilen baga gezelenç edýärdi, kämahal ýanyna gaýyga alyp, Nile aýlaýardy, emma başga kenarda, köşgüň seýilgähinde ýaşandakysy ýaly edip, oňa birjigem golaý bolmady. Ol Sarranyň ýanynda bolsa hem, başga bir zat barada pikir edýärdi. Onuň näme pikirdigini Sarranyň aňyp biljek gümany ýokdy. Şa ogly ony gujaklaýardy, saçyny oýnaýardy, emma nazary Memfis tarapdady - ýa-ha faraonyň köşgüniň äpet pilonlaryna, ýa-da nirädir bir alys ýere seredýärdi... Kämahal bolsa ol hatda Sarranyň sowalyna jogabam gaýtaranokdy ýa-da göýä ukudan oýanyp, onuň öz ýanyndadygyna geň galýan ýaly, ýüzüne birden çiňerilip seredýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |