21:28 Filip Kerr | |
Filip KERR
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Filip Kerr, Beýik Britaniýaly ýazyjy, "Prix Mystère de la Critique", "Barry Award", Palle Rozenkrans", "RBA International Prize for Crime Writing" edebi baýraklarynyñ eýesi. F.Kerr 1956-njy ýylyñ 22-nji fewralynda Edinburg şäherinde baptist maşgalasynda doguldy. Ýazyjynyñ öz aýtmagyna görä onuñ ejesi Şotlandiýanyñ gadymdan bäri dowam edip gelýän iñ asylzada Brodlar dinastiýasyndan bolupdyr. 1974-nji ýylda Birmingem uniwersitetine okuwa girýär we 1980-nji ýylda ony magistraturada hukukçy bilimi bilen tamamlaýar. Okaýan döwri filosofiýa bilen içgin gyzyklanýar. Okuwy tamamlandan soñ mahabat agentliginde we «Sunday Times», «Evening Standard», «New Statesman» ýaly gazetlerde işleýär. Ýazyjy özüniñ "Mart fialkalary" atly birinji romanyny 1989-njy ýylda ýazýar. Onuñ ýigrimiden gowrak eserleriniñ on biri uly göwrümli romanlardyr. F.Kerr Jeýn Tinn atly romantist ýazyjy zenana öýlenýär we ondan Wilýam (1993), Çarli (1996), Naomi (2004) atly üç çagasy bolýar. Maşgalanyñ ähli agzasy "Arsenal" futbol klubynyñ janköýerleridir. Häzirki wagtda ýazyjy Wimldondaky öýünde ýaşaýar. Ol bu jaýy zenan çagalar ýazyjysy Joan Aýkenden alypdy. 1825-nji ýylda gurlan bu taryhy jaý birmahallar ruhanylaryñ üýşýän ýeri bolupdyr. Ýazyjy Redýard Kipling, Robert Lýuis Stiwenson, Joan Aýken ýaly ýazyjylary söýüp okaýar. Boş wagtlary gitara we fortepiano çalmagy gowy görýär. ■ Edebi döredijiligi Filip Kerr döredijilik dünýäsine pornografik hekaýalary ýazmak bilen gadam basýar. "Gersoginýa we romaşka", "Leýdi Çatterleýiñ söýgülisi" ýaly pornografik hekaýalary ýazan ýazyjy munuñ üçin ene-atasyndan mazaly käýinç alýar. 1989-njy ýylda "Berlin gijesi" trilogiýasynyñ birinji kitaby bolan "Mart fialkalary" romanyny ýazýar. Ýazyjy şol wagt otuz üç ýaşyndady. Roman ilkinji çap edilen wagtyndan bäri häzirki wagta çenli kitap söwdasynyñ iñ geçginli eserleriniñ biri bolup galdy. «Penguin Books» neşirýaty Filip Kerriñ eserleriniñ doly ýygyndysyny neşir etdi. Ýazyjy çeper döredijilik işiniñ daşyndan öz eserleri esasynda kinofilmler üçin ssenariýalary hem ýazdy. 1993-nji ýylda Filip Kerr tankytçylaryñ we okyjylaryñ arasynda geçirilen pikir soralşykda britan ýazyjylarynyñ saýlama ýigrimiligine düşdi. ■ Eserleri 1. «Берлинская ночь» / Berlin Noir: 2. «Мартовские фиалки» / March Violets (1989) 3. «Бледный преступник» / The Pale Criminal (1990); 4. «Реквием по Германии» / A German Requiem (1991) 5. «Друг от друга» / The One from the Other (2006); 6. «Тихое пламя» / A Quiet Flame (2008); 7. «Если мертвые не воскресают»/If the Dead Rise Not (2009) 8. «Серое поле» / Field Grey (2010) 9. Роковая Прага» / Prague Fatale (2011) 10. «Человек без дыхания» / A Man Without Breath (2013); 11. «Дети лампы» / Children of the Lamp 12. «Джинн в плену Эхнатона» / The Akhenaten Adventure (2004) 13. «Джинн в вавилонском подземелье » / The Blue Djinn of Babylon (2005) 14. «Королевская кобра Катманду» / The Cobra King of Kathmandu (2006) 15. «Джинн и воины-дьяволы»/ The Day of the Djinn Warrior (2007) 16. «Лесной глаз» / The Eye of the Forest (2009) 17. «Пять факиров с Файзабаду» / The Five Fakirs Of Faizabad (2010) 18. «Грабители могилы Чингисхана» / The Grave Robbers of Genghis Khan (2011) ■ "Mart fialkalary" "Berlin gijesi" trilogiýasynyñ birinji kitaby bolan "Mart fialkalary" XX asyryñ 30-njy ýyllarynyñ Berlin durmuşyny, faşistik Germaniýanyñ syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, ideologik ýagdaýyny suratlandyrýan taryhy we syýasy detektiw romandyr. 1936-1948-nji ýyllary öz içine alýan trilogiýa "The Pale Criminal" (1990) we "A German Requiem" (1991) bilen dowam etdi. Ýazyja dünýä derejesinde meşhurlyk gazandyranam şu trilogiýa boldy. 1993-nji ýylda "Granta" žurnaly ýazyjyny "iñ gowy ýaş iñlis ýazyjylarynyñ" sanawyna girizdi, şol ýyl ýazyja Fransiýanyñ "Prix du Roman d'Aventures" edebi baýragy berildi. "Berlin gijesi" trilogiýasy 2011-nji ýylda "Guardian" gazetiniñ “Berlinde alynýan iñ gowy kitaplar” sanawyna girdi. Şotland ýazyjysynyñ faşistik diktatura döwrüniñ Germaniýasyny we paýtagtyny şeýle ussatlyk bilen beýan etmegi köpleri haýrana galdyrdy. Ýöne Filip Kerriñ alymlyk işini nemes hukugyndan we filosofiýasyndan gorandygyny, hususanam faşistik partiýanyñ durmuşa geçiren işleri boýunça ylmy barlaglary alyp barandygyny unutmazlyk gerek. ■ Nemesleriñ Filip Marlowy "Mart fialkalary" diýip 1933-nji ýylyñ martynda Gitleriñ häkimiýet başyna gelmeginden soñra nasistlere diýilýärdi. Nasistik partiýa şol ýylyñ maý ayynda partiýa agza kabul etmegi bes etdi, iñ soñky pursatda häkimiýetden nesibini alanlar "mart fialkalary" bolup galdy. Trilogiýanyñ birinji kitabynda ýazyjynyñ Filip Marlowyñ obrazynda döreden Bernhard Gýunter atly personažy jenaýatyñ pidasy bolan bir "mart fialkasynyñ" ganhoryny gözleýär. Aleksandrplasdaky ofisinde hususy detektiw bolup işleýän Berni (Bernhard Gýunter) otuz sekiz ýaşly arakhor, çilimkeş, çişik we aýaly ýogalany bäri aýallardan uzak wagtlap çetde gezen biridir. Köp "kärdeşi" ýaly olam özüne mahsus adalata bolan garaýşy, ahlak prinsipleri, dogry hasaplaýan pikirinden ölýänem bolsa dänmejek derejede garadangaýtmazlygy... bar. Birinji Jahan urşuna gatnaşan we ikinji derejeli "Demir haç" medaly bilen sylaglanan. Berni üçin bu medalyñ hiç hili ähmiýeti ýok, çünki ol uruşyñ näderejedäki apatdygyna gowy düşünýär. Şonuñ üçinem ol faşistleriñ alyp barýan milletçilik syýasatynyñ ýurdy täze uruş odunyñ ortasyna iterýändigine göz ýetirýändigi üçin, olary hiç jyny almaýar. Ol uzak wagtlap işlän jenaýatçylyga garşy göreş müdirliginden hem nasistler häkimiýet başyna gelensoñ çykýar. Emma müdirlikde onuñ sylagy bar, halanyp barylmaýanam bolsa hormaty saklanýar. Romanyñ wakalary 1936-njy ýylda Berlin Olimpiadasy bilen başlanýar. Şol ýyllar Germaniýanyñ öz güýjüni dünýä mazamlamak üçin giñ hummaly hereketlere başlan, şeýle-de režime garşy gidýänlere we ýewreýlere garşy syýasy jenaýatlaryñ güýjän döwri. Nasistleriñ etmişleri sebäpli Berniniñ öñünde duran wezipe juda çylşyrymly. Onuñ müşderileri bolsa köplenç dereksiz ýiten hossarlaryny gözleýän ýewreýler. "Jenaýat işleri" (Уголовное дело) hemişe diýen ýaly birmeñzeş soñlanýar: dereksiz ýiten görgüli ýa-ha gestapo, ýa-da Es-Esçiler (SA) tarapyndan kanala oklanan jeset bolup, ýa-da konslagerlere ugradyljak bendileriñ sanawyna düşen bolup çykýar... Berniniñ täze alan işi bulardan biraz tapawutly. Ol bu gezek barjamly nemes senagatçysynyñ gyzynyñ we köreginiñ ganhoryny tapmaga synanyşýar. Jenaýatyñ pidasy bolanlaryñ öýi oka tutulan, yzyndanam ýakylan, pul saklanýan seýf talanan, maşgalanyñ ata-baba ýadygärlik diýip saklap ýören gymmatbahaly şaý-sepleri ogurlanan. Jenaýat seljermesiniñ birinji etabynda öldürilen adamyñ "mart fialkalaryndandygyny" we Genrih Gimmler tarapyndan korrupsiýa garşy göreşe ýolbaşçylyk edýän düzüme girizilendigini anyklan Berni agyr jenaýatyñ añyrsynda pikir edilşinden has uly we howply etmişiñ gizlenip ýatandygyny añýar. Gitleriñ esasy adamlaryndan bolan iki adamyñ özara güýç garpyşyklarynyñ arasynda galan Berni öz janyny halas etmek we boýun alan işinde anyk netije gazanmak üçin seljermesini ilki bilen Jessi Owensiñ gatnaşýan Olimpiada stadionlaryndan gijeki barlara çenli, nasistleriñ edara binalaryndan garamaýaklaryñ ýaşaýan hütdük jaýlaryna çenli giñ arenada dowam etdirýär. ■ "Mart fialkalary" taryhy we syýasy detektiw žanryñ iñ gowy romanydyr. Roman faşistik Germaniýanyñ syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we ideogik ýagdaýyny, 1930-njy ýyllaryñ Berlinini suratlandyrýan taryhy-syýasy detektiw eserdir. Ýazyjy Filip Kerr jenaýaty açmaga synanyşýan hususy detektiwiñ gözi bilen şol döwrüñ ähli hapalygyny, pyssy-pyjurlygyny, adalatsyzlygyny, elhençligini göz öñümizde janlandyrýar. Faşistleriñ ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla çenli jemgyýetiñ ähli gatlagyna ýaýylan zäherli propogandasynda peýdalanylan serişdeler diñe şol döwür bilen çäklenip gutaranok; eser ähli awtoritar hökümetleriñ taryhda we häzirki wagtda edýän ýykgynçylykly işleriniñ hroniki beýany bolup durýar. "Bu günler her kim bir sebäp bilen dogry ýoldan çykýardy. Zalymlaşmak nasional sosializmiñ boýunturugy astyna giren durmuşa mahsus aýratynlyklaryñ biridi. Hökümet Weýmar döwründäki syýasy partiýalaryñ bidüzgünçiligi, parahorluklary hakynda birnäçe beýannamalary halka mälim edipdi, ýöne bular şu wagt dowam edýän korrupsiýa bilen deñeşdireniñde hiç zat däldi. Korrupsiýanyñ başy "balygyñ kellesindedi" we muny hemmeler gowy bilýärdi. Şonuñ üçin köp adam özlerine-de paý çykarylmagyny isleýärdi. Bu meseleler babatda owalkylar ýaly talabediji birini tanamokdym. Muña meniñ özümem degişlidim. Mesele... adamlaryñ korrupsiýa garşy pikiri ulanylyp-ulanylyp ujy gemrilen galam ýaly kütelşipdi..." "Mart fialkalary" amerikan "hard-boiled"-lerini ýatladýan ekşn epizodlar bilen sahypadan-sahypa okyjyny dartgynly sýužetleriñ girdabyna dolap alýar. Realistik atmosferada eseriñ çözgüdini syýasy ramkanyñ içinde gurnap, aram-aram sarkazma we söýgi gatnaşyklaryna hem orun beren Filip Kerr romany okan her bir okyja emosional lezzet berjek derejede kämil eser ýazypdyr. Romanyñ ýekeje ýalñyşlygy bar: olam ýedinji bölümde agzalýan Klaýall köçesi. Berlinde şeýle köçe hakykatdanam bar, ýöne 1936-njy ýylda onuñ ady başga eken. Kronprinzenal köçesine 1949-njy ýylda Günbatar Berliniñ harby komendanty bolan amerikaly general tarapyndan Klaýall dakylýar. Elbetde, bu kiçijik ýalñyşlyk romanyñ çeperçiligini hiç hili görkden gaçyranok. Ýöne herniçik-de bolsa, şular ýaly ýalñyşlyklary goýbermezlik taryhy roman ýazmagyñ iñ esasy talaplarynyñ biridir. # philipkerr.org | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||