22:55 Magtymguly Pyragynyñ JAHANKEŞDELIK pelsepeleri | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ JAHANKEŞDELIK PELSEPELERI
Magtymgulyny öwreniş
"Jahankeşde" syýahat edip ýören adam, gezende. "Gezende" jahankeşdelik edip ýören, köp ýurtlary aýlanyp, gezip gören adam. "Syýahat" öwrenmek, bilmek we akyl ýetirmek maksatlary bilen uzak ýurtlara gezelenç etmek diýmekdir. Taryhda syýahatlary ylmy-barlaglar, ylmy ekspedisiýalar diýip atlandyrmak däp bolupdyr. Real maksatly syýahatlar ylma we edebiýata köp hem-de baý maglumatlar berýär. Mysal üçin, syýahatçynyň ýol ýatlamalarynyň ýazgylary, Daniel Defonyň „Robinzon Kruzo“ (1719) romany, „Müň bir gije“ atly Gündogarda giň ýaýran ertekiler toplumy, wenger türkology we etnograf, ýigrimä golaý dil bilen Arminiý Wamberiniň (1832–1913) XIX asyryň 60-njy ýyllarynda derwüş keşbine girip, Gündogar ýurtlaryna syýahat etmekligi netijesinde Eýranda, Orta Aziýada gören-eşiden täsinlikleri hakynda ýazan „Orta Aziýa syýahat“ (SPb, 1865), 1925–1929-njy ýyllarda Türkmenistana üç gezek saz-etnografik ekspedisiýasyny guran W.A.Uspenskiniň (1879–1949) W.M.Belýaýew bilen bilelikde ýazan „Türkmen sazy“ (1928, 1936, 1–2-nji kitap, Moskwa) ýaly ylmy-çeper işler ruhy gymmatlyklar hazynamyzy baýlaşdyran we bize jahankeşdelik pudagynyň beren tapdyrygsyz miweleridir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda jahankeşdelik hakyndaky nusgawy pelsepelerini öňe sürýär. „Näler görüner“ diýen şygrynda: Seýl edeliň bu jahana, Jahanda näler görüner, Isgender, Jemşit saldyran Beýik binalar görüner [11, 75 sah.] –diýýän şahyryň jahanda seýil-seýran edip, gezip baran ýerleri az bolmandyr. Muňa, ozaly bilen, şahyryň öz edebi mirasy güwä geçýär. Şeýle hem akyldar şahyryň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli edebi mirasyndaky maglumatlar esasynda Magtymgulyny öwrenijiler tarapyndan 1963-nji ýyllarda döredilen we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýinde ýerleşdirilen „Magtymguly Pyragynyň syýahatlary“ atly karta şaýatlyk edýär. Syýahat etmek, gözi bilen görmek, gulagy bilen eşitmek, eýsem, şahyryň baş maksady bolup durýar. Muňa onuň „Uça bilmen, neýläýin“ atly şygrynda: Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi, Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin?! Okyr men, görer men föwzul kelamy, Magnysyny saça bilmen, neýläýin?! [11, 289 sah.] –diýen setirleri güwä geçýär. Jahankeşdelik Magtymguly Pyragynyň aýratyn üns berip işlän mowzuklarynyň biridir. „Bady-sabany görsem“ diýen şygrynda: Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany, Ol Rumustany görsem [11, 26 sah.] –diýýän şahyryň öňe sürýän jahankeşdelik pelsepesi atalar sözi, nakyllardaky „Gezmek–ömürden“ diýlen amaly-nazary pikir bilen bitewileşýär. „Hindistanda hyýalym“ atly şygrynda şahyr: Hak ugrunda gurbandyr Janym, döwletim, malym, Köňül ýola rowandyr,– Hindistanda hyýalym [9, 87 sah.] –diýýär. Netijede, Magtymguly Pyragy öz eserlerinde öňe süren jahankeşdelik pelsepelerinde gezmek, görmek, öwrenmek, bilmek we ony amal etmek nygmatlarynyň ynsanyň özüni hem, ýurdunyň ykdysadyýetini hem („Görogly“ şadessanyndaky bezirgenler–häzirki zaman marketing wezipesini ýerine ýetirijiler–bazary, nyrhy, haryda bolan islegi öwrenijiler), ylmyny hem (alymlaryň syýahatlary), medeniýetini hem (derwüşleriň pelsepesi: „Kitap dükanlarynda söwda bolmaýan ýurtda meniň işim ýok“ K.B.) baýlaşdyrýan, göwünleri galkyndyrýan, ruhlary göterýän kuwwatlykdygyny nygtaýar. Käbe BORJAKOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |