16:40 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda KÖÑÜL PELSEPESiniñ durmuş esaslary | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ EDEBI MIRASYNDA KÖÑÜL PELSEPESINIÑ DURMUŞ ESASLARY
Magtymgulyny öwreniş
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "köňle" könelişen söz diýlip, ol "göwün" diýen manyny aňladýar. "Göwün" sözi bolsa "ýürek, iç, içki dünýä, isleg":ýaly baş manylara eýedir. Sözlük düzüji türkmen alymlary ozalky Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy M.Ý.Hamzaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary S.Altaýew, G.Ataýew, G.Açylowa, W.Mesgudow dagylar „göwün“ sözüniň ýokardaky ýaly baş manylaryndan başga-da ýene elli ýedi sany göçme manysynyň: göwne almak, göwne gelmek, göwne getirmek, göwne degmek, göwne düwmek, göwne jaý bolmak, göwne seretmek ýa-da göwne garamak, göwne çiglik gitmek, göwni açyk, göwni bire baglamak, göwni bitgin, göwni bozuk, göwni göçgün, göwni synyk, göwni hoş, göwni çökgün, göwni ýukalyk, göwni ýarym, göwnünden turmak, göwnüne garamak, göwnüni awlamak, göwnüni gözlemek ýa-da göwnüne garamak, göwnüni götermek, göwnüni tapmak, göwnüni hoş etmek ýa-da göwün hoşlamak, göwnüň bozulmak, göwnüň geçmek, göwnüň göge ýetmek, göwnüň göge uçmak, göwnüň göterilmek, göwnüňde gat galmak, göwnüňde kir saklamak, göwnüňe geňeşmek, göwnüňe ýakmak, göwnüňi ýokary tutmak, göwün aldamak, göwün açmak, göwün bermek, göwün bitmek, göwün bölmek, göwün galkmak, göwün görmek, göwün güýtmek, göwün gyýylmak, göwün (ýürek) döwülmek, göwün ýetmek, göwün ýüwürtmek, göwün ýykmak, göwün poslamak, göwün posuňy dökmek, göwün sowatmak, göwün solpudan çykmak, göwün syndyrmak, göwün hoşlamak, göwün çaglamak, kiçi göwünli, pes göwünli ýaly manylarynyň bardygyny kesgitlediler [19, 186–187 sah.]. Türkmen dilinde ulanylýan „hörp“ sözi hem „belent göwün, uly isleg“ diýen manylary aňladýar. „Göwün“ sözüniň bu hili onlarça dürli manylary aňlatmaklygy adamyň ruhy ýagdaýyny, ahwalatyny, göwün bilen baglanyşykly sözlenilýän sözleriň, edilýän hereketleriň, bolan-boljak işleriň ahyrky netijelerini açyp görkezýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda „göwün“ sözüniň aňladýan ähli manylary düýpli orun alypdyr. Bu söz dürli manylary aňlatmakda möhüm çeperçilik serişdesi bolup hyzmat edipdir. Hatda şahyr özüniň "Kyl-u kal bolar " atly şygrynda: Magtymguly, kimse bilmez batyny, Öýlenseňiz, garap alyň zatyny, Eýäm görkezmesin ýaman hatyny, Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar [11, 135 sah.] – diýip, köňül bilen manydaş „batyn“ sözüni peýdalanýar. „Batyn“ sözi „iç, içi, her bir zadyň içi, göwün“, mysal alnan bu setirlerde bolsa „gylyk-häsiýet, niýet-pygyl“ ýaly manylary aňladýar. Şeýlelikde, şahyr türkmen edebi dilini „köňül“ sözi bilen manydaş bolan „batyn“ sözi bilen baýlaşdyrýar. „Batyn“ sözüniň „jan, ruh“ ýaly manylarynyň hem barlygy, Nurmuhammet Andalybyň tahmyslarynda bolsa onuň „ göwün“ diýen manyny aňladýanlygy nygtalýar (akademik, professor Myratgeldi Söýegowyň şahsy arhiwinden). Akyldar şahyr köňül bilen oturyp ýüzbe-ýüz söhbet gurýar. Oňa geňeşýär, sala salýar ýa-da oňat-oňat işlere göwün ýüwürdýär, ýa bolmasa-da göwün we durmuş hakykaty bilen baglanyşykly bir ýagdaýy çeper beýan edýär. Onuň bilen guran söhbetinden aram-karar tapýar. Bu söhbet genial şahyryň ýürek owazydyr. Şeýle hem bu söhbet bütin türkmen halkynyň kalbynyň owazydyr. Her bir türkmeniň kalbynda dörän owazyň şygyr arkaly çeperçilikli beýanydyr. Munuň özi şahyryň çeper sözi sungat derejesinde ulanyp bilijilik ussatlygynyň janly şaýadydyr. Mundan beýläk öz ykbalyny söz sungaty bilen baglanyşdyran şahyrlardan şygyrda, ýazyjylardan kyssada, alymlardan ylymda söz ulanmak meselesine çemeleşmekde hem-ä eden özboluşly talabydyr hem-de olara miras galdyran edebi mekdebidir. Şahyryň köňül hakynda öňe süren pikirleri bu beýik alymyň janly keşbini doly göz öňüne getirýär. Onuň pelsepesi, dünýägaraýşy, ötgür akyly, tizpähimliligi, urp-adat, däp-dessur, ynam-ygtykat meseleleri bilen baglanyşykly çykarýan netijeleri, edýän çözgütleri barada köp teswirleýji düşünjeleri berýär. Beýik şahyryň bu ussatlyk aýratynlygy Magtymguly Pyragynyň galdyran edebi mirasyny öwreniji alymlaryň ençemesi tarapyndan oňa berlip gelnen we ykrar edilen bahalaryň hataryna girýär. Emma şahyr baradaky çyn hakykat Magtymguly Pyragy deýin watanperwer, ynsanperwer, adalatperwer akyldaryň türkmen halkynyň akyl çeşmesi, bagtyýarlygy bolup, ýüzýyllyklaryň dowamynda bir gezek dünýä inýänliginden ybaratdyr. Şahyr özüniň ýüzden gowrak şygrynda hakyky pähim-paýhas eýesi bolan adama dogry ugur-ýol görkezýän köňle ýüzlenýär. Magtymguly Pyragynyň filosofiki garaýşyna laýyklykda, köňül–derwezesiz gala. Ol biziň her birimizi dünýäde ýagşy adam edip, dogry ýaşatmak, haýyrly işlere gönükdirmek mümkinçiliklerine eýe bolan gala. Şahyryň „Türkmeniň“, „Turgul diýdiler“, „Her ýana“, „Oglum–Azadym“, „Bady-sabany görsem“, „Bir görüp gitse daşymdan“, „Berme pelege“, „Weýrana geldi“, „Gan çykar“, „Ýarym, ýa, Alla“, „Aýryldym“, „Gökden inmez, ýaranlar“, „Meňzär hökümli“, „Dert oldy“, „Gyzmaly boldum“, „Sataşdym“, „Bu işi“, „Baglar heý“, „Boldum girýana“, „Ýetişdi salym“, „Hindistanda hyýalym“, „Nary dilberiň“, „Azadym kany“, „Gymmat ýagşydyr“, „Gidiji bolma“, „Ýykmaýan ärden“, „Ýaýlahlary bar“, „Il gözlär“, „Ahyrzamana“, „Don bolsa“, „Düýşüne degmez“, „Habar ber–şeýledir“, „Ýüregiň gan içinde“, „Paş bolmar sen“, „Paýany bolmaz“, „Nahana geldiň“, „Zyýan görse“, „Sil galmaz“, „Köňül joşundadyr“, „Döwran tapylmaz“, „Don gerek“, „Nazar eýle“, „Ölmesden burun“, „Jem bolup“, „Enede bizni“, „Köňül ýatmaz hiç“, „Köňül“, „Köňlüm“, „Köz bile“, „Daşlar bile“, „Joşa düşüp sen“, „Uça bilmen, neýläýin“, „Jan içinde“, „Ýel bile“, „Ötüp baradyr“, „At galmady“, „Az eýlediň“, „Mallar dargady“, „Sürdi-de bardy“, „Bela boldy“, „Duman göterler“, „Gider“, „Gelip düşdi“, „Güzeşt eýle“, „Şondadyr“, „Ýa, Züljelalym“, „Habar ber–beýledir“, „Dert bilen“, „Mah-u sallara“, „Öter gider“, „Gam bile“, „Çagdyr bu çaglar“ ýaly köňül bilen baglanyşykly şygyrlary, bir tarapdan, dünýewi durmuş babatynda okyjyny oýa batyrýar, beýleki tarapdan bolsa, ruhuňy täzeleýär. Köňül – syzyş synasy bolan ýüregiň seljeriş meýdanydyr. Şol bir wagtyň özünde hem ol adamyň süňňi-süýegine gös-göni täsir edýän maddy dünýäniň hakykatlaryny, wakalaryny, hadysalaryny we olaryň häsiýetlerini, hilini, ýagny obýektiw dünýäni subýektiw şöhlelendirýän çäksiz meýdandyr. Kalp duýgusy–şahyryň hem-de şygryýetiň ilkinji çeşmesidir. Aňdan we köňülden syzylyp çykýan pikirler, ideýalar akylyň, aňyň, şeýle hem şahyryň gönüden-göni daşarky dünýä bilen baglanyşygynyň miwesidir hem-de netijesidir. Pikir, pikirlenme, pikir ýöretme akyl ýetiriş işiniň esasy görnüşleridir. Magtymguly Pyragynyň köňül hakynda öňe süren pikirleri–hakykylygy subut edilen pikir ýöretmelerdir. Şahyryň ýöreden pikirleri çylşyrymlydyr. Oňa düşünmeklik ony okanyň ýa-da diňläniň akyl ýetiriş we seljeriş derejesine, ukybyna baglydyr. Beýle diýmekligiň özi şahyryň beýan eden söz manysyna (şerh: Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp, bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp...) akyl ýetirmekligiň örän köp okamaklygy, öwrenmekligi we bilmekligi talap edýänligini aňladýar. Meseläniň şu ýerine gelende merhum mugallymym, professor Mäti Kösäýewiň ylmy-pedagogik durmuşyndan bir mysala ýüzlenmeklik ähmiýetli bolar. Mugallymym Magtymguly Pyragynyň bize gelip ýeten edebi mirasyndan ýigrimi iki müňden gowrak setirini ýatdan bilýärdi. Derslerinde şygyrlara siňen rowaýatlary aşa seresaplylyk bilen teswirläp düşündirýärdi. Günleriň birinde talyplaryň biri oňa “Mugallym, şahyryň şu setirinde öňe süren pikirine düşünmedim” diýip ýüzlenýär. Onda mugallym özüniň adamyň ýüzüne dikanlap seretmezlik endigi bilen “Eger siz şahyryň ýekeje setiriniň manysyna düşünip bilmeýän bolsaňyz, bizden ganymadrak ekeniňiz. Biz onuň hiç bir setirine doly düşünip bilemizok” diýip, örän sypaýy jogap berýär. Mugallym baradaky şu gürrüň türkmen halkynyň arasynda agyzdan-agza, dilden-dile geçip gelýän, şeýle hem ýaşalan sowet eýýamynyň häsiýetli aýratynlygy bilen baglanyşykly durmuş hakykatlaryndan biridir. Adamyň akyl ýetirişiniň ýokary derejesi bolan obýektiw hakykaty beýan etmek işine pikirlenme, pikir ýöretme işi diýilýär. Duýgy–pikirlenme, pikir ýöretme işiniň hem ýeke-täk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Pikirlenme, pikir ýöretme beýniniň işidir. Şoňa görä-de ol tebigy hadysadyr . Adamyň pikirlenme, pikir ýöretme işiniň öňünde goýýan wezipeleri bolsa onuň jemgyýetçilik durmuşynyň şertleri bilen baglanyşykly döreýär. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri jemgyýetçilik-taryhy häsiýete eýedir. Jemgyýetçilik-taryhy ösüşleriň önümidir. Şahyryň eserleri ençeme nesilleriň ýüreginde orun eýeläp gelýär. Onuň eserleriniň şeýle belent mertebä ýetmekliginde esasy rol oýnaýan ýagdaýlaryň biri hem durmuşyň dogruçyl beýan edilmekligidir. Şeýle hem dogruçyllyk bilen öňe sürülýän möhüm ideýalardyr. Şahyryň dogrucyl şygyrlary ynandyryjy, täsirli bolmak bilen birlikde, halky-da dogry terbiýeleýär. Magtymguly Pyragy muňa çuňňur düşünipdir. Onuň pikiriçe, dogruçyllyk adamy-da, şygry-da bezeýän iň esasy talaplaryň biridir. Şonuň üçin hem ol: “Magtymguly, dogry söze ten bergil”, ýa “Magtymguly, ýalan-ýaşryk sözleme” ýa-da “Magtymguly, ýangyl, öçgül, ýa lal otur, ýa dür saçgyl!” diýip, gaýtalap-gaýtalap nygtaýar. Jemgyýetçilik-durmuş hakykatlaryny diňe dogruçyl beýan etmelidigi, onda-da ýanyp-köýüp beýan etmelidigi baradaky nazary pikirlerini öňe sürýär. Şahyryň edebi mirasynda kese ýurtly talaňçylaryň üznüksiz çozuşlary netijesinde halkyň durmuşynyň agyrlaşýandygy, olara berk gaýtawul bermek üçin türkmen halkynyň öňdebaryjy ideýalara gulluk edýän adamlarynyň arasynda agzybirlik we birleşmek meýilleriniň dörändigi “Ili gözlär” atly şygrynda: Kimlerde altyn täçdir, Kimler saýyl mätäçdir, Kimler düýpden gallaçdyr, Kim parça, haly gözlär. Ýa-da: Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga, Kim don tapmaz geýmäge, Kim tirme şaly gözlär [11, 86 sah.] – diýlip beýan edilişi ýaly, garyplaryň hor, gözgyny ýaşaýandyklary we beýl. meseleler taryhy taýdan hakyky hem-de janly suratlandyrylýar. Bu bolsa beýik şahyryň halkyň şol wagtdaky isleg-arzuwlaryny, ideýalaryny dogry beýan etmekliginde, şeýle hem onuň miras galdyran ruhy hazynasynyň çuňňur halky häsiýete eýe bolmaklygynda aýgytly rol oýnaýar. Magtymguly Pyragy jemgyýetçilik-taryhy meseleler babatynda zähmetkeş halkyň nukdaýnazaryna pugta eýeren şahyrdyr. Ol öz eserlerinde beýan eden möhüm syýasy, sosial-ykdysady we medeni meselelerine-de aşak gatlagyň garaýşy bilen baha berýär. Şolaryň janly keşbini döredýär. Edebi mirasynyň ençeme setirlerinde muňa güwä geçilişi ýaly, akyldar şahyr türkmen halkyna öz ýaşan döwrüniň gözi, gulagy, sesi bolup hyzmat edýär. ■ Akyldar şahyryň köňül pelsepesiniň taryhy kökleri „Köňül“ şygryýet dilinde köp ulanylýan sözleriň biridir. Ol şygryýetiň iň durnukly, anyk düşünje, häsiýet, aýratynlyk aňladýan sözüdir. Bu düşünje özüniň taryhy taýdan döreýiş we mundan beýläkki ösüş, baýlaşyş basgançaklaryny geçýär. „Köňül“ sözüniň ýüze çykan ilkinji çeşmesi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren gadymy we orta asyr türkmen edebiýatynyň alym şahyrlarynyň miras galdyran ruhy hazynalary bolup durýar. Gadymy edebiýatda döreýiş taryhy barada täsin maglumatlar berlen bu söz halkyň sosial durmuşynda we onuň şygryýetinde ulanylyş babatynda özüne mäkäm orun eýeleýär. XIII asyryň ahyrynda we XIV asyryň başlarynda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» („Rabguzynyň kyssalary“ ýa-da „Kysasyl enbiýa“ /„Pygamberler hakyndaky kyssalar“/, ýagny: Depderler içinde bir kitap gördüm, „Kysasyl enbiýa“atly, ýaranlar! Magtymguly Pyragy) diýen iki jiltlik kitabynyň birinji jildinde Allatagalanyň köňli ýaradyşy barada: “Ol adamlaryň göwresinde dört zady ýaratdy: biri akyl, biri ruh, biri nebis, biri köňül. Olaryň her haýsysyny bir zatdan aldy. Köňli suwdan aldy, şonuň üçin köňül sap we röwşendir. Ol adamyň içini görkezýän aýnadyr” [15, 49 sah.] diýlen hakykat beýan edilýär. Bu ýerde köňlüň ilkibaşky ýaradylyş halaty düşündirilýär. Köňlüň ýaradylyşy hakyndaky bu maglumat her bir barlygyň, her bir düşünjäniň anyk maksat üçin niýetlenilendigine, şeýle hem onuň hut diňe şoňa hyzmat etmelidigine güwä geçýär. Şeýlelikde, köňül adamyň süňňi-süýeginiň hatarynda wajyp orny eýeleýär. Alym Nasyreddin Rabguzy bu babatda nakyl (hekaýat, rowaýat–K.B. ýagny: Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň...Magtymguly Pyragy) diýen sözbaşy bilen beren, şeýle hem Allatagalanyň ylmy bilen esaslandyrylan maglumatynda adam bedeniniň her bir agzasynyň ýerine ýetirýän işiniň wajyplygy baradaky özara jedelini (munazara) beýan edip şeýle diýýär: «Adam alaýhyssalamyň bedenine ruh gireninde juma güni öýle namazynyň soňraky wagtydy. Jan tene ýetişdi. Emma her bir agza öz öňünde biri Gün, biri dolan Aý, biri ýaňy dogan Aý, biri rüstem dessan, biri müň dessanyň bilbili, olaryň her haýsy özünden hoşal we minnetdardy. Bu ýagşylygy her bir agza özünden bilip, lapy-kezzap urardy. Baş: “Men bir gümmez ýaly hemmelerden ýokarydyryn. Men sejdä laýykdyryn. Hemme tagat-ybadatlaryň başy mendirin” diýdi. Gol: “Men älem-jahanyň görelde aýnasydyryn” diýdi. Gulak: “Haktagalanyň wahysyny we owazlaryny eşidijidirin” diýdi. Gaş: “Biz ikimiz maňlaýyň ýanynda älemgoşar ýalydyrys” diýdi. Maňlaý: “Men Haktagalanyň kazasy we takdyry ýazylan tagtadyryn” diýdi. Toprak: “Men aşyklaryň köňüllerini ysym bilen tutýan reýhan dänesidirin” diýdi. Dodak: “Men gymmatbahaly zatlar salynýan ýakutdan sandyjakdyryn” diýdi. Diş: “Men agzyň içindäki otuz para Kurandyryn. Men hemme agzanyň sebäbidirin. Olar menden suw içerler” diýdi. Beden: “Hemme agzanyň ýüküni men göterýärin” diýdi. Köňül: “Men Allatagalanyň syrlaryna ýetişmekde patyşadyryn. Hemme işlere karar çykarylýan öýdürin. Göwräniň galasydyryn. Bularyň barlygy meniň bilendir” diýdi. Aýak: “Hemme amanatlary göterip ýören hoşgylykly ulagdyryn” diýdi. Deri: “Göwre galasynyň şähristanydyryn. Bularyň barlygy meniň bilendir” diýdi. Et: “Dört ýüz kyrk dört bölek süňküň halatydyryn” diýdi. Zahyr (daşky görnüş, şekil): “Namaz, oraza, berhizkärlik, takwalyk medresesiniň müderrisidirin” diýdi. Batyn (iç, içi, her bir zadyň içi, göwün): “Men näz-keremiň we sözüň gowakdaky ybadathanasydyryn” diýdi. Akyl: “Dogry ýola başlaýjy, hemme möhüm işlerde maslahat berijidirin” diýdi. Şol wagt näz-keremiň patyşasy ruh ukudan oýandy we ol hezzet-hormat tagtyndan baş göterdi. Ol agzalaryň gepini eşidip, aýtdy: “Eý, agzalar, üç ýüz altmyş damar, dört ýüz kyrk dört bölek süňk, siziň hemmäňiziň ýagşylygyňyz we kuwwatlygyňyz meniň bilendir. Eger men bolmasam akylda–pähim, köňülde–idrek–düşünje, golda–güýç, gözde–nur, gulakda–eşitgenlik galmaz” diýdi. Allatagaladan: “Eý, ruh! Sende hem bularyňky ýaly ulumsylyk bolsa bakydan öňräk ötersiň. Sende ne het, ne çäre bardyr” diýen bir owaz geldi. Ruh beýle haýbaty eşidip, ýaradar bolup, onda ne huş, ne hereket, ne başynda gurur, ne köňlünde şatlyk galdy. Ol bir owuç jisim bolup galdy» [15, 57 sah.] . Bu jedele birnäçe agza: baş, gol, gulak, gaş, maňlaý, ýüz, şeýle hem toprak, dodak, diş, beden, köňül, aýak, deri, et, zahyr (daşky görnüş, şekil), batyn (iç, içi, her bir zadyň içi, göwün), akyl, ruh, iň ahyrynda bolsa Allatagalanyň özi gatnaşýar. Munda her bir agza özüniň artykmaçlygyny, üstündigini beýan edýär. Iň soňunda bolsa bu jedele Allatagalanyň özi gatnaşyp, aşa ulumsylanan ruha hakyky ýagdaýyň nämeden ybaratdygyny bildirmek bilen, ony bir owuç jisime öwürýär. Eserde berlen beden agzalarynyň bu jedeliniň mazmuny ahlaky-terbiýeleýjilik häsiýete eýe bolup, adamyň hiç wagt öz göwnüni ýokary tutmaly däldigini nygtaýar. Çünki islendik bäsleşikde iň ahyrynda hakyky ýeňiş güýçlüden-güýçlä degişlidir. Beden agzalarynyň ählisi-de wajypdyr. Çünki ol Allatagalanyň ylmy bilen ýaradylandyr. Adamyň göwresinde ýaradylan ilkinji dört zadyň–akylyň, ruhuň, nebsiň, köňlüň, şeýle hem beýleki wajyp agzalaryň sanawynda-da köňlüň özüne mynasyp orun eýelemekliginde uly many-mazmun bardyr. Çünki köňül–ýürekdir. Ol–duýgular meýdanydyr. Duýgularymyz bizi gülleýän, gül açýan, älemde ykrar edilen Watanymyzda Beýik Galkynyş we Özgertmeler eýýamynda mydama haýyrly işlere gönükdirsin, haýyrly ýollara çagyrsyn! „Köňül“ pelsepesiniň iň köp öňe sürlen ikinji çeşmesi türkmen nusgawy edebiýaty şeýle hem Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen nusgawy şygryýeti türkmen halkynyň durmuşyny görkezmek bilen birlikde, goňşy Gündogar halklarynyň şygryýeti bilen pugta edebi aragatnaşykda we edebi täsir esasynda ösýär, baýlaşýar. Şygyrda köňül hakyndaky garaýyşlaryň liriki beýany bolsa türkmen şygryýetine hem, goňşy halklaryň şygryýetine hem häsiýetli bolup, ol şygryň duýguçyllyk, täsirlilik we terbiýeleýjilik kuwwatlygyny artdyrmaklyga hyzmat edýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy şygyrlarynda „köňül, göwün, ýürek, iç, içki dünýä, batyn, isleg, hörp“ meselelerinde özüniň ylmy-amaly nazary garaýyşlaryny, durmuş sapaklaryny şahyrana duýga, hyjuwa, ylhama ýugrup, okyjy bilen aç-açan söhbet gurýar. Bu hili şygyrlar bolsa, aslynda, beýik şahyryň türkmen halkynyň duýgy-düşünjesi bilen berk baglanyşyklylykda hut özüniň içki tebigatynyň ýüze çykmasy bolup dünýä inýär. Şahyryň köňül pelsepesine bagyşlanan şygyrlary özüniň mizemez reallygy bilen dünýä ynsanlaryna syryny açyp, ine şeýle diýýär: Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň [9, 11 sah.]. Türkmen nakyllary we atalar sözi köňül pelsepesini işlemäge giň orun berlen üçünji çeşmedir. Hatda akyldar şahyrlarymyzyň nakyllaşan parasatly sözlerini hem türkmen halky atalar sözi we nakyllar ady bilen ulanýar. Atalar sözi we nakyllar, şeýle hem nusgawy şahyrlarymyzyň parasatly pikirleri köňül pelsepesi babatynda şu aşakdaky ýaly temalarda bitewileşýär: Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda. Adam göwni – düýpsüz derýa. Adam göwni gülden näzik. Bir göwnüň gudasy, müň göwnüň dogany. Bir göwün bar – deňiz, Bir göwün bar – doňuz. Bir göwün – ýüz müň Käbe. Är garrar, göwün garramaz. Galan göwün – çykan jan. Galsa göwün tapdyrmaz, çyksa – jan. Garybyň göwni bir pisse bilen awlanar. Garybyň göwni synyk, sözi sowuk, Ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk. Garybyň göwnüni “Hoş geldiň!” awlar. Göç göçden galsa, göçe ýeter, Göwün göwünden galsa nämä ýeter. Göwnän çopan serke sagyp, süýt berer. Göwni açygyň ýoly açyk. Göwni jennet küýsär, gözi günäden gitmez. Göwnünde kiri baryň içinde syry bar. Göwnüň hapasyny akar suw almaz. Göwnüň hapasyny söz alar. Göwnüň posuny gözüň ýaşy ýuwup gider. Göwnüň söýdügi soltandyr. Göwün bar, gaýrat ýok, ýelin bar süýt ýok. Göwün bir çüýşe, synsa ýama tutmaz. Göwün – çüýşe, göz – aýna. Göwün garramaz, göwre garrar. Göwün gojalmaz. Göwün göwünden suw içer, gamyş – bogundan. Göwün gözden öň görer. Göwün gözeli söýmez – söýenini söýer. Göwünjeň pent iýer. Göwün kazy, göz terezi. Göwün käsesi bir dökülse dolmaz. Göwün kiri aýdylsa, gider, geýim kiri – ýuwulsa. Göwün nirde göz şonda, gözel nirde göz şonda. Göwün – öwlüýä. Göwünsiz äre barandan gözsüz ogul dogar. Göwünsiz işden gözsüz oglan dogar. Göwünsiz iş – lezzetsiz aş. Göwünsiz köpek goşdan gitmez. Göwünsiz köpek sürä gurt alyp geler. Göwün söýeni gözel, alany hezil. Göwün sygsa, göwre sygar. Göwün synsa, seýik tutmaz. Göwün syryn göz bildir. Göwün şatlygy – ömür zyýatlygy. Göwün ýakyndan galar, göz – daşdan. Göwün ýetse, gul ýeter. Göz – ýüregiň aýnasy. Gözli körden köňli kör ýaman. Hassanyň köňli nar islär. Her köňlüň bir ýazy, bir gyşy bardyr. Her köňülde bir arslan ýatar. Hiç köňül şatlygy çykmaz, Bir köňül ýykmaýan ärden [11, 99 sah.] Iç syryňy ataňa-da aýtma. Içde gusur bolmasa, ýigrimi bäş neýlesin. Içi – işsyz, daşy – donsuz. Içi müň dürli, daşy bir dürli. Içi ýanan gazal aýdar, Bir-birinden ozal aýdar. Içi ýananyň hem bir gülküsi bar. Içigaranyň içi ýanar. Içigaranyňky özüne, garagoluňky ile. Içim bilsin külli hal. Içimden ötenini işdanym biler. Içinden getiren. Içine girip çykan barmy! Içýakgyç bilen ýa ýabyda görüş, ýa ýapyda. Köňle gelen elden gelse, bitmedik iş galmaz. Köňli daryň gabry dar. Köňli hassa köp geplär. Köňlüň söýeni – gözel. Köňül bar maýsalyga gonar, Köňül bar jeňňellige gonar. Köňül – beg, beden onuň guludyr. Köňül dostuny biler. Köňül nagşy, düýşde görlen hyýallar Tylla, göwher, genç-hazyna, mal gözlär [9, 145 sah.] Köňle ýakmasa, gözüňe ýakmaz. Köňülsizden gülki çykmaz. Köpegiň göwnüni kepek bilen awlarlar. Köpegiň köňli süňk bilen hoş bolar. Külden depe beýik bolmaz, Synsa köňül, seýik bolmaz. Gara keýik keýik bolmaz, Meger, girse çöle, kazym [8, 7 sah.] Namazda köňli bolmaýan azana gulak asmaz. Nebis – dert, göwün – dermandyr. Özi bir, köňli müň. Ýüregi bolmadyga akylyň peýdasy ýok. Ýüregi dolanyň agysy artyk. Ýüregindäki duşmanlyk gitmez zeň, Dilindäki dostluk ýasama heň. Ýürek agyrmasa, gözden ýaş çykmaz. Ýürekden çykan ot ýaman, Özüňden çykan ýat ýaman. Ýürekde näme bolsa, dil şony diýer. Ýürekde serhet ýok. Ýürek – gylyç, akyl – galkan. Ýürek ýalyny – meniň galam. Ýürek ýatkeşligi beýniden güýçli. Ten bir dar kapasdyr, jan bir wagşydyr, Tile gelen sözler köňül nagşydyr [11, 152 sah.] Ynsan hemişe köňlüne görä bolmalydyr. Ýagşy bilen otursaň, toýdur bazar, Ýaman bilen otursaň, göwün bozar. Ýagşy bilen oýnasaň, günde bazar, Ýaman bilen oýnasaň, göwün bozar. Ýagşy bilen sözleşseň, köňlüň açylar. Ýetim göwni ýarym. Ýüz – köňlüň aýnasy [7]. ■ Magtymguly Pyragynyň köňül pelsepesiniň ähmiýeti Şahyryň şygyrlary köňül pelsepesi arkaly galdaw, galjaň, ynjalyksyz göwünlere basalyk berýänligi bilen ähmiýetlidir. Biynjalyk köňüllere ruhy kanagat inderýänligi bilen ruhy taýdan kuwwatlykdyr. Kalp päkligini ündeýänligi bilen gymmatlydyr. Gama batmaklygyň tebigylygy, emma ynsan üçin haýyrsyzlygy barada habardar edýänligi bilen wajypdyr. Gama batmaklygyň, gussa dartmaklygyň tebigy duýgulardygy babatynda bize alym Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ atly kitaby gymmatly maglumatlar berýär. Kitabyň „Hezreti Adam alaýhyssalamyň wakasynyň beýany“ atly ikinji kyssasynyň „Ỳer ýüzünde Adam alaýhyssalamyň topragynyň alynmagynyň beýany“ diýen dördünji pasylynda (bölüminde–K. B.) gam-gussa babatynda: „Ol topragy Mekge bilen Taýyfyň arasynda Hanna diýen ýerde goýdular. Ol topraga Bahrul-ahzan diýen derýanyň suwundan biri kem kyrk ýyl gam ýagmyry, bir ýyl şatlyk ýagmyry ýagdy. Şol sebäpden adam perzendinde gaýgy-gam köpdür, şatlyk azdyr. Kyrk ýyldan ol toprak palçyk boldy“ [15, 48 sah.] diýilýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň “Öýlengin” atly şygrynda Nasreddin Rabguzynyň gam-gussa hakynda beren maglumatyny ykrar edýär. Emma ol gaýgy-gamyň ynsan ogluna ýetirýän zyýanyny teswirlemek bilen, adam synasyny opurýan bu duýga özüňi aldyrmazlygy ündäp: Kethudalyk gözel ýoldur, Gaýgy garrydar, gam öldir, Ýigitlik bir gyzyl güldür, Solaýyn diýseň öýlengin [11, 33 sah.] – diýip nygtaýar we gaýgynyň syna üçin ýaramaz ahyrky netijesi barada adamy habardar edýär. Şahyr bipeýda gaýgy duýgularyndan saplanmaklygy we ruhy ynjytmazlygy wesýet edýär.Türkmen nakyllarynda we atalar sözünde hem gam-gussa babatynda „Türkmeniň bir gaýgysy bolmasa, düýesi ýaban çöker“ diýmek bilen, „Kysasyl enbiýadaky“ hezreti Adamyň ýaradylmaly palçygynyň otuz dokuz ýyllap gam ýagmyry we diňe bir ýyl şatlyk ýagmyry astynda goýulmagy hakyndaky ilkinji ýaradylyş hakykatlary ykrar edilýär. Şol bir wagtyň özünde hem nakyllarda „Müň gaýgy bir iş bitirmez“ diýmek bilen, gaýgydan saplanmak, ruhuňy belent tutmak ideýalary öňe sürülýär. Şahyryň müň bir syrly, müň bir sowally köňül pelsepeleri her bir adamy özüne imrindirýänligi bilen ondaky ideýalar hikmetlidir. Türkmen sährasynyň, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň göwün göterijiligini janlandyrýanlygy bilen täsirlidir. Beýik Galkynyş we Özgertmeler eýýamynda, ýagny abadan durmuş hem-de kämil ylmy-amaly, çeper döredijilik zamanasynda ruhubelentligiň dury çeşmesi hökmünde her bir adama däri-dermandyr. Magtymguly Pyragynyň öňe süren ideýalaryna on iki süňňi bilen uýup, onuň her bir sözüni özi üçin kesgitli çözgüt hasap edip gelen türkmen halkynyň çeper söze mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň güwänamasydyr. Akyldar şahyryň döreden bu hili eserlerinde türkmen halkynyň ýürek urgusy duýulýanlygy, ýaşan döwrüniň hakyky keşbi janlandyrylýanlygy bilen taryhy taýdan ygtybarly çeşmedir. Bu şygyrlar ähli eýýamyň nesilleriniň arasynda ähli ugurlarda ruhy baglanyşyk guraýan hem-de ony pugtalandyrýan köprüdir. Şahyryň köňül barada öňe sürýän nazary garaýyşlary her bir türkmeniň belent ruhuny, ajaýyp maksadyny, ezeli halallygyny, durnukly edebini, ylymly-bilimliligini öz derejesine çenli belende göterýänligi bilen buýsançlydyr. Magtymguly Pyragynyň kesgitleýşi ýaly, iň laýyk söhbetdeş il-günüň özüdir. Ähli beýleki adamlar bilen deňeşdirileninde dünýewi hakykatlary köp esse artyk syzmasaň, ony dogruçyl we özüne maýyl ediji derejede täsirli beýan etmeseň, hak Alla tarapyndan berlen zehine hem ukyba, ylhama hem-de hyjuwa eýe bolan hakyky akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bolup bolmajakdygynyň tälim-terbiýesini bolsa şahyr edep hem ylym-bilim ussady bolan öz atasy Döwletmämmet Azadydan kabul edýär. „Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar“ diýen atalar sözünde nygtalyşy ýaly, ynsan durmuşynda örän wajyp rol oýnaýan bu hili durmuş hakykaty beýik şanyryň edebi mirasynda işlän ähli mowzugynyň arasynda ýekeje birisiniň–ol-da bolsa “köňül” pelsepesiniň many-mazmunyny ýüze çykarmakda alym atasyndan alnan mekdep bolup, öz kämillik we ussatlyk ýüzüni görkezýär. Çünki molla (alym) lakamyna eýe bolan şahyr Döwletmämmet Azady özüniň meşhur „Wagzy–azat“ atly ahlaky-didaktiki, öwüt-nesihat beriji işinde köňül babatynda: Kagba weýran etmeden müň mertebe, Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede [21, 47 sah.] – diýýär ahyryn! Çünki Azadynyň dünýägaraýşynda iň gözel ýaradylyş adamdyr, onuň köňlüdir, abadan, asuda, erkin durmuşydyr. Alym atanyň mekdebini özleşdiren Magtymguly Pyragynyň öz atasy Döwletmämmet Azady, Durdy şahyr, Zenuby, Oraz han (Oraz şahyr), Magrupy bilen aralarynda aýdyşan aýdyşyk häsiýetli şygyrlarynda mantykly jogap gaýtarmakda, pikir ýöretmekde, dünýägaraýyşda ýiti bäsleşik ýüze çykýar. Şu ylmy-çeper häsiýetli özara şygyr bäsleşigi hem türkmen halkynyň ykrar edilen alym şahyrlarynyň ussatlykda eginleriniň deňligine güwä geçýär. Türkmen halkynyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň, diňe bu-da däl, eýsem bütin adamzadyň köňlüniň Magtymguly Pyragynyň öňe süren göwün hakyndaky ideýalaryna ruhy taýdan mätäçliginiň barlygy subutsyz hakykatdyr. Çünki şahyryň köňül mowzugynda beýan eden pikirlerinde ynsan ogly dünýäde öz ýaşan ömründe şol göwün atly ýüregi nähili aýamalydygy baradaky ähli soraglara jogap tapyp bilýär. Eger şahyryň köňül pelsepesine eýerilip, ýürege gaty bir agram salmazdan, ony mümkin boldugyndan ynjytman saklamasaň, “Gaýgy garrydar, gam öldir”– diýmek bilen, şahyr dünýäde seniň entek-entekler uzyn ömrüňi sagdyn ýaşamaklygyň gamyny iýýär ahyryn! Köňül–syr saklaýan mähek daşydyr. Köňül–ynsanoglunyň syrdaşydyr. Göwre garraýar. Emma göwün garramaýar, ol bir durkuny saklaýar. Kalp gözi bolsa görmek üçin ýaradylan gözden öň görýär. Çünki kalp gözi duýgurdyr, syzgyrdyr. Adamyň köňlüni şat tutmagy, ony mümkin boldugyndan ynjytman saklamagy onuň ömrüniň zyýadalygyndan nyşandyr. Käbe BORJAKOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |