19:04 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda milli pelsepe | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA MILLI PELSEPE
Magtymgulyny öwreniş
Beýik türkmen ruhunyň dörünji eýýamynyň (XVII–XX asyrlar) ruhy ýolbaşçysy–akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň baş maksady çeper sözüň güýji bilen bu günki gün Täze Galkynyş eýýamynyň ajaýyp adamyny kemala getirmekden ybaratdyr. Sap adamy kemala getirmek maksady bilen, ol özüniň edebi hazynasy arkaly jemgiýetçilik dumuşynda adamlara egri we çarkandakly ýoly terk edip, dogry hem-de giň ýoly ündän alym şahyrdyr. Ozaly bilen, akyldar şahyra ylham we parasat eçilen Beýik Allatagala onuň öňe sürýän dana pikirlerinde dogry ýol görýänligi, soňra türkmen halky, şeýle hem bütindünýä adamzat jemgyýetçiligi ondan özleriniň derdine ruhy derman, göwnügiňlik tapýandyklary sebäpli Magtymguly Pyragy ähli eýýamyň beýik şahyry diýen baky ömri gazanýar. Şahyryň umumadamzat jemgyýetçiligi üçin saýlap alan iň bähbitli ýoly öwüt-nesihat etmek ýoludyr. Bu babatda şahyr: „Maksadym nesihat etmekdir halka“ diýýär. Bu ýolda şahyryň ulanan guraly sözdür, özi hem duýga ýugrulan sözdür, çeper sözdür. Sözüň çuň manylylygy, sözdäki pikirleriň bolsa ýitiligi şahyryň, ozaly bilen-ä, özünden, ondan soňra hem söz bilen iş salyşýan özgelerden eden berk talaplaryndan biridir. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwreniş ylmynyň baş maksady–şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmekden hem-de ony durmuşda amal etmekden ybaratdyr. Eýsem, Magtymguly Pyragy sap adamy kemala getirmek üçin nähili pelsepeleri öňe sürýär? Ajaýyp adam nähili adam bolmaly? Ikinji soraga ilkinji nobatda jogap berilse göwnejaý bolar. Ajaýyp adam ajaýyp gylyk-häsiýetli adamdyr. Ajaýyp gylyk-häsiýetler nähili gylyk-häsiýetler? Ajaýyp gylyk-häsiýetlere bolan isleg nähili esaslarda emele gelýär? Ýene-de ikinji soragyň jogaby öňe geçýär. Şahyr bu babatda „Seda boldum“ atly şygrynda: „Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum“ diýýär. Diýmek, jemgyýetçilik durmuşynyň hakyky keşbi dogruçyl janlandyrylýar. Jemgyýetde haýyr işleriň köpelmegine umyt bildirilýär. Alym şahyryň ulanan bu edebi usulyna melamat diýilýär. Ýagny özgeleriň edýän ters, telek işlerini öz üstüňe almaklyk melamatdyr. Bu usuly diňe Magtymguly Pyragy ýaly çyn alymlar ulanýar. Diýmek, şahyryň ajaýyplyk nusgasy, ozaly bilen, onuň liriki gahrymanynyň özüne häsiýetlidir. Edebiýaty öwreniji alymlaryň nazary garaýyşlaryna görä, şygryň liriki gahrymany–bu hakyky durmuşdaky onlarça pähim-parasat eýeleriniň duýgy-düşünjeleri bilen bitewileşen şahyryň özi içki „Menidir“. Pir şahyr Magtymguly Pyragynyň öňe sürýän pelsepelerine laýyklykda, şygyrdaky şol liriki „Men“ şu aşakdaky ýaly gylyk-häsiýetlere eýe bolanlygynda ýa-da olaryň adamy betlagamlyga we betkärlige alyp barýanlaryndan özüni daşda tutanlygynda şol arzuw edilýän ajaýyp adam kemala gelýär. Mysal üçin, adam özüni ylym we bilim basgançaklary bilen beýgeltmelidir. Şu iki gymmatlyga eýe bolan adamy hiç bir ýowuzlyk ejizledip bilmeýär. Ylym-bilim üzeňňisine berk ýapyşylmalydyr. Çünki ylym-bilim seni durmuşda ýamanlyklardan goraýan ata-ene mysalydyr. Ol adamy goramak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ylym dünýä durmuşynyň sütünidir. Şahyr „Bolar sen“ atly şygrynda ynsanyň ylym bilen taplanmagyny ündäp: Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň, Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen! [11, 124 sah.]. Men-menlikden daşda durmalydyr. Tekepbirlik, ulumsylyk etmeli däldir. Öwünmeli däldir. Gybat etmeli däldir. Gybat Kurany Kerimiň Ýusup süresindäki on sany iň uly belanyň: gahar, göriplik, gaýgy-gam, uruş-sögüş we dawa-jenjel, küpür sözlemek, ogrulyk, garyplyk, emgemek, ýagny amanadyňy gynamak, gargamak ýaly belalaryň biridir. Bu barada akyldar şahyr özüniň „Galmagaly neýlerem“ diýen şygrynda: Her zaman, Magtymguly, halk içre gezme lap edip, Sakla gybatdan tiliň, ugrunda gez ynsap edip, El uzatma köp pisada, ýör Hudadan howp edip, Sopulyk esbaby hoşdur, geý içiňni sap edip, Bolsa möý-möjek içim, bu eski şaly neýlerem [11, 32 sah.] – diýýär. Dünýä durmuşynda ruhy taýdan öz gysyr garaýyşlaryň bilen gapyl galmaly däldir. Gaflat ukusyndan oýanmalydyr. Ruhy göýdüklikden saplanaýyn diýseň, kitap okamalydyr. Bu pikirlerini şahyr „Janan bolarmy?“ atly şygrynda: Magtymguly diýer, bu sözüm çohdur, Men ibham eder men, hiç aýby ýokdur, Kitap gören gullar magnydan dokdur, Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy? [11, 195 sah.] – diýip nygtaýar. Bagtly ýaşaýyn diýseň, öýke-kine, tamakinçilik, göriplik, ýalan söz, töhmet, bahylçylyk belalaryndan daşda durjak bolmalydyr. Ýalan sözüň adamyň başyna getirýän muşakgatlary barada oýlanýan şahyr, ýalan sözlemäge kesgitli garşy çykýar. „Gymmat ýagşydyr“ atly şygrynda adamy dogry sözlülige çagyryp: Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan, Dost bolup, dostundan syryn gizländen, Hudany unudyp ýalan sözländen– Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr [11, 94 sah.]. Ýa: Magtymguly halkdan syryn gizlese, Dişini uşadyň, ýalan sözlese, Owalda, ahyrda eýäm gözlese, Garyp biçäräniň paýy, gözel sen [11, 47 sah.]. Ýa-da: Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler, Oýnaýyp, gülüban, bile barmaňlar, Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler, Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň [11, 83 sah.] – diýýär. Töhmetden ynsanogluna uly zeper ýetýär. Edebiýatda hezreti Yusubyň hakyky Züleýhanyň özüniň däl-de, onuň keşbine giren, hezreti Ýusuba aşyk bolan, Müsür häkimi Potifaryň aýaly tarapyndan atylan töhmete duçar bolup, on dört ýyllap zyndanda oturmagy munuň aýdyň mysalydyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy „Boldum girýana“ diýen şygrynda: Diýrler: «Ýaman töhmet agyr asmandan, Gaharsyz, ýagşy söz giňdir jahandan, Mynapygyň köňli saht seňistandan Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana. Jebr etgujy soltan–ýakyjy közden, Bahyldan dileseň, sowukdyr buzdan, Pakyra jebr etmek–zäherdir suzdan, Öwütdir bu sözler, bizden nyşana» [11, 69–70 sah.] – diýip, töhmeti, doňbagyrlygy, soltan adalatsyzlygyny, bahyllygy ýazgarýar. Şahyr öz edebi usul aýratynlygyna laýyklykda, parallel ýagdaýda gaharsyz ýagşy sözlüligi, mazluma jebr etmezligi ündeýär. Kalbyňy tämiz, päliňi dürs tutmaklyk bagtyýar adam bolup ýaşamagyň esasy şertidir. Ajaýyp gylyklaryňa özüň gözegçilik etmeklik, ony jylawlap saklamaklyk wajypdyr. Şahyryň öňe sürýän pelsepelerine we durmuş hakykatlaryna laýyklykda, abraýly, mertebeli bolmak, sarpa goýulmak, hatyraň görülmek ýaly belentlikler iň gazanmasy kyn ruhy gymmatlyklardyr. „Alan ýagşydyr“ atly şygrynda: Adam ogly, bu dünýäden ötinçäň, At bilen abyraý alan ýagşydyr, Gulatynyň saýasynda ýatynçaň, Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr [11, 167 sah.] – diýen setirleri hem muňa güwä geçýär. Diýmek, dünýä durmuşynda ynsanogly salykatly bolmalydyr, sabyrly bolmalydyr, köpüň gerekläni bolmalydyr; edepli bolmalydyr; ýagşyny dost tutunmalydyr; ýamandan boýuny satyn almalydyr; hüşgär bolmalydyr. Aýdylýan her bir sözden pent tutmalydyr. Her bir ownuk tymsaldan uly many çykarmalydyr. Paýhasly we ynsanperwer ruhly alymlardan görelde dersini almalydyr. Mätäje gol uzadyjy, ýagşylyk ediji, haýyrlylardan bolmalydyr. Kesekiniň puluny, malyny sanamagyňy, başganyň emlägine göz dikmegiňi bes etmelidir. Ýaltalygyňy, lellimligiňi taşlamalydyr. Şahyr „Köýmän ýigide“ diýen şygrynda: Ulalanda iş hoş gelmez, Ýaşlykda köýmän ýigide. Döwlet gelse özün bilmez, Dogaly doýman ýigide [11, 277 sah.] – diýýär ahyryn! Halal lukma iýmelidir. Şahyr bu babatda „Bir görip gitse daşymdan“ atly şygrynda: Eý, hykarat bile bakan bizlere, Mejaz bilip, müňkür bolma sözlere, Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere, Tutgul, ýagny bilgil, nan-u-aşymdan [11, 28 sah.] - diýip nygtaýar. Çünki haram lukma seni diňe şol wagt bir pursatlyk şady-horram edäýjek ýalydyr. Emma... Soňy bardyr... Diňe her bir işiň soňuna saýyp bilýän adamlar özüni bu beladan daşda tutup bilýär. Belanyň iň agyrlaryndan biri bolan haram lukma saglygyňdan, malyňdan, başyňdan tutýar. Halal zähmet çekip baýamalydyr. „Azapsyz ýeriň ady ýok“ diýlen nakyl türkmen milleti tarapyndan soňy saýylyp sözlenen pelsepedir. Çekýän azaplarymyz diňe haýyrly işleriň azaplary bolmalydyr. Çünki bu hili azaplaryň soňy eşrete, maddy we ruhy lezzete öwrülýär. Eger-de kim-de-kim maddy baýlygy bagt hasaplaýan bolsa, onda bu hili baýlyk we bu hili bagt öz göwüslerini her hili pes işleri edip, baýlygy bikanun ýollar bilen gazanýan garadan gaýtmazlaryň agyzlaryna tutdurýar, diňe şu hili ruhy taýdan göýdük adamlary emdirýär. Soňra hem olaryň ähli gazananlaryny ozalky ýygnanlary bilen bilelikde alyp gidýär ýa-da burnundan getirýär. Türkmen halky bu hili ýol bilen gazanylýan baýlyk babatda „Baýlyk eliň kiridir, ýuwsaň gider“ diýen milli ruhly pelsepäni döredipdir. Ynsanogluna, ylaýta-da, zenana uýat, haýa-şerim möhümdir. Yzzat, hormat, syn etmegin, Görüm görülmegen ýerde; Akyl bolsaň, söz aýtmagyn Nobat berilmegen ýerde! [11, 194 sah.] - diýip nygtaýan şahyr adamyň, ozaly bilen, öz-özüne hormat goýmalydygy baradaky pikirini ileri sürýär. Bu gylyk-häsiýet adamy dürli kynçylyklara sabyr etmekde, zulma döz gelmekde durnukly edýär. Başyňdan inen muşakgaty deň çekişere baş dosty gerekdigini, bu hili dostlaryň dogan bilen deň derejede durýandyklaryny ündeýär. Nebsiňe „Haý!“ diýmegi, peýdasyz işden gaýtmagy, bipeýda göreşden el çekmegi talap edýär. Iman, toba pelsepeleri bilen özüňi ahyrete taýýarlamagy ýatladyp durýar. Şahyr parahorlugy näletleýär. Parahor–adalat kanunlaryny terk eden adamdyr. Parahorlar paranyň haramlygyny, haramyň bolsa Beýik Allanyň hem, dünýäniň hem gazabyna duçar bolýanlygyny, parany bereniň hem, alanyň hem Beýik Allanyň-da, dünýäniň-de azabyna sezewar boljakdyklaryny, şan-şöhratlarynyň dünýäde we ahyretde aýaklaryň astynda depelenjekdiklerini bilmeýän adamlara-a däldirler. Bu hili juda betkär adam nebis keseli bilen kesellän adamdyr. Parany alan hem, beren hem jemgyýet üçin zäherden-de zyýanlydyr. Ylmy bilen amal edýän alymlar özleriniň ylymlary bilen, şeýle hem ýumşak häsiýetleri bilen jemgyýetiň iň sagdyn sütünleridir. Olaryň ylymlary ybadat ýerine kabul edilýär. Bu hili alymlar keremli daglara meňzeýärler. Olaryň kalplary bolsa ylym magdany mysalydyr. Her kim ol daglardan magdan gözlese, tapyp bilýär. Magtymguly Pyragynyň „Paş eder seni“ atly şygrynda: Içki syryň aýtma her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni! Ogry-kezzap bilen obadaş bolma, Malyňdan aýyryp, aç eder seni! [11, 209 sah.] – diýen setirleri diliňe gaýym bolmak pelsepesini öňe sürýär. Syr–syr bolýar. Syryňy mümkin bolsa hiç kime bermeli däldir. Syryňy bermäge laýyk adamy tanamalydyr. Diliňe buýrup bilseň, gussaň az bolýar. Tersine bolan ýagdaýynda „Başa bela iki barmak dilden gelýär“. Dilden gelýän gaýgy-gamlar bolsa ömrüňi kertýär. Watansöýüjilik dünýä durmuşynyň iň wajyp meseleleriniň biridir. Watansöýüjilik duýgusynyň sagdynlygynyň synag meýdany bäsleşikden doludyr. Ynanylan işi oňarmak, tabşyrylan işe hötde gelmek üçin güýç-gaýratyňy sarp etmek, karara geleniňde hüşgär bolmak, dogry we hemmetaraplaýyn pikirlenmek, ýaltalygy we ejizligi terk etmek, her bir işde, her hili ýagdaýda mümkin bolan çydamlylygyňy, berkligiňi görkezmek, alnyňdan çykan päsgelçiliklerden pähim-paýhas bilen baş alyp çykmak şol synag meýdanynyň kimiň-kimligini aýan ediji meselelerdir. Watançylyk synagynyň meýdany merdi bir ýana, namardy başga bir ýana aýyl-saýyl edip beriji meýdandyr. Bu meýdanda diňe dogruçyllar, kynçylyklara döz gelijiler, sabyrlylar we şükürliler uzaga gidýärler. Magtymguly Pyragy islendik meselede söz sözläninde adamy Haka we hakykata çagyrýar. Bu hili hak çagyryşlara gulak goýmaklyk bolsa ynsanogluna parzdyr. Bilim almak, hünärli bolmak azaplydyr. Emma sowatsyzlyk ondan-da kyndyr. Seni soňky bilimsizlik azaplaryna uçradýan ilkinji basgançakda bilim öwrenmek kynçylyklarynyň soňuny saýyp, haýyrly kynçylyga hötde gelinmelidir. Çünki „Wagtynda okamaly ekenim!“ diýlen soňky puşman diňe jana duşman bolup galýar. Kalbynda namys duýgusy bolan adam haýyrly işler bilen meşgullanýar. Kalby namysyň lezzetini dadan adam şübheli we haram işlere asla meýil etmeýär. Bu hili adam binamys bolmakdan gorkýar. Akmak adam haýyrly işlerden we amallardan boş galan adamdyr. Olaryň ýüregi sap bolup bilmeýär. Özleri-de oýnatgy bolýar. Magtymguly Pyragy özüniň „Bu işi“ diýen şygrynda halal we haram gazanç hakynda: Bir ýolda günä bar, bir ýolda sowap, Arasatda senden istärler jowap, Halala hasap bar, harama–azap, Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi! [11, 59 sah.] – diýýär. Halal gazanç „Dama-dama köl bolýar“. Haram bolsa çabgaly ýagşyň guýşy ýaly, bary-ýogy diňe bir pursatlyk inýär. Emma gazanjyň az bolup, tämiz bolany, köp bolup, haram bolanlygyndan haýyrlydyr. Haram lukma ilki malyňdan-başyňdan, soňra bolsa perzentleriňden tutýar. Perzentleriňi bikemal edýär. Zenanyň daşky gözelligine maýyl bolup däl-de, onuň namysy we wyždany üçin öýlenmelidir. Eger-de zenanyň namysy we wyždany daşky gözelligi bilen bitewileşen bolsa, onda seniň günüň-güzeranyň nur üstüne nurdur. Onda saňa toý nämä gerek?! Her bir günüň toýdur-baýramdyr, ýakymdyr-ýaraşykdyr, araýyşdyr–tämizlikdir, asaýyşdyr–asudalykdyr. Agzybirlikdir. Rysgaldyr. Döwletdir. Bereketdir. Abadanlykdyr. Edebi mirasynda dünýewi ylmyň ähli meselelerine jogap tapyp bolýanlygy üçin Magtymguly Pyragy bu günki gün hem Magtymguly Pyragydyr. Adamyň iki dünýäsiniň abat bolmagynyň gamyny iýenligi üçin Magtymguly Pyragy bu günki galkynýan türkmeniň ruhy ylym atasydyr. Magtymguly Pyragynyň umyt baglan ajaýyp gylyk-häsiýetli, okamaga, öwrenmäge, bilmäge, döretmäge ymtylýan nesilleri bolsa bu günki gün Garaşsyz Türkmenistanyň guwanjydyr, daýanjydyr, geljegidir. ■ Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň milli beýiklik keşpleri Bu günki gün türkmen milletini täze Galkynyş we beýik Özgertmeler eýýamynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin“ diýen edebi taglymatyny öňe süreninde şygryýet äleminiň bu läheňleriniň milli beýiklik ölçeglerinden ugur alýar. Ozaly bilen, Magtymguly Pyragynyň özi, ondan soňra bolsa akyldar şahyryň hem-ä ýüzüniň tuwagy, hem-de sözlär dili bolan türkmen halky: „Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, çöl üstünden öser ýeli türkmeniň“ diýen setirleri bilen Watanlydyr. Ol: „Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy“ diýen sözi bilen illidir. „Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr“ diýen sözi bilen äleme bellidir. „Hezret Aly etgeç älemge dawy, Kapdan Kaba düşdi hezretiň çawy” diýen sözi bilen egindeşlidir. „Kuran okyp gezgil, ýagşy kelamdyr“ ýa-da habar aldym Kurandan“ diýen sözleri bilen Kitaplydyr. „Ylm öwreden ussat kyblam pederdir“ diýen sözi bilen alym atalydyr. «Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, bir tört atly gelip, „Turgul!“ diýdiler» diýen sözi blen halypalydyr. „Bir jumga gijesi gördüm düýşümde, bal urup göklere uçdum ýaranlar“ diýen sözi bilen ganatlydyr. „Berkarar döwlet islärin“ diýen sözi bilen berkarar döwletlidir. „Magtymguly sözlär tili türkmeniň“ diýen sözi bilen ylhama ýugrulan dillidir. „Öňüň gara, ardyň gözle, hoş sözüň diý, gahryň gizle, söläbilseň ýagşy sözle, halk ýamanyň bizarydyr” diýen sözi bilen hoşgylawdyr. „Taraşlap şaglatgyl, köňle geleniň, senden soňkulara ýadygär bolar!“ diýen sözi bilen baky ömürlidir. „Är ogul balasy bara beý bolar“,«Aňlamaý sözleme: „Tamda gulak bar!“», „Ýa lal otur, ýa dür saçgyl“, „Doga bilen är gögär, ýagmyr bilen ýer gögär“ diýen sözleri bilen pahimdardyr. „Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga kişi gerekdir” diýen sözleri bilen harby strategdir. „Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, namart özün gizlär myhman ýoluksa” diýen sözi bilen myhmanparazdyr. „Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, göwresi giň gerek, özi pähimli“ diýen sözi bilen çyn ýigitdir. „Myradym–nesihat etmekdir halka“ diýen sözi bilen zerrin pentlidir. Ýigit oldur–ýurt üstünde, janyn berse din üstünde, goç ýigitler il üstünde, namys bilen ar gerekdir“ diýen sözi bilen namys-arlydyr. „Magtymguly, bu günüňe şükr eýle, Allanyň gudratyn görüp pikr eýle“ diýen sözi bilen şükürlidir. „Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil, goldan gelse, oňa tagam-duz bergil, bir gamly göreňde, şirin söz bergil, entäni goldara hemeýat ýagşy“ diýen sözi bilen sahawatlydyr, rehimlidir, ynsanperwerdir. „Bisabyrlar tiz ýolugar belaga, sabyrly gul dura-dura şat bolar“ diýen sözi bilen sabyrlydyr. „Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn, toba kylmaý, hak egçirmez hatasyn“ diýen sözi bilen tobalydyr. „Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe, kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa“ diýen sözi bilen dogruçyldyr. „Adamyň sütüni–bilgil–imany” diýen sözi bilen imanlydyr. „Kemlik eýle–kemal bar, menlik etme–zowal bar“ diýen sözi bilen pespäldir. „Her kim gezer bu dünýäde bir hile, ýörgün ata-baba ýörigen ýola“ dızen sözi bilen ýörelgelidir „Magtymguly, magny saçar“ diýen sözi bilen parasatlydyr. „Bu ne gudrat işdir suwdan ot çykar“, „Kimýany toparga seçseň, toprakdan zer bähm eder“ diýen sözi bilen öňdengörüjidir. Eşidenler, aýp eýlemäň sözüme, iller kimin sözüm uz hem bolmasa“ diýen sözi bilen kiçigöwünlidir. «Säher turup, doga kyl, „Ämin!“ diýsin perişde» diýen sözi bilen dili senalydyr. „Öz köňlüň goýmasaň, dost köňli ynjar“ ýa-da „Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, barsaň depesine täç eder seni“ diýen sözi bilen dosta wepalydyr. „Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp“ diýen sözi bilen hikmetlidir. „Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil, özüňni sen özgelere göz etgil“ diýen sözi bilen nusgalyk şahsyýetdir. „Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil“ diýen sözi bilen polat ýaly erk eýesidir. „Yhlas bile bir kämile gol bergen, ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz“ diýen sözi bilen maksadaokgunlydyr. „Gabryňa salmazlar dünýä malyndan“ diýen sözi bilen ynsaplydyr. „Okyr bolsa ylmy-ledon açygly“ diýen sözi bilen ylmy-ledon alymydyr. Ylmy-ledon–bu sopuçylyk taglymatyna laýyklykda, şol alymyň perişdäniň ýa-da pygamberiň ýardamy bilen däl-de, gönüden-göni Hudaýyň özünden öwrenýän ylmydyr. Ylmy-ledon alymlary Hudaýyň hakykatyna düşünmek üçin Hudaýyň ylmyna, sözlerine, olaryň aňladýan manylaryna we amalyna üç hili ýol bilen çemeleşýärler. Olar: „wahy, ylham we parasat“ ýollarydyr. Wahy – gönüden-göni pygamberlere gelýär we olara duýulýar. Magtymguly Pyragy ýaly pir şahyrlar bolsa Allatagalanyň beýni topragyna sepen zeri bolan akylyň güýjüne esaslanyp, ylhamyň we parasadyň kömegi bilen Hudaýyň hakykatyny duýýarlar. Duýan durmuşy we ylmy hakykatlaryny diliň çeperçilik serişdeleri arkaly täsirli hem-de düşnükli görnüşde beýan edýärler. Akyldar şahyryň her bir setiriniň dilleriň senasy bolmagynyň, dünýä dilerinde janly ýagdaýda agyzlarda, dillerde, şeýle hem bagşylaryň repertuarynda ýaşamagynyň hikmeti şu ýokardaky halatlar bilen baglanyşyklydyr. Kim akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny söýüp okasa, pelsepelerini amal etse, onuň Allatagalany söýdügidir. Milli medeniýetimize eýerdigidir. Türkmen milletiniň öýi-ili, toýy-baýramy bolsa Magtymguly Pyragynyň ady bilen zynatlydyr. Şahyryň eserlerinde türkmen milletine häsiýetli bolan ähli ajaýyp gylyk-häsiýetler jemlenendir. Akyldar şahyra berilýän baha–bu her bir türkmene berilýän bahadyr. Şahyryň gylyk-häsiýetine mahsus bolan şu beýiklik aýratynlyklary–bu tutuş türkmen milletiniň, şeýle hem onuň her bir raýatynyň beýikligidir. Türkmen milletiniň beýikligi–bu berkarar türkmen döwletiniň mizemezligidir. Türkmen döwletiniň mizemezligi–bu türkmen halkynyň dowamat-dowamlylygydyr. Öňe süren lowurdap duran ynsanperwer pelsepeleri bilen älemi bent eýlän Magtymguly Pyragy deýin akyldar şahyrynyň bolmagydyr. Türkmen halkynyň bakylygy–bu Magtymguly Pyragynyň bakylygydyr. Käbe BORJAKOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |