14:02 Galamyñ güýji | |
GALAMYÑ GÜÝJI
Goşgular
Erk ýörär, berk ýörär zemin ýüzünde, Ynsan, Jany bolsa bolmaz asla gury ýer. Dostum, ynan! Gadymky rysarlañ gylyjy ýaly, Bir gün biziñ galamlarmyz biriger. Onsañ zemin üzre ýaýylar şatlyk, Açylar doga däl, sowa kör gözler. Näçe çuñda gizlense-de garalyk, Nyşana deger deý atylar sözler. Açylar güller, açylar diller, Örküni üzer gorkudan daban. Aýdan bolsalar-da könelremiz, Garaldyp bilmez özgäni gazan. Onsañ suwlar ýaly borçly dälsiñ sen, Ýa ýatmaga ýa bir ugra akmaga. Sen şemalsyñ her tarapa öwsüber, Saña rugsat çar tarapdan bakmaga. Ýagşy işe derkar bolmaz sähetler, Sogap işiñ güni bolar gut aýy. Öñ bir diniñ Hudaýlary bölekdi, Soñ bir bolar ähli diniñ Hudaýy. Bilýän, Haksyz gymyldamaz çöp başy, Ýöne ynsan kysmatyna bo:r sebäp. Gyljam gylç halyna gelmedi dünýä, Kemal tapdy, ýanyp, tütäp ol eräp... Ýazgy-seýik, ýazýan-beýik bilseñiz, Hatda ykbal ýazylýandyr galamda. Emma, ýatan närsäñ haraýy degmez, Ol güýçlidir diñe ýerden galanda. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |