03:08 Fatih Soltan Mämmediñ ogly näme üçin awy berlip öldürildi? | |
FATIH SOLTAN MÄMMEDIÑ OGLY NÄME ÜÇIN AWY BERLIP ÖLDÜRILDI?
Taryhy makalalar
Fatih Soltan Mämmet aýatda dirikä-de, ölenden soñam ýüzi gülmedik patyşalaryñ biridir. Onuñ pähim-paýhasynyñ we ukyp-başarnygynyñ diñe Osmanly döwletiniñ taryhyñ dowamynda däl, dünýä taryhynyñ dowamynda-da deñi-taýy ýokdur. Soltan Mämmediñ perzentleriniñem ýüzüniñ gülendigini aýdyp bolmaz. Janyndan eý gören we hatda patyşa bolmagyny islän ogly Jem soltanyñ başyna gelenler Nemrudyñ garşysyna dikilen Ybraýym pygamberiñem başyna gelen däldir. Tewfik paşa bu bedibagt şazadanyñ başdan geçirenlerini "Milletiñ hormat hakydasynda iñ gynançly, iñ ünsli duýgulary döredýän osmanly şazadasy" sözleri bilen beýan edipdir. Allanyñ artykmaç zehini we ukyp-başarnyklary bilen ýaradan bu şazadasynyñ ýekeje kemçiligi giç dogulmakdy. Kakasy Fatih Soltan Mämmediñ "Jem, sen patyşa bolarsyñ!" diýendigi aýdylýan Jemiñ birinji şowsuzlygy, oña soltanyñ ölendigini aýdýan haty alyp barýan çaparyñ ýolda Beýazidiñ adamlaryna tutulyp, öldürilmegidi. Jem Bursada soltanlygyny yglan edenem bolsa, ýeñlişler üstüne gara bulut bolup çöküpdi. Fatihiñ ýene bir betbagt ogly şazada Mustapady. Gelşikliligi we syratlylygy bilen Stambula ady-owazasy ýaýran bu şazada jalataýlygy bilen tanalýardy. Emma Fatihiñ iñ güýçli sadrazamy (baş weziri) Mahmyt paşanyñ hatyny bilen gezmegi we munuñ aýan bolmagy netijesinde sadrazam tarapyndan zäherlenip öldürildi. Geliñ, bolup geçen hadysa we Fatihiñ serenjamyna ýakyndan seredeliñ: • Fatihiñ zehini we bilimi Myrat II-niñ türkmen aýaly Humaý soltandan dünýä inen Mämmet hemişe aýratyn üns bilen seredilýän çaga bolupdyr. Onuñ ylymda ýeten derejesine we şahsy artykmaçlyklaryna üns berilende, osmanly soltanlarynyñ biriniñem onuñ mertebesine ýetip bilmändigini görýäris. Ýaş şazada baý tejribesiniñ bardygyna garamazdan, geniallygynyñ alamatyndan bolsa gerek, okuwynyñ birinji tapgyrynda uly kynçylyklary başdan geçiripdi. Mugallymlarynyñ eden tagallalaryna garamazdan Mämmet şazada okabam bilenokdy we hiç ugrugyp gidiberenokdy. Mämmediñ zehininde ajaýyplyklar döretjek Molla Güranynyñ mugallymlyk döwrüni Süheýl Ünwer "Ylym we sungat taryhymyzda Fatih Soltan Mämmet han" atly ylmy işinde şeýle beýan edýär: "Bursada Çelebi Soltan Mämmediñ gurduran "Ýaşyl Soltaniýe" medresesinde müderris bolan Molla Ýegan Mämmet ibn Armagan bir ýyl hana gidýär. Yzyna gaýdyp gelende şonuñ üçin ylym boýunça gep-söz alyşmak maksady bilen Müsüre sowulypdyr. Ol ýerde bilimini tamamlan ýaş we güýçli alym Molla Gürany bilen tanşypdyr. Bu ýagdaý kämil we agras alymy juda begendiripdir, ol alyma Anadola - "Ruma", ýagny Türkiýä gitmegi teklip edipdir. Molla Gürany bu teklibi höwes bilen kabul edipdir. Olar bileje Bursa gelipdirler. Molla Ýegan düzgüne laýyklykda Molla Gürany bilen bile Soltan Myrat II-ni görmäge gidipdir. Ýöne ýanyna girmän, daşarda durupdyr. Patyşa onuñ özüni görmäge gelenine şat bolupdyr. Ol "maña haj zyýaratyndan näme sowgat getirdiñ" diýip sorapdyr. Olam gapynyñ añyrsynda taýýar duran Molla Güranyny içerik salyp, görkezipdir. Molla bilen salam-helik edilipdir. Patyşanyñ ony sulhy alypdyr. Agraslygyna we ylmyna haýran galypdyr. Söz Mämmet Çelebä gezek ýetende heniz Gurhany-da oñly okap bilmeýändigini gynanç bilen aýdyp, ony mugallym hökmünde saýlapdyr. Agras we okuwda yza galýanlara asla geçirimlilik etmeýän Molla Gürany ýaş şazadanyñ birinji sapagynda eli çybykly giripdir. Täze mugallymyñ sapaga eli çybykly girmegi Mämmet Çelebini geñ galdyrypdyr we üns bermediksirän bolup, munuñ nämä gerekdigini sorapdyr. Molla Gürany oña pert-pert şu jogaby beripdir: - Eger okuwyñyzda yza galsañyz, patyşa kakañyzyñ buýrugy bilen sizi şu çybyk bilen saýgylamaga mejbur bolaryn. Molla Güranynyñ ýaş şazada beren bilimi onuñ öwrenmek islegini uly joşgunly sile dönderipdir. Molla Hojazada, Molla Hatipzada, Molla Hasan Samsuny, Sinan Hojapaşa, Molla Abdtlkadyr Hamidi ve Molla Ahmet ýaly şahsyýetler şazada Mämmediñ ylym çanagyny doldurmak üçin biri-birileri bilen ýaryşypdyr. • Fatihiñ hoşniýetli häkimiýeti we liderlik sypaty Fatih Soltan Mämmet Stambuly basyp alandan soñ taryhda seýrek duş gelinýän hoşniýetli häkimiýet gurupdyr. Müsürden, Kürdüstandan, Eýrandan, Ýewropadan birnäçe alym Fatihiñ haýyşy we çakylygy bilen Stambula gelipdir. Diñe musulman senetkärleri ýa alymlary däl, kese ýerli senetkärlerdir alymlaram şol döwürde uly at-abraýdan peýdalanypdyr. Mysal üçin, Stambul basylyp alynandan soñ wizantiýaly senetkär Žowanni Kirisolaranyñ gaýynenesi we gyzy ýesir bazaryna düşüpdir. Kirisolara soñky çykalga hökmünde hat ýazyp, Fatih Soltan Mämmede düşen gününi habar edipdir. Fatih bu barada eşiden badyna Kirisolaranyñ gaýynenesini we gyzyny halas edip, oña tabşyrypdyr. Şeýle-de, Kirisolara islese, işlerini Stambulda erkin dowam etdirip biljekdigini aýdypdyr. Fatihiñ ylym-bilim babatyndaky hoşniýetliligi şahsy kitaphanasyna-da aralaşypdyr. Dünýäniñ çar künjündäki möhüm ylmy işleri jemläp, Osmanlynyñ ypmy tejribesine gazandyran Fatih baý kitaphana gurupdyr. Anžiýoluly meşhur "Osmanly taryhy" işinde bu baý kitaphanany şeýle suratlandyrýar: "Ol bärik müñlerçe jilt eser toplapdy we tefsire degişli kitaplary-da gurduran metjitlerine paýlaşdyrypdy. Bu eserleriñ uly bölegi awtorlarynyñ öz eli bilen ýazylyp, agzalýan metjitleriñ her birinde işleýän işgärlere we ymamlara elin gollanma bolup hyzmat edýärdi". Taryhyñ edýän öwrümine seretseñizläñ. Fatihiñ ogly Beýazit kakasynyñ ölüminden soñ bu kitaphanadaky gymmatly işleri derbi-dagyn edipdir we Fatihiñ kitaphanasyny miras alan Molla Lütfini zyndyk hasaplap öldürdipdir. Fatihiñ diñe kitaplaryna däl, ölüminden soñam onuñ jesedine-de görgi ýamany görkezipdir. Köşk jemendesi tagt dawasyndan ýaña ümmülmez imperiýanyñ hökümdarynyñ meýdini depin etmegi-de ýatdan çykarypdyr. Meýit çişip, yslanyp gidenden birnäçe gün soñ jynaza namazyna durulypdyr. Indi gürrüñimiziñ tommaýly ýerine geleliñ. Mahmyt Paşa • Mahmyt paşanyñ şazada jenaýaty Mahmyt paşa Osmanlynyñ gaýry milletleriñ çagalaryndan ýetişdiren (dewşirme) ilkinji sadrazamy bolupdyr. Ol Balkan ýurtlaryndan Anadola çenli her ýörişde Fatihiñ ýanyndan galmadyk möhüm döwlet işgärleriniñ biridi. Ylym-bilime we haýyr-sahawat işlerine gyzykýan adam bolansoñ, Fatihem ony az goldamaýan eken. Käbir taryhçylar Mahmyt paşanyñ Uzyn Hasanyñ yzarlanmagy babatdaky kararyna garşy çykandygy üçin gözden düşendigini öñe sürseler-de, aslynda düýp mesele şazada Mustapanyñ üstündedir. Şazada Mustapa Şazada Mustapa Mahmyt paşanyñ aýaly bilen gezipdir. Paşa muny bilen badyna aýalynyñ talagyny beripdir we Uzan Hasanyñ üstüne edilen ýöriş wagtynda şazada bilen erbet dawalaşypdyr. Fatih hadysany sorap-idände, bu baradaky gep-gürrüñler onuñ gulagyna esasan şazada we tarapdarlary tarapyndan ýetirilipdir, şonuñ üçin gaharlanyp aýaly gaýtadan Mahmyt paşa bilen nikalaşdyrypdyr. Mahmyt paşa muny beter ýokuş görüpdir we aýalyny ýanynda saklaman Edirnä ugradypdyr. Fatih bu betbagtçylykly hadysadan soñ ogly Mustapany Stambuldan çykaryp başga ýerik iberipdir. Emma şazada bir alajyny tapyp, ýene Stambula gelmegiñ ýoluny gözläpdir. Mustapa ýazan hatlarynda diýseñ dramatik sözleri ulanypdyr: "Men ölenimden soñ maña şolar ýaly uly duşmançylyk görkezen Mahmyt paşa patyşanyñ hyzmatynda bolar, emma kakam ondan meniñ arymy haýal etmän alar, diñe biçäre ejem ölümim sebäpli yzymda gan aglar..." ("Robert Anhegger" Mualliniñ Hüñkärnamasy") Hadysanyñ entek gyzgyny gitmänkä duýdansyz ýagdaýda şazada Mustapa aradan çykýar. Şum habar köşgi lerzana getirýär. Patyşa özüne göwünlik bermäge gelen Mahmyt paşany şobada tussag etdirýär. Şazadanyñ ölüminiñ yzyndan şeýle setirler ýazylypdyr: Bardy soltanyñ ogly bir dilgir, Ady Soltan Mustapa Manendi-Şir. Hüsni-Ýusupdan ýokary bir çyrag Fewt olup andan düşer Hana pyrak. Güman eder Mahmyt paşadan bu işi, Kim bar bolsa owrady bjlen bir işi. Zäher içirmiş diýdiler ana ol, Hanyñ etdi any akly-kabul. Dagwat edip any etdirdi heläk, Beýledir çarhyñ işi eý zaty-päk. ("Jamyul-Meknunat"). Şygyrda-da aýdylyşy ýaly, Fatih Soltan Mämmet Mahmyt paşany heläk edipdir. Zyndana atanyndan birnäçe gün soñ kellesini alypdyr. Şeýdibem döwrüniñ iñ güýçli sadrazamy we Fatihiñ ogly şazada Mustapa ärine ikilik edip aýagyny gyşyk basan ýeñles aýalyñ gurbany bolupdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 15.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |