12:03 Gadymdan gelýän çadra | |
GADYMDAN GELÝÄN ÇADRA
Edebi makalalar
Häzirki zamanda çadrany fundamental yslamyň simwolyna öwürdiler diýse boljak. Şerigatyň höküm sürýän ýurdy görkezilende başy çadraly aýal birinji plana geçýär. Men altmyş ýyllyk ömrümde başy çadraly türkmen aýalyny görmedim. Soňky ýyllar musulmançylyk däpleriniň gaýtadan ýüz berýändigine garamazdan, çadra atynmaga höwes bildirýän aýal ýok, sebäbi ozallar hem türkmenlerde bu däbe gol ýapylmandyr. On dokuzynjy asyryň ýigriminji ýyllarynyň başynda türkmenleriň arasynda bolan, J.Frezer “Horasana syýahatyň beýany” atly kitabynda: “Türkmen aýallary musulman ýurtlarynyň aglabasynda hökmany bolan çadrany başlaryna atmaýarlar, diňe agyzlaryny ýapmak üçin ýüpek ýa-da nah matadan ýaşmak oranýarlar” diýip ýazýar. Mundan altmyş ýyl soň Mary tekelerinde ýesirlikde bolan Genri Blokwil aýallaryň egin başy hakynda jikme-jik ýazýar, ýöne çadrany dile getirmeýär, bürenjek atynýandyklaryny aýdýar. Blokwilden ýigrimi ýyl soň Gökdepe galasyny almaga gatnaşan general Kuropatkin aýallaryň ýüzlerini ýapmandyklaryny belleýär. Türkmen aýallary topbulymy-dälmi, kellesine bürenjek ýa-da çabyt atynýarlar, ýöne atynjalaryň çeti maňlaýdan aşak düşmeýär, diňe ýasda bürenjek çümre bürenilýär. A.Öräýew “Adat”kitabynda şeýle ýazýar: “Bürenjekden tapawutlylykda türkmençilikde gyzlar, ýigitler öýlenmänkä nikap götermäge hakly bolupdyr. Türkmen juda owadan gyzlara, ýigitlere nikaply gezmegi ündäpdir. Ol bir tarapdan göz degmeden goraýan bolsa, beýleki tarapdan onuň töweregindä- kileriň mähriniň siňip, köňülleriniň perişan hala düzmezligi üçin edilipdir. Biz “Gorkut atada” ýigitleriň nikap göterendigine duşýarys... “Hantöreli” ýüzünden nikabyny serpdi. Şol wagt gyz köşgüň üstünden bakýardy. Ol ýigidi göreninden daraklygy gowşap, osal olmuş tana kibi, agzynyň suwy akdy...” Türkmençilikde nikapdan we büren jekden başga gyzlaryň we çagalaryň ýüzüne tuwak tutmak däbi hem bolupdyr. Gelniň ýa-da bäbegiň başyna atyp, ýüze örtülýän seçekli örtüge tuwak diýlipdir. Gelşik üçin tuwagyň seçeginiň uşuna hünji ýa-da monjuk düzülipdir. Han, beg gyzlary-da köplenç başy jygaly, ýüzi tuwakly gezer ekeni”. Gelin getirlende gyzyň başyndaky gupbaly tahýanyň üstünden ak ýüpek ýaglyk, ýaglygyň üstünden hem gyzyl mahmal atylýar. Ýaglygyň seçekleri gelniň ýüzüne perde bolup düşmeli. Bu däp örän gadymy. “Mif we simwola” salgylanalyň. Ýakyn gündogaryň halklarynda aýal hudaýlar köplenç başlary örtünjeli şekillenen. Aýallar Beýik Aýal hudaýyň kulty bilen bagly rituallarda ýüzlerini ýapýan ekenler. Häzir gelinleriň ýüzüni ýapmak däbi-de, gadymyýetden gaýdýar. Gelniň ýüzüne düşýän seçek ýagşyň alamaty, ýagyş Aýal hudaýyň gudratydygyny aýdypdyk. Biz gelniň nika lybasy-fata belet. Fata geýilende ýüzi ýeňiljek perde örtýär. Öňler Russiýada-da äre baran aýallar öýden çykanlarynda ýüzüne perde çekipdirler. Italiýanyň Sardiniýa adalarynda henizlerem aýallar merhum jaýlananda ýüzlerini ýaglyk bilen ýapýarlar. Ýas ýerinde biziň aýallarymyzyňam bürenjekli, ýüzlerini ýapýandyklaryny aýdypdyk. Adygeýlerde adaglanan gyz obada täze ojagyň oduny ýakanda başy çadraly bolmaly. Gadym zamanlarda Ýakyn Gündogarda aýallar diňe dini dessurlarda däl, gündelik durmuşda-da ýüzlerini ýapyp- dyrlar. Töwratda Abraam (Ybraýym) sergezdanlyk edip ýörkä Gerar ýurdunda ýük ýazdyrýar. Geraryň patyşasy Awimelek onuň aýaly Sarra hyrydar çykyp, ony köşge getirmegi buýurýar. Hudaýyň eradasy bilen Awimelek bet niýetinden el çekýär, Abraamyň pygamberdigini bileninde etmişine ökünýär, ötünç soraýar, oňa birgiden serpaý edýär, mülk berýär, gul-gyrnak bagyşlaýar. Onuň sowgatlarynyň arasynda Sarra niýetlenen örtünjegem bar. Örtünjek Sarranyň gözlerini töwerekden garaýanlaryň nazaryndan gizlemeli. A.Golan ýewreýlere mahsus bu däbiň soň musulmanlara geçendigine şübhe edenok. Şu ýerde bir fakta üns bermeli. Örän gadym döwürde suratlarda mifiki jandarlar agyzsyz şekillendirilen. Sebäbi şol wagtky ynanja görä, eger olar agyzly çekiläýse, jandaryň adamlary iýmeginden gor kulypdyr. Ýüzi, agzy ýapmagyň soňky manysyna J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda duş gelse bolýar. Afrikanyň soltanlary agyzlaryny ýapyp, şer araýan ruhlaryň ýoluny baglaýandyrys öýdüpdirler. Kellä ýüze, agza ak mata orapdyrlar, diňe gözi açyk goýupdyrlar, şeýlelikde häkimligiň özlerine degişlidigini duýdurypdyrlar. Dini ynançlar üýtgände oňa-da täze ynanja laýyk many berlipdir. Bir mysal. Otparazlyk yslamdan öň Eýranda agalyk eden din. Otparazlar hem aýallary erkekler bilen deň görmändirler. Şol zerarlam ojagyň başynda biş-düş bilen meşgul aýal öz demi bilen mukaddes ody hapalar diýen düşünje dowam edipdir, aýallar agyzlaryny ýapmaly bolupdyr. Bizde hem din aýallaryň agzynda ýaşmak bolmagyny ündeýär, şeýdip olaryň geplemezligini, özlerinden ulularyň, erkek adamlaryň ýanynda dymmaklaryny gazanypdyr. Erkekleriň aýallara gatnaşygyndaky tekepbirlige, gedemlige haýran galyp oturmaly. Göwnüňe bolmasa, olar güýçli jyns diýlip yglan edilen ýörgünli düşünjäniň sepiniň açylmagyndan gorkup alada galyp ýörene meňzeýärler. Hakyky ýaşaýşa seredip otursaň erkekleriň aýallara garaňda ejiz gelýän ýeri örän köp. Öňi bilen jyns hökmünde aýallardan giç kemala gelýärler, olardan az ýaşaýarlar. Kesel-dert babatda-da ejiz, durmuşyň keşigini çekmekde-de aýallardan çydamsyz. Gyjyt bereýin diýseň delil tapylar gider oturar. Demi ýer ýaran, galalary, şäherleri weýran eden beýik serkerdeler zenanlaryň öňünde dyza çökmedilermi näme? Aýalyň nähili ýasalandygy hakyndaky rowaýaty döredenem erkekler. Hudaý ähli jandary jübüt ýaratsa-da, Adam ata babatda bu kadany saklamandyr. Esli wagt geçenden soň adam bu adalatsyzlygy Biribara duýdurypdyr. Hudaý ýalňyşyny düzedipdir. Adamyň dokuzynjy gapyrgasyny alypdyr-da, ony aýal şekiline getiripdir, soňra oňa Günüň ýiti şöhlesini, Aýyň solak ýagtysyny çaýypdyr, tilkiniň mekirligini, maýmynyň çakganlygyny, pişigiň şelaýynlygyny, eşegiň kesirligini, ýolbarsyň arryldysyny, ýylanyň zäherini, şemalyň durnuksuzlygyny beripdir. Soňra duzlapdyr, burç sepipdir, biraz şeker goşupdyr, demi bilen üfläp jan salypdyr-da: “Me, şu bolşunda al, ýöne üýtgetjek bolup pikirem etmegin, adyny Ýewa-Hawa diýip tut” diýipdir. Heý, şundan soň aýala ejiz jyns diýmäge diliň barjakmy? Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |