15:52 Faraon -14: romanyň dowamy | |
IKINJI KITAP
Taryhy proza
BIRINJI BAP Bubast şäheriniň golaýynda hudaý aýal Hatoryň uly ybadathanasy bardy. Paini aýynda, ýazky gije-gündiziň deňleşen güni, Ýaldyrak ýyldyzy günbatara eňňit atan çagy, gijara sagat dokuz töweregi uzakdan gelýändiklerii daşyndan görnüp duran ikižres ybadathananyň agzynda aýak çekdiler. Olaryň yzyndan gelýän jahankeşdäniň aýagy ýalaňaçdy, kellesine kül sepilendi, ýüzi büdür-südür kendir matanyň gyýkyndylary bilen ýapylandy. Aýdyň gijedigine garamazdan, beýleki iki ýolagçyny-da aýyl-saýyl eder ýaly däldi. Olar ybadathananyň girelgesini goraýan we özüniň mähirli dideleri bilen Habu welaýatyny gyrgyndan, gurakçylykdan, günorta ýelinden aman saklaýan hudaý aýalyň äpet heýlkeliniň saýasynda durdular. Jahankeşde birsalym dynç alandan soň, gursagyny ýere berip, uzak wagtlap doga okady. Soňra ýokary galdy, eline mis tokmak aldy-da, derwezäni kakdy. Batly sese tutuş howly gümmürdedi; ol ybadathananyň galyň diwarlaryndan daşary ýaýrap gitdi-de, bugdaýly meýdanlaryň, daýhanlarynyň kepbeleriniň üçekleriniň, Niliň kümüşsow suwunyňdepesine göterilip, ukudan oýarylan guşlar oňa ýuwaş ses bilen jogap gaýtardylar. Ahyry derwezäniň aňyrsynda çybşyldy eşidilip, kimdir biri: - Bizi bimaza edýän kim? – diýip sorady. Jahankeşde: - Hudaýyň guly Ramses – diýip jogap gaýtardy. - Sen bäri nämüçin geldiň? - Danalygyň yşygyny yzlap geldim. - Sen muňa haklymyň? - Maňa kiçi žres derejesi berildi, özümem ybadathanada dabaraly ýörişlerde çyra göterýän. Derweze giňden açyldy. Işikde ak eşikli žres durdy. Ol gelene elini uzadyşyna, haýal, ýöne düşnükli gepledi: - Gir. Sen şu işikden ätläniňde, goý, hudaýlar kalbyňa giňlik bersinler hem-de seniň ýuwaşjadan okap, asmana ýollaýan doga-dilegleriň hasyl bolsun! Jahankeşde onuň aýagyna ýykyldy. Žres onuň depesinde haýsydyr bir syrly alamatlary edip, pyşyrdady: - Ozal bolanyň, häzir bolanyň, geljekde boljagyň... ähli zady ýaradanyň... demi göze görünýän we görünmeýän dünýäni doldurýanyň, müdüimilik ýaşaýanyň ady bilen... Derweze ýapyldy. Žres Ramsesiň elinden tutup, garaňkyda ullakansütünleriň arasy bilen özüne niýetlenen ýere alyp gitdi. Ol pelteli ýalpak gap bilen ýagtylandyrylýan hüjredi. Bir gujak bede ýazylan daş düşegiň bir burçunda suwly küýze bolup, onuň gapdalynda arpa çörek ýatyrdy. Ramses: - Häkimligiň myhmansöýerliginden soň, men bärde, hakykatdanam, dynç alsam gerek! – diýip şadyýan seslendi. Žres: - Bakylyk barada oýlan! – diýdi-de, çykyp gitdi. Onuň jogaby şa ogluna ýaramaz täsir etdi. Ol açlygyna garamazdan, he-hä çörege agyz urdy, ne-de suw içdi. Gury otdan düşege geçip, özüniň ýolda ýaralanan aýakalaryna seredip oturyşyna: "Men bäri nämüçin geldim?.. Öz ýokary derejämden nämüçin meýletin ýüz öwürdim?..“ diýip oýlandy. Ýalaňaç diwarlar oňa žresleriň mekdebinde geçiren ýetginjeklik ýyllaryny ýatlatdy. Ol şol ýerde, gör, näçe gezek ýenjilipdi!.. Temmi berlip, gör, näçe gijäni daş düşekde geçiripdi!..Özüniň ähli haýyşlaryna, sowallaryna üýtgewsiz: "Bakylyk barada oýlan!“ diýip jogap gaýtaran ýowuz žreslere bolan öňki ýigrenji häzir gaýtadan oýandy. Birnäçe aýa çeken şatlyk-şagalaňdan soňra şeýle ümsümlige düşmek, mirasdüşeriň howlusyny tümlüge, ýalňyzlyga çalyşmak, meýlislerden, aýallardan, şirin sazlardan ýüz öwrüp, haýykdyryjy daş diwarlara gabalyp oturmak... Pamses: - Men aklymdan azaşypdyryn!.. Men aklymdan azaşypdyryn!..-diýip gaýtalady. Ol edil häzir ybadathanany terk etmäge taýýardy, ýöne özüne derwezäni açmazlyklarynyň mümkindigi baradaky pikir goýberenokdy. Aýaklaryny örten kir, saçyndan dökülip duran kül, jahankeşdäniň sal-sal geýimi – bularyň ählisi oňa birden ýigrenji göründi. Wah, ýanynda gylyjy bolsady! Ýöne egniň-ä şeýle eşikli, onsoňam şu ýerde bolup, heý-de, gylyjy işe girizmäge ýürek edip bilermiň? Birden peýda bolan aýylganç gorky Ramsesi özüne getirdi. Ol danalyga akyl ýetirermekde başlangyç bolup hyzmat etmeli bu gorkyny ybadathanalardaky hudaýlaryň adamlara iberýändiklerini ýadyna saldy. Ol: "Men faraonyň hökümdary hem-de mirasdüşeri ahyry! Bärde kim maňa näme edip biljekmişin?“ diýip oýlandy. Ramses ýerinden galyp, hüjresinden çykdy. Ol çar ýanyny sütünler gurşan uly howluda peýda boldy. Ýyldyzlar nur saçýardylar. Howlynyň birburçundan-aäpet pilonlar, beýleki burçundan-da ybadathananyň açyk derwezeleri görünýärdi. Ol şol ýere ugrady. Gözedürtme garaňkydy. Diňe uzakda bir ýerde göýähowada pelpelleýän ýaly bolup, birnaçe çyra ýanýardy. Eýlesine-beýlesine garanjaklan şa ogly girelge bilen o:tlaryň arasyndan başy tümlüge siňip gidýän ýogyn sütünleriň tutuş tokaýlygyny gördi. Onuň jümmüşinde, ýüzlerçe ädim daşlykda oturan hudaý aýalyň ullakan aýaklary hem-de dyzynda goýlan elleri çyralaryň çala düşýän ýagtysyna salgym ýaly bolup zordan görünýärdi. Ol birden çygşyldy eşitdi. Uzakdan, ybadathananyň gapdalyndaky goşmaça gurlan ýerden jübüt-jübütden çykyp gelýän ak eşikli sypatlar göründi. Olar hudaý aýalyň heýkeline tagzym etmekçi bolýan žresleriň agşamky ýörişidi. Žresler iki hor bolup aýdym aýdýardylar. Birinji hor: "Asmany we zemini ýaradan, olaryň arasyndan janly-jandara mesgen beren mendirin“. Ikinji hor: "Suwy we uly akymy döreden, öküze – ähli bar bolan zatlaryň atasyna ene beren mendirin“. Birinji hor: "Asmany we onuň belentlikleriniň syrlaryny ýaradan, olara hudaýlaryň ruhlaryny siňdiren mendirin“, Ikinji hor: "Gözümi açan mahalym ähli ýere nur ýaýradýan, ýuman mahalym bolsa, ähli ýeri tümlüge gapladýan mendirin“ Birinji hor: "Niliň suwy onuň emri bilen akýandyr“. Ikinji hor: "Emma hudaýlar onuň adyny bilýän däldir“.2 Olaryň ilkibada düşnüksiz sesleri dura-bara batly ýaňlanansoň, her bir söz aýyl-saýyl eşidilýärdi. Emma ýöriş daşlaşansoň, olar sütünleriň arasyna ýaýrap, ýuwaşap, iň soňunda-da bütinleý sem boldular. Ramses: "Ýöne bu adamlar diňe bir iýip-içip, baýlyk toplap ýörenoklar, eýsem, hakykatdanam, hudaýlara hatda gijesine-de gulluk edýärler. Ýöne munuň heýkele nämä geregi barka?“ diýip oýlandy. Şa ogly welaýatlaryň araçäklerinde hudaýlaryň heýkellerini telim gezek görüpdi. Goňşy welaýatlaryň ýaşaýjylary olara hapa tokgalaryny zyňýardylar, keseki goşun ýygynlarynyň esgerleri bolsa ýaýdyr sapan atýardylar. Eger hudaýlar şeýle masgara edilmelere sabyrlylyk bilen döz gelýän bolsa, olara doga-dilegleriň, ýörişleriň täsir edýändigem gümana. "Aslynda-ha hudaýlary kim görüpdir?“ duýip, ol özüne sowal berdi. Ybadathananyň uly göwrümi, san-sajaksyz sütünleri, heýkelleriň öňünde ýanyp duran otlar – bularyň hemmesi Ramsesiň ünsüni çekdi. Onuň syrly tümlükde daş-töwerege seredesi gelensoň, öňe ýöneldi. Birdenem onuň ýeňsesine kimdir biriniň eli ýeňiljek galtaşan ýaly boldy... Ol yzyna seretdi... Hiç kim ýokdy...Ol öňe ýöredi. Bu gezek iki el-ä onuň kellesini tutdy, üçünji uly el-de egninde goýuldy... Şa ogly: - Bärde kim bar? – diýip gygyrdy-da, sütünlere tarap ylgady. Ony ýene hüjredäkidenem beter gorky eýeledi-de, göwnüne ýoluny bilgeşlin böwetleýän ýaly bolup görünýän sütünlere büdreýşine, edil telbe kimin, ylgap başlady. Ony çar ýandan garaňkylyk gurşap alypdy. - Eý, keramatly hudaý, halas edeweri! – diýip pyşyrdady. Şobada hem aýak çekdi: ondan birnäçe ädimlikde ybadathananyň giňden açylan derwezelerinden ýyldyzly asman seredip durdy. Ol töweregine seretdi: äpet sütünleriň tokaýlygynyň arasynda hudaý aýal Hatoryň bürünç dyzlaryny çalaja ýagtylandyryp, çyralar ýanýardy. Şa ogly öz hüjresine howsala, tolgunma gaplan halda dolanyp geldi. Onuň ýüregi çirtmege düşen guş ýaly urunýardy. Ol ençeme ýyldan soň ilkinji gezek ýüzin düşüp, özüne merhemet edilmegini, günäsiniň geçilmegini sorap, ýüregi bilen doga okady. Onuň depesinde: - Seniň dilegiň kabul bolar! – diýen ýakymly ses ýaňlandy. Ramses şobada kellesini galdyrdy. Ýöne hüjrede hiç kim ýokdy. Ol dogany has-da yhlasly okap ugrady. Şeýdibem, ýüzüni daş düşege berip, serlip ýatan haç şekilinde uklap galdy. Ol ertesi gün başga adam bolup oýandy: Ramses hudaýlaryň güýjüne göz ýetiripdi, öz günäsiniň ötüljekgine umyt döräpdi. Şondan başlap, ençeme günüň dowamynda Ramses diniň synagyna yhlas, ynam bilen berildi. Ol saçynyň syrylmagyna ygtyýar etdi, žres lybasyny geýdi, öz hüjresinde uzak wagtlap doga okady, iň kiçi žresler bilen bilelikde gün içinde dört gezek horda aýdym aýtdy. Şady-horramlykdan, keýpi-sapadan püre-pür bolup geçen günler indi oňa ýigrenji bolupgörünýärdi: özüniň başyna giden ýaşlaryň,kese ýerlileriň täsirine düşüp, hudaýyň bardygyna ynanman gezendigi barada gorkuly oýlanýardy; eger oňa şol wagt: "Sen ýa-ha tagty, ýa-da žresiň hormatly adyny saýlamaly“ diýseler, şa ogly iki oduň arasynda galjakdy Ybadathananyň ýokary žresi bir gün şa ogluny ýanyna çagyryp, onuň bäri diňe doga okamak üçin däl-de, eýsem, danalyga akyl ýetirmek üçin hem gelendigini ýatlatdy. Din ýoluna düşendigini öwüp, dünýäniň peýdasyz pişelerden saplanandygyna minnetdarlyk bildirip, žres oňa ybadathananyň içindäki mekdepleriň işi bilen tanyşmagy emir etdi. Bilesigelijilikden däl-de, diňläp görmek islegi bilen, Ramses onuň ýanyndan göni okuw hem-de ýazuw otagy ýerleşýän ýere – daşky howla ugrady. Ol depesindäki deşik arkaly ýagtylanýan uly zaldy. Boýranyň üstünde elleri mum çalnan ýasyja tagtaly onlarça bütinleý ýalaňaç okuwçy otyrdy. Bir diwar tekiz alebasterdendi. Onuň öňünde duran mugallym dürli reňkdäki hekjagazlar bilen alamatlary çyzýardy. Şa ogly otaga girenden, okuwçylar (olaryň tas hemmesi diýen ýaly Ramses bilen ýaşytdaşdy) onuň alnynda ýüzin düşüp ýatdylar. Mugallymbolsa başegip,ýaşlara ylmyň beýik ähmiýeti baradaky nesihaty okap bermek üçin, sapagyň arasyny kesdi. - Dostlarym, "ýüreginde ylma höwes bolmadyk adam el işi bilen gümra bolmalydyr we gözüne zor salmalydyr. Emma kim ylmyň artykmaçlygyny duýup, oňa tutuş durky bilen berilse, islendik güýje, köşkdäki islendik wezipä eýe bolup bilýändir. Şuny ýatda saklaň! Sowatsyz adamlaryň gözgyny durmuşyna ser salyň. Demirçi ussanyň gurum siňen bedeni gap-garadyr, elleri gabarçakdyr, özi-de gije-gündiz işläp ýörendir. Daş döwüji garnyny doýurmak üçin barmaklaryna gan öýdürýändir. Sütüniň lotos şekilli başynytimarlajak bolýan suwagçy kämahalýeliň demine düşüp, jaýyň gerşinden güwläp aşak gaýdýandyr. Dokmaçynyň dyzlarynyň ýazyljak gümany ýokdur. Ýarag ussasy öýüne myhmandyr: zordan agşam özüni atandyr weli, eýýäm daňyň düýbi çyzylandan gitmäge howlugýandyr. Jaýlaryň diwarlaryna nagyş çekýän reňkleýjiniň bolsa barmaklary reňk ýokundylydyr, özi-de kezzaplar bilen oturyşyp-turuşýandyr. Habar äkidip-getirýän ýüwrük adam maşgalasy bilenhoşlaşýan mahaly hökman wesýetnama ýazmalydyr, sebäbi onuň ýyrtyjy haýwanlara ýa-da wagşy aziýalylara sataşmagy ähtimaldyr. Men siziň ähli zadyň özeni bolan hat sungatyny söýmegiňiz üçin, dürli kärdäki adamlaryň ykballaryny beýan etdim. Indi bolsa men size onuň zyýatlygyny görkezeýin. Hat diýleni beýleki hemme pişeden zerurdyr. Hat sungatyny ele alan adam çagalykdan hormata mynadyp bolýandyr, oňa uly işler tabşyrylýandyr. Sowatsyz adam bolsa gedaýlykda ýaşaýandyr. Mekdepde ylym almak edil daga çykan ýaly kyndyr, ýöne ol siziň tutuş ömrüňize ýetýändir. Mümkin boldugyça ylmyçalt elealmaga, ony söýmäge gyssanyň.Mürzäniň derejesi – beýik dereje: onuň syýadany hem-de kitaby oňa şatlyk, baýlyk eçilýändir“.3 Müsürli okuwçylara üç müň ýylyň dowamynda nesilme-nesil eşitdirilip gelinýän, ylmyň şanyna aýdylan şeýle öwgüli sözlerden soň, mugallymhekjagaz alyp, alebaster tagtada elipbiý ýazyp ugrady. Her bir harp birnäçe ieroglifiýa ýa-da demotiki4alamatlar bilenşekillendirilýärdi.Guşuň gözi ýa-da ýelek galam –A, goýun ýa-da güldan – B, duran adam ýa-da uly gaýyk – K, ýylan –R, oturan adam ýa-da ýyldyzlar – S harplary bilen alamatlandyrylýardy. Olaryň köplügi okamagy, ýazmagy juda kynlaşdyrýardy. Gymyldaman, gürrüň diňläp oturmakdan ýadan Ramses diňe mugallym kimdir birini harpy ýazmagy ýa-da okamagy mejbur edip, ýalňyşandygy üçin ony taýak bilen uranda janlanýardy. Mirasdüşer mugallymdyr okuwçylar bilen hoşlaşyp, mürzeleriň okaýan mekdebinden ýer ölçeýjileriň mekdebine geçdi. Ol ýerde ýaş oglanlara köplenç gönüburçluk şekilinde bolan meýdanlaryň ugruny almagy, iki çelginiň we üçburçlugyň kömegi arkaly ýer üstüniň beýik nokadyny kesgitlemegi öwredýärdiler. Şeýle-de, ol ýerde iýeroglif ýa-da demotikibellikler bilen hatýazmakdan asla aňsat bolmadyk sungaty – sanlary ýazmagy öwredýärdiler.Ýönekeý hasap amallary ýokary synpyň okuw maksatnamasyny düzüp, olar şarjagazlaryň kömegi arkaly geçirilýärdi. Bu basym Ramsesi irizdi. Tebipleriň mekdebine gatnamagy ýüregine düwýänçä, oňa birnäçe gün gerek boldy. Bu mekdep şol bir wagtyň özünde hassahana bolup, onuň uly saýaly baglygynda ýakymly ysly otlar bark urýardy. Näsag adamlar ol ýerde uzynly güni açyk howada, Günüň astynda - düşegiň deregine berk dartylan polotnoly sekilerde ýatyp geçirýärdiler. Ramses ol ýere tebipçiligiň ýagşy gyzyşan mahaly bardy. Hassalaryň birnäçesi akar suwly howuzda suwa düşýärdiler; biriniň bedenine hoşboý ysly ýag çalsalar, beýlekisiniň golaýynda haýsydyr bir ot tüsseledýärdiler; olaryň käbirini göni gözlerine seretmek, elleri hereketlendirmek arkaly ukladýardylar; çykan aýagy ýerine salynýan kimdir biri iňňildeýärdi. Žres agyr hassa aýala içi suwuk dermanly kürüşge eltip: „Gir, derman, gir; meniň ýüregimden, meniň agzalarymdan keselikow,eý, gudratly derman“diýdi.5 Beýik tebip ýanyna ýoldaş bolan şa ogly bilen dermanhana ugrady. Ol ýerde žresleriň biri otlardan, baldan, zeýtun ýagyndan, ýylandyr hažžygyň hamyndan, haýwanlaryň süňkdür ýagyndan däri-derman ýasaýardy. Ramses peýda bolan mahaly žres öz işinden ünsüni sowmady. Ol haýsydyr bir jisimleri ölçäp, maýdalap oturyşyna doga okaýardy: - "Isida şypa tapdy, Isida şypa tapdy, Gora şypa tapdy... Eý, Isida, beýik jadygöý, meni bejer, ähli ýaramaz, agyr kesellerden, hudaýyň ysytmasyndan, hudaý aýalyň ysytmasyndan halas eýle... Eý, Şanagat, Eýenegatyň ogly! Erukate! Krauaruşagata! Paparukapaparaka paparua!..“6 Mirasdüşer: - Ol näme diýýär? – diýip sorady. Tebip barmagyny dodagyna ýetirip: - Syr –diýip jogap gaýtardy. Ikisi boş howla çykanlarynda, Ramses beýik tebibe ýüzlendi: - Keramatly ata, maňa aýt: tebipçilik sungaty diýilýäni näme, adamlar bejerilende nämeden ugur alynýar? Men keseliň arwah-jyn bolup, açlygyň ony adama aralaşyp, tä zerur iýmiti alýança ezýet bermäge mejbur edýändigini eşidipdim. Hamala, şol arwah-jynyň ýa-da keseliň biri - bal, beýlekisi – zeýtun ýagy, üçünjisi – haýwanlaryň tezegi bilen iýmitlenmelimişin. Şeýle bolansoň, tebip bar zatdan ozal hassa haýsy arwah-jynyň ornaşandygyny bilip, soňra onuň adama ezýet bermezi ýaly, haýsy iýmiti bermelidigini bilmelimişin. Žres birsalym pikire batdy. Soňra: - Keseliň nämedigi, onuň adamyň bedenine nähili hüjüm edýändigi barada meniň aýdyp biljek zadym ýok, Ramses. Seniň indi tämizlenendigiň sebäpli, men saňa diňe däri-dermany ulanýan mahalymyz nämeden uguralýandygynyzy düşündirip biljek. Adamyň bagry agyrýar diýip göz öňüne getir. Biz, žreslerbagryň Peneter-Dewa7 ýyldyzynyň täsiri astyndadygyny, bejerişi şol ýyldyzabaglylykda geçirmelidigini bilýäris. Emma bu ugurda iki mekdephereket edýär:olaryň biri bagry agyrýan adama Peneter-Dewanyň hökümi ýöreýän ähli zady, ýagny bal, dury göklýapis8, güllerden, esasanam, werbenadan9, lazuritden10 gaýnadylyp alynýan däri-dermanlary, ahyrynda-da, gumrynyň hem-de geçiniňbedeniniň dürli böleklerini bermelidigini tassyklaýar; beýlekisi bolsa agyrýan bagry edil ýaňky agzan däri-dermanlaryma garşy serişdeler bilen bejermelidiýip çaklaýar.Sobegiň11Peneter-Dewä ters gelýändigi sebäpli, simap, zümerret, agat, pyntyk agajy, androlida12şeýle hem, gurbaganyň, baýguşuň bedenleriniň ürgünlenen bölekleri derman bolup biler.Ýöne bu entek hemmesi däl. Her bir günüň, sagadyň ýyldyzlaryň täsiri astynda bolmak bilen, dermanyň hereketini güýçlendirýändigi ýa-da gowşadýandygy sebäpli, her bir günüň, aýyň, wagtyň hem ähmiýeti bolýar. Şonuň üçin hem, haýsy ýyldyzyň, haýsy zodiak nyşanynyň hassa amatly täsir edýändigini ýatda saklamak gerek. Tebip diňeşu zatlatyň hemmesini üns merkezinde saklan mahalynda haýsy däri-dermany bermelidigini ýalňyşman belläp biler – diýip jogap gaýtardy. - Siz onsoň ybadathana delalat isläp gelýän hassalaryň ählisini aýaga galdyryp bilýäňizmi? Žres başyny ýaýkady. - Ýok. Bularyň ählisinibek bellemeli bolýan ynsan akly aňsat ýalňyşyp biler. Iň ýaman ýeri-de: görip ruhlaryň, öz zehinlerini gabanýan beýleki ybadathanalaryň uçursyz sehinli adamlarynyň tebibe päsgel berýän wagtlary az bolmaýar; ine, onsoň däri-dermanyň täsiri bozulýar. Şol sebäpli ahyrkynetije dürli hili bolup biler: bir hassa doly sagalýar, beýlekisi az-kem özüne gelýär, üçünjisi bolsaöňki ýagdaýynda galýar. Hassanyň derdiniň has beterleýän ýa-da onuň ölýän wagtlary-da bolýar...Hemme zat hudaýyň emri-eradasy bilen!.. Ramses ony üns berip diňledi, ýöne köp zada düşünmeýändigini öz ýanyndan boýun aldy. Ol ybadathana ne sebäpden gelendigini ýadyna salyp, beýik tebipden: - Siz, keramatly atalar, maňa faraonyň gaznasynyň syryny aýan etmekçidiňiz. Eýsem, meniň gören zadymyň oňa dahyly barmy? – diýip sorady. Tebip: - Hiç hili. Biziň döwlet işlerinden düşünjämizýok. Bäri beýik dana Pentuer gelmeli. Ine, şol seniň gözüň öňündäki perdäni aýrar – diýip jogap gaýtardy. Ramses tebip bilen hoşlaşdy. Ol indi özüne görkeziljek zada has-dasabyrsyzlyk bilen garaşýardy. IKINJI BAP Hator ybadathanasy Pentueri uly hormat bilen garşylady. Aşaky žresler tanymal myhman bilen salamlaşmak üçin, ýarym sagatlyk ýola çykyp durdular. Dana sözleri eşitmek üçin, Aşaky Müsüriň ähli mukaddes ýerlerinden köp ýokary žresler, hudaýlaryň ogullary bolan keramatly pygamberler geldiler. Aradan birnäçe gün geçenden soň beýik žres Mefres bilen pygamber Mentesufis hem peýda boldy. Pentueri diňe bir harby hökümet agzasynyň maslahatçysy, heniz juda ýaşdygyna garamazdan, žresleriň ýokary mejlisiniň agzasy bolandygy sebäpli däl, eýsem, tutuş Müsürde at-abraýa eýedigi üçin hormatlaýardylar. Hudaýlar oňa çakdanaşa ýatkeşlik, dilewarlyk, iň esasy hem, geň galdyrýan üşüklik peşgeş beripdiler. Ol her bir işiň, närsäniň beýleki adamlara gizlin bolan taraplaryny görýärdi, olary hemme kişä düşnükli beýan etmegi başarýardy. Pentueriň Hator ybadathanasynda dini baýramçylyga ýolbaşçylyk etjekdigini eşidip, ne-hä häkimleriň, ne-de faraonyň ýokary derejeli adamlarynyň arasynda joşgunly sözleri diňlenjek kişä – iň kiçigöwünli žrese göriplik eden bolmady. Pentueri garşylamak üçin ýola çykan ruhanylar ýokary din wekiliniň bäri köşgüň iki tigirli arabasynda ýa-da sekiz sany gul göteren kejebede geljekdigine ynanýardylar. Bir özi eşekli gelen, duranlar bilen juda sypaýy salamlaşan, başy ýalaňaç, egni köne-küşül eşikli, hor terkidünýäni görüp, olar agyzlaryny açyp galdylar. Myhmany ybadathana alyp geldiler. Ol hudaýlara sadaka berdi-de, derrew dabaranyň geçmeli ýerini görmäge gitdi. Şondan soň oňa sataşan bolmady. Ýöne buthananyň özünde-de, oňa ýanaşyk howlularda-da adaty bolmadyk gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Her hili gymmatbaha gap-gaç, bugdaý, egin-eşik çekdiler, ýüzlerçe daýhanlardyr işgärleri sürüp getirdiler. Pentuer olar bilen dabara niýetlenen howluda baglanyp, taýýarlyk işleri bilen gümra boldy. Aradan sekiz gün geçenden soňra, ol Hator ybadathanasynyň ýokary žresine ähli zadyň taýýardygyny habar berdi. Şa ogly Ramses şonça günläp hüjresinde täk özi doga okap, posty berjaý edipdi. Ahyry günortan sagat üç töweregi onuň ýanyna jübüt-ljübütden ýöräp, ona golaý žres gelip, dabara çagyrdylar. Ybadathananyň bosagasynda şa ogluny uly žresler garşy alyp, onuň bilen bilelikde hudaý aýal Hatoryň äpet heýkeliniň öňünde ýallakladylar. Soňra gapdaldaky dar, pessejik, aňry çetinde ot ýanýan dälize sowuldylar. Onuň gazanda gaýnaýan şepbigiň ysy siňen agyr howasy bardy. Gazanyň golaýynda aşakdaky deşikden iniňi tikenekledýän çirkin ses, gargyş eşidilýärdi. Ramses: - Bu näme boldugy? – diýip, ýanyna ýoldaş bolan žresleriň birindensorady. Ýüzlenilen žres jogap gaýtarmady. Ýöne duranlaryň hemmesiniň ýüzünde howsala, gorky bardy. Şol wagt beýik žres Mefres gazandan gyzgyn şepbigi ullakan çemçe bilen susup aldy-da: - Mukaddes syry aýan eýläniň her biri, goý, şeýdip ölsün! – diýip, ony ýeriň deşigine guýdy. Aşakdan çirkin ses eşidildi. Kimdir biri: - Heý, siziň ýüregiňizde ýekeje damja-da rehim-şepagat bolmazmy? – diýip, towakga edýän äheňde sorady. Mentesufis hem gyzgyn şepbigi deşige guýup durşuna: - Goý, seniň bedeniň gurçuklara şam bolsun! – diýdi. Ýeriň astyndan: - Itler! Şagallar! – diýen ses ýaňlandy. Indiki žres-de dessury gaýtalaýşyna: - Goý, seniň ýüregiň ot alsyn, goý, seniň jesediň çöle taşlansyn! – diýip gargyş etdi. - Eý, hudaýlar! Beýle jebriň, heý, soňy gelmezmi? – diýen ýalbaryjy ses çykdy. Nobaty ýeten žres hem: - Goý, seniň jenaýat hem-de masgaraçylyk bilen näletlenen ruhuň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde azaşsyn ýörsün! – diýip, bir çemçe şepbik guýdy. - Wah, sizi ýer ýuwutsady! Rehim ediň! Demi dürsäre beri maý beriň-ä!.. Nobat Ramsese ýetende, ýeriň astyndan ses çykmasy galypdy. Ybadathananyň ýokary žresi şa ogluna ýüzlenip: - Hudaýlar dönükleri şeýle jezalandyrýarlar! – diýdi. Ramses aýak çekip, onuň ýüzüne gaharly seretdi. Ol häzir töwerege ajy sözleri pürkäge-de, jellatlaryň üýşmeleňini terk etjege meňzeýärdi. Ýöne hudaýlardan gorkansoň, sesini çykarman, beýlekileriň yzy bilen ýöräp barýardy. Tagtyň buýsançly mirasdüşeri hatda alnynda faraonlar-da baş egýän güýjüň bardygynya indi akyl ýetiripdi. Lapykeçlik gurşap alan şa oglunyň bu ýerden ökje göteresi, tagtdan ýüz öwresi gelýärdi... Emma ol dymýardy, aýdym arkaly doga okaýan žresleriň arasynda ýöremesini dowam etdirýärdi. Ol: „Hudaýyň hyzmatkärlerine ýaramaýan adamlaryň nirä ýitirim bolýandyklaryny men indi bilýän“ diýip oýlandy. Ýöne bu pikir gorkyny gowşadyp bilmedi. Insiz, tüsse gaplan dälizden çykan ýöriş ýene açyk asmanyň astynda, belentlikde peýda boldy. Aşakda üç tarapy diwarlaryň deregine bir gatly gurluşlar bilen gurşalan ullakan howly bardy. Žresleriň aýak çekenýerinden amfiteatr görnüşli bäş sany inli meýdança aşak inip, olar boýunça howlynyň töwereginde gezmeläp, etek – howla düşüp boljakdy. Howlynyň özünde hiç kim ýokdy, emma gurluşlardan haýsydyr bir adamlar seredişýärdiler. Ýokary žres Mefres bu ýygnanyşykda derejesi iň ýokary adam hökmünde mirasdüşeri Pentuer bilen tanyşdyrdy. Dälizde bolup geçen aýylganç ahwalatdan soň, terkidünýäniň ýüzi mirasdüşeri mylaýymlygy bilen haýran galdyrdy. Ol Pentuere ýüzlenip: - Takwa ata, men sizi ozal nirededir bir ýerde gören ýaly – diýdi. - Geçen ýyl Pi-Bailosyň eteginde geçirilen harby hereket mahalynda, men hormata mynasyp Herihoryň ýanynda bolupdym – diýip, žres jogap gaýtardy. Pentueriň arassa, parahat sesi Ramsesi geň galdyrdy. Ol bu sesi ozal adaty bolmadyk ýagdaýlarda eşiden ýalydy... Ýöne nirede, haçan? Žres oňa ýakymly täsir etdi. Ýöne depesinden gyzgyn şepbik guýlan adamyň çirkin sesini unudyp bolsady!.. - Başlabermeli! – diýip, ýokary žres Mefres mälim etdi. Pentuer amfiteatryň öňündäki meýdança çykyp, elini çarpdy. Bir gatly kiçi köşkden tansçy zenanlar, şeýle-de, saz gurallaryny we hudaý aýal Hatoryň uly bolmadyk heýkelini göterip, žresler zogdurylyp çykdy. Öňden – sazandalar, olaryň yzyndan – keramatly tansy ýerine ýetirip, tansçy zenanlar, iň soňundanam - tüsse gurşan heýkeli göteren žresler barýardylar. Ýöriş her birnäçe ädimden saklanyp, hudaýlaryň işlerini oňuna etmegini, arwah-jynlaryň bolsa dini dabara geçirilmeli ýerden gitmegini diläp, tutuş howlynyň daşyndan aýlandy. Ýöriş kiçi köşge dolanyp gelende, Pentuer öňe çykdy. Ony ýigrimi ýa-da otuz adamdan ybarat bolan ýokary žresler galladylar. Pentuer gürrüňe başlady: - Onuň hormatlysy faraonyň ygtyýar etmegi hem-de ýokary žres ýolbaşçylygynyň razyçylygy bilen, biz diňe hudaýlara, ýurduň hökümdarlaryna, ybadathanalara mälim bolan Müsür döwletiniň durmuşyna dahylly käbir zatlar barada tagtyň mirasdüşerine düşünje bermeli. Hormatly atalar, şa ogluna bu zatlary maňa garanda siziňislendigiňiziň gowy düşündirjekdigiňizi bilýän. Sebäbi siz pähim-paýhasyň öýjügi, siziň agzyňyz bilen hudaý Mut gürleýär; ýöne bu borjuň düşünjesi telli-pelli okuwçy bolan meniň gerdenime düşendigi sebäpli, ony siziň beýik ýolbaşçylygyňyz hem-de gözegçiligiňiz astynda ýerine ýetirmäge maňa ejaza beriň. Özleri barada şeýle sylag-hormatly sözler aýdylan žresleriň hatarynda minnetdarlykly pyşyrdy ýaýrady. Pentuer mirasdüşere ýüzlendi: - Hudaýyň hyzmatkäri, Ramses, sen, ynha, birnäçe aý bäri çölde azaşyp, ýol gözleýän ýolagçy kimin, hormatly faraonyň girdejisiniň ne sebäpden azalandygy hem-de azalmagyny dowam etdirýändigi bilen gyzyklanýarsyň. Sen bu baradahäkimlerden sorapsyň, ýöne örän pähimli adamdyklarynagaramazdan, olaryň beren jogaplary seni kanagatlandyrmandyr. Sen beýik mürzelere ýüz tutupsyň. Olar seniň sowallaryňdan edil tora düşen guş ýaly bolupdyrlar hem-de ondan sypyp bilmändirler. Sebäbi, goý, ol hatda mürzeleriň mekdebinde ylym alan bolaýsyn, adamyň akyly aňyrsyna göz ýetmeýän zada düşünerden asgyndyr. Ahyrsoňy sen netijesiz düşündirişlerden halys ýadap, welaýatlara, olaryň adamlaryna, ellerinden çykan önümlere syn edip ugrapsyň. Emma hiç zat görmänsiň, sebäbi käbir zatlar bolup, adamlar olar barada edil daş ýaly dymýandyr. Emma hudaýlaryň nury siňse, hatda daşlaram saňa olar barada gürrüň bererler. Şeýlelikde, ýerdäki akyllaryň, güýçleriň hemmesi özüňi aldansoň, sen hudaýlara ýüz tutduň. Sen aýagyň ýalaňaç, başyňa kül sepilen halda toba edýän ýaly bolup, şu beýik ybadathana geldiň. Doga-dilegler, özüňi mahrum etmeler arkaly synaňy tämizläp, ruhuňy berkitdiň. Hudaýlar, aýratynam, kuwwaty çäksiz Hator seniň mynajatlaryňy eşitdiler hem-de olar meniň nämynasyp agzym bilen saňa jogap bereler. Sen ony ýüregiň çuňunda saklamalysyň... Ramses Pentueri diňläp durşuna: "Meniň mürzelerden, häkimlerden näme sorandygymy bu nireden biýärkä? Hä... oňa Mefres bilen Mentesufis aýdandyr...Olar ähli zatdan habarly ahyry“ diýip oýlandy. - Diňle – diýip, Pentuer sözüni dowam etdirdi. – Şu ýere ýygnanan ybadathananyň ýokary derejeli adamlarynyň ygtyýar etmegi bilen, men Müsüriň mundan dört ýüz ýyl ozal – has şöhratly, has dindar on dokuzynjy Fiwy neberesiniň şalyk süren döwründe nähili bolandygyny, häzir nähilidigini aýan eýläýin. Şol nebräniň ilkinji faraony Ra-Men-Pehuti-Ramses ýurda hökmürowanlyk edip ugran mahaly, bugdaýdan, maldan, buzadan, deriden, gymmatbaha hem-de ýönekeý demirlerden, her hili önümlerden döwlet gaznasynyň girdejisi bir ýüz otuz müň talantdan ybarat bolupdyr. Eger şol harytlaryň hemmesini altyna öwrüp biljek halk bar bolanlygynda,faraon her ýyldabir ýüz otuz üç müňmina13alardy. Bir esgeriň öz egninde alty minalyk ýüki göterip bilýändigi sebäpli, şol altyny götermek üçin bäş müň esger gerek bolardy. Žresler öz aralarynda haýran galmak bilen pyşyrdaşdylar. Ramses bolsa hatda ýeriň astynda süteme sezewar edilen adamy-da unutdy. - Häzir bolsa patyşanyň biziň topragymyzdaky ähli önümlerden ýyllyk girdejisi bary-ýogy togsan sekiz müň talanta deň, olardan alynýan altyny dört müň esger göterip biljek. Ramses Pentueriň gürrüňini böldi: - Döwletiň girdejisiniň azalýandygyny men bilýän. Ýöne nämüçin şeýle bolýandygyny bilemok. - Sabryňy eliňa alma, hudaýyň hyzmatkäri – diýip, Pentuer jogap gaýtardy. – Diňe patyşanyň girdejisi azalmady. On dokuzynjy neberede Müsürde ýaragly adamlaryň sany bir ýüz segsen müňe ýetdi. Eger hudaýlar şol wagtky her bir esgeri bir däne üzümiň ululygyndaky daşjagaza öwrenliginde... Ramses: - Bu mümkin däl – diýip pyşyrdady. - Hudaýlar ähli zady oňarýandyr – diýip, ýokary žres Mefres berk aýtdy. - Ýa-da, tersine, eger-de her bir esger ýere birje daş goýanlygynda, ol ýüz segsen müň daş bolardy. Hormatly atalar, serediň: şol daşlar, ine, şunça meýdany tutardy... - Pentuer ýerde ýatan gyzylymtyl reňkli gönüburçlugy görkezdi. – Ramses Birinjiniň zamanasynyň esgerleriniň ählisiniň zyňan daşjagazlary şu şekile sygardy. Onuň yzynlygy dokuz ädim, ini-de bäş ädim töweregi. Gyzylymtyl reňkli şekil – müsürlileriň teniniň reňki, sebäbi şol döwürde biziň goşun ýygynlarymyz diňe müsürlilerden ybarat bolupdyr... Žresler ýene öz aralarynda pyşyrdaşdylar. Mirasdüşer ýüzüni egşitdi: bu sözler kese ýerli esgerleri hormatlaýandygy üçin özüne kakdyrylyp aýdylýan ýaly boldy. Pentuer gürrüňini dowam etdirdi: - Häzir bolsa näçe azap etseň-de, esgerleriň sany ýüz ýigrimi müňden aňry geçmez. Eger olaryň hersi ýere bir daşjagaz oklasa, ine, şeýle şekil emele gelerdi...serediň, hormata mynasyplar. Birinjiniň ýanynda edil şeýle inlilikdäki, ýöne uzynlygy ep-esli gysga ikinji gönüburçluk ýatyrdy. Ol dürli reňkdäki birnäçe zolakdan ybaratdy. - Şu şekiliň ini bäş ädime golaý, uzynlygy bolsa bary-ýogy alty ädim. Şeýlelikde, döwlet juda köp esgeri – bizde ozal bar bolanlaryň üçden birini ýitiripdir. - Döwlete esgerlere garanda, sen ýaly pygamberleriň pähim-paýhasy zerur – diýip, Mefres gürrüňe goşuldy. Pentuer gepläniň tarapyna baş atdy-da, pikirini dowam etdirdi: - Faraonyň häzirki goşunyny görkezýän bu şekillere, siz, hormata mynasyplar, oturymly müsürlileri aňladýan gyzyl reňk bilen birlikde, ýene üç sany beýleki gara, sary hem-de ak zolaklary görýärsiňiz. Olar hakyna tutma goşunlary: efioplary, aziýalylary, liwiýalylary, grekleri aňladýarlar. Bularyň sany otuz müňe golaý, ýöne Müsüre elli müňe golaý müsürli näçä düşýän bolsa, olara-da şonça çykdajy zerur. Mefres durup bilmedi: - Gelmişekleriň ýygynlaryndan basymrak dynmak gerek. Olar bize gymmat düşýärler, hiç zada ukypsyz, halkymyza hudaýa ynanmazlygy, tabyn bolmazlygy öwredýärler. Eýýäm häzir müsürlileriň köpüsi žresleriň alnynda ýüzin düşüp ýatanoklar...Munuň üstesine, olaryň käbiri ybadathanalary talap ugradylar. – Mefres has göçgünli gepledi: - Şonuň üçin hem, hakyna tutulýanlar owarrasyny tapsynlar! Olar ýurda diňe zyýan ýetirýärler,goňşularymyz bolsa bizeduşmançylykly niýetlidir öýdüp müňkürlik edýärler... - Ýok bolsun hakyna tutulanlar! Bulagaýçy butparazlary kowmaly! – diýşip, žresler ony goldadylar. Mefres mirasdüşere ýüzlenip: - Ýyllar geçip, Ramses, sen tagta çykarsyň, Ine, şonda döwlete hem-de hudaýlara dahylly şu mukaddes borjy bitirersiň – diýdi. - Şony bitir!..Öz halkyňy dinsizlerden halas et! – diýşip. Žresler towakga etdiler. Ramses baş atdy, ýöne geplemedi. Gany depesine uransoň, onuň göwnüne ýer aýagynyň astyndan süýşüp gidip barýan ýalydy. Eýsem, onuň goşunynyň iň gowy bölümini dargatmalymy? Ol özgoşunynyň sanyny iki esse, garadan gaýtmaz hakyna tutma ýygynlarynyň sanyny-da dört esse artdyrmagyň arzuwynda gezip ýör ahyry!.. Ramses: „Bularyň maňa rehim-şepagaty ýok“ diýip oýlandy. Mefres: - Asmanyň ýollany, gürle ahyry! – diýip Pantuere ýüzlendi. Pentuer: - Keramatly kişiler, men size Müsüriň ezýet çekýän iki betbagtçylygyny aýdaýyn: faraonyň girdejisi gowzady hem-de onuň goşunynyň sany azaldy – diýdi. - Goşun nämemişin!..-diýip, ýokary žres ellerini äsgermezlik bilen salgaýşyna hüňürdedi. - Indi bolsa hudaýlaryň merhemeti hem-de siziň rugsat bermegiňiz bilen, munuň ne sebäpden şeýle bolandygyny, ne sebäpden geljekde-de dowam etjekdigini size görkezeýin. Mirasdüşer başyny göterip, gepleýäne seretdi. Ol ýeriň astynda gynalan adamy bireýýäm unudypdy. Pentuer amfiteatryň uzaboýuna birnäçe ädim ätdi. Ýokary dindar adamlaram onuň yzyna düşdüler. - Siz giň üçburçluk bolup gutarýan ýeriň şu uzyn, insiz zolagyny görýäňizmi? Zolagyň iki gapdalyny hem hek, gumdaş, granit tutup, olaryň yzyndan bolsa çägelik uzap gidýär. Ortadan akym geçip, üçburçluk birnäçe gola bölünýär. Žresler: - Ol Nil ahyry! Ol Müsür ahyry! – diýip gygyryşdylar Memfis sesine bat berip gepledi: - Serediň, ine, men elimi çykarýan: tirsekden aýa barýan iki gök damary görýäňizmi? Eýsem, bu Alebastr daglarynyň14 garşysyna başlanyp, tä Faýuma çenli uzap gidýän Nil bilen onuň nowhanalary dälmi näme? Indi meniň penjämiň arka ýüzüne serediň: munda keramatly derýa Memfisiň aňyrsynda näçe gola bölünýän bolsa, şonça-da damar bardyr. Meniň barmaklaryma serediň! Eýsem, olar Niliň deňze guýýan gollarynyň sanyny ýatlatmaýarmy? Žresler öz ellerine seredip duruşlaryna: - Beýik hakykat! – diýip gygyryşdylar. Ýokary žres sözüni joşgunly dowam etdirdi: - Men size Müsüriň Osirisiň eliniň yzydygyny aýdaýyn. Bu topraga beýik hudaý öz elini goýupdyr: onuň ajaýyp tirsegi Fiwä direnipdir, barmaklary deňze galtaşypdyr, Nil bolsa – onuň damarlary. Biziň öz ýurdumyzy „ pata berlen“ diýip atlandyrmagymyzy geň görer ýalymydyr onsoň? - Gürrüňsiz, Müsür – Osirisiň eliniň mese-mälim yzy – diýip žresler gygyryşdylar. - Osirisiň, näme, eliniň ýedi barmagy bolupdyrmy? Nil deňze ýedi gol bilen guýýar ahyry! – diýip, mirasdüşer gürrüňe goşuldy. Dymyşlyk aralaşdy. Ony Ramsese mylaýym ýaňsy bilen ýüzlenen Mefres bozdy: - Ýagşy ýigit, sen, dogrudanam, eger özi islese, Osirisiň ýedi barmakly bolup biljekdigine ynanmazçylyk edýärmiň? - Elbetde, bolup bilerdi – diýip, žresler onuň häsini ýetirdiler. - Gürrüňi dowam et, şöhratly Pantuer – diýip, Mentesufis gapdaldan goşuldy. Pentuer: - Siz dogry aýdýarsyňyz, keramatly kişiler, bu akym özüniň gollary bilenNiliň keşbini aňladýar. Daşdyr çäge bilen gurşalan otuň insiz zolagy – Ýokarky Müsür, suwuň zolajyklary bilen kesişýän üçburçluk bolsa – döwletiň hem-ä çägi giň, hem-de iň baý bölegi bolan Aşaky Müsüre meňzeşdir. On dokuzynjy neberäniň patyşalyk sürüp ugran döwri tutuş Müsüriň Niliň bosagasyndan deňze cenli bäş ýüz müň mera ýeri bar eken. Her merada-da erkeklerden, aýallardan, çagalardan on alta çenli adam ýaşapdyr. Ýöne soňkydört ýüz ýylyň dowamyndatas her bir nesil bilen bilelikde diýen ýaly, Müsürde hasylly topragyň bir bölegi azalyp ugrapdyr -diýdi. Ol yşarat edenden, gurluşlardan onlarça žres ylgaşyp çykyp, otuň käbir ýerlerine çäge sepip başladylar. Pentuer gürrüňini galan ýerinden dowam etdirdi: - Hawa, her bir nesil bilen bilelikde hasylly toprak azalypdyr hem-de onuň insiz zolagy has beter daralypdyr. – Ol sesini gataltdy. – Häzir biziň ýurdumyz bäş ýüz müň meranyň deregine diňe dört ýüz müň merany peýdalanýar... Başgaça aýdylanda, iki neberäniň patyşalyk süren zamanynda Müsür iki million töweregi adamy eklän toprakdan mahrum bolýar! Gürrüň duranlary haýran galdyransoň, howsala döredensoň, ýene nägilelikli sözler ýaňlandy. - Hudaýyň hyzmatkäri Ramses, haçandyr bir wagtda bugdaý, arpa ýetişdirilen ýa-da süri-süri mallar bakylan şol meýdanlaryň nirä ýitirim bolandygy saňa mälimmi? Sen, elbetde, olary çölüň çägesiniň basandygyny bilýänsiň. Ýöne onuň nädip şeýle bolandygyny saňa düşündirdilermi? Sebäbi öňki döwürlerde bedräniň, azalyň kömegi arkaly daň agarandan Gün batynça çäge bilen söweşen daýhanlar ýetmändir. Eýsem, şol hudaýyň işgärleriniň nesebäpden ýetmändigini senbilýärmiň? Olar nirä ýitirim bolupdyrlar? Olary ýurtdan çykaryp kowan zat näme? Oňa Müsüriň çäginden daşardaky uruşlar sebäp bolupdyr. Biziň goşunlarymyz duşmanlarymyzy ýeňipdirler, biziň faraonlarymyz öz şöhratly atlaryny hatda Ýewfratyň kenarlarynda-da ebedileşdiripdirler; biziň daýhanlarymyz bolsa ýük çekýän mal ýaly bolup, olaryň yzyna düşüp, iýmit,suw hem-de beýleki agyrýükleri göterip gidipdirler. Olaryň müňlerçesi muňa tap getirip bilmän, ýolda gyrlypdyr. Ine, onsoň gündogar çöllükde dagaşyp ýatan süňkleriň aryny alyp, günbataryň çägeleri biziň topragymyzy demine dartypdyr. Häzir çäge mazarlygynyň astyndan Müsüriň gara topragyny gaýtadan çykarmak üçin, ençeme nesil ýadamany-ýaltanmany bilmän, depesinden gum sowurmaly. Mefres: - Diňläweriň-how! Diňläweriň! Bu adamyň agzy bilen haýsydyr bir hudaý gürleýär...Hawa, biziň ýeňişli goşunlarymyz Müsüriň mazary boldular – diýip gygyrdy. Şol çäge daglary depesinden inen ýaly bolansoň, Ramses pikirini bir ýere jemläp bilenokdy. Pentuer: - Men müsüriň topragyny çägeden çykaryp, oňa urşuň ýuwdan öňki baýlygyny gaýtaryp bermek üçin, ençeme nesliň juda yhlasly zähmetiniň zerurdygyny aýtdym. Ýöne ony bitirmäge biziň güýjümiz ýetermikä? – diýdi. Ol amfiteatryň boýy bilen ýene birnäçe ädim ätdi. Ynjalyksyz diňleýjilerem onuň yzyna düşdüler. Müsür ýaşap gelýäli bäri, ol baradahemme kişi bilýänhem bolsa, ýurduň betbagtçylygyny entek hiç kim şeýle aýdyň beýan etmändi. - On dokuzynjy neberäniň zamanynda Müsürde sekiz million ilat bar eken. Eger şol wagt her bir adam – aýalmy, garrymy, çagamy, tapawudy ýok – şu meýdança bir noýba dänesini oklanlygynda, ol, ine, şeýle şekilde bolardy... Ol howludaky biri-biriniň gapdalynda iki hatar bolup ýatan, gyzyl reňkdäki noýbadan düşelen sekiz sany inedördül ýeri görkezdi. - Şu şekiliň uzynlygy altmyş ädim, ini-de otuz ädim. Görşümiz ýaly, dindar atalar, şol wagt ilatyň ählisiniň ýerli müsürlilerden bolandygyny görkezmek üçin ol birmeňzeş dänelerden düzülen. Häzir nähili? Ine, görüň! Ol aňry ýöräp, dürli reňkdäki inedördül ýerleriň başga toparyny görkezdi. - Ine, şu şekiliňem ini otuz ädim, ýöne uzynlygy weli – kyrk bäş. Näme üçin? Sebäbi onda bary-ýogy alty inedördül ýer bar, çünki häzirki Müsürde sekiz däl-de, eýsem, diňe alty million ýaşaýjy bar. Şeýle-de, öňki şekil sap gyzyl reňkli noýbadan ybarat bolan bolsa, häzirkide sap gara, sary hem-de ak däneleriňem bardygyna üns beriň! Sebäbi biziň goşunymyzda bolşy ýaly, halkymyzda-da gelmişek köp: gara efioplar, sary siriýalylardyr finikiýalylar, ak greklerdir liwiýalylar... Pentueri soňuna çenli geplemäge goýmadylar: diňläp duran žresler ony gezekli-gezegine gujaklap ugradylar; Mefresiň gözünden ýaş syrygýardy. - Şuňa meňzeş pygamber heniz bolmandy – diýen ses ýaňlanýardy. Ybadathananyň iň güýçli matematikaçysy bolan Hator: - Onuň bu hasaplamany haçan geçirip ýetişendigine aklym haýrandyr! - diýip gygyrdy. Pentuer: - Atalar, meniň hyzmatyma gereginden artyk baha bermäweriň! Biziň ybadathanamyzda döwlet hojalygyny geçen ýyllarda şeýdip suratlandyrardylar. Men bärde diňe soňky nesilleriň unudan zatlaryny janlandyrdym – diýdi. Matematikaçy: - Hasaplamalar näme? – diýip sorady. - Hasaplamalar ähli welaýatlarda, ybadathanalarda hemişe-de geçirilýär. Olaryň umumy jemi bolsa patyşanyň köşgünde saklanýar – diýdi. - Ýeri, onsoň şekiller näme? – diýip matematikaçy köşeşmedi. - Şekiller – meýdan ahyry, biziň ýer ölçeýjilerimiz olary entek mekdepde okaýarkalar çyzýarlar. Mefres gürrüňe goşuldy: - Akylynamy ýa-da kiçigöwünliliginemi – bu adamyň nämesine geň galmaly? Belli däl. Hudaýlar bizi gözden salanoklar, sebäbi bizde... Şol wagt ybadathananyň diňinde duran gözegçi ol ýere ýygnananlary doga okamaga çagyrdy. Pentuer: - Men öz düşündirişimi agşam jemlärin, häzir bolsa diňe aýdanlarymyň üstüne birnäçe söz goşmakçy. Sizi gürrüňimde näme üçin däneleri peýdalandygym gyzyklandyrýandyr.Edil topraga taşlanyp, her ýyl öz hojaýynyna hasyl getirýän tohum ýaly, adam-da her ýyl gazna salgyt tabşyrýar. Eger haýsydyr bir welaýatda noýba çigidi öňki ýyllara garanda iki million az ekilse, hasyl hem göz-görtele az alnar, hojaýynlaryň girdejisi-de kemeler. Döwletde hem şeýledir: eger ilatyň sany iki million azalan bolsa, diýmek, salgydyň gelmegi-de azalmaly. Pentueri üns berip diňlän Ramses ol ýerden sessiz-üýnsüz gitdi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |