08:11 Floýddan Naele! | |
FLOÝDDAN NAELE!
Publisistika
Twitter diñe ker we tarapsyz ulgamdan ybarat däl, tersine belli bir ideologiýasy bolan syýasy reñke eýe 2020-nji ýylyñ maý aýynyñ soñlarynda ABŞ-daky birnäçe şäheri gurşap alan weýran edijilikli we urha-urly protest hereketleriniñ ýetjek derejesine ýeten wagty sosial mediýa platformalarynyñ jemgyýetçiligi herekete geçirip gözükdirme, hatda protestleri başladyp, muña meçew berme we garşy çykanlaryñ garşysyna göreşme roly hakyndaky çekişmelere şaýat bolundy. Şol wagtlar Twittere Obamanyñ tarapyny tutýan liberal çepçi akyma eýerýän syýasy "aktiwist" bolan öñki başlyk Jek Dorsi başlyklyk edýärdi. Donald Trampam Ak Tamyñ hojaýnydy. Twitter bilen Tramp arasyndaky dartgynlylyk şeýle bir ýagdaýa geldi welin, Twitteriñ adminstrasiýasy Trampyñ twitine negatiw yşarat ýerleşdirdi. Tramp bu twit bilen howpsuzlyk boýunça ygtyýarlylardan garaýagyz amerikan raýaty Jorj Floýdyñ Minnesota ştatynyñ Minneapolis şäherinde polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmeginiñ aryny almak üçin çykarylan haosyñ we ýykgynçylykly protest hereketleriniñ ýaýran şäherlerinde iş geçirmeklerini talap edipdi. Prezident Tramp şol wagt segsen milliondan gowrak adamyñ ulanýan Twitter hasabynda öldürilen Floýdyñ aryny almak bahanasy bilen ýüze çykan urha-urly, weýran edijilikli, ogurlyk we çozujylykly protest hereketleri hakda şeýle setirleri paýlaşypdy: "Bu hülgentler Jorj Floýdyñ ýagty ýadygärligine ysnat getirýär we muny beýtmeklerine ýol bermerin. Minnesotanyñ häkimi Tim Walz bilen ýañy gürleşdim we goşunyñ doly onuñ ýanynda durandygyny aýtdym". Twitter adminstrasiýasy ýurtda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça jogapkär ýolbaşçynyñ ýazan bu sõzlerine "sütemi beýgeltme" hökmünde baha berdi we polisiýanyñ asudalygy goraýan jemgyýetçilik merkezleriniñ weýran edilip, polisiýa işgärleriniñ öldürilmegine meçew berýän millionlarça bildirişi görmezlige saldy! Twitter adminstrasiýasy şol wagt "Garaýagyzlaryñ ömri gymmatly!" kampaniýasynyñ ortasynda logosyndaky gök guşuñ reñkini gara öwürmäge çenli het etdi. Häzir asly alžirli fransuz Naeliñ aryny almak bahanasy bilen bolup geçýän urha-urly, weýran edijilikli, galmagally protest hereketleri bilen birlikde internet saýtlary Prezident Makronyñ we fransuz ygtyýarlylarynyñ haý-haýly protest çykyşlara we haosa meçew berýän zatlaryñ gadagan edilmegi hakdaky talabyny kanagatlandyrýandygyny yglan edýär! Hatda fransuz ygtyýarlylaryñ Fransiýanyñ käbir ýerlerinde internet hyzmatyny gadagan edendigi hakda resminamanyñ nusgasy ýaýrady, emme Fransiýanyñ Içeri işler ministrligi bu habary şobada ýalana çykardy. Şeýle sorag ýüze çykýar: Häzir Makronyñ we fransuz hökümetiniñ internet şertlerindäki sosial aragatnaşyk platformalaryndan meçew bermeleri azaltmak we protestleriñ öñüni almak üçin hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmelerini talap etmegi kanuny we bolaýmaly zat hasaplanyp, mundan üç ýyl öñ Trampyñ şeýle talaby nädip meçew berme we sütemi beýgeltme bolýarka? ABŞ-da Jorj Floýd jenaýatynyñ yzysüre bolup geçen weýran edijililikli protest hereketlerinde Twitter platformast bir topar ýallakçynyñ we meçew berijiniñ öýjügine öwrüldi. Şol wagt Ak Tam şu beýanaty beripdi: "- Twitteriñ maglumat sazlaýjykary bilen başlyk Jek Dorsi şübheli we erbet niýetli iş alyp baryp, Twitteriñ ýöne bir platforma bolman, editordygyny aç-açan subut etdiler". Ýagny, Twitter diñe ker we tarapsyz ulgamdan ybarat däl, tersine belli bir ideologiýasy bolan syýasy reñke eýe Gülkünç ýeri, Twitteriñ Trampyñ hasabyny bloklan şol wagtynda respublikan senator Ted Kruzyñam geñ galyp aýdyşy ýaly, Eýranyñ dini lideriniñ öz platformasynda twit paýlaşmagyna rugsag berilýärdi. Diñe "Nael zamany" bilen "Floýd zamanyny" deñeşdirip görüñ, şonda hekaýanyñ manysy aýdyñlaşyp başlar. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 08.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |