14:17

Fen / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 655 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Palta haky / hekaýa - 18.06.2024
Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024
Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024
Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024
Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024
Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024
Jüren / hekaýa - 07.09.2024
Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024

Teswirleriň ählisi: 16
0
1 Alaýabyly  
788
Şu awtoryň iň gowy hekaýasy bolsa gerek, çynym bilen güldüm. Halypa siziň ýoluňyz şu stil öýdýän... Dogry, başynda azajyk hekaýadygy bildirdi. Ýöne soň içine girip gitdim.

0
3 Bagabat  
43
Ýagşy sözleriňize minnetdar. Taňryýalkasyn. Ýylgyrdyp bilýän bolsa, onda azda-kände maksadyna ýetipdir diýseňem boljak.

0
2 Bagabat  
43
"Jirbinmegi" düzetdim. Alla ýalkasyn.
"Satira" diýip atlandyrmaýandygymyň sebäbi bolsa, özüm-ä başaryşymça hekaýalarda hiç kimiň üstünden gülmejek, kemsitmejek bolup, diňe ýumşak kinaýany, teýenenäni, göwnaçyk henegi (hemmesine "ýumor" diýilýä) ulanmaga çalyşýan. Başardýamy-başartmaýamy, bilemok, "Gargaň gaz balasy" diýýäler.
"Internetli dünýä"-ň dowamy bolsa, meň ýaltalygymyň ýeňlerine garaşyp ýatyr (Garaşyp ýatan, şol ýygynda degişli dört-bäş hekaýaň ýarysy ýazylgy "Bihaýa wirus", "Bitkoiniň yşgynda", "Döwrebap jedel", "Imoçy ýeňňe", "Internet jyny"...). Ýöne bilmedim, bularyň ýazylyp dynmak nesibesi, "kaýda watan tutdy". Äý elbetde, ahyry bir nesibeli güni bardyr-da. Okaýanyňa sag bol, jigim!

0
4 mango  
651
“Alnaýaly-y-y...” diýip ýalbarýaka men häzir aýal tarapyna geçip pikir edip gördüm, nädemde boýun egdirer ýaly delil tapardymkam diýip…. Belki şeý diýerdim: alnaýaly-y-y, biziň saçymyz siziňki ýaly gysga däl, derrew gurar ýaly. Ir bilen işe howlugyp durkaň dagy guratjak gumanyň ýok. Çyg saç bilen köçä çykyp, keselle onsoň. Soň leçeniýa pul sowanyň gowumy, ýa öňünden fen alanyň…. Alnaýaly-y-y.
——-
SMS-iň söz sany barada-da aýdym bolar. Sobşeniýan harp sany çäklendirmesi barmyka? Ýagny, şeýle uzyn haty bir gezekde iberip bolýamy-ka? Belki bolýandyr.
—-
“Akdaşaýak” diýilýäni Bagyr bolýamy ýa-da Bäherden?!.
Şu ýer-ä has giper-prikol bolan ýaly… bäherdeniň bu golaýda däldigini bilenokmyka o waňk. :-)
Men gämi bilen änewi bulaşdyrýan. Ýogsam iki bogunly diýäýmeseň meňzeş eşdilýän ýerem ýok. Bagyr bilen bäherdeniň-ä “b”-sy meňzeş eken. :-)
Ol ýol salgy berlende ýalňyşyşlar-a hakyky.
Köplenç ýa bir oba bärden girýäler, ýa bir köçe aňyrdan…
Ýöne biziň drelli bolan bagtyýar gahrymanymyzam adres aýdanda şaherden nirden geljegini soramaly eken, ýada “gurbansoltandan geleňde…” diýip gelmeli tarapyny anyk aýtmaly eken….. ony beýtse hekaýa bolmazdy diýýäňmi ýa?
Umuman, hekaýa okamazça däl.
Minnetdar.
Üstünlikler.

0
6 Bagabat  
43
Sms-leň göwrümi barada:
Öz tejribämden aýdaýyn. Baýramçylyklarda eltelefona sms gutlaglar gelýär. Esasanam dini baýramçylyklarda (Gurban, Oraza), dilegler (gutlaglar) uzyn ýazylýa. Şonda bir zady gördüm, habar (ýazgy) sms üçin bellenilen çäge sygmaýan bolsa, onuň yzy yzly-yzyna gelip durýar-da, iň ahyrynda-da sms habar bütewi görnüşinde emele gelýär duruberýär ekeni.
Okanyňa minnetdar.

1
7 Bagabat  
43
Şäheretegini gowy bilmezlik barada:
Ýene-de tejribäme esaslanaýmasam. Kärdeşim bar. 50 ýaşlarynda. Birki ýyllykda Daşgalany, Mirewäni (Bagyr obasynyň düzümindäki kiçi obalar) salgy berjek bolup, aňkam aşdy. "Mirewe" diýsem "Bäherdenmi?" diýýä, "Daşgala" diýsemem "Bäherdenmi?" diýýä. Özem doglup, önüp-ösen ýeri Aşgabat.
Bäherdende bolsa "Mürçe", "Döwgala" obalary bar. Bilmedim, şolar bilen bulaşdyran bolaýmasa.
Şol "Bäherdenmi?" gürrüňem, megerem, aňymda galan bolmasa :-).

0
5 mango  
651
*aýdym - aýdyp

0
8 mango  
651
Bir gelneje saçyny sara boýamak isleýär.
Sap-sara.
ýöne ärine nädip diýjegini bilenok, diýse-de garşy boljagyny bilipjik dur….
onsoň oň kellesine geleniniň şeýtanyňam kellesine gelmez, belki şeýtan pyşardan bolmagam mümkin…
ärine alyş-berişiň spisogyna saç-boýagynam goşýar, adyny, markasyny, reňkini beren bolup.
Daň bilen saçyny boýap çykýa (özüniň ozal alyp goýan sary boýagyna).
ärini gykylygy bilen oýarýar:
-ýerçeken, äkelen kraskaň näme? Sap-sary edip taşladyla saçlarymy? Ýalňyş aldyňdy, diýenimi almansyňa….?
äri pahyr, aýalynyň sary saçyna garşy çykmakdan geçen, özüni gorap bilse armany ýokmuş:
-aý, şo seň ýazyşyň ýal-a aldym…. Men näbileýin, öz kraskaňy özüň ald-a how senem….
—-
Aýal akyllymy, erkek?
indi özüňiz biliň-dä.

0
10 Bagabat  
43
Ok.

0
9 mango  
651
Serdar kaka. Indiki hekaýalaňda ulanmaga durmuşy momentler.

1
11 Gurgencli  
324
Meni hekaýada iň oýlandyran zat: Çaparyň aýlygyndan tutuljak dreliň puly boldy.:(

1
12 Bagabat  
43
O! @Gurgençli, geldiňmi inim? Käte bir, Göroglyň Sapar Kösesiniň çilim puly gutaranda alamana atlanyşy ýaly, senem saýta kämahal bir burnuňy görkezýäň-de, ýitýäň :-)...

0
13 Gurgencli  
324
Hemem hekaýa alýan edebi saýtym bloklanandygy sebäpli terjime etmäge hekaýa hem tapyp bilemok.

0
14 Bagabat  
43
Alla kuwwat bilen gaýrat bersin! Işiňe-käriňe bereket, @Gurgençli. Birmahallar özümem şeýledim. Ekin-tikin, soň dynuwsyz iş sebäpli diňe gijelerine ýazmaga ýa-da okamaga elim degerdi.

0
15 Bagabat  
43
Ýöne, soňabaka ýuwaş-ýuwaşdan çagalaň ese-boýa galdyklarysaýy hojalygyň aladasyny gerşiňden azaldýan ekenler. Diýjek bolýanym, bahymrak şonuň aladasy bilen bol. Oruslaň gara ýumor bilen: "Раньше сядешь раньше выйдешь" diýişleri ýaly, irräk başlasaň irrägem dynarsyň :-).

0
16 Spring  
859
Çaparyñ aylygyndan tutulmaz. Çapar eline berlen zady eltip beryar-a. Gelin intden gozlap otyrka fendir oydup dreliñ üssune basan bolmaly we dreliñ puluny hem tölandir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]