GALKYNYŞ EÝÝAMY MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ PELSEPELERINIÑ WYSALYDYR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň özüniň edebi mirasynda türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini ündäp beýan eden isleg-arzuwlarynyň bu günki gün wysal bolan durmuş hakykatlarydygyny nygtap öňe süren edebi taglymaty bu temany öwrenmeklige çemeleşmekde biziň ylmy-usuly esasymyzdyr. Täze Galkynyş eýýamynda mukaddes Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we älemde parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary örän uly bolan ýurt hökmünde ykrar edilmekligine guwanmaklyga hem-de buýsanmaklyga her bir türkmen raýaty kanuny taýdan hukuklydyr. Jennet mekanyna öwrülen berkarar türkmen döwletimiz öňdengörüji akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döwlet gurluşy, halkyň asudalygy we abadanlygy meselelerinde wysal bolan jöwher pikirleriniň datly miweleridir.
Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, hünärlilik ýaly kämil ahlak sypatlary onuň adyny daglardan, derelerden, asyrlardan hem-de ähli eýýamlardan aşyrýan filosofiki hakykatdyr, şeýle hem ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Şahyryň ideýalaryny okap öwrenen we onuň pendini tutan adamda geçmişe, şu güne, şeýle hem geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy kuwwatlykdyr. “Gara reň bolar” atly şygrynda:
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil budur – sözleşende deň bolar
[11, 259 sah.]
– diýip nygtaýşy ýaly, atalar sözi we nakyllara öwrülen jöwher pikirleri, halkyň aňynda, kalbynda we gulagynda gije-gündiz aýdym bolup ýaňlanýan asaldan datly şygyrlary dünýä halklarynyň dostlugynyň, doganlygynyň, agzybirliginiň mizemez nusgasydyr. “Şerh” sözüniň “beýan etme, düşündiriş” diýen manylary aňladyşy ýaly, adamy kämillige tarap gönükdirýän tükeniksiz edebi-ruhy gorumyzdyr. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň milli edep kada-kanunlarynyň dury çeşmesidir.
■ Şahyryň edebi mirasynyň öwreniliş taryhyndan
1960-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň (1733–1783) doglan gününiň 225 ýyllygy, 1983-nji ýylda bolsa 250 ýyllygy bütin ýurdumyzda toý-baýram edilip bellenilip geçildi. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen her ýylyň 18-nji maýy Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýlip ählihalk baýramyna öwrüldi.
Ähli eýýamyň dünýäde ykrar edilen akyldar şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez edebi mirasyny döredeli bäri üç ýüz ýyla golaý wagt geçipdir. Öz döwrüniň, öz ildeşleriniň arzuw-hyýallaryny äleme dogruçyl we täsirli ýaýmagyň hötdesinden gelen şahyryň eserlerinde beýik watançynyň janly keşbi suratlandyrylýar. Şahyr Watany, il-güni, onuň azatlygyny, agzybirligini, özbaşdaklygyny ähli baýlykdan ileri tutýar. Onuň şygryýet mirasy ýaşan döwrüniň gazaply synagyndan geçip, özüniň tebigy päkligi we röwşenligi bilen, biziň günlerimize mukdar taýdan doly bolmasa-da gelip ýetýär. „Reýgan eýledi“ atly şygry şahyryň ýazan kitaplarynyň, golýazmalarynyň dürli belalara, sil belasyna, gyzylbaşlaryň talaňçylykly çozuşlaryna duçar bolup, doly gelip ýetmänligini maglumat berýär. Şahyryň pelegiň süteminden ýangynly sözleýän setirlerinde:
Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi.
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.
Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy her ýana deňi-duşumyz,
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz –
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.
Şum pelek birehim, maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi [11, 68 sah.]
– diýilýär. Setirler şahyryň edebi mirasynyň dolulygyna däl-de, belli bir böleginiň bize gelip ýetenligini ykrar edýär. Emma bize gelip ýeten sözler ne sözler diýmek?! Bu sözler akyldar şahyryň “Boldum girýana” atly şygrynda beýan edilişi ýaly, onuň adyny äleme dessan eden ajaýyp ideýalar diýmekdir. Düýşünde ak pata berlen akyldar şahyr bu şygrynda׃
Diýrler: “Üç kişi bolduk ustadyň,
Daýym destan bolsun älemde adyň,
Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...,
Bu syry akmak açar ýa bir diwana [11, 70 sah.]
– diýmek bilen, öz ruhy halyny beýan edip, üç äriň – üç hezreti keramatlynyň – Hyzyryň, Isanyň, Şahymerdanyň (mertleriň şasy; hezreti Alynyň lakamy) gaýyby ruhlary bilen hemsöhbet bolýar. Şeýlelikde, şygyrda şahyryň ideýalarynyň jümle-jahana ýaýraýyş ýoly onuň tebigy ýagdaýyndan gelip çykýan hakykat hökmünde äşgär bolýar.
XIX asyryň başlarynda Ýewropa alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp başlaýarlar. Şahyryň ady we edebi mirasyndan parçalar Ýewropa edebiýatynda mälim bolup ugraýar.
1842-nji ýylda ilkinji gezek rus diplomatiýasynda gulluk eden polýak ýazyjysy Aleksandr Hodzko akyldar şahyryň üç sany şygryny we onuň özi baradaky gysgajyk maglumaty Londonda iňlis dilinde neşir etdirýär.
1862-nji ýylda Gazan we Sankt-Peterburg uniwersitetleriniň professory I.N.Berezin özüniň “Tureskaýa hrestomatiýa” atly üç jiltlik kitabynyň ikinji jildinde Magtymgulynyň bir goşgusyny arap elipbiýinde türkmen dilinde çap edýär.
1872-nji ýylda rus alymy F.Bakulin “Türkmen aýdymlary we olaryň Magtymguly şahyry” diýen at bilen ýazan işinde şahyryň özi hakynda gysga maglumat berip, onuň iki sany goşgusyny rus dilinde okyjylara ýetirýär.
1879-njy ýylda Budapeşt uniwersitetiniň professory German (Arminiý) Wamberi özüniň 1863-nji ýylda Orta Aziýa, şeýle hem Türkmenistana eden syýahaty netijesinde ýazyp alan Magtymgulynyň otuz sany şygryny dolulygyna, on sanysyny bolsa bölekleýin “Türkmen dili we Magtymgulynyň diwany” ady bilen asyl nusgada, şeýle hem nemes diline terjimesinde Leýpsig şäherinde žurnalda neşir etdirýär.
1907-nji ýylda Gündogary öwreniji rus alymy N.A.Ostroumow Magtymgulynyň elli sany şygryny arap elipbiýinde türkmen dilinde „Türküstan yerli gazetinde“, soňra 1911-nji ýylda bolsa ony aýratyn kitapça görnüşinde çapdan çykardýar. Rus alymy tarapyndan akyldar şahyryň goşgularynyň ilkinji gezek milli dilde kitap bolup ýaýradylmagy onuň edebi mirasyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni has-da güýçlendirýär.
1914-nji ýylda Buharada Gurbanberdi Gürgeni tarapyndan neşir edilen “Magtymgulynyň diwany” atly kitaba şahyryň 189 sany şygry girizilýär.
1926-njy ýylda türkmen sowet edebiýatynyň düýbüni tutujy Berdi Kerbabaýew Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyny ilkinji gezek türkmen dilinde toplamak we neşir etmek işiniň başyny başlaýar. 300 sany şygry öz içine alýan, 46 tema bölünen, 500 sahypaly bu kitap şahyryň eserleriniň dürli golýazmalary esasynda toplanylyp taýýarlanylýar.
1928-nji ýylda Gündogary öwreniji rus alymlarynyň ýene-de biri, baryp heniz talyp ýyllarynda–1902-nji ýylda Türkmenistanda saparda bolup, ertekileri, matallary, nakyllary toplap, ylmy-döredijilik işini türkmen edebiyatyny öwrenmeklige bagyşlan A.N.Samoýlowiçiň ýazan “Türkmen edebiýatynyň taryhyndan oçerkler” atly işinde şahyryň baý edebi mirasyna çuňňur seljerme berilýär.
1940-njy ýyllarda türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyna uly goşant goşan Ahmet Ahundow tarapyndan toplanylyp çapa taýýarlanylan Magtymguly Pyragynyň
saýlanan eserleriniň iki sanysy bir ýylda neşir edilýär. Bu asylly işlerden soňra şahyryň edebi mirasyny öwreniş we neşir edip ýaýradyş işleri has giň gerim alýar [3].
1960–90-njy ýyllar aralygynda professor Mäti Kösäýewiň, professor Seýit Garryýewiň, akademik Baýmuhammet Garryýewiň, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Abdyrahman Mülkamanowyň, professor Nazar Gullaýewiň, professor Kakajan Ataýewiň... türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň sowet döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwreniş we ýaýradyş meselesine degişli bitiren hyzmatlary örän uludyr. Şahyryň edebi mirasyndan ýigrimi iki müňden gowrak setiri ýatdan bilýän we olary degişli rowaýatlary bilen bilelikde ylmy esasda teswirleýän Mäti Kösäýewiň bu mesele bilen baglanyşykly „Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri“ (Aşgabat, 1963), „Edebiýat barada söhbet“ (Aşgabat, 1972) ýaly kitaplaryny görkezmek bolar. Ylmy-pedagogik tejribeli bu läheň alymlar şahyryň edebi mirasy barada düýpli ylmy-derňew işlerini alyp bardylar, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda şahyryň eserlerini neşir etmek işlerine gatnaşdylar.
Magtymguly Pyragynyň dünýä derejeli akyldar şahyr diýlip ykrar edilmegine tarap alyp barýan ýodalar hem ýollar bardyr. Ozaly bilen, onuň ylymly-bilimli maşgalada eneden bolmagy, görnükli alym-şahyr, kakasy Döwletmämmet Azadynyň elinde tälim-terbiýe alyp kemala gelmegi, ýaşlykdan obanyň çekenesini bakyp, zähmete bişişmegi, ylymde we çeper döredijilikde öz ýaşan döwrüniň, geljegiň hem-de ähli eýýamyň beýikler-beýigi Magtymguly Pyraga hut öz atasynyň halypalyk etmegi, ata-babalarynyň dowam etdiren ýonaçylyk, zergärlik ýaly kesp-kärlerini ele almagy, eýýamynyň iň atly medreselerinde (Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy) okap, ýokary bilim almaga bolan mümkinçilikleri, okan döwründe we ondan soňra birnäçe ýurtlara eden syýahatlary, halkyň jümmüşinde bolup, onuň durmuşyny, geçmiş taryhyny, folkloryny, edebiýatyny öwrenmegi, ömrüniň ýaşlyk hem ýetginjeklik ýyllarynyň türkmen topragyna edilen talaňçylykly çozuşlara, şeýle hem galagoply döwre gabat gelmegi şahyry dünýä belli Magtymguly Pyragy hökmünde tanadan we ony taplan durmuş hakykatlarydyr. Giň we çuň dünýägaraýyş bilen kemala gelen Magtymguly Pyragy XVIII asyryň ortalarynda emele gelen taryhy ýagdaýy gözi bilen görýär. Türkmen halkynyň durmuşynda oturymlylyga geçmek isleginiň güýçlenmegi bolsa türkmenleriň arasynda özbaşdaklyk, erkinlik, merkezleşen döwlet gurmak, ulus-il bolup bir agza garamak, ýagny döwlet baştutanly bolmak ýaly öňdebaryjy ideýalaryň döremekligine getirýär. Magtymguly Pyragy öz edebi mirasynda halkyň şol ideýalaryny öňe sürýär. Türkmen edebiýatyny halkyň durmuşyna ýakynlaşdyrýar. Onuň milliligini, halkylygyny ösdürýär. Mazmunyny watançylyk, ynsanperwerlik, azatlyk, söýgi ideýalary bilen baýlaşdyrýar. Pikiri çeper beýan etmekligiň halky formalaryny peýdalanyp, özünden soňky şahyrlara nusga galdyrýar. Çeper eserleriň halka düşnükli dilde ýazylmagyny edebiýata düýpli ornaşdyrýar. Onuň edebi mirasynda türkmen halkynyň hem geçmişi, hem şol güni, hem geljegi barada pikir ýöredilýär. Ajaýyp geljek baradaky pikirleri bolsa ýagşy niýetlere ýugrulýar. Şahyr il-günüň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky alada bilen gurşalýar. Jemgyýetde hor-homsy ýaşaýan zähmetkeş halk köpçüliginiň hak-hukugyny goraýjy hökmünde çykyş edýär. Halka öwüt-nesihat etmekligi özüniň mukaddes borjy hasaplaýar. Adamlaryň ruhy dünýäsiniň gözel bolmagyny isleýär. Olaryň aňynda we kalbynda gowy gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmegini öwüt-ündew edýär. Ynsanlary adamkärçiligiň oňat taraplaryna: ylymly-bilimli, kesp-kärli, pähim-paýhasly, parasatly, mylakatly, sypaýyçylykly, haýa-şerimli, asylly, hoş sözli, giň göwrümli, ugurtapyjy, mert, dözümli, tutanýerli, gaýduwsyz, edenli, zähmetsöýer, dosta, ýoldaşa wepaly, dogruçyl, halal, myhmansöýer bolmaklyga çagyrýar. Şol bir wagtyň özünde hem adamlaryň arasynda duş gelýän nadanlyk, emelsizlik, utanç-haýasyzlyk, açgözlük, eli egrilik, ýaltalyk, gyňyrlyk, gorkaklyk, kezzaplyk, bahyllyk, göriplik ýaly öz ýaşaýyş durmuşyňy kynlaşdyrýan pis gylyk-häsiýetlerden daşda durmaklygy maslahat berýär.
Dünýäniň gizlin syrlaryna akyl ýetirmek barada ýöreden pikirleri şahyryň filosofiki garaýyşlarynyň özen esasydyr. Ol tebigatyň, adamzat jemgyýetiniň gurluşynyň kada-kanunlary barada yzygiderli pikir ýöredýär. Öz şygryýetinde ähli barlyk dünýäsiniň ösüp-özgerip durýandygyny, üýtgewsiz, bir durkuna durýan zadyň ýokdugyny, dünýäden hiç bir zadyň ýok bolup gitmeýändigini, onuň öz görnüşini üýtgedýändigini şygyrlarynda öwran-öwran nygtaýar.
Şahyr öz eserlerinde estetika (grekçe aisthētikos–duýgy, duýmak), etika (grekçe ēthika asly ēthos sözünden bolup–endik, adat, ahlak) degişli hem gymmatly estetiki filosofiýa, etiki filosofiýa nazary pikirlerini orta atýar. Ol adamzat gözelligine ynsanyň ruhy dünýäsiniň päkligi, halallygy, zähmetsöýerligi bilen baglanyşykly baha berýär. Şahyr bu hili şygyrlarynda jemgyýetçilik aňynyň möhüm görnüşi bolan etikanyň – ahlagyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda eýeleýän ornuny anyklaşdyrýar. Jemgyýetçilik ahlagynyň kada-kanunlaryny kesgitleýär. Öňe süren etiki filosofiýasynyň wezipesi adama onuň ýaramaz ahlak durmuşynyň manysyzlygyny düşündirmekden ybaratdyr. Maksady bolsa adam aňyna oňyn täsir etmek bilen, ony durmuşda oňat, ruhubelent we bagtyýar adama öwürmekden ybaratdyr.
■ Magtymguly Pyragy her bir aýdan pikiri wysal bolan akyldar şahyrdyr
Geçen çylşyrymly taryhy döwürlerde türkmen halkynyň agzyny birleşdirmekde Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleriniň uly orun eýeländigi şübhesiz hakykatdyr. Bu günki gün her bir türkmen raýatynyň “Beýik Galkynyş eýýamy Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň wysalydyr” diýip nygtamagynda düýpli esas bar. Wysal –adamyň isleg-arzuwlarynyň gowuşmagy, hasyl bolmagy, dilegleriň duş eýlenmegi ýaly manylary aňladýar. Müňýyllyklaryň dowamynda gurlan berkarar türkmen döwleti hakynda pikir ýöredýän Magtymguly Pyragy “Türkmen binasy” atly şygrynda:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy [9, 155 sah.]
– diýýän bolsa, Türkmenistanyň Baş Kanunynyň “Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary” diýen I bölüminiň birinji maddasynda: “Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bölünmezdir” diýilýär. Eýsem, Magtymguly Pyragynyň göz öňüne getiren türkmen milli halk döwletiniň Kanuny taýdan gurluşy hut şonuň özüdir.
Şahyr “Döker bolduk ýaşymyz” diýen şygrynda berkarar döwlet, agzybirlik, sowulmaz ýaz dileg edip, Hudaýa ýüzlenip , gözýaş dökýän türkmen milletiniň ruhy ahwalyny liriki gahrymanyň adyndan dogruçyl suratlandyryp, başa belanyň, ýagny dagynyklyk, döwletsizlik ýaly belalaryň agzalalykdan gelýänligini nygtap:
Istär–elden çyka döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz.
Dilegim duş eýle, gözel Allahym,
Ersgin boldy gitdi, gyzylbaşymyz
– diýýän bolsa, şygryň beýleki bentlerinde:
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz [11, 106 sah.]
– diýip, berkarar döwletli bolmaklyk we agzybirlik ýaly ruhy hem maddy kuwwatlyklaryň zerurlygynyň aýdyp-diýip düşündirerden uludygyny, ileri tutulýan gymmatlyklardygyny öňe sürýär.
Akyldar şahyr „Gymmat ýagşydyr“ diýen şygrynda özüniň köňle gelen, ýürek nagşy bolan sözlerini aşakdaky ýaly beýan edipdir:
Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,
Ýalançynyň bolmaz anty-imany,
Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,
Her kimiň öz ili–ymmat ýagşydyr [9, 113 sah.]
–diýmek bilen, öz iliň, öz ýurduň gadyryny bilmek pelsepesini ýene-de bir gezek nygtaýar. Şygyrlarynyň birinde öňe süren Watana, il-güne, adama bolan söýgi ideýalaryny beýleki bir şygrynda ýa-da aýry-aýry setirlerinde baglanyşykly dowam etdirmeklik Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna häsiýetli döredijilik uslybydyr. Göbek ganyň daman eziz Watanyň gadyr-gymmatyny bilmek pelsepesini şahyr „Mert bolmaz“ atly şygrynda:
Sözlegil bileniň tilden,
Bilbil aýra düşse gülden,
Eşit adam, dogan ilden –
Gaýry mähriban ýurt bolmaz [9, 143 sah.]
–diýip, hyjuwly gaýtalamak bilen, okyjynyň gursagyna Watana söýgi duýgusyny guýýar.
Magtymguly Pyragynyň şygyr dilinde beýan edilen döwlet hem-de adam baradaky ajaýyp ideýalary gurlan berkarar türkmen döwletiniň baş gymmatlygy bolan adam hakynda amala aşyrylýan tagallalar bilen bitewileşip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasynda Kanun dili bilen şu aşakdaky ýaly pugtalandyrylýar: „Türkmenistanyň raýaty özge döwlete berlip ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp, ýa onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwlet goragy we penakärligi kepillendirilýär“ diýlip bellenilýär.
Magtymguly Pyragy dil meselesinde „Bar meniň“ diýen şygrynda: „Neýleýin ol arap zyban – asyl zybanym bar meniň“ [9, 89 sah.]–diýmek bilen, arap we pars dilleri bilen deňeşdirileninde özüniň gadymylygy, köp manylylygy, owazlylygy, şygyr diline gelüwliligi bilen dünýäde ulanylýan bäş müň bäş ýüzden gowrak uly we kiçi diliň biri bolan türkmen diliniň hümmetini belende galdyrýar. Halkyň dilini türkmen jemgyýetçiligine hyzmat etdirmek meselesinde özüniň ylym öwreden ussady bolan atasy Döwletmämmet Azadydan ileri geçen, häzirki zaman türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy ýokardaky mysal alnan setirde öz edebi-ruhy halypasy Alyşir Nowaýynyň dil meselesine bolan garaýşy bilen baglanyşykly şygrynda öňe sürýän ideýalaryna şygyr dili bilen jogap berýär. Dünýä edebiýatynda mynasyp hem-de baky orun eýelän bu akyldar şahyrlar Alyşir Nowaýynyň, Magtymguly Pyragynyň nazary garaýyşlary boýunça dil we il, dil hem döwlet meseleleri jemgyýetde bitewi syna emele getirýär. Syna ýerbe-ýer bolanlygynda döwletde umumy sazlaşykly, galkynyşly we ösüşli hereket etmek mümkin bolýar. Çünki Oguz han Türkmeniň bäş müň ýyl mundan öň dil babatynda aýdan pähim-parasadyna laýyklykda:
Dil döwletdir.
Dil bolmasa, il bolmaz.
Dil baýlygy – il baýlygy.
Dilim bar, dünýäm bar.
XV asyrda ýaşap geçen akyldar şahyr Alyşir Nowaýy türkmen diliniň baý dilleriň biridigini, onuň şygyr dili hökmünde peýdalanmak üçin owazlylygyny özüniň “Muhakamat al-lugataýn”(“Iki diliň söhbeti”) atly traktatynda ylmy taýdan esaslandyrýar. Ozaly bilen, türkmen halkynyň kalbynda we aňynda, ondan soňra professor Mäti Kösäýew, Hojaberdi Hanow ýaly edebiýaty öwrenijileriň şahsy arhiwlerinde, şeýle hem özbek edebiýatynyň antologiýasynda–beýazlarynda Alyşir Nowaýynyň şu aşakdaky şygry mäkäm orun alypdyr. Ine, şol asly on bentden ybarat bolan şygryň üç bendi:
Araby güfteýem ar-ar,
Be farsy güfteýem kaddet,
Be türki sözlesem boýuň
Çemende sebzezar olsun.
Araby güfteýem aýnet,
Be farsi güfteýem çeşmet,
Be türki sözlesem gözüň
Säherler bigubar olsun.
Araby güfteýem ýeddet,
Be farsi güfteýem destet,
Be türki sözlesem goluň,
Goşady, käribar olsun.
Şygyrda gözel gyzyň synalary – serwi boýy, gara gözi, hünärli goly üç dilde–arap, pars we türkmen dillerinde wasp edilýär. Şahyr bu setirlerinde şygyr dili hökmünde türkmen dilini arap we pars dilleri bilen deňeşdirýär. Owazlylykda, akgynlylykda, duýgulylykda, hyjuwda, joşgunlylykda we çeperçilikde türkmen diliniň arap, pars dillerinden ileri bolmasa, ýekeje-de kem däldigini hem ideýa, hem amaly taýdan subut edýär. Dil şol bir milletiň kalbynyň owazydyr. Köňülde näme bolsa, dil şony diýer. Dil meselesi döwlet üçin hem, alym üçin hem, şahyr üçin hem, her bir raýat üçin hem ykbal çözüji meseleleriň biridir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda bu mesele „Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär“ diýen sözler bilen Kanunyň dilinde nygtalýar.
Magtymguly Pyragy özbaşdak bitewi döwlet gurmak, ony halk köpçüligi bilen maslahatly dolandyrmak, il-ulus arasynda agzybirlik, ylalaşyk gazanmak ýaly pelsepelerini öňe süreninde, ozaly bilen, öz ylym öwreden ussady–kyblagähi Döwletmämmet Azadynyň ideýalaryndan edebi täsir alýar. Şol pikirleri halk köpçüligine ündemekde bolsa:
Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Şejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana niçik ýalbardy,
„Amandyr“ diýene diýanat ýagşy [11, 134 sah.]
–diýip, ilkinji nobatda çeper edebiýatyň, şygryýetiň–çeper sözüň möhüm jemgyýetçilik wezipesini kesgitleýär. Döwletmämmet Azady hem, Magtymguly Pyragy hem bitewi döwlet gurmak barada pikir ýöredenlerinde, il-günüň jebisligini ündänlerinde, hemmä deň göz bilen garaýan adyl soltanyň zerurdygyny nygtanlarynda edebi-ruhy taýdan bitewileşýärler. Bu ideýalaryň özen esasynda „Baş bolmasa, göwre läş“ diýlen milli halk pelsepesi ýatýar. Magtymguly Pyragynyň „Delalat ýagşy“ atly şygrynda:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly görende, şirin söz bergil
Entäni goldara hemaýat ýagşy [11, 134 sah.]
– diýlip, aýdyma öwrülen, bagşylaryň repertuaryndan düşmän gelýän bu setirleri bilmeýän türkmeni tapmak çetin bolsa gerek.Ýöne diňe bir bilmek hem ýeterlik däldir. Bu ideýanyň Baş Kanunymyzyň 37-nji maddasynda: „Köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren beýleki adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär“ diýlip, eýýäm onuň durmuşa geçirilen görnüşini okamaklyk, has takygy bolsa durmuşda hözirini görmeklik düýbünden başgaçadyr.
Döwletimizde hakyky Galkynyşy, çyn agzybirligi kemala getirýän munuň ýaly haýyrly işleriň sanawyny bu günki gün näçe diýseň uzaldyp oturmalydyr. Baş Kanunymyza esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edýän resminamalarynyň her birinde adam hakynda edilýän tagallalaryň, beýik-beýik haýyrly işleriň “Döwlet adam üçindir” diýen syýasy ýörelge bilen pugtalandyrylmagy XV asyryň akyldar şahyry, döwlet işgäri, 1469-njy ýylda öz mekdep ýoldaşy, taryhy şahsyýet Soltan Hüseýin Baýkaranyň möhürdary, 1472-nji ýylda bolsa onuň baş weziri wezipesine bellenilen Alyşir Nowaýynyň (1441–1501):
Adam erseň, diýmegil adamy:
Any kim – halk gamydan ýok gamy
– diýip, döwleti edara edijileriň öňünde goýan talaplarynyň ýa-da Magtymguly Pyragynyň:
Peýdasyz köýdürdim nara çoh janlar,
Aýlandy gerdişler, ötdi döwranlar,
Permanlary rowan hanlar-soltanlar!
Il-ulusa bir adalat gerekdir [9, 223 sah.]
– diýip öňe sürýän ideýalarynyň wysal bolan netijeleridir.
Magtymguly Pyragy öz edebi mirasynda döwlet gurluşy we adam ykbaly meselelerinde ak umyt, ýagşy niýet pelsepelerini öňe sürýär. Şahyryň bu hili ideýalary bütin türkmen halkynyň milli dünýägaraýşyndan gelip çykýar. Türkmen milleti hemme wagt ähli ýerde ýagşy niýetlidir. “Ýagşy niýet–ýarym döwlet” diýlen atalar sözi türkmen halkynyň mentaliteti, milli aýratynlyklary bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Ak umydyň adamy ruhlandyrýanlygy, owal-ahyr munuň Watan, döwlet meselelerine gezek geleninde hem hut şeýledigi, onuň ynsany maksadyna ýetirýändigi, Magtymguly Pyragynyň öz eserlerinde öňe sürlen baş ideýalaryň biridir.
Şahyryň öz içki dünýäsini beýan edýän, içini gepledýän „Ajap eýýam gelmedi“ [10, 5 sah.] diýen şygryny diňläp göreliň:
Nadan menem, düşdüm pelek toruna,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Çydamaz men indi hijran zoruna,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Kyrka gadam goýdum, käsäm dolmuşdyr,
Ondan efgan dartyp, köňlüm galmyşdyr,
Niýet maňa ýaman hemra bolmuşdyr,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Geldi gara bela, ili dolady,
Dahan açyp, tili bile ýalady,
Seg bolupdyr, gören ilin dalady,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Garypda san ýokdur, märeke görmez,
Hak söýse-de, ykbalyna mal bermez,
At münüp depse-de, duşakly, ýörmez,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Niýeti ýamandyr, bahyl mal ýygar,
Iýe bilmez, her dem rysgalyn bogar,
Maly haram bolar, başyndan agar,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Hak sözüme diýer mollalar galat,
Ýalan sözge ýapar boldular halat,
Kasam edip, eretdiler, gör, polat,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Pirler roýun açdy, juwansöýerdir,
Namyssyzy sopy alyp eýerdir,
Galat aýdyp: “Muny Alla diýer” diýr,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Magtymguly, tili otly, ot saçar,
Ýüz görmez, näkesiň aýbyny açar,
Alla ganat berse, Hindistan uçar,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Şygyrda jogaby öz içinde bolan pikirler öňe sürülýär. Onda öňe sürülýän ideýalar ruhdan düşmegi asla aňlatmaýar. Bu pikirler arzuwy, maksady amala aşmadyk liriki gahrymanyň keýpi gaçmagy, onuň durmuşdan halys irmegi, lapykeçligi däldir. Bu pikirler halkyň başyndan inen döwletsizlik we belli bir baştutansyzlyk belasy, jebri-jepasy, musallat, taryhy, dünýewi häsiýetli kynçylyklaryň dogruçyl hem-de duýguçyl beýanydyr. Liriki gahrymanyň bu hili kynçylyklara döz gelip bilijilik kuwwatlygynyň ölçegidir. Onuň çydamlylygydyr, sabyrlylygydyr, kanagatlylygydyr. Eserde janlandyrylan durmuş hakykatlary – döwrüň ýüzüdir, eýýamyň janly keşbidir. Şygyrdan görnüşi ýaly, ylym ýeňläpdir. Päller üýtgäpdir. Jemgyýetiň jemagatyna mal ýygyjylyk, bahyllyk, näkeslik, kezzaplyk... ýaly ýaramaz ahlak sypatlary aralaşypdyr. Oňa il-gün ýanman, kim ýansyn! Akyldar şahyr muny görmän we köýmän, kim köýsün! Alym şahyr suratkeşlik eýläp, söz bilen öz ýaşan döwrüniň janly suratyny çekýär.Türkmen halkynyň berkarar döwletli ajaýyp we bagtyýar geljeginiň gamyny iýýär.Şahyryň her bir şygryna, her bir setirine häsiýetli bolşy ýaly, bu şygryň hem iň möhüm aýratynlyklarynyň biri onuň güýçli duýgy bilen doly bolmaklygydyr.Adamyň öz pikir-hyýallary bilen, ýagny öz-özi bilen meşgul bolmaklygy, içini gepledýän pursatlary onuň ýönekeý, adaty ýagdaýyna häsiýetli bolmaýar. Bu ýagdaý köplenç onuň duýgynyň güýçli bir görnüşine berlen mahalynda ýüze çykýar. Edil şatlyk duýgusy ýaly, isleg, arzuw, maksat, meýil, gaýgy, pikir, alada, gahar-gazap... hem duýgynyň dürli görnüşleridir. Bu intensiw derejeli duýgular şahyryň içini gepletmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Şahyryň duýgusy özbaşdak döwletli bolmaklyk, şol döwleti edara ediji belli bir agza garamaklyk ýaly, ululy-kiçili dürli meseleler bilen baglanyşykly güýçli täsire berlen mahalynda, akyldar şahyr ýokarda gürrüňi edilýän şygyrdaky täsirlilik derejesinde öz-özi bilen meşgul bolýar, içini gepledýär ýa-da halk köpçüliginiň pikirini aýan ediji hökmünde ol özüni gepledýär. Bu şygyrda açylyp görkezilýän duýgy hususy häsiýete eýe bolman, umumylaşdyryjy we jemgyýetçilik häsiýetine eýedir. Onda jemgyýet özüniň ideal ýaşaýşynyň baş şerti bolan sagdyn jemagatly, permanlary rowan bolan döwlet baştutanly milli halk döwletini, ruhy dünýäsiniň ynamdar wekilini görmek isleýär. Onuň keşbinde bolsa jemgyýetiň iň çetin meselelerine global derejede jogap berijini görmek isleýär. Şoňa görä-de, bu şygryň pikir ýöretme obýekti jemgyýet, adam we onuň abadan, asuda ýaşaýşy meselelerini öz içine alýar. Şygyrda tipiki duýgy tipiki ýagdaýda tipiki adamy we onuň tipiki ahlagyny doly hem-de dogruçyl ýüze çykarýar. Jemgyýetçilik düşünjesini we ahlagyny ýüze çykarmaklyga hyzmat edýänligi üçin akyldar şahyryň ýokarda mysal getirilen şygrynda we beýleki eserlerinde öňe sürülýän ideýalar ölmez-ýitmezdir hem-de baky ömürlidir.
Akyldar şahyryň adamyň içki dünýäsini beýan edýän, onuň ruhuny täzeleýän, ýaşaýyşda oňa ruhy kuwwat berýän, ony aýdyňlyga, gözellige çagyrýan nazary pelsepewi pikirleri barha dabaralanýar, onuň barha gymmaty artýar. Muny Magtymguly Pyragynyň “Ajap eýýam gelmedi” diýen şygryna jogap edip, Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Meniň ruhubelentlik baharym” atly şygyrlar kitabynda berlen “Ajap eýýam gelipdir” [16, 293 sah.] diýlen, ýagny akyldar şahyr bilen aýdyşyk häsiýetinde ýazylan şygrynda hem görmek bolýar. Şygry diňläp göreliň:
Pelek çarhyn biziň sary aýlaýar,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Berkarar döwletiň Tugy parlaýar,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Küren iller dogan bolup birleşdi,
Külli türkmen bir saçaga ýerleşdi,
Ulus-ilim dost-ýar, dogan-gardaşdy,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelipdir.
„Hak sylamyş, bardyr Hakyň saýasy“,
Begdir, baýdyr, handyr her bir raýaty,
Zeminiň arkasy, arşyň paýasy,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelipdir.
Döwleti bar, döwrany bar, tagty bar,
Türkmen öz ýurduny eder ygtyýar,
Şu toprakda her türkmeniň bagty bar,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Ol merdiň ogludyr, asylzadadyr,
Arş paýhasly danalardan danadyr,
Watan – owal-ahyr türkmen janydyr,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Hakdan perman geldi, Hakdan bagt geldi,
Ýerden-gökden açylypdyr sahawat,
Gurul türkmen, gurul, başyň salamat,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Sütün-sütün öten ärleň hakyna,
Sena bolup ýatan pirleň hakyna,
Gujak açyp Taňry ýalkan halkyma,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Arşda parlap ýanýar döwlet çyragyň,
Hasyl boldy seniň maksat-myradyň,
Bu gün tili saýrar Saparmyradyň,
Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu şygry Garaşsyzlygyny gazanan, baky Bitaraplygy bolsa BMG-de we älemde ykrar edilen türkmen milli halk döwletiniň ilkinji döwlet baştutany hökmünde, şeýle hem onuň özüniň hususy ylhamynyň güýji, döredijilik ussatlygy ýaly ýagdaýlar bilen gönüden-göni baglanyşykly döredilen eserdir. Diňe joşgunly ylham bilen döredilen eser ideýa-mazmuny boýunça-da, çeperçiligi taýyndan-da doly ýokary bahaly eser bolup dünýä inýär. Şygyrda duýulýan ylhamyň derejesi şahyryň bilim, medeni we tejribe derejeleri bilen kesgitlenilýär. Şygyrda duýulýan ylhamyň güýji bolsa eseriň jemgyýetçilik-terbiýeçilik ähmiýeti bilen şertlendirilýär. Çünki bu şygyr okyjyda ýüzýyllyklaryň dowamynda gazanylan berkarar türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň gadyryny bilmek, onuň berkararlygyny, asudalygyny, abadanlygyny döredijilikli zähmet bilen pugtalandyrmak, bu eziz diýarymyzda han-beg ýaly ýaşamak, doganlaşmak, dostlaşmak, agzybirlik, maksat-myratlaryň wysal bolmaklygy ýaly ajaýyp duýgulary oýarýar. Şygyr iki sany şahyryň--Magtymguly Pyragynyň we Saparmyrat Türkmenbaşynyň arasynda üç ýüz ýyla golaý wagt geçeninden soňra gurlan söhbet koprüsidir. Iki şahyryň her biri döwrüniň tipiki ýagdaýyny örän aýdyň ýüze çykarýar. Şeýlelikde, soňky jogap edilip ýazylan şygryň terbiýeleýjilik güýji artýar. Magtymguly Pyragynyň şygryna jogap hökmünde Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan aýdyşyk–dialog hökmünde üç ýüz ýyllyk arakesme bilen döredilen bu şygryň ähli ýerinde akyldar şahyryň döredijilik ruhy we äheňi çeper sazlaşyklylyk bilen saklanylýar. Saparmyrat Türkmenbaşy öz şygrynda türkmen halkynyň wysal bolan jemgyýetçilik gurluşyny we jemgyýetçilik durmuşyny beýan edeninde öz pikirlerini: “Hasyl boldy seniň maksat-myradyň” diýip jemleýär. Ol türkmen halkynyň eýe bolan berkarar döwletine, onuň Tuguna, jebisligine, Hak nazaryny salan eziz diýarda her bir raýatyň bagtyýarlygyna, dolanyp gelen döwletli-döwrana, döwlet ygtyýarlylygyna, asylzada ata-babalaryna, mert ogullaryna, sahawatly türkmen topragyna, ylmy-syýasy esasly döwlet gurluşyna, arzuwy hasyl bolup, saýraýan dillere guwanman, ylhamy joşman biljekmi, eýsem?! Diýmek, ajaýyp ideýalar ajaýyp duýgularyň, öz gezeginde ajaýyp duýgular bolsa ajaýyp ideýalaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Magtymguly Pyragynyň ähli eýýamyň jemgyýetçilik gurluşynyň jemagatyna degişli ykrar edýän we inkär edýän umumy, emma wajyp talaplary bardyr. Akyldar şahyryň adamlar babatynda şol hili talaplary, isleg-arzuwlary hem ony ähli eýýamyň genisine öwürýär. Diýmek, genial şahyryň öwütleri, pentleri, pelsepeleri ähli eýýamyň jemgyýetçilik durmuşynyň daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň adama bildirýän isleg-arzuwlary göräýmäge ýönekeý, emma düýpli iki sany talapdan ybaratdyr. Ýagny adam öz ömründe nähili bolmalydyr we nähili bolmaly däldir? Şol talaplar durmuşda kadaly amal edilenliginde sazlaşykly, galkynyşly we ösüşli jemgyýetçilik gurluşy öz datly miwelerini eçilýär. Şahyryň şygyrlaryndan alnan mysallara ýüzleneliň. Ol: «Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere...» [11, 28 sah.] diýeninde, halal lukma iýip ýaşamak, halallyk; «Pişäm ýuwutmakdyr ýaman gaharyn... » [11,28 sah.] diýen setirinde ynsan üçin iň agyr belalardan hem beterräk bolan gaharyňa bäs gelip bilmek; «Sakla gybatdan tiliň, ugrunda gez ynsap edip,...» [11, 32 sah.] diýmek bilen, Kurany Kerimiň Ýusup süresinde nygtalan on sany uly belanyň hataryna girýän gybatdan diliňi saklamak; «El uzatma köp pisada, ýör Hudadan howp edip,...» [11, 32 sah.] diýeninde, gadagan edilen ýaramaz işlere baş goşmazlyk, Hudaýdan–ýaradandan gorkup, adama sarpa goýup, özüňi bet işlerden çetde saklamak: «...Pygamber sünnetin berjaý kylaýyn diýseň, öýlengin» [11, 33 sah.] diýen setirlerinde kämillik ýaşyna ýeten ýigitlere we gyzlara göni ýüzlenmek bilen, öz wagtynda öýlenmek hem-de durmuş gurmak; «Tohum sal, orar sen, geldiň bu jaýa, ömrüňni geçirme bihuda–zaýa...» [11, 34 sah.] diýmek bilen, adama kesgitli berlen bu ömri haýyrly işlere bagyşlap, manyly ýaşamak; «...Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam, Görogly dek dagdan-daga ugrasam... » [11, 38 sah.] diýip nygtanynda, ýigitlere Görogly soltanyňky mysaly mertlik, gahrymançylyk; «Magtymguly halkdan syryn gizlese, dişini uşadyň, ýalan sözlese... » [11, 47 sah.] diýeninde ähli belanyň körügi ýalan sözden saklanmak; «Magtymguly, begligim ýar jemaly gul etdi, wysal umydyn berip, ýüz tilli bilbil etdi...» [11, 55 sah.] diýen setirleri dünýä durmuşynda wysal umydy bilen ýaşamak, hoşniýetlilik; «... Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, hyjalata goýar, bilgin bu işi!» [11, 59 sah.] diýen setirlerinde dünýe maly diýip, erte uly ile ryswa bolmazlyk, iki dünýede hasap jaýynda azaba uçramazlyk üçin nebsiňe «Haý!» diýmegi başarmak; «...Hor galmasyn puştba-puşdum, berkarar döwlet islärin» [11, 67 sah.] diýmek bilen, Hak nazaryny salan türkmen topragynda gurlan, bu günki gün pajarlap ösýän beýik Galkynyş eýýamynyň Garaşsyz berkarar türkmen döwletiniň gözüň göreji deýin gadyryny bilmek; «Diýrler: „Ýaman töhmet agyr asmandan, gaharsyz, ýagşy söz giňdir jahandan...“» [11, 69 sah.] diýip nygtanynda, nähak ýerden ýöňkelýän töhmet, myjabat belalaryna garşy durmak, özüňi ondan goramak üçin hakyky ylym-bilim eýesi bolmak, milli edep kadalaryny berjaý etmek, ýagşy sözli, hoş sözli, bugdaý sözli bolmak;
«Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,
Göz hem gözelleri gözläp durupdyr,
Til hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,
Şeýtan bir käpirdir, nebis hem zalym» [11, 74 sah.]
- diýeninde, adamyň ezeli ýaradylyş tebigatyna häsiýetli bolan, ynsany oda salýan nebis, maddy zatçyllyk, gelin-gyzlara gezek geleninde edepde ýeňleslik ýaly nogsanlardan özüňi belentde saklamak, et bilen deriniň arasynda orun alan iblisiň raýyna gitmezlik, nebsiň guluna öwrülmezlik, dil we söz edebini berjaý etmek, dünýä durmuşynda ruhy taýdan göýdük azlygyň pesliklerini, pişelerini gaýtalap ýörmezden, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, ynsanperwer, watanperwer ýörelgelerini, ýollaryny mynasyp dowam etdirmek ideýalaryny, pelsepelerini öňe sürýär.
Täze Galkynyş we beýik Özgertmeler eýýamynyň her bir raýaty bu günki gün tanalmaz derejede özgerýän, batly depginler bilen ösýän eziz Diýarymyzyň gözümiziň alnynda bedew bady bilen ilerlemegine Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ündelişi ýaly, özleriniň päkligi, halal zähmeti bilen goşant goşýarlar. Ýurduň taryhynyň ykbal çözüji döwründe Watan, türkmen döwleti atly ýeke-täk gymmatlyklarymyza baştutanlyk etmeklik Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýýna düşdi. Ol beýik Galkynyş eýýamynyň düýbüni tutujy boldy. Onuň esaslandyran bu eýýamy jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny hil taýdan netijeli özgertmek, dünýä ylmynyň we öňdebaryjy tilsimatlarynyň iň täze gazananlaryny hem-de iň gowy tejribesini adamlaryň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmek üçin peýdalanmak, döwleti ykdysady we ruhy-medeni taýdan çalt ösdürmek häsiýetlerine eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni öňe sürdi. Munuň özi ýurduň Prezidentiniň alyp barýan syýasy ugrunyň strategiýasyny we taktikasyny kesgitleýän ýörelge boldy. Munuň özi yurduň öňe sürýän täze ideologiýasynyň ýörelgesi boldy. Bu ýörelgäniň many-mazmuny ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmekden, şeýle hem maksady bolsa jemgyýetiň ruhy-ahlak taýdan täzelenmegini, adamlaryň aň-düşünjesiniň ýokarlanmagyny, başy başlanan özgertmeler üçin her bir raýatyň şahsy jogapkärçilik çekmekligini, ösüp gelýän ýaş nesle akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öňe sürýän pelsepelerine esaslanýan terbiýe bermekligi mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmekden ybarat boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň mantykly dowamy bolan «Adam döwlet üçindir!» diýlip atlandyrylan ýörelge bilen berk baglanyşykly bolmalydygynyň kanunalaýyklygyny öwran-öwran nygtanynda, her bir raýatyň, ösüp gelýän ýaş nesliň öz-özünden «Döwletimiziň pugtalanmagy we pajarlap ösmegi üçin men nähili goşant goşup bilerin?» diýip soramalydygyny göz öňünde tutýar. Bu ýerde oňat adamyň gowy ahlak keşpleri diýen mesele orta çykýar. Gowy ahlakly oňat adam zähmetsöýer, işeňňir, işe ukyply we yhlasly, halal adamdyr. Bu hili adam ozaly bilen, aman, abadan, asuda ýaşaýan maşgalada, ondan soňra bolsa çagalar baglarynda, orta we ýörite orta hünär berýän mekdeplerde, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde kemala getirilýär. Ýurdumyzda döredijilikli pikir ýöretmäge, öňde goýlan wezipeleri çalt we akylly-başly çözmäge ukyply, kämil hünärmeni terbiýeläp ýetişdirmek her bir mugallymyň we terbiýeçiniň gaýragoýulmasyz wezipesi bolmaklygynda galýar. Ine, şu meseleleri tiz çözmekde oňyn netijeleri gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda öňe sürlen ideýalar jemgyýetçilik, ugur-ýol görkezijilik wezipelerini ýerine ýetirýär. Daşary ýurt dillerini suwara bilýän, dünýä ylym-biliminiň we tilsimatynyň ösüşinden habarly, köpugurly kämil hünärmen milli döwletliligiň pugtalandyrylmagy üçin, Watanyň hem-de milletiň ykbaly üçin zerurdyr. Mundan beýläkki ykdysady taýdan pajarlap ösüşler üçin zerurdyr. Ykdysady taýdan gülläp ösüşleriň ygtybarly we durnukly bolmaklygy üçin zerurdyr. Munuň üçin bolsa kemala getirilýän döwrebap hünärmeniň doly bahaly intellekt – akyl ýetirijilik ukyby ýokary bolan, pähim-paýhasa esaslanyp ýaşamaklygy we işlemekligi endige-adata öwren şahs bolmaklygy zerurdyr. Ruhy dünýäsi baý adam iň baý adamdyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda sagdyn ruhuň, abadan durmuşyň eýesi bolmak meseleleriniň gürrüňi edilýär. Onuň datly miweleriniň hözirini görüp ýaşamaklygyň gürrüňi edilýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň iň möhüm şerti bolan mynasyp nesil terbiýesi hakynda pikir ýöredeninde «Ulalanda iş hoş gelmez, ýaşlykda köýmän ýigide» [11, 277 sah.] diýip nygtaýar. Şygyrdaky bu ideýa türkmen halkynyň çaga terbiýesini çaganyň heniz enesiniň rehemindekä–göwresindekä halallykdan, asudalykdan, pähim-paýhasdan binýat edýändigine güwä geçýär. Şeýlelikde, „Atasy – akyl, enesi – nakyl“ bolan türkmen maşgalasynda kemally ogul-gyz dünýä inýär. Asly Oguz han gelip çykyşly ogul-gyzyň maşgalada we ylym-bilim ojaklarynda mundan beýläk bolsa Magtymguly Pyragynyň ideýalaryna esaslanýan ylym-bilim we hünär taýdan edil poladyň taplanyşy ýaly, taby ýetirilýär. Kemala getirilýän her bir ogul-gyz, her bir hünärmen aýry-aýry ykbaldyr. Onuň kemala gelmeginiň gözbaşynda Watanyň, türkmen döwletiniň edýän tagallalary, ata-enäniň çekýän haýyrly azaplary, mugallymyň, terbiýeçiniň siňdirýän zähmetleri ýatýar. Şol nesliň aýry-aýry ykbaly bolsa Watanyň ykbaly, döwletiň ykbaly, milletiň ykbaly diýen mukaddes ykbaly emele getirýär. Gürrüň Watanyň, döwletiň, milletiň ykbalyna gezek geleninde kemala getirilýän nesliň, ertirki hünärmeniň ykbalynda Magtymguly Pyragynyň ideýalarynyň mäkäm orun almalydygy subutsyz durmuş hakykatlarynyň iň wajybydyr. Ylym-bilim, hünär kämilligi işlerinde ata-ene, terbiýeçi we mugallym hökmünde sähelçe gowuşgynsyzlyga ýol berilmeginiň özi Watanyň duzuny haklamazlyga deňdigine ylmy esasly akyl ýetirilen türkmen jemgyýetinde mynasyp ogul-gyz ýetişdirilýär. Magtymguly Pyragynyň ideýalarynyň ruhunda kemala getirilýän ylymly-bilimli, giň gözýetimli, edepli, kämil ogul-gyz hem akyldar şahyryň wysal bolan arzuw-umytlarynyň iň möhümidir. Ýurdumyzda mynasyp nesil terbiýesi meselesiniň özi akyldar, öňdengörüji şahyryň wysal bolan isleg-arzuwlarynyň arasynda edil berkarar döwletli bolmak, „Döwlet adam üçindir!“ diýlip, her bir aýry-aýry adamyň saglygy, asudalygy, agzybir, abadan durmuşy hakynda tagallalar etmek, türkmen halkyna Allanyň bagyş eden tebigy baýlygyny onuň öz eşreti üçin özüne siňdirmek, dünýä halklarynyň ojagyny ýylatmak maksady bilen, olara gol uzatmak, olar bilen dostlaşmak, doganlaşmak, eýýamyň dürli wajyp meseleleri boýunça dünýä bilen bileleşip, olaryň hem gamyny iýmek ýaly ileri tutulýan meseleleriň hataryna girýär. Beýik Galkynyş eýýamynyň mynasyp neslini terbiýelemek diýmeklik, munuň özi olaryň aňynda Watana bolan duýgy, oňa bolan söýgi oýarmaly, olara çuňňur watançylyk terbiýesini bermeli diýmekligi öz içine alýar. Olar ýurduň syýasy-ykdysady durmuşynda bolup geçýän täzeliklerden, wakalardan habarly bolmaly diýmekligi aňladýar. Kabul edilýän strategik maksatnamalar, ylym-bilim we dürli pudaklary ösdürmäge goýberilýän milliardlarça dollarlyk serişdeler, gurulýan iň häzirki zaman ýokary okuw mekdepleriniň binalary, şertleri gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary bularyň hemmesi ýurdumyzda diňe ýaşlar üçin edilýär. Bu ajaýyp hem-de tutumly işlere kemala gelýän nesil hökmünde diňe hünär kämilligi, giň gözýetimlilik, ýagşy we halal adam bolup ýetişmek bilen jogap berip bolar.
Genial şahyr Magtymguly Pyragy “Ylym dünýäniň atasydyr” diýen nazary pikirini şygyr dili bilen beýan edip „Ylmy – dünýä ata kylmaý, malga zar eýlediň meni“ [11, 36 sah.] diýeninde, ösüp gelýän nesillere ylym-bilimiň esaslaryny pugta ele almagy ündeýär. Şahyryň ündewlerine eýeren Täze Galkynyş eýýamynyň türkmen döwleti mundan beýläk hem öser we pugtalanar.
Käbe BORJAKOWA,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş