18:39 Gadym türkmen edebiýaty: Giriş | |
GIRIŞ
Edebiýaty öwreniş
"Türkmen oguz begleri, budur eşidiň, bizi Taňry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniň törüni hiç kim bozup bilmez." Daşa ýazylan Oguz taryhyndan Türkmen halky diňe bir Ýakyn we Orta Gündogaryň däl, eýsem dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýar. Türkmenleriň gadymy külalçylyk (küýzegärçilik), amaly haşam, şekillendiriş, binagärlik, sazçylyk, atşynaslyk, halyçylyk, zergärçilik sungaty dünýä taryh ylmy tarapyndan ykrar edilgi. Türkmenler dünýäniň ýüzünde dörediji halklaryň biri hökmünde tanalýar. Häzirki döwürde türkmenleriň döreden ahalteke bedewine, arwana düýesine, saryja goýnuna, alabaý köpegine, türkmen tazysyna dünýä gymmatlyklary hökmünde baha berilýär. Türkmenleriň deňi-taýy bolmadyk haly sungaty bar. XX asyryň ortalarynda Altaý dagynyň buzluklaryndan gadymy ýomut halysynyň bölekleriniň tapylmagy we alymlar tarapyndan onuň iki ýarym müň ýyl mundan öň dokalandygynyň anyklanylmagy bilen türkmen halkynyň haly sungaty dünýä şöhratyna eýe boldy. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda Sumbar jülgesinden tapylan tapyndylaryň seljermeleriniň netijesinde, türkmeniň sütükli ýüň halylarynyň ömrüniň üç ýarym müň ýyla çenli ýetýänligi çaklanyldy. Sumbar jülgesinden tapylan haly hem türkmenleriň ýomut gölli el işlerine degişlidir. Zergärçilik bilen baglanyşykly tapyndylaryň hem örän gadymy döwürlere degişlidigini arheologlar tassyklaýarlar. Biziň ata-babalarymyzyň geçmişde 70-den hem köp döwlet gurandygy taryh ylmyndan bellidir. Bu döwletleriň köpüsi örän gadym döwürlerde döredilipdir. Türkmenleriň ilkinji döwleti Oguz türkmenleriniň döreden döwletidir. Bu döwlet Köpetdagyň etegindäki Täk galadan, Nusaýdan, Änewden hem Altyndepeden uzalyp, tutuş Merwi, Köneürgenji, Seýhun bilen Jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapy Hazardan Balha, beýleki bir tarapy Atail (Wolga) derýasyna çenli aralygy tutupdyr. Oguz ýurdundaky türkmenleriň dili gadymy türkmen dili bolup, olar Göktaňry dinine ynanypdyrlar. Oguz türkmenleriniň iň gadymy döwletleriniň biri-de, Beýik Hun döwletidir. Beýik Hun döwleti mundan iki müň bäş ýüz ýyl ozal döräpdir. Beýik Hun döwletiniň iň güýçli hökümdarlarynyň biri hökmünde Duman beýginiň, Mete hanyň atlary taryhda meşhurdyr. Duman beýgi Beýik Hun döwletiniň bir serhedini Çyn-Maçyna çenli giňeldipdir. Gök türkmenleriň döwleti, Garahanly türkmenleriň döwleti, Beýik Oguz türkmen döwleti, Gaznaly türkmen döwleti, Beýik Seljuk türkmen döwleti, Köneürgenç türkmenleriniň döwleti türkmen halkynyň geçmişde guran beýik döwletleriniň iň meşhurlaryndandyr. Bu döwletlerde ýaşan ata-babalarymyz oguzlar, dahlar, saklar, skifler, massagetler diýlip atlandyrylypdyr. Orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem köp sanly türkmen döwletleri döräpdir. Bu döwletleriň her biri türkmenleri diňe bir edermen, batyr, gaýduwsyz, gahryman halk hökmünde däl, eýsem ylymly-bilimli, medeniýetli, paýhasly, dana halk hökmünde-de, dünýä tanadan döwletler bolupdyr. Miladydan öňki I müňýyllykda we miladynyň başlarynda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we onuň serhet ýakalarynda Margiana, Horezm, Baktriýa, Sogdiana, Parfiýa hem Midiýa ýaly döwletler bolupdyr. Şolardan Margiana (Merw), Horezm, Parfiýa ýaly döwletler Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Dünýäniň iň ilkinji dinleriniň biri otparazçylyk Margianada döräp, dünýä ýaýrapdyr. Miladydan öňki I müňýyllykda Amyderýa Oks derýasy diýlip atlandyrylypdyr. Jeýhunyň boýundaky Türkmenabat şäheri ýunan ýazgylarynda Zariaspa ady bilen getirilipdir. Şol döwürlerde Orta Aziýada, häzirki Türkmenistanyň çäklerinde, hususan-da, Oks derýasynyň boýlarynda sak, massaget taýpalary ýaşapdyr. Olara skifler diýlipdir. Ylmy çeşmelerde miladydan öňki I müňýyllykdan miladynyň I asyryna çenli saklaryň diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem häzirki Gazagystanyň, Gündogar (Hytaý) Türküstanyň ýerlerinde ýaşap, olaryň çarwaçylyk bilen meşgullanandyklary ylmy çeşmelerde habar berlipdir. Strabonyň hem Gippokratyň işlerinde berilýän maglumatlara görä, olaryň kelleleri süýri bolupdyr. Olara antropologik nukdaýnazardan süýrikelleliler diýilmeginiň sebäbi hem şonuň üçindir. Şol süýrikelle taýpalaryň ýeke-täk mürasdüşerleriniň türkmenlerdigi XX asyryň antropologik barlaglary görkezipdi. Şonuň üçin skif dessanlary gönüden-göni türkmen halkynyň gadymy ata-babalarynyň döredijiligi hasaplanmaga degişli bolup durýar. Käbir çeşmelerde saklaryň Eýran dilli halk bolandygy aýdylýar. Emma ol delilsiz çaklama bolmagynda galýar. Tersine sak-massagetleriň türkmenleriň ata-babalarydygyny sak-skif dessanlary bilen bir hatarda köp sanly taryhy işler subut edýär. Alym Soltanşa Atanyýazow bu barada şeýle ýazypdyr: “Geçen asyryň Ýewropa we orus alymlary ( meselem, nemes alymy Mordtman, Awstriýa alymy Hammer, orus etnograflary N. A. Aristow, G.Ý. Grumm-Gržimaýlo we başgalar) saklary türki dilli halk hasaplapdyrlar.” Garagalpak alymy D. Aýmuratow sak etnoniminiň türki sözden gelip çykyp, onuň “depesinde örülen saç goýýanlar”manysynyň bardygyny belläpdir. Gadymy türkmen edebiýaty esasan iki ugur boýunça ösüpdir. Olaryň birinjisi edebi ösüşiň oguz ugrudyr. Ikinjisi, sak-skif ugry bolup durýar. Oguz edebiýatyna iň irki döredilen “Oguznamalar” hem oguz dessanlary, oguz-orhon ýazgylary degişlidir. Ikinji ugra sak-skif dessanlary: “Tumarly”, “Syrak”, “Zarina we Striangiýa” ýaly eserler degişlidir. Bu ugurlar miladynyň başynda birigip, bütewi edebi ösüşi emele getiripdir. Häzirki Türkmenistanyň çäginde we onuň töwereklerinde türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan hunlar ýaşapdyrlar. Olara taryhy çeşmelerde gunlar hem diýilýär. Gunlaryň Hytaý çeşmelerinde hun görnüşinde ýatlanylýandygyny taryh ylmy habar berýär. Emma olaryň ata Watanlary bolan şu toprakda hem hun ady bilen tanalandygyny çaklamak bolýar. Seýhun derýasy hunlaryň suwy – derýasy diýmekdir. Seýhun sözi iki bölekden durup, olaryň birinji seý-saý-suw diýmek bolsa, ikinji hun sözüdir. Olar birigip hunlaryň derýasy manyny berýär. Jeýhun sözi hem aslynda däli manyny bermän, hun derýasy manyny berýär. Sesleriň ýeriniň çalyşmagy netijesinde seý sözi jeý görnüşine geçipdir. Onyň Seýhundan Jeýhuna öwrülmegini arap diliniň täsiri diýip düşünmek bolar. Şu ýerde hunlaryň uly döwlet döredip Gündogara gidendiklerini we olaryň Hytaýyň serhetlerine çenli baryp ýetendiklerini, hatda alysdaky Amerika materigine aralaşandyklaryny aýtmalydyr. Hunlaryň aňyrsynyň şumerlere baryp ýetýändigini alymlar çaklaýarlar. Miladydan öňki VII asyrda otparazçylyk (bu din ony esaslandyran Zaratuştranyň ady bilen baglanyşdyrylyp zaratuştraçylyk diýlip hem atlandyrylýär) dininiň döremegi bilen döwrüň edebiýatynda otparazçylyk mantyk güýçli duýlup ugrapdyr. Emma Gündogara tarap göç eden hunlarda, oguz türkmen döwletlerinde Gök Taňry dininiň mantygy aňyýete siňipdir. Muny oguz-orhon ýazgylary hem tassyklaýar. Gök Taňry (Teňri) dininiň mukaddes kitabyna duşulmaýar. Onuň dil üsti bilen, ýatda saklamak arkaly nesilden nesle geçendigini bellemelidir. Gök Taňry dini bilen otparazçylygyň ýagtylyk, garaňkylyk, ot, asman, Gün, ýyldyzlar ýaly birnäçe düşünjelerinde meňzeşligiň bardygyny oguz-orhon ýazgylary tassyklaýar. Taryhy işlerde miladynyň başlarynda oguzlaryň Oguz ýurdy bolan Ötükenden (Ötükentden) Orta Aziýa gelip, saklara hem massagetlere goşulyp türkmen halkynyň etnogenezini düzendikleri barasynda aýdylypdyr. Emma bir halkyň başga bir dilde gürleýän halka (aýdaly ahemenilere) goşulyşmagy ynandyryjy däldir. Skifleriň hem aňyrsy hun-şumerler bolupdyr. Bu ýerdäki goşulyşma diýilýäni aslynda bir halkdyr. Ýöne Ötükentden gelen oguzlaryň Gök Taňry dinlidigi anykdyr. Tersine umumy ady skif bolan sak-massaget taýpalary otparazçylyk dinli bolupdyr. Bu iki diniň hem umumy taraplarynyň bolandygyny öňde belläpdik. Sak-massaget taýpalary bilen ahemenileriň, sasanlylaryň arasynda mydama diýen ýaly barlyşyksyz söweşler bolup durupdur. Muny “Tumarly”, “Syrak”, “Zarina we Striangiýa” ýaly eseler doly tassyklaýar. Bu birinjiden. Ikinjiden, Zaratuştranyň käbir çeşmelerde sekiz, käbir maglumata görä on iki dili bilendigi, onuň mukaddes kitaby “Awestanyň” şol dillerde ýazandygy aýdylýar. Zaratuştranyň özi Margiýanadan (Marguş-Merwden, başga bir maglumata görä Horezmden) bolupdyr. Zaratuştra “Awesta” kitabyny Orta Aziýanyň hem Eýranyň şol wagtky döwletlerine alyp baryp, özüniň pygamberdigini aýdypdyr. Emma onuň kitabyna düşünmändirler, ol ençeme horluklary başyndan geçiripdir. Onuň “Awestany” düşündirmek üçin Zendi (“Awestany” düşündirýän kitap) ýazandygy, hatda Zendi düşündirmek üçin hem özbaşyna kitap ýazmaly bolandygyny awestaçy alymlar nygtapdyrlar. Ilkinji “Awesta” kitaby biziň günlerimize gelip ýetmändir. Onuň diňe ortapars (pehlewi) diline terjime edilen metinleri saklanyp galypdyr. Şu zatlaryň özi skifler bilen ahemenileriň, parfiýanlaryň bir halk däldigine güwä geçýär. Skifleriň türki halk bolandygy hakyndaky pikiri berkidýär. Türkmen medeniýeti, türkmen edebiýaty we halk döredijiligi öz gözbaşyny Oguz türkmenleriniň döwletleriniň dörän döwründen alyp gaýdýar. Türkmen „Oguznamalary” Oguz han döwründe döräp, özbaşdak bir edebi däbe öwürilip gidipdir. Geçmişde ata-babalarymyz köp sanly „Oguznamalary” döredipdir. Olarda ata-babalarymyzyň edermenligi, batyrlygy, dünýä ýaýraýşy beýan edilýär. Türkmen halkynyň Oguz han zamanyndan, belki ondan hem öňki döwürlerden bäri ýaşap gelýän mifleri, rowaýatlary, ertekileri, tymsallary, nakyllary, matallary, dünýä edebiýatynyň hem irki nusgalaryna degişlidir. Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan türkmenler gadymyýetiň iň irki gymmatlyklary bolan öz sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny uzyn taryhyň dowamynda bolup geçen ähli ýowuzlyklaryň içinden – midiýalylardan-da, kuwwatly Parfiýa döwletini ýykan sasanlylardan-da, orta asyrlarda bolsa araplaryň, mongollaryň we başga-da köp sanly döwletleriň we halklaryň gadymy ata-babalarymyzyň mekan tutan ýurtlaryna guran talaňçylykly, basybalyjylykly çozuşlaryndan-da doly bolmasa-da, gorap alyp çykmagy başarypdyr. Arap halyflygynyň Orta Aziýany eýeläninden soň syýasy hökmürowanlygy uzak dowam etmändir. Bu sebitde ilki samanlylar, has soň gaznalylar, garahanlylar, seljuklylar we horezmşalar nesilşalyklarynyň hökmürowanlyklary peýda bolýar. Bu iri döwletleriň döremegi bilen sebitdäki gadymdan gelýän şäherleriň, obalaryň durmuşynda uly özgerişler ýüze çykýar, täze şäherler döräp başlaýar. Içerki we daşary söwdanyň ösmegi bilen Merw, Ürgenç, Amul, Dehistan, Abywert, Buhara, Samarkant ýaly şäherlerde hünärmentçilik gülläp ösüp başlaýar. Halk döredijiligi, edebiýat, ylym-bilim ýene-de rowaç bolup ugraýar. Ertekilerde, rowaýatlarda, kyssalarda, kyssa we goşgy bilen ýazylan dürli „Şanamalarda“ gadymy edebi nusgalarymyz – rowaýatlarymyz, miflerimiz, edebi sýuzetlerimiz täze keşbe eýe bolup başlaýar. Türkmen kitabynyň taryhçysy Almaz Ýazberdiýewiň „Gadymy Orta Aziýada kitap işi“ (Aşgabat, Ylym. 1995) atly tutumly kitabynda halkymyzyň gadymy edebiýatyna degişli edebi nusgalaryň köpüsi hakynda durulýar. Gadymyýetiň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan zoratuştraçylyk dininiň ýüze çykan ýeriniň Awestada-da ýatlanylýan Horezmdigi baradaky pikir biziň günlerimizde-de öz güýjüni saklap gelýär. Bu diniň üç jiltden ybarat häzirki zaman taryhynyň awtory M. Boýs gadymy ariýa taýpalarynyň mekan tutunan welaýatynyň Horezmdigini nygtapdyr . Şeýle diýmek bilen awtor Horezmi zoratuştraçylyk dininiň mukaddes kitaplarynyň Orta Aziýada saklanyp galan sebitleriniň hatarynda görüpdir. Öz nobatlarynda, I. Ý. Kraçkowskiý (1883-1951) Horezmi „medenietiň özboluşly welaýat höwürtgesi” , N. I. Wawilow (1887-1943) we S.P.Tolstow (1907-1976) „Orta Aziýanyň Müsüri” , „guz we gypjak düzlüginde Alynky Aziýanyň musulman medenietiniň sarsmaz galasy” diýip atlandyrypdyrlar. Awestada gadymy Ürgenç şäheriniň ady Urwa görnüşinde getirilipdir. Gadymy horezmi halkynyň edebi mirasy barada aýdylanda bolsa, häzirki zaman alymlary, horezmi diliniň biziň döwrümize çenli gelip eten ujypsyz ýazuw ýadygärlikleriniň söz düzüminiň awesta diline has golaýdygyny belläpdirler. 1950-nji ýylda belli gündogarşynas alym A. A. Freýmanyň „Horezmiýskiý ýazyk“ („Horezmlileriň dili“) atly tutumly ylmy işi peýda boldy. Bu kitapda Merkezi Aziýada iň gadymy dilleriň biri bolan horezm diliniň üç müňden köpräk sözi hakynda gürrüň edilýär. Şol wagtky SSSR döwletindäki alnyp barylan syýasat A. A. Freýmana öz kitabynyň ikinji jildini neşir etdirmäge mümkinçilik bermedi. Häzirki zaman neşhur alymlarynyň joşgunly we biragyzdan Horezmi gadymyetiň we orta asyrlar döwrüniň aňrybaş möhüm ylmy we medeni merkezi hasap etmekleri ýöne ýerden bolmandyr. Horezm özüniň taryhy ösüşinde hiç mahal daşarky dünýäden üzňelikde bolmadyk hem bolsa, Orta Aziýanyň beýleki gadymy döwletlerinden: Parfiýadan, Sogtdan we Baktriýadan tapawutlanypdyr. Musulman eýýamynda Orta Aziýanyň ýokarda atlary tutulan gadymy döwletleriniň hiç birisi öz içinden Horezm ýurdy ýaly şeýle köp sanly dünýä belli meşhur alymlary orta çykaryp bilmändir we özüniň ajaýyp kitaphanalaryny döretmändir. Ýokarda görüşimiz ýaly, bu meselede diňe gadymy Margiananyň paýtagty Merw şäheri tapawutlanypdyr. Gadymyetiň genial alymyAbu Reýhan al-Biruni (973-1048) özüniň „al-Asar al-Bakiýa” („Geçen hesilleriň ýadygärlikleri”) atly eserinde, 704-715-nji ýyllarda Horasanyň häkimi bolan arap serkerdesi Kuteýba ibn Muslim al-Bahiliniň (670-715) 712-nji ýylda Horezmi basyp alan döwründe bu ýurtda bar bolan kitaplary we ylym adamlaryny uçdantutma ýok edişi barada uly gynanç we hasrat bilen şeýle diýip ýazypdyr: „Kuteýba horezm hatyny oňat bilýänleri, milli rowaýatlary ýatda saklanlary, horezmlilerde bar bolan ylymlar boýunça ders berýän ulamalary dürli we zabun güzaplyklara sezewar edipdir; [şondan soň ol rowaýatlar] şeýle bir gizlin bolup galypdyrlar welin, yslam dini ýaýrandan soň [horezmlileriň] nähili ýagdaýlara uçrandygyny anyk biler ýaly bolmandyr”. Öz eseriniň beýleki bir ýerinde by wakalar barada beýik alym ýene-de şeýle nygtapdyr: „Kuteýba ibn Muslim al-Bahili horezmli kätipleri gyrdy, din hadymlaryny öldürdi, olaryň kitaplaryny we dolama eserlerini oda ýakdyrtdy. Horezmliler bisowat bolup galdylar” . Şol döwürde zoratuştraçylyk dininiň ybadat diline öwrülen bu dilde ýazylan eserelerden, Orta Aziýanyň beýleki gadymy halklary ýaly, horezmliler hem peýdalanypdyrlar. Olardan „Arda Wiraf namak”, „Bundahişn” ýaly kitaplarda berilýän maglumatlara görä, bu diniň iň gadymy hem hiç mahal söndürilmän gelen üç sany mukaddes beýik odunyň biriniň, hususan-da, onuň Frobag (soňky döwürlerde Adur Farnbag) atlysynyň Horezmde „suwuny Kaspi deňzine guýýan Oksusyň (Amyderýanyň) kenaryndaky ybadathanada” saklanyp gelendigi habar berilýar. Şol ýa-da bu ýurdyň oňa meňzeş beýleki ybadathanalarynda kitaphanalaryň hem bolandygyny ygtybarly çak etmek mümkin. Käbir alymlar Horezmde eýýäm şol irki dowürde „baý, aýratyn hem taryha degişli, edebiýat bolupdyr, olardan orta asyrlar döwrüniň ýadygärliklerinde, ilkinji nobatda, al-Biruniniň eserlerinde saklanyp galan ujypsyzja bolekler biziň döwrümize çenli gelip ýetipdir” diýip hasap edýärler. Gaznaly we seljuk türkmen döwletleri hem dünýäni haýrana goýan medeniýete eýe bolupdyrlar. Belli rus taryhçysy we gündogarşynasy W.W. Bartold özüniň „Türkmen halkynyň taryhynyň oçerki“ (Bartold W.W. Soç. ІІ jilt, І bölüm. Moskwa. 1963. 574 s.) atly işinde „Seljuk şadöwletiniň döredilmegi netijesinde oguz ýa-da türkmen halky musulman äleminde beýleki türki halklaryň hiç biriniň gazanyp bilmedik ähmiýetine eýe boldy“ diýip ýazypdy (574 s.). Ata-babalarymyzyň örän gadymy döwürlerde döreden köp sanly mifleri, rowaýatlary, ertekileri tutuş Gündogara giňden ýaýrapdyr we dürli halklaryň halk döredijiligine siňip gidipdir. Oguz türkmenleriniň şöhratly taryhy bilen baglanyşykly „Oguznamalaryň“ döredilmegi bolsa oguz taýpalarynyň arasynda däbe öwrülip gidipdir. „Oguznamaçylyk“ – munuň özi diňe bir türkmen edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhynda-da iň gadymy edebi däpleriň biri hökmünde ykrar edilendir. Giň ýaýrawa eýe bolan „Oguznamalaryň“ dürli nusgalary biziň döwrümize-de gelip ýetipdir. Türkmenleriň gadymy taryhy, sungaty, baý folklory, edebiýaty barada asyrlaryň dowamynda dürli dillerde ummasyz köp taryhy ýazgylar toplanypdyr. Ýunan, hytaý, arap we pars çeşmeleri halkymyzyň gadymy geçmişini öwrenmekde gymmatly maglumatlar berýär. Türkmen halkynyň gadymyýetini öwrenmekde daşary ýurt çeşmeleriniň arasynda aýratyn orun gadymy hytaý ýazgylaryna degişldir. Uzak döwürleriň dowamynda türkmenler ýetmişden-de köp döwlet döredipdirler. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň, Göktürkmenleriň döwletiniň we başgalaryň Hytaýdaky döwletler bilen goňşyçylykda ýerleşmegi we özara syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň alnyp barylmagy Çyn-Maçyn ýurdunda gadymy taryhymyz hakynda gymmatly ýazuw çeşmeleriniň toplanmagyna getiripdir. Gadymýetde goňşy oturan halklar bolan türkmenler we hytaýlylar asyrlaryň dowamynda biri-birine her hili atlary beripdirler. Hytaý ýazuw çeşmelerinden mälim bolşy ýaly hytaýlylar oguzlary-türkmenleri „hunnu“, „gunnu“, „sýunnu“, „dulga“, „týukýüe“ ýaly atlar bilen atlandyrypdyrlar. Türkmenler bolsa hytaýlylary „tabgaç“, „kytaý-hytaý“ olaryň ýurduny bolsa birneme giçkiräk döwür „Çyn-Maçyn“, ýagny, „Çin-Beýik Çin“ diýip atlandyrypdyrlar. Muny gadymy oguz-orhon ýazgylaryndan görmek bolýar. Hatda hytaýlylaryň özleri hem öz ýurtlaryny hiç haçan „Beýik Çin“ diýip atlandyrmandyrlar. Olar öz milletlerini häli-häzire çenli „han“, ýurtlaryny bolsa „Jungo“, ýagny „[Älemiň] merkezindäki döwlet“ ýa-da „Týansýa“, ýagny „Asmanyň (Taňrynyň) huzuryndaky [döwlet]“, diýip atlandyryp gelýärler. Gadymy döwürlerden başlap, türkmenleriň öz taryhyny beýan edýän „oguznamaçylyk“ däbi ýaly, hytaýlylar hem öz ýurdunyň taryhyny ýazmaklygy däbe öwrüpdirler. Olar belli derejede Hytaýyň çar tarapynda oturan goňşy halklaryň taryhyny hem ýazmaga çalşypdyrlar. Hytaýlylarda taryh „Şu“ diýilip atlandyrylyp, ol „Nesilşalyklaryň taryhy“ („Goşu“) görnüşinde ýazylypdyr. Sebäbi müňýyllyklaryň dowamynda Hytaýyň ýerinde ençeme döwletler we olary dolandyran nesilşalyklar bolupdyr. Hytaýlylar şol döwletleri dolandyran nesilşalyklaryň tas hemmesiniň diýen ýaly taryhyny ýazypdyrlar. Hytaýda taryhyň belli bir döwrüniň wakalaryny beýan edýän ýyl ýazgylarynyň („Ganmu“) hem ençemesi ýazylypdyr. Han nesilşalygynyň agalyk eden zamanynda (miladydan öňki III – miladynyň III aa). Hytaý diňe bir öz goňşulary bilen däl, eýsem uzakdaky ülkeler bilen hem gowy gatnaşyklara girip ugraýar. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti bilen alnyp barylýan uruşlar döwründe hytaý patyşasy köşk adamlarynyň birini – Çžan Sýany Horezme ilçi edip iberýär. Çžan Sýanyň maksady Horezmi hunlara garşy uruşda Hytaýyň tarapyna çekmek bolupdyr. Çžan Sýan miladydan öňki 140-126-njy ýyllar aralygynda Horezmde bolmak bilen Merkezi Aziýanyň halklary barada gymmatly maglumatlary galdyrypdyr. Häzirki döwürde Hytaýda 26 sany „nesilşalygyň taryhy“ saklanylýar. Şol „nesilşalyk taryhlarynyň“ aglaba köpüsinde biziň ata-babalarymyzyň taryhy hakynda-da möhüm maglumatlar berilýär. Goňşulykdaky halklar baradaky maglumatlar „Nesilşalyklarynyň taryhynyň“ ýörite baplarynda ýerleşdirilipdir. Gadymy ata-babalarymyz hakynda gürrüň berýän iň irki hytaý ýazuw ýadygärligi bu „Taryh kitaby“ („Şan-şu“) eseridir. Bu eser b.e. öňki VI asyrda ýazylypdyr diýlip hasap edilýär. „Taryh kitabynda“ miladydan öňki III müň ýyllykda – ýagny Ýao we Şan döwründe hytaý bilen goňşyçylykda Man, I, Di, Žun, diýilip atlandyrylan halklaryň ýaşandygy bellenilýär. Hytaý ýazuw çeşmeleri türki dilde gepleýän halklaryň öz köklerini „Di“ diýilip atlandyrylan halkdan alyp gaýdýandyklaryny belleýär. Hytaýyň „nesilşalyk taryhlarynyň“ sanawynda meşhur taryhçy Syma Sýanyň (miladydan öňki 145-90 ý.ý.) „Taryhy ýazgylar“ („Şi-szy“) eseri birinji orunda durýar. „Taryhy ýazgylaryň“ 110-njy baby („Szýuany“) dolulygyna hunlaryň taryhyna bagyşlanýar. „Taryhy ýazgylaryň“ gymmatly tarapy ol türkmenleriň 5 müň ýyllyk taryhynyň bardygyny tassyk edýän iň irki ýazuw çeşmesidir. Hunlar Sýan Çžonyň ýazmagyna görä, patyşa Ýaonyň döwründe (miladydan öňki III müň ýyllyk) „Hunýuý“, Çžou nesilşalygynyň döwründe „Hýan-ýun“, Sin nesilşalygy döwründe bolsa „Hynnu“ diýlip atlandyrylypdyr. Bu maglumatlar türkmenleriň bäş müň ýyllyk taryhynyň bolandygyny subut edýän iň irki çeşmelerdir. Biziň gadymy ata-babalarymyzyň taryhy barada gymmatly maglumat berýän eserleriň arasynda hytaý taryhçylary Syma Sýanyň „Taryhy ýazgylar“ kitabynda Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletini dolandyran sekiz sany hanyň, Ban Gu (miladynyň 32-92 ýý.) tarapyndan ýazylan „Sýan- Han şu“ („Irki han nesilşalygynyň taryhy“) kitabynda 17 sany hanyň, Fan Ýe-niň (miladydan öňki 398-445 ýý.) „Giçki han nesilşalygynyň taryhy“ („Hou Han-şu“) kitabynda 20 sany hanyň döwri hakynda gürrüň edilýär. Hunlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ussatlyk bilen beýän Syma Sýanyň „Taryhy ýazgylar“ kitabynda: „Hunlar otuň –suwuň ýagdaýyna görä, mallary bilen göçüp-gonup ýorler, olar gapysy gündogara tarap bakdyrylan tegelek gara, ak öylerde ýaşaýarlar. Iýmitleri et, içgileri gymyz, egin-eşiklerini dürli reňkli ýüň matadan tikýärler. Kim batyr, güýçli we jedelli meseleleri çözmäge ukyply bolsa, ony özlerine han saýlaýarlar“ diýip belläpdir. Syma Sýan öz eserinde hunlaryň iň gowy tohum atlary köpeldýändiklerini bellemek bilen „Ýaý atyp bilýanleriň hemmesi atly goşunda gulluk edýärler. Parahatlyk döwründe, adatça awçylyk edip, mal yzynda gezýärler, zerur wagty bolsa çozuşlary geçirmek üçin türgenleşýärler. Olaryň dogup-dörän tebigaty şeýledir. Olaryň uzyn ýaraglary gylyç bilen demir saply naýza, kelte ýaraglary bolsa ok-ýaý. Iş şowuna bolanda öňe okdurulýarlar, şowsuzlyk bolsa haýal etmän yza çekilýärler. Gaçmagy özlerine utanç hasap etmeýärler“ - diýip hunlaryň örän söweşjeň halk bolandygyny ýazypdyr. Ban Gu tarapyndan ýazylan „Irki han nesilşalygynyň taryhy“ kitabynda Hun döwletiniň pese gaçan döwürleri has ynandyryjy beýan edilipdir. Şonda Ban Gu Hytaý taryhynyň ýapjalygy kabul etmek baradaky teklibine hanlaryň garaýşyny şeýle beýan edýär: „Bu mümkin däl“ - diýip ýaşulylar aýtdylar. At üstünde oturup söweşmek biziň artykmaçlygymyzdyr. Hut şonuň üçin hem ähli halklar bizden çekinýärler. Bizde entek edermen ýigitler gutaranok. Emma indi iki süýtdeş dogan tagt üstünde dawa edýärler. Bu gün bolmasa ertir tagty ýa kiçisi, ýa-da bolmasa, ulysy alar. Şu ýagdaýda öleniňem gowudyr. Biziň nesillerimiz hemişe-de halklaryň üstünden agalyk edip gezerler. Hytaý näçe güýçli bolaýsyn, ol biziň ähli ýerlerimizi eýeläp bilmez. Han nesilşalygynyň ýapjasy bolmaklyk – dünýäden öten hanlarymyzyň abraýyny dökmeklikdir, goňşy halklara bolsa üstümizden güldürmekdir“. Hunlar hakyndaky maglumatlar Ban Gunyň kitabynyň 94 a we 94 b baplarynda beýan edilýär. Ata-babalarymyz hakyndaky maglumatlar Fan Ýe-niň „Giçki han nesilşalygynyň taryhy“ kitabynyň 119-njy babynda ýerleşdirilipdir. Bu kitapda miladynyň 25-215- nji ýyllary aralygynda Günorta Hun şadöwletini dolandyran 20 sany hanyň döwri hakynda gürrüň edilýär. „Giçki han nesilşalygynyň taryhy“ eseri hunlaryň taryhynyň giçki döwrüni çuňňur beýan etmäge ýardam edýär. Türkmen taryhynyň möhüm döwürleriniň biri-de Göktürkmenleriň döwletiniň ýaşan asyrlarydyr (552-745-nji ýý). Bu döwürler barada-da gymmatly hytaý çeşmeleri bardyr. Göktürkmenleriň döwleti hakynda maglumatlar, esasan Weý-şou (VI asyrda ýaşan) tarapyndan ýazylan „Weý nesilşalygynyň taryhy“ („Weý-şu“), Li Ýan-şou (VII asyrda ýaşan) tarapyndan ýazylan „Demirgazyk nesilşalyklarynyň taryhy“ („Beý-şi“), Weý Çženiň (VII asyrda ýaşan) „Suý nesilşalygynyň taryhy“ („Suý-şu“), Ouýan Sýu-nyň (XI asyrda ýaşan) „Tan nesilşalygynyň taryhy“ („Tan-şu“) we käbir beýleki „nesilşalyk taryhlarynda“ jemlenendir. „Tan nesilşalygynyň taryhy“ kitabynda-da Göktürkmenleriň taryhy bilen baglanyşykly maglumatlar iki bölege bölünip, birinji bölüminde Gündogar Göktürkmenler döwletini (552-745 ýý) dolandyran 21 sany hanyň döwri beýan edilýär, ikinji bölüminde bolsa Günbatar Göktürkmen döwletini(600-766ýý) dolandyran 28 sany hanyň döwri beýan edilýär. Göktürkmenleriň taryhy boýunça möhüm çeşme bolmak bilen eser göktürkmen halkynyň döreýşi, bu halkyň urp-adatlary, dini düşünjeleri, durmuş taýdan bölünişi, döwlet gurluşy, hojalygy şeýle hem Göktürkmenleriň döwletiniň daşary we içeri syýasaty barada örän gymmatly maglumatlary berýär. Göktürkmenleriň oňonynyň möjek bolandygy, öz baýdagyny möjegiň altyndan edilen kellesiniň şekili bilen bezändigi, olaryň „uruşda ölmegi şöhrat – keselden ölmegi bolsa masgaraçylyk hasap edendikleri hakynda-da hytaý çeşmelerinde aýdylýar. Gadymy ata-babalarymyzyň taryhyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, däp-dessurlaryny, dünýägaraýyşlaryny, gylyk-häsiýetlerini göz öňüne getirmekde hytaý çeşmeleriniň belli bahasy ýokdyr. Türkmen halkynyň taryhy, türkmen edebiýatynyň taryhy hakynda maglumat berýän gymmatly çeşmeleriň hataryna türkmenleriň ýaşan ýerlerinde bolup giden ahemeniler döwrüniň klinopisi, antiki awtorlar Gerodotyň, Kteziniň, Strabonyň, Hares Mitilenliniň we şolara salgylanan Polieniň, Gekateýiň, Diodoryň, Ptolomeýiň we başgalaryň işlerini görkezmek bolar. A.Makedonskiniň döwriniň çeşmelerindäki maglumatlar (Kwint Kursiý, Arrian) has hem köpelýär. Bu çeşmelerde diňe bir türkmen halkynyň taryhy hakynda däl, eýsem olaryň döreden we Türkmenistanyň häzirki çäklerinde, Merkezi Garagumda, Uzboý sebitlerinde ýaýbaňlanan rowaýatlary, efsanalary, hekaýatlary, dürli edebi nusgalary hakynda-da maglumatlar berilýär we mysallar getirilýär. Şeýle edebi nusagalaryň hatarynda Geradotyň ýazgylarynyň üsti bilen gelip ýeten hökümdar aýal Tumaryň miladydan öňki 530-njy ýylda ahemeni şasy Kurosyň iki ýüz müň adamlyk haýbatly goşunyna garşy alyp baran göreşi we onuň Uzboý sebitlerinde gazanan uly ýeňşi hakyndaky, midiýa şasy Daranyň goşunlaryny miladydan öňki 513-nji ýylda hile bilen ýedi günlük ýol ýöredip, Garagumuň jümmüşinde suwsuz-sölsüz teşne galdyryp, özi heläk bolsa-da, ilini halas eden Syrak hakyndaky, söweşjeň zenan Zerrinaý hakyndaky ýa-da Hares Mitilenli tarapyndan ýazga geçirilen, wakalary käbir türkmen halk ertekilerindäki we dessanlaryndaky aýry-aýry pursatlary ýadyňa salyp duran Otatidanyň Zariadra bolan söýgüsi hakyndaky kyssalary görkezmek bolar. Bu eserleriň hemmesiniň wakasynyň Türkmenistanyň häzirki çäklerinde bolup geçýänligi hem bellärliklidir. Giçkiräk döwrüň ýazgylarynyň hatarynda wizantiýaly we ermeni awtorlaryň işlerini (Menandr Protektor, Prokopiý, Feofilakt Simmokat), siriýaly hristian awtorlarynyň (Ýeşu Stilit, Zahariý we başgalar) işlerini, käbir sasanly tekstlerini (Paýkulynyň we Şapuryň ýazgylaryny ) we olar bilen baglanyşykly pehweli dilinde ýazylan edebiýatlary (Awesta, Bundahşin), gadymy oguz-orhon ýazgylaryny (Költegin, Toňýukuk baradaky ýazgylar) görkezmek bolar. Halkymyzyň gadymy taryhy barada möhüm maglumatlary Sogdy arhiwiniň (Güregiň şahsy arhiwi), gadymy Horezm arhiwi, aýry-aýry gadymy türk dilli ýazgylary, köp sanly epigrafiki materiallary berýärler. Belli taryhy taýdan gymmaty bolan çeşmeler arap we pars dilli edebiýatlarda, şeýle hem sak, tohar we tibet ýazgylarynda-da saklanýar. Bularyň hemmesi türkmen edebiýatynyň taryhynyň türkmen halkynyň öz taryhy ýaly gadymydygyny, bu edebiýatyň hemişe Gündogar halklarynyň edebiýatlarynyň arasynda öň hatarda bolandygyny we dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyryp gelendigini, belli derejede onuň ösüşlerini kesgitländigini görkezýär. Irki orta asyrlaryň ikinji ýarymynda türkmen ylmynda has hem uly ösüşler bolup geçýär. Bu döwürde gelip çykyşlary boýunça türkmen halky ýa-da Türkmenistanyň çäkleri bilen baglanyşykly bolan Abu Abdyrahman Abdylla bin Mübärek al-Merwezi (736-798), halyf al-Mamunyň weziri al-Fadl bin Sähl as-Sarahsy (770-818), Muhammet ibn Musa al-Horezmi (783 – 847-850), Ibn Kuteýbe al-Merwezi (828-898), Abulwezir ibn Omar ibn al-Mutarryf ibn Muhammet al-Abdy al-Kätip (wepaty 803 ý.), Abu Magşar Horasany (takm. 786-886), Ahmet ibn Abdylla al-Merwezi (wepaty takm. 803 ýý.), Abulapbas Ahmet ibn Muhammet ibn Merwan as-Sarahsy (wepaty 899 ý.), Abubekr as-Suly (wepaty 946 ý.), Abu Nasyr Muhammet ibn Tarhan ibn Uzluk al-Faraby (870-950), Abu Japar al-Hazyny al-Merwezi (X a.), Abu Yshak ibn Ybraýym al- Faraby (wepaty 962 ý.), onuň ýegeni Abu Nasyr Ysmaýyl ibn Hammat al-Jöwheri (wepaty 1002 ý.), Abulhasan Aly ibn Ahmet an-Nesewi (takm. 970-1030), Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhçysy Abu Nasyr Muhammet ibn Abdyljepbar al-Utby (961-1023), Abu Reýhan al-Biruny (973 – 1048-52), Abu Aly ibn Sina (980-1037) ýaly alymlaryň ylmy işleri tutuş Gündogar ylmynyň şan-şöhratyny artdyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |