14:41 Sona Ýazowaly ýatlamalar... | |
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa bilen 50 ýyldan soňra… Men 1961–66-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Sona Ýazowa bilen bile okadym. Sona ynsanperwer, ajaýyp zenan hem-de ajaýyp şahyr. Okuwyň bäş ýylynyň dowamynda meni öýlerine ýygy-ýygydan alyp gidip, supra ýazyp, maňa çyn hemralyk etdi. Diňe bu hem däl. Oguldurdy atly bile okaýan ýetim gyzymyzyň durmuş toýuny hem talyplyk ýyllarynda ol öz öýünde tutup berdi. „Şygyr ýazyň, nutuk ýazyň, radioda, telewideniýede çykyş ediň!“ diýip ýören Sonanyň şular ýaly ýatdan çykmajak ýagşy niýetli işleri başga-da kän. Ine, onuň bilen talyplyk ýyllarymyz we professor-mugallymlarymyz barada eden söhbetlerimizden 50 ýyllap hakydamyzda galanlary: ■ Damarda gan… Professor Mäti Kösäýewe synag tabşyrýardyk. Mugallym Sonadan Magtymguly Pyragynyň bir şygryny ýatdan aýdyp bermegini sorady. Sonanyň haýsy şygry aýtjagyny bilmän, delmirip duranlygyny görüp, men oňa „Damarda gan…“ diýlip başlanýan goşguly kagyzy usullyk bilen görkezdim. Ol bolsa çala gördümi, nämemi şygry „Daşarda gan…“ diýip labyzly okamaga başlady welin, professor Mäti Kösäýew„Ýeri, bolýa-da…“ diýmekden başga alaç tapmady. ■ Jahanşa Garagoýunly Hakykyny geçenimizde… Zähmet ýoluna ýaňy başlan professor Mäti Kösäýew talyplara Garagoýunlylar döwletine 1437-nji ýyldan başlap häkimlik edip ugran, Hakyky diýen lakamy bilen belli bolan türkmen şahyry Jahanşany geçeninde, adynda Jahan bolansoň, hatyndyr öýdüp „Gördüňizmi, talyplar, özi-de zenan, hem şa, hem-de şahyr“ diýen düşünje berenligine ömürboýy ökünip, muny bize sapak bolsun diýip, pendi-nesihat etdi. Talybyň öňünde näçe kyn hem bolsa, beren maglumatyň ýalňyş bolanlygyny ugruny tapyp, boýun almaklygy ýa-da „Bilemok“ diýmekligi ol bize miras galdyrdy. ■ Şu köwüş… Hiç wagt adamyň ýüzüne dikanlap seretmeýän professor Mäti Kösäýewiň synag alanynda „Şu köwüş ozalam-a bir gezek gelipdi…“ diýenligini Sona bilen käte ýatlaýarys. ■ Annagylyç Mätäji halalynyň şanyna... Professor Mäti Kösäýew bir gezek sapakda Annagylyç Mätäji hakynda degişme häsiýetli şu aşakdaky setirleri aýdanynda, onuň myssaja ýylgyranyny görüpdik. Bir gün halaly Mätäjä ýüzlenip „Gelin-gyzlary köp taryp edýärsiňiz. Biziň şanymyza-da bir şygyr düzäýseňiz!“ diýýär. Onda şahyr „Geregiň şygyr bolsun!“ diýip, şu aşakdaky setirleri okaýar: Üstüňdedir köne çeten, Eňsini aýryp, kilim tutan, Garyş boýly, sere satan, Mätäjidir äriň gelin - – diýeninde, halaly „Bize gezek geleninde, düzýän setirleriňiz şu boljak bolsa...“ diýip, turup ötägidýär. ■ Näme diýýär, bujagaz gyz? Sona Ýazowa iki ýaşlyja gyzy Gülälek bilen bile Hojaberdi Hanowa synag tabşyrmaga gelýär. Gyzjagaz mugallyma garap, düşnüksizje bir zat diýýär. Onda mugallym: „Näme diýýär, bujagaz gyz?“ diýip, çaga lak atýar. Sona „Ulalanymda, ejem ýaly meni hem Uniwersitite okuwa alaýyň!–diýýär“ diýip jogap berýär. ■ Bonç-Bruýewiçem… Hojaberdi Hanow sapaklarynda taryhçy alym W.D.Bonç-Bruýewiçiň (1873–1955) folklor hakynda aýdanlaryny köplenç gaýtalaýardy.Sona synagyň soňragyna galyp girýär. Jogaplaryny Bonç-Bruýewiçiň ady bilen baglanyşdyrýar welin, ozalam her giren talybyň Bonç-Bruýewiçi nygtamagyndan däliräre gelen mugallym: „Bonç-Bruýewiçem gurasyn–menem, getir, bahalar kitapçaňy!“ diýýär. ■ Naftalin… Talyplaryň birisi synagda laboratoriýa işiniň geçirilişi barada gürrüň berýär. „Naftalin“ sözüni ýadyna salyp bilmän, ol „Nebit alyp guýsaň“ diýip ulanýar. Üns bermedik mugallym: „Ine, munyň boldy“ diýeninde, talyp „Nebit alyp guýsaň, diýdim-ä, mugallym! “ diýip boýun alýar. ■ Çaga bilmez ony… Bile okaýan Halyma atly talybymyz Ýazmuhammet Çöňňäýewe synag tabşyrmaga girýär. Beren jogabyndan göwni suw içmedik talyp „Gowy taýýarlanyp bilmedim, mugallym, çagam ýaramady“ diýýär. „Çaga bilmez ony, gowy talyp bi, getir bahalar kitapçaňy, goýaýyn bäşligiňi“ diýip, talyby ugradyp goýberse, şol gezekki synagyň soňy durşuna „Çagam ýaramada…“ öwrülýär. ■ Gowy zat ol Talyplaryň biri sapakda Ruhy Alyýewden «„Aş saýlamak“ diýmek name?» diýip soraýar. „Gowy zat ol. Özümizem köp saýlapdyk ony“ diýip jogap berýär. ■ Frontçy ýazyjylar Ruhy Alyýew synaga ilkinji bolup giren talypdan frontçy ýazyjy-şahyrlardan kimleriň eserlerini okandygyny soraýar. Talyp belli türkmen ýazyjysy Ruhy Alyýewiň „Sülgüniň hatlary“ powestini okandygyny aýdyp, bäşlik alyp çykýar. Şol gezekki synagda şondan soňra diňe „Sülgüniň hatlary“ hakynda gürrüň edilýär. ■ Hemmesi meniň dostum Ruhy Alyýew sapakda „Frontçy ýazyjylaryň hemmesi meniň dostumdy“ diýen hakykaty gaýtalamakdan özboluşly bir lezzet alýardy. Kemine şahyr hakynda gürrüň edýän wagty talyplardan biri „Mugallym, Kemine-de siziň dostuňyzmy?“ diýip soranynda, „Hawa, gowy dostum“ diýip jogap berýär. Yz ýany bilen bolsa „Sen meni ýalňyşdyrdyň!“ diýip nägilelik bildirýär. ■ Halnazar baýyň keşbi Halyl Kulyýewe tabşyrýan synagymyzda Sona «Berdi Kerbabaýewiň „Aýgytly ädim“ romanynda Halnazar baýyň keşbini» aýdyp bermeli boldy. Ol „Halnazar baý erbet adam“ diýip jogap berdi. Mugallym oňa „Başga-da, Gurban baý bar“ diýeninde, „Hawa, olam edil şolar ýaly“ diýdi. Ýene-de, „Sapar baýam bar“ diýeninde bolsa „Mugallym, eserde olar ýaly köp baý ýog-a“ diýip, ýalňyşýandygyny syzdy. ■ Aýnanyň keşbi Halyl Kulyýewe synag tabşyranymyzda Şükür atly talyba „Aýnanyň keşbi“ diýen sorag düşýär. Talyp «Beki Seýtäkowyň „Aýgytly ädim“ hekaýasynda Uzugyň saçyndan tutulyp, suwda süýrelýän ýeri maňa örän gowy ýarady, mugallym!» diýip, jogap bermäge başlanynda, mugallymyň reňki ak tam bolýar.Mugallym ondan «„Aýgytly ädim“ hekaýamy?» diýip soranynda „Powestdeýt, mugallym!“ diýip, göwnübir ýaly jogap berýär. ■ Agaýunus peri Kempiriň prototipi däl-ä! Halyl Kulyýewiň ýörite söhbetdeşlik dersinde «„Görogly“ şadessanynda Kempiriň keşbi» diýen temada nutuk bilen çykyş edenimde, Agaýunus peri Kempiriň prototipi, Göroglynyň geňeşdary, akylly zenanyň keşbi diýipdirin. Sona saklanyp bilmän, elini galdyryp „Prototip bolanynda, Kempiriň keşbinde durmuşdaky ähli şu häsiýetli kempirleriň hakyky boluşlary umumylaşdyrylýar-a, mugallym!“ diýip düzediş berdi.Şondan soňra bir düşünjäni üç edebiýatdan anyklap görmän, sözlemezligi pent edindim. 24.08.2011 ý. Käbe BORJAKOWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |