23:30 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda TOBA pelsepesi | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA TOBA PELSEPESI
Magtymgulyny öwreniş
• TOBA DIÝMEK NÄME? Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde toba–bir zadyň bolanyna, edilenine boýun bolmak, kaýyl bolmak, gaýtmyşym diýmek ýaly manylary aňladýar [19, 651 sah.]. Toba–toba etmek işliginden emele gelen atdyr. Edebiýaty öwreniş ylmy nukdaýnazaryndan toba sözi asly tawbe ﺘﻮﺒﻪ – diýen arap sözünden bolup, yza dönme; puşman etme, päliňden gaýtma, günä işlerden el çekme, Allatagala ýüzlenme, dogry ýola düşme; eden günä (ýazyk, etmiş) we gabahat (ýaramaz, hapa iş, erbet hereket) işleriňe puşman etme ýaly manylarda ulanylýar. Kurany Kerimde, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda toba sözi köp ýerde gabat gelýär. Kurany Kerimde „Toba“ atly ýörite süre bardyr. Edilýän tobanyň, haýyr-yhsanyň, tagat-ybadatyň, berilýän sadakanyňÝaradanyň dergähinde kabul bolmaklygy wajyp meseledir. Şonuň üçin hem giňden ulanylýan „Tobamy kabul et! Namazyňyz kabul bolsun! Sadakaňyz kabul bolsun!..“ diýlen aňlatmalaryň, alkyş-dilegleriň türkmen halkynyň arasynda mäkäm orun almaklygy ýöne ýerden dörän hakykat däldir. Ynsanyň tobasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmaklygy şu aşakdaky üç ýagdaý bilen şertlendirilýär: 1) toba edýän adamyň, ýagny towwabyň akyly ýerinde bolmalydyr; 2) eden tobasyna soňra puşman etmeli däldir; 3) günä işlerden el çekjekdigini pugta ýüregine düwmelidir [14, 842 sah.]. Toba pelsepesi orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň şygryýetinde arap, pars, türkmen, türk, urdu we beýleki dillerde sopuçylyk ideýalaryny öňe sürmekde has giň manyda ulanylýar. Sopuçylyk edebiýatynyň wekilleri bolan alym şahyrlar toba pelsepesini asyllylyk, adamkärçilik ideallaryna eýerip ýaşamaklygyň, şahsyýete hormat goýmaklygyň, öz-özüňi kämilleşdirmekligiň, Allatagala ýakynlaşmaklygyň, Onuň didaryny görmeklige ymtylmaklygyň, hakyky bolşuň ýaly görünmekligiň ýa-da görnüşiň ýaly bolmaklygyň, ýasamalykdan, göz üçin ýaşamakdan el çekmekligiň, päliňden gaýtmaklygyň, zulumy inkär etmekligiň, hakyky manysyndaky tobanyň serişdesi hökmünde peýdalanýarlar. Senaýy (XI–XII asyrlar), Attar (XII asyr), Jelaletdin Rumy (XIII asyr), şeýle hem Nyzamy, Hapyz, Jamy, Jahanşa Hakyky ýaly şahyrlar öz ahlaky-didaktik häsiýetli eserlerinde toba pelsepesi bilen mazlumyň halyny gorap çykyş edýärler. ■ TOBA PELSEPESI GADYMY ÇEŞMELERDE Gadymy we orta asyr edebi-ylmy ruhy hazynalarymyzda jemgyýetde ýüze çykýan nogsanlara toba pelsepesi bilen zarba urulýar. Maddy dünýäde ýaşamaklygyň many-mazmuny, kada-kanunlary baradaky hakykat sopuçylyk nukdaýnazarlaryndan düşündirilýär. „Oguznama“, „Gorkut ata“, „Görogly“, „Diwany lugati-t türk“, „Kysasyl enbiýa“ ýaly ýazuw ýadygärliklerimizde, şeýle hem möçberi taýyndan diňe iki beýdini–dört setirini ýa-da iki bendini ele salmaklyk başardan hem bolsa, baryp IX asyrlardan beýläk belli bolan şygryýetimizde tema hökmünde üns merkezinde goýlan ýaradylyşyň we barlyklaryň maksady hakyndaky meseleler babatynda öňe sürülýän pikirlere filosofiki çemeleşmeler barha ösdürilýär. Eýsem, munuň özi dünýäniň ösmegine, özgermegine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Gadymy türkmen filosofiýasynda ahlak we etiki meselelere has köp üns berilýär. Türkmen filosofiýasy adamyň hem-de ähli beýleki barlyklaryň ilkibaşlangyjy barasyndaky düşünjelerden gözbaş alyp gaýdýar. Şeýle dury çeşmeleriň biri hem XIII–XIV asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ („Kysasyl enbiýa“; „Kasasyl enbiýa“–„Pygamberler hakynda kyssalar“) atly iki jiltlik kitabydyr. Bu kyssalaryň birinji kitabynyň üçünji paslynda (bap) beýan edilişi ýaly, Ýer ýüzünde heniz hezreti Adam alaýhyssalam ýaradylmanka, perişdeleriň käbirleri Allatagalanyň emrine boýun sunman, günä edip başlaýarlar. Şonda Allatagaladan olara „Eý, perişdeler! Sizden günä işleri edip, meniň öňümde günäkär bolanlar günälerine puşman bolup toba etseler, men olary günälerinden päklärin“ diýen owaz gelýär. Perişdeler bolsa eden günälerini boýun alyp, „Eý, Taňrymyz! Biz ýalňyşyp günäkärlerden bolduk“ diýip, günälerinden ýuwulýarlar. Kitabyň musannifi–ýazary Nasyreddin Rabguzy bolsa toba hakyndaky bu hakykaty şygyr dili bilen beýan edip: Toba otdur, barça günäler odun, Oda odun düşse, galarmy bitin? [15, 41 sah.] – diýip, şu nazymy (şygyr, goşgy) döredýär. Bu setirlerde tobanyň günäni ýok edişi edil otda odunyň ýanyp, kül bolup sowrulyşy bilen deňeşdirilýär. Günäden ýuwlan perişdä başgaça melek diýilýär. Perişde bilen adamyň ýaradylyşy başgaçadyr. Perişde örän owadan, hoş gylykly, maddy dünýädäki adamyň gözüne görünmeýän, arşy ýaradylyşdyr. Bu düşünjelerden görnüşi ýaly, eger-de ilkinji ýaradylyşlar döwründe perişdeler hata goýberip, ýazyk edip, toba gelip, etmişlerini ýuwan bolsalar, onda adam babatynda diňe bilmezlikden, atanlaýyn, tötänleýin ýalňyşyp, etmiş edip, soňra toba gelip, özüňi päklemekligiň döreýiş kökleri ilkinji adamdan has ozalraklara degişli bolupdyr diýip aýtmaklyga doly esas bardyr. Allatagala bolsa adamy perişdelerden has gowy görýär. Çünki perişdelerde diňe amal bardyr, emma ylym ýokdur. Adamlarda bolsa ylym hem bardyr, amal hem bardyr. Perişdeler şeýtana uýmaýarlar, zenana höwes etmeýärler, perzent, dost-ýar, dogan-garyndaş aladasyny çekmeýärler, nebis islegleri bolmaýar, amallaryny buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Emma adamyň dünýewi durmuşy päsgelçiliklerden doludyr. Şeýle hem bolsa, eger adamyň kalp we beýni gözi gapyl galmasa, günä iş etmekden mydama ätiýaçlydyr, jany gorkudadyr. Adamyň bu hili gorkusy bolsa oňa Allatagalanyň rehmetiniň äşgär ýüze çykmaklygyndan nyşandyr. Toba duýgusy toprakdan ýaradylan hezreti Adam alaýhyssalamyň (arap dilinde „edim“–deri,Ýeriň derisi, gaýmagy; Ýeriň derisinden ýaradylan diýmekdir) kalbyna ezeli girizilen duýgy-düşünjedir. Ezeli ylym–ebedidir. Siz ikiňiz şu agaja–şejeraten memnuga–bugdaýa ýakynlaşmaň diýen sözleri eşiden hezreti Adam ata hem-de hezreti Howa ene (arap dilinde „haýý“–diri, diriden ýaradylan) diňe şeýtanyň–ozalky ady Azazyl (Hudaýyň ezizi) atly perişdäniň, Hudaýyň hökümine boýun sunman, behiştden kowlanyndan soňraky ady Iblisiň (näumyt) waswasy bilen jennetden çykarylýarlar. Biri-birinden üç ýüz ýyllap aýra düşýärler. Horluk görýärler. Ejizlik çekýärler. Hezreti Adam ata „Eý, biziň belent Taňrymyz! Biz öz janymyza zulum etdik. Eger sen biziň günämizi geçmeseň we bize rehmet etmeseň, elbetde, biz heläk bolujylardan bolarys!“ [15, 45 sah.]–diýip, Allatagala köp ýalbarýar. Beýik Alla onuň kalbyna toba etmegi salýar. Tobadan soňra ol ýalkanýar. Başyna Allatagalanyň täji geýdirilýär. Netijede, ilkinji adamyň ezeli ruhy dünýe we soňraky maddy dünýä durmuşy ýalňyş goýbermekden, kynçylyk görmekden, soňra toba gelip, ony kadalaşdyrmakdan başlanýar. Çünki adama berlen ezeli akyl bilen oňa öwredilen ähli barlyklar hakyndaky ylym her bir meseläni çözmäge, islendik ýagdaýy kadalaşdyrmaga niýetlenilendir. ■ TOBA PELSEPESI NAKYLLARDA WE ATALAR SÖZÜNDE Atasy–akyl, enesi–nakyl türkmen halky özüniň müňlerçe ýyllyk durmuş tejribesine esaslanýan, dogrudygy subut edilen toba pelsepesini nakyllaryna we atalar sözüne siňdiripdir. Biz aşakda toba pelsepesiniň nakyllardaky we atalar sözündäki käbir nusgalaryny ýerleşdirmekligi makul bildik: Toba eden asy (ýazykly) bolmaz Toba edeni Huda-da bagyşlarmyş Toba günäni ýuwar, sadaka–kazalary [7] Toba günäni iýer–diýlen atalar sözi ynsanyň iki dünýe ýaşaýyş kanunlaryna tabyn bolmagynyň baglanyşyklydygyny gönüläp we çuň manyly beýan edýär. Uly sözden toba, Alla! Dogana toba ýok, ýamana–oba ýaly atalar sözünde bolsa many janly hem çeper aňladylyp, dogan babatynda ynsana mahsus bagyşlaýjylyk häsiýeti ýüze çykarylyp, tobanyň ruhy kuwwatlykdygy nygtalýar. ■ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNDA TOBA PELSEPESI YNSANYŇ RUHY GALKANY Akyldar şahyr „Döke başlady“ atly şygrynda özüniň dünýä durmuşynda gözi bilen görýän bet işlerine, ýagny ýetimleriň gözýaşyna, haramhor begleriň ýurdy ýykyşyna, ylymsyz mollalara, kazylaryň bozuk işlerine, jögi sopularyň welilik satyşlaryna, gyz-gelin edebiniň ýeňlemegine, süýthorlaryň maddy zatçyllyk derdine, halallyk bilen haramlygyň parhynyň seljerilmezligine gyýlyp: Dünýäde süýthoruň pul ýygma derdi, Baýlaryň mallary bizekat erdi, Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi, Bigünä, bir-birin ýaka başlady [11, 140 sah.] – diýmek bilen, jemgyýetiň ähli gatlagyny halal ýaşamaga çagyrýar. Munuň üçin bolsa adamyň goýberen hatalaryndan toba bilen päklenmegine isleg we talap bildirýär. Ahlak taýdan ýoýlan adamlary tobanyň galkan ýaly bolup goraýyş serişdesidigi baradaky ideýany öňe süreninde, şahyr bu hili adamlaryň gybat-ýalana sebäp bolmazlyklaryny, halk köpçüligi tarapyndan olaryň ýazgarylmazlygyny, ýüzleriniň nurunyň dökülmezligini, olaryň iki dünýesiniň abat bolmagyny maksat edinýär. Filosof şahyr „Aý-günüňiz batmaga“ diýen şygrynda ýaman adamy eger olaryň näçe pursatlyk ömürleri galan hem bolsa, dürs ýola çagyrmak niýeti bilen: Ýetmiş ýaşap ýat etmezler tobany, Horram bolup oýnadyrlar gahbany, Müňkürler jem bolup ýykdy Käbäni, Ýezit gitdi agaçlaryn satmaga [11, 141 sah.] – diýmek bilen, ýetmiş ýaşan hem bolsalar, köre-körlük bilen ýaramaz işe maýyl bolýanlary, ýüreginden güman aýrylmaýan müňkürleri gaýtmyşym etmeklige, toba çagyryp, halkyň arasynda we edebiýatda bozgak, azgyn keşp hökmünde tanalýan, Omeýýalaryň ikinji halypasy Ýezit ibn Muawiýa ibn Ebu Sufýany (646/647–683/684) tymsal getirip, hakyky manysynda alymlyk wezipesini ýerine ýetirýär. Magtymguly Pyragy bu wezipäniň islendik adamy ynandyrmakdan, ony ynam bilen amal etdirmekden, amalynda oňa ýaramaz pişelerini terk etdirmekden ybaratdygyny nazary esaslary bilen bilýän şahyrdyr. Şahyryň ýetmiş ýaşlyny ýa-da Ýezidi agzamaklygy ýöne ýerden däldir. Onuň baş maksady kimligine garamazdan, ýamany raýyndan gaýtarmakdan, ony heläk ediji işlerden, gylyk-häsiýetlerden goramakdan, oňa halas ediji zatlary, ozaly bilen tobany ündemekden, ahyrky netijede adama bolan söýgüden ybaratdyr. Adam üçin kyrk ýaş bir merdir. Çünki bu ýaşda adamyň diline toba kelamy öz-özünden tebigy ýagdaýda gelýär. Emma tobanyň ýaş çägi ýokdur. Şahyr „Daň atmazdan burun“ atly şygrynda toba pelsepesini iki ýerde aýratyn nygtap: Tur säher, taňryga ýygla, „Hak!“ diýip ýüregiň dagla, Toba gorun mäkäm bagla, Kyrkyňa gelmesden burun! [11, 238 sah.] – diýýär. Türkmen halkyna we pikirlenip bilýän ähli ynsanlara häsiýetli bolan tobaly adama sarpa goýmak edehätini nygtaýar. Magtymguly Pyragy çyrag bolup ýanyp, onuň esaslandyran dürli pikir öwüşginleri bolsa ynsanyň kalbyna we iki dünýesine ýagty salýar. ■ TOBA PELSEPESINIŇ ÄHMIÝETI Etmişliniň eden etmişi–ýazyk. Ýazyklynyň ýazygyny ýuwujy–toba, gaýtmyşym etmek. Tobanyň netijesi–günä geçme, päklenme ýa-da saplanma. Päklenmegiň netijesi–bendilikden azat bolup, jemgyýetiň jemagatyna gaýtadan gowuşmak. Türkmen halky „Bir ýazyksyz är bolmaz, bir ýazykdan är ölmez“ diýlen pelsepeli nakylyny ýöne ýerden döretmändir. Bu nakylda adam gymmatlygynyň bähbidi ileri sürülýär. 1999-njy ýylyň 29-njy dekabrynda „Türkmenistanyň her ýylda Gadyr gijesi mynasybetli günä geçmek, tussagdan we jezadan boşatmak hakyndaky“ Kanuny kabul edildi. Beýik Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlaryna ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Indi ýurdumyzyň döwlet derejesinde geçirilýän her bir toý-baýramynda azatlykdan mahrum edilen bendileriň müňlerçesiniň günäsi geçilýär. Olar öz mukaddes ojaklaryna, çagalaryna gowuşýar. Diýmek, türkmen milli halk döwletine buýsanç, onuň Milli Liderine her bir maşgaladan minnetdarlyk duýgularyna ýugrulan guwanç, alkyşlar-dilegler, hatlar ýagýar. Halk pähiminde nygtalyşy ýaly „Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen–Ýer“ diýlenidir. Bir agza garamak, döwlet baştutanynyň daşynda jebisleşmek türkmen halkynyň medeniýetinde esasy orny eýeleýär. Halk köpçüligi onuň bilen bir jan, bir ten, bir göwre bolup bitewileşýär, zähmet çekýär, özgerdýär we ösdürýär. Etmişlerine puşman edýän, toba gelen, mundan beýläk galan ömrüni halal zähmet çekip eklenjekdikleri barada duzdan we desterhandan ant içýän raýatlarymyz iş orunlary bilen hem üpjün edilýär. Jemgyýetiň jemagatyna gowuşmak bagtyna eýe bolýar. Älemde adam hakynda şeýle uly jogapkärçiligi gerdeninde göterýän, adam gymmatlygyny ähli beýleki gymmatlyklardan ileri tutýan döwlet–bu biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizdir. Türkmenistan döwletimiz–Magtymguly Pyragynyň öňe süren toba pelsepesiniň wysal bolan diýarydyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy XVIII asyrdan beýläk ähli eýýamlarda bolşy ýaly, adamlara, aýratyn-da ýaş nesle ýüzlenip, „Nogsana gelgeý“ atly şygrynda: Sözümni diňleýe bir bilen, belkä, Myradym–nesihat etmekdir halka, Kazysy aňlamaz, begi pis ülkä, Ýagmyr ýagmaý, ýerler gyzmana gelgeý [11, 110 sah.] – diýýär. Şygyrda öňe sürülýän pikire laýyklykda, akyldar şahyryň toba pelsepesine uýan, oňa eýeren hem-de ony amal eden, ýaramaz işlerden el çeken adam iki dünýe ýazykly bolmaz. Et diýlen işleri eder, etme diýlen işlerden gaýdar. Kalp ajaýyplyklaryny haýyrly ugurlara gönükdirer. Nebislerini terbiýelär. Dil belasy, gahar-gazap, ýalan töhmet, göripçilik apatlaryndan, dünýäni ýazgarmak howaýylygyndan saklanar. Husytlygy, ikiýüzlüligi, adamtaňrylylygy, ulumsylygy, şöhratparazlygy, öwünjeňligi ýazgarar. Şeýle hem: adam perzentleri biri-biriniň gybatyny etmezler. Şahyr „Gybatkeş“ atly şygrynda il-gününi ynjydýan, gözden düşen, haýyr işleri şere öwürýän, dostlary duşman edýän... gybatkeşiň keşbini janlandyryp: Magtymguly diýer, iliň gözünden, Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden, Tiliňni çekmeseň haram sözüňden, Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş [11, 164 sah.] – diýmek bilen, bu hili betkärleriň iki dünýesiniň bibatlygyny nygtaýar. Ynsana ruhy-psihologik tär bilen täsir etmekligi maksat edinen şahyr bu hili betkärlere Syjjyn atly dowzah odunyň wehim salýandygyny ýatladýar; ynsanogullary para almazlar. Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy“ atly kitabynda has irki döwürlerde para ýazgarylýar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Bedr söweşinde ýesir düşenleri hezreti Muhammet resulymyzdan sorap alyp, azat etmek üçin Hebeşiň patyşasy Najaşa köp mal sowgat ibermeklik maslahatlaşylýar we ol geňeşli biçilen gara don bolsa oňa hödürlenilýär. Hebeşiň patyşasy Najaş şonda Mekge kapyrlarynyň öz ýanyna iberen ilçisi Omar ibn Asa «„Siz maňa rişwet (para) berdiňiz, hedýe (sowgat) getirmediňiz. Men para almaýaryn. Şonuň üçin maňa Allatagala mülk berdi. Ol maňa para almagy haram etdi“ diýip, getiren zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi» diýlip, patyşa Najaşyň ahlak päkligi nygtalýar. Hödürlenilýän para gol uzatmaklyk bolsa döwlet hökümdary derejesinde ýazgarylýar [15, 431 sah.]. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy adamyň imanyny hem-de jemgyýeti ýumrujy, bet maksatly para meselesinde örän ýangynly sözleýär. „Ahyrzamana“ atly şygrynda: Kethuda bolanlar dogry sözlemez, Para alar, leýken hakny gözlemez, Nähak güwä bolar, dawa düzlemez, Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana [11, 126 sah.] – diýýär. Paranyň bar ýerinde dogry sözüň bolup bilmeýänligini, dogry iş gurup bolmaýanlygyny, bu hili adamlaryň beýni we kalp gözleriniň gapyllygyny nygtaýar. Her bir şygry, bendi, setiri, sözüsaýy ynsanoglunyň gamyny iýýän ideýalary öňe süren akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň „Ahyrzamana“ atly goşgusynda ynsana edil howanyň zerur bolşy ýaly, il-günüň öňüne düşýän kethudalaryň, ýaşulularyň ygtybarly dogry sözüne isleg we özboluşly talaplar bildirýär. Haky nähaka öwürmegi, para almagy näletleýär. Jemgyýetiň jemagaty arasynda dawa-şere ýol berilmezligini ündeýär. Asuda, abadan durmuşy arzuwlaýar. Bendiň ahyrynda bolsa „Bilmenem,...“ diýmek bilen, real durmuş hakykatyny ýüz görmezden, gypynçsyz beýan edýär we agyr oýa batýar. Jemgyýetiň para hödürlenilýän gatlagyny beýleki bir „Gaça başlady“ diýen şygrynda paş edip: Yrýa boldy köpüň okan namazy, Taňry hiç birinden bolmady razy. Pygamber ornunda oturan kazy Para üçin elin aça başlady [11, 143 sah.] –diýýär. Şahyr „Ahyrzamana“ atly şygrynda jemgyýetiň iň agyr bela-beterlerinden ýene-de biri, milli medeniýetimize ýat bolan, maşgalany ýumrujy, kemala gelýän nesilleri ýoýujy arak-şerap içmek, ony kesp edip satmak pişelerini näletläp, akyly bar adamy aýňalar ýaly edýär: Günäler köp bolup, egsildi sogap, Gorkar men, bu jahan bolmagaý harap, Kesp edip satarlar arag-u şerap, Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana [11, 126 sah.] – diýip, öz ýaşan zamanasynyň pisat işlerini ýazgarýar. Oňa kalby gyýylýar. Pähim-paýhas eýesi bolan adamzady halal durmuşyň gadyryny bilmäge, dünýä durmuşynda sersag, akylly-başly ýaşamaga çagyrýar. Şahyr „Nogsana gelgeý“ atly şygrynda: Magtymguly, dursam sözüm saçmaga, Aňlamazlar, ýüz goýarlar gaçmaga, Her il destur etse şerap içmäge, Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý [11, 110 sah.] – diýmek bilen, il-ýurduň aman bolmagy üçin şu betkärlikden doly ýüz öwürmegi ündeýär. Şygyrda arap dilindäki „tagun“ sözi „gyrgyn“ diýmegi aňladýar. Şahyr Allatagalanyň adam edip ýaradan baş gymmatlygyna serhoşlugy rowa görmeýär. Elbetde, şahyryň ýokardaky pelsepelerine eýerenler, ähli bela-beteriň başy bolan serhoşlugyň durmuşyňy berbat ediji ahyrky netijelerinden haýygarlar, arak-şerap içmezler we ony kesp edip satmazlar; „Boljak oglan bogundan belli“, ýagny bogazyndan çykýan sesinden, owazyndan, gep urşundan, oturşyndan, turşundan, özüni edaly alyp barşyndan, çagalyk we ýetginjeklik edebinden belli bolýar. Heniz ýedi ýaşyndaka soltan atasynyň huzuryna gelýän mazlumlaryň käbiri barada çykaran permanyny üýtgetmäge hötde gelip bilen, ýaşajyk geňeşdara öwrülen ogullar bolupdyr. Soltanlar käbir meseleler babatynda perman çykarmakçy bolanlarynda hatda özleriniň akylda öňe giden ýedi ýaşly ogullaryna sala salar ekenler [15]. Ata-enäniň ömrüniň paýawlan döwründe olaryň bagtyýar garrylykda ýaşap bilmegi sagadatly perzent edebiniň ajaýyp miwesidir. Magtymguly Pyragy edebi mirasynda bu meseläni düýpli işläpdir. Ol özüniň „Düýşüne degmez“ atly şygrynda: Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn, Toba kylmaý, hak geçirmez hatasyn, Döwran gelse bilmez, ne iş tutasyn, Her kimiň bu işler başyna degmez [11, 151 sah.] – diýip nygtaýar. Akyldar şahyr bu ýerde ylym öwreden ussady–atasy–Döwletmämmet Azadynyň ideýa däplerine eýerýär. Kurany Kerimden ideýa taýdan gözbaş alan edebiýatda–pikiriň iň ýygjam, iň täsirli, iň terbiýeleýji ýeri bolan şygryýetde her bir perzendiň öz ata-enesine şertli ýagdaýda: 1) dil bilen on sany; 2) köňül bilen on sany; 3) maddy gymmatlyk bilen on sany; 4) hereket bilen on sany–jemi kyrk sany bergi-borjunyň bardygyny özüniň „Wagzy-azat“ („Azatlygyň wagzy“) atly poemasynda işläp bilen ýeke-täk läheň pedagog, psiholog, syýasatçy, pelsepeçi alym–bu Döwletmämmet Azadydyr. Netijede, Nasyreddin Rabguzynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň ideýalaryna uýan we ony amal eden ýaş nesil ata-enäni ynjytmazlar. Ata-ene „Näletkerde ogul dogdy-dogmady“ diýip ýanyp-köýüp ýörmeli bolmaz. Toba eden näletkerdäniň eli-dili zynjyr bilen baglanar. Diýmek, nesil terbiýesinde näletkerdeligiň öňi alnar; ynsanoglunyň ahlak taýdan azgynlyk etmeginiň iň bir lagnaty (näleti– Allatagalanyň rehmetinden mahrum edilen) görnüşi–zyna. Şahyr „Nogsana gelgeý“ diýen şygrynda: Perwerdigär özi pakyra pena, Ol kimdir, bolmagaý tilinde sena, Kaýsy welaýatda köpelse zyna, Zemin jünbüş eýläp, lerzana gelgeý [11, 110 sah.] – diýmek bilen, içindäki bu ýowuz derdini gowzadýar. Zynanyň zemini titredip, lerzana getirýän dertlerden biridigi hakyndaky garaýyş şahyr tarapyndan bilene ýöne ýerden aýdylaýan pikir däldir. Çünki Ýer ilkinji adamy ýaratmak maksady bilen, ondan bir gysym toprak alyp gelmek perman edilen hezretleri Jebraýyl, Mykaýyl, Ysrapyl perişdeleriň möhümlerini üç gezek bitirmän, köp ahy-nala edýär. Ýer dil açyp, älem Hökümdarynyň ilçilerine ýüzlenip «Siz menden toprak almaň! Ondan ýaradylan adam günä eder we ertir oda köýer. Ýa-da „ Menden toprak alyp, ondan küýze ýasap, ony dirilik suwy bilen doldursalar wagtym hoş bolardy. Emma ony arak-şerap bilen doldursalar, men neneň edeýin?!“ ýa-da bolmasa „Sur çalnanda men titrärin. Synamdaky ähli zatlary daşyna taşlaryn. Bu amanady men neneň edip saklaýyn?!“» diýip zarynlaýar. Şu düşünjelerden habary bolanlar zyna etmezler; il-halk, Watan bähbitli haýyrly meseleler, ahlak, ar-namys bilen baglanyşykly ähli azgynlygyň başy ýalan sözlemekden başlanýar.Ýalan sözläp bilýän adamyň ýüzi ýyrtylýar. Şeýlelikde, şer işler onuň adaty endigine öwrülýär. Akyldar şahyr „Gözel sen“ atly şygrynda: Magtymguly halkdan syryn gizlese, Dişini uşadyň, ýalan sözlese, Owalda, ahyrda eýäm gözlese, Garyp biçäräniň paýy, gözel sen [11, 47 sah.] – diýmek bilen, terbiýede ýalançylygyň, ýakyjylygyň öňüni almak, oňa ýol bermezlik barada berk talaplary öňe sürýär. Ýalan söze we ýalançylyga näleti garaýyşlardan owalbaşda habarly bolanlar ýalan sözlemezler; halallyk–munuň özi rugsat berlen, rowa görlen, gadagan edilmedik işler diýmekdir. Halallyk ýagşy gylyk-häsiýetli adamyň baş ahlak gymmatlygydyr. Şahyr özüniň „Bir görüp gitse daşymdan“ atly şygrynda ynsana hykarat, ýagny üstaşyr, teýene bilen bakmaga, ony kemsitmäge düýpgöter garşy çykyp, ýagşy gylyk-häsiýetli bolmagy, azap tartyp, halal lukma iýmegi ündäp: Eý, hykarat bile bakan bizlere, Mejaz bilip, müňkür bolma sözlere, Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere, Tutgul, ýagny bilgil nan-u aşymdan [11, 28 sah. – diýýär. Elbetde, bu pendi-nesihaty amal edenler halal işläp, halal lukma iýerler... Netijede, Magtymguly Pyragynyň öňe süren toba pelsepesi ahlak taýdan päk adamy kemala getirmegi maksat edinýär. Ol ynsanoglunyň elmydama tobaly ýaşamagyny ündeýär. Çünki adam ähli edýän işleriniň dogry ýa-da nädogrulygyna aňryçäk derejede akyl ýetirmekden ejizdir. Şonuň üçin hem akyldar şahyr jemgyýetde görmek isleýän ajaýyp ahlakly adamynyň ömürboýy tobaly bolmagyny wesýet edýär. Käbe BORJAKOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |