12:57 Faraon -9: romanyň dowamy | |
ON ALTYNJY BAP Sarra bilen onuň belent mertebeli magşugynyň arasyndaky ysnyşmanyň juda seýrek, emma üýtgeşik pursatlary, ine, şeýledi. Patrokla we mülküň dolandyryjysyna buýruk berenden soň, mirasdüşer günüň köp bölegini mülküň daşynda, köplenç gaýykda geçirýärdi. Ol Nilde ýüzüşine, ýa-ha asuda derýada tutuş süri bolup gezýän balyklary tor bilen tutýardy, ýa-da batgalyklara aýlanyp, lotosyň beýik baldaklarynyň arasynda gizlenýärdi-de, öz depesinde ýiti ses edip uçýan, edil çybyn-çirkeý ýaly köp guşlara ýaý atýardy. Ýöne şu ýerde-de şöhratparazlykly arzuwlar ony sypdyranokdy: mirasdüşer hereketini yrym bilen edýärdi. Ol kämahal daş aralykdan suwda ýüzüp ýören sary gazlaryň çagalaryny görende, kirşi çekip: "Eger urup biäýsem, ikinji Beýik Ramses bolaryn“ diýip oýlanýardy. Peýkam ýuwaş şuwwuldap aşak inip, gursagyndan tyg sünjülen guşdan öte aýylganç ses çykansoň, tutuş batgalykda başagaýlyk döreýärdi. Gazlaryň, ördekleriň hem-de leglekleriň toplumy asmana göterilýärdiler we çabalanyp ýatan ýoldaşynyň depesinde uly aýlaw edip, aňyrda bir ýerde aşak inýärdiler. Töwerege ümsümlik aralaşanda, Ramses gamşyň yranýan ýerine siňe seredip hem-de guşlaryň bölünip-bölünip çykýan seslerine diň salyp, gaýygy ägälik bilen itekleýärdi. Ýaşyl otlaryň arasynda aýna ýaly dury suwy we täze sürini görüp, ol ýene ýaýyň kirşini çekişine: - Eger degäýse-hä faraon bolaryn, degmese-de...-diýýärdi. Peýkam bu gezek suwda şarpyldaýardy-da, birnäçe gezek onuň ýüzüne çykyp, lotoslaryň arasynda ýitip gidýärdi. Pişeden humarly Ramses bolsa yzly-yzyna peýkam atyp, biçäre guşlary ýa-ha öldürýärdi, ýa-da gorkuzýardy. Mülkdäkiler mirasdüşeriň nirededigini häli-şindi onuň gaýygynyň depesinden asmana göterilýän guş sürüsiniň sesinden bilýärdiler. Ol Gün ýaşmazynyň öň ýanynda ýadaw halda öýe dolanýardy. Sarra eýýäm içi suwly legenli, bir küýze ýeňil çakyrly we bägülden ýasalan sübseli işikde garaşyp durandyr. Şa ogly onuň ýüzüne ýylgyryp bakardy, ýaňagyndan sypalardy, ýöne onuň mähirli gözlerine seredip: „ Özüniň hemişe menden gorkup gezýän dogan-garyndaşlary ýaly, bu hem müsürli daýhanlary ýençmäge ukyplymyka? Eý-how, ejem jöhitlere ynanman, dogry edýän eken! Ýöne Sarra beýlekiler ýaly däl bolaýmasyn!“ diýip oýlanýardy. Bir gezek öýe adatdakysyndan ir dolanyp gelen mirasdüşer jaýyň öňündäki howluda şadyýan oýnap ýören çagalary gördi. Sary tenli adamjyklar ony görenlerinden batgalykdaky ýabany ördekler ýaly gygyryşyp, çar ýana pytradylar. Ol basgançaga galýança, çagalaryň ady-sory ýokdy. Ol Sarradan: - Meni görenden ökje göteren çülpeler kim bolmaly? – diýip sorady. - Seniň hyzmatkärleriň çagalary. - Jöhitleriňkimi? - Meniň doganlarymyňky. - Eý, hudaý! Siziň halkyňyzyň köpelgiçdigini! – diýip şa ogly güldi. Soňra burçdan gorkuly seredip duran adamy görkezip, sözüniň üstüni ýetirdi: - Ýeri, onsoň bu kim bolmaly? - Ol Aod, Barakyň ogly, meniň garyndaşym. Saňa gulluk etmek isleýär, jenap. Men ony bäri alyp bilerinmi? Ramses egnini ýygyrdy. - Mülk seniňki, şonuň üçin hem, gulluk etmäge islän adamyňy kabul edip bilersiň. Ýöne bular beýdip köpelip gidip oturyşy bilen, basym tutuş Memfisi dolduraýmasalar. Sarra Ramsesiň aýagyna çökdi-de, oňa howsalaly seredişine: - Sen, näme, meniň doganlarymy halaňokmy? – diýip pyşyrdady. Şa ogly onuň ýüzüne geň galyp seretdi. - Men olar barada pikirem edemok – diýip, biperwaý jogap gaýtardy. Şeýle gyşygrak gürrüňler Sarranyň ýüregini otly damja bolup ýaksa-da, onuň Ramsese bolan garaýyşyny üýtgedenokdy. Gözleri ýygy-ýygydan Niliň beýleki kenaryna, köşgüň kuwwatly pilonlaryna gönükse-de, ol güler ýüzlüdi , hemişe bolşy ýaly, mähirlidi. Ýaşaýan ýerini meýletin terk eden mirasdüşer basym ýüregi gysýanyň diňe özi däl ekendigini gördi. Günleriň birinde aňyrky kenardan ýola düşen ýagşy bezelip-beslenen şa gaýygy Nili Memfisiň ugry boýunça kesip, mülküň juda golaýynda aýlanyp ugransoň, onuň içindäkiler Ramsese gowy görünýärdi. Ol owadan matadan edilen, goýy gyzyl çadyrda daşyny köşk hanymlary gallan ejesiniň temegine ýel berip oturanyny gördi; onuň garşysynda pessejik oturgyçda wagtlaýyn hökümdar Herihor otyrdy. Olar bäri tarapa seretmese-de, özüne assyrynlyk bilen syn edilýändigini Ramses aňýardy. „Ähä! Örän hormatly ejem bilen jenap hökümet agzasy faraon dolanyp gelmezden öň meni bärden sogrup almakçy bolýarlar-ow!“ diýip, ol öz ýanyndan ýaňsyly gülümsiredi. Tobi aýy geldi. Bir ýarym adam boýy peselen Niliň suwy gün-günden gara batgalyk ýerleriň täze giňişligini açyp gidip otyrdy. Suw yza çekildigi bes, iki öküz süýräp barýän kiçi azal şol ýere gönügerdi. Öküzleriň ýanyndan – eli kelte gamçyly mal sürüji, azalyň yzyndan – ýalaňaç sürümçi, olaryň yzyndanam – topugyna çenli gyrmança çümüp, öňlüginden bugdaý tohumyny goşawuçlap alyp, meýdana serip gelýän tohum sepiji gaýdardy. Müsür üçin ýylyň iň gowy wagty bolan gyş gelipdi. Temperatura on bäş gradusdan geçenokdy, ýer derrew zümerret reňkli otlara bürenip, olaryň arasynda nerkesdir benewşe göýä uçgun ýaly ýalpyldaýardy; olaryň hoşboý ysy ýerdir suwuň turşumtyk ysy bilen gatyşyp gidýärdi. Içinde şa aýaly Nikotrisa bilen wagtlaýyn hökümdar Herihor oturan gaýyk Sarranyň öýüniň golaýynda birnäçe gezek peýda bolupdy. Her gezegem şa ogly ejesiniň hökümet agzasy bilen şadyýan gürleşýändigini görüp, olaryň, hamala, pahsyzdyklaryny äşgär etmek isläp, öz tarapyna bilgeşlin seretmeýändiklerine ynanýardy. - Duruberiň bakaly! Meniňem ýüregimiň gysmaýandygyny menem size görkezerin! – diýip, mirasdüşer gaharly pyşyrdady. Bir gezek Gün batmazynyň öňüsyrasy, içinde gurnalan goýy gyzyl çadyryň burçlary düýeguşuň ýelegi bilen bezelen, bol altyn çalynan şa gaýygy beýleki kenardan ugran mahaly, Ramses iki adamlyk gaýygy taýýarlamagy buýurdy we Sarra özi bilen gezelenje çykmalydygyny aýtdy. - Ýahwe! – diýip, Sarra elini eline şarpyldadyp urup gygyrdy. – Ol ýerde seniň ejeň bilen hökümdar bar ahyry! - Bärde bolsa mirasdüşer bolar! Öz arfaňy-da al, Sarra. - Nämüçin arfany-da almaly? – diýip, ol sandyrap durşuna sorady. – Eger hormatly ejeň seniň bilen gürleşmekçi bolsa näme?..Men onda özümi suwa oklamaly bolaryn! - Çaga bolma, Sarra – diýip, mirasdüşer gülüp jogap gaýtardy. – Hormatly hökümdar bilen ejem ikisi aýdym diňlemegi örän gowy görýärler. Eger söýgi baradaky haýsydyr bir şirin jöhit aýdymyny aýtsaň-a, olaryň seni gowy göräýmekleri-de ahmaldyr. - Men beýle aýdymlary bilemok – diýip, Ramsesiň sözleri kalbynda ynam oýaran Sarra aýtdy. Dogrudanam, onuň aýdymy hökmürowan adamlara ýaraýsa-ha, onda... Köşk gaýygyndakylar tagtyň mirasdüşeriniň Sarra bilen ýönekeýje gaýyga münendigini, hatda küregi-de özüniň urýandygyny gördüler. - Serediň-le, beýik hormatlymyz, ol özüniň jöhidi bilen bize tarap ýüzüp gelýär – diýip, şa aýaly hökümet agzasyna pyşyrdady. - Mirasdüşer esgerleridir daýhanlary babatda özüni şeýle akylly alyp bardy hem-de köşkden gidenine juda ökünýändigini aýan etdi, şeýle bolansoň, siziň alyhezretiňiz, bu kiçijik biedepligi bagyşlap bilersiňiz – diýip, hökümet agzasy aýtdy. Gaharly oturan şa aýaly: - Wah, eger ol şol ýumurtganyň gabygynyň içinde oturmanlygynda, men beýlekisini gark etmegi buýrardym – diýdi. - Nämüçin? – diýip, hökümet agzasy sorady. – Eger kanunyň ýa-da biziň, belki, kämil bolmadyk däp-dessurlarymyzyň, gynansagam, özüne tabyn edýän owsaryny üzmäge dyrjaşmasa, şa ogly ýokary žresleriň hem-de faraonlaryň nesli bolup bilmezdi. Nähili bolanda hem, ol zerur ýagdaýlarda özüne erk etmegi başarýandygyny görkezdi. Ol hatda öz hatalaryny boýun almaga-da ukyply, bu bolsa tagtyň mirasdüşeriniň mynasyp baha berilmeýän seýrek zyýatlygydyr. Onuň öz söýgülisi bilen bizi birneme gaharlandyrmak islemegi barada aýdylanda, özüniň niýet-päli juda ýagşy bolan hem bolsa, ýaman niýetiň toruna düşmeginiň oňa zeper ýetirendigini subut edýär. Ýelekden ýelpewajy gaharly daraklaýan şa aýaly: - Ýöne şu jöhit!..- diýip pyşyrdady. - Ol indi meni birahatlandyranok – diýip, hökümet agzasy gürrüňini dowam etdirdi. – Owadan, ýöne samsyk ýaradylansoň, ol erkini elden beren mirasdüşeri peýdalanjak-da bolanok, şeýtmegi başarjak-da däl. Ol berilýän sowgatlary alanok, özüniň şeýle bir gymmat bolmadyk gözeneginde beklenip oturyşyna, hiç kimi-de görenok. Wagt ötüp, ol, belki, tagtyň mirasdüşeriniň oýnaşy hökmünde öz ýagdaýyndan peýdalanmagy-da, onuň gaznasyndan talant ýolmagy-da başarar. Ýöne beýle ýagdaý bolýança, ol Ramsesi irizer. - Goý, seniň agzyň bilen ähli zady görýän Amon gürleýänden bosun! - Men muňa şübhelenemok. Haýsydyr bir şeýtana sapak beren aýalyň biziň toparymyzyň ýaşlarynyň başyny-gözüni aýlap, mal-mülkden, saglykdan mahrum edýän, hatda işi kazyýete ýetirýän ýagdaýlary bolýar. Ýöne şa ogly hiç wagtda onuň hatyrasyna paýhassyzlyk edenok. Onuň bolup ýörşi akly goýalan erkek kişiniň gyrnak bilen güýmenmesinden başga zat däldir. Sarranyň agyraýakdygy barada aýdylanda bolsa... - Şeýlemi asyl? – diýip, şa aýaly gygyrdy. – Sen muny nireden bilýäň? - Bu barada mirasdüşer-de, Sarra-da bilenok – diýip Herihor ýylgyrdy. – Ýöne biz hemme zady biläýmeli. Aslynda-ha, bize bu syry açmak kyn düşmedi. Sarranyň ýanynda Tafet diýen agzy jäheksiz garyndaşy bar. - Eýýäm tebibem çagyrdyňyzmy? - Gaýtalap aýdýan: Sarra hiç zat bilenok. Hormatly Tafet bolsa şa oglunyň öz terbiýe berýäninden sowaýmagyndan howatyrlanyp, heniz göwredäki çaganyň howes bilen ganyna galmaga taýyn. Emma biz muňa ýol bermeris. Sebäbi ol mirasdüşeriň perzendi boljak ahwetin. Şa aýaly: - Eger ogul bolaýsa näme?..Onuň aladadan gözümizi açdyrmazlygy mümkin ahyry? – diýdi. - Ähli zat ölçelip-biçildi – diýip, žres gürrüňini dowam etdirdi. – Eger gyz dogulsa, saýry tohumdan bolan gyza laýykatly bolşy ýaly, biz oňa şaý-sep, terbiýe bereris. Eger ogul dogulsa, ol jöhitligine galar. - Gel-gel, jöhit meniň agtygym bolmalymy? - Onuň wagtyndan ozal döşünden itmäň, hanym. Ysraýyl halkynyň özüne täze patyşa arzuw edip ugrandygyny biziň ilçilerimiz habar berýärler. Çaga ulalýança, şol arzuw ýagşy bişer. Ine, şol wagt hem biz...biz olara, hakykatdanam, oňat tohumdan bolan hökümdary bereris! Şa aýaly oňa haýran galyp seredip: - Sen edil bürgüt ýaly: nazaryň gündogary-da, günbatary-da sypdyranok. Men jöhit gyza ýigrenjimiň peselip ugrandygyny aňýan – diýdi. - Faraonyň ganynyň iň bir kiçijik damjasy-da halklaryň depesinde edil Zeminiň depesindäki ýyldyz ýaly şöhle saçyp durmalydyr – diýip, Herihor jogap gaýtardy. Mirasdüşeriň çaklaňja gaýygy indi ullakan köşk gaýygyndan bary-ýogy birnäçe ädim daşlykdady. Faraonyň ýassykdaşy ýüzüni ýelpewaç bilen ýapyp, onuň ýelekleriniň arasyndan Sarra jyklap seredýärdi. Şa aýaly: - Ol, dogrudanam, zyba! – diýip pyşyrdady. - Örän hormatly hanym, sen muny eýýäm ikinji gezek aýdýaň. - Saňa bu hem mälimmi? – diýip, şa aýaly ýylgyrdy. Herihor aşak garady. Şa oglunyň çaklaň gaýygynda arfa ýaňlanyp, Sarra endireýän ses bilen aýdym aýdyp ugrady: - „Seniň taňryň, gör, nähili beýik! Seniň hudaýyň, gör, nähili beýik, Ysraýyl!“ - Täsin ses! – diýip, şa aýaly pyşyrdady. Ýokary žres ony ünsli diňleýärdi. - „Onuň günleriniň-ä başlangyjy, öýüniň-de çägi bolmaz. Adamyň egnine geýýän hem-de çykarýan eşigi ýaly, baky asman onuň gözüniň alnynda çalşyp durandyr. Ýyldyzlar berk agaçdan çykýan uçgun ýaly, ýanyp hem öçüp durandyr, Ýer bolsa göýä daşjagazdyr – ýolagçy aýagy bilen galtaşar-da, aňyrlygyna gider. Eý-how, seniň hudaýyň, gör, nähili beýik, Ysraýyl! Oňa: „Şeýle et!“ diýmäge ýürek edip biljek ýekeje kişi-de tapylmaz. Ony ýaradyp biljek bolmaz. Ol kenarsyz düýpsüzligi ýaratdy hem-de olaryň depesinde öz erkine aýlanyp ýör. Ol tümlügi ýagtylyga öwürýär, toprakdan janly mahluklary ýaradyp, olara ses berýär. Aýylganç ýolbarslar onuň ýanynda kinniwanja çekirtgedir; äpet pil onuň üçin hiç zatdyr, näheň bolsa onuň ýanynda balajadyr. Onuň üç reňkli älemgoşary Ýeriň erňegine söýenip, Asmany iki bölege bölýär. Beýiklikde onuň bilen deňeşip biljek derweze barmydyr? Onuň söweş arabasynyň şakyrdysy halklary sandyramaga mejbur edýändir, onuň ýalpyldaýan peýkamlaryndan Günüň astynda hiç zat gizlenip bilýän däldir. Onuň demi – haly gaçan agaçlara jan berýän demirgazyk şemalydyr; onuň öwüsgini - Ýeri ýakyp-ýandyrýan hamsundyr55. Ol elini suwlaryň depesine uzadanda, suwlar daşa öwrülýändir. Ol, aýalyň buzany bir çelekden beýleki çelege guýşy ýaly, deňzi bir ýerden beýleki ýere guýýandyr. Ol Ýeri edil çüýrän kendir ýaly bölek-bölek edýändir hem-de daglaryň ýalaňaç gerişlerini kümüşsow garlar bilen örtýändir. Ol bugdaý dänesinde ýüzlerçe täze däne gizleýändir, guşlara ýumurtga basmagy öwredýänem şoldur. Ol uklap ýatan gurçujykda tylla reňkli kebelejigi döredýändir we gabyrdaky adamyň jesedine täzeden direlmegi emir edýändir...“ Aýdyma bendi bolan kürekleýjiler kürekleri ýokary galdyrdylar we goýy gyzyl reňkli patyşa gaýygy ýuwaşlyk bilen derýanyň akymynyň ugruna ýüzüp ugrady. Herihor birden ýokary galyp: - Memfise tarap yza gönükdiriň! – diýip buýruk berdi. Kürekler suwa urlup başlandy, gaýyk birden öwrüldi-de, şyggyldap, akymyň ýokary tarapyna dyrjaşyp ugrady. Onuň yzyndan Sarranyň barha ýuwaşaýan aýdymy eşidilýärdi: - „Ol ot bitiniň ýürek urgusyny-da, adamyň ýalňyz pikiri aýlanyp ýören syrly ýodalary-da görýändir. Ýöne onuň ýüregine seredip, onuň niýetini biljek adam ýokdur. Onuň örtüginiň nurunyň alnynda güýçli adamlar öz ýüzlerini ýapýandyrlar. Onuň garaýyşynyň alnynda kuwwatly halklaryň we şäherleriň hudaýlary ysgyndan düşýändirler hem-de sülleren ýapraga dönýändirler. Ol – güýç. Ol – ömür. Ol – danalyk. Ol seniň taňryň, seniň hudaýyň, Ysraýyl!..“ Şa ýaly Herihordan: - Sen nämüçin kürekleýjilere yza ýüzmegi buýurdyň? – diýip sorady. - Sen munuň nähili aýdymdygyny bilýärmiň, hanym? – diýip, Herihor diňe žreslere mälim bolan dilde jogap gaýtardy. – Bu samsyk aýal Niliň ortasynda diňe aňrybaş mukaddes ýer bolan biziň ybadathanalarymyzda aýtmaga ygtyýar berilýän dogany aýdýar. - Diýmek, bu dine dil ýetirmek bolýar-da? - Bagtymyza, biziň gaýygymyzda ýekeje žres bar. Men aýdymy eşidemok, bar, eşidäýenimde hem, unudaryn. Ýöne hudaýlaryň eli bu zenany uraýmasa ýagşydyr diýip howatyrlanýaryn – diýip, hökümet agzasy jogap gaýtardy. - Ýöne ol bu aýylganç dogany nireden bilýärkä?..Ony Ramsesiň öwretmedigi-hä belli... - Bärde şa oglunyň günäsi ýok. Jöhitleriň Müsürden şeýle hazynalaryň telimsini alyp gidendiklerini ýadyňdan çykarma, hanym. Biz şol sebäpli olary mukaddesligi masgaralan hasaplaýarys ahyry. Şa aýaly ýokary žresiň elinden tutdy-da, onuň gözüne garap: - Ýöne meniň oglum ýaramazlyga duçar bolmaz-da hernä? – diýip pyşyrdady. - Meniň hiç zat eşitmän, hiç zat-da bilmeýändigim sebäpli, hiç kimiň başyna bela gelmez - men muny boýun alýan, hanym. Ýöne şa oglunyň bu gyz bilen arasyny açmak gerek. - Emma hiç kime zabun çäre ulanmaly däl! Dogry dälmi, häkim? – diýip, mirasdüşeriň ejesi ýalbaryjy äheňde sorady. - Mümkin boldugyça sypaýyçylyk bilen, mümkin boldugyça bilniksiz, emma bu zerur. – Ýokary žres göýa öz ýanyndan gepleýän ýaly bolup, sözüni dowam etdirdi: - Men şu gyz sebäpli mirasdüşere dine dil ýetirmekde günäkärlenme howpunyň abanyp bijekdiginden başga ähli zady, ähli zady ölçerip-dökdüm öýdýän! – Herihor birsalym pikirlenip, aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Hawa, hanym! Biziň birnäçe ters pikirlerimize pisint etmese bolar, ýöne bir zat gürrüňsiz: faraonyň ogly öz ömrüni jöhit aýaly bilen baglamaly däldir! ON ÝEDINJI BAP Sarranyň çaklaň gaýykda aýdym aýdan agşamyndan soňra köşk gaýygy gaýdyp Nilde görünmedi. Ine, onsoň Ramses çyndan tukatlanyp ugrady. Mehir aýy golaýlap gelýärdi. Suw peselep, Ýeriň täze-täze giňişliklerini boşadýardy. Hem boý alýan, hem-de köpelýän otlaryň arasynda damja baglan hoşboý ysly güller al-ýaşyl bolup otyrdy. Göýa gök deňizdäki adajyklar ýaly bolup, bir günüň içinde gül açýan çemenlikler - ak, gök, sary, gülgün reňkli halylar döräp, olardan lezzet beriji ýakymly ys bark urýardy. Ýöne muňa garamazdan, şa ogly janyna jaý tapanokdy, hatda nämedir bir zatdan howatyrlanýardam. Kakasynyň giden gününden bäri özi-de köşkde bolmandy, ikisiniň soňky gezekki gürrüňdeşliginden soňra ota sümen ýylan ýaly bolup gizlenen Tutmosy hasap etmäniňde, onuň ýanyna-da şol ýerden hiç kim gelmandi. Belki, köşdäkileriň oňa ýürekleri awap, ýeke galdyrandyrlar? Belki-de, onuň janyny ýakmak isländirler ýa-da ýekirilen mirasdüşeriň ýanyna barmakdan çekinendirler? Ramsese hiç zat mälim däldi. Ramses kämahal: „Megerem, kakam meni-de doganlarym ýaly, tagtdan daşlaşdyrsa gerek...Ýeri, şonda nätmeli? “ diýip oýlanardam weli, şobada ýaňagynda der peýda bolup, aýaklary sowap ugrardy. Bu zatlaryň üstesine, Sarra-da nähoşdy: sykylypdy, meňzi saralypdy, ullakan gözleri içine çöküpdi, kämahal irden ýüreginiň bulaşýandygyndan zeýränýärdi. - Biçärejigime kimdir birini gözi degäýen-ä däldir-dä hernä? – diýip, üznüksiz lakgyldysy, ýaramaz edähedi bilen Ramsesiň halys ýüregine düşen mekir Tafet nalan bolýardy. Mirasdüşer Tafetiň içi iýmitden, ýorgan-düşek daşlyklaryndan, hatda gap-gaçdan doly ullakan sebetleri göz baglananda Memfise iberýändigini telim gezek görüpdi. Ol ertesi gün öýde unuň, çakyryň ýa-da gap-gajyň ýetmeýändiginden zeýrenerdi. Mirasdüşer mülke geleli bäri iýmitler öňküsinden on esse artyk gidýärdi. „Men bu agzyndan iren albassynyň gündiz-ä Memfisden gürüm-jürüm bolýan, gije-de hapa ýerdäki alakalar ýaly byzbydyklaýan öz jöhitleri üçin eli egrilik edýändigini aňýan“ diýip, Ramses içini gepledýärdi. Şol günler şa oglunyň ýeke-täk güýmenjesi hurmanyň ýygylyşyna syn etmekdi. Ýalaňaç daýhan edil sütün ýaly beýik, ýylmanak palma agajyna çykyp, özüni hem-de agajy halkalanan ýüp bilen saraýardy-da, ökjesi bilen sütüne direnişine, tutuş göresini hem arkan gaýşardyp, ýokary çykýardy. Ol birneme ýokary galyp, halkany ýene birnäçe garyş süýşürişine, öz boýnuny ýazdyraýmak howpy bilen, has ýokary dyrmaşardy. Ol şeýdip barşyna kämahal agajyň iki-üç gatly jaýyň belentligindäki, äpet ýapraklaryň üýşmegi we hurmalaryň hoşasy bilen gutarýan çür depesine çykardy. Şol ýokarda ýerine ýetirilýän maşklary diňe Ramses däl, jöhitleriň çagalary-da synlaýardy. Ilki olaryň ady-sory ýokdy. Soňra agaçlaryň düýplerinden, germewleriň aňyrsyndan buýra saçly kellejikler, ýanyp duran gözler görnüp ugrady. Şa oglunyň özlerini kowmaýandygyny gören çagalar buky ýerden çykyp, ägälik bilen agaja golaýlaşdylar. Dogumlyja bir gyzjagaz ýagşy bişen miwäni ýerden galdyryp, Ramsese uzatdy, oglanjyklaryň biri bolsa iň kiçijik hurmany saýlap alyp, agzyna oklady. Şondan soň batyrlanan çagalar miwäni hem özleri iýip, hem-de Ramsese hödür edip başladylar. Olar ilki hurmanyň iň gowusyny, soňra agza gatybir ýarap barmaýanyny, iň soňundanam bütinleý ýaramazlaryny getirdiler. Dünýäniň geljekki hökümdary pikire batyp: „Bular ähli ýerden sokjarylyp gelerler-de, maňa hemişe şeýle hödür-kerem ederler: aldawa düşürmek üçin gowusyny uzadyp, minnetdarlyk hökmünde hem çüýrügini bereler“ diýip içini gepletdi. Ol ýerinden galyp, tukat halda ugrady; Ysraýylyň çagalary bolsa, göýä guş sürüsi ýaly, daýhanyň zähmetine işdämen topuldylar. Daýhan olaryň depesinde oturyşyna, özüniň sorkuldap duran bili barada-da, miwäni özi üçin ýagmaýandygy barada-da pikir etmän, aýdyma hiňlenýärdi. Sarranyň näbelli keseli, ýygy-ýygydan gözýaş dökmegi, mese-mälim ýitip barýan mylaýymlygy, bar zatdan beteri-de, onuň utanyp-çekinmegi bireýýäm bes eden dogan-garyndaşlarynyň mülkde ala-goh bolup hojaýynlyk etmegi ahyry şol owadan ýere ýaşamaga baran Ramsesi halys bezikdirdi. Ol gaýykda gezelenç etmegi, aw awlamagy goýdy; indi hurmanyň ýygylyşyna hem syn edenokdy, ýa-ha ýüz-gözüni çytyp bagda aýlanýardy, ýa-da eýwandan faraonyň köşgüne seredýärdi. Ol çagyrylmasa, asla yzyna dolanmak hyýaly ýokdy, emma Aşaky Müsürde, derýanyň golaýynda ýerleşýän öz mülküne gaýdyp barmak barada weli pikirlenip ugrady. Ine, şeýle keýpdekä-de, günleriň birinde onuň ýanyna bezelen köşk gaýygynda Tutmos gelip, mirasdüşere faraonyň çakylygyny ýetirdi. Fiwydan dolanyp gelän onuň hormatlysy mirasdüşeriň özüni garşy almagyny isleýändigini aýdypdyr. Şa ogly patyşanyň mähir-muhabbete ýugrulan çakylygyny okap, agaryp-bozardy. Ol juda tolgunansoň, Tutmosyň başyndaky on bäş sany dürli hoşboý ys kükeýän täze, ullakan ýasama saça-da, tunikadyr dumanyň tütünjigindenem dury, aňyrsy görnüp duran ýapynja-da, altyndyr monjuk bilen bezelen sandala-da üns bermedi. Ramses ahyry özüne gelip, Tutmosyň ýüzüne seredip: - Sen ne sebäpden köpden bäri meniň ýanyma geleňok? Ýa-da seni meniň töweregimdäkilere ýigrenji bolanym gorkuzýarmy?–diýip sorady. - Eý, hudaýlar! –diýip, ýalpyldap duran sypanjaň kişi gygyrdy. - Seni kim, haçan ýigrenenmişin? Patyşanyň her bir çapary onuň adyndan seniň saglygyňdan habar tutup durdy. Örän hormatly şa aýaly Nikotrisa bilen hormata mynasyp Herihor bolsa özleri müň ädim geçip gelenlerinden soň, sen olary garşylamaga bolmanda ýüz ädim öňlerinden çykarsyň diýen tama bilen, seniň öýüň golaýyna telim gezek ýüzüp geldiler. Men goşun barada geplejegem däl. Seniň ýygynyň esgerleri türgenleşik mahaly edil palma ýaly dymýarlar, bolýan ýerlerindenem çykanoklar. Merdana Patrokl bolsa gaýgy-gamdan ýaňa uzynly gün ajy suw içip, paýyş sözleri seçeläp ýör. Diýmek, şa ogly ýigrenje galmandyr-da, bar, galaýanam bolsa, indi gülala-güllük-dä!..Bu pikir Ramsese edil bir kubok gowy çakyr ýaly täsir etdi. Ol derrew suwa düşdi, endamyna hoşboý ysly ýag çaldy, içki eşiklerini täzeledi, üstünden harby kaftan geýdi. Soňra eline ýelek dakylan demir başgabyny alyp, Tafetiň gözegçiliginde ýatan, meňzi solan Sarranyň ýanyna ugrady. Sarra ony beýle eşikde görüp, haýygyp gygyrdy. Ol ýatyş sekide dikeldi, mirasdüşeriň boýnundan gujaklap, çala eşidilýän ses bilen; - Sen gidýärmiň, meniň jenabym?..Gaýdybam yzyňa dolanjak dälmi? – diýdi. - Nämüçin beýle pikir edýäň? Men, näme, bärden ilkinji gezek gidýänmi? – diýip, mirasdüşer geň galdy. - Şol ýerde...biziň jülgämizde şeýle eşikdediň...meniň ýadymda – diýip, Sarra sözüni dowam etdirdi. – Eý-how, hany şol wagt? Ol şeýle bir çalt geçdi weli, bireýýäm bolan ýaly-da!.. - Men dolanyp gelerin, Sarra! Bäri iň bir ökde tebibi getirerin. - Tebip nämä gerekmişin? – diýip, Tafet gürrüň arasyna sokjaryldy. – Ol sag ahyry. Diňe dynç almaly. Müsürli tebipler gaýtam ony kesellederler. Ramses hatda agzyndan iren heleýe tarap seretmedem. Sarra Ramsese gysmyljyrap: - Bu meniň ömrümdee iň gowy aý bolsa hem, maňa hiç hili şatlyk getirmedi – diýdi. Derýanyň ýokarsynda berlen duýduryşy gaýtalap, patyşanyň gaýygyndan surnaýyň sesi eşidildi. Sarra tisginip gitdi. - Hä, sen, jenabym, elhenç sesleri eşitdiňmi?..Sen olary eşidip, ýylgyrýaň, gujagymdan sypmaga gyssanýaň. Dat meniň günüme! Surnaý sesi ýaňlansa, seni saklajak ýokdur, men gyrnagyň-a baýaky. - Sen, näme, meniň hemişe mülküň towuklarynyň käkelemesini diňläp ýörmegimi isleýämiň? – diýip, şa ogly onuň sözüni gaharly kesdi. – Hoş! Syrkawlama, şadyýan bol hem-de maňa garaş... Sarra ýigidi gujagyndan boşatdy-da, ýüzüne şeýle bir naýynjar seretdi weli, mirasdüşer ýumşap, ony sypalady. - Ýeri, köşeş...Seni biziň surnaýlarymyzyň sesi gorkuzýar...Eýsem, ol şol gezek ýaman zadyň alamaty bolupmydy?.. - Jenap! Olaryň seni saklajakdygyny bilýän. Şonuň üçin hem, maňa iň soňky merhemetiňi et... - Ol sözüni hamsygyp dowam etdirdi: - Men saňa içi kepderili kapasa bermekçi. Olar şu ýerde doglup, ulaldylar...Ine, onsoň...sen öz öýdeniçeriňi ýatlan mahalyň, gözenegi aç-da, bir kepderini uçuryp goýber... Ol maňa senden habar getirer, menem ony ogşaryn...ýaly...ýaly... sögülärin...Indi bolsa git! Şa ogly ony gujaklady we negre Sarra kepderileri berýänçä garaşyp, soňra çaklaň gaýykda yzlaryndan ýetmegi tabşyryp, gaýyga tarap ugrady. Mirasdüşeriň garasy görnenden, deprekler düňňürdäp, tüýdükler inçeli-ýogynly ses edişip ugrady. Kürekleýjilerem ony batly sesler bilen garşylady. Esgerleriň arasynda peýda bolan mirasdüşer edil zynjyrdan boşan ýaly, gursagyny dolduryp dem aldy-da, göwresini göterdi. Ol Tutmosa ýüzlenip: - Ine, bu bolýar - diýdi. Soňra aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Meni heleýlerem, jöhitlerem ýadatdy...Eý, Osiris meni ýuwaş ýakylan otda gowurmaklaryny buýur, ýöne öýde oturmaga mejbur etmäweri. - Hawa – diýip, Tutmos onuň häsini ýetirdi. – Söýgi diýeniň edil bal ýalydyr: ony dadyp bolar, ýöne oňa suwa düşüp bolmaz. Dogry-da walla!..Seniň tas iki aýa golaý wagty gije posa, irden hurma, günortan eşek süýdi bilen iýmitlenip geçirendigiň ýadyma düşende, endamymda garynja ýöreýän ýaly boluberýär. - Sarra örän gowy gyz – diýip, mirasdüşer ony saklady. Ýallaklaýjy köşeşmedi. Ol: - Men ol barada däl-de, papirusyň56 batganyň daş-töweregine ýelmeşişi ýaly, onuň mülküň töweregine ýelmeşen dogan-garyndaşlary barada aýdýan. Seret, olar seniň yzyňdan garap durlar, hoşlaşyk sözlerini aýdýan bolaýmaklaram mümkin – diýdi. Ramses gaharly bir tarapa öwrüldi. Tutmos bolsa hamala Ramsesiň indi olaryň üýşmeleňini bu golaýda terk etmejekdigini aňlatmak isleýän ýaly, serkerdelere bälçiklik bilen göz gypdy. Olar derýanyň ýokary akymyna näçe süýşdügiçe, Niliň kenarynda mähelle şonça-da köpelýärdi, gaýyklar ol ýerde şonça-da şatlykly ikibaka gatnaýardy, suwuň ýüzünde faraonyň gaýygynyň ýoluna oklanýan güller, otagalar we çemenler şonça-da köp gaýyşýardy. Memfisiň töwereginde elleri ýüzünde hudaýlar şekillendirilen buthana baýdakly, saz gurally duran märekäniň hatary tutuş bir mile ýetýärdi. Harasadyň sesine meňzeş gopgun asmana galypdy. - Ynha-da, patyşa! – diýip, Tutmos şadyýan gygyrdy. Duranlaryň gözlerine öz bolşuna görä ýeke-täk tomaşa görünýdi. Inli öwrümiň ortasyndan faraonyň äpet gaýygy ýüzüp gelýärdi: onuň burny guwuň boýny ýaly egrelip durdy. Onuň sagyndanam, solundanam göýä iki ullakan ganat ýaly bolup, faraona wepaly adamlaryň san-sajaksyz gaýyklary typyşyp gelýärdiler; faraonyň egindeşleriniň yzdan gelýän gaýyklary bolsa giňden açylan bir üýtgeşik ýelpewaja meňzeýärdi. Hemmeler tans edýärdiler, aýdym aýdýardylar, çapak çalýardylar ýa-da depesinde faraonyň gelýändiginiň alamaty bolan garamtyl-gök reňkli çadyryň öňüne gül oklaýardylar. Gaýykdaky adamlar-a edil serhoş ýalydy, kenardaky adamlar-da akylyndan azaşan ýalydy. Häli-şindi haýsydyr bir gaýyk ýa-ha beýlekisini itekleýärdi, ýa-da yza çekilmäge mejbur edýärdi; kimdir biri suwa gaçdy, hernä bagtyna, görlüp-eşidilmedik goh-galmagaldan gorkan näheňler ol ýerden gaçyp gidipdiler, ýogsam-a...Kenarda duran adamlar itnişýärdiler, goňşusyna, kakasyna ýa-da çagasyna üns berýän ýokdy, her kim gaýygyň altyn çaýylan burnundan we patyşanyň çadyryndan gözüni aýranokdy. - Biziň hökümdarymyz, baky ýaşa!..Müsüriň Güni, ýagty saçyp gez!..-diýen gykylyk asmana göterilýärdi. Şa oglunyň gaýygyndaky serkerdeler, esgerler, kürekleýjiler hem bir ýere üýşüp duruşlaryna, biri-birinden gaty gygyrjak bolup haýyr-heläkdi. Tagtyň mirasdüşerini unudyp, gäminiň burnuna dyrmaşyp ugran Tutmos tas şarpyldap suwa gaçyrdy. Birden faraonyň gaýygynda surnaýlar zoguldap başlady. Olara jogap hökmünde şobada Ramsesiň gaýygynda-da surnaý ýaňlandy. Ikinji duý- duryşdan soň mirasdüşeriň gaýygy faraonyň äpet gaýygyna tarap ýüzüp ugrady. Köşk emeldary gaty ses bilen Ramsesi çagyrdy. Iki gaýygyň arasyna haşamlanan tutalgaly, kedr agajyndan ýasalan köprüjik oklandy; az salymdanam ogly atasynyň alnynda peýda boldy. Faraon bilen duşuşyk hem-de batly sesler şa oglunyň şeýle bir aňkasyny aşyrdy weli, ol ýekeje söz-de aýdyp bilmedi. Ol özüni gujagyna gysan kakasynyň aýagyna çökdi. Aradan birneme wagt geçenden soň, çadyryň bir gapdaly açyldy-da, Niliň kenarynyň iki tarapyndaky märeke tagtda-ha faraony, iň ýokarky basgançakda-da dyza çöküp oturan mirasdüşeri gördi; onuň kellesi kakasynyň gursagyndady. Töweregi şeýle bir ümsümlik gurşap aldy weli, hatda gaýyklardaky baýdaklaryň pasyrdysy eşidilýärdi. Birdenem ozalka garanda has güýçli umumy ses ýaňlandy; märeke ataly-ogluň ýaraşandygyna şatlanýardy, häzirki faraony gutlaýardy, geljekki faraon bilen salamlaşýardy. Kim ozal faraonyň maşgalasynda oňşuksyzlyk dörän bolmaga çemeli diýip çaklan bolsa, häzir ol patyşanyň nesliniň täze şahasynyň agaçda berk oturandygyna göz ýetirip biljekdi. Patyşanyň nähoşdygy görnüp durdy. Ol ogly bilen mähirli salamlaşdy-da, ýanynda oturdyp: - Sen barada näçe gowy habar eşitdigimçe, meniň ýüregim şonça-da saňa atygsaýardy, Ramses. Men indi seniň diňe bir ýolbars ýürekl ýaş ýigit däl-de, eýsem, öz hereketlerini terezä mündürmäge ukyply, döwletiň bähbitleriniň hatyrasyna özüne erk etmegi başarýan paýhasly adamdygyňy hem görýärin – diýdi. Tolgunýan Ramses sesini çykarman, kakasynyň aýagyna gysmyljyrady. Patyşa sözüni dowam etdirdi: - Sen iki sany grek ýygynyndan boýun towlap, dogry etdiň. Sebäbi saňa Menfiniň tutuş goşun birikmesi ynanylmaly. Men seni mundan beýläk baş serkerde edip belleýärin. - Kaka!..- diýip, mirasdüşer tolgunma bilen seslendi. - Mundanam başga, üç tarapy-da duşmana hüjüm etmäge açyk bolan Aşaky Müsürde maňa ähli zady görüp, ähli zady ölçerip-döküp, zerur bolan ýagdaýynda çalt hereket edip biljek batyr, paýhasly adam gerek. Şonuň üçin hem, men seni patyşalygyň şol bölegine häkim belleýärin. Ramsesiň gözünden ýaş paýrap gaýtdy: ol ýaşlygy bilen hoşlaşýardy we kalbynyň birnäçe ýyllap hyjuwly arzuw eýlän zadyna – erk-ygtyýarlylyga eýe bolandygyna şatlanýardy. - Men ýadaw hem syrkaw – diýip, hökümdar sözüni dowam etdirdi. – Eger döwletiň geljegi bimaza etmänliginde hem-de seni şeýle ýaşkaň taşlap gitmänligimde, men edil häziriň özünde baky ýaşaýan ata-babalarymdan bolýan şan-şöhratly mesgenine çagyrmaklaryny haýyş ederdim. Ýöne gün geldigiçe egbarlaýandygym sebäpli, sen, Ramses, edil häzirden öňbaşçylygyň agyr ýüküni paýlaşmaly bolýaň. Towugyň öz jüýjelerine däne tapmagy hem-de gyrgydan halas bolmagy öwredişi ýaly, menem saňa döwleti dolandyrmagyň örän kyn sungatyny, bürgüdiň gorkajyk käkilikleriň depesinden şaglap inişi ýaly, wagty gelende olaryň merkini bermegiň üçin, duşmanlaryň gurjak torundan ägä bolmagy öwerederin. Patyşanyň gaýygy we onuň daşynda pyrlanýan bezemen adamlar kenar ýakasynda ýerleşýän köşgüň golaýyna gelip daýandylar. Ýadaw hökümdar tagtyrowana mündi. Edil şol wagt hem mirasdüşeriň ýanyna Herihor geldi. Ol mirasdüşere ýüzlenip: - Seniň ýokary galmagyň mynasybetli öz şatlygymy ilkinji bolup beýan etmäge maňa ygtyýar ber, örän hormatly şa ogly! Saňa deň derejedäki bagt bilen hem-ä ýygynlara öňbaşçylyk etmegi, hem-de Müsüriň şanyna döwletiň iň ähmiýetli welaýatyny dolandyrmagy arzuw edýärin! – diýdi. Ramses onuň elini berk gysdy. - Bu seniň işiňmi, Herihor? – diýip sorady. - Sen muňa mynasyp – diýip, hökümet agzasy jogap gaýtardy. - Meniň minnetdarlygymy kabul et; şeýtmek bilen ýalňyşmandygyňyza göz ýetirersiň. - Seniň sözleriň özi maňa ýeterlik serpaý. Herihor gitmekçi bolan Ramsesi saklady. - Ýekeje söz aýtmakçy, mirasdüşer. Sarra dagy-duiwara dini aýdymlary aýtmazlygy öňünden duýdur. Ramses onuň ýüzüne geň galyp seretdi. Herihor sözüni dowam etdi: - Şol gezek, Nilde gezelenç edilende, ol biziň örän mukaddes saýylýan gimnimizi57 aýtdy; ony diňlemäge diňe faraonlardyr žresleriň hukugy bar. Biçäre öz sungaty hem-de mundan bihabardygy sebäpli görgi göräýmesin. Özüni ýitiren mirasdüşer: - Diýmek, ol dine şek ýetiripdir-dä? – diýip sorady. - Özi bilmezden şeýtdi – diýip, ýokary žres jogap gaýtardy. – Bagtymyza, ony diňe özüm eşidemsoň, şol aýdym bilen biziň gimnimiz käbir babatda deň gelýär hasap edýärin. Her niçik hem bolsa, goý, ol şol aýdymy hiç wagtda aýtmasyn. - Ýöne ol öz günäsini ýuwmaly bolar ahyry – diýip, şa ogly belledi. – Kese ýerli aýal maşgala Isidanyň ybadathanasyna otuz sygyr hudaýýoly berse, ýeterlik bolarmy?.. - Erbet pikir däl, goý, hudaýýoly bersin. Hudaýlar berlen sowgady dannamaýarlar – diýip, Herihor ýüzüni çalarak çytyp jogap gaýtardy. Ramses: - Sen bolsa päk ýürekli adam bolan, Herihor, ine, şu täsin galkany kabul et. Men muny öz keramatly atamdan alypdym – diýdi. - Maňamy?.. Amenhotepiň galkanymy? – diýip, tolgunan Herihor gygyrdy. – Men muňa mynasypmykam beri?.. - Sen öz danalygyň bilen meniň atama deň, tutýan ornuň bilen bolsa olara deňleşersiň. Herihor aşak eglip, tagzym etdi. Gymmatbaha daşlar bilen bezelen mirasdüşeriň altyn galkany uly pula durýandygyndan başga, tumar hökmünde-de ähmiýetlidi. Ol ýöne-möne sowgat däl-de, patyşalyk sowgatdy. Ýöne şa oglunyň özüniň tutýan orny bilen Amenhatepe deň boljakdygy baradaky sözleriniň manysyny Herihor başgaça ýordy. Amenhotep faraonyň gaýyn atasydy. Tagtyň mirasdüşeri Herihoryň gyzyna öýlenmek isleýän-ä däldir-dä hernä?.. Bu harby hökümet agzasynyň we şa aýaly Nikotrisanyň arzyly arzuwydy. Emma Ramsesiň Herihoryň geljekki orny barada aýdan mahaly onuň gyzyna öýlenmegi asla göz öňünde tutmandygyny, oňa ybadathanalarda we köşkde az bolmadyk täze ýokary derejeleri bermek barada pikir edendigini bellemek gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |