13:49 Faraon / taryhy roman | |
FARAON
Taryhy proza
Men şu eseri aýalyma – gyz familiýasy Trembinskaýa bolan, Oktawiýa Glowaskaýa çuňňur hormatyň we gowy görmegiň alamaty hökmünde bagyşlaýaryn. BIRINJI KITAP GIRIŞ Afrikanyň demirgazyk-gündogar künjeginde dünýäde iň gadymy siwilizasiýanyň watany bolan Müsür ýaýylyp ýatyrdy. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji, dördünji, hatda bäşinji müňýyllyklarda-da, entek Orta Ýewropada mesgen tutan wagşy taýpalar haýwanlaryň derisini eşik hökmünde ulanyp, gowaklarda ýaşap ýörkä, Müsür eýýäm jemgyýetçilik gurluşy, oba hojalygy, dürli hünärleri, söz sungaty gülläp ösen ýurtdy. Ýöne bar zatdan ozal Müsür ägirt uly inženerçilik işleri, äpet desgalary bilen şöhratlanypdy. Olaryň harabaçylygy hatda häzirki zamanyň tehnikaçylaryny-da haýran galdyrýar. Müsür iki çöllügiň: Liwiýa we Arap çöllüginiň1 arasynda ýerleşýän mes toprakly jülgedi. Onuň çuňlugy – ýüzlerçe metr, uzynlygy – bir ýüz otuz mil bolup, ini zordan bir mile ýetýärdi. Bu jülgäniň günbatar tarapyndaky ýalaňaç Liwiýa baýyrlarynyň eňňitleri we gündogar tarapdaky Arap belentliginiň gaýalyk, jaýrylmadan beýikli-pesli bolan dag şahalary özboluşly däliz döredip, onuň düýbünden Nil derýasy akýardy. Demirgazyga uzadygyça däliziň diwarlary daralyp, Ortaýer deňzinden üigrimi bäş mil aralykda bolsa duýdansyz giňelýärdi, ine, onsoň Nil birnäçe gola bölünip, üçburçluk şekilinde giň düzlüge çykýardy. Ortaýer deňziniň kenary-ha Nili deltasy2 diýen ady göterýän şol üçburçlugyň özeni, Niliň Kair şäheriniň jülgelerinden hem-de Memfisiň harabaçylygyndan çykýan ýeri-de depesi bolup hyzmat edýärdi. Eger kimdir birine bir gudrat bilen asmana ýigrimi mil göterilmek miýesser edäýenliginde, her jüre reňkler täsin görnüş berýän tutuş ýurt oňa eliniň aýasynda ýaly bolup görünerdi. Şol belentlikden ak we mämişi reňkli çägeleriň utgaşmasynda Müsür dogumly egrem-bugram herketi bilen çöllügiň içinden Ortaýer deňzine zymdyrylyp barýan we eýýäm özüniň ýanyp duran iki gözli (çepi – Aleksandriýa, sagy – Damietta) üçburç kellesini oňa çümdüren ýylan bolup görnerdi. Oktýabrda, Niliň suwy tutuş Müsüre dolanda, şol uzyn ýylan suwuň gök reňkini kabul ederdi; fewralda, derýanyň arnasy ýaz ösünlikleri bilen örtülende bolsa, ol arkasy uzaboýuna ýaşyl zolakly we kellesi birgiden gök zolajykly ýaşyl reňkde bolardy. Bu – Deltany kesişýän nowhanalardy. Martda, gök zolak azalanda, ýylanyň hamy ýetişen gallanyň altyn başy bolup Güne öwşün atardy; iýunyň başynda, gurakçylykda, tot-tozanyň içinde galan Nil indi ýylanyň arkasynda çala bildirýän, göýä krep3 bilen basyrylan ýaly, ýukajyk sary tozan örten, gök çyzyk bolup görünýärdi . Yssy howa Müsüriň esasy aýratynlygydy. Ol ýerde ýanwar aýynda on gradus, awgust aýynda bolsa ýigrimi ýedi gradus maýyl bolýardy. Çendan yssy kyrk gradusa ýetip, Rim hammamynyň temperaturasy bilen deňleşerdi. Ortaýer deňziniň golaýynda, Deltanyň depesinde ýagyş ýyl içinde on gezekden köp ýagmazdy, Ýokary Müsürde bolsa on ýylda bary-ýogy ýekeje gezek ýagardy. Eger mukaddes Niliň suwy her ýylda ýurda jan bermänliginde, Müsür şeýle şertlerde siwilizasiýanyň sallançagy bolup bilmezdi-de, eýsem, uç-gyraksyz Sahara çöli ýaly tozar ýatardy. Iýunyň ahyryndan sentýabryň ahyryna çenli Niliň suwy üznüksiz köpelip, tas tutuş Müsür teşneligini gandyrýardy. Oktabryň ahyryndan indiki ýylyň maýyna çenli ýaz suwy assa-ýuwaş aşaklap, hatda iň bir pes ýerleri-de aýyl-saýyl edip goýýardy. Derýanyň suwy mineral we organiki maddalara juda baý bolansoň, gyzylymtyl-goňur reňkdedi we peselme ýagdaýyna görä, suw basan ýerleriň düýbüne laý çöküp, ol iň bir peýdaly dökünleriň ornuny tutýardy. Şol laý we yssy howa çar ýanyny çöllük gurşan müsürlä ýylda üç gezek hasyl almaga mümkinçilik berýärdi. Munuň üstesine hem, tohum müňleýärdi – ekilen her bir çigit hasylyň üç ýüze çenli dänesini berýärdi. Müsüriň topragynyň üsti tutuş düzlük bolman, käbir ýeri baýyrlykdy. Şonuň üçin hem, daşgyn Müsüriň ähli ýerine ýetenokdy, onsoň olar bolçulygyň çeşmesi bolan suwdan bary-ýogy iki-üç aýdan bir gezek ganýardyrlar; käbir ýerler bolsa suwdan arly ýyllap binesipdi. Mundan hem başga, käbir ýyllarda suw derýa asla gelmänsoň, ýurt laý alyp bilmeýärdi. Ahyrynda hem, ýer çalt guraýan jöwzaly döwürde ony güldan ýaly edip suwarmaly bolýardyr. Bu zatlar Niliň jülgesini dolduryp oturan halkyň öňünde iki ýoly keserdip goýýar: eger ol ejiz bolsa, gyrlyp ýok bolup gitmeli; eger ol genial bolsa, suwy sazlamagy öwrenmeli. Gadymy müsürliler genial bolansoň, siwilizasiýany döredýär. Baryp-ha biziň eýýamymyzdan alty müň ýyl ozal müsürliler Gün Ýaldyrak ýyldyzynyň ýakynynda dogýan mahaly-ha Niliň suwunyň derejesiniň ýokarlanýandygyny, ol Mizan ýyldyzlar toplumyna golaýlaýan mahalynda-da peselip başlaýandygyny belleýärlerler. Bu syn etme müsürlileri astronomiýa bilen gyzyklanmaga we senenama döretmäge iterýär. Suwy arly ýyl saklamak üçin, müsürliler uzynlygy birnäçe mil bolan kanallaryň tutuş ulgamyny döredýärler; suw joşmasynyň öňüni almak üçin bolsa kuwwatly bentleri galdyrýarlar, howdan gurýarlar. Olaryň biri bolan emeli Merid kölüniň çuňlugy on iki ýarus bolup, üç ýüz inedördül kilometr meýdany tutýardy. Mundan başga-da, Niliň we nowhanalaryň uzaboýuna ýönekeý, emma örän bähbitli gidrawliki gurluşlar ýasalyp, abadançylygyň, bolçulygyň çeşmesi bolan suwy şolar arkaly susup alyp, bir-iki ýarus ýokarda ýerleşýän meýdana guýýarlar. Bularyň üstesine, her ýyl laý basan nowhanalary arassalamaly, bentleri bejermeli, ýylyň islendik wagty ýörişe ugraýan goşun üçin ýokardan ýol çekmeli bolýardy. Şeýle örän uly işler astronomiýanyň, çäk çekmäniň, gurluşygyň esaslaryny bilmek bilen bir hatarda, ajaýyp guramaçylygy-da talap edýärdi. Olaryň ählisi, goý, ol bendi berkitmek bolsun, ýa-da kanaly arassalamak bolsun, tapawudy ýok, şol bir wagtda ymgyr giňişlikde alnyp barylýardy, kesgitlenen möhletde-de tamamlanaýmalydy. Bu ýagdaý onlarça müň adamdan ybarat bolan, bellenen meýilnama laýyklykda we ýeke-täk ýolbaşçylyk astynda hereket etmeli işçi goşunyň döredilmeginiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Ýeke-täk maksada gönükdirilen dürli işleri bitirmeli şol goşunyň köpsanly kiçi we uly ýolbaşçylary, köpsanly topary bolmalydy. Goşunyň köp mukdarda azyk, şeýle hem, kömekçi güýçlerdir serişdeleri talap etjekdigi-de öz-özünden düşnüklidi. Müsüre şeýle işçi goşuny döretmek başardýar. Ol özüniň ölmez-ýitmez işleri üçin şolara minnetdar bolmalydyr. Ony, ähtimal, žresler – müsürli danalar döredip, edilmeli işleriň meýilnamasynam hut şolar takyklap, soňra patyşalaryň - faraonlaryň buýrugy boýunça ýerine ýetirilen bolsa gerek. Şunuň netijesinde özüniň şan-şöhrata beslenen zamanynda müsür halky göýä bitewi göwre ýaly bolupdy: žresler – pikir, faraon – erk-ygtyýar, halk - beden, tabynlygam – sement. Şeýlelikde, Müsüriň uly, üznüksiz we erjel zähmeti talap edýän tebigaty şol ýurduň jemgyýetçilik gurluşynyň özenini kesgitläpdir: halk işläpdir, faraon dolandyrypdyr, žresler meýilnamalary düzüpdir. Şu üç hereketlendiriji güýç tebigatyň hut özi tarapyndan görkezilen maksada ýetmäge agzybirlik bilen ymtylýarka – diňe şol wagta çenli halk gülläp ösýär, öz ölmez-ýitmez işlerini bitirýär. Hoşgöwün, şadyýan, asla uruşparaz bolmadyk müsür halky iki synpa: ekerançylara we senetçilere bölünýärdi. Ekerançylaryň az sanlysynyň kiçijik ýerlere eýelik eden bolmagy ähtimal, ýöne olaryň agramly bölegi faraonlaryň, žresleriň we barly adamlaryň ýerini kärendesine alýardy. Egin-eşikleri, agaç goşlary, gap-gaçlary, enjamlary taýýarlaýan ussalar biri-birine garaşsyzlykda işleýärdiler. Uly gurluşyklarda der dökýänler bolsa işçi goşuny düzýänlerdi. Her bir pudaga, ilkinji nobatda hem, gurluşyga tirkeg çekýän güýç we enjamlar zerurdy: kimdir biri uzynly gün nowhanalardan suwy susup almalydy ýa-da daş döwülýän ýerlerden daşlary gurluşyk gidýän ýere eltmelidi. Bu juda agyr işleri, aýratynam, daş döwülýän ýerlerdäki işleri jenaýatkärler, sürgün edilenler ýa-da ýesir düşenler bitirýärdiler. Ýerli müsürliler öz bedenleriniň gyzyl reňklidigine buýsanýardylar we gara efioplara, sary semitlere, ak ýewropalylara äsgermezlik bilen garaýardylar. Bedeniň reňki watandaşy gelmişekden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berip, kabul edip boljak dine ýa-da öwrenip boljak dile garanda, halkyň bitewiligini saklamaga has güýçli ýardam berýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, döwlet ymaraty jaýryk atyp başlaýar-da, ýurda gelmişekler has köp dökülip ugraýar. Olar halkyň jebisligini gowşadýarlar, jemgyýetde agzalalyk döredýärler, ahyrda hem, ýurdy hyryn-dykyn dolduryp, ýerli ilata siňip gidýärler. Faraon ýurdy goşunyň, tertip-düzgüne gözegçilik edijileriň, şeýle hem, ýuwaş-ýuwaşdan nesilşalygyny döreden köpsanly emeldarlaryň kömegi arkaly dolandyrýardy. Ol kanun çykaryjy, ýokary baş serkerde, iň baý ýer eýesi, ýokary kazy, žres we hatda hudaýyň, hudaýlaryň ogly diýlip atlandyrylýardy. Faraon diňe halk we emeldarlar tarapyndan arşa göterilmän, eýsem, kämahal özi özüni hudaý saýyp, ýalan öwgüleriň hoşboý ysyna melul bolýardy. Ýurduň ykbalyny çözýän danalar topary - žresler faraonlara golaý, kämahal bolsa olardanam ýokarda durýardy. Žresleriň Müsürdäki adaty bolmadyk ähmiýetini häzirki wagtda hatda göz öňüne getirer ýaly hem däl. Olar ýaş össürimleriň halypalarydy, bilgiçlerdi, şeýle hem, uly adamlaryň-da maslahatçylarydy, merhumlaryň kazylarydy (hamala, olaryň erk-ygtyýary, bilimi müdimilik ömür berip bilýärmişin)4 . Žresler diňe bir hudaýlaryň we faraonlaryň alnynda däp-dessurlary berjaý etmän, eýsem, lukman hökmünde hassalary bejerýärdiler, inžener hökmünde jemgyýetçilik işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärdiler, münejjimler, iň esasy hem, öz ýurduny, onuň goňşularyny gowy bilýän adamlar hökmünde syýasata öz täsirini ýetirýärdiler. Müsüriň taryhynda žresleriň topary bilen faraonlaryň arasyndaky gatnaşyk örän möhüm ähmiýete eýedi. Faraon žresleriň emrine tabyndy: ol hudaýlaryň ýoluna bol sadakalar berýärdi, ybadathanalar gurýardy. Ol diňe şeýdende uzak ýaşaýardy; onuň ady, keşbi ýadygärliklerde ebedileşdirilýärdi, şan-şöhrata beslenip, nesilden nesle geçirilýärdi. Faraonlaryň köpüsine uzak patyşalyk sürmek nesip edenokdy, olaryň käbiri bolsa bitiren işleri-hä beýlede dursun, hatda adyny hem halkyň hakydasynda galdyryp bilmeýärdiler. Şeýle-de, birnäçe gezek faraonlaryň neberesiniň ýaşamagyny bes edip, klaffyň žrese ýeten pursatlary bolupdy. Agzybir halk, gujurly patyşalar we dana žresler umumy abadançylyk üçin bilelikde zähmet çekýän döwründe Müsür gülläp ösüpdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, uruşlaryň netijesinde Müsüriň ilaty ep-esli azalýar, hetdenaşa iş, jebir-jepa, emeldarlaryň para üçin el serip ugramagy ony güýçden gaçyrýar, ýurduň gelmişeklerden dolmagy bolsa jynsy jebisligi bozýar. Munuň üstesine, ýurda Aziýa mahsus bolan artykmaç zatdan saklanyp bilmezlik „keseli-de“ aralaşyp, ol faraonlaryň-ha dogumlylygynyň, žresleriň-de danalygynyň tepbedini okaýar. Ine, onsoň bu iki güýç halky doýmaz-dolmazlyk bilen talamakda özara çaknyşýar. Müsür gelmişekleriň ygtyýaryna düşüp, Niliň depesinde müňýyllyklaryň dowamynda ýagty saçyp duran siwilizasiýanyň çyrasy öçýar. Aşakdaky hekaýat Isanyň dünýä inmeginden öňki XI asyrdan, ýagny ХХ nesilşalygy synyp, Günüň ogly, baky ýaşaýan Ramses XIII-den soňra tagty zorluga daýanyp eýelän we özüniň alnyny ureý6 bilen bezän Amon ybadathanasynyň žresiniň – Günüň baky ýaşaýan ogly Sen- Amon- Herihoryň zamanyndan söhbet açýar. • BIRINJI BAP Ramses XII-niň asuda patyşalyk süren otuz üçünji ýylynda Müsür wepaly raýatlarynyň ýüreklerini buýsanja we begenje dolduran iki şanly wakany baýram etdi. Mehir aýynda hudaý saýylýan Honsu Fiwä gymmat bahaly sowgatlardan ýüki ýetip dolanyp geldi; ol üç ýyl dokuz aý Behten topragynda jahankeşdelik edipdi, patyşanyň hassa gyzy Bentreşi aýak üstüne galdyrypdy, arwah-jynlary diňe bir patyşanyň öýünden däl, eýsem, tutuş Behten galasyndan kowupdy. Farmuti aýynda Ýokarky we aşaky Müsüriň hökümdary, Finikiniň hem-de dokuz halkyň eýesi Meri-Amon-Ramses XII özi bilen deň bolan hudaýlar bilen maslahatlaşyp, ýigrimi iki ýaşly ogly Hem-Semmerer-Amon-Ramsesi tagtyň mirasdüşeri edip belledi. Onuň bu gelen netijesi dindar žresleri, tanymal nomarhlary, edermen goşuny, wepaly halky we müsür ýurdundaky ähli janly-jandarlary juda begendirdi. Sebabi faraonyň hett patyşasynyň gyzyndan bolan uly ogullary nämälim doga-jadynyň täsiri bilen, al-arwahlara ýolugypdy. Doganlaryň ýigrimi ýedi ýaşly ulusy ýaňy kämillik ýaşyna ýetende aýaklary ysmaz bolupdy; ikinjisi damaryny kesip, ýagty jahan bilen hoşlaşyrdy; üçünjisi jana sulum çakyra erkini berip, akylyndan azaşansoň, özüni maýmyndyr öýdüp, uzynly güni agaçlaryň üstünde geçirýärdi. Diňe patyşanyň dördünji ogly, ýokary žres Amenhoteniň gyzy, patyşa aýal Nikotrisadan doglan Ramses edil öküz Apis ýaly güýçlüdi, ýolbars ýaly gaýduwsyzdy, žresler ýaly akylyň öýjügidi. Ol harby adamlaryň arasynda kemala gelipdi, özi-de heniz ýönekeý şa ogluka: - Eger hudaýlar meni patyşanyň körpe ogly däl-de, faraon edip ýaradanlygynda, men edil Beýik Ramses ýaly, heniz Müsüre belli bolmadyk dokuz halky boýun egdirerdim, ululygy tutuş Fiwydanam geçirýän mähnet ybadathana gurardym, özüm üçin bolsa şeýlebir piramida galdyrardym weli, onuň bilen deňeşdirilende Heopsyň mazary beýik palmanyň ýanyndaky bir çogdum bägül bolup galardy – diýerdi. Şeýle arzyly mirasdüşer derejesine eýe bolandan soňra, ýaş şa ogly kakasyndan merhemet edip, özüni Menfi goşun birikmesine ýolbaşçy edip bellemegini sorady. Gudraty güýçli Ramses XII özi bilen deň bolan hudaýlar bilen maslahatlaşyp, eger tagtyň mirasdüşeri harby ýagdaýda uly ýygyna baştutanlyk edip bilmek ukybyny görkezse, onuň haýyşyny bitirmäge razydygyny aýtdy. Şu ýagdaý bilen baglylykda, harby hökümet agzasy, Fiwydaky iň beýik Amon ybadathanasynyň ýokary žresi Sen-Amon-Herihoryň başlyklyk etmeginde mejlis geçirildi. Mejlis karar etdi: Tagtyň mirasdüşeri mesor10 aýynyň ortasynda Memfis şäherini Sebennit aýlagynda ýerleşýän Buto şäheri bilen birleşdirýän çäkde goýlan goşunlaryň birleşen uly ýygynynyň on sanysynyň başyny bir ýere jemleýär. Mirasdüşer daş zyňyjy ulaglar, ýükli arabalar bilen üpjünlenip, söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirilen şol on müň esgerli goşun birikmesi bilen Goşen topragynyň serhediniň we Müsür çöllüginiň uzaboýuna - Memfisden Heteme çenli uzalyp gidýän uly kerwen ýoluna, gündogara tarap ugramaly. Goşunyň baş serkerdesi, Müsüri Aziýa halklarynyň çozup girmeginden goraýan esasy serkerde Hitagor şol bir wagtda tagtyň mirasdüşeriniň garşysyna Ajyköl tarapdan çykmaly. Iki goşun: Aziýa we Günbatar goşunlary Goşen topragynyň zähmetsöýer galla ekýän daýhanlarynyň işine päsgel bermez ýaly, Pi-Bailos şäheriniň daşynda – çöllükde sataşmaly. Eger Nitagora gapyllykda üstüni basdyrmazlygy başarsa, ýagny ähli goşunlaryň birleşen uly ýygynyny jemläp, olary duşman bilen garpyşyga doly taýýar edip ýetişse, tagtyň mirasdüşeri ýeňiji diýlip yglan edilýär. Patyşanyň ogly Ramsesiň düşelgesinde harby hökümet agzasy, sarpasy belent Herihoryň hut özi bolup, edilýän hereketleri faraona ýetirip durjak. Çöllügi Goşen topragyndan bölüp aýyrýan serhet iki aragatnaşyk çäginiň – Memfizden Timsa kölüne we uly kerwen ýoluna çenli gämi gatnawly kanalyň boýy bilen uzap gidýärdi. Kanal-ha Goşen topragyndanam, uly kerwen ýoly-da çöllükdenem geçmek bilen, ikisi onuň daşyndan ýaý halka bolup aýlanýardy. Uzap ýatan ýoluň tas ähli ýerinden diýen ýaly kanal aýyl-saýyl görünýärdi. Biri-birinden bütinleý tapawutly iki ýer, ine, şu emeli serhet arkaly bölünýärdi. Ýeriniň sähelçe beýikli-pesli bolmagyna garamazdan, Goşen topragy düzlük ýaly bolup görünse, çöllük hekli baýyrlyklardyr çägesöw jülgelerden ybaratdy. Goşen topragy äpet küşt tagtasyna meňzäp, ýaşyl we sary inedördül ýerler däneli ösümlikleriň reňki boýunça parhlanýardy we araçäkde ösen palmalar bilen bölünip aýrylýardy. Çöllügiň çyparymtyl çägelerinde, ak reňkli daglyk ýerlerinde ýaşyl ösüntgiler ýa-da gür ösen agaçlardyr gyrymsy agaçlar çölde azaşan ýolagçy ýaly bolup görünýärdiler. Hasylly Goşen topragynda her bir baýyrdan uzakdan biziň lipa agaçlarymyzy ýada salýan akasiýalaryň, sikomorlaryň we tamarintleriň garalyp duran kiçiräk jeňňeli aşak inýärdi; olaryň jümmüşinde kelte sütünli çaklaňja köşklerdir daýhanlaryň sary reňkli külbeleri gizlenip otyrdy. Jeňňeliň golaýynda käbir ýerde kiçijik şäherjigiň tekiz üçekleri agaryp görünýärdi; ybadathananyň haýran galdyrýan hatlar bilen persala edilen, piramida şekilli göni burçly sütünleri göýä ekiz kert gaýalar dek bolup, agaçlaryň depesinde tagaşyksyz magallaklap durdy. Çöllükde baýyrlaryň ösgün ýaşyl otlarynyň ilkinji erezleriniň aňyrsyndan üýşmek daşlara bürelen ýalaňaç gaýalar seredýärdi. Göýä durmuşyň bol-telkiliginden halys bez bolan ýurduň günbatar bölegi-hä kanalyň beýleki kenaryna otlardyr gülleri sahylyk bilen seçeläp goýberýän, mydama aç ýatan çöllügem olary sokga soraga-da, indiki ýyla çenli çaň-tozana öwürýän ýalydy. Gaýalara we çägelere gysylyp çykarylan gözgyny ösümlikler pesliklerde - uly ýoluň gum düşeginde gazylan ganawlar arkaly suwy kanaldan çekip boljak ýerlerde togtaýardy. Uly ýoluň golaýynda, ýalazy alaňlaryň arasynda, arpa, bugdaý, üzüm, palma we tamarintler ösüp ýetişýän çola oazisler asmanyň çygyndan ganýardylar. Şeýle ýerlerde aýrybaşga maşgala bolup ýaşansoň, adamlar Pi-Bailosyň bazarynda biri-birine pete-pet gelselerem, çölde ýanaşyk oturýandyklaryny bilmeýän pursatlary- da bolýardy. Mesor aýynyň on altynjy güni goşunlaryň başyny jemlemek işi tamamlandy diýen ýalydy. Tagtyň mirasdüşeriniň Nitagoryň Aziýa ýygynyny garşy almaly on sany ýygyny ýükli arabalardyr daş zyňyjy ulaglaryň bir bölegi bilen Pi-Bailos şäheriniň ýokarsyndaky uly ýolda eýýäm jem bolupdy. Olaryň hereketine mirasdüşeriň özi ýolbaşçylyk edýärdi. Ol barlag üçin atlylar toparyny ikä bölüpdi: olaryň yzdakysy-ha garşydaşy yzarlamalydy, öňdäkisi-de baýyrlykdyr jarlar bilen kesilen ýerden duýdansyz dökülip biljek duşmandan goşuny goramalydy. Söweşijileriň ýaraglarynyň ýerbe-ýerdigini, gije ulanar ýaly ýyly ýapynjalaryň bardygyny, guradylan çöregiň, etiň, kakadylan balygyň ýeterlikdigini gözden geçiripmek üçin, Ramses bir hepdeläp ýol bilen süýşüp barýan ýygyna aýlandy. Mundan başga-da, ol gündogar serhede ugradylýan aýallary, çagalary we harbylaryň gullaryny kanal arkaly gämi bilen geçirmegi emir etdi. Bu hem-ä arabalaryň sanyny ep-esli azaltdy, hem-de goşunyň hereketini ýeňletdi. Garry serkerdeler mirasdüşeriň üşükliligine, dogumlylygyna, ätiýaçlylygyna, has beteri-de, erjelligine, ýörüş durmuşynda sabyr-kanagatlylygyna haýran galýardylar. Ol köpsanly nökerlerini, knýaz çadyrlaryny, iki tigirli söweş arabalaryny hem-de tagtyrowanlaryny Memfisde goýup, ýönekeý serkerde eşikli, assiriýalylaryň edişi ýaly, iki kömekçisi bilen bir ýygyndan beýleki ýygyna aýlanýardy. Şonuň netijesinde hem, goşun birikmesi örän çalt jemlenip, ýygynlar bellenilen wagtda Pi-Bailosyň eteginde ornaşypdylar. Mirasdüşeri greklerden ybarat ýygyn we birnäçe daş zyňyjy ulaglar bilen ugradan goşunlary dolandyrýan merkeziň ýagdaýy başgaçady. Memfisde ykjamlanan goşunlary dolandyrýan merkeziň geçmeli ýoly gysgajyk bolansoň, ol yzynda äpet arabany jygyldadyp, hemmeden soň ugrapdy. Saýry adamlaryň maşgalasyndan çykan her bir serkerdäniň dört sany negr göterýän kejebesi, iki tigirli harby paýtuny, bezelme kemi galmadyk çadyry, içi egin-eşikli, iýmitli we çakyrdyr buzadan doly küýzeli ençeme sandygy bardy. Şeýle hem, aýdymçy, tansçy zenanlardan, sazandalardan ybarat birnäçe topar-da serkerdeleriň yzyndan süýrenişip gelýärdiler; munuň üstesine, olaryň her biri hondanbärsi hanym ýaly, bir ýa-da jübüt öküz goşulan iki tigirli söweş arabaly, kejebeli bolmak isleýärdi. Bu mähelle Memfisden çykyp, uly ýola düşende, ol mirasdüşeriň goşunyndanam köp ýer eýeledi. Özi-de juda haýal gymyldansoň, hataryň iň soňundan ýöreýän daş zyňyjy ulaglar ýörüşe tutuş bir ýatymlyk giç çykmaly boldy. Bularyň üstesine, aýdym aýdýan, tans edýän zenanlar entek şeýle bir aýylganç bolmadyk çölüň çetini gördüler-de, howsala düşüp, aglaşyp ugradylar. Olary köşeşdirmek üçin wagtyndan öň gije goş ýazdyryp, çadyr dikmeli boldy. Bazy gurlup, yzy meýlise ýazyp gitdi. Çöl-beýewanda, ýyldyzly asmanyň astynda, sergin gijedäki şady-horramlyk aýdymçy, tansçy zenanlara juda ýaransoň, olar mundan beýläk diňe çölde çykyş etjekdiklerini aýtdylar. Özüniň goşunlary dolandyrýan merkezinde bolup geçýän zatlary ýolda eşiden mirasdüşer aýallary gyssagly yzyna ugratmagy, eglenýän bölümleriň hereketini çaltlandyrmagy buýurdy. Goşunlary dolandyrýan merkezde harby hökümet agzasy, sarpasy belent Herihor bardy. Ýöne ol diňe synçy hökmünde bellenilipdi. Ol öz ýanyna aýdymçy zenanlary almandy, goşunlary dolandyrýan merkeziň serkerdelerine her hili bellikleri aýtmakdanam saklanýardy. Harby hökümet agzasy edil hataryň başynda öz kejebesini çykarmagy buýrupdy we onuň ileri süýşüşine baglylykda, bir görseň-ä, öňe gidýärdi, bir görseňem, kömekçisi depesinde saklaýan uly ýelpewajyň saýasynda dynç alýardy. Sarpasy belent Herihor ýaşy kyrkdan agan, berk bedenli, düňle adamdy; ol az geplärdi, adamlaryň ýüzüne-de börtülip duran gabak astyndan seýrek serederdi. Ol ähli müsürliler ýaly, döşi açyk halda, aýagy sandally, ýanbaşynyň daşy gysgajyk ýubkaly, ak we gök çyzmykly öňlükli gezerdi. Ol žres hökmünde sakgal-murtuny syrardy, kellesini-de toňkardyp goýardy; babyryň derisini çep egninden oklap gezerdi. Ol harby adam hökmünde kellesine uly bolmadyk demir papak geýensoň, ak we gök çyzmykly ýeňiljek ýeňse ýaglygy boýnudyr egnine düşer durardy. Onuň boýnunda üç düzüm altyn zynjyr bardy, biliniň çep tarapynda-da gowy bezelen gynly gysga gylyç sallanyp durdy. Herihoryň kejebesini alty gara gul göterýardi; onuň ýanynda hemişe golaý adamlarynyň üçüsi bolýardy: biri – harby hökümet agzasynyň ýelpewajyny, ikinjisi – aýpaltasyny, üçünjisi bolsa – papirusly11 gapyrjagy saklaýardy. Olaryň üçünjisi harby hökümet agzasynyň mürzesi žres Pentuerdi. Ol hor terkidünýä bolup, iň bir yssy günlerde-de syrylan kellesine gap geýmezdi. Mürze halk içinden çykan adamdy, ýöne özüniň seýrek ukyby bilen uly döwlet wezipesini eýelemegi başarypdy. Harby hökümet agzasy özüniň golaý adamlary bilen goşunlary dolandyrýan merkeziň hatarynyň öňünden ýöräp, hereketleriň barşyna goşulmasa-da, arkasynda häme bolup geçýändiginden bihabardy diýip boljak däldi. Her sagatdan, kämahal bolsa her ýarym sagatdan harby hökümet agzasynyň dymma nökerleriniň deňinden, hamala, atanlykda ozup geçýänden bolup, welmožanyň kejebesine kä „hudaýyň ýönekeý guly“ – iň kiçi žres, kä yza galan esger, kä söwdagär ýa-da gul gelip, ýüzügra iki-üç söz oklap geçerdiler; Pentuer kämahal şol sözleri belläp alardy, ýöne huşy metda bolansoň, köplenç ýadynda saklardy. Goşunlary dolandyrýan merkeziň goh-galmagaly ýetik mähellesi bu ownuk zatlara üns berenokdy. Töwerek ber-başagaýlyk bolup, gepleşýän, aýdym aýdýan adamlaryň batly sesleri asmana galansoň, serkerdeler – tanymal ýaş ýigitler harby hökümet agzasynyň ýanyna kimiň gelýändigini görenokdylar; munuň üstesine, uly ýol boýunça pyýadalaram ara salym salmazdan, iki-baka zygyrdaşyp ýördüler. Mesor aýynyň on bäşinji güni mirasdüşeriň goşunlary dolandyrýan merkezi gijäni harby harby hökümet agzasy bilen bilelikde Pi-Bailos şäheriniň daşynda, uly ýolda harby tertipde düzülen goşunlaryň birleşen uly ýygynyndan bir mil daşlykda, açyk asmanyň astynda geçirdi. Daňdan sagat üç töweregi (biziň wagtymyz bilen sagat altyda) çölüň baýyrlary benewşe reňke boýaldy. Olaryň aňyrsyndan şapak göründi. Goşen topragyna bägül reňk ýaýylyp, şäherjikler, ybadathanalar, tanymal welmožalaryň köşkleri, daýhanlaryň külbeleri gök ösümlikleriň arasynda göz açyp-ýumasy pursatda dürli reňkli o:tjagazlar bilen owşün atdylar. Basym asmanyň tutuş günbatar tarapy altynsow nura gark boldy. Göýä Goşeniň läle-reýhan topragy tyllaýy reňkiň içinde ýitip gidip, san-sajaksyz kanallardanam suwuň deregine erän kümüş zymdyrylyp akýan ýalydy. Şol wagtda çölüň benewşe baýyrlary has-da garalypdy; olaryň uzyn kölegesi seýrek ösümlikleri gara tegmil bolup saýlanyp oturan çägä düşýärdi. Uly ýoluň ýakasynda duran didebanlar indi kanalyň aňyrsynda palma oturdylyp çykylan meýdany aýyl-saýyl görüp bilýärdiler. Olaryň birinde zygyr, bugdaý, klewer12 gök öwüsýärdi; beýlekisinde bolsa ikinji ekişiň ýagşy bişip ugran arpasy tylla ýaly ýalpyldaýardy. Gök ösümlikleriň arasynda gizlenen külbelerden daýhanlar çykyp, işe ugradylar; olar tas ýalaňaç diýen ýalydy; gyzylymtyl-goňur bedenlidi, tutuş eşigi diňe uýat ýerini ýapyp duran insiz matadan hem-de sümmenlerden ybaratdy. Olaryň bir bölegi gyrmançadan arassalamak ýa-da biziň guýularymyzyň durna şekilli agaç gurallaryny ýada salýan ýönekeýje gurluşlar bilen suwy susup alyp, meýdana guýmak üçin kanallara tarap ýönelseler, beýleki bölegi agaçlaryň arasyna pytrap, bişen injirleri, üzümleri ýygýardylar. Şol ýerde ýalaňaç çagalardyr ýeňsiz ak, sary ýa-da gyzyl köýnekli aýallar dümtünişip ýördüler. Ähli ýerde janly hereket höküm sürýärdi. Çölüň ýyrtyjy guşlary al-asmanda Goşen topragynyň kepderileriniň, zakyja gargalarynyň depesinden şaglap inýärdiler. Kanalyň ýakasynda jygyldawuk durna şekilli agaç gurallar käwagt çala çaýkanyp, içi laý suwly bedräni galdyrýardylar; miwe ýygýan adamlar bolsa göýä ala-mula kebelejikler ýaly bolup, kä ýaşyl agaçlaryň daşynda görünýärdiler, kä olaryň arasynda ýitip gidýärdiler. Şol wagtda çölde, uly ýol bilen goşunlaryň birleşen müňlerçe söweşijili ýygyny we ýükli arabalar gyrmyldaşyp barýardylar. Naýza bilen ýaraglanan, loňkuldaşyp barýan atlylar toparynyň yzyndan ýukajyk ýeňil sümmenli, gysgajyk ýubkaly, elleri ýaýly, arkalary sowutly, sag tarapy uly gamaly ýaý atyjylar; olaryň yzyndanam billeri kelte gylyçly, içi daşly haltaly, sapan bilen daş atyjylar barýardylar. Olardan ýüz ädim aralykda barýan iki sany uly bolmadyk pyýada toparyň biri naýza, beýlekisi aýpalta bilen ýaraglanypdy. Söweşijileriň hemmesiniň elleri üçburç galkanlydy; gursaklary edil sowut ýaly, galyň matadan tikilen göwüslik bilen ýapylandy; ýeňiljek ýaglyklar olaryň ýeňselerini Günden goraýardy. Şol ak ýa-da sary we gara çyzmykly göwüslikler söweşijileri äpet eşegarylara meňzedýärdi. Alynky toparyň öňündem daşyny aýpalta göterijiler gallan harby hökümet agzasynyň kejebeleri, olaryň yzyndan bolsa mis demir papakly we sowutly, sazlaşykly ädimleri ýekedabanyň agyr urgusyny ýatladýan grekleriň birleşen uly ýygyny barýardy. Yzdan arabalaryň takyrdysy, mallaryň inçeli-ýogynly yzlaşygy, arabakeşleriň sesleri eşidilýärdi; ýoluň gyrasyndan bolsa iki eşegiň üstünde goýlan kejebede sakgally finikiýaly söwdagär zordan gyrmyldap barýardy. Bu zatlaryň ählisiniň üstünde altyn öwüşginli tozan duman bolup kösarlap turup, dem almak hylallady. Birden gorag topary tarapdan bir atly gaýdyp, mirasdüşeriň golaýlaýandygyny harby hökümet agzasyna ýetirdi. Ol kejebeden düşdi. Edil şol wagt hem uly ýolda kowçum atly göründi. Olar juda gyssanmaçdy. Atlylaryň biri we harby hökümet agzasy biri-birine garşy ýöneldiler. Golaý baranlarynda aýak çekip, baş egişdiler. Harby hökümet agzasy: - Salam saňa, faraonyň ogly, goý, onuň ömri baky bolsun! – diýdi. - Saňa-da salam bolsun, keramatly ata, uzak ömür sürgeý sen! – diýip, mirasdüşer jogap gaýtaryp, sözüniň üstüni ýetirdi: - Siz edil çolak adamlar ýaly süýrenişip barýarsyňyz, iki sagat geçip-geçmänkä bolsa Nitagoryň goşuny üstümize dökülip, ikini islemez ýaly eder. - Sen örän dogry aýdýarsyň. Seniň goşunlary dolandyrýan merkeziň juda haýal ýöreýär. - Munuň üstesine, siziň jülgä gözegçileri ibermändigiňizi Ennana maňa ýetirdi – diýip Ramses yzynda duran , boýnundan doga bary asylan esgere ümledi. –Eger bu hakyky uruş bolanlygynda, duşman size şu tarapdan hüjüm edip bilerdi. - Men serkerdebaşy däl-de, ýöne bir kazy – diýip, harby hökümet agzasy arkaýyn jogap gaýtardy. - Patrokl näme bilen gümra? - Patrokl grekleriň uly ýygyny bilen bilelikde daş zyňyjy ulaglara sakçylyk edýär. - Meniň doganoglanym hem kömekçim Tutmos näme edýär?Entek ýatan bolaýmasa... Ramses janyýangynlyk bilen aýagyny tapyrdadyp goýberse-de, sesini çykarmady. Ol aýalyňky ýaly näzik ýüzli görmegeý ýigitdi. Gahar-gazapdyr Güne garalma ony has-da bezeýärdi. Ýigidiň egninde bedenine syrlaşyp duran, gök we ak çyzmykly kaftanyň bir görnüşi bardy; şeýle reňkdäki ýaglyk onuň demir papagynyň eteginden sallanyp durdy; boýny altyn zynjyrlydy, çep tarapy gymmat bahaly gylyçlydy. Şa ogly: - Görýän weli, Ennana, bärde diňe sen meniň mertebäme şek ýetirtmezlige çalyşýan ýaly – diýdi. Boýnundan doga bary asylan serkerde Ýere çenli baş egdi. - Tutmos – ýalta – diýip, mirasdüşer sözüni dowam etdirdi. – Öz ýeriňe dolanyp bar, Ennana. Goý, iň bolmanda, gorag toparynyň harby ýolbaşçysy bolsun! Soňra ol edil Ýerden çykan ýaly bolup, derrew daşyna aýlanan nökerlerine nazar aýlap: Maňa tagtyrowany getirsinler. Men edil daş döwüji ýaly ýadaw – diýdi. - Heý-de, hudaýlar ýadarmy? – diýip, onuň ýeňsesinde duran Ennana pyşyrdady. - Hany, ýeriňe ugra! – diýip, Ramses emir etdi. - Belki sen, Aýa kybap hökümdar, maňa häzir jülgäni barlamagy buýrarsyň? – diýip, serkerde ýuwaşja sorady. – Emir et, sebäbi men nirede bolsamam, seniň erk-islegiňi duýmak hem-de ony ýerine ýetirmek üçin, ýüregim seniň yzyňa düşüp ýörendir. Ramses: - Men seniň eserdeňdigiňi bilýän. Git-de, ähli zada gözegçilik et – diýdi. Ennana harby hökümet agzasyna ýüzlendi: - Keramatly ata! Meniň saňa gulluk etmäge taýýardygymy äht hökmünde kabul et! Ennana atyny çapdyrmaga ýetişmänkä, nyzam bilen ýöreýän hataryň aňyrsynda has uly başagaýlyk başlandy: tagtyň mirasdüşeriniň tagtyrowanlaryny şunça gözleselerem, olar hiç ýerden tapylmandyr. Tagtyrowanlaryň deregine grek esgerlerini eýläk-beýläk itekleşdirip, geň keşpli ýigit göründi. Onuň egni ýuka näzik matadan tikilen köýneklidi, owadan keşdelenen öňlüklidi, gerşinden altyn eginbag oklanandy. Birnäçe örümli ullakan emeli saç we pişigiň guýrugyna meňzeş ýasama çokga sakgaljyk has-da gözilginçdi. Ol hatda ýörüşde-de özüne timar bermegi, endamyna hoşboý ysly ýaglary çalmagy unutmaýan Memfisiň birinji bezemen kişisi Tutmosdy. - Salam, Ramses! – diýip, bezemen ýigit serkerdeleri itekleşdirip gelşine gygyrdy. – Görsene muny, seniň tagtyrowanlaryň gürüm-jürüm bolaýan eken-ä! Sen indi meniň kejebäme münäýmeseň, başga alaç ýok. Dogry, ol seniň mertebäňe laýyk-ha däldir weli, nätjek-dä... Şa ogly: - Sen meniň gaharymy getirýäň. Goşunyň aladasyny etmeli halyňa, ukyny urup ýatmaň näme? – diýdi. Bezemen ýigit oňa geň galyp seretdi. - Men ýatyrmyşymmy? Kim şeýle ýalan sözi diýýän bolsa, goý, onuň dili gurasyn. Men seniň geljegiňi bilemsoň, tutuş bir sagatlap bezenip-beslenýän, saňa hoşboý ysly ýyly suw taýýarlaýan. - Esgerler bolsa şonça wagtlap ýany gözegçiliksiz ýöräpdirler. - Weý, bu ne gep boldugy? Harby harby hökümet agzasy, Patrokl ýaly serkerde barka, men, näme, dogurdanam, hatara öňbaşçy bolmalymy? Tagtyň mirasdüşeri hiç hili jogap gaýtarmady, Tutmos bolsa onuň golaýyna baryp, ýuwaşjadan gepledi: - Sen kime meňzeýäň, faraonyň ogly? Ýasama saçyň ýok, ýüz-gözüňiz, üst-başyň tot-tozana bulaşypdyr, hamyň gara-köýük bolupdyr, edil tomusda Ýeriň jaýryk atyşy ýaly, ähli ýeriň jaýrylypdyr! Mertebesi belent şa aýaly – ejeň seniň daş keşbiň nähilidigini biläýse, meniň gümümi çekerdi. - Ýadaw adamyň keşbidir-dä. - Eýle bolsa, kejebä mün. Saňa ol ýerde terje bägülden edilen sübse, gowrulan aw eti, bir küýze Kipr çakyry garaşýar. – Ol sesini has ýuwaşadyp, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Mundanam başga, men arabada Senurany gizledim... - Ol, näme, bärdemi? Şa oglunyň gubarlap duran gözleri gubarlady. Tutmos sözüni dowam etdirdi: - Goý, goşunlar ýöräbersin. Biz oňa bärde garaşarys. Ramses özüne gelen ýaly boldy. - Azar bermesene, ýoldan çykaryjy diýsäni! Ýene iki sagatdan çaknyşyk boljak ahyry. - Çaknyşyk bolaýşyny şonuň! - Her näme bolanda hem, ol meniň geljekki ykbalymy kesgitlemeli. - Bolgusyz zatlar-la – diýip, bezemen ýigit ýylgyrdy. – Harby hökümet agzasynyň saňa Menfi goşun birikmesini bermek baradaky haýyş bilen, habarnamany patyşa häli düýn ugradandygyna men ant içmäge taýýar. - Barybir men şu gün goşundan gaýry hiç zat barada pikirlenip bilemok. - Sen urşa akylyňy aldyrypsyň! Uruşda bolsa adam bir gün häläk bolmak üçin telim aýlap ýuwnup-ardynmaýar. Päheý-de welin... Sen iň bolmanda Senurany bir görseň... Oňa diňe syn etseň... - Ýok – diýip, Ramses aýgytly jogap gaýtardy. – Ine, şonuň üçin hem ony göresim gelenok. Grekleriň hataryndan sekiz sany adam Tutmosyň mirasdüşere niýetlenen äpet kejebesini çykaran mahalynda, alynky topardan bir atly gaýtdy. Ol aty juda gyssanmaç çapansoň, gursagyndaky hudaýlaryň şekilleridir olaryň atlary ýazylan tagtajyklar şyňňyrdaşýardy. Demi-demine ýetmän gelýän şol atly Ennanady. Duranlaryň ählisiniň özüne tarap öwrülmegi oňa hoş ýakan bolsa gerek. Ennana Ramsesiň alnynda baş egip: - Eý, hudaýyň agzy bilen gürleýän, şa ogly! Seniň beýik buýrugyňa laýyklykda, men topara baş bolup, daş-töwerekdäki ahli zada ünsli garap barýarkam, ýolda iki sany täsin skarbeýe13 gözüm düşdi. Keramatly tomzaklar ýoluň üstünde toýun tokgasyny togalap, guma tarap barýardylar – diýdi. - Ýeri, baranda näme? – diýip, mirasdüşer onuň sözüni kesdi. Ennana ministriň duran ýerine nazar aýlap, gürrüňini dowam etdirdi: - Elbetde, menem, meniň adamlarymam Günüň tyllasyna kybap keramatly tomzaklary hormatlap, goşunyň hereketini togtatdyk. Bu juda täsin hadysa, şonuň üçin hem, aýratyn buýruk bolmasa, biziň hiç birimizem ýoly dowam etdirmäge ýürek edip bilmezdik. Sarpasy belent Herihor: - Ýüz keşbiň hettiňki bolsa hem, seniň hakyky dindar müsürlidigiň görnüp dur – diýip jogap gaýtardy we golaýda duran welmožalara öwrülip, sözüniň üstüni ýetirdi: - Keramatly tomzaklary basgylamaz ýaly, biz indi uly ýol bilen gitmeris. Pentuer, uly ýoly sagdaky jülge bilen aýlanyp geçip bolarmyka? - Hawa. Jülge tutuş bir mil uzalyp, Pi-Bailosyň tas gabat öňünde diýen ýaly ýene uly ýola çykýar – diýip, mürze jogap gaýtardy. Mirasdüşer: - Şonça wagt ýitirmelimi? – diýip gaharly seslendi. Bezemen Tutmos gürrüňe goşuldy: - Olaryň skarabeý däl-de, finikiýaly süýthorlaryň ruhudygyna ant içmäge taýyn. Olar o dünýä gidensoň, indi menden karzlaryny sorap bilenoklar, şonuň üçin hem, temmi hökmünde çöl bilen aýlanyp enteşip ýörmäge mejbur edýärler!.. Mirasdüşeriň nökerleri ynjalyksyzlyk bilen gelinjek karara garaşýardylar. Ramses Herihora ýüzlenip: - Keramatly ata, sen bu barada nähili pikirde? – diýip sorady. Žres: - Serkerdelere seret – jülge bilen gitmelidigine düşünersiň – diýdi. Ýöne şol wagt orta grekleriň öňbaşçysy, esasy serkerde Patrokl çykdy. Ol mirasdüşere ýüzlenip: - Eger sen, şa ogly, ygtyýar berseň, meniň ýygynym uly ýol bilen ýöremegini dowam etdirer. Biziň söweşijilerimiz skarabeýlerden gorkanok – diýdi. Harby hökümet agzasy: - Siziň söweşijileriňiz hatda patyşalaryň mazarlaryndanam gorkanok. Ýöne ol ýer howpsuz däl bolmaga çemeli, sebäbi olaryň ýekejesi-de yzyna dolanyp gelmedi – diýip jogap gaýtardy. Grek utanyp yzyna çekildi we nökerleriniň arasynda gözden ýitdi. Gaharyna zordan basalyk berip duran mirasdüşer pyşyrdap gepledi: - Şeýle päsgelçiligiň hatda eşegiň-de ýoluny bekläp bilmejekdigini aýtsam, maňa hä diýseňiz gerek, keramatly ata. - Ýöne eşek hiç wagtda faraon bolmaýar ahyry – diýip, harby hökümet agzasy arkaýyn jogap gaýtardy. Ramses: - Eger şeýle bolsa, hatary jülge bilen özüň alyp gidersiň. Men žresleriň usul-emellerinden bihabar. Onsoňam men dynç almaly. Ýör, gideli! – diýip Tutmosa ýüzlendi we atynyň başyny ýalazy baýyrlara öwürdi. Dowamy bar >> Boleslaw PRUS. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |