23:09 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda mert ýigit pelsepesi | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA MERT ÝIGIT PELSEPESI
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda mert ýigit we mertlik pelsepesi ynsanara gatnaşyklarynda Watan, il-gün hem-de döwlet ýaly ykbal çözüji meseleler bilen baglanyşykly, ylmy taýdan işlenilmegi örän wajyp temalaryň biridir. Makalada mert ýigit we mertlik düşünjeleriniň akyldar şahyryň ýaşap geçen eýýamynda aňladýan manylary, şeýle hem Täze Galkynyş eýýamynda asyl manysyny saklamak bilen, onuň eýe bolan täze many öwüşginleri seljerildi. Mertligiň aýrylmaz düzüm bölekleri, wajyp hemişelik alamatlary, mert ýigit we mertlik pelsepeleriniň atalar sözi hem nakyl esaslary, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda mert ýigidiň keşbiniň janlandyrylyş usullary, mert ýigit we mertlik pelsepeleriniň häzirki zaman ähmiýeti ýaly meseleler babatynda pikir ýöredildi. Mert ýigidiň keşbi akyldar şahyryň edebi mirasynda onuň ajaýyp ideýalaryny göterijidir diýlen netijä gelindi. • MERT WE MERTLIK DIÝMEK NÄME? „Mert“ erkek adam, dogumly, gaýratly, batyr, edermen, çydamly, jomart diýmegi aňladýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň „Başy gerekdir“ atly şygryndan mysal alnan bentde: Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli, Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri, işi gerekdir [11, 100 sah.] – diýlip, ata çykan mert ýigide mahsus bolan rehimlilik, sowukganlylyk, pähimlilik, garganyňky deýin wehim salmak, durnanyňky kimin hüşgärlik, ätiýaçlylyk, hünärlilik, her bir meseleden baş çykaryp bilijilik ýaly keşpler janlandyrylýar. Ýokardaky şygryň beýleki bir bendinde: Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden, Muhannesler geçer jandan, oguldan, Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan, Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir [11, 100 sah.] – diýip nygtaýan alym şahyr Watana, il-güne, topraga, ar-namysa gezek geleninde söweş meýdanynda ýowuz duşmany bürgüt guş kimin dügüldýän, ýagny oňa ýokardan howp salýan, muhannesleriň bolsa huşuny başyndan uçurýan, olary oguldan-gyzdan, jandan geçirýän, edil goýun sürüsine böri aran deýin ýow gaýtarýan är ýigide mynasyp hemranyň–ozaly bilen, gaçsa gutarýan, kowsa ýetirýän bedew atyň, soňra bolsa mert söweş ýoldaşynyň zerurlygy baradaky ideýalary öňe sürýär. Şygyrda nöker bolup jeňe girýän mert ýigit babatynda „…Giň ýerde garga deý bolsun wehimli; gaplaň kimin arlap girse meýdana; tilki kimin bazy berse her ýana; bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden; gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan; at salanda doňuz kimin topulyp; aýy kimin asylyşy gerekdir…“ diýlen nusgawy edebiýata häsiýetli bolan „garga, bürgüt, gurt, gaplaň, tilki, doňuz, aýy…“ ýaly meňzetmeler peýdalanylýar. Edebiýaty öwreniş ylmynda we nusgawy şygryýetde batyr ýigitleriň mertligi babatynda olaryň öňünde goýlan, özi hem däp bolup gelýän talaplar bardyr. Aç böriniňki ýaly çalasynlyk, doňzuňky ýaly maksadaokgunlylyk, gara garganyňky ýaly wehimlilik (gara garga gijelerine uklamazak bolýar, uzynly gijäni gagyryp geçirýär, özüniň uklamazaklygy bilen wehim–howp salýar; şeýle hem hezreti Muhammet pygamberiň „Alty sany guşy öldürmäň!“ diýip eden sargytlarynyň arasynda garganyň ady ilkinji orunda agzalýar, çünki garga hezreti Adam alaýhyssalama golawuz–ýol görkeziji bolýar) [15, 87 sah.], durnanyňky ýaly hüşgärlik, towugyňky ýaly geplemseklik, tatar düýesiniňki ýaly namysjaňlyk (Çünki bu janaweriň gaharyny getirip, gaçyp öýe girseň hem ol köşeşmeýär, diwara urnup-urnup özüni öldürýär. Professor Mäti Kösäýewiň şahsy arhiwinden) türkmen ýigidiniň mertlik keşpleriniň aýrylmaz düzüm bölekleridir. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän mert ýigit we mertlik ideýalary her bir türkmen ýigidiniň dälilik–milli batyrlyk (Däli Domrul–Domrul batyr; ýigrimi bäşiň dälisi–ýigrimi bäş ýaşly batyr ýigit; K.B.), gerçek goç ýigitlik baýdagydyr we şygarydyr. „Mertlik“ erkek adamyň pähimliliginiň, dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň, jomartlygynyň, rehimliliginiň, hezreti Ybraýym pygamberiňki ýaly myhmanparazlygynyň [15] jemi diýmegi aňladýar; mertlik–munuň özi watansöýüjilik; mertlik–ynsanperwerlik; mertlik–dogry sözlülik; mertlik– wepalylyk; mertlik–göwnaçyklyk; mertlik–elaçyklyk… Netijede, Magtymguly Pyragynyň öňe süren mertlik ideýalary ähli eýýam üçin hem özen esas bolup, pähim-paýhas hümmetini saklap hyzmat etmeginde galmak bilen, täze-täze öwüşginlere hem eýe bolýar. Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik–munuň özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik... diýmegi aňladýar. • MERTLIGIŇ AÝRYLMAZ DÜZÜM BÖLEKLERI Mertligiň aýrylmaz bölekleri, wajyp hemişelik alamatlary–göbek ganyň daman ata Watan, agzy keramatly il-gün, gamyşganat bedew at, kesgir gylyç, „Sen dur, men öleýin!“ diýip bilýän gaýduwsyz söweş dosty (Göroglynyň kyrk ýigidi munuň ölmez-ýitmez milli nusgasydyr. Söweş dostunyň wepalylyk ölçegleri: ajyganda–azyk, hassalanda–derman, beden üçin dem bolup bilmek, söwer dostlugyň, dosta wepalylygyň hatyrasyna jandan geçijilik ýaly alamatlardan ybaratdyr. Türkmen edebiýatynyň hindi şahasyny esaslandyryjy, 1540-njy ýylda owgan şasy Şer şanyň goşuny bilen bolan söweşde Mogol şazadasy Humaýunyň goşunyna serkerdelik eden Baýram han bilen Humaýuna hormat goýýan häkim Abulkasym ikisi ýesir düşenlerinde, daşky keşplerinde meňzeşlik bolan Abulkasymyň „Ýok, bu Baýram däl, meniň hyzmatkärim“ diýmegi, Baýram hanyň bolsa „Baýram men!“ diýip, Baýramyň özüdigini subut etmäge synanyşygynyň puç bolmagy baş dostlugyň taryhy mysalydyr), köňülleriň kuwwaty bolan şirin mahbup, Watana, il-güne, ar-namysa howp salnanda dogry çözgüt edip bilijilik, döwlet gurujylyk, serdarlyk, edara edijilik, ylymlylyk, harby tälimlilik, halky Gün kibi çoýujylyk…ýaly ruhy hem-de maddy gymmatlyklary öz içine alýar. Muňa oňdengörüji akyldar şahyryň „Döker bolduk ýaşymyz“ atly şygrynda türkmen halkyna berkarar döwleti, Watanyň, il-günüň abadançylygyny rowa görüp: Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn, Çille mest nerlermiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz [11, 106 sah.] – diýen pelsepesi; ýa „Emire döner“ diýen dörtlemesinde ýurduň belli bir eýesi, adyl hökümdary bolmasa, pully we mally baý adamlaryň–arbaplaryň eýemsirejekdiklerini, şonuň üçin ülkä belli bir baştutanyň zerurlygyny ündäp: Ülkede sahyp bolmasa, Arbaplar emire döner. Üç ýyl şire uçramasa, Tilki, şagal şire döner Magtymguly, budur derdiň, Sahyby gerek her ýurduň, Şir zarbyn görmeýen gurduň, Her murty bir tire döner [11, 109 sah.]; ýa-da „Eýlediň meni“ atly goşgusynda Watany, il-güni asuda, abadan saklamak üçin döwlet gurujylyk, edara edijilik meselelerinde syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ylymlarynyň wajyplygyny nygtap: Ylmy–dünýä ata kylmaý, Malga zar eýlediň meni [11, 36 sah.] - diýmegi ýöne ýerden däldir. Çünki türkmen halkynyň ähli eýýamlarda ylym bilen beýgelenligine taryhy ruhy gymmatlyklarymyz, müňýyllyklaryň alymlarynyň edebi-taryhy dury çeşmeleri şaýatlyk edýär. 1074–1144-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç daýhan birleşiginiň gadymy Yzmykşir diýilýän orta asyrlar şäherinde doglan, Jarulla (Allanyň goňşusy) edebi tahallusly Gündogaryň görnükli alymy, türkmen halkynyň taryhynda hormatly orun eýelän akyldar, ylym ussady we şahyr Abulkasym Mahmyt ibn Muhammet az Zamahşary özüniň alty jiltlik eserler ýygyndysynda ylmyň wajyplygy hakynda „Dünýäniň ylymdan galany tümlükdir. Ylmyň amaldan galany boşdur. Amalyň yhlasdan galany puçdur“ [13, 64 sah.]–diýen pelsepesini öňe sürýär. Magtymguly Pyragy bolsa ýokardaky setirlerinde özüniň ýaşan zamanasynda ylmyň ösüşiniň pese gaçmagy bilen türkmen halkynyň asla ylalaşyp bilmejekdigini il-günüň adyndan aç-açan aýdýar. Özüniň ylma bolan nazary garaýyşlaryny meşhur alym şahyr Mahmyt Zamahşarynyň ruhunda we edebi täsirinde ýangynlylyk bilen şygyr dilinde beýan edýär. Ýene „Jan çykar“ diýen murabbagynda ähli belanyň körügi bolan ylymsyzlygy, nadanlygy ýazgaryp, köňlüne gelen nagyşlaryň, ýagny pendi-nesihatlarynyň il-güne nepi degmegine umyt baglap, nadan bilen merdi şol bir wagtyň özünde parallel janlandyryp: Köňlümge gelgen nagyşlar gözlerge peýda bolsa ger, Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar [11, 37 sah.] – diýýär. „Ýar senden“ atly şygrynda Watana gezek geleninde milli gahrymanymyz Göroglyny nusga görkezip: Şerap içip, serhoş bolup, segresem, Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam, Görogly dek dagdan-daga ugrasam, Ýa, Reb, habar bilerinmi, Ýar senden [11, 38 sah.]; „Dert oldy“ diýen dörtlemesinde bolsa adamyň ýaradylyşy boýunça aslyna çekýänligini, mert ýigitden mert äriň döreýänligini, soňra atadan göreniň söwüş soýýanlygyny, eneden göreniň bolsa supra ýaýýanlygyny, ýagny nesle berilýän tälim-terbiýäniň ähmiýetini nygtap: Magtymguly, ýüregimde dert dörär, Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär, Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär, Kaçan turdy–namart ogly mert oldy [11, 51sah.]; ýa-da „Gidiji bolma“ atly murabbagynda adamyň asly gelip çykyşy, onuň synag bilen tanalýanlygy meselelerini düýpli işläp: Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk, Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk, Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk, Ýüwrükni çamanga satyjy bolma! [11, 95 sah.]; ýene „Ýat ýagşy“ diýen şygrynda mert ýigidiň mertlerçe ömür sürmeginde ýagşy zenanyň eýeleýän ornuny kesgitläp: Ýürek daýanjydyr ogul zürýady, Şirin mahbup erer süňňüň kuwwaty, Ýigidiň dünýäde üçdür myrady: Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy [11, 255 sah.] – diýip beýan eden ideýalary güwä geçýär. Bu günki gün ady gaýtadan äleme dolan ahalteke bedewiniň asly gelip çykyşy hakynda ylmy esasly maglumat bermegi makul bildik. Munuň üçin bolsa biz Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ („Kysasyl enbiýa“) atly kitabyna ýüzlenýäris. Dünýäniň ýyndam atlarynyň, şeýle hem ýyndamlykda, gözellikde, gylyk-häsiýetde arap, iňlis atlaryndan has rüstem gelýän ahalteke bedewiniň ata-babalary argymak atlardyr. Ahalteke bedewi argymak atlaryň tohumyndan ýaýrandyr. Argymak atlar diýmek–ganatly atlar, hakykatdan hem, tizligi babatynda çeper keşpli aňladylanynda uçýan atlar; ýyndam atlar, ýüwrük atlar; hem pygamber, hem-de patyşa hezreti Süleýmanyň münen aty diýmegi aňladýar. Magtymguly Pyragy argymak atyň ýüwrükligini beýan edip, özüniň „Gidiji bolma“ atly şygrynda: Itniň balasyny tula azdyrar, Hojasy geçirer, bende ýazdyrar, Argymak balasy bara ozdurar, Bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma [11, 97 sah.] –diýýär. 1275–1340-njy ýyllarda Horezm sebitlerinde ýaşap geçen türkmen alymy Nasyreddin Rabguzy özüniň horezm oguz-türkmen dilinde ýazylan ýokardaky kitabynda argymak atlar hakynda ygtybarly hekaýat getirýär. Ygtybarly diýip baha bermegimize akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň „Atly, ýaranlar“ diýen şygrynda: Depderler içinde bir kitap gördüm, „Kysasyl enbiýa“ atly, ýaranlar! Hezreti Ýusupny beýan eýläli, Kyssasy şekerden datly, ýaranlar [12, 5 sah.] – diýip, özüniň ürç edip okan bu kitabyna berýän ýokary bahasy, şeýle hem ol kitabyň ýüzýyllyklaryň synagyndan geçip, ynsanlary ajaýyp ahlaga çagyrmakda hyzmat edip gelýänligi güwä geçýär. Durmuşyň jöwher pikirleri tymsallara, hekaýatlara we rowaýatlara siňip, özüne baky ömür gazanýar. „Kysasyl enbiýadaky“ şeýle hekaýatlardan birinde: «Bir gün hezreti Süleýman alaýhyssalam bir tarapa atlanýar. Ol Kawan adasyna baryp ýetýär. Bu ýerde otlap ýören atlary görýär. Olaryň iki tarapynda ganatlary bar eken. Hezreti Süleýman bu atlary tutmaga meýil edýär. Atlar hezreti Süleýmany görüp, howa uçup gidýärler. Hezreti Süleýman muňa haýran galýar. Entek hiç kim onuň ýaly at görmändi. Hezreti Süleýman ol atlara höwes edip galýar. Şol gün ol öýüne dolanyp gelýär. Kawus atly bir döw bolýar. Hezreti Süleýman Kawusy çagyryp, oňa: „Men Kawan adasynda müň sany ganatly at gördüm. Ol atlardan birini maňa tutup getirseň“ diýýär. Kawus: „Eý, patyşahy älem! Men ol atlary tutup bilmeýärin. Samdun diýen bir döw bardyr. Ol Iblisiň (arapça Iblis–näumyt; Allanyň rehmetinden umytsyz) perzentlerindendir. Ine, şol tutup biler. Emma ol size garaşly däldir“ diýýär. Hezreti Süleýman: „Ol döw nirededir?“ diýýär. Kawus: «Siz birnäçe gün hassa bolan boluň. Biz: „Süleýman tapsyz“ diýip gep ýaýradarys. Birnäçe günden soň „Süleýman öldi“ diýsinler. Samdun meniň sözümden başga hiç kimiň sözüne ynanmaýar. Siz maňa ýüz döw beriň. Olar bir ýerde busup otursynlar. Men ýeke özüm onuň ýanyna baraýyn. Seniň ölümiň baradaky ýalan gürrüň iliň içine ýaýylsyn. Ol habar bize hem gelip ýetsin. Samdun bize gelip, bu habar barada sorasa, men ony tassyklaýyn. Ondan soň men ony al bilen döwleriň busup ýatan ýerine getireýin» diýýär. Hezreti Süleýman Kawusa ýüz döw berýär. Hezreti Süleýman gaty hassa bolan bolýar. Döwler onuň tapsyzlygyny äleme ýaýýarlar. Samdun bu habary eşidip: „Men bu habary takyklaýyn“ diýip çykýar. Kawus Samduny gözläp, onuň ýanyna gelýär. Samdun oňa: „Eý, Kawus! Bu nähili habardyr?“ diýýär. Kawus: „Eý, Samdun! Biz Süleýmandan gutuldyk“ diýýär. Samdun begenýär. Kawus: „Eý, Samdun! Süleýman öldi. Hemme döwler, periler ondan gutuldylar. Biz ol ýere baryp tomaşa edeli!“ diýýär. Kawus Samduny yzyna düşürip, döwleriň busup oturan ýerine alyp gelýär. Ýüz döw ýerlerinden çykyp, Samduny basyp tutýar. Ony hezreti Süleýmanyň ýanyna alyp gelýärler. Samdun hezreti Süleýmandan gaty gorkýar. Hezreti Süleýman: „Eý, Samdun! Indi sen meniň goluma düşdüň. Sen indi näme alaç edersiň?“ diýýär. Samdun: „Sen Allatagalanyň pygamberisiň. Seniň meni gynamaga-da, ýalkamaga-da hakyň bardyr“ diýýär. Hezreti Süleýman: „Men bir şert bilen seniň günäňi geçeýin. Men Kawan adasynda ganatly atlary gördüm. Olar meni görüp howa uçdular. Sen olary tutup, maňa getirip ber“ diýýär. Samdun: „Sen maňa müň döw, müň batman (1 batman–16 kg) ýüň, müň küýze suwa meňzeýän çakyr ber. Onsoň men olary tutup getirip bereýin“ diýýär. Hezreti Süleýman: „Eý, Samdun! Sen bu zatlary näme edersiň?“ diýýär. Samdun: „Ýüňleri çeşmeleriň gözlerine dykdyraryn. Ol müň döwe bulaklaryň suwuny çykardaryn. Çakyry suwuň deregine guýduraryn. Atlar suwa gelseler, çäresiz suw ornuna çakyr içmeli bolarlar. Olar mes bolarlar. Onsoň men her döwe bir at tutduryp, olary siziň ýanyňyza alyp gelerin“ diýýär. Hezreti Süleýman Samdunyň soran zatlaryny berýär. Samdun ol ada baryp, çeşmeleriň gözlerine ýüň dykdyrýar. Bulaklaryň suwlaryny çykardýar. Suw ýerine çakyr guýdurýar. Ol atlar teşne bolup, suw içmäge gelýärler. Olar çakyryň ysyny alyp, ony içmeýärler. Başga ýerden suw gözleýärler, tapmaýarlar. Atlar yzyna gaýdyp gelýärler we alaçsyz çakyrdan içýärler. Olar mes bolýarlar we uçup bilmeýärler. Samdun müň döw bilen gelip, olary tutup, hezreti Süleýmana getirip berýär. Ol wagt hezreti Süleýman öýle namazyny okap oturýar. Namazdan soň oňa atlaryň getirilenligini habar berýärler. Ol Asyf bin Berhyýa ýüzlenip: „Maňa atlary görkez!“ diýýär. Aýat: „Ikindi namazy wagtynda Süleýmana argymak atlary görkezildi“. Hezreti Süleýman atlary görüp hoşnut bolýar. Ol atlara güýmenip, ikindi namazyny unudýar. Namazyň wagtynyň ötendigi onuň ýadyna düşýär. Ol namazyny kaza edýär. Ony namazdan daşary wagtda okaýar. Onuň muňa gahary gelip, dokuz ýüz atyň aýak-boýnuny çapýar. Aýat: „Men argymagyň höwesini Taňrymyň zikrinden artyk görüpdirin, hatda Gün hem perdäniň aňyrsyna ýaşyp gidipdir“. Aýdypdyrlar: Ikindi namazy kaza bolýar. Hezreti Süleýman Allatagala ýalbaryp (Aýat): „Maňa Güni yzyna gaýtaryp beriň!“ diýip dileg edýär. Perişdeler Güni yzyna gaýtaryp, edil ikindi wagty ýaly edip goýýarlar. Hezreti Süleýman ikindi namazyny wagtynda okaýar. Onsoň ol çapan atlarynyň ýanyna barýar. Aýat: „Olaryň aýaklaryny we boýunlaryny sypalamaga başlady“. Hezreti Süleýman bu atlaryň etini adamlara sadaka berýär. Hezreti Süleýman galan ýüz aty Asyf bin Berhyýa ibn Hinukime tabşyrýar. Dünýäniň ýyndam atlary olardan ýaýrady» [15, 115–117 sah.]. Ýokarda argymak atlar hakynda beýan edilen hekaýatda berilýän maglumatlaryň dogruçyllyk ýagdaýy iki ygtybarly esasa daýanýar: birinjiden, „Ikindi namazy wagtynda Süleýmana argymak atlary görkezildi“ diýlip güwä geçilýän Kurany Kerim aýadydyr; ikinjiden, türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň özüniň hekaýatyň ahyrynda „Dünýäniň ýyndam atlary olardan ýaýrady“ diýip çykaran akyl netijesidir. Bu günki gün bolsa bedew atlarymyza mukaddesligiň nyşany hökmünde garalýar. Garaşsyzlyk eýýamynyñ oñony bedewdir. • MERT ÝIGIT WE MERTLIK PELSEPELERI NAKYLLARDA HEM ATALAR SÖZÜNDE Müňlerçe ýyllaryň dowamynda adam durmuşynyň tejribe eleginden syzylyp çykan, kemsiz sünnälenen, pähim-paýhasyň önümi bolan, ynsana ruhy taýdan hyzmat eden, hyjuwly, ötümli, terbiýeleýji, oýlandyryjy, many-mazmunynyň dogruçyllygy zerarly süýji hem ajy ýylgyrdyjy nakyllarda, atalar sözünde mert ýigit, mertlik temasy özüne düýpli orun alypdyr. Nakyllar we atalar sözi türkmen ogullaryny „mert, jomart, batyr, är, ýigit, mert ýigit, är ýigit, goç ýigit, gerçek ýigit, ýagşy ýigit...“ diýen dürli atlar bilen atlandyrýar. Mert ýigidiň nusgalyk gylyk-häsiýetlerini, söz urşuny, sosial-durmuş, ruhy-psihologik ýagdaýlaryny, ýaşaýyş kanunlaryny, batyrlyklary bilen baky ömür gazanandyklaryny, taryha girendiklerini, „Bir başa–bir ölüm“ pelsepesine eýerip, ýaşaýyş bilen ölüm arasyndaky söweş hereketlerini, il arasyndaky mertebesini, il-günüň olara bolan ynamyny, merde gapma-garşy–namardyň, gorkagyň ýazgarylyşyny, şonuň bilen birlikde wagyz-nesihata laýyk ähli taraplaryny–ömürlik ýoldaşy bolan söweş enjamlaryny–kesgir gylyjyny, galkanyny, ýüwrük atyny, ilini, ýurduny pähim dili bilen janly hem-de täsirli beýan edýär. Muny şu aşakda mysal alnan nusgalarda aýdyň görmek bolýar: Batyr başdan aýrylar, ýüwrük–aýakdan. Batyr bir öler, gorkak müň öler. Batyr köpde ýow (ýagy) gaçar, pähim köpde–daw (dawa). Batyr ölse, ady galar, baý ölse–zady. Batyr–sada, är–gödek. Batyr söweşde belli, gorkak–öýde. Batyr söweşde belli, jomart–aşda. Batyr söweşde, ýüwrük çapyşda belli. Batyr sypaýy gerek. Batyr ýaragsyz bolmaz. Batyr ýarasyz bolmaz. Batyra batyr diýmezler, jan saklana batyr diýerler. Batyra ok kär etmez. Batyra ýarag ne hajat. Batyra-da jan gerek. Batyrdan ölüm hem eýmenermiş. Batyrlyk bilekde däl, ýürekde. Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi, ýamany ýaman eden gara ýürek, dilegi. Batyry men-menlik öldürer. Batyryň aýybyny aýtmazlar, ýaşyryn syryny ýaýmazlar. Batyryň endişe bilen işi ýok. Batyryň-da jany iki däl. Batyryň ýumrugy-da ýarag. Baýlyk bir guraklyk, batyrlyk bir– dokluk. Bedew atlar semiz bolar, Goç ýigitler tämiz bolar. Eger her kim gorky etse janyndan, Aýrylmasyn aýalynyň ýanyndan (Seýitnazar Seýdi) Är göreşde belli, batyr–söweşde. Äri ar öldürer Äri namys öldürer, aty–gamçy. Äriň işi il bilen. Är namysy–il namysy. Är ogly ar üçin gerek. Är öýde doglar, söweşde öler. Är ýeňlip gola düşer, guş ýeňlip–tora. Är ýigidiň gadyryn atasy bilmez, il biler. Är ýigidiň göwnünde eýerlenen at durar. Är ýigit özi üçin dogar, ili üçin öler.. Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz, Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz (Magtymguly Pyragy) Galkan ýigide galadyr, tilsimin bilmese, beladyr. Goç ýigidiň ýagşysy köp diňlär, az sözlär. Goç ýigit söweşde belli. Görogly beg baýlyk toplap, tüçjar baý bolup, halkynyň kalbyna girip giden däldir (Ruhnama). Görogly beg Gyratyny sürüp, göni taryha girip gidendir (Ruhnama). Güýçliniň gepi mamla. Güýçliniň gül ysy bar. Gylyç dakynandan, at münenden ätiýaç et. Gylyç göteren gylyçdan öler. Gylykly är han görner. Hünär–akar bulak, ylym–ýanar çyrag. Hünärli ýigit hor bolmaz, Dost-duşmana zar bolmaz. Hünärli ýigit–miweli agaç. Hünärli zor, hünärsiz hor. Il agyrysyn är götär. Il bar ýerde är bar, är bar ýerde il bar. Il başyna düşen är başyna düşer. Ile garylsaň, är bolarsyň. Ilden aýrylsaň, ýer bolarsyň. Ilki–kär, soňra–ýar. Il umydyn är haklar, är şöhratyn il saklar. Işi ýoguň aşy ýok. Işlän–dişlär. Jomart berende husyt öler. Jomart berer, namart gysganar. Kemallyk gyldan inçe. Kim mert–gaharyny ýuwdan mert. Merde bar-a, merde bar, göç-de täze ýurda bar, Dok diýip tilkä barandan, aç-da bolsa gurda bar. Merde berseň aşyňy, düzlär seniň işiňi, Namarda berseň aşyňy, gowga goýar başyňy. Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler. Merdi magtasaň-da mert, namardy magtasaň–dert. Merdiň sözi ýeke, namardyň özi ýeke. Mert berip guwanar, namart–alyp. Mertde mähir bolar, namartda–gahar. Mert özünden görer, namart–ýoldaşyndan. Mert söweşde belli, dana–geňeşde. Mert ýigitler saçak açar–a:t alar. Mätäçlik merdiň elin baglar. Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr (Magtymguly Pyragy). Namarda işi düşmedik, merdiň gadyryn bilmez. Namarda mätäç etmesin. Namarda zar bolandan gara derýa gark bol. Namart aş üstünde arlar, mert–söweşde. Namart aýyp gözlär dogan ilinden. Namart dostdan dana duşman ýagşydyr. Namart sözün jomart diňlemez. Öz ýurduň–dogran, keseki ýurt öweý eneň. Pähimsiz batyr gola düşer. Sogany mert artsyn, käşiri–namart. Taý ata ýetirer, at–myrada. Umyt–güýç, güýç–ynanç. Ümi bilse är ölmez. Wada beren her äriň wepasy bardyr öýleme. Ylymly ölmez, ylymsyz gülmez. Ýagşy adam ýatdan çykmaz. Ýagşydan ýamanlyk çykmaz. Ýagşy il gamyn oýlar, ýaman öz gamyn. Ýagşy ili bilen magtanar, ýer käni bilen. Ýagşy ýigit deňi bilen. Ýagşy ýigit–ile ortak. Ýagy gaçdy–batyr köpeldi. Ýagy ýok-da–hemme batyr. Ýalançy–Taňrynyň duşmany. Ýaman ýoldaş ýowa aldyr. Ýa mert bol, meýdana git, ýa merdiň hyzmatyny et. Ýaş–otuz, akyl–guduz. Ýigide müň dürli hünärem az. Ýigidi ar öldürer, düýäni–serwer. Ýigidi dostundan tana. Ýigidiň aýagynyň astynda at ynjamaz. Ýigidiň bar baýlygy dosty. Ýigidiň görki aty bilen ýaragy. Ýigidiň özüne garama, sözüne gara. Ýigidiň saýasynda ýigit uklar. Ýigidiň sözi–ýüregiň dogany. Ýigidiň ýedi görgüsi bar. Ýigit diýerler–janyn gidär, jomart diýerler–malyn gidär. Ýigit görki–at-ýarag. Ýigit oldur zamana saz (bap) bolsa. Ýigit sözi bir bolar. Ýigit ýigidiň aýnasy. Ýolbars ýaly batyr bol, tilki ýaly hilegär. Zähmet soňy–rehnet (rahat) [7]. • MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA MERT ÝIGIDIŇ KEŞBI Är ýigidiň ilkinji nusgalyk keşbi akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öz keşbidir. Şahyr dünýä ogullaryny, ozaly bilen, özüniň öňe sürýän gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ar-namyslylyk...ýaly ideýalary arkaly terbiýeleýär. Şahyr özüniň bu ajaýyp ideýalaryny halk köpçüligine çeper diliň, çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy mert ýigidiň gahrymançylykly söweş hereketlerinden doludyr. Çünki mert ýigidiň, ozaly bilen, Watan, il-gün, ar-namys ugrundaky söweş hereketleri, ondan soňra bolsa onuň edýän her bir durmuşy hereketleri gahrymançylyga ýugrulandyr. Adamyň ýokary derejeli ynsanperwerlik, jomartlyk, dogruçyllyk, myhmanparazlyk... ýaly gylyk-häsiýetleri onuň mundan beýläkki gazanjak ýeňişleriniň, şeýle hem il-güne ýetirýän oňyn täsiriniň açary bolup hyzmat edýär. Şahyryň mert ýigit keşbinde hereket edýän liriki gahrymany Watan, il-gün, ar-namys ugrunda bolan söweşlerde türkmen halk pähiminde janlandyrylyşy ýaly „Ölsem–şehit, öldürsem–kazy“ diýlen ideýa bilen ýaşaýar. Şahyryň öňe süren mert ýigit pelsepeleriniň baş maksady–mertlere we mertlige daýanyp, özbaşdak türkmen döwletini gurmak, belli bir döwlet baştutanly bolmak, agzybirlik, asudalyk, abadanlyk, ylymlylyk, ajaýyp ahlaklylyk, „Syr saklagan mähek daşyna“ öwrülmek, ynsanyň möhümini bitirmek, ýagny ýüzüne urmazlyk, mömine yza bermezlik... ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň üsti bilen syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri gazanmaga gönükdirilendir. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda mert ýigidiň waspy ýetirilip, „Alan ýagşydyr“ atly şygrynda: Hataryň görküdir maýalar, nerler, Ilimiň kuwwaty merdana ärler, Ýalançy taňrynyň duşmany diýrler, Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr [11, 167 sah.] – diýlip, mert ýigide il-günüň sütüni, söýesi hökmünde garalýar. Olara ynam-umyt bildirilýär. Olaryň gerdenine uly jogapkärçilik ýüklenilýär. „Ýar gerekdir“ diýen şygrynda: Ýigit oldur–ýurt üstünde, Janyn berse din üstünde, Goç ýigitler il üstünde Namys bilen ar gerekdir [11, 118 sah.] – diýlip, mert ýigidiň baş mertlik ölçegi bolan ar-namyslylyk ideýasy öňe sürülýär; „Dert oldy“ atly şygrynda: Magtymguly, ýüregimde dert dörär, Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär, Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär, Kaçan turdy–namart ogly mert oldy [11, 51 sah.] - diýlip, adamyň gelip çykyş aslynyň iň wajyp meseledigi nygtalýar. Akyldar şahyryň „Gidiji bolma“ diýen şygrynda: Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk, Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk, Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk, Ýüwrükni çamanga satyjy bolma! [11, 95 sah.] – diýlip, adamyň asly gelip çykyşy hakyndaky ideýa esaslandyrylýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň mert ýigidiň keşbini janlandyrmakda özboluşly edebi aýratynlygy bardyr. Onuň mysallaryny „Salar guşun aňlamaz“, „Sazyna degmez“ ýaly şygyrlarynda görmek bolýar. „Salar guşun aňlamaz“ diýen şygrynda: Magtymguly, beg ýanynda til başlar, Gylyjy, gaýraty bolan il başlar, Mertden dogan ýygyn görse, ýol başlar, Namart ogly deňin-duşun aňlamaz [11, 136 sah.] – diýip, mert bilen namardyň ikisini şol bir ýerde parallel deňeşdirip göz öňüne getirmek edebi uslybyndan peýdalanýar. Bu ýerde „Mert ýigit kim? “, „Namart nähili adam?“ diýlen soraglara takyk jogap berlip, janly keşp döredilýär. „Sazyna degmez“ atly şygrynda: Muhannesiň bolmaz namysy-aňy, Bir söweş gününde eýlemez jeňi, Aga-begler muhannesiň on müňi Mert ähliniň alty ýüzüne degmez [11, 192 sah.] – diýlip, takyk aýratynlyk bilen merdiň we muhannesiň keşbi deňeşdirilip janlandyrylýar. Otrisatel häsiýetli muhannese antipatiýa bildirilip, tutuş adamzadyň ajaýyplaşmagy üçin esas bolup hyzmat edýän mert ýigit ideýasy öňe sürülýär. Akyldar şahyryň milli filosofiýasy mert ýigidiň keşbinde öňe sürýän ideýalarynda jemlenýär. Akyldar şahyryň edebi mirasynda mert ýigidiň keşbi onuň ideýalaryny göterijidir. „Mert ýigit söweşde belli“ diýlen ideýa bolsa Magtymguly Pyragynyň mert ýigit keşbini döredeninde öňe süren baş maksadydyr. Mert ýigide häsiýetli bolan mertligi dürli ugur, usul, dürli çemeleşme bilen işlän Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň medeniýetinde uly rol oýnaýan myhmanparazlygy hem mertlikden nyşan diýip esaslandyrýar. Şahyr „Meýdan ýoluksa“ diýen şygrynda: Magtymguly, öwüt bergin söz bilen, Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen, Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, Namart özün gizlär myhman ýoluksa [11, 101 sah.] – diýýän bolsa, myhmanparazlyk ideýasyny mertlik bilen ýanap, biraz başgarak röwüşde „At ýanynda bellidir“ atly şygrynda: Bu jahandan doýmaz gözüň, sir bolmaz, Her tilkiden ýolbars bolmaz, şir bolmaz, Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz, Goç ýigitler myhmanynda bellidir [11, 130 sah.] – diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragynyň mert ýigit we mertlik barada öňe süren ideýalarynda türkmen halky üçin mähir-muhabbet, ýylylyk duýulýar. Bu bolsa şahyryň eserlerini çuňňur halky häsiýete eýe edýän baş alamatlaryň biridir. • MERT ÝIGIT, MERTLIK PELSEPELERINIŇ HÄZIRKI ZAMAN ÄHMIÝETI Magtymguly Pyragynyň mert ýigit pelsepesini aňlanlar, oňa eýerenler we ony amal eden ýaş nesiller öz göbek gany daman ataWatanyny, ene topragyny, il-gününi dilinde däl-de, eýsem kalbyndan söýerler. Häzirki zaman ylmynyň, tehnologiýanyň ýokary depginler bilen ösýän eýýamynda mert ýigit we mertlik ölçegleri täze röwüşe eýe boldy. Eýýamymyz ylym we onuň amaly eýýamyna öwrüldi. Eýýam bilen aýakdaş ýaşamagyň özi hem ynsanlardan mertligi talap edýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda nesil terbiýesi „Türkmenistanda döwlet başlangyç hünär bilimi edaralary hakynda“ we „Türkmenistanda döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda“, şeýle hem „Türkmenistanda döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 11606-njy Karary bilen tassyklanylan Düzgünnamalara laýyklykda, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhümi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesliň, talyplaryň ylym-bilimi, geljegi hakynda düýpli tagallalar etmek bilen bir hatarda: „Ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna hem käbir belliklerimi aýtmakçy. Ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň aňynda Watana bolan duýgy, oňa bolan söýgi, watançylyk terbiýesi örän pes ýagdaýda. Munuň özi talyplaryň okuwa gatnaşygynda-da, köpçülik işlerine gatnaşyklarynda-da, jemgyýetde özlerini alyp baryşlarynda-da mese-mälim duýulýar. Talyplar ýurdumyzyň syýasy-ykdysady durmuşynda bolup geçýän täzeliklerden, wakalardan bihabar galýarlar. Biziň soňky döwürde kabul eden strategik maksatnamalarymyz, dürli pudaklary ösdürmäge goýberen milliardlarça dollarlyk serişdelerimiz, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin döwlet tarapyndan uzakmöhletleýin ýeňillikli berilýän karz pul serişdeleri we beýlekiler barada olar hiç zadam bilenok. Biz bularyň ählisini diňe ýaşlar üçin edýäris. Şuny nazarda tutup, ýokary okuw mekdeplerimizde häzirki zaman türkmen jemgyýeti, onuň ösüş aýratynlyklary, kanunalaýyklyklary barada gürrüň berýän sapagyň girizilmegini ýerlikli hasap edýärin“ [3, 47–48 sah.]–diýip, ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde adalatly talaplar goýýar. Netijede, nesillerimiz Ýer ýüzünde otluçöpüň ýekeje çöpüniň hem mugt berilýän ülkesini tapyp bolmaýan dünýäsinde, mugt gazyň, mugt suwuň, mugt elektrik energiýasynyň, mugt duzuň, az üpjünçilikli maşgalalar üçin mugt unuň, awtoulag üçin berilýän mugt ýangyjyň, ýaşaýyş jaýy, şeýle hem aragatnaşyk serişdeleri üçin mugtuň bäri ýany ujypsyz tölegi bolan Garaşsyz ýurdunyň tozuny gözlerine sürme ederler; döwlet diliniň gadyryny bilerler; al-asmanda pasyrdaýan Döwlet Baýdagyny öpüp, maňlaýlaryna sylarlar; Watan öňündäki harby gulluk borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirerler; ylymly bolarlar; juwan wagty döwlet orta we ýokary hünär bilimini alarlar; wagtynda öýlenerler, durmuş gurarlar, öý-il bolarlar, nesil örňederler, bu meselede ata-enäniň gerdeniniň ýüküni ýeňlederler, olara bagtyýar garrylyk eçilerler; kämil çykarlar; bagtyýar ýaşarlar; ylmyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýüze çykýan täze tehnikany, tehnologiýany, şeýle hem täze tehnikanyň we tehnologiýanyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmegi görnüşinde döreýän innowasiýany ele alarlar; dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylmy, tehnologiýa, doganlyk-dostluk hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrarlar. Käbe BORJAKOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |