12:52 Gahrymany bolmadyk hadysa | |
GAHRYMANY BOLMADYK HADYSA
Publisistika
Bu belki-de, taryhyñ iñ batyrgaý kararlarynyñ biri we diñe Çerçiliñ aýdyşy hem-de Ebu Ammaryñam nygtaýşy ýaly "batyrlaryñ ýaraşygy" däl-de, mundanam has köpi. Ermenistanyñ prezidenti Waagn Haçaturýan / Fotosurat: armenpress.am Ukraina urşundan we Gaza jeñinden soñ iñ möhüm habar ýa-da hadysa näme? Munuñ jogabyny kän agtarsagam, jogabyny hiç tapyp bilmeris. Adamlar üçin möhüm zatlaryñ hökman gowy bolmagynyñ geregi ýok. Ukrain urşuna bolan gyzyklanmanyñ ýetjek derejesine ýeten wagty, birdenem nädip ýatdan çykyşyp başlaýşyna üns beriñ. Global üns dessine Gazä gönükdi, bu üns hemişe palestinalylara we dünýäniñ öñ hiç görmedik adamzat dramasyna duýýan simpatiýasyndan gelip çykanok. Tersine, bu üns agressiýa, jenaýat, ýykgynçylyk we ganly epizodlar sebäpli döreýär. Bagyşlañ welin, bularyñ barsy adamyñ, siziñ, meniñ we birnäçesinden başga ähli jemgyýetleriñ tebigatynda bar. Biz köplenç "hadysalar" diýenimizde, uruşlar, çekişmeler, yzy üzülmeýän çaknyşyklar ýaly erbet hadysalary göz öñüne tutýarys. Angliýanyñ korolynyñ Waşingtona eden resmi saparyny hadysa hasabynda göremzok. Ýa-da amerikan paýtagtynda üç iñlisiñ öldürilmegi habar beriş serişdelerini aýaga galdyran hadysa däl. Ukraina uruşy bilen Gaza uruşynyñ arasynda (meniñ üçin) seýrek gabat gelýän ýa-da eger taryhçylar muña üns berse, nusgalyk adamzat hadysasy bolup geçdi. Waagn Haçaturýan diýilýän adam goñşusy Azerbaýjan bilen uruşmagyñ ýerine, ähli ermeni raýatlaryny dawaly Daglyk Garabag oblastyndan çykaryp, ýeke ok atnazdan öz ýurtlaryna gaýdyp gelmegini üpjün etdi. Haçaturýan birnäçe gan sorujy telbeler tarapyndan gorkaklykda aýyplandy. Bular sag-salamat gaýdyp gelen 100 müñ ermeniniñ amala aşmasy mümkin däl gahrymançylyk üçin gara ganyñ içinde galmagyny ýa-da öldürilmegini gowy görýän bolarly. Ermenistanyñ prezidenti ýurduny we duşmanyny jenaýatdan, ýykgynçylykdan, gandan, has beter agressiýadan goramak üçin akmaklyga salanyny gowy gördi. Bu belki-de, taryhyñ iñ batyrgaý kararlarynyñ biri we diñe Çerçiliñ aýdyşy hem-de Ebu Ammaryñam nygtaýşy ýaly "batyrlaryñ ýaraşygy" däl-de, mundanam has köpi. Çünki bärdäki duşman bäsdeş ýa garşydaş topar däl, olar ýeñiş gazanyp, öýlerini, güzeranlaryny, mal-mülklerini, taryhlaryny gorajakdygyna ymykly ynanýan maşgala, dogan-garyndaşlar, egindeşler. Ekzistensialistleriñ dili bilen aýdandan "gahrymansyzlyk" ýa-da antigahrymançylyk ýa bolmasa adamzadyñ umuman ylalaşýan islendik gahrymançylygyny hiç zat hasaplaýan gahrymançylyk pähimine çagyryş edende, adam birhili çekinmänem duranok. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 10.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |