18:49 Gadymy türk däplerinde adatdan daşary ynanç: Ýada daşy | |
GADYMY TÜRK DÄPLERINDE ADATDAN DAŞARY YNANÇ: ÝADA DAŞY
Geň-taňsy wakalar
Umumytürk taryhy taýdan alanda çuññur manylary bolan simwollardan biri. Dürli atlar bilen tanalýar. Türkleriñ "ýada" diýýän daşynyñ jadylydygyna ynanylýar. Aýdylyşyna görä bu daşlar gerek bolsa gar-ýagyş ýagdyryp, howa hadysalaryna täsir edip bilipdir. "Sengi-metar" ýa-da "hajerül-metar" diýilýän ýada daşy gadymy türki halklaryñ durmuşynda täsin jadyly daş hökmünde ulanylypdyr. Türkler bu jadyly daşy tomsuñ jokrama yssysyna çydap bolmajak günlerinde ýa-da ýangyn hadysalarynda ýagyş ýagdyrmak üçin ulanypdyr. Çünki türkler üçin mukaddes saýylýan agaçlaryñ goralmagy üçin bu daşyñ ähmiýeti uly bolupdyr. • Türkler we agaç medeniýeti Yslamdan öñki türki halklaryñ ynanjynda halkyñ başynda oturan hakan Ötüken ady berlen tokaýda ýaşapdyr. Bu tokaý şeýle bir mukaddes saýylypdyr welin, Bilge Kaganyñ ýazgysynda ýurduñ asudalygy üçin bu tokaýda oturmak şeýle sözler bilen maslahat berilýär: "Ötüken tokaýynda otursañ, ýurdy ebedilik saklarsyñ". Bu jümle tötänden aýdylan jümpe däldi, çünki türkleriñ ynanjynda asmany, ýagny älemiñ ýaradylyşyny añlamak üçin iñ mukaddes närse dag bilen agaçdy. Şonuñ üçin ybadatlaryñ agramly böleginde agaç mukaddes saýylypdyr. Eger hökümdar agaçlar bilen gurşalan tokaýda - Ötükende halkyny saklamagy başarýan bolsa, onuñ ýurduny ähli bozgaklyklardan we erbetliklerden goradygy bolýardy. Agaç türk medeniýetinde möhüm ýer eýeleýär Bir adam panydan bakyýete göç eýlese, onuñ hormatyna edip boljak iñ gowy zat, mazarynyñ başyna agaç ekmek bolupdyr. Mundan başga-da uly türk hökümdarlary häkimiýetiniñ güýjüni we şanyny görkezjek bolup, hökman öz nesil şejeresini uly agaç hekaýatyna baglanyşdyrypdyr. Mysal üçin, uýgurlaryñ "Ýaradylyş" dessanynda şeýle bölüme duş gelýäris: "Bir gün bu iki agajyñ arasyna asmandan iki nur indi. Şonuñ üçin iki tarapdaky... Bu ýagdaýy gören halk haýran galypdy. Oña tarap ýakynlaşdylar. Alkymyna baraýanlarynda gulaga ýakymly saz we nagmalar eşdildi. Her gün agşam bu ýere nur indi, nuruñ töwereginde-de otuz ýyldyrym çakdy. Ýene bir gün başga ýerde olary doýrarlyk derejede süýtden doly emzikler asylgydy... Çagalar ulalansoñ, ene-atalaryndan soradylar. Olaram şol iki agajy görkezdiler". (Bahaeddin Ögel "Türk mifologiýasy"). Bu setirlerden uýgurlaryñ öz añyrsyny agaç bilen baglanyşykly mukaddesleşdirýändigini görýäris. Türki kowumlarda we döwletlerde agaç iñ sylag-sarpaly nyşan hökmünde görlüpdir. Käbir kowumlarda bolsa bolsa adamzadyñ we beýleki janly-jandarlaryñ agaçlardan ýaradylandygy hakda güýçli ynançlar bolupdyr. Şonuñ üçin yslamdan öñki türklerde agaç jemgyýeti şekillendirýän iñ esasy zatlardan biri eken. Agaç türkleriñ diñe dini ynançlaryny däl, ýaşaýyş-durmuş formalaryna we sungatlaryna-da düýpden täsir edipdir. Agaç medeniýeti bilen birlikde köp sanly ynançlaram döräpdir. Ýada daşy hem şolaryñ biridir. • Türkler we ýada daşy Bu daş hakdaky birinji düýpli maglumaty Mahmyt Kaşgarlydan öwrenýäris: “Ýat - özbaşyna bir bilgiçlik ýaly zatdyr. Ol ýörite daşlardan ýasalypdyr. Bu şekulde ýagyş-gar ýagdyrylypdyr, ýel öwüsdirilipdir. Bu usul türkleriñ arasynda giñden ýaýran däpleriñ biri. Men muny Ýagma (türki taýpalaryñ biri) ýurdunda gördüm. Bir gün ol ýerde ýangyn döredi, tomus paslydy. Ýañky usul bilen ýagmyr ýagdyryldy we Uly Tañrynyñ eradasy bilen ýangyn söndürildi". Türk alplary ýaraglarynyñ kebzesini ýa-da galkanlaryny dürli hili ýada daşy bilen bezäpdirler. Gowy urşujy bolmak bilen bir hatarda gowy "ýadaçy" bolmak, ýagny göklere höküm etmegem türki dessanlaryñ we däpleriniñ başyny çekýär. Ynanja görä bu daş bilen tokaý ýangynlarynyñ öñüni almak, ýeriñ bereketlenmegi üçin gar ýagdyrmak ýa bolmasa duşmanyñy dyr-pytrak etmek üçin gaý-tupanlar turuzmak mümkin eken. Gadymy türk däplerine görä bu daşyñ gar-ýagyş ýagdyrýandygyna we tebigy hadysalara täsir edýändigine ynanylýar Yslam ynanjynda "ýagmyr dogasynyñ" bolandygy sebäpli türkleriñ bu ynanjy arap intellektuallarynyñ ünsüni çekipdir. Bu boýunça arap jahankeşdeleriniñ gyzyklanmalary muny orta goýýar. Araplaryñ "hajerül-eswed" diýýän jadyly türk daşy barada Kazwini şeýle diýýär: "Türk ýurtlaryndan getirilýär. Dürli reñklerde bolýar. Gabyñ içindäki suwda goýlanda, asmanyñ ýüzüni bulut tutýar we ýagyş ýagýar, howa sowaýar we gar ýagýar. Bu giñden bilinýän iş. Şeýdip ýagyş ýagdyrylandygyny gören adamlary gördüm". Makdisi, Ibn Haldun ýaly awtorlar hem bu daşy agzanlarynda "türkleriñ geografiýanyñ üstündäki artykmaçlygy" ýaly görnüşde öwrenip, baha bermekleri meseläni hasam ünsi çekiji ýagdaýa getirýär. Beýleki bir tarapdan osmanly ulamalary bu däbe bidat (dinde halanmaýan nädürs iş) hasaplandygyny görmek bolýar. Taşköprülizada Ahmet Ependi türkleriñ bu gadymy ynanjyny yslam nukdaýnazaryndan seredip "küpür" hasaplaýar: "Türkleriñ käbir düşünjesiz taýpasynyñ ýagyşlaryñ emele gelşini ýa-da daşlaşdyrylmagyny üpjün edip bilýändiklerini aýdýarlar. Muny anyk öwrenmedik şäherlilerem muña ynanýar. Doga-jady ýa-da Alla tarapyn ýagyş ýagdyryp ýa-da ýagýan ýagşy diñdirip bilýärlermiş. Bu gürrüñ ullakan ýalandan, güýçli hileden we pitne-pesatdan başga zat däl. Bu ýagdaý garamaýaklardan we ýönekeý boş adamlardan köp sanlysy üçin ybrat we sapyklygyñ sebäbidir. Ýene-de şeýle ýagdaýdan, käbir dagly türklerde bir daş barmyşyn, aýdylyşyndan ýagyş getirýärmiş. Hemmesi ony bilýär. Suwuñ içine atýarlar, jada meñzeş bir zatlary edýärler, hudaý saklasyn, küpür sözleri aýdýarlar". Osmanly ulamalarynyñ çemeleşmesiniñ tersine, beýik yslam alymy Ebu Bekir er-Razy muña bidat-küpür hökmünde garamandyr: "Türküstanda garlyklaryñ peçenegleriñ ýurtlarynyñ arasyndaky dag geçelgeleriniñ birinden goşun ýa süri geçende, daşlar biri-birine sürtelip, tüm-garañky duman basaýmasyn ýa-da bedreden guýlan ýaly ýagyş ýagaýmasyn diýip, haýwanlaryñ toýnagyna ýüñ dañlypdyr we ýöremeleri ýeñledilipdir. Eger haýwanlaryñ toýnagy ol daşa degip biri-birine sürtelse, şobada howa bulaşyp, daş-töweregi bulut gaplap alypdyr we ýagyş ýagypdyr. Gyş paslyna dagy gabat gelse, çapgynly ýagyş ýagyp, ýollar gömlüp galypdyr. Ol ýerden geçenler bu daşlardan alyp, Türküstan şäherlerine we başga ýerlere äkidipdirler". Gaty kän çeşmelere salgylanyp, sizi güýmäp durmaýyn, ýöne bu jadyly daş barada has köp maglumaty Ahmet Ögreteniñ "Türk medeniýetinde ýada daşy we XVIII asyryñ ahyrynda osmanly-rus uruşlarynda ulanylmagy" atly makalasynda näçe diýseñiz tapyp bilersiñiz. Awtoryñ köp sanly alymyñ pikirlerine salgylanyp, meseläniñ üstünde giñişleýin durup geçmegi okyjysyny haýrana goýsa gerek. Türkler beýleki medeniýetlerden has köp ýagdaýda asman bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Ýada daşy bolen tebigata höküm edendikleri baradaky ynanç munuñ iñ aýdyñ mysalydyr. Bu daş bilen ýangyn hadysalarynda ýagyş, gurakçylykda gar ýagdyrylýandygyna ynanylypdyr. Sözümizi ussat şahyrymyz Sezai Karakoçyñ şygry bilen jemläliñ: "Ýagmyr dogasyna çyksadyk dostlar, Bulutlar ýarylyp, howa açardy. Şindi ne ähtimal, ne-de mümkin bar, Göge hökmetmekden añsat ne bardy. Ýagmyr dogasyna çyksadyk dostlar! Men gelenim bäri açmady gökler, Ýa men bulutlary añlamaýaryn, Ýa bulutlañ menden bir tamasy bar, Ömür bir ölümdir, yşk bir uçurym - Men gelenim bäri açmady gökler..." Mehmet MAZLUM ÇELIK. Anna, 28.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |