Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda maşgala gymmatlygy pelsepesi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, Watana, halka, döwlete, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde maşgala terbiýeçilerine – mähriban enelerimize uly paý degişlidir.
■ Maşgala diýmek näme?
Dil bilimi nukdaýnazaryndan maşgala diýmek: 1) bir hojalyga degişli çagalar we ata-ene; 2) ogul, gyz (çaga, perzent, zürýat, nesil, öwlat–ata-enäniň gudratly ýaradylyş hökmünde çaga bolan ezeli söýgi duýgusy; keramatly atalaryň–Gözli ata..., babalaryň–Mäne baba… ogullary, gyzlary); 3) hojalyk, öý; 4) umumy bähbit üçin birleşen adamlar topary (halk, goşun); 5) birnäçe ýakyn jynslaryň, tohumlaryň topary (kösükliler maşgalasy); 6) göçme manyda maşgala gurmak–durmuşa çykmak, öýlenmek, öýli-işikli bolmak ýaly manylary aňladýar.
Maşgala–nika baglanyşyklaryna we ganybirlik gatnaşyklaryna esaslanýan, taryhy taýdan şertlendirilen ýaşaýyş-durmuşyň kiçi bir topary. Maşgala–nika we ganybir garyndaşlyk gatnaşyklary arkaly baglanyşykly bolan adamlaryň umumylygynyň bir görnüşi. Bir öýde, özbaşdak hojalykda ýaşaýan ata-enäniň özi, olaryň ogullary, gyzlary. Bilim-düşünje taýyndan maşgalanyň ogul, gyz (çaga, perzent, zürýat, nesil, öwlat) umumylygy manysy-da bar. Halk arasynda saglyk-amanlyk soraşylanyndan soňra „Näme maşgalaň bar?“ diýlip ýüzlenilmegi „Zürýadyň, ogluň-gyzyň barmy?“ diýlip soralmagyny aňladýar. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň „Watandadyr“ atly şygrynda „öwlat“ sözi:
Gara başym gala tutdum,
Agöýliniň öwlady men,
Otda ýandym, suwda söndüm,
eýlemedim jöwlany men,
Keç ykbaly geçdi bil-eý,
entek sürem döwrany men,
Her pursatda Haka sygnyp,
çagyrmyşam Möwlamy men,
Hem geçmişim, hem geljegim,
hany-manym Watandadyr (13)
– diýlip,
„Agöýliniň ogly men“ manysynda ulanylýar.
Maşgala adamlaryň üznüksiz köpelmeginiň ýörite biologik wezipesini amala aşyrýar. Ol taryhy-demografik taýdan ähmiýetli bolup, dürli ýaşaýyş-durmuş we ykdysady şertleri başdan geçirýär. Maşgalanyň ýagdaýy maddy we ruhy esaslar bilen häsiýetlendirilýär. Maddy esaslar tebigy-biologik we hojalyk–sarp ediş gatnaşyklaryny, ruhy esaslar bolsa hukuk, ahlak we psihologik gatnaşyklary öz içine alýar.
■ Durmuşyň höziri–döretmekde.
Döretmek–ömri manyly ýaşamak. Ömrüň manysy–öýlenmek ýa-da durmuşa çykmak; durmuş gurmak; maşgala bolmak; nesil öndürmek. Döretmek–ölümi öldürmek. Nesli dowamat-dowam etdirmek. Bu günki gün özüniň geljekki hözirli wysalyny Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda okan türkmen maşgalasy–Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň iň ajaýyp ýaşaýyş-durmuş şertleri peşgeş berlen maşgala. Ýurdumyzyň bäş welaýatynda durmuş gurýan ýaşlaryň döwlet tarapyndan gamy iýlip, Bagt köşkleri gurlup berlip, nikalaşmak üçin arza berenlerinden soňra çatynjalaryň halat-serpaý alynmagy, derejeli toý tutunmagy maksady bilen, pul serişdesi hemaýat edilýän adalatly döwletimiz bar biziň.
Ilkinji adamlar bolan hezreti Adam safiullany [1) sap, päk; arassa; 2) saýlanan; Allanyň saýlany] we hezreti Howa enäni ýaradan Allatagala olardan iň ilkinji maşgalany döredýär. Hezreti Howa enäni hezreti Adam safiulla taý edýär. Ol ikisinden ilkinji otuz dokuz nesil dünýä inýär. Şolaryň on dokuzysy ekizek, ýagny bir ogul–bir gyz edilip ýaradylýar. Ilkinji garynda doglan ekizler soňraky garynda doglan ekizler bilen iki taraplaýyn garşylykly öýlenip, nesil öndürýärler. Diňe ýigriminji garynda doglan hezreti Şis ýeke dünýä inýär. Hezreti Şis–pygamber (10). Ilkinji adam şeýdip köpelýär. Dünýä ynsanlarynyň köpeliş we ýaýraýyş taryhy köki şu başlangyçdan gözbaş alyp gaýdýar.
■ Maşgala–döwlet içindäki döwletdir.
Maşgala–kiçi döwletdir. Maşgala gymmatlygy–adamyň ömrüne ömür goşýan gymmatlykdyr. Ozaly Allatagala, soňra berkarar döwlet tarapyndan adam ömrüne goýulýan sarpanyň iň ajaýypdan-ajaýyp nusgalarynyň jemidir. Ynsan ömrüne nazar aýlanyňda gözüň bilen görüp, süňňüň bilen syzyp bolýan toplumlaýyn barlyklaryň (ata, ene, ogul, gyz, garyndaşlyk, doganlyk, dostluk baglary, maddy zerurlyklar, ruhy hallar…) iň gymmatlaryndan biridir. Muny akyldar şahyr özüniň „Malyna degmez“ atly şygrynda:
Bedew gerek–äre söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar garyndaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, gardaş,–
Bu döwlet her kimiň eline degmez
–(10) diýip beýan edýär. Akyldar şahyr bu setirlerinde mert ýigitleriň Watany, il-güni, maşgalany goramagy üçin bedew at, ýakyn-u-ýatlar bilen barşyp-gelşip, garyndaşlyk açmak, ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, dogan-gardaş ýaly gymmatlyklara eýe bolmagy, döwletli, düzgünli maşgalanyň gadyryny bilmek ideýalaryny öňe sürýär. Türkmen halky Magtymguly Pyragynyň miras galdyran edebi hazynasyna, maşgala gymmatlygy pelsepelerine eýe bolmak bilen, bu günki gün maddy we ruhy taýdan düýpli öwrülişige şaýat boldy. Akyldar şahyryň özüne bendi ediji täsirli sözleriniň her bir adamy ynandyrmak, oňa uýdurmak ukyby güýçlüdir. Öňe süren pelsepeleri maşgalada dost bolup, dostana ýaşaşmak syrlaryny açyp berýär. Birek-biregiň göwnüne ýetmek, adam tanamak, ederiňi bilmek, laýyk hereket etmek we sözlemek usullaryny ündeýär.
■ Milli maşgalanyň ruhy-ahlak esaslary
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe maşgalanyň paýyna: 1) ilaty üznüksiz köpeltmek; 2) jemgyýetçilik ýaşaýyş-durmuşyny dowam etdirmek; 3) ösüp gelýän ýaş nesli edep, ylym, bilim, hünär, kämillik, özbaşdaklyk taýdan terbiýelemek; 4) garrylar barada alada etmek; 5) milli medeniýeti–adatlary, däpleri, dessurlary mynasyp derejede ösdürmek ýaly iň möhüm jemgyýetçilik wezipeleri düşýär. Ogul öýermek, gyz çykarmak–adat. Adatdan däp döreýär. Ogul öýerileninde, gyz çykarylanynda toý tutmak–däp. Däpden–dessur. Nika toýlarynda çatynjalaryň süýji durmuşda ýaşaşmaklaryny, önüp-ösmegini, gelen gelniň asylly, päk, halal, hyzmatly, rysgally, döwletli bolmagyny, aýagy düşmegini, maşgalabaşa goýjak sarpasyny isleg-arzuw edip ýerine ýetirilýän yrymlar, teatrlaşdyrylan sahnalar, şeýle hem tam, galpak, çile, diş, sünnet, ýaş toýlarynda at çapdyrmak, göreş tutdurmak, goç, it, horaz, bedene uruşdyrmak, ýaglyga towusmak, bagşy aýtdyrmak, halat-serpaý ýapmak–dessur (12). Maşgalada är-aýal, ýagny ata-ene bolup ýaşaşmak nukdaýnazaryndan iki taraplaýyn özüňi alyp barmagyň, endikleriň, ygtykatlaryň–birek-birege bolan ynamyň, ynanjyň baş kadalary şu aşakdakylardan ybarat bolmalydyr: asanlaşdyryň–müşgilleşdirmäň (aňsatlaşdyryň–kynlaşdyrmaň); söýdüriň–ýigrendirmäň; düşüniň–agzalalyk döretmäň. Uzak ömür, uzyn-uzyn ýollarda müşgiliňiz asan bolsun.
■ Maşgala terbiýesi
Munuň özi maşgalada kemala gelýän ýaş ösdürimleri jemgyýetçilik durmyşyna taýýarlamagyň, olarda özbaşdak ýaşamagy we işlemegi terbiýelemegiň wajyp meselelerini öz içine alýar. Ol ata-eneleriň maksada gönükdirilen pedagogik işi bilen maşgala durmuşynyň gündelik akymynyň utgaşykly alnyp barylmagynyň oňyn netijeleriniň datly miwesidir. Maşgala terbiýesiniň nazaryýeti Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň pedagogikasynyň aýrylmaz bölegidir. Ol häzirki zaman elektronlaşma, iň täze tilsimatlar eýýamynyň maşgalasynda kemala gelýän çagalary terbiýelemegiň maksady hem usulyýeti baradaky düýpli meseleleri ileri sürýär.
Maşgala terbiýesiniň göwnejaý amal edilmeginde Magtymguly Pyragynyň öňe süren pelsepeleri dury çeşmedir, özen esasdyr.
■ Maşgalanyň söýesi
Akyldar şahyryň „Her ýana“ atly şygrynda maşgala durmuşynda zenanyň eýeleýän ornunyň wajyplygyny nygtaýan setirlerinde:
Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy aýalsyzlygy
Görkezme hiç musulmana
– (9) diýilýär. Setirlerden görnüşi ýaly, zenan adam jynsy babatynda ezeli ýaradylyşda ähli barlyklaryň taýly ýaradylyşy kimin, bolmaklygy wajyp subýektdir. Emma onuň edim-gylym taýyndan nähili adam bolmalydygynda gep bar. Magtymguly Pyragynyň „Kerem islärin“ atly şygrynda:
Özüne hormat getiren,
Ärniň hyzmatyn bitiren,
Gaşyny çytman oturan –
Maňlaýy gülen islärin
– (9) diýlip nygtalyşy ýaly, owwal başda kadyr Alladan islenilýän ýanýoldaş – ol – oturşy-turşy edaly, akyly dana, süýji dilli, gaşlary galam, gabagy badam, alma ýaňak, zyba senem, ýagny maşgalabaşynyň halaly (6), ömrüne şugla saçyp biljek söwer ýar, öýüň söýesi, bikesi – ýagşy hatyn. Ýene bir beýleki wajyp kerem – zenan maşgalanyň ýaman gylyk-häsiýeti bilen baglanyşykly beterinden goralyp saklanylmagy, ýagny gadyr bilmeze, üm bilmez nadana duş gelinmezlik. Goç ýigit üçin ýagşy hatyn – dünýä eşreti. Zenan – duýgur. Akyl, pähim, paýhas, parasat babatynda baş orun erkek adama degişlidigi bilen zenanlar ylalaşmaly bolýar. Elbetde, zenan diňe maşgalabaşy bilen ylalaşyklylykda ugur-ýol tapyjy, ähli ýagdaýy kadalaşdyryjy, sazlaşdyryjy. Goç ýigitlere ýagşy hatyn nesip eýlesin! Ýaman hatyn – dünýä dowzahy. Akyldar şahyryň „Bagrym dilenim“ diýen şygrynda ýetginjeklik müçesine aýak basan aşyk ýigidiň ak umytlarynyň wysaly bolmaly magşuk gözeliň keşbi janlandyrylyp:
Bilen ýanda meňzär gymmat düre sen,
Tanymaza duşup, degme ýere sen,
Kadyr kysmat etse, maňa bara sen,
Seniň kimin ýardyr meniň ölenim
– (9) diýilýär. Setirlerde maşgala gurmak meselesinde iki tarapyň hem biri-birine mynasybeti nygtalýar. Mynasybet – maşgalanyň we döwletiň berkligi, şeýle hem edepli nesilleriň, milletiň mundan beýläkki dowamaty.
■ Goç ýigit we ýagşy hatyn
„Al eder“ atly şygrynda adatlar, däpler, dessurlar ýoly bilen ýöreýän, il-gün tarapyndan sarpa goýulýan, haýaly-şerimli, asylly, hyzmatly zenanlaryň hem-de olardan önýän ata görä doglan ogul, enä görä doglan gyz kimin nesilleriň keşbi suratlandyrylyp:
Ýigit bar, gepletseň, çölüň haýwany,
Ýigit bar, gepletseň, janyň söýeni,
Äri är hatyndan dogan keýwany,
Özi il-gün hyzmatyndan ýol äder
– (10) diýip nygtaýar.
Perzentde ata–başlangyç. Ene–perzendiň düşegi. Bu setirlerde durmuşyň wajyp ugurlary boýunça sazlaşykly, birek-birege tabynlykly ýaşalýan maşgala durmuşynda kemala gelen zenan maşgalanyň nusgasy beýan edilýär. Sen hem hökümdar, hem pygamber hezreti Süleýman bolanyňda hem maşgalada zenan ýanýoldaş zerurlyk. Emma şol zenan ýagşy aýal bolmaly.
■ Goç ýigit hem ýaman hatyn
Adam – Allatagalanyň ezizi edilip ýaradylan barlyk. Allatagala adamy özüne eziz tutýar. O adama onuň ýüregindäki baş damaryndan – arteriýadan – ýürekden bedeniň ähli organlaryna gan ýöredýän damardan hem ýakyndyr. Oňa ýakyn bolmagyň baş şerti – adamyň dogry ýolda bolmaklygydyr. Nähili edilip dogry ýolda bolunýar?! Allatagalanyň „Dogry ýol“ pelsepesine tabyn bolnup ýaşalýar. Onuň „Et!“ diýlen parzlary ýerine ýetirilýär. „Etme!“ diýlen işlerinden gaýdylýar, olardan özüňi yrakda tutulýar. Ynsanara gatnaşyklarynda birek-birege sarpa goýulýar. „Gowy!“ diýlip baha berilýän janly we jansyz, maddy hem ruhy ýaradylyşlaryň barysynyň gadyry bilinýär. Şu edep kadalarynyň bozulýan ýerinde „ýaman, ýamanlyk“ atlandyrylýan aýylgançlyk öňe çykýar. Bu kadalaryň berjaý edilmegi ýa-da bozulmagy bilen ynsanlaryň bir kysmy kämil akyla gulluk edip ýaşaýar, beýleki bir kysmy bolsa haýwanyň öňüni dolana öwrülip başlaýar. Diýmek, ynsan „ýaman adam, ýaman hatyn“ edilip ýaradylmaýar-da, „ýamanlaşma“ ýoluna düşýär. Eziz adam, bilip goý! Ene rehemine – göwresine düşen wagtyň, dünýä ineniňde, sen perişde ýaly päkdiň!
Akyldar şahyr „Al eder“ diýen şygrynda ýaman hatynyň keşbini janlandyryp:
Hoş sözlegil, bir mysapyr duş gelse,
Hursand bolar garyp köňli bewş gelse,
Goç ýigide ýaman hatyn duş gelse,
Ýigrim bäşde saç-sakgalyň çal eder
– (10) diýýär.
■ Ata-ene we ogul-gyz
Ogul-gyz–ata-enäniň miwesi, püri-pudagy, etnografik adalga. Ogul-gyzy kemally edip ýetişdirmek–ata-enäniň maksady, myrady, pedagogik iş. Çaga terbiýesi ol heniz enäniň rehemindekä–göwresindekä başlanýar. Çagalyk, ýetginjeklik müçeleri bolsa adamyň iň ýokary derejede kemala gelýän döwürleridir. Akyldar şahyr „Ýarlykagyl günähimni“ diýen şygrynda liriki gahrymanyň, ýagny öz „meniniň“ üsti bilen:
Ýüzün Magtymguly, ýa reb,
Saňa tutdy bolup talyp,
Ýok derdime sen dek tebip,
Ýarlykagyl günähimni
– (10) diýip, nesilleri durmuşda ýaşamagyň gönezligi bolan dogry ýol saýlamak, kesp-kär edinmek, ýörite orta ýa-da ýokary hünär bilimini almak, ylym öwrenmek, kämil çykmak, özbaşdak ýaşap, işläp bilmek ýaly talyplyk döwründe gazanylýan ajaýyp nusgalara gönükdirýär. Talyplyk dowry – ömrüň manysyny açýan kär-hünär, ömrüňe şugla saçýan söwer ýar seçilip-saýlanylýan döwür. Ýaş nesil üçin dogry başlangyç – eşretli durmuş.
„Mir olur“ atly şygrynda akyldar şahyr nesillere mert bolaýyn, ile-güne ýagşylykda özümi aldyraýyn, Magtymguly Pyragynyň özünden nusga alyp, atany we ýagşylary ussat bileýin, rysgally, döwletli, abraýly ömür süreýin, ata-enäniň alkyşyny alaýyn diýseň:
Muhannesden bolur muhannes piser,
Namartdan mert olmaz, mertden mir olur.
Ýigit ustadyndan öwrenes hünär,
Hem dogasyn alsa, işi haýr olur.
Towazzyg pişe kyl bolup ba edep,
Ömür döwletiňe bil any sebäp,
Ata, ene hyzmatyn iste ruzu-şeb,
Doga alsa kişi, ýaşap, pir olur
– (10) diýip nygtaýar. Şygyrda ulanylan birnäçe sözleriň: „muhannes–namart, binamys“, „piser–ogul“, „mir“–„emir“ sözüniň gysgaldylan görnüşi; hökümdar; baştutan; ýolbaşçy“, „towazzyg–kiçigöwünlilik; kiçigöwünliligi ýörelge edinmek“ , „ba edep–„ba“-ly /
-li goşulmasynyň manysyny aňladýan predlog; edepli“, „pir–sopy alymlaryň ýolgörkezijisi“ ýaly aňladýan manylaryny bermegi makul bildik. Öňe sürülýän ideýalar ýagşy gylyk-häsiýetleriň, amallaryň eýesi bolmagy, Döwletmämmet Azadynyň ata-ene meselesinde wesýet edişi ýaly: 1) hereket üsti bilen amala aşyrylmaly borçlar (Ata-enäniň pendini tutmak…); 2) dil arkaly berjaý edilmeli parzlar (Ýumşaklyk bilen hoşamaý sözleri aýtmak…); 3) köňül, ýürek bilen ýerine ýetirilmeli işler (Olar her näçe garrasalar-da, ejizleseler-de, olara uzak ýaş diläp, sadaka bermek…); 4) mal, maddy zat bilen ödelmeli wezipeler (Ata-ene üçin eliňi açyk tutmak…) diýlip, her mowzugy on-ondan dört bölüme bölünen kyrk sany perzentlik bergiňi-borjuňy berjaý etmegi, onuň ahyrky netijeleriniň bolsa diňe haýyrlydan-haýyrly işlere ulaşýanlygyny sargyt edýär.
Magtymguly Pyragy özüniň „ Ahyrzaman geler“ atly şygrynda:
Uşbu dünýäden geçenler,
Hakyň şerabyn içenler,
Atasyga ýaş beçeler,
Suw göterip, rowan geler
– (10) diýýär. Şygyrdaky „Hakyň şeraby“ aňlatmasy ähli ynsana deňlik bolan – ölüm şerbeti. Ony içmek bolsa her bir adamyň dünýäden gaýdanynda ozaly kesgitlenilen ömür-ýaş nukdaýnazaryndan ýetdik paýydyr. „Beçe“ – ogul; çaga; perzent. Pany dünýädekä atasyny razy eden, onuň tamasyny ödän kemally ogullaryň bakyýetde hem öz atalary bilen bile bolup, olara tagzym we hezzet-hormat edilýänligi nygtalýar.
Akyldar şahyr „Nary bolmasa“ diýen şygrynda:
Bagbançy bagy neýlesin,
Bagynda nary bolmasa,
Atadan ogul dogmasyn
Namysy-ary bolmasa
– (10) diýip kesgin sözleýär. „Namys, ar“ ahlaga degişli düşünje bolup, etiki kategoriýadyr. Bu sözler özleriniň mazmuny we ahlak gatnaşyklaryny aňladyşlary boýunça biri-birine ýakyndyr. Namys-ar şahsyň öz-özüne, şeýle hem jemgyýetiň şahsa bolan gatnaşygynyň ýüze çykmasy hökmünde adamyň özüni alyp barşyny hem-de oňa töweregindäki adamlaryň gatnaşygyny düzgünleşdirýär. Şahs halkyň öňündäki borjuny näçe oňat berjaý etse, onuň namysy, ary şonça-da ýokary bolýar. „Namys“ sözi köne „newa:mi:s“ sözünden bolup, asly grekçe „kanun, nyzam, düzgün; edep, päklik, asyllylyk; ar, utanç, haýa, şerim; gaýrat“, „ar“ sözi bolsa „utanç, haýa; namys; gaýrat; aýyp, kemçilik, biabraýlyk“ ýaly manylary aňladýar. Namys-ar – adamyň ýüzüniň tuwagy. Ruhy dünýäsi, ruhy keşbi. Setirlerde namysly-arly ogullaryň öz gerdeninde Watanyň, iliň-günüň, maşgalanyň ýüküni çekmäge hötde gelip bilýänligi, olara bil baglap bolýanlygy baradaky pikirler öňe sürülýär.
„Nary bolmasa“ atly şygrynyň beýleki bir bendinde:
Magtymguly, nahan diýrler,
Jan söwene jahan diýrler,
Ol ýigide haýwan diýrler,
Şirin güftary bolmasa
– (10) diýilýär. Mert ýigidiň arly-namysly bolmagy bilen bir hatarda, süýji sözli, mynasyp söwer ýarynyň bolmagy öňe sürülýär. Emma mert ýigidiň mertlik sütünleri diňe bular bilen çäklenmeýär. „Şirin güftar“ diýlen aňlatmada mertligiň „Ol ýigide haýwan diýrler“ diýdirýan beýleki kriterileri, ýagny onuň iliň-günüň göwnüne ýaraýan, doýran aşly, gylyçly, ýaýly adam bolmalydygy ýaly sütünleri barada pikir ýöredilýär.
Magtymguly Pyragy özüniň „Galar, ýaranlar“ atly şygrynda kemala gelýän nesillere ata-ene mukaddesligine sarpa goýmak meselesini ündäp:
Ata-ene agyrdanyň günleri,
Içi-daşy otdan bolar donlary,
Halka ryswa, ala bolar tenleri,
Suw ýerine zäher berler, ýaranlar
– (10) diýip, ata-enäni agyrdan bu hili näkes ogul-gyzyň alnynda iki dünýe sagadatlyk, bagtyýarlyk ýoklugyny, ahyret azaplaryna duçar bolmak, maddy dünýäde gözden-dilden düşmek, il arasynda ryswalyk, dürli derde uçramak ýaly eýmenç hakykatlaryň ýatýanlygyny habar berýär. Ätiýaçlylygy, howatyrlylygy öňe sürýär. Ätiýaçly, howatyrlanýan adam – ýedi ölçäp, bir kesýän adam. Pikirlenip, her bir işiň ýa hereketiň soňuny saýyp bilýän adam – bagtyýar adam. Akyldar şahyr bagtyýar adam – munuň özi bagtyýar maşgalanyň, iliň-günüň, Watanyň tagallalaryny edip bilýän adam, gerdeninde bu meselelere degişli ýüki göterip bilýän adam diýlen ideýalary öňe sürýär.
„Çyka bilmez sen“ atly şygrynda ata-enäni ynjytmazlyk meselesinde nesilleri günä, ýazyk, etmiş düşünjeleri bilen howatyrlandyryp, janagyryjylyk bilen ýene-de bir gezek tekrarlap:
Tilinde öwürmiş haky-senany,
Agyrtmagyl ata birle enäni,
Daglardan, daşlardan uly günäni,
Agyrdyr günähiň, çeke bilmez sen!
–(10) diýip beýan edýär.
Ata-ene edilip ýaradylan, bahasy tapdyryksyz gymmatlygyň öwlady eger atalaryny her neneň ýakyp-ýandyran hem bolsa, gözýaş dökdürip, ýygladan hem bolsa, ata-ene oňa dözmeýär. Etmişini geçirýär. Jepa kylana–wepa kylynýar. Hata kylana–ata kylynýar.
„Ahyrzaman bolar“ diýen şygrynda ata-enäni ynjydan, agyrdan, asy–günäkär ogul-gyzlaryň keşbi janlandyrylýar:
Namaz goýar, sözlär ýalan,
Ata-enä asy bolan,
Çakyr içip, zyna kylan,
Azaby müň elwan bolar
– (10) diýip nygtamak bilen, milli medeniýetden daş düşmek, ýalan sözlemek, akylyňy bozýan pişelere baş urup, çakyr içip, sermest bolmak, ahyrky netijesi – azap; elwan – dowzah oduny gazanmak ýaly bolan-bolmuş işleri ýene bir gezek ýaňzydýar we ýazgarýar. Akyldar şahyr üçin maşgalada kemally ogul-gyzy müň bir haýyrly usul bilen terbiýeläp ýetişdirmek – iň wajyp mesele. Kemally ogul-gyz – sagdyn jemgyýet. Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet. Kemally ogul-gyz – ata-enesine sarpa goýup bilşi ýaly, ata Watan, ene toprak, il-gün, ar-namys üçin serden geçip biljekligine ygtybarly raýat.
■ Maşgala agzalary we beýlekiler
Maşgala agzalary we beýlekileriň sanawy hakyndaky meselä degişli ideýany onuň iň çetki serhedinden başlamagy makul bilýäris. Häzirki zaman dünýäsinde onuň çetki serhediniň meýdany giňedi. Kompýuter, internet we iň täze tehnologiýa eýýamynda bu serhet edil bir otagda, bile bir ýerde oturan ýaly, bütin ýer ýüzüniň dostlaşan we doganlaşan ynsanlarydyr. Her bir maşgalanyň, milletiň we döwletiň bolsa olaryň ählisi bilen ýakyn arabaglanyşygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, gatnaşygy bolýar. Ondan soňra bolsa ildeş – bir ilden, ýurtdan bolan, ili bir bolan watandaş; obadaş – bir obada doglan, bir obada önüp-ösen, bir obada ýaşaýan; babadaş – daşkyrak garyndaş, ata-babalary bir bolan adamlar; garyndaş – ýakyn hossar, asly bir ata-eneden önüp-ösen adamlar diýlen bölünişik orta çykýar. Dogan – bir ata-eneden bolan çagalar hakynda maşgala aragatnaşygyny görkezýän at; doganoglan – kakalary dogan bolan oglanlar, gyzlar; kakaňyň doganynyň ogly ýa-da gyzy; dolanan – doganoglanlardan bolan çagalaryň garyndaşlyk aragatnaşyklaryny görkezýän baglar bolup, garyndaşlygy ýakyndan daşkyraga tarap yzarlamagyň kadaly sanawynyň beýleki bir kysmyna degişlidir.
■ Nakyllar we atalar sözi maşgala hakynda
Nakyllar we atalar sözi ählumumy adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda başyndan geçiren durmuş hakykatlarynyň gysga sözli, çuňňur manyly filosofiki beýany. Olar adama ömür sapagyny berýär. Adam onda özüni, öz ýaşaýyş-durmuşyny görýär. Şeýle hem olary okanynda, diňläninde ýa zerur halatlarda peýdalananynda özüne ruhy teselli tapýar, ynjalýar, çuňňur oýa batýar, köp manyly ýylgyrýar, akyl netije çykarýar. Ine, şolardan birnäçe nusga:
Adam miwesi – çaga
Akylly aýal başa garar, akmak aýal – ýaşa
Akylly är asyl hatyn üçin pir
Akylly äriň töri özüniňki, akylly aýalyň äri özüniňki
Akylly gyz ýedi dogana deger
Akylly ogul başdan biler,
Akmak ogul başa gelende,
Tokmak ogul hiç haçan-da
Akylly ogul hümmetli,
Akylly gyz gymmatly
Alp ogul asyl eneden dogar, argymak (uçýan) taý asyl baýtaldan
Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy
Arpa boýly ärimiň dag boýly geregi bar
Asyl aýal öýüne bezeg, ärine kömek
Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna
Aşyňy içirmän magtama, gyzyňy çykarman
Ata barka, ogul ýaş, aga barka – ini
Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar,
Eneden öwüt alan gyz keýwany bolar Atadan owal ogul sözlemez, eneden owal – gyz
Ata kesbi ogla halal, ene kesbi – gyza
At alsaň, ýorga bilen ýöriş al,
Aýal alsaň, akyl bilen huş al
Atam-enem şirin dilli ussadym
Atamy gören adam ýagşy, enemi gören – ýeňňem
Atanyň açan ýoly bar, enäniň biçen – dony
Atany söýen Watany söýer
Ataň bilen eneň – Mekge bilen Medinäň
Ataň öwüdi bilen alym bolarsyň
Ata razy – Hudaý razy, ene razy – pygamber razy
At bilen aýalyň uýanyny gysga tutma
At bolmak taýdan, ýigit bolmak soýdan
Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz
Maşgala aýaldan başlanýar (Ruhnama)
Maşgalam– baş galam
Maşgala köp iýmez, „başgala“ köp iýer
Maşgala hezzeti – durmuş lezzeti
Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl
Maşgalany gaty berk, jebis, agzybir, bagtly maşgala edýän – perzentdir (Ruhnama)
Nesline bakma, aslyna bak ...(5)
■ Maşgala gymmatlygy pelsepesiniň häzirki zaman ähmiýeti
Biz bu bölümde Magtymguly Pyragynyň maşgala gymmatlygy hakyndaky pelsepeleri bilen baglanyşykly zenan bolup aýdyp bolýan käbir pikirleri öňe sürmegi makul bildik. Milli maşgala bolup ýaşaşmak üçin maşgalabaşy maşgalanyň baş galasy ornunda, öý bikesi bolsa öýüň söýesi ýerinde bolsun! Hatynlaryň sesi çyksa, ýaz şemaly ýaly mylaýym öwüssin! Ýagşy zenan az däl. Ol jemgyýetiň jemagatyny sagdynlaşdyrmakda uly orun eýeleýär. Emma ýagşy hatyny ýaş aşyk ýigidiň ýa magşuk gyzyň gözi bilen saýlap-seçip öýlendirmekde we durmuşa çykarmakda gep bar. Ýagdaý beýle bolanynda maşgala ýaşaýyş-durmuşy (...Ýagşy hatyn ele gelmez...; Magtymguly Pyragy) diýleni bolup çykýar. Bu nogsanlaryň çözgüdi asan. Elbetde, ata-enä sala salýan ogul-gyz gerek. Elbetde, subýektiň asly gelip gykyşy wajypdyr. Maşgalada günde-günaşa döreýän hatyn şeriniň, şerraýlygynyň öňüni almakda bu günki güne çenli gelip ýeten, seýrek hem bolsa dowam edip gelýän däbiň – ýaşmagyň, ýaşynmagyň orny kem bolmazdy. Zenan asyllylygynyň möhüm bir parçasy bolan bu däp birtopar öýüň ýykylmagynyň öňüni alyp bilerdi. Bu däp zenan babatynda subýektiw isleg-arzuwdyr. Bu günki gün ýaşmakly gelin göze-de, jana-da ýakymlydyr, ýumşakdyr. Emma zenanyň uçdantutma ýaşynmagynyň obýektiw reallykdan daşdalygyny aýratyn nygtaýarys.
Ýaman hatyn kän däl. Ýamanlygyň görnüşleri köp. Ýamanlyk erki gowşaklykdan gelip çykýar. Hatynlar hökmürowansyramasynlar! Başarmazlar! Öýde ýaman hatynyň sesi belent çyksa, şer, şerraýlyk ol sesiň ýanynyň hemrasy bolar. Şer – erkek adama mahsus däldir. Erkek adam akyl eýesidir, agrasdyr, goýazydyr. Ýaman hatyn onuň bu gowy gylygyny şere öwürmesin. Şerraý ses är Hudaýyň – atanyň maşgalabaşylyk mertebesine şikes ýetirýär. Käbir ýaman hatynda duş gelýän köp görnüşli pis gylyklar: görsegyzarlyk; ada gyzaganlyk; zada gyzaganlyk; açgözlük; azyrganmak; ýaltalyk; hapysalyk (...Ýuwmaz-artmaz tabagyny, daşyny...; Magtymguly Pyragy); maşgalabaşynyň öňünde gönüden-göni diňe özüne degişli bolan wezipe-borçlaryny ýerine ýetirmezlik; hatynyň öz hereketlerinde, esasan, duýga esaslanýanlygy Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasyl enbiýasynda“ anyk aýdylan hakykat bolup, bu hili gylyk-häsiýetiň duzagynda ýaşaýan hatynlarda ar alaganlyk; gepe gidegenlik; ýalan söz; garasöýmezlik; „elimiň egrisi ekeme, ükeme, ýagny özümiňkilere“; „işden ýadap geldim...“ diýegenlikler bolýar. Bu hili nogsanlar ýaman hatynyň sanyny köpeldýär. Ýaman hatyn köp isleýär. Azdan galýar. Öý ýykylýar. Maşgalanyň, Watanyň, il-günüň geljegi hem dowamaty bolan nesil terbiýesi iki taraplaýynlykdan bir taraplaýynlyga geçýär. Allatagalanyň gudrat galamy bilen ýazylan ýazgyt esasynda gurlan maşgala gymmatlygy adamyň eden etmişleri netijesinde ýykylmasyn.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda orun alan maşgalanyň ruhy meselesi Watanyň, il-günüň ruhy, şeýle hem türkmen halkynyň dowamat-dowamy bilen berk bagry badaşan meselelerdir. Maşgalanyň ruhy – Watanyň ruhy:
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar,
Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar.
Maşgalanyň ruhy – il-günüň ruhy: Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn. Maşgalanyň ruhy – geljegiň örki. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen maşgalasy diňe bagtyýar ýaşamaga mynasypdyr.
■ Netije
„Magtymguly Pyragy Galkynyş eýýamynda“ atly okuw gollanmasynyň baş maksady şahyryň öňe süren Watan, il-gün, döwlet gurmak, sap adamy kemala getirmek ýaly milli pelsepelerine akyl ýetirmek, ony durmuşda amal etmegiň häzirki zaman ugur-ýollaryny seljermek meseleleriniň çözgüdine gönükdirildi. Kitabyň bölümlerinde temanyň talabalaýyk açylmagy üçin merkezinde akyldar şahyryň milli pelsepeleri goýlan, elýeter gadymy çeşmelere salgylanmak, nakyllar, atalar sözi bilen utgaşykly nazary garaýyşlarymyzy beýan etmek usullary peýdalanyldy.
Kitapda şahyr tarapyndan öňe sürlen: „Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, gül-gunçasy gara gözüm garasy, gara dagdan iner sili türkmeniň“ ýaly pelsepeleriniň Watany söýmegiň nusgalaryny berenligi; „Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy“ kimin ideýalarynyň öz iliňde ýaşamagyň gadyryny bilmegi öwredenligi; „Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr“ diýen setirlerinde türkmeniň adynyň äleme doljaklygyny öňdengörüjilik bilen aýdanlygy; „Berkarar döwlet islärin“ diýen sözi bilen türkmen milletiniň berkarar döwletli bolanlygy; „Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga kişi gerekdir“ diýen pikirlerinde türkmen halkynyň harby söweş strategiýasy; „Ýigit oldur–ýurt üstünde, janyn berse din üstünde, goç ýigitler il üstünde, namys bilen ar gerekdir“ diýen ideýalarynda namys-arlylyk; „Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil, goldan gelse, oňa tagam-duz bergil, bir gamly göreňde, şirin söz bergil, entäni goldara hemaýat ýagşy“ diýen pelsepelerinde türkmen halkyna mahsus bolan sahawatlylyk, rehimlilik, ynsanperwerlik; „Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe, kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa“ diýen ideýalarynda dogruçyllyk; „Her kim gezer bu dünýäde bir hile, ýörgün ata-baba ýörigen ýola“ diýen sözlerinde ýörelgeli bolmak; „Eşidenler, aýp eýlemäň sözüme, iller kimin sözüm uz hem bolmasa“ diýen pelsepelerinde kiçigöwünlilik; „Öz köňlüň goýmasaň, dost köňli ynjar“ ýa-da „Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, barsaň depesine täç eder seni“ diýen ideýalarynda dosta wepalylyk; „Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp“ diýen sözlerinde hikmetlilik; „Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil“ diýen pelsepelerinde erk eýesi bolmak; „Yhlas bile bir kämile gol bergen, ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz“ diýen ideýalarynda maksadaokgunlylyk; „Gabryňa salmazlar dünýä malyndan“ diýen sözlerinde ynsaplylyk ýaly meseleler ürç edilip derňeldi.
Jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meseleleriniň biri bolan sap adam–ajaýyp gylyk-häsiýetli adam akyldar şahyryň üns merkezinde durýar. Ajaýyp gylyk-häsiýetli adam–ylym-bilim başarnygyny ele alan adamdyr. Çünki ylym adamy ýowuzlyklardan goramak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ol dünýä durmuşynyň sütünidir. Ajaýyp gylyk-häsiýetli adam–halal zähmet çekip ýaşaýan adamdyr. Akyldar şahyryň halal zähmet çekip ýaşamak pelsepeleriniň özen esasynda „Halal zähmet ýagtylyk biýr gözlere“ diýen ideýalary ýatýar. Şahyryň ajaýyp gylyk-häsiýetli adam pelsepeleri köp görnüşlidir. Adamy betlagamlyga, betkärlige alyp barýan gylyk-häsiýetlerden daşda saklamak, ony goramak (mysal üçin, „Çilim çekmegil“) hem arzuw edilýän ajaýyp adamy kemala getirýär.
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda düýbi tutulan Garaşsyzlygyň bu günki gün aňryýan mynasyp dowamy bolan täze Galkynyş eýýamy akyldar şahyryň sap adam bilen öz guran türkmen döwletiňde bagtyýar ýaşamak baradaky ideal arzuwlarynyň wysalydygy ýaly hakykatlar hem kitapda öz beýanyny tapdy. Bu gün türkmen milleti arzuwlar wysal bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletinde „Döwlet adam üçindir“ diýen syýasy şygar bilen edil galkan kimin goraglydyr.
Türkmen milletiniň öýi-ili, toýy-baýramy bolsa Magtymguly Pyragynyň ady bilen zynatlydyr.
■ Edebiýat
1. Gurbanguly Berdimuhammedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr.–Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I j.– Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2008.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. II j.–Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.
4. Abdyýew A. Magtymguly. Bibliografik görkeziji (1842 – 1984).
–Aşgabat: Ylym,1993.
5. Abulgazy. Şejereýi teräkime.–Aşgabat: Ylym, 1992.
6. Ajaýyplyklaryň düri.–Aşgabat: 2006.
7. Geldiýew G.Türkmen nakyllary we atalar sözi.– Aşgabat: Ylym, 2004.
8. Kemine. Güleniň galar.–Aşgabat: 1992.
9. Magtymguly. Saýlanan eserler (iki jiltlik). I j.–Aşgabat: Türkmenistan, 1983.
10. Magtymguly.Saýlanan eserler (iki jiltlik). II j.–Aşgabat:Türkmenistan,1983.
11. Magtymguly. Şygyrlar (üç jiltlik). I j.– Aşgabat: Türkmenistan DNÇB,1992.
12. Magtymguly. Şygyrlar (üç jiltlik) II j. –Aşgabat: Türkmenistan, 1994.
13. Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary (6 jiltlik). IV j.–Aşgabat: Miras, 2004.
14. Meredow A. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. III bölüm.–Kümmethowuz: „T–Ý“, 1997.
15. Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy („Kysasyl enbiýa“ ýa „Kasasyl enbiýa“–„Pygamberler hakynda kyssalar“). I j. we II j.–Aşgabat: Miras, 2004.
16. Saparmyrat Türkmenbaşy. Meniň ruhubelentlik baharym. –Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi, 2005.
17. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama.–Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi, 2001.
18. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Ikinji kitap.–Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi, 2004.
19. Türkmen diliniň sözlügi.–Aşgabat: Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty, 1962.
20. Türkmenistanyň Konstitusiýasy.–Aşgabat: 2008
21. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty. Inw. 82.
Käbe BORJAKOWA,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş