00:11 G.Ezizow we N.Rejebow türkmen liriki şygryýetine nähili täzelikleri getirdi? | |
G.EZIZOW WE N.REJEBOW TÜRKMEN * «Bir goşgynyň çäginde ikileme, gazal, dörtleme, sekizleme» formalaryny ilkinji bolup ulanyşyga girizdi*. * Şahyryň döredijiliginiň baş pafosy durmuşa döredijilikli gatnaşykdyr. Munuň özi şahyryň estetikasynyň tüýs realistik manylydygyny görkezýär. * Şahyr durmuşa, dünýä hem adamlar arasyndaky arabaglanyşyklara täzeçe garaýşy getirdi. * G.Ezizow poeziýa ölüm duýgusyny getirdi. Ol fiziki ölümiň ruhy kompensasiýasyny berdi. * Şahyr söýgi, sungat hem durmuş motiwlerinde döwrüň türkmen ruhunyň tipiki, anyk taryhy aýratynlyklaryny açyp görkezdi. * G.Ezizow türkmen poeziýasynyň dörtleme – murapbag şygyr formasyny özbaşdak žanr derejesine ýetirdi. * Şahyryň eserleri türkmen estetiki aňynyň soňsuz metaforik potensialyny oýardy. * G.Ezizowyň çeper dili realistik mazmuny açmaga hyzmat edip, ol anyk taryhy döwrüň çeper pikirlenmesini alamatlandyrdy. * G.Ezizow şygryň ritmine owaz köpdürlüligini getirdi. * «G.Ezizow «Söýgi» atly sonetler çemenini ýazyp, goşgy bilen ýazylan liriki poemanyň bu formasyny türkmen sowet poeziýasyna ilki sapar girizdi»*. * Gurbannazar Ezizow 1936-njy ýylda dogmatik galyba salnan türkmen dilini erkinlige çykardy. * Şahyryň döredijiliginde realizmden başga-da, romantik äheňler gaty oňat bildirýär. * G.Ezizowa çenli milli dili baýlaşdyrmagyň esasy çeşmesi bolup halk gepleşik dili hyzmat etdi. G.Ezizow hususy şahyrana döredijiligini şeýle çeşmä öwürdi. * G.Ezizowyň realistik mazmunly poeziýasynyň dili türkmen şahyrana pikiriniň estetiki ösüşini alamatlandyrýar. Ol dil hususy hadysa hökmünde diliň özge formalaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Realistik çeper aňyň anyk ösüş ýodalaryna düşen taryhy zamanynda munuň özi bütinleý kanunalaýyk ýagdaý. * G.Ezizow nusgawy şahyrlarymyz taparyndan ylahylaşdyrylan söýgini, söwer ýary ýönekeýleşdirdi, adamlaşdyrdy. Söwer ýarynyň hakyky keşbini beýan etdi. Söwer ýaryň owadan däldigini aýtdy. Ýöne türkmen sowet poeziýasynyň sosrealizm metody esasynda dörän bu beýan ediş türkmen aňynda düýpli orun alyp bilmedi. G.Ezizowyň bu ýalňyşlygyny şahyr Nobatguly Rejebow düzetdi. Ol söýgüni, söwer ýary ylahylaşdyrdy, Hudaýlaşdyrdy. Netijede, türkmen şygryýetiniň milli öwüşgini has artdy. * Şahyr Nobatguly Rejebow häzirkizaman türkmen poeziýasynda romantizmiň edebi ugruny gutarnykly suratda kemala getirdi. Ondan öň romantizm diňe mahal-mahal ýüze çykyp durýan tendensiýa derejesinde ýaşaýardy. * Şahyryň söýgi hem peýzaž lirikasynyň obrazlar ulgamy hut romantiki prinsiplerde romantizmiň kanunlary boýunça ýaşaýan çeperçilik ulgamydyr. * Şahyryň romantiki lirikasy arkaly türkmen poeziýasyna deňiz stihiýasy geldi. Stihiýa, onda-da deňiz stihiýasy bolsa romantiki dünýäni aňlaýşyň ýüze çykmasy üçin juda ýerlikli formady. Ruhuň şo hili ýagdaýy hem kalbyň şo hili sypaty romantizm üçin esasy zatdyr. * Romantizm, dünýäni romantiki duýuş edebi metod ýa mekdep hadysasyndan has giň manyly zatdyr. Ol adamzat ruhunyň ösüş taryhyndaky bir etap bolup, Merkezi asyrlardan soň döredi. Merkezi asyr adamzady Hudaý, din ýaly ideologiki ulgam arkaly daşky dünýäni, ýaşaýşy ählumumy sazlaşyga öwren bolsa, täze zaman adamzady degişli sosial katalizmlerden soň dünýäni başsyz-baratsyz stihiýa hökmünde duýup ugrady. Nobatguly hem deňiz obrazynyň üsti bilen ýaşaýşy adam dahylsyz kanunlar boýunça dowam edýän irrasional stihiýa hökmünde çeper suratlandyrdy. Türkmen poeziýasynda R.Seýidow, G.Ezizow ýaly şahyrlar tebigat sazlaşygyny esasy orunda goýdular, N.Rejebow bolsa stihiýany öz ulgamynyň esasyna öwürdi. Şeýle etmek türkmen ruhunyň içki kanunalaýyk ösüşi bilen baglanyşyklydy. Dünýä, adama akyl ýetiriş babatda stihiýa öňki kabul edilen ýörelgeleriň, pikirleriň, konsepsiýalaryň synyp, täze gözlegleriň, sowallaryň, dünýä bolan garaýşyň giňelmegi hem çuňalmagy bilen baglanyşyklylykda düşnüksizlikleriň döremegidi. Şol stihiýa (deňiz, harasat, ýel) Nobatgulynyň estetikasyny sosial standartlardan, şowakör ideologiki ölçegleriň çäginden daşary çykardy. Iş ýüzünde munuň özi şahyryň edebi metod hökmündäki sosialistik realizmi tebigy suratda ret etmegine, onuň galyplaryny ýykyp, özge bir emosional-estetiki dünýä geçmegine getirdi. * Şahyryň romantizmi türkmen poeziýasyna Selbiniň, Garperiniň, Suwperiniň, Serwi agajynyň romantiki obrazlaryny getirdi. Ol obrazlar özüniň emosional-estetiki özboluşlylygy, içki strukturasy boýunça-da türkmen poeziýasynda uly täzelik bolup durýar. Şol obrazlar romantizmiň Nobatgulynyň döredijiligi arkaly türkmen poeziýasynda estetiki kämillik hem intellektual ösüş babatda Ýewropa poeziýasyndakydan pes bolmadyk derejä ýetendigini aňladýardy. Şahyryň magşugy bolan Selbi dünýä poeziýasyndaky belli-belli zenan şahsyýetleri bilen baglanyşykly ideal obrazlara ýakynlaşýar. Özüniň estetiki tebigaty boýunça ol tüýs romantiki obrazdyr. Ondan öňki XX asyr türkmen poeziýasynda aýal-gyzlaryň, adatça, realistik obrazy bardy. * Ruhy-estetiki hadysa bolan romantiki stihiýa söýgi meselesinde erotiki duýgularyň emansipasiýasyny getirdi. Bu hem adam duýgularynyň suratlandyrylyşyny galypa salan sosialistik realizmiň böwsüp geçilmegidi. Şu manyda Nobatgulynyň erotikasy Keminäniň hem Mätäjiniň ruhy belentligine ýetdi. Bu bolsa adam duýgularynyň ýöntem hem wagşyýana ýüze çykmasyndan düýpgöter tapawutlanýan ruhy-medeni hadysadyr. * Garperi, Suwperi ýaly romantiki obrazlar ruhuň nusgawyy derejesindäki estetiki hadysa boldy. Olar biziň milli estetiki düşünjämiziň täze gözýetimlerini açýardy. «Çeşme kimin inçe bil», «çeşme deý towlanyp duran», «çeşme saçly», «ak saçly» ýaly metaforalar real dünýäni syzyşyň täze estetiki ülňülerini alamatlandyrýardy. Munuň özi XX asyr türkmen poeziýasynda açylan birgiden metaforalar ulgamydyr, ýönekeýleşdirip aýdanyňda, birgiden çeperçilik älemidir. Ol özüniň many tükeniksizligi hem emosional jadysy boýunça nusgawyanyň «lagl dodak», «simi-zenehdan», «zülpi-şamar» ýaly obrazlylygy bilen bäsleşýär. Umuman, Nobatgulynyň türkmen poeziýasyna getiren metaforiki obrazlary birki jümlede sanap görkezerden köpdür. * Nobatguly Rejebow türkmen poeziýasyna sufizmi gaýtaryp getirdi. Munuň özi şahyrana ruhuň taryhynda özboluşly düýpli öwrülişikdir. Ol täze bir etapdyr. * Öňki, nusgawyy sufizm bilen deňeşdirilendäki täzeligi bir jümlede aýtmaly bolsa, şeýle diýip bolardy: Nobatgulynyň sufizmi mistiki ýokundylardan saplanan sufizmdir. * Degişli estetiki hadysada – Nobatgulynyň poeziýasynda marksistik ideologiýa içki protestini görmek bolýar: sosialistik realizm, kommunistik ideologiýa adam ruhunyň kosmiki gözleglerini önümçilik progresine baglap goýýar. Adam ruhunyň erkinligi ret edilip, material barlyk hemişe esasy orunda goýulýar, ruh ikinji derejeli zat diýip bilinýär. Munuň özi predmetler babatda olaryň kölegeleriniň ikinji derejede bolşy ýaly bir zatdyr. Şeýle ideologiýa adamyň estetiki ukyplaryny hem göýdük galdyrdy. Adamlar, şol sanda şahyrlar hem diňe gündelik, sosial hajatlaryň hyzmatkärine öwrüldiler. Nobatguly türkmen poeziýasynda ilkinji bolup kommunistik ideologiýa garşy çykyş edip ugrady. * Sufizm bolsa, şol sanda Nobatgulynyň sifizmi hem adamzat ruhuny kosmiki hadysa, adam gatnaşyklaryny kosmiki netijeli hem kosmiki manyly gatnaşyklar hökmünde ykrar edýär. * XX asyr türkmen poeziýasynda Nobatguly ilkinji bolup ynsan söýgüsini ylahyýet (ylahy-Hudaý) derejesinde suratlandyrdy. Munda Aşygyň hem Magşugyň obrazynyň estetiki manysy real söýgüdäkisinden düýpgöter üýtgeýär. Sufiý – Aşygyň dünýä, ynsana, ýaşaýşa akyl ýetiriş meselesinde öz gnoseologik pozisiýasy, öz estetiki konsepsiýalary, öz intellektual ölçegleri kemala gelýär. Degişlilikde, özboluşly sufiçilik obrazlar ulgamy, ideýalaryň özboluşly sufiçilik ulgamy ýüze çykýar. * Nobatgulynyň ylahy söýgüsi nusgawy sufiçilik ýörelgelere sygmaýar. Munuň özi, birhili, «dünýewileşen» sufizmdir. Eger Magtymguly öz ylahy lirikasynda Hudaýy (Gözelligi, Bakylygy, Adyllygy, Diriligi) adamlaşdyrsa, Nobatguly Adamy ylahylaşdyrdy (hudawylaşdyrdy). Munuň özi bäş günlük hatyraly jemgyýetçilik-kollektiwistik Erke gurban edilen Ruhy halas etmegiň, aýaga galdyrmagyň şahyrana najatydy. * Daşky hem içki dünýäni suratlandyrmak, çeper obrazlylyk meselesinde sufizmiň esasy serişdesi simwoldy. * Nobatgulynyň simwolikasy iki hilidir: sufiçilik simwolika hem-de häzirki zaman simwolikasy. Sufiçilik simwolikanyň şahyryň estetiki prinsipleri bilen dahylly çeşmeleri bar bolsa, soňky simwolikanyň sowet döwrüniň senzurasy bilen baglanyşykly sebäpleri bar. * Şahyr XX asyr türkmen poeziýasyna pitnewilik ruhuny getirdi. Şahyryň eserlerinde kommunistik senzura tarapyndan gadagan edilen ideýalar aýlaw, podtekst, simwol bilen ýaşyrynlykda okyja ýetirilýärdi. Şeýdibem, şahyr döredijiliginiň bütin dowamynda diýen ýaly özüniň raýatlyk pozisiýasyny simwollar arkaly beýan edýän liriki gahryman ýaşap geldi. Şol pozisiýany şahyr bir halatda yrsarap bolmajak simwoliki detallar arkaly berse, başga bir halatda diňe «mus-mus» diýmek, «soňuna çenli aýtmazlyk» usulynda, podtekstde aňlatdy. Şonuň üçinem onuň birinji kitabynda-da, soňky ýygyndysynda-da döwrüň jemgyýetçilik problemalaryna seslenme tapyp bolýar. * Nobatgulynyň simwolizmini XX asyr poeziýamyzda öňem ýoň bolan allegoriýadan düýpli tapawutlandyrmalydyr. Allegoriýa – birtaraplaýynlykdyr. Allegoriýada göçme many asyl manyny «ýuwudýar», şeýdip onuň bir gatlakly strukturasy emele gelýär. Simwolda bolsa iki gatlak hem deň derejede ýaşaýar, simwolyň iki özeni bolup, hem manylar, hem suratlar ulgamsy öz özeniniň daşynda gurnalýar. * Şahyr soňky kitabynda köplenç sufiçilik simwolika ýüz urdy. «Ýazgyt», «Kelle», «Adam», «Eý, tula», «Gurt», «Etjegiň et» ýaly şygyrlar sufiçilik ruhdaky simwolika ýugrulandyr. Şeýle simwolizm ýaşaýşyň uniwersal kanunalaýyklarynyň üstüni açýanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň «ýaşyryn dili» aýanlyga geçirilmekden gorkmak zerarly däl-de, aýanlyga terjime edip bolmaýan mazmunynyň barlygy sebäpli kemala gelýär. Nobatguludan öň, sosialistik realizm çäklerinde şeýle estetiki uniwersalizm akyla sygjak zat däldi. * Nobatgulynyň şygyrlaryndaky milli pafos okyjyda milli taryhy hakydanyň oýanmagyna sebäp bolýar, çünki olardaky liriki gahrymanyň özünde taryhy hakyda çuňlugy bilen tapawutlanýar, şonuň bilen ol beýleki döwürdeş hem öňki şahyrlardan tapawutlanýar. Gaýrylaryň taryhy hakydasy iş ýüzünde 17-nji ýyldan başlanýardy, ondan öňki zatlar bolsa hälki bir mysal, gep gerdişi hökmünde öz döwrüne illustrasiýa hökmünde ýatlanylýar. Sowet ideologiýasy ähli beýleki zatlar ýaly, geçmişi-de öz içindäki bir serişdä öwrüpdi, Nobatguluda bolsa ol ahyrky maksatdy. Onsoň «gadymy halk», «beýik geçmiş» ýaly jümleleri kiçi dilden bärde aýdanyň bilen taryhy hakyda oýanmaýardy. Onuň oýanmagy üçin milli geçmişiň ähli içki gymmatlyklaryny, taryhy prosesiň üznüksizligini öz ganyňda dikeldip bilýän şahyr bolup dogulmak gerekdi. Nobatgulynyň goşgularynda milli geçmişiň köp ýatlanylmagy asla ýöne ýere däldir. * Şahyryň eserlerinde milli ruh milli durmuşyň milli predmetleri arkaly açylýar. Munuň özi milli aýňalyşyň sungatdaky düýpli kanunalaýyklygydyr. Nobatguly ýaly milli ruhuň dramitizmini, hatda tragizmini-de ýangynly beýan eden ikinji bir şahyr ýokdy. * Milli meseleleriň publisistika žanrynda ýazylan goşgulardyr poemalarda açylmagy şahyryň iň bir aktual temalary iň bir täsirli edip suratlandyrýandygyny görkezýär. Munuň özi döwründe degişli meseläniň ýagdaýyny we şahyryň oňa bolan gatnaşygyny aýdyňlaşdyrýardy. * Nobatgulynyň türkmen poeziýasyndaky özboluşlylygyny alamatlandyrýan faktlaryň biri-de şahyryň sungata gatnaşygydyr. Şahyr sungat meselesine paş edijilikli garaýar. Munuň özi kommunistik sungata bolan gatnaşykdyr. Kommunistik partiýanyň boýuntyrykly guluna öwrülen edebiýatyň hakykaty dogruçyl suratlandyrmaga-da, okyja estetiki lezzet bermäge-de gurby çatanokdy. Sungatyň düýp manysy hem funksiýasy barada düýpli pikirlenip bilýän Nobatguly türkmen poeziýasyna degişli temadaky ýaňsa hem gyjyda ýugrulan şygyrlary getirdi. * Dünýä poeziýasyna çykmak, onuň iň öňdebaryjy edebi ugurlarynyň çeperçilik gazananlaryny ýerli şertlere görä döredijilikli özleşdirmek hem Nobatgulynyň hyzmatlarynyň biridir. Ondan öň türkmen poeziýasyna haýsydyr bir şahyryň, özem köplenç rus şahyrynyň täsiri gelýärdi. N.Rejebow bolsa Fransiýa, Germaniýa, Latyn Amerikasy, Ispaniýa ýaly ýurtlaryň birgiden edebi ugurlarynyň üstünliklerini çeperçilik ulgam hökmünde özüne sirdirmäge çalyşdy. Muňa ylaýta-da şahyryň döredijiliginde sýurrealizmiň tutýan orny boýunça göz ýetirmek mümkin. * Sýurrealizm fransuzçadan terjime edilende «iň ýokary realizm» diýmekdir. Beýle diýilmeginiň özüne ýetik sebäpleri bar. Bu ýerde, esasan, iki faktor göz öňüne tutulýar: birinjiden, eseri ýazýan wagty şahyr daşky dünýäniň özünde döreden täsirini öz subýektiw aňynyň «düzedişlerini» gatnaşdyrmazdan, bada-bat kagyz ýüzüne geçirmelidir. Ikinjiden, realizm hökmünde ol diňe bir aňyň – adamyň subýektiw ygtyýaryndaky sferanyň däl, eýsem ondan has aşakdaky dünýäniň – aňasty reallygyň impulslaryny, instinktiw derejedäki ymtylmalaryny beýan etmelidir. Nobatgulyny sýureallizme getiren zat – onuň öňki çeperçilik ýörelgeler bilen kanagatlanmaýan gözleýji erkidir. Şol erk hem türkmen poeziýasynyň dünýäniň öňdebaryjy poeziýalary bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolmagyna, türkmen poeziýasynyň sözüň hakyky manysynda dünýä poeziýasyna çykmagyna getirdi. * Ýöne Nobatguly sýurrealizm urguny köre-kör kabul etmedi-de, ony ýerli şertlere uýgunlaşdyrdy. Meselem, ol özüniň ähli sýurrealilistik goşgularyny kapyýaly ýazdy. Munuň özi sýurrealizmiň dürli sebitlerde, milli edebiýatlarda döreýşiniň hem ösüşiniň meseleleri bilen gyzyklanýan alymlar üçinem oňat materialdyr. * Nobatguly türkmen poeziýasyna astrofiki şygry getirdi. Munuň özi edebiýatymyzyň soňky müňýyllykdaky düýpli forma täzeligidir. Arap-pars çeperçilik däpleriniň aralaşmagy bilen türkmen poeziýasynda bent diýen zat emele geldi. Dogry, Orhon ýazgylarynda-da bendiň bardygyny ykrar edýän alymlar bar. Biz munuň bilen ylalaşmaýarys we şeýle «bentleri» alymlaryň edebi mirasa aşa erkin çemeleşmesinden emele gelen ýasama zat hasaplaýarys. Olar bent däl-de, hersi özbaşdak şygyrdyr, werlibr ýa ak goşgy şekilindäki poetiki eserlerdir. Emma Nobatgulynyň getiren astrofiki strukturasy olardan hem tapawutlanýar. Astrofiki şygyr – bentsiz şygyrdyr. Onuň galan alamatlary öňki türkmen poeziýasynyňkydan tapawutlanmaýar: bu ýerde ritm-de, kapyýa-da, gaýry elementler-de bar. Ýöne munuň özi müň ýyldan soň gaýdyp geljek gadymy türkmen ak goşgusynyň edil öňüsyrasyndaky çeperçilik prosesidir. * Munuň käbir adamlara geň görünmegi mümkin. Çünki hatda Nobatgylynyň goşgularynda-da ak goşgynyň esasy «ýagylarynyň» biri – kapyýany köp ulanmak juda intensiw prosese öwrüldi ahyryn! Özge şahyrlaryň her setirine bir kapyýa düşse, Nobatgulynyň her setirinde iki-üç kapyýa bar, onsoň bir setirdäki içki kapyýa üzülip, gaýry setiriň içki kapyýasy bilen baglanyşyp dur. Bu nämäni görkezýär? Munuň özi häzir bent ýiten bolsa, indi setiriň hem ýitjekdigini, soňra kayýanyň-da sumat boljagyny, ýagny poeziýanyň ümzüginiň ak goşga tarap barýandygyny görkezýär. * Bu zatlary bary bir faktor – ritmiň düýpli suratda üýtgeýänligi bilen baglanyşykly proseslerdir. Ak goşgy adaty poeziýadan ritminiň tebigaty boýunça tapawutlanýar. Onuň erkin simmetriýasy poeziýaňkydan üýtgeşik, proza ýakyn ritmi bar. Nobatgulynyň ak goşgulary entek ol ideala ýetenok. * Nobatgulynyň kapyýa gatnaşygy-da ýokarky düýpli prosesleriň bir görkezijisidir. Häzirki şahyrlaryň iň öňdebaryjylarynyň içinde Nobatguly kapyýadan kult döretmeýänligi bilen tapawutlanýar. Ýok, ol kapyýa iş prosesindäki bir serişde, «iş abzaly» hökmünde garaýar. Rifma şeýle garaýyş hem degişli ritmi – joşgunly, dramatik ritmi emele getirýär. Bu bolsa şahyr ruhunyň stihiýasynyň forma taýdan amal edilmesidir. * Nobatguly türkmen poeziýasyna antinomik pikirlenmäniň tutuş ulgamyny getirdi. Has dogrusy, ol antinomik, oppozisiýaly pikirlenmäni çeper döredijiligiň esasy prinsipine öwürdi. Munuň özi kämillige ýeten şahyr akylynyň dünýäniň dialektiki tebigatyna aralaşmagy netijesinde bolan hadysadyr. * Nobatguly häzirkizaman poeziýasyna batyrgaý pikirlenmäni, batyrgaý pikir aýtmagy, kesgitli gürlemegi getirdi. Şahyryň liriki «meni» örän galjaň, batyr. Ol «ýüz görüp, gapyrga syrjak» liriki «men» däl. Liriki «men» «ähtimal», «mümkin» diýen ýaly sözleri ulanmaýar, kesgitli, ynamly, batyrgaý gürleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |