MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ GÖWÜNLERI GALKYNDYRÝAN PELSEPELERI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň peýdalanan çeperçilik serişdeleri we şahyrana dili hakyndaky bu taglymatynda öňe sürülýän nazary pikirler akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmäge çemeleşmegiň ylmy-usuly esasy bolup durýar.
„Göwün“ adamyň içki dünýäsi, ýüregi, içi, islegi diýmekdir. „Köňül“ bolsa könelişen sözdür, göwün diýmegi aňladýar.
Magtymguly Pyragy özüniň „Gyzmaly boldum“ atly şygrynda „göwün–köňül“ sözleriniň aňladýan üç hili çeper mazmunyny beýan edip:
Yşk derýasy doldy, daşdy, gaýnady,
Täze hyruç eýläp, gyzmaly boldum.
Köňül tagty möwç üstünde oýnady,
Anda guwwas bolup, ýüzmeli boldum [11, 52 sah.].
Ýa-da:
Ýolda ýolukdyrdym, çeşmi-jadyny,
Ölçerdim, el çoýdum yşkyň oduny,
Köňül gözgüsine ýaryň adyny,
Hekgaklyk eýleýip gazmaly boldum [11, 52 sah.].
Ýene-de:
Gana-gana içdim dostuň zährini,
Zährin şypa sansam, salmaz mährini,
Bu göwrede gurlan köňül şährini
Yşka nöker bolup, bozmaly boldum [11, 52 sah.].
Bu bentlerde şahyr Allanyň yşky, Onuň ynsanyň köňül dünýäsinde nagyş bolan üýtgewsiz orny baradaky pikirlerini öňe sürýär.
„Hekgaklyk“ agajy, metaly we daşy oýup, gazma nagyş görnüşinde ýa-da gabardylyp salynýan kaşaň nagyşdyr.
Ynsanoglunyň içki dünýäsi örän täsin hem-de ajaýyp dünýädir. Akyldar şahyryň çeper dilinde peýdalanylan:
köňül tagty–tagtly köňül; soltanly köňül; arz aýdylýan köňül; her demde ýüz tutulýan köňül;
köňül gözgüsi–göwün aýnasy;
köňül şähri–köňül dünýäsi ýaly çeper meňzetmäniň bir görnüşi bolan metafora Allanyň yşkynda guwwas bolup ýüzýän liriki gahrymanyň ruhy halyny çeper mazmuna we çeper hadysa öwürýär.
1962-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynyň sözlükçi alymlary tarapyndan belli türkmen dilçi alymy M.Ý.Hamzaýewiň redaksiýasy bilen neşir edilen „Türkmen diliniň sözlüginde“ (Düşündirişli sözlük–K.B.) „göwün“ sözüniň elli ýedi manysy onuň aňladýan göçme manylary we many öwüşginleri bilen bilelikde berilýär. Düşündirişli sözlükde berlen „göwün“ sözüniň aňladýan manylarynyň aşakdaky ýaly käbir mysallaryna ýüzleneliň:
göwnüň göterilmek–şähdiň açylmak, keýpiň kökelmek, şatlanmak;
göwün galkmak–göwün göterilmek, bir zada begenip, ruhuň göterilmek.
Görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň ýeke bir şygry „göwün“ sözüniň aňladýan manylaryny artdyryp, onuň sanyny elli dokuza ýetirýär. Munuň özi türkmen diliniň many aňladyjylyk geriminiň örän giňligine, şol bir wagtyň özünde hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen dilini görlüp-eşidilmedik derejede täsirli ulanyp bilijilik ussatlygyna şaýatlyk edýär.
„Göwün“ sözi şeýle hem:
göwnüňi ýokary tutmak–özüňi hondanbärsi saýmak, özüňi ulumsy tutmak;
göwün syndyrmak–biriniň göwnüne degmek, birini ynjytmak ýaly ýakymy ajyrak kakýan, gylyk-häsiýet kesgitleýän manylara-da eýedir.
Şahyryň edebi mirasynda göwünleri galkyndyrýan nazary pikirler dürli çeperçilik tärlerini ulanmak arkaly, köplenç halatda adamy ruhlandyryjy düýpli ideýalar çeper dil serişdeleriniň kömegi bilen öňe sürülýär. Şahyryň baş maksady ynsanogluny ylym-bilimiň güýji bilen dogry we halal ýola, iman ýoluna gönükdirmekden ybaratdyr.
Şahyr, birinjiden, her bir türkmeni ylym-bilim kuwwatlygy bilen ruhlandyrýar. Bu ýolda dogry netije gazanmak üçin ol „Gulagyn tutmaz“ atly şygrynda:
Doga kylsam, jebri-jepam ekserdir,
Ylm öwreden ussat–kyblam pederdir [9, 147 sah.]
–diýip, özüniň ilkinji halypasynyň–ussadynyň atasy bolanlygyny, ataňa uýmalydygyny, eýermelidigini, atadan nusga almalydygyny;
„Ussada belli“ diýen eserinde bolsa:
Eý, agalar, bir gün bolar, paý alar,
Gulluk edip gezen ussada belli,
Huda özi kime dogry gözlese,
Ýetişer myrada, maksada belli [11, 217 sah.]
–diýmek bilen, çyn ussadyň Allatagaladygyny, ozaly bilen, Oňa gulluk etmelidigini;
„Aýrylma“ atly şygrynda bolsa:
Gedalaryň köňli, şalykny istip,
Nadan köňli ýalgan söze rast diýip,
Bigadyrlar duşmanyňa dost diýip,
Tälim beren ustadyňdan aýrylma [11, 230 sah.]
–diýip, baş tälim berijiniň hak Alladygyny nygtaýar.
Ýa-da „Aýrylmadymy“ diýen dörtlemesinde şahyr:
Magtymguly, tälim algyl ussatdan.
Bu dünýäde her kim geçer bir atdan,
Leýli Mejnunyndan, Şirin Perhatdan,
Wamyk Uzrasyndan aýrylmadymy? [12, 78 sah.]
–diýmek bilen, adamyň ussatdan tälim almak, öwrenmek işini isle ol baş Kitapdan bolsun, isle–halypadan, isle ol maddy dünýäniň özünden–durmuşdan bolsun, ony ömürboýy dowam etmelidir diýen pelsepesini ileri sürýär.
Netijede, akyldar şahyr halypadan ylym-bilim, hünär, edep öwrenmek, ussatly bolmak, şeýle hem halypalar we ussatlar kimler bolmaly diýen pelsepelerini öňe sürýär.
Bu meselede, ozaly bilen, Allatagaladygynyň öz ylym-bilim baradaky taglymatyna ýüzleneliň.
Bir gün hezreti Dawut pygamber Allatagala mynajat edýär:
– Eý, bar Hudaýa, ýer ýüzündäki ähli patyşalaryň hazynasy bar. Hany seniň hazynaň?–diýýär.
Onda ýokardan Allatagaladan owaz gelýär:
„Eý, Dawut, meniň hazynamyň biri ylymdyr, beýlekisi bilimdir. Meniň ol hazynamyň dört işigi bardyr. Birisi–pikirlenmek, beýlekisi–ýuka ýüreklilik, ýene biri–sabyr etmek, beýleki biri bolsa–kaýyl bolmaklykdyr. Men ol hazynama hemişe nazar salýaryn. Meniň bendämiň köňli şeýle bir giňdir. Eger adamlar ýedi gat asmany, ýedi gat ýeri, arşy-kürsi köňle salsalar, bir dänäni bir öýe salan dek bolar“ [6, 336 sah.]–diýýär.
Allatagalanyň ylym-bilime degişli öňe süren bu pelsepesinde ylym-bilime eýe bolmagyň basgançaklary, ugur-ýollary, şeýle hem ylym eýeleriniň Onuň gözegçiliginde bolmagy, ylym öwrenmekde adama bagyş edilen ägirt uly mümkinçilikler, ondan peýdalanyp bilmeklik hakyndaky pikirler nygtalýar.
Indi bolsa dünýä durmuşynda ylym-bilimiň eýeleýän orny meselesinde hezreti Muhammet (SAW) pygamberiň dünýä baradaky pikirlenmelerine salgylanalyň:
Hezreti Muhammet (SAW) pygamber dünýäniň bozulman durmagynyň dört sebäbi bar diýip, şu aşakdakylary görkezýär:
– alymlaryň ylmy sebäpli;
– adyl patyşalaryň adyllygy sebäpli;
– sahylaryň haýyr-sahawaty sebäpli;
– musulman bendeleriň doga-dilegleri sebäpli [6, 339 sah.].
Bu pelsepede öňe sürlüşi ýaly, Allatagalanyň dergähinde, şeýle hem hezreti Muhammet (SAW) pygamberiň ruhunyň huzurynda ylym eýeleriniň sarpasy örän belent tutulýar.
Bu günki gün ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi üçin tagallalar edýän, bu babatda zerur şertleri döredýän, türkmen halkynyň ruhy-maddy dünýäsini ylym-bilim bilen ajaýyplaşdyrmagy ileri sürýän döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän adyl içeri we daşary döwlet syýasaty, onuň dünýäde eýeleýän belent mertebesi, amala aşyrýan tutumly işleri Allatagalanyň ýalkamagy bilen özüniň datly miwelerini eçilýändigini bellemelidiris.
Bu hili meseleleriň çözgüdinde düýpli we dury çeşmelerden ruhy taýdan ganyk Magtymguly Pyragy eýýamyň ruhubelent hem-de hoşniýetli ajaýyp adamlaryny terbiýeläp kemala getirmekde öz okap uýan baş Kitaby, ylymda ýeten derejeleri barada eserleriniň birnäçe ýerinde takyk maglumatlar berýär. Olardan käbir mysallara ýüzleneliň. „Güman görüner“ atly şygrynda:
Magtymguly, habar aldym „Kurandan“,
Eser ýokdur owwal gitgen kerwenden,
Taňla ýalguz ýatmaklygyň ol görden,
Gardaş, ýylan bilen içýan görüner [11, 232 sah.]
–diýip nygtaýan şahyr ömri bihuda geçirmän, haýsy eýýamda ýaşasaň-da, Allanyň ylmy bilen ýaradylan adam üçin ylym öwrenmegiň wajyplygyny wesýet edýär. Çünki maddy dünýäniň ylymdan galany tümlükdir. Şygyrda ündelýän ylym öwrenmek meselesindäki pelsepe gönüden-göni häzirki zaman ösen ylmy we tehnologiýasy bilen adamyň arasynda kämillik atly köpri gurýar.
„Galar ýaranlar“ diýen eserinde:
Kelamda gördügin sözlär tilimiz,
Ahyr ajal üstündedir ýolumyz,
Magtymguly aýdar, biziň halymyz
Ýa reb, ol gün niçik bolar, ýaranlar [12, 26 sah.]
–diýip, şahyryň ulanan „kelam“ sözi bu ýerde Kuran manysyny aňladýar. Ilkinji kelam–Allanyň kelamydyr, Kurandyr. „Kelamyň“ beýleki bir manysy bolsa ilkinji ýaradylan adamyň–hezreti Adam safiullanyň aňyna we kalbyna Allanyň salan ilkinji kelamy, onuň agzyndan çykan ilkinji „Şükür elhemdililla“ sözüdir. Şükürli adam–dokmäde adamdyr. Dokmäde adam–maddy açgözlükden, ruhy göýdüklikden belentde durýan adamdyr. „Diwana geldi“ atly goşgusynda:
Magtymguly aýdar, Kurana uýdum,
Gybaty taşladym, haramy goýdum,
Sygryna bilmedim, syrymy diýdim,
Saklana bilmedim, zybana geldi [12, 105 sah.]
–diýmek bilen, ylymly adamyň dogry ýolda bolýanlygy, gybatdan, haram edilen, ýagny gadagan edilen işlerden daşda durýanlygy, edýän işiniň, sözleýän sözüniň soňuny saýyp bilýänligi, öwrenen ylmyny amal edýänligi, çünki onuň iki dünýe ýitirýän haýyrly gymmatlyklarynyň boljaklygyna düşünýänligi ýaly pikirleri öňe sürýär.
„Seýran içinde“ diýen dörtlemesindäki:
Magtymguly, syrym çokdur,
Men neýläýin, açan ýokdur,
Ölmek–hak, direlmek–hakdyr,
Okydym „Kuran“ içinde [12, 108 sah.]
–diýlen setirler akyldar şahyryň adam durmuşynyň ähli meselelerini beýan edenligine güwä geçýär. Adamy dünýä durmuşynyň bu meseleleriniň aňladýan aýan we syrly manylaryna aralaşmaga, dogry çözgüt etmäge çagyrýar. Nygtaýan dürli ugurdaky pikirleriniň ylmy taýdan esaslydygyny „Ölmek–hak, direlmek–hak“ diýen mysaly getirmek bilen subut edýär. Akyldar şahyryň edebi mirasynda Kurandan bolşy ýaly alnyp ulanylan „Daglar ýeriň myhydyr“ (Magtymguly Pyragyda: Daglar ýeriň myhydyr, depe özün dag saýar) ýa-da baş Kitabyň öňe sürýän „Amalsyz alym–kitap ýüklenen eşek“, „Palçy–ýalançy“ ýaly pelsepeleri esasynda ýöreden pikirleriniň dürli mysallaryna başga-da köp duş gelmek bolýar. Ýa-da „Ýetişse“ atly şygrynda:
Ylmy-kal, ylmy-hal baryn jem etsem,
Şerigat ýoluna daýym göz etsem,
Nebsi şeýtan – dünýä hursun terk etsem,
Şeraban-tehuran bulag ýetişse [12, 87 sah.]
–diýip, özüniň ylymda bireýýäm eýe bolan derejelerini ýokary dil medeniýetini saklamak we sadalyk bilen beýan edýär.
Ýene-de „Diwana geldi“ diýen eserinde:
Okyr bolsa ylmy-ledun açygly,
Hem diwana, hem beňňi, hem içigli,
Golunda käsesi, serden geçigli,
Synamda goýdular, bir şana geldi [12, 105 sah.]
–diýip, gazanan ylmy taýdan beýiklik ölçegleriniň ýene bir görnüşi barada söhbet açýar.
Ylmy-kal–din, şerigat we akyl ýetirip bolýan zatlar hakyndaky ylymdyr. Ylmy-kal taglymaty Allatagalany hakyky tanamaklyk akyl işi arkaly ýüze çykýar diýip öwredýär. Şonuň netijesinde bolsa Alla bilen gepleşmek hem bolýar diýip düşündirýär.
Ylmy-hal – Allatagala bilen bendesiniň arasyndaky ýagdaýynyň syrlaryny öwrenmek ylmy, Onuň yşky hakyndaky ylym diýmekdir. Ylmy-hal taglymaty Allany tanamaklyk we oňa birleşmeklik, Onuň bilen gepleşik arkaly däl-de, diňe güýçli hyjuw, hala ýetmek (ekzaltasiýa; ekstaz) we tüýs ýürekden şoňa berilmek netijesinde mümkin bolýar diýip düşündirýär.
Ylmy-ledony - [Magtymguly Pyragyny öwreniji alymlar „ledony“ sözündäki (ﻮ) –„wawy“ „ledun“ görnüşinde hem okaýarlar–K.B.]–sopuçylyk taglymatyna görä, bendesiniň perişde we pygamber arkaly däl-de, gös-göni Allatagalanyň özünden öwrenýän ylmy.
Ylmy-ledony taglymaty Allatagalanyň sözlerine we olaryň aňladýan manylaryna ynsana bagly bolmadyk serişdeleriň üsti bilen düşünmegi öwredýär. Ol usul üç hili bolýar: 1) wahý–Alla tarapyndan gelen ses, habar; 2) ylham we 3) parasat. Magtymguly Pyragynyň Allatagala tarapyndan berlen ylhamy bilen parasady bolsa çeniňden-çakyňdan has ýokarydyr. Akyldar şahyr babatynda aýdylýan „Magtymguly Hakdan içen şahyr“ diýlen subut talap etmeýän hakykaty bilmeýän türkmeni tapmak aňsat düşmez.
Şahyr „Ylmy-kal, ylmy-hal baryn jem etsem“ diýip, bütin türkmen halkynyň, şol bir wagtyň özünde hem her bir türkmeniň ylma suwsamak meýlini oýarmagy maksat edinýär. Ol ylymlylykda özüniň däl, beýlekileriň gamyny iýýär. Şahyryň özüne gezek geleninde onuň özi üçin ylmy-ledony hem açyglydyr, ylmy-kal bilen ylmy-hal hem jem edilgidir.
Biz ýokarda şahyryň öz setirlerine salgylanmak arkaly onuň milli ylmyň nähili derejelerine aralaşanlygyna, „Pikir derýasynda akyl gämisi bilen guwwas eýläp ýüzenligine, käte bolsa ony batyranlygyna“ göz ýetirmäge synanyşdyk.
Barlyk dünýäsinde amala aşyrylýan her bir haýyrly işiň, tutumyň, her bir hereketiň öz ylmy esasy, pelsepesi, manysy bardyr. Dünýä–ylymdan ybarat. Dünýä ylym bilen ýöreýär. Şonuň üçin hem ylym öwrenmeli. Müşgilimiz asan bolsun diýseň, ylym öwrenmeli. Barlyk dünýäsiniň gadyryny bileýin diýseň, ylym öwrenmeli. Ynsany söýeýin diýseň, ylym öwrenmeli. Çünki beýik Biribar biri-birini söýeni söýýär. Alymy söýýär. Alym bilen hemsöhbet bolany söýýär. Akyla gulluk edýäni söýýär. Ýüregini päk tutýany söýýär. Hoşniýetlini söýýär. Onuň söýgüsini gazanmaga ymtylmaklyk bolsa ynsanyň gylyk-häsiýetlerini gözelleşdirýär we ajaýyplaşdyrýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren pelsepelerinde ajaýyp adamlaryň köpelmegine uly isleg bildirilýär. Şahyr „Gyş bolar“ atly şygrynda:
Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,
Nesihatym uly ile ylymdyr,
Algyr şunkar, laçyn awda mälimdir,
Garga, hekek, ýelbe–bary guş bolar [11, 166 sah.]
–diýlen setirlerde janlandyrylan guşlar şunkar, laçyn, şeýle hem garga, hekek, ýelbe allegorik keşplerdir. Ýaradylan barlyklaryň ählisiniň öz ornunda san bolşy ýaly, diliň çeperçilik serişdeleriniň deňeşdirme görnüşinden usstlarça peýdalanan akyldar şahyr ylymly we ylymsyz adamlaryň ara tapawudy barada pikir ýöredýär.
Çyn ylym Magtymguly Pyragynyň öz edebi mirasyndaky ylymdyr. Özi hem pendi-nesihat görnüşindäki ylymdyr. Bu hili hoşniýetli pikirleri öňe süren alym şahyryň sözi heýem bir älemi baky baglamazmy, eýsem!
Magtymguly Pyragynyň öňe süren pelsepelerine laýyklykda „Ylym–dünýäniň atasy“.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutýan ylym-bilim syýasaty esasynda bilim ulgamyny özgertmeklik bolsa Täze Galkynyş eýýamynyň ideologiýasynyň iň möhüm ugrudyr. Türkmen halky tarapyndan saýlanylan döwlet Baştutanymyzyň işe başlan ilkinji günlerinden gol çeken taryhy Permanynyň bilim ulgamyny özgertmäge degişli bolmagynyň hem öz hikmeti bardyr. Çünki ykdysadyýetiň, ylmyň, tehnikanyň we medeniýetiň ähli ulgamlarynda tejribeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy „Eýlediň meni“ diýen şygrynda ylmy ösdürmekde we ondan peýdalanmakda sähelçe haýal-ýagallyga ýol bermegiň netijeleriniň nämelere alyp barýanlygyny beýan edip:
Täleý bartym giňden salmaý,
Dileglerim kabul kylmaý,
Ylmy–dünýä ata kylmaý,
Malga zar eýlediň meni [11, 36 sah.]
–diýýär.
Ylmy ösdürmegi ýekeje pursatlyk hem gaýra goýup bolmaýanlygyna onuň nazary taraplary bilen bilelikde aňryýan göz ýetirýän we milli ylym-bilim ulgamyny düýpli kanunçylyk binýady esasynda özgerdýän Prezidentimiz hem-ä öz nazary pikirleri, hem-de durmuşa geçirýän amaly işleri boýunça Magtymguly Pyragynyň öňe süren taglymatlary bilen bitewileşýär.
Ylmy ösdürmek meselesi ähli eýýamlarda hem alyma sarpa goýmak medeniýeti bilen şertlendirilýär. Magtymguly Pyragy özüniň „Tapmas sen“ diýen şygrynda alymlara bolan ýagşy garaýşy ündäp:
Munda ne iş etseň, anda garawly,
Sen hem ýagşylardan alawer bowly,
Häli hem bir pille, eý, adam ogly,
Alymlar kemelse, edep tapmas sen [11, 93 sah.]
–diýýär. „Bowul“ sözi „täsir, görelde“ diýen manylary aňladýar. Şahyr bu ýerde alymyň jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän ornuny kesgitleýär. Alymyň jemgyýetçilik durmuşyna edýän oňaýly täsirini göni aýtmak usuly bilen janlandyrýar. „Bolar sen“ atly dörtlemesinde şahyr ynsan durmuşynyň gözelleşip-gözelleşmezliginiň gapma-garşylykly iki ugruny parallel setirlerde suratlandyryp pikir ýöretmek edebi çeperçilik usulynyň parallelizm görnüşi arkaly ýaşaýşyň dogry ýoluny saýlap almagy okyjynyň özüne goýýar:
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen! [11, 124 sah.]
–diýýär. Dördünji setirdäki ikinji ýol–howatyrly ýoldur. Ynsany durmuşyň hözirli ýolundan gyra çekýän, hamana, göräýmäge hözirli ýaly bolup görünýän, emma adamy gapyl galdyrýan, ony durmuş girdabyna tarap itekleýän ýoldur. Diňe ilkibada saňa gapyllyk, küýigalplyk bilen ýeňil we süýji durmuş ýoly hökmünde görünýän hem bolsa, ol ýol soňy saýylmaly ýoldur. Islendik meseläniň soňuny saýyp, çözgüt edip, dogry karara gelip bilmek üçin bolsa ynsana ylym-bilim gerekdir.
„Elip kaddyň dal olur“ diýen goşgusynda akyldar şahyr ynsana ýüzlenip, eger-de özüň ederiňi bilmeýän bolsaň, bileniňkä git, „Özüň bilmädiň, bileniňkä gitmädiň“ diýlenlerden bolma diýen pelsepäni öňe sürýär:
Her kimse şerigat ýolun bilmese,
Alymlaryň sözün göze almasa,
Kyrk ýaşynda kişi toba kylmasa,
Anyň işi hile, mekir, al olar [12, 95 sah.]
–diýýär. Diýmek, adam ters ýola düşeninde diňe gapyl galýar. Beýni we ýürek gözleri gapylýar. Ters oňa dürs bolup görünýär. Ýollaryň haýyrlysyny saýlap bilmek üçin ynsana ylym-bilim gerekdir.
Magtymguly Pyragy özüniň „Ýol alar“ atly dörtlemesinde ynsanyň işiniň ugruna we durmuşynyň oňuna bolup-bolmazlygy hakyndaky pelsepesini öňe sürýär. Şahyryň şu aşakda berlen bentde öňe sürýän taglymatyna eýerilse, işler rowaç alar:
Duçar bolup alym bile ýörene,
Nesihat sözleri gulak berene,
Uzyn boý, hoş sakgal, ýüzi nurana,
Şoňa duçar bolsaň, işiň ýol alar [12, 116 sah.].
Eger-de içki dünýäsi bozuk, daşky mysalasy hem söz bilen suratkeşlik eýlenip, şoňa laýyk janlandyrylan şu aşakdaky sypatly adama duş bolsaň:
Duçar bolsaň ýüz-müň bela bakana,
Synasynda gybat odun ýakana,
Reňgi sary, ak göz, gaşy çakana,
Şoňa duçar bolsaň, işiň ýol almaz [12, 116 sah.]
–diýýär. Şahyr durmuşda dürs ýaşamagyň teoriýasyny–nazary esaslaryny nesihat edýär. Akylly netije çykarmagy, dogry ýol saýlamagy bolsa her kimiň özüne goýýar. Eger-de biz şahyryň setirlerinde öňe sürülýän syrly pikirler dünýäsine aralaşmakdan ejiz geläýen ýagdaýymyzda hem şol syrly hazynanyň bize edýän ilkinji täsirleri-de bizi halal we dogry ýola gönükdirýär. Çünki şahry ynsanoglunyň özüne berlen ömri halal ýaşap geçirmegi üçin alym adamlaryň özi bilen-ä däl, hatda onuň bilen bile tirkeşene hem sarpa goýmagynda we oňa uýmagynda ýalkanyş barlygyny mälim edýär. Ynsany bagyşlamagy gowy görýän, bagyşlaýjy bolan Allatagala bendesini bagyşlamak islese „Zerreden ýalkaýar, zerreden hem gargaýar“. „Zerre“ sözi „tike, azajyk, her bir zadyň iň ownuk bölejigi, äpişgeden düşýän Gün şöhlesiniň zolagynda gaýyp ýören tozan-totlaryň ülüşleri, az mukdar“ diýen manylary aňladýar. Diýmek, alymyň özi bilen-ä däl, hatda onuň golaýlarynda bile bolanlar bilen duçar bolmaklyk, onuň sözlerine pitiwa etmeklik hem ynsanoglunyň zerreden ýalkanmagynyň ýa-da işleriniň rowaç bolmagynyň mysallarynyň biridir. Gadymy we orta asyr dünýä hem-de türkmen alym-şahyrlary bu inçe milli ylmy hakykaty özleriniň ylmy-çeper döredijiliklerinde ygtybarly mysallar bilen beýan edýärler.
Magtymguly Pyragynyň göwünleri göterýän pelsepeleriniň ýene beýleki birnäçe ugurlaryna seredip geçeliň. Akyldar şahyryň pelsepelerine laýyklykda, ruhubelentlik üç usul bilen–ylym, pikirlenmek we dogry çözgüt edip bilmek netijesinde gazanylýar.
Beýik türkmen ruhunyň dördünji eýýamynyň (XVII–XX asyrlar) ruhy baştutany Magtymguly Pyragy türkmen halkyny, ikinjiden, eýýamyň döreden şahsyýet nusgasy bilen ruhlandyrýar. Bu eýýamyň döreden şahsyýet nusgasy goç ýigitdir. Goç ýigit bolsa ýokary ahlak keşplerini özünde jemleýän şahsyýetdir. Eýsem, bu goç ýigit rehimdar, kiçigöwünli, iliň-günüň we ýurduň bähbidi üçin ýaşaýan, harby tilsimatdan baş çykarýan, ruhubelent şahsyýet bolmalydyr. Şahyryň „Başy gerekdir“ atly şygry durşy bilen bu aýdylýan ideýalara ýugrulandyr. Şygry dolulygyna berýäris:
Sypah bolup, ata çykan, her ýerden
Akly känden kesen başy gerekdir,
Bir musulman gaçsa iki käpirden,
Kellesine saňsar daşy gerekdir.
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir.
Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda, gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.
Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,
Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda,
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir.
At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,
Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,
Meýdandan sangysyz her iş bitirge,
Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.
Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,
Muhannesler geçer jandan, oguldan,
Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan,
Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.
Magtymguly, goç ýigitler çapylyp,
Gök damardan gyrmyz ganlar sepilip,
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir [11, 100 sah.].
Magtymguly Pyragynyň bu şygrynda goç ýigidiň janly keşbi gaplaň, tilki, bürgüt, gurt, doňuz, aýy diýlip, allegorik häsiýetde diliň çeperçilik serişdeleriniň deňeşdirme usulynda beýan edilişi ýaly, gadymy ýazuw ýadygärliklerinde we nusgawy akyldar şahyrlaryň beýleki ylmy-çeper döredijiliklerinde hem türkmen ýigitleri Watan, il-gün üçin bolan jeňde, söweşde haýwanat dünýäsinden:
gara garganyňky ýaly wehimlilik;
durnanyňky ýaly hüşgärlik;
towugyňky ýaly geplemseklik;
tatar düýesiniňki ýaly namysjaňlyk;
aç böriniňki ýaly çalasynlyk;
doňzuňky ýaly maksadaokgunlylyk (professor Mäti Kösäýewiň şahsy arhiwinden) kimin aýratynlyklar we gylyk-häsiýetler bilen ruhlandyrylýar. Goç ýigitler söweşjeň şahyryň il-güni, ýurdy goramak üçin gylyjyň baljagyna ýapyşmagyň, at-ýarag saýlamagyň zerurlygy baradaky çagyryşlaryny öz söweş baýdaklary hökmünde belent tutýarlar. Duşmanyň garşysyna tebigatyň dürli güýçli jandarlaryna mahsus aýratynlyklar bilen okgunly hereket edýärler. Akyldar şahyryň çuňňur watançylyga, gaýduwsyz gahrymançylyga çagyrýan eserleri edermen goç ýigitleriň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşýar. Ine, şahyryň görmek isleýän goç ýigidiniň real keşbi şu aşakdakylar ýaly bolmalydyr: 1) mäkäm; 2) döwletli; 3) nygmaty bol; 4) nirä barsa başarjaň; 5) ýygnanyp bilmeli; 6) aşakdan ýokara çenli islendik haýyrly işe baştutanlyk edip bilmeli; 7) ot ýaly bolmaly; 8) kuwwatly; 9) çynlakaý; 10) bol hem doýran aşly; 11) gowy işlemeli; 12) gaýratly bolmaly; 13) abraýly bolmaly; 14) at-owazasy äleme ýaýramaly; 15) gaty gowy bolmaly; 16) baý bolmaly; 17) hemişe gowy iş we tertip gurup bilmeli; 18) her kime şahandaz bolmaly; 19) ula sarpa goýmaly; 20) derejesi ýokary bolmaly; 21) nirede bolsa eziz bolmaly. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuň we çynlakaý öwrenmegiň baş maksady hem kemala gelýän nesilde goç ýigidiň real keşbine laýyk gelýän gylyk-häsiýetleri oýarmakdan ybaratdyr. Şahyryň her bir aýdan sözi öz mähriban halkynyň, onuň gerçek, goç ýigitleriniň ruhuna ruh goşýar, olara şypa berýär. „Meýdan ýoluksa“, „Öňi-ardy bilinmez“, şeýle hem watançy şahyryň ömür maksatnamasy bolan „Döker bolduk ýaşymyz“ ýaly şygyrlarynyň öňe sürýän ideýalary–munuň özi her bir türkmeniň aňyndan we kalbyndan syzylyp çykýan ideýalardyr. Ile-güne söýgi duýgusyna ýugrulan, watançylyk ruhly bu şygyrlarynyň terbiýeçilik hörpi bolsa çeniňden has ýokarydyr.
Ýokarda ýerleşdirilen „Başy gerekdir“ atly şygrynda käbir sözleriň aňladýan manylaryna dogry düşünmek maksady bilen, olaryň düşündirişli sözlügini bereliň:
hile–söweşdäki hiläni aňladyp, duşmana al salmagyň bir täridir, söweşjeň ata-babalarymyzyň harby sungatynyň bir görnüşidir
muhannes–namart, gorkak, binamys
saňsar daşy–1) daşlama, daşlanma; 2) günä iş eden aýaly daşlap öldürmeklik, oňa zyňylýan daş
sypahy–1) goşuna degişli; goşun adamsy; harby gullukdaky adam; 2) esger, nöker
wehim–gorkmaklyk, çekinme, ätiýaç etmeklik.
Üçünjiden, akyldar şahyr özüniň peýzaž lirikasyna degişli „Gürgeniň“, „Soňudagy“ ýaly ylham beriji şygyrlarynda okany ýa diňläni türkmen tebigatyna bolan söýgi bilen ruhlandyrýar. Gürgen derýasynyň üstüne „Seňrikläp abanyp duran gaýalar“, seri dumanly belent daglar, gargy-gamyşly tokaýlarynda otlaşyp ýören „Boz goýun, gyr ýylky, gara öküzler“, argyşa söwda ugraýan „Hatarlanşyp duran iner, maýalar“ altyn-kümüş şaýlaryny dakynyşyp, sallanyşyp, uz ýöräp, Gürgeniň güzerinden suw almaga gelýän maral gabak gelin-gyzlar çeper söz bilen dogruçyl we ussatlarça beýan edilen tebigatyň hem-de hakykatyň janly keşbidir. Tebigat gözelliginiň we ajaýyplygynyň tarypydyr. „Gürgeniň“ şygryny tebigatsöýer, nakgaş şahyryň özünden diňläp göreliň:
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, dolsa çaýlara baran,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň.
Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly,
Gözelleri bardyr altyn-kümüşli,
Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli,
Argaly, gäw bolar maly Gürgeniň.
Hatarlanşyp duran iner, maýalar,
Agyr bezirgenli, tüçjar eýeler,
Seňrikläp, abanyp duran gaýalar,
Öňi-ardy, sagy-soly Gürgeniň.
Begleri bar, tirme çalar biline,
Ýorga münüp, tarlan gondyr eline,
Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline,
Mäleýir gaza:ly çöli Gürgeniň.
Magtymguly, ilden-ile aralar,
Hijran tygy bilen bagryn paralar,
Golun sallap maral gabak periler,
Iner olumyndan däli Gürgeniň [11, 119 sah.].
Ýokarda ýerleşdirilen „Gürgeniň“ atly şygrynda käbir sözleri dogry ulanmak, olaryň aňladýan manylaryna dogry düşünmek maksady bilen, düşündirişli sözlügini bereliň:
baran–ýagyş, ýagmyr, ýagyn
güsbent–goýun
gäwmiş–uly kelleli, ýogyn şahly öküz
argaly–ýabany goýun
gäw–sygyr
bezirgen–söwdagär, täjir
tarlan–guşuň ady
gaza:l–keýik, jeren
olum–suwly ýabyň ýalpak ýeri, güzer, geçelge.
Dördünjiden, synçy şahyr Magtymguly Pyragy:
Hatarlanşyp duran iner, maýalar,
Agyr bezirgenli, tüçjar eýeler...
- diýmek bilen, türkmen topragynyň üstünden ýol salan uzyn-uzyn kerwenleri, beýik Ýüpek ýoluny, şeýle hem bu topragyň eçilýän ir-iýmişlerini, hoşboý ysly, tagam beriji däri-derman otlaryny, dürli reňkli parçalaryny satmaga ýa başga bir zat bilen çalyşmaga barýan bezirgenleri, täjirleri, söwdagärleri suratlandyrýar. Bu tebigat gözelligi, durmuş hakykaty bolsa hemme adamda ajaýyp türkmen ülkesini görmek arzuwyny oýarýar.
Ýa-da şahyr „Uça bilmen, neýläýin“ atly şygrynda:
Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin?!
Okyr men, görer men föwzul kelamy,
Magnysyny saça bilmen, neýläýin?! [11, 289 sah.]
–diýip, bu günki gün ganaty–harajady, şertleri, mümkinçilikleri bolan her bir türkmeni jahankeşdelik ruhy bilen ruhlandyrýar.
Ýene-de „Bady-sabany görsem“ diýen şygrynda:
Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany,
Ol Rumustany görsem [11, 26 sah.]
–diýip hyýallanýan şahyr bu günki gün her bir türkmeni elýeter we güýçýeter bolan gezendelik, jahankeşdelik arzuw-umytlaryna atarýar.
Bäşinjiden, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen milletiniň ruhunda agzybirligiň we bitewilik keşbiniň müdimi saklanyp galmagynyň gamyny iýýär. Türkmen halkynyň agzalalygyň pidasy bolmagyny islemeýär.
Ruhy atamyz „Iliň güýji–siliň güýji“ diýlen nakyldaky maddy we ruhy kuwwatlygyň agzybirlikdeligini nygtap, „Agzy ala kowumlara baş bolmaň... Agzalalyk aýrar ili dirlikden, döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý!.. Türkmenler baglasa bir ýere bili, gurudar Gulzumny, derýaýy–Nili, teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, bir döwlete gulluk etsek bäşimiz“ diýip nygtaýar. „Türkmen binasy“ atly şygrynda bolsa „Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy“ diýip, ozaly bilen, özüniň, soňra bolsa türkmen halkynyň iru-giç şu günki ajaýyp Garaşsyzlyk we Täze Galkynyş eýýamy hakyndaky mukaddeslige bolan ynamyny öňdengörüjilik bilen beýan edipdir. Şahyr özüniň şygrynda rowaçlyk, abadanlyk, asudalyk–agzybirlikdedir diýen pelsepäni öňe sürüp, „Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, ahal ili bir bolup, kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi“ diýýär. Şahyryň nazary garaýşy boýunça agzybirlik berkarar döwletiň sarsmaz sütünidir.
Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň mert ýigitlerini Watana söýgi ruhy bilen ruhlandyrmakda, şeýle hem watançylyk taglymatyny öňe sürmekde özüniň ulanan özboluşly çeperçilik usuly bardyr. Ruhy atamyz merdi–namarda, batyry–gorkaga, namysjaňy–binamysa, ýagşyny–ýamana gapma-garşy goýup, mertligi, batyrlygy, namysjaňlygy, gowulygy terbiýeleýär. Şahyr „Mert ýigit kim-? Onda nähili mynasyp keşpler we hünärler bolmaly? Olaryň, ozaly bilen, zerury hemralary nämelerden ybarat?“–diýen soraglara jogap berýär. Merdiň namartdan, batyryň gorkakdan, namysjaňyň binamysdan, ýagşynyň ýamandan tapawudyny aýyl-saýyl edip görkezýär.
Akyldar şahyr özüniň „Golda bary bolmasa“ atly şygrynda „Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr, guryp galsyn il derkary bolmasa“ diýip, il-halkyň möhümine ýaramagy, oňa gerekli bolmagy gowy adam bolmagyň ölçeg daşy edip goýýar. Adamyň kalbyny we aňyny päkleýär. Ony oňatlyk duýgulary bilen ruhlandyrýar. „Sil biläni“ diýen şygrynda „Goç ýigide toýdur–baýram, her iş gelse il biläni“ diýýär. Bu setirlerinde il-gün goç ýigidiň daýanç nokady bolmalydyr diýlen pelsepe öňe sürülýär. „At ýanynda bellidir“ atly şygrynda bolsa „Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda, hemaýatly ili gerek daşynda“ diýip nygtaýar. Ýagny ile baş bolan goç ýigit il-günden hemaýat-goldaw tapmalydyr. Diýmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Meniň esasy daýanjym halkym bolar“ diýip öňe süren syýasaty ýöne ýerden döremändir. Ol akyldar şahyryň ýokardaky pelsepelerinden gözbaş alyp gaýdýar.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ynsanoglunyň iki dünýäsiniň abat bolmagynyň ähli meselelerine degişli jaýdar jogaplary tapmak bolýar. Şahyryň bu meseleler bilen baglanyşykly öňe süren nazary pikirlerinde baş dünýägaraýyş–iki mukaddes barlyga–1)Allatagala; 2) adama bolan söýgi dünýägaraýyşlary bolup, ol jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi meseleleridir. Bularyň birinjisi–adamzadyň medeniýetidir, ikinjisi–Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň (Baş Kanunynyň) 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasydyr [20, 11 sah.].
Käbe BORJAKOWA,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş