MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA KÄMILLIK PELSEPESI
■ KÄMILLIK DIÝMEK NÄME?
"Kämilligiň" türkmen diliniň sözlügindäki manysy "kämil bolup ýetişenlik, berkleşenlik", göçme manysy bolsa "kämillik ýaşyna ýetmek“ diýmekligi aňladýar. Onuň „kemal“ sözi bilen kökdeş we many ýakynlygy bolup, „kemala gelmek, kemala getirmek, ýetişmek, ýetişdirmek“ diýmekdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda „kämillik we kemal“ sözleriniň ulanylyş manylaryna seredip geçeliň.
Kämillik–1) kemala gelen, ýetişen; bütin, nogsansyz; 2) ylma, hünäre, oňat gylyk-häsiýete eýe bolan, ýetişen, doly; 3) pir, sopulykda ýokary derejä ýeten; kämil bolmak–ýetişmek, kemala ýetmek. Kemal–1) ýetişenlik, dolulyk, ýokary hetde ýetişmeklik, kämillik; 2) aýypsyzlyk; 3) ynsan ömrüniň orta ýaşy; 4) ynsanyň bilim we ahlak jähtden nogsansyz bolmagy; 5) gadyr-gymmat; kemally–ýetişen, doly kämil diýmekdir.
Allatagala öz rehmeti we takyk ylmy bilen adam perzentlerini ilki ýaradanynda ony bozuklykdan hem-de azgynlykdan saklamagy, goramagy maksat edinip „Elbetde, bu meniň dogry ýolumdyr. Siz dogry ýola düşüň!“ [15, 8 sah.] diýen aýady inderip, bendeleriniň öňünde olar üçin bähbitli bolan ugur-ýollary goýýar. Beýik Taňry şeýle hem „Eý, adamlar! Size öz jynsyňyzdan bolan bir pygamber geldi. Ol siziň günäkär bolmazlygyňyzy isleýär“ [15, 8 sah.] diýen aýat bilen, adamlaryň günäkär bolmazlyklaryny Hezreti Muhammet pygamberiň ady bilen baglanyşdyryp berkidýär. Şu aýatlardan ugur alsak, Allatagalanyň adam hakyndaky iň ilkinji taglymatlary kämillik talaplaryna ýugrulyp, akyldar şahyryň kämillik babatynda öňe süren pelsepeleriniň dury çeşmesi bolup hyzmat edýär. Diýmek, Allatagala tarapyndan kesgitlenilen dogry ýol taglymatynyň ahyrky oňyn netijesi kämillik, ýagny adamyň kämil bolmak, kämil çykmak ýollarydyr. Dogry ýol pelsepesi Magtymguly Pyragynyň durmuşy temada döreden „Salar guşun aňlamaz“ atly şygryndaky:
Belet başlar dogry ýola çyn bile,
Akyl ýigit söz başlamaz «men» bile,
Namart oldur–geňeş eýlär zen bile,
Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz [11, 136 sah.]
–setirleri akyldar şahyryň üns merkezinde dur. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda „kämillik we kemal“ sözleri, esasan, ylma, hünäre, oňat gylyk-häsiýete eýe bolan, ýetişen; doly; pir, sopulykda ýokary derejä ýeten; ynsanyň bilim we ahlak jähtden nogsansyz bolmagy diýen manylarda işledilýär. Jemgyýetçilik durmuşynda sap adam bolup ýaşamagyň we işlemegiň, kesp-kärleriň, hünärleriň islendik ugry boýunça ilkinji kämillik sapaklaryny, ozaly bilen, Allatagala berýär. Ezeli zat ebedidir. Magtymguly Pyragy bolsa hyjuwly, joşgunly, duýguly, täsirli, öwrediji, terbiýeleýji röwüşde şygyr dili bilen ynsanyýeti gylyk-häsiýeti boýunça ajaýyplaşdyrmagy özüniň mukaddes wezipesi-borjy hasaplaýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň „Adamzat“ atly şygrynda:
Ykballynyň ugran işi oň görner,
Dünýä ýüzi ele girse, teň görner,
Jahyllykda geçen işler geň görner,
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat [11, 258 sah.]
–diýmek bilen, ynsan ömrüniň kämillik döwrüni kesgitleýär. Bu setirler türkmen halkynyň aňyna we kalbyna nagyş bolan setirlerdir. Türkmen halk pähimlerinde „Ýigit ýaşy iki otuz, abadany bir otuz“ diýlip nygtalýar. Kämillik ýaşy babatynda şahyryň öňe süren pelsepesi halkyň pelsepesi bilen utgaşýar. Her bapdan doly kämil bolmak üçin, aýyl bolmak üçin şahyryň kesgitlän şertli kyrk ýaşy ýigit ömrüniň ikinji bölegine laýyk gelýär. „Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat“ diýlen setirde ulanylýan „aýyl“ sözüniň dürli many öwüşginleri bolup, ol: 1) pakyr, biçäre, mätäç; 2) maşgala ekleýji, aýally, maşgalaly; „aýyl bolmak“ sözi–1) mätäç bolmak; 2) maşgalaly bolmak, köp maşgalaly bolmak; „aýylmak“ sözi bolsa–oýanmak, huşuna gelmek, ukudan turmak, özüne gelmek, açylmak diýmegi aňladýar. Türkmen halky bu setiriň aňladýan manysyny ýaşy kyrkdan agyp, akyl käseleri dolan adam hökmünde göz öňüne getirýär. „Aýyl“ sözünden aňlanylýan bu many ýokardaky „ynsan ömrüniň orta ýaşy; ylma, hünäre, oňat gylyk-häsiýete eýe bolan, ýetişen; doly; ynsanyň bilim we ahlak jähtden nogsansyz bolmagy“ ýaly manylaryň üstüni ýetirýär.
■ Magtymguly Pyragy kämillik babatynda
Ynsan mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl kuwwatlygyny, ukybyny, döredijilik kämilligini sarp eden, ähli eýýamyň wepaly akyldar ogly, parasatly şahyryň edebi mirasynda kämillik meselesi özüniň köpdürlüligi, öwredijiligi, terbiýeleýjiligi we çuňňur oýa batyryjylygy bilen jöwher beýanyny tapýar. Olar: halypa–şägirt kämilligi, döwlet gurluşynyň kämilligi, sözleýiş kämilligi, edep kämilligi, ylym-bilim kämilligi, hünär kämilligi, söýgi kämilligi, ynsanara gatnaşyklar kämilligi, döwletara gatnaşyklar kämilligi... ýaly öwrenilmegi wajyp birnäçe düýpli meseleleri öz içine alýar. Şahyryň edebi mirasynda işlenilen kämillik meselesi umman ýaly giň we çuň bolanlygy sebäpli, mümkin bolan seljermeleri bermek, birnäçe temalara degişli bolsa teswirsiz nusgalar hödürlemek maksat edinildi.
■ Döwlet gurluşynyň kämilligi
Öňdengörüji şahyr geljekde binýady berkden gurlan türkmen halk döwletini görmekligiň nesillerine nesip etmegini göz öňüne getirip, „At islärin“ diýen şygrynda:
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet islärin [11, 67 sah.]
–diýen ideýany öňe sürýär. Bu pikirler akyldar şahyryň 250 ýyldan gowrak wagt öňe nazar aýlap, geljegi aýdyň görüp bilen, real, ýagny biziň häzirki Garaşsyzlyk we Täze Galkynyş eýýamlarymyzda wysal bolan arzuw-hyýallaryndan birnäçesiniň iň wajybydyr, ajaýybydyr. Geljekde berkarar türkmen döwletiniň gurulmagynyň gutulgysyzlygy barada gelen akyl netijesidir. „Hor galmasyn puştba-puşdum“ diýip, mundan beýläkki nesilleriň berkarar döwletli ýaşamagy barada eden aladalarydyr. Öz guran döwletiňde ýaşamagyň höziriniň, ynsan durmuşynda eýeleýän ornunyň pugta nygtalmagydyr. Puştba-puşt adamyň özüni adam diýip duýmaklygy, Watany–döwleti, milleti, medeniýeti, ykdysadyýeti bilen ykrar edilmegi ýaly zerurlyklaryň amala aşyrylmagynyň ilkinji ruhy binýadydyr.
Akyldar şahyr berkarar döwletiň hak eýesi–adyl soltany bolmalydyr diýen pelsepesini „Emire döner“ diýen şygrynda şeýle nygtaýar:
Magtymguly, budur derdiň,
Sahyby gerek her ýurduň,
Şir zarbyn görmeýen gurduň,
Her murty bir tire döner [11, 109 sah.]
ýa-da „Golda bary bolmasa“ atly şygrynda:
Begzadalar galdy çopan tährine,
Ten kaçan döz getir ýylan zährine,
Bibat bolup, döner Lutuň şährine,
Her ülkäniň häkim äri bolmasa [11, 152 sah.]
–diýýär.
Türkmen halky, ylaýta-da, onuň kemala gelýän ýaş nesli özüne nesip eden Täze Galkynyşly, özgerişli we ösüşli eýýamyň, Watan gymmatlygynyň, il-gün keramatynyň gadyryny bilmekde şahyryň diňe şu hili öňdengörüji ideýalaryny mekdep edinýär.
■ Sözleýiş kämilliginiň nusgalary
Öňüň gara, ardyň gözle,
Hoş sözüň diý, gahryň gizle,
Sözläbilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr [11, 90 sah.].
Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,
Dost bolup, dostundan syryn gizländen,
Hudany unudyp, ýalan sözländen–
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr [11, 94 sah.].
Ýigit oldur–söze eýlese amal,
Goldan gelmez işe etmese jedel,
Allanyň emrine kylmagyl bedel,
Bege–berim, şaha–adalat ýagşy [11, 134 sah.].
■ Edep kämilliginiň nusgalary
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň!
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda duruşyn görüň! [11, 137 sah.].
Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler;
Edepli, erkanly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler [11, 202 sah.].
Ne işdendir–ýatyp, nebsiň besleseň,
Akmaklykdyr, özüň ýagşy toslasaň,
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul! [11, 105 sah.].
Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa geler, geçer gözüme,
Eşidenler aýyp etmesin sözüme,
Iller kimin sözüm uz hem bolmasa [11, 199 sah.].
■ Ylym-bilim kämilligi
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda öňe sürlen pelsepeler parasatlylyk ylmynyň ajaýyp miweleridir. Parasatlylyk ylmy hikmetli ylymdyr. Parasatlylyk ylmy–hikmetli ylym wajyp ylym bolup, ol okyjyda, diňleýjide giň we çuň düşünje hem-de dünýägaraýyş emele getirýär. Köp meseleler babatynda gözüňi açýar. Şol bir wagtyň özünde köp bilmegi talap edýär. Bu hili ylymlardan älem ynsanlarynyň hajatlary bitýär. Döwrüň talaplary, halkyň bähbidi meselelerinde jogapkärçilik duýýan şahyr kämil çykmagy, ylymdan ýüküň ýetik bolmagyny ündeýär:
Kämil bolup, serenjamlyk kylyp men,
Muşfygymdan, ol pederden galyp men,
Käbämden aýrylyp, jyda bolup men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy! [9, 149 sah.]
ýa-da:
Täleý bagtym giňden salmaý,
Dileglerim kabul kylmaý,
Ylmy–dünýä ata kylmaý,
Malga zar eýlediň meni [11, 36 sah.].
Munda ne iş etseň, anda garawly,
Sen hem ýagşylardan alawer bowly,
Häli hem bir pille, eý, adam ogly,
Alymlar kemelse, edep tapmas sen [11, 93 sah.].
■ Halypa–şägirt kämilligi
Haýyrly işleriň başy pata almakdan ýa-da bermekden başlanýar. Pata–oňat başlangyç, bir iş babatynda gelnen karar. Pata ýa ak pata–birine gowy niýet bilen edilen isleg-arzuw, ak ýol, açyk ýol, işinde şowlulyk, rowaçlyk, üstünlik islenilip edilen alkyş-dileg. Pata–işiň şowly, kämil ýerine ýetirilmegine bolan ynam döredýän ruhy kuwwatlyk. Şägirt bolmak–munuň özi ykrar edilen halypalardan ýa-da ata-babalardan ak pata almak diýmekdir. Magtymguly Pyragy „Namys-ary gerekdir“ diýen şygrynda ata-baba dowam edip gelýän bu ýoly ýöretmegi ündäp:
Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan,
Är myrady jedel bilen gaýratdan,
Ýigit bardyr–parhy azdyr arwatdan,
Bilal bolsa, bagüftary gerekdir [11, 205 sah.]
–diýýär.
«Turgul“ diýdiler» (Düýş) atly şygrynda bolsa:
Resululla aýdy: «Eshaplar, ýöri:ň,
Oglany uzadyň, bir pata beriň, –
Buýurdy tört atla, – eltip tabşyryň,
Getiren jaýyňda goýgul!» diýdiler [11, 8 sah.]
–diýmek bilen, özüne ilkinji patanyň düýşünde Allatagalanyň resuly we onuň sahabalary tarapyndan berlenligini nygtaýar. Şahyryň beýleki ýene bir iň wajyp halypasy:
Doga kylsam, jebri-jepam ekserdir,
Ylm öwreden ussat–kyblam pederdir... [9, 147 sah.]
– diýip beýan edişi ýaly, oglan okatmak käriniň eýesi, döwrüniň ylymly adamlaryndan biri bolan molla (mugallym; K.B.) Döwletmämmet Azadydyr. Akyldar şahyr halypa–şägirtlik mekdebinde tälim almagyň ahyrky netijesiniň, miwesiniň datly bolýanlygy hakynda pikir ýöredip:
Yhlas bile bir kämile gol bergen,
Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz [11, 272 sah.]
– diýip, ata-baba dowamat-dowam bolup gelýän halypa–şägirtlik ýolunyň ähmiýetini kesgitleýär.
"Oglum–Azadym“ atly aýdyşyk häsiýetli şygrynda Magtymguly sapara ugramakçy bolanynda atasy Azadydan rugsat soraýar. Şygyrda ýakyn-alys ýola ugralanynda ataňdan ak pata almak däbi öňe sürülýär:
Magtymguly:
–Jylawdary bolam Ýazyr han piriň,
Köňül guşy perwaz urar pakyryň,
Bu gün ýedi gündür, „Alham“ okyryn,
Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym!
Azady:
– Azady diýr, bile sapa süreli,
Eýsem ibereli, synap göreli,
"Ämin!" diý, tur, oglum, pata bereli,
Bir Taňry ýar olsun saňa, git, oglum! [11, 22 sah.]
– diýmek bilen, türkmen halkynyň milli medeniýetinde patanyň sapara gidileninde sag-salamat dolanyp gelmegiň, tutumly, döwletli işleriň düýbi tutulanda onuň şowly, gowy we kämil ýerine ýetirilmeginiň nyşany hökmünde kabul edilenligi, pata almaga ýa-da bermäge diňe gowulyk, şowlulyk, kämillik diýlip düşünilýänligi beýan edilýär.
Akyldar şahyryň öňe süren halypaly bolmak ideýalary aşakda mysal getirilen halk nakylynyň pelsepesi bilen hem utgaşýar we bu gowy kesbiň durmuşda eýeleýän wajyp orny nygtalýar:
Bir ýyl öňe seretseň, süle ýetişdir,
On ýyl öňe seretseň, daragt ýetişdir,
Elli ýyl öňe seretseň, gyz ýetişdir,
Ýüz ýyl öňe seretseň, ogul ýetişdir,
Müň ýyl öňe seretseň, şägirt ýetişdir [7].
Dünýä ynsanlaryna häsiýetli bolşy ýaly, türkmen halky çaga enesiniň rehemine düşen gününden beýläk öz erte dünýä injek perzendiniň on iki süňňüniň abat, sagat we kämil bolmagynyň gamyny iýip başlaýar. Perzendiniň dünýä inen gününden, ilkinji nobatda onuň kämillik meselesi ele alynýar. Nähili edip?! Garry atasyna ýa babasyna ýa-da daýysyna, seýregräk halatlarda bolsa enesine, mamasyna ýaňy doglan bäbegiň agzyna tüýkürtmek däbi berjaý edilýär. Halk arasynda „Agzyňa tüýkürilen ýaly; pylany agzyňa tüýküren ýaly...“ diýlen aňlatmalaryň ulanylmagynyň taryhy köki bardyr. Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ eseriniň ikinji kitabynda berlen hekaýatda şeýle diýilýär. Hezreti Süleýmanyň huzuryna bir kişi gelýär we ol „Eý, Süleýman! Maňa haýwanlaryň dilini öwretseň!“ diýýär. Hezreti Süleýman „Ol sen öwrener ýaly zat däldir. Eger sen ony öwrenip, başga kişä aýtsaň, ölersiň“ diýýär. Ol kişi „Men siziň emriňizden asla dänmerin. Eger siz maňa haýwanlaryň dilini öwretseňiz, men ony ile paş etmerin“ diýýär. Hezreti Süleýman onuň agzyna tüýkürýär. Ol zaman onuň arzuwy hasyl bolýar [15, 112 sah.]. Hezreti Süleýmandan soňra däp bolup galan bu ýörelge çaganyň geljekde ata-babalary ýa daýylary ýaly pähimli-paýhasly, rysgally, döwletli bolup kemala gelmekligini maksat edinýär.
Täze Galkynyş eýýamynda hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň halypa–şägirt kämilligi babatynda öňe süren ideýalary jemgyýetçilik gurluşynyň her bir ugry boýunça, ýagny döwleti edara etmek meselesinde-de ruhy mekdep bolup hyzmat edýär we bizi iň dogry ýola gönükdirýär. Magtymguly Pyragysy bolan türkmen halkynyň Täze Galkynyş eýýamynyň her bir güni kalbyňy joşdurýar. Türkmen milli halk döwletini ykdysady we medeni-ruhy taýdan çalt ösdürmek eýýamynyň düýbüni tutujy milli Liderimiz jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň ygtybarly sosial-durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen, ata-baba dowam edip gelýän däbe eýerip, gurluşygynyň binýadyny tutmaga ýa-da onuň ulanylmaga berilmegine ak pata berýän ykdysady ähmiýetli uly-uly desgalarynyň, gaz geçirijileriň, demir ýollaryň, gara ýollaryň, howa ýollarynyň, owazy äleme ýaň salan Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň, bütin Türkmenistany onuň ähli etraplary bilen bilelikde ösdürmekligiň, medeniýet we ykdysadyýet şäherçeleriniň, köşkleriň, merkezleriň, edara, muzeý binalarynyň, abadanlaşdyrylan, güýçýeter nyrhly, iň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, sport toplumlarynyň, stadionlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň... hetdi bar, hasaby sanardan uçursyz köpdür. Bu eşretli ýaşaýyş her bir türkmeni, türkmenistanlyny hem maddy, hem-de ruhy taýdan galkyndyrýan real durmuş hakykatlarymyzyň diňe bir bölegidir. Şahyryň „Zaleti ýigidiň“ atly şygrynda:
Magtymguly, ýigit bolsa hyrujy,
Adalaty bile diwan sorujy,
Her ýerde gerekdir bowul beriji,
Göreldesi–hup ustady ýigidiň [11, 165 sah.]
– diýip nygtaýşy ýaly, Täze Galkynyş eýýamynyň türkmen milli halk döwletini edara etmek bu günki gün bu döwleti ilkinji bolup esaslandyryjy we dolandyryjy ozalky ussadyndan–Prezidentinden–Saparmyrat Türkmenbaşydan tapawutlylykda özüniň amala aşyrýan işleriniň has tutumlylygy, giň gerimliligi bilen ozduran, zaleti (asly–ze aleti K.B.)–on iki süňňi bilen gujur-gaýrata ýugrulan, hyrujy–hyjuwly, bowul beriji–täsir ediji hem-de görelde görkeziji döwlet baştutanynyň–Arkadagyň–Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň–ylymly, ygtybarly, ynsanperwer, halk bilen bir jan, bir ten bolan, „Döwlet adam üçindir!“ diýen syýasy şygary öňe süren şägirdiň golundadyr.
■ Hünär kämilligi
Çagalyk müçesinden tä ömrüniň ahyryna deňiç ynsan kämilliginiň çägi ýokdur. Akyldar şahyr bu mesele baradaky ideýasyny „Galyp men“ atly şygrynda nygtap:
Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,
Kämillik keştisin derýa batyrdym,
Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim,
Il içinde däli bolup galyp men [11, 20 sah.]
– diýýär. Bentdäki „keşti“ sözi „gämi“ diýmegi, „däli“ sözi bolsa „batyr, goç, çyn ýigit“ manylaryny aňladýar. Şygyrdaky liriki gahrymanyň çekýän derdi–kämillik derdi, görýän azaplary–il-gün bähbitli kämillik azaplary. Şahyr bu hili şygyrlarynda öz paýyna düşýän missiýany–wajyp wezipäni pähimli, parasatly, hikmetli, gudratly, ideýaly söz arkaly amala aşyrýar. Şeýlelikde, ynsana hünär kämilliginiň tälimini berip, „Uçdum, ýaranlar“ atly şygrynda:
Magtymguly, hüşýar oldum, oýandym,
Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym,
Magny bazarynda haýýada döndüm,
Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar [11, 27 sah.]
–diýýär.
Ýene-de birnäçe mysallar:
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir [11, 100 sah.].
It zeriň minnetin çekmez,
Aňlamaza sözüm ýokmaz,
Göwnüň islän işler çykmaz,
Nan ýagysy–kärsiz ärden [11, 186 sah.].
Ulalanda iş hoş gelmez,
Ýaşlykda köýmän ýigide.
Döwlet gelse, özün bilmez,
Dogaly doýman ýigide [11, 277 sah.].
■ Söýgi kämilligi
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda söýgi mowzugy ylahy söýgi we dünýewi söýgi diýlen uly iki bölege bölünýär. Ylahy söýgi şahyryň „Sed jan, eý, dost“ atly şygrynda:
Magtymguly, bir mahluk, men aşygam, sen–magşuk,
Ger diýseň: „Istegim ýok“, baraýyn kaýan, eý, dost! [11, 46 sah.]
ýa-da „Aşyk bolmuşam“ diýen şygrynda:
Dost, howaýy waslyňy men şunça çyndan isterem,
Damy-zülpüň kaýdyna özümni zyndan isterem,
Diýme: „Gamdan bir zaman köňlümni handan isterem“,
Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem,
Gije-ýu gündiz, biliň, hüw-haýa aşyk bolmuşam [11, 56 sah.]
– diýlip, esasan, magşugyň keşbinde „ýar, dilber, dildar, jan, janan, damy-zülp–zülpüniň yşkyna bendi bolma...“ ýa-da belli bir jynssyz barlyk we birlik hökmünde „dost, reb, Subhan, Gapbar, Jepbar...“ ýaly sözler bilen ýüzlenilen beýik Allatagala bolan söýgüdir. Dünýewi söýgi–munuň özi Watana söýgi, il-güne söýgi, zähmete söýgi, ata-enä söýgi, maşgala söýgi... ýaly biri-biri bilen berk baglanyşykly birnäçe söýgi mowzuklaryny öz içine alýar. Onuň birnäçe mysallaryna ýüzleneliň:
■ Watana söýgi kämilliginiň nusgalary
Watandan aýrylan aglar yzlaşyp,
Sapa bilen geçen ömrün sözleşip,
Ahyn çekip, dönüp yzyn gözleşip,
Hiç ilni ýurtdan ehraj etmesin [11, 207 sah.].
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma! [11, 95 sah.].
Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen,
Zalymlar elinden ülke aşmaýan,
Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen,
Ülkesinde iliň gadryn näbilsin [11, 88 sah.].
■ Il-güne söýgi kämilliginiň nusgalary
Belent daglaryň başynda
Bulut oýnar sil biläni.
Goç ýigide toýdur–baýram,
Her iş gelse il biläni [11, 87 sah.].
Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy [11, 120 sah.].
■ Ata-enä söýgi kämilliginiň nusgalary
Tilinde öwürmiş haky-senany,
Agyrtmagyl ata birle enäni,
Daglardan, daşlardan uly günäni,
Agyrdyr günähiň, çeke bilmez sen! [12, 76 sah.].
Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn,
Toba kylmaý, hak geçirmez hatasyn,
Döwran gelse bilmez, ne iş tutasyn,
Her kimiň bu işler başyna degmez [11, 151 sah.]
■ Maşgala söýgüsi kämilliginiň nusgalary
Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly
Dil bilen, akly kemally,
Ýüzi hem bolsun görkana [11, 18 sah.].
Gardaşsyza kuwwat ýokdur,
Ogulsyza döwlet ýokdur,
Aýalsyza eşret ýokdur,
Hoş güni hasrete meňzär [11, 172 sah.].
Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öýlenseňiz, garap alyň zatyny,
Eýäm görkezmesin ýaman hatyny,
Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar [11, 135 sah.].
■ Ynsanara gatnaşyklar kämilligi
Ynsan bähbitli, döwlet ähmiýetli ajaýyp maksatlara gönükdirilip ýola goýlan hoşniýetli ynsanara we döwletara gatnaşyklar adamlary biri-biri bilen ysnyşdyrýan, baglanyşdyrýan, bagta atarýan altyn halkalardyr. Şahyryň bu mesele bilen baglanyşykly öňe süren pähimlerinden bir nusga:
Hemderd olup, içgin-içgin sormaýan,
Nä bilsin bir görüp gitse daşymdan,
Kämil bolup, jan gulagyn bermeýen,
Aňa bilmez öten işi başymdan [11, 28 sah.].
■ KÄMILLIK PELSEPELERI NAKYLLARDA HEM ATALAR SÖZÜNDE
Eserlerinde öňe süren ideýalary ynsanyýet üçin mekdep bolup hyzmat edýän akyldar şahyryň türkmen halkynyň milli filosofiýasy bolan atalar sözi, nakyllardaky pikirler bilen utgaşýan nusgalaryny seçip alyp hödürlemegi makul bildik. Akyldar şahyr hem, atalar sözi, nakyllar hem adamyň içki duýgularyny ajaýyp maksatlar bilen açyp görkezýär. Mysal üçin, şahyr Allatagalanyň ynsana eçilen nygmaty we adamyň miwesi bolan sözi ajaýyp maksatlar üçin peýdalanmak kämilligini wesýet edip „Dile gelen sözler köňül nagşydyr...“ diýýär, ýagny ýagşy sözüň ýagşy duýga ýugrulanlygyny, onuň kalbyň önümiligini, ýürekden çykýan sözleriň ýüreklere barýanlygyny, kalplarda baky orun alýanlygyny nygtaýar. Deňeşdirme nukdaýnazaryndan türkmen halkynyň arasynda ulanylýan „Içime dogmaz oglan saldy“, „Içden çykmazyny diýdi“ ýa-da „Dogmaz togsan dört ýylda bogaz bolsa är ärden“ (Mollanepes) ýaly sözler hem dil we söz barada aýdylan pikirlerdir. Atalar sözi, nakyllaryň kämillik we kemal hakynda dürli mowzuga degişli nusgalary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
Danalygym–dostum, nadanlygym–duşmanym.
Gahar akyl duşmany, nebis–iman.
Galam tutan el garyplyk bilmez.
Garry gelse–aşa, ýaş gelse–işe.
Garry ýaby uýansyz gider.
Gartaňlykdaky aşyklyk süňk ýaryp çykar.
Her kimiň akyly özüne kemally görner.
Hünär–akar bulak, ylym–ýanar çyrag.
Hünärli ýigit hor bolmaz,
Dost-duşmana zar bolmaz.
Iki geňeş birikse, elli ýigit ýüz bolar.
Ilden aýrylýançaň, jandan aýryl.
Ilim abat–özüm abat.
Ilki–iş, soň–iýmiş.
Ilki–kär, soňra–ýar.
Iş akyly tapar, akyl işi tapar.
Jemala bakma, kemala bak.
Kagyza alynmadyk söz şemala gider.
Kemallyk gyldan inçe.
Kesbi bolan kesip-kesip alar.
Kesbiňden kemal tap.
Köp gezen köp eşider.
Köp gören synçy bolar.
Köp hünärli baý bolmaz,
Baý bolmasa-da, hor bolmaz.
Köplükde Hudaý ady bar.
Kükräp gelen ýaz ýagşy,
Edep alan gyz ýagşy.
Mirasyň ýagşysy edepdir.
Molla bol, alym bol, iň gowusy adam bol.
Myhmany baryň–imany bar.
Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr.
Nakyl–akyl.
Ogly usully, gyzy asylly, gelni tasylly äre döwlet dälmidir?!
Oguzyň gonmadyk oýundan suw agtarma.
Okan il ozar, okamadyk tozar.
Okuwa garrama ýok.
Otuzda ok atmadyk, kyrkda gylyç götermez.
Ömür öwreder, zähmet baýydar.
Öwüt bizden, edep özünden.
Öýke–duşmanyň, akyl–dostuň.
Özüň ýagşy–özge ýagşy.
Pikir–zikiriň atasy.
Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyr gul dura-bara mat bolar.
Saglyk bolsa, beglik bolar.
Senet eliň altyn bilezigidir.
Söz görki–nakyl, bilene–akyl.
Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter.
Şägirt bolmadyk halypa-da bolmaz.
Şägirt bolup görmedik kämillige ýetişmez.
Şägirtsiz ussat–miwesiz daragt.
Taý–at, at–myrat.
Terbiýe diregi–ene terbiýesi.
Töwekgel işini Taňry oňa:r.
Türkmene haram ýokmaz.
Umyt–güýç, güýç–ynanç.
Ussat barka eliňi çek, pir barka–diliňi.
Ussat gören oglanlar her haýsyndan ýorgalar,
Ussat görmez oglanlar ondan-mundan garbalar.
Ussatsyz dür ýasalmaz.
Usullyny il tanar.
Usulyny bilseň, daşlaram synar.
Wesýeti diňlän kim, tutan kim¬?!
Yhlasa–myrat.
Ylym akyldan dem alar.
Ylym–akylyň ýarysy.
Ylym–ogry kesmez hazyna, garakçy urmaz baýlyk.
Ýagşy aýal–äre döwlet.
Ýagşy bilen ýoldaş bolsaň, galan işiň bitirer,
Ýaman bilen ýoldaş bolsaň, ýörän ýoluň ýitirer.
Ýaman bolsaň–asarlar, ýuwaş bolsaň–basarlar, orta miýan bolsaň–han ýasarlar.
Ýaman goňşy, ýaman ýoldaş, ýaman at–birinden göç, birinden gaç, birini–sat.
Ýaman ýan goňşyňam bolmasyn, gö:r–goňşyňam.
Ýa oka, ýa doka.
Ýa saçagyň doly bolsun, ýa akylyň–doly.
Ýaşa–hyzmat, garra–hormat.
Ýaşasyn öz ilim,
Öz ilimde halylym,
Halylymda jelilim,
Jelilimde öz öýüm,
Öz öýümde bir özüm.
Ýaş–otuz, akyl–guduz.
Ýat iliň soltany bolýançaň, öz iliň çopany bol.
Ýigide müň dürli hünärem az.
Ýigit görki–at-ýarag.
Ýürek–gylyç, akyl–galkan.
Zamanabap bolan utulmaz.
Zähmet–altyn bilezik.
Zähmet soňy–rehnet [7].
Şular ýaly dürli mowzuklara degişli döredilen atalar sözi we nakyllarda okyja ýa diňleýjä ynsany kämillige tarap alyp barýan ýollar-ýodalar salgy berilýär, ony dogry ýola gönükdiriji ideýalar öňe sürülýär.
■ KÄMILLIK PELSEPELERINIŇ HÄZIRKI ZAMAN ÄHMIÝETI
Kämil we kemally bolup ýaşamagyň wagt taýyndan çägi ýokdur. Kämillik mekdebiniň berýän tälimi ynsanyň ömürlik hemrasydyr, hamyrmaýasydyr.
Häzirki zaman ylmynyň, innowasion tehnikanyň we tehnologiýanyň çaltlandyrylan ösüş depgini netijesinde jemgyýetçilik durmuşynyň her bir ugry boýunça bütin dünýäniň ýüzi ählumumy kämilleşýär. Ezeli kämil ýaradylan türkmen halky hem Magtymguly Pyragynyň gönükdiren kämillik ýodalaryna we edep kadalaryna eýerip, dünýä bilen bilelikde kämilleşýär.
Käbe BORJAKOWA,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş