21:17 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda zenan pelsepesi | |
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda zenan pelsepesi
Magtymgulyny öwreniş
Ata-babalarymyzyň gelin-gyzlara uly hormat goýandygyna biziň edebi we ylmy taryhy çeşmelerimiz güwä geçýär. Gadymyýetde olaryň jemgyýeti ösdürmekde, maşgalany berkitmekde, watanperwer we ynsanperwer mynasyp nesli kemala getirmekde bitiren asylly hyzmatlaryna ýokary baha berlipdir. XVII asyrda ýaşap geçen Hywa hany Abulgazy Bahadur han türkmen halkynyň gelip çykyş taryhy barada örän täsin we gymmatly maglumatlar berýän „Şejereýi teräkime“ („Türkmenleriň şejeresi“) atly kitabyny ýazýar. Onuň bu kitabynda Oguz hanyň döreden, oguz kowmunyň ozaly bilen haly nagyşlary görnüşinde ulanan, soňlugy bilen oguz elipbiýine öwrülen tagmalary, türkmen halkynyň dünýäde ýaýran ýerleri, il-ýurt üstünde alyp baran söweşleri, sosial-ykdysady durmuşy, medeniýeti, hatda oguz iline beglik eden zenanlar hakynda ygtybarly maglumatlar beýan edilýär. Biz bu kitap babatynda esasy ünsümizi „Zenan kim?“, onuň ýokary derejeli jogapkärçilikli işlere ukyplylygy diýen meselelere gönükdirdik. Abulgazy Bahadur hanyň „Şejereýi teräkime“ diýen kitaby bu soraglara anyk jogap berýär. Kitapda oguz iline beglik eden ýedi sany zenan hakynda berlen delile ýüzleneliň. Ol ýerde bu bölüm „Oguz iline beglik kylgan gyzlaryň zikri“ diýlip atlandyrylýar. Bölümde „Türkmenlerniň ýahşy taryh bileturgan we ilge arkalyk kylaturgan ýahşylary aýtyptururlar kim ýeti gyz barça oguz ilini agyzlaryga bakturyp, köp ýyllar beglik kyldylar“ [5, 97 sah.] diýlip başlanýan maglumat berilýär. Beg–Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda ilki tire-taýpa, soňra ülke hökümdarlarynyň titulydyr. Begler gurply adamlardyr. Olar jemgyýetde welaýatlary dolandyryş we harby kuwwatlyga baştutanlyk ediş ukyby bolan gatlagy emele getirýär. Ýokarda berlen maglumatda beglik eden bu ýedi sany oguz gyzynyň özlerini oguz iline ykrar etdirendigine, netijede, olaryň eýe bolan ülkäni edara ediş sungatyna ýokary baha berilýär. Näzik we ejiz naçar saýylýan zenan özüniň ilkinji ýaradylyş tebigaty hem-de maksady boýunça öýüň söýesidir, ýakymydyr, ýaraşygydyr. Maşgalabaşynyň wepaly ýanýoldaşydyr. Nesil şejeresidir. Mert ýigidiň ar-namysydyr, ýüzüniň tuwagydyr. Watan atly mukaddesligiň asudalygydyr, abadanlygydyr. Beglik etmeklik bolsa zenanyň öz ezeli ýaradylyş maksadyndan ileri gidip, baş goşan il-gün we döwlet ähmiýetli jogapkärçilikli işidir. Türkmen halkynyň geçmiş taryhynda beglik eden ýedi zenan diýlip yz galdyrmaklygyň özi hem şahs hökmünde olaryň özüne ygtyýarly, sözüne ygtybarly zenanlar bolandyklaryna güwä geçýär. Çünki türkmen halky her öňýeteni han-beg götermeýär. XV asyrda ýaşap geçen akyldar şahyr Alyşir Nowaýynyň: Adam erseň, diýmegil adamy, Any kim, ýok halk gamydan gamy - –diýip nygtaýşy ýaly, halk köpçüliginiň gamyny iýen, onuň bilen bir jan–bir ten bolan, akyl, pähim-paýhas, durmuş synaglaryndan geçen, aş döwletli, baş döwletli, haýyr-sahawatly, merhemetli, çuňňur ylymly-bilimli, aslynda özüni bilen weli adamlar, şeýle hem hana-soltana mynasyp hatynly erkek kişiler il-ýurt bähbitli bu garamaty gerdenlerinde götermäge milt edip bilýärler. Şeýle hem bolsa has irki döwür türkmen jemgyýetçilik gurluşy hakynda gürrüň berýän bu taryhy ýazgy beglik eden ol oguz zenanlary barada durmuş hakykatlaryny bize miras galdyryp: „Anlaryň birisi altyn gözli Sunduz baýyň gyzy, Salyr Gazan alpnyň halaly („halal“ Gorkut atanyň dilinde maşgalabaşynyň nikaly aýaly–K.B.), boýy uzyn Burla erdi. Ikinjisi Karmyş baýyň gyzy, Mämiş begniň halaly, Barçyn Salyr erdi. Anyň gubury Syr Suwunyň (Syrderýa–K.B.) ýakasyndaturur. Halk içinde meşhurturur. Özbek aňa Barçynyň gök kaşanasy diýer. Kaşyn kärli ýahşy günbezturur. Üçünjisi Kaýy baýnyň gyzy, Çawuldyr Bala alpnyň halaly, Bişabatly erdi. Törtünjisi Kondy baýnyň gyzy, Bieken alpnyň halaly, Günin Görkli erdi. Bäşinjisi Ýomak baýnyň gyzy, Garkyn Gonak alpnyň halaly, taky bir Günin Görkli erdi. Altynjysy Alp Arslannyň gyzy, Kestan Gara alpnyň halaly, Kerçe Bulady erdi. Ýetinjisi Kynyk baýnyň gyzy, Dudal baýnyň ogly Kymaçnyň halaly Kugadly erdi“ [5, 97–98 sah.] diýmek bilen, dogruçyl beýan edilen türkmen taryhymyzy bu günki gün äleme äşgär edýär. Bu zenanlar oguz iliniň arasynda adygan, öz ýaşan eýýamynyň synaglaryndan geçen beg zenanlardyr. XIII asyryň ahyrlarynda–XIV asyryň başlarynda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ („Rabguzynyň kyssalary“–„Kysasyl enbiýa“ ýa-da „Kasasyl enbiýa“–„Pygamberler hakyndaky kyssalar“) atly kitabynda berilýän maglumatlara esaslanyp, zenanlardan pygamber bolmanlygyny nygtamak ýerlikli bolar. Elbetde, bu hemmelere mälim hakykatdyr. Alym Rabguzy bu hakykaty hezreti Isa pygamber hakyndaky bir hekaýata ýüzlenmek bilen delillendirýär. Çünki her bir milletiň süňk ýaryp çykýan jöwher pikirleri rowaýatlara, hekaýatlara, tymsallara siňýär. Şeýlelikde, ol pikirler özüne ebedilik ömür gazanýar we baky ýaşap başlaýar. Her bir halk öz milli aýratynlyklaryna, mentalitetine, gylyk-häsiýetine, içki dünýäsine, durmuşyň kada-kanunlaryna, urp-adatlaryna, däp-dessurlaryna, medeniýetine görä rowaýat, hekaýat, tymsal döredýär. Soňra şol rowaýatlar, hekaýatlar, tymsallar bu halkyň ýol görkeziji şamçyragyna öwrülýär. Hekaýatlaryň birinde hezreti Isa pygamber zamanynda bir ýagşy zenanyň bolanlygy beýan edilýär. Ol tamdyra ot goýbermek, nan bişirmek üçin onuň başyna ogluny hem goluna alyp gelýär. Şol pursat namazyň wagty girýär. Ol aýal ogluny ýerde oturdyp, namazyny okamaga durýar. Enesiniň arka tarapynda oýnap oturan bu oglan emedekläp baryp, ot goýberlen tamdyryň içine gaçýar. Emma ol aýal namazyny bozmaýar. Şol pursatda ol aýalyň adamsy gelýär. Görse, aýaly namaz okap otyr, ogly bolsa ýanyp duran tamdyryň içinde oýnap otyr. Oglanyň atasy bu ýagdaýy görüp, ony hezreti Isa pygambere beýan edýär. Hezreti Isa: „Sen baryp aýalyňdan onuň hikmetini, ömründe näme iş edenligini sora!“ diýýär. Adamsy gelip aýalyndan bu sowaly soraýar. Aýaly oňa: „Men dört iş edipdim. Birinjisi, men Hudaýtagalanyň özüme beren nygmatyna şükür etdim. Ikinjisi, men onuň maňa iberen belasyna sabyr etdim. Üçünjisi, men onuň kazasyna razy boldum. Dördünjisi, men dünýä işini ahyret işine çalyşdym“ [15, 215 sah.] diýip jogap berýär. Onuň adamsy aýalynyň sözüni gelip hezreti Isa aýdýar. Hezreti Isa oňa: „Eger seniň hatynyň erkek kişi bolan bolsa, ol pygamber bolardy“ diýýär. Netijede, pygamberligiň diňe erkek adama berlenligi mälim bolýar. Dünýädäki ähli ýaradylyş, barlyk Allatagalanyň ylmy bilen hiç bir kemsiz ýaradylandyr. Olaryň her biriniň ýaradylyş maksatlary takyk kesgitlenilendir. Diýmek, zenan näçe asylly, akylly, ylymly, dogry ýola–iman ýoluna, maşgalasyna wepaly bolsa-da oňa ezeli ýaradylyşynda pygamberlik berilmändir. Emma bu hekaýatda her bir haýyrly işi jäht tutmaklyk, ýagny ony soňa goýmazdan, tiz ýerine ýetirmeklik pelsepesi öňe sürülýär. Ýagşy zenanyň öz ömründe eden üçünji işi Ýaradanyň kazasyna razy bolmaklykdyr. „Kaza“ sözi bu ýerde öz wagtynda okalmadyk namazy ýa-da ýerine ýetirilmedik işi soňra ýerine ýetirmek diýlen dar manyny däl-de, „täleý, takdyr, kysmat, ýazgyt, maňlaý, alyn, ykbal“ ýaly beýleki dürli manylary hem aňladýar. Diýmek, bu hekaýat arkaly ýagşy hatyn ynsanlara şükürli, sabyrly bolmak, Ýaradanyň täleýdäki ezeli ýazgydyna parasatlylyk bilen kaýyllyk, dünýä işini ahyret işi bilen çalyşmak babatlarynda durmuş sapagyny berýär. Kysmatdan, ýazgytdan gaýry hem maddy dünýä durmuşynyň işleriniň birnäçesine kaýyl bolmaklyk–tabyn bolmaklyk özüni bilene uly bir nygmatdyr. Çünki bu hili adam, eýsem, ozaly bilen, açgöz, görip bolmaýar. Onuň nebis atly ýowuz duýgusy kaýyllyk jylawy bilen jylawlanýar. Magtymguly Pyragy kaýyllyk pelsepesiniň adam üçin zerurlykdygyny, onuň ýagşy adam bolmagyň müň bir ýolundan diňe bir ýoludygyny: Magtymguly bir guldur, Gullugyna kaýyldyr [11, 173 sah.] –diýlen setirleri arkaly öwüt-ündew edýär. Akyldar şahyr bu ýerde „abt–abd, bende, ýaradylan“ manylarynda ulanylýan „gul“ sözüniň üsti bilen bende bendäniň guly, ýesiri, soňra başga birine hyzmat etmek üçin satylan ýa-da başga birinden hyzmat etmek üçin satyn alnan adam diýlen dar manylarynda däl-de, eýsem, bende Allanyň guludyr, Oňa kaýyldyr, tabyndyr diýlen kiçigöwünlilik pelsepesini öňe sürýär. Netijede, kesgir akyl, sabyrlylyk, şükürlilik, özygtyýarlylyk, kiçigöwünlilik, pespällik, işeňňirlik ýagşy adamyň, ylaýta-da, ýagşy zenanyň zynatydyr. Zenandaky bu ajaýyp gylyk-häsiýetler maşgalada asudalygyň, agzybirligiň we ýerbe-ýerligiň, maşgalanyň adam çykýan ýer bolmagynyň açarydyr. ■ Zenanyň ýaradylyş taryhyndan Zenan–hezreti Adam atadan soňra hormat goýlup, adam edilip ýaradylan mukaddes ýaradylyşyň ikinjisidir. Emma Allatagalanyň dergähinde we jemgyýetiň jemagatynyň arasynda bu hormat-sylaga diňe ýagşy gylyk-häsiýetler hem-de haýyrly amallar bilen eýe bolunýar. Allatagala özüniň rehmeti we sahylygy bilen ezelinde erkek adamlara aýallardan artykmaç hukuk beripdir. Allatagalanyň bu sözi: „Aýallaryň hukugyna görä erkek adamlarda maşgala eýeçiliginde we adamkärçilikde artyklyk bardyr“ [15, 8 sah.] diýlip nygtalýar. Çünki ol Kurany Kerime aýat bolup inýär. Erkek adam–maşgalabaşydyr. Ýokardaky aýat erkek adamlaryň gerdenine düşýän garamaty, jogapkärçiligi artdyrmak bilen birlikde, iki tarapy hem bozuklykdan we azgynlykdan saklamaklygy, olary haýyrly işlere gönükdirmekligi, dogry ýola salmaklygy baş maksat edinýär. Eýsem, dünýäniň akylly-başly zenanlary şu taglymata tabyndyrlar. Dünýäniň ýaradylyşy, gurluşy, ondaky ynsanara ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklary Magtymguly Pyragynyň „Ýolmuş bu dünýä“ atly şygrynda nygtaýşy ýaly, owalbaşdan: Aýdar Magtymguly, ýar bolsa Hudaý, Anyň birligine sen kylgyn perwaý, Bolan günüň toýdur, ölen günüň–waý, Başdan-aýak galmagalmyş bu dünýä [12, 124 sah.] –diýlenidir. Dünýä durmuşy haýyr bilen şeriň arasyndaky gapma-garşylyklardan, barlyşyksyzlyklardan doludyr. Hezreti Adam ata bilen hezreti Howa enäniň durmuşlary ilkinji ädimlerinden beýläk Iblis şeýtanyň sözüne yrylmaklary zerarly ýalňyşlykdan başlanýar. Allatagala tarapyndan „Şu şejeratun nemnuga–bugdaý agajynyň miwesini iýme!“ diýlen hem bolsa, hezreti Adam ata bugdaýyň bir dänesini iýýär. Ikinji dänesini heniz ýuwutmanka, hezreti Jebraýyl perişde gelip, onuň bogazyndan tutup ýetişýär. Şol sebäpli hem mundan beýläkki ýaradylan erkek adamlaryň bogazynda dörän ýumruja, ýagny ýumalak ilkinji adamyň ýalňyşlygyndan galan nyşandyr. Şeýle hem hezreti Adam ata Allatagalanyň „Şeýtan seniň duşmanyňdyr!“ diýen gaýyby kelamyna pitiwa etmeýär. Goýberlen ýalňyşlyk bolsa olary durmuşlarynda mundan beýläkki görjek görgülerine, sezewar boljak kynçylyklaryna, biri-birinden üç ýüz ýyllyk aýra düşmeklige uçradýar. Ilkinji iki sany adamyň goýberen bu ilkinji ýekeje gezekki hatasyndan gelip çykýan kynçylyklar munuň bilen çäklenmeýär. Allatagala hezreti Adam atany özüne berlen permandan çykanlygy sebäpli on sany bela, hezreti Howa enäni bolsa hezreti Adam atanyň hata goýbermekligine sebäp bolanlygy üçin alty belanyň artyklygy bilen on alty sany bela uçradýar. Allatagalanyň çykaran bu hökümi diňe şu iki sany ilkinji adamyň çäginde durmaýar. Ol höküm Ýer ýüzünde mundan beýläkki ýaşajak ynsanlaryň ählisine degişli edilýär. Allatagala hezreti Adam alaýhyssalama öz hökümi barada: „Meniň hökümim–aýandyr, takdyrym–gaýypdyr, buýrugym–açykdyr“ [15, 80 sah.] diýen owaz iberýär. Şeýlelikde, hezreti Adam atanyň özygtyýarsyzlyk bilen eden telek hereketlerine laýyklykda, duçar bolan on sany belasy şu aşakdakylardan ybaratdyr: birinji–ýalaňaçlyk, ikinji–ýazylmak, üçünji–deriň peýda bolmagy, dördünji–Allatagaladan daş düşmeklik, bäşinji–hezreti Howadan üç ýüz ýyl jyda bolmaklyk, altynjy–şeýtanyň duşmançylygy, ýedinji–onuň bu günäkärliginiň hemme äleme ýaýramagy, sekizinji–mal-pul üçin şeýtana şärik bolmaklyk, dokuzynjy–hezreti Adam öwladyna dünýäniň zyndan bolmagy we dünýäniň mähnet-muşakgatlaryna, yssysyna hem sowugyna sezewar bolmaklyk, onunjy–owkat üçin ýüz müň horluk we zarlyk çekmeklik. Bu ýerde görkezilen birinji, ikinji, üçünji muşakgatlar adamyň tebigy ýaradylyş ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň „Don gerek“ atly şygrynda teswirlenişi ýaly, çyplak doglan adama indi don we mundan beýläkki zerurlyklar–ruhy hem-de maddy gymmatlyklar gerek. Bu durmuş hakykatlary şygyrda aşakdaky ýaly suratlandyrylýar: Ne beýle sen, adamzat, Çyplak dogduň, don gerek, Ak süýt emdiň, ulaldyň, Aglaýyr sen, nan gerek. Ataň hoşnud bolmaga, Eneň mährin salmaga, Ýediňde din bilmäge, Okyrga „Kuran“ gerek. Saýlaýyr sen dilbendiň, Ýognalar biliň, bendiň, On bäşde arzuwmendiň, Gyz gerek, juwan gerek. Juwan tapdyň guçmaga, Aýş-u-aşrat açmaga, Andan soň iýp-içmäge, Bir tükenmez nan gerek. Köňlün ynjydyp halkyň, Hoşnud etseň öz hulkuň, Rum, Pereň bolsa mülküň, Heniz „azdyr“, kän gerek. Ýatsaň düşekde bimar, Yssyg etmez mal-u kär, Zer dökseň harwar-harwar, Göze ilmez, jan gerek. Doga bilen är gögär, Ýagmyr bilen ýer gögär, Är oldur–alkyş alar, Ýerlere baran gerek. Ajal geler oýda ýok, Görmek ýylda, aýda ýok, Hiç bir zatdan peýda ýok, Bir nury-iman gerek. Magtymguly, sözleýen, Niçe mahfy gizleýen, Bir magny pähim eýleýen, Akylly ýaran gerek [11, 260 sah.]. Şahyr bu setirlerinde hezreti Adam atanyň duçar edilen on belasyna ynsanyň öz aýagy bilen özi barmazlygy, dünýä maly we haram kylnan lezzetler diýip, kalp hem-de beýni gapyllygyna uçramazlygy ýaly meselelerde onuň bilen göni söhbet gurýar, ony halal çygyrly dünýä durmuşyna çagyrýar. Hezreti Adam ata üçin rowa görlen dördünji–onunjy bela-beterler bolsa Ýaradanyň adama peşgeş beren, beýni atly topraga sepen akyl zeriniň işi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bela-beterler ynsana her bir edilen işiň, sözlenen sözüň soňuny saýmaklyk, pähimiňi durlamaklyk, paýhaslanmak ýaly ýaşaýyş-durmuş sapaklaryny berýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýokardaky şygrynda öňe sürülýän ideýalarda hezreti Adam ata berlen on belanyň ählisi diýen ýaly öz çeper beýanyny tapypdyr. Şygyrda asly päk adamzadyň bilime, Kuran ylmyna suwsamaklygy ýaly ajaýyp duýgulary, juwanlyk söýgüsiniň, aşyk-magşuklyk derdiniň, iýmek, içmek, münmek, guçmak, nebis, maddy zatçyllyk duýgularynyň ömür basgançaklary, olaryň ahyry azaply ýollary kesgitlenilipdir. Şahyr tereziniň bir tarapynda haramylyk bilen ýyglan, köpeldigisaýy az görnen, hiç bir nepi degmeýän harwar-harwar maly, ölmeziňden burun soraşman gelýän hassalygy, duýdansyz gelýän ajaly goýmak bilen, ikinji tarapynda nury-imany ýerleşdirýär. Dogry ýoly saýlamaklygy okyjynyň özüne goýýar. Bu şygyrda öňe sürülýän ideýalarda ony pähim eden ynsana özüniň iki dünýäsiniň abat bolmaklygy üçin dürs ýoly saýlamalymy ýa-da kalp gapyllygy bilen göre-bile ters ýola düşübermelimi diýen soraglara takyk jogaplar bardyr. Elbetde, ynsanperwer şahyr adamlary dogry, halal ýola ündeýär. Emma ynsanogly bolsa durmuşda şol bir gaýtalanýan säwliklerden we nogsanlardan saplanyp bilmän gelýär. Hezreti Adam atanyň duçar bolan belalary bilen hezreti Howa enäniň nähili dahylynyň bardygyny seljerip göreliň. Eýsem, onuň gönüden-göni dahyly bardyr. Çünki hezreti Adam atany hezreti Howa ene ýalňyşdyrýar. Hezreti Howa ene bolsa Allatagalanyň dergähinde ýalan söz bardyr hem öýtmeýänligi üçin ýylanyň hemaýaty arkaly, ozal jennetden kowlan, soňra bolsa al-hile bilen jennete gaýtadan giren, abraýlyka ady–Azazyl perişde bolan, hezreti Adam ata sežde etmänligi üçin beýik Allanyň näletini gazanyp, soňra eýe bolan ady–Iblisiň sözlerine yrylýar. Şu ýagdaýdan soňra jany ýanan hezreti Adam atanyň agyr namys astynda galyp, özünden soňky nesillerine „Hergiz hatynyň gepine gitmäň!“ diýip eden sargydy bardyr. Zenana bolan nägilelik häsiýetine eýe, bu kembaha garaýşy oňa berlen absolýut baha hasaplamak bolmaýar. Zenan üçin bu baha otnositeldir. Çünki ýagşy gylyk-häsiýetli zenanlar bu galyba we ölçege sygmaýar. Durmuş hakykatynyň şu ýokardaka meňzeşräk başga bir tymsaly babatynda Magtymguly Pyragynyň „Baş bolmaň!“ atly şygrynda: Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler, Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň! Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz, Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň! [11, 83 sah.] –diýlip, durmuşy häsiýetli hakykatlar ýokardakydan biraz başgarak röwüşde beýan edilýär. Emma akyldar şahyr bu ýerde diňe pis hatyn barada pikir ýöredýär. Ilkinji ýaradylan adamlardan beýläk geçen ençeme taryhy eýýamlardan bäri, türkmen halkynyň atalarynyň biri, ilkinji mugallymy, ozany, kethudasy Gorkut atanyň öz sözüniň ilki başyny dünýä zenanlaryny ýagşy we ýaman hatyn diýip bölmekden başlamagy hem ýöne ýerden bolmaly däl. Gorkut ata zenan baradaky pikirini örän anyk aýdýar. Ol ýagşy hatynyň ýeke-täk bir sany nusgasyny, ýaman hatynyň bolsa üç hili mysalyny durmuş esasly deňeşdirýär. Ýaman hatyn babatynda nygtalan bu üç filosofiýa dünýä zenanlarynyň dörtden üç bölegi betlagam, betgylyk hatyn diýmegi aňlatmaýar. Bu pelsepe maşgalada hatyn ýamanlyklarynyň köpgörnüşliligini aňladýar. Türkmen halkynyň sözüne uýlan kethudasy–Gorkut atasy hatda ýaman hatyn babatynda „Beýle hatyn goç ýigitlere duş bolmasyn! Bu hili hatynlaryň bäbekleri örňemesin!“ diýmekden hem gaýtmaýar. Emma dünýä durmuşynyň başlangyjynda–hezreti Howa enede goýberlen ilkinji zenanyň hatasy bolsa durmuş tejribesizliginden gelip çykan ýalňyşlykdyr. Şonuň üçin ol nogsan absolýut kemçiligi däl-de, ýagdaýdan gelip çykýan otnositel hatany aňladýar. Şeýlelikde, hezreti Howa enäniň hakyky bilmezlikden Allatagalanyň permanyna tabyn bolmazlygy, pähim taýyndan bärden gaýtmalary zerarly duçar bolan on alty sany belasy şu aşakdakylardan ybaratdyr: birinji–aýbaşy ýa-da görüm we çile gany, ikinji–gursak-göwüs ýazylmaklygy, üçünji–burgy agyrysy, dördünji–maşgalabaşyly bolmaklygyň mähneti, azaby, bäşinji–maşgalabaşynyň hökümi we onuň permanynda bolmaklyk, altynjy–talakda maşgalabaşynyň ygtyýarynda bolmaklyk, ýedinji–mirasda maşgalabaşydan az zat almaklyk, sekizinji–güwälige ýaramazlyk, dokuzynjy–akylyň gysga bolmaklygy, onunjy–söweşe gatnaşmakdan mahrum bolmaklyk, on birinji–wehi-ylhamdan (wehi–Allatagalanyň gaýyby owazy) mahrum bolmaklyk, on ikinji–ymamlyga ýaramazlyk, on üçünji–juma namazyna barmazlyk, on dördünji–haýyt namazlaryna barmazlyk, on bäşinji–jynaza namazyna barmazlyk, on altynjy–patyşalykdan mahrum bolmaklyk. Netijede, Allatagala adamy bela uçratmak üçin ýaratmandyr. Onuň adama bolan söýgüsi çeniň-çakyň däldir. Hatda hezreti Howa enä „Bela berdim!“ diýip çykaran permanynyň ahyrky netijesi hem umumadamzat jemgyýeti üçin iň datly miweleriň biridir. Çünki Allatagala–ýaradyjy. Ene–dörediji. Allatagalanyň birinji, ikinji we üçünji tebigy belalarynyň azaplaryna döz geleninden soňra, hezreti Howanyň we mundan beýläkki her bir enäniň teni bilen syzyp, janyndan jan berip, ganyndan gan garyp, dokuz aý, dokuz gün göwresinde göterip, ajy-ajy burgusyny çekip, dünýä inderip, çyrçykdan alyp çykyp, günden gorap, ýelden ýelpäp, gözi bilen görüp, eli bilen tutup, dili bilen söýüp, terbiýesini taplap, belli bir kesp-käre, hünäre gönükdirip, öý edip–öýerip, çykaryp, il edip–önüp-ösmeklerine guwanyp, geçmeli ömür ýoly we eýe bolan gymmatlygy–perzent. Nesil şejeresini dowam etdirmeklik zenany mukaddesleşdirýän durmuş hakykatlarynyň iň wajybydyr we ajaýybydyr. ■ Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ýagşy zenanyň keşbi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda zenanyň dünýä durmuşynda eýeleýän möhüm orny kesgitlenilýär. Zenanyň dünýä durmuşynda eýeleýän orny bolsa onuň edep-ekramy, görki-görmegi, haýa-şerimi, aşyk-magşuklyk söýgüsine älemde nusgalyk derejede wepalylygy, ene hökmünde köpelgiçlik buýrugyna tabynlygy, gaýduwsyzlygy,sabyrlylygy, şükürliligi, çydamlylygy bilen ölçelýär. Şahyr „Gözel sen“ atly şygrynda türkmen gözeliniň tebigy keşbini janlandyryp şeýle diýýär: Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen, Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen, Yşk bilen açylan bir täze gül sen, Ýusup–Züleýhanyň taýy gözel sen [11, 47 sah.]. Şahyr tarapyndan söz bilen çekilen bu janly gözel keşp beýik Allanyň ylmyndan gözbaş alyp gaýdýar. Şygyr setirlerinde Ýusup–Züleýhanyň adynyň getirilmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi şahyryň her bir sözüniň, her setiriniň, her bendiniň, her şygrynyň many-mazmunyna düşünmeklik örän köp okamaklygy we bilmekligi talap edýär. Muňa biz şu aşakda beýik Allatagalanyň gözellik paýlanyşygynda akyl ýetireris. XIII–XIV asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ („Rabguzynyň kyssalary“) atly iki jiltlik kitaby ylmyň dury çeşmeleriniň iň wajybydyr. Bu kitapda gözellik meselesi babatynda aşakdaky ýaly maglumat berilýär. Hezreti Howa ene öz on iki süňňünden ýaradylanlygy sebäpli hezreti Adamyň oňa mähri gidýär, muhabbeti artýar. Hezreti Howa–dünýä durmuşynyň her bir meselesinde ilkinji bolşy ýaly, aşyk-magşuklykda hem söýgi bildirilen ilkinji gyzdyr. Özi hem örän owadandyr. Onuňky ýaly husny-jemal hiç bir peri-peýkerde hem bolmandyr. Çünki Hudaýtagala görki ýüz bölege bölýär. Ilkinji bölünişikde onuň togsan dokuz bölegini hezreti Adama we hezreti Howa berýär. Galan bir bölegini hem ýüz ülşe bölýär. Ikinji bölünişikde onuň togsan dokuz ülşüni hezreti Ýusup alaýhyssalama bagyşlaýar. Ondan galan bir ülşüni ýene ýüz bölege bölýär. Üçünji bölünişikde onuň togsan dokuz bölegini hezreti Muhammet alaýhyssalama we hezreti Hatyja berýär. Galan bir ülşüni bolsa bütin älemdäki adamlara paýlaýar. Netijede, daşky gözellik paýlanyşygynda ynsanogluna ülşüň ülşüniň ülşi ýeten hem bolsa–adam owadan, aýratyn alnanda, zenan owadan! Ýaradylyşda ynsanyň daşky gözelligi onuň içki dünýäsi bilen, ýagny beýni topragyna sepilen akyl atly dür bilen hem pugta baglanyşyklydyr. Bu ýerde biz zenana häsiýetli bolan utanç-haýany göz öňünde tutýarys. Ýokarda ady görkezilen kitapda berlen maglumata laýyklykda, hezreti Adam alaýhyssalam hezreti Howanyň özüne meňzeşdigini görüp, oňa köňli bilen köp höwes edýär. Hezreti Adam oňa: „Maňa ýakyn gel!“ diýýär. Emma hezreti Howa onuň sözüni kabul etmeýär. Ahyrynda hezreti Adamyň özi ýerinden turup, onuň ýanyna barýar. Erkek kişiniň hatynyň ýanyna ilki bolup barmaklygy hezreti Adam atadan galýar. Aşyk-magşuklyk, biri-biriňe göz astyndan ogryn-ogryn garamaklyk, näz etmeklik, Magtymguly Pyragynyň: Meňli hanym golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörişläp, Bizden ki uýat eýleýir [9, 98 sah.] –diýlen setirlerindäki ýaly, utanjaňlyk, haýa saklamaklyk, süýji-süýji sözleşmeklik, kesgin jogap gaýtarmaklyk, öz erkiňe ygtyýar edip bilmeklik beýik Biribaryň ylmy bilen esaslandyrylan, şeýle hem nesilme-nesil, arkama-arka dowam etdiriljek päk duýgulardyr we ajaýyp ahlak sypatlarydyr. Türkmen gözeli söýgüde hezreti Howadan miras galan bu edep kadalaryny berk saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. Beýik ynsanperwer şahyr „Gyzmaly boldum“ atly şygrynda: Ýolda ýolukdyrdym çeşmi-jadyny, Ölçerdim el çoýdum yşkyň oduny, Köňül gözgüsine ýaryň adyny, Hekkaklyk eýleýip, gazmaly boldum [11, 52 sah.] –diýip nygtaýşy ýaly, „göwün aýnasynyň ýüzünde ýarynyň adyny gazma nagyş bilen ýazanyndan“ soňra „yşka nöker bolup“, söýgülilere, söýüşmeklige hem-de söýülmeklige bagyşlap, ençeme ajaýyp liriki eserleri döredýär. Magtymguly Pyragynyň pikiriçe gelin-gyzlaryň mertebesi örän belent tutulmalydyr. Muňa şahyryň aşakdaky setirleri güwä geçýär: Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa [11, 199 sah.]. „Ýat ýagşy“ atly şygrynda real dünýä durmuşy we söýgüsi diýen ideýalary öňe sürýän şahyr goç ýigidiň kalbynda beslän üç maksadynyň biriniň ýagşy mahbupdygyny–söýen ýarydygyny, şeýle hem maşgala durmuşynda zenanyň gadyr-gymmatyny onuň gara başyna deňeýän gardaşy–bedew aty, kesgir gylyjy bilen deň derejede nygtap: Ýürek daýanjydyr ogul zürýady, Şirin mahbup erer süňňüň kuwwaty, Ýigidiň dünýäde üçdür myrady: Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy [11, 255 sah.] –diýýär. Şygyrda dünýä durmuşy baradaky nazary garaýyşlaryny dowam edip: Kim biler ki, ahyretde neýlärler, Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy - –diýmek bilen, adamlara däp-dessura, adata, medeniýetimize eýerip ýaşamagy, kadaly ynsanyýetçilik durmuşyny ündeýär. Şahyr „Ata meňzär“ atly şygrynda dünýewi söýgi esasynda gurlan maşgalanyň dünýä durmuşynda nä derejede wajypdygyny nygtap şeýle diýýär: Gardaşsyza kuwwat ýokdur, Ogulsyza döwlet ýokdur, Aýalsyza aşret ýokdur, Hoş güni hasrata meňzär [11, 172 sah.]. Berlen setirlerde dogan-garyndaşly, ogully-gyzly bolmaklyk, köpelgiçlik ideýalary öňe sürülýär. Şeýle hem jemgyýetçilik durmuşynda we maşgalada ýagşy zenanyň eýeleýän wajyp orny kesgitlenilýär. Her bir gerçek goç ýigidiň armansyz ömür sürmekligi, mynasyp söwer ýarynyň bolmaklygy, bularyň durmuşda zerurlykdygy akyldar şahyryň teswirleýän baş ideýalarydyr. Watanyň, milletiň, maşgalanyň sütüni bolup ömür süren ýigitler gartaňlyk müçesine gadam basanlarynda, soraşman gelýän kesellerde olaryň ýagşy halallarynyň öz puşt kemerinden önen perzentlerinden hem ileri bolmak ýaly durmuş hakykatlaryny beýan etmekligi akyldar şahyr nazaryndan salmandyr. „Atça bolmaz“ atly şygrynda: Başyň ýassyga ýetende, Sabyr, karar bolmaz sende, Güýjüň-kuwwatyň gidende, Ogul-gyzyň ýatça bolmaz [11, 262 sah.] –diýmek bilen, şahyr ogul-gyz we „ýatça“ atlandyrylan zenan edepleriniň maşgala ojagyndaky hakykatyny bolşy ýaly deňeşdirip janlandyrýar. Ýagşy zenanyň gowy gylyk-häsiýetleriniň şu hili durmuş öwrümlerinde äşgär bolýandygyny ykrar edýär. Netijede, zenan, ozaly bilen, maşgalabaşynyň wepaly söwer ýarydyr. Öýüň enesidir. Öýüň söýesidir. Ýigidiň ýüzüniň tuwagydyr. Milletiň ar-namysydyr. Milletiň nesil şejeresidir. Daşky gözelligi we içki dünýäsiniň päkligi utgaşan zenan jemgyýetçilik durmuşynda düri-gymmat mysaly zerurlykdyr. Käbe BORJAKOWA, filolologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |